Latin

Beýik köňle syýahat - 7

Total number of words is 3708
Total number of unique words is 2045
31.5 of words are in the 2000 most common words
44.6 of words are in the 5000 most common words
50.8 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
─İlki Gürgen radiodan aýdymy kesildi. Garaşdyk, soň sesi
çykmady. Bir gün Daýna baryp, araçägiň aňyrsyna habar
iberdim. Habaram, näme, aýdym aýdylan ýaly edip,
“Aşyrberdi Hanmämmet oglundan habar barmydyr ho-oow” diýip gygyrmaly-da. O taýdan biri iki günden soň
gygyryp habar beräýdi. “Patasyny alyberiň, gidenine dört
aý boldy” diýdi. Aşyrberdijan... Aşyrberdi...—Baýlynyň
damagy dolup gepläbilmedi.
Nury hälden bäri gözýaşlaryny süpürip otyr. Aşyrberdi
bilen bileje oýnan günleri göz öňünde janlanyp,
Aşyrberdiniň radioda aýdýan aýdymlary gulagyna
ýaňlanyp , Nury hasam gama batdy. Gam gamy oýardy.
Aşyrberdi şo-ol oglanjyk şeklinde Nurynyň göz öňünde
galdy.
Ýat ilde öleniň, ah-ah,
Gözi ýumulma-a-az.
Gabry gazylma-az.
Wah-wah, eý ja-an-e-eý.
Ýene dokuz ýyldan Baýlynyň özi hem ýurduny täzelär.
Ana, şonda Nuryny has uly Ýalňyzlyk bogup başlar.
* * *
“Şükür bagşy” – duýdansyz gelen bagt
Çärjewde önüp-ösüp, şo taýda sazçylyk mekdebini
tamamlan Bulat Mansurow soňra Bütinsoýuz döwlet
kinematografiýa institutynda okaỳarka, öz gutardyş
diplom işi hökmünde Nurmyrat Saryhanowyň “Şükür
bagşy” powesti esasynda kino döretmegi niýet edinýär.
Bu kinoda baş gahryman Şükür bagşy bolany üçin kino
sazyna hem gaty köp ähmiýet berýän režissýor Bulat
Mansurow kompozitorlar bilen, olaryň saz döredijiligi
bilen ýakyndan tanşyp, öz isleýän kompozitoryny tapasy
gelýär. Ahyry, oňa Nury Halmämmedi salgy berýärler.
Beýik režissýor Bulat Mansurow o günleri şeýle
ýatlaýar:”Biziň “Şükür bagşy” filmimiz ilkinji gezek Orta
Aziýa we Gazagystan kinematografiýaçylarynyň 1964-nji
ýylda Frunzede (Bişkekde) geçen festiwalynda iň oňat
film diýlen baha alypdy. Şonda filme ýazylan saz üçin
aýratyn baýrak döredilip, oňa Nury Halmämmet mynasyp
bolupdy. Baýrak gowşurylanda ol çekinjiräp: “Bu meň
işim däl. Bu halkyň, Şükür bagşynyň sazy. Men diňe
öwrendim, saz döretmedim, men halky diňledim. Bu
baýragy türkmen sazyna goýlan hormat hökmünde kabul
edýärin” diýipdi. Men 26 ýaşly ýigidiň şeýle zat aýdyp
bilendigine entegem haýran galýaryn...
...1961-nji ýylda biz “Şükür bagşy” filmini almaga
başladyk. Aktýorlary, hudožnikleri gözleýärdik, ýöne saz
meselesi has-da biynjalyk edýärdi. Halk sazynyň
ruhunda, şoňa mynasyp sazy ýazyp biljek kompozitory
nireden tapsa bolar?! Bir gün biziň ýanymyza bir ýaş
ýigidi getirip, ine kompozitor, Moskwa
konserwatoriýasynyň talyby diýip tanyşdyrdylar. Ol
utanjaňlygy zordan ýeňip, biziň haýyşymyza görä,
roýalyň başyna geçdi. “Dutaryň owazy” diýen sazyny
çalyp başlady. Surata alyş meýdançasyndakylaryň ählisi
haýran galyp bakdylar hem-de gözleýän adamymyzyň
biziň öňümizde oturandygyna göz ýetirdiler...
...Ýene bir duşuşyk. Biz Moskwadan uçjak bolýardyk.
Uçar gijä galýardy. Ikimiziňem halymyz teňdi, ýadapdyk.
Men ondan işleri barada soradym. Ol şonda: “Hiç zat
başa baranok. Orkestr düzjek boldum, meniň ynanan
sazandalarym bolsa dagady. Moskwa gitmegi, simfoniýa
ýazmagy ýüregime düwdüm. Bu ýerde-de bir dil
tapmadyk. Göräýmäge gaty gowy dirižýor, sazandalaram
ökde, ýöne meň diýýänim bolanok. Opera, balet ýazasym
gelýär, gowy libretto tapyp bilemok” diýip jogap berdi.
Men öz maksadyna ýetip bilmeýän uly ussadyň
alaçsyzlygyny, zerur materialyny tapman heläk
bolýandygyny gördüm. Ol meniň ýadymda şeýle
galypdyr, şondan soň ony görmedim. Häzire çenli hem
oňa kömek edip bilmändigime gynanýaryn.
Her hili zatlar bolan bolsa-da, oňa päsgel berip, badak
atanam bolsalar, umuman alanyňda, ykbal oňkyny ugruna
edipdi. Onuň çeken jebirleriniň ählisiniň sebäbi başga
zatda...”
Beýik režissýoryň “Şükür bagşy” filmi we oňa saz
ýazan Nury Halmämmedow diňe baýraga däl, ömürlik
şöhrata hem eýe boldular.
Filmiň filosofiki mazmuny Nury Halmämmediň çuň
filosofiki sazy bilen garyşyp-gatyşyp ajaýyp bir eser orta
çykdy. Mundaky saz filmiň özündenem has kämildi, has
beýikdi.
Şol kino festiwalda dünýä meşhur ỳazyjy Çingiz
Aýtmatow Nury Halmämmediň sazynyň belentligini
şobada duýdy we gyzgyny bilen uly bir makala ýazdy. O
makala tutuş SSSR möçberinde medeniýet babatda iň uly
gazet bolan “Sowetskaýa kultura” gazetinde çap edildi:
“Şükür bagşy” birküç gezek tomaşa etmek gerek... Eger
kompozitor Nury Halmämmedowyň sazy bolmadyk
bolsa, film şeýle derejede çykmazdy. Bu şeýle tebigy
dörän saz türkmen halkynyň saz medeniýetine şan-şöhrat
getirýär.”
1964-nji ýylda Çingiz Aýtmatow özüniň “Jemile”
powesti bilen dünýäni sarsdyrýan ýyllarynda, dünýäniň
birinji ýazyjysy hökmünde onuň her bir setiri gapylyp
alynyp okalýan ýyllarynda Nury Halmämmet hakda
belent söz aýtmagy Nury üçin garaşylmadyk bagt boldy.
Nurynyň sazlarynyň reklamasy üçin gaýtalanmajak, iň
uly pursat boldy. Sazsöýerler diňe “Şükür bagşynyň”
sazy bilen däl, eýsem Nurynyň öňki ýazan sazlary bilen
içgin gyzyklanyp başladylar. “Dutaryň owazy” hem-de
“Türkmenistan” simfoniki sýuitasy başgaça diňlenip,
başgaça, has ýokary baha mynasyp görlüp başlandy.
“Şükür bagşy” kinosynyň sazy Nuryny täzeden açdy,
ony dünýä meşhur etdi we ägirt uly şöhraty Nurynyň
egnine ýükledi. Bilşiňiz ýaly, iň agyr ýük şöhrat ýüki,
ony köpler göteribilmän maýrylýar. Şöhrata çydam etmek
uly mesele bolup durka, o şöhrat göripleriň Nura
duşmanlygyny hem artdyrdy. Ýigrimi alty ýaşlyja
ýigidiň öz sazy bilen älemi gümmürdetmesi ondan ep-esli
ýaş uly, tejribeli we ylmy ýokary, wezipesi beýik
türkmen kompozitorlarynyň käbirine ýaramady. Düýn
burnuny sykyp ulaldan oglanyň şöhraty bu gün saňa
kölege berýän bolsa, begenmäni diňe mertler başarýar.
Nury şöhrat atyna mündi, bu güne çenli şagal uwlaýan
jübüsinde pul barlygyny hem duýdy. Şobada Nurynyň
dosty köpeldi. Nury olara parh goýman gatnaşyp, tirkeşip
başlady. Diňe göripligi ýüzüne çykyp duranlary
golaýlaşdyrmady, başarsa olaryň üstünden gülmek isledi
ýa-da olaryň göripligini hasam artdyrjak oýunlar etdi,
gysgajasy göripleri gyjyklady. “Maňa geniý diýýärler
weli, kabul etsemmikäm – etmesemmikäm?” diýýär.
“Çygylyp-çygylyp bir zat ýazypdyr weli, hernäçe
çygylsamam diňläp bilmedim”.
Kinoda ilkinji galam haky, soňra köp görkezilenligi üçin
galam haklary berilýär. Onsoň köp pul gören Nury o
pullary saga-sola sowrup başlady. Dostsyraşyp ýörenler
ony gije-gündiz ýalňyz goýman bizar etdiler.
Hakykatda-da oňa sen geniý, sen ýeke-täk diýip
başladylar.
Nury şu mahal özüni gaty gowy duýýar. Öz şöhratyna
içinden guwanýar. Diňe içinden guwanýar. Ony entek
öwgi-mahabat bilen sarsdyryp bilenoklar.
Nurynyň ykbalyna ummasyz uly täsir eden kinorežissýor
Bulat Mansurow soňky kinolaryna Nuryny çagyrmandyr.
Munuň sebäbi hakda oýlansa bolar. Şeýle şowly çykan
“Şükür bagşy” filminiň sazyny Moskwada
kinematografiýa döwlet simfoniki orkestri çalmaly, lenta
geçirmeli bolanda Nury zym-zyýat bolupdy. Onuň nirä
gürüm-jürüm bolanyny Alladan başga bilýän ýokdy.
Kino topary, näçe studiýa, simfoniki orkestriň bir süri
sazandasy, hut baş režissýor Bulat Mansurowyň özi Nura
garaşýardy. Nuryny her ýerden gözleýärdiler. Asyl, onuň
ölüdigi-diridigi belli däldi.
Howpurgaşyp, her tüýsli gorkunç pikirler edip
başladylar. Bu ullakan şäherde, dünýäniň adamsy üýşen
ýerde her zat bolup bilerdi.
Nura garaşma uzak dowam etdi. Bulat Mansurow Nura
garaşa-garaşa halys surnukdy. He aglara, ne gülere sebäp
bar.
Ahyry, başga bir kompozitora gyssagara saz ýazdyralyň
diýşip ýörkäler, goltugy notaly kagyzdan doly Nury
göründi. Onuňam durky gaty naýynjar. Çekgesi
çekgesine ýapyşyp, gözleri bürüşip, ysgynsyzlykdan ýaňa
aýak üstünde zordan durýar. Ol: “Şu notalary dirižýora
beriň. Özi düşüner. Gül boldy, gül. Men näçe gije
uklamok, iýgi-içgi ýatdan çykdy. Bir salym uklap bilsem
uklaýyn” diýip holodilnikden bir bölejik kolbasa alyp, bir
stakan aragy içip krowada özüni goýberdi.
Notalary dirižýora eltseler, ol göz gezdirip: “Brawo,
brawo! Nuryşka geniý. Nuryşka klassik!” diýip,
begenjinden uçaýjak bolýar.
“Şükür bagşy” kinofilminiň sazy, ynha, şeýle ejirler
bilen döredi, şeýle ejirler bilen halka ýetdi.
Bulat Mansurow hem özüne, hem Nura beýle ejir
bermejek bolup, soňraky kinolarynda Nura ýüz tutmadyk
bolmagy mümkin.
Eger “Şükür bagşy” kinosy bolmadyk bolsa ýa-da o kino
üçin Nurynyň sazy ýazylmadyk bolsa Bulat
Mansurowyň, filmiň we Nury Halmämmediň ykbaly
başgaça bolardy. Bu jedelsiz hakykat.
Her niçik bolsa-da, ahyrda, “Şükür bagşy” kinosy özüniň
genial sazy bilen taryhda uly orun eýeledi.
“Aýgytly ädim” – beýikleriň aýgytly ädimi
Alty Garly, Nury Halmämmet bu filmiň iň kuwwatly
sütüni boldy. Berdi Kerbabaýewiň “Aýgytly ädim”
romany esasynda surata alnan bu kino türkmen
ykbalynyň bir sahypasyny çuň görkezmegi başardy. Bu
görünýän, beýan edilýän wakalar hakda şeýledi. Emma
filmiň sazy, ondaky aýdymlar, hüwdi tutuş türkmen
taryhyny saz arkaly diňleýjä ýetirmegi başardy.
Türkmeniň bütin ömri boýy bagty, betbagtlygy bu
sazlarda şeýle bir çuň, şeýle bir giň we şeýle bir pelsepeli
berildi weli, o sazlar her bir türkmeniň ýüregine şobada
siňdi gitdi. Sazlary çöldäki çarwa-da, ömrüni ylym –bilim
toplap geçiren alym-da ýürekden söýüp diňleýär. Indi
türkmen durmuşyny Nury Halmämmetsiz göz öňüne
getirmek mümkin däl. O sazlary dünýä diňleýär, dürli
milletler diňleýär, emma Türkmen bolup diňlemegiň
beýik bagty bize miýesser etdi.
Nury Halmämmedi Türkmen bolup
diňläýseň.
“Şükür bagşy” kinosyna saz ýazandan soň, Nuryda beýik
dagdan inen sil ýaly kuwwat, beýik energiýa toplanatoplana, “Aýgytly ädim” kinosynda jadyly saz bolup
ýaňlandy. Saza örän çuň düşünýän beýik režissýor Alty
Garlynyň bu sazlardan alýan lezzetini başga hiç zat bilen
deňär ýaly däldi. Alty Garly heziller edindi. O saz Alty
Garla: “Nurynyň sazy ýaňlananda, sözüň geregi ýok. Ol
ähli zatdan güýçli”diýdirip bildi.
“Aýgytly ädim” kinosyna saz ýazmaga Alty Garlynyň
Nury Halmämmedi saýlap almagy bu kinonyň iň uly
utuşy boldy. Edil “Şükür bagşyda” bolşy ýaly, bu
kinonyň hem iň beýik tarapy-kino sazy boldy. Saz tutuş
kinony edil lokomotiw kimin öňe çekýär. Alty Garly
Nury Halmämmediň sazyny neneň söýýän bolsa onuň
özüni hem şonça gowy görýär. Alty Garly Nura “Mosart”
diýip ýüzlenýän ekeni. Beýik sungat ussadynyň hormaty
Nura-da uly täsir etdi. Nury “Aýgytly ädim” sazyna
ýüregini eredip goşdy. Öz şahsy durmuşyndaky
tragediýany, hiç-hiç egsilmejek gamy tutuş türkmen
halkynyň geçmiş ykbaly bilen birleşdirip, bütewi bir eser
döretdi. Gam bilen begenji şeýle bir ussatlarça ýugurdy
weli, netijede örän çuň pelsepeli saz döredi. Ýewropa
sazynyň kämilligini türkmen sazynyň nepisligi, şirinligi
bilen birleşdirmegi başardy. Özem gaýtalanmajak
kämillikde başardy. Şoňa görä “Aýgytly ädimiň” sazy,
aýdym-hüwdüsi bäş-alty asyr bäri aýdylyp-çalynyp
gelýän ýaly duýgy döredýär. “Wah, Nurynyň kino
sygmadyk aýdymy hem bardy. Soň ol aýdym ýazga
geçmän galdy” diýip aktýor Ata Alow ýatlaýar. Nury
owal-başdan öz ýazan sazlarynyň notalaryna perwaýsyz,
geleňsiz bolşy ýaly, “Aýgytly ädimi” ýazanda-da şoň
ýalydy. Meşhur “Aýna” aýdymynyň orginal notasy
Türkmenistanyň halk artisti Aýdogdy Gurbanowda
saklanýar. “Bir gezek Nury ikimiz telewideniýede çykyş
edýäs. O mahal “Aýgytly ädim” surata alynsa-da heniz
görkezilmändi. Onsoň Nury maňa : “Hany “Aýnany”
aýtsana” diýdi. “Alty Garly käýýär, kino çykýança
aýdymyny aýtmaň diýip tabşyrdy” diýdim. “Alty aga öz
ýaşulymyz. Käýese käýýär, ýençse ýenjer. Sen aýtsana”
diýdi. Onsoň Nurynyň özi pianinoda sazyny çaldy,
menem aýtdym . Ertiri bütin halk “Aýnany” aýdyp
başlady”. Bu ýaşuly artistimiziň ýatlamasy.
“Aýgytly ädim” kinosynyň döreýşi aýratyn taryh weli,
Alty Garly bilen Nury Halmämmediň tanyşyşy, olaryň
“Aýgytly ädim”, “Magtymguly”, “Mukamyň syry”
filmlerinde bile işleşişleri, pikir gaýnaşmalary, döredijilik
çekişmeleri hem uly bir kitaplyk material.
Soňra 1973-nji ýylda Alty Garly ýogalanda Nurynyň
neneňsi gama batanyny aýdyp-diýer ýaly bolmady. Alty
Garlynyň tabydynyň bir ýanyny egninde göterip, bu
dünýäniň ähli gamyny ýüreginde göterip barýan Nury
Halmämmedi ýatlap, meşhur artistimiz we özboluşly
filosofymyz Nury Allaberdi şeýle ýazypdyr: “Bir adam
bu giden mähelläniň labyryny başyna çekip, ýeke özi
aýratyn bir dünýäni göterip barýardy ... Göwnüme
bolmasa, Alty Garly diňe Nura gerek ýaly bolup
görünýärdi. Şol gezekki Nury Halmämmediň bolup
barşy, kalbynda, aňynda, on iki süňňünde göterip barýan
dünýäsi, hasraty, ähli genileriň ýurduny täzeleýändikleri
üçin çarhypelek bilen ýaka tutuşýandygyny, oňa-da çäresi
ýetmän, ýegşerilip barýan durky köpleri özüne bendi
edýärdi”.
1966-njy ýylda ýakyn dosty Ýazguly Hudaýberdiýewi
ýitirip, özelenýän ýürek halypa derejesindäki Alty
Garlyny ýitirende gamdan ýaňa eräp-eräp tükener hala
geldi. “Eý, gözýaşlarym! Aka-aka tükenýän bolsaňyz, şu
gün tükenmeli günüňizdir. Mundan soň men kim üçin
gözýaş dökeýin?!”
Gyssanma, Nury! Öňüňde 1975-nji ýyl bardyr. Seni bir
demde garratjak waka bardyr.
Ynsan, biçäre, her ölümde, her aýralykda jebir çekeçeke, ahyrda, özi hem gidenleriň yzyna düşýär.
Beýikler birleşdi ─ beýik döredi
Marynyň ortasyndaky kinoteatrda “Aýgytly ädim”
kinosy günde üç gezek görkezilýärdi. Gara gözelejik,
gaşlary gözüne kölege berip duranja bir oglan bu kinony
her gün üç gezek görýär. Artyk “Aýna” aýdymyny
aýdýança ol parahat ýaly. “Aýna” başlaýaram weli, ol
oglan bu dünýäni unudýar. Aýdym tamamlanansoň,
elýaglygy bilen gözýaşlaryny sylýar. Begenip
aglaýanyny, gynanyp aglaýanyny bilenok. Şeýdip ol
oglan bu kinony on sekiz gezek gördi. Ýene-de görjekdi
weli, kinony başga şähere alyp gidäýdiler.
“Aýgytly ädimi” on sekiz gezek gören oglan, soňra
meşhur aýdymçymyz bolan Atageldi Garýagdydy. Ol
Aşgabatdaky sazçylyk uçilişede okap ýörkä,
mugallymasy oňa “Aşgabat” diýen aýdymy öwredýän
günleri bir gezek gapyny bir kişi açdy weli, mugallyma
ony çagyrdy.
─Gelsene, gelsene. “Aşgabady” öwrenýäs, diňläp gör.
O geleniň özi roýal başyna geçip çalyp başlady.
─Jigim, “Aşgabady” çynyň bilen aýdasyň gelýämi?
─Hawa.
O kişi örän ezber hem joşgunly çalyp başlady. Birdenem
sazy kesdi-de: “Jigim şu taýyny göni alma, sesiňi
gaýnadyp, esräp aýt” diýdi-de özi aýdyp berdi.
─Bilýämiň, men şu sazy seniň üçin ýazdym. Hany,
başlaly.
Bu pianino başyndaky tokgaja adamyň şo-ol on sekiz
gezek aýdymyny diňlän Nury Halmämmetdigini,
gelejekki dosty we ýakyn howandary boljak Nury
Halmämmetdigini, aýdymlaryny aýdyp, beýik şöhraty
paýlaşjak Nury Halmämmetdigini, beýik şahyrymyz
Gurbannazar Eziz bilen dostlaşdyrjak Nury
Halmämmetdigini Atageldi bilmeýärdi.
Şondan soň Nury Atageldi bilen ýygy-ýygydan duşup
başlaýar. Atageldi uzak wagtlap bu ahwala ynanman
gezýär. Öňler adyny eşidip, aýdymlaryny aýdyp,
guwanyp ýören kompozitory, pygamber ornunda görüp
ýören kompozitory birden onuň bilen bile gezip ýör.
“Düýşüm däldir-dä”. O geçen günleri ýatlanda Atageldi
şeýle diýdi: “Şo günleriň birinde Nury meni ors bazaryň
içi bilen alyp barýar weli, başym buluda degip-degip
gidýä. Men özümi jennetde ýaly duýýan. Ähli kişi bize
seredýän ýaly, asyl, aýagym ýere degmän barýan ýaly”.
Atageldi Nury Halmämmediň aýdymlaryny iň köp aýdan
aýdymçy. Meşhur pianistkamyz Orazgül Annamyradowa
ikisi öňki SSSR-iň çäklerinde we daşary ýurtlarda Nury
Halmämmediň eserlerini iň köp propagandirlän ynsanlar.
Bir gün Magtymguly adyndaky opera we balet teatrynda
Atageldi Nury Halmämmediň bir aýdymyny aýdanda zal
joşup el çarpypdyr. Atageldi bir künjekde ýygrylyp
oturan Nury Halmämmede elini uzadyp, ony sahna
çagyrypdyr. Nury sypaýy ýöräp sahna çykypdyr weli, el
çarpmalar has güýçlenipdir. Nury hem zaldan bir ýigidi
çagyrypdyr. O ýigit ýerinden turup, halaýyga baş egipdirde ýene oturyberipdir. El çarpyşlyk gutarmandyr. Nury
ýene elini bulap: “Bäri gel” diýen yşarat edipdir. Ahyry,
o kişi sahna çykypdyr. Gök gözli, ýagty ýüzli, saçlary
owadan bejerilen, syratly ýigit Atageldiniň we Nurynyň
elini gysypdyr. Ol Gurbannazar Ezizdi. Atageldi onuň
bilen ilkinji gezek elleşýärdi.
O sahnany görenler bagtyýar ekeni. Gaýtalanmajak,
gözüňi nurlandyrjak, taryhda uzak sözlenjek görnüş.
So-oň-soň Nury öz aýdymlaryny Atageldiniň aýdyşyna
göwni ýetip: “Hudaýjan seni meniň üçin ýaradypdyr”
diýer.
Atageldi Moskwa konserwatoriýasynda okaýarka onuň
mugallymasy Oksana Semýonowna Sweşnikowa Nury
Halmämmediň aỳdymlaryny Atageldiniň aỳdyşyny
diňläp öz äri, şol konserwatoriýanyň rektory Sweşnikowy
bu aýdymlary diňlemäge çagyrýar. Atageldi Nury
Halmämmedowyň aýdymlaryny aýdýar. Rektor o
aýdymlardan hezil edinýär. Nurynyň okan ýyllaryny
ýatlaýar hem-de Atageldiniň jübüsine pul salýar.
“Halk artist bolaňda gaýtaraý” diýip ýylgyrýar.
Nury Halmämmedem eçilmek meselesinde o rektordan
kem galar ýaly däl ekeni. Nury bir gezek gonorar alanda
Atageldini ýörite alyp gidip, magazinden islän
kostýumyny alyp geýdiripdir. Hatda bir gezek Nury
Atageldiniň başy açyk gezip ýörşüni görüp, öz başyndaky
papagy Atageldä geýdiripdir. Onsoň Nurynyň ýüreginiň
neneňsi ýumşaklygy hakda aýtmagyň zerurlygy ýok bolsa
gerek.
Ol Atageldiniň Moskwada galmagyny, uly tejribe
toplamagyny, dünýä özüni tanatmagyny isleýär.
“Atageldijan, şu mahal Türkmenistana barmajak bol.
Meni batga batyryşlary ýaly, seni-de batga batyrarlar”.
Atageldi Garýagdy Nury Halmämmedi ýatlanda duýga
çümýär, bir nokada bakyp, bile geçiren günlerini göz
öňüne getirýär.
“Nury çekinjeň, akylly adamdy. Ol örän uly filosofdy.
Oňa düşünmek gerekdi. Biz sözleşmän düşünişip
bilýädik. Ol gaty sowatly fanatik. Milli saz bilen
Ýewropa saz usullaryny utgaşdyryp, mukamy şeýle bir
eýleýär weli, kalbyňy heýjana salýar. Özüne uly baha
bilen garamaýanam bolsa, “Inim, döredeli, soň birwagt
gerek bolar” diýýärdi. Gurbannazar, Nury üçimiz bile
köp işledik. Ol başga dünýäde ýaşan adam. Ýöne
ýanyndaky birtopar içigara adamlar “Sen geniý” diýip,
işini gördüler, içirdiler.
Biz onuň bilen Moskwa köp gidýärdik. Ýaraman ýören
günleriniň birinde: “Ýör, surata düşmäge gideliň” diýdi.
Dogrusy, men geň galdym. Sebäbi, ol suratyň adamsy
däldi. Beýle zady ýalbarsaňam etmezdi. Onsoň biz
Kalinin prospektine gidip surata düşdük”.
Bu surat Nurynyň ömrüniň iň soňky suraty boljagyny
Atageldi güman etmese-de Nury duýan bolsa gerek. Iň
soňky... iň soňky... Aýylganç söz.
*
*
*
“Gurbannazar ölen bolsa, menem öldüm”
Nury 1967-nji ýylda birinji simfoniýasyny ýazansoň,
dünýäniň saz muşdaklary ol owazlara maýyl bolup
ýaşadylar. 1974-nji ýylda saz öwreniji T.M.WyzgoIwanowanyň “Orta Aziýa we Gazagystan
kompozitorlarynyň simfoniki döredijiligi” diýen örän çuň
mazmunly kitaby “Sowetskiý kompozitor” neşirýatynda
çap edilýär we o kitap Nury Halmämmedowyň birinji
simfoniýasyna, beýleki eserlerine aýratyn uly baha
berýär.
Agzalan kitabyň 143-nji sahypasynda: “Döredijilik
pikirlenişiniň kuwwatlylygy – Halmämmedowyň örän
möhüm üstünlikleriniň biridir” diýilse, 147-nji sahypada
Halmämmedowyň birinji simfoniýasy hakda:
“Tutuşlygyna alanyňda bu simfoniýa örän talantly eserdir
” diýilýär. Soňra bolsa : “Materialy yzygiderli ösdürmegi,
ony intonasiýa, faktura, lad taýdan täzelemegi, tembr we
garmonika taýdan baýlaşdyrmagy başarmasy ─
Halmämmedowa mahsus sypatlardyr. Onuň simfoniýasy
Orta Aziýa we Gazagystan respublikalarynyň
kompozitorlarynyň döredijiliginde täze döwrüň
başlanýanlygyny aňlatdy” diýip netije çykarylýar.
O simfoniýadan soň beýle uly göwrümli eser dünýä
inmeýär. Nury kinolara saz ýazmasyny dowam etdirýär.
“Aýgytly ädim” kinosyny döredijilere Türkmenistanyň iň
uly, iň abraýly baýragy bolan Magtymguly adyndaky
döwlet baýragy berilýär. Emma olaryň arasynda ala-böle
Nurynyň adynyň ýoklugy bütin halky haýran edýär.
“Aýgytly ädimi” aýdymsyz, sazsyz görüň bakaly, şonda
Nurynyň beýikligine has açyk göz ýetirersiňiz. Emma
ýokarda oturanlar we olara sözüni diňledip bilenler bu
hakykata göz ýumdular.
Nurynyň duşmanlary, bäsdeşleri, göripler heşelle kakyp
başladylar. Nury bu ýagdaýda özüni nähili alyp
barmalydygyny oňat bilýär. Nury özüni baýrakdan
ýokarda tutup gezdi. Göwnibir, gaty sowukganly
göründi. “Genilere baýragyň geregi ýok”.
Şo günler onuň arkasyndan gizlin, gol çekmän arza
baryny goýberdiler. Olar “Nuryny ýeňdik” hasap
edýärdiler. Nury: “Jan aga” diýip geler öýdýärdiler. Olar
öz garyşlary bilen ölçeýärdiler. Emma diriligine gömülsede Nurynyň baş egmejegini, ỳaranjaňlyk edip ỳasama
ỳylgyrmajagyny bilmeýärdiler. Nury bu dünýäni işläp, iş
görkezip, döredip-joşup ýeňmelidigini bireýýämler
öwrenipdi. “Gedaýam bolsam, gedemje gedaýdyryn”
diýip gezdi. Maddy kynçylyklar ony surnukdyrsa-da,
gonorar alanda tygşytlyja sowmany, ak puly gara gün
üçin saklamany hiç-hiç öwrenmedi. Moskwada bir
ýygnaga üýşen sazandalary, kompozitorlary we ýeneýeneleri gymmat restorana çagyryp, ähli harjy özi çekdi.
Ertesi olar bir-birege bakyşyp: “Bu gün kim türkmen
bolarka?” diýişdiler. “Nury doly gapjygy orta taşlaýardy.
“Hany, Rejepjan şu gapjyga gurt topulyşyny etsene!”
diýerdi”. Bu kompozitor Rejep Rejebowyň
ýatlamasyndan.
Nury Halmämmet eli açyklygyna begenýänlerdendi,
emma özi weli, şol bir kurtkaly, sapy döwlüp, ýerine sim
saralan karton çemodanyny süýrär ýörerdi.
Onuň ýaşaýşy “Bir gün şa, müň gün geda”
diýilýänlerdendi.
Nury hiç mahal garyplygy-pukaralygy dert
hasaplanlardan däldi. Baýrak berildi-berilmedi-ony hem
unutdy goýberdi. Ol Gurbannazar dosty bilen “Görogly”
eposynyň daşyna geçýärdi. Şol epos esasynda
Gurbannazar opera librettosyny ýazýardy. Nury hem
sazyny ýazmakçydy.
Nury şo işleri bilen gyzyklanyp döredijilik öỳüne
gidipdi. Bir gün otagynda gözüni potologa dikip,
beýnisindäki pianinoda Göroglynyň aýdymyny çalyp
ýatyrka, telefona çagyrdylar. ”Gijäniň bir wagty kim jaň
edỳärkä?”
Bir ýigit gaty gamgyn sesli gepläp başlady.
--Nury Halmämmedowiç, salowmaleỳkim. Men
Moskwadan jaň edỳän.Size Aşgabatdan jaň edip
bilmänsoňlar, maňa bir habar aỳt diỳdiler...
Jaň edỳän kişi gepläp bilmän dymdy. Nury: ”Alo, alo!”
diỳip, gaty gepledi.
Yene jogap bolmady.
--Alo, men diňleỳän, eşidỳämiň?
--Nury Halmämmedowiç, neme... men... bagyşlaň,
nädip aỳtjagymy bilmeyän, neme.. Gurbannazar Ezizow
atylypdyr. Ertir jaýlajaklar.
─Ýalandyr! – Nury, howa ỳetmänsoň, sag elini
bogazyna ỳetirdi.
Telefonyň o tarapynda gyk-gyk sesleri eşidilip başlady.
Nura jaý dar geldi. Ylgap daşary çykdy, ýene öýe girdi.
Birine jaň etjek boldy, bolmady. Dodagyny çeýneşdirip,
öý içinde eýlä-beýlä ýöredi. Ahyry, öz öỳüne girensoň,
gözýaşlarynyň çeşmesi açyldy. Nury ýassyga ýüzüni
berip, ähli gözýaşlary ýassyga siňirip, edil çaga ýaly
horkullap aglady. Uzak aglady. Aglany bähbit boldy.
Aglap bilmedik bolsa, ol bomba ýaly partlardy. Ýürek
partlardy.
Nury ömründe özüne iň ỳakyn gören dostuny, mukaddes
hasaplaỳan adamy bolan Gurbannazary ýitirenine hem-de
özüniň ömürlik ýalňyz galanyna aglaýardy. Özi ölse,
aglajak galmady diýip aglaýardy.
Ahyry, gözỳaşlar tükendi. Öỳ içinde aşak bakyp, ikiỳana
zowzuldady ỳördi. Daňdanlar surnugyp, ỳykylyp galdy.
Ol düỳş gördi:
“Gurbannazaryň jesedini egnine alyp, haýdaşyp
barýarlar.Olaryň arasynda gözýaş baryny seçeläp,
urgudan ýaňa enterekläp, Nury tabyda ýapyşyp barýar.
Nuryny görmegiň özi hem uly bir matamça bar. Onuň
bolup barşyny görenler iki esse artyk gama batỳarlar. Ol
öz-özi bilen gepleşýän ýaly: “Gurbannazarsyz nädip
ýaşarkam?!” diýip pyşyrdaỳar. O sesi eşidenler, hat-da
doňbagyrlaram gözýaşyny saklap bilmeỳär.
Gurbannazaryň meydi gabra salnanda Nury hem gabra
girỳär-de Gurbannazaryň meỳdiniň ỳanynda süỳnỳär.
“Gurbannazar ölen bolsa, menem öldüm.”
Nury ertir oỳananda aýak üstünde dursa-da, ruhy taýdan
ölenligini we hiç mahal direlmejegini bilýärdi. Ruhy
ölümiň yz ýany bedeniň hem sowap, bir gün doňup
galjagyny bilýärdi. Şondan soň onuň üçin bu dünýäniň
gymmaty galmady. Her ädimi, her güni, her aýy ony,
mazara baka barha ýakynlaşdyrdy, üç, iki, bir diýen ýaly,
yza sanaw başlady.
Halkyň aňynda bolsa Nury, Gurbannazar, Atageldi üçüsi
bir eneden dogan ýaly duýgy galdy.
Daýna, Daýna! Topragyňy göze sürtsem!
Nuryny hiç zat kanagatlandyrmady. Beýikleriň
hassalygy bolan – dünýä sygmazlyk oňa-da ýokuşdy.
Ogul-gyz, aýal hem ýalňyzlygyny aýryp, sabyr berip
bilmedi. Dost men diýip gatnaşýan känem bolsa,
Gurbannazardan soň, ol beýle wepadara ýa sataşmady ýada sataşsa-da Nury olary köňül gapysyndan salmady.
Şeýle ahwalda Nurynyň zehini solup başlady. Saz
ýazylsa-da öňki belentlik, öňki çuňluk, öňki pelsepe, öňki
joşgun başartman başlady. Özüniň birmahallar ile aýdan :
“Joşmasaň, joşdurmarsyň” diýen sözüni indi özi
ýatlamaly boldy. Ol özüniň bu ýagdaýyny mertlik bilen
boýun aldy. Belli dirižýor, Çaýkowskiỳ adyndaky
konserwatoriýasyny we aspiranturasyny tamamlan, uly
tejribeli Orazgeldi Berdiden Nury özüniň käbir sazlary
hakda pikirini sorapdyr. “Mysal üçin “Hirosimanyň,
Nagasakiniň çagalarynyň diňläp ýetişmedik aýdymlary”
Nuryjan, seniň derejäňden pes ýazylypdyr. Sebäbi, sen
stil çalyşjak bolupsyň, olam şowsuzrak çykypdyr”
diýende Nury o pikir bilen ylalaşypdyr.
Nury özüne orun tapman ýören günleriniň birinde Daýna
gitmegi ýüregine düwýär. Sekiz ýaşyndan bäri görmedik
Sumbary, obasyny, dogduk topragyny göresi gelýär.
O-ol dyrmaşyp, endam-janyny çyzym-çyzym edip
münen agaçlaryny göresi gelýär, Dänegulyň depesine
çykyp, durna sanan ýerlerini göresi gelýär.
Iň esasysy hem armanly giden ejesiniň mazaryna baş
goýasy gelýär. Ol geçen günleriň ýatlamasy ony soňky
wagtlar halys surnukdyrdy. Bir gitse, bir barsa, ýekeje özi
ejesiniň mazar başynda oturyp aglasa-aglasa. Başga hiç
zat gerek däl.
Daýnany görse, köňül, belki, köşeşer. Ýalňyzlyk, belki,
uzaklaşar. Bu bir-biregiň aýagyna taýak gysdyryp, birbiregi batga basyp ýörenleri görmese, belki, ýürek özüne
orun tapar.
Köneje awtobus Gyzylarbatdan çykyp, tigirlene-tigirlene
bir menzile ýetende saklandy. Sürüji suw daşap, maşyny
sowatmaga başlady. Ýolagçylaram aýak ýazmak üçin
oňa-muňa ýaýrady. Şonda Nury gözýeterinde bir ýylan
bilen zemzeniň söweş gurýanyny gördi. Bir salym gamly
bakyp durdy.
“Be-e, biziň haýwanlarymyzam özümiz ýaly öýdýän.
Özgeleri ýaşatman, diňe özleri ýaşasy gelýär. Ýeri, şu giň
sährada ýer gytmy diýsene. Heriňiz bir derä gidiň-de
ýaşaberiň-dä”. Nury bir daş aldy-da söweşýänlere baka
zyňyp goýberdi. Ýylan bir ýana, zemzen bir ýana çekildi,
emma az salymdan ýene garpyşyp başlady. Beýle
ýandaky bir adam: “Agam, degmesene, goý, uruşsynlar,
kimiň ýeňýänini göreli” diýdi. “Bu söweşde ýeňiji
ýoklugyny, duşmany güldürýändigimizi, öz-özümizi pese
gaçyrýandygymyzy, duşmanlyk duýgularyna gümra
bolup, bu dünýäniň lezzetini, meselesini
unudýandygymyzy her kişä nädip düşündirjek.
Magtymguly, biçäre, muny düşündirjek bolup, ömrüni
kül etmedimi, näme?!”
Awtobus ýolda suw içe-içe, ahyry, Garrygala ỳakynlaşdy.
Nuryda bir birahatlyk döredi. Maşyn Garrygala girenden
Nurynyň demi-demine ỳetmän, zor bilen howa sorup
başlady. Maşyn Garrygalanyň duralgasynda duranda,
Nury argyn halda maşyndan düşdi. Beýle ýanda bir
gapyly awtobusyň maňlaýynda “Daýna” diýlen ýazgyny
okady. Şo ýazgynyň özi Nuryda ýüz müň gam oýardy,
şo-ol dört ýaşyndaky wakalary, şemal ýaly, düýrläp
toplap, göz öňünde janlandyrdy. Nury pessejik öýleriniň
bir dulunda, sallançagyň ýanynda gana bulaşyp ýatan
ejesini gördi, ýene şo gezekki ýaly, ejesiniň ganynyň
uýap, sowap, agyr kükäp, burna urýan ysyny aldy. Nury
bir hassyldady. Ol başga howa sorasy geldi. Emma her
demde şol agyr ys geldi durdy. “Ýok, ýok. Gidip bilmen,
görüp bilmen. Men nätsemkäm? Nirä gaçyp gitsemkäm?
Bu dünýäden doýdum . Maňa hiç zat gerek däl. Men
öldüm. Öldüm!”
Nury Gyzylarbada dönýän şol köneje awtobusa
münenini bilmän galdy. Az salymdan awtobus şäherden
çykdy-da daglara siňip gitdi. Kem-kemden Nury başga
howa sorup başlady. Demi dürseliberdi. Başynda öz
düzen “Keç peleginiň” owazy tyrňyllady durdy. “Ölemde
şu sazyň çalynmagyny islärdim”.
Garyp, gamgyn, şeýle ýalňyz Nury Gyzylarbatdan otla
münüp, Aşgabada geldi. Bir otaglyja jaýyna girdi. Bir
diwaryň düýbünde gaty tagtaly, aýak ornuna aşagyna
agaç kesindisi atylan krowatyna süýndi.
Maňlaýym gara boldy,
Bilbilim garga boldy,
Ölenler öldi gitdi,
Galanlar yrga boldy.
Günlerde bir gün ...
Nury dostlary bilen bir garyndaşyny görmäge çöle
gidýär. Maşynlary hem ejizje “Zaporožes”. Gidişin her
depeden geçjek bolanlarynda maşyny itekläp-itekläp,
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Beýik köňle syýahat - 8
  • Parts
  • Beýik köňle syýahat - 1
    Total number of words is 3607
    Total number of unique words is 2199
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    43.8 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Beýik köňle syýahat - 2
    Total number of words is 3716
    Total number of unique words is 2141
    29.1 of words are in the 2000 most common words
    42.4 of words are in the 5000 most common words
    50.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Beýik köňle syýahat - 3
    Total number of words is 3768
    Total number of unique words is 2044
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Beýik köňle syýahat - 4
    Total number of words is 3784
    Total number of unique words is 1947
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.9 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Beýik köňle syýahat - 5
    Total number of words is 3793
    Total number of unique words is 2042
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Beýik köňle syýahat - 6
    Total number of words is 3620
    Total number of unique words is 2041
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    46.3 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Beýik köňle syýahat - 7
    Total number of words is 3708
    Total number of unique words is 2045
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Beýik köňle syýahat - 8
    Total number of words is 3593
    Total number of unique words is 2096
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Beýik köňle syýahat - 9
    Total number of words is 3518
    Total number of unique words is 2036
    29.3 of words are in the 2000 most common words
    41.3 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Beýik köňle syýahat - 10
    Total number of words is 2887
    Total number of unique words is 1819
    28.5 of words are in the 2000 most common words
    40.3 of words are in the 5000 most common words
    46.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.