Latin

Eneler uklamaýar - 2

Total number of words is 3744
Total number of unique words is 2196
31.5 of words are in the 2000 most common words
44.0 of words are in the 5000 most common words
51.0 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
döräpdir. «Bu jaýlara soňabaka eýe-de tapylmasa» diýip, Akbäbek
içini gepletdi. Emma öz işleýän atelýesinde henizem jaýa garaşyp
ýörenleriň kandigi ýadyna düşende welin, bu pikirinden el göterdi.
Ol öz maksadyny Ezize-de aýlanyp göçäýmäge amatly ýer
saýlap gelensoň aýtdy:
— Näme diýsene, Eziz. Gep şu bolsun. Meň diýen ýerimden
berseler-ä göçýäs, bolmasa-da göçemzok.
Eziz adaty ýumşaklygy bilen ýylgyrdy:
— Weý, weý, bu näme diýdigiň boldy, Akbäbek? «Göçýäs,
göçemzok» diýip durar ýaly, ýurdy alahekge soranok ahyry. Hökümet-ä
saňa allanäme mugt jaý berer, seniňem onsoň göçer-göçmeziň bormy?
Göçmeli borsuň. Galyň bende şo jaýlayň arzuwynda ýyllar boýy
nobata garaşyp ýör.
Akbäbek ýuwaşady.
— Bolsa-da, ýeri gelende peýdalanjagyňy bilseň, az-owlak
hötjetlik edäýmegem-ä aýyp dälmikä diýýän? Häzir kozyr biziň
elimizde.
Eziz kesgin jogap gaýtardy:
— Şäher Sowetiniň kanuny hemme şäherli üçin kanun. Şuny
hergiz unutma. Oňa senem boýun synmaly, menem.
Şondan soň Ezizem geplemedi, Akbäbegem. Hersi öz pikirinde
galdy. Elbetde, öz nika toýlary içinde geçen, ilkinji perzentleri şujaýyň
içinde dünýä inen bu är-heleýiň ikisine-de bu öýden göçmekligiň ýokuş
16
degýäni hakdy. Bu jaýyň bular üçin ýene bir ýokuş degýän tarapy
bardy. Olar bu jaýy ýer yrananynyň soňkusy ýyly başlapdylar. Täze
çatynja adamlar diş-dyrnak bolup, bäş ýylda bitiripdiler. Hökümet
jaý salynjaga ýek bir uçastok däl, karz pul beripdi, gurluşyk material
beripdi. Emma gurmasyny welin... Hawa, gurmasyny welin, her
kimiň öz başyna atypdy. Olar bu jaýy öz gara güýçleri bilen dikeltmeli
bolupdylar. Ondan bäri köp ýyl geçdi. Emma bular şindizem elleriniň
aýasyna seredende, şondaky gabarçaklaryň yzyny görýärdiler. Mätäçlik
nämeler etdirmeýär. Heniz saman kepbe salyp görmedik Eziz bu jaýyň
kerpijini öz eli bilen örüpdi. Tamdyr suwamagy başarmaýan Akbäbek
mejbury suwagçy bolupdy. Laý edýänem özüdi, daşaýan, suwaýanam
özüdi. Şonuň üçin bulaň üstündäki «Ž-D» tipli çaklaňja jaý Eziz üçin
Daşrabat bolsa, Akbäbegiň gözüne Şasenemiň köşgünden enaýy
görünýärdi. Bular bütin ömürlerini şu jaýda geçirmäge kaýyldylar.
Bu howlynyň içindäki her düýp agaç bular üçin ýöne bir agaç däldi,
mukaddes daragtdy...
Her niçik-de bolsa, Eziz «är sözi bir bolar» diýleni etdi. Ertesi
işe ugramakçy bolanda, ýene bir ýola sargady:
— Etseň-ä Akbäbek. Sesiňi çykarma-da goşuňy ýygna, göç
diýlen ýere göçmäge taýýarlan. Ony etmeseňem, meni ara goşma.
Holha şäher Sowet, ynha-da sen. Men-ä görünmenem, goşulmanam...
Eziz beý diýmände-de, Akbäbek oňa beletdi. Ol diýseň
ýüzlekdi. Setanda-seýranda magazine iberse, eline berlen zady alar
gaýdybererdi. Kä ýarym gaýtargysyny kem berselerem çaga ýaly sesini
çykarmazdy. Gaýtam öýe gelip: «Kem berenini bilmesin-ä bildimem
welin, aýtmaga utandym-da gaýdyberdim» diýerdi. Akbäbek oňa kä
igenerdi, kä gülerdi.
«Wah, siz erkekler. Siziň şu gerekmejek tarhandökerligiňiz biz
aýallara gymmat düşýär. Magazinde köpük gaýtargy almagy kiçilik
bilýäňiz... Taksa aýagyňyzy atsaňyz bir manat oklan bolýaňyz. Ana,
onsoň olaram ýaman öwrenýä. Hemişe şo gerek. Ah, erkekler, erkekler...
Siziň owarraňyz bize gymmat düşýä. Baý, gymmat düşýär-ä...»
Ýeri gelende Ezizem Akbäbegi ownukçyllykda aýyplardy: «Wah,
aýallar sizem öwünmäň. Alýanyňyz bir buhanka çörekdir welin, atdüýe alýan ýaly şol duransyňyz. Ýanykmy, çigmi, gatymy-ýumşakmy,
eliňize çarşajyk alyp, telim sapar agdaryp çykýarsyňyz. Çörekdir-dä,
17
haýsy bolanda näme. Çaga aýakgap aljak bolsaňyzam şeýle. Gerek
gerek razmeriňi alypň gaýbermelidir. Siz bolsa azyndan on sapar
geýdirip çykararsyňyz. Magazinlerde nobat döredýän siz, aýallar.
Öwlüýä kessin, elli erkek adam öňümde dursun, men olaň yzyndan
nobata garaşmaga kaýyl. Ýöne bir oýnam aýalyň yzyndan durmaga
welin, çyadamok: Hut kanagatym ýetenok. Bardy-geldi öňüňdäki
pensioner dagy bolaýsa, bar onsoň. O günüňi köýdi biläý. Ýeke özi ähli
märekäni dykyn edip durandyr. Ozal-a tä kassir elini uzadynça puluny
çykarmaz. Edil biri elinden kakyp ötä gitjek ýalydyr... Soňam ellerini
titredip, sanap başlar. Onda-da puly bölek bolaýsa, ne ýagşy. Tutuş
bolsa, welin dat günüňe. Dur onsoň garaş-da. Onuň welin, perwaýy bir
ýalydyr. Sen garaşýamyň, işe gyssanýamyň kempir äwmez. Ýygyrtýygyrt elleriniň aýasyny gözüne degräýjek bolup, şaýlyklaryň ýüzüne
sereder. Alar gaýtargysyny bir sanar, iki sanar. Soň dogry bereninibermänini kassirden gaýtadan sorar. Ol: «Dogry, garry ene dogry»
diýer, emma kempir müňkürdir, «dogry berdimi, şeýle bolýamy?»
diýip, yzynda durandan sorar. Gygyryşarsyň, gyssanarsyň ol utanmaz,
gaýta, seni götinogry eder. «Bu ýerde aýyp zat ýok, graždanin. Holha
oka, sen bir sowatly adam» diýer. «Puluňy kassaň ýanynda sana»
diýlip ýazylan ýazgyny görkezer. Seň bilen jedelleşmäge başlar. Sen
goýarsyň, ol goýmaz. Diýeniňe puşman edersiň. Sypyp bilseň razysyň.
Müň kerem ötünç sorarsyň...»
Jaý diýeniň bolsa bir buhanka çörek däl ýa-da çaga aýakgaby
däl. Oýlanyşanyňa, jedelleşeniňe degýän zat. Sebäbi jaý ömrüňiň
köp böleginiň hemrasy. Keýpiň-de, şähdaçyklygyň-da oňa bagly.
Işewürligiňe-de, ýaltalygyňa-da käbir derejede dahylly. Indi üstümde
tünegim bolsa bolsa bolýar diýilýän döwürden oba göçdi. Her kimiň
islegi ileri. Gowudan gowy ýaşasy gelýär. Bu zatlara Ezizem düşünýär.
Akbäbek Eziz gidensoňam köp oýlandy. Ahyrda-da özüniňkini
dogry tapdy: «Aglamadyk oglana emme ýok» diýip, ýönelige
aýdylmandyr. «Soňky tüýkülik sakgal ezmez». Men öz islegimi
aýdaýyn. Paltam daşa degse, soň razylaşaýmaly bor» diýip ýüregine
düwdi. Şäher Sowetine baranda aýtjak zatlaryny öňürti öz ýanyndan
bir-bir gaýtalady, mazaly kellesinde bişirdi.
Emma haýp. Bar öwrüp-çöwreni, ölçäp-keseni biderek boldy.
Ol şäher Sowetiniň öňünde şert goýmalam bolmady. Aýagyny
18
diräp, hötjetlik etmelem bolmady. Asyl dil ýarmaga-da ýetişmedi. Edil
ýüregini bilen ýaly arzuw edýän ýerinden şarňyllap duran üç otagly
jaýyň açaryny eline berdiler.
Indi nätmeli? Göni öýe gaýdybermelimi, Ezize buşlamalymy?
Ýok, käte adam diýeni boldugyça beter edýär. Munuň bir emmasy bar
bolaýmasyn. Goňşularymyz näzeýilli adamlarka, gideýin, göreýin,
gürleşeýin. Köneleriň aýtmadygy barmy. «Jaý alma-da, goňşy al»
diýipdirler.
Ol ýene ýola düşdi. Emma onuň bu howatyrlanmasam puç boldy.
Begenjini Ezize buşlamakdan başga ýol galmady.
— Bir garry goňşyň arzuwyndadyň. Bir däl, iki däl, dört
pensioner goňşuly bolduň — Eziz gözüň aýdyň!
Eziz Akbäbegiň begenjine goşulsa-da, näme diýýänini
saýgarmady.
— Garry diýeniň bir öýde bir bor, iki bor, dördüň nä görgi?
— Ýok, Eziz, olar birem däl, ikem däl, hut dört sany — diýip,
Akbäbek gaýtalady. Jaý eýeleri iki ýaş juwan. Ýöne jaýda olar
ýaşaman, gyzyň ata-enesi bilen oglanyň ene-atasy ýaşaýar. Olar eýýäm
göçübem gelipdirler. Oturdym, gürleşdim. Çaýam içdim. Dördüsem
gowy adamlar.
— Dört garry bir jaýda oňşup ýaşaýan bolsa, olar ýöne-möne
gowam däldir — diýip, Eziz oň aýdanyny tassyklady.
Ezizowlar haýal etmän göçdüler. Olaryň öňki jaýlaram gowudy.
Ýöne bu jaýlary juda gowudy. «Biz köne ýurdumyzdan nägile däldik.
Ýöne täze ýurdumyz has hezil» diýip, özleri häli-şindi gürrüň edýärdiler.
Jaýyňyzyň bahasy, bagyňyzyň bahasy, hatda towuk ketegiňiziň bahasy
diýibem, ýoňsuzja pul berdiler. Köne jaýlaryny ýykanlarynda penjiregapysyny, agaç-ugajyny satyp, ýene ep-esli pul edindiler.
— Köneler «iki göçde-bir talaň» diýipdirler welin, biz-ä gaýtyp,
baýadyk — diýip Eziz güldi. — Ýene bir gezek göçäýsek, tüçjar baý
bolarmykak diýibem gorkman duramok.
Täze jaýa göçüp gelnensoň, ylaýta-da Akbäbegiň ýüki ýeňledi.
Odun-suw azary ýok, ähli zat eliniň astyndady, üçünji etaždan düşmäge
ýaltanmasa, magazinem ýanlaryndady.
«Eşret kemi ýok! Hernä uzagyndan nesip etsin» diýip, Akbäbek
otursa-tursa gaýtalady.
19
Eziz öz ýüregindäki arzuwyny hasyl ettmegiň pursady ýetdi
hasap etdi:
— Eşret diý-de, goýaý. Bolsady ekemizde-de şundan
gowusyny islemezdik. Şonuň üçinem, Akbäbek, biziň bu pusady
peýdalanmagymyz gerek.
Eziziň näme diýjek bolýanyna Akbäbek eýýäm düşündi. Emma
düşünmedik boldy:
— Gönüläp aýtsaň?!
— Menem ile meňzeş bolsam diýýän...
Akbäbek dymdy. Sebäbi oňa Ezizi mundan artyk gürletmegiň
hajaty ýokdy. Ylmy işiň başyna çökmek onuň köpden bäri arzuwydy.
Emma arzuw arzuwdy. Maşgalada ony hasyl etmäge şert ýokdy. Eziz
uniwersiteti gutaranda tikin atelýesine şägirt bolup işe giren on sekiz
ýaşly gelin — Akbäbek ondan bäri ep-esli ösüş edipdi. Ol şägirtlikden
biçimçilige ýetipdi. Emma Eziziň welin, şo bir duran ýeridi. Şol bir
kiçi ylmy işgärligidi, şol gatnap ýörşüdi. Ony ne ulaltdylar, ne-de
kiçeltdiler. «Kiçeltmesin-ä kiçeltjekler welin, mundan kiçeltmäge
aşakda ýer ýok» diýip, käte Eziz janköýer dostlarynyň ýanynda öz
işinden nägileligini ýaňzydardy, oýunlyga salyp gülerdi. Ýöne onuň
gülküsem öňde biriniň aýdyşy ýaly, içi ýananyň gülküsine çalym
edýärdi. Ol elinden iş gelmez nalajedeýin däldi. Iň ýaman ýerem — ol
işlärdi, özgeler şärik bolardy. Ol gijelerine ýatman, makalalar ýazardy,
ýöne ol makalalar çap edilende onuň golunyň üstünde kimidr biriniň
goly gögeredi. Nämemiş, Eziziň alymlyk derejesi ýokmuş... Ylmy ady
ýokmuş. Derejeli adamlaryň biri ýataşärik bolmalymyşyn...
Ahyr degnasyna degen Eziz kyrkdan agansoň, işiň gapdalyndan
dissertasiýa ýazmaga başlady. Şeýdip, ol içeriň ähli aladasyny
Akbäbegiň boýnuna taşlady.
Ýöne bolmajak bolanda bolmaz ekeni. Üç ýylda üç sapar
temasyny çalşyrdy. Agza-burna getirýär, ençeme güzerden geçirýär,
bolýar-bolýar edişýäler welin, bir zat tapylýar duruberýär. Emma
Ezizem «ölerem Alla diýmen» diýenlerini edip edil zyňlan jyk-jyk
ýaly täzeden bir temanyň boýnuna alaja ýüp dakyp, öňküdenem ürç
edip topulýar... Şeýdip, ol ellä alkymlanda kandidat boldy. Elli ýaşda
öz maksadynyň yzynda öz adyny gördi. Ondan-mundan til kakyldy,
gazet-žurnallar ondan makala sorady. Bu Eziziň ylma bolan teşneligini
20
artdyrdy. Onuň indi doktor bolasy geldi...
Akbäbek bu zatlary ýatlap dymdy. Eziz bolsa dymmagy
razylygyň alamaty hasap etdi. Has berkitmek isledi.
— Näme-de bolsa iki ýyljyk gaýrat et, Akbäbek. Men
doktorantura gideýin.
Emma Akbäbek bu gezek unamady. Ýaşyr-ýuşursyz öz
garşylygyny aýtdy.
— Bessir, Eziz, öňde birine «elli ýaşda dutar çalmany öwrenip
görüňde çaljakmy» diýýärmişler». Senem şoňkyny etme. Kandidat
bolduň, bes. Çörek puluňy berýäler oturyber. Birsellem dynjyňy al,
etiňe-ganyňa çyk...
Eziz öz eňegine tutdy:
— «Alymyň arrygyndan gork» diýip eşitmänmidiň. Arryklyk
aýyp däl.
Akbäbek o gezek razylaşsa-da, ahyr Eziz ony yrdy. Emma
duýdansyz gelen bela ony Moskwa doktorantura däl-de, doktora
gitmeli etdi.
***
MOSKWA BULARY GARAŇKYLYKDA garşylady.
Professor Nurymowyň haty bilen Ezizi keselhana ýerleşdirdiler.
Emma Akbäbek welin foedäki gaty oturgyçlaryň birinde dik oturyp,
daňyny atyrmaly boldy.
Heniz günem dogmandy, keselhana geýmine giren Eziz, etažlaryň
birinden aşak düşdi. Ol ukyny alypdyr, ýuwnupdyr, ardynypdyr, ýüzi
täzelenen ýaly bolupdyr. Özem ýylgyrýar. Hawa, iň esasy zat — Eziz
ýylgyrýardy.
«Hernä ýylgyrdygyň bolsun-da, jan Alla» diýip, Akbäbek şo
bada ýol argynlygyny-da, ukusyzlygy-da unutdy.
Lar tirkeşip daş çykdylar. Doganyndan depäňideşip barýan günem
ýok. Gije nire-nirediginem bilmändirler, o ýeri giden arça tokaýynyň
gyrasy ekeni. Ýüzüne çyg düşen gök otly meýdan şähdiňi açýardy.
A keselhana? Ol keselhana däl-de, Akbäbegiň gözüne özbaşyna bir
şäherjik bolup göründi. Onuň korpuslary, gezimk meýdançalary —
bary Akbäbek üçin täsindi, geňdi.
Eziz ýeňil dem aldy. Akbäbegiň umyt çyrasy täzeden köredi.
«Çala-çula keseliň bu ýerde öz-özem aýrylyp gider» gider diýip,
21
içini gepletdi. Birdenem professor Nurymowyň «Entek umydy elden
bermäň» diýeni ýadyna düşüp ýüzi ýagtyldy. «Belki, ol çyndan
aýdandyr? Teselli bermek üçin däl-de, hakykaty aýdandyr?»
Ol Eziz bilen tokaýyň gyrasynda ýanaşyp oturyp, arassa
howada jahany synlaýarkalar-da bu pikirden saplanyp bilmedi. Gaýta,
Nurymowyň aýdanlaryny birin-birin ýadyna salmaga çalyşdy: «Bu
kesel syrly kesel. Dogry, keseliň gowus-a ýokdur weli, bu şolaryňam
iň zannyýamany. Ýaman ýerem heniz bize nogtaladanok. Dünýäň
ähli ýerinde bar. Bütin adamzat bu keselden ejir çekýä. Jahanyň
alymlary, men diýen doktorlary bir ýana, şu keselem bir ýana. Munuň
syryny açyp, dermanyny tapana altyn heýkel salynjakdygy hem
hak. Haçan, kim o hormata eýe boljak, millionlaryň alkyşyny aljak
ol entek belli däl. Ýöne bir zat belli: gürrüňsiz bu keseliň öňi alnar.
Ertirmi, bir ýyldanmy ýa ýene on ýyla çekjekmi, ine bu weli belli
däl... Size berjek maslahatym, ruhdan düşmäň. Men muny dostumyň
maşgalasy bolanyňyz üçin däl, wraç bolanym üçin aýdýaryn. Kesel
hernäçe howplam bolsa, umydy elden bermäň. Baryň, işiňizi Moskwa
oňarsyn!»
Akbäbek soňky sözleri öwran-öwran gaýtalady. «Umydy elden
bermäň. Işiňizi Moskwa oňarsyn!» «Umydy elden bermäň. Işiňizi
Moskwa oňarsyn!»
Häzir Akbäbek üçin başga hiç zat ýokdy. Onuň üçin Mekge-de,
Medine-de şoldy. Käbe-de şoldy. Ol şu umyt bilenem gaýdypdy. Ýeri,
onsoň munuň umydy ýere çalnaýmaly bormy? Ol şu umyt bilenem
Moskwa gelipdi ahyry. Dünýäniň iň garaňky künjeklerine çenli
şamçyrag bolup, şöhle saçyp oturan Moskwa Akbäbegiň ýüzüne nur
çaýmazmy eýse...
Akbäbek howlugýardy, ýüregini ele alýardy. Emma seň
howluganyň bilen wraçlar howluganok. Bu ýerde howlugyp alaýmaly
zadam ýok. Oňa: «Barlarys, göreris. Bir hepdedenem netijesini
aýdarys» diýdiler.
Bir gün Moskwada bolup, Ezizi ýerleşdirip yzyna gaýtjak
Akbäbek garagy akan ýaly bir hepdä kaýyl bolmaly boldy.
Ol bir hepdäniň her gününi keselhana gatnap geçirdi. Içi bugaryp
duran bakyrçaly ertir-agşam keselhananyň gapysynda göründi. Jüýje
çorbajygyny getirýärdi, Ezizi öz eli bilen iýdirip, gutuldyrjak bolýardy.
22
Ol uçursyz geçiren gijelerini-de ýatlanokdy. Nätanyş şäherde ýatara
ýer gözläp, myhmanhanadan myhmanhana kaňkap, gören görgülerinide unudypdy. Eden harjy-da gözüne çöpçe görnenokdy. Diňe bir zady
gaýtalaýardy. «Düýbi düz bolsun. Ahyry gelsin».
Ol bir hepdäni diňe şol umyt uçgunyna çoýunyp ýaşady. Ýaşamak
niräň gürrüňi. Iýmäge işdäsi bolmasa, ýatanda gözi ýumulmasa, ondan
ýaşadyk bormy, şeýdip geçirdi. Ine, bu gün bolsa oňa netijäni ýene üç
gün yza çekýändiklerini aýtdylar. Nätjek, garaşmabilseň garaşam?!
Bir hepdäni uzak görýän Akbäbek on ikinji gün diýlendede gyzgyn naharly göwejini elinde saklap kselhananyň gapysyny
alyp durdy. Ine, birden kölegesiz göwresi salgy bolup duran agajet
akademik onuň ýanynda sagyndy-da, uzak koridoryň ugry bilen yzyna
tirkäp, ony alyp gitdi. Bu çokga sakgal goja kabinetine girip, dessine
Akbäbege oturmaga ýer görkezdi-de, söze başlady:
— Näme diýsene, keýgim. Düýn siziňem, biziňem tanşymyz,
meniň hormatly şägirtlerimiň biri professor Nurymow Aşgabatdan
til kakdy. Siziň adamyňyzyň ýagdaýyny sorady. Öýüňize baryp
gaýdypdyr. Çagajyklaryňyz bir oňatja oýnaşyp ýör diýýä. Muny
aýtmak meň borjum...
Moskwa geleli bäri her hili kynçylykda ejizlemedik Akbäbek
şu ýerde ejizlejek boldy. Gözüniň owasyna dolan ýaş dökülsemdökülsem diýip buldurady. Adamdan mert-de ýok namart-da. Ýat bir
adamyň hosarlygy ony pagyş-para eretdi. Bolsa-da özüni ele aldy:
«Wah, dogtor, maňa esasy zady aýtsana?» diýýän şekilde, penjireleri
açyşdyryp ýören süňňi gow ýaly ýeňil goja akademige seretdi. Goja
köp garaşdyrmady, ýene Akbäbegiň gaşyna geldi:
— Adamyňz barada welin... gynansamam, gyzym, häli-häzir-ä
sizi begendirer ýaly zat aýdyp biljek däl... Hawa, hawa, galanynam,
syrkawyň özi gürrüň berer. Eden emlerimiz netije bermedi...
Ynha, indem maslahat. Nätmekçi? Syrkawy alyp gitmekçimi ýa
entek...
Häki çalt gepleýän goja birden sagyndy. Akbäbek aljyrady.
Özüni şunça gün gezdiren umydy puja çykyp barýana döndi. Onuň
galpydysyna dyzynyň üstünde saklap oturan içi çorbaly bakyrçasynyň
gapagy tykyr-tykyr seslendi.
Akbäbegiň ýagdaýyna düşünen goja onuň dyzynyň bakyrçasyny
23
alyp, stoluň üstünde goýdy.
— Rahatlanyň... Bilýän, siz äkitjek diýersiňiz. A professor
Nurymow bolsa ony bu ýerde galdyrmagy maslahat berýä?!
— Bejerip bolmajak bolsa...
Akbäbek gury ýuwdunyp, ýeňsesine dolandy, yzyny aýtmaga
gurbaty çatmady. Akademik turup, elini onuň egnine goýdy:
— Toba, toba. Siz meniň diýmedik zadymy beri diýdirmäň,
ol aýyp bor, gyzym. Haçan men size beý diýenmişim? Kim aýdýar
ony bejerip bolanok diýip?! Men beý diýemok ahyry. Hiç haçan
diýmenem...
— Onda näme maslahat berýäňiz, doktor?..
— Medisina hemişe kesel bilen göreşýär. Kän halatlarda ol
adamyň kekirtmegine münen ajaldanam üstün çykýar. Biler bolsaňyz,
demsiz göwräni janlandyran pursatlarymyzam seýrek däl, keýgim...
Siz meň aýdanlaryma düşünen bolsaňyz gerek. Ä?!
Emma Akbäbek hiç zat düşünmedi. Ol laldy, kerdi. Gözüniň
öňünde bolsa diňe Ezizdi. «Gideli, Akbäbek jan. O ýerde çagalar itiň
horudyr. Näme bolsa kysmatdakyny görübereris...»
Ahyr akademik öz pikirini aýtdy:
— Gowusy, siz meň maslahatymy alyň-da, çagajyklaryňyzyň
arasyna gaýdyň. Görýän welin, sizem bu ýerde horlanýarsyňyz. Biz
elimizden gelenini ederis. Goý, ol ýene bir aý-kyrk gün ýatsyn!..
Umydy elden bermäň!
«Wah, şu gury umyt gursun. Indi bu-da Nurymowyň diýenini
gaýtalaýar.»
Professor Akbäbegi kabinetinden çykaryp, eline içi çorbaly
bakyrçasyny berdi-de, ugradyp goýberdi. — Professor Nurymowa
salam aýdyň!..
***
AKBÄBEK MOSKWA GIJE baryp düşüşi ýaly, gije-de öýlerine
dolanyp geldi. Ol gapylaryny kakanda şäher eýýäm süýji ukudady.
Wagty bilen gapy açylmansoň, ýüregi wars-wars edip, agzyndan
çykaýjak boldy. Ahyr içerden Ballynyň:
— Kimsiň? Eje! — diýen sesi eşidildi.
— Jan-a! Aç, oglum, gapyny...
Aýagy tursuly Bally gyssanmaç gapyny açyp, ejesini gujaklady.
24
— Hany kakam? — Onuň ilkinji soran soragam şu boldy.
— Ozal salam bererler ahyry, ejeňe, balam — diýip, Akbäbek
ony gujaklap durşuna ogşady. — Kakaňam hä diýmän geler, oglum.
Bäş-alty gün, özüni barlatmak üçin galdy. Hany, Arslan jan ýatyrmy?!
Akbäbek çemodanyny iç işige taşlap, süýji ukuda ýatan körpe
ogluna tarap okduryldy. Ejesiniň sesi gulagyna ildimi, ýa süňňi
syzdymy, süýji ukuda ýatan çaga birden oýanyp gözlerini elekçelek etdi. Gujagyny gerip, topulyp gelýän ejesini görüp, allaniçigsi
gygyrdy: «Waý, eje ja-an!»
Ol krowatynyň üstünden ejesiniň boýnuna towusdy. Iki eli
bilen gujaklap, ýüz-gözünden ogşady: «Ind-ä gitmersiň, eje... Indi
goýbermen... Näme üçin meni äkitmediň?! — Ol hem aglaýardy, hem
ýetişdiginden sarnaýardy. — Gitmersiň... gitmersiň... goýbermen...»
— Bolýar, Arslan jan, goýber, jan oglum! — diýip, Akbäbek
onuň ellerini boýnundan aýyrjak boldy. Çaga ýaly rakyp zat barmy.
Ejesi gözünden üýtgese, ýene gidäýjek ýaly, eger goýberenokdy.
— Saňa kän jübüli balak getirdim... Süýji getirdim... — Akbäbek
ýalbarýardy, çagaň gulagyna-da ilenok...
Akbäbegiň özüniňem ýüregi ezildi. Gezekli-taýly ogly bilen
ogşaşdy. Sesli bolmasa-da ogly bilen deň aglaşdy...
Akbäbek Eziziň kesele ýoluganyny ilden gizleýşi ýaly,
çagalaryndanam gizlejek bolýardy. Emma Bally indi çaga däl ahyry,
ondan gizlär ýaly. Ol kakasynyň bir ýetmeziniň baryny aňýardy.
Ejesiniň ýöne ýere ony Moskwa äkitmejegine-de düşünýärdi. Gorkuly
zat ýok bolsa, jigisi ikisini öýde taaşlap, gitmejekleri-de aýandy. Onuň
«Hany, kakam?» howsalaly soramasam, şonuň üçindi.
Eneli-ogul aýak üstünden odur-budur gürrüň etdiler.
— Eje, sen ýadawsyň, ýat-da dynjyňy al — diýip, Bally öz
otagyna gidip ýatansoň, Akbäbegem Arslanjygy gujagyna gysyp
gyşardy: «Bary-ýogy iki hepde. Şujagaz mahalda-da bularyň boýny
sallanypdyr... Çaga ene-atadan aýrylmawersin hernä...» diýip ýeke
özi hümürdedi. Soňam uklkap bilmedi. — Bularyň ulusam entek
çaga ahyry. Ejä salam bermelidiginem bilenok. Uzagyndan aýra
salmawersin, hernä...»
Heniz kyrk ýaşap, üstüne gün dogrup görmedik Akbäbek Gün
asmana galanda oýandy. Doýa-garna uklamazlyk, uzak ýol onuň
25
lejini çykarypdyr. Arslanjyk bolsa uklanda-da eljagazlaryny ejesiniň
boýnundan aýyrmandyr, çeňňek ýaly ildirip ýatyr.
Akbäbek emaý bilenjik onuň ellerini boýnundan sypyrdy-da,
ýaňajyklaryndan öpdi. Soňra baryp, Ballynyň otagynyň gapysyny
açdy. Emma Balla derek onuň krowadynyň üstünden iki barmak hat
tapdy:
«Eje, men gitdim. Oýarmaga dözmedim. Agşam gürleşeris.»
«Çaga diýjeksiň, akylyňa döneýin — diýip, Akbäbek özbaşyna
gepledi. — Başyna düşende çaga birden ulalaýjak ekeni.»
Içerde iş köpdi, diýseň köpdi. Akbäbek nämeden başlajagyny
bilmeýän şekilde diňşirgendi. Onuň göwnüne bolmasa, içerde bir
ýakymsyz ysam aýlanýan ýalydy. Ajan miwäň ysymy, turşan kelemiň
ysymy, ony-da bilip bilmedi... Penjiräň öňünde telim gün ýuwulman
duran gatyk çüýşeleriň ysy bolmagy-da ähtimaldy.
Ol otaglaryň fortoçkalaryny açyşdyrdy. Boş gaplary
aşhana çykaryşdyrdy. Soň etmeli işlerini bir-bir ýatlady. Onuň
gaýragoýulmasyz işleri bardy. Ozaly bilen içerini syryp-süpürip,
pollary ýuwmalydy. Soňra Arslanjygy sertaraşa äkidip, saçyny bejerdip
gelmelidi, neressejigiň gözüne inip gidipdir. Soň ony suwa düşürmeli,
özi kirden çykmalydy... Çagalaryň geýimlerini ýuwmalydy. Magazine
gidip, iýer-içer ýaly zat alyp gelmeli, çagalara agşam näme-de bolsa
süýjüje bir zat iýdirmelidi. Özi gideli bäri, diňe kefirdir kolbasa bilen
gün geçirýän çagalaryň ýyly-yssy naharyň-da gözlerinden uçandygyny
ol oňat bilýärdi.
Akbäbek günuzyn gor ýaly gorsanyp geçirdi. Bolsa-da esasy
etmeli işlerine ýetişdi, bal ýaly süýji edip naharam bişirdi. Bally gelse,
üýşüpjik iýibermelidiler. Oňa nahar başynda çagalaryna aýdara gyzykly
gürrüňlerem bardy. Moskwa barada aýtsa, ylaýta-da Arslanjygyň hezil
edip diňlejegini-de bilýärdi. Onuň žurnallarda görse-de, kalendarda
görse-de kremliň suratyny gyrkyp alyp ýygnap ýörendigini-de gowy
bilýärdi. «Sen näme üçin meni äkitmediň. Ýa men gowy dälmi?» diýip
tükezzibana tutjagynam bilýärdi. Ony bu gün çagalar bagyna ibermän
ýanynda alyp galanam bolsa, iň gyzykly gürrüňlerini aýtman agşama
goýupdy.
Emma Bally geler ýerde gelmedi. Nahar telim gezek gaýnap —
syndy, Bally gara bermedi. Akbäbek garaşdy, erjellik bilen garaşdy.
26
Açlykdan ýüregi akyp barsa-da garaşdy. Sebäbi çagajyklary bilen
bileje nahar edinesi gelýärdi. Ahyr ol garaňky gatlyşanda, eli kiçijik
çemedanly gapydan girdi.
— Garaşdyraýdyň-la, oglum, näme alada tapyndyň?!
Akbäbek oglunyň ýüzüne soragly garady. Şol garaýyşdada ene ýüregi bir zat aňan ýaly howatyrlandy. Eşiklerini çykarmak
üçin içki tama giren oglunyň yzyndan seredip, oýa batdy. Göwnüne
bolmasa, içerde düýnki ýakymsyz ys täzeden gaýtalanan ýaly boldy.
Hawa, hut şeýledi. Akbäbek oňa göz ýetirdi. Bu ajan kelemiň ysam
däl, gatyk çüýşäň ysam däl-de çakyryň ysydy. Özem Ballyň agzyndan
gelýärdi. Akbäbegiň aňyrsy ýalanyp dursa-da, işdäsi tutuldy. Nätmeli,
gele-gelmäşe oňa igenip başlamalymy? Beýtseň, her gün ýoluňa
garap oturan çagalarynyň agzyna awy atdygyň bolmazmy. Bular
onuň gözünden uçuçpdy ahyry. Ýok, bu mahal onuň igenmäge dili
barjak däldi. Ýöne Ballyň beýle zada baş goşmagy bilen ylalaşypda biljek däldi, ol muny anyklamalydy, düýbüne ýetmelidi. Ýöne
soň. Häzir saklanmaly. Bilseňem bilmedik bolmaly. Şeýle-de bolsa,
ejesiniň ýüzüniň üýtgändigini Bally duýdy. Ýuwnup gelip, naharyň
başyna çökse-de, iýen zady bolmady. Naharlydygyny bahanalap,
derrew galdy. «Haýp, garaşyp, aç oturanymyz bolupdyr, iý, oglum,
Arslanjan, iý, ballym» diýip, Akbäbek kiçi ogluny mylakatlap, özüni
köşeşdirmäge çalyşdy.
Akbäbek nahar iýlen gaplary ýygnap aşhanadan çykanda Bally
müýnli görnüşde oňa pul uzatdy.
— Al, eje, pul getirdim!
Akbäbek oglunyň eline seretdi. Dogrudanam, onuň elinde
daşyna gyzyl onluk orulan ep-esli pul bardy. Ol az pulam däldi. Ýüz
bolmasa-da, segsen-togsan manat bardygyny Akbäbek saýgardy. Ol
Akbäbek üçin kän puldy. Sebäbi bularyň öýünde hiç haçanam arta-taşa
pul bolmandy. Hemişe ol aýlykdan ol aýlyga gyryp atardylar. Eziziň
kandidat bolmagy birneme ellerini giňeldipdi, içerik gerek-ýarak
zatlaryny alypdylar. Az-owlak ýygnanjalaryny bolsa Akbäbek ýanlary
bilen äkidip, kör köpügini goýman harçlapdy. Onuň daş ýanyndan
düşer diýip çaklan puly gaýtam kemterlik edipdi, öýe gelmäge taksä-de
ýetmändi. Öýde-de pul gerekdi. Kwartira tölemelidi, gaza tölemelidi,
çyra tölemelidi... Arslanjygyň çagalar bagyna tölemelidi... Onuň
27
üstesine-de, Ezize-de pul ibermelidir. Içeriň ownuk uşak ýetmezini
bu zatlar hökmanydy. Şonuň üçinem Ballyň elindäki pul köp derege
ýarajakdy.
Emma ol pul Akbäbegi begendirmedi, gaýtam, birhili sähne etdi.
Şonuň üçinem pula eli uzamady.
— Bu nämäň puly, Bally?
Bally henizem uzadyp durşuna seslendi:
— Işe girdim, eje. Işleýän.
Akbäbek düşünmedi, gözlerini petredip durşuna puly aldy, ýöne
onda hiç hili özüne çekiji ýylylyk duýmady:
— Beýtmeli däl ekeniň-dä, oglum. Biz entek seň eklenjiňe mätäç
däl ahyry. Okuw bilen iş agyr düşer.
Bally ýüzüni galdyrdy:
— Men okuwy taşlajagymy aýdypdym ahyry...
Akbäbek egninden basylana döndi. Elindäki puly düýrmegi
bilen stlouň üstüne oklady-da, duran ýerinde çökdi. «Hawa, hawa,
aýdypdyň-aýdypdyň» diýip, özbaşyna hüňürdedi. Başlaryna bela
getiren şol harasatly günüň gürrüňini çala ýadyna saldy. Ol asyl
ýadyndanam çykyp gitse nätjek. Beterinden-beteri bar. «Beterinden
saklasyn» diýilmesiniň sebäbi şeýle zatlar üçin bolsa gerek. Ol häzir
beterini eşitdi.
Akbäbek näme pikir edýäninenm bilenok, şol bir doňup otyr.
Gözüniň alnynda ýatan pullar bolsa eýýäm manysyz bir zada öwrülipdi.
Ballyň ejesine ýüregi awady, onuň boýnundan gujaklap
ýalbarmaga başlady:
— Gaharlanmasana eje, beýtmesene... Erbet zat ýok ahyry bu
ýerde... «Hyzmat» firmasynda işleýäs, başga-da oglanlar bar... Maşyn
bejerýäs. Ýeri, şuň nämesi erbetmişin ä?
Akbäbek oglunyň müýnsiz gözlerine garady. Bu mahal başarsa,
ýürejigini çykaryp, ejesiniň öňünde goýmaga taýyndygyna ynandy:
— Men indi saňa näme diýeýin, oglum — diýip, Akbäbek
sagyndy. — Ýene sanlyja günden okuwy gutarýaň, diplom aljak bolup
dursuň. Özüňem okuwyňy taşlaýaň. Şuň erbetdigini bilmeseň, onda
näme diýeýin...
Bally özüni aklamaga dyrjaşdy:
— Gutaramda-gutarmamda, tapawudy näme, eje. Barybir, men
28
maşyn bejermeli ahyryn. Kuly murt näme okap ussa bolupmy? Ähli
adam yzynda ser-sepil... Men şoňa şägirt boljak.
Bally dürli deliller agtardy. Olaryň birem Akbäbegiň gulagyna
ilmedi. Ol yzyny üzmän «Nätmeli?» «Nätsemkäm?» diýip, içini
gepletdi.
Ejesiniň pikire batanyny gören Bally ony ynandyrdym güman
etdi. Täzeden agzy ýetişdiginden gürledi, ejesiniň göwnüni götermäge
çalyşdy.
— Ynha görersiň, erte özüň aýdarsyň, eje, dogry edipsiň diýip...
Aýlygymy-ha köpügini kemmän eliňe getirip bererin. Daşyndan
düşenjesinem kassa goýaryn, ýygnaryn. Kakam doktor bolýança
menem maşyn edinerin. Özem diňe altynjy wypuska «Žiguli» alarys.
Onsoň seni bir ädimem pyýada ýöretmeris. Irden turup ýuwaryn,
süpürerin, soň ilki seni işe eltip gelerin, onsoň Arslanjany çagalar
bagyna äkiderin. Dynç günleri bolsa ählimiz münüp, dagyň eteklerine
çigildem ýygmaga gideris... Kakam meň ýanymda oturar. Arslan ikiňiz
yzynda oturarsyňyz.
«Kakam ýanymda oturar diýen diliňe gurban. Agzyňdan Hudaý
eşitsin» diýip, Akbäbek içini gepletdi.
Bally soňam köp gürledi. Hiç kim hä bermese-de gürledi.
Agzyny suwardyp gürledi. Boljak, bolmajak arzuwlar etdi. Ol şeýtmek
bilen hem-ä öz arzuwyndan özi ruhlandy, hemem ejesiniň göwnüni
emendirmek isledi. Ara düşen doňaklyk buzuny pagyş-para eretmek
isledi.
Akbäbek kelep ujuny ýitirdi. Indi ol ogluna gahary gelýäninide bilenokdy, haýpy gelýänini-de. «Jany agyran Taňrysyna gargar»
diýenlerini edýän bolaýmaýyn. Bu neresse ogurlyk etmändir, birini
talamandyr. Öz zähmetjigi bilen gazananja puluny getiripdir. Näme
üçin men muňa beýle ýowuz daraýan» — diýip, öz-özüne käýindi.
«Ilkinji aýlygyny getiripdir, munuň göwnüni götermeli, maňlaýyndan
sypamaly, öýe eklenç goşan oglum diýmeli...»
Akbäbek şu pikirler bilen mylaýymlandy. Gaharyna badak
salyp, assa-assadan oglunyň nirede işleýänini, näme işleýänini sorady.
Kuly murt kim, aýlygymyň daşyndan düşýä diýýäni näme, anyklady.
Soňra özi olara Moskwaň gürrüňini berdi. Ýöne barybir, ene ýüreginiň
sanjysy aýrylmady. Ol elini döşüne goýup ýalbardy: — «Jan balam,
29
ejeňi diňle, okuwyňy tamamla-da, göwün söýen ýeriňde işle. Biz saňa
ýüzüň üstünde burnuň bar diýsek bolmadygymyz. Görjegiň öňüňdedir,
iki barmak maňlaýyň bolsun. Ýaşlyk edip «sygryň guýrugynda pyçak
döwme», hünärden ýüz öwürme, meň pendimi al-da, henizem bir
pille, yzyňa dolan!..»
Bally öz delilleriniň ýer kertmänine diňe şu wagt düşündi.
Ejesine näme diýjegini bilmän gaharlanjak boldy:
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Eneler uklamaýar - 3
  • Parts
  • Eneler uklamaýar - 1
    Total number of words is 3756
    Total number of unique words is 2185
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Eneler uklamaýar - 2
    Total number of words is 3744
    Total number of unique words is 2196
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Eneler uklamaýar - 3
    Total number of words is 3751
    Total number of unique words is 2155
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    41.4 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Eneler uklamaýar - 4
    Total number of words is 3729
    Total number of unique words is 2080
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    43.8 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Eneler uklamaýar - 5
    Total number of words is 3755
    Total number of unique words is 2150
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Eneler uklamaýar - 6
    Total number of words is 3741
    Total number of unique words is 2248
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Eneler uklamaýar - 7
    Total number of words is 3770
    Total number of unique words is 2148
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    43.7 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Eneler uklamaýar - 8
    Total number of words is 2123
    Total number of unique words is 1400
    35.7 of words are in the 2000 most common words
    48.9 of words are in the 5000 most common words
    55.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.