Latin

Gonambaşy - 8

Total number of words is 3822
Total number of unique words is 2329
29.3 of words are in the 2000 most common words
43.1 of words are in the 5000 most common words
50.7 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
saglykmyka, hany habar tutaýyn diýdim-de, ýöriteläp gaýtdym – diýip, Amanýaz gülmän-yşman ýalan
sözledi.
Amanýazyň gürrüňine ynanmanlygy üçin Berdi:
-Onsoň o düýşüň üçin Hudaý ýoluna bir zat aýtdyňmy? Aýtmadyk bolsaň, mähetdel etme, aýt! – diýip,
degişdi.
Amanýaz çynlakaý sypata girip:
-Açyk ýadyma düşenok welin, bir gara janly aýdaýdym öýdýän. Düýşümde-de siziň aladaňyzda, how,
men – diýdi.
Berdi ýaňsyly gülümsiräp:
- Eger aýdan bolsaň, ine, şu oturana beriber, kabul bolmajak gümany ýok, ebtine seret, sadaka
çöpleýänçimiz şü – diýip, üm bilen ýaşulyny görkezdi.
Amanýazdan gep gutuljakmy? Ol ýaşulyny ýene bir öwre synlap:
-Düýşde aýdan sadakaňy düýşde bermelidir-ä. Huşa näme dahyly bar oň?! – diýdi.
-Beribersene, how, näme malyň egsilýärmi? Sen berme, men berme, näme bular aç ölmelimi? – diýip,
Berdi ýaşula garşy elini somlady.
-Agzy açyk aç ölmez diýipdirler, bokurdagyny deşen rysgynam bir ýerden ýetirer, gardaş – diýip,
Amanýaz saňsar başga zadyň gürrüňini etdi. – Hol gün gazetde okadym. “Ýer ala, ýurt ala”, nirdedigi
takyk ýadymda däl welin, bir ýerde-hä tutuş ýurt boýunça ýekeje gedaýam ýok diýýä. Ummasyz baý
ýurt bolarly. Emma gedaýsyz il göz öňüme gelenok. Heý, ynanarmyň şoňa?

“GONAMBAŞY”
Awtory: Kakamyrat Ataýew
-Gazet diýýän bolsa, ynanýan, çyndyr. Gazet hökümediň zady, ýalan ýazmaz. Sen, saňsar, birazajyk
otur şu ýerde. Men şu ýaşulyň bellisini edeýin häzir. Onsoň-ň... – diýip, Berdi eline galam alyp
ýazmaga häzirlendi.
Amanýaz geçip oturdy.
Berdi gep uruş äheňini üýtgedip, ýowuz görnüşde ýaşula ýüzlendi:
-Häzir ulag çagyrjak. Mölerme! Işim ýok, nirä gitseň, şoňa git, meň gözümden bir üýtge!
Ýaşuly mysapyr garaýyş bilen rehim edilmegini sorap, sessiz ýalbardy.
Berdi sorag berip, ýazyp ugrady.
-Adyň?
-Sähet.
-Familiýaň?
-Hakgyýew.
-Hemişelik ýaşaýan ýeriň?
-Belli ýaşaýan ýerim-ä ýok.
-Aslyň şäherlimi?
-Ýok.
-Haýsy obadan?
-Aktakyrdan.
Şu ýerde Amanýaz başyny galdyryp, ýaşula tiňkesini dikdi-de, gürrüňe goşuldy:
-Haýsy Aktakyrdan?
Sähet dommarylyp, Berdä seredip oturyşyna Amanýaza jogap berdi:
-Ýekeje Aktakyr bar. Şü ilerki Aktakyr-da.
Berdi Sähedi ýalan sözde tutulandyr öýdüp güman etdi, gürrüňe gop berdi:
-Eh-hä, ýeri!
-Beh, nätdiň-aý muny?! – diýip, Amanýaz geňirgendi. - Aktakyryň nireräginde oturýaň? Kimleň
ýanynda?
Sähet biraz oýurganyp:
-Sen saňsarlardanmy? – diýip, Amanýazyň özünden sorady.
-Hawa, şolardan. Ýöne sen-ä Aktakyrdan däl.
Berdi ekezlendi. Oturan ýerinden gylaw alyp:
-Ýaşuly, ýalan sözläniň üçin aýratyn jeza berjek häzir saňa – diýdi.
Sähet oňa pitiwa etmedi, hakydasyny dörüşdirip, az salymdan Amanýazyň kakasynyň adyny tapdy
oturyberdi:
-Sen Ýagmyr saňsaryň oglumy?
-Hawa. Behh... Kim-aý sen? – diýip, Amanýaz çyny bilen haýran galdy.
Sähet geçmişiň bir sahypasyny ýadyna salyp:
-Kakaňdan sorap gör, çaga wagtyň kel balnysdan kim bilen bile gaçdyň diýip sora, aýdar – diýdi.
Amanýaz gaşyny çytyp, ýuwdundy:
-Kakamyň ýanyna gitsem, hökman soraryn. Ýöne edil häzir-ä oň ýanyna gitmek pikirim ýok. Sebäbi
bärde biraz işim bar.
Berdi çyny bilen gaharlanyp, Sähede azgyryldy:
-E-eý, aňkasy aşan haýwan! Muň kakasynyň ýogalanyna bäş ýyl boldy.
-Alty ýyl – diýip, Amanýaz düzediş berdi.
Sähet:
-Men bilmändirin – diýip, ökünçli dillendi. – Duz kessin, Ýagmyryň ýogalanyny bilemok. Men
türmeden täzelikde geldim.
Amanýaz gyzyklanyp:
-Hany, sen özüňi tanatsana! Kimlerden borsuň? Aktakyrda aga-ini, garyndaş-hossar kimiň bar? –

“GONAMBAŞY”
Awtory: Kakamyrat Ataýew
diýip, sorady.
Sähet gürrüň berdi. Aktakyra degişli ýerlerini aýdanda ýalan sözlemedi. Tussag edilmeginiň
sebäplerini biraz üýtgedip, ýuwmarlap gürrüň beren-de bolsa, barybir Berdiniň muňa gahary geldi.
-Düzüw adam bolsaň, iki gezek oturyp çykmaga hakyň ýok. Seň, ýaşuly, aslyň bozuk. Ynha, bahana
bilen obadaşyňy gördüň, indi hoşlaş. Men häzir ulag çagyrjak.
Berdi ulag çagyrmaga ýetişmedi. El telefonyna jaň geldi-de, kimdir biri ony gyssagly bazaryň ulag
duralgasyna çagyrdy.
-Ýaşuly, gurduň gündiz uwlady. Derrew ugra şu ýerden! Gaýdyp bazara toýnagyň düşenini görmäýin!
Çalt bol, çalt! – diýip, ol Sähedi gyssady.
Amanýaz turmakçy bolup, gozganjyrady. Berdi onuň egninden basdy.
-Sen oturyber. Men häzir gelýän. Iş-dä. Iki sany oglan uruşýar diýip jaň etdiler. Häzir şolary alyp
geleýin. Kän eglenmen.
-Ýok, gardaş, sen arkaýyn işiňi ediber. Kömek gerek bolsa, aýt! Bolmasa-da, men gaýdaýyn. Esasy zat,
janyň sag, başyň dik ekeni. Indi ynjaldym – diýip, Amanýaz degişdi.
Howul-hara hoşlaşdylar. Berdi süýem barmagyny gezäp, Sähede azm urdy:
-Eşidýäňmi? Gözüme görünme, görünseň, heziliňi alaryn!
Onsoň papagynyň gaşyny basyp, çagyrylan ýere garşy eňdi.
Belanyň wagtlaýynça-da bolsa, başyndan sowlanyna süňňi ýeňlän Sähet gapydan çykan ýerinde
Amanýazy saklady.
-Onsoň biziň jaýymyzda kim ýaşaýar indi? – diýip sorady.
-Ajap ýeňňe ýaşaýar – diýip, Amanýaz jogap berdi.
Sähet ör-gökden geldi.
-Be-e, ol entegem dirimi? – diýdi.
-Öldi diýseňem boljak. Diňe demi gelip-gidýär. Käte künnük ýaly bolup, tamyň kölgesinde oturardy.
Soňky döwürler-ä tüneginden çykanok. A sen beýdip ýörmän, oba barmaly ekeniň-dä. Ýurduňyza
eýelik etjek dälmi?
Sähet uludan demini alyp:
-He-e-eý, Ýagmyryň ogly! – diýdi. – Giň ýeriň gürrüňini edýäň. Men indi gutaran adam. Meňem diňe
demim gelip-gidýär. Sag bykynyň çişse, gowy däl diýýärler. Bagrymda bir bela-ra bar. Hi-iç maza
berenok. Ine, çişip durandyr.
Amanýaz bir alamat görmekçi bolýan deý onuň garnynyň sag tarapyna garady. Sähediň köne
penjeginiň üstünden hiç zat saýgarmady.
-Agzyňdan gan gelse-de, erbet. Men düýn gan gusdum.
-Sen, how, beýdip ygyp ýörseň, bir ýerde ýykylyp ölüp galarsyň. Kim ýygnasyn seni?! Oba bar,
ölmänkä Ajap ýeňňe bilen razylaş! – diýip, Amanýaz göwnüne geleni diline getirdi.
-Men oba barmasam, “Ýylgynlyda” jaýlamazlar öýdýäňmi? Ine, şäherde öldüm-dä? – diýip, Sähet
Amanýazyň asla garaşmaýan sowalyny berdi.
-Juk. Jaýlamazlar. Seň bu ýerde öleniňi kim bilsin? Onsoňam “Ýylgynlyda” indi hiç kime ýer ýok.
Obada, näme, adamlar ölýän däldir öýdýäňmi? “Ýylgynly” doldy. Indi öňki doňuzýatagyň ýerinden
täze öwlüýä açyldy.
-Ejem “Ýylgynlyda” jaýlanypdy. Çalaja ýadyma düşýär.
-Dagy-dugyň-a bilmedim welin, ýurduňa eýelik etseň, oňat boljak. Galanynam gör özüň. Oba
gitseňem, düş yzyma. Men-ä ýöredim.
Amanýaz saňsaryň garasy ýitýänçä Sähet onuň yzyndan seredip durdy. “Beh, bir zad-a soraýyn diýip
durdum welin, Şeýtan dilimden kakyp aldy-da” diýip, ol unudan zadyny ýadyna saljak boldy.
25.

“GONAMBAŞY”
Awtory: Kakamyrat Ataýew
Şol gün öýleden soň Amanýaz saňsar Güýzmyrat aga duş gelip, Sähet barada gürrüň berdi. Ýaşuly ony
ap-aňsat tanady.
-Käte ýadyma düşýär şo. Bizden-ä kiçiräk bolmaly. Men ony ölendir öýdüp ýördüm.
-Ölmändir. Ýöne bu gün-erte öljegi görnüp dur. Bagry gutarypdyr. Gan gusýan diýýä.
-Häý bedibagt-eý! – diýip, Güýzmyrat aga çyny bilen gynandy. – Özüni gaty şalpaň tutan eken-dä.
Indi nä hyýala münüpdir? Oba geläýsem diýýärmi?
-Ýo-ok. Öläýmese, oba geljege meňzänok. Ýöne ölsem diýdi, obada jaýlarlarmyka diýdi. Men näme
diýendir öýdýäň? Şu wagt täze öwlüýä açdyk diýdim, şoňa gyssagly gonambaşy gerek, edil häzir
ölübilseň, bagtyň çüwüp, Aktakyryň taryhyna girýäň diýdim. Ha-ha-ha!
Amanýazyň bu gürrüňleri Güýzmyrat aganyň ynjalygyny gaçyrdy. Eger bu saňsaryň diýýänleri çyn
bolup, Sähet bu gün-erte öläýse, onam oba getirip, jaýlamaly bolaýsa, iş pyrryk! Ol täze
gonamçylykdaky ilkinji mazar boljak. Onsoň Şükür gyzylyň aýdyşy ýaly, adamlar gonambaşy
hökmünde ilki jaýlananyň adyny gonamçylyga dakyp oturyberseler, tüýs bolaýjak! Sähet gedaý diýlip,
hudaýuran biriniň ady galsa! Ömrüni bipeýan ötüren işigaýdany gonambaşy edäýseler, ýeri,
nädersiň?!
-Ýagdaýy egbar diýdiňmi? – diýip, ol halys mazasy bolman, Amanýazdan sorady.
-Gaty egbar! Ozal-a Hudaý işidir welin, ýüzi bu dünýäň adamsynyň ýüzi däl. Uzak syňsyraklar
öýdemok.
“Kim ölse-de, arassa, oňat adam ölewersin! Heý, Sähetdenem bir gonambaşy bolarmy?” diýip,
Güýzmyrat aga aladaly oýlandy.
Güýzmyrat aganyň ynanjyna görä, öňýeten ölini gonambaşy edäýip bolmaz. Gonambaşy bolmagyň öz
şertleri bar ahyryn. Ölüler direldilip, asgyryşyp, ýerlerinden turanda gonambaşy yzynda duranlaryň
öňüni çekip, Haşyr meýdanyna barmaly. Hasap-hesip edilýän wagty Allatagala bendesiniň ýazygyny
gonambaşynyň hormatyna bagyşlap biler diýen ynam şu gün tapylan toslama däl, ata-baba bar zat.
Aslynda-ha gonambaşy öwlat nesli bolsa oňat görlüpdir. Adamlar öwlat çagasynyň beýlekilerden göze
görünmeýän artykmaçlygynyň bardygyna ynanypdyrlar. Eger öwlat nesli ýok bolsa, onda eteginde
namaz okabermeli, güýçli ahun-pirler gonambaşy edilipdir. Gonambaşynyň ýazykly bendeleriň
günäsiniň ötülmegi üçin Allatagaladan merhemet dilejekdigine ynanypdyrlar. Allatagalanyň rehimşepagatynyň çägi ýokdur. Öz söýen gulunyň hormatyna onuň yzyndaky bendeleriň günäsini ötüp biler.
Merhemet eder. Şoň üçin adamlar Hudaýyň merhemetini gazanyp biljek hatyraly gonambaşyň
bolmagyny isläpdirler. Meselem, Gädik işan ýaly adamlar gonambaşy bellenipdir. Eýse, Haşyr güni
Gädik işanyň yzyna düşüp, Hudaýyň huzuryna barybilseň, armanyň näme? Ata-babasynyň gurbany
bolaýyn, Gädik işanyň aňyrsy ýanyp duran öwlat. Sadagasy gitdigim, işan agaň özem o dünýesini
gazanan adam. Allatagala olar ýaly adamyň dilegini boş gaýtarmaz. Gonambaşy diýeniň, ana, şolar
ýaly bolmaly!
Emma adamlaryň birentegi ilki jaýlanan adam gonambaşy bolmalydyr öýdüp ýalňyşýar.
Gonamçylyga-da özüçe at dakyp goýberiberýär. Eýse, şü täze gonamçylyga ilki öleniň adyny daksalar,
ýagşymy? Birden ilki bolup uzyn etekli biri öldi-dä, şonda nädersiň? Aýal-ebtadyň adyny dakyp
oturyberjekmi? Bi görlen-eşdilen zat däl-ä. Aýal adamyň adyny, ynha, sygyra, düýä daksa bolar, ýöne
öwlüýä dakyp bolmaz-a. Herki zadyň ýeri bar. Amanýaz saňsary gepletseň, “Onda bi ilerki derýaň
ýakasyndaky “Gyzbibi” näme?” diýip, ters dawa tutdurýar. Hawa, “Gyzbibi” bar. Ýöne ol hasap däl. Ol
ýeke mazar.
Ir döwürler derýanyň joşup, çasly akýan mahaly goňşy obalaryň birinden bir gyz suwa gark bolupdyr.
Hossarlary onuň gark bolanyny bilmändirler, suwdan däl-de, gury ýerden gözläpdirler. Has takygy,
gyz biri bilen gaçyp gidendir diýip güman edipdirler. Assyrynlyk bilen ondan-mundan sorag-ideg
edipdirler, ýer ýykyp gözläpdirler. Emma şunça ot-elek urunsalar-da, derek tapmandyrlar. Gyzyň uly
ýeňňesi bir düwünçek aklyk bilen palça-da ýüz tutupdyr. Gözden uçan baldyzyna ne döw çalanyny
jikme-jik aýdyp berse, baýragyň ulusynyň entek öňdedigini aýdypdyr. Palçy aklygy az görmändir,

“GONAMBAŞY”
Awtory: Kakamyrat Ataýew
baýragyň uludygyna-da güman eden däldir. Eýse, onuň gurrasy duşmandyr, paly pak çykypdyr.
“Ýitigiňiziň bitiniň burnam ganamandyr. Sabyr ediň! Basym bir ýerden habary geler. Töwellaça
garaşyberiň!” diýipdir. Gyz bolsa iki-üç günden soň Aktakyryň ileri tarapynda suwuň ýüzüne
çykypdyr. Adamlar ony derýaň kenaryna çykarypdyrlar-da, “Şehidiň gabry onuň meýdiniň tapylan
ýerinde gazylmalydyr” diýşip, şol ýerde depin edipdirler. Elbetde, gyzyň hossarlary birnäçe günden
soň bu habary eşidipdirler. Patasyny alypdyrlar, aş-suwuny beripdirler. Ýöne mazary göçürjek
bolmandyrlar. Ýat obadan akyp gelip, şehit ölen gyzyň mazaryna il derrew at tapypdyr: “Gyzbibi”!
Bir gezek saý-sebäp bilen Güýzmyrat aga “Gyzbibiniň” gabadyndan ötüp barýarka ýeke mazaryň
başujuna dikilen agaja daňylgy köpsanly mata böleklerini gördi. “Derdine dowa isläp, gelýän kän
ekeni” diýip pikir edipdi. Ähtimal, gelýänler şypa tapsa, tapýandyr, bu Allanyň erkindäki zat. Emma
mazarda ýatan gyz gonambaşy däl, sebäbi onuň töwereginde başga mazar ýok. Güýzmyrat aganyň
aladasy täze gonamçylyk. Täze gonamçylykda ýeke mazar bolmaz, adamlar saglyk bilen ölüp dursa,
munda jaýlanan kän bolar. Diýmek, köpüň öňüne düşer ýaly gonambaşy gerek.
Amanýaz saňsary diňleseň, şu pikiriň özi-de gülkünç. Onuň düşünjesine görä, gonambaşy Hudaýdan
häki bir delalat isläp tapylan zat. Hudaý bilen bendesiniň arasynda hiç hili araçyň geregi ýok. Hudaý
öz bendesini araçysyz hem gowy tanaýandyr. Sen deýýus adam bolsaň, gonambaşy elli iki dileg edende
nä, Allatagala deýýusa öz jezasyny bermez öýdýäňmi? Gepiň gysgasy, gonambaşyly warsaka ynanmak
– öz-özüňi aldamak.
Amanýaz şu zatlary edil o dünýä gidip gelen ýaly, gözi bilen görüp gelen ýaly aýdýar. Elbetde, o saňsar
okumyş, gije ýatman kitap köküni okaýarmyş. Ajyksa, aýaly nana derek eline kitap tutdurýarmyş,
onsoň ol şo kitaby okap gutarýança garnynyň açlygyny ýatdan çykarýar diýýär. Bolup biler, eger
Şeýtanyň kitabyny okamaýan bolsa, gowy iş edýär. Emma ki namaz-rozasyz gezip ýören Amanýazyň
janygyp gürrüň berýän zatlaryna Güýzmyrat aga ynanyp baranok. Ýeri, sen okuwly adam, düşünjäň
zor, Allany tanajak bol ahyryn. Hakyň ýoluny tutmadyk adama Güýzmyrat nädip ynansyn?
Bir gezek ol Amanýaza şuny diýibem gördi.
-Güýzmyrat aga, Hudaý diýilýän zat adamyň ýüregindedir. Sandygyňy arassa sakla. Bolany. Eger sen
sandygyň hapa bolup, gije-gündiz namazlykdan düşmän oturaňda näme peýda görjek? Hudaý o
zatlary görmeýändir öýdýäňmi? – diýip, Amanýaz eňek bermedi.
Elbetde, Güýzmyrat aganyň jedelleşesi gelenok. Şol gezek ol:
-Seňkem bir hasap – diýipdi.
Amanýaz bolsa pikirlenmezden-zat etmezden, muny ylalaşyk diýip hasap etdi.
26.
“Indi şu çagaň atasy kim? Menmi ýa däl?” diýen sowal üznüksiz gaýtalanyp, Polady ber-başagaý etdi.
Bir gezek Ýazbibi arlyk ýuwmak üçin daşaryk çykan mahaly ol bäbejigiň endamyndaky göm-gök
damarjyklardan öz ganynyň akýanyny ýa akmaýanyny saýgarjak bolýan ýaly, esli wagt seredip durdy.
Gyzjagazyň özüne meňzemeýändigini delillendirip biljek göze dürtülip duran alamat gözledi. Çal göz
çaganyň mürşerip duran gyzyl ýüzi Poladyň kalbyndaky şübhäni ne-hä ýalana çykardy, ne-de tassyk
etdi. Kiçijik ynsan sessiz sorag alamatyna öwrüldi. “Kim men? Hany tanajak bol! Kimiň neslidigimi
biljek bol!” diýip, ýeser sorag berip başlady. Ýeri, nädip bilersiň?
Munuň ýeke-täk dogry jogabyny diňe Ýazbibi bilýär. Ähli hakykat Ýazbibä aýan. Ol Polada dogrusyny
aýtsa, diňe hudaýlygyny sözlese, mesele Aý dogan ýaly boljak. Ýöne dogrusyny aýdaýar öýdýäňmi?
Aýtmaz. Aýtjak gümany barmy? Eger hakykat Poladyň güman edişi ýaly bolaýanda-da, Ýazbibi:
“Hawa, şu çagaň çyn atasy Jumadurdy” diýmez. Gatyrak gyssaberseň, gözüni sykar oturar, ýöne
syryny açmaz, açsa, bu zatlaň soňy bar, soňy!
Polat Ýazbibini saman astyndan suw goýberip ýören saýdy. Nähilidir bir gümürtiklikde aýplady.
Sallançakda ýatan bäbejigiň öz bilinden dörändigine şübhesi artdy. O gyzjagaz öýe şatlyk, bagt
getirmegiň deregine hasrat alyp geldi.

“GONAMBAŞY”
Awtory: Kakamyrat Ataýew
Ýazbibi içýan! Ol Polady oslagsyz sokdy. Ýazbibi bala zäher gatdy. Indi zäheri alaga-da, eline berip,
ony köçä çykaryp kowaýmasaň, alaç ýok. Ýok, kowsaň, bolmaz. Elin eltip, enesiniň duluna dykyp
gaýtmaly. Goý, öz zäherini özi datsyn! Öz guran gapanyna özi düşsün! Pälinden tapsyn! Nätse, şeýtsin!
Şonda Jumadurdyň goýun gözli gelni hem Polady gezip ýören gury san hasap etmez, onuň ärsumak
däldigine, ar-namysy bilýändigine göz ýetirer. Aslynda Jumadurdyň gelniniň Polat baradaky
düşünjesiniň hajaty ýok. Esasy zat, baly zäherden arassalamaly. Polat öňdengörüjilik bilen: “Etmelisi
şu. Ýöne başarman. Başa barjak zat däl” diýdi.
Eýse, onuň kesekiniň çagasyna ýal bermäge, özümiňki diýip, söýmäge, guwanmaga islegi ýok. Islegem
ýok, hakam! Ulaldygyça Jumadurda meňzäp barýan çagany, ýeri, nädip söýersiň? Binamyslyk,
wejeralyk, masgaraçylyk!
Özüni galmaz güne salandygy üçin ol Ýazbibini näletledi.
Polat ýüregini bire baglady. “Asylam men gyz bäbejige garaşamokdym, oglum bolmajak bolsa, gyz
boldy nä, bolmady nä?!” diýdi. Gyz diýeniň bagyň saýasy ýaly bir zat. Gün depeden aşansoň, kölege
durmaz, ýokarlygyna süýşer gider, daşlaşar, başga ýere saýa salar, saňa saýasy ýetmez. Ýöne, ine ogul
diýeniň, başgaça. Ol öýüň öresi! Ojagyň ody! Ogul seniň dowamatyň! Poladyň ejesimi, agalarymy, ýa
başga birimi, “Oguldyr döwletiň başy” diýýärdi.
Gyzjagazy öldürip dynmaly! Diňe şondan soň rahatlyk bolar. Ýazbibiniň birneme lägirmegi mümkin,
o-da özünden görsün! Häzir esasy zat, bäbejigiň demligine ýapyşan wagty Poladyň eli sandyramasa
bolýar. Sandyrasa, başarmaz!
Ýazbibi abanyp gelýän howpy syzan dek esli wagt gyzynyň ýanyndan aýrylmady. Poladam hiç amatyny
tapmansoň, bäbege gijäniň birmahallaryna çenli ýaşamaga bialaç pursat berdi. Ol daňa golaý çala
saýgardýan tümlükde töwekgellik etdi, ýassygyny ajala öwrüp, çaganyň agzyny-burnuny howadan
kesdi. Gyzjagaz demsiz-düýtsüz bolýança elini aýyrmady. Ýerine geçensoň, çaga ölüm getiren ýassyga
başyny goýasy gelmedi, goluny ýassandy. Onsoň tä Ýazbibi oýanyp, tirsegine galyp, sowan we gatap
ugran kiçijik jesedi gujagyna gysmak üçin sermenekläp tapýança, tapansoňam zähresi ýarylan ýaly
ýürekýargynç gygyryp başlaýança azap çekip, garaşdy, edil ukudaky ýaly birsydyrgyn dem alyp, oýa
ýatdy.
27.
“Sypaýyçylyk bilen ejeme Akmyrat daýymlar gelibersin, men razy diýäýsem, bolmazmy?” diýen pikir
Suraýa al salyp ugrady.
Ejesiniň aýdyşyna görä, Akmyrat daýysy iň bolmanda ýene bir gezek geler. Eger Suraý göwnese,
Ogulgülem uzak tykyrap durmasa gerek. Kakas-a baýaky. Bular ýaly meselede Amanýaz jylawy gepgürrüňsiz Ogulgüle berýär.
Eýsem-de bolsa, Akmyrat daýysynyň henize çenli şäher görmedik “gyzdanam gylykly” diýilýän sada
ogly Suraýyň aýbyny biler öýdýärmiň? Uzyn etekli görse, gyzaryp, ýüzüni ýerden galdyryp bilmeýän
utanjaň oglanyň ilkinji gijede Suraýyň müýnüni aňmaga üşügi ýetermi? Suraýyň ozalam bir güzere
inip, başga derýaň suwundan dadyp görendigini aňşyrmaga ukyplymyka? Eger aňaýsa, şol gün
kyýamat gopdy biläý. Eger aňar öýdýän bolsaň, onda beýle işe töwekgel bolma! Ýöne şo gije, diňe
ýekeje gije emelini tapyp, asgynjaň ýeriňi hile bilen örtüp bilseň, ömürylla-da bilmez. Emel gytmy?
Suraýyň ýagdaýyny bir-ä Jahan bilýär, birem Şalar. Jahan-a diline bekdir, bular ýaly meselede ondamunda ýaňrap, hata goýbermez. Şalaram edil häzir-ä türmede. Boşap gelensoňam akyly gözünde
bolar. Suraýyň kynlyk bilen ýola düşen arabasyny agdarmaga hyýal etmez. Aslynda Suraýy çoçgara
çolaşdyran Şalar dälmi? Bilse, uly biabraýçylygyň başyndan sowlanyna ol şükür etmeli. Gyza gytçylyk
barmy näme, Suraý bolmasa, ýene biri. Maňlaýyndakyny görer-dä.
Suraýam bu zatlary maňlaýyndan görmese, başga alajy ýok. Akmyrat daýysynyň ogly bilen geçirmeli
ilkinji gijesi oňa tümlükde däli derýaň üstünde gurlan insizje paýapyl bolup göründi. Yraň atyp duran
ol paýapyldan diňe mekru-al bilen geçmeli. Emeliň bolmasa, geçjegem bolup oturma, pikiriňe-de

“GONAMBAŞY”
Awtory: Kakamyrat Ataýew
getirme! Ýalňyşyňy ýaşyrmaga hiläň bolmasa, paýapyldan dikbaşşak kelemenläp gaýtjagyň ujy ýeke.
Emma abraý bilen o kenara özüňi ataňsoň, zowal ýok.
Ejesi aýtmyşlaýyn, Akmyrat daýylary guraýak, kemyrsgal, ertirligini elenip, öýlänligini ölüp
tapýarmyşlar. Olaryň öýünde ala-böle Suraýa bol-telki ýaşaýyş garaşyp duran däldir. Gelin bolup
baransoň, sülmüräp, uzak oturmaz. Meýdan işine gitmeli bolsa gerek. Otag diýdi, pagta ýygymy diýdi,
mal-garaň oty-çöpi... Eňibermelidir. Suraý: “Goýberen säwligimiň jebri şümükä?” diýdi.
Adam başy – daşdan gaty! Ol-a ýetde-gütde durmuş ekeni, başyna düşse, adam pahyr has agyr günüň
keşigini çekmäge-de döz gelýär. Suraýam kysmatyna kaýyl bolar. Ýöne şu şermende haly bilen nädip
daýylarynyň ýüzüne seredip biler? Keseki tohumdan dünýä inderjek çagasyny olara nä ýüzüne
görkezsin? Elbetde, olar öz gany gatyşmadyk bäbejige bigäne biriniň dahyllydygyny gümanam
etmezler. Söýerler, küşşüklärler. Ýagşydan-ýagşy at dakarlar. Emma Suraý neneňsi haýa bilen olaryň
begenjine şärik bolsun? Bi är boljak işigaýdan damarynda Şalaryň gany akýan çaga oglum ýa gyzym
diýen halaty Suraýyň ýüzi üýtgäp gyzarmazmy, bozarmazmy, tisginmezmi? Ýa soňlugy bilen öwrenişer
gidermi? Edip oturan pikirleri Suraýy gorkuzdy.
Ony ýadawlyk basdy. Usurgady. “Gyran degen, beýdip ýaşanymdan ölenim gowy dämi?” diýen pikir
masgaraçylykdan gutulmagyň başga bir ýoluny salgy berdi. Asyl görüp otursa, Suraýyň ýüzügara
bolmazygy üçin ýeke-täk ýol galan ekeni – bu dünýäň eşretinden geçmeli! Eşreti barmy diýsene
ýumrulmyş hazan alanyň?! Ýigrimi ýyl ýaşap, Suraý, heý, eşret diýilýän zady gördümi? Görjek bolsa,
şu çaka çenli görerdi. Mundan aňyrda hezillik bardyr öýtme. Görjegiň görgi bolar, çekjegiňem ezýet.
Sen bir bagty küle çöken bolduň! Seniň ornuň, biler bolsaň, ýeriň üstünde däl, ýeriň astynda! Seniň
ornuň hol kybladaky täze gonamçylykda! Täze gonamçylykda ilkinji bolup gabra girmek belki, saňa
nesip etjekdir. Mert durup, janyňa gyý, öl, şu gün ölübilseň, eglemezler, ertirden gijä galman,
tümmegiňi taýýar ederler. Eýse, ol bu pikirden gorkmady, gitdigiçe oňa maýyl boldy. Başa düşen
betbagtlykdan gutulmagyň ölümden gaýry ygtybarly usulyny görmedi. “Ölüp gutulsaň, kaýyl bol!”
diýdi.
Nädibem bolsa, kösenmän, jany gynaman öljek bolmaly. Suraý gulpagyny tasadyp ýören mahallary
Selim agaň Şasenem atly bir gyzy öz janyna kast edipdi. Şasenem daňdanyň ümüş-tamşynda üstünden
bir bedre nepýagy guýupdyr, ýogyn tanap bilen özüni köçäň ýakasynda dikilen tilagaja sarapdyr.
Soňam otluçöp ýakypdyr welin, gürpüldäp, wägirýän gyzyl oda öwrülipdir. Ýöne Şasenem bada
ölmedi, keselhanada üç günläp iňläp ýatdy, ezýet baryny çekip öldi.
Ýok, Suraýa beýle ölüm derkar däl. Onuň şindiki görýän görgüsi azmy?! Beýle işe baş goşubam ölüp
bilmän kakynyp, silkinip ýatjak bolsa, nä azary, ne derdi! Janyňdan ireniň çynmy, gulaç boýy ýüpden
sallan-da, tapyr-tupur asylyp öl! Jany artyk gynap nätjek, çala hyrk edersiň, demiň sogrular. Onsoň
senlik iş tamam. Onsoň sen bu dünýäň adamsy däl. Jesediňi gaýgy etme, soňraky işi yzyňda galjaklar
eder.
Bassyrmada kakasynyň goýun soýan wagty ulanýan ýüpi bolmaly. Amanýaz saösar ol ýüp bilen damak
çalmazdan öňinçä goýny güýlerdi, soňam agaçdan asardy. Goýny göteren ýüp Suraýy hem göterer.
Suraý ejizlemese, ýüp ejizlemez. Ýöne haçan, näwagt ölmeli? Onsoňam nireden asylyp öljek? Ana,
şulaň bellisini etmeli.
Wagty anyk. Daň atmazynyň öň ýany tüýs ölüm pillesi. Hiç kim päsgel bermez. Suraý mal ýatagyny
amatly saýdy. Goýun agylynyň üstüne atylan pürsleriň birinden ýüpi aýlap geçirse, aýagynyň aşagyna
bedräni düňderip goýsa, ýüpden boýnuny geçirensoňam, bedräni aýagy bilen depip goýberse...
Suraý ýüpden asylan jesediniň hallan atyp duran suratyny göz öňüne getirip, höwessiz geňirgendi.
Şular ýaly elhençligi oýuna getirmäge-de howatyr ederdi. Häzir bolsa, öz ölüminiň taslamasyny çyzyp
otyr. Masgaraçylykdan gutulmak üçin ol bialaç şu ýoly saýlady. Tohum-tijiniň abraýyny gaçyrmazlyk
üçin ajala gol bulaýar. Neneň edip, ol bu karara gelip bildi? Suraý: “Başga çäräm galmady” diýdi.
Daňa golaý ol aýgyt etdi. Sessiz ädim urup, juda seresaply daş çykdy. Gündizki gizläp goýan ýerinden
ýüpi çykaryp, ýaltaklap, mellegiň aýagujyndaky mal ýatagyna ýöredi. Bedräni almak üçin eglip durka

“GONAMBAŞY”
Awtory: Kakamyrat Ataýew
agyldaky dört sany goýun ör turup, tapyrdaşdylar. Garaňky burça dykylyp, aýak üstünde durdular-da,
ýokarky pürsden ýüp geçirjek bolýan aljyraňňy gyza seredişdiler.
Suraýyňky bolmady. Pürse eli ýetmän ber-başagaý bolup durka duldegşir goňşularynyň öýünden
çykan çirkin sese tisginip, endamy jümşüldäp gitdi. Poladyň gelni Ýazbibi yzyny üzmän, möňňürip
aglaýardy.
Kimdir biri häliden bäri özüni sessiz synlap duran ýaly, Suraý aljyrady, gyssandy. Ýazbibiň sesine il
örmänkä ýüpi gapdaldaky bedäň astyna oklady-da, bedräni alan ýerinde goýdy. Howlukmaç işige
ýöneldi. Daş işikde ejesi pete-pet gelip:
-Nireden çykdyň, gyz? Bi goh näme? – diýdi.
-Bilmedim. Ýazbibiň sesi öz-ä. Tas ýüregim ýarylypdy.
Ogulgül böwrüne doňuz diňini salyp, biraz diňşirgenip duransoň:
-Wah-eý, Ýazbibiň bäbejigi üýgäýipdir öýdýän – diýdi.
-Wah-eý! – diýip, Suraýam gynandy.
-Bar, gyz, beýdip digdenekläp durma-da, suw iç, gorkansyň! – diýip, Ogulgül bimahal ses çykan tarapa
gidip barýarka Suraýa tabşyrdy.
28.
Süňňüne duýdansyz aralaşan mejalsyzlyk Sähedi tapdan düşürdi. Biliniň, dyzynyň kuwwaty äşgär
kemeldi. Ysgyn-deramatdan aýryldy. Ol ilki muny argynlykdyr öýtdi. Uzakly gün ýatyp, bedenine dynç
berse-de, öňki mydarasany tapmady. Onsoň munuň sebäbini bagryna ýolugan näbelli dertden gördi.
Garnynyň sag tarapynda çişiň köpelmegi onuň ynjalygyny elinden aldy. Sähedi ähli gazanjyndan
goýdy. Ol iki günläp bazara gitmedi. Zeýnebiň getireninden göwünli-göwünsiz iýip, bihuda ýatdy.
Üçünji gün Zeýnepden çakyr sargap getirtdi. Zeýnebiň iňirdisine ýanap, çakyrdan iki käsäni huruşsyz
jyňkydansoň, biraz başy aýlandy, ýüregi bulandy. Çakyr onuň güýji egsilen bedenine birjigem gujur
goşmady. Onsoň garnynyň çişini eli bilen sypalap, zoraýakdan dikeldi-de, igenji, zeýrenji garymgatym edip oturan Zeýnebi köşeşdirmek isledi.
-Ynha, birki günden işe başlaryn, onsoň elimiz giňär – diýip, ol öz ynanmaýan zadyny aýtdy.
Iki gün bäri göwnüni şübhä basdyryp oturan Zeýnep:
-Giňärmikä? – diýdi.
-Gitjek ýeri nire? Men, näme, gazy gazyp, ýer depmek aladam ýog-a. Bazara girip, gün içinde üç sagat
oturybilsem, ikimize şundan ýetýär – diýip, Sähet süýem barmagy bilen bokurdagynyň tümmi ýerini
syhap görkezdi.
-Hawa-la. Ýetýä-le. Sen özüňi oňarsaňam bolýar. Men pensiýam bilenem mydar edýän-ä.
Oýaly-ukuly kän salym ýatansoň, gijara Sähet:
-Mazary pul berip gazdyrýarlar öýdýän? Şeýlemi? – diýip, Zeýnebiň ýatsa-tursa kellesine gelmejek
gürrüňini tapdy.
Zeýnep oýurganyp:
-Hawa – diýdi. – Az-küşem däl. Eslije tölemelimiş.
-Öňki ärsumagyň ölende sen pul berip gazdyrdyňmy?
Zeýnep geçmişi ýatlap, gussa bilen:
-Ony hossarlary ýygnady – diýdi. – Ýöne öten ýyl aşaky goňşyň ogly ölende tölediler. Ýörite
hakynatutma mazar gazýanlar barmyş. Muny nämüçin soradyň? Ölen barmy?
“Öljek bolýan bar” diýip Sähet içini gepletdi. Daşyndan:
-Birden öläýsem, meň mazarym üçinem pul tölemeli bolar. Şo ýadyma düşdi. Zeýnep, men uzak
ýaşaryn öýdemok – diýdi.
-Gorkma, ölesiň ýok.
-Gorkamok-la – diýip, Sähet ýalan sözledi.
-Ýaşasyň gelýän bolsa, içgiňi goý, içgiňi! – diýip, Zeýnep talabedijilikli ýüzlendi.

“GONAMBAŞY”
Awtory: Kakamyrat Ataýew
-Bilip bolmaz, Zeýnep, bardy-geldi öläýsem, meni öz obamda jaýlarlarmyka? Obada mazary mugt
gazýarlar.
-Gara-gaýgyň mazar gazýanyň hakymy?
-Diňe o däl. Elbetde, mugt bolsa gowy bolardy... Zeýnep, meni obada jaýlasalar gowy görjek.
Aktakyrda. Düşünýäňmi?
Zeýnep çynlakaý pikire çümüp, iň soňunda:
-Seň obada kimiň bar? Hiç hili hossarym ýok diýýädiň-ä.
-Hossarym-a ýok. Diňe ejemiň mazary bar. Meni tanaýan adam azdyr indi o ýerde-de.
-Kimiň öň öljegini bilýän ýok.
-Çeýnemeli çöpi tükenensoň, durjagam ýok. Meň çöpüm tükenip ýörendir indi. Men aňýan, Zeýnep.
-Hany, tüketsene, Sähet! Heý, şundanam bir gürrüň bolarmy? Gowy gürrüň et!
Ertesi Sähet ir oýandy. Jahan ýagtylmanka yra-dara ýerinden galdy. Düýnkiden galan ýarty çüýşe
çakyry howlukman başyna çekensoň, ümezläp duran gözlerini gyrpyjykladyp, bir zatlary ýadyna saljak
boldy.
Zeýnebiň:
-Gara daň bilen turşuňa içýäniň şo zährimar bolsa, ýetjek derejäňe ýetipsiň. Adam diýeniň ir bilen
gyzgynjak çaý içer, oduk-buduk çeýnär. Bi bolsa... – diýen hüňürdisine pitiwa etmän, diwaradan
ýapyşyp, birsellem aýak üstünde sessiz durdy. Eýlesine-beýlesine birki gezek düňderilensoň, ýorgany
başyna çümrüp, gaýtadan uky derýasyny boýlap ugran Zeýnebi çalasudur saýgardy-da:
-Şu gün hepdäň haýsy güni? – diýip sorady.
Zeýnep ýorgany serpip, öwhüldedi.
-Dynç güni – diýip jogap berdi.
-Dynç güni gowja gazanyp bolýar, sebäbi bazar ir örýär, adamam kän.
-Sen gidäýsem diýýäňmi? Içdiňem-ä?
-Gideýin, Zeýnep. Öýde eplenip ýatanym bilen nebsi agyryp, pul berjek ýok.
-Dogry aýdýaň, git! Juda ýaramasaň, biraz otur-da gaýdyber. Boş goýbermezler.
Sähet gitdi. Pyýadalady. Taksi saklamaga puly ýokdy. Ol çalt ýadady. On iki süňňüniň, esasan-da
aýaklarynyň ýaltalygy tutdy. Ädim urşy haýallady. Ýarym sagatda geçen ýoluny göz öňüne getirip,
başyny ýaýkady. Mejaly gaçsa-da, haly teňleşse-de, Sähet yza dönmedi. Hamana, güwläp duran
bazaryň bir gyrasyndan girse, egbar ýagdaýy düzeläýjek ýaly, öňe ümzük atdy. Aýagyny ýerden kynlyk
bilen göterdi, ädimini zordan ätdi. Gaýrat etdi.
Barybir Sähede bazara ýetmek başartmady. Demini almak üçin bir haýatyň düýbünde dyzyny epdi.
Diwara ýaplanyp oturyşyna ilki-hä zibilhana bolmasa-da, hapa-supadan dörän uly üýşmege seretdi.
Soňundanam “Zibil dökmek gadagan!” diýlip ýazylgy demir bölegine gözi kaklyşdy. Onsoň baýak
meýhanada çenden kän içeni sebäpli uzak gijäni şu ýerde, şu zibiliň içinde geçirenini ýadyna saldy.
“Içginem ýaşlyk göterýär öýdýän. Birmahallar nähili içýädim. Şo mahallar içip ýykylan ýerim
boldumyka?” diýip ol garjaşyk pikir etdi.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Gonambaşy - 9
  • Parts
  • Gonambaşy - 1
    Total number of words is 3775
    Total number of unique words is 2266
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gonambaşy - 2
    Total number of words is 3808
    Total number of unique words is 2343
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gonambaşy - 3
    Total number of words is 3809
    Total number of unique words is 2230
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gonambaşy - 4
    Total number of words is 3804
    Total number of unique words is 2336
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gonambaşy - 5
    Total number of words is 3774
    Total number of unique words is 2239
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    43.4 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gonambaşy - 6
    Total number of words is 3823
    Total number of unique words is 2265
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    50.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gonambaşy - 7
    Total number of words is 3840
    Total number of unique words is 2280
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gonambaşy - 8
    Total number of words is 3822
    Total number of unique words is 2329
    29.3 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    50.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gonambaşy - 9
    Total number of words is 2862
    Total number of unique words is 1809
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.