Latin

Gonambaşy - 3

Total number of words is 3809
Total number of unique words is 2230
30.9 of words are in the 2000 most common words
43.9 of words are in the 5000 most common words
49.8 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
demini alyp, başyny aşak salyp, külembike barmagyny dişläp, sust oturan Polada Ýazbibi diýen birini
tapyp getirip, höwür etdiler. Höwür etdiler-de, biraz eglenip, köwejekleşip, hersi öz ojagynyň aladasy
bilen sypba sypyrylyp gidiberdiler.
Polat bilen Ýazbibem täze maşgalanyň binýadyny tutup başlady. Bir-birine çak edişlerindenem gowy
düşünişdiler. Ýykylmazlyklary üçin söýenişdiler. Bir-birini ynjytmakdan gorkýandyklary üçin gatygaýrym diýişmediler. Gaty-gaýrym diýişmäge sebäbem ýokdy. Ownuk-uşak sebäpleri bolsa tüýs
wagtynda gelip ýetişen yşk muhabbeti ýuwup, ýaýardy, döremedik ýaly ederdi. Entek wysalyna
gowşup ýetişmedikleriň söýgüsinden tapawutlylykda ýaş çatynjalaryň kalbynda dörän yşk közi ejirsiz
bolýar. Üstesine-de, perzent höwesi olaryň alys ýola ugran arabasyna tekge berýär. Ýazbibi adam
çagasyny dünýä getirmäge sebäp bolmak üçin gün-günden gabarýardy. Buýsanç bilen gyzarýardy, ozal
başyndan geçirip görmedik süýjümtik hem nätanyş duýgularynyň uç-gyraksyz giň asmanynda pelpelleýärdi. Ganat ýaýýardy. Gyzyklydy. Hemme zat gül ýalydy. Dünýe düzüwdi. Bagt gülüp bakýardy.
Ynha, indem säher bilen goýun gözli bir gelin Poladyň ömrylla garaşmadyk, ýatanda-turanda oýuna
gelmedik ýürekbulanç gürrüňlerini tapyp geldi. Sähel salymda ulugyz ýaly ýuwaş, derýa ýaly giň, uly
aladasy, ünjüsi bolmadyk Polatdan galagoply, yzgytsyz, gözi gyzaryp, ýüzi agaran başga bir adamy
ýasap gitdi.
***
“Indi näme etmeli?” diýen sowal jylawsyz aty eýersiz münüp, Poladyň beýnisinde ula goýberilen ýaly,
ýüzin salyp ugrady. Beýnisini dar görüp, gan damarlarynda aýlandy. Her ýerden bir jogap tapyp, oňada kanagat etmän, atasynamy, babasynamy çeken damarlarynyň çydamyny ölçäp çykdy. Henize-bu
güne çenli nädibem bolsa oňşuk edip gelen paýhasy bilen döwdeş boldy, darkaş gurdy.
“Öldürmeli! Diňe öldürmeli! Bogup öldürmeli! Çapmaly! Asmaly! Nädibem bolsa, öldürmeli! Ýoguna
ýanmaly!” diýen gorkuly pikire ýesir düşdi.
Käte bir ýerden wehim ýetişip, Polada ertirki gün bolaýjak zatlary ýatlatdy:

“GONAMBAŞY”
Awtory: Kakamyrat Ataýew
“Soň nätjek? Bu zatlaň soňam-a bardyr. Özüňem-ä aman galdyrmazlar. Oňarypsyň, hak edipsiň, asyl
etmelisi şo diýmejekleri belli. Sülçi diýdi, türme diýdi, oglan başyňa pylança ýyl tussaglyk... Ganhor
adynam ömürboýy ýanyňda göterersiň. Bigünä halyňa soňsuz ezýeti neneň çekersiň?”
Ýöne Polat uçguryna gaýym däl zenan bilenem-ä bir ýassyga baş goşup bilmez.
“Onda, iň gowusy, aýrylyşmaly! Ganam gerek däl, pyçagam. Goh-galmagalsyz, ümsüm aýrylyş-da,
dyn. Kow! Ýeke günem saklama! Häziriň özünde düwünçegini düw-de, goşuny ýagyrnysyna daňyp,
ugradyp goýber. Ýok, ugradyp goýberme. Öýlerine eltip gaýt. Ene-atasyna ýagdaýyny aýt. “Anha,
gyzyňyz, maňa beýle heleý derkar däl, kime berseňiz, beriberiň, menden-ä talagyny aldy, goltugymda
ýylan saklap biljek däl” diý. Götinogry tutjak bolsalaram, sözüň gury däl, ýüzüne wazladyp basjak bar.
Hemmesini üýşüräge-de, meseläni Aý dogan ýaly et”.
Soň näme? Başga birine öýlenäýsinmi? Kime? Kim bolanda-da, öýüňe keýwanylyk etjek uzyn etekli
tapdyrman durmaz. Ýöne, ine, bi il-güne näme diýjek? Nirede näme gep-gürrüň barka diýip, heşelle
kakyp, tomaşa garaşyp ýatan adamlara näme diýmeli?
Bir-birinden kyn sowallara jogap agtaryp ýörkä Polat beýnisiniň bir künjünden akyl gürrüň tapdy:
“Dur entek. Gyssanma! Kowmaga her haçanam ýetişersiň. Hany, bi Ýazbibi näme diýýär? Sen ilki
onam bir diňläp gör-ä”.
Polat ony diňlese, diňlär welin, birden bu gürrüňler çyn bolup çykaga-da, aýby açylan Ýazbibem
ýüzüni sallap, sesini çykarman otursa, ana, şonda näme etmeli?
“Ondakyny onda görübiris” diýip, Polat ahyry paýhasa gulak asdy.
Öýe giren dessine ol Ýazbibini burça gabady. Hemle urmady. Sowukganly bolmaga çalyşdy.
-Düýn ejeňlerden geleňde kimiň maşynyna münüp gaýtdyň? – diýip, ol asuda sowal berdi.
Poladyň adaty bolmadyk çynlakaý gürrüňi, agras keşbi Ýazbibini geňirgendirdi. Ol sowala gönümel
jogap bermegiň ýerine:
-Ony nämüçin soraýaň? Näme boldy? – diýip sorady.
-Gerek. Düşünişmeli zat bar.
-Kireý edip ýören birini tutup gaýtdym.
-Kim ol?
-Goňşymyz. Sag tarap, duldegşir goňşymyz.
-Ady?
-Tanamaýaň ony. Jumadurdy.
-Hm-m, dogry... Onsoň?
-Näme onsoň?
-Näme gürrüň etdiňiz onsoň? Ýolda? Gelýärkäňiz?
Ýazbibi ýakasyny tutdy.
-Toba! Hiç zat. Näme gürrüň etmeli?
Dogrudanam, olar näme gürrüň edip biler? Eger hälkije gelniň diýýänleri çyn bolsa, elbetde, olaryň
döwletli gürrüň etmejekdikleri düşnükli. Ýuwan sözler, suwjuk samahyllamalar, çylkasyz gülkiler,
nakys hereketler... Polat Ýazbibiniň bigäne erkek kişi bilen ulagyň içinde ýeňles, süwümsiz gürleşip
oturan keşbini göz öňüne getirjek bolup kösendi.
-Ýolboýy agzyňyza suw alan ýaly, gürleşmän-zat etmän gaýtdyňyzmy?
-Gyýw, kim näme diýdi saňa?
-Ýazbibi! Gepi başga tarapa sowma! Göniňden gel-de, näme gürrüň edeniňizi aýt maňa.
Ýazbibi ýadyna saljak boldy.
-Üýtgeşik gürrüň etmedik. Hal-ahwal soraşdyk. Dymyp oturmazlyk üçin ol-bi ownuk-uşak gürrüňler...
-Hm-m, dogry... – diýip, Polat köpmanyly dymdy.
Ýazbibi ýagdaýy aňdy. Kimem bolsa biri Polady gepden doýrupdyr. Ol nämedir bir zatlar
diýmelidigine, diňe soralan zada jogap berip otursa, agyr ýüküň boýnuna galyp barýandygyna
düşündi. Eýse, garşylyklaýyn hüjüme geçibermedi, kanagat etdi, biraz garaşaýyn diýdi.

“GONAMBAŞY”
Awtory: Kakamyrat Ataýew
-Onda düýn şoň maşynyna münüp gaýdanyň çyn-da?
Polat Jumadurdynyň adyny tutmagy ýokuş görýän eken. Ýazbibi muny aýal duýgurlygy bilen şu wagt
aňdy.
-Hawa, çyn, hä, münmeli dälmi? – diýip ol Poladyň özüne sorag berdi.
Hawa ýa ýok diýip jogap bermegiň ýerine Polat hetjikläp öňki soragyny gaýtalady:
-Onda sen şoň bilen gaýdanyňy doly boýnuňa alýaň-da?
Ýazbibi geňirgenme gatyşykly ätiýaç bilen:
-Hawa – diýdi. – Münüp gaýtdym. Öýüň gabadynda-da düşüp galdym. Kireýinem töledim.
-Aldymy onsoň? Kireý puluny aldymy?
-Hawa aldy. Kireýkeş puldan ýüz sowar öýdýärmiň? – diýip, Ýazbibi parahat gürrüň etdi.
-Nememi, özi pylança pul ber diýdimi? Kireýiňi töle diýdimi?
-Diýenok. Özüm berdim. Mugt getirmejegi belli.
-Puluň gerek däl, düşüber-zat diýmedimi?
-Ýo-ok.
“Ýalan sözleýär. Kireý beren däldir. Berjek bolsa-da, ol alan däldir” diýip, Polat güman etdi. Islemeýän
hem bolsa, ýalan sözi tassyk edýän alamaty gözläp, Ýazbibiniň ýüzüne-gözüne içgin syn etdi. Degerli
alamat görmedi.
-Polat! Men hakda kimiň näme diýenini aýt. Asmandan alyp, toslama aýtmaýanyňy bilýän. Düşündir,
men düşünemok.
-Düşünip aňyrsyna geçýäň sen. Düşünmezmiň? Meni gepletjek bolma.
Ýazbibi näme diýende gowy boljagyny bilmän, dymdy.
“Hälkije gelniň otly köýnek geýip, gübür-gübür tutaşmasynyň jany bar ekeni. Ine, şol Jumadurdy
diýilýän haramzadanyň ulagyna münüp gelenini öz dili bilen aýdyp otyr. Çyn ekeni” diýip Polat
oýlandy. Ol Ýazbibiniň Jumadurdy bilen halaşanyna şübhe etmedi. Her hal magadyna ýeteýin diýdi,
şeýtmese, ynjalmajagyny bildi. Ýöne nädip? Ýazbibi dogrusyny aýdar öýdýärmiň? Aýtsa, aýtmasa,
soraman, bilmän, meselä nokat goýup bolmaz.
Polat şu meseläni gozgamagyň ebeteýini tapmady. Has dogrusy, ýaýdandy. Heder etdi. Nikaly
ýanýoldaşynyň geçmişde kimdir biri bilen uly ile metgi bolup, söýüşendigi barada soramak üçin
Ýazbibiden utanmady, çekinmedi, eýse, ony “hawa söýüşdim” diýiläýmegi ähtimal jogabyň gorkusy
basdy.
Ol Ýazbibiniň:
-Etegiňde biderek daş göterip ýörme-de, aýdaý, Polat! – diýen galagoply sesine aýňaldy.
Ahyry aýgyt etdi:
-Aýtsam, şo düýnki bilen araň bar ekeni. Men ony bildim. Aýtdylar. Gyz mahalyň şoň bilen söýüşeniňe
çenli aýtdylar. Ýalanam bolsa, aýt!
Ýazbibi elini agzyna ýetirip, içini çekdi.
-Ýalan! – diýdi.
Ýalan bolsa, elbetde, Poladyň jany aram tapjak. Ýöne edil şu wagt Ýazbibi hudaýlygyny sözledimi?
Bolmanda-da ol Poladyň göni iki bäbenegine seredip: “Hawa, çyn şol-a!” diýäýmez. Ýa diýermi?
Diýmez, diýmez. Het edip bilmez. Häliden bäri kä ýerde, kä ýerde özüniň bardygyny duýduryp ýatan
müňkürlik damary hem üstünden akýan ganyň tizligini artdyryp, Poladyň garjaşyk beýnisinde bu
pikiri tassyklady.
-Ýalan bolsa, onda bu gürrüňler nireden çykdy? – diýip, ol Ýazbibiniň esasan ýüzüne dikarynlap,
gaýta-gaýta seretdi. Şeýdip, onuň ýüzünden hakykaty okasy geldi.
-Toba! Men näbileýin nireden çykanyny. Sen tapyp geldiň bu gürrüňi. Sen bilmeli.
-Ýazbibi! Samsyklyga salma, eşidýäňmi? Ugrunda bolmasa, gürrüň ýaýramaz. Kime gerek bi gürrüň?
Sen maňa dogryňy aýt!
Hamana, bu gürrüňler il arasynda ýaýrap, iki adamyň başy çatylan ýerde özi barada ýakymsyz,

“GONAMBAŞY”
Awtory: Kakamyrat Ataýew
masgaraçylykly gürrüňler edilýän ýaly, Ýazbibi agyr aladanyň astynda galdy. Nähak ýere ynjydylyp,
kemsidilen çaganyňky ýaly duýgular peýda bolup, onuň zenan ejizliginiň çydamyna agram berdi. Tap
getirip bilmän, gözüne ýaş aýlady. Ol eýýämhaçan dolup, balkyldaýan owasyny sylman:
-Myjabat! – diýip janyýangynly gygyrdy. - Şul aýdýanlaň hemmesem töhmet! Seň şu zatlara ynanyp
ýörşüňe içim tüteýär.
Ýazbibi aglan mahaly owadan bolýar ekeni. Onuň gözýaşyny ilkinji gezek görýänligi üçin Polat muny
şu wagt bildi. Mundan öň ol aýallaryň agysynda nämüçindir köplenç şermendelik görýärdi. Käbir
aýallaryň agyny üstüne abanan howpdan sypmak, sowulmak üçin ulanýan pirimidir öýderdi.
Garşysynda duranyň asgynlygyny duýanda köplenç adamyň ýüregine ýumşaklyk inýär, dözümsiz
bolýar. Meger, aýal diýlen jemende şol ýumşaklykdan, dözümsizlikden peýdalanmak üçin al
salýandyr, hilä ýüz urýandyr. Häzir Polat Ýazbibiniň gözýaşyndan hile, pirim gözledi. Tapmady. “Şoň
üçinem ol owadan görünýändir” diýip pikir etdi. Şoň üçinem ol aýal diýlen jynsa oňly
düşünmeýändigine akyl ýetirdi.
Poladyň Ýazbibä ynanasy geldi. Kim ýalan sözlese-de, näme al salsa-da, gözýaş çyndyr, arassadyr.
Ýöne şol gözýaşyň özi ýasama däldir-dä hernä? Içine girip-çykaýmasaň, bu millete düşünmek çetin.
Seň göwnüň muny düýn duluňa geçirip, bu günem tanaýsam diýýändir. Ýo-ok, tanaýmarsyň,
ömürboýy bir ýassyga baş goşup, tanabiljegiňem gümana. Hususan-da şular ýaly meselede. Bularyň
ýüz-müň sany hilesi, sapalagy bar. Şeýtanam şulardan sapak alýarmyş. Polat özüni aýal mekirligine
gurban bolup barýan aw saýdy. Hopukjak boldy. Onsoň ol esasy urgy hökmünde Ýazbibä şu sözleri
diýdi:
-Sen şu wagt aglan bolýansyň. Aglap gutulaýaryn öýdýänsiň. Ýöne bolşuň şu bolsa ömürboýy aglarsyň.
Gözüň agydan başga zady görmez. Gözüň gurar, gözýaşyň gutarar, ýöne agyň tükenmez.
Polat özüniň asudalygyna geň galdy. Şeýle parahat hem çynlakaý äheňinden özi gorkdy.
-Bolşum nähili, aýt ahyry, aýt.
-Seň bolşuň menem, özüňem diri ýakjaga meňzeýär.
-Indi sen maňa ynanman, ile ynanýaňmy? – diýip, Ýazbibi agy arasynda Polatdan sorady.
-Ýazbibi, şumjarma, eşidýäňmi, şumjarma! Maňa gelmeziňden öň şoň bilen araňda näme bolan bolsa,
gizleme, aýt. Meni köseme, özüňem kösenme.
-Nämäni aýdaýyn men? Özümden toslap tapaýynmy? Bolmadyk zady boldy diýip, ýalan sözläýinmi?
-Hudaýlygyňy aýt!
-Aýtdym-a ýaňy, ýalan şo eşiden zadyň. Kimem bolsa biri ikimiziň günümizi bulamak üçin ýüregiňi
çişiripdir.
-Günümizi bulap, ýüregimi çişirip... – diýdi-de, Polat hapa sögündi. – Nämä gerek, kime gerek? Oňa
peýdasy näme?
-Kim şol?
-Kim bolanda näme?
-Onda men näme edeýin? Çörekden ant içeýinmi? Ynanjakmy şonda?
Ine, saňa şert! Çörekden ant içjek diýýär. Näme jogap berersiň? Eger ant iç diýseň, içer, onsoň
ynanmaly bolarsyň, Ýazbibiň arassalygyny boýnuňa almaly. “Ýok, ant içip oturma! Barybir ynanamok”
diýseňem, yrsaradygyň bolmazmy? Polat näderini bilmän durka Ýazbibi garnyny gujaklap, ýerinden
galdy-da, äriniň küýüne-köçesine gelmejek başga gürrüň tapdy:
-Ine, şü göwrämdäki çagamdan ant içsem, ynjalarmyň? Ýedi aýlyk çagamdan geçýän diýsem, şonda
ýüregiň ýerine gelermi?
Ynjalarmyka? Ynjalmasa gerek. Barybir antly gürrüň Poladyň badyny aldy. Onuň öňünde “Hany, indi
bulaň haýsyna ynanmaly? Hälki dogumlyja gelnemi ýa gaşyňda ýarym ýaş bolup, heniz dünýä
gelmedik perzendinden ant içjek bolup duran Ýazbibä?” diýen anyk sowal keserdi. Bulaň haýsam
bolsa bir-ä ýalan sözleýär, beýlekisem dogrusyny aýdýar. Ýöne haýsynyňky dogry? Kimiňki ýalan?
Hakykat nirede?

“GONAMBAŞY”
Awtory: Kakamyrat Ataýew
-Bolýa, bar seňki dogry, saňa ynandym diýeli. Ýöne sen pikir edip gör, şu gürrüňi maňa ýetireniň
maksady näme? – diýip, Polat antly meseleden sowulmak niýeti bilen köne heňine tutdurdy.
Ýazbibi agysyny goýdy.
-Polat, kim tapanam bolsa, şo gürrüň dereksiz. Meni şoň bilen ýüzleşdir! Ýüzleşdirip bilermiň?
Poladyň başy çaşyp ugrady. Şol bir wagtyň özünde-de Ýazbibiniň sözlerinden az-kem kanagat tapdy.
Nätanyş gelniň: “Ýör, görkez şo heleýi, wazladyp, ýüzüne basaýyn!” diýip, çişip duran gaharly keşbi
gözüniň öňünden üç hatar geçip gitdi. Ol hyýalynda nätanyş gelin bilen Ýazbibini ýüzbe-ýüz oturdyp:
“Hany, ýüzleşiň, ýüzleşýän bolsaňyz!” diýdi. Gelin ýöwsellik etmedi, içikdiriji sözleri suňşuryp, hapa
baryny dökdi. Ýazbibem pes oturmady. Siňekden goranýan ýaly ellerini daldalap töhmet diýdi, subut
et diýdi. Bularyň ýüzleşmesi gitdigiçe dartgynlaşyp, ahyry saçýolda baryp ýetdi. Nätanyş gelniň gepisözem, hereketlerem rüstem göründi. Ol garşydaşynyň aman-zamanyny bermän, düýt-müýt edip
barýar. Ýazbibiniň döwüniň pesligi kesesinden görnetin. Şonda-da ol aman dilänok, dyrjaşýar,
garşylyk görkezýär, gapdaldan biri gelip, kömek etse kem görmeýän ýaly. Polat goşulanok, ajymtyk
ýylgyryp, bularyň darkaşyna tomaşa edýär.
Hyýaly söweş soňlanman galdy. Poladyň jübi telefony jyňňyrdady. Başlyk jaň edýän ekeni. Telefony
alyp, gürleşdi. Başlygy ynjalman, habar tutaýyn diýipdir. Polat ýalan bilen çyny garyp, lukmanyň
ýazyp beren dermanyny içýändigini, ýagdaýynyň gowulaşýandygyny, ertir işe çykjakdygyny aýdyp,
telefony goýdy. Birsellem dymdy. Höwessiz sorag berdi:
-Onda şol Jumadurdy diýilýän bilen öňde-soňda araňyzda hiç hili gep-gürrüň, eýle-beýle bolmadymy?
Ine, şu sowala jogap bermek üçin Ýazbibi görnetin kürtdürdi. Polat muny bada-bat duýdy-da,
Ýazbibiniň ýalan sözläýmeginden ätiýaç edip, dessine:
-Gizleme, hiç zady gizlemän, göniňden gel! – diýdi.
-Indi häzir dogrymy aýtsam, sen maňa ynanarmykaň, Polat? Ynanmarsyň.
-Ynansam-ynanmasam, sen maňa dogryňy aýt.
Ýazbibi ýaýdandy. Galpyldysy artdy.
-Jumadurdy maňa birki gezek lak atdy.
-Haçan?
-Mekdebi gutaraýan uçurlarymyz.
-Onsoň?
-Birki gezek lak atdy. Menem içinden çykmaz ýaly edip, sögdüm. Näme diýip jabjynanym ýadyma
düşenok, ýöne erbet ýüzüni aldym. Şondan soňam girsem-çyksam, ýiti-ýiti seretmesini goýmady. Ýüz
bermedim. Ýigrenýänimi bilsin diýip, gaharly hüňürdedim. Adamyň ýüzüne dogrulyp, seni ýigrenýän
diýip bolanog-a. Şoň üçin her gezek gabat gelende ýüzümi kürşertdim. Onsoň menden gowy söz
eşitmejegini ýuwaş-ýuwaş bilendir-dä, tamasyny tala daňdy. Gaýdyp golaýyma gelmedi. Meni görse,
sowlup geçdi.
Polat Ýazbibä şübheli garap:
-Başga bolan zat ýokmy? – diýip sorady.
-Juk...
-Onda nämüçin oň maşynyna mündüň? Başga kireý edýän ýokmy? Ala-böle şony tutup gaýtmaňda...
Ýazbibi Poladyň sözüni soňlaryna garaşmady:
-Jan dogan, şo zatlar meň kelläme-de gelenok. Şu wagt şu gürrüň çykansoň, ýadyma düşýär. Kireýkeş
gyrylmandyr. Kän. Ýola çykybam gaýdyp bilýän. Ejem kösenip ýola çykma diýip, şony görüp geldi.
Men näbileýin bi gürrüňleriň çykjagyny.
Polat muňa kes-kelläm ynanmady.
-Goýsana, how, erteki otarmaňy! Näme meň maňlaýyma samsyk diýlip ýazylypmy?
-Polat, ursaňam, öldürseňem, ynansaňam, ynanmasaňam, bar bolan zat şo.
Adam käte öz daýanç nokadyny berkitmek maksadyna eýerýär-de, durmuş ýörelgesininiň
hanjakdygyny beýlekilere hem aýyl-saýyl görkezmek üçin melgun göçgünliligine bendi bolýar, şeýle

“GONAMBAŞY”
Awtory: Kakamyrat Ataýew
pursatlarda ol diýmesiz zatlary hem ýaýdanmazdan-zat etmezden, ýeňillik bilen diline getirýär,
göwnüniň islemedigini edip goýberýär. Polat bilniksiz albaýa düşdi, säwlik etdi, özüniňem
garaşmadyk gürrüňini aýtdy:
-Oň üçin urup-sögüp oturman. Kowar goýbärin. Kime heleý bolsaň, şoňa bol. Maňa-ha gerek zadyň
ýok.
Ýazbibem beýle gürrüňe garaşman ekeni. Ol aňk bolup birhowa dymdy. Dagy näderini bilmän
aglamjyrady.
-Onsoň o ýerýuwdanyň süýkenmesine men günäkärmi? Men näme etmeli onda o şeýtse?
-Maňa bildirenok seň näme etmelidigiň. Nätseň, şeýt. Maňa sen tetelli heleý gerek däl.
Polat gazap atyna atlananyny aňdy. Yza tesmejegini bildi.
Ýazbibi aýgytly gepledi:
-Sen yrsaraýaň, Polat, şu wagt, bilýäňmi?
-Şu öýden gerek zadyňy alyp, gidip bilýäňmi ýa özüm çykaraýynmy?
-Gidip bilýän – diýip, Ýazbibi hem gaharly äheňe geçdi. – Dur diýseňem, durjak däl.
-Onda gözümiň öňünden çaltrak üýtge!
Äriniň hökümli gepine biperwaý garaýan sypatda Ýazbibi ýuwaş deprendi. Sesini çykarman, sandygy
dörüşdirip, düwünçegini düwdi. Polat sözüni yzyna gaýdyp alar, ýaňky diýenlerini hem gaharyna
aýdandygyny boýnuna alar, bagyşla diýer diýen umyda maýyl bolan ýaly eglendi. Aýasy bilen
gözýaşyny sylyp, haýal gozgandy. Ysgynsyz hassa kimin ýüzüni aşak salyp, gowuşgynsyz ädim urdy.
Gapydan ok ýaly atylyp çykmady, işigi wawwasy bar ýaly emaý bilen ýapdy. Şeýdibem gitdi.
7.
Jüwlüksiz bolmaýşy ýaly, bazar gedaýsyz hem oňmaýar.
Sähediň dilegçilik etmek üçin çöken ýerinde orta ýaşlaryndaky bir golak gedaý bilen kellesi saňňyldap,
elleri üznüksiz sandyrap duran akyly şikesli ýigdekçe oturýan ekeni. Ol maýyp ýigdekçe-hä bir ýerde
kän durubam bilmeýän ekeni, biraz durup, özbaşyna samyrdap, aýagynyň äden ugruna gidiberýär.
Esli mahaldan aýlanyp gelip, biraz eglenip, ýene bir ýerlere ugraýar. Ol gezme gedaý ekeni.
Golak welin barypýatan görip bolup çykdy. Içigara, dünýäni bir özüm tutaýsam diýýän hannas ekeni.
Ol şu uly bazaryň mähellesiniň berýän ownuk pullaryny gysgandy. Gedaýçylyk bir özüne degişli ýaly,
Sähediň sen-men ýok, gelip dilegçilik edip başlabermesine erbet boldy. Içi tütedi. Ýalynsyz ýandy.
Sähet ony bada-bat duýsa-da, pisint etmedi.
Golagyň sabyr-kanagaty tükenip, bolmajysy boldy. Ol penjeginiň boş ýeňini galgadyp gelşine Sähede
hemle atdy:
-E-eý, tur bärden! Git, başga ýerde otur! Bu ýerde men oturýan!
Sähet golaga çala nazar aýlady-da, onuň ýöwselligini ýüzünden okady. Ýöne diýýämiňem diýmedi.
-Meň yrsgyma dawa etme! Saňa diýýän, eý, gatan gurbakga! Eşdeňokmy? – diýip, golak azm urdy.
Gatan gurbakga diýip, eýýäm lakam hem ýelmäp ýetişdi. Sähet şonda-da sesini çykarmady.
Onsoň garaw görerin öýden däldir-dä, golak golaý süýşüp, onuň böwrüne hütledip depdi.
-Tur! Saňa diýýän, tur! – diýdi.
Sähet turmady. Oturan ýerinden çala gozganyp, golagyň aýagyndan çalyp tutdy-da, bar güýji bilen
dyzap siltedi. Golak göwresini saklap bilmedi. Ýykyldy. Agzy gum garbady. Ol ýatan ýerinden:
-Kömek ediň! Urýalar! Men inwalid! – diýip gygyrdy.
Kimdir biri golagy aýak üstüne galdyrdy. Bir wäşi adam degşip:
-Häýt! Çüşş! Ýuwaşrak boluň! Uruşsaňyz, polisýa aýdaryn – diýdi.
Başga biri:
-Iki gedaý uruşýan bolsa, diňe meslikdendir. Bulara gowja düşýär. Göterinip bilenoklar – diýip,
gaharlandy.
Sähet bu adama içinden hapa sögündi. “Meslik bilen görübilmezçiligiň parhyny bilmeýän haramzada”

“GONAMBAŞY”
Awtory: Kakamyrat Ataýew
diýdi.
Adamlar gülümsireşip, kinaýa bilen ýomak atyşyp, perwaýsyz geçip gitdiler.
Bazarçy aýallaryň biri söwdasyny goýup, bulara seredip duran ekeni.
-Indi şu uly bazary iki bolup paýlaşyp bileňzokmy? Eşek satyp, ýer alan ýaly hamana – diýip, ol esasan
golak gedaýa igendi.
Golak ýagdaýa düşündi. Soň dyzap durmady. Ýeke eli bilen üst-başynyň tot-tozanyny kakyşdyryp, hol
beýleräge geçdi.
-Maýyp adama rehim ediň! Ýarty adama sadaka beriň! Aýdan-diýeniňiz kabul bolsun! Döwletiňiz
artsyn! – diýip, gedaýçylyk etmäge durdy.
Ahyrbazara ýakyn golak gedaý gaýtmakçy boldy. Ol Sähediň kän bir golaýyna gelmän:
-Ýaşuly! – diýip haýbat atdy. – Ýaşuly! Hälkije edenjäň üçin jogap bermeli borsuň.
Sähet munuň üçin darygyp, çekinip durmady.
-Kime jogap bermeli? – diýdi.
-Jogap soranlarynda bilersiň kimedigini.
-Hawa? Indi?
-Men inwalid. Sen inwalid adamy urduň. Bilýäňmi şony?
-Urub-a uramok. Ýöne uruldym diýip hasap edýän bolsaň, bar, şol ekeni-dä. Onsoň?
-Ýaşuly, meň arkamda hökümet dur. Bilýäňmi seni näderler?
-Näderler?
-Türmede çüýrederler.
-Onsoň?
-Önsöňň! – diýip, golak Sähediň agzyna öýkündi. – Türmäň nämedigini bileňok sen. Men ýaly maýyby
uranyň üçin o taýda nädýänlerini bilsediň!
Golak bir zatlary göz öňüne getirip, gözlerini ýumdy, hyrçyny dişläp arman bilen başyny ýaýkady.
Sähet içinden: “He-eý, golak bedibagt! Türmäň nämedigini bilmeýän boldummy indi? Iki heleýi urup,
seň o diýýän ýeriňde ýigrimi ýyldanam kän oturdym. Zeleli ýok, gaty gitse, sen üçünji boljak ekeniňdä. Seňem heleýden üýtgeşikligiň ýok ýaly. Erkek eşikli heleý! Golak heleý!” diýip pikir etdi. Daşyndan
başga zat diýdi:
-Onda nämüçin dursuň? Bar hökümede aýt-da, basdyr.
-Basdyraryn. Näme basdyrman?! – diýip, golak gylaw aldy.
-Basdyryp bilmersiň.
-Basdyraryn. Çüýrederin.
-Başarmarsyň!
-Başararyn. Öň-ä birini basdyrypdym – diýip, golak öwündi.
Sähet “Ýalan sözleýär” diýdi. Ynanmady. Dem salym dymyp:
-Ýagşam bir iş edipsiň! – diýip kinaýaly hüňürdedi. Soň agras, çynlakaý keşbe girdi-de:
-Ýöne, han ogul, seni urmag-a däl, öldüräýsemem, meni basmazlar. Oň üçin ýasy ýanyňy ýere taşlada, ýaman arkaýyn bol! – diýdi.
Sähet şuny şeýle bir arkaýyn sypata girip aýtdy welin, golak birgeňsi gorky bilen üşeriliberdi. Sussy
basylyp, gürrüňdeşine soragly seretdi.
-Sebäbi meň däli hatym bar – diýip, Sähet ýalan sözledi.
-Bolanda näme?
-He-eý, jüýje, dälileri türmä basanoklar. Bileňokmy şony? Etjek zatlary, birki hepde dälihanada
ýatyrýarlar.
-Onsoň sen näme, dä-däli diýip näme, öňüňden çy-çykany nemedibermeli, u-urubermelimi? – diýip,
golak sakawlady.
-Öňümden çykany uruberemok. Ýöne göwnüme degeni – Sähet süýem barmagyny bogazyna süýkedi.
– Pyhk edip goýbermäge-de hakym bar.

“GONAMBAŞY”
Awtory: Kakamyrat Ataýew
Golagyň hezili gaçdy.
-Göräýeris. Däli bolaňda nä, edeniňi edibermelimi, hm-m, dälinem gördük, dolynam. Men şu bazarda
ýedi ýyl bäri oturýan. Elimi aldyralym bäri oturýan. Beýle sen bu günki gün däli bolup, şahyňy bulap,
hojaýynlyk satyp... Şahyňa kakjak ýokdur öýdýäňmi? Gerek bolsa, şahyňy döwäýmezlermi? Öňem sen
ýaly gatan gurbakgaň biri meň ýerimi eýelejek bolup, şermendelik edipdi şu ýerde. Yzyna seretmän,
baý, gaty gaçandyr-a! Gaçar ýaly etdim-dä. Şolam ilki herrelen bolupdy. Şoňam özüne göwni ýetýädi.
Sen şondan artykdyryn öýdýäňmi özüňe? Kim-ow sen? Hä, kimdirin öýdýäň özüňe? Bolaňda näme
däli? Däli bolsaň, özüň üçin däli. Bildirýän ýeri ýok – diýip, ol gidibem bilmän, golaýa-da gelibilmän,
esli aralykda durup hüňür-hüňür etdi. Soň geçip barýan biriniň uzadan ownuk puluny jübüsine salyp,
Sähede-de eşitdirip, uzyn-uzyn dileg etdi. Alkyş okady. Kän eglenmän, Sähediň ýanyndan daşlaşmak
bilen boldy.
8.
Ynha, indi bi görgüsi ýaman Suraý näme etmeli?
Şalar-a türmede ýatyr. Ol “Soňun saýan batyr bolmaz” diýen ýörelgäni ýalňyş ulandy. Badyhowalygyň
we kelesaňlygyň az salymlyk lezzeti oňa arzan düşmedi. Ömrüniň ne gözel çaglaryny, ýaşlygynyň güýje
girip, gujur toplaýan ýyllaryny dar kapasada ahmyra-armana öwürmeli boldy.
Şalara ýyl kesilýänçä Suraý urunyp, ot-elek boldy. Ukusy gaçdy, işdäsi kemeldi. Gül meňzi soldy.
Başyny gara-gara oý-pikirler hekem edindi. Içki hesretini gözýaşa öwrüp, tenha özi içigip-içigip
aglady. “Eý, Hudaý jan! Şalar bilen deň bolma! Ony özüň gora! Şalary türmä basmasynlar, ony
basylmaz ýaly et, Alla jan! Şu gezek ony gora, ýekeje gezek gora! Soň men onuň elini kişä uzamaz ýaly
ederin. Men saňa söz berýän, Alla jan! Ol indi gaýtalamaz” diýip, özelenip-özelenip Hudaýa ýalbardy.
Şu başagaýlykda, nireden kellesine geleni belli däl, ol palça-da gidip geldi.
Birki ýyllykda goňşy obada palçy aýal döräpmiş diýdiler. Hakyt suratyna seredip, adamyň geçmişini,
geljegini edil ýanynda bolup gelen ýaly, ap-aýdyň edip otyrmyş. Ýiten, ogurlanan zatlary bolsa üsti
duzly ak mata seredip, tapýarmyş. Elbetde, gözlenýän zadyň duzuň içinden çykmajagy düşnükli, ýöne
palçy aýal şo duzda ýitgiň suratyny görýärmiş, görübem kimiň ogurlanyny ýa-da nirede ýatanyny
aýdyp berýärmiş diýýärdiler.
Şalaryň suratyny gözläp, kösenmeli bolmady. Ol Suraýyň özünde bar ekeni. Şar-gara, ýumşak saçlary
maňlaýyna dökülip duran, gözleri we dodaklary ýeser gülümsireýän tanyş keşbiň suratyny bagryna
basyp, alakjap, Suraý goňşy oba gitdi. Göz-dilden, gep-gürrüňden çekinip, biýol gitdi. Goňşy obaň
çetinden giräýen ýerinde ilkinji gabat gelen goltugy çagaly gelinden salgysyny alyp, palçy aýalyň öýüni
aňsat tapdy. Baryp, niýetini äşgär etdi, derdini aýtdy, Şalaryň suratyny öňünde goýup:
-Şu oglanyň täleýine garap beräýseň! – diýdi.
Palçy aýal surata jiňkerilip, biraz oturdy, käbir zatlary soraşdyransoň, Suraýy uzak eglemedi.
-Öňünde bir garaňkylyk bar. Ýöne gorkuly zat ýok, soňy düz. Başyndan gara towuk aýtsaň, hemmesi
düzeler gider. Aňyrda uzyn ýol görünýär, ýol ýagty, çarkandak däl, aýna ýaly tem-tekiz, özem gitdigiçe
ýokaryk dyrmaşýar. Bi gowulygyň alamaty.
Suraý, garaz, takyk jogap eşitmek isledi.
-Türmä düşmez dälmi? Basmazlar gerek? – diýip sorady.
Palçy aýal çal sepen hem gulaklarynyň arkasyndan hüwjerip çykyp duran saçyny başbogusynyň
astynda gizleşdirip oturyşyna ýene-de Suraýyň garaşýan sözlerini diýmedi.
-Men saňa näme diýsemkäm, keýgim?! Maňa görünýän zat – gap-gara zolak. Maňlaýynda bir
garaňkylyk barlygy şü. Türmemi, dälmi, saýgardanok. Ýöne soňsuz garaňkylyk däl. Aňyrsynda suw
ýaly giň ýol bar. Ýap-ýagty, ýalbyrap ýatyr – diýip, takmyn gürrüň etdi.
-Gara towugy nätsemkäm? Ulugyz halyma kyn boljak – diýip, Suraý birsellem dymyp oturansoň,
ýaýdanjyny duýdurdy.
-Obaňyzda ýetim-ýesir ýa gününi aýlap bilmeýän ýekelli garry-gurty ýokmy? Eltip ber şolara. Şolar

“GONAMBAŞY”
Awtory: Kakamyrat Ataýew
ýalyň kabul bolsuny çalt ýetişýändir – diýip, palçy aýal aňsat ýol salgy berdi.
Goldan gidip barýan bagtyny näler dolamak isleýän we ýagty geljege atygsaýan ýüregi az-kem teselli
tapan Suraý oba arasyndan gara towuk satyn aldy-da, ony Aktakyryň ileri çetinde nijeme ýyllardan
bäri ýeke ýaşaýan, akly çaşyp ugran Ajap atly garra eltip berdi.
Iki günden soň Şalara ýyl kesilenini eşidip, Suraý serpmeden gaýdan ýaly seňseledi. Dünýesi agdardüňder boldy. Palçy aýalam, gara towugam ýatdan çykdy. “Indi men näme edeýin, Alla jan? Üç ýyllap
oňa nädip garaşaýyn? Meni uzak gezdirmezler. Meni çykararlar. Masgara borun. Biabraý bolmaz ýaly
maňa ýol görkez! Meni ýüzügara etme, Alla jan!” diýip, ol gözüni sykdy.
Şu ikarada-da göz agyrysy ýaly bolup, daşkynrak garyndaşlary Suraý üçin gudaçylyga geldi.
-Garyndaşlyk ýitmesin diýip geldik. Indi tanamaly däl. Belet ýerimiz. Gözümiz ýetip dur. Bizem
näbelet ýeriňiz däl, sözümizi ýykmajagyňyzy bilýäs – diýip, sawçylar gorkuly gürrüň etdiler.
Amanýaz saňsar bu meselä kän bir goşulasy gelmänligi üçin belli-külli zat diýmedi. Ejesi Ogulgül bolsa
sawçy gelenleri kemmagal gördi.
-Garyndaşlyk ýitmese, gowudyr welin... Biziňem welinimiz bar-da. Ilmyrat deň-duşundan galyp
barýar. Ilmyrat mundan iki-üç ýaş dagy uly. Oň aýagyny deňlemän, muny nädip göçüreýin?! – diýip,
sypaýyçylyk bilen göwnemeýändigine delil getirdi.
Sawçylar:
-Bu diýýäniň-ä ilde-günde ýok zat däl. Hany, entek oýlanyşyň. Biz ýene geleris – diýşip, gitdiler.
Aýby açylyp barýan adamyň aljyraňňylygy bilen Suraý maňlaýyna goşa ýumruk urup, özüni näletledi:
“Kän jikjerdiň. Ýeňilkellelik etdiň. Garagyň aksyn! Bulam az saňa. Entek gözüň näme görýär?! Namys
et-de, öl!”
Ol çalt lejikdi, tiz usurgady. “Bi zatlar maňlaýdyr” diýdi. Maňlaýa ýazylan bolsa, gaçyp gutuljak
gümanyň ýok. Ozalebetde bagtyň pes bolmasyn, bagtyň pes bolsa, sen jikjerseňem, jikjermeseňem, ýaha Şalar, ýa-da şoňa meňzeş gurrumsagyň biri sebäp bolar. Nätseňem, maňlaýyňdakyny görmeli!
Suraý: “Şalara hat ýazaýsammykam?” diýdi. Näme diýip ýazmaly? Türmede oturan adam näme edip
biler öýdýäň? Onuň elinden geljek zat barmy? “Bar-da, biziň öýümizde oturyber!” diýende, sen şony
edip biljekmi? Suraýyň alaçsyzlygyna içi ýandy.
Iki günden soň onuň kellesine täze pikir geldi: Jahanyň ýanyna barmaly-da, hemme zady bolşy ýaly
aýtmaly! Güýzmyrat aganyň uly gyzy Jahan oba arasyna Atamyrat ýöwseliň ogly Seýitmyrada
durmuşa çykypdy. Belkäm, Jahan bir çykalga tapar? “Taparmyka?” diýip, Suraý öz ýanyndan oýlandy.
Şalar türmeden boşap gelmese, nähili çykalga bolsun? Jahan Şalaryň ganybir doganjygy ahyryn. Edil
eli bilen düzetmese-de, dili bilen hökman bir ýol salgy berer. Ähtimal, ol Şalar bilen gepleşip görendir,
bu zatlardan habarly bolsa bildiňmi? Arada Şalar: “Gudaçylyga Jahanyň baraýmagy-da mümkin”
diýipdi. Güýzmyrat aganyň ýüzüni mama dişän, alçak, hoşgylaw gyzyny göz öňüne getirip, Suraý azkem kanagat tapdy.
Onuň başga edip biljek zady ýokdy. Näbelli umydy yşyk edinip, ol Seýitmyratlara – Jahanyň ýanyna
gitmegi ýüregine düwdi.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Gonambaşy - 4
  • Parts
  • Gonambaşy - 1
    Total number of words is 3775
    Total number of unique words is 2266
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gonambaşy - 2
    Total number of words is 3808
    Total number of unique words is 2343
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gonambaşy - 3
    Total number of words is 3809
    Total number of unique words is 2230
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gonambaşy - 4
    Total number of words is 3804
    Total number of unique words is 2336
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gonambaşy - 5
    Total number of words is 3774
    Total number of unique words is 2239
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    43.4 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gonambaşy - 6
    Total number of words is 3823
    Total number of unique words is 2265
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    50.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gonambaşy - 7
    Total number of words is 3840
    Total number of unique words is 2280
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gonambaşy - 8
    Total number of words is 3822
    Total number of unique words is 2329
    29.3 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    50.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gonambaşy - 9
    Total number of words is 2862
    Total number of unique words is 1809
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.