Latin

Gonambaşy - 2

Total number of words is 3808
Total number of unique words is 2343
29.8 of words are in the 2000 most common words
42.3 of words are in the 5000 most common words
49.9 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
birsydyrgyn akymy bilen bulary hüwdüläp ugrady. Basym iki otagly jaý berildi. Ýuwaş-ýuwaş goşgolam edindiler. Zeýnep yzly-yzyna iki ogul dogurdy. Ikisem durmady. Hersi bir kesel tapyndy-da, ikiüç gün ýaşap, eräp gitdiler. Soň Sähet azaşdy. Ýol urdurdy. Jalataý ýigitlere ýaran boldy. Ýaşaýyşyň
lezzetini içgiden gözledi. Gijäniň birmahalaryna çenli dowam edýän göçgünli meýlisler ömrüniň
bezegi bolmalydyr öýtdi. Keýpi-sapany gündelik adata öwürdi. Meslekdeşleriniň köpüsi ýaly,
kellesiniň dumanlap, gözüniň gyzaran wagty ýekeje gyşyk söz üçin gyzyl ýumruga girişmekdenem
gaýtmady.
Bir günem özi ýaly tüýsi bozuk bilen serini sämedip, anjaýyn geýnen nätanyş gelne lak atdy. Gelin şer
tapsa, toý küýsemez ekeni. Agzyna gelenini aýdyp, paýyş-paýyş sögüberdi. Hiç tüketmedi. Sähedem
ýanyndaky ülpedi bilen süzübermeli welin, etmedi. Gaýta topulyp, gatnawly köçäň ugrunda gelniň
özüni ýençdiler. “Bu bizi äridir öýdýä. Ärinden görmedigini görkezeli!” diýişip gülüşdiler. Gelin görgüli
kimlere sataşyp ýörenini bilen dessine derrew mugyra geldi. “Waý, göwrämde çaga bar. Waý
öldürýärler!” diýip jowranyberdi. Ýöne giç. Bularyň diňlejek gümany barmy? Ülpedi-hä saklap durdy,
Sähedem kemeri bilen gelni essinden gidýänçä saýgylady. Munuň bilenem oňman, gelniň
ýantorbasyny silkişdirip, puluny-da aldylar. Bu işiň soňy gelniň göwresindäki çaganyň aýrylmagy,
Sähediň we ülpediniň on ýyl türme tussaglygyna höküm edilmegi bilen tamamlandy.
Sähet möhletini doly oturyp, boşap geldi. Gelse, Zeýnebem yzynda muň geljek ýoluna gözüni dikip
ýeke oturmandyr. Alaga-da, birine äre çykypdyr. Öýüne salypdyr.
Sähet:
-Wah, Zeýnepjik! Wah, senjagazmy?! Wah, sen-ä... – diýip, yzyny aýdyp bilmän, aşaky dodagyny
dişläp, başyny ýaýkap, çykyp gitdi.
Soň ol ozalky işlän ýerine bardy. Ýene umumy ýaşaýyş jaýyna ýerleşdi. Gaýtadan içgä imrikdi. Boş
wagtlary dul aýallaryňkydan çykmady. Olaryň biri bilen goşuny birikdirdi. Dogrusy, birikdirer ýaly
üýşüp ýatan goşy-ha ýokdy welin, garaz, bolanja goşuny alyp, bir ýassyga baş goýmak üçin täze
aýalynyňka göçüp bardy. Ömrüniň üç ýylyny şol ýerde geçirdi. Onsoň aýrylyşdy. Aýrylyşmady-da, has
takygy, bipeýan ülpeti köpelip, güzeran aýlamak weji bolmany üçin kowuldy. “Hojalyga nepiň
degmejek bolsa, sen tetelli äri başyma ýapaýynmy? Araga aňyny aldyran alkaş meýdiýanan! Göteril!
Sen ýaly ärsumagy basan ýerimden tapýan. Ýüz ýyldanam gerek zadyň ýok” diýip, aýaly onuň
gülberini arkasyna daňdy. Sähet ýene umumy ýaşaýyş jaýyna bardy. Ýene dul aýallar bilen baş goşdy.
Içgi bilen ýabany ýaşaýyşdan hözir gözläp başlady.
Bisähet günleriň birinde-de diline dygy etdirip bilmeýän ärsiz heleýleriň birini suwasalma ýençdi.
Ýenjilen aýal ozaldanam keselbent ekeni. Sähediň bijaý urgulary zerarly huşundan gidensoň ony
keselhana alyp gitdiler. Ol ýerde özüni bilmän dört gün ýatansoň aýal öldi. Sähet bolsa ýene köpýyllyk
türmä gitdi. Ikinji tussaglyk möhleti uzaga çekdi. Türmäň içinde urşup, ýyl üstüne ýyl aldy. Bu gezek
ol gojalyp, tapdan düşüp, boşap geldi. Gelip, Sähet barara gapy tapmady. Umumy ýaşaýyş jaýy
ýykylypdyr. Ol ozalky meslekdeşlerini idedi, olar dereksiz bolup çykdy, kyn gününde Sähede birem ýüz
bermedi. Tanyş dul aýallary bolsa ýa-ha äre çykyp ýitirim bolupdyrlar, ýa-da ölüpdirler, hiç bir tanyş
galmandyr.
Onsoň ykbal tüweleýi aýlap-aýlap, Sähedi bazar gedaýynyň – dilegçiniň ornunda goýdy. Ýaşaýyş
ugrundaky göreş sergezdan durmuşyň täze sahypasyny açdy. Ömrüň henize çenli görülmedik,
garaşylmadyk we biraz elpe-şelpeligi wada berýän sepgidi başlandy.
4.
Güýzmyrat aganyň aýaly ir ýogaldy.
Käte şeýle bolýar: Adam alňasaman, uly jebirlere duçar gelmän, agyr kynçylyklaryň we şowsuzlyklaryň

“GONAMBAŞY”
Awtory: Kakamyrat Ataýew
tütünsiz ýakýan odundan nähilidir bir ýol bilen sowa geçip, öz öýünden arkaýyn girip-çykyp ýörendir.
Özüni aňrybaş bagty gelen hasaplamasa-da, nadyl däldir. Hiç mahalam kellesini tutup, içgussa bolup,
uly hossa edinip ýören zady ýokdur. Şonda, syn edip görseň, durmuşynda onuň rahatlygyny goraýan
bir daýanç nokady bardyr. Ol şoňa arkasyny direýändir. Şondan ugur alýandyr. Köp ýerde ony çelgi
edinýändir. Alys ýola düşüp, menzil söküp barýan ömür kerwenine onuň birsyhly, bilniksiz tekge
berýändigini adam aňşyrsa, aňşyrýandyr, ýöne önjeýli düşünýän däldir. Niçikmi, ýazgydy şeýle bolup,
şol daýanç nokady syndymy, adamyň dünýesi gapyşybiýr. Ol soňraky ätjek ädimini bilmez. Ýörejek
ýolunyň hanjakdygyny saýgarmaz. Kesesinden göz-görtele mälim bolup duran aljyraňňylygyny,
dagynyklygyny ýaşyrmaga gurby ýetmez.
Aýaly ýogalanda Güýzmyrat aga-da aljyrady. Orta ýolda atyň büdrese, elbetde, gowy däl. Ýöne orta
ýaşda aýalyňy ajala aldyrsaň, has-da keçje bolýar. Höwrüňden aýrylmak hem edil ýetim galmak ýaly
bir zat. Başdaşy bakyýa göç edensoň, ýaşuly hakykaty boýnuna aldy. Sakgal goýberip, Şerigata uýdy.
Höwürsiz durmuşyň hözirsizligi Güýzmyrat agany tiz kejikdirdi. “Ýekelik – Hudaýa ýagşy” diýip, ol
önelgesiz, sary diş bir aýala öýlendi. Iki ýyldan uly ogly Şageldini öýerdi-de, dessine rysgyny aýrylady,
täze mellekden jaý salyp berip, göçürdi. Yzýany bilen ýetişen gyzlaryny durmuşa çykardy. Oňa çenlem
ortanjy ogly Şahan ýokary okuwy bitirip geldi. Güýzmyrat aga gyzgyny bilen ony-da öýli-işikli etmegiň
aladasyny etdi. Sorap-idäp, belet bolansoň, goňşy obadan bir okuwly maşgala üçin guda boldy. Obany
çagyryp, toý berdi.
Bir gün Şahan gelip, kakasynyň ýanynda oýkanjyrap esli oturansoň, ýaýdanmaç gürrüň etdi:
-Kaka, bir maslahat bar...
-Ýeri!
-Göwneseň, men-ä şähere göçäýsem diýýän.
Güýzmyrat aga keçäň gülüni dyrmalap, eline ilenini tüýdüşdirip, gara dere batyp, ber-başagaý aljyrap
oturan ogluny ilkinji gezek görýän ýaly, ýiti-ýiti synlap:
-Beh-beh, näme, başbütin şäherli bolaýsam diýýäňmi? – diýdi.
Şahan gümürtik jogap berdi:
-Bilmedim-dä, kaka. Görmeli-dä.
-Diýmek, obada ýerläp bilmänsiň-dä?
-Ýerläp bilmedim, kaka. Birhili oba sygmajak bolýan...
Güýzmyrat aga birmeýdan dymdy, ynjalygy gaçan ýüz keşbini, gam ýetişen garaklaryny gizlemek üçin
kesä bakyp:
-Sygyp-sygmaz ýaly oba-ha dar ýer däldir, ogul. Gör-dä özüň – diýdi.
Şahan ýaş gelni bilen şähere göçdi-de, mekdepleriň birinde mugallymçylyk edip başlady.
Güýzmyrat aga Şalary öýermäge ýetişmedi. Körpe ogul oglanlyk etdi, ýerliksiz batyrlyk satyp, türmä
düşdi.
Wa-ah, bi döremän geçen Şalarmy? Kakasyny wagtyndan öň garradan, bilini büken, dilini gysga eden
şo dälmi? Güýzmyrat aganyň käte-käte başyny ýerden galdyrman, “hümm”, “hümm” edip içini
gepledip ýörmesi-de Şalar üçin-dä. Ojagaz “hümmüldileriň” aňyrsynda kän zat ýatandyr. Şalar
gursun!
***
Amanýaz saňsaryň uly gyzy Suraýyň bagty pes ekeni. Agras görünmese-de, asylly saýylmasa-da,
owadanlykda Aktakyryň iň naýbaşy gyzlarynyň biri hasap edilýän bu gyzy Güýzmyrat aganyň körpe
ogly Şalar galmaz güne salyp gitdi.
Baýak bir meýlisde keýpi çag orramsynyň biri:
-Iş oňarmaýan köpek kändir, emma yrylmajak ganjyk ýokdur. Ynha, özümiz ýalyň eline düşse, kim
bolanda-da süňňi gowşabiýr – diýip, hiç kime gezek bermän öwündi.
Şo meselede onuň nähak magtanmaýandygyna hem atan okunyň pys geçmeýändigine belet

“GONAMBAŞY”
Awtory: Kakamyrat Ataýew
bolansoňlar, müňkürlik etmek hiç kesiň ýadyna düşmedi. Meýlishalar kişiler sabyr-takady elden
berip, bilesigelijilik bilen:
-Syry nämede, syry? Şony aýt! – diýşip, ilgezik boluşdylar.
Orramsy:
-Üýtgeşik syry ýok. Diňe öwgi bilen alyp ýatmaly! Aýagaldygyna ýüzüne öwübermeli. Degse, bäş,
degmese, ýigrimi bäş, ýalan-ýaşryk söz bilen pyrlanyber daşynda. Asyl bäri-bärde goýma, göge göter,
asmanyň Aýyna deňe. Ýaş görünýäň diýip öw. Yşnaksyz bedroýam bolsa, senden owadan hiç kim ýok
diýip öw. Häsiýetini öw, gözüni-gaşyny tarypla. Işiň öwmek bolsun! Öwgüň öňünde uzyn etekliň
durary bolmaz. Edil ýöne pagyş-para eräbiýr. Muňa öwgi bilen yrmak usuly diýýärler – diýip, welilik
satdy.
Muny öz gulagy bilen diňläp oturan Şalar orramsyň okuwyny şol günüň özünde özleşdirip başlady.
Niçeme aý bäri ýüzüni sowup ýören Suraýyň daşyna geçdi. Birnäçe günden soň gözi-başy aýlanan hem
oý-pikirlerini aldawçy hyýallara gurban beren Suraýyň ýumşajyk ak ellerini öz penjesinde saklap
duran Şalar orramsy deýýusyň juda tap bilerligine haýran galdy. Ol awuny hatasyz urýan tekepbir
mergeniň göçgünliligine bendi bolup, gyzyň galdyrap, galpyldap, lowlap duran gyzgyn bedeninden
erjellik bilen myrat tapmaga dyrjaşýardy.
Suraý bolsa, akyl-huşuny aldyrdy, erkini elden giderdi. Soňuny saýmady. Soňuny saýmaga wagtam
bolmady. Onsoň iş işden geçdi-de, serhet bozuldy. Ol ganat-perden aýrylyp, al-asmanda gaýyp ýören
ýerinden patlap, ýere gaçdy.
Ýüzüni tutup, silkinip, sessiz gözýaş döküp duran Suraýyň bulaşan saçlaryny eli bilen daraklap durka
Şalar ýaramsaklyk edip, boguk sesde üzlem-saplam:
-Goý, aglama! Taşlap gider öýdýäňmi? Ömür taşlarynmy? Meň aldamajagymy bilýäň-ä! Ynha, basym
toý ederis. Men seni bagtly ederin. Goý, aglama, aglasaň gözüň çişýär, ana, eýýäm ýüzüň gyzaryp
ugrady – diýdi.
Soň bir gün Suraý onuň utanjy-uýady unudan ellerinden zor bilen sypyp, döşünden itdi-de:
-Hany, ejeňi ugratjak dälmi bize? – diýip, dözümli sorady.
-Ugratjak. Ynha, basym ugratjak.
-Ölüp-öçüp barma onda. Toýa çenli sabyr et!
-Ýüregim ýarylyp barýar, Suraý. Sensiz ölýän men. Sen bolmasaň, howam ýetenok. Sen... Men... –
diýip, Şalar gyzy gola salmak üçin öňe omzady.
-Ejeňi iber diýýän-ä. Iber-dä!
Şalar biraz gowşap:
-Ejem barmaz – diýdi.
-Nämüçin?
-Kakamy ibererin. Birem Jahan barmagy mümkin. Ejemi iberjek däl, o heleýi hi-iç jynym alanok. Şu
günem eşiklerimi ýuwmandyr, menem agzymdan gelenini diýdim. Toýdan soň o heleýi özi gaçyp gider
ýaly ederin. Kakama gaharym gelýär. Bizi masgara etdi, bi ýaşdan soň heleý nämä gerek?! Şahan
şähere keýpine göçendir öýdýäňmi? Şo heleýiň ýüzüni görmejek bolup gitdi. Ýöne men beýtmen. Men
oň özüni gaçar ýaly ederin. Sen kakama gowja seretseň bolýar, Suraý! Ojagaz heleýe dagy ýüz
beräýmegin! Eşitdiňmi?! Entek birazajyk howlukma, tomaşa görkezişime bak. Gan agladyp,
“Ykbalym” diýen aýdymy aýtdyrmasam, hasabam däl – diýip, Şalar dişini gyjady.
Güýzmyrat aga Suraý üçin gudaçylyga gelse, gelerdem welin, Şalaryň özi oňarmady. Ol Hojanyýaz
saňsarlaň bir toýunda gümbaşlyk etdi, toýa gelen myhman oglan bilen sözi azaşdy, uruşdy. Has
dogrusy, urdy, suwasalma ýençdi. Ýenjilen oglan bolsa, öňdenem keselbent ekeni. Bijaý degen
ýumruklar tas onuň ölümine sebäp bolupdy. Güýzmyrat aga keselhana bilen sülçiniň arasynda jöwlan
urup, şunça gatnasa-da, nepi degmedi. “Bir ýazykdan är ölmez! Öýlenmedik gögele oglanyň ömrüni
puç etmäň! Gaýrat ediň!” diýip ýalbardy. Oňa “Ýaşuly, giç äwýäň. Wagtyragynda ogluň temegine
kakan bolsaň, bizem dynç bolardyk, senem beýdip elewräp ýörmeli bolmazdyň” diýdiler.

“GONAMBAŞY”
Awtory: Kakamyrat Ataýew
Ahyrynda Şalary üç ýyllyk türme tussaglygyna höküm etdiler.
Suraý içini tutup aglady.
5.
Amanýaz saňsar eýlesi-beýlesi bir gulaç çemesi ýuka tagtanyň ýüzüne gyzyl reňk bilen:
“Men-men diýen ärler ýatyr gum bolup”
diýen sözleri gödeňsi hem tagaşyksyz ýazdy-da, ýazgyny göterip, “Ýylgynly” gonamçylygyna gitdi. Ony
eltip, gabrystanlygyň alkymyndaky ýolaýrytda hyrawa biten igde agajynyň şaha bölen ýerinden çüýläp
goýdy. Bäş ädim gaýra çekilip, kellesini gyşardyp, eden işini synlady. Kanagat tapdy.
Ynha, indi ötegçiler muny görmän geçmez. Harp tanaýan adam hökman okar. Goý, okasyn! Many
alsyn! Adamyň irde-giçde boljagy şudur. Dünýäde näçe ýaşanam bolsaň, nä iş goparanam bolsaň, şu
ýere geleňsoň, sen hiç kimsiň! Kim bolaňda-da bir gysym gum bilen gözüňi dolduryp, tümmegiňi
ýasansoňlar, ýer astynda ýatan mör-möjeklere lukma bolarsyň, gözüň akyp, etiň çüýrär, bogunlaň
ýazyp, süňk-süýekleriň sypar. Birbada ýatlasalaram, soňabaka ýagşydan-ýamandan adyň tutulmaz.
Bir etjekleri, agtyklaň birine adyňy dakarlar, onam indiki gelin bolýanlar göwnese! Ana, wessalam, iş
tamam!
Berdi sopy ýalylaryň “Iş tamam däl, esasy iş şol tümmekden soň başlanýar” diýjegi ikuçsyz. Olaryň
pikiriçe, adam ölenden soň şu dünýelik iş gutarýar. Gabyr döwri başlanýar diýýärler. Dar gabryň
içinde Müňkür bilen Nekir atly elleri gürzüli iki sany perişde öleni burça gabap, set-müň sorag
berýärmiş. Aýdyşlaryna görä, günäli öten bendäň beden agzalaryna hem dil bitip, eýesiniň garşysyna
gitjekmiş, ýüzüne durjakmyş! Onsoň perişdelerem gürzüsi bilen depäňden urup, tükeniksiz azap
berjekmiş. Ýazygyň çökder bolsa, hatda gabyr hem gysjakmyş, gapyrgalaň bir-biriniň içinden geçip,
çydap bolmaz derejede agyr jepalar çekjekmişiň diýen ýaly heňe gelmejek gürrüňlerem bar. Soňam,
haçandygy belli däl, öz-ä wagty golaýlapdyr, Kyýamat gopmaly diýýärler. Ähli janly zatlar ölüp,
ýaşaýyş togtamaly. Onsoň ölenleriň hemmesi direlip, asgyryp ýerlerinden turmaly. Pany dünýäde
eden işleriň üçin Hudaýyň öňünde birme-bir hasap bermeli. Hasap berip bilmejekler üçin agyr azaplar
bar. Lowlap ýanýan ot bar, Jähennem bar! Ýagşy adamlar üçin Jennet bar! Jennetde-de egsilmez eşret
bar, tükeniksiz lezzet bar! Baky ýaşaýyş bar. Kän zat bar. Ýöne Amanýaz üçin bularyň käbiri jedelli
mesele! Yrga gürrüňler! Elbetde, Amanýaz Hudaýsyz däl. Bihasap zadyň ýokdugyna-da ynanýar. Agyr
günä eden adamlar üçin Dowzahyň, ýagşy adamlar üçin Jennetiň ýaradylandygyna hem müňkür
gidenok. Pany dünýäniň synag edilýän bir düşelgedigi barada bolsa, kitaplardan telim gezek okap
bildi. Synagyň kä netijesi şu dünýede belli edilýär, köpüsi bolsa, Kyýamat gününde aýan boljak! Onsoň
bu zatlary o dünýä baryp görübermeli bolar. Häzir bolsa, Amanýaz tümmekden aňryny bilenok, hiç
kimem bilenok, ondan bärsini bolsa, ana, hol ýazgy aýdyp dur. Oka-da, many al! Kädiňi işlet!
Oba tarapdan bir gara göründi. Gara birazdan ulalyp, iki elini arkasyna tutup, bir aýagyny ýempäbräk
alyp gelýän Güýzmyrat aga öwrüldi. Ol golaý gelip, Amanýazyň salamyny alan dessine:
-Sapar gelmedimi? Annahalyň ogly Sapar? – diýip sorady.
-Bilmedim-dä. Men gelelim Sapar görnenok. Menden öň geçip giden bolsa biljek däl.
-Senden öň geçende-de traktory görünmeli ahyryn. Göze ilmez ýaly traktor kiçi zat däl-ä.
-Traktory bilen gelmelimi? Aý, ýok, traktorly bolsa görerdim.
-Gelmändir onda. Barjak diýipdi. Kerçliperi, odunlary göçürmeli. Täze öwlüýä göçmeli. Sapara gaýrat
edermiň diýsem, ýok diýmedi. Ynha, men agsak aýagymy süýräp, keremara geldim, o bolsa traktorly
halyna henizem gelmändir.
-Geler, Güýzmyrat aga! Sapara belet, bor diýensoň, öwlüýäň tümmegini göçürmelem bolsa, arkan
gaýyşmaz. Boýnuna alansoň, bitirmän goýjak gümany barmy?!
Güýzmyrat aga az-kem ynjalyp:

“GONAMBAŞY”
Awtory: Kakamyrat Ataýew
-Tilpunyň el-ýüzdemi? – diýip sorady.
-Tilpunmy? Tilpun-a şu günlükçe heleýe berendiris, Güýzmyrat aga. Atasy öýüne gitdi. Galpak toýa.
”Tilpun” diýilýän zadyň galpak toýa gidilende nämüçin äkidilýändigine akyl ýetirip bilmän, biraz
duransoň, ol:
-Bi günortanyň garaňkysynda sen näme işleýäň bärde? – diýip sorady.
Amanýaz saňsar:
-Menmi? Menem öwlüýäň tümmegini sanamak üçin-ä gelmedim. “Ýylgynly” dolanam bolsa, gara
ýeriň adam etinden doýmajakdygyny ötýän-geçýän bilsin diýip, bir işjagaz etdim. Hany, hol tagta
seret! Bolupmy? – diýip, igde agajyna çüýlenen ýazgyny görkezdi.
Güýzmyrat jiňkerilip, görkezilen ýere seretdi.
-O näm-aýt? Hatmy?
-Hawa, okap gör hany?
-Gözüm kesenok. Näme ýazdyň? Tapmalysyň öz-ä. Özüň oka, hany!
Amanýaz okap berdi.
Güýzmyrat aga bir Amanýaza, bir-de ýazga seredip durşuna:
-Aýdym ýaly-la munyň? – diýdi.
-Hawa, aýdym edibem aýdýarlar.
-Indi? Näme etmeli muny indi?
-Hiç zadam etmeli däl. Geçip barýanlar okamaly. Okabam pikir etmeli. “Ine, adamyň soňy şü. Iň
soňunda hemme kişi ýeriň aşagyna girmeli” diýip, geçen pikir eder. Soňuny ýatlar.
Güýzmyrat aga höwessiz:
-Ýatlar öýdýäňmi? – diýdi.
-Hawa, ýatlar. Ýatlamasa, bolmaz-a.
-Haý, näbileýin?! Gaýtam seň munyňy okap, geçip barýan aýdyma hiňlenäýmese.
-Hiňlenende näme? Aýyp zatmy? Esasy zat, okasalar, birem adamyň ahyrynyň puçdugyna düşünseler
boldy-da.
-Bolmaz, inim, bolmaz! Öwlüýäň içinde aýdyma gygyryp otursalar, boldugymy? Bolmaz-a, be-e!
Amanýaz saňsaryň çaky çykmady. Ol ýazgyny görüp, Güýzmyrat aga haýran galar öýdüpdi. Iň
bolmanda “Oňarypsyň” diýerine garaşypdy.
-Şuny okan adamlaň bäşden biri şo zatlar hakda pikir etse-de, ýetik – diýip, Amanýaz ýene bir gezek
eden işiniň ähmiýetini düşündirmäge synanyşdy.
Güýzmyrat aga esasan agsaýan aýagynyň haýal-ýagallygy bilen barypýatan perwaýsyzlyk görkezip,
igdäň kölegesinde çökdi.
-Juk. Pikir etmezler! – diýdi. – Pikir edýän barmy indi? Soňuny ýatlaýan adam sen muny ýazmaňdada ýatlar.
Amanýazyň bady gaçdy. Ol kem-kemden güýjeýän gaharynyň hetden aşmazlygy üçin igde agajynyň
elýeterde sallanyp duran kiçeňräk şahasyny döwüp eline aldy. Oturyp, pudarlamaga başlady, çybygy
ýalaňaçlady.
-Seň şu ýazanyň asly goşgudan dälmi? Şeýlemi? – diýip, Güýzmyrat aga birhaýukdan gyzyklandy.
Amanýaz körkeýp jogap gaýtardy:
-Hawa. Magtymgulyň goşgusyndan bir setir.
-Seň bu ýazanyňam boljak welin... Nememi, sen kän kitap okaýaň. Şü öwlüýäň gabadyndan geçip
barýarkaň aýat okamaly diýibem goşgy barmy?
-Aýat okamaly diýip?
-Hawa. Aýat hakynda goşgy diýýän-dä. Aýdyma zowladyp geçme-de, oturyp, ölenleň ruhuna Gurhan
oka diýýän goşgy ýokmy?
-Bilmedim-ow, Güýzmyrat aga.
-Bilmeli, Amanýaz, bilmeli! Ýazjak bolsaň, şolar ýaly zat ýaz. Geçip barýan oturyp, aýat okasyn! Eýse,

“GONAMBAŞY”
Awtory: Kakamyrat Ataýew
erbetmi?
-Erbet däl.
-Ýogsa, öwlüýäň gabadynda oturyp, aýat okaýan adam azalyp barýar.
-“Öli aýatdan doýmaz, diri hezzetden” diýip ýazsam näder?
-Goşgymy ol?
-Nakyl.
-Hany, goşgy ýokmy?
-Gözläp göräýerin, Güýzmyrat aga.
Hol aňyrrakdan, gonamçylygyň esasy girelgesinden başy bürenjekli bir aýal çykdy. Onuň yzynda
töweregine gorky bilen ýaltaklap gelýän, ýaglygyny çümre daňynan ýaş gyz bardy. Aýal igdäň aşagynda
oturanlary görüp, girelgede dem salym kürtdürip durdy.
Amanýaz esli aralykdan:
-Salawmaleýkim, ýeňňe! Zyýaratlar kabul bolsun! – diýip gygyrdy.
Aýal başyny atdy-da, yzyndaky gyza bir zatlar diýip, ekerançylygyň içi bilen oba garşy biýol ýöräp
ugrady.
-Kim ol? – diýip, Güýzmyrat aga sorady.
-Jepbar mesiň heleýi.
-Ýanynda-da biri barmy?
-Gyzy bar.
-Bärde näme işläp ýör-aýt olar?
-Zyýarat edendirler-dä. Öwlüýä diýlen ýere erkekler-ä öli gömmek üçin gelýär, heleýlerem olaň ýasan
tümmegine ýykylmak üçin zyýarata gelýär.
-Beh, zyýarat edip, näme, olar näme... Hany, haýsy mazara zyýarat edipmişler?
Amanýaza oýun gerek.
-Bilmedim, Güýzmyrat aga. Yzlaryndan gygyryp soraýynmy?
-Gerek däl! – diýip, Güýzmyrat aga elini silkeledi. Hüňür-hüňür etdi. – Bi heleýler-aý gorky-ürkünem
bilenoklar-aýt.
-Gorkar ýaly näme bar, Güýzmyrat aga? Öliň tümmeginden gorkup ýörseň, bolmaz-a.
-Gorkjak bolsaň, dirilerden gork diýýärmiň?
-Aý, ýok, on-a diýjek bolamok.
Güýzmyrat aga gobsundy.
-Sen diýmeseň, men diýýän, dirilerden gorkmaly!.. Onsoň Jepbar mesiň habary barmyka bu
zatlardan?
-Haý, Güýzmyrat aga, bejerdiň-ow. Jepbar mesiň özi iberen bolsa bildiňmi? Men heleýlerden
eşidenimi aýdaýyn saňa. Jepbaryň şo gyzy gije düşegini ölläp turýarmyş. Onsoň dogtora görkezseler,
anginasyny kesip aýyrmaly diýipdir.
-Nämesini kesip aýyrmaly diýdiň?
-Anginasyny. Bokurdagyň iç ýüzünde mäz bar. Sowuklap, çişip, ýuwdunaňda itiň gününi görkezýän
mäzi bileňokmy? Angina diýilýär şoňa. Şony kesmeli diýipdirler. Oň üçinem, näme, birgiden pul
gerek. Jepbarda-da pul ýok. Onsoň, ine, mazaly tümmekler bar, şolara ýykylyp, çynyň bilen ýalbarsaň,
em bolar diýip özüň ýaly bir-ä öwredipdir. Mugt bolýar-da şeýtseň. Bar çykdajyň tümmegiň
başujyndaky taýaga bir esgini daňmak.
Güýzmyrat aga Amanýazyň ýaňsysyny duýmady. Jepbaryň aýalynyň matany haýsy mazaryň
başyndaky taýaga daňanlygy baradaky pikir onuň aňyny şeýle bir eýeledi welin, ol hatda Annahalyň
ogly Sapara garaşyp durandygyny-da bir pursat unutdy.
-Güýzmyrat aga, sen duza dem salyp bileňokmy? – diýip, biraz wagtdan Amanýaz saňsar başga gürrüň
tapdy.
-Ä? O nähili dem? Çüfläp okalýan duza diýýäňmi? – diýip, Güýzmyrat aga aýňaldy.

“GONAMBAŞY”
Awtory: Kakamyrat Ataýew
-Hawa. Bi gaýraky Gädik işanyň okaýşy ýaly?
-He-eý, inim, elipden şermende ahyryn men. Bileňokmy? Ýa birinden duza çüfläp berýär diýip
eşitdiňmi? – diýip, Güýzmyrat aga betgüman boldy.
-Ýok, eşdemok.
-Onda bi gürrüň nireden çykdy?
-Ýo-o, men başga zat diýjek bolýan. Bilýän bolsaň, ýaňky Jepbaryň heleýine beýdip, öliň tümmegini
basgylap, elem-tas bolup ýörme-de, Güýzmyrat aga dem saldyr diýjekdim.
Güýzmyrat aga ilkinji gezek görýän ýaly Amanýaz saňsary ýiti-ýiti synlady. Onuň gep-gürrüňinden
oýnudygyna-çynydygyna teý düşünip bilmänsoň, ýüzünden bir yşarat gözledi. Tapmady.
-Onsoň? – diýdi.
Amanýazyň: “Bir çümmük duza dem salyp ber-de, geleniň aklygyny al-da otur. Ana, aňsat eklenç!”
diýesi geldi. Ýöne Güýzmyrat aganyň şübheli garaýşyndan heder etdi, onuň dilinden ýakymsyz bir
zady eşidäýmeginden ätiýaç edip ýöwselledi.
-Ýa oňam ýörite okuwy-zady barmyka? Kynmyka? – diýdi.
Güýzmyrat aga bu barada belli-külli bir zat bilmeýändigi üçin, üstesine-de öňden beýle zady pikir
etmänligi sebäpli ýaýdandy. Amanýazyň sowalyny jogapsyz goýmazlyk üçin umumy gürrüň etdi:
-Il her öňýetene derdini aýdyp, duza çüfledip ýörmez, inim. Il Güýzmyradyň kimdigini bilýändir. Biz
ne awun bolduk, ne-de mawun.
“Awun bilen mawun nämekä? Agzy jäheksiziň ugralla aýdyp goýberen zady däldir. Aňyrsynda hökman
bir gürrüň ýatandyr. Şu sözüň gelip çykyşyny öwrenmeli” diýip Amanýaz öz ýanyndan belläp goýdy.
Onsoň:
-Ulurak öwlüýäleň müjewürlerem bir çümmük duzy kagyza dolap, pylança manada satyp otyrlar –
diýip, gürrüňiň örüsini giňeltdi.
-Satýan däldirler, Amanýaz, hergiz baha kesýän däldirler. Her kim eçilenini berýändir. Sadagasy
gitdigim, güýçli öwlüýäler... Galyň bende derdine dowa agtaryp barýar.
Amanýaz ters gürrüň etdi:
-Dowa agtarsa, agtarýandyr. Ýöne haýyr tapýan ýokdur. Hany, nep tapan barmy şolaň duzundan?
-Ilçilikdir, Amanýaz, kändir. Sen seresap bol, birden bir bela duçar gelip oturyberme. Hudaýdan gork!
Amanýaz Hudaýdanmy, ýa başa inäýjek başga bir beladanmy, gorkup, heder etdi. Şu gürrüňi
başlanyna azajyk ökündi. Ol biraz dymyp oturansoň:
-Şo müjewürleň hemmesiniň eteginde namaz okabermeli päkdigine şekim bar. Menem eşitmiş welin,
eklenç üçin oturýanam barmyş. Eýse, pul bolmasa, kim otursyn öwlüýäde? Müjewüri öwlüýäde pul
oturdýar, Güýzmyrat aga, pul! – diýip, ol başga gürrüň tapdy.
-Dagyň-a bilemok welin, Amanýaz, şü duza çüflemek ata-baba bar zat. Galamasynam, dogar aýyň
dördüne Gädik işan sadaka berýär, çakylyk etdiler, şoňa baramda sorap göräýerin.
-Güýzmyrat aga, sen heý, şu çaka çenli duza dem saldyryp gördüňmi?
Güýzmyrat aga “Ýaman kän sorag berýäň-aý” diýýän manyda alarylyp, Amanýaza kineli seretdi.
-Ýadyma düşenok.
-Ynanýaňmy özüň şo zada?
-Nämä?
-Ynha, men Gurhany ýat tutaga-da, müjewür bolup oturjak şu ýerde. Jebeliň duzundan bir haltany
elimiň aşagynda goýup, kagyza dolap, dem saljak-da, zyýarata gelene berjek oturjak. Sen onsoň
şondan haýyr taparyn öýdýäňmi?
Güýzmyrat aga Amanýaz saňsaryň sakgal goýberip, başyna selle orap, dondur mesi geýip,
gonamçylygyň başynda müjewürlik edip oturan keşbini göz öňüne getirjek bolup, şunça jan etse-de,
bolmady. Onuň hyýalynda barmagyny çommaldyp, gelene akyl öwredip oturan, kän gepleýän başga
bir Amanýaz janlandy.
-Sen oba garşy ýörejek dälmi? – diýip, aladaly sypata girip, ol Amanýazyň soragyna jogap beresi

“GONAMBAŞY”
Awtory: Kakamyrat Ataýew
gelmeýändigini ýaňzytdy.
-Ýörejek...
-Ýöreseň, ýüzugra Annahallara degip geç. Sapara aýt, garaşyp otyr diý. Güne kak boldy diý.
-Traktory döwlen bolsa nädeýin?
“Äý, dünýäni gapyşdyrdyň-aýt!” diýýän manyda Güýzmyrat aga gaharly elini silkdi.
-Traktory döwlen bolsamy? Döwlen bolsa, Şükür gyzyla aýt, eşegini araba goşup, bejit gelsin, odunlary
bir äkidip bersin!
-Haý, näbileýin?! Şükür gyzyl edäýermikä? Mal bakýandyr ol.
-Eder, Güýzmyrat aga haýyş etdi diýseň, malyny taşlap gaýdar. Amanýaz, sen bulaşdyrma-da, ilki
Annahallara bar!
Amanýaz gitdi.
“Muň kellesinde harasat kän, saňsar diýseň, saňsar, ady özüne şaplaşyp dur” diýip, Güýzmyrat aga
oýlandy.
Saňsarlar tiresiniň döreýşiniň il üçin gülküli taryhy bar. Bularyň düýp atasyna Nazar diýer ekenler.
Oglan mahallary Nazar bir baýyň öýdeniçeri bolupdyr.
Bir gün baý söwdasy küşat bolup, oba arasyndan on iki sany düýe alypdyr. Baýyň gum içinde sürüsi
bolup, täze alan mallaryny şol ýere sürmekçi bolupdyr. Ol Nazary bir erkegiň üstüne mündüripdir-de:
-Yzym bilen baryber. Gyssanmagyn, gyssansaň, mallary bölersiň. Tükel elten ýeriň bolar – diýip
tabşyrypdyr. Özem basypdyr ata gamçyny.
Nazar gyssanmandyr. Düýeleri yzyna tirkäp, peýwagtyna guma garşy sürüberipdir. Obadan çykyp esli
ýöränsoň, boýnunda duran kişi amanatynyň jogapkärçiliginden ätiýaç edipdir, oturan ýerinden yzyna
gaňrylaga-da, düýeleri sanapdyr. Görse, on bir düýe! Biri kem! Göze ilmez ýaly düýe kiçi-girim zatmy?
Gaýtadan sanapdyr. Biri ýetmän durmyş! Zähresi ýarylara gelen Nazar çökermezden-zat etmezden,
münüp oturan erkeginden syrylyp düşüpdir. Durup, barmaklaryny büküp, täzeden sanapdyr.
Sanapdyr welin, laýyk on iki düýe! Nazaryň ýüregi ýerine gelipdir. “Ilki sanamda birini gören däldirin,
ýalňyşandyryn. Bu bolýan zat” diýip, ynjalypdyr. Ýogsa, görüp-görmez ýaly iňňe däl, gözüňi dolduryp
duran egriboýun äpet janawer.
Onsoň öňden barýan erkegi çökerip, münüpdir-de, ýoluny dowam edipdir. Birazdan janyny barlap
görmek üçin ýene-de oturan ýerinden düýeleri sanapdyr. Ýene on bir çykypdyr. Ýene düşüp sanapdyr.
Düşüp sanasa, eýesi guramyş, on iki diýýä.
Münüp gelýän erkegini sanamalydygy teý üşügine gelmänsoň, saňsarlaryň düýp atasy şol gezek gaty
kösenipdir. “Beh, bu nämüçin beýdýär-aý? Ýaňam on birdi. Indem on iki, ýola düşemsoň, ýene on bir
bolaýsa” diýip, elheder alypdyr, aljyrapdyr. Ahyrynda halyslalla göwnelaýyk tükelläp bilmänsoň,
öňden barýan erkegiň owsaryny eline alypdyr-da, pyýada gidiberipdir. Gidip barýarka-da gözi yzynda
diýýä. Zol-zol gaňrylyp, sanap barýamyş. Hasabyny dürs çykarmak üçin pyýada ýöremeli bolandygyna
dagy birjigem ökünmändir.
Şeýdip, säher bilen ýola çykan Nazar heleý öýlesi bolanda zordan barmaly ýerine ýetipdir. “Muňa
näme bolduka? Ýaman köp eglendi-le. Eýgilikmikä?” diýip, bir ýerde durmaga karary ýetmän,
zowzuldap ýören baýa dagy barmysyňam diýmän, baran dessine ýarty bedre suwy başyna çekipdir.
Diňe şondan soň:
-Baý aga, mallaryňy sanapjyk alaweri! Şulary tükellejek bolup, tas şehit ölüpdim – diýip, uludan
demini alypdyr.
Göwnüne mojuk zatlar gelen baý geňirgenipdir. Sebäbini sorapdyr.
-Düýäň üstünde oturan ýerimden sanaýan welin, edil arwah kakan ýaly, biri kem çykyp dur. Düşüp
sanaýanam welin, dogry on iki sany. Ä-äý, hasabym çykman, ýaman heläk bolandyryn. Ahyry münüpdüşüp, münüp-düşüp ýadamsoň, pyýada gaýdyberdim. Maňa näme, ýitirmän, gaçyrman başbitin
gelen ýerim bolýar. Malyň tükeldir, baý aga, arkaýyn sanaber – diýip, Nazar çyny bilen jogap beripdir.
Öýdeniçerine ozaldanam mazaly belet bolansoň, baýyň gahary gelmändir. Gülüpdir.

“GONAMBAŞY”
Awtory: Kakamyrat Ataýew
-He-eý, saňsar! – diýipdir.
Ondan bäri ýedi-sekiz arka nesil çalşypdyr. Şunça wagtyň dowamynda saňsarlaryň döreýiş taryhy
baradaky gürrüňiň ýoýulan bolmagy-da mümkin. Ýöne düýp atalarynyň Nazardygyny we şoňa
meňzeşräk bir wakanyň bolandygyny saňsarlaryň özleri hem boýun alýar. Bu taryhy keýpiniň kök
wagty Amanýaza aýtdyraýsaň!
Güýzmyrat aga “Saňsarlar tiresiniň içinde Amanýazdan başga çorbaň ýüzüni ýaglap biläýjek kim
bolup biler?” diýen pikire gümra bolup otyrka oba tarapdan Saparyň traktory göründi. “Wah, gel-ä,
jan inim! Gaýrat ed-ä!” diýip, ol ýanynda hiç kimiň ýokdugyna garamazdan, nämüçindir daşyndan
seslendi.
6.
Köp çagaly maşgalalarda öýüň körpesi ir ýetim galýar.
Poladyň alty uýasy bilen iki agasy bar. Polatdan soňam bir oglan bäbejik dünýä inipdi, ýöne oňa baryýogy bir ýyl ömür berlen ekeni. Kakasy dokuz çagany kündük ýaly aýalyna goýup, göç etmek üçin
gözüni ýumanda Polat entek oglandy.
Agalary öýlendi, rysgy aýrylanyp, uçurym bolan guş kimin, özbaşlaryna höwürtge edindiler. Duzynesibesi çekip, wagty gelende gyz uýalary ýat ojaga imrigip gitdiler. Çöpi gaty uzakdan berilmänligi
üçin bir ýelli gün ejeleri hem körpe oglunyň deňli-derejeli bolanyny görüp bilmän, ýel atyna atlandy.
Doganlarynyň hersi bir ýerden tapylyp geldi-de, üýşüp, legzeban bolmasalar-da, legze kakyp, saç
ýaýyp, öten günleriň, sowlan döwranyň, dolanmajak baharyň agysyny aýdym edip aýtdylar, ýas
tutdular. Poladyň ýerden ýeke çykan ýetim däldigini gaýta-gaýta nygtadylar. Muny tassyk
edýändikleriniň delili hökmünde başga bir sähetli gün şagalaňy peselip, çolaran öýde iki egninden
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Gonambaşy - 3
  • Parts
  • Gonambaşy - 1
    Total number of words is 3775
    Total number of unique words is 2266
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gonambaşy - 2
    Total number of words is 3808
    Total number of unique words is 2343
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gonambaşy - 3
    Total number of words is 3809
    Total number of unique words is 2230
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gonambaşy - 4
    Total number of words is 3804
    Total number of unique words is 2336
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gonambaşy - 5
    Total number of words is 3774
    Total number of unique words is 2239
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    43.4 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gonambaşy - 6
    Total number of words is 3823
    Total number of unique words is 2265
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    50.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gonambaşy - 7
    Total number of words is 3840
    Total number of unique words is 2280
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gonambaşy - 8
    Total number of words is 3822
    Total number of unique words is 2329
    29.3 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    50.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gonambaşy - 9
    Total number of words is 2862
    Total number of unique words is 1809
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.