Latin

Eneler uklamaýar - 5

Total number of words is 3755
Total number of unique words is 2150
31.0 of words are in the 2000 most common words
44.1 of words are in the 5000 most common words
50.1 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Saňa başga näme gerek» diýdim. «Işläsiň gelse, işem tapylar. Şäherde
inwalidleň kärhanasy bar. Körler, maýyplar oturan ýerinde arak
çüýşelere dyky ýasaýarlar. Saňa-da güýmenje tapylar, işsiz galmarsyň»
diýdim... Dogry-da...
— Bes et! — diýip, Akbäbek gygyrdy. — Ýagşy-da bir maslahat
beren ekeniň. Nämeler aýdyp oturanyňy özüň beri bilýäňmi?..
— Men oňa boljak zady aýdýan. Namart-laý oň özi. Gözüniň
okarasyny dolduryp, balkyldap otyr.
Akbäbek başyny ýaýkap uludan dem aldy:
— Heý, senem akyllanyp, adam bolarmykaň, oglum... Sen
gowusy, oň ýanyna-da barma. Iýer-içer ýaly zadam eltme. O ýerde
görünmeseň gowy. Özüm wagt tapyp, baryp gaýdaryn... Ol täze
dostuňa-da aýt. Kiçikä ulaljak bolup, azara galmasyn. Wagty geler,
uly adam bolar, oňa «owiçem» diýerler «ýewiçem».
— Onuň bolşy şeýle, eje. Gyzlar bilenem şeýdip tanyşýa.
— Dost dostuň aýnasy bolmalydyr. Kemçiligini ýüzüne aýdarlar.
Ony gaty görse, ondan dost bolmaz...
Akbäbek şunuň bilen bu günki gürrüňi bes etdi. Elbetde,
Arslanjygyň beýleki aýdanlaryny-da onuň bilesi gelýärdi. Emma
soň. Olary soň assa-assadan sorar. Barybir, entekler onuň ogly bilen
möhüm gürrüňleri bar ahyry...
58
***
AKBÄBEK INDI TIKINÇILIK bilen kemsiz öwrenişipdi.
Özüniň çak edişine görä, gazanjam biçimçilikde alýanyndan az
bolmajak ýalydy. «Gaçanam Hudaý diýer, kowanam» diýişleri ýaly,
meňki gaýta, bähbit boldy. Weli Japarow ýalylar bilen ogurlamasamam
ogry şärigi diýdirmekden dyndym» diýip, özi begenip gürrüň edýärdi...
Düýnki şenbe güni bolsa ol günin Moskwa baryp gelipdi.
Aşgabat nire, Moskwa nire. Bolsa-da bu hakykatdy. Onuň daňdan
münen samolýoty säher bilen Moskwa eltipdi. Uzyn gün Eziziň
ýanynda bolup, ýene agşam il ýatanda dolanyp öýüne gelipdi. Onuň
göwnüne bolmasa, Ezizem bäri bakaýan ýalydy. Hawa, onuň derdini
anyklap, em edip ugrapdyrlar. Bu zatlar onda süňňüýeňillik döredipdi.
Iki aýdan bäri eline almaýan çişdir ýumagyny eline alyp, bu dynç güni
ýerinden galman žempir örýärdi.
Akbäbek käbirleri ýaly import geýim diýip pelesaň kakyp
ýörenokdy. Atelýä gelýän üýtgeşijek matalardan tikip, ilden ozal
çagalaryna geýdirjek bolup, oda-köze düşüp ýörenlerdenem däldi.
Düýe ýüňünden kürtekçe torlamak welin, onuň öňräkden bäri
arzuwydy. Emma hany oňa düýe ýüň?! Bazaryň oduna çoýunsynmy?
Akbäbegiň o zeýilli uzadan ýerine eli ýetip duranokdy ahyry. Diňe
Eziziň syrkawlamazynyň öň ýanynda onuň gökdäki dilegi ýerde
gowuşypdy. Demirýol boýunda ýaşaýan bir gazak aýaly onuňka geldide, gazakça, türkmençe, garyşdyryp sözläp ugrady:
— Amamba, amamsowma... Mal-baştaraň sowma. Baldarişteriň amamba. Özüň kalaý...
Akbäbek bu aýaly tanajak bolup çiňerdi, ol bolsa Akbäbegiň
içine-daşyna geçip, alyp barýardy:
— Seniň atyň Akbäbek. Seniň erkeginiň aty Eziz. Özüň-de
atelýede isdeýsiň. Irewiň alym. Meniň aýtganym dürs?..
Akbäbek «dürs-dürs» diýip, tassyklap baş atdy, ol dowam etdi:
— Men Jujuklyda ýaşaýmen. Sizden bir sorawym bar. On balam
boldy. Sonan birewi galdy. Kalganym bir ýasda öldi. Sogan bir switer
tokup beriň...
Akbäbek bu aýalyň näme üçin gelenine düşünip ýylgyrdy.
— Men estip keldim. Sen seper diýp... ahşa al, koý alsaň-da,
heşke alsaň-da, berem...bir switer tokup beriň!..
59
Akbäbek ýüzüni ýygyrt basan enäň ýürek sesine düşündi.
Geregini artdyrjak bolubam oturmady:
— Bolýa. Men seň ogluňa bir kürtekçe örüp bereýin. Ýöne sen
pulam hödürleme, owlak-guzam-da, maňa bir kürtekçelik ýüň beräý,
düýäň bar bolsa...
— Bolas, bolas, žüň berem...
Akbäbek oň ogluna düýe ýüňden örülen kürtekçäni geýdirende
gazak aýalyň depesi göge ýetdi. Kürtekçe diýseň nepisdi, sünnälengidi.
Gazak aýaly sözünde tapyldy. Ertesi ýüzde-nüň alkyş bilen bir halta
düýe ýüň getirip gitdi. Barlyňky bir başga. Akbäbek onça köp ýüňi
almajagam bolsa etmedi. O ýüňden ýeke bir Balla däl, kakasyna-da,
Arslanjyga-da kürtekçe örse ýetjekdi.
Emma Akbäbek o ýüňi egrip, heniz örüp başlamanka-da Eziz
derde ulaşypdy, kürtekçe ýada düşer ýaly bolmady...
Ol indi ertirden bäri örýärdi. Adamsynyň, iki oglunyň, üçüsiniňde meňzeş geýimli köçä çykjagyny göz öňüne getirip ýyrşarýardy.
Aňyrsy bir hepdäniň içinde, Ballyň egnine geýdiräýmegi-de ähtimaldy.
Emma Ballynyň welin, kürtekçe bilenem seri ýokdy, içeri bilenem,
täze dosty bilen kelteguýruk bolup tirkeşip ýördi. Akbäbek Ziýany ilki
görende halamandy. Hyýaly olary sowaşdyrmakdy, emma Bally Ziýa
bilen gün geldikçe ysnyşýardy. Her gün Ballynyň okuwdan gelerine
mähetdel Ziýa penjiräniň öňündedi. «Guk-guk» jüýje horazyň sesi
ýaly edip, «Žigulisini» gygyrdyp durandyr.
Bu gün Akbäbege onuň bilen az-owlak gürleşmek hem miýesser
etdi.
Daşarda ýagyş şibirdäp durany üçin, Bally bilen Ziýa öňküleri
ýaly çykyp gidibermediler. Diwanyň üstünde ýanaşyp oturyp, çilim
çekdiler. Penjiräniň öňünde žempir örüp oturan Akbäbek bulary
synlady:
— Sluşaý, indi näderis? Olam-a ýok — diýip, Ziýa çiliminiň
tüssesini ýokaryk üfläp goýberdi. Elindäki otly çöpi oýnap oturan
Bally ernindäki çilimini hem aýyrman perwaýsyz sorady.
— Kim-aýt ol?
— Ziýa oňa gyjytly garady. Elindäki çişleridir ýumaklary bilen
garabaşyna gaý bolup oturan Akbäbege seredip, Ballynyň gulagyna
pyşyrdady:
60
— Kim bor öýdýäň. Gök öýüň leglejigi.
— Kim-kim? — diýip, Bally gaýtalady.
— Gök öýli goňşyň, how, düşünäýsene. Penjireleriniň öňünden
on gezek dagy düýtledip geçdim, çykmady. Öýde ýokdur.
Bally diňe şondan soň düşündi, bolsa-da o diýen gyzyklanmady:
— He, o diýsene. Aý jähennem-ä gitsin-le bolmasa... — Ol
birdenem oýlanan ýaly etdi-de — Belki, siz bu gün bizsiz iki bolup
gidersiňiz?
— Ýok-laý, onyň bolmaz — diýip, Ziýa ylalaşmady. Soň
pyşyrdap oturman, açyk gürledi — Saňa tizräk türgenleşmek gerek. Şu
«Žiguliň» elimizden gidäýmegem ahtimal. Garry göherdiň henizem
bir heňi, dyzap otyr, «sataryn» diýip.
Akbäbek başyny galdyryp, oglanlara seretdi: «Garry göhert»
kim bolýarka? diýip, iňkisi gitdi. Oňa Bally hem düşünmedik bolmaga
çemeli:
— Kim-aýt ol garry göhert?
— Kakam-laý, kim bolsun başga.
Akbäbegiň ýüzi çytyldy. Işinden elini aýyrman, oglanlara ilkinji
gezek mylaýymja gep gatdy:
— Kakaňa beý diýmek aýyp dälmidir, Ziýa?!
Akbäbegiň öz gürrüňlerini diňläp oturanyndan Ziýa bihabar
bolara çemeli, utanjak ýaly etdi, jogap bermedi.
«Žiguliň» satyljak sesi Balla ýaramady:
— Kakaň pula zarmy, ol ministr ahyry!
— Zam...
— Bar zammyş-da. Ýöne sen aýt. Orunbasar ministr ulumy ýa...
naçalnik? — diýip, Bally gyzyklandy.
— Baý geplediň-ow. Zam ministriň ýanynda seň naçalnijikleň
näme! — Ziýa ýene özüne laýyk gopbamlygynda gepledi. — Olar
nobata garaşyp, kakamyň gapysynda bäş-bäşden durýalar.
Bally «hüýt» edip uzyn sygyrdy-da, Ziýaň onsuzam mahabatly
gürrüňine gop berdi. — Molodes kakaň bar ekeni.
Ziýa begenmäge derek, tukatlanyp gepledi:
— Ol ozal zor ekeni. Uruşda tutuş batalýona komandirlik edipdir.
Zapasdaky podpolkownik. Şu wagtam kitelini geýseň, ordenleň,
medallaň agramy egniňi düşürip gelýä. Ýöne egoist-dä...
61
— Ana-ana, ýene bir zat tapdy — diýip, Bally ejesine tarap
garap goýberdi. — O näme diýdigiň?
— Aý, bu-da bir söz-dä... Kakam diňe özüni bilýär. Aýagynyň
aşagynda suw ýaly «Wolgasy» bar, «GAZ-24», ejem ikimizem bir ýere
gitjek bolsak, dyknyşyp awtobusa münmelimişimiz. Aýyn bolmasada, «Münäýerler, siz ilden artykmy» diýýär...
Ziýa yzly-yzyna çilim sordy. Ara dymyşlyk düşdi. Az salymdan
ýene özi zeýrenip gürledi:
— Maşyny sataýsa, bolar-bolar maňa bolar. Ejem-ä başyny çararla. Her zat eder, bir zat eder, däde Şamiliň ugruny tapar. Bolmandada kakamyň gözüne çöp atyp, o maşyny münýä. Şäher etekdäki
magazinlere günde bir gezek aýlanyp çykýarlar.
Çilimini birki ýola sorup, häliden bäri elinde saklap oturan Bally
birden yzly-yzyna sordy-da, burugsadyp goýberen tüssesiniň arasynda
oňa sorag berdi:
— Däd Şamil diýýäniň garrymy?
Akbäbek ýalta ogluna garady. Gulaklaryny üşerdip, eliniň
hereketini togtatdy. Emma Ziýa hiç zat aňlamady.
— Kakamdan-a kän kiçidir. Sen ony gördüň ahyry bir ýola.
— Görmesin-ä görüpdim-le — diýip, Bally gümürtik gürledi.
— A ejeňden?
Akbäbek allaniçiksi boldy; oglunyň soraglaryny halamady:
— Ýa, Bally jan senem... Maşyn sürüp bilse bolýa-da, garry
bolanda, ýaş bolanda, saňa näme! — diýip, gürrüňi başga ýana sowjak
bolup dyzady. Ballyň soragynyň manysyna düşünen Ziýa gyzardy.
— Ýogsa-da, sen bulary näme üçin soraýaň-a?!
Bally jogap bermän, penjirä seretdi-de, ýerinden galdy:
— Oh-how, ýagyş bir eýýäm diňipdir. Ýör, eňeli!..
Olar Akbäbegi pikir ummanyna çümdürip, çykyp gitdiler.
«Gök öýüň leglejigi». «Gök öýüň leglejigi». Bir öz-ä gyz
bolmaly, özem Bally jan bilen tirkeşýän bolmaly. Ýöne niräň gyzyka?!
Kimiň gyzyka?! Ine saňa täze alada, ine saňa täze ýumuş... Hany oturda arkaýyn oturybilseň. Heý, maňa-da öz garyp günüme gümra bolup
oturmak nesip edermikä bir ýerde...»
Olaryň mikroraýonynda ýekeje gök öý bardy. Şonuň üçin
awtobus duralgasynyň adam «Gök öýdi». Ol Akbäbeklerden onçakly
62
uzakda-da däldi. Ýöne töweregine haly göli salnyp, reňkli demirbeton
plitalardan gurnalan bäş etažly bu uly öýüň her etažynda gyzam bardy,
oglanam. Gyz ylaýta-da köpdi, her öýde diýen ýaly bardy. «Leglejik»
lakamly gyz baryny welin Akbäbek bilenokdy.
***
BU PIKIR UZAKLY gün Akbäbegiň kellesinden çykmady.
Gaýtam aram-aram üstüne sürnüp, bardykça howatyrlandyrýardy.
Ziýanyň gümürtik gürrüňi ony uly alada goýdy. Ziýa bilen bagly her
bir ujypsyzja zatlaram onuň üçin manyly, howply göründi. Hemmesi
syrly, hatarly göründi. «Kim bilýä: güzeranymyz kyn, okuwdan
boşadyň» diýip, Ballyň kakasynyň adyndan ýazylan arzaňam awtory
şu bolaýmagy-da ähtimaldyr» diýip içini gepletdi. Ýöne nädip subut
etsin... Bir hepde mundan ozal Ballynyň kisesinden bir düzüm açar
çykypdy. Muňa Akbäbek o wagt onçakly ünsem bermändi. Häzir welin
ony ýatlap, otly köýnek geýdi, olar açar däldi-de, has aýylganjyrak
bir zat ýaly görünýärdi. Dogrusy, olar ejizje açarlardy. Biriniň bir
dişi artyk, beýlekisiniňki kemdi. Biriniň agzy çepe, beýlekisi sagady.
Başga biriniň görüner-görünmez çyzyjygy bardy...
Olar maşyn açarlarydy. Muny Akbäbegem tanapdy. «Ýöne ol
açarlar Ballyň nämesine derkarmyş. Maşynymyz ýok, alma niýetimiz
ýok. Niýetimiz bolaýanda-da gurbumyz çatjak däl. Ýeri, onsoň ol
açarlary Bally nämesine ýaratjakmyş...»
Akbäbek ol açarlary yzyna, ýene Ballynyň kisesine salanyna
ökündi: «Näme üçin Ballyň gözüniň alnynda olary düzümi bilen
çekijiň arasyna almandyryn. Näme üçin ýeriň teýine gömmändirin...»
Akbäbek ýüregi howlap, ýerinden turdy, titräp duran elleri
bilen ýene Ballynyň kiselerini çöwürdi. Soň içerini assyn-üssün etdi,
açarlary tapmady. Emma oturybam bilmedi. Guduzlan ýaly bolup,
öýden çykdy. «Soň giç bor. Soň giç bor, Akbäbek» diýip içini gepledip,
ministriň orunbasarynyň öýüniň sary mis tutuly gapysyny kakdy. Soň
jaňyny basdy, ýene ýumruklady.
— Barýan-la, kim gyz bu basga galyp duran — diýip, bir aýal
hüňürdäp, ýeriň gaýmagyny bozaýmaýyn diýýän ýaly, assa ýöräp geldide, gapyny açdy. Gapynyň daş ýüzünde sömelip duran Akbäbegiň çala
salamyny aldy.
— Size kim gerek?
63
Akbäbek özüni tanatdy:
— Men Ballyň ejesi. Ziýa Muhammedowiçiň dostunyň...
tanaňzokmy, garaýagyzja oglandyr...
— Wi, Ballyşkany tanaman näme. — Öý eýesi özgerdi.
Göwşülräk ponbarhyň içine ýumry döşüni janlandyryp, daş çykdy.
Boýnuny-başyny towlap ýylgyrdy:
— Siz Bally janyň ejesi diýseňiz-le. Bir azanyp ýören aýaldyr
öýdüpdirin, bagyşlaň geliň görşeli. Meň adym Nahal Şeripowna! —
Ol elini uzatdy, Akbäbek onuň elini gysdy. Emma özünden bir sanaç
uny artyk iýen gartaň aýalyň däl-de, bäbejigiň elini gysandyryn öýtdi.
Ol eller iş edip, damaryna zor salan ele meňzänokdy. Kir ýuwup, sabyn
köpürjigine eýlenen ellere-de meňzänokdy...
— Ýalňyşmaýan bolsam, siziň adyňyz Akbäbek bolsa gerek,
şeýlemi? — diýip, Nahal süýnüp-sarkdy.
«Ziýa biz barada ähli zady gürrüň berýän bolsa gerek» diýip
oýlandy-da, «hawa» diýen manyda Akbäbek baş atdy. Habaryny
bermekçi boldy. Emme Nahal Şeripowna diňlemegem islemedi:
— Biz näme gapyň agzynda beýdip durus, ýörüň, gireliň!
Dilkaw koridoryň ugry bilen yzyna tirkäp, Akbäbegi aşhananyň
garşysyndaky çaklaňrak otaga eltdi. Ýaşynyň elliden agandygy
görnüp duranam bolsa, onuň süýnüp-sarkyp ýörşi, eräp-akyp gepleýşi
Akbäbege ýaramady: «Ogul ata çeker — gyz enä» diýselerem,
ogul durky bilen, ejesine çekipdir» diýip içini gepletdi-de, gapyň
agzyragynda eteklik halyň üstüne çökdi.
— Tüweleme, mähek daşy ýaly akyllyja ogluňyz bar — diýip,
Nahal hem oturdy — Ýygy-ýygydan Ziýa jan bilen tirkeşip, bize
gelýä... Bir aýby, ýygrarak... Iýenogam, içenogam haçan görseň,
doýan guş ýaly bolup otyr.
— Ýygra bolsa, ejesine çekendir-dä — diýip, Akbäbek oňa
kakdyrdy. Gürrüňi nämeden başlajagyny bilmän: — Hawa, Ziýa
Muhammedowiçem bize barýa... — diýip sagyndy. «Ol indi biziň
gapymyzy unutsun. Ine men şony aýtmaga geldim» diýesi geldi.
Belki, ol diýse-de diýerdi, ýöne garaşylman duran ýerden Akbäbegiň
ýeňsesinden içki otagyň gapysy açyldy-da, ak köýnegiň üstünde iki
egni üstaşyry kemer çekilen, saçynyň ýary düşen gartaň adam boýnuny
uzatdy.
64
Aýallaryň ikisi-de birden ýerinden turdylar. Bular aýry tipli
zenanlar bolsa-da, şu ýerde deň hereket etdiler. Belki, bu gündogar
aýallaryň gadymdan galan ärine sarpa goýma endigidir. Belki-de,
ministriň orunbasary bularyň howuny basandyr...
Akbäbek Ziýanyň kakasyny ilkinji sapar görýänem bolsa, oňa
sarpa goýmalydy. Ol barada käbir zatlary-da bilýärdi. Bu Ziýanyň
sypatlandyryşy ýaly, «garry göhert» däldi-de, müňlerçe adamy yzyna
tirkäp, özleriniň şu eşretli güni üçin jeňe giren podpolkownikdi. Bir
öýüň ýaşulysydy...
— Tanyş boluň, Akbäbek! Ziýa janyň dosty Ballyşkaň ejesi
— diýip, Nahal Şeripowa adamsyna myhmany tanatdy. Ministriň
orunbasary gür gara gaşly gabaklaryny galdyryp, Akbäbege agras
seretdi-de sagyndy:
— Gaty gowy-da...
Ýok, bu Akbäbek üçin gowy däldi. Kabinetiniň gapysynda
«naçalnikleri bäş-bäşden nobata durzup bilýän» bu mertebeli adam
oňa ýaramady. Ýöne näme üçindigini welin, özem bilenokdy.
Salym geçmänkä-dä, sakar kellesine serwantyň üstünde duran
gaba şlýapasyny geýdi-de, ol adam çykyp gitdi. Nahal Şeripownaň
geçisi ýaýrady. Myhmanyny alyp, içki giň otaga geçdi. Skatert örtülen
uly stoluň üstündäki ýaňy nahary boşan şakäse, gülli galam çemçe,
ýene-de haýsydyr gap-çanaklar, içi ýarysyndan çaýly hum çäýnek
onuň adamsynyň günorta nahara gelendigini aňladýardy. Onuň keşbi
welin, henizem Akbäbegiň gözüniň öňündedi. Onuň egnindäki çal
penjegiň ýakasynda ordendir-medallaryň nyşanyny saýgarypdy.
Göwnüne bolmasa, ol çep aýagyny azajyk ýempeýän ýalydy.
Akbäbek bu gurply içerde haýsy zady synlasa-da, gözüniň öňüne
diňe şol adam geldi. Näme üçin? Belki, onuň ep-esli durup, Akbäbegi
syrly synlamasy ýaran däldir? Belki, «gaty gowy-da» diýende sesi
üýtgeşik eşidilendir? Ýöne bu zatlaryň hiç birem Akbäbegiň ony
halap-halamazlygyna esas däldi. Ony Akbäbegiň özem aňýardy.
Eýsem-de bolsa, ol bu duşuşykda haýsy-da bolsa, ýönekeýje bir zadyň
ýetmeýändigini aňýardy. «Nämekä? Ýa ol meň ýaly her bir nätanyş
aýal bilen ümmüldeşip otursynmy? Adam ýaly salamlaşdy, bessir-dä.
Onuň meň bilen näme gürrüňi bolup bilsin?»
Dogry, onuň Akbäbek bilen gürrüňi bolmasa-da, Akbäbegiň bu
65
adam bilen gürrüňi bardy. Akbäbegiň oňa aýtjak zatlary bardy. Olary
ýolda gelýärkä-de, kellesinde öwrüp gelýärdi. Hatda «Ziýajanyň
dostunyň ejesi» diýip, Nahal Şeripowna Akbäbegi adamsy bilen
tanyşdyryp duran mahalam çemini tapsa oňa aýtjakdy: «Meň oglumaha beýle dost gerek däl» diýjekdi. Emma ministriň orunbasary bulary
nireden bilsin? Olar diňe Akbäbegiň ýüreginiň jerhedidi.
Akbäbek ol adamy bir gezek görse-de, ýüzünde köp zady okapdy.
Ol ýüzde gowgaly döwrüň ejir-jepalarynyň yzy bardy. Gartaşan adamyň
argynlygy bardy. Bulardan başga-da aljyraňňylykmy-ejizlikmi,
namysmy, öýke-kinemi, bir zatdan nadyllykmy düşnüksiz bir alamat
bardy. Akbäbek bu barada uzak oýlanyp, pal atmaly bolmady. Nahal
Şeripowna adamsyndan galan çaýyň başynda baryny Akbäbege aýan
etdi.
— Hawa, jan dogan, Hudaýdan ýaşyrmadygymy bendesinden
ýaşyryp nädeýin — diýip, ylla Akbäbegi ozaldan tanap ýören ýaly,
içini döküp başlady. — Zamministriň aýalam bolsak, meňki bolsun
diýer ýaly günümiz ýokdur...
Nahal Şeripowna şeýdip, Akbäbegiň içine girerin öýtdi. Emma
tersine, nätanyş aýalyň ýanynda onuň öz adamsynyň aýbyny açyp
oturmagyny Akbäbek halamady. Munuňky: «Sary towuk saman seçer,
öz aýbyny özi açar» bolýar. Bu aýala öz gününden zeýrenmäge hajat
ýok» diýip töweregine garanjaklady. Şäheriň merkezinde köşk ýaly öý.
Özleri üç baş adam. Emma telim otag. Import mebeller, teke halylar.
Öýde geýýän köýnegine seret. Köpler ony toýda geýmäge tapanok...
Sözüne hä berip otursa-da, Akbäbegiň küýüniň başga ýerde
gezip ýörenini öý eýesi aňan bolara çemeli:
— Zadam zat welin, jan dogan, ozaly bilen öýde maşgala sazlygy
gerek. Iýeniňiňem, geýeniňiňem süýjüligi şoňa bagly — diýip, Nahal
Akbäbege garady.
Akbäbek bu gezek gara çyny bilen onuň aýdanlaryny baş atyp
tassyklady. Gürrüňi daşrakdan aýlamaga synandy:
— Näme, siziňem adamyňyzyň saglygynyň weji ýokmydy?
Nahal Şeripowna başyny ýaýkady:
— Bir aýagyny ýempeýä diýäýmeseň, synas-a sag. Ýöne gün
geldikçe yzgyty gaçyp barýa. Maňa-da şeýle, ogluna-da. Arzalaşyp
tutda-bas bolup ýörmesegem, öwerli günümiz ýok. Haýwan ýalydyr,
66
geler, iýer-içer, ýene çykar gider. Ýeňsesi bilen gepleşýär. Belaň
körügem alynman geçmiş şo «Žiguliden» boldy. Bahanasam, biz ony
bimaslahat alanmyşymyz. «Köpümiz-küjümiz ýok, Hudaýa şükür,
munçajyk günümiz bar. Oglumyzy kemsindirmäli, alyp beräýeli»
diýip şunça aýtdym. Etmedi. Maşyn diýeniň at däl, düýe däl. Indi ony
esgi çöpleýänem, çüýşe çöpleýänem edinip bilýär ahyry, şeýle dälmi
gyz...
Akbäbek gürrüňiň Gulam aga kakdyrylýanyny bilip, ýüregi
awady.
— O pahyryň-a aldygam bolmady-la. Gaýta, dogry gelen emgek
boldy.
— Hawa, bu-da şony eşidipdir. Diňlemegem islänok. Menem
gitdim-de «Pylany kesiň aýalydyryn, bize bir «Žigulijik» gerek»
diýdim. Olaram: «geregiňiz bir maşyn bolsa, puluny töläň-de, alyp
ötägidiň» diýdiler. Erbet zat barmy eýse şu ýerde. Emma ýaňky geldide, ediberdi orany. «Sen näme üçin meni gepledip, maşyn alypsyň?
Asla sen onça puly nireden aldyň?..» Ine-dä, jan dogan, bolýan
zat... Beýle-de bir samsyk sorag bolarmy? Pul diýeniň öýe gelensoň
aýalyňky bolmaly dälmi näme? Aýalyň gyssa gysymyndadyr, açsa
aýasynda. Muňa özüň beletsiň-le...
Akbäbek tassyklan bolup baş atsa-da, eýýäm küýi başga ýerdedi.
«Dälä ýel ber, eline pil ber» diýipdirler. Men muny gorduraýyn. Meň
aýtjak zadymyň öz-özi üstünden baraýmazmyka?!
— Ol aýdýanyňyza rastdyr...
Gürrüňine hä berlensoň Nahal Şeriowna hasam gyzdy:
— Hawa, gepiň gysgasy, birki günlükde «gözüm görmesin,
şo maşyny, sat, owarra et» diýdi. Menem adam. Menem özümi onça
görýän. Bolsa bolupdyr-da zamministr. Goý, buýrugyny öz işgärlerine
etsin. Ýeke çagamyň guwanyp, gijede-gündizde üstünden düşmeýän
maşynyny satdyrjak gümanym barmy?
«Şol-a satylmaz» diýdim.
«Satarsyň».
«Satman...»
Gidişdik. «Sen garry göhert ýaly bolup, biziň üstümize kükreme»
diýdim.
Akbäbek ýene içini gepletdi. «Gör, munuň ogly «medeniýetli»
67
gürlemäni nireden öwrenýän ekeni...»
Nahal dowam etdi. «Şu feodal gylygyň bilen seni şo wezipede
saklaýyşlaryna haýran — diýdim — Meň gaharymy getirme, erbetdirin.
Birden wezipäňden dyndaryp, gyzylja bilediňe dawa tutaýmaýyn»
diýdim.
Akbäbegiň demi tutulan ýaly boldy. «Öz äriňe şeýle diýmäge
nenň diliň aýlandy» diýýän şekilde aňaldy. Nahal has magtandy.
— Men bulaň gowşak damaryna belet. Şeý diýsem, derrew
ýöwselledi. Ýalbaryp başlady: «Oglumyza nebsiň agyrsyn. Bir gün
maşyn başymyza bela getirer» diýdi. Ýene Gulam agany ýatlady.
Menem:«Gulama aga doga kemrysgal. «Doga kemrysgal bolandan,
ýylda iki gezek ýagy çapsyn» ony agzama» diýdim.
«Biri bolmasa, ikinjisi diýäýer ýaly yzly-yzyna tirkeşip duran
oglumyz-a ýok» diýdi. Menem:
«Ýeke ogul dogurdyň, bes etdiň» diýip, maňa igenjek
bolýamyň? Özüň zamministr, hondan bärsi gabarylyp prezidiumlara
çykýaň. Özüňem aýdýan zadyňa seret. Yza galak, düşünjesiz. Seniň
diňe şlýapaňa salam beräýmek galypdyr» diýdim. «Bir ogul, bir gyz
dogrup berdim. Gadyrymy bilenden-ä geçen, gaýta igenjek bolýamyň?
Ýekeje gyz dogrup, bes edip oturanlaram seýrek däl. Häzir ol moda
aýlanyp barýar» diýdim. «Aýal bolanymyz bilenem, men geçi däl,
yzyny üzmän dogrup ýörer ýaly. Bize-de garramankak ýaşamak gerek,
gezmek gerek... görmek gerek... Şeýle dälmi eýse?».
Akbäbek näme jogap bersin...
Telefon jyňňyrdady. «Tüýs wagtynda dadyma ýetişdiň — diýip,
Akbäbek içini gepletdi: Ýogsam bu heleýiň batnyksyz gürrüňi halys
beýnimi iýjekdi».
Elbetde, Akbäbek ony diňlemänem bilýärdi. «Men seniň bu
çylkasyz gürrüňleriňi diňlemäge gelemok. Holha, äriň holha-da ogluň,
özüň oňuş. Meň aladam özüme ýetik» diýip, maksadyny aýdyp gidibem
biljekdi. Nahalyň aýdanlaryna garşy çykyp, onuň bilen jedele-de girip
biljekdi. Ýöne tizräk bu öýden gidenini kem görmedi.
Nahal Şeripowna dulda duran ak telefonyň trubkasyny gysymlap,
süýnüp-sarkyp gürläp başlady: «Alo, hä, Şamil senmi bi... — Onuň
sesi birden ýuwaşady — Ýok, ýok diýýän-ä... Ýanymda adam bar...
Adam däl-le... düşünäýsene, aýal-la... Bor... Bor...»
68
Soň nämeler gepleşdi, Akbäbek diňlemedi. Diňe wagtal-wagtal
Nahal Şeripownanyň özüne tarap göz gyýtagyny aýlap, agaryp-gyzaryp
duranyny gördi. Birdenem, Ballynyň «Şamil diýýäniň garrymy?»
diýip, hetjikleýäni ýadyna düşdi-de, içini gepletdi: «Müňkürligem-ä
gowy däl welin... häý, heleý, özüň-ä düz däl bolsaň gerek...»
Nahal Şeripowa ýap-ýaňy aýdan ähli nadyllyklaryny,
adamsyndan zeýrenjini unudyp, trupkada durka güldi. Ol gülende bir
mahalky owadanlygyň bozulan yzy henizem çalaja böelrip gitdi. Öz
wagtynda al ýaňakda oýnan çukanajyklar maýdaja ýygyrtlaň arasynda
göze iler-ilmez tirsildedi. Käse ýaly gözleriň etegindäki garramaklygyň
ilkinji alamaty bolan salpy damarlar iki baka dartylyşyp gitdi. Ol öz
ýüzündäki bu hereketleri aýnaň öňünde synlap duran ýaly gaşlaryny
gerip goýberdi.
«Her niçigem bolsa, garrapsyň, heleý. Ýyllar ýüzüňe öz
möhrüni basypdyr» diýip, Akbäbek içini gepletdi. Öňde bir akyldaryň:
«Owadanlyk gowy zat. Ýöne owadan aýallar ony bakydyr öýdýärler.
Öz garrandyklaryny, eýýäm ol owadanlyklaryň özlerinden ýüz
öwrendigini duýmaýarler. Ine, bu welin — erbet zat» diýenini ýatlady.
— Ziýaň kakasynyň şopury-la, neresse — diýip, ahyr Nahal
ýerine gelip oturdy. Akbäbek pursady goldan bermän, ýüregindäkini
aýtmak üçin Nahala sorag berdi:
— Ziýa Muhammedowiç nirede işleýä, Nahal Şeripowna?
Nahal bu soraga garaşmadyk bolara çemeli:
— Ziýa janmy? — diýip, sagyndy. — Nirede işlär öýdýäň. Eliňde
diplomyň bolmasa, kim seni işe alar. Ilki güýmenjelik diýip, zawoda
gatnan boldy... Soň ýene birki ýere girdi. Halamady... Şu wagtam-a
sportyňmy, DOSAAF-yňmy bir ýerinde öz-ä. «Gark bolanlary halas
edýän edarada» diýäýdi öýdýän. Men-ä onsoň «nirede işleýäň, näme
işleýäň?» diýip sorabam duramok. Bary bir güýmenjedir-dä...
Ol näme üçindir böwrüni diňläp, Akbäbege seretdi. Akbäbek
bolsa eýýäm öz pikirlerine gümrady. «Sen bilmeseňem, ony men
bilýän. «Krasnyý metallist» zawodynda işlände dürli açarlar ýasany
üçin kowuldy. Indem «gark bolanlaryň» edarasynda instruktor diýýä.
Ýöne bu gidişine gitse, ilki özi gark bolaýmasa-da biridir...»
Nahal dyman ýaly etdi-de, täzeden başlady:
— Ýamanlasaň ýamanlap oturmaly. Oglumyň okuwa girip
69
bilmändigine-de kakasy günäkär. Ýeke gezek telefon jyrlatsa, şoňa
bitýä. Etmedi. Okuwa girmek üçin bolsa, özüň bilýäň, bu çakda
ýa süýreg gerek, ýa itergi. Geljek ýyla, işallasa, okar weli, bir ýyl
gijikdi-dä. Eýýäm görer ýalyny görüp goýdum. Ozal özüm ugruna
çykaýmaly ekenim-le. «Bu zeýilli uşak-düşek zat üçin ýaşula azar
berip oturmasaňyzam bor. Ekzamen günleri geläý» diýdiler.
Akbäbek bütin göwresi bilen oňa tarap öwrüldi. Gürrüňdeşiniň
ýüzüne üşerildi. Oňa ynanjagyny-da bilmedi, ynanmajagyny-da:
«Däliň müň gepi telek, bir gepi gerek» diýleni. Şu ýerde mamla. Häzir
okuwa girmek üçin düşünjede gerek welin, ondan başga ýa süýreg
gerek, ýa itergi. Bu heleý başga zady oňarmasa-da, şu zeýilli işi
oňararmyka diýýän. Ärini gepledip, maşyn alyp gaýdyp bilýän adama
gerek ýerinde süýrär diýseňem ynanaý, iterer diýseňem...»
Bu pikirler Nahal Şeripownany hut Akbäbegiň gözüniň alnynda
özgerdip ugrady.
Ýap-ýaňy öwünjeň, şypaň heleý, indi zamana düşünýän,
döwrebap aýala öwrülip ugrady. Ogluny ýokary okuwa salmak,
Akbäbegiňem gije-gündiz arzuwydy ahyryn. Sähelçe delalat boljagyny
bilse, Nahal Şeripownanyň aýagyndan öpmäge kaýyldy. Ol şeýtmek
bilen öz mertebesini peseldýändigini-de bilýärdi. Özi üçin eger-eger
beýle etmejegi-de çynydy. Emma ol enedi. Ogly barada, onuň geljegi
barada oýlanýardy...
Akbäbegiň gözleriniň ýitelenini, özüne tarap owsunýanyny
Nahal Şeripowna oňat saýgardy. Bolsa-da tä Akbäbegiň özi dillenýänçä
saklandy. Akbäbek oturyp bilmedi:
— Nahal Şeripowna, o zeýilli sözüňiz ötýän bolsa, Ziýaň
dostuna-da hemaýatyňyz ýetmezmikä?
Nahal Şewripowna ýylgyrdy. Oňa geregi şoldy. Sebäbi bu kysmy
adamlar kimde bolsa biri öz öňünde ejizlese, boýun burup ýalbarsa,
şondan lezzet alýardy. Muny Akbäbek hem aňdy. Ýöne häzir nalaçdy.
Ol delalat isleýärdi. Suwa gark bolanyň sypaly ýapyşyşy ýaly, muňa
ýapyşýardy.
— Meň oglum okuwa girip, bileje tirkeşip ýören dosty hem
girmese, o nähili bor, gyz... Elbetde, biri girse, ikisem girer...
Akbäbegiň turup ony gujaklasy geldi.
— Seň bu hyzmatyňy näme bilen ýanyşdyrsamkam... Ýüňüňi
70
tap — seň ogluňa-da öz oglumyňky ýaly sünnäläp kürtekçe örüp
bereýin... Häzirlikçe elimden gelýäni şol. Meňzeşje geýinsinler.
Akbäbek gara çyny bilen öz hyzmatyny hödürledi. Emma Nahal
Şeripowna onuň hünärine kembaha garady, ulumsy ýylgyrdy:
— Ýok-la, azara galmaň. Biziň oglumyz o zeýilli borbolgusyz elde edilen geýimleri geýýärmi näme? Import bolmasa, öz
fabriklerimiziň tikenini-de geýenok.
Akbäbek aýdanyna puşman etdi. «El bilen edilen bor-bolgusyz
zatlary geýenok». «Biziň senedimiz bor-bolgusyzmyşmy? Onda bu
öýüňdäki halylar näme? Aýagyňdaky keşdeli balagyňy-da çykar, zyň
owarra et-de. Olaram-a biziň senedimiz» diýesi geldi.
Hantamaçylyk gursun, ýene-de beýle zatlar aýtmaga dili
aýlanmady. Öňde biri başga birini urasy gelip, eli gijäp dursa-da, o
ýerde urup bilmäni üçin gyjynyp: «ýeriň däldir ak taýak» diýip, özözüni köşeşdirýärmiş. Akbäbek hem «Wagty däl, Akbäbek, wagty däl,
towşan tüý bol. Çyda» diýip, öz ýüreginiň garşysyna gepleýärdi.
Şeýdip ol galp umydyň aldawyna çolaşdy. Ýüregindäki
jerhedi dökmän, ýene yzyna alyp gaýtdy. Hantamaçylyk gursun,
hantamaçylyk...
***
AKBÄBEK UÇULIŞŞÄ ÖŇEM telim sapar barypdy.
Birinji saparky barmagyna Bally daga berlen geýimler
sebäp bolupdy. «Siz bulary bermelimiş diýip, gezek geçirmek üçin
berýäňizmi ýa-da geýsin diýip? Görüň, ine aýakgaby. Bir taýy 38
razmer, beýlekisi 40-njy. Poltosyna serediň, her ýakasy bir ýana
garaýar. Köýnek-balaklary hem şoň ýaly. Ýönekeý matadanam, arzan
matadanam ýaraşyklyja tikilen geýimler bolar ahyry. Bizde bular ýaly
tikilen geýimlere «zaýa» diýilýär, akt ýazylýar. Siz bolsa şol «zaýa»
geýimleri magazinlerde geçmänsoň, telim sapar bahasy arzanladylan
geýimleri alyp, bulara paýlaýaňyz. Bular indi çaga däl, düşünýäler.
Siz bularda uçilişşä höwes döretmeli. Bulara öz okaýan ýerlerini
söýdürmeli ahyryn...» diýipdi.
Ikinji gezek barmasyny Bally daga taksomotor parkynda praktika
geçýän ýerinde şeýtel berilýän bir manat sebäp bolupdy. Ine, barybam
şeýle diýipdi: «Men indi üç aýdan bäri oglumy synlaýan. Bular bu
ýerde maşyn öwrenenoklarda, şu mahaldan para almany öwrenýäler.
71
Haýsy ussa ellerine bir manat tutdursa, ählisi şonuň ýanynda. Oňa
kömekleşýälerem, ony-muny öwrenýälerem. Bolmasa-da iki sagat
geçmänkä ýa gaçyp gelýäler, ýa günlerini oturyp geçirýäler. Sebäp
«göreldämiz bar» diýýärler. «Ussa biriniň maşynyna el degirdim etse,
taksiçi oňa üç manat oklaýar. Şeýdip, her aýda aýlygynyň daşyndan
ýene iki-üç aýlyk gazanýar. Näme üçin ol bize bir manat bermeli
dälmişin» diýýärler... Ýeri, onsoň şu çagalardan okuwy gutaranyndan
soň nämä garaşjak... Muňa çäre görüp bolmaýarmy?..»
Akbäbegiň iki gezekki barmasam biderek bolmandy. Uçilişşäniň
ýolbaşçylary mundan netije çykarypdy. Direktoryň bu barada ýörite
buýrugy çykarylypdy. Üçünji sapar baranda ol okuwy taşlan ogluny
täzeden girizipdi.
Ýöne bu gezek welin ol arz-şikaýat bilen däl-de, hut olaryň öz
çakylygy bilen barýardy. Birki günlükde:
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Eneler uklamaýar - 6
  • Parts
  • Eneler uklamaýar - 1
    Total number of words is 3756
    Total number of unique words is 2185
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Eneler uklamaýar - 2
    Total number of words is 3744
    Total number of unique words is 2196
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Eneler uklamaýar - 3
    Total number of words is 3751
    Total number of unique words is 2155
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    41.4 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Eneler uklamaýar - 4
    Total number of words is 3729
    Total number of unique words is 2080
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    43.8 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Eneler uklamaýar - 5
    Total number of words is 3755
    Total number of unique words is 2150
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Eneler uklamaýar - 6
    Total number of words is 3741
    Total number of unique words is 2248
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Eneler uklamaýar - 7
    Total number of words is 3770
    Total number of unique words is 2148
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    43.7 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Eneler uklamaýar - 8
    Total number of words is 2123
    Total number of unique words is 1400
    35.7 of words are in the 2000 most common words
    48.9 of words are in the 5000 most common words
    55.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.