Latin

Gonambaşy - 9

Total number of words is 2862
Total number of unique words is 1809
31.7 of words are in the 2000 most common words
44.5 of words are in the 5000 most common words
50.8 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Dyz epeni bilen, diwara ýaplanyp oturany bilen Sähediň taby gowulaşmady. Gitdigiçe ýaramazlaşdy.
Başy aýlandy. Zibiliň porsy ysy ýüregini bulady. Ol elini ýere diredi-de, gapdala eglibräge-de ögedi. Bir
demde ajy suwuklyk bilen bir lagta gan gusdy. Şundan soň onuň ozalkyja mydary hem galmady.
Gusugyndan bir ädim beýläk süýşmäge-de rowgaty çatmady. Essi aýyldy. Özüni uky basýandyr öýtdi.
“Irkileýin. Irkilsem, oňat bolaryn” diýip pikir etmäge ýetişdi.
Sähediň halyndan habar alan bolmady. Gün dogandan soň waglap ören siňekler onuň entek guramaga
ýetişmedik gusugyny we çyrşak-çyrşak bolan ýüz-gözüni hekem edindiler.
Ahyry geçip barýan orta ýaşly biri onuň bäş ädimliginde aýak çekip:
-Heý! Heý, ýaşuly! – diýip gygyrdy.
Sähetde hiç hili gymyldy-hereket görmänligi üçin oňa bada-bat gorky ýetişdi. Näderini bilmän
aljyrady. Ýaltaklap, töwerek-daşyna äňetdi. Aňyrdan gyssanmaç ýöräp gelýän ýigdekçäni saklady-da:

“GONAMBAŞY”
Awtory: Kakamyrat Ataýew
-Inim, ho ýatana bir seret-le! Dem alýamy şo? Seň gözüň ýitidir – diýdi.
Ýigdekçe äm-säm bolup duran bu kişä geňirgenip seredensoň, çekinmezden-zat etmezden, Sähediň
ýanyna bardy. Eglip, ýüzüne seretmäge durdy.
Orta ýaşly kişi bolsa, gorkudan doly aýňalyp bilmänligi üçin bary-ýogy bir ädim golaýa süýşüp:
-Dirimi? – diýip sorady.
Ýigdekçe:
-Ölüpdir öýdýän. Siňekläpdir. Dem alýana meňzänok – diýdi.
Ötegçiler ýuwaş-ýuwaşdan üýşdiler-de, hyşy-wyşy edişdiler.
Maňlaý saçy düşen, at ýüzli, burunlak bir adam kän seredip duransoň, Sähediň ýanyna baryp, üstüne
abandy-da:
-Sähetm-aý bi? Sähet-t! Häk, pahyr... Öýünde-de ölmändir – diýdi.
Başga biri:
-Tanaýaňmy muny? Öýi nirede? – diýip sorady.
At ýüzli adam:
-Öýüni bilemok. Ýöne Sähetdigini bilýän. Türmede bile oturypdyk – diýip mydyrdady. Soňundan
bolsa:
-Men-ä işe ýetişmeli – diýip, ol ýerden daşlaşmak bilen boldy.
Birazdan “Tiz kömegiň” ulagy geldi. Ak ýektaýly lukman Sähediň saň gaty bolan we buz ýaly sowan
elini elläp gördi-de:
-Polisiýa habar etdiňizmi? Nirede ýaşaýarka? Tanaýan barmy? Hossary-zady ýokmy? – diýip sorady.
Sähedi hiç kim tanamady. Ýarym sagatdan soň ony şäheriň meýithanasyna alyp gitdiler.
29.
Bäbejigiň ýogalandygy baradaky habar baran dessine Ýazbibiň ejesi Sona daýza goňşulary
Jumadurdyň üstüne eňdi. Şum habary olara eşitdirensoň:
-Jumma jan, meni derrew Aktakyra düşürip gaýt, köşek! – diýip, Jumadurda ýüzlendi.
Olar ir bilen ýetip geldiler.
Asyl Jumadurdy diýilýän Poladyň göz öňüne getirişi ýaly inçesagt, saryýagyz, uzyn hem görmegeý däl
ekeni. Orta boýludan lopbuş, gyýak gözli, bugdaýreňk biri bolup çykdy. Polat goýun gözli gelninden
çen tutup, Jumadurdyny özünden üç-dört ýaş dagy uludyr öýdüpdi. Görse, özünden kiçi bolmasa uly
däl.
Polat onuň ýüzüne assyrynlyk bilen garady, çalymdaş sypat görmek üçin hasrat getiren bäbejigiň
keşbini ýadyna saljak boldy. Hiç hakydasyna gelmedi. Nämüçindir Ýazbibi bilen Jumadurdyň nätanyş
hylwat ýerde wejera hem bihaýa sypatly şekilleri göz öňünde janlandy. Gany depesine urdy. “Muň
maksady kireý däldir – diýip pikir etdi. – Şular ýaly agyr günde gözýaşa boglup oturan Ýazbibiň
gözüne görnüp, oňa teselli beresi gelendir, bir zatlar diýip, göwnüni göteresi gelendir, şoň üçin
gelendir”.
Polat Jumadurdyny bir pursat hem görmek islemedi. Onuň mölerilip, sokudaş ýaly garalyp oturmasy
kejikdirdi. Turup giderini diledi. Şu islegi duýan ýaly, biraz wagtdan Jumadurdy gozganjyrady,
ýerinden turdy, eýýämhaçan gurşan aýaklaryny dözüm bilen çümmükledi, ýaýdanybraga-da, Polada
söz gatdy:
-Köreken, men-ä ýöräýsem diýýän.
Polat “Ýöräber” diýen manyda baş atdy. Onuň inçeden boguk sesine geň galdy.
-Dek düýnjik agzap otyrdylar. Ýazbibiň ejesi: “Ýaşy uzyn bolsuna gitmeli” diýip otyrdy welin, häk,
maňlaý-da, görýäňmi bu bolýan zatlary. Juk, juk, neresse çaga... – diýip, Jumadurdy başyny ýaýkady.
Onuň Ýazbibiniň adyny tutmasyny şunça halamadygam bolsa, Polat sesini çykarmady, başyny aşak
saldy.
Jumadurdy çilim otlandy. Goýy, çal tüssäni agzyndan bölüp-bölüp çykaryp durşuna:

“GONAMBAŞY”
Awtory: Kakamyrat Ataýew
-Näme diýjek?! Alladan gelen ajala çäre ýok. Ömri gysga berlen ekeni-dä. Öwez ogluny bersin! Gaýrat
ediň! – diýdi.
Polat agzyny çalaja gymyldadyp, eşdiler-eşdilmez:
-Taňyrýalkasyn! – diýip jogap berdi.
Jumadurdy gitdi.
-Kim-aý ol? Tanamadym-la? – diýip uly agasy sorady.
Polat bir agyz:
-Goňşulary – diýip jogap berdi.
Gyzjagazyň jynazasyny Güýzmyrat aganyň bir özi okady. Öwezberdi gabyrman üç sany ýigdekçäni
ýanyna alyp, täze gonamçylyk üçin berlen ýeriň aşak çetinden uly bolmadyk gör gazdy. “Behiştiň ak
guşjagazy! Perişdedenem päkdir bi” diýişip, adamlar çagajygyň meýidini ene topragyň goýnunda
goýdular. Soň çukury düzlemek üçin gum sürüp başladylar. Sähel salymdan kiçijik tümmek – täze
gonamçylygyň ilkinji mazary peýda boldy.
***
Duýgudaşlyk bildirmegi, iň bolmanda il ýüzüne görnüp gitmegi borç hasaplan adamlar gijara çenli
oturyp, öňli-yzly “Öwez ogluny bersin!” diýişip, öýli-öýüne dagadylar. Sona daýza iliň soňuna galdy.
Ýassynlar ony Jumadurdy alyp gitdi.
Çolaran öýde Polat bilen Ýazbibi ikiçäk galdy. Ikisi-de ýüregedüşgünç ümsümligiň azaryny çekip,
dymyşyp oturdylar.
Dünýä inip, özüni mähir bilen söýdürip, ýedi gün diýlende demi sogrulan gyzjagaz Ýazbibiniň
begenjine, buýsanjyna talaň salyp gitdi. Boşan sallançak bilen gursagyndaky emilmän duran,
dyňzaýan, kükeýän ene süýdüniň ysy onuň başyna we ýüregine bimöçber hesret saldy. Ol bagyr
awusynyň sebäbini çaganyň wagtyndan ir doglanlygyndan gözledi. Maňlaýyndan gördi. Munuň üçin
Polady ýazgarmady. Gaýta, özüni müýnli duýdy.
Poladyň gussasy bolsa, asla Ýazbibiňkä meňzemeýärdi. Ol öňki öwrenşilen gussady. Gyzjagazy ajalyň
eline berip goýberensoň, Ýazbibi baradaky gara oý-pikirler ony terk etmedi. Çaganyň ölümi onuň
derdini egismedi. Polat, ine şuňa geň galdy.
Ol eden işi üçin ökünmedi. Özüni ganhor saýmady. Muny paýhas bilen seljermäge islegi-de, höwesi-de
ýokdy.
Onuň beýnisinde ýene-de gara-gara pikirler köwsarlap ugrady. Gitdigiçe möwjedi. Polat heleýbaz,
ograş Jumadurdynyň, bihaýa, ýeňilkelle Ýazbibiniň ymmata sygmajak wejera suratyny hyýalyndan
çykaryp bilmedi. Şony hyýalyndan kowup çykarar ýaly nähilidir bir güýç-gurbat isledi. Şonsuz
ynjalygynyň bolmajagyna düşündi. Surnukdy. Usurgaýandygyny aňdy. “Öwf-f” edip argyn dem aldy.
Ýazbibi “Hä, bir zat diýjek bolýarmyň?” diýen manyda ýalt edip ärine seretdi.
Polat öz-özünden biygtyýar, ýöne gara çyny bilen tüýs ýüreginden:
-Men indi halys ýadadym, Ýazbibi! Ýaman ýadadym. Çydamok – diýdi.
“Nämeden ýadadyka bi?” diýip, Ýazbibi içini gepletdi. Daşyndan bolsa, göwünlik bermek üçin:
-Ýat-da, dynjyňy alaý – diýdi. – Menem ýadaw. Endam-janym soky daşyň astynda galan ýaly.
Ýatyp uklanyň bilen bu ýadawlyk aýrylaýsa diý! Ukusyzlygyň argynlygy däl-ä bi. Ýazbibi kelte kakýar.
Düşünenok. Aýdylan gepi göni manysynda kabul edäýýär. Polat ondan kine edip durmady.
-Hawa, ýataýyn. Biraz dynç alaýyn – diýdi.
Onuň birden elhenç ýüregi gysdy. Ýekesiredi. Bireýýäm ölüp giden kakasynymy, ejesinimi gujaklap,
içigip, horkuldap, ses edip aglasy geldi. Içini dökesi geldi. Derdimi ýeňledäýsem diýdi.
Ähtimal, Ýazbibiden gözýaşyny gizlemek üçin, ýerinden turup, daşaryk ýöneldi.
30.

“GONAMBAŞY”
Awtory: Kakamyrat Ataýew
Özüni asmak baradaky sowuk pikirler Suraýy terk etmedi. Eger Ýazbibiniň gyzjagazy ölmedik bolsa,
daň bilen Suraý özüni heläkläp ýetişerdi. Bu çaka öýleri ýashana öwrülerdi. Onuň jesedini günortana
goýman, äkidip, täze gonamçylykda ýerlärdiler. Suraý bu wagt bu ýerde bolmazdy, o dünýede bolardy.
O dünýe diýilýän zat nähilikä? Ölen adamlaryň ruhlary erkana gezip ýören hezil bir ýermikä? Ölen
adamyň ruhuna ol ýerde nämeler garaşýar? Ölüler göze görünmän, bu dünýäni synlap bilýärmiş
diýýärler. “Ölä – aýan, dirä – güman” diýen sözem bar.
Suraý üçin ertirki masgaraçylykdan şu günki ölüm abraýly bolup göründi. Ölübilseň, dynýaň. Iň ejirli
ýeri – boýnuňa tanap salyp mertlik bilen özüňi asmak! Ondan aňyrda ezýet ýok. Ejeň-kakaň aglapeňrär, emma erteki gün gyzlarynyň wejeralygy üçin il arasynda dilleri gysga bolmaz. Hiç kim
barmagyny çommaldyp, dilini çeýnäp, heşelle kakmaz.
Eýse, Suraýyň ikinji gezek eline ýüp almaga bogny ysmady, gaýraty çatmady. Öwrenişilen ýagty
dünýeden sypyrylyp, garaňky hem syrly dünýä garşy ädim ätmegiň ýaýdanjy onuň dogumyny elinden
aldy. Ähli etsem-petsemini puja çykardy. Ol: “Indi başarman” diýip aglady.
Agşamlyk çaý başynda Ogulgül ärinden:
-Onsoň o neressejigi täze öwlüýäde jaýlaýdylarmy? – diýip sorady.
Amanýaz saňsar gysgajyk:
-Hawa – diýdi.
-Adam pahyr ölüp gidip otursa, ýerem galjak däl. Näme, indi “Ýylgynlyda” çilesinden çykmadyk
ýumruk ýaly bäbege-de ýer galmadymy?
-Ýer-ä ýok däl, entek iki-üç mazarlyk ýer barmyka diýýän. Ýöne Güýzmyrat aga yrym edip, ony täze
öwlüýäde ýerläň diýdi.
-O nämäň yrymy, gyz?
-Näbileýin? Günäsiz bäbek-dä. Arassaja. Perişde ýaly.
Bäbejigi göz öňüne getirip, biraz oýa batansoň, Ogulgül:
-Çagakak garry heleýler gürrüň ederdi, ýogalan bäbejikler soragsyz Jennete düşýärmiş diýerdiler.
Ýöne ejesi-bilen kakasy Jennete girýänçä garaşýarmyş. Hudaýdan dileg edýärmiş. Ejem-kakamy hem
Jennetiňe sal, onsoň girjek diýýärmiş. Hudaý ilki bilen şolar ýaly neressäň dilegini kabul edýärmiş.
Güýzmyrat aga-da şo pikir bilen şeýdendir. Birem, sadagasy gitdigim, güýçli öwlüýäleriň dilegi boş
galmazmyş.
-Aý, gürrüň kän, haýsy birine ynanjak?! – diýip, Amanýaz bu meselä sowuk-sala garady.
Ogulgül gaýra tesmedi.
-Ugrunda bolansoň, bardyr gürrüň – diýdi. – Dokuzyny düzlän barmy? Kimi gepletseň, derdi ýetik.
Derdine dowa gözläp, neresse çagaň mazaryna ýykylýan kändir. Emgegine gowuşýanam az däl. Dilegi
bitmese, galyň millet öwlüýä ýykyljakmy?
-Heleýleň tapýan zady şo – diýip, Amanýaz saňsar pikirini daşyna çykaryp, aç-açan aýalynyň
garşysyna gitdi. – Dişi agyrýanam, sogurdyp dynaýmalydyr welin, öldür, etmez, öleniň mazaryny
basgylap, terslin-oňlyn şo daşynda pyrlanyp ýörendir.
-Haýyr tapýandyr, barýandyr – diýip, Ogulgül teý eňek bermedi. – Eýse, öňküleň hemmesi samsyk
bolup, bir özüň akylly bolduňmy?
-Öňküleň edenine telek diýemok. Ýöne her zadyň çaky bar. Gitdigiçe täze hokga çykarýarlar.
Esasanam heleýler.
Muňa Ogulgülüň jany ýandy.
-Heleýler diýen bolup... Delalatyň nirden geljegini näbilýäň? Sen nä Hudaýmy? Iki gulaç diliň bilen
uly iliň haýyr tapýan zadyny püçege çykaryp oturmakdan gaýry pişäň ýokmy? – diýip, ol siltenjiräp,
hüňür-hüňür etdi.
Amanýaz saňsar ýöwselledi.
-Men haýyr tapýan ýok diýemog-a. Ýöne heleýleň bolşundanam beter bolşuna gaharym gelýär.
-Ah-he-eý, heleýler dämi erkegi adam hataryna goşýan?! Güýçli öwlüýäler göz görkezse, bilerdiň

“GONAMBAŞY”
Awtory: Kakamyrat Ataýew
welin...
Amanýaz başyndan bir bela-beter inäýjek ýaly haýykdy. Sesini çykarmady.
Ogulgül ýeňil dem aldy. Ärini azda-kände toba getirip bileni üçin göwni göterildi.
Ejesiniň aýdyşy ýaly, öwlüýä ýykylyp, ýalbarsa, gudraty güýçli Allatagala Suraýy kyn günden
çykarmazmy? Suraý: “Çykarmaz – diýdi. – Seň keseliň iliňki ýalam-a däl. Boljagyň boldy. Düzederden
geçdi.”
Eýsem-de bolsa, goňşularynyň ýedi günlük gyz bäbejikleriniň kiçijik mazary onuň hyýalynda
dynuwsyz garaldy durdy. Gumy solmadyk mazar bir zatlary wada berýän ýaly, Suraýyň pikirinden
çykmady. Suraý özüni heläklemäge howlugýan-a däldir-dä? Belki, täze mazara ýykylyp görmelidir?
Perişde ýaly günäsiz çaganyň hormatyna, belkäm, Allatagala Suraýa bir yşarat görkezer? Eger
görkezmese, özüňi asmaga ertirem giç bolmaz.
Ýazbibiniň tirsek boýlyja gyzjagazynyň günäsizdigine Suraý şübhe etmedi. Entek ejesiniň ýyly
süýdünden gaýry zady bilmeýän çal göz bäbejik küje, ýazyk küje? Allatagalanyň ýazgydynyň bihaly
ýokdur. Dünýäň bir gyrasyndan jyklap giden bäbejigiň hormatyna Hudaýdan edilen dileg adamlaryň
derdine dowa bolar. Allatagalanyň islegi şoldur. Şol sebäpli Allatagala oňa gysga ömür ýazandyr. Şol
sebäpli bäbejigiň mertebesi iki dünýe zyýat bolar. Suraýyň gözüniň öňünde çaganyň kiçijik mazarynyň
ähmiýeti artdy, ol ýönekeý bir tümmejik bolman, eýsem, dertli bendeleriň keseliniň emi bolup
göründi.
Henize-bu güne çenli mazarystanlygyň içine girmeg-ä däl, gapdalyndan geçmegem Suraý üçin
gorkulydy. Gonamçylyk diýlende onuň hyýalynda ölüleriň üstüňe abanyp gelýän, ýürekýargynç sypatly
ruhlary janlanardy. Hamana, ölüler ony öz aralaryna goşup äkidäýjek ýaly tisginip, üýşenerdi. Häzir
welin täze gonamçylykda peýda bolan ýeke-täk mazaryň ýanyna barmaga, daşyndan aýlanmaga
wehim etmedi. Asla ony gonamçylyk diýibem hasaplamady. Çaga mazaryna çoçgara çolaşan ömrüň
halasgäri diýip ynandy.
Ertesi ir bilen ol obanyň kyblasyna – täze gonamçylyga garşy ugrady. Göz-dilden çekinip, biýol gitdi.
Gumy solmadyk ýalňyz mazar göz öňüne getirişindenem kiçi bolup çykdy. Emma müçesiniň kiçiligi
mazaryň ähmiýetini birjik-de peseltmedi. Näbelli gara güýjüň düşnüksiz howandarlygyna bendi bolup,
ol mazaryň daşyndan aglamjyrap, aýlanmaga başlady.
“Eý, Allajan! – diýdi. – Meň bagtymyň küle çökeni Saňa aýandyr. Men ýalňyşdym. Ýol-ýodamy
ýitirdim. Indi ýöräre ýol galmady. Ugran ugrum petiklendi. Men indi nädip ýaşamaly? Hudaý ja-an!
Jan Allam! Eger ýeriňde-ýurduňda bar bolsaň, meni eşidýän bolsaň, maňa rehim et! Meň günämi geç,
Allajan! Meň ölesim gelenok. Meni şu masgaraçylykdan dyndar! Şu ýatan bigünä bäbejigiň
hormatyna, perişde ýaly arassa çaganyň hakyna maňa ýol salgy ber. Bir yşarat et, jan Allam!”
Suraý aýak çekip, “Ýa-da Hudaýdan asylyp ölmäge gaýrat diläýsemmikäm” diýdi. Şirin jandan jyda
düşmegiň wehimi bada-bat onuň bu pikirini ret etdi. Onsoň ol bäbejigiň adyny ýadyna saljak boldy.
Teý hakydasyna gelmedi. Mazaryň daşyndan aýlanmagyny dowam etdirip, sessiz aglady. Mazara
ýüzlendi:
-Adyňam bilemok, bäbekjan! Sen Behişdiň guşuna öwrüldiň! Ap-akja guşa! Men bolsa, günä iş etdim.
Ýazygym çökder, bäbekjan! Men kyn günde galdym. Maňa kömek et! Hudaýjan seň möhümiňi boş
gaýtarmaz! Men indi näme etmeli? Meň ölesim gelenok, bäbekjan!
Ol ýany bilen getiren gyrasy seçekli ýaglygyny mazaryň başujuna dikilen agaja daňdy. Eglenmedi.
Gaýdyşyn ýolda oňa Güýzmyrat aga pete-pet gabat geldi. Ol kesä bakyp, gany gaçan ýüzüni, galagoply
gözlerini gizledi-de:
-Sen Amanýazyň gyzymy? – diýip sorady.
Suraý kösseklenen ýaly, duran ýerinden gozganyp bilmän, bir agyz:
-Hawa – diýdi.
Güýzmyrat aga aglamakdan ýaňa gabaklary çişip, ýüzi gyzaran gyza çalarak göz aýlap, ähtimal,
gepbaşy üçin bolsa gerek:

“GONAMBAŞY”
Awtory: Kakamyrat Ataýew
-Tilpunyň-a ýokdur ýanyňda? – diýdi.
-Ýog-a.
-Ýok bolsa, bähbit bolsun! Jahana til kakyp ber diýäýjekdim. Beewbar Jahan bardy alakjap.
Amanýazyň gyzynyň diýdi, göwni Şalarda diýdi. Ynha, şeýle-şeýle ýagdaý bolupdyr diýdi. Şu wagt
öwlüýä girip barýanyny gördüm diýdi. Beh, öwlüýälik näme işi bar diýsem, bilemok diýdi. Onsoň
agsak aýagymy süýräp, bejit gelşim şü.
Suraý ilki gyzardy, soň bozardy. Bütin endamy galpyldady. Beýnä barýan ganyň sarsgyny bilen
ýüreginiň urgusy bir-biriniň sesini basjak bolýan ýaly gitdigiçe güýjedi. Gorky hem geňirgenme
Suraýyň ýüz-gözünde aljyraňňylygy mese-mälim etdi.
Güýzmyrat aga indiki diýjek sözlerini diline getiribilmän, birsellem dymansoň: “Birden tazygyp
ötäýtmesin şü” diýýän ýaly, gyssanmaç gürläp başlady:
-Bolsa-da, män-ä bellemşa edipsiňiz. Indem näme, beterinden saklasyn diýäýmeseň, alajy ýok. Saňada diýjek zadym, keýgim, özüňi oda-suwa urup ýörme-de, meň öýümde boluber. Deýýus Şalaryňam
bütin ömri türmede geçmez. Esasy zat, ahyry düz bolsun! Öňüm gelenden, soňum gelsin diýipdirler.
Birbada bizde bol, toý-beýlekiň aladasyny soňlugy bilen görübiris. Men, ine, şoň üçin gaýtdym.
Amanýaz bilenem özüm gepleşerin. Ejeň dilinem Jahan tapar. Keçjeräg-ä bolýar welin, nätjek-dä...
Amanýazyňam boýy gysgalmaz. Ýör, hany! Jahanyň ýanyna baraly. Öýde sary-sadylla bolup, garaşyp
oturandyr olam.
Elbetde, garaşylmadyk gürrüňler, duýdansyz teklip adamyň başyny çaşyrýar. Ýüreginiň gürsüldisi
güýçlenen Suraý aljyrap:
-Gaçyp baran ýaly bolýanmy men? Ilki öýmüze barmaýynmy? – diýip, ugur-utgasyz sorag berdi.
-Öýňüze özüm bararyn. Bir alajy bolar.
-Kakam...
-Amanýaz gepe düşünmelidir öz-ä. Bu zatlar maňa hoş ýakýandyr öýdýäňmi? Köp ýerde kelte
gaýdýaňyz-da. Eliňe-diliňe düzelýän zat bolsa, ne ýagşy.
Güýzmyrat aga zeýrenjiň, igenjiň iş bitirmeýändigine düşünen dessine:
-Bu zatlar ilde-günde ýok zat däl. Bähbit bolsun! Her iş bolsun, bähbit bolsun! – diýip, äheňini
üýtgetdi.
Suraý bolsa igenç eşitmeg-ä däl, Güýzmyrat agany garsa gujaklamaga-da taýyndy. Emma beýdip
bilmejekdi. Onsoň ol gursagynda gitdigiçe möwjeýän garjaşyk duýgularyny gözýaşa öwürdi-de, eli
bilen ýüzüni tutup, hünübirýan aglap başlady. Agysy gitdigiçe güýjedi. Agy arasynda üzlem-saplam bir
zatlar diýdi.
Güýzmyrat aga silkinip-silkinip eňreýän gyza uzak seredip bilmedi. Kesä bakyp:
-Ýedi ýoluň üstünde beýdip dursaň, il näme diýer? Hany, sesiňi goý-da, yzyma düş! Öýe baraly. Şu
günden şeýläk seňem öýüň şol.
Ol Suraýyň öňüne düşüp, ýüzüni oba öwürdi. “Şu gün hepdäň haýsy güni? Anna günümi? Anna güni
öýleden soň bitmedik işe men haýran diýipdirler. Öýläni okaga-da, Amanýazyň ýanyna gideýin.
Amanýazyň üşügi oňat. Okumyş. Okumyşlygy çyn bolsa, agzymy açmankam diýjegime düşüner.
Düşünmejegem bolsa düşündirerin. Ilem näme diýse, şony diýsin!” diýip oýlandy.
Jahanyň aýdýany çyn bolsa, Amanýazyň bu gyzy bäbejigem ýasap ýören ýaly. Ýeri, bu kelpeňlik
nireden ýolukdy? Nika ýok, beýleki ýok... Il seniň çagaňa barmagyny çommaldyp: “Wenezzyna!” diýse,
ýagşymy? Güýzmyrat aga bu zatlary görmän, ölüp gitse, oňat boljak. Emma diýeniň bolaýýarmy
näme? “Ozalebetinde şuňa ýazylandyr. Onsoň ony nädip pozjak?” diýip, ol maňlaýyny ýumruklady.
Onsoň juda dymyp barmazlyk üçin:
-Kakaň öýdemikä şu wagt? – diýip, yzyndan ýarym-ýaş şumjaryp gelýän Suraýa gep atdy.
Suraý ysgynsyz ses bilen:
-Bazara gitdi – diýdi.
-Bazara ýatymlyk giden däldir. Hälä galman geler. Ynha, Amanýazy birýaňalak edemsoň, Işan aga-da

“GONAMBAŞY”
Awtory: Kakamyrat Ataýew
maňlaýymy diräp gaýtmasam bolmaz. Nikany nähili gyýdyrmaly? O kakabaş deýýus türmeden boşap
gelýänçä garaşmaly bormukam? Ýa seň özüňi oň ýanyna äkidip, şo ýerde nika gyýmalymy? Işan aga
aýyl-saýyl edip beräýse gerek – diýip, Güýzmyrat aga hümürdedi.
31.
Amanýaz saňsar hakykatdan hem ir bilen turşuna bazara gidipdi. Bazary hatar-hatar syryp, arypýadap, ahyrynda Berdiniň ýanyna bardy.
-Gardaş, hol günki obadaşy tapyp ber – diýdi.
-Gedaý ýaşulymy?
-Hawa. Sähet. Sähet aga.
-Beh, o gedaýyň üsti gyzyl el boldy-la, how. Dek ýaňy, ýarym sagat mundan öň heleýem geldi ony idäp.
“Düýn irdenki çykyp gaýdyşy, öýe baranok, tapyp beriň” diýip, aglap gitdi.
-Beh, heleýli-zatlymydy ol?
-Näbileýin? Gyzyl ýüzli, gök göz bir heleý-ä geldi çalgyrt gepläp. Bilmedim nä milletdigini.
-Tapyp bolmazmy indi?
-Beh, gedaýam ideljek eken-aý. Geregiň gedaý bolsa, kän-le, itiň täreti ýaly.
-Gedaý gerek däl-how maňa, şo obadaş gerek.
-Näme iş gopardyka ol beýle?
-Goparan işi ýok. Obada ejeligi bar oň. Togsan-a ýaşandyr. Ýeke özi otyr. Düýn gijara öýleriniň
ýanyndan geçip barýarkam ýanyna sowuldym-da, ogluňy gördüm bazarda diýip gulagyna
gygyraýmanmy. Ana, başlandyr şondan. “Tapyp getir şony, men oňa garaşyp, gurap gitdim, ýogsa
bireýýäm ölmelidim” diýýär. Gelmez diýsemem, onda meni äkit şoň ýanyna diýip dyzap ýatyr. Ertirjik
getireýin diýip eňdim bäri. Indi tapmasak bolmaz.
-Ýa-heý, akly dagan garryň gürrüňi üçin muň bolup ýörşüňi! Ýeri, gutaran ülhit gedaýy nätsin ol?
Amanýaz saňsar böwrüne doňuz diňini salyp, oturdy-da:
-Razylaşjakdyr. Tapaly, gardaş! – diýdi.
-Senem halys işiňi tükedipsiň-ow! Näme bähbidiň bar? Ýa jübüňe pul düşýärmi?
- Men pula bolamok, gardaş. Jübime gereginden artyk pul düşse, meň gep-gürrüňim üýtgeýär. Onsoň
şujagaz bolşumy saklamak üçin ir bilen näme diýip dileg edýänimi bilýäňmi?
-Düzüwli dileg edýän dälsiň.
-Diňle sen! Entek ýorgangaladan çykmankam ýatan ýerimden: “Eý, Hudaý!” diýýän. “Injigimiň
göterip bilmejek zadyny maňa berme!” diýýän. Göterip bilmejek zadym meni hökman ýüňsakgal etjekdä. Şoň üçin gerek däl diýip dileg edýän.
-Saňsarlygyň bir alamaty şüýem. Seni okuwdan kowup, dogry etdiler.
-Bu zatlar hiç-le. Hany, ýaşulyny nädip tapmaly indi? Nireden gözlemeli?
Berdi ahyry oňa Zeýnebiň öý salgysyny berdi.
-Ynha, şundan habar tut. Öý salgysy şü. Öýüne barman gitjek ýeri ýok. Bazarçylaň sadaka diýip berýän
puluny jantaýyna urup, içip ýatandyr bir ýerde. Puly gutaransoň ilk-ä öýüne barar, soňam bazara
geler. Men bulara gaty belet.
Amanýaz saňsar Berdi bilen hoşlaşyp çykdy. Zeýnebiň öýüne ugrady. “Şu ikarada öläýen däldir-le. Içip
ýatyrmyka bir ýerde? Eger öýünde ýok bolsa näme etmeli?” diýip, oýlandy. Barsa, salgy berlen öýüň
gapysy gulply. Goňşulary Amanýaza şübheli seredip:
-Zeýnep hanymyň Irdenki çykyşy. Nirä gidenini bilemzok. Uzak eglenmez. Kim sorady diýse, näme
diýeli? – diýişdiler.
-Uzak eglenmese, garaşaýaryn. Ahyry aýlanyp-dolanyp, öýüne geler-ä – diýip, şo duran ýerinde
dyzyny epdi.
Zeýnep bolsa şol wagt şäher keselhanasyndan Sähedi idäp ýördi. Aljyraňňydy. Süňňi bir şumlugy
syzyp, galdyraýardy. Gözýaşyny sylýardy.

“GONAMBAŞY”
Awtory: Kakamyrat Ataýew
Şol wagt Güýzmyrat aga-da Amanýaz saňsarlaň öýünde irikge bolup, gözüni ýola dikip otyrdy. Öý
eýesine garaşýardy. Ol galagoplydy.
Sähetmi? Sähet pahyryňky bolmady. Meýithanada bir gün ýatansoň, oňa degişli hat-petegi
düzedişdirip, jesedini öli jaýlaýan edaranyň köne ulagyna ýükläp äkitdiler. Meýdini ýuwmazdan,
päklemezden, kepene çolamazdan, egnindäki geýim-gejimi bilen eltip, şäher mazarystanlygynyň bir
gyrasynda çuňlugy bir gulaç barly-ýokly, tagaşyksyz gazylan dar çukura gapgardylar. Üstüne
howlukmaç gum sürdüler.
SOŇY
2013 ý.
You have read 1 text from Turkmen literature.
  • Parts
  • Gonambaşy - 1
    Total number of words is 3775
    Total number of unique words is 2266
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gonambaşy - 2
    Total number of words is 3808
    Total number of unique words is 2343
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gonambaşy - 3
    Total number of words is 3809
    Total number of unique words is 2230
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gonambaşy - 4
    Total number of words is 3804
    Total number of unique words is 2336
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gonambaşy - 5
    Total number of words is 3774
    Total number of unique words is 2239
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    43.4 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gonambaşy - 6
    Total number of words is 3823
    Total number of unique words is 2265
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    50.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gonambaşy - 7
    Total number of words is 3840
    Total number of unique words is 2280
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gonambaşy - 8
    Total number of words is 3822
    Total number of unique words is 2329
    29.3 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    50.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gonambaşy - 9
    Total number of words is 2862
    Total number of unique words is 1809
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.