Latin

Günüň öýi - 8

Total number of words is 2424
Total number of unique words is 1465
36.3 of words are in the 2000 most common words
51.0 of words are in the 5000 most common words
58.9 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Tilki köşege golaýrak durup, onuň başyndaky
suwkädiniň bokurdagynyň iki tarapyndan tutup, bir
415
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
çekdi welin, ol darka bölünip, onuň her tarapy tilkiniň
bir eline geldi. Şondan soň, düýeleriň üstünden agyr ýük
aýrylan ýaly boldy. Olar: «Hudaýa şükür, derdimiz dep
boldy» diýşip, ýeňillik bilen dem aldylar:
— Bä, tilki agada emel kän-ow...
— Tilki aga ýetişäýdi. Ýogsam, onuň kellesini
kesäýmesek bolmazdy...
— Asyl, beýdäýseňem boljak eken-ä. Kellä
gelmändir-dä — diýşip, onuň soňundanam gürrüňini
etdiler.
Tilki soňky gürrüňleriň hiç birisine-de gulak
gabartmady. Ol hudaý ýoluna aýdylan işşegi eşeginiň
syrtyna aldy-da, çagajyklarynyň ýagly guýruk gapjagyna begenip, niredesiň öýüm diýip, ýola rowana boldy.
416
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
R
GARGA BILEN GÜRRÜŇ
Her oturan ýeriňde
Irginsiz «karr-karlaýaň».
Ardynýarmyň garga sen,
Ýa-da kime gargaýaň?
— Habarmy bersem size,
Men gargada arzuw kän.
Okuwa gitjek menem
«R» diýmäni öwrenýän.
RAHMANYŇ ÖÝKESI
Rahmanlaryň goňşusynyň köşeklije düýesi bardy.
Ol köşejik diýseň mähirlijedi. Ony gördügiňçe, göresiň
gelýärdi.
Rahmanam hem her gün telim gezek gelip, ony
synlap giderdi. Birde ol köşejigiň emip duranyny görse,
ýene birde onuň enesiniň töwereginde patanaklap,
dänjiräp ýörenini görerdi. Köşejik käte oňa aýaklaryny
aşagyna ýygnap, özüniňem ejesi ýaly çöküp, depe bolup oturyp bilýänini hem görkezerdi. Bir gün goňşular
düýelerini köşegi bilen äkidip, bazarda satyp geldiler.
Şundan soň, Rahmanyň ol öýe aýagy çekmedi:
Bir ýola goňşy aýal ejesiniň ýanyna oturmaga
417
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
gelende, oňa habar gatdy:
— Rahman jan, näme bize barmaňy kesäýdiň-le,
oglum?
— Men öňem size baramokdym. Köşejiklere
barýardym — diýip, Rahman öýkesini mälim edip,
ýeňsesini tüňňertdi.
Çaýlaşyp oturan aýallaryň ikisi-de şundan soň:
«Gör, gep gelip nireden çykdy» diýýän manyda, birbirleriniň ýüzlerine uýatly seredişip dymdylar.
418
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
S
SÜBSE
«Sübüs-sübüs» ýoly
Syryp ýör sübse.
Oturyp bilenok,
Bir bilin bogsa.
SYNAG
Eşiden günüm pyşdylyň
Ýaşaýanny üç ýüz ýyl
(Şeýle uzak köp, ýaşy,
Ýaşanokmyş hatda pil.
Baýra gidip getirdim
Bir oňatja pyşbaga.
Özem entek kiçijik.
Üsti kersenli-çaga.
Sanajak men şu günden,
Ýaşan ýaşyn sanma-san.
Goý, ýaşasyn üç ýüz ýyl,
Çyn bolsa şol diýilýän.
419
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
TILKINIŇ ÝÜZ
BIRINJI SAPALAGY
Tilki bir ýola çölde aýlanyp ýörkä, dynç alyp oturan
möjekleriň üstünden geldi.
— Hany, bärik gel! — diýşip, möjekler ony gören
batlaryna, dessine öz ýanlaryna çagyrdylar.
Gaçaryny aldyran tilkä möjekler näme diýse «hä»
diýmekden başga alaç galmady.
— Hawa, agalar, näme hyzmat! — diýip, ol
mylaýym sözläp, guýrugyny howada oýnadyp, gowusyrap olaryň huzuryna geldi.
— Sen aldawçymyşyň, hany, bizem bir alda...
— Ýok, agalar, aldawçam bolsam, men sizi, möjek
neslini aldaýan däldirin. Miltem edip bilmerin...
— Ýeri, ýeri, saňa biz beletdiris!
— Ýöne meniň «Gawun ogurlaýşym», «Tazy
aldaýşym» diýen ýaly oýunlarym-a bardyr. Bolmasa,
şolaryň birden birini size görkezäýeýin!?
— Görkez hany!
— Onda, agalar, oýunyň şertine görä siz tegelenip
duruň.
Möjekler hezillik görmek üçin tilkiniň töweregini
halkalap durdular.
Tilki:
— Düme ýerden, ine, şeýle gawun ogurladym
420
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
— diýip, ilki bir kiçiräk gawunyň şekilini ýere çekip
görkezdi. Soňundanam şu usulda beýleki ýerlerden
çilen gawunlaryny hem suratyny çekip ýekeme-ýeke
görkezip ugrady.
— Bi zaluwad-a dünýäň gawunynyň işini gören
ekeni — diýşip, möjekler tilkiniň gürrüňine has-da
gyzyklandylar. Şol arada tilki: «Ine, şunuň ýalam
birini ogurladym» diýip, aňyrdan ýer çyzyp gelşine,
ata möjege golaýlaşdy. Möjekler häzir tilkiniň daşan
gawunlaryny göz öňüne getirişip, sülekeýlerini sallaşyp
durdular. Tilki şol arada amatly pursadyň gelenini
duýdy. Harsa, ata möjegiň aýaklarynyň arasyndan
sümlüp geçdi-de:
— Ýa pirim, çöl, özüňden medet — diýip, berdi
ýazzyny. Möjekler «Haý, deýýus-a, bizi ýene aldadow» — diýşip, onuň yzyndan seredişip, gülşüp galdylar.
421
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
Ş
ŞEMAL
Baglaň başlaryn
Her ýana yrap.
Berýär guşlara
Hiňňildik gurap.
ŞARLARYŇ BIRI
Gyzyl şar,
Ak şar,
Sarysy bar,
Gögi bar.
Ter gülli çemeniň
Hut özi bolup
Şarlar uçup barýar
Asmana galyp.
Uçmaga höwesli,
Olaryň bary.
Begenýän meniňki
Şolaryň biri.
Şarlalaryň biri.
422
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
ŞUBHE
Ýaş garga gargalaryň toparyna goşulyp ýaňyrakdan
bäri uçup ugrapdy. Bir gün ol gargalar bilen bir öýüň
gapdalynda ony-muny çokup ýörkä, gezmeläp, gapa golaý bardy. Ol ýerde jaýyň kölegesine atylan keçe bardy.
Keçäniň üstünde çigit gabyklary, çörek owuntyklary
pytraşyp ýatyrdylar. Bu ýerde ýaňy bir gyzjagaz saçyny
darap, howlugyp mekdebe gidipdi. Onuň ýygnaşdyrman
giden aýna-başdaragy hem häzir keçäniň üstünde pytrap
ýatyrdy. Şol arada garganyň gözi aýna düşdi. Ýöne ol
öz öňünde peýda bolan gargany birbada tanamady.
Gaýta gaýşarylyp, öňünden çykanyň kimdigini
bilmek üçin:
- Eý, sen kim? - diýip, ondan habar sorady.
Aýnadaky garga hem onuň hereketlerini üýtgewsiz
gaýtalasa-da, hiç hili jogap gaýtarmady. Garga birsalym
geň galyp, garşysyndaky öz hereketlerine öýkünýän
gargany synlap duransoň, ahyry onuň özüdigine göz
ýetirdi. Ýöne şeýle-de bolsa, ol şol görýän gargasynyň
özüdigine asla ynanyp bilmedi. Sebäbi ejesi bilen kakasy hemişe oňa «Ap-agym» diýerdiler. Şonuň üçinem,
ol özgeler gara bolsa-da, gargalaryň arasynda bir özüniň
akdygyna diýseň ynanýardy.
Garga aýna bakyp durşuna oýurganyp, iňkise gitdi:
— Bäý, walla, men nirede gazan gara dagy
süýkenip ýörkäm-äýt?..
423
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
TÜRKMENISTAN — ÄPET GÄMI
T
Ýüzüp barýar Türkmenistan,
Gujagyna alyp halkyn.
Depesinde ýaşyl baýdak,
Ýaşyl baýdak, ýaşyl ýelken.
Oň üstünde gelin-gyzlar
Dokap otyr täsin haly.
Täsin onuň her bir göli,
Garagumuň özi ýaly.
Ak pagtadan ak dag ýasan
Pagtaçylar daga çykyp,
Şol dagyňam depesinden
Otyr olar dünýä bakyp.
Bu gämide köp-köp wyşka
Gögeripdir, derek bolup.
Güwwüldeýär zawodlary,
Turbalardan tüsse galyp.
Ýüzüp barýar Türkmenistan,
Gujagyna alyp halkyn.
Depesinde ýaşyl baýdak,
Ýaşyl baýdak - ýaşyl ýelken.
424
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
TÜRKMENIŇ ÝAŞYL TUGY
Türkmeniň tugy pasyrdaýar.
Onuň ýaşyl reňki bar. Ýaşyl reňk ilki bilen-ä
düşümli reňk, galyberse-de, ol baharyň lybasy.
Türkmen tugy bilen ýaz paslynyň diňe bir reňki
däl, olaryň many-mazmunlary-da bir-birlerine meňzeş.
Bahar her gezek gelende, dünýä özi bilen gowulyk getirýär. Ol gelensoň, onsoň, hemme zat al-ýaşyl öwsüp,
ösmek- özgermek bilen.
Ýüreklerde ynam, gursaklarda höwes peýda bolýar.
Baharda diňe bir özüne ýaşyl ganat-per ýasanan agaçlar
däl, hatda adamlaram, daglaram özleriniň uçup biljegine
ynanýarlar...
Türkmeniň ýaşyl Baýdagy parlaýar...
Ol hem ýaz ýaly öz halkyna YNAM getirdi. Türkmen indi şu Baýdagyň astynda özüniň heniz görülmedik, ýöne köp arzuw eden gowulyklaryna tarap
barýanyna ynanýar.
Ýaşyl tug kuýaş bolup, il kalbyny çoýýar.
Türkmeniň bahar reňkli tugy bu gün dünýäniň
köp döwletleriniň paýtagtyny bezeýär. Türkmen tugy
Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Köşgüniň
öňünde pasyrdap duran belent başly baýdaklaryň hem
birisi. Türkmeniň ýaşyl tugy halkynyň manysyny,
maksadyny aýgyt edip pasyrdaýar.
Ony synlan didelerde guwanç däneleri bulduraýar.
425
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
U
UÇARMAN BOLSAM
Günler geçsedi,
Uçarman bolsam.
Uçarmy sürüp,
Asmana galsam.
Meni synlaşyp,
Oglanlaň bary,
Gygyrşardylar:
«Mündüräý, Sary!»
Öýmüzden çykar
Garryja enem.
«Bek otur!» diýip,
Gygyrar hemem.
Günler geçsedi,
Uçarman bolsam.
Öz obamyza
Bir uçup gelsem.
426
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
U-U-U-U
Gijara obanyň ýeňsesinde ýene-de içigip-içigip
şagal uwlady.
— U-u-uw...
— Eý, şagal, näme uwlaýaň?
— Howada meniň söýgüli gawunymyň ysy bar.
— Heý, şonuň üçinem bir beýle zarynlap uwlamak
bolarmy?
— Iýesim gelýär ahyryn. U-u-uw... U-u-u...
BATYRJA GAÝYK
Ýegen ýap boýuny syryp barýardy. Şol arada, onuň
gözi tolkunlaryň arasyna düşen ýaprak-gaýyjyga düşdi.
Tolkunlar süri bolşup, ony kowalaýardylar, synyndan
aslyşýardylar. Ýöne gaýyjygam ýeserjedi. Olara tutdyr
ýaly däldi. Ol galgap, bir ondan çykýardy, bir mundan.
Töwerekdäki tolkunlar bolsa ony aljyratjak bolşup berbaşagaýdylar.
— Batyrja gaýyk eken — diýip, Ýegen ony
birsalym synlap duransoň guwandy.
— Şular ýaly batyrjalar soňra matros bolýa-da —
diýip, suw hem onuň pikirini makullap, töweregine
tolkun ýaýradyp, owsunyp goýberdi.
427
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
Ü
ÜZÜM
Üzüm-üzüm
Düzüm-düzüm
Hoşalara
Gidýär gözüm.
Alsam diýýän
Ýolsam diýýän.
Lezzeti bar,
Üzüm iýmäň.
Şor mahaly
Alyp iýseň.
Işin görýär,
Şonda dişiň.
Bu mahal oň
Kölgesi bar.
Günden gorap,
Bilmesi bar.
Sabyrsyzam
Däldirin men
428
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
Buldurada
Bişiber sen.
Üzüm üzüm,
Düzüm-düzüm,
Biş tiziräk
Sende gözüm.
ÝÜZÜNI NURANA-DA
GÖRDÜM-LE...
Bu waka tilki sürüji bolup işleýän döwürlerinde
bolupdy. Şol gezegem ol öz başlygyny alyp, şähere
barýardy. Obanyň çetine ýetiberende, ötüp barýan bir
bölejik çekene ýoly baglan mahaly, ol alaçsyz saklanmaly boldy. Goýunlaryň yzynda eli çybyklyja çopanjyk
bardy. Aňyrdan wazlap gelen maşynyň sürüjisi gelegelmäne yzly-yzyna maşynyny düýtdülledip, ýoly tiz
boşatmagy talap edip ugran mahaly, onsuz-da sürüsini
tizräk ýoldan sowmagyň aladasy bilen başagaý bolup duran oglanjygy aljyratdy. Çopanjyk goýunlaryň
töwereginde elewräp, eýläk bir ylgady, beýläk bir ylgady.
Onýança tilki maşynyň aýnasyndan kellesini
çykaryp, elini salgap, dyzanyp talaply gygyrdy.
— Eý, sen ýoly boşadýaňmy, ýok. Haý, mysalaň
gursun!
429
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
Çopanjyk ýagdaýy görüp duranlygyna seretmezden, tilkiniň özüne käýinmegini halaman çytylyp,
nägile bolup, baş göteren wagty ol tilkiniň gapdalynda
özüni synlap, guwançly ýylgyryp oturan agasyny görüp,
birden ýylgyryp goýberenini-de duýman galdy.
Sürüji başlygynyň hem ýylgyrýanyndan habarsyz,
çopanjygyň içiňi ýakaýyn diýýän ýaly ýylgyrmasyny
halamady.
— Munuň akyly-zadam ýerinde däl öýdýän. Men-ä
janymy ýakyp, ýoldan sowul diýýän. Bu bolsa samsyklap, ýylgyryp ýüzüňe seredýär.
Süri sowlup, maşyn ýene-de ýoluna gönügensoň,
häliden bäri wakany gapdaldan synlap oturan başlyk
tilkä ýüzlendi:
— Ýaňky çopanjygy tanadyňmy, tilki?
— Aý...ý, ýok... başlyk.
— Ol meniň uly agamyň ogly. Ýaňy gaňrylyp
yzyna sereden mahaly ol meni tanap ýylgyrdy.
— Hä, şeý diýsene, ýüzüni nurana-da gördüm-le...
Hawa-da, tilki hemişe tilki bolýar-da. Ol
ýalňyşmakdanam asla gorkmaýar. Sebäbi ýalňyşsa-da,
ony ýüzugra düzetmegi başarýar.
Maşyn şäher ýoluny külterläp myçyp gitdi.
430
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
W
WELNAR AGA
Sakgal-saçyn ak basan,
Maňlaýy gasyn-gasyn.
Welnar aga şonda-da
Söýget etmez hasasyn.
Onuň täsin ýady bar,
Gürrüňinde jady bar.
Welnar agaň gürrüňne
Biz mydama hyrydar.
Hezil edip diňleýäs,
«Bä-bä» diýip, geňleýäs.
Biziň goşun ýeňäýse,
Birazajyk ýeňleýäs.
...Kä kowup, kä gaçýarys,
Dagdan, çölden geçýäris.
Esger bolup Görogla,
Gyratlarda uçýarys.
431
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
WATAN GADYRY
Wepanyň indi köpden bäri garlawaçlara bir sorag
beresi gelýärdi.
Ahyr bir gün ol ýapboýunda suw içip oturan garlawaja duşup görüp, öz soragyny ýadyna saldy. Onuň
soragy garlawaçlaryň guş häsiýetleri bilen baglydy.
Olar hem köp guşlar ýaly, her ýyl gyş golaýlaşyberende
göç edip, yssy ýurtlara giderdiler. Şol gidişden diňe
gyş geçip, ýaz çykansoň, yzlaryna dolanyp gaýdyp
gelerdiler.
Wepa bolsa gowuja guş-garlawaçlaryň hemişe öz
töwereklerinde bolmagyny islärdi.
— Garlawaç, sen näme, her ýyl bu ýerden göç edip
gidýäň?
— Watanyň gadyryny bilmek üçin.
— Onda näme, ýene-de her ýazda ýazyň öňi bolup,
yzyňa gelýäň.
— Watanyň gadyryny bilmek üçin.
Garlawaç soňra töwerekdäki gözetimden gözetime ýaýrap oturan seleň sährany guwanç bilen synlap:
«Watanyň gadyry ondan aýra düşeniňde has gowy
bildirýär» diýip, sözüniň üstüni ýetirdi.
432
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
Y
YLÝAS
Ylýas diýdi: «Eje, kömek et-dä sen,
Bäşinji klasda okasadym men!
Geçäýsem-de ýedä, razy men. Bolýar.
Meniň şolar bilen okasym gelýär.
Eje, mugallyma aýdaý-a şuny,
Ulurak klasa geçirsin meni.
Hemme klaslardan kyn ekeni has,
Meniň okaýanym, birinji klas!»
433
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
YKBAL HATARY
Yklym Saparlara gezmäge gelipdi. Olar çolaja
otagda oýnap otyrdylar. Şol barmana birden Yklymyň
ünsi diwardaky asawaja düşdi. Ol ýerde üç sany esger
şineli asylgy durdy.
— Bular näme? — diýip, Yklym şinellere hyrydar
seretdi.
— Ine, bu atamyň şineli — diýip, Sapar turup,
ilki guwanç bilen birinji asawaçdaky şineliň syýyndan
tutdy.
— Ikinji şinel kimiňki?
— Ikinjisi kakamyňky. Onuň yzyndaky bolsa
agamyň esgerlikden geýip gelen şineli — diýip, Sapar
üçünji şineli hem buýsanç bilen görkezdi. Soňundan ol
asawaçdaky boş ilgençege elini uzatdy.
— Ine, bu bolsa meniň şinelimiň ýeri bolmaly. Men
desantçy goşunda gulluk etjek.
Hatara esger bolup duran şinellere oglanlaryň
ikisiniňem gözi gitdi...
Şol pursatdanam oglanlaryň ikisi-de pikirlerinde,
depelerinde ýaşyl baýdagy pasyrdadyp, nyzam bilen
barýan esgerleriň arasynda özleriniň hem barlygyny
gördüler.
434
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
Ý
ÝAGYŞ
Hersi ep-esli,
Hersi bir şänik
Gaýdýar damjalar
Bulutdan tänip.
Olar gelýär-de,
Bezeýär ýeri.
Olar otlaryň
Ýüzüniň deri.
Goýanok heniz,
Çeker-le daňa.
Baglar gulagny
Deşdirýär oňa.
435
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
ÝENE-DE BIR, ÝENE-DE BIR...
Okuwçylar köçäniň gyrasyna nahal oturdyp
ýördüler. Ýegen hem olary görüp, ýanlaryna bardy.
Birsalym töweregindäki nahal oturdýanlary synlap
duransoň, onuňam şolara meňzäp nahal oturdasy geldi.
Mugallym muny duýdy-da, oňa-da bir düýp nahaly
oturtmaga berdi. Ýöne Ýegen nahaly alyp oturdyp
bolansoň, ýene-de tukatlandy. Mugallym onuň bolşuny
görüp, geň galdy.
— Näme oýa batdyň, Ýegen! Sen begenmeli
ahyryn. Gör, nähili agaç ösüp ýetişer!
— Meniň nahalym ýekesirär-ä, mugallym. Menem
öýde ýeke galanymda ýekesireýän-ä. Bolmasa, men
ýene-de bir düýp nahal ekäýeýin?
Mugallym Ýegeniň islegine düşünip ýylgyrdy,
soňundanam oňa oturtmaga ýene-de birnäçe düýp nahal
berdi.
Okuwçylar nahallary ekip gutaransoňlar, mugallym töwerege aýlanyp kimiň näçe nahal oturdanyny
hasaplady.
— Sen näçe nahal oturtdyň? — diýip, ol Ýegendenem duşuna gelende, sorady.
Ýegen: «Bir, ýene-de bir, ýene-de bir...» — diýip,
töwerekdäki öz eken nahallaryny bir-bir görkezişdirdi.
— Hemmesi bilelikde onsoň näçe bolýar?
436
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
— Bilemok — diýip, Ýegen mugallymyň öňünde
özüni müýnli duýup, egnini gysdy.
Ýegen entek mekdebe barmandy. Ol goşmakaýyrmagy hem bilmeýärdi.
— Zeleli ýok. Tizden senem mekdebe gatnap
başlarsyň, şonda sen diňe bir eken nahallaryňyň sanyna däl, olaryň ýapraklarynyň näçeligini hem hasaplap
bilersiň — diýip, mugallym Ýegeniň göwnüni göterdi.
437
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
Z
ZEMZEN
Kowaladym baýyrda
Duşan çagy zemzeni.
Onuň gahary geldi,
Çişip ýatlatdy humy.
Guýrugyny gamçylap;
Tanap goýaýgyn meni!
Git gaharmy getirme,
Ýogsam ýenjerin seni.
IŇ OŇAT OBA
Zaman bir ýola ejesi bilen uzakda ýaşaýan
daýylarynyňka myhmançylyga gitdi. Hatar-hatar jaýly,
köçeleri asfaltly oba aýlanyp görensoň bu ýer oňa
ýarady. Mundanam başga bu ýerde onuň gowy görýän
zatlary: gazly suwlar, buzgaýmak satylýan ýerler hem
bar ekeni. Owadan oba şähere meňzeýärdi. Gelen
güni Zaman pikirinde daýylarynyň obasyny öz gören
beýleki obalary bilen deňeşdirip, onuň iň oňat obadygyna ynandy.
Myhmançylyga gelen gününiň ertesi ol ilki obada
438
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
galan enesini ýatlady. Hawa, soňra hemme zat hem,
hut, şundan başlandy: kakasy, agalary, bile oýnan deňduşlary, suwa düşýän güzerleri, iti Alabaý, ýene-de
öz obalary bilen bagly köp zatlar onuň ýadyna düşüp
ugrady.
Şeýle-de ol haýsydyr bir düşnüksiz güýjüň özüni
obalaryna tarap çekýänligini hem syzdy. Şundan soň
hälim-şindi şu zatlary ýatlap küýsäp duransoň daýydaýzasynyň, olaryň çagalarynyň myhman hökmünde
özüne edýän hezzet-hormatlary-da onuň öýlerine gaýtmak islegini asla kemip bilmedi. Häli-şindi ol yzyny
küýsäp tukatlandy.
Bir hepdeden Zaman maşynda ejesi bilen myhmançylykdan gaýdyp gelýärkä, uzakdan öz obalaryny görüp
begendi. Maşynyň içinde oturyşyna oňa tiz ýetmäge
hem-de: «Iň oňat oba-ha sen ekeniň, obam!» diýmäge
howlukdy.
Näme üçin şeýledigine düşünmese-de, Zamana öz
obalarynyň dünýäde iň gowy obadygyny bilmek diýseň
ýakymly boldy.
439
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
MAZMUNY
Saýlaw Myradow. Dünýäniň özüniň gurluşy şeýle: kiçijikler
kem-kemden ösýärler, ulalýarlar.................................................6
Günüň öýi...................................................................................11
Çal, tüýdügim................................................................................12
Pişigim..........................................................................................13
Garpyzlar......................................................................................14
Sary gawun...................................................................................15
Balary............................................................................................16
Täze jorap......................................................................................17
Pökgi.............................................................................................18
Ulalaýyn entejik............................................................................19
Alma.............................................................................................20
Selbi..............................................................................................21
Jemal.............................................................................................22
Ussanyň jogaby.............................................................................23
Ussa...............................................................................................24
Çary çopan....................................................................................25
Meňzeş oglan................................................................................26
Günüň öýi.....................................................................................27
Artekde.........................................................................................28
Kerim bilen bal arylar...................................................................34
Güýçli at. ....................................................................................43
Güýçli at........................................................................................44
Gezelenje gelen aý.........................................................................45
Enemiň äýnegi..............................................................................46
Men dorja taý................................................................................47
Ylgap barýan.................................................................................49
Ýeke özüň iýmedim-ä...................................................................50
Beýik men.....................................................................................51
Düşnüksiz ene...............................................................................52
Çabga............................................................................................53
440
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
Kiçiniň iş bölüşi............................................................................54
Durnuksyz.....................................................................................55
Ogry pişik näme iýer.....................................................................56
Iň oňat pasyl..................................................................................57
Aýsenem........................................................................................61
Habar beriň...................................................................................62
Ýol.................................................................................................64
Ene tokaý hem pilbasan hakynda erteki.......................................65
Ýyldyzyň ýoly...............................................................................70
“A” ýazýan. ................................................................................79
“A” ýazýan....................................................................................80
Uly ýolun üstünde.........................................................................82
Yzlap ýörsem şemaly....................................................................84
Torgaý...........................................................................................85
Kebelek.........................................................................................86
Lälezarda.......................................................................................87
Daglar............................................................................................88
Bagt...............................................................................................89
Çynym...........................................................................................90
Enem bilen men............................................................................91
Säher (Ýa. Akime)..........................................................................92
Düýe barýar...................................................................................93
Köşek............................................................................................94
Şemal.............................................................................................95
Jemal mamaň neberesi..................................................................96
Şular ýöne.....................................................................................101
Hekaýat.........................................................................................103
Güzerde.........................................................................................105
San sanaýan...................................................................................107
Welnar aga....................................................................................108
Baýyrlar........................................................................................112
Meniň gowja balygym..................................................................113
Gyş şonda bolýar...........................................................................114
441
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
Nur paýlaýan oglan.......................................................................115
Atly bolsaň....................................................................................123
Köşek bilen ala top........................................................................128
Üç murtlak kapitan..................................................................149
Erteki.............................................................................................150
Güneşde........................................................................................152
Oýun.............................................................................................154
Üç meňzeş.....................................................................................156
Ilkinji duşuşyk...............................................................................157
Üçekde..........................................................................................160
Hor syçan......................................................................................161
Sanawaç........................................................................................163
Radio hem üç pişik........................................................................165
Pişik bike tokaýa barýar................................................................168
Toý.................................................................................................170
Syýahat..........................................................................................172
Ganatlylar......................................................................................174
Possunly paraşýutçy......................................................................194
Tokaýa gitjek ýene.......................................................................197
Derýada.........................................................................................197
Şadyýan çeşme..............................................................................198
Tokaý.............................................................................................199
Baga çykyp bilýäniň.....................................................................200
Ördekler........................................................................................201
Esasy zat........................................................................................202
«Kömelekli» ýagyş.......................................................................203
Ak guw..........................................................................................204
Tokaý simfoniýasy........................................................................205
Jojuk..............................................................................................206
Ümsülik.........................................................................................207
Şişkalar..........................................................................................208
Tokaý ýagyş..................................................................................209
Daşdeşen.......................................................................................211
442
Agageldi Allanazarow. GÜNÜŇ ÖÝI
Bir guýynyň başynda....................................................................212
Berýozowik-kömelek....................................................................214
Tokaý ýodasy................................................................................215
Baglar tans edende........................................................................216
Lena aýdym aýdanda....................................................................217
Ýene gitjek tokaýa.........................................................................218
Litwa goşgulary...........................................................................219
Litwa.............................................................................................219
Aldonanyň suratlary.....................................................................220
Çakylyk.........................................................................................221
Reýklaýtes bilen ejesi....................................................................223
Kän aglady bir pişik......................................................................224
Bir bar eken...............................................................................225
Türkmenistan hakynda goşgy.......................................................226
Bir bar eken...................................................................................228
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Günüň öýi - 9
  • Parts
  • Günüň öýi - 1
    Total number of words is 3310
    Total number of unique words is 1973
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    42.1 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Günüň öýi - 2
    Total number of words is 3347
    Total number of unique words is 1938
    29.1 of words are in the 2000 most common words
    42.4 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Günüň öýi - 3
    Total number of words is 3375
    Total number of unique words is 1924
    28.5 of words are in the 2000 most common words
    41.5 of words are in the 5000 most common words
    48.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Günüň öýi - 4
    Total number of words is 3369
    Total number of unique words is 1889
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Günüň öýi - 5
    Total number of words is 3356
    Total number of unique words is 1950
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    43.4 of words are in the 5000 most common words
    50.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Günüň öýi - 6
    Total number of words is 3441
    Total number of unique words is 1979
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Günüň öýi - 7
    Total number of words is 3600
    Total number of unique words is 1940
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    47.6 of words are in the 5000 most common words
    54.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Günüň öýi - 8
    Total number of words is 2424
    Total number of unique words is 1465
    36.3 of words are in the 2000 most common words
    51.0 of words are in the 5000 most common words
    58.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Günüň öýi - 9
    Total number of words is 349
    Total number of unique words is 295
    37.8 of words are in the 2000 most common words
    51.0 of words are in the 5000 most common words
    57.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.