Latin

Gonambaşy - 7

Total number of words is 3840
Total number of unique words is 2280
29.6 of words are in the 2000 most common words
42.6 of words are in the 5000 most common words
49.7 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
zorruk sesli bir pyýada:
-Ahaw, sende utanç-haýa bolmazmy? Aram-aram aýlanýan ýeriňi üýtged-ä. Ýaňyrak çöpläp gitdiň-ä
bärden. Beýtme ahyryn – diýip, bar badyny aldy.
Sähet şu hatara girenini ýadyna saljagam bolman, hyrra yzyna döndi. Bäş ädim ätmänkä arkasyndan
ýaňky zorruk ses täzeden eşidildi:
-Haý, gäbi azypdyr-a muň. Nirä aýlananyny-aýlanmadygyny bilmese nätjek?! Ha-ha-ha! Oýun etdimeý, ýaşuly, bärik aýlanmadyň-a bu gün. Gel, yrsgyňy taşlap gitme!
Sähet gaýtadan dolanmady, içinden zorruk seslä paýyş sögündi-de, başga hatary syryp ugrady.
Hataryň aýgujyna çykyp, eýýämhaçan usurgap mejaly gaçan göwresine dem bermek üçin aşak oturdy.
Polisiýa gözegçisi geläýmänkä turaýyn diýen hyýala münen wagty bir aýal üstüne abanyp:
-Ой, ой! Боже мой! Сахат! – diýdi.
Sähet başyny galdyryp, elini gözüne kölegeledip, seretdi, birbada onuň kimdigini ýadyna salyp
bilmedi.
-Sähet. Sähet dälmi sen? Не узнал меня?
Aýal dyzyny epip, onuň çat maňlaýynda çökdi. Tolgunmakdan hem duýdansyz peýda bolan begenç
duýgusyndan ýyldyraýan mawy gözlerine, güne gaýzygan ýüzüne dowamly bakyp, Sähet gartaşan,
wagtyndan öň garran we biraz bili bükülen Zeýnebi, şo-ol birmahalky, ilki başdaşy Zeýnebi tanady.
Tanap, ajy ýylgyrdy.
-Hawa-la, men. Men-le. Üýtgäp gidipsiň, Zeýnep! Tanamajak boldum – diýip, üzlem-saplam gürledi.
Zeýnep, ähtimal, sandyraýan barmaklaryny gizlemek üçin Sähediň penjeginiň ýeňindäki tot-tozany
kakyşdyryp oturyşyna:
-Sähet! Nä günlere düşäýipsiň, Sähet-t?! – diýdi. Şonda onuň dodaklary kemsidilen çaganyňky ýaly
kemşerdi, gözüniň owasy ýaşdan dolup, kenaryna sygmady, ýoda ýasap, aşaklygyna gaýtdy.
Sähediň hykga damagy doldy. Ol gepläbilmän biraz oturansoň:
-Galmaz güne düşdüm, Zeýnep! – diýip, eşdiler-eşdilmez hümürdedi.
Zeýnep hamsygyp, eliniň aýasy bile gözýaşlaryny süpürdi.
-Nirelerde bolduň şu wagta çenli? Seni tanar ýaly etmändirler-ä, Sähet! Kim seni beýtdi? Nämüçin?
Sähet kynlyk bilen ýuwdunyp, iki egninden dem aldy.
-Şeýle boldy-da. Maňlaýyma şumlukdan başga zat ýazylmandyr öýdýän. Men nädeýin, ýazgytdan
gutulyp bolýarmy näme? Ýazgydym ýaman ekeni, Zeýnep!
-Hany, birmahalky syçrap duran Sähet nirede? Gözi ýanyp duran, dabanyndan ot çykýan, keýpi daş
ýarýan Sähet hany?.. Ýaşdyň, güýçlidiň, gujurlydyň, gülkiň ýere-göge syganokdy. Hany, o zatlar, hany?
Waý, waý, waý-eý, muň bolaýanyny! – diýip, Zeýnep eňredi.
Nakyslygy daşyndan bes-belli bolup duran iki sany diktumşuk jahyl bularyň ýanynda dem salym aýak
çekdi. Olaryň biri:
-Heý, heý, o nämüçin gül ýaly maşgalany agladyp dursuň? Hany goýdur sesini, köşeşdir derrew! –
diýip, Sähede ýalandan hemle atdy.
Sähet ýüzüni ajadyp, kynlyk bilen ýuwdundy.
Oglanlar wahahaýlaşyp gülüşip, geçip gitdiler.
-Men seni ýaman kän gözledim, Zeýnep. Sen ölensiň öýdüp ýördüm.

“GONAMBAŞY”
Awtory: Kakamyrat Ataýew
-Ölerinmi? Hudaý diý!.. Sen soňam türmä gitdiň gerek? Men daş gulakdan eşitdim.
-Türmede-de saňa garaşdym, Zeýnep. Bir gezegem habar tutmadyň. Uzak gijeler ýatman, sen hakda
pikir etdim. Senden başga meň kimim bar?
-Ozalbaşda dek gezmeli-dä, Sähet. Sen kän gorsandyň. Kän kakabaşlyk etdiň – diýip, Zeýnep igendi.
-Sen ýöne oňarmadyň, Zeýnep. Şo ärsumagy meň ýerime salyp, oňarmadyň.
-Ol indi ýok. Öldi – diýip, Zeýnep gussaly seslendi.
“Oň öleni bilen käşgä ýaňadan ýaşap bolýan bolsa! Hemmesini täzeden başlap bolsa!” diýip, Sähet
pikir etdi.
-Indi nirede ýatyp-turýaň? – diýip, Zeýnep gyzyklandy.
-Çem gelen ýerde. Indi meň boljagym bolaýdy öýdýän, Zeýnep!
-Ýör onda meňkä gideli. Öňki jaýy bir otagla çalyşdym. Pul gerek boldy, Sähet. Durmuş agyr...
-Menem beýleden gelelim bäri dek ýatamok. Uzak gün bazarda. Gedaýçylyk edýän. Gowja gazanýan.
Eçilýärler. Ýöne ýarawlygymyň ugry ýok. Garnymyň sag tarapy gyzýar. Käýarym çişýär, ine, şu ýeri –
diýip, Sähet ýolda barmagy bilen görkezip, üzlem-saplam gürrüň berdi.
-Sag tarapda, edil gapyrgaň aşagynda bagyr bar – diýip, Zeýnep aýtdy.
-Hawa, bagyr bar. Bagyrda bir kemçilik bar.
-Sakgal-murtuň dagy, Hudaý bilsin, haçan päki görüpdir?! Çalarypsyň, Sähet. Garrapsyň.
-Garradym. Garrylyk erbet zat.
-Penjegiňem oda atsaň, tütejek letde däl. Jalbaryňam şeýle. Mende täzä berimsiz ýaman oňat penjekbalak bar. Reşit pahyrdan galan. Saňa şaplaşaýsa gerek.
-Reşit kim?
-Ärim-dä. Ölen ärim... Ой, сколько лет, сколько зим? Ай-яй-яй, Сахат! Ужас!
Uzak ýyllaryň aýraçylygyndan soň bir-birine başdan geçen zatlary ýekän-ýekän gürrüň bermek,
derdinmek, zeýrenmek, iç döküşmek ýaly islegleriň yzyna düşüp, olar bazardan çykdylar.
20.
Belanyň beteri öňde eken.
Suraýyň ozaldanam galagoplygy ýetik dünýesinde aýan bolan soňky derdeser öňki şumlugyň çakam
bolmady. Göwresinde çaga galandygyny bileninden soň ol öwhüldäp, elewräp, otly köýnek geýiberdi.
Oslagsyz peýda bolýan we islenilmeýän hakykat hemişe ajy bolýar. Onuň bu ýowuz hakykata birbada
ynanasy gelmedi.
Suraý “Gyran degen, halys was-wasy bolupdyryn” diýdi. “Şular ýaly mojuk zady göwnüňe getirmeli
dälmiş, göwnüňe getirseň, çyn bolaýýarmyş” diýdi. Şeýdip, urgusy güýçlenen ýüregini köşeşdirmek
isledi. Öz-özüni aldajak boldy. Emma hakykaty göwün islegiňe görä üýtgedip bolmaýar.
Aýbaşy görünse, ähli şübhesi zym-zyýat boljakdy. Suraý barmak büküp, hasap edip gördi. Hasaby
çykmady. Aýbaşy döwrüni bulaşdyrýandyryn öýtdi.
Täzelikde peýda bolan kelle agyrysyny, gyzgynynyň ýokarlanmasyny biwagt ýolugan dümewe ýordy.
Ukusy bozulyp, işdäsi peseldi. Süňňüne nätanyş argynlyk aralaşdy, ysgyn-mydary gaçdy. Onsoň
bularyň hemmesine şo dümew sebäp bolýandyr diýip çaklady.
Şonda-da, az-kem iňkise gitse-de, ýürek bulanmasyna Suraý başda parhsyz garady. Ýakar-ýakmaz bir
zat iýendirin diýdi. Emma kalbyna aralaşan gorky ony terk etmedi. Gaýta gitdigiçe wehimi artdy.
Ikindinara aşhanada nahar atarmakçy bolup durka ýanan ýagyň ysyna aňyrsy bärsine geldi. Çym-gyzyl
bolup, gözüni ýaşardyp, ögedi. Üstesine-de bu ýagdaýy kesesinden duýdurmajak bolup, kösendi.
Sowujak, şorja bir zatlar tamşanaýsa, ynjalarly göründi. Duza ýatyrylan barmak boýly kiçijik hyýary
iýip görensoň, duldegşir goňşulary Ýazbibiniň gelin bolup gelen mahallary agzy bimaza bolup,
duzlanan kelem iýip ýöreni ýadyna düşdi. Öz-özüne: “Aş saýlaýan heleý ýaly, bolup ýörşüň gursun!”
diýdi.
Göwrede düwünçejigiň emele gelendigini inkär edere esas galmady. Iki günden soň başy aýlanyp,

“GONAMBAŞY”
Awtory: Kakamyrat Ataýew
dowamly ýürek bulanmasy zerarly gury ögäp duran Suraý ahyry göwreliligiň ilkinji alamatlaryny
boýnuna alyp, içini tutdy.
“Wah, sataşman geçen, ýer ýuwdan! Nireden sataşdyň maňa?! Saňa duçar bolan günüme lagnat
bolsun! Meni nä günlere saldyň? Hudaýym, türmede çüýräbilsediň!” diýip, Şalara gargyndy. “Ynha,
indi tüýs bolaýdy. Ýüzügara kemiň galan däldir. Öz aýajygyň bilen tora girdiň, ymyklyja gapana
düşdüň! Muň üçin ilki bilen özüňi günärtle. Maňlaýygara, işigaýdan, bedibagt!” diýip, özüne käýinip,
maňlaýyny ýumruklady.
Suraýyň küýüne ilki bilen çagany aýyrtmaly diýen pikir geldi. Şalaryň şu gün ýa ertir boşap
gelmejekdigi belli zat. Günä geçilşige çenli ýene bäş-alty aý möhlet bar. Onça wagtlap düwünçejik şo
durşuna durmaz. Öser, ulalar, jan girer. Suraýyň betbagtlygyny mazamlap, gitdigiçe gäberer. Suraý
ene-atasynyň ýüzüni ýere salar. Olar biabraý bolar. Gyz halyna garnyny gujaklap ýören Suraýy
adamlar näletlär. Suraý entek gözden düşenok. Häli onuň syry ile äşgär däl. Häzir aýny pille! Çagany
aýyrtmaly. Soň giç boljagy görünip dur.
Çagany aýyrtmak üçin eslije pul tölemeli bolsa gerek. Suraýda lomaý pul-a ýok. Nireden bolsun?!
Gulagynda uly bolmadyk altyn ysyrgasy bar. Mekdebi gutaran ýyly ejesi äberipdi. Şony “Ýitirdim,
tapamok” diýäge-de, degerliräk baha bilen pula öwrüp bilse, Suraýy uly dertden gutarmazmy? Çagany
aýyrtmak üçin näçeräk pul gerekkä? Birem kime ýüz tutmaly?
Iň gorkuly ýeri, bu zatlary hiç kim bilmeli däl. Ýaşyryn etmeli. Ejesi aňsa, nähili gopgun turjagy
näbelli. Kakasy dagy bilmesin! Biläýse, ýagty jahandan irişdäňi üzüber! Suraý ahmyr bilen: “Ozal
allanäme günüm bardy. Indi o hezil döwrüň tepbedi okaldygy boldumyka?” diýip, gaýgysyz-gamsyz
geçen günleri ýatlap, aglady.
Eýse, gözýaş döküp oturanyň bilen başa düşen ýagdaýyň düzeljek gümany ýok. Abraý gerek bolsa,
häzirden gamyny iý! Ýaşasyň gelýän bolsa, wagt ýitirme! Suraý: “Ýaşasym gelenok! Irdim. Öljek, gyran
degen!” diýdi. Emma ölmegem ýeňil-ýelpaý iş däl. Durmuş datly bolmasa-da, jan – şirin! Adam helemüçük müşgillige janyny gurban beräýmez! Aslynda adamy ýaşaýyşa imrindirýän esasy zat – süýji
jandan jyda düşmegiň muşakgaty bolsa-da ahmal. Ýaşamaga tekge berýän beýleki zatlar bolsa,
adamlar tarapyndan soň oýlanyp tapylandyr we bahanadyr.
Häzir pelsepe otaranyňdan haýyr ýok. Nädibem bolsa, göwredäki düwünçekden dynmaly! Suraý
Jahanyň ýanyna gidermen boldy. Jahan oňa çagany aýyrtmagyň ýoluny salgy berer. Ähtimal, näçeräk
pul gerekligini-de bilýändir. Belkäm, altyn ysyrgany Jahanyň özi satyn alar?! Şeýtse, uly kömek boljak.
Şalar bilen Suraýyň arasynda bolan işleriň käbirinden eýýäm onuň habary bar. Goý, bolan işleriň
hemmesini bilsin! Suraý onuň ganybir jigisi sebäpli şu günlere düşüp ýör-ä.
21.
Ikindinara ota gideýin durka Amanýaz saňsaryň ýanyna Berdi sopy geldi.
-Ýer-ow, sopym, gel, nesibäň gaty güýçli seň. Ýene biraz gijiräge galan bolsaň, meni derýa boýundan
gözlemeli borduň – diýip, Amanýaz oragyny alan ýerinde goýdy.
-Diliňe siňňil çykan ýaly, namazlyga münüp-münmänkäm sopy diýip lakam goýduň. Ana, indi uly il
sopy diýýär – diýip, Berdi sopy ýalandan öýke etdi.
-Haý, sen-ä hezzetini bilmez ekeniň. Men-ä seň tüňňi lakamyňy sopa çalyşdym, minneti menden çek,
näme ahun diýdiresiň geldimi?
-Oýun edýän-le. Diýiber. Näme diýseňiz götärin. Arakyň ýaly, özüňden toslap erteki ýasamasaň
bolýar.
Amanýaz saňsaryň ili güldürip, gürrüň bermegine görä, bir gün Berdi sopy namazyny okap bolupdyrda, iň soňunda iki egnine salam berjek wagty diýmeli sözleri ýadyna düşmändir. Onsoň ol
namazlykdan düşmän, oturan ýerinden:
-Äşe! – diýip, aýalyna gygyrypdyr.
-Näme-le bir? Ýüregim-ä ýardyň! – diýip, aýaly tisginipdir. Ol Berdiň yzynda oturan ekeni.

“GONAMBAŞY”
Awtory: Kakamyrat Ataýew
-Äşe, şü biziň guýymyzy gazyp beren ussaň ady kim? Gök göz ussa bardyr-a şäherde oturýan? – diýip,
Berdi sorapdyr.
-Rahmatullamy? – diýip, Äşe-de soraga sorag bilen jogap beripdir. – Ýeri, bu ikarada Rahmatullany
nämetjek?
-Eddil özi, Äşe! Rahmatulla şol... – diýipdir-de, Berdi sopy iki egnine salam beripdir:
-Essalamu Aleýkum Rahmatulla! Essalamu Aleýkum Rahmatulla!
...Amanýaz gümmü-sümmi etdi.
-Menem ilden eşidenimi aýdýan, how. Ugrunda bolmasa il bir zat diýmez-ä – diýdi.
-Ilde gep köp, Mekgede arap! O zatlar hiç-le, men şo diýýän kitabyňy sorap geldim. Dini rowaýatlar
ýazylan kitabyňy.
-Sen nä kitap okabilýäňmi? – diýip, Amanýaz geňirgendi.
Amanýaz saňsaryň bir bahana tapyp, kitaby bermän goýbermeginden ätiýaç edip, Berdi sopy sözüne
ýalan goşup, howlukmaç gürledi:
-Hawa, okabilýän. Mekdebi zybrym bäşlige gutardym-a. Arapçanam öwrenip ýörün.
Berdiniň şu gürrüňine Amanýaz müňkür gitdi.
-Be-e, arapçany öwrenýän bolsaň-a, tüýs maňa gerek adam ekeniň. Mollaň kim? Menem öwrenjek
bolýan welin, kynmy? – diýip ol ýeser sorag berdi.
Berdi sopy ýöwsel jogap gaýtardy:
-Molla nämişlesin?! Özbaşdak öwrenýän.
Onsoň ol Amanýaz saňsaryň başga bir kyn sowal beräýmeginden ätiýaç edip, derrew sözüne düzediş
berdi:
-Dogrymy aýtsam, indi öwrenjek bolýan. Arabyň diliniň bir kyn ýeri bar, ilki harplaryny tanamaly.
Ýogsam, dilini öwrenjek gümanyň ýok. Her harpynyňam pylança hili ýazylyşy bar. Özem, biler bolsaň,
tersin ýazylýar. Sagdan çepe ýazyp gitmeli. Onsoň okaňda-da tersin okamaly-da.
Amanýazyň köne türkmen ýazuwyny baryp-ha ýokary okuwda okap ýören uçurlary öwrenendigini,
üstesine-de ol ýazuwyň harplarynyň galapyn arap elipbiýi bilen meňzeşdigini Berdi sopy nireden
bilsin?! Şoň üçin ol bu gürrüňe Amanýaz agzyny açyp, aňk bolar öýdüpdi. Amanýaz aňk bolmady.
Köpmanyly ýylgyryp, çaga sowalyny berdi:
-Onda, diýmek, arapçany öwrenen tersokan bolýar ekeni-dä? Beýle bolsa, maň-a geregi ýok. Sen onda,
diýmek, tersokan boljak bolýaň-da?
-Adyň özüňe şaplaşyp dur. Saňsar kemiň ýok. Ýeri, tersokan küje, arapça öwrenmek küje?
Amanýaz ýalandan mönsüredi:
-Özüň aýdyp otyrsyň-a tersin okamaly diýip.
-Bolman näme? Okalanda ters okalýar. Ýöne tersokan başga zat.
-Onda tersokan diýip kime aýdylýar? – diýip Amanýaz heçjikledi.
-Bilmedim. Ol başga zat, düýbünden başga zat.
-Hany, onda ilki sen öwren. Men soň senden öwrenäýerin. Gurhany arabyň öz dilinde okap göresim
gelýär. Ýogsam, pata-töwire barylanda okalýan aýatlary bilşimiň kän bir ugry ýok.
Berdi sopy, garaz, öwrederin diýip bilmedi.
-Weý, aýat ýat tutmak üçin arabyň hatyny öwrenip nätjek? Mende düşnükli hatda ýazylan aýatlar bar,
şolary bereýin. Hezil et-de, ýat tutuber. Seň dagyn ýatkeşligiň gowy ahyryn.
-Ýatkeşligim-ä ýaman däl.
-Ynha, men şu günler Ýasyny ýat tutup ýörün. Ýaman uzyn. Uzynam bolsa, gerek-dä. Okasaň, sogaby
kän diýýärler. Ine, öljek bolup ýatan adama-da kyrk ýasyn okap berýändirler.
Şu ýerde Amanýaz süýem barmagyny çommaldyp:
-Dur-r! – diýip, gygyrdy. – Kim aýtdy muny?
-Weý, hökman biri aýtmalymy? Ine, häli-şindi onda-munda görüp-eşidip ýören zadymyz. Çaky, sen
kyrk ýasyndan habaryň ýog-ow?!

“GONAMBAŞY”
Awtory: Kakamyrat Ataýew
Amanýaz gülümsiredi:
-“Eşegiň gulagyna kyrk ýasyn okan ýaly” diýib-ä kän eşidýän.
-Eşege nämüçin okalýanyny bilemok. Ýöne ölübilmän ýatany aýgyt edýär diýýärler. Ýa aňryk, ýa
bärik...
- Ýa eşegiň gulagyna ýasyny kyrk gezek okasaňam, peýdasy ýok diýildigimikä?
Şu ýerde Berdi sopy özüni has-da sowatly görkezmek üçin aç-açan ýalan sözledi:
-Ýok, ýasyny kyrk gezek okamaly diýildigi däl. Ýasyn süresi kyrk aýatdan ybarat. Şoň üçin kyrk ýasyn
diýilýär. Eşegiň ýasyna düşünjek gümany barmy?
-Ana, sopym, ýalňyşdyň. Ana, öz diliň bilen çöňňeligiňi aýtdyň. Aý-ow, pekge, iliň ýanynda bir
aýdaýma muny. Ýasyn süresi kyrk aýat däl, segsen üç aýatdyr.
Berdi sopy aljyrap:
-Sen näbilýäň? Sen näme Gurhan okaýaňmy? Ýasyny nirden bilýäň? – diýdi.
-Mende Gurhanyň türkmençesi bar, şondan bilýän.
-Türkmençesi dogrudyr öýdýäňmi? Ýalňyş bolmasyn? Sen arapçasyny oka, arapçasy dogrudyr – diýip,
Berdi sopy ters dawa etmekçi boldy.
-Häý, sen-ä bar okan namazyňy ürküzen gurbagaňa çalyşjak bolup dursuň. Beýtm-ä! – diýip,
Amanýaz gatyrganjak boldy. Onsoň Berdi sopy üçin başga bir kyn sowal berdi:
-Hany, onda eşegiň gulagyna kyrk ýasyn okan ýaly diýen gürrüň nireden çykdy? Şony aýdyp ber!
Berdi sopynyň sesi naýynjar çykdy:
-Onçasyny bilmedim-dä. Özüň aýdaýmasaň!
-Bolmanda-da, bilmeýän bolsaň, özüm aýdyp bermeli borun. Diňle onda, kyrk ýasyn diýen gürrüň
Çingiz handan gaýdýar. Çingiz hany bilýäňmi? Çingiz hanyň söweş wagty berk berjaý edilýän kyrk
sany düzgün-tertibi bolupdyr. Söweşe girilmänkä Mongol goşunlaryna şol kyrk düzgün-tertibi
ýatladýar ekenler. Mongol dilinde ýasa diýip bir söz bar. Ýasa düzgün-tertip, kada-kanun diýen
manyny aňladýar. Onsoň ol biziň dilimize kyrk ýasyn diýip geçipdir. O-ol Gurhanyň ýasyn süresi bilen
bi diýýän kyrk ýasynymyň köpride galtaşýan ýerem ýok.
-Dogry-y. Beh... Aý, biziň näme, bilýän zadymyz barmy? Indi öwrenjek bolýas – diýip, Berdi sopy
ylalaşdy.
-Ýasawul diýip eşitdiňmi? Kada-kanuna seredýän adama ýasawul diýilýär. Şo-da mongollaryň ýasa
diýen sözünden gelip çykandyr – diýip, Amanýaz pikirini berkitmek üçin täze delil getirdi.
-Amanýaz, sen tüweleme! – diýip, Berdi sopy Amanýazy ýüzüne öwmäge başlady. – Köp bilýäň. Biz-ä
saňa boýun. Seň bilýänleriňi öwrenjek bolsak, bu dünýä ýene bir gezek gelip gitmeli bolarys. Sen
dagyn şu ylmyň bilen namazlyga münüp, wagyz edip, oba ymam bolmaly ahyryn. Iliň üýşmekçaşmagyna ýarabilseň, armanyň näme? Berlen düwünçegi beýläňe basyp, otur Hudaý diý-de!
Amanýaz özüni iliň öňüne düşüp ýören takwa kişiniň sypatynda göz öňüne getirjek bolup, kösenip
otyrka Berdi sopy:
-Hany, şo kitabyňy alsana! Hezil edip, okaly-la bizem – diýdi.
Amanýaz kitaby çykaryp berensoň:
-Ynha, kitap! Ýyrtma, ýitirme, hiç kime berme! Birem yzyna haçan getirjek? Maňa anyk wagtyny aýt!
– diýdi.
-Amanýaz, meni kän gyssama! Göni üç gün. Şondan artyk saklaman.
Kitaby goltugyna gysansoň, Berdi sopynyň ökjesi ýeňledi.
-Kepeniň jübüsi ýokdur-eý, sopy, bilýäňmi? – diýip, Amanýaz daşlaşyp barýan Berdiniň gulagyna
ýetäýer ýaly sesde gygyryp galdy.
***
Berdi sopy gijara gaýtadan geldi. Ol içeri girmän, daş işikde aýak üstünden:
-Amanýaz! – diýip gygyrdy.

“GONAMBAŞY”
Awtory: Kakamyrat Ataýew
Amanýaz hä berdi.
-Häli yzymdan kepen diýip gygyrdyň welin, hiç düşünip bilmedim.
-Şony biläýeýin diýip geldiňmi?
-Äý, geçip barýadym-da, ýadyma düşüp sowlaýdym.
-Kepeniň jübüsi ýok diýdim. O dünýä gideňde kepene çolaýarlar. Başga zat berenoklar. Boş gidýäň.
Eger bir zat äkidip bolýan bolsa, kepene jübi tikerdiler diýjek boldum. Ýalňyşmy eýse?
-Seňem käbir gürrüňleň edil it ýandakdan böken ýaly – diýip, Berdi sopy elini salgap, köçä garşy
ýöneldi.
Amanýaz:
-Şu sözi nädogry ulandyň. Itiň ýandakdan nähili bökýänini bilýäňmi? Aýdyp bereýinmi? – diýip, onuň
yzyndan gygyrdy.
-Soň aýdyp beräý. Şu wagt ýaman howlukýan – diýip, Berdi sopy gyssanmaç ýöräp gitdi.
22.
Ýazbibi gyzjagazyny emdirensoň, ýatyrmak üçin hüwdüläp otyrka uly eltisi Şeker geldi.
-Gyýw, hüwdini gowy aýdýan ekeniň-le, gyz! Telewiziriň sesimikä diýip girsem, özüň oguşýan – diýip,
ol Ýazbibini ýüzüne öwmäge durdy.
Ýazbibi utanjyrap:
-Goýsana, gyz, oňaraýdyň sen-ä – diýdi.
-Waý-ý, Alla-a! Üýtgeşiksiz Baharyň sesi-dä. Toýa gatnap ýörmeli bagşy ekeniň-ä! – diýip, Şeker
bäbegiň ýanyna bardy. – Azary ýokdur-a, ukusy oňatjamy?
-Ukusy gowy. Ýöne synçgylawygy tutýar, hi-iç tükedenok.
-Gökje sapak alyp, diliň bilen ölle-de, maňlaýjygyna ýelmäp goý, synçgylawuk gelmez.
Şeker bäbejigi göz-dilden gorasyn diýip, doňzuň dişini alyp gelipdir.
-Enneden aldym diläp. Doňzuňkylygy bir çynmy, gyýw diýdim. Ennä oýun gerek. Eşegiňki diýip gülýä.
Alla bilsin, haýsy eýýamdan galan?! Gaty köne, çakyry çykypdyr... Gerekleseň, şüýem tapylýan artyp
däl. Me, alaja iş-de, sallançagyňdan asyp goý! Ýitirip-gaçyraýma ýene. Enne diýilýän heleýe täretiň
derman diýseň, şonam terezä salman bermez. Oňa men belet – diýip, ol kagyza dolangy köne doňuz
dişini Ýazbibä berdi.
-Taňyrýalkasyn, gyz! Azar edinipsiň. Häli Näzik daýza-da bir digir gara kömür getirdi. Bir çümmük
duz bilen şo kömüri matajygyň arasyna salyp tik diýdi. Sallançagyň ýüpünden as diýdi. Nirede
goýdum, gyz, şony?
-O nämäň yrymyka?
-Bilmedim. Soraýmandyryn.
Şeker eglip, gyzjagaza lak atdy.
-Moşşyk gyz-a, poşşyk gyz! Lälik gyz-a, balyk gyz! Ulalýaňmy? Ejeňi emýäňmi? Dodajygyndan şuň,
dodajygyň bar bolsun seň. Tüweleme, tüweleme, tüf-tüf-tüf! – diýip söýgüledi. Soň bäbejikden gözüni
aýyrman, Ýazbibä ýüzlendi:
-Agynjak özüň edip ýasaýypsyň-da, gyz! Polada dagyn eger-eger meňzeýän ýeri ýok. Alla-a!
-Niresinden bilýäň, gyz, maňa meňzeýänini? Menem-ä uzak gün şuň ýüzüne seredip otyryn ýogsa.
-Burnuna seret, burnuna. Maňlaýynyň tüňňüligine näme diýjek? Gözem meňzeýän ýaly.
-Bu wagt-a çal gözdür, bildirmez – diýip, Ýazbibi aýtdy.
Gaýtmakçy bolup durka Şeker:
-Ýüzärlik tütetdiňmi? – diýdi.
-Hawa. Ysy ýokmy?
-Bar ýaly. Hazan, ys alşym gowy däl-dä meň. Onsoň nememi? Näme sorajak boldum, gyz? Ýüzärlik
diýdim... ýüzärlik... Onsoň... Wiý, ana, düýe ýüň barmy?
-Ýok.

“GONAMBAŞY”
Awtory: Kakamyrat Ataýew
-Zyýany ýok, men häzir Şükür gyzylyň heleýinden alaryn-da, Zyba jandan iberäýerin. Şükür gyzyl
sagylýan düýe alypdyr diýdiler.
-Düýe ýüňi näme etmeli?
-Ýassyjagynyň bir burçuna tikip goý. Göz degmezligi üçin. Ýaman niýetliden gorar ýaly.
Şeker gitdi. Salym geçmänkä onuň tokarja gyzy kinniwanja düwünçege düwülen düýe ýüňüni getirdi.
Enäniň perzende bolan bimöçber söýgüsi hem göze görünmeýän bela-beteriň näbelli gorkusy bilen
Ýazbibi gyzjagazynyň ýassygynyň burçuna düýe ýüňüni tikdi. Gözmonjuk bilen dagdan agajynyň
bölejigini iňňebagjykdan ötürip, dakdy. Alaja işip, Şekeriň getiren doňuz dişini sallançakdan asdy.
Agşamlyk ol telefonynyň düwmelerini bimaksat basyşdyryp, bir zatlara güýmenip, sust oturan Polada
ýaramsaklyk bilen habar gatdy:
-Häli Şeker gelip gitdi. Şeker aýdýa, Enejany özüňe meňzedipsiň diýýä. Men-ä ony saňa meňzäpdir
diýjek bolup ýördüm.
Polat başyny galdyryp, Ýazbibä alarylyp seretdi.
-Hany, gel senem seredip gör. Maňa meňzeýän ýeri barmy şuň? – diýip Ýazbibi teklip etdi.
Polat onuň göwni üçin ýerinden turup, bäbejigi synlady. Uklap ýatan gyzjagazyň eliň aýasy ýaly
kiçijek, gyzylja ýüzünden özüne ýa Ýazbibä çalymdaş alamat tapmady. Onsoň başardygyndan
mylaýym gürlemäge çalyşdy.
-Bu wagt uklap ýatyr. Oýaka, gözüne seredip biläýmeseň, tanar ýaly däl. Men-ä bilemok kime
çekenini.
-Menem Şekere şony diýýän-dä. Uzak gün seredip, men-ä özüme meňzeş ýerini görmedim. Onsoňam
bu wagt çal göz-ä bi. Gözünden tanatmaz.
Çagaň kimdir birine meňzäp-meňzemezligi baradaky gürrüň Poladyň derdine dert goşdy, galmaz güne
saldy. Müňkürlik kenaryna agram berýän bulanyk suwly derýa kimin onuň gan damaryndaky hereketi
çuslandyrdy. Polat köňlüni gümana berdi. Öz-özi bilen darkaş gurdy.
“Sen indi şu çagaň özüňkidigine ynamyň barmy? Özüňki däl bolaýmasyn?” diýip, içden bir ses gyjalat
berýärdi.
“Ýazbibi hürri dogurmaz!” diýip, başga bir ses ynam bilen oňa garşy çykýardy.
“Sen näme onuň içine girip çykdyňmy? Anyk bilýäňmi?”
“Anyk bilemok. Ýöne het edip bilmez, het edip bilmez. Ony etmek üçin gaty uly ýürek gerekdir.”
“Ony etmek üçin üýtgeşik ýürek gerek däl, jylawyny elinden aldyran islendik uzyn etekli edip biler.
Sen bulaň nirede näme iş goparanyny nädip biljek? Şu çagaň atasy Jumadurdy bolsa bildiňmi?”
“Jumadurdy däldir. Ärli heleý nämüçin kesekiden çaga dogursyn?”
“Belki, ýöriteläp dogran däldir. Belki-de, kesekini ärinden beter söýýänligi üçin dograndyr.”
“Mm-bahh! Bolup bilmez diýjek däl. Ýöne Ýazbibi bitine gahar edip, ýorgan otlar ýaly sebäp göremok.
Kesekä ýüregini berer ýaly men özümi ýigrendiremok. Ol meni söýýär öýdýän.”
“Şonda-da bir säwlik goýberip, Jumadurdydan çaga alan bolsa, hol ýatan bäbejigiň atasy sen däl-de,
Jumadurdy bolaýsa, ana şonda nädersiň? Keseki biriniň çagasyna özümiňki diýip guwanar ýörermiň?”
“Eger-eger! Ömür guwanarynmy? Alaga-da, demligine ýapyşyp, dünýä gelmedik ýaly edäýerin.
Kesekiň çagasyna özümiňki diýip, küşşüklär ýaly binamys derejä ýetemok”.
Şu pikirden elheder alyp, Polat aýňaldy. Oý-pikirlerindäki ýakymsyz zatlary Ýazbibi okap oturan
bolmasyn diýýän ýaly ondan ýüzüni gizledi. Turup gitdi.
23.
Suraýyň getiren täzeligini eşidip, Jahan:
-Waý, Alla-a! – diýip, eliniň aýasy bilen agzyny tutdy. – Çynyňmy, gyz?
Eşiden zatlarynyň dogrudygyna göz ýetirenden soň ol birmeýdan dymyp oturdy. Ýuwaş-ýuwaşdan
geňirgenmesi gahara öwrüldi.
-Bolaýypdyr. Asyl kemiň galmandyr. Maksadyňa ýeten ekeniň-dä – diýip, ol gyjytly gürledi.

“GONAMBAŞY”
Awtory: Kakamyrat Ataýew
Suraýdan ses çykmady. Ol ähli zada kaýyl gelipdi. Artykmaç gep-gürrüňi gyjalaty, käýinji bilen bile
çekmäge taýyndy. Ýüreginde kiçijik umyt ýylp-ýylp edýärdi. Gatyrgansa-da, igense-de, Jahan ony agyr
günde namut galdyrmaz. Özüni Suraýyň ornunda goýup görer. Porsy läbige çümüp barýan adamyň
gözgyny halyna düşüner. Rehimi iner. Iň soňunda hökman bir çykalga salgy berer.
Jahan öwhüldedi. Uludan demini alyp:
-O ýer çekmiş etjegini edip, myrdaryny aşyryp, türmede otyrka men näme edeýin bu ýerde? – diýip,
jibrindi.
Suraý bilmedim-dä diýen terzde egnini gysdy.
-Men gorkýan, Jahan! Özümi nirä urjagymy bilemok.
-Ozalbaşda akylly bolmaly ekeniň, jan jigi! Kime abraýdyr öýdýäň şu zatlar? Şu ýagdaýy kakam
biläýse, näme diýjegini bilýäňmi?
-Onda men näme edeýin?
Jahan:
-Men-ä näme diýjegimem bilemok – diýip, gaharly çytyldy.
Suraý onuň ýüzünden: “Meni günäňe şärik etjek bolma! Jezaňy özüň çek!” diýen manyny okady.
-Gaty görme welin, Suraý, ýaman ýeňilkelle ekeniň. Sen bir ulugyz bolýan bolsaň, haýaň hany, uýadyň
nirde? O sähne ýer çeken-ä oglan, ondan geňlejek ýok. Ýeri, saňa näme gerek?
Boljak iş bolansoň, Jahanyň iňirdäp oturmasy bolanok. Suraý igenç eşitmäge gelmedi, kömek sorap
geldi.
-Ejem bu gün bolmasa, ertir biler. Oňa näme diýip jogap bereýin?
Jahan az salym oýurganyp oturansoň:
-Men saňa eneň dulunda dogur diýip biljek däl – diýdi.
-Aýyrtjak-la! Ýöne gorkýan. Nirä barmalydygyny, kime ýüz tutmalydygyny hem bilemok.
-Menem bilemok. Mugt etmejekdiklerin-ä aýdaýyn. Eslije tölemelidir.
-Gulakhalkamy satsam ýetermikä?
Jahan altyn ysyrgany içgin synlap:
-Ýeter-le – diýdi. – Öz-ä gadym teneçir eken. Arzan däldir.
-Jahan, sen alaý-da şuny. Näçä alsaň, şoňa al, içimdäkini aýyrdyp berseň bolýar.
Jahan ellerini daldalap:
-Ýog-eý – diýdi. – Geregme däl. Hany, pul bamy oňa? Ýok, ýok, maňa diýme. Pul bolanda-da bular
ýaly işe gatyşyp bilmen.
-Jahan, jan dogan, kömek et. Senden başga kime arzymy aýdaýyn?
-Öýňüzdäkilere bildirmän nädip aýyrtjak? Abort diýilýän zat ýarym sagadyň işi däldir.
-Bilmedim-dä.
-Onsoňam abort edilensoň, çaga galmasy kynlaşýar diýýärler. Şondan soň önelgisiz bolýanam az
dälmiş. Biz-ä, dogrusy, eşitmiş – diýip, Jahan gorkuly gürrüň etdi.
-Halys başym çaşdy. Nirä ýöreýänimi bilemok, Jahan. Ugran ugrum gapyşyp dur. Sen bir ýol salgy
berersiň diýip geldim.
-Bu oýna meni goşma, Suraý! Men goşulmaýyn. Goşulan ýerimde günäkär bolaryn.
Şundan soň Jahanyň asla gepleşesi hem gelmedi.
Suraýyň tamasy çykmady. Jahan oňa çykalga salgy bermekden geçen, gaýta içiýangynly gürrüň etdi.
Suraý: “Ol garasöýmezlik edýär” diýdi. Göwrede çaga galandygyny eşidenden soň onda Suraýa ýigrenç
peýda bolandyr. Ähtimal, ol Suraýy Şalara rowa görýän däldir. Ähtimal, Suraýy öňünden çykana
gözüni oýnadyp, gaşyny kakyp ýören bir ýeňles saýýandyr. Suraý başlaryndan sypyrylsa, kem görýän
däldir. Şeýle bolmasa, ol iň bolmanda Suraýyň ysyrgasyny satyn alardy, çagany aýyrtmak üçin kime
ýüz tutmalydygyny salgy bererdi. Suraý: “Şuň ýanyna gelmeli däldim, hiç zat aýtmaly däldim” diýdi.
24.

“GONAMBAŞY”
Awtory: Kakamyrat Ataýew
Amanýaz saňsar bazardan bir bogaz sygyr alypdy. Bahasy biamat däl. Kesesinden tohum gurnaty
diýdirýär. Guýrugy ýere ýetip duran, dik şahly, kepbe ýaly daýawdan gelen, häsiýetli, owadan, sary
sygyr!
Sygryň ozalky eýesi: “Musanyň sygry hem şundan enaýy däldir” diýip, muny bäri-bärde goýmady.
Amanýazam ýaýdanyp durmady. Şapbat urup, söwdasyny etdi. Sygyr üç aýdan gulajyn göle berdi.
Şondan soň, munuň ähli aýby açyldy duruberdi. Bu sygyr asyl özüni emýän bolsa, nätjek?! Amanýaz
muny ilden ýaşyrjagam bolmady. Gaýta: “Entegem bu sygryň meň maňlaýymdan çykany oňat. Şükür
gyzyla sataşaýan bolsa, ýelniniň süýtli wagty bolmazdy. Ikisi iki ýerden emip, göläni aç öldürerdiler”
diýip, töweregi gülüşdirdi. Özem güldi. Emma gülküsi uzaga gitmedi. Sygyr Amanýazyň çekýän
endişesine asla pitiwa etmän, maýyny tapdygy gaňrylyp, boýnuny süýndürip, dili bilen emjegini dolap
alýardy-da, göwnübir emiberýärdi. Amanýaz munuň hiç çäresini tapyp bilmedi. Sygyr jellaplarynyň
biri: “Boýnuna maşynyň tigrini geýdir, nädäýersiň bäş günden ýelniniň nirdedigini ýatdan çykaraýsa!”
diýip, maslahat berdi. Amanýaz öwredişleri ýaly, ulagyň köne rezin tigrini sygryň şahyndan geçirip,
boýnuna geýdirdi. Sygyr eýesiniň bu emelini ýokuş gördi, molady-molady-da, kellesini silkeläp,
şahyny bulap, şo günüň özünde tigri boýnundan sypyryp taşlady. Başga biri: “Ýüpüni gysgarak edip
daň, dili ýelnine ýetmesin!” diýip, emel öwretdi. Amanaz munam edip gördi. Peýda bermedi. Sygyr
ýüpüni üzdi, boşandy, özüni emmek gylygyny taşlamady. Şeýdip, gölesini emdirse-de, bedresine
suwytly süýt sagdyrmaýan bu sary sygyr Amanýazy tiz kejikdirdi. “Mundan mal bolmaz!” diýdi-de, ol
muny satmak hyýalyna mündi. Bazara çykardy. Gölesi bilen bile alan bahasyna-da ýerläp bilmedi.
Ahyrbazara golaý irip, ýadap, mal jellaplarynyň birine deger-degmezine satyp goýberdi. Onsoň halahwal soraşaýyn diýip, mugallym hünärini alanam bolsa, hukuk goraýjy edarada işläp ýören, bazaryň
gözegçi polisiýasy, talyp ýoldaşy Berdiniň ýanyna bardy.
Berdi iş otagynda sesini gataldyp, bir ýaşulynyň üstüne haýbat bilen azm urup oturan ekeni. Daş
sypatyndan çen tutup, Amanýaz ýaşulyny bazaryň dilegçi gedaýlarynyň biridir diýip güman etdi.
-Ýer-ow, saňsar, barmyň-aý? Nireden çykdyň? – diýip, Berdi ýerinden turup, Amanýaz bilen tas
gujaklaşyp diýen ýaly gadyrly görüşdi.
-Öten agşam ýaman erbet düýş gördüm, gardaş. Düýşümde seni masgaralap, işiňden aýyrýalar. Özi
bulaşygrak düýş welin, bir ýerinde türmede dagam otyrmykaň diýýän. Ýüzüňdenem gar ýagýar.
Ynjaljak gümanym barmy?! Öz-ä ölüp-ýitip gitseňem habar alanok welin, ýene deň bolmaýyn,
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Gonambaşy - 8
  • Parts
  • Gonambaşy - 1
    Total number of words is 3775
    Total number of unique words is 2266
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gonambaşy - 2
    Total number of words is 3808
    Total number of unique words is 2343
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gonambaşy - 3
    Total number of words is 3809
    Total number of unique words is 2230
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gonambaşy - 4
    Total number of words is 3804
    Total number of unique words is 2336
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gonambaşy - 5
    Total number of words is 3774
    Total number of unique words is 2239
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    43.4 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gonambaşy - 6
    Total number of words is 3823
    Total number of unique words is 2265
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    50.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gonambaşy - 7
    Total number of words is 3840
    Total number of unique words is 2280
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gonambaşy - 8
    Total number of words is 3822
    Total number of unique words is 2329
    29.3 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    50.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gonambaşy - 9
    Total number of words is 2862
    Total number of unique words is 1809
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.