Latin

Gonambaşy - 4

Total number of words is 3804
Total number of unique words is 2336
30.5 of words are in the 2000 most common words
44.4 of words are in the 5000 most common words
51.8 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
9.
Agşamlyk Amanýaz saňsaryň ýanyna oba geňeşliginiň başlygy Aky geldi.
-Amanýaz ýegen, saňsarlaň içinde iň düşbüsi sen. Ýöne senem käte nyrhyň soralmanka bahaňy
aýdýaň. Sen kim diýip soramankalar, men saňsar diýip gygyryp dursuň. Beýtme ahyryn! – diýip, ol
heniz dyzyny epip-epmänkä gahar gatyşykly igenjini orta dökdi.
Daýysynyň çynlakaý gepinden, agras hem ýadaw görünýän ýüz keşbinden elheder alyp, Amanýaz:
-Näme edipdirin, daýy? – diýdi.
-Kelte kakýaň, ýegen, kelte! Hiç kimden soraman-zat etmän, kelläňe gelenini edip goýberýäň.
Amanýaz nirede näme edenini ýadyna saljak bolup, hakydasyny dörüşdirip ugrady welin, Akynyň özi:
-Öwlüýäde näme iş edip gaýtdyň? O ýazyp gaýdan hatyň näme? – diýip, ýatladaýdy.

“GONAMBAŞY”
Awtory: Kakamyrat Ataýew
-Ýa-he-eý, daýy, şü tozan turzup gelmäň bär sebäbi şo dälmi? – diýip, Amanýaz biraz ynjaldy.
Akynyň has-da gahary geldi.
-Amanýaz, men entek öýe-de baramok. Özümem gyzyl aç. Öwlüýäden gelşim şü. Ilki hyýalym-a
hatyňy getirip, işigiňde çüýläp goýaýynam bir diýdim. Öňümden biri çykyp, munyň näme diýer öýdüp,
utandym, il-günden çekindim. Ýene-de aý, bor-la, saňsardan geň däl, üstesine-de daýy-ýegen bolup
otyrys diýip, goýbolsun etdim. Ýazgyňam owum-döwüm edip, otladym, tüssesini asmana sowrup,
külünem igdäň aşagynda gömüp gaýtdym.
Amanýaz ilki-hä öz gapysynda “Men-men diýen ärler ýatyr gum bolup” diýen sözler ýazylgy tagtanyň
çüýlengi suratyny, soňam Akynyň eli ýazgyly alakjap gelýän keşbini göz öňüne getirip gördi. Gijara
gonamçylygyň ýakasynda gara başyna gaý bolup, tagtany döwüşdirip, otlap ýören daýysy hyýalynda
janlananda gülküsi tutdy.
-Otlamakaň okadyňmy, daýy? – diýip, ol göwnübir sorag berdi.
Henizem hum ýaly çişip oturan Aky:
-Okadym – diýip gysga jogap berdi.
-Hm, bolýa okan bolsaň. Okap otlan bolsaň, ýene gowy – diýip, Amanýaz ýüzüni aşak saldy.
-Ýene göwi – diýip, Aky onuň agzyna öýkündi. – Ýagşam bir pohuňy iýipsiň!
-Daýy, näme pohluk gördüň-aý o ýazgyda? Düşünseň, möňňürip aglap oturmaly sözler ýazdym.
Nämesini halamadyň?
Aky başam barmagy bilen süýem barmagyny tegeläp görkezdi:
-Seň syýasy taýdan düşünjäň nol!
Amanýaz güldi.
-Aý-ow, daýy, meň tapan zadym däl ol, Magtymgulyňky – diýip janykdy.
-Itiňki bolsun! Ýedi ýoluň ugrunda agaja çüýläp goýan sen! Erteki gün o ýokardaky ýaşulylaň gözüne
ilse, Magtymgulyň adyny tutmazlar, seň şahyňa kakarlar. Sendenem öň maňa gep geler. Düşünýäňmi
şo zatlara?
-Düşünemok, daýy, düşündir!
-Erteki gün diýýä-än, ýaşulylar okasa, näme pikir eder? O-ol men-men diýip ýören ýaşulylar özüne
çekmezmi? Nämä kakdyrýaň, kime pitjiň atýaň diýip, ýakaňdan tutsalar aman syparyn öýdýäňmi?
Külüňi sowyrlar, Amanýaz, külüňi!
Amanýazyň muňa hä diýesi gelmedi.
-Daýy, ýaman ýöwsel bolupsyň-aý! Kölegäňden gorkup aýlanyp ýörsüň. Men haýran saňa.
Aky dergazap bolup:
-Amanýaz! – diýip gygyrdy. – Saňsarlygyňy etme! Özüňe geljek gepi bil! Şu wagt men şony saňa zyýan
bolsun diýip goparyp otlandyryn öýdýäňmi?
Daýysyna ynamy bolany üçin Amanýaz şo bada gowşady.
-Ýo-o, daýy, düşünýän. Seň zyýanlygyň ýokdugyny bilýän-ä. Ýöne o diýýän ýaşulylaň kesä çekip, erbet
pikir ederler öýdemok.
-Be, be, sen-aýt, şü saňsar kelläň bilen ýaşululaň näme pikir etjegini näbilýäň? Şunam bileňok sen! –
diýip, Aky düwülgi ýumrugyny somlady.
-Biz bir iş etsek, hökman telek bolaýýar – diýip, Amanýaz hüňürdedi. Soň dogumlanyp, Akynyň
ýüzüne dikanlap:
-Meň-ä saňsar kemim ýok. Eger seň diýşiň ýaly, erbet pikir edýän bolsalar, olaň kellesi meňkiçe-de
ýok – diýdi.
Amanýazyň şu sözleri Akynyň ozalky gaharyna urna boldy. Ol gözlerini agdar-düňder edip, bir zatlar
diýmäge çemlenen wagty telefonyna jaň geldi. Onsoň Aky diline gelen sözleri bialaç ýuwudyp, telefony
aldy-da, düýbünden başga – ýüzi-gözi ýylgyryp duran, mylaýym sesli adama öwrüldi.
-Ýok, ýok, he-he, işden häli gaýtdym. Amanýazyň ýanynda otyryn. Amanýaz ýegeniň... Maňa
garaşman, iýiberiň. Bardym, ine, häzir barýan.

“GONAMBAŞY”
Awtory: Kakamyrat Ataýew
Telefony goýup, Aky Amanýaza diýmeli sözlerini hakydasyna getirjek boldy. Birbada ýadyna salyp
bilmedi.
-Ana, çagalaram biynjalyk bolup jaň edýärler. Il ýaly çaý-çöregi wagtynda iýip bilemok. Sen bolsa
bärde nokgy-nokgy edip, set-müň gepiň başyny agyrdyp otyrsyň – diýip igendi.
Hoşuň atasy ölmändir. Amanýaz daýysyndan başyny gutarmak üçin ahyry ylalaşyga geldi.
-Bor, daýy. Ýaşululara ýaramaýan bolsa, etmeris. Olar ýaly ters manysynyň bardygyny bilsem, ömür
etjekmi men ony?! Bizi tanaman duraňog-a. Saňsar adyny güne ýatyp alan däldiris.
-Şeýt, ýegen! O-ol mekdepde okadylýan goşgyny alaga-da, öwlüýäň bir gyrasynda ýazyp goýsaň,
bolmaz-a! Herki zadyň öz ýeri bar. Goşgy diýilýän zadyň mekdepde okamak üçin ýazylýanyny bizem
bilýäs, hemme kişem bilýär. Senem bilmän duran dälsiň welin, käte kädiň terse alyp gaçaýýar.
Amanýaz özüne zor salyp, ajy ýylgyrdy.
-He-eýý, daýy!.. Dogry... Dünýeler düýşdir keýtige diýen ýaly, käte uly-il samsyk bolup, bir özüm
akylly ýaly duýýan özümi. Şo wagt, çaky, kädim ters işleýän bolmaly.
Elbetde, şundan soň Akynyň gahary zym-zyýat boldy.
-Men-ä ýöredim onda, ýegen. Öýe baraýyn. Ýaman ýadaw şu gün – diýip, ol ýerinden turdy. Turdy-da,
çiňerilip, Amanýaza şübheli garady.
-Ýegen, göniňden gel, hany! Ikimizi gorpa iteklejek bolup ýören kümsügiň biri şony şeýt diýip
öwreden-ä däldir-dä saňa? Şeýle bolsa, daýyňdan zat gizleme!
Amanýazyň ilk-ä gahary geldi, soňam gülküsi tutdy.
-Biri öwretdi, daýy. Şeýdip, Akyny işden kowduraly diýdi. Meňem saňsar kellämde şemal şuwlaýar,
olar ýaly hilä akyl ýetirerlik çakym ýok. Ýöne seň daşyňa tor gurýanlaryny bilýän, aýagyň aşagyny
köwýändiklerini özüňem aňýansyň... – diýip, ol kinaýaly gülümsiredi. Soň iki egninden demini alyp,
nebsi agyrýan äňeňde gürledi:
-He-eý, daýy, halys was-wasa bolupsyň. Birki ýyllykda-da gyzyl ýaly adamdyň.
Aky gaharlanmady, giňlige saldy.
-Bor, ýegen! Bu zatlar hiç-le. Garaz, seresap bol diýjek bolýan. Töweregiňde dostdan duşman köp –
diýip, gapa tarap ugrady.
Amanýazam daýysyny daşky işige çenli ugratmak üçin aýak üstüne galdy-da:
-Daýy! – diýdi. – Onsoň seň o diýýän ýaşululaň öwlüýä-zada baryp görýärlermi? Gölegçi bolup
gidýälermi?
-Weý, ýegeniň aýdýanyny! Hawa gidýäler. Hökman gölegçimi? Zyýaratam edýäler. Ýörite-de
aýlanýarlar. Onsoň seň ojagaz ýazan goşgyňy, bu gün bolmasa, erte hökman görerdiler. Minneti
menden çek!
-Hm... Dogry... Bor, daýy, sag bol. Taňryýalkasyn! Sen-ä maňa gaty uly kömek etdiň. Menem bu
ýagşylygyň astynda galman. Maýyny tapan wagtym hökman ýerine salaryn bu edeniňi – diýip,
Amanýaz kinaýa etdi.
Aky ýaňsyny duýmady, göwnübir gijäniň garaňkylygyna siňip gitdi. Sähel salymdan köçe tarapdan
onuň kimdir biri bilen gürleşýän hümürdisi eşdildi. Hümürdi ýuwaş-ýuwaş uzaklaşdy, soň hiç zat
eşdilmedi.
10.
Gyzlaryň äre çykansoň birsyhly görmegini artdyrybermesi-de bolýar. Ýazbibi ýaňy-ýaňy görk açyp
ugrady.
Gyz döwürleri ol yşnaksyzdy. Garaýagyz, çepiksije, hordy. Gözleri alady, uludy, üstesine-de öçügsidi,
inçemik ýüzüne birjigem gelşik berenokdy. Alçak däldi, geplemsek däldi, sustdy, dymmady.
Terliginden daşgary göze ilginç owadanlygy bolmasa, howalasy belent ýetginjekler gyzyň ugrunda odaköze düşüp ýörmeýärler. Ýasawyna laýyk Ýazbibem ilki-ilkiler hiç bir oglanyň höwesi bolup bilmedi.
Hiç bir oglanyň ýüreginde yşk oduny ýakyp bilmedi. Ýakjagam bolmady. Käbir joralarynyň açyklygy

“GONAMBAŞY”
Awtory: Kakamyrat Ataýew
hem görk-görmegi bilen telim oglany oda oklap, suwa salyp, telbe edip, olaryňam içinden özleriçe iň
bir edenlisini, dokuzy düzüwini saýlap-seçip, syrly-syrly bakyşlaryny, düşnüksiz, ýakymly, az-kem
ezýetli duýgulara maýyl bolup, juwanlyga mahsus bir derde ýolugandyklaryny görende kemsinmedi.
Ähtimal, bolup biljek zat, gözi gitse, gidendir, ýöne ol hiç kime görübilmezçilik etmedi. Ah çekmedi.
Arman etmedi. Käte uludan bir demini aldy-da, oňdy. Kimdigi näbelli bolan biriniň haçanam bolsa bir
gün ýassykdaşy boljakdygyna, onuň ömürlik meslekdeşine öwrüljekdigine welin ynandy. Hyýalynda
bir araba münüp, alys ýollary bile sökmeli hemrasyny hemmelerden saýlanyp duran, syrdam boýly,
nurana, mylakatly, dogumly ýigide öwrüp, özüçe göz öňüne getirdi. Ony ýüreginiň pynhan bir ýerinde
oňly oýanyp bilmän ýatan söýgi bilen ezizledi. Käte-käte-de uýaldy, öz-özünden utandy.
Ýöne Ýazbibä-de söz aýtjak oglan bar ekeni. Şo döwürler goňşulary, özünden iki ýaş uly Jumadurdy
girse-çyksa, içgin-içgin seredip, gözi bilen Ýazbibiniň taryna kakyp gördi. Sessiz habar gatdy.
Ýazbibem ýetişen gyzyň üme düşbüligi bilen alaga-da, muny hyýalyndaky ýigit bilen deňeşdirip gördi.
Öňden tanap, bilip ýörenden bolsa-da ahmal, Jumadurdy o ýigidiň ýanynda juda ýükisaman göründi.
Geljegini Jumadurdylaň öýünden girip-çykyp ýören bagtyýar gelin hökmünde göz öňüne getirip
bilmänsoň, Ýazbibi sessiz habar alşy ýaly, bada-bat sessiz habar berdi. Gaşlaryny gaharly çytyp,
siltenjiredi, ýüzüni ajydyp, kese-kese sowdy. “Maňa ýanýoldaş bolmaly sen däl. Men başga birine
garaşýan” diýen manyny oklady. Jumadurdy ýa-ha gaty tünt ekeni, ýa-da kör umyda ýesir düşdi. Yza
tesmedi. Maýyny tapyp, lak atdy. Ýazbibem öz gezeginde jogabyny berdi. “Süýkenme! Men seň deňiň
däl. Öz deňiňi gaşa!” diýdi. Jumadurdy ýüzüni küsserdip, zut gitdi. Ýöne umytdan ymykly düşmän
ekeni. Iki günden soň çola ýerde Ýazbibi bilen gabatlaşdy, kagyza dolangy sowgadyny uzadyp,
boýnuny burdy. Özelendi. Ýazbibi onuň sowgadyna seretjegem bolmady, terse döndi. Jumadurdynyň:
“Beýtme-dä, Ýazbibi! Bir zat diýip git-dä!” diýen zarynlamasyna-da “Meni öz günüme goý! Meň
halaşýanym bar” diýip ýalan söz bilen jogap berdi. Şeýdip, özüne söz aýdan ýeke-täk oglanyň
ýüregindäki kiçijik ody üfläp öçürdi. Şeýdip, Jumadurdydan sowuldy.
Ýoňsuz wagt geçmänkä Jumadurdyny öýerdiler. Edil şuňa garaşyp duran ýaly, yzýany Ýazbibi üçinem
goňşy Aktakyr obasyndan sawçylyga geldiler. Birem däl, bassyr üç gezek geldiler. Soraşyp, ideşip, ejesi
ahyry olaryň saçagyny açdy. Hyýalyndaky syrdam boýly, nurana ýigit bilen deňeşdirmezden-zat
etmezden, Ýazbibini Polat atly ýetim oglana durmuşa çykardylar.
Adamyň birgeňsi häsiýeti bar. Ygtyýarynyň ýetip-ýetmeýänligine garamazdan, ol ähli zady terezä
goýýar. Başyna kürte atylansoň, Ýazbibi göwün ýüwürden ýigidi bilen Polady terezä salyp gördi.
Görse, ullakan parh ýok ekeni.
Söýgi hesersiz bolmaýar. Ýazbibi Polady aýratyn hyruç bilen söýdi. Ýaşyryn söýdi. Yhlasyny kemmedi,
mährini gysganmady. Ol bagty uzaltmagyň ygtybarly ýoluny tapypdy. “Ynha, bäbejigimiz bolar welin,
durmuşymyz has-da süýjär” diýip, Ýazbibi göwün ýüwürdýärdi. Perzent küýsegi onuň utanjyna azkem talaň saldy. “Çaltrak dogursam! Ýeňlesem! Bäbejigimi elime alsam!” diýip, ol bir gezek Poladyň
ýanynda gyz haýasynyň özüni terk edenini bilniksiz boýnuna-da aldy. Ýaş gelniň çaga dogurmaga
isleginiň şular ýaly güýçli bolup biljekdigine, ony häzire çenli aňşyrman gelendigine oturyp-oturyp geň
galdy. Şu meselede hiç bir gelniň özünden üýtgeşik däldigine şübhe etmedi. “Dogurasy gelmeýän heleý
ýokdur” diýdi. Şu pikir onuň buýsanjyny artdyrdy. Şol buýsanjy baýdak edinip, bagtyň hoş owazyna
melul bolup ýörkä-de, ine, Polat bir ýerden ýataňda-turaňda kelläňe gelmejek myjabata ýugrulan
gürrüň tapyp geldi. Şo gürrüňe ynanybam Ýazbibini kowdy. Änigine-şänigine ýetmän: “Sen tetelli
heleý gerek däl!” diýdi.
Ýazbibi töhmete eýlenen gürrüň bilen Poladyň ýüregini çişirip goýberen Jumadurdydan başga hiç kim
däldir diýip oý etdi. Şo-ol gezekki sözüne oňyn jogap berilmän, ýüzüne urlanlygy, niýetlän sowgadyna
dagyn bir gezejigem seredilmänligi üçin dişinde et galandyr, gahar edýändir, ar aljak bolýandyr öýtdi.
Ony gül ýaly hojalygy dagydyp, yşk bilen alawlap ýanýan ojagy ýumurmak hyýalyna münen näkes
saýdy. Ýigrendi. Gargyndy. “Hudaýym, päliň ýoldaşyň bolsun! Tünegiň başyňa ýumrulsyn!” diýdi.
Ýalňyşýan bolmaýyn diýmedi. Günä göterýändirin öýtmedi. “Häzir öýe bararynam, pälinden tapmyş

“GONAMBAŞY”
Awtory: Kakamyrat Ataýew
pälazan bilen bellisini ederinem” diýip, ýolda gylaw aldy. Ýöne öýlerine barandan soň ejesine derdini
aýdyp, içigip-içigip aglajakdygyna gözi ýetse-de, bellisini etmek üçin Jumadurdylar tarapa aýagynyň
ädilmejekdigini, ädiläýende-de häzirki diýäýsem-diýäýsem diýip gelýän sözlerini aýtmaga gaýratynyň
çatmajakdygyny güman etdi. Kejikdi. Adalatsyzlyga jany ýandy. Çäresizligi üçin dodagy kemiş-kemiş
etdi. Öz ýanyndan Jumadurdyny ýene bir öwre pisledi. Näletledi.
Eýse, onuň Polada gahary gelmedi. “Polat tora düşdi, oňa al saldylar” diýdi. Polat akyl etmedi, Ýazbibä
ynanmalydy. Ynanmady. Bir ýassyga baş goşup ýören söwer ýaryny ynandyryp bilmänligi üçin Ýazbibi
özüni kötekledi. Äriniň namysdan ýaňa ýarylyp bilmän, hum ýaly çişip oturanlygy üçin, ýüreginiň bir
ýerinde agyry-yza sebäpli nähak ezýet çekýänligi üçin özüni günäkär hasap etdi.
Häzir ol kalbynda Polada hiç hili ýigrenjiň ýokdugyny, tersine, onuň halyna nebsi agyrýandygyny
duýup, geň galdy. Gahar etse edibersin, Polat ony çyny bilen kowan däldir. Gidişleýin gitsin diýen
däldir. Ynha, görersiň, eýýäm ol eden işine ökünýändir. Puşman bolandyr. “Häk, kowmaly däldim.
Kelte gaýtdym. Ýalňyşdym” diýýändir. Söýýän adamyňy “Göteril!” diýip kowup goýbermegiň, ondan
geçmegiň öwezini dolup bolmajak ýitgidigine Polat düşünýändir. Onuň durky bilen Ýazbibini
söýýändigi gözünden belli. Göz ýalan sözlemeýär. Göz iň bir pynhan syryňa çenli aýan edýär. Eger
dünýäde adalat diýilýän zat bar bolsa, söýgiň hatyrasyna, bu-gün erte dünýä inmeli çaganyň hakyna
Polat Ýazbibiniň yzyndan hökman geläýmeli. Gelmejek gümany bolmaz.
Uly ýola çykyp, biraz ýöränsoň, Polat onuň yzyndan ýetdi.
11.
Sähet ak öýlänler bazardan çykdy. Bir çetde oturyp, jübülerindäki pullary orta döküp, sanady. Kanagat
tapdy. Geçip barýan kireýkeşleň birini saklap, şäheriň atly meýhanalarynyň birine gitdi.
Ilki garbak-gurbak edindi. Soň çakyr getirtdi. Köne ülpetleriniň biri gabat geläýjek ýaly, ýaltaklap, gözi
töwereginde boldy. Ol gije bir çene baryp, meýhana çolarýança ýeke özi iň çetki stolda arpa suwuny
süzüp oturdy. Iş wagtynyň gutarmagyna az salym galanda hyzmatçy gyz eýdip-beýdip onuň bilen
hasaplaşdy. Seri mazaly sämän bazar gedaýynyň ýadyndan çykaryp ötäýtmezi ýaly onuň telpegini
eline tutduryp, ýasama mylaýymlyk bilen daşky gapyny açyp berdi.
-Sag boluň! Gelip duruň! - diýip çykaryp goýberdi.
Kesesinden hüýli görünýän, dymma, egin eşigi-de sary giden we kirläp garagäz bolan bu müşderiniň
daş çykansoň, ýykylmazlyk üçin diwara söýenip durmasyna hyzmatçy gyz adaty ýagdaý hökmünde
perwaýsyz seretdi. Täzelikde peýda bolan gojanyň aýlawly kellesiniň badyna ýaňadan yzyna dolanyp
giräýmeginden ätiýaç edýän ýaly, gapyny içinden temmeledi, penjiräň öňüne baryp, ýadaw hem
keýpsiz garaýyş bilen az salym Sähede äňedip durdy.
Birsellemden Sähet garaňky köçe bilen ýöräp, meýhanadan daşlaşdy. Onuň äwmezek hereketleri,
haýal ädimleri wagtyň gymmatyny gaçyrdy. Garaňkylyk, garrylyk hem serhoşlyk ony jaýyň diwaryna
ýapyşyp ýöremäge mejbur etdi. Sesýetim aralygy serhoş bolýançaň çakyr içerlik salymda zordan geçdi.
Ysgyn-mydardan gaçan aýaklary diýen edesi gelmedi, üç-dört gezek entirekledi, her hal, ýykylman,
köçäniň aýagujyna çykdy. Onsoň ol bulaşyk aňy bilen uzakly gije dyngysyz ýol ýörändirin diýip pikir
etdi, öz ýanyndan abyrsyz menzil geçendirin öýtdi.
Sähet köçäniň petige direýän ýerinde yraň atyp durşuna haýsy tarapa gitmelidigini bilmedi. Ol
şalkyldap ýykylaýmakdan zordan saklanyp, çöňňelen göreji bilen bir zatlar saýgarmaga synanyşdy.
Ýolunyň hanjakdygyna ähmiýetsiz garaýandygy äşgär bolansoň, kese köçä düşüp, ýanýodanyň ugry
bilen sag tarapa ýöräp ugrady. Haýal gitdi. Bir haýatyň başlanýan ýerine ýetip, biygtyýar aşak çökdi.
Tapdan düşen göwresine täzeden güýç toplamasa, mundan aňryk gidip biljek däldi.
Sähet arkasyny haýata berip oturdy. Oturdygyça gyşarasy geldi. Gyşardy. Ukusy gelmeýärdi. Ýadapdy.
Dynç almalydy.
Onuň çöken ýeri goýy tümlüge örtülendi. Bäş ädim beýlesinde egrelip ösen garry agaç gollaryny gerip,
iri ýapraklaryny perde edinip, süýr depä çykan Aýyň şöhlesini saklap otyrdy. Töwerek bolsa zir-

“GONAMBAŞY”
Awtory: Kakamyrat Ataýew
zibilden doludy. Ýogsa, bu ýeri zibilhana däldi, zibilhana däldigini ýatladýan iki sany ýazgy hem bardy.
Sähediň ýaplanyp ýatan haýatynyň ýüzüne uly hem gödeňsi harplar bilen gyzyl reňkde: “Haýyş! Zibil
dökmäň!” diýlip ýazylgydy. Beýlekisi bolsa ýuka demir bölegine ýazylyp, aňyrrakda, köçe bilen
ýanýodanyň serhedinde dikilen bilek ýogynlygyndaky tagta çüýlenip goýlupdyr. Onuň ýüzünde
gözilginç gara reňkler bilen “Zibil dökmek gadagan!” diýen ýazgy bardy. Elbetde, Sähediň bu ýazgylary
gözi kesjek däl, okamaga islegi hem ýok. Ol biraz oýa ýatyp, bedenine inen argynlygy ýeňletse bolýar,
onsoň bu zir-zibiliň içinde ýatmaz, gider.
Kän mahal geçmänkä hol aňyrdan çaga jedirdisi bilen aýak sesi eşidildi. Yzyna kiçijik oglanjygy tirkäp,
eli zibil bedreli aýal maşgala ýetip gelýärdi.
-Öňüňi görýäňmi? Dur indi şo taýda. Ýykylarsyň – diýip, ol yzyna garaman çagajyga habar gatdy.
Oglanjyk galar ýaly däl. Haýdap gelşine ejesiniň elindäki bedreden aslyşdy:
-Ej-je, getir men dökjek. Men dökjek diýýä-än.
-Aýryl, bala, goýber, häzir üstüň hapa bolar. Aýryl. Sen gaýdyşyn boş bedräni göteräý.
-Menem dökeýin – diýip çaga aglamjyrady.
-Ana, ho taýda gedaý bar, häzir seni şoňa berip gideýin-le. Torbasyna salyp, äkider – diýip, aýal ogluna
ýalandan haýbat atyp, Sähediň ýatan tüm garaňky ýerine elini uzadyp görkezdi.
Oglanjyk tapba sesini goýdy, ejesi bedresini boşadýança bärligine seredip durdy, şonda ol torbasyny
görmese-de, kellesini gyşardyp, egrerlip ýatan Sähedi anyk saýgardy. Üýşendi. Eýmenç tümlükde bir
özi ýatan gara belanyň özüni alyp galaýmagyndan gara çyny bilen howatyr etdi, elheder aldy. Tas
wägirip aglapdy. Ejesiniň arkaýynlygyndan az-kem teselli tapansoň, onuň köýneginden berk tutup,
aslyşdy. Tiziräk bu ýerden gitmäge gyssandy. Gidip barýarkalaram hamana, gedaý laňňa ýerinden
galyp, yzlaryndan ýetip, özüni torbasyna atyp äkidiberjek ýaly, zol-zol gaňrylyp, gorky bilen Sähediň
ýatan ýerine seretdi. Esli arany açansoňlar:
-Eje! – diýdi.
-Hä, bala, näme?
-O gedaý nämüçin ýatyr o taýda?
-Betlik edýän çagalary alyp gitmäge gelipdir. Şolara garaşyp ýatyr – diýip, Sähetden bihabar ejesi
göwnübir jogap gaýtardy.
-Şumat torbasynda çaga barmy?
-Hawa, bar. Betlik edýän çagadan doly torbasy.
-Onda nämüçin olar aglaşanok?
-Aglasa, gedaý olary öldir ýaly urýa.
-Gedaý çagany näme edýär? Gedaýyň öýünde çaga känmi? Oň nirede, eje?
Ejesi çagaň sowallaryndan irdimi, nätdimi, siltenip, onuň ýüzüni aldy:
-Goýber-ä köýnegimi! Ezenegimi ýyrtdyň, gabyr bolan! Aslyşaýşyň ne bela?
Soň oglanjyk ýykyldy öýdýän, çaga agysynyň arasy bilen aýalyň:
-Gözüňe seret, garagyň gapylmadyk bolsa! Tekiz ýerde ýöräp bileňok, teýsiz tohumy tükenen!.. Tur
indi! Getir eliňi! – diýýän igençli hüňürdisi eşidildi.
Soňrak bir ýerlerden zaryn aýdym sesi geldi. Ýuwaş-ýuwaş ýakynlaşdy. Aýdym bir ýaş gyzyň biwepa
söýgülisi baradady. Gyz aşyk bolupdyr, ýigidi jan-tenden söýüpdir, onuň üçin ähli zatdan geçmäge,
islendik kynçylyga döz gelmäge kaýyl bolupdyr. Ýöne, haýp, ýigit deýýus bolup çykypdyr, gyzyň päk
söýgüsine hyýanat edipdir, başga birine göwün beripdir, gyz bolsa örtenipdir. Şoň üçinem aýdýan
aýdymlary zaryn heňe ýugrulypdyr...
Sähet gabagyny galdyryp, äňetse, hüwjük saçly bir ýigdekçe haýal ädimläp, el telefonynda aýdym
diňläp barýar ekeni. Özi-de aýdymçy gyz bilen bir perdeden gopjak bolup saza görä başyny yralaýar.
Onuň yzýany iki sany aýal maşgala göründi. Olar ellerinde zibil bilen doldurylan gaplary göterip
gelýärdiler. Aýallaryň diňe birisi gürleýärdi, beýlekisi bolsa häsini ýetirýärdi.
-A gy-yz, dur-a, yzyny diňl-ä!

“GONAMBAŞY”
Awtory: Kakamyrat Ataýew
-Diňleýän-le.
-Meň oňa näme diýenimi bileňog-a.
-Aha, näme diýdiň?
-Heleýiňden gorkaňokmy diýdim. Heleýiň biläýse, nätjek diýdim.
-Hä-ä, onsoň?
-Şeý diýsem, meýit näme diýýär diý. Sen äriňden gorkaňokmy diýýä.
-Saňamy?
-Hawa-la. Maňa.
-A gy-yz, o seni başga birine meňzeden bolaýmasyn, gyz?
-Ýok, hiç kime-de meňzedenok. Düýnki çypar oýnatga ärimdir öýdüpdir.
Ikisi-de çasly güldi. Gülküleri çylkasyz çykdy.
Golaý gelenlerinde olar gülkülerinem, hümürdilerinem kesip, burunlaryny tutdular. Getiren
hapalaryny döküp, yzyna gitdiler.
-Bigaýrat-la, gyz. Bitini iýme, syrnyh. Telefonyma pul geçirip bilenok. Menem ýüzümi saraldyp,
sözümi zaýalap... – diýip, uzaklaşyp barýan aýal sesi nägilelik bilen zeýrendi. Soň hiç zat eşidilmedi.
Sähet tas irkilen ekeni. Asyl ymyzganypdyr. Gözüni açsa, daýaw bir jahyl üstüne abanyp, Sähediň
jübülerini dörüşdirip duran ekeni. Garşylyk görkezere, gaýtawul berere mejaly bolmansoň, Sähet sesselemsiz gabagyny ýumdy. Iň bolmanda dili bilen bir zatlar diýmäge-de rowgaty çatmady. Daýaw jahyl
bolsa Sähediň oýananyny bilmän, bilse-de, hiç hili gypynç etmän, arkaýyn barlady. Alňasamady.
Ahyrynda bilbiliň ketegi ýaly kiseden zat tapmanlygyna sögünip, tüýkürinip zut gitdi.
Sähet ähli puluny meýhanada sowurtlanyny, aslynda puluny iň soňky teňňesine çenli gutarmak üçin
şunça çakyr bilen arpa suwuny içenini ýadyna saldy. Hemmesini sowman, biraz goýaýmaly ekenim
diýdi. Az içen bolanlygynda pul galardy, kellesem häzirki ýaly hüňläp durmazdy, süňkleri diýenini
ederdi. Ýaňky jahylam sögünip gitmezdi. Gedaýyň jübüsini dörmäge mejbur bolan oglana Sähediň
azajyk nebsi agyrdy.
Ol özüni ukynyň basýanyna akyl ýetirip ugrady. Bilse, indi ýerinden turmalydy. Gidip, şäher bagynyň
içindäki uzyn oturgyçlaryň birinde süýnüp ýatybermelidi. Baga aşar ýaly güýç-gurbat tapylmasa, iň
bolmanda hol beýleräge geçip ýatmalydy. Gaýrat etmelidi. Öýsüz-öwzarsyz bolaňda-da, gedaý güne
düşeňde-de, beýdip zir-zibiliň içinde bulaşyp ýatmak bolmaz ahyryn.
Sähet: “Azajyk irkilip turaýyn. Gözümiň awusyny alaýyn. Onsoň turaryn” diýdi.
Ol uklamaga ýetişmedi. Köne-küşül çöpläp ýören kemmagalyň biri aňyrdan sykylyk atyp geldi-de,
köçäniň aňry ýüzüne geçip, aýak üstünde buşukmaga durdy. Soň elindäki çeýe çybyk bilen zibilleri
dörüşdirip, Aýyň ýagtysyna iki sany çüýşe tapdy. Olary torbasyna saldy-da, Sähedi görmän, sykylyk
atyp, megerem, indiki zibilhana garşy gitdi.
Gabagy ýumlup barýan Sähet zibil dörüp, çüýşe çöpläp ýörmekden pişe bolmajakdygy, ondan-a
gowusy, bazara gidip, dilegçilik edeniniň müň paý gowy boljakdygy, ýaňky torbaly ykmandaň şonam
bilmeýändigi barada garjaşyk pikir edip, uka çümdi.
Näçe wagt ýatanyny-ha bilenok welin, Sähet ýiti gümpüldä ukudan oýandy. Gözüni açyp, garaňkylyk
bilen öwrenişýänçä ýene gümpüldi boldy. Yzýanyndan edil ýokary ýanyna, haýata gütläp daş degdi.
Sähet ilki kimdir biri özüni daşlaýandyr öýdüp gorkdy. Seredip görse, hol aňyrrakda durup, üç sany
ýetginjek ýetişibildiginden “Zibil dökmek gadagan!” diýen ýazgyly ýuka demri nyşana alyp, daş
ýagdyryp duran ekeni. Esli aralykdan zyňýandyklary üçin olaryň kän oky boş geçýärdi-de, gelip
Sähediň arkasyndaky haýata degýärdi.
Ýetginjekler ahyry nyşanany urup ýykdylar. Onsoň “Men ýykdym-da, men ýykdym” bolşup,
wagyrdaşyp, jedelleşdiler. Ahyry jedeliň ähmiýetsizligine düşündiler öýdýän, nyşanany kimiň urup
ýykanlygyny belli edip bilmän, öz ýollaryna gitdiler.
Şundan soňam Sähet ýerinden gozganyp bilmedi. Usurgamakdan ýaňa ýere siňip barýardy. Ýüregi
bulanyp, kellesinde ýiti agyry bardy. Üstesine zir-zibiliň porsy, dymyljak, ýakymsyz ysy onuň aňyrsyny

“GONAMBAŞY”
Awtory: Kakamyrat Ataýew
bärsine getirdi. Serhoş beýnisi bilen halynyň egbardygyny aňdy. Ýüreginiň gürsüldisi güýçlendi.
Onsoň ol ýatan ýerinden başyny çalarak göterdi-de, aşgazanyndamy, bir ýerinde özüni nirä urjagyny
bilmeýän ajy suwuklygy mundan beýläk saklap bilmän döşüne gaýtardy. Gözüniň öňünde akja
uçgunjyklar peýda boldy. Ümezledi. Ýaşardy. Birbada hiç zat saýgaryp bilmedi. Az salymdan ynjaldy.
Eliniň aýasy bilen agzyny süpürdi. Tüýkürindi. “Azajyk suw bolaýsa, sowujak suw!” diýip arzuw etdi.
Daň agaryberende it sesi onuň ukusyny bozdy. Ygyp ýören iki sany eýesiz köpek zibilden bir zat tapyp,
oňuşman, gabyr-gubur edişdi. Sähet telpegini eýläk-beýläk galgadyp, ýatan ýerinden itlere haýbat
atdy.
-Küç-aýt! Ýit, jähennem bol! – diýdi.
Ol halynyň hälkisinden has ganymatlaşandygyny duýdy. Kellesiniň bir ýerlerinde samsyk agyry bolsada, oňuşmazça däldi.
Sähet şondan soň uklamady. Biraz oýa ýatyp, suwuň gözlegine çykdy.
12.
Jahan töweregine mata baryny üýşürip, gara başyna gaý tikin-çatyn edip oturan ekeni. Bu gapa ömür
ýüzi düşmeýän Suraýyň zoraýakdan ýylgyrjaklap gelmesi ony biraz geň galdyrdy, ýöne geňirgenmesi
duýulmady.
-Suraý gyz, tüweleme, gel-ä, näme gapyda dursuň? – diýip, ozaldan garaşyp oturan ýaly, oňa mylaýym
habar gatdy.
Suraý geçip oturdy. Jahanyň öňündäki mataň bir gyrasyny elläp görüp:
-Köýnek tikinýäňmi? Özüňemi? – diýip sorady.
Jahan başyny atyp:
-Hawa – diýdi. – Men-ä Ogulbibä biçdirýän-de, özüm tikinäýýän. Şu gezeg-ä haram tula ýaman dar
edip biçdi öýdýän. Geýip görmeseň, biljek gümanyň ýok.
-Gelşigi üçin dar bolsa gowy dämi gaýtyp?
-Hm, şuny Seýitmyradyň ýanynda-da aýdyp gör. Al-petiňden alýar kime görünjek bolýaň diýip. Är
diýeniň, dar geýiberseň, hökman birine görünýändir diýip düşünýä.
Suraý:
-Nesip etsin! Gül-ä owadan ekeni. Toýa geý! – diýip, derrew turmak bilen boldy. Şalar barada gürrüň
açmaga ejap etdi. “Jahan bihabar ekeni. Şalar muňa aýdyp ýetişen däldir. Habarly bolanlygynda
hökman nem syzdyrardy” diýdi.
Jahanam onuň obaň o çetinden bu çetine ýörite aýagynyň ýelini almak üçin gelmändigine şunça
güman etse-de, “Keýpinemi?” diýip sorap durmady.
Ertesi Jahan ikindinara ýene-de tikin maşynyny öňüne alyp, şyrladyp otyrka gapyň agzynda gany
gaçan ýüzüni ýerden galdyryp bilmän, sadylla bolup duran Suraýy görüp, çynlakaý bir gepiň
bardygyny aňdy. Işini goýup, öňüne çaýly çäýnegini çekdi.
-Al, çaý içip otur – diýdi-de, Suraýyň özüni gepletmekçi bolýan ýaly esli dymdy.
Suraý ahyry aýgyt etdi, ýüregini bire baglap, gyzaryp:
-Şalaryň yzyndan gidip-gelýäňizmi? – diýip sorady.
“Ine, gördüňmi? Mundan çykd-ow! Asyl bi gyz Şalaryň köýünde oda-köze düşüp ýören bolsa nätjek?”
diýip, Jahan içini gepletdi. Daşyndan bolsa:
-Şageldi gidip geldi. Menem basym gitmekçi öz-ä – diýdi.
“Şageldiň ýanynda dagy men barada hiç zat agzamadymyka? Aý, ýok, agzan däldir. Maňa degişli bir
zat aýdan bolsa, bu çaka eglenmezdiler, maňa eşitdirerdiler. Ýa men onuň ýadyna-da
düşemokmykam?” diýip Suraý öz ýanyndan oýlandy. Daşyndan bolsa:
-Ýagdaýy gowy diýýärmi? – diýip sorady.
-Oňat. Erbet däl-ä diýdiler – diýip, Jahan uludan demini aldy. – Ah-heý, oturan ýeriň türme bolsa,
ýagdaýyň gowy bormy? Kän gudurady-da. Ýeri, seň myhman bilen ne işiň bar? Iý, iç, gaýt öýüňe. Dek

“GONAMBAŞY”
Awtory: Kakamyrat Ataýew
gezen – dok gezer diýýä.
-Maňlaýynda bardyr – diýip, Suraý Şalary aklamaga çalyşdy.
-Hawa-la, iki barmak maňlaýyňa türme ýazylan bolsa, gaçyp sypjak gümanyň ýok. Ýöne biraz
towşantüýräk bolmaly. Uranyňdan urlanyň gowy dämi?!
-O myhman oglanyň özi ilki başlapdyram diýýärler.
-Başlanda näme, urup özünden gidiren biziň sähnämiz. Gerek ýerinde binamyslyga salaýmasaň,
hökümet türmede çüýredäýýär. Bir ýumruk üçin üç ýyl!
-Wagtyndan öň boşadarlarmyka?
-Hawa, boşadarlar. Hany, indi doly oturýan barmy?
Suraýyň bolan-goýan işler barada jikme-jik gürrüň edesi gelmedi. Aýyp saýdy. Onsoňam Jahanyň
näme diýjegini kim bilýär? Esasy zat, Şalar bilen habarlaşyp bilse!
-Şalaryň yzyndan gitjek wagtyňyz bir hatjagaz ýazyp ugratsam...
-Eltip bererin...
-Men basga düşüp ýören bolmagymam mümkin... Çöňürdäki daýylarymyz meni sorap gelipdirler.
Guda bolaýsak diýýärler...
-Hm, ana, gördüňmi? Ejeň dagy näme diýýä? Göwnejeklermi?
-Heniz-ä belli jogap bermedik ýaly. Ýöne daýym ýene geleris diýip gidipdir.
-Çatak bolupdyr-ow – diýip, Jahan gaýga gitdi. Onsoň, meger, göwünlik bermek üçin:
-Men Şalara oňatja düşündirip aýdaryn, sen alada etme! – diýdi.
Diýse-de, tussaghanada oturan adamyň bu ýerdäki gudaçylyga neneňsi täsir edip biljekdigine Jahanyň
akly kesmedi. Ýaman ýeri, Suraýyň ejesi türmede oturyp gelene, belli zat, gyzyny bermez. Eger Suraý
“Şalardan başga hiç kime barjak däl” diýip, aýagyny depip dursa, başga mesele!
-Men näme etsemkäm? – diýip, Suraý aljyraňňy sowal berdi.
-Näme etmekden Hudaý saklasyn! Şalary halaýanyň çynyň bolsa, garaş diýjek men-ä. Ejeňe-de
halaşýanym bar diý. Ýa özüm duýduraýynmy? Suraý elini daldalap, howlukmaç gürledi:
-Ýok, ýok! Ejemiň ýanynda bir agzamaweri!
Juda galagoply ýagdaýda boz-ýaz ýygrylyp oturan Suraýyň Şalara bolan söýgüsiniň näderejededigini
anyklamakçy bolýan deý Jahan:
-Ýok, eger göwnüň bölek bolsa, Şalar bolmasa, ýene biri ekeni-dä diýseňem, özüň bil – diýip, gelşiksiz
gürrüň etdi.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Gonambaşy - 5
  • Parts
  • Gonambaşy - 1
    Total number of words is 3775
    Total number of unique words is 2266
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gonambaşy - 2
    Total number of words is 3808
    Total number of unique words is 2343
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gonambaşy - 3
    Total number of words is 3809
    Total number of unique words is 2230
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gonambaşy - 4
    Total number of words is 3804
    Total number of unique words is 2336
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gonambaşy - 5
    Total number of words is 3774
    Total number of unique words is 2239
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    43.4 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gonambaşy - 6
    Total number of words is 3823
    Total number of unique words is 2265
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    50.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gonambaşy - 7
    Total number of words is 3840
    Total number of unique words is 2280
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gonambaşy - 8
    Total number of words is 3822
    Total number of unique words is 2329
    29.3 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    50.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gonambaşy - 9
    Total number of words is 2862
    Total number of unique words is 1809
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.