Latin

Eneler uklamaýar - 4

Total number of words is 3729
Total number of unique words is 2080
30.3 of words are in the 2000 most common words
43.8 of words are in the 5000 most common words
50.0 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Ejesiniň bu günki artistliginiň sebäbine Bally diňe şondan
soň düşünip galdy. Eneli-ogul seslerini çykarman öýlerine öýe
gelenlerinden soň, Bally sorady:
— Bu näme etdigiň boldy, eje?!
Akbäbek jogap bermäge derek aglady. Soň oglunyň ýüzüne
garap, uludan dem aldy-da, ýüki ýeňlän şekilde gürledi:
— Şeýtmek gerek boldy, oglum, bagyşla. Ertir irdenjik ikimiz
seň uçilişşäňe gidýäs. Direktoryň bilenem gürleşdim. Biz ony
çykaramzok, gelsin-de okabersin diýdi. Halypaňyň näme diýýäninem
ýaňy özüň öz gulagyň bilen eşitdiň «hökman okasyn» diýdi. «Ertir
meň ýanyma barmasyn-da, okuwyna gitsin» diýdi.
Bally ejesine näme diýjegini bilmän dymdy. Diňe onuň gözleri:
«Bu nätdigiň boldy, eje?» diýip soraýardy. Akbäbek bolsa bütin durky
bilen «Men bu spektakly seň üçin oýnadym, balam. Öňde biri «günüm
üçin, günim ogluň allalaryn» diýýärmişin. Menem bu zatlary seň üçin
etdim, diňe seň üçin. Seň adam bolmagyň üçin...» diýip jogap berýärdi.
Akbäbek ähli zada kaýyldy. Ol bu gün bir arakkeşiň öňünde
dyzyna çökse, birki günlükde proftehuçilişäniň direktorynyň öňünde
has beterräk utanmaly bolupdy. Hawa, ol uçilişşä barypdy. Direktoryň
kabinetine giribem ýüregindäki gahar gazaby bir demde paýradypdy:
«...Okadýaňyz, iýdirýäňiz, geýdirýäňiz. Soňam jähennem
edýäňiz. Nogtasyny başyna orap, kowup goýberýäňiz. Bu näme
etdigiňiz? Nirede otlasaň otla, bize bir azaryň ýetmesin diýdigiňizmi?
44
Galyň adam-a size ynanyp, çagasyny berýä. Adam edersiňiz, hünär
öwredersiňiz diýip ymtylýa. Siz bolsa... Bilseňiz, meň oglum üçin meň
bilen des-deň sizem jogapkär. Emma men otly köýnek geýýän, siziň
perwaýyňyza-da däl. Okuwyny taşlaýar... Kimlere sataşyp, nämeler
edip ýör, bileňzok. Biljegem bolaňzok... Ýok, ýoldaş direktor, men
muny beýle goýman. Barar ýaly ýere bararyn. Görer ýalyny görerin...»
Tä Akbäbek aýdyp-aýdyp, özi oturýança kanagat edip diňlän
direktor öz üstlerine atylýan günäleň baryny bir ýylgyrmak bilen inkär
etdi oturyberdi.
— Bagyşlaň welin, siz şu gezeg-ä bimamla, Akbäbek. —
Oturmaga ýer görkezdi — Dogry, siz ministrlige-de baryp bilersiňiz.
Oňa hakyňyz bar. Hut ministriň özüni-de görüp bilersiňiz. Ýöne...
Direktor sagyndy. Öz sözüni haýsydyr bir dokument bilen
delillendirmek isleýän ýaly, stolunyň gözünden bir zatlar agtardy.
Ahyr okuwçy depderinden ýyrtylyp alnan iki tagta kagyzy çykaryp,
Akbäbege uzatdy:
— Siz ministri görmezden ozal, şu arzalary görüň!
Henizem gahary köşeşmedik Akbäbek kagyza elini uzatman
gaharly gepledi.
— O nämäň arzasymyş?!
— Alyň, alyň okaň! — diýip, direktor has alkymyna uzatdy.
Akbäbek arzalary alyp, göwünsiz göz gezdirdi. Birdenem
gyýşyk-çaýşyk ýazylan dört setir arzaň üstünde göreçleri doňup
galdy. Gaýta-gaýta aşagyndaky gollara seretdi. Olaryň biri Ballyň
adyndan ýazylan arzady. Olaryň poçerki aýra-da bolsa, mazmuny
birdi. Ikisinde-de maşgalada güzeran ýagdaýynyň agyrlygy üçin Bally
Ezizowyň okuwdan boşadylmagy soralýardy. Onuň öz okan ugry
boýunça işe girjekdigi aýdylýardy.
Şübhe ýok. Arzalaryň biri Ballyňkydy. Ýöne aýdylýan sözler
welin Ballyňky däldi. Güzeran näme, ýaşaýyş näme Bally entek o
düşünjelerden uzakdady. Bu onuň diýjek sözleri däldi. Ikinji arza
bolsa durky bilen galpdy. Ol Eziziňki däldi. Aşagyna goýlan golam
kesekiňkidi. Ýöne her niçigem bolsa, bular direktoryň elinde tutarykdy,
ýerlikli delildi.
Akbäbek utandy. «Adam käte gaharyň guly bolýar. Bir zadyň
aňyrsyna ýetmän ganygyzgynlyk edäýýär. Nämäň nämedigini
45
anyklamaly ahyryn» diýip, ol öz-özüne käýindi — «Oglunyň beýle
zatlar edip ýörenini nireden bilsin. Ezizi şo ýerde-de derdini çekip
ýatmaga goýanoklar. Gulagyny şaňladýarlar. Oň adyndan arza
ýazýarlar. Bu kimiň işikä? Balla kim-de bolsa bir sapak berýän-ä
bolmaly» diýip oýlandy.
Ballynyň: «Barybam oturma. Barybir almazlar. Girip-çykyp
durara ýaly uçilişşe seň üçin çagalar bagy däl ahyry» diýmesiniň, meni
bu ýere goýbermejek bolmasynyň sebäbi gör, näme ekeni...
Akbäbek her elinde bir arzany saklap, jenaýatda tutulan ýaly
dymyp oturansoň direktor özi gepledi.
— Hawa, ýoldaş Ezizowa. Indi siz aýdyň meň ýerimde bolsaňyz,
özüňiz näme ederdiňiz? Gürrüňsiz arzalary kanagatlandyrardyňyz.
Ynanmazlyga esas ýok. Ogly okamaga garşy, kakasy okatmaga garşy.
Biz onsoň neneň edip ony saklaly.
— Galat, galat! — diýip, Akbäbek zöwwe galdy — Moskwada
bir aý bäri keselhanada ýatan kakasy nädip onuň okuwyna garşy
bolsun. Eziz beýle arza ýazmaz. Bu ýalan, töhmet...
— Onda eýsem bu arzalardan sizem bihabar, olam. Şeýle-dä?
Akbäbek direktoryň alkymyna dykyldy:
— Hi, bizem beýle zat ederismi, janym. Düşün ahyry...
Direktor az salym dyman ýaly edip ýene dowam etdi:
— Siz bilen gürleşmän, meniňem okuwdan çykarmaga elim
barmady. Size çakylyk iberdim. Gelmediňiz. Adam iberdim. Olaram:
«Bally Ezizowyň kakasam, ejesem, Moskwa gidipdir, haçan geljekleri
belli däl» diýip aýtdylar. Ogluňyzyň bolsa şol arzasyny taşlap gidişi.
Ol nirede işleýän bolsa aýdyň, men ony işden boşatdyraýyn. Ýalbaryň,
ýakaryň okuwyna dolaň. Az galypdyr, kynam bolsa, çydajak boluň!..
Bizem bir okuwçymyzyň palak çykmagyny islämzok, elimizden
gelenini ederis...
Akbäbek o ýerde bolan bu gürrüňleri Balla aýtmandy. Asla
uçilişşä baryp, gürleşip gelendiginem diňe ýaňy, Ballyň halypasynyň
razyçylygyny alanyndan soň aýtdy.
***
MOSKWADAN GELEN GÜNÜNIŇ ertesi işe çykjak Akbäbek
üç gününi ýitirmeli boldy. Her niçigem bolsa azaby gowuşdy. Ballyny
uçilişşä eltip, ýerinde oturtdy, öýlerindäki düýphalyny lombarda
46
tabşyryp, Kuly murt bilen hasaplaşdy. Ezize az-owlak sowalga iberdi.
Onuň birneme ýüregi giňäp, ýüki ýeňlän ýaly boldy. Daň atsa, işe
gidibermelidi. «Işallasa, ilden ozal atelýä bararyn, ýoldaşlarymy
görerin, has-da göwrümim giňär. Almalyja aýlygymy alaryn, tutuş bir
aýlygym çagalara esli wagt iýmäge ýeter. Hä diýmän beriljek goşmaça
aýlygy bolsa Eziziň ýanyna gidip-geler ýaly ýygnap goýaryn».
Ol şu arzuwlar bilen ýatyp, şonuň bilenem turdy. Säher bilen iliň
öňündenem şäheriň merkezinde öz işleýän atelýesine bardy, hyjuw
bilen işe ýapyşmaga howlugdy. Emma ol heniz geýmini çykarmagada ýetişmändi, garnyny köşek ýannygy ýaly edip gelen seh müdiri
Weli Japarow oň bilen sowuk-sala salamlaşdy-da:
— Siz näme bu ýerde çalşyrynýaňyz, sizi tikinçilige geçirdiler
— diýip, mekir gözlerini oňa dikdi.
— Tikinçilige!
Akbäbek ör-gökden geldi, bu onuň garaşylmadyk habarydy:
— O nähile... tikinçilige geçirdiler, Weli Japarowiç?!
— Bu ýerde geň zat ýok. Akbäbek ozalam tikinçidi, ýene
tikinçilige baraýsyn diýdiler, wessalam. Tikinçilikden razrýadyňyzam
bar ahyry...
Akbäbek az salym dymdy. Başyna onlarça sorag gelip geçdi:
«Bular meni oňa-muňa oklap ýörer ýaly pökgüdir öýdýärmikä? Islän
ýerine idip eltip daňaýar ýaly mal hasap edýärmikä? Menem adam
ahyry, meniň razyçylygymy soramaly dälmikäler. «Ýaş çagam bar,
biçimçilik kursuna başga birini iberäýiň» diýemde näme üçin ýok,
«sen gitmeli seň geljegiň bar, seň ukybyň bar» diýdiler. Indi näme
bolupdyr? Bu öwrülişik kime gerek bolduka? Ilem-ä menden razy
ýalydy-la...»
Akbäbek bu soraglaryň haýsysyndan başlajagyny bilmän,
müdiriň ajan hamyr ýaly ýüzüne seretdi. Ýöne onuň şeýdip lal-jim
ýüzüne garap durmagynyň özi-de soragdy. Muňa Weli Japarowam
düşünen bolara çemeli. Sessiz soraga sesli jogap gaýtardy.
— Onsoňam, eýýäm siziň ýeriňizde biri biçimçi bolup işläp ýör.
Ony aýryp bilmen ahyry men.
Akbäbek belanyň körüginiň nirededigini oňat bilýärdi. Onuň
üçin dawalaşyp, jenjelleşibem durmady. Egninden çykaran ýeňsiz
çabdyny ýene geýdi-de, ýokarky etaža çykdy. Ol direktoryň kabinetine
47
girip:
— Abdylla Hasanowiç, siz habarlymy bu işden? — diýip, heniz
arzyny aýtmaga ýetişmänkä Weli Japarow yzy bilen girdi-de:
— Elbetde, elbetde, habarly — diýip, direktora derek jogap
berdi. — Direktoram habarly, ýerli komitetem, beýlekilerem bilýä...
Akbäbek oňa tarap okgunly nazaryny aýlap, kinaýaly gürledi:
— Garaz, arz edere ýer goýmansyňyz-da. Ähli gapylary
petikledim diýseňiz-le.
Direktor bularyň hiç biriniň-de ýüzüne gelip bilmän, kagyzly
papkalary agdaran boldy. Onuň gapdalyndaky ýumşak kürsüde
ornaşan Weli Japarow welin iňňän arkaýyn gürledi:
— Bizem gynanýas, Akbäbek. Ikimiz telim ýyl bile işleşdik.
Musulman bolsaň, ynan, seň gidýäniňe meniňem ýüregim awaýa.
Ýöne seniňem ýagdaýa düşünmegiň gerek...
— Düşünýän... Düşünýän... — diýip, Akbäbek iç işikde duran
ýerinde kinaýaly jogap gaýtardy-da, onuň bilen gürleşesi gelmeýän
şekilde ýüzüni öwrüp, direktoryň jogabyna garaşdy. Emma direktordan
jogap bolmady, ylla diýersiň, bu kärhana dahylsyz ýaly oturdy.
Akbäbek Weli Japara garap, oňa ajysyny pürkjege meňzedi.
— Bar maksadyňyz menden dynmakdy. Gözüňiz aýdyň,
dynypsyňyz. Indi edeniňizi ediberiň. Towugyňyza tok diýen bolmaz...
Weli Japarow arkaýynlygyny ýitirdi. Onuň öňem çişik göwresi
gahardan ýaňa kürsä sygmajak boldy:
— Gaty gitme, Akbäbek, men aýal adam bilen dawalaşyp
durmagy özüme namys bilýän. Ýöne senem hetdiňi tana! Erkek bolan
bolsaň...
— Men erkek bolmanyma begenýän. Ýogsam menem telpek
geýip, sen tetelliler bilen bir hatarda durmaly bolardym. Men beýle
binamyslyga çydamazdym...
Olar ikisem dymyp, ilki direktora, soň biri-birine seredişdiler.
— Dogry-da, walla, seň munyň «ogurlyk eden uýalmaz, üstüne
gelen uýalar» diýenleri bolýar — diýip, Weli Japarow haşlady.
Akbäbek şo demde ýene onuň kertmeginden aldy:
— «Ogram özüne osar, orramsam». Sen özüňe osýaň. Ýöne kim
agzasa-da, sen bu sözi agzamasaň gowy bolardy. Ömrüň ogurlykda
geçýä, ýene ile ogry diýjek bolýamyň?
48
— Men nämeden utanmalymyşym... Haçan ogurlykda tutdyň?
— diýip, Weli Japarow ýerinden turdy. — Bir hepde rugsat alyp, gidip,
ýarym aý galdyň, indiki nadaralygyň näme. Henizem şu adamdan
minnet çek... — Ol henizem lal-jim oturan direktora tarap barmagyny
uzatdy. — Munuň ýerine başga biri bolsa, seni işden kowardy, yzyňa
şakyrdyk dakyp kowardy. Biz näme bilmän durusmy, adamym syrkaw
diýen bolup bahanalap, Moskwada kaňkap geleniňi diýmäýin diýsem...
Galp telegramma ibermegi hemme-de başarýar. Geleniň bärem-ä telim
gün geçen bolara çemeli. Gyňajyňy ykjadyp, şäheriň o künjünde bir
görünýäň, bu künjünde bir görünýäň. Haýa ediň. Hudaýdan utanyň.
Şermendeligiňem çeni ýagşy...
Akbäbegiň agysy tutdy. «Öňki öz dertlerim azmydy, bu
adamynyň tagna sözleri näme» diýip hyrçyny dişledi. «Wah, meniňki
ýaly kaňkamak seň aýalyňa-da nesip etsin» diýsesi geldi. «Ýene-de o
görgüli-de näme ýazyk bar, diýsem, özüne diýmeli» diýip, gaýtmyşym
etdi. «Beýle gün hiç kimiň başyna gelmäwersin» diýip dileg etdi. «Bu
adam haçandan bäri Hudaýdan utanýan bolduka?» diýip içini gepletdi.
— Wah, men şermende bolsam bilýän-le, arman, şermendelidgi
oňaramok-da, Weli aga — diýip, ýuwaşgepledi. — Käbir adamlaň
ýanynda şol ada galmajak bolup, hakykaty gizleýäs. Ine, biziň
aýbymyz. Ýogsam, seň ýalylary birwagt paş etmejekmi.
— Näme, meni gorkuzma niýetiň barmy? Men iliň öňünde
päkdirin.
— A ynsabyň öňünde? Wah, sizde ynsap näme işlesin. Siz ony
birwagt ýitiren adam ahyry.
— Sen ynsaply bolanyň üçin, işe hyýanat edýärmiň. Uruş döwri
bolsady, sen ýalylaryň gözüne görkezerdiler. Işden on minut gijä
galanyň üçin sud edýärdiler.
— Gynansaňam, içiň ýansa-da häzir uruş döwri däl, parahatlyk
döwri. Ýogsam seň ýaly ýigrenjiler iliň aglaklygyndan peýdalanyp,
doňuz bolup depä çykardy. Şindem uzak gitmersiň, süregiňe ýeterler.
— Eliňden gelse, çek asmany. Munuň üçin direktoram günäläp
oturma, başgalaram. Üstüňden raport ýazanam men, seni aýyrdanam.
Bilip goý, men seniň goşmaça aýlygyňam kesdirin. Şeýtmäge ähli
deliller bar...
— Aýtmaňda-da bu zatlara ukyplydygyňy bilýän. «Aýlygyňy
49
kesdirin» diýibem meni gorkuzjak bolma. Şol iki çagaň bokurdagyny
sen deşen bolsaň, aç galaýsyn... Ýöne pul bilen meni gorkuzjak bolma.
Sensiň ol puldan hossar tutunýan. Pula arkasyny diräp, gedemlik
satýan. Hergiz bilip goý, pul bilen ölçäp bolmajak zatlaram bardyr...
Weli Japarowyň Akbäbege näçe gahary gelse-de, dawanyň
ulalaryndan heder etdi:
— Hezzet ýaraşmaz diýerler saňa, Akbäbek — diýip kese bakdy.
Emma Akäbebek joşan gaharyny saklap bilmedi:
— Maňa sen tetelliň hezzeti gerek däl. Hezzeti gara güýjümden
çekýän. Özümçe baryň-ýoguň öňünde dyza çökmen. Kime nähile
ýaranmaly, ony siz gaýgy ediň.
— Meni hemme tanaýa... Otuz ýyl bäri şu edarada işleýän...
— Işleýän diýme, otuz ýaly bäri gemirýän diý.
— Diliňizi ýygnaň!
— Tilkiligiňe buýsanma. Tilkiniňem käte gapana düşäýdigi
bardyr.
Weli Japarow iki elini galgadyp, başyny ýaýkady...
— Ynha-da alýan almytyň. Sen-ä gije-gündiz ylgaýaň, plany
dolýaň, bulara goşmaça aýlyk-baýrak alyp berýäň. Bular bolsa...
— Plany sen dolaňok. Ony jygyllyk bazary dolýa. Seň nökerleň
— bir topar işsiz heleýler dolýa. Şunça diýmejek boldum, ahyr
diýdirdiň — diýip, Akbäbek gyzdy. — Baýrak alyp berýän diýip diliňe
alma, galp baýrak bilen biziň köpümiziň dilimiz daňýaň.
— Galat! — diýip, Japarow bokurdagyna bat berdi-de, stoly
ýumruklady. Direktoryň öňündäki galamdany şakyrdap gitdi. Netikaza,
şonda-da otyr, edýäniň näme-de diýenok.
Akbäbek Weli Japarowy gözleri bilen iýäýjek bolup, alkymyna
dykyldy.
— Müň metr welýuryň jygyllyga gideni galatmy eýse? Her
tikinçä ýigrim-otuz sany galp at ýazdyranyň, köýnek tikip berildi
diýip dokument düzedeniňem ýalanmy? Ýok, Weli Japarow, bu zatlar
bilinýän däldir öýtme. Sizip ugurtapyjylygyňyzdan asla dünýäde ýok
adamlar welýur «geýdiler». Hakykatda, o matalar biçilmän, tikilmän
bazary bezedi. Gör, siz plany nädip dolýaňyz. Ine, siz şeýdip bize
baýrak paýlaýaňyz. Bize çüýjük dadyrýaňyz, özüňiz çümüp içýäňiz.
Top-top pombarhada näme diýjek.
50
— Sanaber, sanaber... Näme olaram tikilmedi diýjek bolýarmyň?..
— Olaryň her kişiliginden on bäş santimetr ogurlandy diýjek
bolýan. Azam däl, köpem däl, ylaýyk on bäş santimetr. Sebäbi siz
bu ýerde «kem-kem muhur, hemişe muhur» diýen pars nakylyna
eýerdiňiz. Göräýmäge, on bäş santimetr hiç zat. Owarram. Emma
üç müň metr ponbarhatdan galýany hasapla... Siz döwletiň kisesine
gireňzok, ol dogry. Ýöne öz müşderileriňiziň kisesine girýäňiz. Şeýdip
baýaýaňyz...
— Dil bir öl ýerde biten zat. Näme diý diýseň diýer durar —
diýip, Weli Japarow ýalandan arkaýynsyrady. — Ýöne seniň bu
haýýarlyklaryň işi äsgermän Moskwada gezip ýörmäňi aklap bilmese
gerek. — Ine, ýoldaş direktor, meň-ä aýtjagym, gaýdyp şu aýal biçim
sehine barsa, ýa men, ýa-da şu...
Indi direktor geplese gerek diýip Akbäbek oňa seretdi. Ondan
haýsy-da bolsa, jogap eşitmek isledi. Emma Abdylla Hasanowiçem
bir, daşdan doňdurylgy duran adamam, lal-jim doňup otyr. Iki adam
gör haçandan bäri onuň kabinetinde gygyryşyp durlar. Ol otyr. Daşky
jaýda işli adamlar garaşýar, sekretar gyz käte gapyny açyp seredýär —
direktor ýok ýaly bolup otyr.
Adatça, beýle başlyklar ýa mekir bolýar ýa-da nalajedeýin.
Abdylla Hasanowiç olaryň haýsyndanka? Weli Japarowyň pikiriçe —
nalajedeýindi. Baryp ýatan ysnatdy. Özi onuň ýerinde bolsa, bu aýala
«Çyk kabinetden» diýjekdi.
Weli Japarow dişini gyjap ahyr çykyp gitdi.
Akbäbek hem onuň yzy bilen çykyp gidiberjek bolanda, Abdylla
Hasanowiç ony üm bilen saklady. Öňünde duran papkany ýapdy-da,
göýä Akbäbegi ýaňy görýän ýaly oňa oturmaga ýer görkezdi. Emma
Akbäbek oturmady. Ol bu ýagdaýda oturyp-da biljek däldi. Direktor
sypaýyçylykly gepledi:
— Sag-aman geldizňizmi, Akbäbek? Nähile, Eziz Ezizowiçiň
ýagdaýy niçik, ganymatlaşýarmy birneme?!
Akbäbek pagyş-para eredi. Weli Japarowyň ýürek bulanç
sözlerinden soň, bu adamkärçilikli sözler Akbäbegi ejizletjek ýaly
etdi. Birdenem arka tapynan ýaly ekezlendi. Onuň işe başlap göreni
şu kärhanady. Mundan aýra düşen her güni üçin ýyla dönüpdi. Onuň
pikiriçe, şatlansa şärik boljagam, kyn günde derdini paýlaşjagam
51
şular bolmalydy. Şonuň üçinem, gireninden şu söze garaşypdy. Emma
tersine, kabinet direktoryňky hem bolsa, Akbäbek bu ýerde Weli
Japarow bilen gürleşmeli bolupdy. Şo sebäplem Akbäbek direktoryň
soragyna jogap bermäge derek, birden ýangynly gürledi:
— Siziň munyňyz «Hudaý urany pygamber hasasy bilen
dürter» diýleni bolýar, ýoldaş direktor. Näme üçin meni öz eý görýän
hünärimden aýyrýaňyz... Menem çaga eklemeli...
— Gaty dogry aýdýaň, Akbäbek, gaty dogry — diýip, Abdylla
Hasanowiç onuň aýdýanyny tassyklady. — Şoň üçinem menden
gaty görmäň, meni gepletjegem bolmaň. Menem çaga eklemeli...
düşünýäňizmi, ýeke siz däl, menem çaga eklemeli...
Ol ellerini gerdi-de, stoly gujaklady. Akbäbegiň gözüne bu adam
diýseň ejiz göründi. Şonuň üçinem özi merdemlendi... Bu zeýilli
adama sözüni zaýalanyna ökünip, çykyp gitdi.
***
AKBÄBEK TIKIN MAŞYNYNYŇ başyna çöküpdi. Ilden öň
gelip, soň gaýdardy. Uzyn gün dynuwsyz ýaňlanýan tikin maşynynyň
sesi Akbäbegiň ýüreginiň sesi bolup ýaňlanýardy. Ol ses ýeke bir
atelýäniň içine däl, has uzaklara ýetsem diýýärdi. Ol ses Akbäbegiň
ýüregine sygmaýan adalatsyzlygyň jarçysy bolup şarlaýardy...
Ol şeýdip telim gün işledi, telim günläp hem oýlandy. Onda
oýlanara zat bolsa köpdi, iňňän köpdi. Ýok ol Weli Japarow ýalylar
barada oýlanmady. Beýle adamlar oýlananyňa degenok hasap etdi.
«Olar hemme kişiden mekirdirin öýdýärler. Bir gün ähli haramhalal ýygnanlarynyň şemala sowruljagyny bilenoklar. Barly gününde
töwereginde gypdaýanlaryň, onuň özüne däl-de, elindäki susagyna
aşykdyklaryny bilenoklar. Susagy alnan güni töwereginden pytrarlar...»
Emma Abdylla Hasanowiç barada welin köp oýlandy. «Üç ýyl
bäri bile işeýäs. Men şu adama düşünemok. Beýle adamlary ömürboýy
öwrenseňem azmyka diýýän» — diýip, içini gepletdi. Elbetde, Weli
Japarow bilen Abdylla Hasanowiçi deňeşdireňde bularyň arasy
ýer bilen gök ýalydy. Hersi biri-birine meňzemeýän tipdi. «Weli
Japarow onuň gol astyndaky adam. Ýöne bu diňe kagyz ýüzünde
şeýle. Hakykatda welin, Abdylla Hasanowiç däl-de, ol direktor.
Şonuň üçinem, Abdylla Hasanowiç owurdyna suw alan ýaly dymyp
otyr. Şeýdip, olar bir-birini süýreýär. Şeýdibem, öňňäniň jyňkyny
52
çykartman iş görýärler. Abdylla Hasanowiçden öň näçe direktorlar
gelip geçdi. Olar iş oňarman gitdimi? Ýok, olar Weli Japarowyň
edenini däl diýjek bolanlary üçin gitdi. «Arkaly köpek gurt alar»
diýleni-dä. Arkasy bar kişiniň — Abdylla Hasanowiç nalajedeýin däl,
mekir adam. Weli Japarow bolsa, eli uzan ýerine ýetýän adam. Kimler
onuň kostýumyny geçmeýär. Kimleriň aýallary joralaryny yzyna
tirkäp, atelýäniň skladyndan geýimlik mata saýlamaýar. Weli Japarow
geýdirýär, iýdirýär. «Iýen agyz uýalar» diýip, ýöne ýere aýdylanok...
Akbäbek Abdylla Hasanowiçiň «Mundan artyk gepletjek
bolma. Bizem çaga eklemeli» diýeni ýadyna düşende, ony has-da
ýigrendi. «Şu zeýilli stoluny gujaklap oturan töňňeler döwlete köp
zyýan ýetirýärmikä ýa Weli Japarow ýaly gemirijiler» diýip özözüne sorag berdi. Ahyram jogap tapman, ýene özüni biçimçilikden
aýyrmaklarynyň sebäbini agtardy. Işdeş ýoldaşlarynyň aýdanyny
ýatlady.
«Sen galsaň, keýpiň topugyna düşüp galdyňmy? Olaryň saňa
gaýtam nebsi agyrmaly, duýgudaşlyk etmeli. Sen biçimçi, işem kän,
biz ony bilýäs. Ýöne sen ene ahyry. Ene üçin mukaddes zat çaga...
Enäniň ogly gözüniň alnynda howply ädim ätjek bolup durka, onuň iş
ýadyna düşerdmi?.. Sen ýerli komitet arza ber. Olaryň beýtmäge haky
ýokdur. Işiňi oňarmaýan bolsaň, goý, ony subut etsinler. Bolmasa-da
öňki hünäriňe dolap eltsinler...» diýdiler.
Akbäbek razylaşmady. «Bu wagt arzalaşmagyň wagty däl. Men
ähli işi kör edip, arzalaşyp hakykaty tapýançam, ogulsyz galmagym
mümkin. Onsoňam, arzalaşyp alnan iş gursun» diýip, olaryň
maslahatyny almady...
Akbäbek Arslanjygyň çagalar bagyna geýip gitjek geýimlerini
saýhallap otyrdy, ine, birden gapynyň jaňy kakyldy.
Ol başyny galdyrman seslendi:
— Men bärde. Giriber kimem bolsaň!
Özüne görä daýawrak bir ýigidi yzyna tirkäp, Bally gapydan
girdi.
Akbäbek nirede ýaşasyn, tapawudy ýok, gündiz gapy gulplamasy
bolmazdy. Muňa Ezizem, Ballam, goňşy-golamlaram beletdi. Şonuň
üçinem Ballynyň gapyny jyňňyrdatmasy «Eje, ýeke däl, ýanymda
myhman bar» diýdigi bolara çemeli.
53
Ýigit Ballynyň tanyşdyraryna-da garaşman, Akbäbege elini
uzatdy-da, özüni tanatdy:
— Ziýa Muhammedowiç!
Akbäbek ýigidiň elini iki eliniň gysymynda saklap durşuna
onuň ýüzüne çiňňerildi. Ýylgyranda agzynyň içinde ýyldyrym çakan
ýaly lowurdap duran dişlerine seretdi. Iňňeden çykma geýimlerine
seretdi. Ýöne Akbäbegi geň galdyran zat ýigidiň altyn dişleri-de däldi,
geýimleri-de. Oňa ýigidiň öz adyny aýdyşy geň eşidildi. Şoň üçinem
gaýtadan sorady:
— Kim diýdiň?!
— Ziýa Muhammedowiç! — diýip, ýigit öňküdenem mahabatly
aýtdy. «He, bolýa» diýen manyda başyny atdy-da, oňa öz äheňinde
Akbäbegem özüni tanatdy:
— Akbäbek Molladurdyýewna Ezizmyradowa!
Içki otagda geýimlerini çalşyryp duran Bally pyňkyrdy. Ziýa
oňaýsyz ýagdaýa düşdi, utanyp ýüzi gyzardy. Akbäbek ýigidiň elini
goýberdi-de, töre geçmäge ündedi.
— Aýakgabyňyzy çykaryň-da geçiberiň, Ziýa Muhammedowiç!
— Aý, biz... geçip, uzak oturmarys-la — diýip, Ziýa sypaýyçylyk
etdi-de, Akbäbegiň synçy nazaryndan sypmak üçin Balla gygyrdy:
— Bolaweri, Bally, gijä galýas...
Ol öýe girip oturma meýli bolmasa-da, aýagyndaky ujy biz ýaly
gara tuflisini bosagaň agzyndaky çygly esgä süpürip, soň elýaglygy
bilen lowurdatdy. Akbäbegiň pikiriçe, bu wagt ol tuflisini süpürenokdyda, ony güjeňleýärdi. «Görüň, meň tuflim ýaraşýamy? Bu zeýilli tufli
ýeke mende bar. Başga hiç kesde bolup bilmez» diýdigidi. Akbäbek
bolsa eýýäm onuň ýeke bir tuflisini däl, aýagyndaky ýigrimi bäş
manatdan jygyllykda satylýan eýran jorabyny-da, ýörite ýasatdyrylan
zerli galstugyny-da synlap ýetişipdi. Kremliň kostýumyny-da görüpdi.
«Ýok, her kim öz deňini tapsa ýagşy. Bu ýigit meň oglumyň tirkeşjek
ýigidi däl» diýip, oýlanmaga-da ýetişipdi.
— Neme-le, Akbäbek...
Ziýa Muhammedowiç bir zat diýmäge çemelendi. Emma
Akbäbegiň uzyn adyny tapman ýaýdandy. Akbäbek muňa derrew
düşündi. Bir gezek eşideni bilen onça ady ýat tutardan bu ýigidiň
zehini çöňňeräk bolsa gerek diýip çen etdi.
54
— Ýeri, bolýa-da, Ziýa Mu-ham-medowiç! Bir gezeklikçe
maňa Akbäbek daýza diýäý. Ikinji gezek geleňde welin, mertebämi
kiçeltdirmen, eşitmedim diýme — diýip güldi. Ziýa sorajak zadyny
unudyp, ýene aljyrady.
Bally çalşyrynyp çykdy. Ol aýap saklaýanja geýimlerini
geýende-de Ziýanyň ýanynda çüprek görünýärdi. Akbäbegiň gözleri
muny-da saýgardy.
— Çaý-çörek iýmän, nirä alňasaýaňyz?
— Aý, nirä bor öýdýäňiz, Akbäbek daýza, biziňki bir, häki
aýlaň-çaýlaňdyr-da — diýip, Ziýa ýyrş-ýyrş etdi.
— Häý, öz-ä, bir gizlin gürrüňjigiňiz-ä bar ýaly...
Akbäbek degişdi. Ziýa gara çyny bilen ynandyrmaga çalyşdy.
— Ýok-la, ýöne gümür-ýamyr hem gezelenç bolar-da.
Akbäbek hetjikläp durmady. «Tüýs gezjek wagtlary, goç
gezsinler» diýip, içini gepletdi-de, birdenem eýýäm birinji etažyň
podýezdine ýetip barýan oglanlaryň yzyndan gygyrdy:
— Ýöne aýlaň-çaýlaňyňyz ýary gijä çekäýmäwersin, Bally!
Olar Akbäbegiň sesini eşitdimi-eşitmedimi belli däl. Hiç haýsy
seslenmedi.
Akbäbek ýene ýeke galdy: «Ziýa, Ziýa» — bu öz-ä ozal eşiden
adym bolmaly» diýip oýlandy, ahyr ýadyna saldy.
Ol bu ady ilkinji gezek Arslanjykdan eşidipdi. Özem Moskwadan
dolanyp gelen gününiň ertesi eşidipdi...
Akbäbek içerini arassalap ýörkä, çaň basan şifoneriň ýüzündäki
çaga barmajyklarynyň yzyny gördi. Olar surat däldi-de, haýsydyr bir
suratyň sudurydy. Ol samolýot bolup samolýotam däldi, maşyn bolup
maşyna-da meňzänokdy, aralyk bir zatdy. Akbäbek ýylgyrdy-da,
suraty bozman, golaýynda oýnap oturan oglundan sorady:
— Arslan jan, bu samolýoty sen çekdiňmi, oglum?!
— Ol samolýot däl, maşyn, men däde Ziýaň žigulisini çekdim
— diýip, Arslanjyk öwgi tamakin bolup, ejesine dykyldy.
Akbäbek doňan ýaly bolup durdy-da: «Ýene «Žiguli» diýip
özbaşyna hümürdedi. Soň aklyýetmez çaganyň bu alasarmyk gürrüňini
takyklamak isledi:
— Däde Ziýa diýýäniň kim, oglum?
— Ballyşkaň jorasy-laý. Şonam bileňokmy? Ol her gün bize
55
gelýä... Maňa şokolad berýä...
Arslanjyk ylgap gidip, niredendir şkaflaryň gözünden daşy
kirläp giden iki sany şokolad süýji getirip, ejesine uzatdy:
— Al, iýip gör, süp-süýjüjedir. Men birini saňa, birinem kakama
berjek... Eje, siz näme şoň ýaly şokolad alaňzok...
Dogrudanam, Akbäbegiň beýle gymmatbaha şokolad alany
ýadyna düşenokdy. Ol oglunyň igenjini eşitmedik boldy. Onuň uzadan
şkoladyny eline aldy-da, ýene özüne gaýtaryp berdi:
— Al, iýäý oglum özüň! Meň şokolad iýesim gelenok...
Akbäbek ozal içerini ýygnaşdyryp ýörkä-de, penjiräň öňünde
rejelenip goýlan her dürli şkolad kagyzlaryny görüpdi. Emma olara
ünsem bermändi. Arslan dagy magaziniň ýanynda oýnap ýörkäler
çöpländir çen edipdi. Sebäbi olaryň ýeke-bir süýji kagyzlaryny
däl, hatda çüýşe dykylaryny-da çöpläp kiselerini dolduryp gelýän
pursatlary seýrek bolanokdy.
Ejesine goýan şokoladyny iýip, eýýäm agyzlaryny çyr-çyrşak
eden Arslanjyk onuň kagyzyny reje bilen epledi:
— Görersiň, şu gün däde Ziýa ýene geler, maňa şokolad berer.
Her günem gelýä... Ballyşka bilen her günem gidýäler. Meni öý
sakçysy edýäler. Daşyndanam gulplaýalar...
«Oglanly öýüň ogurlygy ýatmaz» diýleni. Arslanjyk o gün
başga-da kän zatlary ejesine üzlem-saplam gürrüň beripdi. Emma
Akbäbek Arslanjygyň aýdanlaryna onçakly gulak gabardybam
oturmady. Çünki körpelerde basdaş bolmasa-da, bäsdeşlik gylygynyň
bardygyna ol beletdi. Arslanjyk bolsa dili gepläp başlanyndan bäri
Ballyny ýamanlap, ejesine özi gowy görünjek bolardy.
Her niçigem bolsa, oglunyň nätanyş ýigit bilen tirkeşmesiniň
sebäbi indi Akbäbege aýan boldy. «Ziýaň «Žigulisi» bar ekeni» diýip
içini gepletdi. «Ozal «Žiguli» satyn aljak» diýip, Kuly murta sataşdy.
Indem Ziýa sataşypdyr».
Bally garaňky aralaşanda dolanyp geldi:
— Henizem ýataňokmy, eje? Arslana eýýäm uklapdyr öýdýän?!
Akbäbek oglunyň ýüzüne seretdi: «Seňki ýaly gapyny daşyndan
gulplap, ýeke galdyryb-a ukladamok» diýesi geldi. Ýene-de özüni
köşeşdirip, giňlige saldy-da, ýylgyryp sorady:
— Häki ýanyňdaky ýigit kimiň ogly, Bally? Nirde tanyşyp
56
ýörsüň oň bile?!
Bally ejesiniň alkymyna geldi. Onuň keýpiniň kökdügi ýüzünden
bellidi:
— Hä, niçik gördüň, eje?! Ýa halamadyňmy?!
— Aý, hiç neneň ýigid-ä däl. Ýöne...
— Gopbamrak diýsene. Ýok, oň bolşy şeýle. Senem beýdäýmeli
däldiňle-aýt eje? Akbäbek Molladurdyýewna Ezizmyradowa...
diýdiňmi?
— Näme, ýalanmy?
Bally hezil edip güldi. Şo mahal gülüp bilmediginem şu wagt
güldi. Ahyr zordan saklanyp gepledi:
— Özüňe onça ady nireden tapyşdyryp ýörsüň. Ol aç eşege ýük
ahyry.
— Tapyşdyramok. Meň adym şo. — Akbäbek gülmän-yşman
gürledi. — Türkmeniň goşa atsyzy barmy? Akbäbek — öz adym.
Molladurdy — kakamyň ady. Seň kakaňyňam adynyň ýöne Eziz
bolmaga haky ýok. Gürrüňsiz Eziziň öňünde ýa yzynda ýene bir at
goşulmaly. Menem gowy görýän adym bolansoň, «Myrat» goşaýdym.
Seňem çyn adyň Ataballydyr. Arslan janyňky bolsa Atagulydyr. Oňa
frontda ýogalan doganymyň adyny dakdyk.
Bally pikirlenen ýaly etdi-de, ýene Ziýa ýadyna düşüp, başyny
ýaýkap ýylgyrdy.
— Her niçigem bolsa, utandyrdyň öz-ä. «Ejeň nähil-aýt» diýip
soňam ýadyndan çykarmady. Senem öýümize gelen adamy beýdäýmeli
däldiň-le, eje...
— Indikisine sapak bor. Ziýa diýäýende bolanokmyşmy? «Ziýa
Muhammedowiç» diýen bolup, kimmişin ol. Henizem syladym. Ilkinji
gezek bolansoň, henizem gaty daramadym. Ýagşy-da bir dostuň bar
ekeni?!
— Özüň bilýäň, eje. Ozal ýekeje dostum bardy — Şadyşka. O
neresse-de sandan galdy. Men kimem bolsa bir dost tutunmaly, biri
bilen tirkeşmeli ahyry...
Akbäbek onuň sözüni böldi:
— Dur-dur, o näme diýdigiň boldy? Ol nähile Şady sandan
galanmyş? Dostuň betbagtlyga uçranda sandan galaýmaly bormy?
Kakaň keselhana düşdi diýip, dostlary ony hasapdan çykaraýýamy.
57
Gaýtam tersine, günde näçe adam gelip, onuň ýagdaýyny sorap gidýä...
— Kakam aýry hasap, eje, ol sähel ýatar, gutulyp çykar. Şady
maýyp. Men oň bilen indi hiç haçan tirkeşibem bilmen, gezibem...
Akbäbek ogluna käýinerli göründi. Ýene-de gaharyna badak
atyp, başardygyça mylaýymlandy.
— Näme diýsene, oglum, bu sözüňi başga ýerde aýdýaýjy
bolmagyn. Meniňem soňky gezek eşidişim bolsun. Dost diýeniň
beýle bolýan däldir. Hany aýt, näçe gün boldy, oň yzyndan keselhana
barmaýanyňa? Näsag adam ýarym göwün bolar. Ýygyrakdan ýanyna
bararlar, gaýgy etme diýip, göwünlik bererler.
— Barýan-la. O günem bardym. Ýanynda oturmasam, birsalym
aýak üstünde durup gürleşdim, göwünlik berdim: «Gaýgy etme,
frontçylaram ýeke aýak gezip ýörler ahyry, saňa-da hiç zat bolasy
ýok» diýdim. «Pensiýajyk bellärler, özüni-de üstüňe getirip bererler.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Eneler uklamaýar - 5
  • Parts
  • Eneler uklamaýar - 1
    Total number of words is 3756
    Total number of unique words is 2185
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Eneler uklamaýar - 2
    Total number of words is 3744
    Total number of unique words is 2196
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Eneler uklamaýar - 3
    Total number of words is 3751
    Total number of unique words is 2155
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    41.4 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Eneler uklamaýar - 4
    Total number of words is 3729
    Total number of unique words is 2080
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    43.8 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Eneler uklamaýar - 5
    Total number of words is 3755
    Total number of unique words is 2150
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Eneler uklamaýar - 6
    Total number of words is 3741
    Total number of unique words is 2248
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Eneler uklamaýar - 7
    Total number of words is 3770
    Total number of unique words is 2148
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    43.7 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Eneler uklamaýar - 8
    Total number of words is 2123
    Total number of unique words is 1400
    35.7 of words are in the 2000 most common words
    48.9 of words are in the 5000 most common words
    55.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.