Latin

Beýik köňle syýahat - 8

Total number of words is 3593
Total number of unique words is 2096
30.8 of words are in the 2000 most common words
43.9 of words are in the 5000 most common words
50.5 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
ahyry, barýarlar. Garyndaş gowy hyzmat edýär. Gaýtjak
bolanlarynda-da bildirmän, maşynyň ýük salynýanyny
düme gawundan doldurýar. Gaýdyşyn hasam
kösenýärler. Şähere ýetiberenlerinde bir zat gerek bolup
ýük salynýany açsalar içi doly gawunmyş. Soň Nuryny
öýüne eltenlerinde gawun berjek bolsalar almandyr.
“Maňa süýji zat bolmaýa. Köke iýsemem burçly çykýa”
“Ähli zatda gara bagtym, garpyz kesemde ak çykdy”.
*
*
*
Bir daýza gat-gat jaýyň gapysynda bir halta un bilen
durka, Nurynyň geçip barýanyny görüp, “Oglum, şu
haltanyň bir ýanyndan tutuşsana” diýipdir. Dördünji etaža
uny eltỳänçäler Nurynyň eşigi, ýüz-gözi ap-ak bolupdyr.
“Käşgä ykbalymyzy-da un sepip agardyp bolsady”.
*
*
*
“Şu taýda bir goňşy gije-gündiz pianinosyny
tyrňylladyp bizar edýär” diýip, Nurynyň goňşulary
polisiýa arz edipdirler. Bir ýaş ýigit eli papkalyja,
papagyny gaýşardyp gelip, Nurynyň öýüne girýär.
Goňşular “Nähili bolarka?” diýşip jyklaşypdyrlar.
Polis Nura sorag baryny berip başlaýar. “Onda günäňizi
boýun alýaňyz-da”. “Hawa-la.” “Näme saz ýazdyňyz?”
“Aýnany”ýazdym” “Aýnanymy?” Bagyşla, agam,
tanamadyk-sylamaz diýleni boldy. “Aýnany” ýazan
bolsaň, gep gutardy. Goňşular göçüp gidibersinler”.
*
*
*
Bir oturylyşykda oglanlar ýerli-ýerden öwünişip
başlapdyrlar. Nury bularyň sesini ýatyrjak bolup: “Ohow, ýanyňyzda geniý otyrka beýdip öwünmek aýp
dälmidir?!” diýipdir.
*
*
*
Moskwada okaýarka, Nurynyň ýanyna meşhur
ýazyjy Atajan Tagan barypdyr. Ol bir aýdymyň heňini
başga bir aýdymyň heňi bilen garyşdyryp hiňlenipdir
weli, Nury çydap oturyp bilmändir: “Atajan! hiňlenmäňi
goýsaň, indiki stipendiýamy saňa bereýin.” diýipdir.
*
* *
Moskwaly emelsiz saz öwreniji Türkmenistanly
emelsiz bir kompozitor bilen barýarka Nura duşupdyr.
Saz öwreniji: “Nuryşka, sen ynha meniň ýanymdaky
kompozitor bilen bileje saz ýazsaňyz tegelek onluk
bolýar” diýipdir.
Nury hem : “Men 1-birlik, ol 0-nol bolýa-da” diýipdir.
*
*
*
Nury tiz uklagan ekeni. Bir gezek Moskwanyň
“Rossiýa” myhmanhanasynda ýylyja suwa düşeýin diýip,
Nury wannada meýmiräp uklap galypdyr. Suw aka-aka
aşaky gatdan damyp başlanda duýup, gelipdirler. Nuryny
oýaryp, ýetirilen zyýanyň jerimesini alypdyrlar.
Kompozitor Nury Halmämmet bilen şeýle waka boldy
diýip, Aşgabada, kompozitorlar birleşigine hat
ýollapdyrlar. Nurydan bir kem tapyp bilse hezil edinýän
başlyk-kompozitor elinde hälki haty bulaýlap, “Ine, seniň
janyň meniň elimde” diýende, Nury: “Ýalňyşma, jany
beren alýandyr” diýipdir.
*
*
*
Bir topar bolup, Bäherdene myhmançylyga
gidipdirler. Myhman ýeri hem olary dagda aw awlamaga
äkidipdir. Agşam altyda çeşme başynda duşuşmaly
edişip, daga siňipdirler. Alty bolanda Nurydan özgeler
gelipdir. Onsoň az wagt garaşyp durupdyrlar, soň “Nuryda Nury” bolşup gygyryp görýärler. Nurydan habar ýok.
Nuryny taşlab-a gidip biljek däller. Onsoň gowak-gowak,
gaýa-gaýa, dere-dere söküp, Nuryny gözleýärler. Çar
ýany tümlük bürände hasam howsala düşüp başlaýarlar.
“Nury-y!” diýip aldygna gygyrýarlar. Aw edeninden
geçen, özi gurda-guşa aw bolmasa razy. Gije on bir
töwerekleri paltasy daşa degen ýoldaşlary näme etjegini
bilmän durlar. Ýene gözläp başlamaly, taşlap gitmeg-ä
bolmaz.
Ahyry, bir agajyň düýbünde tüpeňini ýassyk edinip, gaty
berk uklap ýatan Nuryny tapýarlar. Surnugan dostlar hem
begenýärler hem gaharlanýarlar. “Nury nire-aw nire”.
*
*
*
Nuryny esgerlige aljak bolup çagyrýarlar. Bir kişi
Nurydan: “Agramyň näçe?” diýip soraýar. Nury:
“Altmyş” diýip jogap berýär. Şo mahal Nurynyň ýanynda
duran dosty: “Altmyşyňam elli dokuzy saz” diýip söz
goşýar.
*
*
*
Aşgabadyň merkezinde ýazyjy Hojanepes Mele bilen
Hudaýberdi Diwanguly Nura sataşýar. Ondan-mundan
gürrüň edip birsalym duransoňlar, elbetde Nurynyň
pulsuzlygyny bilýärler-de, bir taksi tutup, kireýini berip
Nuryny öýüne ugradýarlar. Az salymdan ýaňky taksi
gaýdyp gelýär. Içinde-de Nury bar. “Öýümi
tapyşaýmasaňyz, men-ä tapman geldim”. Olar
ynanmaýarlar. Ahyry, bile gidip Nurynyň öýüni
tapyşypdyrlar.
*
*
*
Nury bilen aỳaly Moskwada bir konserte
gidipdirler.Konsert Nura ỳaramandyr-da daşarky jaỳda
kofe içip oturypdyr. Konsert gutaransoň aỳalyny görüp,
ylgap baryp, geň galỳp:”Senem konserte
geldiňmi?”diỳipdir.
*
*
*
Nury saz ýazyp başlansoň, bir gün şa, bir gün geda
bolup ýaşaýar. Ol ömründe diňe sekiz aý sagatly, aýlykly
işde işleýär, galany döredijilik bilen. Onsoň bir gün pul
tapman, kimden dilejegini bilmän aýlanyp ýörkä, oňa
kompozitor Rejep Allaýar duşýar. Ol: “Nuryjan, on
manatjyk karz tapylmazmy?” diýýär. Nury sessiz-üýnsiz
gidýär-de birinden on manat karz alyp, Rejep Allaýara
berip goýberýär.
*
*
*
Garyplyk Nurynyň iň ýakyn dosty bolýar. Başga bir
garyp dosty, meşhur aýdymçymyz Myrat Diwana
Nurynyň ýanyna karz dilemäge gelýär. “Gonorar
almadymyka?”
O döwürler tamamlanan iş üçinem gonorar almak gaty
kyndy.
Myrat Diwana bir mahallar,garyplyk zerarly,
Çaýkowçkiý konserwatoriýasynda okap ýörkä, arzan
düşer öỳdüp, Bakuwyň Gajybekow adyndaky
konserwatoriỳasyna geçip, meşhur Bilbiliň elinde okaýar
hem-de ondan maddy ýardam alýar. Ol puljagazynyň
ýarsyny, Moskwada galan dosty Nura iberýän ekeni.
Ynha, olar ýene nädip pul tapjaklaryny bilmän otyrlar.
Ahyry, Myrat Diwana ýol tapỳar. Kerim Gurbannepesiň
“Altyň biri” şygryna saz ýazýarlar, Myrat Diwanada-da
aýdýar. Ol aýdymy Medeniýet ministrligine satyp, ýüz
elli manat alýarlar. Onsoň iki gün patyşa ýaly, üçünji gün
ýene gedaý ýaly ýaşaýarlar.
*
*
*
Türkmen bagşylaryny öwrenmekde uly iş eden
Akmuhammet Aşyry Nury öýüne alyp gidipdir. Barsalar
öýüň dulunda bir kişi öli ýaly ýatyrmyş. Akmuhammet
Aşyr o ýatany gaty içgin synlap başlapdyr. Nurynyň
bolsa göwnibirmiş. Nury: “Täze bir balet ýazýan,
“Ýusup-Züleýha” esasynda” diýip, pianinonyň başyna
geçipdir, hezil edinip çalypdyr. Akmuhammet Aşyram
lezzet alyp diňläpdir, emma göz gytagyny şo ýatandan
aýyrmandyr. O ýatana birhili gümanly bakyp başlapdyr.
Nury: “Türkmeniň sazy gaty baý, gaty çuň. Simfoniýa
ýazjak diýip, kelle döwüp ýörmeli däl. Türkmen sazyny
simfoniki orkestre akylly-başly geçirip bolsa, başga zat
gerek däl” diýipdir. Akmuhammet Aşyr Nuryny
diňläpdir, diňlese-de bir gözüni ýatandan aýyrmandyr.
Onsoň o ýatan gabaklarynyň aşagyndan emaý bilen
jyklapdyr weli, görse Akmuhammet Aşyr oňa hüwi ýaly
bakyp otyr . Ýatan şo bada gözüni ýumupdyr. Gümany
dogry çykan Akmuhammet Aşyryň oturyp mazasy
bolmandyr.
Daşary çykylanda o kişiniň kimligini bilesi gelip
Akmuhammet Aşyr Nurydan sorapdyr.
─Men-ä oňly tanamok. “Aýalym bilen uruşdym, az wagt
bärde bolaỳyn”diýip geldi. Aýalyndan basylan meňkä
geläýýä. Bu gelen indi üçünji bolýa.
* * *
Nurynyň aýdymlary şowly çykansoň, bir şahyrsumak
öz goşgularyny berýär-de “Gaýrat edip, şu goşgularyma
saz ýaz” diýýär. Nury “Goşgularyňy okaýyn” diýýär.
Aýlar geçýär, ýene jaň gelýär, ýene jaň , soň
şahyrsumagyň özi gelýär. Nury Magtymgulynyň bir
tomlugyny elinde tutup, “Şu barka, seňki ýaly goşgy
ýazylmaz. Gowusy, sen ýazma-da Magtymgulyny
okaber” diýýär.
*
*
*
Nurynyň şöhraty ýyldyza ýetensoň, onuň garşydaşlary
Nura: “Özüni geniý däldir öýtmeýär” diýip,
hüňürdeşýärkäler, Nury bir gün olaryň üýşüp oturan
otagynyň gapysyny açypdyr-da: “Ýeriňizden turuň!
Geniý geldi” diýip, olary hasam öjükdiripdir.
*
*
*
Nury Rejep Rejep bilen bilelikde dört el bilen pianino
çalmany halaýar ekeni. Onuň iň köp çalýan sazy─
Borodiniň “Knýaz Igor” operasyndan polowesleriň tansy
ekeni. Ol muny türkmen heňi hasaplapdyr. Onuň iň köp
diňläni türkmen sazlary ekeni. Kämahal ol bir sazy
ýigrimi gezek dagy diňleýän ekeni. Ol sazçylyk uçilişede
okaýarka Gurbannazar Nurym, Çary Begler dagy bilen
bir otagda ýaşapdyr. Gije ýarynda olary oýaryp, saz
diňleýän gezegi köp bolupdyr. “Türkmen sazynyň
hersiniň aňyrsynda tutuş simfoniýa ýatyr”.
*
*
*
Garyplyk Nuryny gaty gyssan gezekleriniň birinde ol
radio boýunça eşitdirilýän sazlarynyň hakyny aljak bolup,
bir kompozitor-müdiriň ýanyna köp gatnapdyr. O wagtlar
kompozitor-müdir radionyň sazly gepleşikler
redaksiýasynyň başlygy ekeni. Nury soňky gezek gelende
müdiriň ýakasyndan tutup, penjirä baka çekipdir:
─Ýa hakymy alyp berersiň, ýa-da ikimizem penjireden
gidýäs. Aç öldüm näme, etaždan gaçyp öldüm näme?!
Müdir şobada Nuryny buhgalteriýa eltip, hakyny alyp
beripdir.
*
* *
Beýik hudožnik Yzzat Gylyjow wagtal-wagtal
döredijilik adamlaryny öz kabinetine üýşürip, çaý içişlik
guraýan ekeni. Şonda Sahy Jepbar “Ak ýüzli Maralymy”
aýdyp başlapdyr weli, Nury ylgap baryp pianino çalyp,
bagşyny yzarlapdyr. Dutar, pianino we bagşynyň sesi
şeýle bir sazlaşypdyr, şeýle bir şirin bolupdyr. Ony
diňlänler henizem unudanoklar.
*
*
*
Nury soňky gezek hassahana düşende iň janserek
bolanlaryň biri kompozitor Daňatar Hydyr bolupdyr. Gyt
derman tapmalymy, ökde dogtor gözlemelimi ỳa-da
täzeje soỳlan göle bagryny tapyp getirmelimi, garaz,
name ỳumuş bolsa, ỳürekden bitirjek bolup ylgapdyr.
Nurynyň aỳaly puluny berjek bolsa-da almandyr. Onsoň
muny aỳaly Nura aỳdanda, Nury: ”Daňatarlaryň
barlygy üçin daň atỳa-da, bolmasa adamzat garaňky
tümlükde galardy.” diỳipdir.
*
*
*
Nury kompozitorlaryň döredijilik öýlerinde ýaşapişlemäni gowy görýär. Iwanowoda dynç alýarka, garga
gaty kän ekeni. Ol gargalary içgin synlapdyr. “Gargalar
adamlaryň üstünden gülýär”.
*
*
*
“Wah, Nury diýsene! Ol joşgunly ýazmany söýýärdi.
Üns berseň, ähli sazynda içki joşgun güýçlüdir. Ol heň-
melodiýa tapmaga ökdedi. Heňem-simfoniýanyň maňzyda. Nury suratam gowy çekýädi. “Kompozitor bolmasam,
hudožnik bolardym” diýýädi. Kämahal dirižýorlyk etjek
bolubam dyzaýardy. Ol ökde pianistdi. Dutaram
çalýardy”. Bu Orazgeldi Berdiýewiň ýatlamasy.
*
*
*
“Nuryny hem, meni hem Magtymguly baýragyna
hödürlediler. Ýöne
ikimize-de baýrak bermediler. Onsoň bir-biregi göremizde
ýaňsylap: “Salam, laureat” diýşerdik. Nury türkmeniň
ýüregini saza geçirdi. Onda beýik millilik bar. Ol aşaky
dodagyny köp çeýnärdi”. Bu heýkeltaraş Gylyçmyrat
Ýarmämmedowyň ýatlamasy.
*
*
*
Nurynyň edähetleri hakda köp gürrüňler bar. Ol
ýöräp barýarka barmaklaryny klawişe basýan ýaly edýän
ekeni. Sag elini ýokary galdyryp, süýem barmagyny
açyp-ýumýan ekeni. Köçeden barýarka birden durup, az
salymdan ýene ýöräp gidýär. Dodagyny sessiz
hereketlendirýär. Oturylyşykdan sessiz, birden turup
gidip, pianino çalỳar. Asmana – jaýyň potologyna bakyp,
göz gyrpman ýatỳar, birden böküp tutup, galama ýa-da
pianino ýapyşỳar. Janygyp bir zatlar diýersiň, o saňa
seredýänem bolsa, seni görmez, eşitmeş. Kämahal
gujaklaşyp salamlaşar, käte seni görmän deňiňden geçer
gider...
*
*
*
Nury pyýada ýol bilen barýarka, öňden barýan bir
ýaşulynyň hiňlenip barýanyny eşidýär-de, şo ýaşulynyň
ädimine görä ýöräberýär hem-de diňleýär. Ýaşuly uzak
ýöreýär. Nury-da yzynda. Ahyry, o ýaşuly “Hajy golagy”
hiňlenip barýarka özüne gelýär we yzyna garap: “Inim,
nirä geldim-äý men?” diýýär. Nury bolsa “Hajy golaga”
diýýär.
*
*
*
Suwly Ýaran diýen hudožnik Ierusalimde bir
restoranda otyrka Nurynyň sazy ýaňlanyp başlaýar.
Onsoň Suwly her gün şo restorandan nahar iýipdir. Her
günem Nurynyň sazlaryny diňläpdir. “Onuň sazyny
diňläp, Türkmenistany gören ýaly boldum. Amerikadada, Germaniýada-da Nuryny gowy diňleýärler”.
*
*
*
Bir oturylyşykda bir kompozitor: “Meniň sazlaryma
halk düşünenok. Ýene elli ýyldan menden beýik
kompozitor bolmaz diýipdir. Adatça, öwünjeň adamlary
görende dymýan Nury: “Sen kompozitor däl, hasapçy.
Her nokady nirä goýjagyňy hasaplap, duýgyny ýatdan
çykarýaň. Joşmasaň joşdurmarsyň. Ol-a ellimiş yzyna
ýene bir noly tirkeseňem seni diňlän bolmaz . Duýgusyz
saz impotentdir ” diýipdir .
*
*
*
Nurynyň her aýdym - sazynyň bir kitaplyk taryhy bar.
Artist Çary Seýitli “Ofiser walsy” kinosy hakda ýatlaýar:
Nury bilen Leningrada, kino ses ýazdyrmaga gitdik. Nury
pianinoda dürli sazlary çalyp otyrka, gapydan birküç kişi
jyklap, çekinjeň giripdir. “Ýaňy bir saz çaldyňyz weli,
şony, kyn görmän, gaýtalap beräýiň-dä”. Nury haýsy
sazlygyny bilmändir. Onsoň çalan sazlaryndan bölejik
çalyp, ahyry, “Magtymguly odasy” diýen sazyny çalyp
başlanda, ýaňky ors işçileriniň biri gözýaş döküp
başlapdyr.
Soň Nury maňa “Magtymguly odasyny” çalyp berjek
bolanda: “Çaryjan, gel saňa “Ors agladan” sazymy çalyp
bereýin” diýdi. Nuryny hakyky görnüşinde görmek islän
ony ýa saz çalyp otyrka, ýa-da öz sazy çalynýarka
görmelidi. Ol şonda büs-bütin başga adam bolýardy.
Annaberdi Atdan pahyr “Ýaşynda” diýip bir aýdym
aýdardy. Şo aýdymyň hem öz taryhy bar...
Onsoň Leningraddakak Nury uly bir kompozitora jaň
etdi. Aňyrdan: “O-ow, Nuryşka, meniň Mosartym,
nireden çykdyň? Sen nirede? Näme üçin gelýän diýip
duýdurmadyň? Täze sazlaryňy diňläsim gelýä, meniň
Mosartym” diýen ses geldi.
Nury diýlen edil çaga ýalydy. Bozulmadyk reňk diýip bir
söz bar-a. Ana, Nury şo bozulmadyk reňkdi-dä.
*
*
*
Nury beýik hudoźnik, portretçi Durdy Baýramow bilen
häsiýetdeş ekeni. Olaryň ikisi hem ullakan çaga
diýilýänlerden. Durdy Baýram Nurynyň portretini çekip
başlapdyr. Nury hem sessiz gelip oturyp gidýän ekeni. Ol
irmän-arman on gün gatnapdyr. Durdy Baýram indi galan
işi özi etjekdigini, gelmese-de boljakdygyny aýdypdyr.
Bir hepde geçensoň: “Durdy suraty nätdikä?” diýip gelse,
Durdy hälki suratyň ýüzüni gazap otyr ekeni. Nury
birgeňsi, öz ýüzi gazalýan ýaly bolupdyr. Durdy bolsa hiç
zada bakman, suratyň ýüzündäki reňki aldygna
gazalapdyr. Nury o suratda göwni ýeten ýerjagazlary
ýatlap gynanypdyr. Durdy Baýram: “Täzeden başlaýas”
diýipdir. Onsoň Nury ýene on günläp gatnap başlapdyr,
üstesine-de indi Nurynyň dik duran görnüşini çekensoň,
Nury uzak gün dik durmaly bolupdyr. Ol şonda-da sesüýnsüz gelip gidipdir. Şeýdip portret dünýä gelipdir.
Durdy Baýram ýatlaýar: “Nury suratyň, reňkiň sazyna-da
örän oňat düşünýärdi. Sergi bolsa, hökman gelerdi. Her
kim onuň suratyny çekesi gelýärdi. Mämmet Mämmet
pahyr, Ýarly Baýram, Almämmedow, beýlekiler Nuryny
çekendirler.
Onsoň ýene bir gyzykly waka boldy. Dürli ýurtlaryň
hudožnikleri Hindistanda duşuşdylar. Menem bardym.
“Her kim öz ýurdunyň aýdymyny aýtsyn” diýip haýyş
etdiler. Menem ömrüme aýdym aýdan adam däl.
Türkmen bolup dymyp durmak hem aýp. Nuryjanyň
“Aýnasyny” gaty gowy görýädim. Şony aýtdym weli,
hezil edip el çarpdylar. Soň muny Nura aýtsam, güldi.
“Aýnany” Hindistana ýetiripsiň-dä” diýdi”.
*
*
*
“Bir gün Moskwa baranda, Nurynyň şeýle bir
duýgulary joşupdyr. Ol myhmanhana sygman, türkmen
oglanlarynyň ýaşaýan umumy ýaşaýyş jaýlaryna aýlanyp,
oglanlary birme-bir gujaklap, gözlerini ýaşardyp: “Meniň
türkmenjiklerimiň gelşiklidiklerini! Türkmenler iň
owadan halkdyr” diýipdir. Nury Allaberdiniň
gürrüňinden.
*
*
*
“Ömür dawasy” oýnunda “Duman eglenmez” diýen
aýdyma hiňlenýärdim. Nury Halmämmet oýna iki gezek
gelip, şo hiňlenmäni diňläpdir. Oýundan soň otagymda
ýüzümiň reňkini ýuwup durkam, biri arkamdan gelip
gujaklady. Görsem, Nury. Neresse: “Şo heňi oňardyň”
diýdi. Nury Allaberdiniň gürrüňinden.
*
*
*
Ŷazyjy Hojageldi Nurmyrat ýatlaýar: “Nury bilen
Moskwada bir wagtrakda okadym. Nury ýaly zehinli,
Nuryňky ýaly ýumşak ýürekli görmedim. Bir gün on
birinji mikroraýondaky öýüne barsam ýeke özi ekeni.
“Hiç gelmeýäň-le” diýdi. “Saňa saz ýazmaga azar
bermejek bolýan” diýdim. “Sen azar bermeseňem, meni
öz günüme goýanoklar. Meni alyp ýatjaklar. Başga ýere
gidip işlejek bolýan, ýa-da çyrany öçürip oturýan. Sen
geleňde çyra bolmasa-da şeýdip kaksaň bolar.” Onsoň ol
gapyny nähili kakmalydygyny öwretdi. Umuman, Nury
uly filosofdy. Oňa işlemäge şert döreden bolsalar, häzirki
goýan sazlaryndan on esse köp goýardy”.
*
*
*
Nury bir gün Pöwrizede dynç alỳarka, gijäniň bir wagty
oỳanyp, ukusy tutman, ỳekesiräp başlaỳar. Göni şo
taỳdan Aşgabada pyỳadalap gaỳdyberỳär.
Ŷolda bir köpek muny ep-esli ỳere çenli kowalap
süllümbaỳ derledỳär. Garaňkyda büdräp-sürçüp,
aỳaklaryny gara gan edỳär. Daň atyp-atmanka öỳüne
gelỳär. Nurynyň aỳak üstünde zordan durşuny gören
aỳalynyň ỳüregi ỳarylaỳjak bolupdyr. Şonda Nury: “Her
gün giç gelỳäň diỳip zeỳreneňsoň, şu gün bir ir geleỳin
diỳdim.” diỳipdir.
*
*
*
Köçeleriň birinden ak saçly bir zenan agras ýöräp
barýarka, “Hanha, Nurynyň söýen gyzy” diýdiler. “Hany,
güler ýüzlerimiz?! Hany, söýer gözlerimiz?!” O zenanyň
gözlerinde Nurynyň keşbi doňup galypdyr. Ol bir
golunda agtygyny, ýüreginde Nury hakda eziz
ýatlamalary göterip barýardy.
*
*
*
Kinorežissýor Halmämmet Kakabaýew ýatlaýar:
“Men “Ýeňi ýoluk” filmimiň ssenarisini Nura okatdym.
“Bu men hakda. Bu meniň ykbalym. Men muňa şeýle
gowy saz ýazaýyn” diýdi. Biz kinony surata düşürip
ýörkäk, Nury hassahana düşdi. Bir baramda: “O kinonyň
sazy kellämde ýazylgy. Bir özüme gelsem, hassahanadan
çyksam, gül ederin. Maňa üç günjük ýeterlik” diýdi. Yz
ýanyndanam ýogalaýdy, pahyr”.
*
*
*
Nurynyň ýetimhanadan bäri ýoldaşy, belli
kinorežissýor Kakow Orazsähedow: Nuryjan gowy
oglandy-la. Bir ýazyksyz, gamgynja ýylgyrmasy bardy.
Çekinjeň, utanjaň. Gaty sözlemezdi. “Japbaklary”
(kinony) ýazga geçirmek üçin, Moskwa gitdik. Saz taýýar
däl. “Nuryjan, bu bolşuň bolmaýa” diýsem, şo gün agşam
myhmanhana hem gelmedi. Bizem gaty gyssanýas. Ertiri
geldi weli, janyny aljak-da. O bolsa rahat.
Oglanlara tabşyrdym: “Nätseňiz ediň-de saz ýazdyryň”
diýdim. Nurynyň otagyndan telefony aýyryp, ýeke özüniň
daşyndan gulplap goýduk. Uzak güni iş bilen selpäp,
agşamlyk gelsek, gapy açyk, içerde şadyýan sesler
eşidilýär. Girsek, Nurynyň birküç sany Moskwaly dosty
giň saçagyň başynda şady-horram boluşyp otyr. Nury öz
krowatynda diwara bakyp uklap ýatyr. Meniň ýüzüm
agyr bolansoň, oturanlaryňam keýpi gaçdy. Men näme
etjegimi bilmeýärdim. Saz bolmasa kinony wagtynda
tabşyryp boljak däldi. Birsalymdan Nury oýandy. Ol
turşuna pianinonyň başyna geçdi-de “Japbaklardaky”
aýdym-sazlary çalyp başlady. Meniň ýüzüm açyldy.
Myhmanlar, işe azar bermejek bolup, turdular. Menem
olary ugratmaga çykdym. “Ýör, bile gideli. Öz ýaşan
umumy ýaşaýyş jaýyňy gör. Oturaly. Nura azar bermeseň
ýagşy” diýdiler. Şeýdip, men ertir irden myhmanhana
dolanyp geldim. Görsem, otagda nota ýazylan kagyzlar
dagaşyp ýatyr. Nurynyň özi maňlaýyny klawişlere goýup,
uklap ỳatan ýaly. Meniň gelenimi görüp zordan başyny
göterdi. Ukusyzlykdan ýaňa gözleri açylanok.
“Japbaklaryň” sazyny uzak gije uklaman ýazypdy.
Elbetde, öň kellesinde-de bişendir-le.
*
*
*
Hojaguly Suwhangulyýew:”Nuryjan ýüpek ýaly
ýumşak, öwlüýä ýaly geçirimli oglandy. Onuň saza
yhlasy aýdar-diýer ýaly däldi. Men oň bilen sazçylyk
uçilişede bile okadym, bir ýyl bir otagda ýaşadym. O bizi
gijeler ýatyrmazdy. Yşyk ikä çenli ýanyp, soň öçürilerdi.
Bizem hüňür-hüňür edip Nura igenerdik. Ol bir ýerlerden
dutar tapyp, ýene bir gün mandolin, gitar getirip, şo
tirňildeder oturar. “Bizar etdiň ho-ow, goý şunyňy!”
diýýäs weli, ýumşajyk ses bilen “Bolýa, bolýa” diýýä.
Ýaňy uklansyň weli, ýene tirňilledip ukudan oýarýady.
Onsoň sagat ikide elektrik öçürilýä weli, bu bir ýerden
ýag çyra tapyp, krowadyň bir burçunda saza güýmener
oturardy.
So-oň soň: “Bä-äỳ, Nuryjan, uçilişede heläk edýädiňäý”diýsem, “Wah, saz gural köp öwrenseň, saz ýazmak
aňsat bolýa. Saz çalyp bilmän saz döredýänler
kompozitor däl-de kempozitor bolýa” diýip ýylgyrdy.
*
* *
Nurynyň çagalyk dosty Atamyrat Gurbanow ỳatlaỳar:
Baỳly aga odun ỳygardy, menem Nury bilen bile eşeklije
daşardym.Kiçijikkä bezzatjady. Arçadan birhili edip
gopuz ỳasardy, onam oňly çalyp bilmän, şo tirňildeder
ỳörerdi.Ŷogsa oňa gopuz çalmany aỳdan, öwredenem
ỳokdy. Baỳly aga dutara ezberdi. Ol dutar çalyp
başladygy, Ňury dutar sapyny sormany söỳerdi. Bolsa
bäş-alty ỳaşyndadyr-da. So-oň, ulalansoň, dutar öwrenip,
Moskwada okap ỳorkä gelende Baỳly aga bilen garşymagarşy oturyp dutar çalardy.
Nury Bäherden ỳetimhanasyndan Baỳramala äkidildi
diỳilỳän dogry däl. Ol Baỳly agaň bir şarpygyndan
öỳkeläp, ỳaňy bäşinji klasa geçende öỳden gaçdy, gara
şalona (ỳük otlusyna) münüp gidiberipdir. Muny
Baỳramalyda görüp milisỳa tabşyrypdyrlar. Olaram
Nuryny ỳetimhana beripdirler.
Men Nury bilen soňam gatnaşdym.On birinji
mikroraỳondaky bir komnatlyja öỳüni alansoň, men
köneje diwanymy eltip goỳdum. Garypja öỳi
bardy.Gündizleri ỳatardy, keỳp çekerdi.Gijäniň bir wagty
turup saz ỳazardy. Pianinosyny gümmürdeder oturardy.
Onsoň goňşy çydajakmy?! Ses azrak çyksyn diỳip,
diwara köne ỳorganam çüỳläpdik. Şonda-da ses
geçỳärdi. Mende Nuryň suraty kän.
* * *
Meşhur aỳdymçy Myrat Diwanaỳew ỳatlaỳar: Bir gezek
öỳüne barsam, Nury kellesini tutup otyr. Sebäbini
soradym. “Öten agşam uzak gijäni ỳatman
geçirdim.Bir sazyň bölejigini sazlajak bolup, müň dürli
synanyşyk etdim, hiç bolmady. Şu mahalam şo saz
beỳnimi gyjyklap dur. Halys öldürdi-dä. Diňleỳji akyp
duran sazy diňläp, saz dörände-de aňsatja akyp
çykỳandyr öỳdỳän bolmagy mümkin.” diỳdi.
* * *
Hudoźnik Muhammet Berdiỳew ỳatlaỳar: “Nury
neresse hassahana düşdi. Soramaga bardym.Ondanmundan gürrüň edip otyrkak, Nury onbirdäki jaỳyndan
zeỳrendi. ”Hem özümi heläk edỳän, hem goňşulary
köseỳän. Jaỳymy düzedibilmän ỳörün.” diỳdi. Onsoň
biriniň jaỳ çalyşỳandygyny aỳtsam, şo taỳdan göni jaỳ
çalyşỳanyňka bile alyp gitdi.O jaỳam demirỳola ỳakyn
ekeni welin, “Bu jaỳy alsam, wokzalda ỳaşan ỳaly
bolaryn.” diỳip göwnemedi. Biçäre ölerin öỳtmeỳän
ekeni. Soň ỳene birki günden barsam, “Bä-äỳ, bularyň
göripligini. Ŷaňy Moskwadan bir dostum jaň edỳär. Bir
konkursda Sowet Soỳuzy boỳunça meniň bir sazym
ikinji ỳer alypdyr, üç aỳ öň habar edipdirler. Maňa bolsa
bir sözem aỳdanoklar.Wah,bularmy...?! Boỳnumdan
ỳokarym abat galsa bolỳa.”diỳdi. Nury şo wagtky uly
ỳolbaşçynyň adyny tutup käỳindi. Sähel gündenem özi
gidiberdi-dä.
* * *
-- Sen mydama gyzyl köỳnek geỳmäni halaỳaň, Nury.
Gyzyl reňki söỳỳäň öỳdỳän?
--Öküzlerden goranmak üçin gyzyl köỳnek geỳmeli
bolỳan.
* * *
Geleňde aglarsyň, gideňde gan aglarsyň
Gün geçirmek, günemma dolamak barha kynlaşdy.
Nury ähmiýetsiz kinolara-da saz ýazyp başlady.
Multfilmlere-de ýazdy. Bir döwüm çörek üçin ýazdy.
Ony eýerläp münen umytsyzlyk, çuňňur göwniçökgünlik
Nuryny gije-gündiz çekeleý-çekeleý, çeýneý-çeýneý gaty
heläk edýärdi. Beýnisinde toplanan owazlar daşary
çykasy gelip, bir şekle giresi gelip dyzaýardy. Nury, diňe
Nury o owazlary diňleýärdi. O owazlaryň öňki
sazlaryndan beýikligini Nury mese-mälim duýýardy.
Onsoň Nuryda özüňi aldamak, özüňi bilmezlik ýaly bir
ahwal döredi – ol başyndaky sazlary diňläp, o sazlary ile
beren ýaly, ilem ony diňläp hezil edinýän ýaly aldawly
ahwal döredi. Hakykatda weli Nurynyň beýnisinde
ýaňlanýan saz nota geçmedi. Olary diňe Alla diňläp
bilýärdi, bendesine ýetmeýärdi.
Sallahhanasy boşap galdy. Hat-da “Aýalym bilen
uruşdym, biraz seňkide ýaşaýyn” diýen bahana bilen
gelýän ýarymtanyşlaram bu öýi unutdylar.
─Bu nähili bold-aý? Nury diýip gapyny açýan ýog-a.
Hany, ol, men dost diýip ýörenler ?
Bu sorag jogapsyz galdy. “Özüni halas etmek-gark
bolýanyň öz işi” diýleni boldy. Sowet düzgüni diňe
käýemäge ökdedi, halas etmelidigini bilmeýärdi, sowet
terbiýesini alan adamlaryňam köpüsinde şo endik bardy.
Ähli kişiniň, bütin halkyň gözüniň alnynda Nury eräpçüýräp, gözden ýitip barýar. Oňa umyt berip biljek, ony
gaflat ukusyndan oýaryp biljek, ony batgadan sogrup
biljek, ony ynandyryp biljek bir şahsyýet tapylmandyr.
Edebiýat, sungat adamsy näzik bolýar, goragsyz hem tiz
ynjaýan bolýar. Şony bilip, olara başgarak göz bilen
bakan döwlet adamsy hem tapylmandyr.
Şo döwür Gaýgysyz Atabaý bolan bolsady! Hi, Nury
ýaly kompozitory gam-hesretiň, göwnüçökgünligiň eline
berip goýberermidi?! Asla, asla, ýok. Biz ýüz million, iki
ýüz million ilatly halkam däl ahyry. Biri gitse, ýene biri
dörär ýaly. Nurynyň ömrüniň soňky ýyllarynda
Türkmenistanda bary-ýogy iki million türkmen bardy.
Onsoň döredijilik adamsyna bütinleý başgaça bakylmaly
dälmidir?!
Kompozitor diýeniň ekseň bitip duran pomidor däl
ahyry.
Rus halkynyň Güneşi hasaplanýan Puşkin bilen bagly
bir wakany şu taỳda okyjy ýatlasa kem bolmaz.
Puşkin otuz ýaş töwereginde Nury Halmämmediň düşen
ahwalyna düşýär. Özüni geldi-geçerlige urýar, arak-şerap,
kart bilen gününi geçirip başlaýar. Muny köpler duýsa-da
diňe dosty P.Ýa. Çaadaýew (1794-1856) Puşkini halas
etmäge, Rus we dünýä medeniýetiniň hatyrasyna halas
etmäge aýaga galýar. Çaadaýewiň şöhraty we zehini
Puşkinden pes bolsa-da, onda berk erk we diýenetdiriji
ruh bar ekeni. Çaadaýew başy dik, özüne ynanýan, öňden
görüji, ýüregi çaga ýaly päk. Çaadaýew Puşkini çüýräp,
ỳok bolup gitmekden alyp galýar. Puşkin onuň
pikirlerinden goranyp bilmeýär, ahyrda o pikirlere baş
egýär.
Ynha, 1829-njy ýylda Çaadaýewiň Puşkine ýazan
meşhur haty: “Meniň dostum! Sizi zamananyň syrlaryna
aralaşan ýagdaýda görmek – meniň şeýle alawlaýan
arzuwymdyr. Öz döwrüne we özüniň nämä derkarlygyna
düşünmeýän genial adamy ahlak dünỳäsinde synlamak
ýaly ejir ýokdur. Akyllara soltan bolmaly adamyň özi
özüni ýaramaz gylyklaryň holtumyna we pis gorplara
taşlanyny göreňde, özüňi öňe gitmeýän, doňdurylan
hasap edýärsiň. Bu adam meni öňe äkitmegiň ýerine,
näme üçin meniň öňe gitmegime päsgel berýär diýip
oýlanýarsyň. Men Siz hakda oýlanamda, hakykatda-da
her gezekde şeýle bolýar. Men bolsa Siz hakda tiz-tizden
oýlana-oýlana halys surnukdym.
Haýyş edýän, meniň öňe gitmegime päsgel bermäň
ahyry. Eger ýagty jahanda bolup geçýänleri öwrenmäge
Siziň sabryňyz ýetmeýän bolsa, onda öz-özüňize çümüň
hem-de Siziňkä meňzeş her bir köňülde hökmany bolýan
şol yşygy öz şahsy köňlüňizden tapyň. Dünýäde azaşan,
pukara Russiýa üçin Siziň tükenmez eşret getirip
biljegiňize ynanýaryn.
Dostum, öz ykbalyňyzy aldamaň”.
Çaadaýew Puşkine: “Siz gyzma” diýýär. Ýene bir ýerde
bolsa: “Jenap Naşokiniň aýdyşyna görä, Siz çydap
bolmajak derejede ýalta adam” diýýär. “Jemgyýeti öňe
gitmäge iterýänler, hakykat bilen ýalanyň arasynda
ýaýdanyp duranlar, ỳagny ỳüp üstünde oýnaýan
darbazçylar däl-de, eýsem tutanýerli adamlar” diýýär.
Çaadaýew bu mert, batyr hereketi bilen Puşkini we onuň
mundan beýläkki döreden genial eserlerini halas etdi.
Muny Çaadaýewiň S.P. Şewyrewe ýazan haty
tassyklaýar: “Puşkin meniň dostlugyma buýsanýardy,
onuň özüni we duýgularyny ölümden halas edenligimi,
onda belent söýgi oýaranlygymy aýdýardy...”
Haýp ýeri, Nury Halmämmet ýaly beýigimizi halas
etmäge türkmende Çaadaýew tapylmandyr.
Nury ömrüniň soňky ýylynda ukudan oýanan ýaly
bolupdyr. Onda birgeňsi aljyraňňylyk, gyssanmaçlyk
döräpdir. Ony etjek, muny etjek diýen sözi köp gaýtalap
başlapdyr. Hä bir tema, hä başga bir tema topulypdyr. Şol
günler ol sag böwrüniň agralýandygyny duýupdyr, känbir
ähmiýet bermändir. Bir gezek aýnada özüne siňe seretse,
reňki öçükligini görýär. Oňa: “Nury, janyň sagmy?
Birhili, horlanýanyň ýaly-la” diýýän köpelýär. Iýeni
siňmän başlaýar. Bir az wagtdan çişip, o çiş aýrylman
saklanýar.
Garyplyk aýrylmaz kesel bolup ýapyşýarka, üstesine
hassalygam Nura gaty berk darap başlady. Emma ejesi
öleni bäri süýji söz eşitmedik Nury derdinden
zeýrenmedi. Gaty sowukganly garşylady. Hernäçe
merdem bolsa, barha kuwwatdan gaçýanyny ädimsaýy
duýdy. Ol Gurbannazar bilen bileje gezen günlerini köp
ýatlap başlady. Paltolarynyň ýakasyny galdyryp, ýuwaşja
ýöräp Karl Marks köçesinden geçerdiler. Dünýä bilen
baglanyşygy ýok ýaly, dünýä gowgasy ýele ýanyndanam
geçmeýän ýaly, şeýle rahat ýörärdiler. Olar söz bilen däl,
göz bilen, duýgy bilen düşünişerdiler. Hat-da bir-biregi
göz bilen däl, ýürek bilen görerdiler. “Gabaklaryňy
ýörme, köňül göz bolsun”.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Beýik köňle syýahat - 9
  • Parts
  • Beýik köňle syýahat - 1
    Total number of words is 3607
    Total number of unique words is 2199
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    43.8 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Beýik köňle syýahat - 2
    Total number of words is 3716
    Total number of unique words is 2141
    29.1 of words are in the 2000 most common words
    42.4 of words are in the 5000 most common words
    50.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Beýik köňle syýahat - 3
    Total number of words is 3768
    Total number of unique words is 2044
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Beýik köňle syýahat - 4
    Total number of words is 3784
    Total number of unique words is 1947
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.9 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Beýik köňle syýahat - 5
    Total number of words is 3793
    Total number of unique words is 2042
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Beýik köňle syýahat - 6
    Total number of words is 3620
    Total number of unique words is 2041
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    46.3 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Beýik köňle syýahat - 7
    Total number of words is 3708
    Total number of unique words is 2045
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Beýik köňle syýahat - 8
    Total number of words is 3593
    Total number of unique words is 2096
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Beýik köňle syýahat - 9
    Total number of words is 3518
    Total number of unique words is 2036
    29.3 of words are in the 2000 most common words
    41.3 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Beýik köňle syýahat - 10
    Total number of words is 2887
    Total number of unique words is 1819
    28.5 of words are in the 2000 most common words
    40.3 of words are in the 5000 most common words
    46.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.