Latin

Beýik köňle syýahat - 2

Total number of words is 3716
Total number of unique words is 2141
29.1 of words are in the 2000 most common words
42.4 of words are in the 5000 most common words
50.4 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
azaplaryny çekmäge taýýarlyk, geçene gynanyp,
geljekden umytlylyk duýgulary derýany hem
elendirýärdi. Derýa Hangüle syrdaş bakýardy.
Töwerekdäki gaba-gaba toraňňylar, uzyn-uzyn derekler
Hangülüň owazyna çydap bilmän, iki ýana baş
ýaýkaýardylar, gözýaş ornuna ýapraklaryny derýa
dökýärdiler. Beýle ýanda böwürslenler başyny sallap,
Hangülüň owazyndan ýaňa gama batyp sessiz otyrdy.
Diňe Hanmämmet töweregiň bu ahwalyny duýmaýar.
Käşgä duýsady. Käşgä bile gam-hesret çekişsedi, käşgä
ýürek eresedi. Şeýle bolsady, şonda Hanmämmet emaý
bilen gelip, Hangüli gujaklar, başyny döşüne gysar, onuň
ajy gözýaşlaryny öpe-öpe guradar, saçlaryny sypar,
bagryna basar. Şeýle bir ýumşak, şeýle bir ýüpek ses
bilen: “Hangülüm, gülleriň hany, saňa näm bolýa, näm
bolýa? Men mydama ýanyňdadyryn. Seni ýalňyz
goýmaryn. Hangüljan, köşeşsene. Hany, maňa bakyp
ýylgyrsana” diýip özelener. Hangül ýene lälä başlady.
Hüwdi-hüwdi hüwlendiýä,
Suwda balyk köwlendiýä,
Balyk diýip tutanym-a,
Ýylan bolup towlandyýa.
Hangülüň gözlerinde ýaş köpeldi. Ol barha batly, barha
zarply aýdasy geldi. Ýürek pessaý uçasy gelenok. O
ýürege deň geljek, oňa laýyk geljek owaz zerur.
Hangül häzir bu töwerekde özüne düşünmeýän, özüni
söýmeýän-halamaýan bardyr öýdenok. Hat-da gije
bolaryny diläp, hininde ýatan gurtlaram bu zarynlama
ýumşaýandyr öýdýär.
Ýok, ýok. Arkaňda adam bar, Hangül!
─Dälirediňmi?! Lal bol! Ýör öýe! ─Hanmämmet gazaply
gygyrdy. Hemişeler bolanlygynda Hangül tisginerdi,
buýruga boýun bolardy. Emma bu sapar beýle däl, rahat
bakdy-da: Hanmämmet, gelsene, gel, meni derýa zyňyp
goýber. Seniň eliňden öleýin. Saňa gurban bolaýyn,
Hanmämmet!
─Lal bol, ýör öýe.
─Bir salymjyk duraly. Maňa bir zad-a bolýa. Ýüregim
ýüregime syganok. Hanmämmet, bilýäň dämi, göwrämde
ýene çaga bar. Maňa kömek et, men
däliräýmäýin. Azajyk duraly. Azajyk duraly. Wah,
çagajyklaryma nebsim agyrýa. Men olaryň enesi ahyry.
─Goý-how, samramaňy. Düş öňe.
─Gaýrat et, Hanmämmet, maňa kömek et.
Hanmämmet ony diňlemedi. Suw kädi bilen suw susup
aldy-da Hangülüň elinden gaharly tutup, öýe baka
gaýtdy.
─Sen meni oba masgara edýäň. Dälirän günüň ýere
gömerin. Beýdip, ile gep bolup gezmerin.
Hangül sözlemedi. Emma köňlünde turýan tupan
köşeşmän, gözýaşlar ýodajyga seçelendi geldi. Içki
dünýäsinde bolsa lälemi, aýdymmy, goşgumy...
çogýardy. Hangül olary içinden gaýtalap gelýärdi.
Ümüş-tamyşlykda, gapynyň bir gyrasynda bir-birine
gyslyşyp oturan çagalar ejesini görenden “Eje-de, eje!”
bolşup, Hangülüň eline, köýneginiň synyna ýapyşyp öýe
bile girdiler.
Hangül dymýar, gözlerinden ýaş akýar. Ol
çagajyklarynyň başyny, arkasyny sypaşdyrýar. Uly ogly
Baýly, Artykgül, Aşyrberdi, Begmämmet indi ep-eslije
bolupdyr. Olar beýleräkde otyr. Ýaňy ýöräp ýörenje Nury
bolsa ejesiniň gujagyna giripdir. Ol ejesine bir zatlar
diýýär, emma ejesi ony eşitmeýän ýaly. Şo-ol bir nokada
göz dikip otyr.
─Hany, doňup oturma-da çaý-naharyň ugruna çyk. ─
Hanmämmet zarply sözledi. Baýly ylgap çykyp, ojakda
gaýnap duran tüňçäni getirip demledi. Saçak ýazdy. Onuň
hereketine guwanyp bakan ejesi: “Baýlyjan, küýzäň
düýbündäkije ýagy käsä guýup kakaňa ber, oglum” diýdi.
Ejesiniň gepläp başlamagy çagalary begendirdi. Hälden
bäri öýi daraldan içgysgynçlyk çagalardan aýrylyp
başlady.
─Eje, häli Annasoltan daýza gelip gitdi. Uruş turanmyş
diýýä. Bäherdenden bir kişi gelenmiş, şol aýdanmyş. ─
Baýlynyň bu sözi Hanmämmediň gulagyny gazap gitdi.
Ol çaýyna bir bölejik ýag atyp, çörek batyryp, iýipiçensoň ýene donuny geýdi-de geplemän çykyp gitdi.
Hanmämmet giç dolandy. Çagajyklar bir hatar bolup
ýatyr. Ölügsi ýanýan ýag çyranyň aňyrsynda Hangülüň
oturan keşbi zordan görünýär.
Öňki gezeklerdäki ýaly, Hanmämmet dostlarynyň
ýanynda oturyp gelen bolsa, yrsarap, bir bahanajyk tapyp
Hangülüň üstüne herrelmelidi. Hem öz keýpini
bozmalydy, hem Hangülüň keýpine sogan dogramalydy.
Hangül muňa garaşýardy. Emma bu sapar başgaça
boldy. Hanmämmet donuny çykaryp, Hangüle ýakyn ýere
geçip oturdy. Sesi hem ýumşak çykdy.
─Eşitdiňmi? Uruş turanmyş. Nemisler çozanmyş. Ähli
erkegi urşa sürjekmişler. Derýadan aňry geçiläýse näder.?
Derýadan aňry geçmek─Eýrana geçmekdi. 1917-nji
ýylyň, soňraky ýyllaryň gowgalarynda köp-köp türkmen
maşgalalary Eýran tarapa geçip, o taýdaky türkmen
obalarynda gaçybatalga tapdylar.
Hangül birbada jogap bermedi, uludan dem aldy, näme
diýjegini oýlandy.
-Geçmek aňsat, ýöne il nädýä, şoňa görä bolsak gowy
bolmazmy? Dogduk ýeriňi terk edip, ýat ýurda gitmek
gorkunçdyr-la.
- Bäş çagamy, aýalymy ýeke zyňyp, Orsyýete
gitmegem-ä jennete giden ýaly däl. Onsoňam urşa
girmel-ä, öljegiňi-galjagyňy Alla bilsin.
─Turan uruş, ýatybam biler. Iliň ümzügi nirä bolsa, bizem
şo tarapa gideli.
─Seňki belli-le . Sen äriňden dynybilseň, hezil edinersiňle. Erkeklere aýdym aýdyp berip, bäý-bäỳ, özüňi
güjeňlärsiň-ä.
─Sen gitseň, bäş çagam ýetim galýa. Onsoň men çagamyň
ýetim galaryna dözer öýdýämiň?! Agzyňy haýyr açaweri.
─Men başga çykalga tapmasam, maşgalamy derýadan aňry
geçirmeli borun. Soňuny soň görübereris.
─Ilden çykmajak bolaly, Hanmämmet. Alla bardyr. Gaty
howlugyberme. Aljyrana şeýtan ýardamçy diýipdirler.
--Hudaýa ynansaň ynan, eşejigiňi berk duşa-da
diýipdirler.
O gije ne Hanmämmet, ne Hangül rahat uklady. Ýüz
müň pikir başa gondy, hiç birine jogap tapylmady.
Ata-ene geljekki günlerde, aýlarda başlaryna ne
kysmatlar düşjegini, ne wakalar görjegini, ýanynda
myslaşyp ýatan çagajyklarynyň ne ykbala sataşjaklaryny
häzir gümanam etmeýärdiler. Adamzady bu günlere
getiren we elmydama öz yzynda ýüwürden ýagşylyk
umydy Hanmämmet bilen Hangüli hem aldawly ýoluna
düşürdi. Uruş turdy habary Hangülüň öňki gamyny,
düşnüksiz we hiç-hiç egsilmeýän gamyny hasam
artdyrdy.
Garyp –gamgyn başym bardy.
Gam üstüne gamlar ýagdy.
Ýalňyz başyma gar ýagdy.
Garyň gap-garasy ýagdy.
*
*
*
Hanmämmet ỳoldaşlary bilen dagda bugdaý ormaga
ýatymlyk gitdiler. Tä bugdaýy orup, döwüp, harman atyp,
samanyny bir ýana, çäjini bir ýana üýşürýänçäler şol
taýda galýardylar. Şol günleriň birinde Daýnadan dört
ýigidi urşa çagyrdylar. Türkmenler o döwürler front
sözüni özüçe pyront diýip üýtgedip aýdardylar. O söz
agzalsa ölüm, ajal agzalýan ýaly ýakymsyzlyk
duýulýardy. Köplenç, toýa ugratmak diýerdiler. Anha, şol
dört ýigidi toýa ugratmaga oba mekdebiniň beýle
ýanyndaky aýmançada dogan-garyndaşlar, obadaşlar
üýşdüler. Ilki bir gamlylyk, sussupeslik, dymyşlyk bardy.
Kä ýerde agy sesi eşidilýärdi. Begsoltan diýen zenan
geldi-de öz hökmüni ýöredip başlady. Begsoltanyň diňe
sesiniň eşidilmesi mähelläniň göwnüni göterýärdi.
─Aýu, adamlar! Näme beýdişip, boýnuňyzy sallaşyp
dursuňyz? Näme, ýasa geldiňizmi?! Biz-ä ýigitlerimizi
toýa ugradýas. Gülüp gitsinler, gülüp gelsinler. Allajan!
Duşmanyň ýüzi aňrydyr, inşalla! Hany, Remezan, gel,
gel, öňe geç, bakaly.
Toýa gidýänleriň biri Remezandy. Ejesi onuň yzyndan
gelýärdi, gözleri aglaý-aglaý gyzaryp, henizem ýaşlydy.
Begsoltan olara güler ýüz bilen bakdy.
─Remezan jan ! Özüň bilýänsiň, menem ile aýdyp
durmaýyn. Şu derek boýlujalary görýäň dälmi?! ─
Begsoltan topar bolşup duran gyzlara elini uzadyp
goýberdi.─ Şularyň biri saňa aşyk . Ýürejigi her uranda:
“Remezan, Remezan!” diýýä. Toýdan gelen günüň
öýlenäýmelijedir. Ýöne uzak ýere gitdim diýip, ors-pirs
yzyňa düşürip geläýmegin.
Şo mahal üýşmeleňiň içinden bir rus aýaly elini
Begsoltana baka salgap, sap türkmençe degişme äheňli
gygyrdy.
─Näme, ors-pirs adam dälmi?!
─Wi-i, Dusýa dogtor, seň barlygyňy bilen bolsam
aýtmazdym. Üstesine, sen Remezanyň göbek enesisiňow, şoň üçin batyr gepleýänsiň. Onsoňam senden ors
bolmaz, sen-ä Daýnanyň orta barmak ýaly ýerinden
ahyry. ─Begsoltan toýa gidýän Aman atly bir ýigide
ýakyn bardy. ─Amanjan! Didäm! Seni söýýän gyz-a
Aman bile gitjek diýip dyzaýa. Ol-a orsyýetmiş,
dowzaha-da bile giderin diýýä. Zordan alyp galdym.
Unutmagyn, Amanjan! Daýnalydan gowy gyz dünýädede ýokdur.
Ýaşulularyň biri Begsoltana ýüzlendi.
─Hany, Begsoltan, sen bu ýigitleriň syryny açyp,
utandyryp durma-da, gelin- gyza aýdym aýtdyrsana.
Gulagynda Daýnaň sesi galsyn.
─Eşidýäňizmi, halaýyk, Tagangylyç agamyz otuz ýyllyk
dulluga çydaman, gelin-gyzyň sesini eşdesi gelýä.
Bolmasa, ýigitleri toýa ugradyp, Tagangylyç agamyzy
öýeräýsek nädýä?! Hol, gaýraky öýde oturanja mama
bardyr-a, nämedir-ä ady?! Hä-ä, Gülöwser mama. Şolam
bir amatlyja biri bolsa aýdawergin diýipdi. Garry dagy
däl. Ýaňyja segsenden geçdi.
Köpçülik mazalyja ýumşaşdy. Ogluny fronta iberýän,
bagry kebap bolup duran eneleriňem gözýaşy kepeşdi.
Begsoltan Hangülüň ýanyna bardy.
─Edil üstünden bardyň. Sypdyrma. Artykgül daýzaň
gyzylygyny görkezsin. Halaýyk Hangülüň aýdym
aýdaryny isledi. Onda-munda el çarpyşdylar. Hangülüň
bir tarapynda Nury ejesiniň alaça köýneginiň synyndan
ýapyşyp, töwerege gaty gyzyklanyp bakýar. Kämahal
ejesiniň ýüzüne seredýär. Ol köpçüligiň içinde ejesiniň
adynyň tutulmagyna, hemmeleriň ejesine bakmasyna
guwanýar. Onuň ejesi başga eje.
─Hangül gelneje, Bibijany aýdaý.
─Hangül, bolsana! Goşgy aýdaýsana.
─A gyz, bütin ili garaşdyraýdyň-la, gyz.
─Aýdar, aýdar.
─Hangül, bolmasa gopuz çalaý.
Hangül bu üýşmeleňe gelende “Köpüň öňüne çykmaryn,
ne aýdym aýdaryn, ne gopuz çalaryn. Hanmämmet dagda
orakda bolsa-da eşider. Ýene gowga gopar. Gerek däl-le,
bizarym çykypdyr” diýip gelýädi. Emma bu mähelläniň
beýdip ýalbaryp durşy, urşa gidip barýan ýigitleriň
göwnüne goltgy bermäge yhlasy, üstesine-de öz köňlünde
hiç egsilmeýän gamyň ýene möwjügip başlamasy
Hangüli odukdyrdy. Ol dört ýigide göz aýlap goýberdi.
“Olar toýa gidenoklar ahyry. Dowzah oduna gidýäler. Ýa
gelerler, ýa gelmezler.
Gelseler-de öňküligine gelmezler . Ýana-ýana, köýe-köýe,
gowrula-gowrula gelerler. Onsoň, bir salym bolsa-da,
olaryň göwnüni açmasa bolmaz ahyry. “Hangül gelneje,
bir aýdymyňyzy bizden gysgandyňyz-ow” diýseler, aýp
bolar.”
Begsoltan Hangülüň ahwalyny gaty gowy bilýär, Hangül
köpüň öňüne çyksa, Hanmämmetden ezýet baryny
çekýänini-de bilýär.
─Aýu, halaýyk. Eşitdim-eşitmedim diýmäň. Hangüle
aýdym aýtdyrys weli, Hanmämmede şugullan, namardyň
pisidir.
Nury öz ejesiniň beýleki ejelerden has belentligine, öz
ejesine ähli kişiniň hormat bilen bakýandygyna
guratnykly göz ýetirdi. “Meniň ejemden gowy eje ýok”.
Hangül aýdyma başlanyny bilmän galdy. Ol aýdym
setiriniň ýarysyny aýdanda, ikinji ýarysyny ýakynda
duran dört-bäş gelin alyp göterdi.
Hangül:
Daglar başy duman-duman,
Gelinler:
Ýel gelýäle, Bibijan.
Hangül:
Bulut oýnap, çaýlar dolup,
Gelinler:
Sil gelýäle, Bibijan.
Hangülüň sesi bu seslere meňzemeýän, aýratyn bir
duýguly sesdi, hem beýikdi, hem kuwwatlydy hem-de o
sesde näçe diýseň gam bardy, dünýä pelsepesi bardy.
“Sen ölme, men öleýin” diýýän mahmal sesdi. O sesi
eşiden ereýärdi, Gün güýçli gyzdyranda şatyrdaýşatyrdaý, bölek-bölek bolup gidýän buzlar ýaly. O sesde
seniň halyňa duýgudaşlyk bardy, o sesi eşideňde bu ömre
çuňňur umyt döreýärdi, o seni gaflat ukusyndan oýaryp,
gül-gülälekli meýdanda gezdirýärdi.
Hangülüň sesi şeýle bir durudy weli, ony diňlän
ýuwduna-ýuwduna diňleýärdi, hamana o sesi dury suw
kimin içýän ýaly.
Bütin Daýna Hangülüň bu jadyly sesi bilen jadylandy.
Ertiriň tämiz howasynda o ses uzaklara ýaýrady. O sese
ses goşjak bolup Sumbar öňküden çus akyp başlady,
derekler, toraňňylar galyň ýapraklaryny bir-birine çarpyp,
el çarpýan ýaly şapyrdadylar. Bilbiller, jok-jokylar,
hüýpüpikler öz sesinden utanyp, Hangülüň sesine
meýmireşdiler.
Hangül bu dünýä şeýlebir aşykdy weli, Leýli Mejnuna,
Mejnun Leýlä munça aşyk bolmandy. Şo sebäpli,
Hangülüň sesi iň beýik aşygyň sesidi. Şol bir
wagtda-da o ses Dünýä gamyny öz ýüreginden geçirýän
Enäniň sesidi. Häzir ähli Daýnaly kiçijik balady, Hangül
beýik enedi. Ol ene bütin Daýnany sallançakda üwräp,
hüwdüleýärdi.
Halaýyk dünýäni unutdy, özüni unutdy, birsalym Jennete
düşdi.
Kiçijik Nury Hangülüň alaça köýnegine şo ýapyşyp
durşuna, töweregiň bu görnüşini tutuşlygyna beýnisine
siňdirdi. Ejesiniň bu owazlary oňa üýtgeşik bir duýgy
berdi. Nurynyň çaga ýüregi gursakda bökjekledi. Özi
hem tasdan gygyryp goýberipdi. Içki joşgun ony
düşnüksiz bir hala saldy. Nury ejesiniň köýneginiň syny
bilen ýüzüni örtdi-de sessiz aglady.
Şu mahal hiç kim Nura üns bermedi. Aýdym aýdylýarka
bir zenan Hangüle gopuz uzatdy. Aýdym tamamlanan
badyna Hangül gyzgyny bilen gopuz çalyp başlady. Onuň
gözleri ýumuldy. Halaýyk başga bir dünýä girip ugrady.
Giň bir sähra. Uzaklardan at toýnaklarynyň dükürdisi,
gylyç-galkanlaryň gümmürdisi eşidilip başlady. Bu
duranlar birmahallar bolan söweşleri, ýagy çozuşyny,
talaňçylyklary, ahy-nalany göz öňünde janlandyryp
ugrady. Eli gyrkylykly gelin töweregine egrilişip, gylyç
urjak bolýan duşmana gyrkylyk sançýar. At üstünde ak
telpegini lowurdadyp barýan ýigidiň naýza gursagyna
çümýär.
Ýene at dükürdileri, peýkam süýnmesi, gaýa gopan ýaly
owazlar ýürege siňýär.
Hangül gözüni ýumup, şo çalyp durşy. Depgin
gowşamaýar, barha bat alýar. Şo pursat Hangülüň başyna
: “Şu dört ýigidiň gidişi gidiş bolar, gaýdyp dolanmazlar”
diýen pikir geldi weli, Hangül gopuza urmasyny tapba
kesäýdi. Ol näderini bilmän,gözỳaşlaryny ỳeňi bilen
sylyp, göni dört ýigide baka ýöräp ugrady, şonda
köýnegiň synyna bukulan Nurynyň agyly ýüzi göründi.
─Allajan bizlikdir, biz ýeňeris, işalla. ─Hangül oglanlary,
olaryň enelerini birme-bir gujaklap çykdy.
─Işalla, geleňizde-de şeýdip garşylarys, Allajan.
Hangül bu sözleri aýdyp, başa gonan hälki pikirini
başdan kowasy gelýärdi, oňa garşy durasy gelýärdi.
Şo mahal beýle ýandan harby geýimli bir atly geldi.
-- O taýda bize garaşyp durlar.Gijä galýas. Hany oglanlar,
tizräk araba münüň. Tiz boluň!
Arabalar obadan çykyp ugranda, bu kiçijik obanyň
adamlary el bulaşyp galdylar. Eneler, beýleki zenanlar
ýaş dökdi. Hangül o ýigitleriň gelmejegine ynandy-da has
beter bozuldy, birdenem boýnundaky üç künjeklije
dogany çözdü-de: “Bar, Nuryjan, ýet oglum. Şu dogany
oglanlaryň birine ber. Allajan, ählisini aman saklasyn”
diýdi. Nury on-on bäş ädim öňden barýan arabalara baka
ylgady. Ol yzky arabany ýetip, sag goljagazyndaky
dogany uzatdy.
─Ejem berdi, alyň diỳdi, doga diýdi.
Oglanlaryň biri dogany aldy. “Sag bol, jigim, sag bol”.
Nury şo taýda bir dem durdy-da uzaklaşýan arabalara el
bulady, ýekesiredi, soň yzyna ylgap gaýtdy.
─Eje, aldylar.
Nurynyň bu günki gören-eşidenleri onuň ömürlik
ýadynda galar. O dört ýigidiň kimligini bilmese-de, olary
öz uly doganlary ýaly ýatlar. Belki-de şu gün Nurynyň
geljekde kim bolup ýetişjegini kesgitlän gündür.
Bu günler gidenleriň gelmeýän günleridi.
* * *
Hanmämmet ogul-gyzyny gowy görse-de, olary özüne
öwrenişdirmezdi. Öz çagalarynyň daýy tarapyna çekişini,
o çagalaryň hem daýylary ýaly şahandaz bolup ýetişişini
halaman gezerdi. Baýly hem, Aşyrberdi hem eýýäm
aýdym-sazdan baş çykarýardy. Hanmämmet käýinende:
“Haýt, daýyňa çeken damaryň gursun”diýýär.
Hanmämmet Nuryny özüne meňzeş adam bolup ýetişer
öýdýär.
Hanmämmediň özi dymma bolansoň, Nurynyň hem
dymmalygy oňa ýaraýar. Emma Hangül ähli çagasyna bir
göz bilen bakýar.
“Ynsana hormat goýjak bolsaň, oňa ene gözi bilen bak”
diýip ýönelige aýdylmaýar. Ýöne Nury ejesine has
ýakyn, ejesini Nury beýlekilerden tiz duýýar. Ejesi bilen
duýgudaş gepleşmäni başarýar. Ol ýaşyna görä has ir
akyllanýar. Emma onuň Baýly ýaly, Aşyrberdi ýaly dälde, aýdym-sazy yhlasly diňlese-de höwessiz ỳaly
görünmesi ejesini biraz oýlandyrýar.
“Adam aýdym-saza ýakyn bolsa, dünýä gamyny egsip
biler, ýüregine kanagat berip biler, hem söýüp, hem
söýlüp biler” diýip Hangül pikir edýärdi. Näme edende
Nuryny, Begmämmedi, Artykgüli aýdym-saza ýakyn
edip ýetişdirip biljegini oýlanýar. Hanmämmediň ỳok
wagtlary öýde çagalary bilen otyrka, olara aýdym baryny
aýdyp berýär, hüwdi, läle aýdýar, olara gaýtalaý-gaýtalaý
ýatda galar ýaly edýär. Kä gezeklerde özi joşup, has uzak
aýdym, läle aýdýar hem-de soňunda aglanyny duýman
galýar. Şonda çagalar oňa gyslyşyp, ony diňdirýärler,
soňundan erteki diňläp başlaýarlar. Köp gezekler goňşy
golamlaryň çagalary hem, öýe girip, bir gyrada nebsewür
synlaşyp oturýarlar. Beýle ýürekdeş konsertler çagalaryň
köňlüni açýar, ýumşadýar, olary bir-birege ysnyşdyrýar,
bir jadyly dünýä alyp gidýär. Aýratynam, dymmaja Nury
ejesiniň bu konsertlerini gaty höwesek diňleýär.
Bir gezek ejesi:
Hüwdi-hüwdi hüwlendi,
Suwda balyk köwlendi,
Balyk diýe tutanym
Ýylan bolup towlandy.
diýensoň, Nury balygyň nädip ýylana öwrülýändigini gaty
bilesi geldi. Öz akly ýetmedi.
─Eje, balyk nädip ýylan bolýaka?
─Wah, aklyňdan aýlanaýyn Nuryjan. Ynha, hä diýmän
ulalarsyň. Uly adam bolaňsoň, balygyň nädip ýylan
bolşuny görersiň. Häzir aýtsamam düşünmersiň, Nuryjan.
Gowusy, şu mahal ýaňyltmaç aýdyp, diliňi ýenjiber.
Hany, oglum, meniň aýdanymy gaýtala, bakaly.
-- Birje çemçe şorja serçe çorbasy.
Nury ony ýalňyş aýdyp, öz ýalňyşyna güldi. Ejesi bolsa
oňa guwanyp, özüne çekip, başyny gujaklap, saçlaryny,
ýaňagyny sypalaşdyrdy.
Bireýýäm ýatar wagty bolanyny hem duỳman galdylar.
Düşeklerini ýazyşyp, ýorganlaryny üstüne çekdiler.
Bada-bat uka batdylar. Eje weli uklamady. Dym-dyrslyk
aralaşanda ony pikirler basyp başlady. Hangül eňegini iki
dyzyna diräp, aýalary bilen ýaňaklaryny ýapyp oturşyna
by çagajyklarynyň ykbaly hakda oýlandy. Garyplyk
barha güýçlenip gidip barýar, iň köp agzalýan söz nan-
çörek boldy. Erkek göbekli bary fronta ugradylaugradyla, gezek Hanmämmet daga ýetse näderkä?
Üstesine, göwrede-de bir çaga ýetişip gelýär.
Hanmämmet munça çagany taşlap, fronta gitmekçi däl.
Gyssansa Eýrana geçermen. Hangüli hem, çagalaryny
hem Eýrana äkitmekçi. Emma Hangüle Eýran gaty
garaňky görünýär. Hiç-hiç gidesi gelenok. Asyl, o tarapa
gitmeg-ä däl, o tarapa hiç-hiç bakasy hem gelmeýär.
Daýnadan aýrylsa Hangülüň jany çykar.
Bütin dünýä bir ýana, Daýna bir ýana.
“Emma açlyk-gytlyk boljakmyş, oňa näme çäre
taparkak? Hanmämmet ýanymyzda bolsa bolýar, daşy
üwär, dagy deşer, çagalaryny aç goýmaz”.
Ýakynda şagallar uwwuldaşdylar, ỳal gözläp, sebsäp
ýören köpekler oňa jogap edip, ýogyn-ýogyn
hawhawlaşdylar. Hangül ýataýyn diýip otyrka, Nury
birden dikeldi-de: “Kaka, meniň çynarym ösenok” diýdi.
Ejesi Nurynyň ukuda samraýanyny bildi.
─Ýataý, oglum, ýataý. Çynaryň öser, oglum.
Ejesi Nuryny emaý bilen ýatyrdy, üstüni örtdi. Ol öňler
Nuryny alyp Sumbardan suw getirmäge gidende, tokaýa
inilen ýerde her gezek Nurynyň bir çynar agajy bilen
boýuny deňäp geçişini ýatlady. Nury çynaryň ýanyna
barýar, aýasyny depesine goýýar, soň aýasyny agaja baka
öňe sürýär. Çynaryň şol öňki boýy. Her gezekde-de çynar
Nurydan gysga gelýärdi.
─Eje, näme üçin bu çynar ösmeýärkä?
─Çynarlar ilki aşak ösýär, öz boýy bilen deň kök edinýär,
soň ýokary ösüp başlaýar. Hanha, o-ol uly çynara seret.
Şoň ýaly uly agajy saklajak-eklejek bolsaň, köküň uly
bolmasa bolmaýar. Adamam şeýle-dä.
─Adamda kök ýog-a, eje.
─ O saňa görünmeýä. Sen entek ýaşlygyň üçin görmeýäň.
Kök gerekdir, Nuryjan. Ulalaňda-da unutmagyn.
* * *
Bagtyň ýiten günleri
Bir gün Hanmämmet öýlänara paltany daşa çalyp
başlady. Hangül öýüň hysyrdysy bilen girip-çykyp ýör.
Garşy daş ojakdaky gazanyň aşagyna odun atýar.
Ysmanak gaýnadyp, aç çagajyklaryň garnyny doýrasy
gelýär. Çagalaram
töwerekde oňa-muňa güýmenýärler. Uly ogly Baýly we
Artykgül obanyň beýleräginde daýylarynyňka gitdiler.
Öýde-de doglanyna kyrk gün hem bolmadyk Maýa
sallançakda ýatyr, kämahal jägildeýär. Hangül emdirip,
sallançagy üwräp gaýdýar.
Adaty bir gün. Hangül Hanmämmedi, palta ýitiläp
oturansoň, oduna gitjekdir öýdýär.
─Hanmämmet, oduna gitjekmi?
─Ýok seniň boýnuňy çapjak─Hanmämmediň sesi gaty
çykmady. Hangül o söze kän üns bermedi. Öwrenişen
sözleri-dä.─Meniň boýnumy çapanyň bilen ojaga odun
bolmaryn. Oduna gitjek bolsaň, Baýlyny daýylaryndan
çagyrjak.
Hanmämmet dymdy. Paltany aldy-da, dikilen hatjaly
agaçdaky horjuna saldy. Ýene hiç söz diýmän, aşak inip
gitdi. Yzyndan göz gytagy bilen garap galan Hangül ol
Baýlyny getirmäge gidýändir ýa-da aşakda atalaryndan
galma mellege aýlanmaga barýandyr öýtdi.
Emma Hanmämmet günortan bolsa-da gelmedi, garaňky
gatlyşanda biriniň atyny idip geldi. Hangül
Hanmämmetde bir howsala, bir galagoplyk barlygyny
duýdy. Sesini çykarmady. Çagalar agşamlygam ysmanak
iýip ýatdylar. Hanmämmet daşary çykyp barýarka, birden
yzyna gaýtdy, sallançagyň ýanynda oturan Hangülüň
bogazyny garsa bogdy-da ýuwaş, emma gaty gaharly
gepledi.
─Şu gije beýlä geçýäs. Ýa meň bilen gidýäň, ýa şu taýda
läşiňi serýän. Eşidýämiň, seni bu taýda başy boş goýman.
Hanmämmediň heleýi ýaly diýdirmejegim hakdyr.
─Çileden çykmadyk bäbegimize nebsiň agyrsyn. Ilki özüň
görüp-bilip gel, onýança çaga usugar...
─Kes sesiňi! Ýa gidýäň, ýa ölýäň.
─Beýtme!
Hanmämmet Hangülüň bogazyndan elini aýyrdy-da
sessiz daşary ylgap, ýene sessiz geldi. Hangül hiç zatdan
habarsyz halda sallançagy yrap otyr. Ol arkasyndan eli
paltaly gelen Hanmämmedi görmedi. Oýuna-pikirine
gelmejek beýle wagşylygyň bolup biljegine ol hiç
ynanmazdy. Urar, söger, ondan aňry gitmez öýderdi.
Muňa-da gaty bir ynanybermezdi. Hanmämmet
çagajyklarynyň atasy ahyry, şol çagajyklarynyň
hatyrasyna, eli ýaraga uzamaz, olary enesiz ýetim-ýesir
goýmagyň berbagtlygyna akly ýetýändir öýdýärdi.
Daýna Daýna bolaly bäri ilden çykgynçlyk bolmandy,
hiçkim beýle habar eşitmändi.
Hangül ýene sallançagyň bagyny çekip goýberdi. Şo
mahal arkadan urlan agyr urgy onuň merdem başyny bir
ýana ýykdy, göwrede ýere serildi.
Diňe bir eziz enäniň göwresi däl, o göwre bilen birlikde
ähli umytlar, arzuwlar ýere serildi, ogul-gyz doguryp,
hatar-hatar bolup, yranmaz maşgala bolup ýaşamak
höwesi ýere serildi. Hangüli hasap etmäniňde-de dört
ogluň, iki gyzyň ykbaly hem ýere serildi galdy.
Hanmämmet ganygyzgynlygyna bäs gelmän paltany
salanda ýeke bir Hangülüň ömrüni däl, öz ömrüni hem
çapdy. Ogul-gyzynyň gelejekki bagtyny çapdy. Bir
paltanyň urgusy näçe ýürek bagyny çapdy.
Namys hakda söz galmady. Namysy ýatlaýan adam öz
namysyna palta urarmy?! Agaja urlan palta namys
edýärdi, ynsana urlan palta nätdikä?!
Hanmämmet tiz-tizden, hassyllap dem alyp başlady.
Beýnisi syzlap, başy erbet şyňlady. Gözlerine gan
öýlüp, ýere gaçaýjak boldy. Ol demigip başlady. Ylgap
daşary çykdy, ýene öýe kürsäp girdi. Duldaky boş
horjuny alyp daşary ylgady, eýersiz atyň üstüne horjuny
atdy, atyň ýüpüni çözdü-de batly çekip, gapa getirdi. Öýe
girip ilki Aşyrberdi bilen Begmämmedi südürrükledip
getirdi-de hersini horjunyň bir ýanyna saldy, olar oýalyukyly halda näme bolýanyny bilmän, bir söz aýtjak
bolanda, kakasy “lal bol” diýdi. Hanmämmet ýene öýe
ylgady-da ukudan oýanmadyk Nuryny Begmämmediň
sokulan horjun gözüne ýerleşdirip, atyň ýüpünden çekip
ýola düşdi. Ol gaty hopurgaýardy, demigýärdi we atyň
ýüpüni gaty çekýärdi. Aty süýräp gitjege meňzeýärdi.
Ýodajyk bilen gidip tokaýa girdi. Nurynyň boýuny
deňeýän çynarjygynyň ýanyndan geçdi. Hangülüň suw
alýan güzeriniň beýle ýanyndaky ýalpak kenardan
Sumbara girip başlady. Emma at birbada horgurdy, yza
tesdi, silkinip bir gapdala bökdi. Şo mahal Nury
horjundan gaçdy-da başy daşa degip özünden gitdi.
Garaňky gijede howsalaly Hanmämmet mundan bihabar
galdy. Ol at ýüpüni has berk tutup, ony derýa baka ykjam
çekip başlady. At zora çydaman, ýuwaş-ýuwaş toýnagyny
suwa batyryp, ýöräp ugrady. Olar Sumbaryň o tarapyna
geçenlerinde süllümbaý ezilip geçdiler we ýüzüni
baýyrlara baka tutup gitdiler. Horjundan we at
guýrugyndan akýan suwuň şyrryldysy hem kesiliberdi.
* * *
Öýde uzak gije üwrelmän, ajyganda emme berilmäni
üçin uzak gije jägildäp, aglaý-aglaý surnugan bäbejik
Maýanyň hem aglamaga güýji ýetmän, dodajyklary
kepäp galdy.
Sumbaryň daşly kenarynda atdan gaçyp, özüni bilmän
ýatan Nury hem gijäniň ýary gözüni açanda niredeligini
bilmän, bu ýerlere neneňsi düşeninem bilmän, gorkusyna
gözlerini ýumdy. Emma töwerek janlydy, bir möjejik
gyrmyldap onuň köýnejiginiň ýyrtyk ýerinden girdi-de
goltugyny gazalap ugrady. Sumbaryň owazy hem Nuryny
öz erkine goýmady. Birden-birden güýçlenip, edil öz
üstüne akyp gelýän sil ýaly şowwuldy, birdenem peselip,
uzaklaşyp, kesilip barýan ýaly owazlar onuň gulagyna
gelýärdi. Şol arada başga bir möjejik onuň alkymyndan
çakdy. Edil ary çakan ýaly boldy. Nury “Eje!” diýip
gygyrjak boldy. Emma ses çykmady. Aç, öňdenem
ysgynsyz göwre, başy deşilip akan gana çydaman ýene
ýere ýazyldy. Ol özünden gitdi. Ejizje göwräni dag ýaly
gören mör-möjekler onuň üstüni basdylar, ýylyja gandan
doýdular. Belki, ýylan-içýanlar bu ýat myhmany görmäge
gelip, onuň üstünden iki ýana geçendirler. Bu tokaýdaky
janly-jandara meňzemeýän ys-kokuny duýup, daşlaşyp
gidendirler.
Nury özüne gelende şagallaryň gaty golaỳda
uwwuldaşýan sesini eşitdi, gaty gorkdy. Turjak bolup
başyny galdyranda salgym ýaly görünýän agaçlar ikiýana
çaýkandy. Ol iki elini ýere diräp oturdy. Edil garşysynda
birki ädimlikde özüne bakýan, gözleri lowurdap duran,
şagalmy-gurtmy bir haýwany gördi-de gorkusyna “Eje-e”
diýip çirkin gygyrdy hem-de emedekläp gaçyp başlady.
Nury aýasyna, dyzyna degýän çöp-çalamyň agyrysyny
duýman birküç ädim daşlaşdy. Bütin tokaý şagal
uwwuldylaryna goşulyp çykýan : “Eje-e-e!” diýen ses
bile ýaňlandy. Nurynyň ýene güýji gaçdy. Gözýaşly
gözlerini gorka-gorka arka aýlanda o haýwany görmän,
sähel ynjaldy. Şonda-da “Eje-e-e!” diýip ýiti-ýiti
gygyrmaga başlady.
Ol özüniň ne takdyr bilen bu tokaýa düşenini henizem
bilip bilenok.
Töwerek ýagtyldy. Şagal sesleri bireỳỳäm kesildi.
Säheriň bu tämizliginde ýene Sumbaryň güwwüldisi,
suwuň şogur-şogury Nurynyň gulagyna urup başlady.
Özge hiç kim Nurynyň sesini eşitmese-de, ejesi onuň
sesini eşider, özge hiç kim kömek etmese-de ejesi Nura
kömek eder. Muňa Nury ýürekden ynanýar. Onsoň
ejesine ses ýetirjek bolup, barha batly aglap-gygyryp
başlady.
Täret kylmak üçin daşary çykan bir aksakgal tokaýdan
gelýän agyly çaga sesini eşitdi-de ilki öz gulagyna
ynanman durdy. “Säher wagty tokaýda çaga näme
işlesin?!” Emma diňşirgendigiçe ses gowy eşidilip
başlady. Aksakgal öýdäkileri daşary çagyrdy-da: “Ses
eşidýäňizmi?” diýdi. “Hawa, hawa, bir oglanjygyň sesi
öz-ä”. “Hany, goňşulara aýdyşdyryň-da, derrew habar
alyň. Bu ses gowulygyň alamaty däl. Tiz boluň”.
Obadaşlar hasyrdaşyp tokaýa inip gitdiler. Ses gelýän
ýere barsalar, Nury ysgynsyz halda nirä giderini bilmän
dur. Onuň deşilen kellesinden akan gan saçyndan,
ýaňagyndan syrygyp, garalyp doňup galypdyr. Aglaýaaglaýa gözleri, dodaklary çişipdir. Bir garry ene ony
garsa gujaklap göterdi-de oba baka ýöräp gaýtdy,
beýlekilerem bir betbagtlygyň bolanyny duýup, nämenäme bolanyny anyk bilibilmän, duman içinde galan ýaly
boluşyp, oba girdiler-de Dänegulyň depesiniň orta
bilindäki Hanmämmediň öýüne baka ýokarlygyna
ýörediler.
*
* *
Hem garyp, hem ýetim, hem-de ýat ýurtda
Hanmämmet o tarapa geçensoň, uzak gitmedi. Sorap-idäp,
bir mahallar Daýnada ýaşap gaýdan daşky bir
garyndaşynyňka bardy. Sowuk garşylanyşyny görse-de,
başga alajy ýok, biçäre bir halda gelenini özi gowy bilýär.
Ýüzi salyk, egni gysyk Aşyrberdi bilen Begmämmedem,
kürk towuk ýaly ýygrylyşyp, bu öýe öwrenişmän, bu
taýdaky çagalar bilen ysnyşman, kakasynyň ýanyndan
aýrylmajak bolşup ýörler. Hanmämmediň mahal-mahal
bir nokada bakyp uzak oturşyny gören öý eýesi hem
Hanmämmetden bir ýakymsyzlyk syzyp başlady. Öňem
ýykma-ýykylma gün dolap oturan maşgalanyň üstüne bir
köpüksiz Hanmämmediň hem iki ogly bilen gelip
çökmesi, elbetde, öý eýesini birahat edip başlady.
Hanmämmediň çagajyklarynyň horlukdan ýaňa gök-nil
bolup başlan meňzine bakyp nebsi agyrdy. Olaryň tiztizden ejesini soramasy, beýleki doganlaryny gözlemesi
hem öý eýesiniň göwnüni gyýýardy.
“Kaka, ejemi haçan getirjek? Jigilerimizi getireli, kaka.
Gowusy, obamyza gaýdaly, kaka” diýlen sözler
Hanmämmede aýdylsa-da, öý eýesi o sözlerden
howatyrlanýardy. “Eger maşgalanyň beýleki ýarysy hem
gelip çökäýse, onda biziň maşgalamyz gedaýlyk
edibermeli bolar”.
Gelen gününiň ertiri Hanmämmet öý eýesi bilen ikiçäk
galyp, geljekki ýaşaýyş hakda maslahat etdi. Günemma
dolar ýaly näme etmeli? Gazançly bir iş tapylmazmyka?
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Beýik köňle syýahat - 3
  • Parts
  • Beýik köňle syýahat - 1
    Total number of words is 3607
    Total number of unique words is 2199
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    43.8 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Beýik köňle syýahat - 2
    Total number of words is 3716
    Total number of unique words is 2141
    29.1 of words are in the 2000 most common words
    42.4 of words are in the 5000 most common words
    50.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Beýik köňle syýahat - 3
    Total number of words is 3768
    Total number of unique words is 2044
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Beýik köňle syýahat - 4
    Total number of words is 3784
    Total number of unique words is 1947
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.9 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Beýik köňle syýahat - 5
    Total number of words is 3793
    Total number of unique words is 2042
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Beýik köňle syýahat - 6
    Total number of words is 3620
    Total number of unique words is 2041
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    46.3 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Beýik köňle syýahat - 7
    Total number of words is 3708
    Total number of unique words is 2045
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Beýik köňle syýahat - 8
    Total number of words is 3593
    Total number of unique words is 2096
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Beýik köňle syýahat - 9
    Total number of words is 3518
    Total number of unique words is 2036
    29.3 of words are in the 2000 most common words
    41.3 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Beýik köňle syýahat - 10
    Total number of words is 2887
    Total number of unique words is 1819
    28.5 of words are in the 2000 most common words
    40.3 of words are in the 5000 most common words
    46.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.