Latin

Gonambaşy - 5

Total number of words is 3774
Total number of unique words is 2239
30.3 of words are in the 2000 most common words
43.4 of words are in the 5000 most common words
49.9 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
“Bar, göwnüm bölek ekeni-dä, indi bi ýagdaýda näme edeýin men?” diýip, Suraý içinden zarynlady.
-Wah, özümizdenem bar-la. Kellejigi kesilmedigi başyna goýberdik-dä. Edenine telek diýmedik.
Ýetimligi duýmasyn-la diýip, gaty eljiretdik – diýip, Jahan kemiş-kemiş edip duran dodagyny
gizlemek üçin aňyrsyna bakdy. Bokurdagy dolup duranlygy sebäpli gürläp bilmän, bialaç dymdy.
Barybir uzak saklanyp bilmedi, burnuny çekdi-de, aglap goýberdi.
Suraýyňam soňky günler çygjarmaga halys werziş bolan owasyna ýaş aýlandy.
-Wa-ah, ene mährin görmedik doganjygym-a! Ne günlere düşdüň, ja-an jigi! Maňlaýy ýatan Şalar-a! –
diýip, Jahan agy arasy bilen eňredi.
“Muňam derdini gozgadym oturyberdim. Ýeri, bi görgüli näme diýsin?!” diýip, Suraý müýnürgedi.
Edil häzir sesine ses goşup, bile aglaşyp oturmaly däl-de, nädibem bolsa, Jahany köşeşdirmelidigini
on iki süňňi bilen syzdy. Ýöne hiç ebeteýini tapmady. “Munuň bi sesine goňşy-golamam üýşewersin!
Masgara!” diýip tebil tapyndy. Howsala düşdi. Onsoň öz derdiniňem Jahanyňkydan çökder bolmasa,
egsik däldigini ýene bir gaýra ýanjamak üçin hamsygyp oturyşyna birhaýukdan pessaý hem aýyl-saýyl
ses bilen:
-Meňem maňlaýym ýatdy. Şalara garaşmasam, indi başga çäräm ýok – diýdi.
Jahan tapba sesini kesdi. Eliniň tersi bilen gözýaşyny syldy-da:
-O nähili? – diýip sorady.
Suraý üzlem-saplam, ýöne gysgajyk:

“GONAMBAŞY”
Awtory: Kakamyrat Ataýew
-Men ýüzügara boldum – diýip, sessiz silkinip, aglady.
Ör-gökden gelmese-de, Jahan geňirgenmesini ýaşyryp bilmedi:
-Wi-iý, masgara-a! Waý-ý, işigaýda-an! Goý, gyýw, hany dur entek.
-Men indi başga biriniň ýüzüne nädip seredeýin, ä, nädip? Şalaram gelmese, näme etmeli men? –
diýip, Suraý içki hesretini daşyna çykardy.
Jahan başyny tutup, iňkise gitdi. Dogrudanam näme etmeli? Şalar-a türmede ýatyr. Suraýyňam, öz
aýdyşyndan, boljagy bolup, boýasy synypdyr. Şalardan gaýry birewe garamatyny atara çaky ýok.
Munuň bu ýagdaýyndan ejesi-kakasy hem bihabar. Üstesine-de sawçy gelýän bolsa, o-da garyndaş
ugry boljak bolsa, şakyr-şukur saçagyny açyp, göwneşseler, ýarym-ýaş aglap oturan Suraý näme
etmeli? Ine, masgaraçylyk!
“Ýeri, bi Şalar-a erkek tana diýjeksiň, sen bir ulugyz halyňa etegiňe gaýym bolmaly dälmi?” diýip,
Jahan içinden Suraýa igendi. Eýsem-de bolsa, bi igenç çykalga däl.
-Jan jigim, Şalara garaşmasaň, başga näme edip biljek sen?! Men-ä garaş diýjek saňa. Başga ýol ýok –
diýip, Jahan öz pikirini aýtdy.
-Garaşjak-la, wah, garaşjak, garaşman nirä gideýin? Ýöne onça wagtlap...
Jahan onuň sözüni böldi:
-Onça wagt diýip, näme, sen doly oturar öýdýärmiň? Ynha, öňümizdäki Gadyr gijede günä geçilşige
düşjegini biläý.
-Daýym dagy ýene geler.
-Sen ejeňe aýt, halaşýanym bar diý. Kim diýip sorasa-da, aýtma. Ynha, basym gudaçylyga geler welin,
özüňiz görersiňiz diý – diýip, Jahan dilinde aňsat edip goýdy.
Suraý ony başararmyka? Ejesiniň ýüzüne dogry garap: “Halaşýanym bar, men diňe şoňa barjak” diýip
bilermikä? Suraý: “Başarman” diýdi. Yz ýanyndanam özüni kötekledi: “Bökersiňem! Guýrugyňy
bulamany başardyň, yzynda durmany hem başarasyň!”
Jahan dowam etdi:
-Eger Şalar bilen halaşýan diýseň...
-Ýog-eý, diýmen, ony diýip bilmen.
-Diýseň, bulaşdyrmagyň mümkin. Gyzymy türmede oturana rowa göremok diýäge-de, zor bilen
daýylaryňa berip goýberse, nätjek?! – diýip, Jahan gorkuly gürrüň etdi.
Suraý ejesine näbelet däl. Ogulgül gyzynyň raýyny ýykmaz. Perzendiniň ykbalyny bigeňeş çözesi ýok.
Suraýyň etmeli zady: “Azajyk howlukmaň. Kimiň saçagyny açmalydygyny özüm aýdaryn” diýmeli!
-Birden daýylaryňa hoş söz berjek bolsalar, göni gel-de, maňa duýdur. Iş gyzza-gyzza gelende ejeň
bilen özüm gepleşerin – diýip, Jahan dogumlandy.
Suraýyň ýuka dodaklary kemşerdi-de, ýaňy kepän gözlerine täzeden ýaş indi. Bu gezek ol kyn güne
düşüp, ugur-utgasyny ýitiren adamyň hossar çykan wagty başdan geçirýän duýgulary bilen aglady.
Biraz wagtdan Suraý ýellenen gabaklaryny we çişen ýüzüni gizlemek üçin başyny aşak salyp, öýlerine
gaýtdy.
Jahan bolsa, gijara işden gelen Seýitmyrada ähli zady gylyny gymyldatman, bolşy ýaly gürrüň berdi. Iň
soňunda-da:
-Aýdyp ýörmeli zat däl welin, halys ýüregime sygmady. Şoň üçin aýdýan saňa-da. Onda-munda
lakgyldaýmagyn, gyýw! – diýip sargyt etdi.
13.
Täze gonamçylyk üçin berlen ýeriň çäkleri belli edilensoň, oňa mal-gara girmez ýaly her ýerden-her
ýerden agaç-ugaç dikip, daşyna urgan aýladylar, tikenli sim çekdiler.
Güýzmyrat aganyň başda durmagynda “Ýylgynlydaky” uly bolmadyk köne bassyrmany aşagyndaky
kerpiçleri bilen bile göçürip getirdiler-de, täze gonamçylygyň girelgesiniň agzynda dikeltdiler.
Bassyrma esasan kerpiçleri ýagyş-ýagmyrdan goramak üçin gerekdi. Kerpiji bolsa gabryň içki jaýynyň

“GONAMBAŞY”
Awtory: Kakamyrat Ataýew
agzyny petiklänlerinde ulanýarlar.
Girelgäniň açyk durmazlygy üçin syrdam tal agajyndan bolgusyzja derweze hem ýasadylar. Onsoň
heniz hiç hili mazaryň ýokdugyna garamazdan, bu ýer adamlaryň köpüsi üçin howatyrly ýere öwrülip,
gonamçylyga meňzedi duruberdi.
Ähtimal, şol sebäplidir, bitirilmeli işler dynan dessine adamlar eglenmän, öýli-öýüne dargady.
Gonamçylykda hiç kimiň galasy gelenok. Gonamçylyk dirileriň mekany däl, ol ölenleriň ýurdy.
Ölenleriň ýurduna diriler hemişe gorky bilen seredýär. Bu gorky çagalygyň aga-gara düşünmäge
çytraşýan günlerinde peýda bolýar-da, soňky demine çenli adamy terk etmeýär. Iru-giç bialaç göç
etmeli boljakdygyna akly çatýan-da bolsa, darlygy, garaňkylygy, ýeke ýatmalydygy sebäpli, üstesine-de
teniniň bozulyp, çüýrejekdigi üçin bu mekany adamyň ini söýmeýär.
Täze gonamçylykda Güýzmyrat aganyň bir özi galdy. Ol asty kerpiçli bassyrmanyň kölegesinde oturyp,
üstünde şemal şuwlaýan boz meýdana höwessiz seretdi. “Ynha, şu ýer indiden beýläk araçäk bolar. Şu
ýerde bu dünýäň ähli oýny gutarýar. O dünýä diýýänleri, ýurt aşyp barar ýaly, alys ýer däl, o dünýä,
ynha şu ýerden başlanýar. Eňegiňi daňyp, başam barmaklaryňy çatansoňlar, ýuwup, kepene çolap, şu
ýere getirensoňlar, seňki gutardy bil, sen eýýäm bu dünýäň adamsy däl, sen eýýäm o dünýäň gapysyny
kakyp duran jansyz göwresiň, porsap barýan meýitsiň. Bu ýer iki dünýäniň serhedi! Ähli kişiň ümzügi
şu serhede tarap. Isle-isleme, her kim şu serhetden geçmeli, serhetden geçeňsoň, yza dönmek ýok”
diýen pikire bendi boldy. Töweregine göz aýlap, häzirlikçe bu meýdanyň tukatlygyndan, çolalygyndan
gaýry iki dünýäň serhedini ýatladýan alamat tapmady.
Gara ýer ses-selemsiz, imisala dymyp ýatyr. Dymsa, dymybersin, nobaty gelende munuňam etjegi
bardyr. Häzir ol “Ynha, indi näçe öliň bolsa, getiriber, goýnumdan ýer tapylar, maňa tapawudy ýok,
ýagşy bolsun, ýaman bolsun, demi sogruldygy bes, demime bir dartaryn welin, dünýä gelip-gideni
ýalan ýaly bolar durar. Barça ynsany holtumyma dykýançam men doýmany-dolmany bilmeýän. Maňa
ölini ýuwutmak emr edildi. Diriliginde dodak çöwrüp, jort atanlar, sahysy, jomardy, husydy, hannasy,
mal-döwleti dünýä sygmadyklar... hemmesi sopbaş gelip, maňa lukma boljakdyr. Adam oglunyň maldöwletiniň maňa derkary ýok, maňa olaryň läşi gerek, läşi!” diýip, heşelle kakýan bolsa bildiňmi? Äý,
ýok, beýle däldir-le. Gara ýer pespäl ahyryn. Pespällik nire, heşelle kakmak küje?
Baýak Amanýaz saňsar bir tymsal gürrüň beripdi. Iki sany goňşy elleri pilli çil üstünde durup, ýer
dawasyny edýärmişler. Paýlaşyp bilmeýänlerem, bolubilse, bir daban ýermiş. “Goňşy, meň ýerime
geçme, ynha, şu ýerden beýlesi meňki” diýip, biri pilini ýere urup görkezýär diýýär. Beýlekisem: “Galat
aýdýaň, goňşy, bu ýer-ä meňki. Ine, şu çiliň orruk-ortasy araçägimiz, şoň üçin gylla ýary maňa degişli”
diýip pilini somlaýarmyş. Bular şeýdip, ýer meňki-de, ýer meňki bolşup, bir-birine pilli topulyp
ugranlarynda Ýer: “Biderek dawa edýäňiz, aslynda ikiňizem meňki. Biraz sabyr ediň, basym gözüňize
gumumdan guýup, läşiňize guwanaryn” diýip, piçjiň atanmyş. Elbetde, Ýer rastyny aýdýar, iru-giç
gözüň gumdan doljagy belli zat. Emma Amanýaz saňsar tymsaly özüçe üýtgedipdir öýdýän. Sebäbi
Ýeriň adamlara piçjiň atmaga, heşelle kakmaga haky ýok. Men-menlik, tekepbirlik Ýere mahsus däl.
Gara Ýer ýalam bir pespäl zat bolarmy?
Ýogsa, bina bolaly bäri Ýer adamy ekläp otyr. Eklänok-da, eklenmegine sebäp bolýar. Sebäbi rysgy
berýän – Alla! Allatagalanyň eradasy bilen toprak adamyň iýjegini, geýjegini biminnet eçilip dur.
Adamyň aslam toprakdan. Näçe ýaşasa-da, ahyrynda muňa ýene toprak eýe çykýar.
Ýene bir gowy zady, Ýer adam dannap duranok. Perişde ýaly päk adam bolsa-da, aňrybaş zannyýaman
deýýus bolsa-da, ümsüm teýine sokup ýatyr. Özüne kast eden pyglyýamanlar bilenem Ýer deň bolup
duranok. Ýogsa, Güýzmyrat aganyň pikiriçe, şolar ýalylary Ýer kabul etmän, zyňaýjak ýaly. Belki,
zyňýandyram? Bir mahallar Aktakyrda Oraz aga diýip bir ýaşuly bardy. Aýyn bolmasa, gahary gelen
pillesi aýalyna “Seni görem almaz!” diýip käýinerdi. O pahyryň başga käýinji ýokdy, şo sözler onuň
diliniň endigine öwrülip gidipdir. Oraz aganyň özem, aýalam bireýýäm ölüp gitdi. Aýalyny gör çykaryp
zyňaýmandyr. Eýsem-de bolsa, şo sözler agzy jäheksiziň tapan zady däldir. Görüň kabul etmedik
meýdini gören adamlar tapandyr. Ugrunda bardyr, diýilýändir.

“GONAMBAŞY”
Awtory: Kakamyrat Ataýew
Her näme-de bolsa, Ýeriňem çydamynyň çägi bolmaly. Aýtmaklaryna görä, üstünde edilýän pyssypyjurlyklara çydap bilmän, käte-käte Ýer Hudaýa nalyş edermiş. “Ýa, Alla, maňa bir agyz açmaga
ygtyýar ber, agyz açyp, bu adamlary bir ýuwudaýyn!” diýermiş. Emma Allatagalanyň rehimşepagatynyň bimöçber bolşy ýaly, sabrynyň hem çägi ýok. Sabyr – Allatagalanyň iň gözel sypatlarynyň
biri! Eýsem-de bolsa, Allanyň sabryna bil baglap, ymmata sygmajak wejeralyga ýüz urmak hebesdir.
Hasapsyz zat barmy nä? Allatagalanyň Adyl diýibem bir ady bar ahbetin. Ine, bir gün hasap-hesip
edilende Ol adyllyk bilen ähli zady ýerbe-ýer goýar. Şol gün gutulgysyz Güýzmyrat aganyň hem
başynda bardyr. Eý, toba!
Gonamçylyk bilen obanyň aralygyndan geçýän takyr ýoldan mallaryny örä sürüp barýan Şükür gyzyl
göründi. Ol esli aralykdan gygyryp salam berdi-de, sowulman, ýoluny dowam etmekçi boldy. Soň
pikirini üýtgetdi, gelip, Güýzmyrat aganyň ýanynda çommalyp oturdy.
-Şu wagt üns bilen seredip gelýän welin, ho-ol tirsekden bärik boýdan-başa tikenli sim çekilipdir. Bir
görsem, öwlüýäň bassyrmasynam göçürip getiripdirler. Kerpijem äkelipdirler. Onsoň pikir etdim, hä,
ynha, indi hakyky öwlüýä meňzäpdir diýdim... Çaky, Güýzmyrat aga, indi şu ýeriň täze öwlüýä boljagy
çyn-da? – diýip, ol, güman etmeýän-de bolsa, garaz soranyny kem görmedi.
-Çyn, çyn – diýip, Güýzmyrat aga gysga jogap gaýtardy.
-Indi “Ýylgynly” ýapyldymy? Jaýlamak bolanokmy?
-Bolanok.
Şükür gyzyl garjaşyk sowallara gümra bolup, az salym dymansoň:
-Indi muň ady näme bolmaly, Güýzmyrat aga? – diýip, başga sowal berdi.
Güýzmyrat aga başyny galdyryp:
-Bilmedim. Entek ady ýok – diýdi.
-Hol gün Amanýaz saňsar aýdýar, kim ilki ölse, täze öwlüýä şoň adyny dakýas diýýä. Men aýdýan oňa,
öwlüýä adyny dakdyrmak üçin ýöriteläp öljek ýok diýýän...
Güýzmyrat aganyň gahary geldi:
-Öwlüýäden başga oýunjak tapmadyňyzmy? – diýip gatyrgandy.
-He-he, ýok, oýun edişýäs-le. Ýöne oňat at saýlap dakmaly bolar. Atsyz öwlüýä ýog-a.
Güýzmyrat aga pikirlenmezden:
-Muňa biz at tapyp bilmeris. Laýyk ady özi tapar – diýip, diline geleni aýdyp goýberdi.
-Janly-jansyz hemme zadyň ady bar diýjek bolýan – diýip, Şükür gyzyl bu gürrüňi wagty bilen
tüketmedi.
-Hawa, sygyr-düýä-de at dakýarlar – diýip, Güýzmyrat aga kakdyrdy.
Şükür gyzylyň muňa düşünjek gümany barmy?
-Şony aýdýan-da. Meň atsyz malym ýok. Hersiniň özüne kybap ady bar.
Ikisem şo bir zadyň pikirini edip, dymdylar.
-Sen birine garaşyp otyrmyň, Güýzmyrat aga? – diýip, ahyry Şükür gyzyl bilesigelijilikden däl-de, juda
dymyp oturmazlyk üçin dillendi.
-Hiç kime-de garaşamok. Hähimi alaýyn diýip çökäýdim. Häzir turjak – diýdi-de, Güýzmyrat aga
garasöýmezlik etdi:
-Şükür! Sen bu ýerde arkaýyn otyrsyň welin, mallaň gaçyp-tezip ýören bolmasyn. Habardar bol! –
diýdi.
“Beh, gepleşesem gelenok. Bir zad-a gahary gelipdir. Kowan bolşumyka şü? Özi gidýänçä menem-ä
turman” diýip, Şükür gyzyl içini gepletdi. Soň:
-Gaçyp-tezip görsün hany! Mende olar ýaly mal ýok. Malym gaçyp-teziberse, şo gün bazardan
çykarýan. Ýa-da jöwher saply pyçagyma ýapyşaýýan – diýip, öwündi.
Şüküri ýanyndan kowup goýberer ýaly, Güýzmyrat aganyň üýşüp ýatan gahary barmy nä?!
-Hm, heýlemi? Bor onda. Men-ä ýöredim – diýip, ol haýal gozganjyrap, ýerinden turdy. Ýempäp,
öýüne garşy ugrady.

“GONAMBAŞY”
Awtory: Kakamyrat Ataýew
Güýzmyrat agany nazary bilen ýola salyp otyrka Şükür gyzyl: “Ilki öleniň ady dakyljak bolsa... Kim
bilýär, kimiň ilki öljegini bilip bolaýanok. Ölüm hemmäň başynda bardyr-la welin, ynha, birden men
öldüm-dä, şonda näme? Şükür öwlüýä diýerler öýdýärmiň?” diýen pikire maýyl boldy. Pikirleri
çuňlaşdygyça oňa iniňi düýrükdiriji wehim ýetişdi.
Güýzmyrat aga-da pikire çümüp barýardy. O-da edil Şükür gyzyl ýaly kimiň ilki öljegi barada
oýlanýardy. “Gonambaşy kim bolarka? Ilki jaýlanan adamy gonambaşy edib-ä bolmaz. Kim ölse, şo
ölsün, ýöne gonambaşy laýyk biri bolsun!” diýýärdi.
14.
Hersi bir çüňkde oturyp, ýüzlerini kese sowuşyp, birsellem dymansoňlar Ýazbibi Polada garap:
-Nahar guýaýynmy? Iýjekmi? – diýdi.
-Juk. Işdäm ýok.
-Ajygansyň. Iýäý.
-Ajygamok. Bar zatdan doýdum. Doýurdyň.
Ýazbibiniň wawwaly gürrüňe dolanasy gelmedi. Dagy näme diýerini bilmän:
-Nahar-a taýyn – diýip mydyrdady.
-Men ynjalyp bilemok. Düşünýäňmi sen?
Poladyň bikararlygyny görüp-bilip oturansoň, Ýazbibi başyny atdy. Müýnli görnüşde ýuwaş ses bilen:
-Hawa, düşünýän – diýdi.
-Düşünýän bolsaň, aýt hany, näme etmeli men?
-Sen biraz rahatlan, Polat.
-Nädip rahatlanmaly şuň ýaly ýagdaýda? Rahatlanar ýaly etdiňmi meni?
Ýazbibä bir ýerden dogum ýetişdi.
-Sen maňa ynan!
-Nädip? Ä, nädip ynanmaly? Sen ynandyr meni! Nädip ynandyrsaň, şeýdip ynandyr, men ynanaýyn.
Poladyň Ýazbibä ynanasynyň gelýäni görnüp dur. Ýöne nämüçin ynanmaýarka? Nämüçin kimdir
biriniň ýürekbulanç myjabatyna gulak asyp, Ýazbibi hudaýlygyny sözlände müňkürlik edýärkä?
-Sen meni ynjalar ýaly et, Ýazbibi! Eşidýäňmi?
-Eşidip otyryn.
-Eşitseň, ynjalyp bilemok men. Düşünýäňmi, ynjalyp bilemo-ok.
Ýazbibi: “Häzir bi işigaýdan aglar” diýdi. Poladyň janyýangynly, bialaç gep urşundan heder etdi. Edil
şu wagt kimem bolsa biriniň ardynjyrap gelerini, özlerini ýakymsyz ahwalatdan çykararyny isledi.
Poladyň äheňi az-kem ýumşady.
-Agyzdan galan nahary iýesiň gelermi? – diýip, ol garaşylmadyk sowaly berdi.
-Agyzdan galan nahary?
-Hawa, agyzdan galan nahar? Şony iýesiň gelermi?
Ýazbibi sowala göni manysynda düşündi-de, pikirlenmän zat etmän:
-Hawa – diýdi. – Adam ajyksa her zat eder. Ajyň aňy bolýarmy näme?
Poladyň haýýaty göçdi. Ol şübhesiz özüni öňünden çykan zady ýuwundy-beýleki diýmän ýuwudyp
ýören, aňy giden aç-ýalaňaja deňelen hasaplady. Ýüzi gara-ört boldy. Gany depesine urdy. Gahardan
ýaňa saňňyl-saňňyl etdi. Ol nädip böküp turanynam, ylgap baryp Ýazbibiniň ýakasyndan ebşitläp
tutanynam, ony ýerinden nähili galdyranynam bilmedi.
Ýazbibiniň ýüzi bir erbet agardy. Gözüne gorky indi. Boýdan-başa galpyldy basdy. Ol eýýämhaçan
ysgyny gidip, titreýän elleri bilen Poladyň goşaryndan ýapyşdy. Ýakasyny sypdyrjak boldy. Arasynda:
-Polat, dur! Polat, beýtme! Polat!.. – diýip, naýynjar ýalbardy.
Polat agzyndan ak köpük saçyp, dübledi:
-Aý, akmak heleý! Men onda agyzdan galany iýip ýören ekenim-dä?! Men onda aňy giden aç ekenimdä?!

“GONAMBAŞY”
Awtory: Kakamyrat Ataýew
Şu başagaýlykda Ýazbibi sesini gataldyp:
-Men näme agyzdan galan naharmy? – diýip, dili bilen garşylyk görkezdi.
-Ýuwundy sen! Siňekläp ýatan ýuwundy! Ýuwundyny bilýäňmi? – diýip, Polat dişlerini gyjyrdatdy.
Onuň gazaby egsilmedi. Göwnüne bolmasa, gelniň ýüzünde “Özüň ýuwundy. Ölýänem bolsaň,
ýuwundy sen. Agyzdan galan nahar iýýäniňem çyn” diýen pikir bar ýaly bolup göründi. Ol Ýazbibini
dözüm bilen siltedi. Bat bilen yzly-yzyna üç gezek hütledip, onuň arkasyny diwara urdy. Jaýdar urdy.
Bilinde dörän agyrynyň yzasyna çydaman, Ýazbibi hyklap, özüni aşak goýberdi. Bir eli bilen
ýanbaşyny, beýleki eli bilen garnyny tutup, iňledi.
Polat “Jögülik edýär” diýdi. Ýöne soň el götermedi. Haşlady. Özüni gowuşgynsyz duýdy.
“Nädibem bolsa, muny gepden doýrany tapmaly. Ýogsa, bu goham tükenmez, Poladam köşeşmez”
diýip Ýazbibi aglap otyrka pikir etdi.
Polat bolsa: “Şojagaz gelni getirip ýüzleşdirmesem bolmaz. Gerek bolsa, oň ärinem getirmeli bor.
Meseläni Aý dogan ýaly etmeli” diýip oýlandy. Şondan bärde ynjalmajagyny boýnuna aldy.
Ertesi Ýazbibini bäbekhana äkitmeli boldy. Dört günden soň ol wagtyndan öň dünýä inen, agramy iki
kilo töweregi tirsek ýalyjak gyz bäbejigi gundaga dolap, gujagyna alyp geldi. Ejesini ýatlap, Polat
gyzjagaza Enejan diýip at goýdy. Agalarynyň maslahaty bilen Güýzmyrat agany çagyryp getirdi-de,
gyzjagazyň sag gulagyna azan, çep gulagyna kamat aýtdyrdy, gulaklaryny açdyrdy.
15.
Gün guşluga galyp, bazar mazaly gyzyşan çagy Sähediň üstüne bir gara abanyp:
-Ýaşuly! Tur ýeriňden! – diýip, höküm etdi.
Sähet başyny galdyryp görse, ine, syratly ýaş polisiýa işgäri gözlerini alardyp, gahar bilen dodagyny
çeýnäp dur. Onuň bazaryň gözegçi polisiýasydygyny Sähet şo bada aňdy.
-Aýak üstüne galybilýäňmi ýa senem ysmaz açdyňmy?
-Turubilýän... Häzir... Ine, turdum – diýip, Sähet ýasama hyk-çok bilen ýerinden galdy.
-Telpegiňem al... Yzyma düş! – diýip, gözegçi papagynyň gaşyny basyp, ýöräp ugrady.
Dogumy kesesinden mälim bolup duran bazarçylaryň biri:
-Gedaý bilen näme işiňiz bar-aý? Degmäň-dä. Otursyn-da. Azary ýok, bizary ýok – diýdi. Onuň
äheňinde nebsiagyryjylyk hem nägilelik duýuldy.
-Söwdaňy et, söwdaňy! – diýip, polisiýa gözegçisi oňa gaharly jogap berdi.
Ol Sähedi yzyna düşürip, şäher polisiýasynyň bazardaky bölümçesiniň jaýyna girdi. Kabinetde hiç kim
ýok ekeni. Gözegçi papagyny çykardy, boýunbagyny bir gapdala süýşürip, köýneginiň ýokarky iligini
ýazdyrdy. Sähede oturara ýer görkezdi:
-Geç, otur şu ýerde.
Sähet geçip oturdy.
-Nähili dokumendiň bar ýanyňda? Pasport-beýleki?..
Sähet eli bilen penjeginiň gapdal jübülerini kakyşdyryp görkezdi-de:
-Dokument ýok. Hiç zat ýok – diýdi.
-Hm, bolýa ýok bolsa. Zeleli ýok, dokument esasy zat däl.
Gözegçi, mydyrdap, ähtimal, haýbat üçin bolsa gerek, eline kagyz-galam alyp, bir zatlar ýazyp
oturyşyna başyny galdyrman soraga tutdy:
-Adyň?
-Sähet... Sähetmyrat.
-Tä-äk, Sä-het-my-rat... Familiýaň?
-Hakgyýew.
-Hak-gy-ýew... Ýaşaýan ýeriň?
Jogap bolmady.
Gözegçi başyny galdyryp:

“GONAMBAŞY”
Awtory: Kakamyrat Ataýew
-Ýaşuly! Ýaşaýan ýeriň? Nirede ýaşaýaň? – diýip sorady.
Sähet sakynyp:
-Hiç ýerde – diýdi. – Hiç ýerde-de ýaşamok. Belli bir nemäm ýok. Gabat gelen ýerde, onda-munda
ýatyp-turup ýörün.
Gözegçi ony boýdan başa ünsli synlap:
-Hemişelik ýaşaýan ýeriň nire? Pasportyňda ýazgy edilendir-ä?
-Obşit.
-Haýsy obşit? Salgysy?
-Gurluşykçylaň obşidi. Ýöne ol obşitden derek galmandyr. Ýykylypdyr.
-Aslyň nireli? Obşit diýilýän ýerde göbegiň kesilen däldir-ä? Obşide gelmänkäň ýaşan ýeriň?
-Aktakyr.
-Ak-ta-kyr...
Gözegçi ýeterlik maglumatlary edinen ýaly, galamyny taşlap, kagyzy gapdala süýşürdi. Haýbat bilen:
-Meni diňle, ýaşuly! – diýdi.
-Diňleýän.
-Diňleseň, uly bazaryň ortasynda ýaňky bolup oturyşyň bolanok. Bazar gedaýçylyk edilýän ýer däl,
bazar – söwda merkezi.
Sähet bilýän diýýän manyda baş atdy. Polisiýa gözegçisi beýle bir gaharjaňam däl eken.
-Haçandan bäri oturýaň? – diýip, ol äheňini ýumşadyp, gyzyklandy.
-Iki gün bäri.
-Hany, bi ogul, gyz, çaga-çuga ýokmy sende? Eklänoklarmy? Ýa sen olary ekleýäňmi?
-Ýok.
-Näme ýok?
-Çaga-çuga ýok, heleýem ýok.
Gözegçi asla geňirgenmedi, şübheli seretdi. Sähet ony haýran galdyrjak bolýan deý:
-Aga-ini, dogan-garyndaş, hossar... hiç kim ýok. Sopbaş – diýdi.
-Onda nirden çykdyň, how, sen? Asmandan indiňmi, ýerden ýeke çykdyňmy? – diýip, polisiýa
gözegçisi bilesigelijilik bilen sorady.
Sähet gysgajyk gürrüň berdi. Ähli zady jikme-jik aýdyp, gepi uzaltsa, gözegçiň ýüregine düşerin öýtdi.
Ýalan sözlemedi, dogrusyny aýtdy. Gürrüň berýän wagty naýynjar görünmäge çalyşdy, gyryljak sesi
zaryn çykdy.
Sähediň pikiriçe, diňläp bolansoň, polisiýa gözegçisiniň ýüregine rehim inmelidi. Bazardan kowulany
bilen Sähede hossar çykjak ýok. Onsoň ol dilegçilik etmän, gününi görmek üçin ogurlyga ýüz ursa,
ýagşymy? Hudaý saklasyn welin, ajyň aňy ýok, aljyrasa ogurlygam küýüne gelmegi mümkin. Çola
ýerde özünden ejiz birini urup talamag-a muňa başartjak zat däl. Uraýyn, talaýyn diýende hany
Sähetde gurbat barmy, gaýrat galdymy? O-ol öňki Sähet ýok indi. Bolaýanda-da talaňçylykdan mydar
bolmaz. Onuň yzy ýene tussaglyga ýazar. Sähet türmeden halys ýadady.
-Ýaşuly, geçmişiň ýaman garaňky seň. Ýigrimi üç ýylam bir türme bormy? Wagtynda birneme
gudurapsyň-da? Ömür boýy polisiýa iş bolupsyň. Ynha, indem syrtyňy ýere goýaňsoň, ýene bize dertalada! – diýip, gözegçi igendi.
-Maňlaýda bardyr-da. Gowy görüb-ä girmedik şo ýere.
-Dek gezmeli, ýaşuly! Mesirgäp, gaňňaňy garnyňa alsaň, mundan enaýy bolmaz. Päl azman, başa
gelmez diýipdirler. Pälazan bolupsyň... Indi men näme etmeli seni? Sen şony aýt!
-Jan agam, hiç zadam etme, gaýrat et, görmedik bolaý – diýip, Sähet özünden çen bilen otuz ýaş dagy
kiçi oglana “agam” diýip özelenip ýalbardy.
-Ynha, indi özüň kädiňi işledip gör. Häzir men saňa bar-da, oturyber diýsem, senem baraga-da, hiç zat
bolmadyk ýaly gedaýçylyk edip ugrasaň, şo ýerde oturan bazarçylar men barada näme pikir eder?
Ýonmalyjasyny ýonup, goýberipdir-ow diýmezlermi? Diýerler... Ýaşuly, men gedaýdan pul alamok.

“GONAMBAŞY”
Awtory: Kakamyrat Ataýew
Aýdan-diýenim bolsa berýän, ýöne alamok. Almanam. Pikir etme, gedaýyň puluna galan günüm ýok.
Düşünýäňmi?
-Düşünýän, düşünýän.
-Düşünýän bolsaň... – diýip, gözegçi biraz dymdy-da, Sähediň ömürboýy oýuna gelmedik gürrüňini
tapdy. – Sen garrylar öýüne git. Gara gaýgyň bokurdagyň dämi? Şo ýerde gül ýaly serederler. Haçana
çen bärde beýdip oturjak?
-Wah, jan agam, oň üçin hat-petek, birgiden dokument-sokument düzetmelidir. Biri öňüňe düşmese,
hat-petegiňi oňarmasa, golaýyna barar ýaly däl.
-Onyň-a bahana. Hat-petegiňem, dokumendiňem düzedip-düzetmez ýaly kyn zady ýok. Nä men
düzedip berer öýdýäňmi?
-Jan agam, meni şu ýerden gozgamasana! Gaýrat et.
Gözegçi dergazap bolup, janykdy:
-Gelip-gelip, meň seredýän ýerimde oturmalymaý sen? Özem soňky döwür ýaman köpeldiňiz. Baran
ýeriň itiň täreti ýaly, gedaýmy, dilegçimi, ýene görmi? Biri-biriňizden beter. Üflis birgiden... Gid-ow
başga ýere. Şundan başga bazar ýokmy?
-O taýda-da özüň ýaly biri kowsa, nädeýin? Ogurlyk edemog-a, oturybereýin!
-Dogrulygam edeňok, ýaşuly!
-Men onda nemedäýeýin, size görünmänjik oturybereýin.
-O nähili görünmänjik? Nirede oturjak?
-Ine, siziň gelýäniňizi görsem, ümsüm ýerimden turaga-da, adamlara goşulyp gidiberjek.
Gözegçiň muňa gülküsi tutdy.
-Onsoň bolýarmy şol? Ýagdaý düzelýämi şoň bilen?
Sähet gara çyny bilen:
-Hawa, bolýar, düzelýär – diýdi.
-Hany, nädip düşünişjek şuň bilen?! Mal bilen gepleşeniň aňsad-a bulara gep düşündireniňden –
diýip, gözegçi öz-özi bilen gepleşdi. Gaşlary çytyldy. Gaharyna birsellem sesini çykarman oturdy.
-Dogrymy aýdaýynmy, ýaşuly? Şu wagt men saňa dözmezçilik edip otyryn. Berdiň eline düşseň, seni
nätjegini bilýäňmi?
Berdiň kimdigini, onuň nätjegini bilmese-de, Sähet gowulyk bolmajagyny çaklap:
-Bilýän, bilýän – diýdi.
-Bilýän bolsaň, dawaý, ugra!
Şuňa mähetdel Sähet ýerinden turdy.
-Ugrajak, ynha, ugradym – diýdi.
-Dur entek! – diýip, gözegçi ony saklady-da, elini uzadyp görkezdi. – Ho-ol, derwezäni bilýäňmi? Ana,
şoň agzynda dur. Dik dur, oturma. Özem ýa ir bilen ýa-da ahyrbazar gel, başga wagt görünme!
Düşdüňmi?
-Hawa, düşdüm, dogry... – diýip, Sähet mydyrdady.
-Saňa edip biljek zadym şol. Nämüçin şeýdýänimi bilýäňmi?
Sähet: “Dözmezçilik edýäniň üçin” diýjek boldy. “Birden dözüp oturybermesin şü. Gahar edip,
kowaýmasyn” diýen pikir kellesine geldi-de, dymdy. Mysapyr garaýyş bilen gözegçä soragly seretdi.
-Häzir seni kowaýsam, gidersiň-de, hökman ogurlyk edersiň. Dogrumy? Däl diýip gör! Men belet size.
Gyssag güne düşeňde birinji pişäň ogurlykdyr! A bärde bolsa, biminnet pul-püçek berlip durka kişiň
zadyna gözüňi dikmersiň. Ýa dikermiň?
-Eger-eger... Alla gorasyn!
-Birem mesirgäp, içip, urşup-sögüşeniňi görmäýin.
Sähet:
-Bolar, urşup-sögüşmen – diýdi. Şo bada golak gedaýyň aýagyndan çalyp tutup, ýere ýykanyna
ökündi. “Häk, beýleräk süýşüp, oturybermelidim” diýdi.

“GONAMBAŞY”
Awtory: Kakamyrat Ataýew
-Dawaý, ugra! Berdi gelmänkä ýitirim bol! – diýip, gözegçi ony gyssap, çykaryp goýberdi.
“Gowy oglan ekeni. Egni pogonlylaň içinde henize çenli şundan gowusy gabat gelmändi – diýip, Sähet
pikir etdi. – Pullansam muňa bir zatjagaz alyp bersemem boljak. Gadyryny bildigim bolar. Ýöne
alarmyka? Almasa gerek”.
16.
Içki dünýäsinde gopýan harasat Suraýy ber-başagaý etdi. Ol öňki alçaklygyny ýitirdi. Gaşlary çytyldy,
gözleri gubarlandy, gülüp duran ýüzüne gam indi. Saralyp, soldy. Iň ýaman ýeri-de, bularyň bary
kesesinden äşgär boldy. Her näçe jan etse-de, ony görer gözden ýaşyrmaga Suraýyň güýji ýetmedi.
“Gyran degen, gözüme seredip, içimdäkini okabermeli bolupdyr. Hemmesi ýüzümde ýazylgy dur”
diýip, ol aýasyny eňegine diräp, aýna seredip otyrka özüne gargyndy.
Ýanyndan örüp, özi bilen bir gapydan girip-çykýan gyzynyň goýanyny-göterenini bilmän, entirekläp
ýörmesi Ogulgülüň derrew gözüne ildi. Ol Suraýy yşk heseri urandyr diýip güman etdi. “Ýetişenligi
görnüp dur gyrnagyň. Söýgiň humary kellesini aýlaýandyr. Kime göwün berjek bolýarka?” diýip,
utançly pikirlendi. Onuň aýal synçylygy, ene syzgyrlygy gyzynyň şindiki çekýän derdine, waý halyna
göz ýetirmäge ejiz geldi. “Indiki ýaşlaň kellesini söýgi aldy. Hudaýym, söýgi gursun!” diýdi.
Eýsem-de bolsa, Suraýyň haýsydyr bir oglana bolan yşgy üçin Ogulgül äri Amanýazdan gypynç etdi.
Gyzynyň söýgi diýip heläk açyp ýörmesini Amanýaz halar öýdýärmiň? Halamaz. Amanýazyň kän
gaýtalaýan sözi bar. “Bir-ä bergiňi bermäge, birem ölini jaýlamaga, ýene-de ýetişen gyzyňy durmuşa
çykarmaga gyssanmalymyş” diýýär. Onsoň, gyssanmaçlygyny edip, alaga-da, daşyny dolap, Suraýy
araky gudaçylyga gelen garyndaşlaryna berip goýbermekdenem gaýtmaz. Toba! Daş edewrsin!
Garyndaşam bolsa, Ogulgül Suraýy olara rowa görenok. Birinjiden-ä, olar kemyrsgal, guraýak. Uly
ogullaryny öýerenlerinde eden bergi-çekgilerini ýaňy üzdüler. Ikinjidenem, giýew bolmaly oglan gara
iş bilen onda-munda hakynatutma gezip ýören hünärsiz bir yşarat. Belli bir sübsäň başyny bogjaga
meňzänok. Sada, türkana. Ne-hä syçrap duran akyl bar, ne-de basan ýerinden ot çykýan dogum bar.
Ýaş oglan diýer ýaly däl. Özem garsak ýaly kelte. Onsoň Ogulgül olara neneňsi geliberiň diýsin?! Bar,
küdümiň teýine gitsin, Ogulgül bolýa diýäýende Suraýy nätjek? Suraý göwnemez-ä!
Giýew diýeniň syratly-sypatly, ýaraşykly bolaýsa! Ertirki gün maşgalasynyň gününi gök esgä düwmez
ýaly, hor-har saklamaz ýaly, aýlykly-günlükli hünäri ele alsa, guda boljak ýerem güni özünden aýlanyp
duran rysgally, döwletli ýerler bolsa, eýse, erbetmi?
Ogulgül kän pikirlenip, soňky günler gyzyna ne döw çalanyny, garasaý, anyklamak üçin Suraý bilen
ikiçäk otyrka şu wawwaly meseläni gozgady.
-Suraý jan, Ilmyrady öýermänkäk, asyl entek hiç kime söz aýdyp ýetişmänkäk seň üçin eli saçakly
gelýän bar. Akmyrat daýyň soraýa seni. Näme nemäň bolsa, ilki özüňi bir diňläýin diýdim, sala salman
edilýän zat däl-dä bi – diýip, gürrüňi aňyrdan aýlap başlady.
Iru-giç öňüňde keserjek mesele şü! Zorluk edýän ýok. Seniň ykbalyňy özüňden bidin çözenoklar. Saňa
sala salýarlar. Ejeň iki gulagy sende. Diňläp otyr. Aýdyber!
Ýöne nädip aýtsyn? “Şalary halaýan” diýib-ä bilmez. Diýse, Ogulgülüň ör-gökden gelip, ýakasyny
tutjagy köre hasa. “Türmede oturan galtamanyň nämesini haladyň? Şondan başga erkek göbekli
tohumy tükendimi?” diýip, düblejegi ikuçsyz. Ejesi entek Suraýyň goýberen säwliginden bihabar,
onuň buýsanjyna Şalaryň talaň salyp gidendigini bilenok. Şoň üçin gyzynyň içki hesretine häzir
Ogulgülüň düşünjek gümany ýok.
-Aýt-da bir zat. Näme etmeli? – diýip, Ogulgül gyssady.
Suraý gyzaryp, gysgajyk:
-Akmyrat daýymlara göwnämok – diýdi.
-Menem göwnämok. Göwnär ýaly ýermi olar? Itseň ýykyljak bolup duran tüneklerinde düşenere ibaly
düşekleri ýok. Haçan görseň, ite bir süýek bergili. Başga gapydan ýüz tapmansoň, bärik garyndaşsyrap
gelýändigini bilipjik durun welin... Düşünseler, indi köwlenmez ýaly edip goýberdim. Heý, köwlenmän

“GONAMBAŞY”
Awtory: Kakamyrat Ataýew
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Gonambaşy - 6
  • Parts
  • Gonambaşy - 1
    Total number of words is 3775
    Total number of unique words is 2266
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gonambaşy - 2
    Total number of words is 3808
    Total number of unique words is 2343
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gonambaşy - 3
    Total number of words is 3809
    Total number of unique words is 2230
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gonambaşy - 4
    Total number of words is 3804
    Total number of unique words is 2336
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gonambaşy - 5
    Total number of words is 3774
    Total number of unique words is 2239
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    43.4 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gonambaşy - 6
    Total number of words is 3823
    Total number of unique words is 2265
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    50.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gonambaşy - 7
    Total number of words is 3840
    Total number of unique words is 2280
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gonambaşy - 8
    Total number of words is 3822
    Total number of unique words is 2329
    29.3 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    50.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gonambaşy - 9
    Total number of words is 2862
    Total number of unique words is 1809
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.