Latin

Eneler uklamaýar - 6

Total number of words is 3741
Total number of unique words is 2248
30.2 of words are in the 2000 most common words
43.9 of words are in the 5000 most common words
50.1 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
«Biz Bally Ezizowyň okaýan uçilişşesiniň mugallymlarydyrys»
diýip, bir gartaň aýal bilen ýaş gyz bulara geldi. Olar ilki Ballynyň
otagyny gördüler. Ýatýan krowatyny, sapaga taýýarlanýan stoluny
gördüler. Soň Akbäbek olary yzyna düşürip, Eziziň iş otagyna,
myhmanhanadyr aşhanalaryna çenli aýlady. Içeri o diýen gurplam
bolmasa, ähli zat ýerbe-ýerdi. Iň esasy zadam päkizedi.
Olar aýlandylar-gördüler, gitjek bolanlarynda hem Akbäbegiň
uçilişşäniň direktorynyň ýanyna baryp gaýtmagyny soradylar.
Akbäbek ör-gökden geldi:
— Näme ýene bir bolmasy zat bolaýdymy?
— Ýok, entek bolan zat ýok. Şo ýerde gürleşeris — diýip, gartaň
mugallym çykyp barýarka seslendi.
«Ýene bir hokga çykarandyr ol. Ýogsam meni uçilişşä
çagyrmazdylar» diýip Akbäbek iňkise gitdi...
Akbäbek baranda direktoryň kabinetinde özünden başga-da
dört-bäş mugallym bardy:
— Biziň sizi şu ýere çagyrmagyňyzyň sebäbini bilýän bolsaňyz
gerek — diýip, direktor Akbäbege garady.
Akbäbek eginlerini gysdy. Baryp gaýdan aýallaryň gartaňy,
özleriniň hiç zat aýtmandyklaryny direktora duýdurdy.
— Ogluňyzam hiç zat aýtmadymy? — diýip, direktor sorady.
Akbäbek ýene başyny ýaýkady: — Näme boldy, aýdyň ahyry?!
72
— Ogluňyz okuwdan boşap, näwagt öýe barýar?
Akbäbek henizem haýsydyr bir ýaramaz habara garaşyp
oturyşyna gyssanmaç gepledi:
— Aý, käte garaňka galmanam baraýýar. Käte gije onlara-on
birlerede galaýýar... Näme?!
— A uçilişşeden bolsa, kä gündiz onlarda, kä on birlerde gidýär
— gidýär diýip, gartaň aýal pert-pert gepledi.
Akbäbek öte eşidendirin öýtdi:
— O nähili onlarda-on birlerde gidýär? Galan wagty nirede
bolýarmyş?
— Ine, şony sizden bilmek isleýäs — diýip, direktor gözlerini
gyrpman garap oturyşyna sorady.
Akbäbek näme jogap berjegini bilmän oturanlara seretdi.
— Siz ene, öz ogluňyzyň nirede gezýänini bilmeli ahyry — diýip
ýaş mugallym igençli seslendi. Akbäbek öz öýlerine baryp gaýdan bu
melegulpak gyzy tanasa-da, ýaňsa alyp jogap berdi:
— Men şony bilemokdym... Ýatladanyňa taňryýalkasyn keýgim
— diýdi. Direktor ýaş mugallymyň aýdanyny ýerliksiz hasap etdi: —
Ýoldaş Çaryýarowa, oglunyň nirede gezýänini ýeke enesi däl, bizem,
ählimizem bilmeli — diýip mugallyma duýduruş berdi. Akbäbek
uludan dem aldy:
— Sen entek ene bolup göreňok, gyzym, ene bolaňda düşünersiň...
— Näme diýseňiz-le, ýoldaş Ezizowa — diýip, direktor
ony köşeşirdi — Bize siziň kömegiňiz gerek. Adamyňyzyň
keselhanadadygynam eşitdik. Bir aýagyňyzyň Moskwadadygynam
bilýäs. Ýöne her niçigem bolsa, kömekleşmeseňiz ogluňyzy
başaramzok. Ynanyň, bize kyn düşýä. Çagyryp gürleşip gördük.
Köpçüligiň öňünde käýýäp utandyrybam gördük. Bir seretseň,
düşünmän durmaýan ýaly. «Bor, indi etmen» diýä-de, ertir ýene
yzyndan bir maşyn gelýä welin, okuwyny taşlaýa gidiberýä...
«Žigulimi»? — diýip, Akbäbek zöwwe galdy — Ziýa
Muhammedowiçdir ol, gelmän geçmiş...
— Ýok-la. O bir ýaş oglan ahyry. Altyn dişli, geýnüwli... —
diýip, mugallymlaryň biri onuň sypatyny salgy berdi.
— Wah, bilýän-le, şodyr — diýip Akbäbek otly köýnek geýdi
— ýaşyl «Žigulisi» bar dälmi?.. Başga adam bolup bilmez. Kakasam
73
orunbasar ministrdir. Şodyr...
Akbäbek uçilişşeden çykmaga howlukdy. Ol göni Nahal
Şeripownanyň üstüne gitjekdi. «Ogluňyz meň oglumyň ýakasyndan el
üzsün» diýjekdi. Emma daş çykansoň, ýene o pikirinden dänip, öýlerine
dolandy. «Beýki o däldir. Anyk bilmän, töhmet atyp oturmaýyn. Ilde
ýaşyl «Žigulilem» kän, altyn dişlem...»
Ol Ballynyň gelerine garaşdy. «Ziýa bilen tirkeşip geläýbilseýdir
hernä, meň ojagaz oglana diýjek sözlerim bar...»
Onuň ýadyna ýene şol açarlar düşdi. Öň bir gezek içerini assynüstün edip, olary tapmadygam bolsa, jan durmazlykdan ýene sermenip
ugrady. Birdenem Ballynyň çemodanjygyny dörüp otyrka, açardanam
elhenjiräk bir zada eli degdi — ýylan ellän ýaly ini çümşüldäp gitdi.
Daşyna esgi oralan bir garyşdan uzynrak pyçak onuň dilini baglady.
Dilden-agzydan aglyp, çemodanjygyň öňünde doňup oturdy. Sap
polatdan ýasalan aksaply pyçak hem öňünde ýatyrdy:
«Ýeri, muny näme bilen aklajak. Bu açar däl, ýarag ahyry.
Jenaýatyň ilkinji basgançagy...» diýip, içini gepletdi.
Ol çemodanjygyň gapagyny gahar bilen ýapdy-da, pyçagy eline
alyp, ýerinden turdy. «Häziriň özünde uçastkowaýa eltip bereýin.
Melamatdan çeträk bolan ýagşy». Birdenem pyçagyň ýaglowyndaky
«Z» harpyna gözi düşdi. «Z» — bu Ziýadyr. Bu şonuň işidir. «Sen
nireden biziň maňlaýymyzdan çykdyň, Ziýa. Sataşman geçseň
bolmaýamydy. Men muny häzir milisiýa elteýin. Goý, ýüzünden seň
adyňy okasynlar. Nirede ýasalypdyr? Kim ýasapdyr, anyklasynlar.
Men baryny aýdaryn... Açarlar barada-da aýdaryn. Bilip goýsunlar.
Eziziň adyndan ýazylan azanam derňesinler, poçerkinem anyklasynlar.
Zawodda işläp, ýagşy-da bir hünär öwrenipsiň. Özüň ýasadyňmy,
birine pul berip ýasatdyňmy, parhy ýok, bu saňa ýaraşýa. Seň etjek
işiň... Ýagşy-da bir dostuňy sylapsyň... Ajap sowgat edipsiň. Gaty
begendirdiň. Kiçimiň eline şkolad ber, ulyma pyçak. Ylahym «Žiguliň»
garyma gapgarylaýybilseýdir. Şonda senem dynardyň. Ballynam öz
gününe goýardyň. Ýogsam onuň garagyny gapdyň...»
Akbäbege öýüň iç dar göründi. Öz-özüne käýindi. «Näme
üçin şo gezek bular bilen bellisini etmändirin. Näme üçin orunbasar
ministr şlýapasyny alyp çykjak bolanda onda oglunyň edýän işlerini
aýtmandyryn. Näme üçin Nahalyň şypaň sözlerine aldanypdyryn.
74
Oglum okamasa okamasyn, adam bir bolsun ahbetin...»
Ahyr Bally geldi. Emma ol bu gün ýeke geldi. Akbäbek: «Gör,
ol mekiri. Eýýäm meniň uçilişşede bolup gelenimi eşidendir. Nä
ýüzüne bärik gelsin» diýip içini gepletdi-de, Balla garady. Onda bu
mahal sypaýyçylyga takat ýokdy. Ogly aýakgabyny çykarmaga-da
ýetişmänkä, oňa azgyryldy:
— Hany, baýaky açarlar?!
Bally aňk-taňk boldy. Hemişeki iýjekmi-içjekmi diýýän ejesi bu
mahal gahardan sandyrap zordan göwresini saklaýardy:
— O nä açar, eje?!
— Mönsürän bolma. Tap baýaky bir düzüm açary!
Bally diňe şundan soň, ejesini ýaga salýanyň nämedigine
düşündi. Bolsa-da aljyramady. Ýogsam Akbäbegiň bolşuna seredende
has gorkunjyrak bir zada garaşaýmalydy:
— Ýüregim-ä ýardyň, menem nähile açarka diýipdirin. Olar-a
şo bada eýesine gowuşdy...
Akbabek öňki berkliginde talap etdi:
— Men senden soraýan, hany şol açarlar diýip.
Bally ahyr sesini gataltdy:
— Ýok, how, şol açarlar, eje, ýok — ol elindäki portfelini içerik
oklady-da, bir taýyny çykaran köwşüni täzeden geýdi, çykyp gitjek
boldy. Akbäbek gapyň agzynda keserdi:
— Ejeňe «how» diýmäni nireden öwrendiň, biedep?.. Şol
açarlary tapmasaň gitmersiň...
Bally ejesiniň görejine garady: — Sen meni günüme goýjakmy
ýa ýok. Men çaga däl. Seret-seret, murtum garaldy. Sesim ýognaldy...
Akbäbek gaharyna bäs gelmän, onuň duluk çekgesine çaldy.
Ballyň gözünden ýalpa ot çykdy, gözünden däne-däne ýaş döküp,
diwana çökdi. Ol ejesiniň eli mydama melhem ýaly ýaramlydyr,
hamyr ýaly ýumşakdyr öýderdi. Şu wagt şarpygyň yzasy janyna
ornady. Ähtimal, ejesiniň eli onçakly gatam dälse däldir, emma ol ene
urany üçin gatydy. Onuň awusy degen ýerine däl-de, Ballyň ýüregine
ornapdy.
Akbäbek belanyň körügi bolan pyçagy çykardy:
— Bu näme? Bu ýarag biziň öýümize nireden düşüp ýör?..
Bally ýüzüni aşak saldy:
75
— Eýýäm onam tapdym diýsene — diýip hüňürdedi, birdenem
gygyrdy. — Sen haçana çenli meň kiselerimi döküşdirip ýörjek. Sen
meni kim hasap edýäň asla? Haçana çenli çemodanymyň daşynda
sermenjek?!
— Men sermenemok, barlaýan. Men seň ejeň...
— Barla, barla... Oňatja barla. Ogluň içalydyr. Ysgaw it getir.
Milisiýa çagyr... — Ballyň gahardan damagy doldy. — Ýa bolmasa
aýt, sygmaýan bolsam gideýin şu öýden...
Akbäbek jogap beremedi. Hersi öz pikirine gümra bolup
dymyşdylar. Ýöne bu daşky dymyşlykdy. Olaryň ikisiniň-de ýürek
howsalasy egsilerden önjeýlidi...
Öwüt-ündew, haýbat-syýasatdan zat çykmajagyna gözi ýeten
Akbäbek ahyr aýallaryň ähtibar ýaragyna ýapyşdy. Iç işikde oturyp
aglamaga başlady. Emma Balla o-da täsir etmedi. Täsir edenem
bolsa, syr bermedi. Ejesi aglaýamy-aglanokmy, şol bir doňup oturyşy,
gozganmady.
Akbäbek aglap-aglap az-kem ýüregini gowzatdy. Soň şkafyň
üstünde ýatan ýaglygyny başyna atdy-da, gapa ýöneldi.
Rejäniň geň däldigini aňan Bally, şol demde ejesi bilen roluny
çalyşdy. Öň ejesi öz öňüni saklasa, indi ol towsup baryp gapyny
saklady:
— Nirä gitjek bolýaň?!
— Gelnanja... Tansa gitjek...
— Ýok, eje, men seni goýbermen, ursaň ýene ur, ýöne goýbermen.
— Belki, ejeňe elem göterersiň. Aýryl ýolumdan, bikemal.
Ol ogluny itdi. Bolsa-da gowuşgynsyzrakdy.
Bally gapa has pugta ýapyşdy:
— Ursaň ur, ýençseň ýenç, ýöne goýbermen. Men bilýän sen
Ziýalara gitjeksiň... Ýa seňňem sudda şaýat bolasyň gelýämi?..
Bally hamsygdy. Akbäbek aňkaryldy. «Bu näme diýdigikä?»
diýen manyda ogluna çiňerildi.
Bally ejesiniň gowşanyny bilip, onuň goltugyndan tutup, diwana
geçirdi.
— Köşeş, eje. Köşeş. Gitme. Olaryň bu wagt sensizem azary
özlerine ýetik. Soň baryny gürrüň bererin... Şu wagt sorama-da, gitmede...
76
Ballynyň soň gürrüň bermejegi bellidi. Onuň gylygy şeýle. Iliň
ýetmezi barada gürlemegi halamazdy. Muny ejesi gowy bilýärdi.
Şeýle-de bolsa, «Men şoň bilen tirkeşip ýörüpdirin... Öz atasyna el
göterenem bir näkes bolar ekeni...» diýmegi Akbäbegi oýlanmaga
mejbur etdi.
Bally dymany bilen il agzyny ýygyp bolýamy näme? Barybir,
Akbäbek birnäçe günden soň Nahal Şeripownalarda näme bolanyny
özgelerden eşitdi. Ol şeýle bolupdyr:
Adam näçe sabyrly hem bolsa, ahyr sabyr-käsesi dolmaly bolýar.
Ziýanyň çaýkowlygy, Nahal Şeripownanyň ony ugruna goýbermegi
kakasynyň degnasyna degen bolara çemeli. Alypdyr-da, maşyny satyp
oturyberipdir. Ziýa hana-da: «Maşyn münesiň gelýäni çynyň bolsa,
özüň gazan-da müniber, ogul» diýipdir. Ejesi: «Sen feodal. Ömür boýy
bizi ezip geldiň, men muny etdirmen...» diýip, köne haýýarlygyna
tutjak bolupdyr. Oňa-da, «Sen gowusy gepleme, sem bol, men sen
sebäpli köçä çykyp bilemok. Işe gidemde maşynyň içinde bukulyp
oturýan. Gören «binamys» diýip maňa barmagyny çommaldýan ýaly
görünýär. Maşyn münesiň gelýäni çynyň bolsa bar, Şamil mündirer»
diýýär.
Nahal Şeripowna «aý-waý» diýip ýüregini tutan bolup ýykylýar.
Ziýa-da göreniň Ziýa, heniz temegine kakylmadyk oglan, turýarda tutýa kakasynyň ýakasyndan ebşitläp: «Sen garry göhert, ýaman
gaty gidýäň» diýip oňa ýumruk gezeýär. Emma garry gaýrat diýleni,
goja ýakasyny oglunyň elinden siltäp alaga-da «Kim ol garry göhert»
diýýär. Ziýa «sen» diýip-diýmänkä, ony bir çalanda agdarýar. Soň
gözüni agdaryp ýatan ogluny ýakasyndan tutagada galdyrýar-da, ýene
birki gezek gelşirýär... Soňam, soňam, soňam...
Gepiň külesi, Ziýa birki günläp daşarygam çykyp bilmeýär.
Indi Nahal Şeripowna bir ýerde edara bolsa arz edip çykypdyr.
«Işinde-nä bir pyzdyraryn, partbiledinem aldyraryn» diýýärmişin...
Onsoňam bir etjegim bardyr diýip, ol doktordan bir sprawka alypdyr.
Milisiýa çagyrypdyr. Ýakyn günlerde sud boljakmyş diýen gürrüňem
bar. Ýüzüne durjagam Nahal Şeripownaň özi, ogly Ziýa hem kakasynyň
şofýory Şamilmiş...
***
INDI ÜÇ AÝA ser urupdy, Eziz Moskwada keselhanadady, bir
77
gün gowrakdy, ertesi ýene gaýralaýardy.
Akbäbek öňki gezek günin gidip gelse, bu gezek Arslanjygam
äkidip, üç gün ýanynda boldy. Eziziň göwnüniň küýsänje zadyny
tapyp berdi. Ýaltanman naryň suwuny sykyp berdi. Dilim-dilim edip
apelsin kesip berdi. Ýyljajyk jüýje çorbajygyny öz eli bilen günde üç
wagtyna içirdi. Ol şeýdip Eziziň derdini eli bilen aýryp zyňmak isledi.
Her gün onuň derdiniň dep bolaryna garaşdy.
Emma şeýdip ýanyny alyp oturyp bolýarmy? Dördünji gün
ýene Aşgabada dolandy. Eýýäm ondan bärem iki hepde geçipdi.
Ezizden hat ýokdy. Akbäbegiň ýüregi gysyp ugrady: «Ýene iýmesi
galaýdymyka? Ýogsam hat ýazardy ahyry, sähelçe daýansam bararyn
diýipdi ahbeti...»
Her bir keseliňem ýolukmasy aňsat-da, aýrylmasy müşgildi.
Hasam Eziziň keseli keseliň namardydy. Ol her gezek iýeni
damagyndan geçip, taplanyp ugranda, keselini aldardy, hossarlarynyda. Gulanalma gutulyp ötägitjege meňzärdi. Bir hepde, on gün
geçýär welin, ýene-de ganymtegek gelip demligine dykylýardy,
bokurdagyndan öl geçirmek hal bolýardy. Onuň derdiniň nähiledigini
ýazýan hatlaryndan aňaýmalydy.
Derdi beterlände ýa-ha hat ýazmazdy, ýazaýsa-da ýartyja kagyza
çyrşardy. Ol setirleriňem her biriniň aňyrsynda umytsyzlyk görünýärdi.
Göwnüçökgünlik görünýärdi. Mahal-mahal iňňän sypaýyçylyk bilen
Akbäbege hojalygy nähili tertibe salmaly, çagalaryň geljegi barada
nähili aladalanmaly az-azdan duýdurýardy. Bir syrkaw ýoldaşy
barada ýazan kişi bolup, bir gezeg-ä has aýylganjyrak zatlar baradada ýaňzydypdy. Bu onuň: «bardy-geldi bolmasy bir iş bolaýsa özüňi
ýitirip oturmagyn» diýip, Akbäbege sargadygydy. Öňünden duýduryp
goýdugydy. Ol hatlar görer göze gysga-da bolsa, uzyndy. Mazmuny
sada ýaly hem bolsa, iňňän çylşyrymlydy, agyrdy, ajydy.
Akbäbek olary öwran-öwran okardy. Çagalary ýatyryp, çolaja
mahaly okardy. Mahal-mahal bolsa, Akbäbegiň gözüne ol setirleriň
arasynda Eziziň ruhy gezerdi: «Bagyşla, Akbäbek. Seň kysmatyň
ýaman getirdi. Seň erniňi ýyrşartmaga ýetişmedim. Emma bu
meniň günäm däldir bilseň. «Garry dünýä al içinde, adamzat hyýal
içinde» diýleni-dä. Meň öz hyýallarym, arzuwlarym bardy. Ýöne
sen gaty näumyt hem bolmagyn. Göwrümiňi giň tutgun. Entek bary
78
gutaraýanok. Bardy-geldi... kysmatym terse ýanasa-da, iki sany göz
monjugy ýaly oguljyklaň bardyr. Hä diýmän maňlaýyňdan dirärler.
«Iki aýakly, iki günde» diýipdirler...»
Sähel iýeni geçip, taplanyp ugran mahaly bolsa Eziziň hatynyň
mazmunam başgady, gep urşam üýtgeşikdi:
«Umytda bol, Akbäbek, saglyk bolsa, şu gezeg-ä şu kesel
bilen bellisini edäýsem gerek. Ýöne öňünden aýtmadyň diýme,
men barýançam gowy tamdyr edip goý. Magazinden çörek daşap,
meni doýrup bilmersiň. Şeýle bir işdäm açyldy welin, näçe iýsem
ýene iýmedik ýaly, aňrym ýalanyp dur. Işdämem açyk, şähdimem.
Düşünýämiň, Akbäbek? Men gutuljagymy şähdimiň açyklygyndan
duýýan. Ýoldaşlarym aýdýarlar: «Sen degişgen, gülegen bolupsyň.
Bizi derdimizi çekip ýatmaga goýaňok, gowusy, sen çyk-da git»
diýýäler. Diýmänlerinde-de çykjak-a. Sähel taplansam çykjak. Bes,
ýatma kemini goýmadym. Şunça wagtyň içinde dissertasiýamyň
gör näçe babyny ýazardym. Kelläme täze-täze pikirler gelýä. Turup
ýazyberesim gelýä... Wagt diýeniň bolsa garaşanok, geçip dur. Iş kän,
ýetişjek bolmaly...»
***
BALLY BIR HEPDE bäri kinoprokatyň çaklaňja garažynda
slesarlyk edýärdi. Tehnika höwesi hem ýok däldi. Käbir zatlardan başy
çykmanam duranokdy. Muny Ballynyň ideginiň artyp ugramagam
tassyklaýardy. Soňky günlerde: «Maşynymyň pylan ýerinden kemi
bar, Bally seredip bersin-le» diýip, goňşy-golamdan Akbäbegiň
ýanyna gelýänlerem köpelip ugrady. Bu Akbäbek üçin uly bagtdy.
Ogly il derdine ýaraýardy. «Bar, oglum, idelen ýeriňde irinme. Eliňgözüňiň haýry üçin hyzatyňy gaýgyrma» diýerdi. Möhümi biten
adamlar «aklyk» diýip, oňa bir zat emläýseler welin, Akbäbegiň ýedi
jyny birden atlanardy. «Eşitmedim diýmäň, gaýdyp gapymyzdan
garamaň» diýerdi. Akbäbek muny öýleriniň puly köp bolup edenokdy.
Puldan doýanam ýokdy. Oglunyň abraýyny puldan ýokary tutýanlygy
üçin edýärdi. Şu wagtdan bu gylygy öwrense, soň örkläbem saklap
bolmaz. Ulalanda-da şo gerekdir. Mydama gyltyma kowalaşan mal
ýaly, ylgar ýörer. Ne işleýän kärhanasyna hezil berer, ne-de iliň işini
edip gönendirer. Kim gelse, eline garar durar diýip gorkýardy.
Bally uçilişäni gutaryp gelende, Akbäbegiň begenjinden iki
79
bolup bilmändigi hiç kime gizlin däldi. «Berekella, ogul? Hem-ä öz
aýdyşyň ýaly, ýokary hünärli işçi bolduň, hemem ejeňiň isleýşi ýaly,
orta bilim aldyň» diýip, ol eline oglunyň diplomyny alyp goňşygolamlara çenli görkezipdi. «Ynha, indi gözel göwnüň: isle ýene
okuwa gir, oka. Isle işe gir, agşamyna oka. Menden saňa zowal ýok.
Kakaňam şeý diýýär» diýip, Ballyny bagryna basypdy. Hatda olar
Arslanjyk üçüjigi maşgalada kiçijik toýjagazam edipdiler. Uly toýy
bolsa kakalarynyň gelerine goýupdylar.
Emma bolmajak bolanda bolmaz ekeni. Akbäbebiň begenji
uzaga çekmedi. Ertir gidip, agşam gelip duran Bally ýene ýol urdurdy.
Işden soň gijigip gelmäni çykardy. Bir gün oglanlar bilen kino gitdik
diýse, bir gün gyzlar bilen tansa gitdik diýýä... Akbäbek bu zatlary
halanokdy. Emma alaç näme. Niçesar onuň her ädimini ölçäp ýörsün.
Bally ýigit çykypdy. Onuň özbaşdaklygy-da kadaly zatdy...
Öten agşam ýene Akbäbege uky haram boldy. Akbäbek näçe
garaşsa-da Bally öýe gelmedi. Ertir irdenem onuň ýatýan krowady
agşamkysy ýaly boşdy.
Nätmeli? Gözlegine çykmalymy? Gözläňde niräni gözlejek?..
Onuň işde bolmaga haky ýok. Sebäbi dynç günüdi. Galybersede, Akbäbek onuň işleýän ýerine beletdi. O ýerde iş gutaransoň
galaýyn diýende-de galyp boljak däldi. Mehanik öz eli bilen garažyň
derwezesini gulplardy. Gapdalyndaky köwüş fabriginiň bularda-da
ýarym aýlyga işleýän garawuly bolsa agzy ýalak ýaly äpet ala köpegini
getirip, garažyň agzynda uzyn sime baglap giderdi. Ana onsoň, ol it tä
ertesi eýesi gelip aýyrýança garaža döw sekdirmezdi.
Ýa ýene Ziýa birigäýdimikä? Ýok, Bally ony etmese gerek.
Ol: «Eje, men akmak bolupdyryn. Şoň bilenem tirkeşip ýörüpdirin»
diýýärdi ahyryn. «Men oň ähli kakabaşlygyny bagyşladym. Ýöne
kakasynyň ýakasyna el uranyny welin, bagyşlaman» diýip, gör, ol
näçe sapar ejesiniň ýanynda oňa käýinipdi. «Ýok, Bally nirede bolsada, Ziýaň ýanynda-ha däldir» diýip içini gepletdi.
Ol ýene Kuly murtuň külbesine tarap ylgady. Näme üçindir,
onuň göwnüne ogly ýene şonuň ýanynda ýalydy.
Akbäbegiň öňki baryp gaýdany bäri bu ýerde ähli zat diýen
ýaly üýtgäpdir, özgeripdir. Çakyşyp galmaza dönen maşynlaryň käsi
kuzowyny, käsi bamperini taşlap, ýene turup gidipdir. Olaryň ýerini
80
täzeleri eýeläpdir. Dynç günüligi üçin bolsa gerek, bu ýerde adam
ýokdy. Uzyn şlangasyny süýräp, Akbäbegiň habaryny alan sakgaly
kirpiň tikeni ýaly syh-syh bolup duran adam ýokdy. Bir süpük
serhoşa agyzlaryndan gelenini gargap, nasos bilen ýel berýänler-de
ýokdy. Şadynyň maşynynyň daşyna üýşüp, şu zamanyň ýaşlarynyň
ýeňilkelleliginden zeýrenýänler-de ýokdy... Bu ýerde üýtgemän galan
ýekeje zat bardy: olam Kuly murtuň külbesidi. Kiçijik pane çatma şol
öňküsi ýaly syrtyny demir haýata diräp, gyşaryp otyrdy.
Demi daljygyp gelen Akbäbek onuň gapysyny açdy. El ýaly
ýyrtyk keçäniň üstünde öňüne iki sany pomidor bilen bir çüýşe
«Çemen» çakyryny alyp, irkilip oturan Kuly murt Akbäbegiň
howsalaly soragyna perwaýsyz seslendi:
— Ä... Ballyşka, diýsene — diýip, öňünde ýatan «Pamir»
çiliminden sandyrap duran elleri bilen birini sogurdy-da, çekmäge
oturdy. Yzly-yzyna sordy. Tüssesiniň ýarysyny ýuwutdy, ýarysyny
paner diwarynyň ýüzi bilen burugsadyp goýberdi. Onuň bolşy ýanynda
hiç kim ýok ýalydy. Akbäbegiň içi byjyklady:
— Näme beýdip dymyp otyrsyňyz? Ýa gördüm diýiň, ýa
göremok diýiň, Kuly aga.
Kuly murt ýene birsellem dymandan soň, agyr gabaklaryny
göterdi-de perwaýsyz gepledi:
— Nirä gider öýdýäň.
Akbäbek has gyssandy:
— Men sizden ol siziň ýanyňyzda ýatdymy ýa ýok diýip
soraýan?!
Kuly murt dilsiz ýaly başyny ýaýkady.
Akbäbek ýene yzyna — özlerine ylgady.
Garaňky gatyşmagy bilen howsalasy has ulaldy. Başyna birbirinden elhenç pikirler gelip başlady. Goňşy-golamdan sorady.
Milisiýa til kakdy. «Tiz kömekden» habar tutdy. Gördüm-bildim
bolmady.
Ahyr ol Arslanjygy goňşularyna goýup geldi-de, gyssanmaç
geýimlerini çalşyrmaga durdy.
Gün gijigende şaglap inip, eglenmän geçip giden öýlänçi şäheriň
baglarynyň ýüzüni ýuwupdy. Asfalta çyg berip, gündizki yssynyň
howruny kowupdy, howa tämizlenipdi. Mylaýymja şemal baglaryň
81
üstünden aşyp gelýärdi-de, ýüzüňi ýelpäp geçýärdi.
Akbäbek her sese diňşirgenýärdi. Her garany içgin synlaýardy.
Uly şäherde adaty şowhun dowam edeýärdi.
Ozaly bilen ol şäher parkyna maňlaýyny diredi.
Akbäbegiň bu baga gelip görmänine köp wagt geçipdir. Seýil
bagy diýseň üýtgäpdir. Asmana atylyp duran fontanlar dürli reňkli çyra
şöhlelerine garyşyp, suwda älemgoşar döredýärdi. Çogdam-çogdam
bolup oturan mahmal bägüller jahana ys saçýardy. Emma Akbäbegiň
bu zatlardan-da lezzet almaga wagty ýokdy. Oňa her jahyl, her juwan
öz ogly bolup görünýärdi.
Ol tans meýdançasynyň gözeneginden garady:
Nirä seretse bir ýigit. Nirä seretse, ýaş juwanlar. Ala-böle Bally
ýokdy...
Soň gurluşykçylar bagyna bardy. Onlap skwerlerde aýlandy.
Alleýalary gözledi, ogluny tapmady. Bardykça howsala basmarlap, ol
indi ätiýajy-da goldan beripdi. Ozal tanalaýmaýyn diýip uzagrakdan
synlasa, indi käbirlerinden ýüzbe-ýüz durup, ogluny sorady. Çigni
gyzyl mata daňylgy družinaçylara, ýek-ýarym nobatçy milisionerlere
oglunyň sypatyny salgy berdi. Emma Ballynyň nirededigini hiç kim
aýdyp bilmedi. Ol ahyr aýagyndan irip, ýassyn mahaly nalaç öýüne
dolandy. «Mundan artyk çydamok. Baran dessime Ezize hat ýazaýyn»
diýip oýlandy:
«Goý gelsin, ýaşanja güni beri kömekleşsin. Dilli kelledir, öýde
gepläp otursa-da peýda...»
Ol giň prospektiň bir ujuny iki bölüp oturan haý-haýly
kinoteatrdan geçse, öýleri golaýdy.
Adatdakylary ýaly, goşa zally täze kinoteatryň öňi bu günem
mygyllykdy. Akbäbek tanalaýmaýyn diýen ätiýaç bilen onuň
ýeňsesinden öwrülip geçdi. Birdenem kinoteatrdan ses ýetim uzakdaky
ýerasty tualetiň deňine ýetende, güňleç gülki sesi gulagyna ilen ýaly
boldy. Ädimini haýalladyp, töweregine ýaltaklady. Emma adam-gara
görmedi. Diňe ýer bilen gyrba-gyrat salnan tegelek tualetiň depesinde
howa çykmak üçin edilen gümmezi ýeriň göbegi ýaly bolup garalyp
otyrdy. Gülki ýene-de gaýtalandy. Akbäbek başyny ýaýkap, gidiberjek
boldy. Birdenem bir zat ýadyna düşüp sagyndy.
Bu kinoteatryň açylan güni bularam Eziz ikisi Arslanjygyň
82
elinden tutup, şo dabara gelipdiler. Onuň bu ýere gelip, girip
görmegine-de Arslanjyk sebäp bolupdy. Girenine-de ökünmändi.
Onuň diwarlary ýüzüň görnüp duran syrçaly daşlardandy. El ýuwulýan
krantlary, rakowinalary diýseň neşelidi. Ony görmek üçin ýörite
girip çykýanlaram ýok däldi. «Ýok, gowa gowy diýmek gerek. Tüýs
oňat zat. Näme şäheriň merkezinde-de, märekäň köpräk ýygnalýan
ýerlerinde şular ýaly edip salmaly dälmiş. Ylaýta-da obadan şähere
düşen ýaşulylaryň gözüne degerdi» diýen ýaly gürrüňleri-de eşidildi.
Emma şäherlileriň bu begenji uzaga çekmändi. Şäheriň haýsydyr
bir ekabyr ýolbaşçysumagynyň kellesine «akylly» pikir gelen bora
çemeli. Iki aýam geçmänkä gapylaryny ýapyp, barmak ýaly çüý
urdular. Soňra bolsa «Ž» ýazylgy tarapyny-da «M» ýazylgy tarapynyda müdimilik petikläp kino gelýänleri bu eşretden mahrum etdiler.
Onuň girelgeleriniň mermer basgançaklarynyň üstüne döwük-ýenjik
plitalar taşladylar, terslin-oňlyn sütünler söýediler. Soňra ol ýazylyp
lezzet alynýan ýere däl-de, biedepleriň bukulgasyna öwrüldi. Akbäbek
sütünlere golaýlap, plitalaryň arasyndan yşlady. Aýyň ýagtysyna
sütüne duwlanyp duran iki garany saýgardy: «Bu bihaýalary görsene,
duşuşjak bolsaňyz başga ýer bahana bolandyr indi.»
Akbäbek hüňürdedi, käýindi. Aşakdaky gülki sesi birbada
kesilen ýaly etdi. Emma ýene az salymdan gyzyň gülküsi öňküdenem
çasly çykdy: «Näme böwregiň bökýä, asyra — diýip Akbäbek bu
gezek içinden käýindi — Ýa eliňden ýigit tutmaz öýdüpmidiň?»
Gyzyň owazly gülküsi Akbäbegiň gulagyna ýakymsyz eşidildi. Onuň
göwnüne gyz gülenokdy-de, ýerasty jaý gülýän ýalydy. Birden gyz
gülküsini kesip, ýanyndaky oglana jabjyndy:
— Bes et, oglan, gaharym gelýä...
Akbäbek başyny ýaýkady, oňa öz ýanyndan özi jogap berdi:
«Gaharyň gelýäni çynyň bolsa çyk, güm bol. Garaňky plitaň astynda
nä görüň bar? Ýok, gaharyň gelýäni galatdyr, janyňa hoş ýakýandyr,
biedep, ýüzügara...»
«Beýtmesene, oglan, Ballyş-ka!»
Akbäbek böwrüne daş degen ýaly ziňkildäp gitdi. Nedenem özüni
olaryň üstüne oklapdy, tas gygyrypdy. «Öte eşiden bolaýmaýyn?»
diýip diňşirgendi. Soň iki baka gezmeledi, ardynjyrady.
Akbäbege ikirjiňlenere ýer galmady. Bu Ballyň sesidi. Onuň
83
düýnden bäri agtaryp, tapyp bilmän ýören ogludy. Ýöne ol ogluny diri
tapanyna begense-de, ony hapa ýerde görenine namys etdi.
Aşakda Bally gyzy bagryna basdy. Öpjek bolup täzeden ýakalap
ugrady. Indi gyz näz hem etmedi, haýýarlyk edip, jabjynyp, oňa
garşylyk görkezjek bolubam durmady. Aýyň ýagtysyna onuň hasam
ak görünýän gollary Ballyň boýnuna çolaşdy. Şo demde-de ikisiniň
dodaklary birleşdi. Akbäbek muny gözleri bilen gördi. Görmäýendede hut şeýledigini oňat duýdy. Şol demde-de birhili gabanjaňlyk
döräp, süňňüne saňňyldy aralaşdy. Ol heniz aýal ysyny almadyk gül
ýaly ogluny kesekiniň öpmegine rowa görmedi. «Wah, ene gursun.
Biz bular diýip nä günlere düşüp ýörüs. Bular bolsa gör, nirelerde...»
Akbäbek ýene nämeler diýip hüňürdedi. Emma aşakdakylar
üçin buwagt ene näme, ata näme, olar dünýäde ikidi, diňe iki. Bally
hem gyz. Gyz hem Bally. Başga hiç zat ýokdy.
Akbäbek indi yşlap seretjegem bolmady: «Sen-ä ak süýdüňi
berip ulaltmaly. Başga bir nägehan bolsa, onuň dodagyndan sormaly...
Hernä halal süýt emeniň biri bolaýbilseýdir. Ur-tut kakasy gelen
dessine aýagyny duşaýar ýaly...»
Juwanlar öpüşdiler. Gaýta-gaýta öpüşdiler. Emma ganmadylar...
Ahyr ýene gyzyň gaharly gykylygy Akbäbegiň süýji
arzuwlarynyň arasyny ýoldy:
— Çek eliňi diýýän, ysnat?
Gyzyň her sekuntda birhili öwsüp durmasyna Akbäbek
düşünmedi. Bir görse-hä gülüp, şapladyp öpüşüp dur, birdenem, gyzyl
jynly, jabjynyp dur.
Bally oňa ýallaklady:
— Näm boldy, leglejigim, bagyşla?!
Akbäbek «Hi» edip içini çekdi, şarpyk sesi bilen bile ýerinden
galdy. Balla degen şarpyk onuň öz çekgesini awuşadan ýaly boldy.
Bally öňküdenem beter ýalbardy.
— Bagyşla, leglejigim, Žanna. Bagyşla meni...
«Wah, bagtym ýatdy — diýip, Akbäbek uýlugyna urdy — gyz
Jemal oguşýa. Ine, saňa «leglejik» kim ekeni. Hawa-da, oňa oglanlaryň
ählisi Žanna diýýär ahyry. «Ýylanyň ýigreneni narpyz, olam hininiň
agzynda gögerermiş» diýenleri boldy. Gel-gel meň oglumyň dodagyny
şo sormaly boldumy indi...»
84
Akbäbek ot-elek elewredi. «Çykyň, güm boluň şu ýerden» diýesi
geldi. Ýene bu hyýalyndan el göterdi: «Şo bihaýaň sesinem eşitmäýin,
kölegesinem görmäýin, Ballam ahyry bir ýerde öýe köwlener-dä»
diýip, gitmäge synandy. Emma aşakdan eşidilýän gülki garyşykly ses
ýene onuň aýagyny baglady:
— Henize çenli öpüşmäni bilmän bu ýaşy nirede ýaşadyň, oglan?
— Näme üçin, öpýän ahyry...
— Öpýäň ýagşam... Eliň nähile, suwa gideniň eli ýaly, howada
galgap dur. Gyz öpeňde eliň nirede bolmalydyr?
— Nädeýin eýse, biliňden gujaklamda-da aýyr diýýäň...
— Çolaşmany ýylanam oňarýa.
— Eýsem, nätmeli... Öwret-dä?!
— «Öwret-dä!» — Žanna ilki oň agzyna öýkündi. Soň güldi.
Emma Bally buwagt ähli kemsidilmelere kaýyldy. Şarpyk çalsa-da,
ýumruklasa-da hiç, komasa razydy. — Utan, peduçilişede boýy seň
ýaryň ýaly bir oglanjyk bardyr. Nädip öpüşmelidigini git-de şondan
öwren.
— Bally jogap tapmady. Žanna dowam etdi:
— Ýer çeken, şeýle bir öpüşerdi, şeýle bir öpüşerdi, ertesem
dodaklaň lowlar durardy. Diliňden soranda dabanyň aşagy lorkuldardy.
Arman, gaharymy getirdi-dä...
Bally az-owlak dogumlandy:
— Näme... serhetden aşaýdymy ol?..
— O näme diýdigiň boldy?
— Aý, hiç-le, gödegräk daraşaýdymy diýjek bolýanda.
— Erkek oglan gaty edeplem bolsa, gowy bolmaz. Özüm-ä
gödegräk oglanlary halaýan. «Eliňi çek» diýeniň bilen aýryp
oturyberjek bolsa, onuň gyzdan parhy näme... Biz oň bilen başga zat
üçin tersleşdik. Ýarmarkaň ýanyndan gije ýeke goýberdi...
— Ýeke goýberdi? — Bally çynlakaý nebsi agyryp sorady.
— «Sagat on birde hökman krowadymda bolmaly, ýogsam
komendant käýýä» diýýä. «Häý, komendant janyňy alsyn züwwetdin.
Ugra şu ýerden, gaýdyp maňa jaň kakaýma» diýdim. Hamana soldat
däldirin öýdenok meň başyma. Soldat bolsa, ol aýra gep. Kazarma
barmaly diýen wagtybaraýmaly hökman.
— Sen soldat bilenem gezip gördüňmi?
85
— Iki hepdä-de ýetmedi-le gezenim. Bir ýerig-ä ýitirim bolup
gitdi, sarja iýmeşik ýaly murtam bardy murty başyny iýmişiň. Eýýäm
ady hem ýadymdan çykypdyr.
Bally has ekezlendi:
— A sen lýotçik bilen gezip görmediňmi?
— Ýok, näme?!
— Öpüşmäge şolar ökde diýýärler. Ýedi müň metr ýokardan
«TU» bilen uçup barýarka, ýerdäki gyzdan posa alyp bilýärmişler...
— Baý-ba, olaryňky hezil ekeni — Žanna güldi. Ähli öýkekinäni unudyp güldi. Birdenem, Ballynyň ýaňsylaýanyny aňyp,
gaharlandy. — Gezdim diýsem, sen başga zady pikir edýän bolaýma...
Men çermegime pugtadyryn. Oglanlary synap görýän...
— Menem synp görýämiň?
— Sen başga gep. Ir-u-giç biri bilen ýaşaşmaly ahyry.
Bally çilim otlanmak üçin otluçöp çakdy. Goşaryndaky sagadyna
gözi düşende gyssandy:
— O-how, eýýäm kinoň soňky seansam gutaryp gidipdir,
gaýdaly.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Eneler uklamaýar - 7
  • Parts
  • Eneler uklamaýar - 1
    Total number of words is 3756
    Total number of unique words is 2185
    31.4 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    51.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Eneler uklamaýar - 2
    Total number of words is 3744
    Total number of unique words is 2196
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    44.0 of words are in the 5000 most common words
    51.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Eneler uklamaýar - 3
    Total number of words is 3751
    Total number of unique words is 2155
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    41.4 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Eneler uklamaýar - 4
    Total number of words is 3729
    Total number of unique words is 2080
    30.3 of words are in the 2000 most common words
    43.8 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Eneler uklamaýar - 5
    Total number of words is 3755
    Total number of unique words is 2150
    31.0 of words are in the 2000 most common words
    44.1 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Eneler uklamaýar - 6
    Total number of words is 3741
    Total number of unique words is 2248
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    50.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Eneler uklamaýar - 7
    Total number of words is 3770
    Total number of unique words is 2148
    31.2 of words are in the 2000 most common words
    43.7 of words are in the 5000 most common words
    49.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Eneler uklamaýar - 8
    Total number of words is 2123
    Total number of unique words is 1400
    35.7 of words are in the 2000 most common words
    48.9 of words are in the 5000 most common words
    55.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.