Latin

Eneler uklamaýar - 8

Total number of words is 2123
Total number of unique words is 1400
35.7 of words are in the 2000 most common words
48.9 of words are in the 5000 most common words
55.2 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
dawany hem iş stolunyň başynda çözjekdirler. Şeýtse, direktoryň
desmaly güýçliräk boljakdyr...»
Akbäbek Abdylla Hasanowiçiň kabinetine girende, bu ýerde
Žannany-da görmedi, ejesini-de. Ol ýerde atelýäniň ýolbaşçylary,
ýerli komitetiň başlygy, partiýa guramasynyň sekretary, ýene birki
sany işgär otyrdy.
Abdylla Hasanowiç iňňän mylaýym salamlaşdy. Eziziň
ýagdaýyny sorady. Çagajyklarynyň saglygyny, maşgalanyň güzeran
ýagdaýyny sorady. Akbäbek bularyň ählisine guraksy ýekeje sözde
«Taňryýalkasyn» bilen jogap gaýtardy. Direktoryň matlabyny
aýdaryna garaşdy. Emma gürrüň onuň garaşyşynyň tersine boldy.
Abdylla Hasanowiç ötünç soraýan şekilde gürledi:
— Akbäbek, ýalňyşmaz adam bolmaz. Biz sizi tikinçilige geçirip
öýkeledenimizi-de bilýäs. Indi şo ýalňyşy düzedäýsek, siz biçimçiler
sehine müdir bolup beräýseňiz diýip haýyş bilen çagyrdyk.
Akbäbek ýalta oturanlara garady. Bu iňňän geň teklipdi.
Biçimçiler sehiniň müdiri — bu Weli Japaryň ýeridi ahyry. Düýn
Akbäbek bilen bir sehde işläsi gelmeýän adam bu gün oňa neneňsi
ýerini berer.
— Ýerli komitetiňem, partkomyňam pikiri şol — diýip, direktor
100
öňki aýdanlarynyň üstüne goşdy. Oturanlar «hawa, hawa» diýip,
gobsunyşdylar.
Akbäbek ýüzüni aşak salyp, pikire gitdi. Bir meýdan oýlanyň
oturdy. «Bu nähile beýle bolýa? Bular meni oýnajak bolýamykalar?»
— Näme köp oýlandyň-la, Akbäbek — diýip Abdylla Hasanowiç
ýylgyrdy. Akbäbek ýüregindäkini diline getirdi.
— Hany, Japar aga? Meniň o ýere geçmegime razy boloarmyka?
Her kim bir-biriniň ýüzüne seretdi. Esli salymdan soň:
— Weli Japaryň işi bilen organlar gyzyklanar, ony şolara
tabşyrdyk — diýip, partkomyň sekretary ýaş gelin jogap berdi. Eýsemde bolsa, Akbäbek birbada razylaşmady:
— Ertire deňiç puryja beriň, men göwrümime geňeşeýin.
Ertire puryja berdiler. Akbäbek çykyp gaýtdy.
Onuň ertir diýmesiniň özüne ýetik sebäbi bardy. Onuň üçin ertitiň
manysy uludy. Her güni garaşylmadyk wakalardan doly dünýäde
Akbäbek özüne her sagatda birhili betbagtlyk garaşýan ýaly duýýardy.
Üç aý bäri kesel bilen çekeleşip ýören adamsyndanam ýaramaz habar
düşse düşäýmelidi, öten agşam jenaýat eden ogly bilenem bir iş bolsa
bolup durubermelidi. «Gorkana goşa görner» diýenler, Akbäbek her
bir zady ýamanlyga ýorýardy.
Akbäbek o gün tikin maşynynyň başynda otursa-da, pikir
başga ýerde boldy. Ýene-de özüniň arzyly gaýçysyny ele alyp, täze
modaly geýimler biçjekligi barada oýlananda az-owlak ýüzi ýagtylsada, etmişli ogly bilen syrkaw adamsy ýadyna düşende gama batyp,
oýlanýardy.
Onuň çen edişi ýaly-da boldy. Öýüne gelende, gapyň tutawajyna
gysdyrylyp goýlan «Powestkä» gözi düşüp onuň essi aýyldy, ýene şol
gara diwana çökmeli boldy.
«Bilýädim ahyry geljegini... Bular towşany araba bilen tutýarlar
— diýip ýeke özi hüňürdedi. — Eýý... Abdylla Hasanowiç, Abdylla
Hasanowiç, gör, siz, nähile mekir adamlar, sen-ä maňa wezipe hödürle,
ötünç sora. Aýalyň bilen gyzyňam milisiýa gitsin, meň üstümden
prokurora arz etsin...»
Iş gutaran dessine öýe gaýdan Bally ejesiniň gara dere batyp,
gapynyň agzynda oturanyny görende gorkudan ýüregi agzyndan
çykaýjak boldy:
101
— Näme bolýar, eje? — Ol ejesini gujaklady. Akbäbek tapsyz
halda gapa gyssyrylgy duran powestkä tarap ümledi: — Elbetde,
seňem kysmatyň şeýledir-dä, ogul. Geýnip bir git, yzyňa dolanyp
gelesiň ýok, ýygnarlar...
Bally gyssanmaç powestkäni alyp, okady-da, gülüp goýberdi:
— Gözüň aýdyň, eje. Gutlaýan!
Akbäbek düşünmedi, laňňa ýerinden galdy. Bally powestkäni
onuň gözüniň öňüne tutdy:
— Meni milisiýa däl, prokuroram däl, goşunçylyga çagyrýalar,
eje. Görmeýärmiň kürüşge-çemçäň bilen gelmeli diýipdirler...
Akbäbek oglunyň elindäki powestkäni gysymlap doňdy:
— Eý, Taňrym!..
***
AKBÄBEK BIR HEPDE beýle çalt geçer öýtmedi: jaý çalyşmak
üçin ýelmän bildirişlerini goparmak, işe kabul etmek, işleri ýola
salmak bilen gümra bolup, Ballynyň ugramagyna ýekeje gün galanda
ogluny goşun gullugyna taýýarlamak üçin rugsat sorap geldi. Indi ýol
üçin iýmäge ogluna zat taýýarlamalydy. Onuň Bally bilen Moskwa
gidip, ony kakasy bilen hoşlaşdyryp gaýtma hyýalam ýok däldi, hiç
zada ýetişmedi. Şeýle-de bolsa, Akbäbegiň göwrümi giňdi. Ylaýtada bäş-alty günlükde Ezizden gelen hat ony begendiripdi. Onda şeýle
setirler bardy:
«Buşluk ezizlerim, ahyr derdime derman tapdylar. Täze bejergä
başladylar, saglyk bolsa aňyrsy iki hepdeden öýüňe dolanarsyň
diýýäler».
Akbäbek Ballynyň soňky gününi uşak-düşek işler bilen geçirdi.
Ertesi irden Ballyny ugratmak üçin taksi zakaz etmäe çykanda öz
podýezdleriniň agzynda duran täzeje «Žigulini» gördi:
— Salawmaleýkim, Akbäbek daýza! — diýip, rulda oturan ýigit
seslendi. Şo demde maşynyň gapysy açylyp, ýigiten ozal onuň pişegi
çykdy. Akbäbek ýigidiň salamyny alsa-da, birbada ony tanamady.
Ýigit iki goltugyna pişegini söýget edip towsaklap alkymyna geldi.
— Hiý, jan iller, Şadymy bi? — Akbäbek garsa gujaklady.
— Edil özi, Akbäbek daýza, ugradaýyn diýip gaýdyberdim.
Hany, Bally?
— Eger-eger sensiň öýdüp, gümanam edemok, Şady jan —
102
diýip, Akbäbek ony gaýtadan synlady.
— Bir aýagymdan öňňes-ä men, Akbäbek daýza — diýip, Şady
wäşisiredi.
— Beý diýmezler, balam. Allanäme gutulyp çykypsyň, gözüň
aýdyň.
Akbäbek şeýle diýse-de, oňa ýüregi awap durdy: «Gül ýaly
ýigitdi. Ömürlik maýyp galypdyr. Uruşda maýyp bolan-a urşa nälet
okaýa, urşa gargynýa. Ýeri, muňa näme diýjek? Gör, seresapsyzlyk
nämeler etdirmeýär.»
Ol penjirä tarap gygyrdy:
— Bally, gel oglum, gör, kim gelipdir.
Boýy bilen boýdaş aýnaň öňünde soňky gezek özüne timar
berip duran Bally şo demde ýere düşdi. Şady ikisi ilki gujaklaşdylar,
ogşaşdylar. Soň igenişdiler. Ahyr düşünişdiler...
Bally özüniň soňky günlerini ylgap geçirenini, daýylaryna gidip
hoşlaşyp gelendigini aýdyp, özüni aklady.
Şady bolsa Ballynyň goşun gullugyna gidýändigini oglanlardan
eşidip, keselhanadan gaçyp çykandygyny aýdyp magtandy.
Akbäbek şunça seretmäýin diýse-de bolanok, ýene gözi onuň
agaç aýagyna düşýärdi. Ýüregi jigläp gidýärdi. «Hiý, üç-dört aý
mundan ozalam dabrap ýören gül ýaly ýigit... maýyp boldy diýseler
ynanar ýalymy. Her kim balasynyň barmajygyna tiken batmagyna
razymy?»
Şadynyň özüniňem gülüşse-de, degişse-de kemsinýändigi
ýüzünden görünýärdi.
Bally onuň lowurdap duran maşynyny sypady-da, başyny
ýaýkady.
— Be, walla, şu Kuly murta telpek goýaýmaly, how. Şo maşyn
diýseň, muňa kim ynanar?
— Nätdiň, oglan. Ýok-la, o maşyn bejererden geçipdi-le.
— Şol maşyn, Akbäbek daýza, şol... Öwlüýä kessin, şol adamyň
hünärini ony eliň aýasyndan saklasaňam azmyka diýýän. Aýagym
maýyp bolansoň özünem el bilen sürer ýaly edipdir.
Ýigitler ondan-mundan gürrüň etdiler. Akbäbek bolsa böwrüni
diňläp pikire batdy. «Maşynlaryňky ýaly adamlaryňam zapas zapas
şaýy bolsa bolmaýamy. Onda Gulam aga oglunyň bir aýagy üçin
103
nämelere kaýyl bolmazdy. Eýsem, men Ezizi doýa garna iýer ýaly
edip bilsem, ony dünýe malyna çalyşjakmy?»
Bular Şadyň «Žigulisine» mündüler. Bally öňde, Şadyň ýanynda
oturdy. Akbäbek Ballynyň goşhaltasyny gapdalynda goýup, Arslanjygy
gujagyna alyp, yzky oturgyçda ýerleşdi. Içi iýer-içer ýaly zatdan doly
korzinkany hem emaý bilenjik aýaklarynyň arasynda saklady.
Maşyn demir ýol wokzalyna tarap gönükdi. Ähli zady el bilen
sürmeklige geçirilen maşyny synlap oturan Ballynyň ruluň ýokarsyna
ýelmenen ýazga gözi düşüp ýylgyrdy-da, ýeňsesine gaňrylyp, ony
ejesine görkezdi. Iller, maşynyň yzky aýnasynyň öňünde «Özüňe
ynamyň bolmasa, ozjak bolma», «Gyssansaň — çakyşarsyň» diýen
ýazgylar goýsalar, Şady edil gözüniň alnynda hemişe ýaýtladyp duran
ýazgy goýupdyr: «Ahmal bolma, şol gün gaýtalanar».
— Kör hasasyny bir aldyr diýipdirler, ýadymdan çykmasyn
diýip ýazaýdym — diýip, Şady ýylgyrdy. Soňra — Ýene kimler giýä,
halypa? — diýip, Balla ýüzlendi.
— Aý, gidýän kän. Çaryşka gidýä. Döwlet gidýä, Saşka gidýä...
— Haýsy Saşka, Çernowmy?
— Ýok, Wolodin, Saşka Wolodin — Boksýor. Ýene seň
tanaýanlaryňdan Artur Ýerewan giýdä. Alimagam neressen-ä gözüň
şowa diýip almadylar. Aglaýjak-aglaýjak boldy. «Şo wraçyň özi kör»
diýip, ýol boýy gargynyp gaýtdy.
— A Ziýa? Ýa instituta girjek diýip käkeläp-käkeläp ahyr
girdimi-aýt?
— Baý-bow, sen zatdan bihabar-ow onda — diýip Bally oňa
seretdi.
— Ýogsa näme, «Dünýeler düýşdir keýtige» diýip eşitmänmidiň.
Men-ä näme, keýtigem däl, maýyp... nireden bileýin?!
— Şady jan, sen maýyp däl. Allanäme bir aýagyň bar, kemsinme,
diýme şo sözi — diýip Akbäbek onuň başyny sypady.
— Ziýa iki ýyl iş kesdiler, halypa — diýip, Bally aşak bakdy.
— Näme üçin?
— Biriniň «Žigulisini» alyp gaçypdyr. Eýesi tutanda-da, oňa
pyçak çenäpdir...
Şady sesini çykarman, başyny ýaýkady.
— Şu Ziýamy? — diýip, Akbäbek içini çekdi, açarlardyr pyçagy
104
ýatlady. «Belki, şo wagt milisiýa baran bolsam, bu zatlar bolmazdy»
diýip oýlandy-da, Ballydan gaýtalap sorady. — Şu orunbasar ministriň
ogluny basdylarmy?
— Hawa, eje. Ýöne ol indi ministriň orunbasary däl. Pensiýa
çykypdyr-da, obada ýaşajak diýip gidipdir. Ziýaň kakasam däl... Aý,
olaň maşgalasy dagady-laý...
— Näme bolanmyş? — Akbäbek gyssandy.
— Ejesi aýrylyşyp, kakasynyň ozalky şofýoryny öýlerine getirip
oturyberipdir...
Akbäbek bu zatlardan bihabardy. Ol Şadydan beter geňirgendi.
— Toba, toba. Päli azan diýerler, o heleýe. «Päl azman, bela
bakmaz». Elli ýaşda ärinden aýrylyp ýörensoň, näme diýjek oňa...
Bular wokzala gelende eýýäm demirýolçularyň täze salnan
stadionynyň töweregi maşyndan doludy. Goşun gullugyna ugrajak
oglanlar stadionyň çyzykly ylgaw ýodajyklarynyň üstünde telim
hatar bolup durdylar. Bally maşyndan düşüp ylgady-da baryp, yzky
hatarlaryň birinde durdy. Akbäbek ýüregi ýerine gelen ýaly uludan
dem aldy.yzky hatarlary doldurmak üçin ýene iki adamyň ýetmeýänini
görende bolsa, «Ol Ziýa bilen Şadyň ýeridir» diýip oýlandy — onuň
gäderip duranyna gynandy.
Eli mikrofonly ofiser oglanlaryň öňünde uzak gürrüň etmedi.
Spisok okap, oglanlary tükelläninden soň, şeýle komanda berdi:
«Ene-atalaryňyz bilen hoşlaşmaga ýarym sagat puryja berýärin.
Hoşlaşyk gözýaşsyz bolsun! Siz balalar bakjasyna däl-de, Watan
goragyna gidýäniňizi unutmaň. Özüňize-de bir bulgurjyk «limonad»
içmäge rugsat edýärin. Dagaň!»
Podpolkownik ýylgyrdy. Oglanlar gülüşdiler. Şo salymda-da
stadionyň içi goýun bilen guzy garyşana döndi. Bally gelen dessine
Akbäbek bilen Şady maşynynyň agpdaljygynda gök otuň üstüne
gazet ýazyp, iýer-içer ýaly zatlary ýaýradypdylar. Beýlekilerem kimsi
keserip ýatan beton sütünleriň üstünde, kimsi gök otuň üstünde, her
kim tapan-tupan ýerinde ýerleşip, gulluga gidýän ýigit bilen hoşlaşyk
bulguryny taýýarlapdylar.
Ballynyň gelip oturanyna mähetdel Akbäbek oňa iýdirjek
bolýardy: «Iý, oglum, iý. Alla bilsin, näçe günden barmaly ýeriňize
barjak...»
105
Emma Ballynyň bu wagt işdäsi zat alanokdy.
...Akbäbegiň düýnki buglap bişirip goýan towuklary aýaklaryny
serip, gazetiň üstünde ýatyrdylar. Getirilen gök önümler, miweler
başy bozulman durdy. Şady gürrüň arasynda käte bir agyz dadan
bolýardy, ýöne oňam iýip hezili ýokdy. Töwerekdäkiler bolsa eýýäm
ofiseriň aýdanyny iki esse ýerine ýetiripdiler, bulgur yzyndan bulgur
göterilýärdi. Onda-munda ýykylyşyp ýatan çüýşeler görünýärdi.
«Bar, ogul, sag git-de, aman gel». «Göter bakaly, ogl, ejeňem
sen gelýänçäň gelinlik tapyp goýar» diýen ýaly sesler bilen birlikde
bulgurlar çykyşdyrylýardy. Akbäbek töwerege seretdi. Göwnüne
özleriniňkiden tukat üýşmeleň ýokdy. Ol muny islänokdy. Hut şonuň
üçinem ýolda içse-de, ugranda içse-de diýip iki çüýşe «Çemen»
çakyryny kagyza dolap, korzinka salypdy, emma ony Bally kim bilen
içsin, Şadynyň ömür agzyna içgi almazlyga äht edenini Akbäbek gowy
bilýärdi.
Bally Şadynyň içmejegini bilse-de: — Şady, ýoldaş bolaý,
bir bulgurjyk içeli, bolmasa, maşynyňy şu ýerde goýar-da, ertir
äkidäýerler — diýdi. Şady başyny ýaýkady: — Gep maşynda däl, men
şert etdim. Ozal şu bir bulgur sebäpli aýagymy ýitirdim — diýdi-de
özüne, Arslanjyga, Akbäbege limonad guýdy. Balla bir stakan çakyr
guýdy... Emma heniz bulgury götermäge ýetişmänkäler, niredendir bir
ýerden Kuly murtuň boguk sesi eşidildi:
— Eý, Bally, Şadişka, geliň bärik, bile oturalyň, bize goşulyň!
— Ana, saňa ýoldaş tapyldy. Ýörüň. Kuly agaň ýanyna baralyň
— diýip, Şady göeünjeň gopdy. Akbäbek gozganmady:
— O nireden bu ýere düşüp ýörkä?
— Onuňam ogly gidýändir, ýanyndaky saçy syrylan şoň ogly
bolmaly. Çenim çen bolsa, gözüni süpürip oturanam aýalydyr. Ýörüň,
Akbäbek daýza!
Olar ýaýradan zatlaryny göterip, olaryň üýşmeleňine birikdiler.
Kuly murt:
— Tanyş boluň, bu meniň oglum, Bäşim — diýdi-de, özüne
çalym edip duran oglany görkezdi. — Ballyşka, senem gidýäň dälmi,
ikiňiz bileje gidersiňiz, gelen günüňizem ikiňizi ýanyma şägirt alaryn.
Akbäbek bilen Kuly murtuň aýaly özleri tanyşdylar.
— Hawa-la, jan dogan, gidýä-le. Ýedi oglum bar, Hudaýa şükür.
106
Bu bäşinji. Mundan ululary üçüsi gezegini geçirip geldiler. Çary
janymam bu gün-erte gelmeli — diýip, Kuly murtuň aýaly magtanyp
hem hamsygyp gepledi.
— Hany, alyň bakaly, ýigitler! — diýip, Kuly murt griş-geriş
bolup duran Köpetdaga seretdi-de, bulguryny göterip oýlandy — Hol,
daglaryň belentligini görýäňizmi? — Hemmesi o tarapa aňaldylar. —
Ana, siziňem başyňyz şol daglar ýaly belent bolsun! Içeliň!
Ol adaty endigi bilen elindäki buguryny bokurdagyna serpip
goýberdi. Bally bilen Bäşimem agyzlaryny süpürip, gazetiň üstündäki
ir-iýmişe işdämen topuldylar.
Ballynyň derrew ýüzi ýagtyldy. Ikinji bulgurdan soň bularyň
üýşmeleňi ala-ýaz boldy, gülüşdiler. Akbäbek göz astyndan Kuly
murtuň aýalyny synlaýardy hem pikir edýärdi: «Şol hokkeý görýän
ene bolmal-ow şu. Bolsa-da gaýratly bilmeli, ýedi ogul dogrup, olary
terbiýelemäge, ýene hokkeý görmäge neneň eli ýetýärkä? Men-ä Bally
ýaly ýene bir oglum bolsa, ol-a hokkeýçileriň ady ekeni, öz adymam
unudarmykam diýýän.»
Az salymyň içinde Bäşim bilen Bally göýä ozaldan tirkeşip
ýören ýaly dostlaşdylar. Şady içmese-de, olar bilen deň gülüşdi. Kuly
murtuň aýaly ýanjydyp gürledi:
— Siziň gülki ýadyňyza düşýä: eneleriňiziň ýüreginiň gyýlyp
duranyny bileňzok. Häzir woýenkomyň sesi çyksa gutardy, iki
ýyllap siz elimizden gidýäňiz... Ozal äriňe garaş. Soň ýeke-ýekeden
ogullaryňa garaş. Biri geler welin, beýlekisine garaş. Haçan bulary bir
saçagyň başyna jemläp borka. Ýa ömürbaky şeýdip garaşyp ýörmeli
bormuka? Haçan goşunsyz, gulluksyz döwür borka?..
Kuly murt aýalyna garady, soň ogluna ümledi:
— Ejeňiň aýdýanyny eşidýämiň Bäşim. Şeýdip Birleşen Milletler
Guramasynda, Baş Assambleýada gürläýse, bir zatlar goparaýsa-da
ähtimal...
Erkekler gülüşdiler.
— Eýsem ýalanmy, heniz ulusy gelenok, indi munyňam
ugratmaly — diýip aýaly hamsygdy.
— Goý, gitsinler. Ýadyňa düşýärmi, şu wokzaldan sen birmahal
menem ugradypdyň. Özem fronta ugradypdyň. Emma ynha ýanyňda
otyryn. Onda-da oda girip, ýene diri çykyp geldim. Suwa girip, gury
107
çykyp geldim. Bular-ha bu wagt, parahatçylyk döwri gidýäler. Keýpine
gidip, gulluk edip ýörmeli çaglary bulaň...
Garaşylan pursat geldi. Podpolkownigiň komandasy çykan
dessine betonyň üstünde oturanam, otuň üstünde oturanlaram, gulluga
gitjeklerem, ugradyjylaram gürläp ördüler. Eginleri pagtaly penjekli,
arkalary goşhaltaly oglanlar derrew hatara düzüldiler-de, wokzala tarap
ugradylar. Ene-atalar hem dagap ýatan kagyzlary howul-hara ýygnap,
korzinka dykdylar-da, olaryň yzyna düşdüler. Iýilmedik pomidordyr
hyýarlar gök otlaryň üstünde ýaýrap galdy.
Gulluga gidýän köpdi. Ýöne ugradýan has köpdi. Ylaýta-da
eneler köpdi.
Herkimiň münmeli wagony bellenip, ýene bir ýola spisok
barlandy.
Ara düşnüksiz dymyşlyk düşdi. Eneler gözleriniň okarasyny
dolduryp, ogullaryna seredýärdi. Ýigitler hem enelerine seredip laljim durdular.
Otly uzyn zoguny çaldy-da, ugrajagyny bildirdi. Birdenem,
Gündogara garap duran uzyn otlynyň tigriniň sesi bilen birlikde, birhili
gowurdy gopdy, eneleriň yzlaşygy asmana göterildi. Akbäbek mertdi.
Emma olam wagonyň gyrasy bilen ýöräp barýarka, basgançakda duran
oglunyň boýnundan gujaklap gözýaşyny süpürdi: «Çärjewe baraňda,
bardym» diýip hat okla. Ýüregim düşüşer. Samarkanda ýeteňde ýene
bir hat taşla, göwrümim giňär... baran dessiňe-de ýerleşdik diýip hat
ýaz. Kakaň ikimiz yzyňdan bararys...»
Akbäbek ýene birsellem otly bilen gapdallaşyp ýöredi. Soň
näme bolanyny özem bilmedi. Oglunyň elini boýnundan aýranlarynyda, goltuklap getirip, perronyň gyrasynda oturdylanyny-da duýmady.
Özüne gelende, otlynyň gyrasynyň ýitip barýanyny görüp galdy.
108
You have read 1 text from Turkmen literature.
  • Parts
  • Eneler uklamaýar - 1
    Total number of words is 3756
    Total number of unique words is 2185
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Eneler uklamaýar - 2
    Total number of words is 3744
    Total number of unique words is 2196
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Eneler uklamaýar - 3
    Total number of words is 3751
    Total number of unique words is 2155
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    41.4 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Eneler uklamaýar - 4
    Total number of words is 3729
    Total number of unique words is 2080
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    43.8 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Eneler uklamaýar - 5
    Total number of words is 3755
    Total number of unique words is 2150
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Eneler uklamaýar - 6
    Total number of words is 3741
    Total number of unique words is 2248
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Eneler uklamaýar - 7
    Total number of words is 3770
    Total number of unique words is 2148
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    43.7 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Eneler uklamaýar - 8
    Total number of words is 2123
    Total number of unique words is 1400
    35.7 of words are in the 2000 most common words
    48.9 of words are in the 5000 most common words
    55.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.