Latin

Beýik köňle syýahat - 1

Total number of words is 3607
Total number of unique words is 2199
30.4 of words are in the 2000 most common words
43.8 of words are in the 5000 most common words
50.8 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
NURY HALMÄMMET
Beỳik köňle syỳahat
Okyjym!
Meşhur kompozitor Nury Halmämmediň beỳik köňlüne
syỳahata çykdyň. Ŷollaryň açyk bolsun. Men syỳahata
çykamda köp kişi öz bilỳänini maňa gürrüň beripdi.
Olara, Daỳnalylara, A.Baỳrammyrada aỳratyn
minnetdarlyk aỳdỳaryn.
NURY HALMÄMMET:
“Dünỳä Daỳnadan başlanỳar.”
***
“Men Türkmenistansyz oňup
bilmen.”
***
“Çeşme diỳlende dutar göz öňüne gelỳär.”
***
“Men enemi däl-de, dutar sapyny emip ulaldym.
Kükregimi ỳarsalar, sazdan başga zat tapmazlar.”
* * *
“Gargalar adamlaryň üstünden
gülỳärler.”
* * *
“ Duỳgulary unudyp, saz döretjek bolỳan—köksüz agaç
ỳetişdirjek bolỳana meňzeş.
* * *
“Maňa mydama gamgyn diỳỳäler. Ŷüregim gan içinde
galdy ahyry.”
* * *
“Öźüm hakda sazymdan oňat
aỳtjak ỳok.”
* * *
“Joşmasaň, joşdurmarsyň.”
* * *
“Magtymguly biz akyl ỳetirerden beỳik.”
* * *
“Türkmen sazynyň hersiniň aňyrsynda tutuş simfoniỳa
ỳatyr.”
* * *
“Sen patyşa-da bolup bilersiň, emma Nury bolup
bilmersiň.”
-----------
Nury Halmämmet hakda:
D.Şostakowiç: ”Çaỳkowskiỳ
konserwatoriỳasy saz
älemine täze bir ajaỳyp sowgat taỳỳarlaỳar.”
* * *
Ç.Aỳtmatow: “Şeỳle tebigy dörän saz Türkmen halkynyň
saz medeniỳetine şan-şöhrat getirỳär.”
* * *
Ŷa. Hudaỳberdi: “Nury, sen bu dünỳä öz asyryňdan ir
gelipsiň.”
* * *
Alty Garly: “Nuryň sazy ỳaňlananda sözüň geregi ỳok. Ol
bar zatdan güỳçli.”
* * *
Daňatar Öwez: “Bu oglana beỳik gelejek garaşỳar.”
* * *
Gurbannazar Eziz: ”Ol bu zeminiň adamsy däl. Ol ähli
zatda diňe öz sazyny eşidỳär.”
* * *
Aman Agajyk: “Ol erkinligi hiç zada çalyşmaz.”
* * *
T.M. Wyzgo-Iwanowa: “Onuň simfoniỳasy Orta Aziỳa
we Gazagystan respublikalarynyň kompozitorlarynyň
döredijiliginde täze döwrüň başlanỳanlygyny aňlatdy.”
* * *
B.Mansurow: “Men öz maksadyna ỳetip bilmeỳän uly
ussadyň alaçsyzlygyny gördüm.
* * *
H.Durdyỳew: ”Nury öz ömrüni öz sazlary arkaly müňlerçe
ỳyl uzaltdy.”
* * *
Dünỳä belli balet tansçysy R.Abdy: “Nury
Halmämmediňki ỳaly arassa, çuň sazy hiç wagt
eşitmändim. Onuň ỳüregi aỳdym aỳdardy, ol bolsa ony
kagyza geçirerdi. Nurynyň beỳikliginiň syry şundadyr.
Nurynyň ölümi-saz dünỳäsinde soňky döwürde bolup
geçen iň aỳylganç tragediỳadyr.”
* * *
Rejep Allaỳar: “Nury neresse, sazy namysy ỳaly görerdi.”
* * *
Jemile Gurbanowa: ”Dutaryň owazy”-milli saz
medeniỳetiniň taryhyna iň ỳokary kämillikdäki eser
hökmünde girdi.”
* *
O.Çaryỳewa: “Nury Halmämmet -Sazyň Magtymgulusy.”
* * *
M. Diwanaỳew: “Türkmen halkynyň meşhur ogly Nury
Halmämmediň ömri, süỳnen ỳyldyz ỳaly gysga, gamgyn,
garyp geçse-de, ỳürekden çykan sazlary asyrlarça ỳaşar.”
* *
O.Oraztaganowa: “N.Halmämmedi diňläp, gamly oturan
pursatymy
men iň bagtly pursatlarymyň biri
saỳỳan.”
* * *
Ö.Gandymow: ”Nury Halmämmet kinoda sazy
hemaỳatçydan baş gahryman derejesine ỳokary göteren
beỳik ussatdyr.”
* * *
Akmyrat Çary: “Döreden zatlary ỳürege sygar ỳaly däl.”
* * *
Rejep Rejebow: “Nury meniň Zöhre ỳyldyzymdy.”
__________
Daýna jennet burçy
Gündogardan günbatara baka akyp barýan dag
derýasy Sumbar öz suwunyň kuwwatyna daýanyp, kä sag
kenara, kä çep kenara agyz urup, toprak bolsa ýuwup-
eredip barýar. Kä ýerlerde ýylçyr daşly gaýalara urlup,
hökmi ýöremänsoň, näme etjegini bilmän, bulanyk
suwuny syçrada-syçrada ýene hanasyna girip gidýär.
Sumbaryň iki tarapynda ak derekler, toraňňylar topartopar, hatar-hatar bolup derýanyň owazyny diňläp otyr.
Derýa bolsa her öwrümde, her inişde başga-başga sazlar
çalyp akyp ýatyr. Bu derýanyň ir baharda, ýazda-güýzde,
aňzak gyşda çalýan sazlarynda-da parh kän. Şeýle
owazly-sazly derýanyň sag boýunda kiçijik oba otyr.
Hozlaryň, armytlaryň, seleňläp oturan böwürslenleriň
arasynda gurlan pessaýrak öýleriň ýany bilen iki ýana
aýlanyp-öwrülip gidỳän ýol-ýodalaryň käbiri kiçeňräk
baýyrlara, depelere-de dyrmaşyp gidýär. Ol taýda-da öý
gurup, gün dolap oturanlar bar. Ho-ol uzakdaky daglaryň
bilinde-başynda bolsa gögerip oturan arçalar görünýär.
Ol arçalar her adamy görenlerinde gorka-gorka
ýygrylýarlar. Iru-giç eli paltaly biri gelip, sütünine palta
uraýjak ýaly duýgy olary ers-mers ösmäge goýanok.
Bu oba Daýna diýýärler.
Eger asfalt ýol bilen gitseňiz, Aşgabatdan GyzylarbadaSerdara iki ýüz kilometr gowrak ýol geçmeli, soňra
daglaryň arasyna siňip gidýän ýol bilen GarrygalaMagtymgula barýaňyz. Bu aralygam ýakyn däl, dag ýoly.
Onsoň Garrygaladan Sumbar jülgesine baka ýola düşüp,
Sumbary yzarlap ýokary gidiberýäňiz, kiçijik-kiçijik dag
obajyklarynyň deňinden geçip, ýüz kilometrlik ýoly
arkada goýaňyzsoň, soňky oba Daýna bolýar. Sumbaryň
iň dury suwuny içýän Daýnalylardyr.
Gökdepe söweşinden soň ruslar söweşde özüni
görkezenleri oňa-muňa zor bilen göçürip, basyp alan
ýerlerinde halka salgydy güýçlendirýär hem-de Eýran
bilen araçäkleri berkidip başlaýar. Üstesine-de ýerli
halkda dini başganyň gözünden daş bolmak meýli artyp
başlaýar. Daýnaly ýaşulularyň gürrüň bermegine görä,
1882-nji ýylda Daýna göçülip gelnipdir. Ruslar
Sumbaryň sag kenarynda o töwerege gözegçilik etmek
maksady bilen zastawa gurýarlar. Ol zastawany iýmit,
odun-çöp bilen üpjün etmek üçin daýhan zerurlygyny
bolsa şol göçüp baran Daýnalylaryň üstüne atýarlar.
Aýdyşlaryna görä, Daýna göçüp baranlardan salgyt
alynmanmyş, olar patyşa gullugyna çekilmänmiş. Onsoň
ol erkinlik ýerli halky biraz ynjaldypdyr. Eýran tarapynda
galan garyndaşlar bilen gatnaşyk üçinem bu taýy amatly
ekeni. Ol döwürler bu jelegaýlaryň tebigaty gaty gözel
ekeni. El degmedik sümme tokaýda adamyň gujagy
ýetmejek arçalar, serwiler başyny dumanladar oturar
ekeni. Ygal köp bolany üçin tozap ýatan boş ýer
görünmezmiş. Üstesine-de bu taýdaky tokaýlaryň
arçalary dürli-dürliligi bilen geň galdyrýan ekeni. Miweli
agaçlaram gaty kän. Nedir Döwletow diýen bir Daýnaly
ýaşulymyz, Nury Halmämmedowyň synpdaşy söz
arasynda agzanda derek, toraňňy, arça, serwi, igde,
armyt, söwüt, alma, hoz, ülje, alça, wişnýa, garaly,
böwürslen, badam, ennap, tuwulga ýaly irili-ownukly
agaçlary agzady. Gyrymsylar näçedir, otlar näçedir?!
Akademik Wawilow ylmy gözegçilik edenden soň, o
jelegaýlary dünýäniň gaty gadymy we iň köp dürli
ösümlikli ýeri diýip kesgitläpdir. Ösümlik dünýäsiniň baý
bolşy ýaly, o döwürleriň haýwanat düýäsi hem gaty baý
ekeni. Ýabany haýwanlar el degrilmedik meýdanda hezil
edinip ýaşapdyrlar. Daýnalylar ol töwereklerde aýy,
gaplaň, gurt, tilki, şagal, syrtlan, doňuz, torsuk, ýabany
pişik, alajagözen, ýabany ýaby ýaly haýwanlaryň ellinji
ýyllarda-da kändigini aýdýarlar.
Daýnalylar göçüp baranlaryndan, däne ekinine köp üns
beripdirler, esasanam bugdaý bilen arpa köp ekipdirler.
Elbetde, o topragam däne üçin gaty amatly ekeni.
Daýna sözüniň manysy nämäni aňladýarka?
Bu sözüň ylmy taýdan derňewine duşmadym. Emma
Daýnalylaryň özi muny däne sözi bilen
baglanyşdyrýarlar. Ol taýda däne köp ýetişensoň, däne
sözi köp agzalypdyr. Orslar bolsa däne sözüni edil
türkmenleriň aýdyşy ýaly aýdyp bilmän, dana, daýna
diýýän ekeni. Onsoň ors harbylary ol ýer bilen bagly dürli
ýazgylarda-da Daýna diýip ýazyp başlaýarlar we ol soňra
obanyň ady bolýar galyberýär. Emma Daýnada ýaşaýan,
Moskwada ýokary bilim alyp gelen, ömrüni mekdep
mugallymy, müdiri bolup işlän ýaşulymyz Işanguly aga
Daýna sözüni başgaça düşündirdi. Ors esgerleri ýoldan
geçenden : “Nirä barýaň?” diýip soraýan ekeni.
Türkmenlerem daýyma, daýymyňka diýýän ekeni. Onsoň
orslar o sözleri Daýna diýip ýazyp başlanmyşlar.
Daýna sözüni düýpden başgaça düşündirjekler hem
tapylar. Daýna obasynyň käbir aýratynlyklaryny hem
aýdyp geçeýin.
Bu oba türkmençiligiň iň gowy däplerini saklap otyr.
Myhmansöýerlikleri çyn ýürekden. Özleri hem örän açyk,
türkana adamlar. Öz bolşuny üýtgedip görünjek
bolýanlardan däl. Men olaryň özüni alyp baryşlarynda hiç
ýasamalyk görmedim. Özüni kiçeltme hiç ýok. Olar öz
sarpasyny hem, özgäniň sarpasyny hem saklamagy
başarýarlar. Başga bir ünsi çeken aýratynlyk ─
Daýnalylar örän ýuwaş sesli sözleşýärler. Muny birinji
gezek duýaňda haýran galýarsyň. Beýle ýuwaş gepleýän
oba Türkmenistanda başga bardyr öýdemok. Bu obada
ýuwaş geplenýäniniň sebäbini, bu gylygyň nädip döränini
hiç bilip bilmedim. On kilometr beýle ýandaky obada we
beýleki ýakyn obalarda gaýta adatydan gaty geplemek
gylygy bar. Daýna barsaň, seni ýadyrgar ýaly etmeýärler.
Öňden bäri gatnaşyp ýören ýaly ahwal döredýärler. Bu
tapawut hem seýrek duşýan bir zatdyr. Üstesine-de
Daýnada bir-birege baglylyk, birek-birege ýardam-kömek
bermäge taýýarlyk, yhlaslylyk gaty güýçli ekeni. Beýle
gylygyň nädip şu günlere çenli mizemän saklananyna
haýran galýan. Belki, Daýnalylaryň gaty pukara
ýaşaýandyklary munuň bir sebäbi bolup biler. Özleriniň
pukaralygynyň sebäbini olar şeýle aňladýarlar:
“Daýnalylar şu günlügini tapsa, ertiriniň gaýgysyny
edýänlerden däl. Adama agyz beren Alla azygam berer.”
Daýnada it az, bolany hem üýreýin, topulaýyn diýenok.
Bu ahwalyň hem manysy köp. “It eýä, är daýa” diýip,
türkmen aga aýdypdyr. Oba adamlarynyň ýumşak
gylykly, ýagşy niýetlidigini şol itleriň bolşundan hem
bilibermeli.
Bu obada eşekler iň köp ulanylýan ulag, özem ol
eşekleriň gaty ownuklygy geň galdyrýar. Daýnanyň
eşekleri adaty eşekleriň kürresi ýaly görünýär. Ýük çekeçeke tohumy ownana meňzeýär. Iki flýaga suwy
ýagyrnysyna alyp ỳa-da üstüne ýüklenen odunyň
aşagynda zordan görnüp, inçe aýaklaryny sandyradyp
barýan eşekleri köp gördüm.
Daýna obasynyň baş tapawudy-bu obanyň aýal-erkek,
ähli ynsanynyň şahandazlygy. Olar şahandazlyga uly
hormat goýmany hem başarýarlar. Şondan bolsa gerek,
olar özleriniň Daýnalydygyna çuň ýürekden guwanyp
ýaşaýarlar. Daýnada bir sygyr molasa-da aýdym ýaly
eşidilýär. Dogrusy, şu obada sygyrlaram aýdym aýdýan
ýaly görünýär. Şeýle obadan uly-uly adamlar, tutuş
ýurda, dünýä belli adamlar ýetişipdir. Olary Daýnalylar
hiç-hiç unutmaýarlar hem-de olar hakda uly buýsanç
bilen gürrüň berýärler. Daýnalylaryň, ähli Türkmeniň iň
beýik buýsançlarynyň biri hem Nury Halmämmetdir.
“Men Nury Halmämmediň obasyndan” diýmek, iň
bagtyýar sözleriň biridir.
Ynha, şu obada Atanepes bagşynyň üç ogly, bir gyzy
ýaşaýardy. Olaram aýdym-saza ýakyndy. Atanepesiň
Annahal diýen ogly has meşhur bagşydy.Oňa Bilbil
bagşy hem diỳer ekenler. Atanepesiň gyzy Artykgül
daýza bolsa zenan aýdymlaryny aýdýan ekeni, arasynda
goşgy okaýan ekeni. Artykgül daýzanyň özi hem goşgy
düzýän ekeni. Onuň goşgularyny obadaşlary häli-häzire
çenli aýdyp berýärler.
Keminäniň adyna berilýän “Salma gözüňden” diýen
goşguda aýdylýan “Daýnanyň öňüniň beýik arçasy”
diýen setirler hem aslynda Artykgül daýzanyň düzen
goşgusy bolmaly diýip Daýnalylar aýdýarlar. “Kemine
1770-1840-njy ýyllarda ýaşap geçen adam, Daýna
obasynyň bolsa o zamanlar ady ýokdy, ýaşaýjysyz bir
ýerdi. Daýna 1882-nji ýylda göçüldi ahyry” diýip,
Daýnalylar öz ynamly delillerini aýdýarlar.
Şahyr hem aýdymçy Artykgül daýzanyň Hangül diýen
gyzy bar ekeni. Hangül orta boýly, boýy bilen deňeçer
gara saçly, ullakan ala gözli, bugdaýreňk, örän mährem
bir gyz bolup ýetişipdir. Umuman hem, Sumbaryň
suwuny içenleriň özboluşly bir gelşikliligi, sagdyn
görünmesi, mylaýymlygy bar. Hangüliň üýtgeşik bir
gözelligi diňe ol obada däl, beýleki obalarda-da bilnipdir.
Onsoň öýlenmedik ýigitleriň baş arzuwy – Hangüle
öýlenmek bolupdyr. Mynasyp hem, mynasyp däl hem
Hangüli duluna geçirmäge meýil edipdir. Näme bolany
belli däl, ýöne soňunda, Aý bölegi ýaly Hangüli
Hanmämmet diýen bir ýigide durmuşa çykarýarlar.
Hanmämmedi görenler onuň bir gözi güllüdigini, şoňa
görä Hanmämmet kör diýlen lakamlydygyny aýdýarlar.
Emma Hanmämmediň gözüniň öýlenmänkämi ýa
öýlenenden soň gülli bolanyny bilýän ýok. Her niçik
bolsa-da obadaşlar Hanmämmedi şeýle gözel Hangüle
mynasyp görmändirler.
Hangüliň gözelliginiň ýanynda Hanmämmediň
kemsinýänligi belli bolupdyr. Bir-birege bal bilen ýag
ýaly gatyşyp gidibermänini ýaşlaryň özi hem duýupdyr.
Şonda-da türkmen gelin-gyzlarynyň gadymdan gelýän
däplerine görä, syr bermezlik, özüňi mydama elde
saklamak endigi Hangülde-de bar ekeni. Olaryň ilkinji
perzendi Baýly, soň Artykgül, Aşyrberdi, Begmämmet
dünýä inýär. Çaga dograny üçin Hangülüň gözelligi
kemelmeýär, gaýta oňa täze bir gözellik suwy çaýylan
ýaly bolýar. Elbetde, gözellik ähli ýerde söýülýär, ähli
ýerde göriplik, görübilmezlik, gözellige çirk ýetirjek
bolmak ýaly duýgulary hem döredýär. Hanmämmet bilen
Hangülüň ojagyna ýaman niýet bilen bakanlaram tapylyp
başlaýar. Emma bäşinji çaga ─ Nurynyň dünýä inmegi bu
ikisini ysnyşdyrýar. Ikisi bir ogluň üstünde kökenek
bolýarlar. Öýlenen günleriniň yz ýanynda Hanmämmetde
dörän gabanjaňlyk hem ýitip gidýär. Är-aýal bir-birege
şeýle bir öwrenişýär weli, hat-da bir-biregiň ýüz keşbi
hem ünsden düşüp gidýär. Şol günleriň birinde oba
toýunda gelin-gyzlar bir öýe üýşüp, gopuz çalýarlar,
läledir öleň aýdýarlar, birki sany gyz heňli goşgy okaýar.
Bularyň arasynda oturan Hangülem birden joşanyny
duýman galýar. Hangülüň ýüreginde gaýnaý-gaýnaý
mumyýa dönen, möwjügen duýgular şeýle bir owaz
bilen, şeýle bir näz bilen akyp-çogup başlady.
Agaç başynda durdum,
Düýbünde duzak gurdum,
Näkes ýaryň derdinden,
Hem agladym, hem güldüm .
Gyzlar-gelinler ilki sesini kesip Hangüli diňlediler, soňra
onuň sesine ses goşup bile aýdyp başladylar. Gyradan
“Berekella Hangüljan” diýýänlerem bar.
Dutaryň perde-perde,
Her perdesi bir ýerde,
Ýagşy gyz ýaman ýerde,
Wah, ýandym-la şol derde.
Hangülüň ýüzi gyzardy, gara gözlerinde ýaş buldurapbuldurap, ahyrda, Hangül läle bendini soňlaman sesini
kesdi-de ýaglygynyň ujuny ýüzüne tutup sessiz aglady.
Onuň agysy dabarany kesdi. Öýdäkileriňem keýpi
bozuldy. Hangüle göwünlik berdiler. Az salymdan
Hangül gözýaşlaryny süpürip, ýüzünden ýaglygyny
aýyrdy. Hangül aglanda-da owadandy.
─Maňa näme bold-a?! Siziňem keýpiňizi bozdum.
Aglanymy bilmän galaýypdyryn.
─Begenjiňe aglansyň-da gyz.
─Biz seni läle kakmany ýatdan çykardyňmykaň öýdüp
ýörüs. Tüweleme, sen Hangüllügiňi görkezdiň.
─Artykgül daýzaň gyzy bolarda ýatdan çykararmy?!
“Zehin eneden, kuwwat atadan” diýipdirler.
─Her näme diýseňiz-de bu agy syrly agy. Hangüljan,
gizleseň gizläber syryňy. Seň ýüregiň ýangynlydygyny
sesiň aýdyp dur. Näme üçin ýanýanyny bütin il
bilýä.
─Goýsaňyz-la, gyzlar, ýok ýerden gep tapjak bolmaň.
Läledir-dä.
Öýüň içindäki gürrüň, duldegşir öýdäkilere-de eşidilip
durdy. Toý-şagalaň sowlup, her kim öýüne ýygnananda
adamsy Hanmämmet giç geldi. Öňlerem şeýle bir açyk
ýüzli bolmadyk Hanmämmet bu gün gaty agyr ýüzlüdi.
Hangül onuň halyny bilmediksirän boldy.
─ Hanmämmet, çaýyň demini alyp durandyr.
Jogap bolmady. Hanmämmet Hangüle baka gözlemejek
bolup ýüz sowdy.
─Näme, kelle agyryň tutýamy?
Ýene jogap ýok.
Hangül Hanmämmediň ýeňsesi bilen gepleşmesini
bilýärdi. Hemişekileri ýaly bir salymdan açylyşar öýtdi.
Golundaky Nuryny sallançaga saldy-da ýuwaşja üwräp
goýberdi. Demli çäýnegi Hanmämmediň öňüne süýşürdi.
Çaý içilmän galdy.
─Ýadaw bolsaň ýeriňi ýazaýynmy?
─Sen heleý, etjegiňi edip, meni oýnajak bolma! Sen entek
Hanmämmedi tanaňok. Köpüň içinde aýdym aýtmag-a
däl, öýde bir agyz gepleseňem, diliňi damagyňa gidirin.
─Bolýa, geplemedigim bolsun. Çagalary oýaraýma!
─Ikiňizi hem bir çukura gömerin, bilip goý.
─ Gül ýaly çaga beý diýme. O seniň – meniň ýürek
ýagymyzdan öndi.
─Sen kime diýilýänini gaty gowy bilýäň . Mönsüremäňi
bes et.
─Hanmämmet! Sen gabanmaňy goỳ! Men özgä göz
galdyramdan ölüp gidenimi gowy görerin. Ynan maňa,
musurman bolsaň ynan!
─Sen lal bol! “Dutaryň perde-perde” diýip, kimi göz
öňünde tutýanyňy bilmeýändir öýdýänsiň. Bilýän,
asmandaky durnaň dem alşyny eşidýän.
─Sen eşidýäň, ýöne göreňok. Görmersiňem. İl gepine
gitme . İl ikimiziň agzybirligimize şek ýetirjek bolýa.
Senem ynanýaň.
─Lal bol .
Hangül sallançagy haýalja üwräp goýberdi.
─Men lal bolaryn, Hanmämmet. Bir dilegim: başga ýüz
müň töhmet at, ýöne biwepa diýme. Ölerin, çüýrärin, sen
perdämi açdyňmy, senden başgasy meniň meýdimi görer.
Aýalam bolsam, merdana aýaldyryn, şuny unutma! Şu
günden beýläk maňa gara sürtjek bolma. Men diňe seniň
düşegiň. Öldüresiň gelýämi, ynha men, öldür. Ýöne
töhmete çydamok. ─Hangül soňky sözleri agyly
aýtdy-da, ýaglygyny ýüzüne örtüp, içigip-içigip aglap
başlady. Başga ýana bakyp dik oturyşyna Hanmämmet
Hangülüň agysyna erejege meňzemeýärdi. Hangül
gözleriniň ýaşyny ýaglygy bilen syldy, emaý bilen
arkadan baryp ýakyn oturdy-da Hanmämmediň sag
goluny gorka-gorka gujaklady.
─Hanmämmet, men seniň naçaryň ahyry. Hanha,
sallançakda ýatanja perzendimden ant içýän, ynanmasaň,
Kuran getir, alnyma goýup ant içeýin, maňa beýle horluk
etme. Sen soltanym, men gyrnagyňdyryn. Aýagymy
gyşyk basanymy gördügiň hanjarlaýgyn, razydyryn.Ýöne
öz gözüň bilen görgün.Gepe
ynanma.
Hanmämmet sarsmady, hiç bir sözem diýmedi. Hangül
ýene aglap başlady. Eşidiler-eşidilmez agyly pyşyrdady.
Beden ýar-a, beden ýar,
Aklym haýran eden ýar,
Owal-a beýle däldiň,
Meger, gepe giden ýar.
Hanmämmet eliniň tersi bilen Hangüli batly itip
goýberdi. Hangül ol zarba çydaman keçä ýazyldy. Agyr
hem gamly oturdy-da sallançagyň bagyny haýalja çekip
başlady. “Wah, Allajan, näme üçin meni owadan
ýaratdyň? Şu jebirleri görmek üçinmi? Meniňem gözümi
Hanmämmediňki ýaly gülli et-dä, Allajan!
Hanmämmediň ýüregine giňlik ber, Allajan!
Gabanmasyny ýok et, Allajan!”...
Sallançakdaky Nury ajygyp oýandy, assaja gygyryp
dodajyklaryny şapbyldatdy. Hangül Nuryny sallançakda
ýanap, emdirip başlady. Oguljygynyň ýyly demi göwsüne
urup, Hangül ýene bozuldy, aglamajak boldy, sesi
çykmady, emma gyzgyn ýaşlar gözlerinden paýraýpaýraý Nurynyň gözlerine, maňlaýyna, saçlaryna akdy.
Belki-de o gözýaşlar ene süýdüne gatylyp, Nurynyň
dodajyklaryny ajydyp gidendir.
Bir salymdan Hangülüň ýorgan-düşek ýazjak bolmasyna
üns bermän, Hanmämmet donuny üstüne örtdi-de
gyşardy. Onsoň Hangül onuň üstüni ýorgan bilen örtüp,
aýak ujuny dony bilen basyrdy. Şo mahal beýle
ýanyndaky bir öýden birki gyzyň läle aýdýan sesi
eşidilip-eşidilip gitdi.
Aýlarym agyllaşar,
Gargalar gagyllaşar...
Hangül pessejik penjiräniň galyň örtüsinden jyklady .
Daşarda sowuk Aý dogupdyr. Dym-dyrslyk. Ýaňky
gyzlaryň sesi hem eşidilmedi. Şemal kesildi öýdýän.
O läläniň soňy nähilidir-ä? Hangül ony unudypdyr,
Hangülüň sesi çykmanyna näçe wagt boldy. Ýüregi
ýarylyp barýar, ýürek läleden dolupdyr, owazdan püre-
pürlenipdir. Bir daşary ylgap çyksa, aýak ýalaň çyksa,
depä dyrmaşaga-da töwerege bakyp, şemala goşulyp, lälä
gygyrsa. Köräp duran gursagyny gowzatsa. Läle aýdaaýda, sykylan nar ýaly boşap galsa.
Hangül zordan, gaty zor bilen özüni saklady. Ýogsa,
penjiräniň öňünden aýrylyşyna, daşary ylgajak bolup
birki ädim hem ätdi.
Dur! Dur!! Seniň aýdymyň soňy ahy-nala bilen
tamamlanar. Gapy açylanyny duýsa, Hanmämmet
ýaňadan partlamazmy, ganygyzgynlygyna etmesiz bir işi
edäýmezmi?! Saklan! Saklan!
Gapydan dönen Hangül emaý bilen baryp sallançaga
egildi. Ogly myssyllap ýatyr, Hanmämmede baka garap
goýberdi. Olam sessiz. Hangül ýag çyrany öçürdi-de
sallançagyň bir ýanyna maňlaýyny diräp oturdy. Uzak
oturdy. Ol hiç köşeşerlikli däl. Näbelli bir güýç onuň
ýüregini o göwrä sygyranok, ýarylaýyn-ýarylaýyn diýýä,
partlasy gelýä. Özem läle aýtsa, aýdym aýtsa, soňky
wagtlar diline gelýän goşgy setirlerini aýtsa ynjalar.
Häzirem ol sessiz dodaklaryny
hereketlendirip, ýadyna düşenleri aýdyp otyr.
Bilbilim garga boldy,
Maňlaýym gara boldy,
Ölenler öldi gitdi,
Galanlar yrga boldy.
Ýok, ýok. Bu gün ynjalyk ýok. Näçe sözläni bilen içdäki
tupan köşeşerli däl. Ynsan bedeninde ýürek ýumruk
ýalyja weli, ne göwrä sygýar, ne dünýä sygýar. Hangül
ýerinden turdy. Näme bolsa şol bolsun. Daşary ylgamasa,
öý howasy ony gowrup-köýdürip barýar.
Ýandym-la, bişdim-le, öldüm-le!
Hangül gapynyň sowuk agajyna el degrende togtady.
Aklyňa aýlan, özüňe rehmiň inmese-de çagajygyňy
unutma. Tümlükde Hangül ýere çökdi, az salymdan
emedekläp sallançagyň ýanyna bardy. Oguljygynyň
ýaňajyklaryna aýasyny goýup, çaganyň yssysyna
ýylyndy. Birdenem agysy tutdy-da, beýle ýana başyny
goýup, aglaý-aglaý surnugyp, uklap galdy.
Hangül şol gijeden başlap, aýrylmajak bir ýalňyzlyga
uçrady. Şol gijeden başlap, ol öz äriniň gözlerinde özüne
baka ynamsyzlyk, güman we gahar duýgularyny görmäge
başlady. “Är-aýalyň urşy-ýaz gününiň ýagşy” diýseler-de
ol ýagyş-ýagmyrdan geçene, aňzak-buzluga ýetene
meňzeýärdi.
Hangül adamsynyň gabanjaňlygynyň, sarpa
saklamaýşynyň baş sebäbini özüniň özgelere
meňzemeýän gözelliginden görýärdi. Ol bir mahallar gyz
wagty gözelligine buýsanan bolsa-da, elbukjasyndaky
aýna uzak-uzak bakyp oturan bolsa-da, özüne göwni
ýetýän ýigitleriň maý tapyp öz söýgülerini
duýduranlarynda gaty başy dik dyman bolsa-da, häzir
onuň ahwaly başgady. Ol Hanmämmetden özgäni göresi
gelmeýärdi, Hanmämmediň muňa ynanmagyny, göz
ýetirmegini isleýärdi. Emma Hanmämmetde ol inçelik
ýokdy, gödekleç boýnyýogynlyk oňa häkimdi. Hangüle
ýetibilmedik, emma içinden arman çekýän bir topar
ýigidiň göribilmezlikden ýaňa içi çüýreýärdi. Olar bir
ýollar arkaly Hanmämmet bilen Hangülüň agzybirligini
bozup bilseler ynjaljakdylar. Muny Hangül aňry ýany
bilen bilýärdi, ýolda-yzda, toý-tomgada özüne bakan her
bir erkegiň neneňsi niýetiniň barlygyny gabak
aňyrsyndan görmegi ýalňyşsyz başarýardy. Ol şeýle
üşüklidi, emma Hanmämmet ol duýgulara ýetip bilmän,
şo gaharly dymyp ýördi.
Soňky wagtlar Hanmämmede dost görnüp, öýlerine
oturmaga gelýänleriň arasynda-da Hangüle ýiti-ýiti
bakýanlary Hangül duýsa-da Hanmämmet duýmaýardy.
Şo sebäpli, bir gün Hanmämmet açylyşyp, är-aýal
gatnaşygy adaty durkuna gelende Hangül Hanmämmede
bu ýagdaýy ýaňzydasy geldi.
─Hanmämmet, bir zat aýtjak weli, akyl berýä diýmegin,
sen “dostum” diýip dostlaryňa kän bir ynanybermegin
diýjek bolýan.
Dost men diýen kändir weli,
Wepadar üçin aglaryn.
diýýä gadymkylar.
─Meniň dostlarymdan ikilik çykanok, indem çykmaz,
inşalla. Bir aýal aýtdy diýip, dostumdan geçip bilmen.
─Sen maňa ters düşünme. “Haýwan alasy daşynda, ynsan
alasy içinde” diýýärler. Ähli dostuň ýamandyr öýdemok,
ýöne ...
─Meniň dostlarym bilen ne işiň bar?! Sen özüňe seretsene.
Seniň joralaryň seni oýnajak bolup, Hangül gowy aýdym
aýdýa, gowy goşgy okaýa diýşip, seni masgara etjek
bolýarlar.
─Näme, ejem aýdym-goşgy aýdany bilen masgara
boldumy?!
─Ýaşy bir çene baransoň aýdanynyň zyýany ýok.
─Ejemiň-ä dogup-döräli bäri dilinde aýdym-goşgumyş.
─ Ýalandyr.
Hangül, mundan artyk gidiberse, Hanmämmediň
gaharyny getirerin öýdüp sözlemedi.
*
*
*
Zamanalar birgeňsi üýtgäp ugrady. Eşidilýän habarlar
gulaga ýakman başlady. Soňky wagtlar bu kiçijik Daýna
obasyndan esgerlige köp kişi çagyryldy. Erkekler öz
dogduk obasyndan uzaga gidesi gelmän, maşgalasyny
başsyz goýasy gelmän gaçybatalga gözläp, her tüýsli
pikir etdiler. Hanha, oba ortasynda oturan Seýitnurlaryň
birbada iki ogluny esgerlige almakçy bolup, Bäherdene
çagyryp başladylar weli, bir gije tutuş maşgala göterilip
gidipdir. Ir bilen goňşulary gelse, daşky gapynyň kilit
ýerine bir çöp ötürilgiligini görüpdirler. Olaryň nirä
gideni belli bolman galdy. Başga bir oba göçdülermi, ýa
dag içinde, il gözünden çetde bir gizlinje ýere
gondularmy, ýa Bäherdeniň gaýrasynda ýazylyp ýatan
çölde bir guýynyň başyna bardylarmy, Alla bilsin. Eýran
tarapyna geçip giden bolmaklary hem bolup biljek zat. O
tarapda-da türkmen bary ýaşaýar.
Her niçik bolsa-da, bir-birege öwrenişip, bir-birege
goltgy berişip, bir maşgala ýaly oturan oba üçin beýle
habar uly urgy boldy. Dünýäde ýeke galan ýaly boldular.
Bir ýerlerden bir bela ýetip gelýän ýaly, emma özleri
mundan bihabar ýaly duýgy döräp başlady. Seýitnurlaryň
maşgalasyndan habar bilibilmän ýörkäler, oba
mugallymy bolup işläp ýören, öýlenenine ýaňy birküç aý
bolan Ýusup hem bir gije ýitirim bolupdyr. Ýatylar
uçurlary daşardan biri “Ýusup, Ýusup” diýipdir. Ýusup
daşary çykypdyr. Şol çykyşy. Gelni pahyrjyk, uzak
garaşyp, ahyry “Gelmedi-le” diýip daşary çykypdyr. Sesüýn ýok .Onsoň goňşy-golam, garyndaş bary örüzilip,
gijäniň içinde her ýerden habar alypdyrlar. Emma
Ýusupdan derek tapybilmändirler . Ýalňyz galan gelin
üçin gije hem-de geljekki gije-gündizler dowzaha dönüp,
ýerli häkimýete, kolhoz başlygyna, Bäherdene habar
berseler-de “Gördüm-bildim” diýen bolmandyr.
Seýitnurlaryň maşgalasynyň gürüm-jürüm bolmagynyň
üstesine, Ýusup mugallymyň ýitmegi Daýna halkyna
dowul saldy. Obada uly-kiçi, aýal-erkek, ähli halaýyk
diňe şo ýitigleriň gürrüňini edip başlady. Elbetde, myşmyşlaram rowaç aldy. Agzyýelliler palaw iýençe hezil
edindiler .
─Seýitnurlaryň gaçyp baran ýerine Ýusubam baranmyş,
her gije obada üç atly
aýlanýamyş. Şolar adam ogurlaýamyş. Gün batdygy öýden
çykmaweriň.
─Beýdip, gorkup ýaşap bolmaz.
─O-how, bu gürrüňler çişip-çişip, ahyrynda, ýetmeli ýerine
ýetmeýämikä? Üç kişiniň hötdesinden gelibilmeýän
bolsalar, bolmaz ahyry.
─Ýusuby Şeýtan köpriň ýakynynda bir gowakda
görenmişler. Diýwana ýaly, saç-sakgaly ösgünmiş diýýä.
─Woýenniler Ýusuby nirede görseler atjakmyşlar. Ol
döwletiň garşysyna bir zat diýenmiş diýýäler.
─Seýitnurlar näme, olaram döwlete söz aýdypmy?! Olar-a
pukaraja külbesinden başga zady bilmezdiler. Gowy
adamlardy.
─O-how, olar ölen ýaly gürrüň etme. Ertir geläýseler
utanarsyň.
─Näbileýin, geläýse-hä bolýa weli. Bu goňşy obadanam
ýiten bamyş diýýäler. Bir bela gopýa, biz bilemizok.
─Bir ýerde uruş turanmyş diýýäler, ähli erkek göbekli şoňa
sürüljekmiş.
─Meni bir ýitirmäýedirler, çül çagajyklarym aç öler.
─Mürçeden bir günde dokuz ýigidi woýennä alanmyşlar.
─Çendirden bäş maşgala Eýran tarapa göçüp gidenmiş.
─Soňky wagtlar oba içinde ýat adam köp duşýar. Düýn
biri gabat geldi weli salamymam almady.
─Allajan, özüň ýagşysyny et-dä.
Hanmämmet şo dymyp ýörşüne bu gürrüňleri gaty
dykgatly diňleýär. Uzak-uzak pikire batýar. Ol maşgalany
goramaga amatly ýer gözleýär. Eger Daýnada rahatlyk
bolman, adamlary şeýdip ýitirim edip ýörseler, bir gün
özüne-de nobat ýetjegini oýlanýar. Hanmämmet diňe
çagalarynyň atasyz ýetim galjagyny däl-de, eýsem aýaly
Hangülüň başy boş galjagyndan howatyr edýär. Hangüli
başga biriniň aýal edinerinden gorkýar. Hangüli bäş
çagaly aýal görnüşinde däl-de henizem şol öňki owadan
gyz görnüşinde görýär. Şeýle aldawçy görnüş ony kyn
günde goýýar hem-de Hangüle şübhe-güman bilen
bakdyrýar.
Hangülüň gyz owadanlygy galmadyk bolsa-da, ol dört
ogul, bir gyz doguran aýala hiç-hiç meňzemeýärdi. Onuň
giň maňlaýy, alkymlary, bilekleri ak kümüşden guýlan
ýaly owadandy. Ýarsmadyk göwre derek ýalydy. Ol
owadanlyga gelin owadanlygy diýilýärdi. Hanmämmediň
gabanjaňlygyndan ýaňa çeken ejirleri hem Hangülüň
gözel durkuna täsir edip bilmändi. Şol gelin owadanlygy
ähli dertden rüstem görünýärdi. Emma owadanlyk
ýitmese, gabanjaňlyk ýitmejek ýaly.Hanmämmet indi
günde-günaşa gowga turuzmasa-da, wagtal-wagtal
bulanyp alýardy, özem Hangüli aýal-gyzlaryň
üýşmeleňine goýbermejek bolup, ýüz-müň bahana
araýardy. Bir gün Hanmämmet gijara işden geldi weli,
çagalar gapyda oýnaşyp otyr, emma Hangül ýok.
Çagalardan sorasa suw almaga gitdi diýdiler.
Hanmämmet öýüniň gapysynda birahat halda iki ýana
garanjaklady. Ol sabyrsyzdy. Güzere baka böküp
barjakdy. Şo mahal beýle ýandan suw kädili geçip barýan
bir zenan Hanmämmedi gördi-de suwly gabyny ýere
goýdy.
─Hanmämmet, Hangül ýarawsyz öýdýän, suw başynda
aglap otyr. Ýör gideli
diýsemem gaýtmady. Özüň git-de kömek edip getiräý.
Hanmämmediň öýi Dänegulyň depesiniň orta bilinde. O
taýdan inip, mellekleriň arasy bilen aýlanyp-öwrülip, soň
tokaýyň içi bilen ep-esli ýöräňsoň, Sumbardan suw
alynýan güzere barýaň. Hanmämmet Sumbara ýakyn
baranda, derýanyň şaggyldysynyň ýany bilen Hangülüň
agyly sesini eşitdi.
Bilbilim garga boldy,
Maňlaýym gara boldy,
Ölenler öldi gitdi,
Galanlar yrga boldy.
Hanmämmet çybşyldap bardy-da güzere jyklap bakdy.
Hangül kenarda mahal-mahal suwa çöpjagaz, şahajyk
zyňan bolýar hem-de gözýaşlaryny sylyp läle aýdýar.
Hangülüň bu zaryn owazyny derýa diňleýärdi, ol
owazdaky ýalňyzlyk, söýgä teşnelik, bu dünýä
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Beýik köňle syýahat - 2
  • Parts
  • Beýik köňle syýahat - 1
    Total number of words is 3607
    Total number of unique words is 2199
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    43.8 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Beýik köňle syýahat - 2
    Total number of words is 3716
    Total number of unique words is 2141
    29.1 of words are in the 2000 most common words
    42.4 of words are in the 5000 most common words
    50.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Beýik köňle syýahat - 3
    Total number of words is 3768
    Total number of unique words is 2044
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Beýik köňle syýahat - 4
    Total number of words is 3784
    Total number of unique words is 1947
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.9 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Beýik köňle syýahat - 5
    Total number of words is 3793
    Total number of unique words is 2042
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Beýik köňle syýahat - 6
    Total number of words is 3620
    Total number of unique words is 2041
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    46.3 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Beýik köňle syýahat - 7
    Total number of words is 3708
    Total number of unique words is 2045
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Beýik köňle syýahat - 8
    Total number of words is 3593
    Total number of unique words is 2096
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Beýik köňle syýahat - 9
    Total number of words is 3518
    Total number of unique words is 2036
    29.3 of words are in the 2000 most common words
    41.3 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Beýik köňle syýahat - 10
    Total number of words is 2887
    Total number of unique words is 1819
    28.5 of words are in the 2000 most common words
    40.3 of words are in the 5000 most common words
    46.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.