Latin

Uruş döwrüniň oglany - 6

Total number of words is 3862
Total number of unique words is 2213
28.9 of words are in the 2000 most common words
42.6 of words are in the 5000 most common words
48.9 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
«Tüweleme, Mamur ejäň agtygy maňlaýyndan diräpdir» diýýärler. «Kössek adam
bolupdyr» diýýärler. Bularyň her birini eşidemde, begejimden diriň-diriň
bökesim gelýär. Enemiň begenäýşini-hä aýdar ýalam däl. Ol otursa-tursa, Belli
ussa bilen Mürtä alkyş aýdýar. «Oglum, sen hemme kişini sylagyn, gowy görgün.
Ýöne aýratyn hem şu ikisiniň gadyryny bilgin. Seni adam eden şulardyr» diýip,
maňa sargaýar.
Dogrusyny aýtsam, Belli ussanyň-a näme edenini bilemok. Bäş-on gün ýylgynpür
ýygdyrdy. Oňa-da çaý, süýji, pagta ýag aldyk. Onuň üçin adymyza zähmet güni
ýazylmady. Mürti köp alada etdi. «Fronta gidip gelenimizden» soň, meni öz
ýanyndan aýyrmady. Işe başladan şo boldy.
Obadan uzakda ýer sürüp, bugdaý ekýän ekenler. Menem alyp gitdi. Atlary
goşdudany ýanyndaky Hally çuwala garap: «Sen birsellem otur» diýdi. Hally
çuwal gyzdy. Heniz gaýynlaryna gitmänkä, adamsy fronta gidensoň, şu ýerde
gezip ýördi. Şoň üçin oňa Hally çuwal diýýärler. «Men Kössegi synap göreýin.
Ýabyň başyny alyp bilmezmikä...»
Ýanyndakylar: «Ýumruk ýaly oglan ýabyň başyny alyp bilmez, Depermi-gaparmy,
onyň bolmaz, Mürti» diýişdiler. Hallam ilki göwnemedi. Ýöne meniň özüm
höwesekdim.
Mürti öz diýenini etdi.
— Hany, ýabylaň arasyna gir. Hersiniň jylawyny bir eline al-da, idip ugra!..
Gulagyny gyrpyp duran ýabylaryň arasyna baryp, jylawyna ýapyşaýmak hem
ýeňildir öýtmäň. Gorka-gorka bardym. Ýuwaşjadan idip ugradym. Mürti hem
yzymda agaç kündäni tutýar. Azajyk ýöräp, iki ýabyň arasyndan yzyma seredýärin.
Künde öl ýere sümüp, sürüp gelýär.
— Berekella! Sagraga, çepräge! — diýip, Mürti gygyrýar. — Dogry, şeýt-de öňki
keşiň gyrasy bilen ýöräber!..
Iş oňadam barýardy. Ýabylar agyzzyrykdan gyllyk akdyryp, elimi öl-suw edýär.
Men onda-da idip barýaryn. Mürti her gezek gamçy çalanda, ýabylar öňe
okdurylyp, golumy sograýjak bolýar. Men muňa-da çydaýan. Ýöne içigary galmyş
bir gezek yzyma öwrülmeli bolamda, çep elimdäki ýaby aýagymy basaýdy. Bir
«waý» diýip jylawy silkenimi bilýän. Gözüm garaňkyrady. Ýaby janawer
toýnagyny derrew aýyrdam welin näme...
— Men aýtmadymmy saňa? — diýip, çiliň üstünde seredip oturan Hally çuwal
ylgady. Mürti göterip, ýabylaň arasyndan aýyrdy.
— Hiç zat bolmaz, goý...
Men şunça çydajak bolýan. Agyrysy janymy alyp gelýär. Gözümden boýur-boýur
ýaş syrygýar.
— Wah, neressäň köwşüniňem ugry ýok eken, ýogsam beýle etmese-de etmezdi —
diýip, Hally aýagymy owkalap jibrinýär. Meniň bagtyma aýagym döwülmändir.
Ýöne agyr toýnak daraklygyma gan öýdüripdir...
— Bu-ça bolsa ýagşy-la — diýip, hamyda saralan köne esgilerden alyp, aýagyma
oradylar. — Bar, tüňçeleri gaýnat-da, dynjyňy al, günortana çenli agyrysy aýrylar.
Agyrysy agşama-da aýrylmady. Gaýtam, barha beterleýär. Meniň şonda-da
işläsim gelýär. Telim gezek keýtikläp baryp, men ideýin diýdim. Bermediler. Bu
gün bermänleri jähennem-le. Ertir Mürti işe alyp gaýtmaz öýdüp gorkýan.
Agşam öýe gaýdyp gelýärkäk:
— Aýagym gutuldy. Bir agyrysam ýok — diýip, ýalan sözledim.
Mürti:
— Gutulsa gowy-da. Ertir irräjik tur. Ýene gaýdarys — diýdi. Meniň bar eşitjek
bolýanym şudy ahyryn.
— Bor, ir turaryn. Ýabyň aýagymy basanyny eneme-de aýtjak däl.
— Özüň bil...
Uzyn gije agyrysyndan ýatyp bilmedim. Inim gyzdy. Şonda-da eneme
bildirmedim. Mürtiň syrtyna münüp, ertir ýene gaýtdym. Ýarama ony-muny
çalyp, o günem işletmediler. Oduň başyndan galman oturdym. Diňe sçünji gün,
ýene jylawy berdiler. Ýöne indi öňki ýaly däldi. Mürti uzyn gije oturyp, öz köne
çokaýyny oltarypdyr, ýamapdyr. Bag dakypdyr. Köne-küşül esgi, dolak... tapan
zadynam horjuna dykyp gelipdir. Uly adamyň çokaýy aýagyma laýyk bolýança,
dolak dolady-dolady-da, çokaýy geýdirip, baglaryny injigime pugta sarady.
Aýagymyň agyrysy aýrylan ýaly boldy. Adamlaryň näme üçin çokaý geýýäni indi
belli boldy. Ol ýeňil, ykjam, şüdügärden ýöre, tikeniň üstünden ýöre,
bildirenogam. Meniň öňki köwşüm köwşem däldi-de, Belli ussa, ýylgynpüre
gidýärkäk, aýakýalaňaç gitme diýip, biriniň zyňan hokga köwşüni ýamap
geýdiripdi. Oňam apgyrdyna basdym. Içine gum girip ýatyr. Ýabylar ýöräp
barýarka, çakganlyk bilen aýagyňdan aýryp, gumuny kakmalydy. Çokaý hezil...
O gün tä agşama çenli Halla jylawdan tutdurmadym. Uzyn gün özüm sürdüm.
Mürti käýarym: «Ýadadyňmy?» diýýär. Men «ýok» diýýän. Dogrudanam
ýadamokdym. Gaýdar uçurlarda Mürti süren ýerimize göz aýlady-da:
— Hemişekilerimizden azam däl öýdýän — diýdi. Hally begençli:
— Gaýtam, köp sürdüňiz, Mürti — diýip, ýylgyrdy. — Bular, her zeýilli, erkek
oglan-da. Özem ýeňil, ýadamany-ýaltanmany bilenok...
Ertesi Hally görünmedi. Mürti ikimiz sürüberdik. Gün-günden köp sürdük.
Beýleki goş sürýänler bize haýran galýar. Men ýabylaň öňünde ylgap diýen ýaly
gezýän. Mürtem ýabylary gamçylap, käte bir «haý, janawarlar» diýip gygyrýar-da,
agaç azalyň yzynda ätmer-sätmer edip ýör.
— Mürti gul-ha ahyry ýoldaşyny tapypdyr. Olar bu işleýişleri bilen uzaga
gitmezler. Ýa özleri ýykylyp galar, ýa ýabylaň janyny alarlar — diýip, özümize
eşitdirip aýdýanlaram bar. Iller köp gazansa, günde bir ýarym zähmet güni
gazanýar. Biziňki welin ikiden aşak düşenok. Käte iki ýarymam bolaýýar. Şeýdip
on-on bäş gün işledim. Kolhoz her zähmet güne bir gadakdan bugdaý berýär.
Enem her bäş günden men adyma iki ýarym kilo, üç kilo bugdaý äkelip dur.
Günortan işiň başynda berilýän ýarmadan başga, bu bugdaý bize iýmäge ýetýär.
Enem otly somsa bişirsin, tamdyr çöregini bişirsin, ilki meniň öňümde goýýar.
— Al, oguljygym, iý. Azap edip, gazananja zadyňdyr.
Men indi ýeke bir enem ikimiz oňar ýaly gazanç edýänim üçin begenemok. Men
öz zähmetim bilen fronta-da kömek berýändigime gaty begenýärdim. Biziň eken
bugdaýymyzdan erte ullakan-ullakan harmanlar dörär. Olary hem çarh bilen
döweris-de, sary erik ýaly bugdaýdan gyzyl kerwenler gurap, yzly-yzyna fronta
ýollarys. Ýylda-da şeýdýärler ahyryn. «Özümiz galak-gaçagy bilenem oňarys,
tizräk duşmany ýeňmeli» diýýärler. Biziň kolhozymyzyň ýyldaky iberýän
pagtasynyň-da, duşmany ýeňmage ägirt uly kömekdigini Agajan aga dagy hälişindi gaýtalaýardylar.
Meniň kolhozda işläp başlamagym, beýleki oglanlary-da işe gyzykdyrdy. Heniz
okuwyny gutarmadyklar boş wagtlary kömekleşseler, ýedinjini gutaranlar eýýäm
beýleki kolhozçylar bilen deň işe gidýärdiler. Mişa-da meniň yz ýanymdan işe
başlady. Indi ýaby idýän kileň oglanlar boldy.
Ýazlyk däne ekişi gutaryp barýar. Hä diýmän, gowaça ekişine başlamaly. Öküz
sürýän ýetginjekleriň ählisini diýen ýaly, bir gün harby komissarlyk çagyrdy. On
sekiz ýaşapdyrlar. Şo gunem goşunçylyga aldylar. Daýaw-daýaw ýedi-sekiz jüp
ökuz boş gezip ýer. Sürere adam ýok. Kolhozyň işiniň ýarpysyny edýänem şol
öküzlerdi. Bäşdir-üçdür daýawrak gelin getirip, sürdürjek boldular. Bolanok.
Gelinleriň oňarmaýan işi ýokdur welin, öküz olara boýun egenok.
Nämesindendigini bilemok. Ýa aýal sesidignni bilýä şolar. Kündäni süýreýär-de,
islän ugruna gidiberýär. Başlyk, mirap, tohum sepýän ýaşulular öwretjek balup,
görgi ýamanyny gördüler, bolanok. Ahyryn Agajaň aga Mürtiň ýanyna geldi-de:
— Kössegi öküze geçiräýsek, oňarman duruberermikä? — diýdi.
Mürti gümansyratmady.
— Bularyň oňarmajak zady bolmaz, Agajan aga. Bular uruş döwrüniň oglanydyr...
Men ýabylaryň hamydyny aýryp, beýleräkde daňyp gelýänçäm, Mürti eýýäm iki
sany daýaw öküziň boýnuna boýuntyryk atypdyr. Özi birki gezek baryp geldi.
Menem yzyna düşüp ýörün. Göräýmäge kynam däl ýaly. Emma «hany, kündäni
tut» diýdi welin, boýum bilen boýdaş künde bir eýlek agýar, bir beýläk. Kündän
sapyna zordan elim ýetýär. Şo barmana-da, elimden sypdyrdym. Ýalaw ýaly
bolup giden çoýun ýerden çykdy-da, sagdaky öküziň söbüginden düşdi. Janawar
syňragyny kakyberdi. Ätlän ýerini gan edip barýar. Muňa mendenem beter
Mürtiň nebsi-jany agyrdy. Onda-da «zyýany ýok» diýen bolýar.
Öküziň aýagynyň gany diňer ýerde diňmedi. Mürti syňragyny galdyryp gördi.
Künde düşen ýer balygyň agzy ýaly, açylyp dur. Iki hepdeläp dagy gutulmady.
Kynam bolsa, aglasagam, her zat etsegem, gowaça ekişine çenli öküz sürmäni
öwrenmelidik. Başga sürjek ýokdy. Köpimiziň agaç kündä boýumyz ýetmedi. Plug
bilen sürmeli bolduk. Mişa zaluwat welin hasam ökdeledi. Heniz ýer sürmegiň
nämedigini bilmeýän täze oglanlary hem getirdiler. Hemmämizem deň-duş.
Aramyzda diňe üç sany tohum sepýän ýaşuly bar.
Başyňa düşse, nähili kyn hem bolsa, oňarjak ekeniň. Biziň hemmämizem kemkemden ökdeledik.
19-njy bap: ÖKÜZLER, ÖKÜZLER, JANAWAR ÖKÜZLER
— Eý, öküzler, öküzler, janawar ökuzler! Uruş haýwana, ynsana jebir etdi. Size
hasam agyr jebir edilýär — diýip, adamlar boýuntyryk zerarly gerşiniň ýagry
çykyp duran ökuzleriň boýunlaryny sypaýarlar. — Şu mahal sizin guýrugyňyzy
dürüşdä bulap, myşlaşyp ýatmaly wagtynyz. Size derek maşynlar işlemeli —
diýýärler.
Bu dogry. Kolhozda işiň deň ýarpysyny edýän öküzler. Tomusda, gyşda o
janawarlara dynuw-daýanuw ýok.
Bar işi gutarýarlar, täzesine başlaýarlar. Gündiz yzyna azal tirkäp, gije furgon
çekmeli mahallary hem seýrek bolanok. Beýleki mallaram işleýä. Ýabylar, düýeler,
eşeklerem işleýär. Ýöne olar wagtal-wagtal boş durýar. Öküze şol dynçlyk
berilmändir. Traktoryň etmeli işem, maşynyň etmeli işem öküziň boýnuna.
Azarsyz ekin — bugdaý diýjeksiň. Şonuň hem ýerini sürüp, ekýän öküz. Çarh
bilen döwek döwýän hem öküz. Gowaçanyňa-ha tohum çigidini daşamakdan
başlap, tä, pagtasyny baza tabşyrýança ýanynda. Öküzler jepa üçin dörän
janawarlar. Ýöne adam bolmasa, öküz diýeniňem bir maldyr-da. Yzyna adam
düşende, öküzler gerekli. Ýaşuly başlyk bilýä-le. Ol öküzçilere «tankçylar» diýýär.
Dogrudanam, uruş mahaly kolhoz işi hem front ýaly. Öküzler — tank. Biz —
tankçy. Biziň gadyrymyz bilinýär. Ony ýene bir zatdan hem görmek bolýar.
Günortan işgärlere ýarma berilýär. Aglaba guýup berýänem başlygyň özi. Ol eli
susakly guýup berip otyr. Bize gezek gelýär welnn, okaramyza paýymyzdan
artykmaçam ep-eslije ýarma guýýar. «Köpräk iýiň, melehanlar, köp iýseniz, köp
işlärsiňiz».
Mişa ikimiz iki ýylyň içinde öküz sürmegiň ussady bolduk. Nirä diýseler — ýelk.
Tomus gowaça külte basylýan mahallary Mişa ýene bir täzelik etdi. Ol bir ýerdek
köne rende tapyp, onuň demrini igelap-igeläp ýiteldipdir. Soň ony öz sürýän
kultiwatorynyň yzyna berkidipdir. Gowaçany ot basyp barýar. Otagçylar otap
bolup gidýär. Ertir ýene topalaklar edil otalmadyk ýaly. Kultiwator bolsa diňe
ýumşadyp berýär. Otlary daraklap gidýär. Mişaň ýaňky oturdan demriniň haýry
şu ýerde görünýär. Ol ýeriň aşagyna çümüp, ähli otun köküni gyryp barýar. Gowy
zat tapsaň, il bilýär. Ikimiziň hem meňzeş kültämiz bar welin, otagçylar: «Mişa
gelsin-de, Mişa gelsin». Onuň üsti uly dawa. Soň brigadir bu täzeligi başlyga
aýdypdyr. Başlygam gelip gördi. Ýabysyny bir oglana berdi-de: «Bar, Belli ussany
alyp gel» diýdi.
Belli ussa gelensoň, başlyk bilen ilki meniň kultiwatorymy synladylar, soň
Mişanyňkyny. Köre hasa. Onuň kültesi otaga ýarpy. Ylaýta-da, şu ýylky ýaly, otluk
ýyl gerek.
— Şunça berk saraýanam welin, ýene sypaýýar — diýip, Mişa sim sargysyndan
zeýrenýär.
Soň bir hepdeläp başga iş etmän, Belli ussa kolhozdaky ähli kultiwatorlara ot
kesýän ýasap oturtdy. Mişaň tapan bu täzeligini — özleşdirdi, kämilleşdirdi. Belli
ussa ony rende ýaly däl-de, has ýasy demir bilen berdaşly edip özgertdi. Ol Mişa
ýaly sim sarap, saklatjak bolanok. Ýörite iki sany nurbat bilen berkidýär.
Bu usul şo ýylyň otagynda bütin raýona ýaýradyldy. «Muny on dört ýaşyndaky
kiçijik kolhozçy Mişa Antonow tapypdyr» diýip, raýkom uly ýygnaklarda hem
Mişan adyny agzapdyr. Şeýdip Mişa tanymal boldy. Kolhozda bolsa tanymallygy
Mişa öňräk çepek ýasap gazanypdy. Ine, olam şeýle boldy: tomsuň howasy
özüňize belli. Jokrap gün gyzyp başlaýar. Günortan üç-därt sagatlap başyňy
kölegeden çykaryp bolanok. Şonuň üçin uly adamlar günortan çaý-çörekden soň,
mazaly ukyny urýar. Biz näme ýatanymyzdan oýnanymyzy gowy görýäris. Suwa
düşýäris, höwürtge gözleýäris. It aýagyny iýen ýaly, günortanyň yssysyny kaňkap
geçirýäris. Bu günem şeýle boldy. Mişa ikimiz at ýatagynyň ýanynda höwürtge
gözläp ýördük. Bir jaýyň kerpiç örülen deşiginden owadan guş çykyp gitdi.
Göwnümize, şo jaýyň içi owadan guşdan dos-doly ýaly. Mişa eglip, iki dyzyna
ýapyşyp durdy. Men arkasyna mündüm-de, deşikden içerik boýnumy uzatdym.
Guş ýok. Ýöne o ýerde guşdan gerekliräk zat bar. Bu tam kolhozymyzyň ton
ýarymlyk maşynynyň garažy bolsa nätjek. Kolhozyň ýekeje maşyny bardy. Ony
hem uruş başlanan badyna bir ýere beripdirler.
Men gygyranymam duýmandyryn.
— Heý, Mişa duz jan kessin, kemanlyk sary rezin bar. Aýagymdan galdyr, gireýin.
— Ýok, sen düş-de çök. Men gireýin.
Men çökdüm. Mişa pişik ýaly bolup, ýagyrnyma basdy-da, derrew deşikden içine
sümüldi.
— Bä, aýdyşyňdanam beter ekeni, çek — diýip, uly sary kameranyň bir çetini
görkezdi. Men aýagymyň astyna kerpiç goýsam, elim ýetjegini bilsem-de,
çekmäge gorkup saňňyldadym.
— Heý, muny alsak käýärler. Mişa, bölejigini tapsana...
— Kim käýesin, bu bir ýyrtyk kamera ahyry. Çeksene-aýt!
Çekdim. Uly kamera ýüzüniň ugruna iki sany kerpiji hem goparyp gütläp düşdi...
Yz ýanyndan Mişa-da bökdi.
— Işiň bolmasyn, oljamyz oňandyr, ýör!..
Kamerany tutly salmaň içine eltdik-de, çakgy bilen gyýym-gyýym etdik. Herimize
ýüz kemanlyk dagy ýetendir. Agşam işden çykybam, tutdan toýnuk kesip, ilki
özümize gowuja keman ýasandyk. Saryja reziniň süýnüşi başga. Içine göjek dagy
salyp atýaň welin, tut ýaprak bolsun, üzüm ýaprak bolsun, pers-ala edýär
ötägidýär. Guşa degse-de pökgertjegi ikuçsuz. Biziň kemanymyzy gören oglanyň
gözi gitdi. Soň biz oglanlaň hersine bir kemanlyk rezin berdik. Ýöne oňa derek
oglanlaň her haýsy şykgydan ýüz göjek ýasap bermelidi. Olar razy. Sary rezin
aljagyny bilseler, müňinem ýasajaklar.
Bäş-on gün oýnadyk. Kemanlarymyzyň bagyny günde telim gezek üzdük. Ýöne
gynanyp oturmaly däl, täzesini dakaýmaly.
Ahyry rezinlerimiz gutardy. Hawa, her näçe köpem bolsa, gutaraýjak eken. Ynha,
indi bir rezinem ýok. Mişa ikimiz çolarak çaky ýene deşigiň agzyna bardyk. Ýöne
bu sapar Mişa sary kamera däl-de, uly pokryşka çykardy. Neneň güýji ýetdikä,
agyr-laý.
— Muny nätjek, tignrläp oýnajakmy?
— Ynha, nätjegimi görersiň. Tut aňyrsyndan!..
Ol garaždan mazaly aramyzy açanymyzdan soň:
— Mundan çepek ýasarys, halypa jan — diýdi.
Meniň näçe bilesim gelse-de, Mişanyň tigirden neneňsi çepek ýasap biljegine
aklym ýetmedi. «Bu tegelek, gaty rezinden nähili çepek ýasajakka, akmak...»
diýip içimi gepletdim.
Tigri kesjek bolup, bütin günortan görgi baryny gördük. Pokryşkany kesmek,
ýukalyk kamerany kesen ýaly däl. Pyçak getirdik, gaýçy getirdik, bolanok. Palta
bilen çapjak bolduk, galyň rezin böküp dur.
— Ýok, mundan hiç zadam ýasap bolmaz. Ýör, gowusy, yzyna eltip goýaly!..
— Yzyna eltip goýaýmarys. Bu gün kesip bilmesek, ertir keseris. Garaz, kesjeg-ä
bolarys.
Mişaň ýoknasyz bir hötjetligem bar. Oňa iller-ä erjel diýýär. Bir zady başlasa,
bolanok diýip taşlaýanok.
Agşam boş noburyň içinde ot ýakdyk-da, tigri üstünde goýduk. Ilki bir ýanmajak
ýaly etdi-de, soň labyrdap, ähli ýeri ýanyp barýar. Ýarpydan gowuragy galanda,
ind-ä orak bilenem keseris diýip, otdan çykardyk. Ýanýan ýerlerine gum sepip
söndürdik.
Pokryşkaň daşy büdür-südürem bolsa, içi ýylmanak ekeni. Mişa her gyrasyna bir
aýagyny basdy-da: «Ortasyna aýagyňy goý» diýdi. Goýdum. Ol orak bilen
aýagymyň töweregini çyzdy. Soň çep aýagymy şeýtdi. Onsoň, men basyp durdum.
Ol öz aýaklaryny ölçedi. Men soň düşündim. Ol asyl çepek biçýär ekeni. Bir
gapdaly ýanyp kertilensoň, ony kesmek kynam däl. Çyzan ýerinden oragy
ýöredýär welin kesip barýar. Galan rezinleri öýlerine äkidip, ejesine, jigisine-de
çepek ýasady. Ýary ýananda-da bir tigirden dünýäň çepegi çykdy. Deşip, bag
oturtdyk. Birkemsiz aýakgap. Tomus aýyna asyl başga aýakgap gerek däl. Dogry,
ýekeje kemi bar. Gyzgyn ýerde köp ýöräp bolanok. Aýagyňy bişirip barýar. Oňam
emi bar. Ylgap baryp, aýagysy suwa sokaýmaly. Ýene bir kemi, bag çydanok.
Derrew uzýär. Soň onuňam ugruny tapdyk. Çepegiň gulaklaryny simden edäýmeli.
Gelşiksizräk bolýar welin, bolanda näme. «Görkünden berki» diýipdirler.
Biziň rezin çepeklerimiziň hyrydary rezin kemanlaryň çeni bolmady. Kemany
oglanlar sorady. Muny uly adamlar soraýar. Gelinler, gyzlar soraýar. Aýakýalaňaja gezip bolanok. Aýakgabam ýok. Onsoň ol çepekleň gadyryny bilmäbilseň, bilme.
Sanlyja günde garažyň burçuny tutup duran pokryşkalaň ýerini garaltdyk. Biziň
şo ýerden alýanymyzy bilmesine-hä bilendirler. Rezin çykarýan zawodymyz-a ýok.
Mişaň olary Leningraddan getirmedigem belli. Ýöne hiç kim nireden alýaňyz
diýip soranok. Elbetde, gereksizdir-dä, ýa-da biziň çepeklerimiz has gereklidir...
20-nji bap: «GÜNÄMI ÖT, KAKA JAN!»
Bu gün-erte obamyzda toý bolar. Uruş gutarjak. Radio Berliniň eteklerindäki
söweşden gür berýär. Mişalar eýýäm gelen ýerlerine göçüp gidipdi. Onuň
Leningraddan iberen hatlary jübimde kertilişip barýar. Mana ýadygärlik galdyryp
giden gökje taýhary häli-şindi ol göwnaçyk dostumy ýadyma düşürýär. Nähili
gowy dostdy. «Leningrada gezmäge gel!» diýip çagyrýar. Uruş bir gutarsyn
bakaly. Nesip bolsa...
Kakamyň şol dereksizligi. Uruş gutaransoň «Kössek jan» diýip, bir ýerden
çykaýarmyka ýa-da enem ikimiz soňam ýoluna garap ýörmeli bolarmykak... Asla
Oguljemal harman şo ýigrenji habary nireden eşitdikä? Daňňy bilen Çary keliň şo
gidişi. Öýümiz bar diýip, bir gezek dagam köwlenenoklar. Hat ýazan bolýarlar.
Hatdan olaryň ýüzüni görüp bolanok ahyry. Ikisem ökde jaý ussasy bolupdyr
diýip, gürrüň edýärler. Beýle ökde bolsalar, gelip, jaý salyp görkezmeli ahyryn...
Obanyň ähli adamy mekdebiň işigine üýşmeli. Miting boljak diýýärler. Miting
näm-ä ýogsa-da? Aýak üstünden diňläp gaýtmaly gysgajyk ýygnak diýýärler. Işi
taşlap üýşer ýaly, o nähili gysgajyk ýygnakka? Enem-ä gitjek däl diýýär. Gitmese
gitmesin, garry adamdyr-da. Holha, Muhat aga bilen Mürti barýar. Belli ussa
bolsa agaç aýagyny dürküldedip, ertirden bäri şo ýerdedir. Menem galmaýyn... Bä,
üýtgeşik-üýtgeşik adamlaram bar ýaly-la. Birnemejik dyzap, önräge geçip
bolmazmyka?.. Agajan aga ýerinden turýar... Ýok, bu habar gynançly habar
bolmaly däl. Onuň ýüzi begençli.
— Kolhozçylar, şu gün woýenkomatymyz ýoldaş Kadyrow bize täsin bir habar
getiripdir...
Ana, dälmi, men aýtdym ahyryn. Kimdir biri:
— Näme, uruş gutarypmy? — diýip, seslendi. Kadyrow kemerini düzedip turdy:
— Ýok, ýoldaşlar, heniz uruş gutaranok. Ýöne bu gün-erte gutarar, garaşyberiň.
Duşmanyň hininiň agzyna baryldy — diýip, harby komissar pert-pert edip, gürläp
ugrady.
— Men size öz obadaşyňyz, kolhozyňyzyň ozalky brigadiri Kelew Jumanyýazowyň
Sowet Soýuzynyň Gahrymany diýen ady alandygyny buşlamakçy, şeýle hem...
Men tasdan el çarpypdym. Mürtä, Şeker mugallyma seretdim. Olar harby
komissaryň ýene bir zat aýtmaga çemelenýänini bilip, aňkaryşyp durlar...
— Hawa, ýoldaşlar, obadaşynyz gahryman bolupdyr hem gurban bolupdyr...
Hiç kimden ses çykmady. Märekäniň ne begenýäni bildirdi, ne-de gynanýany.
Kadyrow ýene-de dowam etdi.
— Häzir diýmäýin welin, uruş gutaransoň, obanyň ortasyndan oňa daşdan
ýadygärlik dikmek gerek.
— Kim aýt ol Kelew diýilýän, daşdan ýadygärlik dikelder ýaly? — diýip,
adamlaryň arasyndan biriniň sesi çykdy.
— Aýdyber, aýdyber, inim, eşidýäs — diýip, Muhat aga myhmanyň göwni üçin
seslendi. Kadyrow has-da aljyrady.
— Bu nähili boldugy ýa düşünmediňizmi?
— Düşünýändirler, ýoldaş Kadyrow, düşünýändirler — diýip, Agajan aga onuň
gapdalynda dikeldi. — Başga aýtjak zadyň barmy?
— Ýok, men-ä aýtjagymy aýtdym.
— Aýdan bolsaň, bu ýerde başga gep bar, ýoldaş Kadyrow.
— Nähili gep bolup biler? Düşünmedik bolsalar, has anyk aýdaýyn. Hawa,
ýoldaşlar, siziň obadaşyňyz Berliniň eteginde bolan söweşde taýsyz gahrymanlyk
görkezipdir. Ýeke özi galsa-da bir möhum ýeri bermän saklapdyr. Duşmanyň iki
sany äpet tankyny, elli üç soldatyny ýeke özi ýok edipdir. Düşündiňizmi? Bir
adam 53 duşmany. Soň özem wepat bolupdyr. Onda-da duşmanyň okundan dälde, öz okundan... wepat bolupdyr. Öleninden soň, oňa SSSR Ýokary Sowetiniň
Prezidiumynyň Ukazy bilen Sowet Soýuzynyň Gahrymany diýen at berlipdir. Inede şol at berlenliginin haty.
Kadyrow sözüni gutardy. Adamlar henizem ýüzlerini sallap, dymşyp durlar.
— Ýoldaş Kadyrow, habaryňyz üçin sag boluň! — diýip, Agajan aga geplemäge
durdy. — Ýoldaş kolhozçylar, bu taýsyz uly gahrymançylyk. Biziň kolhozymyz
üçin bagt.
Ýöne bu gahrymançylygy eden Kelew bolman, beýleki ýigitlerimiziň biri bolaýar
ýaly eken.
— Belki, bu galatdyr. Başga biriniň gahrymanlygydyr?
— Ýok, galat däl.
Agajan aga aljyrady. Damagy dolan ýaly sesi sandyrap eşidildi. Soň ýeňsesine
döndi. Hemmeler ýüzüni aşak saldy. Birhili elhenç ümsümlik aralaşdy. Men bu
üýşmeleňe enem gelendir öýtmändim. Ana bir görsem, guş atjak awçy ýaly
küýkerip, märekeden saýlanyp barýar. Hawa-da, onuň ýalylar eýýäm eli hasaly
gezýär. Bolsa-da, enem gaýratly ekeni. Men onuň gidenini gowy gördüm. Ýogsam
şu zeýilli ýerde saklanyp bilmez, başbogusynyň ujy bilen gözüni süpürer... Ol
gidişi ýaly hem eline köne ýaglyga dolangy bir zat alyp geldi.
— Gyýw, başlyk, al, şu zatlary hem özüň näme etseň, şony et... Arada gelende
maňa goýup gitdi.
— Bu näme, Mamur eje?..
— Ol-a bir kemer-le. Ýöne ynha, onuň ýany bilen şu bukjany hem goýup gitdi.
«Daňňy jana ber, okasyn» diýipdi. Ol hem kejirligini edip, hatyň ýüzüne-de
seretmedi. Şol ýatyşy.
Agajan aga köne ýaglygyň içinden ýap ýasy gaýyş kemer çykardy. Onuň ýaldyrap
duran sary ýyldyzly tokasy hem bar. Meniň ony görmeýşimi diýsene... Soňra ol
daşyna ýelim çalnan bukjany eline aldy. Harpma-harp diýen ýaly bukjaň
daşyndaky haty okady: «Daňňy jan, oglum, illere-de okap bergin...»
Beýle diýlip ýazylansoň, meniň içinde näme ýazylanyny bilesim geldi. Özgeler
hem meniň ýaly, her kim bir zat diýip gygyrdy:
— Içine näme ýazyldyka?
— Näme-de bolsa açyp, okamak gerek.
— Oka, başlyk!
— Illere-de okap bergin diýmegi nämedenkä?
— Al, gyzym, Şeker, oka!
Ählimiz seredýäris.
— O nähili syrly bukjakan?
Şeker mugallym okamaga başlady.
— Oglum, Daňatdy jan! Sen kakaňyň hatyrasy üçin şu haty obadaşlaryňa okap
ber. Goý, olar seniň kakaňyň şeýle masgara, bigaýrat däldigini bilsinler. Oglum,
sen indi ullakan, akylly ýigit bolansyň. Aga-gara düşunýärsiň. Bilip bolmaz, ýetim
galsaň, bagyşla, jan ogul. Muňa men günäkär däl. Uruş günäkär!..
Şeker mugallym sakyndy. Töweregine seretdi. Her kim aýagynyň burnuna bakyp
dur. Ýene okap başlady.
— Obadaşlarym, ýaşulular!.. Agalar, iniler... eneler! Men töhmet belasyna duçar
boldum. Töhmet meni dünýäde eý görýän, mährem aýalym bilen agzala etdi...
Şeker mugallym soňuny okap bilmedi. Illi aga:
— Ýalňyz perzendim, ýumruk ýaly çagam menden ýüz öwürdi. Siziň ähliňiz
menden ýüz öwürdiňiz. Pagtadan päk, gül ýaly gelin töhmete çydaman, obadan
gaçyp gitdi. Siz meni Ýagşygözeliň yzyndan gidendir öýdensiňiz. Men arza berip,
fronta gitdim. Arman, baran badyma-da ýaraly bolup, frontdan çykmaly boldum.
Ýaramy bejerdiler. Oguljygymy göreýin diýip, öýe sowuldym. Ol maňa «sen
kakam däl» diýýär. Size görünmäge utanýan. Siziňem meni göresiňiz gelenok...
Ýene-de fronta gidýärin. Iň soňky damja ganyma çenli söweşerin... Diri
galsamam, ölsemem bagyşlaň. Ýöne haýyş edýän, düşüniň. Obadaşyňyz Kelew
beýle masgaraçylyk eder ýaly, arsyz-namyssyz däldir. Töhmet maňa wagty bilen
aýryp bolmajak hapasyny sürtdi. Sizden ýekeje haýyşym bar. Obaňyzyň gelni
Ýagşygözeli tapyň. Ýalbaryň, ýakaryň, yzyna getiriň. Şo gelinde çigit ýaly günä
ýok. Duz-çörekden, saçakdan ant içýärin... Häzir boluň, töhmet belasyndan
özgelerem goraň. Adam gymmat zatdyr, hapalatmaň!...
Ýene-de hiç kimden ses-seda ýok. Köpler aglaýar. Illi aga haty gysymyna gysyp,
lampa aşak oturyberdi. Miting öz-özünden kolhozyň umumy ýygnagyna öwrüldi,
— Men aýtmadymmy, şu hatda bir syr bardyr diýip. Gördüňizmi, biz ne gözel
ýigidimiziň ýüregine nähili ýara salypdyrys — diýip, Agajan aga ýene bozuldy.
Şeker mugallym stola maňlaýyny goýup otyr. Illi aga dymýar. — Indi sen bizden
ötünç soramaly däl. Biz senden ötünç soramaly, Kelew... Öt günämizi, Gahryman
ogul... Men söz berýäriň. Uruş gutaran güni töhmetçiň ugruna çykaryn. Onuň
ýakasydyr, meniň elimdir...
Mürti:
— Uruş gutararyna garaşmak nämä gerek. Rugsat bolsa, men onuň boýnuna
tanap salyp, häzir getireýin — diýdi.
— Kim ol? Aýt, Mürti! — diýip gygyryşdylar.
— Baýly sopudan başga töhmetçi bolmaz...
— Galat bolaýmasyn, derňemek gerek...
— Kupür gepleýäň, Mürti. Baýly sopy beýle iş etmez — diýip, enem has gaty
gygyrdy.
— Küpür geplämok, Mamur eje. Çagalarymdan ant içýän...
Iki adam gidip, derrew sogan satyp ýören Baýly sopyny getirdi.
— Näme ýumuşjagazyň bardy, başlyk?!
Başlyk gözleri bilen iýäýjek bolýar.
— Saňa hem sen tetellä ýumuş buýranyň ýüzi gursun! Sen häzir millete bak-da,
näme pyssy-pyjurlyk eden bolsaň, şu märekäň öňünde boýnuňa al. Eger buýtarsuýtar etseň, duran ýeriňde iki egniňden basyp, boýnuňy sogyryn. Goý, bular soň
meni sud edäýsinler — diýip, başlyk köpçülige elini salgap goýberdi.
— Weý, men näme edipdirin, aýdyň ahyry, Gurhan ursun...
— Gönel, jögi! Kelew bilen Ýagşygözel barada nähili töhmet ýaýratdyň?
Baýly sopy ýaýdanjyrady. Töweregine seretdi. Emma bu mahal ol gözleriň her biri
onuň tenine naýza bolup sanjylýardy. Men enem ýene şu sopynyň tarapyny çalar
öýdüp, gara janym galmady. Bolsa-da enem gaýdyp geplemedi. Baýly sopy özüne
hiç kimden rehim ýoguna göz ýetirensoň, ejizläp ugrady.
— Adamlar, ol, ol... meniň hatam boldy. Onuň üçin jezamy çekdim. Kelew tas
janymy alypdy... Siz bilýaňizmi, ol meni şol ýabyň beýik raýşyndan başaşak
eňterdi... Şaýat, şaýadam bar... — diýip, meniň adym ýadyna düşmän, töweregine
garanjaklaýar. — Hä, han-ha... han-ha, Kössek jan görendir...
Agajan aga mundan artyk diňläp oturmaga çydamady.
— Bes et, senin düzüwli adam däldigiňi öňem-ä aýdýardylar welin, juda beýlesiň
öýtmeýärdim. Adamlar, şu minutyň özünde dört-bäş sanyňyz baryň-da, kepbesini
ýykyň. Gümüni dartyp, obadan bir göçsün.
— Ýok, Agajan aga, rast başladykmy, geliň soňuna çenli gideliň — diýip, Şeker
mugallym hamsygyp, ýerinden turdy. — Eşidişime görä, eger çyn bolsa, munuň
başga-da etmişi köp bolmaga çemeli. Hany, aýdyň obadaşlar, kim näme bilýär?
— Näme siz meni duran ýerimde sud etjek bolýaňyzmy?
— Ýok, seni duran ýeriňde gazyk etjek bolýas! — diýip, Illi aga-da gaharyna bäs
gelmän, ýerinden turdy... — Ak uzyn bolup, Göwheri gorkuzanam-a senmişiň.
— O men däl... o men däl... Abdyl hojam... Ol Maýaly gaçyň ýanynda oturyp,
ýokaryk ot zyňdy. Maňa-da... maňa-da... «çym ak bolup, traktoryň yzyna düş-de
ýör, gorkup, özi ýykylar, ýykylmasa-da, traktora dyrmaşyp bog» diýdi... Ýogsam
gelin-gyzlarymyzy azdyrar — diýdi.
— Şu Hojam aga şeý diýdimi?..
— Hawa, şeý diýdi. Duz bar, öwlüýä bar, şeý diýdi...
— Wah, dogasy başyny iýmişiň dogasynam göterip ýörüs-ä — diýip, enem jibrindi.
— Kössek jan, tahýaň depesindäki dogaňy gopar-da, zyň öňüne. Baýly sopy
dogasyny Hojama eltip bersin... Ozalam şo getirip beripdi...
Men depämdäki kiçijik dogany goparyp, stoluň üstüne okladym... Asyl ýeke men
däl ekenim. Stoluň üstüne başga-da köp doga-tumar oklandy. Kadyrow bilen
ýokardan gelen şlýapaly adam haýran galyp otyr.
— Asmandan inen haty kim ýaýratdy? — diýip, Şeker mugallym sorady.
— Onam, onam... Şol ýazdy. Men diňe jerçilik etmäge gidemde, Burkaz obalaryna
ýaýratdym. Bu ýerik men ýaýradamok, ynanyň, men ýaýradamok...
— Wah, bu ütülmişi meniň elime berseňiz-läň. Ýeke-ýekeden köseje sakgalyny
üteýin — diýip, Mürtiň aýaly Ogulnyýaz gelnejem dyzady.
— Ýeri, otursana, senden beterräk ýangynlylaram bar — diýip, Mürti aýalyna
käýindi.
— Menden beter ýangynly ýokdur, Mürti. Sen bileňok, ol maňa üstünde pyşdyl
çagasy ýatan erik iýdirdi ahyryn. Henizem ýüregim düzelenok.
Ogulnyýaz gelnejem töwereginiň doly adamdygynam ýatdan çykaryp, tüýkürinip
goýberdi. Nätsin, her kim ýüzüne syçran tüýküligi süpürip otyr...
— Öwlüýäň içinde gaçgak saklan kim? Büçe bolanyna görä, şonam bir aýt, sopym
— diýip, Muhat aga-da oturan ýerinden ysgynsyz sorag berdi. Baýly sopy «olam
Hojam» diýjek boldy, ýene gaýdyp aldy.
— Olar meni atarys diýip gorkuzdylar ahyryn...
Başlyk häliden bäri sesini çykarman, başyny ýaýkap otyrdy. Ahyr ýerinden turdy.
— Meniň günämi ötüň, adamlar. Bir kilo pagtany artyk bersegem, bir put
bugdaýy köp ugratsagam, fronta uly kömekdir diýip, gijämizi gündiz edip ylgadyk
ýördük. El güýji bilen, adamyň gara zähmeti bilen ýygnan pagtamyzam, döwlete
tabşyran gallamyzam urşuň öňki ýylyndakydan her ýyl köp bolmasa, az
bolanokdy. Biziň bu hyzmatymyzy Watanymyzam biler, il günem. Ylaýta-da, biziň
frontda gan dökýän inerlerimiz bu hyzmatymyzdan hoşaldyr. Men hem fronta zat
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Uruş döwrüniň oglany - 7
  • Parts
  • Uruş döwrüniň oglany - 1
    Total number of words is 3784
    Total number of unique words is 2125
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    43.4 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uruş döwrüniň oglany - 2
    Total number of words is 3841
    Total number of unique words is 2208
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uruş döwrüniň oglany - 3
    Total number of words is 3881
    Total number of unique words is 2078
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uruş döwrüniň oglany - 4
    Total number of words is 3871
    Total number of unique words is 2203
    29.3 of words are in the 2000 most common words
    43.0 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uruş döwrüniň oglany - 5
    Total number of words is 3861
    Total number of unique words is 2187
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    42.4 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uruş döwrüniň oglany - 6
    Total number of words is 3862
    Total number of unique words is 2213
    28.9 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uruş döwrüniň oglany - 7
    Total number of words is 551
    Total number of unique words is 415
    46.8 of words are in the 2000 most common words
    58.9 of words are in the 5000 most common words
    62.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.