Latin

Eneler uklamaýar - 3

Total number of words is 3751
Total number of unique words is 2155
30.2 of words are in the 2000 most common words
41.4 of words are in the 5000 most common words
48.8 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
— Girip-çykyp durar ýaly, uçilişe çagalar bagy däl ahyry seň
üçin, eje.
Akbäbek öňki mylaýymlygyny saklady:
— Özüm gidip gürleşäýerin. Ministriňiziň ýanyna barmalam
bolsa bararyn, yzyňa aldyraryn... Okasaň bor, balam.
Akbäbek soňam kän ýalbardy, Bally yrylmady. Käýýäp gördi —
Bally «Hoş» diýmedi. Ahyr Akbäbek özüniň uçilişä gidip geljekdigini
aýdanda, Bally oňa jabjynanynam duýmady:
— Git, how, eje, git. Ýöne nätseňem, okaman, muny bilip goý.
Akbäbege o gije-de uky haram boldy: «Kakasynyň derde ulaşany
azmy! Munuňky näme diýsene! Agzy porsap dur... Labzy ajapdyr...
Söze gulak asanok... Ýa ähli ýetginjeklerem şeýlemikä?! Hemişe
beýle gylygy ýokdy-la. Başga biri el berdimi, dil berdimi bilmedim...»
Ol uzyn gije oýlanyp çykdy. Ahyram gelen netijesi şu boldy:
«Wah, atasynyň gözüni görüp dursa, beýtmezdi welin...»
***
ERTESI AKBÄBEK NÄÇE garaşsa-da, Bally gije öýe gelmedi.
Ene gursun, gör, ol näçenji gezek daş çykyp, iç girdi. Nätmeli?
Gözlegine çykmalymy ýa Taňryňa gargap oturmalymy? Heý, balasy
gije ýaban ýatar-da, ene öýe sygarmy?
Ol bu gün işe çykjakdy. Telim gün bäri aýra düşen atelýesine
gitjekdi. Emma jahan ýagtylanyndan garbanar ýaly odur-budur zatlary
ýaglyga düwüp, köçä çykanyny özem duýmady...
Akbäbek sorap-idäp, maşyn bejerilýän ussahana baranda içini
çekip haýykdy. O ýeri ussahana däl-de, maşynlaryň gonamçylygyna
meňzeýärdi. Daşy gyzyl-ala demir tubalar bilen germawlanan abyrsyz
meýdan durşy bilen maşyndy. Akbäbegiň göwnüne, ylla diýersiň, dek
düýnem şäheriň köçelerinde tirkew-tirkew bolup ýören maşynlar bir
gijede süsüşip, şu ýere getirilip taşlanan ýalydy.
30
Piller öljegini öňünden bilip, bir ýere ýygnanarlarmyş diýip,
Akbäbek eşiderdi. Onuň göwnüne, bu maýyp-müjrüp maşynlaram
şu ýere ýygnanyp ölüp galan ýalydy. Sebäbi olaryň biri-de özleri
tigirlenip gelip biljege, ýerinden gozganmaga ýarajaga meňzänokdy.
Ählisi kast edilen, jebir gören maşynlardy. Iki gözünden jyda düşen
sokur kör «Moskwiçlerdir» heniz reňki göwşüllemänkä depesi çöken
«Žiguliler» diýermiň, aýaklary çatalbadan goparylyp, bagyrlaryny
ýere beren «Wolgalardyr» güberilip ýatan gara «ZIM»-ler diýermiň.
Motorlaryny syrtyna atypdüýnki hozanaklap ýören «Zaparožeslerdir»
başga markaly maşynlar diýermiň... — Ählisi terslin-oňlyn gyşaryşyp
ýatyrdylar.
Maşyn köpdi. Diýseň köpdi. Göýä diýersiň, olar maşyn çykarýan
zawod bilen erjeşýän ýalydy. «Sen haýda-da çykaryber, bizem döwlüp
ýetişjek bolarys» diýýän ýalydy.
Maşyn köpdi. Ýöne adam ondanam köpdi. Akbäbek onça
adamyň arasyndan Ballyny nireden tapsyn?
Ol bir meýdan ýaýdanyp durdy. Eý görmüş, bir ujy kislorod
ballonyna berkidilen uzyn şlangany süýräp gelýän bir adam deňinde
saklandy-da, oňa ýüzlendi:
— Näme hyzmat, daýza?!
Akbäbek derrew habaryny berdi:
— Şu ýerde oglum bolmaly, janym... Ol sizde işleýär.
Gara äýnegini çat maňlaýyna dakan orta ýaşlaryndaky kiçijik
murtly, sakgaly kirpiň tikeni ýaly dürterip duran bu adam ýene birki
ädim oňa golaýlady:
— Kim diýýäler ogluňyza?
— Bally diýýändirler — diýip, Akbäbek gyssandy. Ol adam
tanamady. Akbäbek oglunyň familiýasyny aýtdy, şlangaly ýene
tanamady. Akbäbek oglunyň sypatyny salgy berdi, şlangaly barybir
«tanamok» diýip başyny ýaýkady. Ahyram egnini gysdy-da:
— Siz wulkanizatorlardanam bir sorap görüň — diýip ýöräp
barýarka bir tarapa elini uzatdy. — A-na, ho-ol duranlardyr.
— Wah, ,em wulkanizatoryňy, buýankyňy bilýänmi...
Akbäbek hüňürdäp, ýaýdana-ýaýdana salgy berlen tarapa
ýöredi. Ýöne o ýere baranyna puşman etdi. Elleri nasosly on-on iki
adam hem maşynlaryň tekerine ýel berýärdiler hem kimde bolsa birine
31
gargaýardylar. Agyzlaryna alýan sözlerini iki gulakly eşider ýaly däldi.
Adamy «gargyş galyndyrmaz» diýilýäni çyn bolsa, onda şo adamy
ýerden alyp, ýere sokardylar.
Akbäbek ýanlaryna barmaga ejap edip, bäş-on ädim ýetmän
saklandy. Kamera ýamatmaga gelen egni ak köýnekli student sypat
ýaş ýigit nasosy bir ýana oklady-da, eliniň garasyny ýagly esgä süpürip
durka Akbäbege garap zeýrendi:
— Görýämiň daýza, bolýan zady. Bir süpük arakkeş näçe
adamyny ezýär. Kompressor bolanda ýel bermek diýeniň bir minudyň
işi ahyryn — diýip, töweregine aňajaklady. — Eliň bilen doldurjak
bolsaň, hupbat ýamanyny berýä. Agyr nasosy azyndan iki ýüz gezek
urmaly, içegiňi gyrýa. A ol öýi köýen arakkeş bolsa, açary kisesine
salyp gidipdir-de, gör, nirelerde «üçleşip» ýör...
Akbäbek kompressoryň nämedigini bilmese-de, ýigidiň
zeýrenjini baş atyp goldady. «Wah, jan jigi, gowusy, zeýrenişmäli-le.
Zeýrenmeli bolsa, mende-de zeýrenmäge zat kän. Ejem käýedi diýip
öýe gelmän ýaban ýatyp ýören ýigide näme diýersiň — diýesi geldi.
— Eje bolan telek iş etseň, elbetde, käýýär. Şeýdip, ýeňsäňi tüňňüerdip
ötägitmelimi? Ejeňden öýkeleseň, kimden öýkeledigiň bolýa».
Emma ol ýüregindäkini diýmedi-de, ogluny gözleýändigini
aýtdy. Ak köýnekli ýigit elini elini salgap, şo ýerde işleýänleriň
birini çagyrdy. Olam başga birini çagyrdy. Emma bularam Ballyny
tanamadylar. Akbäbegi başga bir topara tarap ugratdylar.
— Özi ýaş oglan bolsa, özem täzeräk gelen bolsa, kuzowçydyr
ol. Ilki maňlaýyny diräýýän ýeri hem şodur olaň. Kuly murt nirede
diýip soraň. Lew Kulyýewiç diýseňiz-ä hasam gowy tanarlar...
«Ýetimiň ýedi gapa barsa, ýüzi açylar» diýleni boldy. Akbäbek
soň utanmady. Öňünden çykandan Ballyny sorap ugrady. Emma bu
ýerde-de oňa ogluny tapyp beren bolmady. Her kim öz işi bilen gümrady.
Akbäbegiň ýaýdanyp duran ýerinde eginleri kendir çäkmenli adamlar
haýsydyr bir maşyny düňderjek bolup azara galýardylar: «Bir-iki-üç!
Bir-iki-üç!» diýip, güýç birikdirip zomaýardylar. Beýleräkde bolsa iki
sanysy gyzyl ot edip, maşyn ýamaýardy. Has aňyrrakda gollary çygynçygyn daýaw adam her gezek ýekedaban bilen ganaty goparylan
maşynyň böwrüne uranda, maşyn janawar örboýuna zyňylýardy.
Akbäbek soraýmaga çemeliräk adam gözläp, aňkaryp, bu ýerde
32
näçeräk duranyny bilenokdy:
— Bu ýerde näme işleýäň eje?! — diýip, birden Ballyň özi
geläýdi.
Akbäbek egni işçi geýimli, eli bir bölek naždak kagyzly, delmirip
duran Balla garady. Onuň garaýşyndan jogabyny okamak kyn däldi.
«Bilýän dälsiň-ow, eýsem näme işe gelenimi? Şu agzy jäheksiz
erkekleriň paýyş sözlerini diňlemäge gelmänim-ä aňýansyň. Entetgin
eneňi şeýtginde...»
Akbäbek ogluny tapanyna begendi. Sesini çykarman, elindäki
düwünçegi oňa uzatdy:
— Al, çetiräge çyk-da, garban, düýnki açlygyňdyr...
Bally öýkeli gepledi.
— Men aç däl.
Akbäbek durup bilmän hamsygdy:
— Näme beýdýäň ahbetin, jan ogul?.. Uzyn gije garagyma çiş
kakyldy...
Bally dymdy. Akbäbek getiren iýmişli düwünçegini zordan
diýen ýaly oglunyň eline tutdurdy-da, ylalaşyjy gürledi.
— Hany, maňa başlygyňy bir görkez işlejegiň çnyň bolsa.
Gürleşeýin. Ondan haýyş etjek zadym bar. Kim bu ýerde seň halypaň.
Kuly murt diýilýän haýsy bulaň?!
Bally ýaýdanyp, töweregine garanjaklady. Onuň ejesini Kuly
murt bilen tanyşdyrasy gelmeýäni ýüzünden görnüp durdy. Akbäbek
muny duýansoň dyzabam durmady.
— Bolýa-da onda, men gitdim. Işleýän ýeriňi gördüm, biraz
ynjaldym — ol birki ädim ätläp ýene saklandy — ertir dynç günüdir.
Kuly murt diýdimi, nämemi, şo halypaňy öýe çagyr.
Bally şübheli garady:
— O nämä gerek, eje?!
— Çaýlaşarys... Gürleşeris... Ertir bize myhmançylyga bar diý.
Ejem ikimiz garaşýas diý.
Halypasam bolsa Ballynyň Kuly murty çagyrasy gelmedi:
«Çaýlaşarys, gürleşeris». Gözleri zordan açylýan ol adam bilen
ejem näme gürrüň edip biler. Ol ejemiň çaýyndanam, gürrüňindenem
bir bulgur çakyry gowy görýär ahyry...»
Akbäbek ýaňy ýeňsesine dolananda:
33
— Bally, beýläňe seret! — diýip, bir oglan gygyrdy. — Şadyşkaň
maşyny ýaly-la ol.
Akbäbek oglundan ozal ýigidiň görkezen tarapyna seretdi.
Bally kürtdürip durjak ýaly etdi-de, birdenem köçe suwlaýan
gyzyl maşynyň süýräp getiren ýaşyl «Žigulisine» tarap ylgady.
Heläkçilige düşen maşynyň töweregi derrew egele boldy. Heniz
zawodyň ysy gitmedik maşyn diýseň weýrandy. Ýarpy göwresi
üstünden basylan konserw gapyrjagyna meňzeýärdi. Kim hyrçyny
dişledi, kim başyny ýaýkady.
«Baý-bow, munyň-a hennege itäýmelisi galypdyr.»
«Garantiýasy bardyr, zawod töläp berer-le...»
«Näbileýin-dä, Kuly murtam şu maşyny aýak üstüne
galdyraýsa...»
Maşynyň kabinasyndan çykan adamyň ýüzünde ruh-pet ýokdy.
Biri onuň gynanjyny paýlaşmak isledi.
— Nähile, Gulam aga, abraýlymy beri özi?!
— Abraýlymy, dälmi, görüb-ä dursyň...
Ýaşuly janyýangynly gürledi.
Akbäbek üýşmeleňden uzagrakda duranam bolsa, Gulam agaň
adyny eşidip, ýakasyny tutdy. Oňa hemme kişi beletdi. Gulam arabakeş
diýseň, oglandan uly bary tanardy. Sebäbi soňky ýyllarda şäherde
ýekeje araba gezerdi, olam Gulam agaň arabasydy. Onuň şenbesem
bolmazdy, ýekşenbesem. Rezin tigir oturdylan köne arabasyny aýagy
çekgem ala ýaba goşardy-da, köçe-köçe aýlanar ýörerdi. Letde
ýygnardy, çüýşe çöplärdi. Çagajyklary onuň sesini eşitdikleri bes,
iýip oturan çöreklerini taşlap, köçä eňerdiler, oňa çüýşe tabşyrardylar,
jürlewik alardylar.
Gulam agaň bolşy bu betbagtlygy şu duranlardan görýän
ýalydy. Bir zat soralsa, ýangynly jogap gaýtarýardy. Şonuň üçin indi
bilesigeliji adamlar maşyny süýräp getiren şofýoryň daşyna üýşüp,
oňa sorag ýagdyryp ugradylar.
— Nähile aýt, gardaş, maşynyň eýesi beri abraýlymy?
— Aý, hawa-da, diri galansoň, abraýly diýäýmeli-dä. Ýogsam,
bir aýag-a dyzyndan kül bolupdyr. Döwlen gapyrgasy, ýarylypýyrtylan ýerlerem-ä bar bora çemeli...
«Hiý, Şadymyka ol» diýip, Akbäbek duran ýerinde ýakasyny
34
towlady. Gözlerini petredip märekäni diňledi. Märeke bolsa ýaňky
adama jogap berenine puşman etdirýärdi. Üstüne gerekli-gereksiz
soraglar ýagýardy:
— Haçan bolupdyr, nirede bolduka?
— Haýsy günäkärkä, nähile maşyn urupdyr?
— Içip dagy münäýdimikä, bidöwlet? Häý, şu ýaşlaram özi...
«Boljak iş bolupdyr. Ýeri, indi haýsy günäkär bolanda size
näme diýsene — diýip, Akbäbek başyny ýaýkap içini gepletdi. —
Bolupdyr-bolupdyr Gulam aga bolupdyr... Maşyn, maşyn... Soňky
döwür şü-de göni gelen ajal bolupdyr adamlara. Onda-da ýene öň
ýeten maşyn edinjek, iýmän-içmän öte ýatjak, maşyn edinjek. Ýerde
oňaýly oturyp bilmeýänem maşynda oturjak, maşyn sürjek. Kellesini
saklap bilmeýänem maşynyň ruluny aýlajak, maşyn sürjek. Ýoluny
saýgarmaýanam maşyn sürjek... Ýelhehräk, göterimräk ýetginjekler
üçin-ä dogry gelen ajal bi... Hernä, Şady neressäň demine bir
degilmäbilseýdir...»
Akbäbek öýe gelensoňam süňňüni saklap bilmedi. Gören
pajygaly wakasy ýadyna düşdi durdy. Ol Gulam aga-da beletdi, onuň
ogly Şada-da. Bular köne ýurtda dul-degşir goňşudylar. Şadyň ejesi ir
ýogalypdy-da, Gulam aga ony arabaň üstünde ulaldypdy. Şady sebäpli
hem soň öýlenmändi. «Gulam aga saňa sallahlyk kyn düşýändir,
senem özüňe babyrak sary diş aýal alaýsaň bolmaýamydy» diýänlerini
Akbäbek öz gulagy bilen telim gezek eşidipdi.
«Aý, heleý diýeniň-ä gyzyl dişlisem tapylsa tapylardy welin,
şujagaza ene tapylmaz» — diýip, Gulam aga arabaň üstünde joňkaryp
oturan dört-bäş ýaşlyja Şadyny görkezerdi. Şadyjyk bolsa ertir gün
dogandan arabanyň üstüne çykardy-da, kakasynyň ýola düşerine
sabyrsyz garaşardy. Näçe gezse-de, ýene doýmazdy. Aýagy çekgem
ala ýabynyň jylawyny eline alan wagty-ha bar onsoň. Oturan ýeri arşyň
üstüdir welin, özüni kosmonawt däldirin öýtmezdi. Satýan harydy şar,
jürlewik, boýag ýa oýmakdyr welin, ondad-da edil «Çagalar dünýäsi»
magazininiň direktory ýalydyr, petekesini gaýşardar. Halan oglanyna
owadan, ala şar berer, halamadygyna-da «bar git-de ýene bir ýola
çüýşeleriňi ýapda ýuwup gel» diýip kowar goýberer.
Şady soň ulalyp, akyly ýetip ugransoň welin, gaçgyny şol araba
boldy. Olar Bally bilen bileje okap, sekizinji klasy gutarypdylar. Ol-a
35
aýakgap firmasyna işe girdi. Ballam 9-njy klasda bary-ýogy bir hepde
okap, awtomobil slesary bolmak üçin professional-tehniki uçilişä
girdi. Göçhä-göçlükde bolsa Gulam agalar şäheriň bir tarapyna düşdi,
bularam beýleki tarapyna. Akbäbek käýarym Ballydan ýa Ezizden
olar barada bir zat eşidäýmese, özlerini gaty seýrek görerdi. Gulam
aganyň esgi çöpläp gazananja puluna «Žiguli» alyp berendigini hem
Ballydan eşidipdi.
Agşam Bally öýe gelensoňam eneli-ogluň gürrüňi şo boldy:
— Bir topar oglan bolup yzyndan keselhana bardyk weli,
ýanyna goýbermediler. Penjireden seretdik — diýip, Bally gynanyp
gürrüň berdi. — Aýagyny gipsläp, ýokardan asyp goýupdyrlar. Özem
krowatda arkan ýatyr. Ýüz-gözlerem saralgy...
Ballyň gaty gorkanlygy bellidi. Henizem reňkine gelmändir.
Gürrüň berýär, özem aglaýjak bolýar.
— Şeýdip, her ýaşyna bir gün ýatmasa, döwükleri bitmeýärmiş
diýýäler. Gulam aga görgülem, ne ýanyna baryp bilýä, ne-de öýüne
gidip bilýä, keselhananyň töwereginde zowzullap, pelesaň kakyp ýör.
— Nädip bolupdyr ol, oglum, bilip bildiňizmi?
Düýn iller soranda «Boljak iş bolupdyr, nädip bolanda näme»
diýip, özgelere käýinýän Akbäbek indi özi şo soragy berdi.
— Her kim bir zat diýýä, eje, anyk bilýän ýok. Ýöne, Şadişkaha günäkär dälmikä diýýän. Oň maşyn sürmäge türgenligine biz-ä bir
ýola telpek goýandyrys — diýip, Bally dostunyň arkasyny çaldy.
— Näme, senem oň ýanyna mündüňmi?
Gulam agaň güni öz başyna düşäýjek ýaly Akbäbek galpyldady.
Emma ejesiniň ýagdaýyndan bihabar Bally arkaýyn gürledi:
— Men ilkinji gezek «Žigulä» şoň bilen münüp gördüm. Bä, oň
gidäýşini dagy. Spidometri 120-ni görkezýä weli, gitmeýän ýaly-da...
— Şonda-da ýanynda otyrmyň senem?!
Akbäbek ylla oglunyň elinden çekip düşürjek ýaly gobsundy.
Bally has şowhun berdi:
— O dagy näme, soň130-a, 140-a çykdy. Ýoluň gyrasyndaky
telegraf nawlary edil bir garyşdan dikilen ýaly, zyrp-zyrp geçip dur...
Akbäbek demi tutulan ýaly bolup, ýakasyna ýapyşdy:
— Hudaý sowupdyr. Çöregimiz bitin ekeni...
— Gorkma, eje. Menem şonda elim agzyma ýetse bir «Žiguli»
36
edinmesem, armanly bolaryn diýdim. «Wolgaň» dagam gapdalyndan
geçip barýa-how, eje, ol. Men ony sürübem gördüm, çolaja ýerde.
Sürmesi-de aňsatja ekeni...
— Tamaň tala daňlan ýalybolaýsyn. Mazaly akylyň goýalmasa,
maşyn alarys öýtmegin. Puluň weşeň-weşeň bolanda-da aldyrman...
Onsoňam sen maşyn sürmäni nirede öwrenenmişiň?! Prawaňam-a
ýok... Bu tentekleň edip ýörenini görsene...
— Prawam bolmanda näme. Kim täzeje «Žiguliň» rulunda
oturmakdan ýüz dönderer. Dogry, men entek o diýen ökde däl.
Şady barmajygy bilen sürse-de gidip barýa, men münýän weli, eger
diýen edenok. Ekinçi mal ýaly, ýoluň ýa çepine sowulýa, ýa sagyna.
Welosipedli oglanlaram göni meň üstümden sürýäler. Ýa gözüme şeýle
bolup görünýä. Ahyr Şady bolmajagyny bilip elimden aldy: «Entek
saňa öwrenmek gerek» diýdi.
— Ozal nä kellesi bilen berýämiş ony. Öýden çyksaňyz,
edýäniňiz şu-da siziň. Iň gowusy, öýden çykarmazlyk. Ýogsam,
abatlykda görünjek däl siz...
Akbäbek oglunyň beren gürrüňine galpyldady. Ýogsam, Bally
esasy zady aýdanokdy ahyry.
...Bular iki maşyn bolup, dag tarapa gezelenje çykypdylar. Şadyň
ýeke özi bir maşynda, Ziýa bilen Ballam bir maşyndady.
Ziýaň çilim çekesi geldimi ýa fokus görkezesi geldimi, belli däl.
Ol yzly-yzyna maşynyny gygyrdyp öňden barýan Şadyny saklady,
otluçöp sorady.
Şadyň diýseň keýpi kökdi:
— Bu akmaklary görsene! Otluçöp üçinem saklarlarmy?
— Eýse nätmeli? Maşynymyň çilim otlaýanyny düýn gyzlar
ogurlapdyr — diýip, Ziýa çilimini görkezdi.
— Yzymdan ýet-de, deňleşip otlaý.
Bally wazlap barýan maşyn bilen deňleşip, çilim otlap boljagyna
ynanmady.
— Aý, ony senem başarasyň ýok-la.
— Başarýanmy-başaramokmy göräýeris, hany al eliňe otluçöpide, gaç öňümden.
Ol Ziýaň eline otluçöp berdi. — Men yzyňdan ýetip eliňden
otluçöpi alyp, çilim otlap, ýene yzyna berip bilemesem, onda roly
37
taşlaryn. Şertleşdikmi?
— Şertleşdik.
Bu Bally üçin hatarly ýaly göründi. Ýöne şoň bilen birlikde-de
gyzyklydy. Gorkusyna injigi saňňyldasa-da, düşmäge ejap etdi.
Ziýa maşyny ýoluň ortasyndaky ak çyzyga gönüläp, belleşilen
tizlik bilen sürüp bardy. Öňündäki aýna erni ýandyrylmadyk çilimli
söbügini sydyrdyp barha golaýlap gelýän Şada seredýärdi. Altyn
dişlerini lowurdadyp ýylgyrýardy. Şady uzak garaşdyrman ýetdi. Iki
«Žiguli» deňleşdi. Olar çatylan ýaly bolup barýarlar. Aralary bir garyş
hem ýok, biri-birine süýkeşäýjek bolýar. Maşynlaryň bir sähel gyşarsa
gutardygy...
Şady diýenini etdi. Ziýaň elinden otluçöpi alyp, gapdallaşyp
barşyna çilimini otlap, ýene yzyna berdi...
Ine, Ballyny galpylladýan şu wakady. Ony her sapar ýatlanda
gorkýardy. Şo gezek öz elleri bilen awariýa edip, bela uçramanyna
begenýärdi. Elbetde, ol muny ejesine aýtmandy, aýdybam biljek däldi.
Sebäbi bu ajala el bulan ýaly bir wakady.
Akbäbek ol gün agşam Bally bilen köp gürrüň etdi. Ýöne oňa bir
agzam igenmedi. Hatda öten agşam öýe gelmediň diýibem agzamady.
Ähli zady sabyrlylyk bilen, sowukganlylyk bilen çözmek isledi. Bally
ejesiniň bu pirimine düşünmedi. Gaýtam, ejem bu zatlar bilen ylalaşdy
hasap etdi, arkaýynlaşdy.
***
KULY MURT GARAŞDYRMADY.
Ol çagyrylan wagtyndanam irräk bulara geldi:
— Essalowmaleýkim!
Garaşman duran Akbäbek aljyrajak ýaly etdi. Özünden ep-esli uly
adamynyň salamyna «aleýik» diýjegini-de bilmedi, diýmejegini-de.
Hakykatda Kuly murt Akbäbege salam berdimi ýa-da türkmençiligiň
däbine eýerip, öýe, duza salam berdimi o-da belli däldi. Her niçigem
bolsa dymyp durup bilmedi.
— Aleýkim, geleweriň-de, geçeweriň. — Ol oňa Kuly diýjeginide, Kuly aga diýjegini-de bilmedi, oglunyň öwredişi ýaly Lew
Kulyýewiç diýip ýüzlenmäge bolsa, birhili dili aýlanmady.
Akbäbek bu adamyny düýn Ballyň yzyndan baranda-da
kesesinden görüpdi: «Eger bir ýerde bar bolsaň, Kuly murt sen bolmaly»
38
diýip çen edipdi. Ýöne bu mahal welin oňa şo Kuly murt diýer ýaly
däldi. Düýnki ýagdyr pos siňen kendir eginbaşlaryna derek, egninde
akja ýakaly köýnegi bardy, boýny galstukly, egni kostýumlydy.
Sakgalyny syryp, murtunyň ujuny çawlap, hasam haýbat beripdir.
Ýüzi-de ýigdelen ýaly bolupdyr. Ýöne gözleriniň üstüne bürelip duran
gür gaşlary, çapgy ýassygy ýaly boýnuny tutuşy welin, düýnki Kuly
murtdy. Başga hiç kim däl-de, hut özüdi.
Myhman özüniň repide ýaly tegelek ýüzüne-de gabarak gelýän
äpet şlýapasyny gapynyň agzynda asdy-da, hödür-kereme garaşman,
üsti ir-iýmişli stoluň başyna çökdi.
Ara gelşiksiz dymyşlyk düşdi. Akbäbek ogluna seretdi,
ogly ejesine. Bu mahal Ballyň özüne ýer tapman aljyrap durşy:
«Çagyrmasyna-ha çagyrdyň, indi gürleşmänem oňar-da» diýip, ejesine
igenýäne meňzeýärdi.
Akbäbegiň seredişi bolsa: «Sen bir erkek adam, özüňem bile
işläp ýörsüň. Öz halypam diýýärsiň, bir gürrüň tap-da, güýme ahyry»
diýýärdi.
Bu oňaýsyz dymyşlygy açyk penjiräň aňyrsyndaky syrdam
derekleriň ygşyldysy bozdy. Olar kümüşsow ýaprajyklaryny
şiwirdedip, ujypsyzja şemala ses etdiler. Akbäbek daşaryk seretdi-de,
belli bir adama ýüzlenmän gürledi.
— Ýel turaýjak öýdýän?!
Onuň diline gelenem şol boldy, ýöne aýdanyna-da ökünmedi.
Bu gaýta olar üçin gepbaşy boldy.
— Aý, näme, ýelem gerek-dä — diýip, häliden bäri dymyp
oturan Kuly murt agras seslendi, ýerinden gozgandy.
Akbäbek onuň jogabyny-da öz soragy ýaly manysyz hasaplady.
«Şu wagt, hany aýt, ýel nämä gerek diýäýseň, jogap tapmasa gerek»
diýip içini gepletdi. Bolsa-da Kuly murt öz aýdanynyň soňuny
ýuwmarlady:
— Ýaz aýynyň bu günleri ýelem gelse geliberer, ýagşam ýagsa
ýagyberer...
Näme üçindir bu nätanyş adamyň saldamly, agras gep urşy
Akbäbege ýarady. Ol Ballyň aýdyşy ýaly, öýsüz-öwzarsyz ussahanda
ýatyp-turup ýören, içginiň humary beýnä uran adama däl-de, köpi
gören oba ýaşulylaryna meňzeýärdi. «Ady ýitmiş zährimar, gör, nähili
39
gowy adamlary sandan çykarýar» diýip, birdenem oňa nebsi agyrdy.
Ballynyň «Halypamyň elinden dür dökülýär, arman içmese oňanok»
diýýänini ýatlady. «Näme diýselerem bu adam entek o aýdyşlary ýaly
sandan-a çykamndyr» diýip oýlandy. Göwnüne şindem ony düzedip
bolaýjak ýaly göründi.
Sähel salymdan bularyň gürrüňi alyşdy. Alyşmaz ýaly hem
däldi, sebäbi Kuly murt näme diýse, «ras aýdýaňyz» diýip, Akbäbek
kik elläp goldady, ugruna kowdy.
Bally ejesi bilen öz halypasynyň ümmülleşip oturyşyny görende
haýran galdy. Onuň pikiriçe, ejesi büs-bütin başga aýala öwrülipdi.
Hemişeler kakasynyň ýanyna adam gelende ejesi ähli zady taýýarlardy,
aşhana bilen myhman otagynyň arasynda hozanaklardy, emma olaryň
ýanynda-da oturmazdy, gürrüňlerine-de goşulmazdy. Bu wagt bolsa
ömrüne görmedik adamsy bilen gürleşip otyr.
«Ýok, bu gün ejeme bir döw çalypdyr» diýip, ol garşy-garşy oňa
seretdi. Akbäbek hem muny duýýardy, emma duýmadyk bolýardy.
Haçan-da stoluň üstündäki öňki iýer-içer ýaly zatlardan başga-da
ýanynyň iki sany bulgury bilen ullakan bir çüýşe «Çemen» çakyrynam
goýanda Ballyň gözleri hanasyndan çykaýjak boldy. Kuly murtuň
gözleri ýiteldi, ellerini owkalaşdyrdy. Beýle hezzet-hormat nirede
gören zady. Abraýyňy ýitireniňsoň, eliňden dür dökülende näme. Her
kim ýumşuny bitirdýänçä, seň daşyňda aýlanýar. Işi bitýärem welin,
gaçgyny sen. Ýogsam çakyşyp, ýene Kuly murtuň elinden dikelip
giden maşynyň sany ýok ahyry.
Akbäbek myhmanyň bulguryna çakyr guýup berende Bally
hasam howatyrlanyp ugrady. Akbäbek nire, nätanyş adamyň bulguryna
şerap guýup berme nire. Onda-da kime diýsene. Ýakasy gaýyşly Kuly
pýana şerap guýup berýär.
Akbäbek gyraňly bulgury dolduryp, Kuly murta uzadanyndan
soň ýarpydan gowrak edip, Balla-da beýleki bulgury äberdi. Bally
sypaýçylyk etmedi. Içemok hem diýmedi. Diýäýende-de ynanjak
ýokdy. Halypaň Kuly murt bolar-da içemogyň bolarmy.
Ene ýaly synçy barmy. Akbäbek oglunyň içgä agzynyň degýänini
Moskwadan gelen gününiň ertesi aňypdy ahyryn. Ýöne bu barada oňa
kelam agyz kakdyrmandy, sebäbi has wajybrak zatlar bardy.
Akbäbek myhmanynyň bulguryny gysymlap, gultunyp
40
oturyşyny görüp, Balla garady:
— Myhamany garaşdyryp oturma-da içip goýber. Hiç zat edesi
ýok...
Henizem ejesi içýänini bilýän däldir öýdüp ýören Bally ejesine
seretdi, göýä ilkinji gezek içýän şekilde ýaýdanan boldy. Kuly murt
artyk oturyp bilmedi:
— Onda näme, şägirt, gitdikmi?!
Akbäbek toşap ýaly üzüm çakyryndan püre-pür edilen
bulgury onuň diňe murtunyň astyna eltenini gördi. Ol ony içmedem,
owurtlamadam-da, hine serpen ýaly etdi goýberdi. Soň öňünde duran
etli somsadan epläp-epläp agzyna dykyp symyşlap ugrady. Akbäbek
nahar bilen başagaý bolup oturan myhmanyny synlap, eýýäm ony
ýigrenip başlady, içini gepletdi: «Gideli şägirt» diýen bolup, gitmänjik
geçäýmezmikäň. Ýagşy-da bir şägirt tapypsyň. Öýümde uşlyp goýman
sataryn, ýöne ony seň kelebiňden boşadaryn. Ähli işimi kör ederin,
emma oglumyň beýle ýola düşmegine ýol bermen»...
Akbäbek oňa ikinji saparam guýu berdi. Myhman onam bir
zarbada ýuwutdy. Akbäbek Kuly murt her göterende, onuň bilen
çakyşdyran bolup, özi bir owurdam içmän oturan ogluna — Balla göz
gyýtagyny aýlady-da, syrly gürledi:
— Nirä gitjek bolýaň? Otur, oglum, halypaň bilen iý-iç, dynç al.
Ussaň bize häli-şindi gelip duranok ahyry... Kitabyň hiç ýere-de gidesi
ýok, haýalrak okaýarlar...
Bally özüni ýitirdi. Ejesiniň öwrümli gürrüňine düşünmedi.
«Gitjek bolýan bamy bu ýerde. Ýeri, kitap nireden ýadyňa düşýär
diýsene. Ýok, ejeme bir zat bolupdyr. Hernä düýbi düz bolawersin»
diýip erejekledi.
Akbäbek Ballyň hereketine ünsem bermän dowam etdi:
— Biz-ä bilmedik, Lew Kulyýewiç (hawa, ol indi Lew Kulyýewiç
diýip ýüzlenýär) ilde-günde-de biziňki ýaly kitaphon çaga barmyka?
Ýa ýeke biziňki şeýlemikä? — Ol myhmanyň bulguryna ýene çakyr
guýdy — Alyň, ýene bir gezek içiň! Özüňizem iýip oturyň ahyry, iýiň!
Kuly murta bu mahal diýmek gerek däldi. Içi garaburçly, soganly
ýylyjak somsa bu bidöwletiň agzyna ýarapdy. Üçünji bulgury hem
göterensoň, çakyryň gyzyly onuň gözüne çykypdy, dili açylypdy. Ol
indi hasam Akbäbek bilen bir äheňde gürlemäge çalyşýardy. Emma
41
Akbäbek oňa gezek berenokdy:
— Kakasyna çekipdir bu çaga. Gijelerine haçan ýatyp, haçan
turýanynam bilemok. Şol kitap diýip ýapyşyp ýatyr... Okana berilse,
Bally jana...
— Eje! — Bally oturyp bilmedi. Akbäbek oňa göz gyýtagyny
aýlady-da, syr bildirmän, ýene dowam etdi.
— Näme, eje, näme?! Eýsem ýalanmy meň aýdýanym. Bolşuny
aýtsaňam utanýa-da neresse. Menem okasa gowy görýän-le, ýöne...
— Ýönesi bolmaz... Okasyn, okasyn. Kitap diýeniň gowy
zatdyr... — diýip, Kuly murt tassyklady. — Kitapdan adama zelel
gelmez...
Kuly murt muny çyny ýürekden aýtdymy, dil ujundanmy, parhy
ýok, ýöne Akbäbege geregi şoldy. Ol ony hut şeý diýdirmek üçin,
öýüne çagyrypdyr. Çünki onuň pikiriçe, halypasynyň aýdany ýaş oglan
üçin kanun bolmalydy. Ol ondan şu sözi eşitmek üçin hezzetleýärdi,
ugruna kowýardy, şerap guýup berýärdi. Ol Balla duýdurman şeýle
etmegi dogry bildi. Ýogsam, dergazap bolup, ussahana baranda: «Kuly
murt diýilýän sizmi? Siz näme üçin agzy sary oglany aldap, ýoldan
çykarýaňyz? Näme üçin oňa çakyr içirdiňiz? Näme üçin ony pul berip
azdyrýaňyz?» diýip, onuň üstüne nagara dökübem biljekdi. «Ol siziň
ýanyňyzda işlemez. Ony öz gününe goýuň» diýip, Ballyň elten puluny
yzyna zyňyp hem biljekdi. Emma Akbäbek beýtmegi makul bilmedi.
Jahyl çykan Ballyny-da köpçüligiň içinde masgaralamagy uslyp
bilmedi. Onsoňam elinden tutup alyp gaýdybereýin diýende ejesiniň
diýenini etjekmi beri ol. «Meň üçin ile-de azar berme. Men näme
edýänimi özüm bilýän» diýse nätsin. «Birden gaş düzetjek bolup,
göz çykaraýmaýyn...» Ine, ol şeýle oýlanmalardan soň Kuly murty
çagyrypdy.
Akbäbek çüýşäniň içindäkini Kuly murtuň bulguryna sarkdyrdy.
Ol bu gezek öňki göwünjeňligi bilen el uzatmady.
— Aý, bes edeli-le şuny, Akbäbek gelin...
— Içiň, içiň, isleseňiz ýene tapylar.
— Ýok, ýok, men indi muny goýup ýörün — diýip, Kuly murt
ýylgyryp, garaçyny bilen ellerini daldalady. — Baý, ozallar içerdig-ä.
Içilme kemi galan däldir. Ürç edip içerdik. Agyndanam içiendiris,
gyzylyndanam. Biri maşyn bejertmäge geldigi ilki onuň bardoçogyny
42
barlardyk. Çüýşe barmy, Lew Kulyýewiç bar. Çüýşe ýokmy, menem
ýok. Her döwür bir döwür bolýa. Içýädigem, gazanýadygam.
Gazanýadygam, içgä-de sowurýadyk. Taksomotor parkam ýaman
däldi, düşerdi. Günde düşerdi. Hojalyk maşynlaň ussahanasy weli judada gowy. Lomaýragam düşäýýär... Maňa adýalar, Lew Kulyýewiç,
senem il ýaly özüňe maşyn edin diýýärler. Men aýdýan: maşyny
başyma ýapaýynmy, meň ýaşasym gelýä diýýän. Sebäbi görýän-dä.
Holha, Gulam arabakeş-ä bilýänsiňiz. Çemçeläp ýygnanyny çanaklap
dökdi. Tas ogulsyzam galypdy...
— Hawa-la, hawa-la — diýip, Akbäbek çyny bilen tassyklanyny
duýman galdy — ras aýdýaňyz, maşyn diýeniň bu ýaş-ýeleňler üçin
dogry gelen emgek bi...
— Menem şony aýdýan-da, Akbäbek gelin...
Akbäbek Balla seretdi. Tasdanam, «şu ýanyňda oturan şägirdiňem
şolar bilen tirkeşýä, ahyr bir zada uçrarmyka öýdüp gorkýan» diýipdi,
ýene dilini dişläp saklandy-da:
— Eşidýämiň, halypaň, näme diýýä. Entek tä ulalýançaň maşyn
diýip agzaýjy bolmagyn — diýip, Balla sargady.
— Dünýäde «Žiguliden» başga-da lezzet bar ahyry — diýip,
Kuly murt derini çaldy. — Kä ýarym hokkeý görmek üçin ýörite
öýüme gidýän. Ine, keýp. Tomaşa diýip muňa aýdaýsaň. Çagalaryňam
ulusy-kiçisi şo diýşip ýykylşyp ýatyr. Ejelerine näme gerek diýsene.
— Ol hezil edip güldi. — Soňky wagtlarda o-da telewizoryň öňünde
omadaklap otyr. «Ýakuşi nähak kowdular. Harlamyň özi günäkär»
diýip bir görseň çagalar bilen jedelem edip barýar. Oýunçylary men
tanamok, o tanaýa hatda alaja bars ýaly iki baka typyp ýören sudýalara
çenlem tanaýa. Dombrowskiý diýdi, Kompola diýdi, tanan bolup
otyr... Oh, aýtmasa, şu günem hokkeý bolmalydyr-aýt, Bally?!
Bally öz pikirine gümrady, ol jogap bermedi. Kuly murt jogabam
talap etmedi. Dulda duran «Ladoga» telewizoryna tarap gyzaran
gözlerini aýlady-da:
— Aý, ýok. Siziňki gara. Biziňkiler reňklisini alypdyrlar —
diýdi... Ol bulguryň ýarysyndan bolup buldurap duran çakyry-da
owurtlady, soň Ballynyňkynam zaýa etmedi. Ýöne gaýtmak üçin
ýerinden turup aýaklanmadyk köşek ýaly gapa ýönelende welin,
aýaklary diýen etmedi. Apgyrdyny ýemşerdip, zordan tuflisini geýdi.
43
Şlýapasyny bolsa Bally geýdirdi.
Akbäbek bilen Bally ony taksi duralgasyna eltdiler. Kuly
murt serhoşdy. Näme diýýäninem saýgaranokdy. Emma pursatdan
peýdalanyp, Akbäbek ony ýene bir gezek gepletdi. Özem hut Bally
eşitsin diýip şeýtdi.
— Siz bir paýhasly adam, Lew Kulyýewiç. Onda siziň
maslahatyňyz bilen bolubermeli-dä, şeýlemi?
— Hawa, hawa... ýalňyşmarsyňyz — diýip, Kuly murt yrandyda, süýem barmagyny galdyrdy. — Aýtdym, gutardy...
— Ertir işe barmasyn-da, okuwyna gitsin diýýäňiz dämi?!
Kuly murt Akbäbegiň näme soraýanyny saýgaranokdy. Ol
yranyp durşuna zordan:
— Hök-man!.. — diýdi.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Eneler uklamaýar - 4
  • Parts
  • Eneler uklamaýar - 1
    Total number of words is 3756
    Total number of unique words is 2185
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Eneler uklamaýar - 2
    Total number of words is 3744
    Total number of unique words is 2196
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Eneler uklamaýar - 3
    Total number of words is 3751
    Total number of unique words is 2155
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    41.4 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Eneler uklamaýar - 4
    Total number of words is 3729
    Total number of unique words is 2080
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    43.8 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Eneler uklamaýar - 5
    Total number of words is 3755
    Total number of unique words is 2150
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Eneler uklamaýar - 6
    Total number of words is 3741
    Total number of unique words is 2248
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Eneler uklamaýar - 7
    Total number of words is 3770
    Total number of unique words is 2148
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    43.7 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Eneler uklamaýar - 8
    Total number of words is 2123
    Total number of unique words is 1400
    35.7 of words are in the 2000 most common words
    48.9 of words are in the 5000 most common words
    55.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.