Latin

Beýik köňle syýahat - 9

Total number of words is 3518
Total number of unique words is 2036
29.3 of words are in the 2000 most common words
41.3 of words are in the 5000 most common words
48.8 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
“Entek ir-le. Entek ediljek iş kä-än. Garynja-da bolsam,
köňlümde piliň göterip bilmejek ỳüki bar. Şo ỳüki bir
halkyň köňlüne guỳup ỳetişsem. Eger ỳüregimi boşadyp
ỳetişsem, o sazlara dar agajy-da aglasa gerek.”
Nury soňky gezek Leningrada – Sankt Peterburga
döredijilik öýüne gidip gelenden soň, özüni has agyr
duýup başlady. Garyn, dogrusy bagyr has çişip, çiş
aýrylmady.
Nurynyň agyr kesele uçranlygyny bütin şäher, şol sanda
döwletiň, partiýanyň başynda oturanlaram eşitdi. Oňa
ýalandan hormat görkezip başladylar. Radioda onuň
sazlaryny, aýratyn, Nurynyň özüniň çalan sazlaryny tiztizden eşitdirdiler. Nurynyň tiz öljekligi belli bolanda, iş
işden geçensoň, ah-wah diýýän köpeldi. Şo mahal ähli
kişi oňa dost, ähli kişi oňa garyndaş boldy. Ölmezinden
ýedi-sekiz aý öň oňa “Türkmenistanyň sungatda at
gazanan işgäri” diýen at beren boldular. Öň, has öň
niredediler???
Nury: “Bular meni rahat ölmäge-de goýjak däller” diýip
oýlandy. Ol mejbur ýagdaýda hassahana girmeli boldy.
Hassahanada oňa rahatlyk bermeýärdiler.Gelýänler barha
köpelýärdi. Nurynyň haly hem barha peselýärdi.
Şonda bir türkmen zenany geldi. Onuň gyňaç aşagyndan
görünýän saçlaryna ýaňy ak düşüp başlapdyr. O zenan
ýol-yz bilmeýärdi. Töwerege çekinjeň garap, assa ýöräp,
sorap-sorap, ahyry, Nurynyň ýatan otagyny tapdy. Gapa
el degribilmän birsalym durdy, soň eşidiler-eşidilmez
kakdy. Jogap bolmady. Koridordan geçip barýan ak
halatly zenan: “Giriber, ýeke özi bolaýmasa” diýdi.
Gyňaçly zenan gapyny emaý bile açdy. Krowatda, ak
örtileriň arasynda solgun ỳüzli Nury ýatyr. O zenan
krowada ýakyn geldi.
─Nury, ýagdaýlaryň ýagşymydyr? Derman-däri peýda
berýämi?
─Ýaman däl. Gel, oturaý şo oturgyçda.
─Menem, gaty görseňem, gelendirin. Gözläp-gözläp,
zordan tapdym. İl gözüne düşäýmäýin diýibem çekinýän.
─Wi-i, sen Gurbanjemal ýaly-la – Nury ony şu mahal
tanap, ýüzüne bir ýakymly reňk ýaýrap gitdi.“Meniň
ilkinji söýgim. Senem geläýdiňmi?”
--Ŷagdaỳlaryň nähili?
─Seňki gowy bolsa, biziňki gowy bolar. Kesele ýan
bermegin, Nury.
Nury siňe-siňe baksa-da, Gurbanjemal oňa dumanly
göründi. O geçen günler, tozanly maşynda ýylgyryp
bakylan pursatlar, Gurbanjemallaryň köçesinden
mukaddes köçe görmän, ikiýana gatnan sagatlary, barybary gaty uzakda, duman içinde galypdyr. O günlerden
soň, Nury näçe gyz, näçe gelin bilen tanyşdy, görüşdi,
aýrylyşdy. Bary yzda galypdyr. “Sowuldy yşgyň bazary”.
Sowulan diňe yşkyň bazarymyka? Ömür soňky demini
alýana çemli. Eger Bäherden ýaly ýerden ýörite gelen
bolsa, munuň aňyrsynda ömrüň nokady görünýän bolsa
gerek.
Otaga dogtor girdi. Gurbanjemal gaýtmaly boldy. Ol
hoşlaşyp, yzyna garaý-garaý çykyp gitdi. Nuryny iň
soňky gezek görýändigini, şeýle-de bolsa özüniň
çäresizligini duýa-duýa çykdy. Aglamady, emma gözýaş
bolup çykmadyk nem Gurbanjemalyň ýüregini ýaka-ýaka
gowurdy.
Nury krowatynda oturmak isledi.
─Siz ýatyň, ýatyň.
─ Men birküç günden ömürlik ýatmaga gidýän, jigim. Nury gamly ỳylgyrdy.
─Beý diýmeseňiz-le .
─Men ölýänime gynanamok. Başym owazdan doly, jigim.
Ýetişmedim. Şo owazlary özüm bilen äkidýänime
gynanýan.
Gijara Atageldi Garýagdy geldi. Nury ýerinden turmak
isledi. Onýança Atageldi tiz baryp, Nuryny ýatan ýerinde
gujaklady. Gujaklady, emma kölege gujaklan ýaly boldy.
─Atageldija-an! ─O sesde ähli many, ähli duýgy
jemlenipdi. Bileje geçiren günleriniň ýakymly
ýatlamalary ikisiniňem ýüreginde dykyn alyp durdy. Ol
Atageldi Garýagdyny nähili gowy görýärdi, oňa neneňsi
buýsanýardy. Diňe Atageldiniň sesi üçin entek näçe
aýdymlar ýazjakdy. Nurynyň şol owadan, paýhasly
gözleriniň, göreňde nebsiňi agyrdyjy, gamgyn gözleriniň
öçüp, başga bir düşnüksiz reňke boýalandygyny Atageldi
hesretli synlady.
Başga-da köp-köp kişi Nura göwünlik berip gidýärdi.
Dogrusy, Nury bu göwünlige mätäç däldi. “Ölüm geldimi
– kabul edäýmek galýar”.
Ol çagalary bilen hoşlaşdy. Mertligini mese-mälim
görkezdi. Hamana, bir aýlyk dynç almaga gidỳän ýaly,
özüni gaty rahat tutdy. Soň ýagdaýy has agyrlaşyp
başlady. Nury şeýle bir suwsady. Ýüregi Daýnanyň
suwuny isledi. “Daýnanyň suwuny içsem dertden
açylaýjak ýaly”. Ol öz ýanyna hiç kimi goýbermezligi
haýyş etdi. Näçe wagtdan bäri beýnisi agyrydan ýaňa
ýarylara gelipdi. Beýnide toplanan owazlar, şekile giren
sazlar erkinlige çykasy gelip, notalara gonasy gelip dyzap
başlady. Olaryň möçberi, kuwwaty, şirinligi Nurynyň
döreden sazlaryndan has köpdi, has güýçlüdi. Nury çydap
bilmän, iki eli bilen kellesini tutup ýatdy.
Göwresindäki çagany dogrup bilmän ýatan ene ýaly
kösendi.
Nury bir gije-gündizi şeýdip geçirdi, ikinji gije birden
başy boşap galdy. O sazlar, o owazlar durna öwrüldi-de
uçup gitdiler.
Asmandan durnalar hatar-hatar geçip başlady. Olaryň
arasyndan bir durna kelemenläp gaýtdy.
-- Näme üçin, ne sebäpden beýle boldy? ─Nury tümlüge
bu soragy berdi.
─Sebäbi sen ýetim, sen garyp. Ýadyňdamy, ýigit döwrüň
şöhrat atyna müneňde bir kişi saňa nesihat beripdi? ─
Tümlük seslendi.
─Ýadymda. “Çeýnäp-çeýnäp zyňarlar, batga batyrarlar”
diýipdi. Wsýo. Kones. (Boldy. Gutardy.) Nury soňky iki
sözi eşidiler derejede pyşyrdap bildi: Boldy. Gutardy.
Bu onuň iň soňky sözi boldy.
Ol aňynda dört ýaşlyja oglana öwrüldi: “Bir ýerlerden
ejesi geldi. Egninde şo-ol birmahalky keteni köýnegi.
Nury o köýnegiň mukaddes ysyny aldy. Ejesi Nura
ýylgyryp bakdy, gelşine onuň elinden tutdy-da alyp gitdi.
─Ýör, oglum, sen ýetimem bolmarsyň, garybam
bolmarsyň.
Şo mahal Nury ejesini görjek bolup gözlerini açdy.”
Aýaly krowatyň ýanynda oturşyna “Nury!” diýip
seslendi. Jogap bolmady. Üçünji awgustdan dördünji
awgusta geçilen gije daňdan bäş töweregi Nurynyň demi
kesildi.Ŷyl bir müň dokuz ỳüz segsen üçdi.
Nurynyň gözleri açyk galdy.
Garyp dogdy, garyp öldi.
Nurynyň duşmanlary begenendir öýdýänsiňiz? Ŷok. Olar
gelejekki Nurylaryň ýoluna garym gazyp başagaýdylar.
Meşhur artistimiz Baba Annan Nuryny jaýlamak
meselesinde ähli işlere baş boldy. Nuryny öýüne getirmek
üçin hassahana baranda Baba Annan Nurynyň gözi açyk
ýatyşyny görüp, boýur-boýur ýaş dökdi, gözýaşly eli
bilen Nurynyň gabaklaryny sypady. Gözler ýumulasy
gelmedi. Baba Annan muňa has beter bozuldy, ýene
sypady. Ahyry, bir gözi ýumuldy, beýleki gözi sähel
açyklygyna galdy.
Baba Annan bu gün hem ylgaýardy, hem gözýaşlaryny
ýollara seçeleýärdi. Häzirki “Jennet” bazarynyň ýanynda
maşgalasynyň ýaşaýan dördünji gatdaky jaýynda Nury
bilen hoşlaşdylar. Birmahallar Nury bilen iki bolup bir
pianinoda saz baryny çalyşan kompozitor Rejep Rejebow
gözýaş dumanynyň içinden Nura bakdy weli, Nurynyň
açyk gözüni görüp, tas özünden gidipdi. O göz “Rejepjan,
Rejepjan!” diýip ýalbarýan ýalydy. Baba Annan ikiýana
ylgaýar. Awgustyň jokramasy-da depäňi deşip barýar.
Atageldi Garýagdy birmahallar Nurynyň: “Atageldijan,
kelläň üşär, al şu papagymy geýäý” diýip, öz başyndan
çykaryp beren papagyny geýip, bir gyrada doňup dur.
Ýene-ýeneler, pylany-pylanylar hoşlaşmaga, soňky ýola
ugratmaga geldiler.
Elbetde, Türkmenistanyň baştutanlary bu matama
goşulmadylar. Elbetde, Nuryny jaýlamak işi hem döwlet
derejesinde guralmady. Adaty bir şahsyň ölümi ýaly
gördüler.
Mähelle-de aňrybaş köp däldi. Nurynyň ýatan tabydyny
dar podýezden aşak düşürmek ýeňil bolmady. “Bu jaýlar
adam ýaşamak üçin salnana meňzänok” diýip Baba
Annanyň hüňürdisi agy sesleriniň arasyndan eşidilip
gitdi. Adam mydama gapyl ýaşaýar. Ýene sekiz ýyldan
Baba Annanyň özi hem Nurynyň yzyndan gider. Baba
Annanyň jesedi hem podýezden düşürilende onuň häzirki
aýdan sözlerini başga biri gaýtalar.
Daşarda “Keç pelek” sazy öňkülerdenem has gamgyn
ýaňlanýardy. “Bu saz Nurynyň öz matamynda çalnar
öýtmändik” diýip Baba Annan oýlandy.
Soň-soň: “Nury “Keç pelegi” özüm üçin ýazdym”
diýerdi” diýen gürrüňler ýaýrady.
Tabydy göterip ugranlarynda agy sesleri güýçlendi.
Aýratynam zenanlar ýüreklerini agy bilen eredip
tükedäýjek bolýardylar. Aýallar erkeklere garanda Nura
gowy düşünýärdiler. Olaryň arasynda Nuryny gizlingizlin söýenler, Nurynyň sazyna meýmiräp, öz
söýgülerini Nura duýduranlar, Nuryny daşyndan söýüp
ýörenler, Nurynyň sazyny zenan näzikligi bilen duýup,
oňa çuňňur hormat goýup ýörenler bardy. Häzir olar il
bilen bile aglap, ýüreklerini gowzatsalar-da, soňra
öýlerine baranlarynda, gelejekki günlerde Nurynyň
sazlaryny eşidip, aglamajak bolup has beter aglarlar.
Sebäbi o sazlar indi Nury ýokka bütinleý başgaça
eşidilýärdi.
Tabydy gezek-gezegine göterişip barýan erkekleriň tas
ählisi diýen ýaly Nury bilen baglanyşykly adamlardy.
Olar Nury bilen sataşan pursatlaryny ýatlaşyp, Nurynyň
beýikligine, hakykatda-da gaýtalanmajak beýik
kompozitorlygyna täzeden göz ýetirýärdiler.
Durmuş hernäçe hileli, hernäçe jebirli bolsa-da, Nurynyň
başyny egip bilmändigine, Nuryny üýtgedip bilmändigine
akyl ýetirýärdiler.
Nury hakda köp zatlara doly akyl ýetirmäge Nury
gidensoň rugsat berlene çemlidi.
Nurynyň jesedini toprak astynda goýup, yza
dönenlerinde şahyrlaryň gözýaşy eýýäm şygyr şekline
girip başlapdy.
Geldi Bäşiýew:
Öz-özi üwrelen sallançaklarda
Kemal tapan gerçekleriň biri sen.
Nury! Seni tabşyrsakda zemine,
Dünýäden gideňok, baky diri sen.
Atamyrat Atabaỳew:
(N.Halmämmet bilen söhbetiň täsirinden dörän goşgy)
…Özüň hakda öleňden soň ỳazyljak
bar zady öňünden okasaň, bilseň.
Özüň okap görüp öz nekrologňy,
arkaỳyn ölseň
ỳa-da ölmeseň…
Allaýar Çüriýew:
Wagt boldy, gideýin men, hoş indi,
Ýürek köşeş, keç ykbaldan nalama.
Bu gün ýene ýolagçy men daglara.
Nury dogan, Daýna barýan salama!
Gylyçmyrat Kakabaýew:
Eşitdiň özgeleň eşitmedigni,
Özgeleň aýtmadyk aýdymyn aýdan,
Ýöne seniň aýdyp ýetişmedigňi
Indi kim aýdarka, indi kim aýdar?!
Daýnaly Çary Kulyýew:
Dünýä döräli bäri,
Ýaňlanyp duran ýaly,
Meşhur Nury didämiň,
“Keç pelegniň” owazy.
Baba Annanow:
Kä buludy basýar asmandan aşak,
Kä deňzi göterýär asmana garşy,
Ne gije ýatuw bar, ne gündiz oňa,
Nury Halmämmedi şol gözläp ýörşi.
Bäşim Ödek:
Çyn saz Allaň gudratydyr, çyn saz Allaň owazy.
Ony ile ýetirip ýör mukamlaryň pirleri.
Nury Halmämmediň köňlem Hakdan şeýle dogaly:
“Nury! Ynsan kalplaryna sen saz bolup girmeli!”
Onsoň bir ajaýyp saza öwrülip,
“Joşmadyk joşdurmaz” diýdi-de Nury,
Şo-ol joşa salyp ýör ynsan göwnüni.
Myrat Diwanaýew:
(Sazy we sözi özüniňki)
Sensiz gadam urýas,
Ýatdan çykaňok.
Ýene gama batýas:
Wah, diňe sen ýok.
* * *
Guburyň gumy kem-kem guraşdy. Kämahal guburyň
baş ujuna goýlan gül göründi. Şahyr Allaýar Çüri
Sumbaryň boýundan bir çynar nahalyny getirip, mazaryň
başujuna oturtdy. Ýadyňyzdamy, Nury oglanjykka
Sumbaryň kenaryndaky tokaýda biten bir çynar bilen boý
deňeşdirerdi.
Soň mazar başynda Nura meşhur heỳkeltaraş
Nurmuhammet Ataýewiň ýasan ýadygärligi dikildi.
So-oň soň haşal otlaryň, tikenleriň zamanasy başlandy.
Diriliginde Nura azar ýamanyny berenleriň täze nesli
ýetişdi. Olaryň biri mazar başyndaky ýadygärligi kesipgoparyp, alyp gitdi-de ýenjip, eredip, satyp goýberdi.
Nura ölensoňam rahatlyk bermediler. Muňa jany
ýangynly heýkeltaraş Nurmuhammet Ataýew täze bir
ýadigärligi öz hasabyna oňaryp, metaldan guýup, mazar
başynda dikdi. Aşgabadyň 11-nji mikroraýonynda Nury
Halmämmedowa ajaýyp ýadygärligi hem ussat
Nurmuhammet Ataýew ýasapdy.
Şuňa-da şükür etmeli: Nurynyň jesedini toprakdan
çykaryp zyňmadylar. Paganininiň jesediniň elli alty
ýyllap ondan-oňa süýrele-süýrele jaýlanyşy ýaly. Alla
saklasyn!
O döwür ỳokarda oturanlar bir kelle agyrydan dyndyk
diýşen bolmagy hem mümkin.
Şeýle-de bolsa halk Nuryny özüne iň ýakyn kompozitor
hasaplaýar. O hakda köp-köp makalalar, radiotelegepleşikler ýazyldy, duşuşyklar, konkurslar guraldy.
Gysga filmler surata düşürildi. Ýöne olaryň köpüsi
Nurynyň biografiýasyna, filosofiýasyna çuňlaşyp
bilmedi. Nuryny Bäherdeniň Mürçe obasynda,
Baýramalyda doglan diýip görkezdiler . Doglan ýylyny,
gününi hem 1940-njy ýylyň 24-nji fewraly diýip
ýazdylar. Elbetde, Nurynyň özi hem öz biografiýasyna
parhsyz garapdyr. Onuň familiýasynyň Halmämmet dälde Hanmämmet bolmalydygyny Daýnalylar açyk
aýdýarlar.
Nurynyň 1938-nji ýylyň 20-nji iýunynda Daỳnada
doglandygy kinorejissỳor Şyhmyrat Annamyrat
tarapyndan dokumentler esasynda anyklaşdyryldy.
Bu nämäni aňladýar?
Bu Nury Halmämmet hakda heniz düýpli bir iş
edilmänligini, onuň çuň, giň biografiýasynyň doly
dikeldilmänligini, ähli saz notalarynyň, fotosuratlarynyň
bir ýere toplanyp çap edilmänligini, ylmy taýdan düýpli
öwrenilmänligini aňladýar. Onuň belli-belli sazlarynyň
radio-teleprogrammalarynda berilmegi, entek Nurynyň
görkezildigi, açyldygy däl.
Gysgajasy, Nury häzirem eýesiz.
Aýdaly, Nury türkmen däl, Türkmenistanlam däl,
Germaniýada, Awstriýada, Italiýada ýa-da özge bolmasa
Russiýada doglan kompozitor bolsady. Şonda-da Nura
şeýle göwnibir garalarmydy? Ýok. Hiç mümkin däl. O
milletler öz beýiginiň beýikligini, şeýle beýikleriň tutuş
milleti ýokary göterýändigini örän gowy bilýärler.
Nury Halmämmediň öz eli bilen ýazan notalary,
Nurynyň çalan pianinosy, Nurynyň okan kitaplary we
şuňa meňzeşler hakda hiç bir gürrüňem ýok. Aýratyn
muzeýi hakda-ha aýtmagyň hem geregi ýok.
Türkmenistandan iki ädimlikdäki dogan halkymyz
Azerbeýjanlylaryň öz beýiklerini neneňsi sylaýşyny bir
görüň. Kompozitor Rejep Allaýarow bir gezek meniň
Bakuwa gidýänimi bilip, “Kyn görmeseň, meniň
mugallymym Kara Karaýewiň başujunda meniň adymdan
bir doga okasaň” diýip haýyş etdi. Men dostumyň
haýyşyny bitirmek üçin Kara Karaýewiň mazaryna
bardym. Şeýle bir nepis, şeýle bir belent, şeýle bir
gymmat baha ýadygärligi garşymda görüp, doňup
galdym. Men Kara Karaýewiň mazaryndaky ýadygärligi
Nury Halmämmediň mazaryndaky ýadygärlik bilen
deňeşdirdim we başymy salladym.
Şu mahal daşary ýurtdan bir beýik adam gelip Nury
Halmämmediň mazaryna zyýarat etmek islese, biziň
nähili kyn güne galjakdygymyzy göz öňüne getirmek
hem kyn.
Aslynda, häzirki nesil Nury Halmämmediň nirede
ýatanyny bir biýärmikä?
Ynha, medeniýet sözi nireden urup çykýar.
Jemgyýeti medeniýet dolandyrýar.
Syýasatyň hem özeni medeniýet. Ykdysadyýeti pese
gaçan döwletler üç-bäş ýylda özüni düzedip bilýärler.
Emma medeniýeti pese gaçanlaryň halyna aglasyň gelýär,
sebäbi medeniýeti dikeltmek üçin onlap-ýüzläp ýyllar
zerur. Kähalatda mümkin hem däl.
Meniň bu sözleýänlerim medeniýetiň elipbiýi, sadaja
arifmetikasy, goşmak-aýyrmagy.
Dünýä belli balet tansçysy, “Watanym, Türkmenim”
diýip, zar-zelil bolup, 1980-nji ýyllarda Türkmenistana
gelen Rejep Abdyýew Nury Halmämmediň sazlaryny
başyna täç edinesi gelýär. 1989-nji ýylda Magtymguly
adyndaky opera we balet teatrynda “Soňlanmadyk
aýdym” atly balet goýýar. Nury Halmämmedowa
bagyşlanan o baletde Nury Halmämmedowyň we oňa
meňzeş medeniýet ynsanynyň ýagtylyk, ýagşylyk üçin
göreşleri görkezilýär. Balet Nurynyň sazlary bilen
bezelýär. Hudožniklik işini Berdi Amansähedow
ussatlyk bilen bitirýär. Emma bu balet ne kino lentasyna,
ne-de wideo düşürilipdir. Rejep Abdyýew, beýik ussat,
öýsüz-öwzarsyzlygy sebäpli, näme etjegini bilmän, ýene
Russiýa, gelen ýerine gitmeli bolupdyr. Ony ýere
düşürmän, gapyp alypdyrlar. Jaý meselesini çözüpdirler.
Biziň beýik Türkmenimiz hakda iki telefilm alypdyrlar,
uly-uly, abraýly teatrlarda çykyş etdiripdirler, onuň
tejribesinden peýdalanypdyrlar. Soň Rejep Abdyýewi
baletiň öýi Italiýa çagyrýarlar. Ol italýanlara bäş ýyllap
baletiň syrlaryny öwredýär.
Ynha, şol beýik baletçi Rejep Abdyýew Nury
Halmämmet hakda 1990-njy ýylda ýatlama ýazýar: “Diri
wagty ony kyn ýagdaýda goýdular. Oňa her ädimde
badak atdylar. Ony çinowniklerem, dost diýilýänlerem
“bogdular”... Munuň üstesine, Nury ýokary wezipelilere
uýgunlaşmandy, olaryň öňünde ýaranjaňlyk etmändi...
Nura hapa ýöňkemek üçin edilen aladalar, wagtyň
görkezişi ýaly, biderek boldy. Halmämmedowyň sazyny
respublikanyň ähli ýerinde bilýärler, gowy görýärler.
Oňa ýaşap ýören wagty, ýüzüne “Nuryjan, sen geniý!”
diýilmelidi...
Adam ruhunyň düýbüne palta uraýmaly däl-ä. Biz öz
halkymyzy sylamzok. Ruhy garyplygyň nämä
getirýändigini hiç kime düşündirmek zerur däl. Ruhy
garyplykda täze Halmämmedowlara Nuryňky ýaly ykbal
garaşýar.”
Bu sözleri aýdanda beýik ussadyň ýana-ýana
jowrananyny göz öňüne getirmek kyn däl.
Soňra Nury Halmämmet hakda kinooçerkler edildi
diýäýmeseň, kompozitoryň ady kölege tarapa süýşürilip
başlady. Nury Halmämmediň ady dakylan Aşgabatdaky
çagalar sazçylyk mekdebi ýapyldy, Nury Halmämmedow
adyndaky halkara konkursy hem dowam etdirilmän
togtadyldy.
Emma sazlaryny weli, halkyň ýüreginden sogrup
bilmediler. Ýönekeý daýhan hem o sazlara gulak berdi,
ýüregine siňirdi.
2008-nji ỳylda Nury Halmämmediň doglanyna ỳetmiş
ỳyl bolanda medeniỳetiň beỳik aşygy we hemaỳatkäri
Çary Şirliỳew meşhur kompozitorymyz bilen bagly dürli
suratlary ilkinji gezek çap edip halka ỳaỳratdy. O
suratlary saz söỳüjiler öz öỳüniň iň görnükli ỳerlerinde
goỳdular. Meşhur pianistkamyz Orazgül Annamyradowa
Nury Halmämmediň sazlaryndan düzülen konsert gurady.
O sazlar täze nesliň hem ỳüreklerine häkimlik edip
başlady.
Nury Halmämmet, dogrudanam, ölmez-ýitmez derejä
ýeten ekeni.
* * *
Meşhurlygyň syry nämede?
Bu örän kyn sorag . O syry hiç kimiň doly açyp
bilmejegi belli. Sebäbi genileriň döreýşi düşündirilip
bilinmez.
Şeýle-de bolsa her kompozitor, her saz öwreniji, her
sazanda bu soragdan sowlup geçesi gelenok.
Belli dirižýor Aşyr Hojatow şeýle diýýär:
“Saz başlap-başlamanka Nurynyň sazyny tanap bolýar.
Ol örän ýokary Ýewropa professionallygyny örän ýokary
millilik bilen nepis birleşdirmegi ussatlarça başardy. Bu
köplere başartmaýar. Nury bolsa şeýdip öz sazlaryny
klassik derejä ýetirdi hem-de muny özi duýmakdan
çäksiz bagtlydy. Nury öz beýikligini özi bilýärdi”.
Türkmen aýdym-sazyny professional derejede çuňňur
bilýän saz öwreniji we dutarçy Öwezmyrat Gandym:
“Nury Halmämmediň sazlarynyň jadylaýjy güýji
nämedekä? Türkmende ýaňy ýola düşen sazanda göwni
ýetilende: “Hä, öz-ä çagalykda dutaryň sapyndan dişläne
meňzeýär” diýilýär. Nury hem şolardan. Nurynyň
döreden eserleriniň süňňünde diňleýjiniň gulagy ganan
dutaryň täsin öwrümleri, onuň nepis nagmalary ýatyr. Ol
nagmalaryň ösen saz medeniýetiniň Nura mahsus tärleri
bilen baýlaşdyrylmagynda jadyly sungat gözelligi bardyr.
Türkmeniň sadaja senedinden ylhamlanyp, Nurynyň täze
bir saz gudratyny döredendigine göz ýetirmek bolýar.
Aslynda, Nury Halmämmedow kinoda sazy hemaýatçy
wezipesinden baş gahryman derejesine ýokary göteren
beýik ussatdyr.
N. Halmämmedow sazy arkaly öz adynyň dünýä saz
medeniýetiniň ägirt uly wekilleriniň hatarynda
goýulmagyny gazandy.”
Nury Halmämmet hakda döwürdeşleriň ýatlamalaryny
toplan saz öwreniji Jemile Gurbanowa:
“Kompozitor Nury Halmämmedowyň milli we Ýewropa
däp-dessurlaryna esaslanan eserleri XX asyryň sazynyň
klassiki nusgalary bolup galdy.
N. Halmämmedowyň döreden eserleriniň sany we
žanrlarynyň dürli-dürliligi haýran galdyrýar. Onuň saz
sungatynyň ýüzlenmedik ýekeje ulgamy-da ýok –
simfoniki orkestr üçin eserler, balet, kamera-instrumental
we wokal-simfoniki eserler, dürli saz gurallary üçin
pýesalar, kinofilmler üçin sazlar we beýlekiler.
Kompozitoryň döredijilik meýilnamasynda fortepiano
konsertini, “Ýyl pasyllary” atly kantatany, “Görogly”,
“Nejepoglan” operalaryny, “Ýusup-Zylyha” baletini
döretmek pikirleri bardy...
Nury Halmämmedowyň baý döredijilik mirasynyň
agramly bölegi hökmünde fortepiano eserleri türkmen saz
medeniýetiniň hazynasynda örän uly orun eýeleýär.
Fortepiano – kompozitoryň söýgüli saz guralydyr. Şeýle
hem Nury Halmämmedow öz döreden eserleriniň
köpüsiniň ilkinji ýerine ýetirijisidir. Pianinony çalmagyň
dürli-dürli usullarynyň, saz guralynyň owadan owazynyň
tembr baglanşyklarynyň, dinamiki täsirleriniň
ulanylmagy, adaty bolmadyk ýiti häsiýetli usullaryň
gözlegi fortepianonyň özboluşlylygyny
N.Halmämmedowyň örän gowy bilýändigine şaýatlyk
edýär.
Türkmen professional sazynda Halmämmedowyň
fortepiano üçin iň bir meşhur pýesalarynyň biri –
“Dutaryň owazydyr”. Bu saz türkmen saz medeniýetiniň
taryhyna iň ýokary kämillikdäki eser hökmünde girdi.
Onda dutardaky ses alyş tärler, dürli elementler
fortepiano sazyna mahsus bolan ýerine ýetirijilik usullary
arkaly özboluşlylyk bilen beýan edildi.
N. Halmämmedowyň “Dutaryň owazy” eseri 1962-nji
ýylda A.I.Haçaturýanyň baş eminliginde geçen
Bütinsoýuz bäsleşiginde hormatly diploma mynasyp
bolýar. Ol fortepianonyň çeperçilik we “kakylyp
çalynýan” mümkinçiliklerinden giň peýdalanýar.
Türkmen fortepiano sazy üçin täze bolan bu şekillendiriş
serişdeleri eseriň milli häsiýetini dürli öwüşginlerde açyp
görkezýär. Kompozitoryň döredijilik aýratynlygynyň
özeni, “hamyrmaýasy” bolan dutaryň täsin nagyş ýaly
owazyny janlandyrýan “Nurynyň meşhur trelleri”
dökülişip ugraýar. Yzly-yzyna sahylyk bilen seçelenşip
barýan şol trelleri diňläniňde, özi dutarçy bolmasa-da,
awtoryň dutar sungatynyň ähli inçeliklerine şeýle
derejede içgin aralaşyp bilşine haýran galýarsyň. Munuň
şeýledigine kompozitoryň belli “Dutaryň owazy” sazyny
eşideniňde-de, “Şükür bagşy” kinofilminiň tolgundyryjy
sazyny diňläniňde-de ymykly göz ýetirýärsiň. “Nurynyň
dutary” elmydama göçgünli ýaňlanýar. Dutar owazynyň
aýratynlyklaryny ýüze çykaryp, kompozitor simfoniki
orkestri tutuşlygyna bitewi saz gurallary hökmünde
düşündirýär. Başga bir kompozitor simfoniki orkestrde
dutar owazyny döretmegi, belki, skripkalaryň ygtyýaryna
bererdi. Sebäbi göräýmäge, kirişli saz gurallary şol
owazy döretmäge beýleki saz gurallaryndan has ukyply
ýaly bolup duýulýar. Emma kompozitor N.
Halmämmedow, dutaryň partiýasyny üflenip çalynýan
saz guraly bolan alt fleýtasynyň üsti bilen berip, türkmen
dutarymyzyň geň galaýmaly hakyky obrazyny döredýär.
Bu bolsa kompozitoryň orkestrowka meýdanynda-da
özüni ussat pälwan hökmünde tanadandygyny aýdýar.
Ömrüniň ahyrky ýyllarynda N. Halmämmedow
“Aýgytly ädim” baletini ýazyp tamamlady. Soňra ony
simfonik orkestr üçin täzeden işledi. “Hirosimanyň we
Nagasakiniň çagalarynyň diňläp ýetişmedik aýdymlary”
diýen wokal toplumy N. Halmämmedowyň
döredijiliginiň täze tapgyrynyň başlangyjy bolup durýar.
Kompozitoryň durmuşdan ir gitmegi täze pikirleri we
maksatlary amala aşyrmaga mümkinçilik bermedi, ýöne
welin, iň gowy milli däp-dessurlarda berlen N.
Halmämmedowyň Döredijilik mirasy sazandalaryň we
saz söýüjileriň köp sanly nesillerini tolgundyrmagyny
dowam etdirýär. Romantiki dünýägaraýşyň içinde
folkloryň özboluşly peýdalanylmagynda öz beýanyny
tapan çeper diliň tapylgysyzlygy onuň sazyna hakyky
“halk” owazyny berýär.
Nury Halmämmedowyň döredijiligi – diňe bir, nota
geçirilen, onuň baý mirasy däldir. Bu şeýle hem, sungata,
saza wepalylygyň, wagtyň ussada näderejede täze we
täze güýç berendiginiň mysalydyr. Onuň sazy – bizi ata
Watanyň medeniýetiniň beýik däp-dessurlary bilen
üznüksiz baglanyşdyrýan zynjyryň iň bir wajyp
halkasydyr. Onuň döredijilik mirasy bakylyga ymtylýan
üýtgeşik baý ruhy çeşmedir. Ol halk aýdym-sazlaryna
çuňňur hormaty, halk bagşy-sazandalarynyň sungatyna
bendiligi, uly nesliň ussatlarynyň derejesine hormatsarpany özünde jemleýän giden bir dünýädir.
N.Halmämmedowyň döredijiligi, türkmen halkynyň ruhy
hazynasynyň bir bölegi bolmak bilen, munuň özi geçmişi,
häzirki döwri we geljegi özara baglaýan uly ruhy
güýçdür”.
Kino öwreniji Gapbar Hümmedow:
“Aslynda kino üçin saz ýazmak aňsat däl. Bu sungatda
ähli zat matematiki hasap boýunça ölçenip edilýär. Mysal
üçin, režissýor filmiň haýsam bolsa bir sahnasyny sepläp
gutarandan soň, ony kompozitora görkezip, saz ýazyp
bermegi haýyş edýär. Şol sahna, mysal üçin, 15 sekunt
ýa-da 1 minut 50 sekunt bolmagy mümkin. Kompozitor,
şol sahnada bolup geçýän waka laýyklykda, başy, ortasy,
soňy bolan gutarnykly saz ýazmaly. Bir sekunt kem
bolmaly däl, bir sekunt artygam.
Kompozitor Nury Halmämmedowyň milli kino
sungatynda bitiren işleri aýratyn belläp geçmäge
mynasypdyr. “Şükür bagşy”, “Aýgytly ädim”, “Keç
pelek”, “Mukamyň syry”, “Gorkak batyr” ýaly filmler
barada gürrüň açylanda, dessine N. Halmämmedowyň
sazy ýada düşýär. Söýgüli türkmen kompozitor özüniň
gysga emma manyly ömründe kino sungatynyň çeper,
dokumental, multiplikasiýa filmleriniň ýigrimiden
gowragyna saz ýazýar.
Kino üçin ilkinji sazyny N. Halmämmedow 1963-nji
ýylda ýazýar. Onuň kino sungatynda döredijilik ýoly
Bulat Mansurowyň “Şükür bagşy” atly çeper filminden
başlanýar. Bu eserde, elbetde, kino režissýoryň,
operatoryň ussatlygy görünýär. Emma filme saz ýazan
kompozitoryň tagallasy has uludyr. “Şükür bagşy” filmini
sazsyz göz öňüne getirmek mümkin däl.
Saz bile köp işleşen režissýorlaryň biri Alty
Garlyýewdir. 1965-nji ýylda ol N. Halmämmedowy
“Aýgytly ädim” filmi döretmekde kompozitor hökmünde
gatnaşmaga çagyrýar. Atlaryny çapdyryp söweşe barýan
türkmen ýigitlerini suratlandyrmak üçin kompozitor
simfoniki orkestre agaç gutujyk (bloc de bois) atly saz
guraly goşýar. Bu kompozitorçylyk usul şekil bilen sazyň
jebisleşmegine getirýär.
Kinorežissýor Osman Saparowyň “Gorkak batyr” (1982)
filminde N.Halmämmedow saz seslerinden başga-da
tebigatyň seslerinden we şakyrdylardan giň peýdalanýar.
Mysal üçin, ol simfoniki orkestrdäki saz gurallarynyň üsti
bilen “çölüň aýdymyny”, ümsümligini, ýapraklaryň
ygşyldysyny, ýeliň şuwwuldysyny, itleriň üýrmesini
hem-de goýunlaryň mälemesini ussatlyk bilen
suratlandyrdy. Bu sesler saz bilen utgaşdyrylyp filmiň
döredýän emosional duýgularyny güýçlendirýär.”
Kompozitor Suhan Tüýliýew:
“Nury Halmämmedow ─ gysga ömründe baý saz
mirasyny galdyryp, türkmen saz sungatyny dünýä
derejesine çykarmakda uly iş bitiren ýokary derejeli
professional kompozitordyr. Halmämmedowyň sazlary,
ony diňlän ýer togalagynyň dürli künjegindäki saz
muşdaklarynyň kalbyny ajaýyplygy bilen özüne maýyl
edýär we üýtgeşik adamsöýüjilik mähri bilen çoýmagyny
dowam edýär.
Ol dürli žanrlarda işlän kompozitor. Onuň galamyndan
balet, simfonik, wokal-simfonik, kamera-instrumental,
kamera-wokal eserleriniň, kinosazlarynyň ençemesi
çykdy. Olary baglanyşdyrýan esasy zat – kämillik we öz
halkynyň içgi dünýäsini, filosofiýasyny we
psihologiýasyny açyp görkezýän millilik.
Kompozitoryň sazlarynda ulanylýan saz serişdeleri
hakynda aýdylanda, ilki bilen onuň düzen toslanmadyk,
çuň millilige ýugrulan heňlerini we heň öwrümlerini
bilmek gerek. Dünýä saz taryhyndan mälim bolşy ýaly,
owadan we ýatda galyjy, täsirli heňler esasynda düzülen
sazlar elmydama öz awtorlaryna şöhrat getiripdir.
N.Halmämmedow romantik häsiýetdäki we
mazmundaky eserleri döredipdir. Ol polifoniýanyň
tilsimlerini, esasan bolsa, sazy akordlar bilen
garmoniýalaşdyrmak usullaryny ulanýar. Onuň akordlary
aýratynlykda, biri-biri bilen sepleşende ýa-da birnäçe
akordlar birleşdirilende peýda bolan sazlaşyklar
elmydama islegliligi bilen tapawutlanýar.
Türkmen dutarynyň saz keşbi onuň döredijiliginiň
içinden eriş-argaç bolup geçýär. Ol ýaşuly
kompozitorymyz Daňatar Öwezowyň “Dutaryň owazy”
kantatasynda tapan dutar fakturasyny öz fortepiano we
simfoniki sazlarynda şahyranalyk bilen ösdürmegi
başardy. Aýdylanlara kompozitoryň fortepiano üçin
“Dutaryň owazyny”, simfonik sazlaryndan
“Türkmenistan” simfonik şekillerini, 1-nji
simfoniýasyny, “Şükür bagşy” kinofilmiň sazyny we
başgalary mysal alsa bolar.
N. Halmämmedow söýgüli saz guraly bolan fortepiano
bilen deň hatarda wokal žanrynda halkyň söýgüsine
mynasyp bolan dürli göwrümdäki aýdymdyr romanslary
we wokal toplumlaryny döretdi. Aýratyn hem oňa
simfonik orkestr üçin döreden eserleri mizemez şöhrat
getirdi (Onuň kinofilmlere ýazan sazlaryny hem simfonik
orkestr ýerine ýetirýär).
Simfonik orkestr şu güne çenli adam aňynyň döreden iň
kämil, öwüşginlere iň baý saz gural toplumy
bolmaklygyna galýar. Ony öz halkynyň dilinde
gepletmek bolsa milli kompozitoryň döredýän eserlerine
bagly bolýar. N. Halmämmedow simfonik partituralaryny
adaty orkestr üçin ýazan hem bolsa, orkestriň heniz äşgär
edilmedik milli saz guralymyzyň ruhuny orkestriň
serişdeleri arkaly ussatlarça beýan etdi. Kompozitoryň
orkestrde arfa saz guralyny ussatlyk bilen ulanyşy
aýratyn hormata mynasyp. Onuň arfada alýan akkordlary
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Beýik köňle syýahat - 10
  • Parts
  • Beýik köňle syýahat - 1
    Total number of words is 3607
    Total number of unique words is 2199
    30.4 of words are in the 2000 most common words
    43.8 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Beýik köňle syýahat - 2
    Total number of words is 3716
    Total number of unique words is 2141
    29.1 of words are in the 2000 most common words
    42.4 of words are in the 5000 most common words
    50.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Beýik köňle syýahat - 3
    Total number of words is 3768
    Total number of unique words is 2044
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    53.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Beýik köňle syýahat - 4
    Total number of words is 3784
    Total number of unique words is 1947
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.9 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Beýik köňle syýahat - 5
    Total number of words is 3793
    Total number of unique words is 2042
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.8 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Beýik köňle syýahat - 6
    Total number of words is 3620
    Total number of unique words is 2041
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    46.3 of words are in the 5000 most common words
    52.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Beýik köňle syýahat - 7
    Total number of words is 3708
    Total number of unique words is 2045
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    44.6 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Beýik köňle syýahat - 8
    Total number of words is 3593
    Total number of unique words is 2096
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    43.9 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Beýik köňle syýahat - 9
    Total number of words is 3518
    Total number of unique words is 2036
    29.3 of words are in the 2000 most common words
    41.3 of words are in the 5000 most common words
    48.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Beýik köňle syýahat - 10
    Total number of words is 2887
    Total number of unique words is 1819
    28.5 of words are in the 2000 most common words
    40.3 of words are in the 5000 most common words
    46.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.