Latin

Beýik köňle syýahat - 3

Total number of words is 3768
Total number of unique words is 2044
31.5 of words are in the 2000 most common words
47.1 of words are in the 5000 most common words
53.3 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Nireden bir sümelge gurunmaly?
Öý eýesi: “Gowuja atyň bar ekeni . Şony sataly. Öý
dikeli, soňuny soň görübereris” diýdi. “Hanmämmediň
atyny aljak ýokmuka?” diýip, öý eýesi oba adamlaryndan
soraşmaga gitdi. Hanmämmedem daşky sekide ýeke özi
gaty kilimi dyrmalap otyr. Şo mahal gedaý pisint bir kişi
göründi. Onuň gür şaç-sakgaldan ýaňa diňe gözleri
ýyldyrap görünýärdi hem-de jüýk burny tüýden çykyp
durdy. Ol “Bäri gel” diýip, Hanmämmede yşarat etdi.
─Sen Hanmämmet dämi?
─Hawa, sen kim?
─Men bir ötegçi. On gün içinde yzyňa geç. Jezaňy çek.
Geçmeseň, içiňi gurşundan doldurarlar, eşitdiň dämi?
--Geçmerin.
─Onda günüň sanalgy, kelemäňi gaýtaryber.
Gedaýa meňzeş kişi öýleriň arasynda ýitip gitdi.
Hanmämmedi agyr der basdy. Ol zordan sekä gelip
oturdy. Näme etjegini, neneň çykalga tapjagyny bilmedi.
Ol hiç-hiç beýle bolar öýtmeýärdi. Hangülli wakany ol öý
eýesine-de aýtmandy ahyry. Hanmämmet ýene kilimi
dyrmalap başlady. Aşyrberdi bilen Begmämmet gelip
onuň ýeňinden çekende, ol ukudan oýanan ýaly boldy.
─Kaka, haçan Daýna gaýdýas?
─Bu taýy gowy däl-läý .
─Bärik näme üçin geldig-aý?
Hanmämmet köp soraga bir jogap berdi. Dogrusy, özüne
– özi jogap berdi.
─Jaý salyp ýerleşsek, gül ýaly bolar.
Emma, hälki gedaýa meňzeşiň “Günüň sanalgy, kelemäňi
gaýtaryber” diýen sesi ýene gulagynda ýaňlandy.
Hanmämmet ýola baka gorkuly garap goýberdi. Ol bu
sagada çenli oýlananda Daýnada galan çagalaryna
daýylary eýelik eder öýdýärdi. Emma özüni öldürseler,
bu iki çaga kim çörek berer? Bu ýat ilde kim iki çagany
duluna geçirer?
Hanmämmet içindäki tupana çydaman, özi hem
bilmezden, iki oglunyň başyny sypap-sypap goýberdi.
Gül ýaly höwürtgäni ýykanyna, gyzyletene guş ỳaly
çagajyklaryny gaty ýere taşlanyna şu mahal düşünip
başlady. Ol uludan dem aldy. Iki ogluň ekabyrjasy
Aşyrberdi kakasynyň gamgyn halyny, gaty keýpsizligini
duýýar. “Kaka, Daýna gaýdaly-la. Bu taýy birhili-le.
Adamlaram ýaman gorkunç-la”.
Hanmämmet çagalary biri-birinden aýra salmaly
däldigine göz ýetirdi. Bu iki ogluny hem araçäkden yzyna
geçirip gaýtsa nädýä ? Emma o taýy hem açlyk.
Kimiň ölüp, kimiň diri galjagy belli däl.
Şeýle ýagdaýda günler geçip başlady. Hanmämmediň
atyna hyrydar tapyldy. At puluna çörek satyn alyp
başladylar. Beýle ýandaky bir boşlukda jaý salmaga hem
girişdiler. Üstüni balyk geriş edip basyrmak üçin
Hanmämmet öý eýesi bilen tokaýdan üç dört sany agaç
çapyp, pudap gaýtdylar. Agaç çalygansoň alyp gelip
ulanjakdylar. Bu arada on – ýigrimi gün geçdi. Jaýyň
boýy ýetdi. Hanmämmet : “Günüň sanalgy, kelemäňi
gaýtaryber” diýlen owazy hem unudyberdi. “Ýat ýurtda
beýle zat bolmaz-la”.
Bir gün ir bilen Hanmämmet garyndaşyň eşegini aldyda, agaçlary getirmäge gitdi. Günortana çenli bir gezek
gidip geldi. Çaý-çöregini iýdi-de, ikinji ýüki getirmäge
ugrady . Agaçlary eşege ýükläp, ugranda arkadan bir
çybşyldy eşidildi. Gaňrylanda şol gedaýa meňzeşi görüp
ýetişdi. Ol Hanmämmede çenäp, sapançany dört ýola
gysdy. Hanmämmet öňe ýykylyp, doňup galdy. Gedaýa
meňzeş kişi Hanmämmediň kellesine sapançany diräp,
ýene iki gezek gysdy-da ýom-ýok boldy. Eşek janawer
agaçlary süýräp öýe geldi. Eşegi görüp, Aşyrberdi bilen
Begmämmet kakasy gelendir öýdüp, ýola ylgadylar. Olar
her näçe gözleselerem kakalaryny görmediler, ol gözler
ömürlik ýolda galdy.
Şeýdip, iki ogul Eýranda hem garyp, hem ýetim
galyberdi.
* * *
Açlyk – iň gazaply hökümdar
Mekdebiň ähli okuwçysyny jemläňde otuzdan geçmeýärdi.
Bir gün ir bilen araçäkçileriň komandiri atyny
dabyrdadyp geldi-de, atdan düşmän mekdebiň müdirini
ýanyna çagyrdy.
─ Ähli okuwçyňy şu taýyk topla. Öten agşam bugdaý
hoşalaryny döwüp alyp ogurlapdyrlar. Çaga aýak yzy bar.
Men ogryny tapmasam bolmaýar.
─Siz ogryny nädip tanamakçy?
─Men ilki olaryň gözlerine bir bakaýyn. Ogry göti
gowşakdyr. Tapmasam, soň näme etjegimi bilýän. Hany,
ähli çagany meniň öňüme üýşür!
Müdir hor, ysgynsyz, eleşan oglan-gyzlary otaglardan
çykaryp, daşarda bir hatara düzdi.
Komandir batly gepläp başlady.
─ Eşidýäňizmi? Kim bugdaý ogurlan bolsa, elini
galdyrsyn. Özüm bilsem, ynha şu sapança bilen ataryn ─
ol sapançany gabyndan çykaryp, asmanda bulaỳlap ỳene
saldy, atdan indi-de jylawundan tutup, her çaganyň
gözüniň içine gahar bilen bakyp başlady. Müdir
çagalaryň gorkýanyny duýdy-da komandiriň ýanyna
baryp pyşyrdady: “Ýoldaş komandir, beýdip çagalary
gorkuzmak bolmaz ahyry”. Komandir gaty gepläp jogap
berdi.
─Hä, bugdaý ogurlanlarynda gorkmaýarlar, indi
gorkýarlar. Düşnükli-i. Hany, aýdyň, kim bugdaý
ogurlady?
Jogap ýok . Komandir çaga ýüzlerine birlaỳ bakyp
çykdy. Belli bir çagany öňe çykarmady.
─Agşama çenli şeýdip durarsyňyz. Kim meýdan etse
tezegini görkezip gidip biler. Tezegiňizi görmesem,
biriňizem gitmersiňiz. Düşnüklimi?
Müdir gaharly gepledi.
─Beýle zat bolmaz.
─Beýle zat bolar!
Komandir atyna böküp mündi-de atyny müdiriň edil
ýanyna sürdi. Sapançasyny çykardy.
─Seň özüň ogurlan bolmagyň hem mümkin.
─Çagalara ters görelde görkezmäli.
─Meniň aýdanym bolar. Tä tezegini görkezýänçäler hiç
ýaňa butnamazlar. Düşnüklimi? Iýlen bugdaý tezek bilen
çykar.
Müdir komandir bilen gidişme wagty däl diýip oýlandyda sesini çykarmady. Boş klaslaryň birine girip gitdi.
Komandir bolsa hatarda duran çagalara ýigrençli bakyp at
üstünde otyr. Çagalaryň içi gysyp başlady, ýadadylar,
gorkudan ýaňa ýüzüni ap-ak edip, özünden gider hala
gelenlerem bar. Birahat müdir klasdan çykdy, gaharly
ýöräp komandiriň garşysyna geldi.
─Sen özüňe berlen hukukdan daşary hereket edýäň.
Çagalara zorluk edýäň. Men seniň üstüňdäki
komandirlere arz ederin.
─Eliňden gelse, asmany aşak çek. Harby ýagdaýda
harbylara boýun bolmaly bolarsyňyz . Garşy giden
gurşun ýuwdar – komandir ýene elini sapançasyna
degirip aýyrdy. Mekdep müdiri ak saçly ýaşuly kişi
“goýsana” diýen manyda elini silkip goýberdi-de bir ýana
gitdi. Ep-esli salymdan Dusýa doktor bile geldi. Dusýa
daýza aňyrdan gelşine gepläp başlady.
─Iwan, dälirediňmi? Näme üçin beýdýäň? Munyň jenaýat
ahyry. Çaga bugdaý iýenem bolsa, bir ýarym günden
çykýar, bilip goý.
Hany, çagalar, baryň, öýli-öýüňize gaýdaýyň.
Çagalar uly beladan sypan ýaly boldular. Dusýa daýza
eli ýeten çaganyň başyny sypap-sypap goýberdi. Şonda ol
Nurynyňam başyny sypaşdyrdy we oňa örän mährem
bakdy. Nury eleme-deşik köýneklije, ýama-ýama
balaklyjady, aýagy ýalaňaçdy. Ýöreý-ýöreý aýagynyň
aşagyny gara gasyn tutupdy, çordan ýaňa derisi jaýrykjaýrykdy.
─Hangülüň oguljygy bolsaň gerek. Bilip goý, Nuryjan,
men seniň göbek eneňdirin, orak orulýan günleri
bolupdyň, şu günki ýaly ýadymda. Bar, oýnaber,
Nuryjan.
Nury gamly gözlerini gyrpman, sözlemän gitdi, onuň çep
çigninde köneje matadan tikilen torba asylgydy, içinde-de
kitap-depderler bardy.
* * *
Atamyz armyt, enemiz hoz
Atasyzlyk, enesizlik, üstesine-de açlyk çagalaryň
çagalygyny elinden gaňryp alyp, olary kiçijik boýlyja uly
adamlara öwürdi. Daşyndan gaty ýuwaşja görünýän Nury
hem oglanlaryň yzyna düşüp kolhozyň hozundan
ogurlamaga gitdi. Garawul görünmedi. Oglanlar
jübülerine, köýnegiň içine hoz salyp, beýleräkde bir
bukuja ýerde, heniz bişmedik hozuň daş gabygyny zordan
aýryp, ellerini ýüzlerini garaldyp, hoz döwüp, iýip hezil
edindiler.
Garyn doýsa, dünýä düzelýän ekeni. Oglanlar garawulyň
ýoklugyna begenişip gelişlerine Nurylaryň köne
mellegine, Baýlynyň armydy diýilýän ýere
geldiler.Nurynyň atasy Baýlynyň ekip giden armytlary
has üýtgeşik miwe berýärdi. Entek bişmedik bolsa-da
oglanlar armytlary ýolup-ýolup iýýärdiler. Bir gezekki
armyt iýişlikden soň, dymmaja Nurynyň başyna bir pikir
gondy. Onsoň ol bir armydyň sapagyna kendir ýüp
daňdy-da aşagyndan ýol geçýän bir toraňňa mündi.
Eýläk-beýläk bakyp uzak oturdy. Ahyry bir ýaşuly eşek
üstünde zordan oturyşyna toraňňynyň aşagyna geldi weli,
Nury maýyny tapyp, ýaňky sapakly armydy aşak sallady.
Armyt eşeklije ýaşulynyň silkmesine düňk etdi weli, o
ýaşuly tisginip, elini telpegine ýetirdi. Nury hezil edip
ýylgyryp, armydy ýokary çekdi. Bir salymdan bir garryja
mama zordan ýöräp toraňňynyň aşagyna ýetende Nury
ýene armydyny sallady. Bu gezek mamanyň başyna
degmän onyň çignine degdi. Mama armydy görüp galdyda: “Toba etdim, Allajan, toba etdim. Gözüme görünýän
zat ýagşylyga bolawersin. Özüň penaňda saklaweri,
Allajan” diýip samyrdap gitdi.
Nury geçegçä garaşyp uzak oturdy. Ahyry, ýadap,
ajygyp agaçdan düşdi. Ýene Baýly atasynyň
armytlarynyň birine mündi-de, birküç sany armyt alyp
düşdi. Şo mahal beýle ýandan geçip barýan ýaşulyny
görüp tisgindi. Ýaşuly kolhoz bagynyň garawulydy. Ol
Nura ýakyn gelip durdy.
─Hany, aýt bakaly, hoz ogurlaňda ýanyňda kim bardy?
─Hiç kim.
─Indi hoz ogurlama, eşitdiňmi?
─Men ogurlamadym-a.
─Ýalan sözleme. Hoz ogurlamadyk bolsaň, eliň garasy
nireden geldi. Alty oglan bolup baranyňyzy görüp
otyrdym. Degmäýin-le, aç çagajyklar bir gezek garnyny
otarsynlar diýdim. Indi barsaňyz, syrtyňyza ot basylan
ýaly ederin.
Ýaşuly gitdi. Nury bolsa eliniň garasyny häzir görüp,
geň galyp, ýaşulynyň yzyndan garap galdy.
Nury öýlerine gidesi gelenok. Ol öý onuň üçin dowzah
ýaly görünýär. Gaty sowuk, gaty içgysgynç, gaty
gamgyn. Öýe bardygy ejesi ýada düşýär. Ejesiniň
donuny, ketenisini gördügi aglasy gelýär. Şol keteniň, şol
donuň içinde ejesiniň janly keşbi görünýär. Ol Nura şeýle
bir mährem bakýar weli, Nury aglamajak bolup, zordan
saklanýar. Ol wagtal-wagtal “Eje-e” diýip, içinden
çykdygyça gygyrasy gelýär.
Bir gün öýde doganlarynyň hiç biri ýokka, Nury ejesiniň
ketenisini aldy-da, ysgap gördi ─ejesiniň ysy burnuna,
beýnisine urdy. Nurynyň gözleri süzüldi, ol ejesiniň
gujagyna girende şol ys duýulýardy, ejesi ony dolap alyp
saçlaryny, ýaňaklaryny, arkasyny sypaşdyrýardy. Nury
häzir şu pursatda ejesiniň gujagyna giräýjek ýaly, ejesi
ony dolap alyp özüne çekäýjek, bagryna basaýjak ýaly
boldy. Hat-da endam-jany gurşup gitdi. Nury ketenini
ýüzünden aýryp bilmän uzak durdy. Soňra keteniniň
keşdeli ýakasyny sypalady.
Eger Nury suratkeş bolup, şu ketenini çekse hem-de öz
göz öňünde janlanýan ejesiniň keşbini o ketenä
ýerleşdirse, Nury o suraty her wagt görüp biljek.
Nury ketenini goýdy-da okuw torbasyndan galam-kagyz
çykaryp o keşdeleri kagyza göçürjek bolup, dyrjaşyp
başlady. Galam onuň isleýşi ýaly çekmedi. Nury galam
kagyzyny goýdy-da ýene ketenä topuldy. Ony ýüzüne
örtüp, ýene ejesiniň ysyny alyp aglady. Gözýaş baryny
dökdi. Ol hökman suratkeş bolar. Ejesiniň suratyny çeker.
Onsoň islän wagty ejesiniň keşbini aýyl-saýyl görüp
biler. Soň her doganyna-da şeýle surat çekip berer.
Wah, şu mahal Maýa jigijigi bolan bolsady, has gowy
bolardy. Oňa-da bir surat çekip bererdi. Kakasy ýitensoň,
ejesi ýogalansoň, Maýa jigisine Begistan daýza bakardy.
Ýöne köp-köp aglap, soňam öläýdi-dä. Ýöne Nury
ejesiniň suratyny çekensoň, Aşyrberdi bilen Begmämmet
doganyna o suratlary nädip gowşurjagyny bilmedi. Nury
olaryň niredediginden habarsyz. Kakasy ỳitende ol
ikisiniň hem ýitenini bilýär.
Nury ejesini, kakasyny, Aşyrberdini, Begmämmedi hemde üç aýlykka aýrylan Maýany göresi gelýär, olaryň
ählisini ýene öýde jemläp, öňki ýaly ýaşasy gelýär.
Şo mahal oglanlaryň biri uzakdan gygyrdy.
─Nury, gele-eý, durna geçýä. Sanaly, ti-iz gel!
Nury daşary ylgady. Eýýäm bäş-alty oglan Dänegulyň
depesine çykyp, asmana bakyşyp, ala şowhun
turzuşýardylar. Nury o taýa tiz bardy. Asmandan durnalar
hatar-hatar, topar-topar bolup uçup barýardy. Oglanlar
ilki olary sanajak bolýardylar. Ýalňyş sanap
jedelleşýärdiler, onýança o hatar durna geçip, başga bir
hatar uzakdan görünýärdi. Şol hatardan özlerine durna
saýlaýardylar. “Meniňki bäşinji durna. Meniň durnam
ýedinji” diýen ýaly. Nury bolsa asmana bakyp durşuna,
şo durnalara meňzäsi geldi, şolar ýaly uçasy geldi.
“Durnalar näme üçin ýokardan, uçýakalar? Nämüçin
göçýäkäler? Nireden gelýäkäler? Nirä barýakalar?
Durnalar nämüçin hatara düzülýäkäler?...”
Durna gördüm aỳagynda naly bar,
Ganatynyň müň ỳerinde haly bar,
Zordan uçup gelmiş, çala jany bar,
Ah, durnam! Wah, durnam! Jan saňa gurban.
Bir hatar gelende Nury hem özüne durna seçindi. Onuň
durnasy aýratyn, has owadan, has uly. Az salymdan onuň
durnasy hatardan yza galdy, soňam ok geçen ýaly,
kelemenläp gaýtdy. Nurynyň keýpi bozuldy, durnasy
atylandyr öýtdi. Ol gözi bilen durnany yzarlap, barha
ýakyndan, barha aýyl-saýyl gördi. Durna kelemenläp
gelşine uzagrak bir tokaýa gaçdy. Nury sesini çykarman
şo tarapa ylgap gitdi. “Durnam ýaraly bolandyr.
Bejersem, sagalsa, ýene uçup gider.” Oglanlar onuň
yzyna düşmediler.
Gün batansoňam öýe gelmedik Nuryny doganlary,
goňşular zordan tapyp, öýe getirdiler.
*
*
*
Frontdan bir maýyp geldi, agşam onuňkyda aýdym-saz
etmekçi boldular. Baýlyny çagyrdylar. Ol Nuryny hem
ýany bilen äkitdi. Darajyk jaýda gyslyşyp oturyşlaryna,
Baýly gijäniň birwagtyna çenli aýdym aýtdy. Nury bolsa
onuň çep ýanynda dutaryň owazyna meýmiräp, uklap
galdy. Ol düýşünde uly bir saçagyň başynda otyr,
türkmen nan gat-gat edip goýlupdyr. Ejesi şol nanlardan
birini saçakdan sogrup alýar-da Nura uzadýar. Nury
begenip elini nana ýetirjek bolanda onuň eli aýdym aýdyp
oturan Baýla degýär-de oýanýar. Görse, adamlar, otagda
ýagçyra. Ejesem ýok, nanam ýok. Nury başyny ýassyga
tiz goýup, tiz uklasy gelýär. Düýşde bolsa-da ejesini,
nany görmek ýakymly. Belki, ýene düýşünde ejesini,
mele myssyk nany görer.
* * *
Adalatly bolýançaň, güýçli bol
Nury dagy ikinji synpda okap ýörkäler, iki at goşulan
dört tekerli araba bir gün irden mekdebiň ýanyna gelip
durdy. Zamananyň gowy wagty bu arabalar Bäherdene
däne daşardylar. Indi o däneleri aç adamlar diňe
düýşünde görýärdiler. Her kim bir oglanyň elinden tutup,
ondan-mundan gelip başlady. Nuryny uly dogany Baýly
getirdi. Çagalaryň biri: “Gitjek däl” diýip gygyryp
aglady. Bir ýaşuly: “Heý, sammyjak, o taýda her gün
nahar berýärler, täze geýim geýdirýärler. Ynha, baraňda
görersiň. Onsoň, açlyk geçensoň, ýene gelersiňiz-dä”
diýip göwünlik berdi. Nury dymyp, töwerege rahat bakyp
dur.
Arabakeş ornuna geçdi.
Oglanlary araba ýerleşdirip ỳola düşenlerinde, hälki
aglan oglan ýene aglap başlady. Bu gezek arabakeş
gamçysyny bulaỳlap haýbatly gepledi.
─Lal bol-how. Bolmasa gamçy bilen it ýenjen ýaly
ýenjerin. Päheý, peläket.
Araba Bäherdene baka ýola düşdi. Daýna obasy yzda
galdy. Baýlynyň armydy diýilýän armytly mellek, topar
bolup hoz ogurlan tokaýlary, üstüne münüp Sumbara
böken toraňňylary-bary yzda galdy. Arabanyň
tekerleriniň dükürdisi hem-de arabakeşiň mahal-mahal:
“Häý, janawer, ýöre-ýöre, çüww!” diýmesi eşidildi.
Beýleki oglanlardan tapawutlylykda, Nurynyň
Daýnadan iň soňky çykyşydy. Şundan soň Allanyň beren
ömründe Daýnany hiç-hiç görmejekdigini, bu ýollardan
hiç-hiç geçmejekdigini, toraňňynyň üstünden armyt
sallap, geçenleri gorkuzmajakdygyny Nury häzir duýman
barýardy. Şu mahal adaty görünýän Daýna topragynyň
soň-soň mukaddesleşjekdigini, her daşyny öpesi gelip,
topragyny göze süresi gelip, Sumbaryň sesini eşidesi
gelip ömürboýy hesret çekjekdigini Nury duýman otyrdy.
Özüniň nirä, näme üçin äkidilip barýanyny göz öňüne
getirerden, gelejekki ykbalyň neneňsi boljagyny
oýlanardan Nury ýaşdy.
Araba, dükürdeý-dükürdeý, Ýelligaýa ýetdi. Şeýle bir
sowuk, şeýle bir çapgyn şemal başlady. Atlaryň
guýruklary, ýallary ýeliň ugruna sozulyp-sozulyp gitdi.
“Heý, janawer, ýöre-ýöre, çüww!”
Ýarym ýalaňaç oglanjyklar ýygrylyşyp, bükülişip, birbirege dykylyşyp başladylar.
Arabakeş sykylyklap bir aýdymyň sazyny çaldy, ýeller
gowşady, başga-başga dag dereleri, arçaly tokaýlar
garalyp göründi. Soňra uzak dymyşlyk başlady, soňunda
ýene arabakeş aýdyma hiňlendi.
Gökden uçan ördek-durna, ördek-durna.
Biziň iller ýeri-i-indemi-i-i ?!
Ýygrylypjyk oturan Nury “Durna” sözüni eşidende öz
durnasy ýadyna düşdi. “Näme sebäpden asmandan
gaçdyka? Soň nämbolduka? Sagalyp ýene uçup giden
bolaýadyr”. Nury tokaýdan uçup çykyp barýan durnany
göz öňüne getirdi. “Şu mahal nirä bardyka? Ýene uçup
gelermikä? Daýnanyň üstünden geçmese gerek, sebäbi
bir awçy ony atandyr, bolmasa asmandan kelemenläp
gaýtmazdy”.
Nury asmana bakyp goýberdi. Asman çaljarỳar. Durna
görünmeýär. “Durna ýaly uçsaň. Oňa ýoluň geregi ýok.
Dagyň üstünden, derýaň üstünden, tokaýyň üstünden
arkaýyn uçubermeli. Ähli zadyň depesinden seredip
uçsaň, hezildir”.
─ Oglanlar, nähili, uklaman otyrsyňyzmy? Ynha, bir
salymdan etege ineris. Etege indigimiz Bäherdene
bardygymyzdyr.─Arabakeş gaňrylyp, oglanlara bakdy─
Hany, sen aýt, kimiň ogly?
Şeýdip, arabakeş alyp barýan oglanlarynyň hersinden
sorap başlady. Häli, Daýnadan gaýdyljak bolanda aglan
oglanjyga gezek gelende, ol jogap bermän, ýüzüni aşak
salyp otyr. Arabakeş onuň ýaňadan aglap başlaryndan
heder etdi-de söz aýtmady. Arabakeş Nura uzak seretdi.
─Sen-ä Hanmämmediň ogly bolmaly. Tüweleme gowyja
okaň. O taýy gowy diýýäler . Gowy okasaňyz, mollym
bolmagyňyzam ahmal, okamasaňyz meň ýaly arabakeş
bolarsyzyň. At tezegini ysgar ýörersiňiz.
Arabakeş öňe bakyp oturdy. Ol Hanmämmedi, Hangüli,
olaryň başyndan inen betbagtlygy ýatlady. Ýatlady-da
uludan dem aldy.
─He-eý, bolýa-da. Alla ýamanlyk görkezmesin.
Bäri-bärde Bäherden ýok ekeni. Ýolda birki gezek
düşläp, atlara ot-suw berildi. Çaý başynda her oglana bäş
dişlem çörek paýlan arabakeş atlary araba goşup,
oglanlary mündürdi-de, ýene ýola düşdi. Uzak gitdiler.
Surnugan oglanjyklar irkilip, uky bürüp, bir-birege kelle
çakyşdyryp geldiler. Arabakeş ỳetimhanany tapman, başy
aỳlanyp, başga-başga ỳerlerden çykdy.Öňde, demir ýol
geçelgesine ýakyn gelenlerinde sagdan gara otly tüssesini
şemala dagydyp, tiz-tizden haş-haşlap, depesindäki uly
çyra bilen dünýäni ýagtyldyp, gu-uk edip gygyryp geçip
gitdi. Wagonlaryň şakyrdysy uzakdan eşidilip, kemkemden ýitdi. Arabakeş şeýle otlylarda urşa
ugradylanlary ýatlady-da: “Geçdigi bolsun, Allajan.Indi
gaýtalanmawersin” diýip, ýuwaşja samrady. Soň
ýabylarynyň jylawyny silkip: “Häý, janawer, ýöre-ýöre,
çüw-w!” diýdi.
Gijäniň bir wagtlary araba bir jaýyň gapysyna gelip
durdy. Ol Bäherden ýetimler öýüdi.
Arabakeş ỳetimhananyň gapysyny kaka-kaka, ahyry,
birini oýardy. Bir ýogyn aýal gapyny sähel açyp garady.
─Bi, näme, ýöne dökülip dursyňyz-la, ýer ýoklugyny
bilýäňiz-ä.
─Maňa minnet etme. Men öz çagamy getiremok. Tizräk
ýerleşdir, bularyň sütüni süýnüp geldi.
Oglanlary furgondan düşürip durşyna ýaşuly olaryň
hersiniň başyny sypap, “Alla ýaryň bolsun” diýip
hoşlaşdy. Ýogyn aýal alty oglana sowuk koridoryň bir
burçundan ýukajyk bir odeýal ýazdy. Ne ýassyk bar, ne
ýorgan.
─Şu taýda gymyldaman ýatyň.
Oglanjyklar bir-birege gyslyşyp, her näçe ajam bolsa uka
boýun bolup ýatdylar. Ertir öňki çagalar oýanyp, elýüzüni ýuwup daşary çykmaly bolanda ýygrylyşyp ýatan
alty oglany gördüler .
─Eý, ýene obaly gelipdir.
─Oňa seret, kel ýaly-la.
─ Balagyna siýipdir, ha-ha-ha, balagyna siýipdir.
─ Men-ä özüme tahýa tapdym. --Bir oglan ýatanlaryň
biriniň tahýasyny alyp geýdi.
─Bizi turuzdylar, olary turuzmadylar. Olaryňky jan,
biziňki badamjanmy? Ynha, häzir, seret, şulary
gorkuzaýyn.─Onsoň ol oglan gaty ses bilen pişik bolup
mawlady: Miýaw, miýaw, miýaw!
Ýatan oglanlar hasyrdaşyp turdular. Özlerine baka ýeser
gülüşip duranlara çekinjeň bakdylar.
─Eý, syrtyň görünýä, balagyňy çek, hä-hä-hä-ä.
─Hany, eje-e-e diýip aglasaňyz-la.
Bularyň arasynda keltejik bir oglan has ekabyr, has
ýakymsyz, has bet görünýär. Ýüzi şeýle bir duzsuz, nakys
weli, olar ýala: ýüzüne şeýtan siýen
diýýärler. Olar uzakdan müdiriň gelýänini görüp, ýom-ýok
boldular.
Ertirlik naharda her kime bir käse gaýnadylan alma
suwuny we kiçijik tarelkada arpa ýarmasyndan berdiler.
Alty oglan, bu taýyny hiç-hiç halaman, bir-birinden
aýrylmajak bolşup, bile oturdylar, ilkinji gezek stol
başynda nahar iýmegiň oňaýsyzlygyny başdan
geçirýäkäler, hälki keltejik bet oglan, öz aşyny şapyrşupur iýdi. Beýle ýanda oturan Nurynyň aşyny şeýle tiz
çekip aldy-da ony hem iýip başlady.
─Obadan gelenler aş iýmeýär-ä. Kim aşyny iýmese, bäri
getirsin! Häh-hä, hezil bolaýdy.
Muny gören başga bir daýawja oglan ýaňky keltejigiň
arkasyndan geldi-de onuň ýeňsesinden tutup, ýüzüni aşa
basdy. Keltejik ýylan ýaly towlanyp, gaty tiz bir gyra
bökdü-de jorabynyň gonjundan çakgysyny çykaryp açdy.
Aşaky dodagyny dişläp, sähel egilip, çakgyny haýbat
bilen öňe tutup, daýawja oglana baka ýöräp başlady.
Beýleki oglanlar güsürdeşip , şobada bir gyra çekildiler.
─Çakgyny taşla, bolmasa öldirin.
Keltejik üýtgemän, geplemän, çakgyny urmaga maý
gözläp gelýär. Daýawja oglan hem salymyny bermän, ok
ýaly bolup, topuldy-da keltejigiň bilegini towlap,
çakgyny ýere gaçyrtdy. Keltejik onuň garnyna gaty
ykjam depdi weli, içikdirdi öýdýän, daýaw oglanyň ýüzi
çytylyp gitdi. Keltejik dyzap-dyzap, ýerde ýatan çakga
ýetjek bolýar. Daýaw oglan: “Çakgyny alyň” diýip,
gyrada duranlara gygyrdy, hiç kim çakgyny gizlemäge
het etmedi. Şo mahal ýetimhana müdiri duýdansyz geldide ýakalaşyp-sarylyşyp duranlaryň ikisini hem gaty
ykjam ýumruklap-ýumruklap, hersiniň gulagyndan berk
tutdy-da kabinetine alyp gitdi.
Çagalar günortan okuwdan gelenlerinde olara dürli
otlary gaýnadyp, gök çorba berdiler, emma ol iki oglan
görünmedi.
Agşamlyk naharynda daýaw oglan bir gyrada sessizüýnsiz oturyp, naharyny iýdi, onuň çep gözi gögerip dur,
beýleki gyrada keltejik naharyny iýip oturşyna aldygna
samraýar, onuň dodagynyň bir ýany ganjaryp görünýär.
-- Artur gelse bolýa, o maňa pyçak getirýä. Onsoň
baryňyzy pyçaklap çykaryn. Müdirden arymy alaryn.
Men onuň garnyny deşerin. ─Aralygynda uly adamlaryň
sögünjini sögýär.─Men hiç kimden gorkmaýan. Meniň
aýdanymy etmeseňiz gije ýenjerin.
Ähli kişi ýatansoň, ýagçyra hem öçürilensoň, Nury tiz
uklady. Gaty araba olary örän ýorupdy, süňkjagazlary
henizem syzlaşyp agyrýardy.
Keltejik bet oglan çybşyldap geldi-de Nurynyň ýapynyp
ýatan köne, ýyrtyk odeýalyny çekip aldy. Nury
oýanmady weli, ol aşak çöküp, edil Nurynyň gulagyna
dodagyny degiräýjek bolup pyşyrdady: “Eý, porsy...”
jogap ýok. Bet oglan gaharyna çydaman , Nurynyň
bykynyna gaty güýçli ýumruklady. Nury, biçärejik,
şobada dikelip oturdy weli, bet oglan : “Demiň
çykaýmasyn”diýdi-de Nurynyň maňlaýyny ýumrugy
bilen iteläp, ony ýene ýatyrdy. Onsoň pyşyrdap başlady:
“Şu günden şeýläk, men kim bilen uruşsam, meniň
tarapymda urşarsyň, eşitdiňmi, ejjeňi... uruşmasaň, gije
gelip, pyçaklaryn”. Nurynyň bykynyna ýene bir zarply
ýumruk urdu-da bet oglan onuň odeýalyny alyp gitdi.
Nury kime dadyny aýtsyn?! Kim oňa howandar çyksyn?
Nury ýalňyzyň ýalňyzy bolup, uly gözlerini höwlendirip,
garaňkylyga bakdy ýatdy. Kämahal syçanmy, alakamy,
bir ýerlerde bir zadyň gemrilýän hyrtyldysy eşidilýär.
Aslynda, esasy gemrilýän Nurydy. Kör alaka ýalňyzlyk
bolup, onuň kalbyny gemirýärdi. Şu günlerden başlap o
ýalňyzlyk Nurydan hiç aýrylmaz, mahal-mahal ony gaty
kyn ahwala salar. Asmana uçsa-da, ýedigat ýer astyna
girse-de, ýalňyzlyk Nuryny hiç sypdyrmaz. Onuň iň
ýakyn dosty Ýalňyzlyk , iň gazaply duşmany Ýalňyzlyk
bolar. Soň-soň olar bir-birege şeỳle bir siňip-garyşyp
giderler weli, Nury haýsy, Ýalňyzlyk haýsy biler ýaly
bolmaz, muny olaryň özleri hem bilibilmezler.
Ynha, häzirem tümlüge bakyp ýatyşyna, onuň gatan
gabaklary hiç ýumularly däldi. Ýene bir ýerlerden
çybşyldy ýakynlaşyp başlady.
Ýene şol bet oglanmyka ?
Ýok. Indi gelen daýaw oglan. Ol geldi-de, Nura
ukudadyr öýdüp, onuň kellesine pitikläp goýberdi.
─ Hä?
─Ýuwaş. Eý, sen, näme meniň tarapymda durmadyň? Men
seniň üçin taýak iýdim. İndiden beýläk, meň tarapymda
uruşmasaň, ejeňi ... rin. Ertir mekdebe Artur gelýä, urşup
başlasak, senem uruşmalysyň.
Daýaw oglan ýene çybşyldap gitdi. Nury, hernäçe
gorksa-da, bu iki oglanyň ejesine sögmesi oňa gaty agyr
degdi.
Daýnada-da sögüşerdiler, emma o taýda ýa beýle
sögüşmezdiler, ýa beýle täsir etmezdi. Häzir weli ejesine
sögülmesi Nurynyň iň uly ýarasy boldy. Ol hökman
güýçlener, uruşmany öwrener, ejesine sögenlerden aryny
alar.
“Ertir Artur diýilýän gelse näme bolarka?” diýen sorag
hem ony uzak wagt birahat etdi. Üşäp başlady, ýygryldy.
Dyzlary eňegine degäýjek boldy. Şeýle-de bolsa, gaty giç
uklady. Düýş görüp başlady: Daýna. Bir topar gyz-gelin
aýdym aýdýar. Ses gelenok, diňe olaryň agyz hereketi
görünýär. Birden ejesi läle kakyp başlaýar. Nury bu
mährem sesi şeýle teşne diňleýär.Ol ejesi ahyry.
Ölmändir-ä.
Balyk diýip tutanym-a
Ýylan bolup towlandy-ýa.
Nury ejesine baka ylgasy gelýär, nämedir bir zat ony
saklaýar. Onýança ejesi ýitýär. Suwdaky balyk ýylana
öwrülýär-de kenara çykyp, çöp-çalamyň aşagyna
süýrenip girýär. Nury gorkýar. O ýylan Nurynyň aýak
astyndan hem çykyp biler.
“Eje, aý eje!” Jogap ýok. Ejesi näme üçin eşitmeýärkä?
Nurynyň gorkýanyny, üşeýänini bilýär ahyry. “Eje,
üstümi örtäý, eje!” Ýene jogap ýok. Onsoň Nury batly
gygyrýar: “Eje-e-e!”
Öz sesine özi oýanan Nury oturdy. Tümlükde çepegini
tapyp geýdi. Pişik basyşyny edip gapa bardy. Ýuwaş
itelände açylmadyk gapyny batlyrak itdi weli hem
warkyldy, hem jygyldy çykdy. Koridor bilen gidip daşary
çykylýan gapyny sermenekläp tapdy. Görse agyr gulp
asylgy. Başga nireden gaçyp borka diýip duran Nurynyň
arkasyndan gelen terbiýeçi aýal onuň köýneginiň
arkasyndan mäkäm tutdy-da götin dazyrdadyp çekip,
düşegine eltip, siltäp ýatyrdy.
“Gymyldaýsaň, dişiňi owradaryn. Haram eşek!”
* *
*
Her zadyň hakyky şekli onuň aňyrsynda
Ýyllar geçdi. Açlygam geçiberdi. Uruşdan gelen
maýyp-müjriplerem başyna düşene kaýyl bolup
başladylar. Şol günleriň birinde Bäherdendäki
ýetimhanadan birtopar çagany Gyzylarbadyň
ýetimhanasyna, başga bir topary hem Baýramalydaky
ýetimhana äkitdiler. Baýramala ugradylanlaryň arasynda
Nury hem bar. O indi ösüp, berkeşip başlapdyr.
Ulaldygyça Nury ejesine has köp meňzäp başlady.
Aýratynam onuň gözleri, edil ejesiniň gözleri ýaly,
gamdan dolup, göz hanasy giňäp, has çuňalyp başlady.
Dymmalygy welin gitmedi. Daýnadan furgonly
gelýärkäler ilkinji gezek gören otlusyna mündüler, Tejene
ýetilende gaty eleşan geýnüwli bir agsak adam wagona
mündi. Ol münenden zaryn aýdyma başlady. Hem owaz
zaryndy, hem sözleri zaryndy.
Bir garyş oglankam bakdyň-bejerdiň,
Senden başga howandarym ýok meniň-ow.
Enemiň ornunda gol süýdün berdiň,
Golum tutan dosty-ýarym ýok meniň-ow.
Nury bu owaza oýandy. Biri aglaýarmyka öýtdi.
Başyny göterip seredende, gedaýa çalymdaş bagşyny
gördi. O bagşa biri köpük uzatdy-da: “Işan aga, bir ýagşy
doga okap ber, soňundanam “Ýok meniňi” aýdyp beräý”
diýdi. Işan aga doga okanda-da aglaýan ýaly owaz bilen
okady. El göterensoň, ýaňky köpük berene bakyp, “Ýok
meniň” diýen aýdymy başdan-aýaga aýtdy. Beýle ýanda
ýene bir adam köpük uzatdy-da: “Işan aga, meniň üçinem
“Ýok meniňi” aýdaý” diýdi. Işan aga ýene aýtdy. Şeýdip,
bir wagonda bäş-alty gezek “Ýok meniňi” aýtdy. Asyl,
ähli kişi “Ýok meniňi” haýyş edýär. Işan aga-da şondan
başga aýdym bilmeýäne çemli.
Nury Işan agany gaty nebsewür diňledi. Ejesi ýogalany
bäri beýle ýürekdeş, beýle mährem, beýle gamgyn aýdym
diňlemedik Nura bu örän täsir etdi. Ony pagyş-para
eretdi. Üstesine-de aýdym tamamlanýar, aýdym başlaýar.
Näçe ýyllaryň, näçe adamlaryň sowuklygyndan ýaňa,
halys berçin bolan oglan ýüregi, mähremlige, ýumşaklyga
teşnedi. Daýnadan gaýdany bäri ol ilkinji gezek öz
derdine dertdeş aýdym diňledi.Ol öňem aýdym-saz
diňläpdi, ýöne bu aýdym ýaly däldi, bu tüýs Nurynyň
ýetim ýagdaýy hakdaky aýdymdy. Bu aýdym Nurynyň
kalbynda çöküp, üstüni dürli wakalar örten ýatlamalary
birden oýaryp goýberdi. Aýdymy aýdan kişi hem Nura
örän ýakyn göründi. Nury o bagşy bilen salamlaşasy,
tanşasy geldi, onuň boýnuna böküp gujaklasy geldi.
Bagşy agsaklap gelşine Nurynyň deňine geldi weli, Nury
oňa gaty içgin bakdy. Bagşy muny duýdy, örän gamgyn
bakyp, Nura baka öwrüldi weli, Nury tas ony gujaklapdy.
Ol bagşyny deňinden geçiresi gelmedi. Özünden
uzaklaşdyrsa, bu ýakymly pursatyň ýitip gitjekdigini
duýdy.
─Işan aga, salawmaleýkim.
─Waleýkim es-salam, oguljygym. Tüweleme, adam
bolýaňyzmy? Gaýrat ediň, gaýrat ediň.
─Işan aga, pulum ýok weli, maňa-da ýaňky aýdymy aýdyp
beräýiň.
─Wah, pul dileýän barmy, oglum?! Saňa iki gezek aýdyp
bereris. Gürrüňi bolmaz, köşek.
Işan aga Nurynyň ýanynda oturyp, oňa garap aýdyma
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Beýik köňle syýahat - 4
  • Parts
  • Beýik köňle syýahat - 1
    Total number of words is 3607
    Total number of unique words is 2199
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    43.8 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Beýik köňle syýahat - 2
    Total number of words is 3716
    Total number of unique words is 2141
    29.1 of words are in the 2000 most common words
    42.4 of words are in the 5000 most common words
    50.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Beýik köňle syýahat - 3
    Total number of words is 3768
    Total number of unique words is 2044
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Beýik köňle syýahat - 4
    Total number of words is 3784
    Total number of unique words is 1947
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.9 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Beýik köňle syýahat - 5
    Total number of words is 3793
    Total number of unique words is 2042
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Beýik köňle syýahat - 6
    Total number of words is 3620
    Total number of unique words is 2041
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    46.3 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Beýik köňle syýahat - 7
    Total number of words is 3708
    Total number of unique words is 2045
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Beýik köňle syýahat - 8
    Total number of words is 3593
    Total number of unique words is 2096
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Beýik köňle syýahat - 9
    Total number of words is 3518
    Total number of unique words is 2036
    29.3 of words are in the 2000 most common words
    41.3 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Beýik köňle syýahat - 10
    Total number of words is 2887
    Total number of unique words is 1819
    28.5 of words are in the 2000 most common words
    40.3 of words are in the 5000 most common words
    46.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.