Latin

Gonambaşy - 1

Total number of words is 3775
Total number of unique words is 2266
30.5 of words are in the 2000 most common words
43.6 of words are in the 5000 most common words
50.5 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
“GONAMBAŞY”
Awtory: Kakamyrat Ataýew
GONAMBAŞY
(Roman)
1.
Adamlar ölüp, ölüp, ölüp, geriş-geriş tümmeklere duwlanyp, gugaryp ýatan gabrystanlygy mazardan
doldurdylar. Ýogsa, “Ýylgynly” kiçi-girim gonamçylykmy, atgaýtarym meýdanyň astynda adamlaryň
nijeme tapgyry çygly topragy bagyrtlap, ýer ýassanyp ýatyr. Eýse, Aktakyram abyrsyz uly oba däl.
Günde-günaşa öli çykyp duranok. Emma heňňam aýlanyp, wagt diýeniň rehimsizlik bilen geçip dur,
adam diýeniňem dürli hili sebäb-u bahana bilen ölüp gidip otyr. “Ýylgynly” gonamçylygy-da ähli
beýleki mazarystanlyklar ýaly teni sowan adamlary ýaş-garry, aýal-erkek, ýagşy-ýaman diýip
dannaman, hemmesine öz goýnyndan ýer berip, iňläp ýatyr. Şeýde-şeýde doldy. Ynha, indi bir-ýarym
çaga mazary üçin bolaýmasa, munda uly adamy düýnäre ýer galmady. Onsoň Aktakyr obasyna täze
gonamçylyk üçin ýer gerek boldy. Indiki jan berjege jaý tapmalydy. Öwlüýäde ýer galmady diýip,
adamlaryň ölmän gezmejekdikleri belli.
Birgeňsi reje bilen hatar tutup, süýşüp gelýän birmeňzeş mazarlaryň ýuwaş-ýuwaş gonamçylygyň
girelgesine golaýlaýanyny gölegçi gidenleriň hemmesi-de esli wagt bäri göre-bile gelýär. Adamlar ölen
obadaşlaryny haçanam bolsa bir gün nirededigi häzirlikçe näbelli bolan täze gabrystanlyga äkidip,
depin etmeli boljakdyklary barada pikir edýärdiler, oýa çümýärdiler, iňkise gidýärdiler. Ölenden soň
özüniň ýer astyna girmelidigini, garaňky hem sowuk gabyrda ýeke ýatmalydygyny ýatlap, reňkini
agardyp, gorka ýesir düşýänem bardy.
Güýzmyrat aga-da ölüm pillesini unudarly däl, gitdigiçe kän ýatlaýar. Ýaşuly ýetmişe ser urup ýördi.
Onsoň ol agzy-burny bilen dolup barýan gonamçylyga seredip, başyny ýaýkap, şum ajal sebäpli
başyndan haçan inse, inäýmeli heýhat gününiň endişesiniň üstüne başga bir alada edindi. Täze
gonamçylygyň agyrysyny edip ugrady. Baryp iki ýyl mundan ozal ol Öwezberdi gabyrmandan:
-Ýene näçe wagtdan dolar öýdýäň? Ýerimiz azalýa gerek, Öwezberdi? Azalýamy, ä? – diýip sorapdy.
Şol gezek Öwezberdi gabyrmanam gör gazýan piline söýenip durşuna degişme bilen:
-Adamlar azyrak ölse, esli wagta ýeter – diýip jogap beripdi.
-Şu gidişine gitse, meselem, näçe wagt gerek bor?
-Otuz-kyrk adama jaý tapylarmyka diýýän. Alkymlaýar öz-ä.
Güýzmyrat aga soňam her gezek gabat gelende “Ýylgynlyň” mazardan dolmaly wagtyny gabyrman
kesgitleýän ýaly, Öwezberdiden:
-Nädýä? Hany, çak ur, näçeräk wagty galdy? – diýip soraýar.
O-da adamlaryň wagtyny-näwagtyny bilmän ölüp gidiberýändikleri, şol sebäpli hem aýyny-gününi
takyk aýdyp bilmejekdigi üçin her gezek:
-Pylança mazarlyk ýer-ä bar entek – diýip, gonamçylygyň galanja boş ýerini wagta däl-de, takmynan
mazarlaryň ýerleşäýjek sanyna öwrüp, jogap berýär. Güýzmyrat aga-da her gezek “hümm” edip
dymýar.
Dymýan, pikir edýän kän. Ajalyň indi gaty bir uzakda däldigini çen edýän ýaşy gaýdyşan adamlar
şindiki gonamçylygyň dolup barýandygy, täzesiniň zerurdygy barada belli-külli bir zat diýmeseler-de,
öz ýanlaryndan alada basyrynýardylar. Olara esasan jan tabşyrmagyň muşakgatly gorkusy ezýet
berýärdi.
Gözi-gulagy mydar etmezçe bolmadyk, ýöne soňky döwürde huşy gelip-gitmeliräk bolan, Aktakyryň
ýaşy boýunça iň ulusy, togsan töweregi ýaşan Numat aga bu habary eşidende kes-kelläm ynanmady.
-Kim aýdýar “Ýylgynlyda” ýer ýok diýip? Ýer bolmazmy? Bi gaýra tarapdaky ýandakly ýer näme? Boş
durmanmy näme? Tutuş obany gömseňem, sygjak. Şo ýere suw çykmadygyny bilýän – diýip, ol
“GONAMBAŞY”
Awtory: Kakamyrat Ataýew
mundan alty-ýedi ýyl ozal mazardan doldurylan ýeriň gürrüňini etdi.
Onuň salgy berýän ýeriniň bireýýäm dolandygyny, Numat aganyň öz aýalynyňam şol ýerde
jaýlananyny ýatlatjak bolanlara-da sesini endiredip, gahar bilen garry adamy oýnajak bolup ýörmeli
däldigini duýdurdy, indiki gezek öwlüýä baranlarynda gözlerini giňiräk açyp seretmeklerini tabşyrdy.
Birde aýalynyň, birde-de ejesiniň mazaryny salgy berip:
-Ana, şo ýeriň ileri tarapy tä toraňňa çenli boş ýatyr – diýdi. “Ýylgynly” küje, toraňňy küje?!
Gözlerini ymykly ýumanlaryndan soň kepene çolap, köçä zyňylmajakdyklaryny bilýänem bolsalar:
“Öldüň – gutardy! Nirede jaýlanlarynda näme? Äkidip, ýurduň o çetinde bir çukura süsdüräge-de,
üstüňe gum sürenlerinde-de, talh suwly derya oklap, läşiňi bayklara şam edenlerinde-de, käbir
ýurtlardaky ýaly, meýdiňi otlap, külüňi göge sowranlarynda-da bildirjek ýeri ýok. Ölseň, öldügiň borda” diýip, biperwaý pikir edýänem bar. Ýöne jesediniň suwa oklananyny ýa-da oda ýakylanyny
islemeýäni bes-belli. Her hal, il ýaly, beýleki ölüler ýaly topraga duwlanaýsa kem görenok.
“Bir başa – bir ölüm! Biz-ä boýnumyza aldyk. Haçan ýör diýse, taýyn, gidibermeli. Özümiziňkileň
ýanynda jaýlaşar ýaly, öwlüýä dolmanka ölseg-ä, ata-babalarymyza bir daban ýakyn ýatardyk” diýip,
ýer astynda ýatanda-da kowum-garyndaşlarynyň golaýynda bolmagy isleýänler hem ýok däl. Ýöne jan
datly bolansoň, bularyň bujagaz isleglerinden rüstem gelýär öýdýän, ýörite “Ýylgynlyda” ýatmak üçin
ölüberýän ýok.
Bir gezek ysmaza ýolugan Nazar aga uwnup çydap bilmän:
-Öwlüýäde öli gömmäge ýer ýokmuş. Biz bolsa, ne ölenden bolduk, ne-de ölmedikden. Aýak üstünde
gezip ýörkäm ýygnanan bolsam, şo ýerden maňa-da bir tüm tam tapylardy. Hälem bolsa bir pille,
hälem bolsa giç däl – diýip zeýrendi. Şonda onuň halyny soramaga baran Amanýaz saňsar:
-Ýa-he-eý, Nazar aga, jan süýjüdir. Ezraýyl mekgäňe münen wagty ýene biraz pursat berse, ýene
ýekeje gün demiňe degmese, jaýyňy ho-ol ýokardaky Aýyň üstünde gazjak diýselerem kaýyl gelersiň –
diýip, oýunlyga salyp, çynyny aýtdy.
Amanýaz saňsaryň özem gonamçylyk barada az pikir edenok. Beýleki aktakyrlylaryň köpüsi ýaly, o-da:
“Bu öwlüýäden bize ýer ýetjek gümany ýok. Biz ölýänçäk dolup, täze gonamçylyga-da Aktakyryň şu
görnüp ýören adamlarynyň iň azyndan ýarpysy dagyn jaýlanar. Biz näme, biz ýaňy kyrk ýaşadyg-a”
diýip oýlanýar. Ölüm müddetiniň islendik pursatda gelip biljekdigine Amanýaz saňsaryň ýa-ha akly
çatanok, ýa-da ynananok. Ajalyň oslagsyz ýerden duýdansyz gelip, garpykdyraýmasy-da bar.
Gepiň tümmek ýeri, her jüre aladalara, oý-pikirlere sebäp bolup, degre-daşy saýyrdyň ýylgynlara,
çalymtyk çygar gyzganlara, gyrymsy çetilere bürelen “Ýylgynly” gonamçylygy mazardan doldy. Indiki
öljekler üçin öňünden ýer peýlemelidi. Aladasyny etmelidi. Muny Güýzmyrat aga öz boýnuna aldy. Ol
Şirli agany yzyna tirkäp, ilki bilen oba geňeşligine bardy. Habaryny berdi. Geňeşligiň başlygy Aky bu
ýagdaýdan özüniňem habarlydygyny, etrap häkimligindäki degişli adamlara bireýýäm
duýdurandygyny, meseläni bu-gün erte täzeden gozgap, mümkin boldugyça tiz hereket etjekdigini
aýdyp, ýaşululara hoş söz berip goýberdi. Aradan bir hepdäni geçirip, arçynam ýanyna alyp geldi-de,
Güýzmyrat aga bilen Şirli agany öz ulagyna mündürip, etrap merkezine alyp gitdi. Ýolda ýaşulularyň
diýmeli sözlerini agyzlaryna salyp berdi, özlerini nähili alyp barmalydygyna çenli öwretdi.
Etrap merkezinde ýaşululary pikir edişlerindenem gowy garşyladylar. Diňlediler. “Bolýa. Hökman
çözeris. Alada etmäň!” diýip jogap berdiler. Aktakyra baryp, meseläni şol ýerde çözjekdiklerini
aýtdylar. Aktakyra geldilerem. Akynyň öwredişi ýaly, ýaşulularam öz gezeginde bulary diňledi.
Gelen adamlar ilki bilen “Ýylgynly” gonamçylygyna baryp gördüler.
“Ýylgynly” obanyň ýokary çetinde ýerleşýär. Gonamçylyk bilen obanyň arasynda giň ekerançylyk
meýdany ýatyr. Ileri tarapdan ýata suwly, ýalta akymly derýa geçýär. “Ýylgynly” bilen ekerançylygyň
aralygyndan şor suwuny derýa guýýan zeýkeş çekilipdir. Derýa bolsa obanyň kybla tarapyndan öwrüm

“GONAMBAŞY”
Awtory: Kakamyrat Ataýew
berýär-de, göni gaýralygyna tutdurýar. Durnalaryň uçýan belentliginden garasaň, bu derýa garry
toraňňylaryň arasyndan ýol salyp, obanyň daşyna ýarym gezek aýlanan göm-gök ýogyn ýüpe-de çalym
edýär. Gaýrada şähere gidýän gara ýol bar. Ol bolgusyzja köne geçit arkaly deryany kesýär.
Aktakyryň kyblasynda, derýänyň öwrüm berýän ýeriniň golaýynda ot-çöp basan otuz tanap çemesi boz
meýdan gugaryp ýatyr. Ir mahallar bu ýerde doňuzdarçylyk fermasynyň çygyrýan hem hork-hork
edýän sesler bilen dem alan uzyn-uzyn ýataklary bardy. Fermanyň oba iň golaý künjünde, öňi darajyk
eýwanly kerpiç tamda Boris atly çypar sary, örän içegen doňuz çopany ýaşaýardy. Özem, gürrüň
edişlerine görä, Borisiň bir özi jyňkytman, hemişe erkekleriňkä meňzeş balak geýýän, gök gözli, inçejik
aýaly bilen bile günde pylança çüýşäni boşadýar diýýärdiler. Kimiň kime aw bolany-ha belli däl welin,
şo döwürler ýüňi ýeten jalaýlar doňuz çopanyň aýalynyň göwnüni dagam awlaýarmyş, ärini içirip,
serreldensoňlar, ýüzi menek-menek aýjyn heleýiň hakyt ýorganyna giräýýärmişler diýen gürrüňlerem
ýaýrapdy. Soň, wagty gelip, döwür üýtgäp, bu fermanyň döwrany sowuldy. Doňuzlaram, doňuz
çopanam, onuň jalbar geýýän gök göz aýalam nirädir ýitirim boldy. Borisiň öňi eýwanly tamyny doňuz
ýataklary bilen bir wagtda ýykyp-söküp, dagytdylar. Ýumurtga togalabermeli tem-tekiz etdiler. Indi
çendan ýarym ol ýerden çüýrän doňuz dersiniň ysy töwerege ýaýraýar diýäýmeseň, birmahalky
göçgünli, ýabany durmuşy ýada salýan alamat ýok. Gyşyna, şatlama aýazda, kesekler doňup, bütin
dünýäni ak gar örten mahaly bu meýdan birgeňsi bugarýar, ýagan gar bolsa uzak ýatman ereýär. Çaky,
ýer astynda ýatan çüýrük ders tebigy howry bilen aňzaga garşy göreşýär.
Ynha, etrap merkezinden gelen adamlar, meger, ozaldan peýläp goýan bolsalar gerek, aýlanypaýlanyp, iň soňunda şu meýdanyň bir gyrasynda ulagdan düşdüler. Ölçegini aljak bolýan ýaly,
aňyrsyna-bärsine ýiti-ýiti seretdiler. Ähmiýeti juda ýokary bolan möhüm meseläni çözýändiklerini
bütin aktakyrlylara duýdurmakçy bolýan dek dymyşyp, tykyraşyp, esli eglendiler. Ahyrynda-da ellerini
salgaşyp:
-Şu ýeri bijaý däl. Bijaý däl. Öwlüýä üçin şundan oňat ýer ýok – diýip, höwessiz yglan etdiler.
Oba geňeşliginiň başlygy bilen arçyna täze gonamçylygyň çäklerini görkezdiler. It-guş, mal-gara
girmezligi üçin, daş-töweregine germew etmeklerini ýa-da urgan aýlamaklaryny tabşyryp, güw
gitdiler.
Güýzmyrat aga nesibe çekse, uzak bolmadyk geljekde özüni gara guma garjak boz meýdana seredip,
kanagat tapdy, ýeňil dem aldy.
Häliden bäri sesini çykarman, başyny aşak salyp duran Şirli aga seýrek endigine eýerip, sakalynyň
ujuny dişledi, ýaýdanjyny äşgär etdi:
-Doňuz gezen ýerde bolýamyka onsoň bi zatlar? Şerigat näme diýýä muňa? Güýzmyrat, sen näme
diýýäň muňa?
Güýzmyrat aga bu barada pikir etmänligi üçin biraz oýa batdy, böwrüne doňuz diňini salyp:
-Weý, doňuz gezende näme? Hudaýyň ýaradan ýeriniň erbedi bolmaz. Esasy zat, şor däl, zeý ýok. Suw
çykyp duran ýer bolsa nätjek? – diýip, jogap berdi.
Täze gonamçylyk üçin ýer berilenini eşiden dessine Öwezberdi gabyrman käbir adamlaryň
geňirgenmesine pitiwa etmän, gör gazýan pilini egnine atyp, obanyň kybla tarapyna garşy ugrady.
Baryp, täze gonamçylygyň ýerini öň görmedik ýaly, siňe-siňe seredip, gözden geçirdi. Bäri çetinden
girişine her ýerde-her ýerde aýak çekip, nijeme ýyllardan bäri çaňap ýatan boş meýdanyň toýunsow
topragyna käte pilini urup, käte bir gez, ýarym gez gazyp görüp, aýagujyndan çykdy. Ýeriň juda
gatydygyny pili bilen barlap, gözi bilen görensoň:
-Pu-uw, biý-ä ýaman gaty ekeni. Pile hezil bermeýä, piliň hezilini alaýar, hm. Kerki uraýmasaň,
aldyrmaýa, aldyrmajagy görnüp dur – diýip, ýanynda hiç kimiň ýokdugyna garamazdan, içinden pikir

“GONAMBAŞY”
Awtory: Kakamyrat Ataýew
edip oňaýmaly zady nämüçindir daşyndan aýtdy. Oturyp çilim çekdi. Takmynan näçeräk mazaryň
ýerleşjegini biljek bolýan ýaly ýeriň eýlesini-beýlesini mazaly synlady.
Onuň arka tarapynda çygşyldy eşdilen ýaly boldy. Öwezberdi gabyrman seredip görse, ine, derýanyň
etegindäki gamyşly oýda Şükür gyzyl çommalypdyr-da, gara başyna gaý bolup, sary sygry emip oturan
eken. Gabyrman ilki-hä wahahaýlap güläýsem diýdi. Soňam gülküsine böwet basyp, ýerinden turdyda, bogazyna agram salyp, gaty sesi bilen:
-Hä-hä-äýt! Gyzyl, hä-äýt! – diýip gygyrdy.
Şükür gyzyl tisginip, ziňk etdi, ses çykan tarapa öwrülip: “Bu nireden çykd-aý?” diýýän ýaly,
geňirgenip, nägile nazar bilen Öwezberdä seretdi. Şonda onuň erninde syrygýan ak süýdüň yzy aýylsaýyl göründi.
Gabyrman ýalan haýbat bilen degişmäni garyp:
-Utanaňokmy? Göläň paýyny goýmasaň, öňümden çykanyň ýanynda aýdyp, oba wejera ederin – diýdi.
Şüküriň wejera boljak gümany barmy? Öwezberdi aýdanda-da, aýtmanda-da, barybir bütin Aktakyr
onuň bu gylygyndan bireýýämden bäri habarly ahyryn. Ýöne “Emjek wagty sygyr Şüküriň ýazzy
maňlaýyndan depipdir” diýip, ýalan habar ýaýratsaň, onda ynanarlar, nebsi agyran tapylmasa-da,
üstünden gülen köp bolar. Emma, Hudaýa şükür, bu sary sygryň depmek-gapmak ýaly ýaramaz gylygy
ýok. Janawer juda häsiýetli, tohum gurnaty. Garnyny doýursaň bolany, emjeginden aslyşýan Şükür
gyzylmy, gölesimi, parh edip duranok. Şoň üçin Şükür gyzyl muny elden çykarmakçy däl, şoň üçin
muny gaty arkaýyn emýär, şoň üçinem ol häzir gaty arkaýyn jogap berdi:
-Näme? Ememde näme? Öz sygrym. Hakym ýokmy? Sagyp içdim näme, emip içdim näme? Tapawudy
näme? Saňa näme?
-Oýun etdim how! Emiber. Ýelni boşaýança em! Noş bolsun! Ýöne gölä-de nebsiň agyrsyn – diýip,
Öwezberdi gabyrman gelen ugry bilen yzyna gaýtdy.
-Göle bilenem işiň bolmasyn, sygyr bilenem. Meň bilenem işiň bolmasyn! – diýip, Şükür gyzyl onuň
yzyndan hüňürdäp galdy.
Öwezberdi gabyrman bolsa kän gabyr gazan, boýy bilen boýdaş pilini selçeň, ýöne dözüm bilen ýere
urup gelşine sygyr emip oturan Şükür gyzyly derrew ýadyndan çykardy.
2.
Ir bilen kärhananyň demir kesilýän bölümine kebşirleýji ussalaryň biri gelip:
-Polat barmy, Polat? – diýip gygyrdy.
-Hawa, bar. Hanha, işläp ýör – diýip jogap berdiler.
Gelen adam:
-Çagyrýarlar – diýip, kärhanaň baş derwezesine tarap ümledi.
Howlyň daş ýüzünde orta boýly, garagözelek ýaş gelin Polada garaşyp duran ekeni. Dar biçüwde
bezemen geýnen inçemik, syrdam gelniň dogumdan doly goýun gözlerine, giň maňlaýyna, ýuka
dodaklaryna, bugdaýreňk ýüzüne seredip, Polat ondan haýsydyr bir tanyş zenanynyň keşbini gözledi.
Tanabilmedi.
Baş atyp salamlaşylan dessine gelin ara salym salman:
-Polatmy sen? – diýdi.
-Hawa.
-Aktakyrdanmyň?
-Hawa.
-Ýazbibiň ärimi sen?
Soragyň gömelteý äheňi äşgär duýulyp duran-da bolsa, Polat ähmiýet bermedi. Onuň ýüregine
nämälim gorky aralaşdy.
-Hawa. Näme boldy?

“GONAMBAŞY”
Awtory: Kakamyrat Ataýew
-Bolan zat kän – diýip, gelin düşnüksiz gürledi. – Heleýiňden habaryň ýok öýdýän?
-Düşünmedim.
-Düşünmeýändigiň görnüp dur. Piliň gulagynda uklap ýörene meňzeýäň.
-Ýazbibä bir zat bolmalymy? Sen kim?
-Meni tanamarsyň. Men Jumadurdyň gelni.
-Jumadurdy kim?
-Jumadurdyny heleýiň gowy tanaýar. Gyssasaň, aýdar – diýip, gelin içýakgyç gürrüň etdi.
Polat gödek bir zat diýip goýbermezligi üçin sabryna suw sepip, özüni parahat saklamaga çalyşdy.
-Hany, dur entek. Başyndan düşnükliräk edip aýt.
Nätanyş gelin edil çaga düşündirýän ýaly, süýem barmagyny gezedi-de, her sözüni aýratyn heçjikläp:
-Jumadurdy seň gaýyn obaňdan! Ýazbibileň goňşusy! Menem oň gelni! – diýdi.
-Onsoň?
-Sen entek Ýazbibä öýlenmänkäň, menem Jumadurda çykyp gelmänkäm ol ikisi ile wejera bolup,
söýüşipdir – diýip, gelin iki agyz sözde ýasama dabara bilen jar etdi.
Bu ýürekýargynç jümle Polady sarsdyrdy, ysgyn-mydaryny aldy. Mejalsyz göwresi şalkyldap
gaýdaýmaz ýaly, elini haýata diredi. Ol beýniden gaýdýan ganyň sarsgynyny açyk eşitdi, ýüzüniň
gyzanyny, meňziniň gyzaranyny duýdy.
Gelniň ýüzünde nähak ynjydylan çaga mahsus namys gatyşykly gahar göründi. Ol, ähtimal,
bilesigelijilikden däl-de, gürrüňdeşini odukdyrmak niýeti bilen:
-Seň şu zatlardan habaryň barmy? – diýip sorady.
Bihabar bolanlygy üçin Polat:
-Ýo-ok – diýdi.
Gelin Poladyň häzirki ýagdaýyna biperwaý garady, dogum bilen dowam etdi:
-Söýüşipdir, taň edipdir, söýüşmeýän ýok. Menden öň kim bilen näme eden bolsa, gabyr bolsun, işim
ýok. Ýöne men heleý bolup gelemsoň, başga ganjyga günümi bulatman!
Nätanyş gelniň mojukdan mojuk gürrüňleri Poladyň dünýesini gapyşdyrdy. Aljyratdy. Aljyraýanyny
gizlemek üçin giňlige saldy:
-Onsoň?
-Bolany şol. Men şony aýdaýyn diýip geldim. Ýörite gaýtdym.
Polat halys ugur-utgasyny ýitiren adamyň gürrüňini etdi:
-Indi men näme etmeli?
Yz ýanyndan bu sowaly berenine ökündi. “Ýeri, sen öz çözmeli ýüpüň uşlybyny nämüçin nätanyş
birinden sorap dursuň” diýip özüne igendi.
Bu meselede näme etmelidigini keseki birinden sorap duran ýaş oglanyň bolşuna gelniň gaşlary
çytyldy. Gaharyny basmaga çalyşýandygy onuň soňky sözlerinde aýyl-saýyl duýuldy.
-Seň etmeli zadyň, şo heleýe biriniň gül ýaly maşgalasyny bozma diý. Biriniň hojalygyny ýykma diý.
Öýi ýykmak aňsat, dikeltmek kyn. Heleý edip saklajak bolsaň, düşündir şo zatlary.
-Näme, häzirem aralary bar diýjek bolýaňmy? Güman edýäňmi?
-Güman edemok. Anyk bilýän. Heleýiňi gyssaberseň, özi aýdar. Düýn kim bilen gaýtdyň diýip gör,
ugry bolmaz.
Hakykatdan hem Ýazbibi düýn günin atasy öýüne gidip geldi. Onuň kim bilen gidip, kim bilen
gaýdanyny Polat, dogrusy, bilenok. Biljegem bolmandy. Ähtimal, Ýazbibiniň goýnunda bäbek göterip,
gün-günden gabaryp barýanlygy sebäpli beýle gara oý-pikirler ýadyna-oýuna gelmändi. Ynha indem,
ýerden çykdymy, asmandan indimi, bir bigäne gelin ala gozlerini göni Poladyň bäbenegine dikip,
“wäh” diýdi. Ýüregiň ýarylyp ölýänem bolsaň, heleýiň-ä şeýle diýip patlatdy, hiç zatdan gypynç etmän,
diýesi geleni diýdi. Polat onuň huşa sygmaz düýş gürrüňlerini ýalana çykaryp biljek bir delil gözledi.
Şol bir wagtyň özünde-de bu aýdylýanlar çyndyr, ymmata sygmajak wejeralykdan täk özüm
bihabardyryn, eýýäm uly-il bilýändir, ähli kişi gürrüňimi edýändir diýen pikire bendi boldy, ezýet

“GONAMBAŞY”
Awtory: Kakamyrat Ataýew
çekdi.
Gelin dowam etdi.
-Sen oňa aýt, aljak awyňy tana diý, kelte guýrugyňy oňa-muňa bulama diý, guýruksyz galmasyn! –
diýip, adaty zenan haýbatyny atdy.
-Näme diýmelidigini özüm bilerin – diýip, teýahyr Polat özüni ele alyp, ekezlendi. – Sen onsoň bu
diýen zatlaryň yzynda durup bilermiň?
Gelin asla ýaýdanar ýaly däl.
-Hawa, duraryn. Näme durman?! Ýör, görkez şo heleýi, wazladyp, ýüzüne basaýyn – diýip, bat aldy.
Polat bu gelniň Ýazbibi bilen ýüzleşip, onuň aýbyny ýüzüne gelip aýdyp duran halatyny hyýalynda
janlandyrdy. Nämüçindir iki gelniň ýüzlerini dyrnaçaklap, saçýoldy oýnaýyşlary göz öňüne gelmedi,
tersine, bu gelniň-ä saçlaryny hüwjerdip, hekemsiräp durşy, Ýazbibiniňem bir gyzaryp, bir agaryp,
ýüzüni aşak salyp duran keşbi janlandy. Hopukdy. Gyssandy.
-Entek howlukma! Wagtynda ýüzüne durubilseň bolýar – diýdi.
-Men seň ýanyňa gelmän, heleýiň bilenem bellisini edibilýän. Ýöne ilki duýduraýyn diýdim, goh ula
gitmesin diýdim. Eger diýeniňi etdirip bilmeýän bolsaň aýt...
Polat bu nätanyş gelin bilen ýedi ýoluň üstünde, iş ýerinde gaty-gaýrym diýişäýmekden çekinip:
-Başga aýtjak zadyň barmy? – diýdi.
-Başga aýtjak zadym ýok. Heleýiňe buýr! Meň günümi bulamasyn! Men oň gününi bulasam, yzyny
tapmaz ýaly ederin.
Poladyň: “Senem öz äriňe buýr! Seňkem akja jüýje däl ýaly-la. Kim kimiň gününi bulaýar, belli däl
entek” diýesi geldi. Diýmedi. Ejap etdi. Namys saýdy. “Ýeri, sen erkek bolýan bolsaň, ilki özüňi oňar!
Muň ärine buýrany bilen seň heleýiň düzelýämi?” diýip özüne pent etdi.
Gelin Poladyň diline getirip bilmedik sözlerini okan ýaly, jibrinip gepledi:
-Öýdäki ýeleksiz ýerýuwdany bir edişime seret entek. Iliň heleýini görende edil ýöne ýüregi bulanyp
duran etmesem, hasabam däl.
Onuň äri bilen nähili darkaş gurajakdygy Polat üçin asla gyzyksyzdy. Häzir ol agyr ýüküň astynda
galdy. Uludan demini aldy-da, zordan bir agyz:
-Bor – diýdi. Yzyna döndi.
Gelin nägile nazar bilen özünden daşlaşyp barýan Poladyň yzyndan garap durşuna, eşitdirip:
-Ärsumak haýran! – diýip hüňürdedi. Hamana, Polat yzyna öwrülip geläýjek ýaly, gelip bir zatlar
soraýjak ýaly birsellem garaşdy. Eger yzyna öwrülip gelse, pert-pert jogabyny berip, entegem aýdyp
bilmedik sözlerini içikdirip-içikdirip, suňşuraýarly göründi.
Polat dolanmady.
Gelin siltenjiräp, tozan turzup, gelen ýoly bilen yzyna gaýtdy.
Işdeşi Akmämmet gözlerini ýeser güldürip, Polatdan:
-Kim-aý o gelin? Özüňkimi? – diýip, gyzyklanyp sorady.
-Ýok, özümiňki däl.
-Onda kim? Nämüçin gelipdir?
Polat gahar bilen:
-Başy boş gelin. Mes baýtal. Är gözleýär. Gerek bolsa, aýt, tanyş edeýin – diýdi.
Akmämmet oňa ynanjagyny-ynanmajagyny bilip bilmän birsellem sadylla bolup durdy-da, Poladyň
yzyndan gygyrdy:
-M-bahh! Çynyňm-eý? Öz-ä ýaman gowy zat ekeni.
Ýaşulurak işçileriň biri:
-Goý-how, goý, ilde-günde gowy zat kän. Haýsy birine göz gyzdyrjak? Tanaman-bilmän beýdip
ýörşüňe bir gün bir zadyň üstünden barasyň. Utanaňogam-aý! – diýip, Akmämmede gatyrgandy.
***

“GONAMBAŞY”
Awtory: Kakamyrat Ataýew
Poladyň iş bilen seri bolmady. Özüni şunça arkaýynlyga saljak bolsa-da, başarmady. Karary ýetmän,
günortana golaý rugsat soramak üçin başlygyň ýanyna bardy. Ýalandan içini tutup bardy.
-Başlyk, iç-ä ýaman heläk edýär. Bu gün mensiz gaýrat edäýmeseňiz, boljak däl – diýip, ol iki bükülip
durşuna ýalan sözledi. Gürlände sesini derde uçran hassalaryň sesine meňzetmäge çalyşdy.
-Beh, ýakar-ýakmaz bir zat iýdiňmi? Ýüregiňem bulanýarmy? Kelläň nähili? Agyrýarmy? – diýip,
galdawlygy daşyndan bildirip duran çal saç başlyk ýüregi bilen ynjalyksyzlanýandygyny duýdurdy.
-Kelläm-ä agyranok. Ýüregem oňat. Iç heläk edýär, iç. Bar hezilimi aldy.
-Körçege-zatmyka ýa?
-Bilmedim-dä, başlyk.
-Körçege bols-a keserler... Bar onda, durma!
-Sag bol, başlyk!
Çykyp barýarka ýeňseden başlygyň sesi eşidildi:
-Turbanam-a ýalňyş kesipsiňiz. Bir segsen bäş bolmaly, a siz bir togsan bäş edipsiňiz.
-Bilýän, başlyk. Ilki ölçegimiz bir togsan bäşdi. Soň üýtgedi-dä. Arkaýyn bol, başlyk, düzederis, ilki içi
düzedeýin.
-Içiň agyrýan bolsa, ýüzärligiň dänesini iç. Birinji emi şodur. Edil tapbat edäýer – diýip, işçi
oglanlaryň biri Poladyň yzyndan gygyryp galdy.
3.
Bazarda täze gedaý peýda boldy.
Ol gowur berip duran uly bazaryň iň bir gelim-gidimli ýerinde, adamlaryň eýläk-beýläk dyngysyz
geçýän ýolaýrydynda dilegçilik edip başlady. Birbada dilini ýarmady, töweregine sowuk hem mysapyr
garaýyş bilen göz aýlap, sessiz elini serdi. Biraz duransoň, garrap, tapdan düşen bedenini aýak
üstünde uzak saklap bilmän, gedaý derrew çöküne düşüp, aşak oturdy. Ol ir säher bazarçylar bilen bir
wagtda deň örüşine tä mähelle sabaýança şol çöken ýerinde gurşan aýaklaryny ýazmak üçin käte bir
gozganjyrady diýäýmeseň, ýerinden turmady.
Kimdir biriniň özüni tanap utandyraýmagyndan ätiýaç edýän ýaly gedaý sakgal-murt basan ýüzüni
uzakly gün ýerden galdyrmady. Telpegini öňünde goýup, çöküne düşüp, küýkerlibräk oturyberdi.
Eýesi gedaý bolany üçin, ebetde, telpek syrdam bitin däl, bireýýäm göwşülläpdir. Egnindäki penjegi
ýaly sary gidip, garantga geýdiribermeli hala düşüpdir. Emma telpegiň garantga geýdirerden has
möhüm işi bar. Bu telpek dilegçiligiň baş alamatyna öwrülip, edil beýleki adamlar ýaly, gedaýy
ýaşaýyşa imrindirýän esasy zady – pul-püçegi ýygnap berýär. Onsoň gedaý telpeginiň üstüne
abanybrak agzyny çala gymyldadyp, eşdiler-eşdilmez mydyrdap otyr. Onuň sesi bazar güwwüldisiniň
içinde aýyl-saýyl eşdilmän ýitip gidýär. Ýöne telpeginiň içine pul oklamak üçin aşak eglen wagtyň
onuň dileg edýändigini eşitmek mümkin:
“Aýdan-diýeniňiz kabul bolsun!”
“Hudaýym beren sadakaňyzy kabul etsin!”
“Aljagyňyz alkyş, ýüküňiz abraý bolsun!”
“Görjegiňiz Hydyr bolsun!”
Gedaý aýat-süreden habarly adamlaryň hilinden däl. Gara başlaryna gaý geçip duran ötegçilere
gedaýyň okajak aýat-süresiniň derkary-da ýok ýaly. Käte olaryň biri telpegiň içine biraz ownuk pul
oklaýar-da, şobada hem gözden ýitip gidýär. Beren pulunyň Hudaý ýoluna sadakadygy barada, onuň
kabul bolup-bolmazlygy hakda pikir edýäne meňzänok. Olaryň näme pikir edýändigi hem gedaý üçin
ähmiýetsiz. Ol pul berene çalarak nazar aýlar, agzynam çalarak gymyldadar. Şonda onuň ýüzünde
minnetdar bir garaýyşy görersiň, dodagynyň gymyldysyndan bolsa “Kabul bolsun!” diýýänini
aňşyrarsyň.
Bu ýere aýagyny sekip, şindi maksadyny göz-görtele äşgär edip ýetişmänkä munuň kimdigini
hemmeler tanady duruberdi. Bazarçylaryň islendigini saklap: “Hol oturan kim?” diýip, sorasaň,

“GONAMBAŞY”
Awtory: Kakamyrat Ataýew
säginmezden, bir agyz: “Gedaý” diýip jogap berjegi ikuçsyz. Başga zat aýdyp biljek gümany bolmaz. Bu
ýere bazar diýilýär. Her kim galarak satjag-u, amatlyrak aljak. Onsoň asmandan inenem bolsa, ýerden
çykanam bolsa, gedaýdygy kesesinden mälim bolup duransoň, üstesine-de söwda üçin asla ähmiýeti
bolmadyk bu adamyň kimdigi barada hiç kim gyzyklanyp duranok. Gedaýmy, gedaý! Hemmeleriň
tanaýan gedaýy! Ähli kişi üçin nätanyş adam!
Bazarçylaryň içinde gedaýyň özüniňem belli-külli tanaýany ýok öýdýän. Ol ötüp-geçip duran
adamlaryň arasyndan kimdir birini tanajak bolup içginsiräberenok. Ýogsa, ir bilen bazara gelen gaba
telpekli, sakgally-sarmykly, özi bilen ýaşytdaşrak ýaşulyň ýüz keşbi oňa kimdir birini ýatlatjak boldy.
Gedaý hakydasyny oňatja dörüp, ýaşulyny siňe-siňe synlan bolsa, ähtimal, tanasa, tanardam. Ýöne
döwtalap bolmady. Ony Aktakyr obasyndandyr diýip güman etdi. Geçip barýan ötegçiniň uzadan
kagyz puluna ünsi bölünip, ol dileg edip başlady. Gaba telpekli ýaşulynyň ýüz keşbi bolsa onuň
huşunda uzak durmady.
***
Onuň ene-atasynyň ezizläp, söýgüläp dakan ady Sähet bolmaly. Sähet atadan ir galdy. Bagyrda dörän
nägehan kesel üç-dört ýaşlaryndaky Sähedi ýetim goýdy, ejesini dul galdyrdy. Sähetjige kaka, ejesine
är bolmak üçin Aktakyr obasyndan Hakgy diýilýän telpegi agan biri irginsiz gatnap, ahyry arzuwyna
ýetdi. Ýörite ataraba tutup, bulary Aktakyra göçürip äkitdi.
Sähet mekdebe gatnap başlan uçurlary çaga üstünden ejesi ýogaldy. Kakalygy Sähedi daýylaryna alyp
gitdi. “Ejes-ä şeýle boldy welin, ynha, indi muny näderis? Ýegenjigiňize eýe çykarmysyňyz?” diýip
ýaýdana-ýaýdana habar berdi. Daýy-daýzalarynyň ählisi dil birikdiren ýaly, ýüzlerini kürşerdip,
tykyraşdylar, ýükürgendiler. Hakgy olara ýalbaryp durmady. Sähedi Aktakyra alyp gaýtdy. Aradan
ýoňsuz salym geçmänkä-de, Ajap atly yzgytsyz bir aýala öýlendi. Sähet soň görüp otursa, Ajap
Hakgynyň önelgesizligi üçin kowan başdaş aýaly eken. Ajaba ikinji gezek öýlenenden soň iki ýyly
geçirip, bir keseljik tapyndy-da, Hakgynyň özem arman bilen gözüni açyp gitdi.
Ajabyň welin Sähet bilen mäşi bişişmedi. Jyny jyňkyryşmady. Hamana, önelgesizligine, Hakgynyň özi
bilen aýrylyşmagyna, Sähediň ejesine öýlenmegine, ahyrynda-da ähli zat gülala-güllük bolaýmaly
wagtynda Hakgynyň ölüp gidibermesine, şowlamadyk maşgala durmuşyna, hemmesine, ine, şu
boýnuny sallap, egnini gysyp, sust oturan oglan günäkär ýaly, ýüzüni ajatdy. Torsaryldy. Siltenjiräp,
girse-çyksa, azar ýamanyny berdi. Hunaba ýuwutdyrdy.
Sähet çydamady. Daýylarynyň gözlegine çykdy. Salgy bilen tapdy. Ýöne daýylary gujak açmadylar. Ýüz
bermediler. Seňriklerini ýygryşyp, aýal doganlarynyň ozalbaşda ölen äriniň ojagyny saklap oturaýman,
äre turup gitmesine Sähet sebäp bolan ýaly gaharly seretdiler.
Ol ýene Ajabyň ýanyna dolandy. Her näçe muşakgatly bolsa-da, gaýrat etdi. Ýuwudar ýaly zatlary
ýuwutdy. Mädesi iri adamyňam ýuwutmasy kyn zatlary bolýar. Sähet, başarsa, şolary hem ýuwutmaga
çalyşdy. Bir gezek Ajap: “Seň ejeň düzüw däldir, ýurtýykan loly bolmasa, meň gül ýaly günümi
bulamazdy” diýip, ölüp giden ejesini tisgindirdi. Şol gezek Sähet saňňyl-saňňyl etse-de, sesini
çykarmady. Gaýtawul bermedi. Içinden welin öldürip dynmaly diýip pikir etdi. “Palta bilen göni bir
uramda alaryn. Ahmalyna garap alaýyn” diýen hyýala mündi.
Edil şu niýeti aňan ýaly, goňşulary Ýemşik aga bir gün Sähedi ýanyna çagyryp:
-Hä-äýt, seresap bolgun! Albassydyr, seň el götereriňe garaşýandyr. El göterdigiň – işiň gaýtdygy.
Göni türmä gidersiň, çüýrärsiň, ömrüň kül bolar, oglanlyk edäýmegin! – diýip tabşyrdy.
“Wah, Ýemşik aga, jan agam, el göterjek däl, öldürip dynjak, palta bilen çapym-çapym etjek, her
bölegini tike-tike edip, ýedi ýoluň birigýän ýerinde gömjek. Şonda-da içim sowar öýdemok” diýip, şol
gezek Sähet tasdanam içindäki pikirini daşyna çykarypdy. Ýöne hykga damagy dolup, gözüne ýaş
aýlandy-da, hiç zat diýip bilmedi. Başyny atyp, turup gitdi. Näçe hyýala münse-de, Sähet eline palta
alyp bilmedi. Hyrçyny dişläp, Ajabyň buýran ýumşuny bitirmek üçin ýüwürdi ýördi.
Aý-gün geçip, Sähet mekdebi gutardy. Gulluga gidip geldi. Gelşine-de obada uzak eglenmän, talap

“GONAMBAŞY”
Awtory: Kakamyrat Ataýew
gözläp, şähere siňdi. Soň oba dolanmady. Ajabam muny idäp durmady.
Sähet gurluşykçylaryň brigadasynda işe durdy. Oňa umumy ýaşaýyş jaýyndan otag berdiler. Brigadada
Zeýnep atly suwagçy gyz işleýärdi. Sözleri bal bilen ýag ýaly alyşdy-da, Sähet muňa öýlendi. Durmuş
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Gonambaşy - 2
  • Parts
  • Gonambaşy - 1
    Total number of words is 3775
    Total number of unique words is 2266
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gonambaşy - 2
    Total number of words is 3808
    Total number of unique words is 2343
    29.8 of words are in the 2000 most common words
    42.3 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gonambaşy - 3
    Total number of words is 3809
    Total number of unique words is 2230
    30.9 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    49.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gonambaşy - 4
    Total number of words is 3804
    Total number of unique words is 2336
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gonambaşy - 5
    Total number of words is 3774
    Total number of unique words is 2239
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    43.4 of words are in the 5000 most common words
    49.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gonambaşy - 6
    Total number of words is 3823
    Total number of unique words is 2265
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    50.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gonambaşy - 7
    Total number of words is 3840
    Total number of unique words is 2280
    29.6 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    49.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gonambaşy - 8
    Total number of words is 3822
    Total number of unique words is 2329
    29.3 of words are in the 2000 most common words
    43.1 of words are in the 5000 most common words
    50.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Gonambaşy - 9
    Total number of words is 2862
    Total number of unique words is 1809
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.