Latin

Beýik köňle syýahat - 5

Total number of words is 3793
Total number of unique words is 2042
32.0 of words are in the 2000 most common words
45.8 of words are in the 5000 most common words
52.7 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
özüniň aýratynlykda saz döretmegine sanalgyja ädim
galypdy. Ony sazçylyk mekdebini tamamlamanka
sazçylyk uçilişesiniň-häzirki D.Öwezow adyndaky orta
sazçylyk mekdebiniň ikinji synpyna geçirdiler. Beýle
böküş edip bilen başga ýokdy. Ol üstünlikler Nura täze
kuwwat berdi, uçilişede, aýratyn-da, öz synpynda Nury
şöhratly oglan boldy. Ol ýigit çykmasa-da, ýaňy ýetişip
başlan, görmegeý oglandy. Onuň kölegeli gözleri, edil
ejesiniňki ýaly mähremlikden ýaňa eräp barýardy.
Elbetde, her bir zadyň öz wagty-pursaty bar. Nury hem
düýşünde gyz görülýän pursatlary başdan geçirip başlady.
Bir gezek Bäherdene Baýly doganynyňka ýük
maşynynyň üstüne münüp gitdi. Başga-da erkek, aýal-gyz
bardy. Bir gyz oňa assyrynlykda şeýle bir bakdy weli,
Nury ýüzüni öwürenini bilmän galdy. O gyzyň gara
garaly ýaly gözleriniň howry Nuryny ýakana çemli,
kebelegiň oda dyzaýşy ýaly, Nury o gözlere ýene bakasy
geldi. Endam-jany, ýüregi birgeňsi ýylylyga meýmiräp,
bendi bolup başlady. Nury özüne zor berip, utanjy ýeňip,
gyza bakdy weli, asyl, gyz hälden bäri oňa bakyp oturana
çalymdaş, duýular-duýulmaz ýylgyran ýaly etdi-de, aşak
bakyp oturdy. Nury oňa uzak baksa-da, gyz başyny
götermedi. Hamana, gabak aňyrsyndan görýän ýaly.
Ýoluň çarkandaklary artdy, tozan köpeldi, kämahal
garşydan çykýan maşynlar bir-biregi guma gömüp geçdi.
Üstündäkileri maşyn siltäp, ýaýkap, galtap-galtap urýar.
Şol başagaýlykda Nury öz başagaýlygy bilen gümrady.
Eger birden o gyz özüne bakaýsa, o bakyşy, o garaýşy
sypdyrmajak bolup, hälki mährem gözlere zar bolup,
Nury gyz tarapa bakdy oturdy. Ynha, bir salymdan ,
maşyn tekizräk ýola düşüp başlady. Şonda o gyz birden
Nura tarap gözledi weli, Nurynyň ýanyp duran gözlerinde
eredip barýan yşgyny gördi-de gaty tiz gözüni sowdy.
Özüne bakylýanyny duýan gyz mylaýymja ýylgyryp
goýberdi. Gyzyň şo ýylgyryşy üçin Nury dünýäni
bermäge taýýar. Aýlar-ýyllar geçse-de, başa näler düşsede şo ýylgyryşy hiç-hiç unutmajagyny häzirden duýýar.
Başga hiç bir gyz, asla hiç bir ynsan beýle ýylgyryp
bilmez. Başga hiç bir wagtda-da, öňde-soňda-da beýle
ýylgyryşyň bolmajakdygyny, o ýylgyryşyň ýyldyrym
ýaly ýalpyldap, diňe Nurynyň kalbyny ýagtyldyp öçüp
gidendigini Nury duýmaýardy. Söýgidäki tejribesizlik,
her bir ýaş oglany köseýşi ýaly, Nuryny hem kösemäge
başlady. Tä Bäherdene barýançalar, gyz başyny
galdyrman oturdy. Maşyndan düşenlerinde Nury egineşiginiň tot-tozanyny kakyşdyryp eglendi. Gyz öz
ýeňňesi bilen bir tarapa ýöredi weli, Nury-da olaryň
yzragyndan garama-gara gidiberdi. Gyz bir gezek yza
garap goýberdi, Nuryny gördi. Gyz ýeňňesine bir zatlar
aýtdy öýdýän, ýeňňesi hem yza garap-garap goýberdi.
Soň ýeňňesi aýak çekdi, gyz haýalja ýöräberdi. Nury
gyzyň ýeňňesiniň deňine ýetdi weli, ýeňňe pessaý
seslendi.
─Aý, oglan, bizi beýdip yzarlama. Tanşasyň gelýän bolsa
ho nebit dükanyň ýanyndaky howluda ýaşaýas. Gije onda
tamdyryň ýanyna geläý.
Ýeňňe bu sözleri aýtdy-da tiz ýöräp gitdi. Gyzyň yzyndan
ýetip, bile ýöräp gitdiler. Nury bolsa bir sözem aýdyp
bilmän dymyp, az salym olaryň yzyndan garap durdy-da,
soňra Baýly doganynyňka öwrülip gitdi.
O gün Gün gaty giç batdy. Nury daş-töweregiň, tutuş bu
dünýäniň , adamzadyň haýallygyny, beýle äwmezligini şu
gün duýdy. Asyl, özi hem ýere sokaýmaly haýal ahyry.
Ýeňňesi agşam diýende häzir duşuşjak, häzir sözleşjek
diýip bilerdi ahyry. Ynha, indi gije on bolýança, it ýaly
iki ýana sebsede ýör. Nury gün batmanka nebit dükanyň
ýanyndaky howlynyň deňinden ikiýana geçip, beýle
ýandaky tamdyry, tamdyryň beýle ýandaky basylgy
ýandak küdesini göre-göre, howlynyň agaç gapysyny
synlaý-synlaý geçdi. Ynha, şu gapydan çykar, şu ýerden
ýörär, şu taýyk barar, şu ýerde durar diýip hyýal etdi.
Gyzyň jaýlarynyň penjirelerine bakanda bir tuty ýeňiljek
ýelpildän ýaly boldy.
Ýok, bu gün ähli zada bir bela degen ýaly. Nury Baýly
doganynyňka gelip, bir ýerde oturyp karary ýetmedi.
Gelnejesi hem gaty haýal-a. Agşam naharyny gaty giç
iýdi. Birdenem sessiz çykyp gaýtdy. Ýolda sagadyna
seretdi. Ýaňy ýedi bolupdyr. Sagady hem haýal ýöräp
başlady öýdýän. Ynanman, başga birinden sagat sorady.
Ýok, sagady dürs işleýär.
Onsoň tä on bolýança iki ýana baý ýörändir-ä. Sagat ony
görkezdi. Emma gyz çykanok. Nuryda sabyr büs-bütin
tükendi, umyt galmady. Ahyry, howlynyň gapysy emaý
bilen açylyp, gyz çykdy, töweregine howatyrly garady.
Şo pursat Nury gyzyň ýanyna uçup bardy.
─A gyz, men şo maşynda tanyşan oglanyň .
─Biz entek tanyş däl-ä.
─Men Nury. Öz adyň näme?
─Men adymy aýtjak däl.
─Gorkma. Menem Bäherdenli Baýlynyň inisi-dä .
─Bir ýerde okaýamyň?
─Men sazandalykda okaýan.
─Bagşy diýsene.
─A gyz... – Nury näme diýjegini bilmän aljyrady-da az
salym hiç zat diýip bilmedi. – A gyz, sen owadan ekeniň.
─Goýaweri. Gaty gepleme.
─Seniň alnyňda ne söz tapýan aýtmaga, ne göz tapýan
bakmaga. Men söýgi heýkeline döndüm-ä.
─İlki gören gyzyňa söýgi hakda sözlemäge utanaňokmy?
─Sen şeýle bir näzik weli, seni özümden gabanýan. Akja
gar tozgajygy ýaňagyňda yz goýup gider.
─Sen meni tanaňog-a.
─Oňa derek men seni gowy tanaýan. Damarymda gan
bolup aýlanýan sensiň.
─Ýuwaş-la, oglan. Sen Mejnun ýaly däli bolaýmasaň?
─Mejnun kimmiş?! Mende has güýçli söýgi bar,
“Mejnunyň diňe ady bar”. Seniň şu günki ýylgyryşyňa
dünýäni bermen.
─Men däldirin.
─Seniň gözleriňe bakan, başga dünýäni görmez. Sen meni
söýýäň-ä.
─Ýalan aýtma. Sen goşgy okaýan ýaly sözleýäň, ýa
şahyrmyň?
─Men duruja güýz suwy, sen o suwda akyp barýan gül
ýapragy.
─Aý, oglan, näme üçin meni yzarladyň?
─Duýmadyňmy? Men, men... Seni gowy gördüm.
─Meni gowy görer ýaly, üýtgeşik gelşik ýok.
─Seniň gözleriň gara-da, mawy-da däl, söýgi reňkinde.
─Men gitdim. Birden duýaýmasynlar. Meniň adym
Gurbanjemal.
─Ýaňyja çykdyň, gitmesene.
Gyz emaý bilen ýöräp ugrady.
─Ertir ýene çykaý.
─Sen şähere gitmezmiň?
─Ýok, ýok. Çykgyn, garaşaryn.
Gurbanjemal ýyldyrym ýaly görnüp gitdi. Nurynyň oňa
pynhan-pynhan aýtjak sözleri bardy. Bu tümlük ýol
bermedi, ýagty bolan bolsa Gurbanjemalyň gözlerine
uzak-uzak bakyp durasy geldi. Şol ýylgyryşy göresi
geldi. Eger garsa gujaklaga-da öpäýse, Gurbanjemal gaty
görermidikä?
Nury Gurbanjemallaryň deňinde uzak durup, ahyry
gaýtdy. Haýalja ýöredi. Onuň başyna heniz eşitmedik
owazlary gonup başlady. Nury pianino küýsedi.
Şol owazlary joşgunly çalsa, Gurbanjemalam ýanynda
ýylgyryp otursa... “Ellerimi bilinde çigip, şeýle bir
gujaklasammm! Näzik dodajyklaryny şeýle bir
sorsammm!!!”
O gije uzak wagt oýa ýatyp, hyýal baryny edip, ahyry
uklady. Ukladygy, onuň ýanyna Gurbanjemal geldi.
Onsoň ikisi söýgüli-muhabbetli, näz-kereşmeli, şeýle bir
ezizlik bilen söhbet edip başlady. Geň tarapy Nury näme
diýse, Gurbanjemalam oňa ses goşýar.
─Bu gije men saňa şem bolaýyn, ereý-ereý yşyk berip,
köňlüňe damaýyn.
─Men saňa gije bolaýyn. Yşk duralgasy gijedir.
─Men gury ýaprak ýaly lowlap-lowlap ýandym.
─Men ojar közi ýaly, şo köräp durun.
─Sen ýyldyrym bolup meni ýaksadyň.
─Sen däli sil bolup, meň odumy öçürsediň.
─Seň ýoluňa köpri bolup düşelsem, ökjeli köwşüň bilen
döşümi deşim-deşim etseň, ganym fontan bolup atylsa.
─Men bir guş bolsam, uklaňda ganatym bilen ýüzüňi
ýelpesem.
Nury Gurbanjemaly gujaklajak bolup elini uzadýar,
emma eli Gurbanjemala degenok. Birdenem
Gurbanjemal gözden ýitýär.
Ertiri Nurynyň bar işi Gurbanjemallaryň köçesinden
geçmek boldy. Gurbanjemal bir gezejik çyksa, bir gezejik
ýylgyrsa, başga zat gerek däl. Emma gün batýança
Gurbanjemal görünmedi. Ýene-de sagatlar tersine işleýän
ýaly, hiç-hiç wagt geçmedi. Ahyry, on boldy weli, gapy
zarply açyldy. Nurynyň ýürejigi böküp başlady. Emma
Gurbanjemalyň deregine ýeňňesi çykyp dur. Nury
görünjegini, görünmejegini bilmän durka, ýeňňe
tamdyryň ýanyna geldi.
─Aý,oglan, bamyň?
─Salawmaleýkim.
─Gurbanjemala garaşma. Biziň bagşa berer ýaly gyzymyz
ýok. Eşitdiňmi? Bar gaýt. Indi bu taýlarda görünäýmegin,
howlymyz doly erkekdir.
Ýeňňe gapyny bat bilen ýapyp, içinden kilitledi.
Nury hiç zada düşünmedi. Ol Gurbanjemalyň
ýeňňesinden däl-de özünden habar eşidesi geldi. Bolmaz
ahyry, hiç bolmaz. Bar günä bagşylykdamy?! Dünýä
bagşa baş egýäkä, bularyň beý diýmesi nämedenkä?
Nury gaýdybermelidi, emma bu taýdan beýle boş
gidiberesi gelmedi. Öten agşamky düýş ýadyna düşdi.
Näme etjeginem bilmän, başyny sallady durdy. Şonda
ýene başyna başga-başga heňler gonup başlady. Nury o
heňleri başynda diňläp, gaýta, beter gamlandy. Ýene oňa
pianino ýetmezlik etdi. Ol başyny sallap, gözlerini
ýumup, kämahal klawişlere basyp, haýal bir owaz
çykarasy geldi. Edil simli sütünleriň aňzakda iňňildeýşi
ýaly.
Bä-äý, bu gijäniň garaňkydygyny, şeýle bir içgysgynç
gije weli, ne itler üýrýä, ne horazlar gygyrýar.
Asmandaky ýyldyzlaram gaty uzaklara çekilişipdir.
Nury ömürlik ýalňyzlygyň ilkinji gijesini geçirýänini,
soňra hernäçe owadan gyzlara duşsa-da olaryň
Gurbanjemalça bolmajagyny, Gurbanjemalça
ýylgyrmajaklaryny, asyl, olaryň barynyň bir kemjagazy
göze dürtülip durjakdygyny, emma Gurbanjemalyň şeýle
päk, mukaddes görünjekdigini we şol görnüşde
galjakdygyny häzir aklyna getirip bilmeýärdi. Sebäpsiz
we duýdansyz şarpyk alan ýaly ahwaldaky Nury, ahyry,
göwünli-göwünsiz mytdyllap gaýtdy. “Meniň söýgim
bulut satyn alanyňka dönäýermikä? Söýgüsiz hem
ýüreksiz galmak. Birmahallar ejesi pahyryň “Balyk diýip
tutanym ýylan bolup towlandy” diýýäni şumyka?”
Gurbanjemalyň Nuryny söýýänine güman ýok. Muňa
Nury monça bolýar. Ýeňňesiniň garşy bolany bilen iş
gutarmaz ahyry.
“Iki ýürek bir bolsa, bir garyp ene neýlär?!”
Nury ýene Gurbanjemaly hyýalyna getirip, onuň
tapylgysyz ýylgyryşyny öz ýanyndan synlap doýup
bilmedi.
Ertirki yhlaslaram, bir hepdeden ýene Aşgabatdan gelip,
Gurbanjemallaryň köçesini ikiýana dähedem-dessemläp
çykmasy hem, gözleý-gözleý jorasyny tapyp
Gurbanjemala arzyny ýetirmesi hem peýda bermedi. Gam
berdi, hesret berdi, tükenmez ýalňyzlyk berdi.
“Durmuş meni saýgylap-saýgylap, demir darak bilen
daraklap, sümek edip sozdy. Ikde egire-egire ýumak edip
taşlady. Gurbanjemalym, adyňa gurban, menden bir kilim
doka, belki, ýöräňde aýajyklaryň galtaşar” .
Ýetimligiň derdi ýaňy azalyp başlady diýende, bu dert
başa bela boldy. Aslynda, Nurynyň ýetimligini bilip, şo
sebäpli Gurbanjemal ýüz öwüren bolsa näme?! Bu pikir
şu çaka çenli başa gelmändir. Nury öýe, köçä sygmady,
edil, it aýagyny iýen ýaly, herýana sebsäp ugrady.
Kanagat tapmady. Ahyry, pianino başyna geçende ýüregi
ynjalyp başlady. Şu çaka çenli öwrenen sazlaryny
gümmürdetdi, barha möwjedi, barha joşgunly çaldy.
Aralygynda gysga-da bolsa başga-başga heňleri hem
çaldy. Nuryda, o heňler öňden bar ýaly, öňem çalyp
ýören ýaly ýagdaýda çaldy. Ahyry, surnugyp, elleri
gurap, bili egrelip ugranda Nury saz çalmasyny goýdy-da
maňlaýyny pianino diräp, gözlerini ýumdy.
Şo mahal bir gyz sesi ony özüne getirdi. O gyz başga bir
şäherden gelen, bir synpda okaýan gyzdy. Örän owadan,
örän dilewar, üstesine-de örän ökde sazandady. O gyza
söz aýdýan kändi, emma onuň howalasy gaty ýokarydy.
Sözlemän ýa-da gaty berk gaýtawul berip bilýärdi. Oňa
Maýsa diýýärdiler. Ynha, Maýsa Nurynyň sazlaryny
hälden bäri tolgunyp diňläp, arkada duran ekeni.
─Nury! Nury seni gutlaýan! Sen sil ýaly joşduň. Ajaýyp,
örän ajaýyp sazlar çaldyň. Sen öz döreden sazlaryňy-da
çaldyň. Ajaýyp! Saz döredỳäniňi näme üçin maňa
aýtmadyň?!
Maýsanyň owazy ýakymly. Ol Nura ýakyn geldi. Bir
elini pianino, bir elini Nurynyň çignine goýdy.
─Ýürekden gutlaýan, Nuryjan! Sen şöhratly kompozitor
ekeniň. Sen iň söýgüli oglanymyz. Sen.. sen... – Maýsa
örän tolgunyp, duýgularyna erk edip bilmän, birden
Nurynyň iki çekgesinden tutup, özüne tarap tiz öwürdi-de
şeýle yhlasly öpüp başlady. Nury o elleriň, o dodaklaryň,
o demleriň howruna eräp başlady. Üýtgeşik bir jadyly ys
kükäp burnuna doldy, has jadyly saçlar degen ýerini
ýakyp-ýakyp, eredip-eredip gitdi.
Nurynyň boýnuna saralan gollar ony seresapja ýokary
çekdi. Nury emaý bile dikeldi hem-de özi hem
duýmazdan Maýsanyň näzijek bilinde elini gowşurdy.
“Nuryjan! Nuryjan! Men seniňki, Nuryjan!” diýlen
mähirli pyşyrdy eşidilip gitdi. Ýene humarlandyryjy,
başyny dumanlandyryjy öpmeler egsilmedi. O gyz oňa
her bir belent sazça täsir etdi. Gyz lezzetlimi, saz
lezzetlimi, duýar ýaly bolmady.
Maýsanyň gyzgyn söýgüsi ony bihuş edere getirdi.
Ýetimlik zerarly Nurynyň bu güne çenli çeken ezýetleri,
jebri-jepalary, küde-küde gamlary, kemsidilmeleri-bary
uçdy gitdi. Onuň beýnisi ýaňy dünýä ineniňki ýaly täp-
täzeje boldy. O tämizligi ýaňy ýagan akja gar görse-de
özüniň garalygyna kemsinerdi. Nury uçdy, Nury joşdy.
Onuň giň hanaly gözleri öňküden has şöhleli ýandy.
Şonda-da onuň dymmalygy düýbünden aýrylyp
gidibermedi. Dymmalar öz-özi bilen köp sözleşýär
diýilýäni dogry bolsa gerek.
Şol günüň ertiri eýýäm uçilişäniň ähli okuwçysy Nury
bilen Maýsanyň söýgüsinden habarly boldy. Sebäbi
Maýsanyň özi bu täzeligi tizräk hemmeleriň bilmegini,
aýratyn hem uçilişedäki gyzlaryň bilmesini isleýärdi.
Gyzlar bilse, Nuryny awlajak bolmaz, awlajak
bolaýanda-da Maýsa Nuryny hiç kime bermejegine gaty
berk ynanýar.
Maýsa iň güýçli pianinoçy, Nury iň güýçli kompozitor
bolar. Iki ýyldyz birleşer, dünýä olara bakar. Olar
dünýäniň depesinden bakarlar.
Nury hem özünde tükenmez joşgun, ummasyz kuwwat
duýdy. Onsoň pianino başynda bir gijäni geçirende-de
ýadamaýar, irmeýär. Aýratynam, ýanjagazynda, edil
çiginjigini çignine degirip oturanja Maýsa bolsa, Nury
günüň batanyny, doganyny bilmeýär. Maýsa bile Nury
bir pianinoda dört el bolup saz çalýar, şeýle lezzetli
bolýar, saz çalynýarka Maýsa jadyly gülüp, özüne
Nurynyň bakmasyny isleýär, Nury bakýar, Maýsa bolsa
pokgüje dodajyklaryny çömmeldip, müňkülledip “Öpäý,
öpäý!” diýýän ýaly edýär. Öpüşlik başlananda saz
pessaýlaýar, birsalymdan ýene şowhun alyp, ýene
gümmürdäp başlaýar.
Maýsa bilen Nurynyň goşa gumry ýalyja bolşup, birbirine mäkäm ysnyşyşlaryny synlap ýören mugallymy
Walentin Iwanowiç öz ýanyndan begenýärdi. Hem-de
çiliminiň tüssesine bogulyp pelsepeli oýlanýardy. “Emma
söýgi küşt ýaly däl, gelejekki göçümleri biljek gümanyň
ýok”.
Walentin Iwanowiç ölemen küştçüdi, onsoň ol ýanyna
gelýän Nura diňe saz däl, küşt hem öwretdi.
Şeýle duşuşyklaryň birinde mugallym çilim tüssesine
gözüni süzüp oturşyna Nura dykgatly bakdy.
─Nuryşka, sen pikir et, bu dünýäni adamsyz göz öňüne
getirip gör. Ähli zat sazlaşykly boljak ekeni. Tebigatyň
sazyna bir gulak goý, bakaly. Nähili belent, nähili şirin!
Gyş ỳelleriniň , ýaz ýagyşlarynyň simfoniýasyny diňläp
gör. Derýalaryň, çeşmeleriň balladasyny unutma.
Ŷürek sazy hem bardyr. Ýürek iň beýik sazandadyr.
Ýalňyzlykda şony diňlemäni başar.
Adam bu sazlaşygy ýumurmaga, kesmäge dyzaýa.
Düşünýämiň, adamda wagşylyk güýçli.─Nury birahat
boldy. Walentin Iwanowiç muny duýmady.-- Şoň üçin
adam bar ýerinde seresap bolmany unutma.
Adam ýer planetasyna ýalňyş getirilipdir ýa-da ýalňyş
gelipdir. Onuň bu wagşylygyny diňe saz, diňe, diňe saz
aýryp bilýä, ýumşadyp bilýä. Bu durmuşyň uly bir
kanuny ýok. Ýagşylyk edibilmeseňem, ýamanlyk etme,
gözel gyzlary söý, joşgunly ýaşa, wessalam. ─Ol
ýylgyrdy-da Nurynyň arkasyna ýumşak kakdy.
Nury bu mugallymyny hem gowy gördi, emma
Baýramalydaky Olýa mugallymyny hiç unudyp bilmedi,
kämahal ol düýşüne girip, Nura pianino çalyp berýär.
Rahman aga bilenem ara kesildi. Şeýle-de bolsa Nury
olary ýüreginiň çuňunda saklap, wagtal-wagtal hyýalynda
söhbetleşýär.
Nury olara ne salam iberdi, ne-de hatjagaz ýazdy.
Birgeňsi başagaýlykda ýaşaýar. Maýsa bilen
ýakynlaşmasy, beýleki gyzlary köşeşdirmegiň deregine,
gaýta öjükdirdi. Her gyz içinden Nura hyýal baglap
ýörkä, Maýsanyň birden-bire ur-tut öňe çykmasy hem-de
Nuryny özüne baglap goýmasy olary kemsindirdi,
gabandyrdy, hereketlendirdi. Nurynyň uçilişede şöhraty
artdygyça oňa meýil bildirýän gyzyň sany has artdy.
“Aýal ada çapar, är buda” diýleni şu taýda dogry boldy.
Üstesine-de Nurynyň bir saz döredip, ony hem
“Söýgülime” diýmesem Maýsany uçurdy, onuň
bäsdeşleriniň bolsa içine köz taşlady.
Ýeňilje, şowhunlyja saz Nurynyň özüni hem gaty
tolgundyrdy. Asyl, ol bu sazy nädip döredenini bilmän
galdy. Saz döredip biljegine ynandy, düýrmegi bilen saz
döretmäge ýöneldi. “Nury saz döretdi, Nury kompozitor
bolýar” diýip töwerekde döreýän şowhun-şöhratam Nura
gaty uly täsir etdi.
Onsoň bir gün saz mugallymlarynyň biri, respublikada
ady belli kompozitor Tagan Myradow sapaga girende,
saçsyz başyny sypalap, kiçijik gözlerini tiz gyrpyp, Nura
daş ýagdyryp başlady.
─O-how, sen oglanjyk, soňky wagtlar gyzlar bilen köp
jirkilleşýäň. Sapagy özleşdirişiň gowşak. Bu bolşuň bolsa
synpyňda galarmykaň öýdüp gorkýan.
Gyzlar, oglanlar muňa geň galdy. Bu mugallymyň öňem
ýumşak däldigini bilýärdiler, ýöne hemmeleriň öwýän
Nurysyna beýle diýilmesine garşy çykdylar.
─Ýoldaş mugallym, Nury gaýta hemmämizden ökde, ol
sazam döredip başlady.
Mugallym gözlerini has tiz gyrpdy.
─Men bir zat diýýän bolsam, ýalan däldir. Öz
ýoldaşyňyzyň arkasyny aljak bolmaň. Boldy!
Nury, adatdakysy ýaly, dymdy. Mugallymyň käýemesine
ýagşydan-ýamandan hiç bir duýgusy duýulmady. Aşak
bakdy oturdy. “Dymmalar öz-özi bilen köp gepleşýärler”.
Ol: “Men seni saz ýazyp ýeňerin. Ugran ugruňda
Nurynyň sazy öňüňde durar” diýip oýlandy.
Kelteräk, süňklejik, sessiz we daşyndan göreňde näme
üçindir nebsiň agyrýan Nuryny uçilişäniň köp mugallymy
goldady. Walentin Iwanowiç bolsa Tagan Myradowyň
Nura hemle urmasyny eşitdi-de Nura maslahat berdi: “Öz
işiň bilen boluber, Nuryşka. Oňa üns berseň, ýa gaýtawul
berseň, o hezil ediner, onsoň işi sen bolarsyň. Sesiňi
çykarmasaň, o seni ýatdan çykarar. O ýaman adam däl”.
Walentin Iwanowiçiň aýdyşy ýaly boldy. Nury hem
aldygyna saz çalýardy, saz döretjek bolup uzak gününi
pianino tyrňylladyp geçirýärdi. Eýýäm dört-bäş saz
ýazdy. Ýöne Nury o sazlaryň notalaryny jemläp, gizläp
ýörmän, onda-munda dagatdy. Indi bütin uçilişe Nuryny
ökde fortepianoçy hem-de kompozitor hökmünde tanap
başlady. Baýramçylyklarda, gözden geçirişlerde Nura
pianino çaldyrýarlar. Şeýdip, Nury sahna bilen, tomaşaçy
bilen öwrenişip ugrady.
Emma soňky wagtlar ýene Gurbanjemalyň ýylgyryşy
göz öňüne gelip başlady. Ol Maýsadan şeýle ýylgyryş
gözläp gezdi. Gözledi, tapmady. Sowaşyp başlady. Syr
bermedi. Maýsa bolsa edil öňküsi ýaly, Nuryny başyna
täç edinýär. Nurynyň her bir hereketini, saz çalşyny, saz
ýazyşyny öwýär, uly ile Nurydan başga gürrüň edenok.
Özem şeýle bir begenip, heziller edinip gürrüň berýär.
Gözlerini süzüp, aýasyny aýasyna goýup, bal ýaly
süýnüp-sarkyp gepleýär. Maýsanyň bu bolşuna Nurynyň
nebsi agyryp başlady.
Şo günler Çaýkowskiý adyndaky Moskwa
konserwatoriýasyna mynasyp talyp gözleýän bir topar
adam uçilişä geldi. Köpleri synagdan geçirdiler. Nura
gezek gelende ol özüniň täze sazyny pianinoda çaldy
weli, komissiýanyň bir agzasy şo bada ýerinden turup el
çarpdy, soňky synaglaram şowly boldy.
Nuryny, heniz uçilişäni tamamlamanka, dördünji synpy
okamanka, dünýäniň şöhratly konserwatoriýasyna, özem
kompozisiýa bölümine kabul etdiler. Bu habar uçilişä
örän tiz ýaýrady. Kompozitor Nurynyň şöhraty has
beýgeldi. Sazçylyk mekdebi tamamlamanka uçilşäniň
ikinji synpyna, indi-de ýene bir ýyl, uçilşede okamalyka,
göni konserwatoriýa, özem kompozisiýa bölümine
alynmagy köpleri haýran etdi. Bu işde tanyşlyk ýok,
garyndaşlyk hiç ýok. O döwür okuwa para-peşgeşli
girmek hakda gürrüňem ýok.
Her kim Nuryny gutlaýar. Begenişýärler, sorag baryny
berýärler, elbetde, olaryň içinde kemsinýänlerem,
görübilmezligini gizleýänlerem bar.
Nurynyň özi bolsa parhsyz, gaty rahat, göwnibir
görünýär. Hamana, muny öňden bilýän ýaly, adaty bir iş
ýaly, öňde-soňda bolaýmaly ýaly. Emma haýran galýan
zady-Tagan mugallym muny bilmeýän, eşitmeýän ýaly
gezýär. Ýogsa kompozisiýadan Tagan mugallym okatdy
ahyry. Ol öz okuwçysynyň konserwatoriýa girenini
bilmeýärmikä? Ýa Nuryny şeýle ýigrenýärmikä?
Nurydan dynanyna begenip ýörmükä?
Nuryny haýran eden ýene bir zat – Maýsa görünmeýär,
gutlamaýar. Nury Maýsany gözläp başlady. Maýsa öz
otagyndaky krowatda ýüzüni ýassyga berip aglap ýatyr,
iki sany jorasy hem oňa göwünlik berýär. Gapy kakyldy
weli, Maýsa dik oturdy. Ol gapynyň kakylyşyndan
Nurynyň gelenini duýdy. Elýaglyjygy bilen gözlerini
süpürişdirip otyrka, Nury otaga girdi. Gyzlar otagdan
çykyp gitjek boldular weli, Maýsa olary saklady.
─Gyzlar, bir minutjyk duruň. Meniň aýtjaklaryma şaýat
boluň.
─Saňa nämbolýa, Maýsa? ─Nury Maýsanyň agyly ýüzüni
ilkinji gezek görýär. Hiç zada akyl ýetirip bilenok.
─Nury, konserwatoriýa alypdyrlar, gutly bolsun. Sag-aman
oka.
─ Sag bol.
─Indi diňle, men senden öýkelämok, seň bile geçiren iki
ýylym meniň jennetdäki ýyllarym bolup galar. Nury sen
mert ýigit, dogryňy aýt, soňky wagtlar sowaşanyňy aýt.
Men seniň göwnüňe degesim gelenok, ýöne şu pursatdan
soň, ýolda duşsak salamlaşyp geçeli. Menem mertdirin,
Nury! Başa geleni çekerin. Sen mertligiňi et, sowanyňy
aýt, Nury!
Otagda içgysgynç dymyşlyk başlady. Gyzlaryň biri
çydap bilmän, daşary ylgady. Maýsa ýüzüne ýaglygyny
tutup otyr, Nury aşak bakyp dymýar, onuň ýüzünden
gynanç-begenç duýlanok. Bir gyz bolsa, beýle ahwala
ilkinji ýola sataşansoň, hä Maýsa, hä Nura aňkarylyp
bakýar. Birsalymdan Nury ýeňiljek üsgürip goýberdi,
elini jübüsine salyp çykardy.
─Özümem bilemok, ýöne sowaşanym çyn.
─Sen mert ýigit, Nury. Hoş, sag bol.
Nury gitmedi, dymdy. Bir zat aýtjak ýaly bolup, ýene
aşak garap dymdy.
─ Gaýdaý, Nury. Sag bol.
Nury geplemän, gapyny emaý bilen ýapyp, şeýle
gamgyn, argyn ýöräp gaýtdy. Nury çykandan, Maýsa
ýene ýüzüni ýassyga goýup, içigip-içigip aglady, ýassygy
gözýaşlar ezdi. Ony häzir diňdirmek mümkin däldigini
joralaryň ikisi hem duýdy. Olaryň biri, ahyry, näderini
bilmän,Maýsa bir käse suw içirjek bolup, onuň başyny
zor bilen göterende, o näzijek akja ýüzüň, o ýukajyk
gabaklaryň çişden ýaňa solup, gabaryp, ýarylaýjak
bolýanyny gördi.
“Wah, söýgi diýmek, köz üstünden aýak ýalaň ýöremek
ekeni, men seni söýmedik günlerime bir dolanyp barsam.
Munça gözýaş dökýän, hi, odum öçmezmi?! Allajan meni
ýakmak üçin ýaratdymyka?! Kime aýdaýyn, kime dada
baraýyn?!
Meni ýalňyzlyk öldürýä, ejeja-a-an!”
Maýsa hem, Nury hem yşkyň bu şarpygyna ýaňagyny
däl, kalbyny gyzdyrýarkalar, buza gömülen ýaly
gagşaýarkalar, yşkyň bu gözýaşlarynyň, çekip-çydardan
agyr hesretleriniň, gamlarynyň iň soňky gezek däldigini,
öňde ýene şatlyk-joşgunyň soňundan näçe-näçe gamhesret boljagyny pikir etmeýärdiler.
*
* *
Geçi al ─ öküz diýip sat
O döwürler otly bilen Moskwa Daşkendiň üstünden
gidilerdi. Özem dört günüň otluda geçýärdi.
Nury Aşgabatda karton çemodanyny göterip wagona
münenden wagonyň koridory, özboluşly ysy Nura ýene
Işan agany ýatlatdy. Işan agaň hiç kime meňzemeýän,
agy gatyşykly ýaly bir üýtgeşik sesini Nury öz beýnisinde
diňläp başlady. O sesde: “Sen ölme men öleýin” diýýän
many bar.
Bir garyş oglankam bakdyň bejerdiň,
Senden başga howandarym ýok meniň-ow.
Enemiň ornuna gol süýdün berdiň,
Golum tutan dosty-ýarym ýok meniň-ow.
Nury, her gezek bolşy ýaly, bu aýdym ýadyna düşdügi,
Daýnany, ejesini, doganlaryny ýatlap başlaýar, olar göz
öňüne gelýär, şonda gaty uzak ýaşan garry adam ýaly
duýgy döreýär. Uludan dem alýar. Özi saz çalasy gelýär.
Saz çalyp derdini egismek indi onuň üçin adat bolup
galypdyr. Saz çalanda geçmiş has köp göz öňüne gelýär
ahyry.
Nury ejesiniň, Maýa jigijiginiň, Işan agaň mazaryna
baryp, baş uçlarynda baş egip oturasy geldi.
Rahman aga nädýärkä? Olýa mugallymyna bir gezejik
hatam ýazmandyr. Ynha, ýetimhanaň beren terbiýesi.
Men ony başyma täç edinmeli ahyry. Olýa mugallym ony
nähili irginsizlik bilen okatdy, öz ogly ýaly görýärdi,
mahal-mahal öýünden köke getirip iýdirýärdi.
“Eger Olýa mugallym şeýle ökde öwretmedik bolsa,
meni konserwatoriýa almazdylar. Men näme üçin munça
ýyllap Olýa mugallymdan, Rahman agadan habar
almadymkam? Olar maňa atam, enem ýaly görünýärdi.
Men şeýle geleňsizmikäm, Şeýle doňýürekmikäm?”
Duýgular çogup başlady, onsoň o ýatlamalaryň arasynda
şeýle bir sahna-da bar:
Olýa mugallym pianino tirsegini diräp, Nura bakýar.
─Nuryşka, ata-eneňde, ýa aňrylaryňda aýdymçy, sazanda
bolupmy, bilmeýämiň?
─ Men diňe ejemi, doganlarymy bilýän. Ejem mydama göz
öňümde. Ejem aýdym aýdýady. Ol ilki başlaýady,
beýlekiler oňa goşulýardy.
─Ejeden ogula köp zat geçýä, kakadan gyza geçýä. Sen
ejeňi köp ýatla, onuň aýdan aýdymlary ýadyňdamy?
Hany, birini aýt.
Nury pessaý sesli aýtdy.
Bilbilim garga boldy,
Maňlaýym gara boldy,
Ölenler öldi gitdi,
Galanlar yrga boldy.
Olýa mugallym ýanyndan sazyny çaldy.
─Gaty gamgyn. Sadaja halk nädip şeýle çuň duýgulary
berip bildikä? Haýran galýan-da.
Nury hem duýgudan doldy. Birmahallar ejesiniň Sumbar
kenaryndan getirilişini, kakasynyň “öldürerin” diýip
ejesine hemle urşuny, ejesiniň dulda gamgyn, sessiz
oturşyny, Nuryny özüne gysyşyny ýatlady. Ýatlady,
damagy doldy.
Olýa mugallym oňa bakanda Nurynyň aşak garap gamly
oturşyny gördi.
... Ynha, birnäçe wagtdan bu şakyrdap barýan otly
Baýramala, Olýa mugallymlaryň ýanyna barar. Otly
durup-durmanka Nury böküp düşer-de tanyş gözlär.
Munça adamyň arasynda Rahman agany, Olýa
mugallymy tanaýan-bilýän bardyr. Eger olary wokzalda
göräýse, Nury uçar. Barşyna gujaklar. O geçen ýyllary
ýatlaşarlar. Hökman-hökman minnetdarlygyny aýdar.
Moskwa ýaly uly şähere, konserwatoriýa barýanyny
eşitseler, Olýa mugallymam, Rahman aga-da begener.
Rahman aganyň henizem şo daşarda ýatyp ýörşümikä?
Nähili gowy adamlar!
Nury olara bagyşlap, olary göz öňünde tutup saz
ýazmaly ahyry. Birmahallar olaryň suratyny çekesi
gelýärdi. Soň olar hakdaky duýgularyny saz bilen aýdasy
gelýärdi.
Hany, nirede?
Ýok, Nurynyň bu bolşy bolanok. Ýagşylyga ỳagşylyk
edip bilmese-de, ýagşylygy unutmaly däl ahyry.
Nämüçin beýle bolýarka?
Nury özüne igene-igene gama batdy, başyny sallap
oturdy, az salymdan hem ýassyga gyşardy. Wagonyň
ýyly howasy ony ýumşadyp, meýmiredip, ahyrda-da
gözlerini bürdi. Gaty agyr uklady. Uzak wagtdan soň edil
gulagynyň ýanynda adam sesleri ýaňlanyp başlanda
tisginip turdy.
─Baýramala geldikmi?
─Çärjewe ýetip barýas. Näme, Baýramalyda düşjekmidiň?
─Ýok, ýöne soraýdym.
Nury uklanyna ahmyr edip, içinden özüne sögünip
otyrka, täze gelenler goşlaryny ýerleşdirip, ornaşykly
oturdylar. Nurynyň edil garşysynda, bu üç kişiniň
ýaşulyragy, inçe,hor göwresi egilibpäk duran, sesi
sowuklanyň sesi ýaly gyryk, gözleri ýakymsyz uly bir
adam Nura köp bakdy-da soň gepläp başlady.
─Inim, gidiş nirä?
─Moskwa.
─Okuwamy?
─Hawa.
─Haýsy okuwa?
─Konserwatoriýa.
─Konserwa çykýan ýer-dä. Bolubilýä. Gutaryp gelseň, bir
ýeriň hojaýyny bolarsyň. Okaýakaň boş gezmegin. Seňki
hezil. Her gezek oba gaýdaňda, ýüň ýalyk bile çäýnekkäseden ýüküňi tut. Ata-eneň satyp berer. Moskwada
ýigrimi manatlyk ýüň ýaglyk, bärde sesgenden ýere
degmän geçýä. Bizem şo ýüň ýaglykdan getirmekçi.
Nury pallap goýberdi. Dört günläp beýle gürrüň diňläp
gitmeli bolsa başga ejir gerek däl. Nury ýene pallady we
ýüzüni çytdy. Gürrüňdeş öz gürrüňine gyzygyp, başga hiç
zat duýmady.
─Puluň bolsa, dünýä düzüw. Satyn alynmajak adam ýok,
ýöne az görýän bar. Biz nätdik diýsene, üç bolaga-da bir
keselhananyň dogtoryna puljagaz sokduk. Biz şu mahal
keselhanada ýatyrys, hä-hä-hä-ä. Söwda gaty gyzykly
zad-aý. Ilki başlaňda nätdik diý, bir geçiniň injigini
deşäge-de berdim ýeli, berdim ýeli. Horja geçi tegelenip
duran semiz geçi bolaýdy. Gyzan bazara eltdim weli, bir
biçäre şobada şapba-şapba el alyşdy-da aldy ötägitdi.
Kakam pahyr: “Geçi al-ökuz diýip sat” diýerdi. Bu dünýä
başdan gurlanda-da almak-satmak üçin gurlan dünýä-dä.
Kämahal özüm haýran galýan, öwgüsini ýetirseň,
pyşbagany uçýa diýip satyp boljak.
Her zat etmeli, pul gazanmaly. Puluň bolmasa, salam
bermeýäler...
Nury emaý bilen düşeginde süýndi, üstüni örtdi.
Gürrüňçi birsalym takyrdady-da: “Ýat bakaly, ukyň geldi
öýdýän. Ýol uzakdyr, mende gyzykly gürrüň kä-än.
Entejik gürrüň baryny ederis” diýdi.
*
*
*
“Keramat başdadyr, o täçde däldir”
Obadan gelen, üstesine-de uly şäher görmedik Nura
Moskwa ummasyz täsir etdi. Aýratynam, Çaýkowskiỳ
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Beýik köňle syýahat - 6
  • Parts
  • Beýik köňle syýahat - 1
    Total number of words is 3607
    Total number of unique words is 2199
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    43.8 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Beýik köňle syýahat - 2
    Total number of words is 3716
    Total number of unique words is 2141
    29.1 of words are in the 2000 most common words
    42.4 of words are in the 5000 most common words
    50.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Beýik köňle syýahat - 3
    Total number of words is 3768
    Total number of unique words is 2044
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Beýik köňle syýahat - 4
    Total number of words is 3784
    Total number of unique words is 1947
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.9 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Beýik köňle syýahat - 5
    Total number of words is 3793
    Total number of unique words is 2042
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Beýik köňle syýahat - 6
    Total number of words is 3620
    Total number of unique words is 2041
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    46.3 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Beýik köňle syýahat - 7
    Total number of words is 3708
    Total number of unique words is 2045
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Beýik köňle syýahat - 8
    Total number of words is 3593
    Total number of unique words is 2096
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Beýik köňle syýahat - 9
    Total number of words is 3518
    Total number of unique words is 2036
    29.3 of words are in the 2000 most common words
    41.3 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Beýik köňle syýahat - 10
    Total number of words is 2887
    Total number of unique words is 1819
    28.5 of words are in the 2000 most common words
    40.3 of words are in the 5000 most common words
    46.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.