Latin

Eneler uklamaýar - 7

Total number of words is 3770
Total number of unique words is 2148
31.2 of words are in the 2000 most common words
43.7 of words are in the 5000 most common words
49.6 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Olar heniz çykyp ýetişmänkäler Akbäbek garaňky köçe bilen
öýlerine baka ylgady...
***
AKBÄBEK GEÝIMLERINI ÇALŞYRYP, birwagt goňşularda
uklap galan Arslany getirip ýatyrdy. Özüniň welin gözüne uky gelmedi.
Ýene iki sagat çemesi geçdi, aşaky podýezden Ballynyň sykylygy
eşidildi. Onuň aýaklary ganatly ýaly bolup, basgançakalrdan ýokaryk
towsaklap gelýänini ene ýüregi duýdy.
— Salawmaleýkim, eje baý!..
Bu Ballynyň keýpiniň kökdüginiň alamatydy. Asla onuň
sykylygy-da, hiňlenmesi-de, ädim urşy-da keýpi köküňkidi.
Ene ýaly zat barmy. Onuň gaharlanmasy-da aňsat, ýazylmasy-da.
Oglunyň şujagaz mylaýymlygyna-da ol eýýäm eredi. Ýüzi ýagtyldy:
— Aleýkim, ýagşy ýigit — diýip, ýylgyryp garady... — Häý,
sypatyň gursun. Nirelerde ygýarsyň, janyň beri sagmy?
— Menden mesiň öýi ýykylsyn, eje baý — diýip, Bally ejesini
gujaklap pyrlady. — Gözläp dagy eden dälsiň-dä hernä?..
— Başga aladam ýokmy, seni gözläp ýörer ýaly... — diýip,
86
Akbäbek kinelem bolsa, kynam bolsa ýalan sözledi, arkaýyn gepledi.
— Ýöne indikile öýde ýatmajak bolaňda aýdyp gidewergin, gapyny
gulplap ýatar ýaly...
Ol ogluna göz gytagyny aýlady. Onuň gabaklarynyň börtdürip
durşundan gijäni uklaman geçirenini saýgardy. Başardygyndan
hoşamaý gürlemäge çalyşdy:
— Ýeri, onsoň, näme hezillige uçradyň? Gijäni nirelerde
geçirdiň, gürrüň ber?!
— Gijäni nirede geçirdiň diýýämiň? — diýip Bally öňki äheňinde
jogap berdi-de, birdenem sesini üýtgetdi. — Balyk tutduk, eje. Balyk
tutmaga gitdik...
Akbäbek ýylgyrasy gelmese-de, oglunyň iki manyly jogabyna
ýylgyrdy: «Iller balygy derýadan, deňizden tutsa, sen başga ýerlerden
tutýaň-ow» diýesi geldi. Ol dili gijäň dursa-da ýene saklandy. «Sakawyň
soňuna seret» nakylyna eýerip, onuň özüni gepletmek isledi:
— Diýseňem, öňküligiňä ýok. Tutan balyjagyňy sypdyraýan-a
dälsiň-dä hernä?!
Akbäbegiň bu soragyna Bally sykylyk bilen jogap gaýtardy.
Öýde sykylyk atylsa, Akbäbegiň gyrjynydy. Hatda Arslanjygada etdirmezdi. «Sykylyk diýeniň çölde, dagda, düzde ýagşy. Içerde
sykylyk gelişmez» diýerdi. Balla welin, bu wagt zat diýmedi. Sebäbi
Akbäbek üçin ol sykylyk, ýöne bir boş ýaň däldi. Onuň öz manysy bardy.
Ol yşk ýelgini öten ýigidiň ýürek sesidi. «Men onuň akja eljagazlaryny
gysymladym. Olar näzijekdi, myssykdy, ýakymlydy. Onuň saçlaryny
sypadym... billerinden gujakladym... Şu çaka çenli goňşy ýaşap ony
görmeýşimi diýsene. Özgeler görüpdir, men görmändirin. Ykmanda
soldat görüpdir. Peduçilişäniň burny sümüklisi şäheriň o çetinden
ysyrganyp gelipdir, men görmändirin. Onuň jan ýalyjak gülküsini
eşitmän gulagyma gurşun dykyldymyka?.. Ol indi meňki. Ony hiç
kime bermen. Gyzylly halka el ýetirdimmi, ony sypdyrman...»
Ine, Akbäbek üçin ol sykylygyň manysy şudy. Onuň gözüne
oglunyň boýy hem uzalan ýalydy. Eginleri ýaýrap, döşleri-de giňän
ýalydy. Ol syrdamlanypdyr, owadanlanypdyr. Hemişeki tüňňerip
duran burnam tekizlenip, ýerine gelen ýalydy. Ýaňagyndaky tegelek
peşehordanyň yzy bolsa enäniň gözüne ýöne peşehorda bolman,
ýigitleriň naýbaşysy diýip basylan möhür ýaly bolup göründi.
87
Wah, oglumyň ogul kemi ýok-la. Arman, şo gyzam Žanna
bolman, başga biri bolaýsa bolmaýamydy... Onda toý tutardyk,
agtyjaga garaşardyk...»
Akbäbek bu pikirleri bilen gümra mahaly Bally öňünde
goýlan dograma çorbaly çanagy boşadyp, düýbüni ýalady. «Dodak
boýagyndan nahar bolmaýanyny ind-ä bilen bolsaň gerek» diýip,
Akbäbek içini gepletdi-de, iki günüň açlygyndan soň garnyny doýrup,
eýýäm krowatda arkan düşüp ýatan oglunyň krowadynyň bir çüňkünde
oturdy: onuň maňlaýyny sypady:
— Bir ýeriň agyrýarmy, oglum?!
— Ýok-la. Ejemiň aýdýanyny, hiç ýerimem agyranok. Menden
mesiň öýi ýykylsyn...
— Diýseňem, bir zad-a ýaşyrýaň menden. Ýüregim duýýa...
Olaryň duşuşygyndan ejesiniň habarlydygyny Bally nireden
bilsin. Ol özüniň tukat däldigini subut etjek bolup azara galdy. Aýagy
tursuly krowadyň üstünde diriň-diriň bökdi. Butlaryny şapbatladyp
çygyn-çygyn muskullaryny gataltdy:
— Ine, gör, eje. Elim sag, aýagym sag. Onki synam abat... men
mes...
— Ah, ogul-ogul — diýip, Akbäbek başyny ýaýkady.
Çagalygynda edişi ýaly onuň ýalaňaç arkasyny sypady — Adama
syna saglygyndan başga-da bir sagatlyk gerekdir. Onuň ruham sagdyn
bolmalydyr... Ýüregi howsalasyz, beýnisi ünjüsiz bolmalydyr. Seň
ýüregiňde men bir howsala görýän...
Bally ýene-de hiç zat aňlamady:
— Be, eje, öwlüýä kessin, sen sygan bolaýmaly ekeniň — diýip
güldi. — Hut ýöne howsala basyryp, ynandyryp barýaň.
Bally ol howsalanyň öz ýüreginde däl-de, ejesiniň ýüregindedigini
näbilsin. Heniz durmuşyň çylşyrymly oýnunyň girdabyna düşüp, utulyp
görmedik ýetginjek ony nireden bilsin. Onda ertiri barada oýlanmaly
diýen pikir ýok ahyry. Her niçigem bolsa ejesiniň öz başujyny alyp
oturmasyny halamady. Ol ýanyndan gidäýse kem görmedi:
— Birhili «sag däl, bir kemiň bar» diýýäň welin, eje, çekgelem
dagam gyzyp barýan ýaly. Azajyk ýatyp uklaýyn, bar, senem ýat!
— Ana, gördüňmi. Çekgäňem gyzýandyr. Dodaklaryňam
awuşap durandyr. Süňňüňem gowşakdyr, şeýle dälmi? Ýüregiňem
88
öňküligi däldir, birhili ýerinden süýşen ýaly, ytygsap durandyr?!
Bally ejesiniň ýüzüne seretdi: «Dogrudanam, men oýun eden
bolýan welin, ejem bu zatlary görüp duran ýaly-la... Ýa çekgämde
şapbadyň yzy galaýdymyka? Dodaklarym çişäýen dagy däldir-dä...»
Ol suw içjek bahanasy bilen ylgap wannaly jaýa girdi, aýnaň
öňüne bardy. Bar zat düşnükli boldy. Dodak boýagynyň yzyndan ýaňa
agyzlarynyň töweregi gan ýalan ganjyga meňzeýärdi.
Bally ýuwnup, süpürinip gelse-de, indi ejesi bilen gizlenpeçek
oýnamagyň bihuda boljakdygyna oňat düşündi. Ýüzüni aşak salyp,
ötünç sorady:
— Bagyşla, eje!
Akbäbek ýylgyrdy:
— Ene hemme zady bagyşlar. Oňa bagyşla diýmek gerek däldir.
Ýöne enäni aldasaň welin, bagyşlamaz. Barybir, ene gözi görgürdir.
Iliň görmedigini görer. Ene ýüregi duýgurdyr. Hemme kişiden ozal
duýar. Diňleseň men saňa bu barada bir rowaýat aýdyp bereýin.
Bally öňki gije ýatmansoň gözleri ýumlup barsa-da, bialaç
diňlemeli boldy. Akbäbek rowaýat aýtdy:
— Öňde özüň ýaly bir ýigit bir gyza aşyk bolanmyş. Gijedegündizde şony görmese janyna tara tapmanmyş. Emma doňbagyr gyz
welin, näçe ýalbarsa-da onuň söýgüsine ynanmaýarmyş... Ahyr bir gün
aýdypdyr: «Seň meni söýýäniň çynyň bolsa, subut et. Git-de ejeňiň
ýüregini sogrup maňa getir, şonda ynanaýyn» diýenmiş. Ýigit haýal
etmän gidip, ejesiniň ýüregini sogurýar-da, bugaryp duran ýüregi eline
alyp, gyza baka ylgap gaýdýar. Gyzyň özüniňki boljagyna begenip
gözi ýer görmän gelýärkä birden säwlikde büdräp ýykylanmyş. Şonda
edil gapdalynda «Wah, waheý, balam bir ýeriňi agyrdaýan-a dälsiňdä» diýip biri seslenenmiş. Ýigit bir görse, ol seslenýän guma bulaşyp
ýatan ene ýüregi bolsa nätjek...
Bally bu rowaýatyň maňzyny çigitledimi, ýokmy, belli däl,
Akbäbek ony turzup, kakasynyň otagyna äkitdi. Üç diwaryny kitap
tekjeleri dolduryp duran darajyk otagda ogly bilen ýanaşyp oturdy-da,
çynlakaý gürrüň etdi.
— Söýgi çylşyrymly zat diýýändirler weli ýalandyr. Ynanmagyn.
Olam bir-biriňe düşünmekdir. Olam saňa düşünsin, senem oňa. Sen
söýüşýän bolsaň — Ine meň saňa berjek maslahatym...
89
Akbäbek mundan başga söýgi barada süýndirip gürrüňem etmedi.
Söýgi ýalyndyr, ýakar-ýandyrar diýip muşakgatam ýagdyrmady.
Şunuň bilen gürrüňi gutardy oturyberdi. Elbetde, ol muny Ballynyň
öz otagynda-da aýdyp bilýärdi. Ony ýörite geýindiirp, kakasynyň
otagyna äkitmän, aýak üstündenem aýdyp bilýärdi. Ýöne ony etmedi.
Munuňam öz sebäbi bardy: ol Eziz bilen öz söýgülerini mukaddes
saýýandygy üçin o sözleri ogluna öz nika portretleriniň öňünde
aýtmagy makul bildi, şeýtsem, Bally oýlanar, ölçerer-döker öýtdi, bu
ýeňil söýgüden ýüz öwrer öýtdi.
Emma Balla onuň şo gezekki aýdyp beren hekaýatam, kakasnyň
tamyndaky öwüt-nesihatam täsir etmedi. Akbäbek ýene birnäçe gün
saklandy. Oňa Žanna bilen köpräk duşuşmaga maý berdi. Emma
Ballyda dörän aldawçy duýgy onuň gün geldikçe erkini aldy. Söýgi
geýimini geýen şeýtan gün geldikçe onuň gözüni baglady. Nätmeli?
Balasynyň bagtly bolmagyny islemeýän ene barmy?..
***
AKBÄBEK ŽANNALARA TARAP ugrasa-da ugrady welin,
ikigöwünlidi. Bir göwni: «Göni bar-da, ejesine aýt, olar biri-birine
mynasp däl. Soň giç bolar diý» diýýärdi. Bir göwni: «Sözüňi bihuda
ýele sowurma. Gury ýüregiňi agyrdanyň galar» diýýärdi. Birdenem
onuň ýadyna Nahal düşdi: «Ýok, Akbäbek, seň adyň Nahal däldir
seň adyň Nahal däldir...» diýip gaýtalady. Onuň adamsy bilen
arzalaşmazdan ozal bularyň öýlerine gelip aýak üstünden beren
ýürekbulanç gürrüňini Akbäbek o wagt diňlemedik ýalam bolsa, şu
wagt onuň aýdanlary ýene gulagynda ýaňlandy:
«Men şu wagt seniň direktoryňyň heleýiniň ýanyndan gelýän.
Arman, özi ýok ekeni, ýogsam Abdylla Hasanyň özüne-de diýer
ýalyny diýjekdim. Ýog-a, ýelni gyzan, diýmäýin diýsem, üstüme
barypdyrdäni «Seň ogluň meň gyzymy aldapdyr. Gezipdir-gezipdirde, indem taşlapdyr» diýip, maňa heňkirjek bolýar. Menem «aňyrrakda
üýr, heleý» diýdim. «Sen şeraý bolsaň, men şermende. Ýör, nirede
çermek çekişseň men bar» diýdim. «Gyzym nebit içerin, uksus
içerin» diýýär diýip, meni gorkuzjak bolýar. «Janyna dözse, awy
içsin» diýdim. Dogry-da. «Ganjyk guýrugyny bulamasa, köpek yzyny
eýermez». Erkek kişidir, niçezar men oglumy goraglap saklaýyn.
Haýsy bir tirkeşen gyzynyň enesine men jogap bereýin. Ondan soň
90
näçe gyzy «Žigulisine» mündürip gezdi. Oglum şolara öýlener diýip,
güwa geçip bilmen ahyry...»
Akbäbek bu zatlary ýatlady. Her niçigem bolsa, Žannanyň
ejesiniň ýanyna barmagy, Nahalyňky ýaly däl-de, adam ýaly
gürleşmegi ýüregine düwdi.
Ol baryp «düýä münüp, hataba bukjagam» bolmady.
Ýüregindäkini aýtdy. Onuň gyzy bilen öz oglunyň deň däldigini aýtdy.
Olar şu wagt gögele, iş-işden geçmänkä öňini almalydygyny aýtdy.
Çal saçy çat maňlaýynda hüwjerip duran aýala gyzynyň adynyň
tutulmagy ýaramadyk bolara çemeli. Bada-bat Akbäbegiň howuny
basdy. «Gyzym barada ýene ýeke agyz aýyp söz aýdaýsaň, dalaryn»
diýýän şekilde alarylyp garady-da, Akbäbek gürrüňini soňlapsoňlamanka alkymyndan aldy.
— Ogluň gijeler öýüňe gelmeýän bolsa, ony meň gyzymdan
görjek bolýamyň? Şäherde haýsy bir ygyp ýören oglana meň gyzym
jogap bersin.
«Bu aýalyň bolşy nähilä. Alynyň aryny Ahmetden çykaryn»
diýeniňki ýaly, Nahaldan basylyp, maňa herreldimikä» diýip, Akbäbek
içini gepletdi-de, öňki äheňinde sorady:
— Geçen şenbede eýsem Žanna öýe geldimi?
— Saňa näme azary ýetdi. Gyzym on dokuz ýaşady. Men ondan
hasabat sorap duramok, haçan gelip ýatýa, haçan turýa, ol oň öz işi...
«Wah, ine, siziň ýetmeziňizem şonda-da — diýip, Akbäbek içini
gepletdi — Bu wagta on dokuz ýaşynda diýýäňiz. On ýedi ýaşyndakada görýädik. Şonda-da gyzyňyzdan hasap soraňokdyňyz» diýesi geldi.
Dilini dişiniň aňyrsynda zordan saklady-da: — Heýlemi. Bagyşlaň
onda — diýip, yzyna dolandy.
«Enesini gör-de, gyzyny al» diýleni. Bu aýaldan edep-ekramly
gyz dogmasa gerek» diýip, içini gepletdi-de, öz «gelinligi» Žanna
bilen üç ýyl ozal bolan bir zady ýatlady...
Akbäbek bir sebäp bilen işden gijigip gaýdypdy. Olar özi ýaly
bir aýal bilen awtobusdan düşdüler-de, gyzar ikindiler öýlerine tarap
gaýtdylar. Emma heniz öýlerine ýetmänkäler, köçäniň gyrasynda,
elleri gitaraly, döşleri açyk, saçlary ösgün on bäş-on alty ýaşly
oglanlara duşdular. Olaryň agzyna gelen hapa sözleri aýdyp, gülşüp
oturmaklary Akbäbek daga ýaramady. Ylaýta-da olaryň arasynda-da
91
bir gyzyň hikir-hikir edip gülüp, dilini aýnadyp oturyşy gelşiksizdi.
Akbäbek ädimini haýallatdy-da, ýanyndaky aýaly tirsegi bilen kakdy:
— O gyza seret, oglan geýmine gireni-hä gireni welin, şu sözleri
eşidip durşuna haýran.
— Owarram, görmedik bolaý, gyz — diýip, ýanyndaky aýal
başga tarapa seredip pyşyrdady. Emma Akbäbek görüp duran zadyny
görmedik bolup bilenokdy. Eşidýän zadynam eşitmedik bolup
bilýänlerden däldi. Onuň häsiýeti şeýledi, şonuň üçinem kösenýärdem.
Ony özem bilýärdi, emma ýaradylyşy şeýledi.
Ol oglanlaryň ýanyna golaýlady-da, henizem hikir-hikir edip
duran gyza ýüzlendi:
— Agyz, utanaýsaň bolmadymy? Bular-a bir erkek eşek, sen bir
aralaryndan gidäýseň bolmadymy, jan jigi!
Gyz elindäki tranzistoryň sesini peseltdi-de, Akbäbegiň öňüne
gelip, dyzyny epip baş egen boldy, ellerini galgatdy:
— Priwitik, mamaşa! Gudbaý!
Oglanlar pyňkryşyp gülüşdiler. Gyz abyrsyz iş bitiren ýaly
billerini towlap, zordan guşaklygyna ýetýän köýneginiň etegindäki
göbegini görkezdi:
— Göze görnüpsiň, utan, haýa et. Saçyň näteňet. Jalbaryň
başyňy iýsin!..
Akbäbek bu ýoknasyz gyza başga näme diýsin, ýene gitdi.
Ýaňky rusçamy, iňlisçemi garym-gatym gürläp duran gyz indi
türkmençeläp, onuň yzyndan gygyrdy:
— Ilki özüňi oňar, heleý helki, balagy selki! Işdanyňa seret.
Gyww!.. Balagyň görünýä, daýza. Hih, hih, hiý...
Akbäbek aýak çekip, ony gaýtadan duzlasam diýdi, emma
ýoldaşy elinden çekip äkitdi:
— Men aýtmadymmy, «poha daş atma, pytrar, gaýdyp özüňe
syçrar» — diýip...
— Wah, ol meň gyzym bolan bolsady. Şujagaz edebi bilen
mazalyja gözüne görkezerdim welin... — Akbäbek yzyna gaňrylyp
hüňürdedi. — Dur bakaly, men seniň kimiň gyzydygyňy bileýin, onsoň,
kakaňa aýdyp iniňi-boýuňy des-deň etdirmesem bolmaz, salaty...
Ep-esli daşlaşanlaryndan soň, Akbäbegiň ýanyndaky aýal
başyny ýaýkady:
92
— Ata-eneden heder edýän gyz enesi ýaly adama şeý diýermi.
Ol öz direktorymyzyň gyzy ahbetin.
— Nätdiň gyz, muny? — Akbäbek sakga durdy.
— Hawa, hawa. Ýaňy eşitmediňmi näme, oglanlar oňa Jemal
diýmän, Žanna diýýärler ahyry...
Akbäbek öýlerine gelibem Žanna barada, onuň ejesi barada
ýene köp zatlary ýatlady. Hiç birem Žannany aklanokdy. Ol uzak
oýlanmalardan soň, ahyr Bally bilen «egri oturyp, dogry» gepleşmegi
ýüregine düwdi. Sebäbi mundan artyk çydara takaty ýokdy.
— Seň indi şo gyzy söýýäniň çynyňmy, oglum? — diýip, ol
Ballydan sorady — Şoň bilen durmuş gurup, ömür-baky är-heleý
bolup ýaşaşyp biljegiňe ynanýarmyň?!
— Başga gyzlar gözüme ilmese nädeýin, eje. Diňe şol — diýip,
Bally hem ýaşyr-ýuşursyz jogap berdi.
— Olam saňa gelmäge razymy?
— Biz eýýäm dilleşdik. Öýlerine-de äkitdi. Ejesi, kakasam razy.
— Şeýlemikä diýdim-le... Ejesem razy, kakasam diýsene...
Akbäbek birsellem dymdy. «Gijä galan bolaýmasam biridir»
diýip oýlandy-da ýene gyssandy:
— Sen onuň söýýän diýenine ynanýamyň? Onuň senden ozal şo
sözleri peduçilişede okaýan başga bir oglana-da aýdanyndan habaryň
ýokmy?.. Şoňa-da Žannaň ejesi, kakasy razy ekeni. Bir soldat, menem
saňa öýlenjek, gullugym gutaran badyna seni öz ýurduma äkitjek
diýende, Žannaň gelip, ene-atasyndan rugsat alanyndan habaryň
ýokmy? Ol soldata-da ejesi, kakasy razylyk beripdir ahyry. Sen bu
zatlardan bihabarmy. Ziýaň ejesi bilen oň ejesiniň Žanna sebäpli
wejera bolşup, itiňkini iki kesişenlerindenem habaryň ýokmy?!
— Sen bu zatlary nireden bilip ýörsüň, men-ä bilemok?..
— Ýok, sen entek maňa sorag berme-de, meň soragyma jogap
ber. Sen şu zatlardan habarlymy, ýa ýok?
— Özgesini-hä bilemok welin, Ziýa hakda diýilýäni ýalanmyka
diýýän. Ol Ziýany halamaýanyny maňa öz agzy bilen aýtdy. Ony
Ziýanyň özem boýnuna alýa. «Meni söýenok» diýip, meni oň bilen
Ziýaň özi tanyşdyrdy ahbetin.
— Ine, seň gögele ýeriň, oglum. Ine, seň ýöntemligiň — diýip,
Akbäbek birsellem dymdy. — Düşün, oglum, Ziýa seni boýny boş
93
görýär. Harydy geýip-geýip, hyblygy çykansoň, saňa geýdirjek
bolýar... düşün, meň aýdýanyma...
Bally geplemedi. Akbäbek Nahal Şeripowanyň beren
gürrüňleriniň baryny ogluna aýdyp berdi — Bally ynanmady. Özi
bilen ýolda bolan wakany aýdyp berdi — Bally yrylmady:
— Bu zatlary saňa Ziýaň ejesi aýdandyr. Ynanma şoňa eje, ol
Žannany ýigenýä. Žanna-da ony.
— Sen özgäň gulagyny şaňlatma. Meniňem öz gözüm, gulagym
bar, Bally jan.
— Seni Ziýaň ejesi allapdyr... Nahal daýza şeýle aýal, görmesiz
zatlary görýä, eşitmesiz zatlary eşidýä. Gulagy jam ýaly. Dili şäheriň
beýleki künjegine ýetýä...
— Maňa dogry düşün, oglum. Žannaň iliň öňünden saçyny
kesdirenem hiç... Äre çykmanka dodagyny gyzylladanam jähennem.
Geýnişi bilenem işim ýok. Bular oň öz işi. Meni ýakýan zat başga. Ol
bihaýa, biedep, başyna giden maşgala...
— Ol bir öýüň läligi, eje. Başga aýby ýok onuň.
— Eýsem, hany oň ýigitleri? Näme üçin hemmesi daşyndan
dagap gitdi. Näme üçin? Ä? Näme üçin şeýle?
— Olar bir topar oýnatgy. Žanna olary oýnaýa. It oýnan ýaly
oýnaýa. Ol mekir gyz.
— Dur bakaly, ol seni oýnar weli, olaryň çenem bolmarsyň,
«Alsaň heleý bor, gonsaň ýurt» diýýändirler welin, bilip goýgun. Her
uzyn etekden heleý bolýan däldir.
Bally ejesini ynandyryp bilmänsoň, ýalbaryp başlady:
— Eje! Mähribam eje jan! Haýyş edýän, meň gözlerime seret...
Gursagymy diňle. Bary şo diýýär. Diňe şo diýýär. Ynansaň-a hut şeýle.
Ynanmasaňam, duldan sallançak asda, üwre, hüwdüle, gunda meni...
Akbäbege aýdara söz galmady.
Il ýatansoň eline kagyz-galam alyp, Ezize hat ýazmakçy
boldy. Oýady-çenedi, nämeden başlajagyny bilmedi. Telim sapar
ruçkasyny kagyza degrip aýyrdy, emma ak kagyzyň ýüzünde yz
galdyrmady. Aýdara bolsa zat köpdi. Iňňän kändi. Ozaly bilen
Ballyny başarmaýandygyny aýtjakdy. Oňa nä günlük bilen uçilişäni
gutardandygyny, mekirlige salyp, Kuly murtuň elinden sypdyryşyny,
Ziýa diýen bihepbä birigip, jenaýatyň gyrasyndan gaýdandygyny
94
aýtjakdy. Indem bir haýasyz gyzyň yzyna düşüp, gijeler öýe
köwlenmeýänini aýtjady... Soňra özüniňem indi hemişeki Akbäbek
däldigini, argyn, leji çykan, boş göwrä dönüp barýandygyny aýtjakdy.
Ujypsyzja zada-da gaýraty çatmajak ýaly ýaýdanmaç bolandygyny-da
ýazjakdy...
Akbäbek pikirini durlap bilmän, eýwana çykdy. Üçünji etaždan
şäheriň çyralaryny synlady. Soň ýene içerik girdi. Süýji ukuda ýatan
Arslanjygyň mygylapjyk dem alşyna gulak asdy. Birden ol nämelerdir
diýip basyrgandy. Akbäbegiň göwnüne ol «kakam» diýýän ýalydy.
Akbäbegiň gulagyna şeýle eşidilen bolmagy-da ähtimal. Her niçigem
bolsa, Akbäbek ýap-ýaňky pikirinden döndi. «Wah, bularyň biribirinden aýrylyp gidere ýeri barmy. Gany bir ahyry bulaň... Ogluny
kakasyna ýamanlap görjegim näme?»
Ol stolunyň başyna çöküp ýazmaga oturdy. Ýöne öňki
pikirlerinden tersine ýazdy. Ballyny ýamanlamaga derek, ony öwüp,
arşa çykardy. «Ýekeje kemimiz sen, tizräk gutulyp gel» diýip hatyna
nokat goýdy. Ol Ezize gitjek haty bukja saldy-da, soňra ýaşap oturan
jaýlaryny çalyşmak üçin bildiriş ýazmaga oturdy. Ol ähli zady
jähennem edip, Ballyny Žannadan alyp gaçmagy ýüregine düwüpdi.
«Goňşyň ýaman bolsa, göçüp gutul» diýenlerini etjekdi. Bir mahal
öwrenişen ýerinden göçürjek bolanlaryna ýokuş görse-de, häzir onuň
üçin parhy ýokdy. Ülkaniň çet gyraklaryndaky kiçijik şäherleriň
birinden hyrydar tapsa, paýtagtdaky jaýlaryny çalyşjakdy, bir gije-de
göçjekdi. Hatda raýon merkezleriniň birine-de gitmäge kaýyldy. Ol
diňe şeýtmeli diýen karara gelipdi.
Akbäbek ýazan bildirişini telim ýola göçürdi. Aram-aram
ruçkasynyň ujuny dişläp, öz-özi bilen gürrüň etdi:
«Ýa ýalňyşýarmykam? Ýaşajak özüň, «körüňde küregiň» diýip,
başymaýlak edäýmelimi? Ýok, ýok men ony edip bilmen, beýtmäge
ýüregim etmez. Onda nätmeli? Ýa-da wagtyndan öň dogan agtygymy
boýnuma mündürip, binamyslyga salyp gezibersemmikäm? Ýok,
Akbäbek, özüňi aldama. Seň gylygyňa bu zatlar bap gelmez».
Ol ertesi säher bilen jaýlaryny çalyşmak baradaky ýazan
bildirişlerini şäheriň telim ýerine ýelmäp geldi.
***
GÜNLER GEÇIP DURDY.
95
Akbäbegiň ýelmän bildirişleri hiç kimiň gözüne ilmeýän
ýalydy. Özge wagt Aşgabatda kwartiram bar çalyşjak diýip agzyňdan
sypdyrsaň, goşaryňdan garbardylar. Bulara welin, gelýän ýokdy.
Bally bilen Žannanyň söýgüsi bolsa günsaýyn tutaşýardy. Nirä gitse
ikisi kelte tirkelen ýalydy. Kä ýatar-ýatarda öýe dolanýardylar, kä
ýatylansoň. Bally kä keýplidi, kä düňledi. Hatda indi onuň hemişekisi
ýaly ejesi bilen ümmüldeşip gürleşmäge-de, Arslan bilen oýnamagada wagty ýokdy.
Bu gün Akbäbegiň ýene ukusy gaçdy. Ezizden hat gelmeýäni
üçinmi, jaýyny çalyşmaga hyrydar tapmaýany üçinmi, gözüne uky
gelmedi. Gije ýarymdan agypdy, ol uklap bilenokdy. Ine, birden
ýer diňläp ýatany üçinmi, nämemi, ýokarky etaža çykyp gelýän
aýak sesi gulagyna gelen ýaly boldy. Soň olar goşalandy. Akbäbek
tirsegine galdy. «Goňşularmyka?» Hakykatdanam, aýak başyslary
pensionerleriňkä meňzeýärdi. Ýöne olaryň gidenine heniz bir hepdede geçmändi ahyry. Ozal-a uly ogullarynyňka gidip, kyrk günden
gowrak gezip gelipdiler. Indem «Gyzymyzyňkyda şonçarak bolarys,
tomsy şo ýerde geçiräýmegimizem ähtimal, biziň jaýymyzada gözgulak bolawergin» diýip, Akbäbege tabşyrypdylar. «Ýa Ballymyka?
Bally bolsa näme üçin pişik basyşyny edip, ogryn gelmeli. Eýsem,
ýanyndaky kim bolup biler?
Akbäbek başyny galdyrsa, aýak sesi eşidilenokdy. Gulagyny
ýere goýsa-da, dyrmaşyp gelýän ogryn aýak sesleri barha golaýlardy.
Ol diňşirgendi. Bally bolsa hökman seslener diýip garaşdy. «Ýa
kakammyka?» Akbäbegiň kakasynyňam käte bimahal çak otludan
düşüp geläýmesi bardy. Ýöne ol heniz gapa ýetmänkä, «Bally, aç
oglum, bu men, babaň!» diýip seslenerdi. Ýa Akbäbegiň adyny tutup
gygyrardy. Özem gije bolsun, gündiz bolsun, çagalar ýatyrmy, Eziz
işläp otyrmy parhyna däldir, girerdi-de, aýbogdaşyny gurup, uly sesi
bilen gürlär oturardy. Ýok, bu Ballyň babasam däldi.
Akbäbek ýerinden turup, daraklygyna basyp bardy-da, gapa
gulagyny goýdy. Kimde bolsa iki sany ynsanyň gapyň daş ýüzünde
dem alýany eşidildi. Akbäbek bimahal çak bu boluşdan üýşenmänem
durmady. Gapyny kilitlänine begendi. Ine birden, üçünji etaža çykan
ýerindäki öwrümçede duran diwanyň gowşan puržinleri çygşyldady.
Şo bada Akbäbegiň ýadyna Žanna düşdi:
96
— «Hi, Bally şol arwahy yzyna tirkäp geçen bolaýsa... — diýip,
ýakasyny tutdy. — Eje, gapyny aç-da gelniňi garşyla» diýäýse, «Ýok,
ýok, men olary öýe-hä goýbermen...» Ol elewredi. «Çykman galmyş,
köne diwan nirden şo ýere çykarylypdyr — diýip, öz-özi käýinip,
ýerine geçip çugutdyryp otyrdy — Ertire bir çykaýyn bakaly, ol köne
diwany çerdaga çykaryp taşlaryn...»
Akbäbek muny gaharyna diýýädi. Onuň beýtmäge eli
barmajagyny özem bilýärdi. Sebäbi bu diwan ozalam dört pensioneriň
arasyna tas çöp atypdy. Ol telim gezek daşaryk çykarylyp, ýene içeri
salnypdy. Bu geolog ýigidiň ejesi bilen kakasynyň köne ýurtdan alyp
gaýdan ýeke-täk mebelidi. Olar ony «Öýümiziň yrsgaly şuň bilen geldi»
diýip, yrym edip getiripdiler. Doktor gelniň ejesi bilen kakasy bolsa
«Bir köne diwayň gürrüňini edýäňiz, biz bagly-bakjaly howlymyzy
taşlap gaýtdyk. Zyňyň, owarra ediň-de, ýer tutup durmasyn içerde»
diýip, hersi bir ýanyndan tutup, hyk-çok süýräp, daşaryk çykardylar.
Emma diwan eýeleri ýene öňki ýerine içerik äkiderdi. Ahyr iki tarapam
irip taşlansoň, ol Arslanjyk dagy üçin üstünde böküşip oýnar ýaly
oýunjak bolupdy.
Akbäbek köp pikir etdi. «Öljekmi-ýitjekmi, Akbäbek. Ogluň bu
gün getirip, ony gapynyň agzynda diwanda oturtsa, ertir duluňa geçirer,
krowadyňa çykarar. Sen razy bolsaň bol, bolmasaň, özüň bil...»
Ol ýene ýüregi howlap, ýerinden galdy. Göýä Bally gelinliginiň
goltugyndan tutup, gapydan girip gelýän ýaly gyssanyp, tas gygyrypdy:
«Ýok, men ony etdirmen, men entek diri...»
Akbäbek ýene gapa baryp, diň saldy. Diwanyň üstünde oturanlar
bu wagt Bally bilen Žanna däl ýalydy. Gyzyň kelpez gülküside eşidilenokdy. Ýakalaşybam, ogşaşybam oturanokdylar. Diňe
pyşyrdaşyp gürleşýärdiler.
Gapy diňlemek Akbäbegiň ýigrenýän gylygy hem bolsa nätsin,
gulagyny dyksynmy, olaryň pyşyrdysy aýyl-saýyl eşidilip durdy.
Žanna garşy-garşy toýuň sähedini bellemegi teklip edýärdi.
Bally bolsa:
«Gyssanma, leglejigim, gyssama. Ýene azajyk garaşaly. Toý
tutar ýaly, heý bolmanda, men azajyk pul ýygnaýyn... Ýaňy işläp
başladym» diýip ýalbarýardy.
«Sen toýuň gamyny iýme, toýy kakam eder».
97
«Muňa meň ejemem razy bolmaz. Azajyk garaş, ejemi yrjak
bolup ýene-de bir ýola synanyşaýyn.»
«Ejem, ejem» diýip halys aldyň-ow. Dünýäň diregi seň ejeň däl
ahyry. Niçezar ejem ogly bolup ýaşajak?! Onsoňam, eje ýeke sende
däl. Meňem ejem bar ol bize toýam tutar, otagam berer ýaşar ýaly.
Içiniň garnitury, holodolnigi bilen onda-da...»
Bally geplemedi. Ara dymyşlyk düşdi. Akbäbek gulagyny
gerip gürrüňiň yzyna garaşyp durşuna ýakasyny tutdy. Birden Bally
dymyşlygy bozdy:
«Hany «Žiguli» berjegem-ä diýýädi, ejeň?!»
«Ýogsa näme. Nikalaşan günümiz onuň açaryny saňa berýä.»
Bally begenjini gizläp bilmedi:
«Hökman altynjyny alyp ber diýgin, Žanna. Başha wypuska
alaýmagyn, bolýamy?»
«Ejem wadasynda durýandyr».
Akbäbek tasdanam ýürek howsalasyny daşyna çykaryp:
«Wah, sen öýüňi ýykan şu wadalar dälmi, ogul!» diýip gygyrypdy
— Seň o gyzyň özüne aşyk däl «Žigulisine» aşyk. Men muny bilýän
ahyry». Ol duran ýerinde sakyrdady.
Daş işikdäki Bally ýene ozalky Balla meňzedi, Žannany öwranöwran öpdi.
«Ýene azajyk garaşaly. Men kakama hat ýazaýyn. Ol hökman
geler. Kakam razy bolsa bes, ol ejemi hem yrar». Ýene ara dymyşlyk
düşdi, megerem, Žanna Ballyň göreçlerine garan bolsa gerek.
Birdenem onuň gödeksi sesi eşidildi:
«Näme diýsene, Bally, sen akmak bolma, indi seň kakaň
gelmez».
«O näme diýdigiň, o näme üçin gelmez?..»
«Ol rak... düşünýämiň, rak»...
Bally aýylganç gygyrdy: «Muny saňa kim haramzada aýtdy, kim
diýýän?!»
«Otursana, oglan, men-ä ejemiň aýdanyny aýdýan»...
Akbäbek entirekläp gelip, düşegine ýykyldy. Onýança-da Ballyň
guduzlan ýaly gygyrýan sesi gulagyna ildi:
«Häý, seniň ejeňem, özüňiňem... Güm bol şu ýerden. Ugra!..»
«Ballyşka, Ballyşka... dälirediňmi?!»
98
Akbäbegiň gulagyna şarpyldy eşidilenden zyňlyp ýerinden turup
gapa ylgady:
— Bally, utan, edýäniň näme? Bally!
Ol titräp duran elleri bilen gapyny açjak bolup köp itindi. Ahyr
çykybam eýýäm aşakda çyraň öçügsi ýagtysyna ala köýnek, ala balak
gyzy kowalap barýan ogluny saýgardy, ýüregi agzyna gelip gygyrdy:
— Bally, eliňi degirme diýýän men saňa, Bally!
Emma Ballyň gulagyna ses ilmedi, gyzy ädimme ädim aşak
idirdedip barýardy. Aýak ýalaň, başaçyk Akbäbek daş işikde oglunyň
köýneginden aslyşdy. Emma Bally şonda-da bir gezek Žannanyň
ýumry ýerine depmäge ýetişdi...
— Men saňa ragy görkezerin, jelep!..
— Sem bol... sem bol... sem bol... — diýip, Akbäbek eli
ýetişdiginden oglunyň çekgesine çalyp, yzyna gaýtdy. Içerik salyp,
gapyny daşyndan gulplady. Özem ýap-ýaňy bularyň oturan diwanynda
çöküp, bu wakanyň soňuna garaşyp başlady. Bir göwni git-de Žannanyň
aýagyna ýykyl, ejesine ýalbar, günämizi ötüň, oň bilen deň bolmaň
diý diýse, bir göwni: «Kiçelme, Akbäbek. Sen oň ejesine näbeletmi?
Ýalbarsaň üstüňe sürner» diýýärdi.
Ol az salymda bolup geçen bu waka gynanýandygyny-da
bilenokdy, begenýändigini-de. Ogly ejizeganymlyk etdi. Aýal maşgala
el gardy. Ol muňa gynanýardy. Ýöne Ballynyň şeýtmek bilen, zeleliň
ýarysyndan gaýdanyna, ömür mäşi bişişmejek gyzy bilen tersleşenine
begenýärdi. Onuň pikiriçe, bu ýöne tersleşik däl-de, birek-biregi terk
etmekdi. Ýazylyşman aýrylyşmakdy.
Akbäbek gijäniň galanyny milisiýa garaşyp geçirdi: Žanna
baryp, ejesine aýdar. Olam milisiýa til eder, heňkerip üstüme geler
diýip çen etdi. Ýöne olara näme jogap berjegi barada welin oýlanybam
oturmady: «Holha, Bally. Eli bilen etdi, egni bilenem çeksin» diýjekdi.
Emma daň atdy, gelen bolmady. Gün dogdy, hiç kim gelmedi.
Bally hiç zat bolmadyk ýaly garaža işe gitdi. Akbäbek welin
ynjalanokdy. Onuň göwnüne bütin şäher öz çolaja podýezdlerindäki
wakany wagyr edýän ýalydy. Ol korzinkasyna iki sany boş gatyk
çüýşesini salyp, magazine ugrady. Onuň maksady gatyk almak däl-de,
magaziniň işigindäki gybathanany diňlemekdi. Sebäbi ukusy azalan
kempirler alagaraňkydan o ýere üýşüp, dünýäň täze habarlaryny bir
99
ýere çugdamlardylar. Birini ona köpeldip, peşeden pil ýasardylar. Alty
aý mundan ozalky wakalary öten agşama getirerdiler. Akbäbek şunça
gulagyny üşertse-de, olaryň bu günki habarlarynyň programmasynda
agşamky waka ýokdy. Ol gatyk çüýşelerini boş äkidişi ýaly, boşlugynada yzyna alyp gaýtdy. Jaýyň burçundan öwrülen ýerinde-de eli kiçijik
sumkaly özüne tarap gelýän Žannany görüp tisginde: «Sen keýgim,
biziň günämizi öt. Öten agşam bir bolmasy iş boldy welin, bagyşla»
diýmek üçin taýýarlandy. Emma Žanna ony gördümi, gömedimi
awtobus duralgasyna ýöredi ötägitdi. Akbäbek onuň yzyndan äňedip,
öýkeländigine-de düşünmedi, utanýandygyna-da. «Belki akyllanandyr.
Ballyň göwnüne degendigine düşünendir. Indi ulugyz bolupdyr. Muňada akyllanmaga çen boldy ahyry» diýip içini gepletdi.
Akbäbek az-kem rahatlananam bolsa, atelýä baryp, heniz
maşynynyň başyna çökmänkä, ony direktoryň gözleýändigini aýtdylar.
Akbäbek: «Bu wakanyň soňunyň ula ýazjagyny aňýadym-la — diýip,
içini gepledip direktoryň kabinetine ugrady. — Gör, bulary. Indi şahsy
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Eneler uklamaýar - 8
  • Parts
  • Eneler uklamaýar - 1
    Total number of words is 3756
    Total number of unique words is 2185
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Eneler uklamaýar - 2
    Total number of words is 3744
    Total number of unique words is 2196
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Eneler uklamaýar - 3
    Total number of words is 3751
    Total number of unique words is 2155
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    41.4 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Eneler uklamaýar - 4
    Total number of words is 3729
    Total number of unique words is 2080
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    43.8 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Eneler uklamaýar - 5
    Total number of words is 3755
    Total number of unique words is 2150
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Eneler uklamaýar - 6
    Total number of words is 3741
    Total number of unique words is 2248
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Eneler uklamaýar - 7
    Total number of words is 3770
    Total number of unique words is 2148
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    43.7 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Eneler uklamaýar - 8
    Total number of words is 2123
    Total number of unique words is 1400
    35.7 of words are in the 2000 most common words
    48.9 of words are in the 5000 most common words
    55.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.