Latin

Eneler uklamaýar - 1

Total number of words is 3756
Total number of unique words is 2185
31.4 of words are in the 2000 most common words
45.0 of words are in the 5000 most common words
51.1 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
1
DÜÝNKI HARASADYŇ OÝNY çökder boldy.
Şähere zeper ýetirmedi diýseler diýibersinler: ol ýaşap giden
agaçlaryň ýüzlerçesini köçeleriň üstüne agdaryp taşlady. Jaýlaryň
owsamyrak kakylan şiferlerini goparyp, allaowarra pylçap urdy. Kä
ýerlerde radiodyr telefon simlerini gyrdy, belli-belli kwartallaryň
çyrasyny öçürdi...
Iň ýaman ýerem harasat hiç hili haýkylyksyz gopdy.
Günortanlaram asman päkizedi, ýaldyrap Gün çykyp durdy. Öýleden
agdy welin, birden howaň ýüzi çaňjaryp çaňjaryp saraldy, bardygyça
ol sary goýalyberdi-goýalyberdi. Salym geçmänkä-de penjireleriň
öňüne garamtyl perde tutulana döndi.
Ol ýel bolup ýele-de meňzänokdy. Ýürekgysgynç dykyz barda,
asman-zemini örtüp, sekunt saýy üstüňe sürünýärdi. Gözýetim barha
daralyp, ilki bir ädime geldi, soň bir garyşa geldi. Ahyrda-da gözüňi
açsaň içine ak çäge jyglymy doldy. Dem alsaň bokurdagyňa girip,
demligiňi daraltdy. Az salymdanam ýaňky dilsiz-agyzsyz ümsüm bela
niredendir bir ýerden gelşi güýç tapdy-da köwsarlap, süýr depäňden
sowrup ugrady. Garagum durky bilen ýerden göterilip, şäheriň
depesinden inene döndi. Ýok, ol Garagum çägesine meňzänokdy.
Türkmen sährsynyň giňligini basyryp ýatan Garagum çägesi päkizedi,
kümüş gyryndysy ýaly owadandy, gysymyňa alsaň akardy, üfleseň
geýmiňden tozap giderdi. Bu haýsy-da bolsa uzak bir ýeriň kirşenidi.
2
Ýelim ýaly bolup, çyrmaşyp ýatan şepbeşik gumdy.
Her näme-de bolsa, ozal ýer titremesinden gözi gorkan ilat
munyt ýagşylyga ýormady. «Bu bir bela-beterdir», «Bir zadyň
alamatydyr bu» diýip käbir ýelýürek adamlar ne içerde karar tapdylar,
ne-de daşarda. Olar iki ýana zowzullaşyp ýörüşlerine has-da muşakgat
ýagdyrýardylar. Biri «munuň ýaly kyýamat her on ýyldan bir gezek
adamzadyň başyna inermiş» diýse, başga biri «ozal şu zeýilli harasatda
asmandan gurbakgadyr, balyk ýagandygyny» gara çyny bilen gürrüň
berýärdi. «Bu çäge bilen birlikde ýylan ýagsa-da ýagar durar» dowul
satýanam ýok däldi. Başga birnäçeler bolsa «muňa ýigriminji asyryň
tehnikasynyň oýny diýerler — diýip tekrarlaýardy — ynha görersiňiz,
ertir Garagumda täze bir ylmy açyş üçin haýsydyr bir guralyň synag
edilenini ýazarlar» diýip welilik satýardy...
Garaz, her kim özüçe gurra taşlady.
Hakykatda, bu hiç zadyň alamaty bolman, tebigatyň adaty bir
hadysasy bolsa-da, Ezizowlaryň maşgalasy üçin olaryň üstüne abanyp
gelýän howpuň alamaty ýaly bolup çykdy.
Iki sagada çeken harasadyň yzyny arassalamak Akbäbege iki gün
iş boldy. Ol dört otagly uly jaýyň düşek keçeleridir haly palaslaryny
düýrläp, gapyň öňünde üýşürdi. Soň ýeke-ýekeden goltuklap, üçünji
etaždan ýere düşürdi. Jaýlaryň öňündäki meýdançada kakdy, silkdi.
Penjireleriniň öňlerini syrdy-süpürdi, arassalady. Pollary ýuwdy...
Ol ertesi gün gijigende: «Indi beri beýle zat gaýtalanmawersin,
jan Alla» diýip, işi boldum edip, öňüne bir käse çaý aldy.
Aýnaly eýwanyň bir künjeginde diwanyň üstünde keserip ýatan
Bally elindäki «WAZ» awtomobili diýen kitaby ýapdy-da, ýerinden
galdy:
— Indi içerik girmek mümkinmi?
Akbäbek ýeňsesine gaňryldy. Onuň bolşy: «Men şeýdiň agyr
palaslary egnime alyp, etaža dyrmaşyp ýörkäm, sen beýdip ýatmaga
utanmadyňmy?» diýip igenäýjek ýalydy. Emma Akbäbek ony diýmedi.
Gaýtam oglunyň soragyna ýylgyrdy. «Mümkinmi!» diýen bolup,
beýle resmilik nämä gerek? Ejesine-de edil mugallyma ýüzlenişi ýaly
ýüzlenýär» diýip içini gepletdi.
— Okabersene, oglum, entek pol guranam däldir.
Ýöne bu bahanady. Onuň Ballyny içerik goýbersi gelenokdy.
3
Sebäbi salkyn otaga girdigi bes, ol ýüzüne kitabyny ýapardy-da, şo
bada uklap galardy.
— Men-ä okajagam däl onda. Barybir kelläme zat girenok bu
ýerde okasamam — diýip, Bally öz eňegine tutdy.
— Sesli okaber, sesli — diýip, Akbäbek öňki arkaýynlygyna
gürledi — şeýtseň, ýadyňda berk galar.
Bally bialaç ýene-de diwanyň üstünde arkan ýatyp, kitabyny
açdy. Ýognas sesi bilen haýsydyr bir ýerini okamaga başlady:
«Awtomobili iýmitlendirýän zatlar...»
— Görle, muny, baý ýazypdyr-ow. Awtomobil malmy diýsene,
iýmitlener ýaly diýip seslendi-de, ejesine tarap göz aýlady. Ol hä
bermänsoň, ýene daşyndan okap başlady: «Maşyny iýmitlendirýän
zatlar aşakdakylardan ybarat: howa filtri... ýangyç nasosy... Ýag çelegi
hem akkumulýator...»
Ol okap ýatan sahypasynyň arasyna başam barmagyny goýdyda, ýene ýerinden galdy:
— Eje, saňa bir sorag bar?
Akbäbek ogluna garady.
— Näme üçin «Žiguliň» radiotoryndaky suw gyş aýlaryna
doňmaýar?
Ýeri, bu sorag nireden gelip çykdy diýýän şekilde Akbäbek
ýylgyrdy-da:
— Bu ýyllar suw doňar ýaly gyş bamy näme? Biz-ä daşarda
bedredäki suwuňam doňanyny doňanyny göremzok — diýip, gara
çyny bilen jogap berdi. — Onsoňam sen näme üçin «Žigulini» okaýaň?
«WAZ» maşynyny öwrenmeli diýeňokmydyň näme?!
— Bä, öwlüýä kessin, eje, sen tehnikadan gömüg-ow — diýip,
Bally hezil edip güldi-de, diwanyň üstünde aýbogdaşyny gurup oturdy
— meň ýerime sen bolaýan bolsaň, Nadežda Sergeýewna gözüňi
ikilikden açmazdy. «WAZ» diýmek — Wolga boýundaky awtomobil
zawody diýmek ahyry. «Žiguli» birinji, ikinji, üçünji... näçe görnüşi
bolsa, bary şo ýerde çykýa. Özem bilýämiň, bir gije-gündizde näçe
çykýa? Iki müň üç ýüz sany täzeje «Žiguli».
Ballyň gözi ýiteldi. Ejesi bilen maşyn barada gyyzkly gürrüň
edesi geldi. Emma Akbäbek gürrüňe meýilli däldi. Onuň agzyny
suwardyp başlan gürrüňine käte bir gezek «heýlemi» diýmek bilen
4
çäklendi. Dogrusy, bu wagt Akbäbekde oglunyň «leksiýasyny»
diňlemäge gurbatam ýokdy, höwesem. Ol äkit-getir, kak-silk uşajyk
işlerde halys usurgapdy:
— Bolýa-la, «Žiguli» oka, «WAZ» oka, biz-ä bir zat okasaň
kaýyl.
Ol gurşan gollaryny gerip, ýadandygyny duýdurdy. Emma Bally
ony dynç almaga goýmady:
— Onda saňa ýene bir sorag, eje? Seň pikiriňçe, hany aýt,
«Žiguli» ýyndammy «Lada»?
Akbäbek üçin bu wagt onuň soraglary artykdy. Bolsa-da oglunyň
göwni üçin jogap berdi.
— Elbetde, «Žiguli». Baýak özüň aýdyp oturmanmydyň näme,
kiçijik maşyn welin «Wolgadanam» ozýa diýip.
Bally ýene güldi. Oňa oýun gerekdi.
— Ine ýene bir ikilik, eje, saňa... «Lada» bilen «Žiguli» ikisem
bir maşyn ahyry.
— Bolýa-la, Bally jan, maňa näçe ikilik goýsaň goý. Ýöne iň
soňunda ekzamen berjek men däl-de özüňdigiňi ýadyňdan çykarma.
Akbäbek penjiräniň tutularyny düzetmäge girişdi. Ballyň
birneme göwni açyldy. Indi ýüzin düşüp, okamaga başlady:
— Akkumulýator... Akkumulýator... Akkumulýator... —
diýip samyrdady-da, elindäki kitabyň sahypalaryny agdaryşdyrdy.
Birdenem: «Hüýýýt!» edip, sygyryp goýberdi. Eýýäm penjiräniň
tekjesine çykyp, týul tutulary asjak bolup duran ejesine eşitdirip
hüňürdedi. «Kerpiçden ulurak gara gapyrjak welin, muň içiniň ajymbujumy diýsene. Heý, bularam bir ýat tutarmyň. Ýene şol ýigrenji
matematika alnymdan çykdy. Gapdalynyň himiýasy, fizikasy bilen.
Men şular sebäpli mekdepden gaçmadymmy näme. Ýogsam onýyllygy
gutarjak ahyryn... Aý, jähennemä gitsin-le, barybir, akkumulýatorçy
bolma meýlim ýok...»
Akbäbek gözüni potologa dikip, okaman ýatan Balla ýokardan
gygyrdy.
— Oka diýýän, Bally jan, oka! Hä diýmänem, telewizoryň
başyna geçersiň, tä gözüň bürülýänçä turmarsyň.
Bally gahar bilen elindäki kitaby ýapdy:
— Be-e, halys ýürege düşdüň-ow, eje? Oka, oka! Men-ä okajak
5
däl. Barybir, maşyn bejerip, çörek iýmen. Zyňaryn şu okuwy...
Akbäbek penjireden towsup düşüp, oglunyň alkymyna geldi:
— O näme diýdigiň boldy, Bally?
Bally ejesiniň nazaryndan gözlerini sowdy:
— Näme eşiden bolsaň şol — diýip, ýuwaş hüňürdedi-de
birdenem gaty seslendi. — Men şu okuwy halamok, eşitdiňmi,
halamok...
Akbäbek diýere söz tapman, uludan dem aldy. Gahardan ýaňa
endamy saňňylday, dodaklary müňküldedi. «Halaýan», «Halamok»
on sekiz ýaşli ýigidiň diýjek sözümidir bi?! Muny diňe ýedi-sekiz
ýaşly çaga diýip biler. Biz-ä munuň okuwyny gutararyna garaşyp
otyrys. Diplom toýuny etmekçi. A bu bolsa halamok, taşlaryn diýýä.
Eý, Taňrym, bu nähile bolýa...»
Akbäbek tolgundy, diline söz gelmedi. Elindäki öl esgini
penjirääniň öňüne oklady-da, oglunyň edil alkymyna dykyldy:
— Sen oýun edýämiň ýa çynyňmy?!
Bally dymdy, Akbäbek hem öz soragyny ýerliksiz hasap etdi.
Sebäbi bu diňe jan durmazlykdan berlen soragdy. Bally ol soraga
nähili jogap berende-de, barybir, Akbäbek köşeşjek däldi.
— Aý, oglan, sen näme diýýäniňi bir bilýämiň? «Taşlajak»
diýen bilen taşlan bir zat ahyryn. Sen indi her sözüňe hasap bermeli,
çaga däl, ata sakgal eňegiňe çykypdyr.
— Çaga däldigimi bilýän bolsaňyz näme üçin meni beýdýäňiz?
Eneli-ogul dymyşdylar. Ýene Bally öňürti dil ýardy:
— Siz henizem meni çaga saýýaňyz... Meňem öz pikirim bar,
eje. Meňem öz islegim-arzuwym bar. Oňlaýan-oňlamaýan zadym bar...
Akbäbegiň gulagyna bu mahal ogluna derek başga biri gürläp
duran ýaly eşidildi. Henize çenli ondan beýle sözler eşitmändi.
Bally kitabyny ýapyp, diwanyň üstüne oklady-da, öz otagyna
gitdi.
Akbäbek utulan oýunçy ýaly bolup, onuň ýerine çökdi, oýa
batdy. Oglunyň aýdanlaryny ýekän-ýekän beýni eleginde durlady.
Onuň pikiriçe, Bally hem mamlady, hem bimamlady. Mamla ýeri:
geýim geýmek, saç bejertmek ýaly hut özüne, degişli zatlarda-da Eziz
ikisi oň islegini nazara almazdylar, öz isleýişleri buýruk ederdiler.
Bimamla ýeri... Bimamla ýeri, hatda ol okuwada geňeşsiz giripdi.
6
Sentýabryň ilkinji günleriniň biridi. Ertir irden okuwa diýip
giden oglan, agşamaralar dolanyp geldi-de:
— Hormatly raboçiý klasyň wekili Bally Ezizowy gutlap
bilersiňiz! — diýip ýylgyrdy.
Akbäbek hiç zady güman etmedi.
— On alty ýaşapsyň, oglum, Bally jan, diliňi düzet. Haýsy dilde
gürleseňem, bir dilde arassaja gürlärler. Kakaň-a diliň arassalygy
barada makala üstüne makala ýazýa, ile öwredýä. A sen bolsaň, ne rusça
gepleýäň, ne-de türkmençe. Işçiler synpynyň wekili diýäýmezlermi,
raboçiý klasyň diýip oturman...
Akbäbek birdenem oglunyň aýdýan zadynyň manysyny
aňşyrman, daşky formasy barada käýinip duranyny aňyp alňasady:
— Dur-dur, o nähile sen işçiler synpynyň wekili bolýamyşyň?..
— Hut şeýle-dä — diýip, Bally ýakasy bagjykly ala tennskasynyň
gursak jübüsinden daşyna reje bilen kagyz oralan PTU-nyň okuwçysy
diýen bileti çykaryp, ejesiniň eline berdi.
Akbäbek gözlerine ynanamdy. Bally ozaldan öwrenip, ýat tutup
goýan sözlerini manysyna düşünse-düşünmese paýratdy:
— Biziň ýurdumyza şuwagt hünärli işçi kadrlaryň gerekdigi çyn
gerek? Çyn. Olaryň ähli ýerde ýetmeýänligi-de belli gerek? Belli. Şoň
üçinem men mekdep bilen hoşlaşdym-da, professional-tehniki uçilişä
girdim. Üç ýyldanam ýokary hünärli işçi bolaryn...
— Ýagşam bir iş edipsiň — diýip, Akbäbek aljyrady, başyny
ýaýkady. Ara düşen az salymlyk dymyşlykdan soň howatyrly sorag
berdi — Kakaň habarlymy bu işden?
— Gelensoň aýdarsyň-da özüň, oň eli degenok.
— Oňky degmese, seňki degýä. Öz eden işiňi özüň aýdarsyň.
Akbäbek käýinjegini-de belmedi, geňirgenjegini-de. «Biz bir
agyr maşgala-da däl. Uly-kiçi barymyz dört adam. Ýöne bu öýde kim
näme edip ýör, bilemzok. Bu döwletliligiň nyşan-a däldir» diýip içini
gepletdi. Bally sesini çykarman duransoň, ýene özi gürledi:
— «Hormatly işçi synpynyň wekili» boljak diýsene?! Biler
bolsaň, işçi synpynyň wekili hemişe maslahatlyja hereket edýändir.
Ähli meseläni oýap-çenäp, geňeşlije biçýändir.
Ol oglunyň syýasy äheňli gürrüňine syýasy reňk çaýdy. Soň
birneme gaharlanyp gepledi.
7
— Meni sylamasaňam, kakaňy sylarlar. Dulugyma şarpyk
çalanok diýip, edeniňi edip ýörmeli bormy. Ynha görersiň, bu eden
işiň üçin ol kemere ýapyşyp daşyňa geçäýse, men näme diýerin...
Akbäbek oglunyň aýdaryna takat edip bilmedi. Eziz gelen
badyna, oglunyň okuwçy biletini görkezdi-de, baryny aýtdy. Emma
Eziz muňa geňirgenjegem bolmady, gatyrganjagam:
— Aý, özi unap, özi giren bolsa, biz ikimiz oňa garşy bolup
oturmaly — diýip iňňän arkaýyn jogap berdi. — Ýa sen garşymy?
Ony soramak gerek däld. Akbäbek eli-aýagy, jany-teni bilen
garşydy. Bu onuň gep salgyndanam görünýärdi. Emma Eziz muny ýa
bilmedi, ýa bilse-de bilmezlige saldy.
— Oňatja okap alyp çyksa, ýaman okuwam däldir. Hem hünär
öwrener, hem orta bilim alar. Okamak meýli bolsa, soňam ýokary
okuwa girip biler.
Eziziň soňky aýdanlary birneme teselli berse-de, Akbäbek
munuň bilen birbada ylalaşyp bilmedi. Onuň öz maksady bardy. Ol
ogluny işçi geýimde däl-de, akja ýakaly intelligent geýminde görjekdi.
Emma durmuşyňam öz kanuny bar. Ol hemişe seň isleýşiň ýaly akyp
duraýýarmy...
Akbäbek bu zatlary ýatlap kän oturdy. Uzak oýlandy. Näme üçin
şo gezek Ballyň özüne-de, atasyna-da gulak asman, elinden tutup,
taganakladyp, yzyna mekdebe äkitmändirin. Näme üçin nadaralyk
etmändirin... Ine, indi bolýany. «Öwrenilen gylyk örkleseňem durmaz»
diýlenidir. Mekdebi taşlan sekiz ýyl okan mekdebini taşlan adam iki ýyl
okan uçilişesini hem taşlap biler. Ana, soň küli batman tutman, ondamunda kaňkap ýören bikemal ogluň bardyr». — Ol zöwwe ýerinden
galdy. — Ýok, men muny etdirmen. «Hiçden giç ýagşy». Bes, «Kör
hasasyny bir aldyr». Men indiki pyrryldagyňa ýol bermen...»
Akbäbek pikirini jemlemänkä Eziz gapydan geldi. Aýalynyň
ortarada saňňyldap duranyny görüp, aýak çekdi:
— Ýeri, näme boldy, Akbäbek?
— Näme bolanyny ogluňdan sora. — Ol elini oglunyň otagyna
tarap uzatdy. — Oň okasy gelenokmyş, halanokmyş, ana, bolany.
Emma Eziz ylla aýalynyň sesi gulagyna ilmeýän ýaly, öz iş
otagyna geçdi ötägitdi. Bu Akbäbegiň peltesine ylaýta-da ot berdi:
— Sen näme eşideňokmy meň diýýänimi, Eziz. Bilýämiň ogluň
8
näme diýýär. Iki ýarym ýyl okap, indem halanokmyş...
Ol Ezizden ses çykmansoň, ýene oglunyň otagynyň gapysynda
seslendi:
— Bar, aýt, ýaňky aýdanlaryňy kakaňa-da. Näme otyrsyň.
Okasym gelenok diý. Söwwüldäp ýöresim gelýär diý. Bar! Bar!
Ballydan hem ses çykmady. Ataly-ogulyň bu mahalky boluşlary
edil dil birikdiren ýalydy. Akbäbek haýsynyň ýanyna barsa, olar
içýakgyç dymmak bilen garşyladylar. Ol indi ortaradaky giň otagyň
içinde zeýrenmäge başlady:
— Atasy ata bolanda, bu zatlar şeýle bolarmy? Özi meçew
berendir muňa. Ogluň bikär kaňkap ýörüp, özüň alym däl, akademik
bolaňda näme. Wah, işim gaýtdy-la... Bagtym ýatdy-la... Men muny
adam etjekdim...
Eziz gapydan kellesini çykardy:
— Hany, bärik gel, Akbäbek jan!
— «Jan» diýme maňa. Maňa «jan» diýeniň gerek däl. Maňa seň
şypaly sözüň gerek däl. Ogluňa atalyk aladaň gerek... Ýa düşüneňokmy
meň aýdýanyma. Ogluň gözümiziň alnynda sandan çykyp barýa?!
Eziz uludan dem aldy, Akbäbegi elinden çekip öz otagyna saldy:
— Hany otur, şu ýerde. Bu zatllaň bir zady bor...
Akbäbek üsti dyr-pytrak kagyzly stoluň bir çüňküne tirsegini
diräp çökdi. Eziz gapyny içinden mäkäm ýapdy-da, onuň gaşynda
oturdy. Olaryň nazary biri-birine dikildi. Akbäbek diňe şu mahal
Eziziň öňküligi däldigni duýdy. Onuň hemişe şadyýan ýüzünde, gülüp
duran gözlerinde gam gördi. Asla onuň bolşy-da geňdi. Ýogsam,
Akbäbek şeýdip oran eder durar, olam duşundan geçip gidermi?
Ozallar aryp-ýadap gelsin, bir zada kejigip gelsin, gapysyna ýetende
ähli zady unudardy. Ala-ýaza öwrülerdi. Her kime bir lak atardy. Iň
ujypsyzja, has ýönekeýje zatlaram onuň gözündedi. Bu gün welin,
beýle däl. Gelip geýiminem çykaranok. Boýny galstukly, egni çal
kostýumly doňup otyr. Asla bu gün ol nirä gitdikä? Bu günler öýde
işleýärdi ahbetin.
Akbäbek bu zatlar barada oýlanyp, Eziziň ýüzüne soragly
garady. Az wagtlyk dymdy. Eziz birki sapar gury ýuwdundy-da, ahyr
gepledi:
— Näme diýsene, Akbäbek. Ogluň okanda-da, okamanda-da,
9
oda-suwa ýykylmaz ýaly bolupdyr — diýip, sözüne dyngy berdi. Ýene
aýalynyň ýüzüne howatyrly garady. — Jany sag bolsa, bir döwüm
çöregi nirede-de bolsa gazanar. Oň üçin janyňam ýakma, bagtymy
ýatyrdy diýip käýinme-de. Biler bolsaň... seň bagtyňy ýatyran ol dälde, men...
Akbäbek ýerinden zöwwe galdy:
— Agzyňy haýyr aç, Eziz. Sen maňa näme edipmişiň bagtymy
ýatyrar ýaly?
Eziz aşak bakyp gepledi:
— Indi senden gizläre ýagdaýym ýok. Bir aý boldy, öz-özümi
aldadym... Sen mert bol-da, biliňi guşaý... Men dermansyz derde
ulaşdym.
Akbäbek düşünmedi. Bu näme diýdigiň boldy diýen manyda
aňaldy. Ýigrimi ýyl ýaşaşyp, başym agyrýa diýenini görmedik
adamsynyň dermansyz kesele uçrajagy onuň akylyna syganokdy:
— Sen nämeler samrap otyrsyň, Eziz. Göniňden gel-de, aýt
maňa. Kim muny saňa aýtdy?
Ol eýýäm aýtjagyny aýdyp, boş göwrä dönüpoturan Eziziň iki
egninden silterledi. Soň boýnundan gujaklap hamsygdy:
— Aýt diýýän, Eziz, bu ýerde bir zad-a bar. O nä kesel? O nähile
dermansyz dert? Men seň öwrümiňe düşünemok...
— Ýuwaş! Çagalary gorkuzarsyň! — Eziz onuň sakyrtmak ýaly
bolup ilen gollaryny boýnundan aýyrdy. — Men şuwagt professor
Nurymowyň ýanyndan gelýän...
— Ýalan aýdypdyr şo Nurymow. Içigara, görip diýerler oňa...
Akbäbek birdenem öz diýýänlerinden özi utandy. Ol professor
Nurymowy tanamasa-da, onuň adyny eşidýärdi. Onuň uly keselhananyň
ýolbaşçysydygyny-da bilýärdi:
«Bu nähile beýle bolýar, bu näm boldugy» diýip arkasyny diwara
ýaplap, esli oturdy. Ýüzüne öliň reňki urdy. Emma Eziziňem bu mahal
oňa teselli berere hajaty ýokdy. Ara düşen ep-esli dymyşlykdan soň
ýene Akbäbek janykdy:
— Ýok, Eziz, men-ä ynanamok. Heý, düňkülläp, sag gezip ýören
adam-de bir kesele ýolugarmy? Özüňem bineşe. Çilim çekmeseň, arak
içmeseň näme?
Emma Akbäbegiň sözleri Eziziň gulagyna-da ilmedi. Ol şol bir
10
dünýäni unudyp, dymyp otyrdy...
Akbbäek gözüniň owasyny ýaşa dolduryp, Eziziň otagyndan
çykanda, Bally ony garsa gujaklady:
— bolýa-la eje, bagyşla meni. Diýmedigim bolsun. Goý,
aglamasana. Seň ýanyňda bir zat aýdarlygy-da ýok. Uly gürrüňe
ýazdyraýýaň. Gaýtmyşym, gaýtmyşym...
Akbäbek ogluny bagryna basdy. «Wah, seň zatdan habaryň ýok,
balam» diýesi geldi. Emma bogazyndaky düwün diýdirmedi. Bally
öňküdenem beter ýalbardy:
— Ynha görersiň, men uçilişäni gutararyn... Diplomam alaryn...
«Geçä jan gaýgy, gassaba ýag» diýleni-dä. Oň bar aladasy özüdi.
Bu zatlaryň barynyň günäkäri özüm hasap edýärdi. Başlaryna inen
musallatyň «gaýtmyşym» edip düzederden has çetindigini ol nireden
bilsin.
***
AKBÄBEK SÄHER BILEN Nurymowyň kabinetinde gögerdi:
— Dogryňyzdan geliň, doktor. Meň adamyma şeý diýdiňizmi?..
Bu nähile beýle bolýa. Hany sizde ynsap. Siziňem aýalyňyz bardey,
çagaňyz bardyr ahyry...
«Salam ýok-helik ýok, bosagaň agzyna gelip, iň soňky aýdylmaly
szöleri aýdyp duran kim bolup biler?»
Heniz kabinete girip, ak ýektaýyny geýmäge-de ýetişmedik
professor soragly nazary bilen Akbäbege çiňerildi. Ýüz keşbinden,
gözlerinden ony tanajak boldy. Nämelerdir ýatlamaga synandy.
Maňlaýynyň gasynlaryny köpeldip, aňyna zor saldy. Ahyram elenip
duran göwrä oturgyç hödürledi:
— Hany oturyň bakaly. Tolgunmaň!
Akbäbek professor Nurymowyň gabat garşysynda çökse-de,
onuň süňňi galpyldap durdy. Gabaklary-da pökgeren ýalydy. Nurymow
bolsa şindem tanajak bolup azara galýardy: «Allajanlarym, bu kim
bolup biler? Öz-ä meni tanaýan bolara çemeli. Kimiň hossaryka?»
Nurymow her gün ertir işe gelende keselhananyň giň howlusynyň
içinde ýüzleri ýuwha ýaly syrawlary görerdi. Olaryň ählisiniň-de
hossary bardy. Aýaly bardy. Dogan-garyndaşy, ýakyny bardy.
— Bagyşlaň, şu skleroz soňky ýyllarda halys aňkamy aşyrypdyr.
Siz kimiň maşgalasy borsuňyz?
11
— Eziziň... Eziziň maşgalasy diýseňiz-le asyl — professor ötünç
soraýan şekilde ýerinden turup gobsunyp ýylgyrdy.
Professor Nurymow Ezize beletdi. Onuň bilen çagalar öýünde
bileje terbiýelenipdi. Olam Eziz ýaly, ýer urup-ýerde galan hossarsyz
ýetimdi. Ýöne Ezizden ýekeje tapawudy, onuň ady, familiýasy bardy.
Hatda, atasynyň ady-da bardy. Eziziň welin, dogluş şahadatnamasynda
Ezizden başga ýazgy ýokdy. şonuň üçin onuň ady-da, familiýasyda Ezizdi. onuň horlanyp kandidat bolanyny-da Nurymow bilýärdi.
Doktorantura gitmäge taýýarlanýanyny-da onuň özünden eşidipdi.
Professor Nurymow diýseler, Akbäbek ady ýaly haýbatly,
peşeneli pyýadany görjekdi. Ýasama ýylgyryp oturan çal saçly
keltejik, garaýagyz adamy görende birbada gözi eglenmejek boldy.
Professoryň ýylgyrmasy uzaga çekmedi. Arassa asmanyň
ýüzüne kireň bulut çaýylyşy ýaly, onuň ýüzüni ünji gaplady.
Akbäbegiň gözleri ulalyp, hanasyndan çykjak boldy. Professsoryň
ýüz keşbiniň üýtgemesinden, ýüzüni aşak salyp dymmagyndan ol
özüçe many çykardy: «Wah, siz Eziziň aýaly diýseňiz-le... onda sizi
Hudaý urupdyr. Siziň günüňiz batypdyr» diýýän ýaly göründi. Hatda
onuň geplemezligini diledi. Sebäp onuň indiki aýtjak sözleriniň
öňünde sandyrady. Professor heniz hiç zat aýtmanka, Akbäbegiň
umyt guşuny uçurdy. Düýnden bäri özüni örkleýän inçejik tamasyny
gyrdy. Ol mundan teslli hantamady. Şu umyt bilenem gelipdi. «Heý,
bolmanda, «gorkuly zat ýok. Däri-derman ederis, gutular» diýdirjekdi.
Ýok, ol dymýardy. Erjellik bilen dymýardy. Dymmakdan elhenç zat
bormy. Goý, azajyk bolsun, birnäçe sekunt bolsun. Beýle halatda ol
uzak görünýär. Tutuş bir döwür bolup görünýär.
Elhenç pikirlere gaplanan Akbäbek özüni ýitirdi. Professoryň
soňky aýdanlary onuň gulagyna-da ilmedi. Akbäbegiň howsalasyny
ýatyrardan bu wagt professoryň delilleri ejizdi. Akbäbebgiň pikiriçe,
onuň aýdýan sözleri ýürek sözleri däl-de, wraçlar üçin werziş bolan
nobatçy sözlerdi. Belki, Nurymow ol sözleri şu ýere gelýänleriň
ählisine aýdýandyr. Olaryň hossarlaryny-da şol sözler bilen naharlap
goýberýändir. Nätsin. Onyuňam borjy şeýle. Ýaşaýşa umyt döretmeli...
Akbäbegiň bu ýerden alyp çykan zady, sygryň dili iki barmak kagyz
boldy.
Ýöne keselhanadan gamlanyp çyksa-da, öýe ýylgyryp geldi:
12
― Men saňa aýtdym ahyry, Eziz, was-wasa bolupsyň diýip.
Gördüňmi ynha, gorkuly hiç zadam ýok eken. Gury meň ýüregimi
ýardyň...
«Eýsem onda Nurymow haýsymyzam bolsak, birimiz-ä
aldapdyr» diýýän şekilde, Eziz Akbäbegiň ýylgyrýan ýüzüne seretdi.
Şo bada hem onuň gözünde başga zady okady, içini gepletdi. «Bu
pahyry görsene, meni aldajak bolup, öz-özüni aldaýanyny bilenok».
Bolsa-da Eziz syr bildirmedi. Akbäbegiň göwni üçin ýalandan
begenen kişi boldy. Emma Akbäbek ertiriň özünde Moskwa uçmak
üçin, Ezize hem özüne bilet alandygyny aýdanda, ol başyny ýaýkady:
― Oňarmansyň, Akbäbek jan, telek edipsiň.
Ine, ol ýene «jan» diýýä. Akbäbegiň gözüne ol barha ejizläp
barýan ýaly göründi.
― Jan diýme, Eziz, haýyş edýän. Diýme şo sözi. Hemişeki ýaly
adymy tutaý.
Eziz Moskwa gitmäge kes-kelläm garşydygyny aýtdy:
― Hemme ýeriň towugynyň sesi birdir. Keseli derňemek üçin o
ýeri bolanda näme, bu ýeri bolanda näme?
― Beý diýme, Eziz. gideli. Bendäm- bendäme sebäp diýipdirler.
Belki, moskwaly wraçlar derdiňe melhem eder. Azaby jähennem.
Bolmanda-da ikimiz eşret görmek, döwran sürmek üçin bu dünýä
gelmändiris.
Akbäbek gyssandy. Ýap-ýaňyja «seniň gorkar ýaly keseliň
ýok ekeni, gury meniň ýüregimi ýardyň» diýip duranynam unutdy.
Ýüregini eline alyp gürledi:
― Gitmeli. Ýekeje günem haýal etmeli däl. Kesel diýeniň sag
mahalyň senden asgyndyr. Ýassyga ýykansoň pälwandyr. Pilçäňi ýere
degreniňi duýman galarsyň.
Akbäbegiň gara çynydy. Her zat etjekdi, äkitjekdi. Eziz muňa
göz ýetirdi. Az salym oýlanyp gepledi:
― Eýsem onda men özüm gideýin. Aýak üsütnde durup
bilmeýän hassa däl ahyry... Bally jan geler welin iber, seň biletiňi
yzyna gaýtaryp gelsin.
― Meň göwnüme degmeseň-ä gowy bordy, Eziz... ― Akbäbek
elendi ― Seni ýeke goýberip, meň öýe sygmajagymy biläýmeli ahyry
özüň. Bes, öňki hossarsyzlygyň. Indi ýeke dälsiň, şuny bil.
13
― Bu çagalary kime goýjak eýse, Akbäbek. Munyň bolanok,
boýunlaryny sallatma.
― Çagalara döwem çalasy ýok. Hernä uzagyndan boýunlaryny
sallamaly bolmasyn...
Akbäbek köp ýalbardy. Ahyry bile gitmäge razy etdi. Onuň
gözüne bardykça adamsy mähriban, eziz göründi. Onuň ýanyndan
ýekeje sekunt-da aýrylman, ýüzüne garap oturasy geldi. Näme
üçindir onuň mährinden ganmajak ýaly göründi. Gör, adam nähile
ýaradylypdyr. Öýüň-içeriň aladasy ýetik, dünýäň aladasam başynda
ylgaşlap ýörkä, adam birek-birege bigadyr görünýär. Mähir-söýgä
eli-de ýetmeýän ýaly. Ýöne biri-biriniň başy ýassyga ýetende welin,
başga. Gizlenip töwerekde ýaýdanyp ýören gadyram bardygyny
bildirýär. Mähirdir söýgem tapylýar.
Akbäbek özüniň şeýle tapylgysyz adamsynyň bardygyna ylla
şuwagt göz ýetiren ýaly, ondan nazaryny sowp bilmedi. Özüniň düýnki
diýenlerine ökündi: «Sen ata şekilli ata bolan bolsaň, ogluň başyňa
gidermidi. Sen biperwaý. Diňe kagyzlaryňy bilýäň» diýenleri ýadyna
düşende, ýüz kerem gaýtmyşym etdi, toba okady. «Ýok, diýmedigim
bolsun. Heý, Eziz ýaly paýhasly adamam bir öz perzendine biperwaý
bolup bilermi? Ýok, bu biperwaýlyk däl. ol maňa ynanýa. Maňa bil
baglaýa. Birek-birege ynam ― bu-da döwletliligiň nyşany...
Akbäbek uzyn gijäni kirpikli gözüni ýumman geçirdi. Garagyna
çiş kakyldy. Bu çyn bolaýmaly bormy indi? Eý, Taňrym, adama beýle
bir gargamak bormy. Beýle-de bir ýowuz jeza sezewar edäýmek
bormy. Oň ýazygy näme? Şeýdip, gidiberjek bolsa, dünýä geldigi
boldumy. Ol näme gördi. Bu çaka çenli göreni görgi boldy, edeni bergi
boldy. Ol indi görmeli, indi ýaşamaly. Oň ýaňy agza aşa ýetdi. Ýaňy
arzuwlarynyň bir çetinden girdi. Indi ol arzuwlar hasyl bolman, ýele
sowrulyp ötä gitmeli bormy eýsem? Ýok, ýok, beýle adalatsyzlyk
bolmaz... Biz muňa razy däl. Ezizem, menem. Biziň çagalarymyz bar...
Wah, Akbäbek, Akbäbek. Seň razyçylygyňy sorap geljek bolsa,
oň adyna «kesel» diýiljekmi...
Akbäbek şeýdip, öz-özi bilen gepleşdi. Geçen günlerini ýatlady.
***
EZIZOWLAR BU ÝERE göçüp gelmezinden ozal şäheriň
gaýra çetine ýaşaýardylar. Dagyňn eteginde ýaýylyp ýatan şäher
14
bilen bularyň kwartalynyň arasyny eriş-argaç bolup demir ýol böler
otyrdy. Şonuň üçinem gadym wagtlarda Seňňerli adyny alan bu
oba henizem şäheriň bir bölegi däl-de, onuň baldyzy ýaly bolup,
goltugyna gysylar oturardy. Suwy ýognasrak diýmeseň, ýaşamak üçin
amatsyz ýerem däldi. Kän bir tüsseläp duran senagatam ýokdy. Un
kombinatynyň sesidir aeroportuň güwwüldisi bilenem öwrenşipdiler.
Soňky wagtlarda suwlary hem birneme süýjäpdi. Indi öňküleri ýaly
nasos bilen sorduryp ýer astyndan alynýan suw içenokdylar. Olaryň
krantlaryndan Garagum kanalynyň süýji, arassa suwy akýardy. Ýöne
köp wagtdan bäri oňşuksyz goňşulary bolan demir ýol welin, müdimilik
maňlaýlaryna ýazylan ýalydy. Gijede-gündizde oňa dynuw-da, ýatuwda ýokdy. Gündizlerine iki tarapa geçip duran otlular zerarly ýoluň
ýeke-täk ötüginiň iki gapdalynda maşyn kerwenleri birnäçe kwartala
çenli uzap, irikgä bolup garaşar durardylar. Gijelerine bu ýeriň gohy
has artardy. Wagon düzüjiler agyzlaryna ronar tutup gygyrardylar.
Inçe-ýogyn jürlewükler çalnardy. Tirkelýän wagonlar çakyşyp,
tamlaryň penjiresini sarsdyrardy.
Bu hiç kime-de ýarap duranokdy. Ýöne il ýatansoň stoluň başyna
geçip işlemegi eý görýän Eziz muňa ylaýta-da käýinerdi. «Hökümet
heý, muňa bir alaç etmezmikä?» diýip, wagtal-wagtal Akbäbegiň
ýanynda zeýrenerdi.
Ine, bir gün bolsa bular garaşman otyrkalar «Biz hökümet
komissiýasydyrys» diýip, bir topar adam geldi. Olar şäher Sowetiniň
bulary göçürmek baradaky kararyny görkezdiler. Demir ýoluň
aşagyndan ägirt uly ötelge çekiljekdigini, onuňam bir ujunyň bularyň
kwartalynyň üstünden düşýändigini aýtdylar. Bu habara begenenem
boldy gynananam. Ýöne her niçigem bolsa begenenlerden gynanan
köpräk boldy. Bu düşnükli zat. Ata-baba dogup-döräp, öwrenişen
ýeriňden göçmek eýsem kime hoş ýakar. Kim içinden, kim daşyndan
nägilelik bildirdi. «Şol demir ýoluň astyndan geçiriljek ötük ala-böle
biziň obamyzyň üstünden düşäýmelimi!» «Asla, hökümet demir ýoluň
astyndan ötelge çekip ýörmän, demir ýoly sowup, şäheriň daşyndan
geçiräýende güýji ýetmeýärmikä?» «Ozal bu ýerden uçastok bölüp
berende bu akyl kellesine gelmedimikä?..»
Gep köpdi. Her kim özüçe welilik satýardy. Ezizowlar welin,
bularyň hiç birindenem däldi. Olar «bizem kanuny bilýäs. Ýokaryk
15
arz ederis» diýip käbirleri ýaly hötjekligem etmediler. «Pylan
ýerden pylança otagly jaý bermeseňiz göçüp dagy etmeris» diýip,
komissiýanyň öňünde şertem goýmadylar.
«Göçmeli diýýän bolsalar, göçäýmeli bor» diýip, Eziz biragyzdan
razylaşdy oturyberdi. O wagt dil ýarmasa-da, Akbäbegiňem öz
ýanyndan biçýän kiçijik planjygy bardy. Ol ertesi irden turup gidişine,
günortana golaý dolanyp geldi. Şäheriň dumly-duşunda salynýan
ýaşaýyş jaýlara aýlandy: mikraýonlary ýekän-ýekän synlady. Jaýlaryň
haýsysynyň kerpiçdendigini, haýsysynyň betondandygyny belleşdirdi.
Suw ýagdaýy, ulag ýagdaýy, magazin... birin-birin seljerdi.
Şäherde gurluşyk kändi. Diýseň kändi. Özünem şeýle bir çalt
salýardylar, dört-bäş gat uly jaýlar sanlyja günde taýýar bolýardy.
Akbäbegiň ýaňy-ýaňam görüp ýören düzlüklerinde äpet ymaratlar
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Eneler uklamaýar - 2
  • Parts
  • Eneler uklamaýar - 1
    Total number of words is 3756
    Total number of unique words is 2185
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Eneler uklamaýar - 2
    Total number of words is 3744
    Total number of unique words is 2196
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Eneler uklamaýar - 3
    Total number of words is 3751
    Total number of unique words is 2155
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    41.4 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Eneler uklamaýar - 4
    Total number of words is 3729
    Total number of unique words is 2080
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    43.8 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Eneler uklamaýar - 5
    Total number of words is 3755
    Total number of unique words is 2150
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Eneler uklamaýar - 6
    Total number of words is 3741
    Total number of unique words is 2248
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Eneler uklamaýar - 7
    Total number of words is 3770
    Total number of unique words is 2148
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    43.7 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Eneler uklamaýar - 8
    Total number of words is 2123
    Total number of unique words is 1400
    35.7 of words are in the 2000 most common words
    48.9 of words are in the 5000 most common words
    55.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.