Latin

Uruş döwrüniň oglany - 3

Total number of words is 3881
Total number of unique words is 2078
31.5 of words are in the 2000 most common words
44.5 of words are in the 5000 most common words
50.8 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
irden-ä okuwa gidýäs, öýländen soňam özümize ýoldaş tapamzok.
— Oglum, Mürti jan, indi gitseň, biziň oglanlarymyzam äkideweri — diýip, enem
Belli ussaň toýundan bäri, Mürtini gören ýerinde aýdýar.
Bir gün il ýatar uçurlarydy.
— Kössek jan, ýataňzokmy, oglum? — diýip, enem girdi-de, şeýle diýdi: — Ýaňy
Mürti geldi. «Ertir Kössek bilen Daňatdy irräk tursun» — diýdi. Belki, sizem azowlak bugdaý tapaýadyňyz-da... Men turmankaňyz piliňizi, çuwalyňyzy taýynjak
edip goýaryn...
Daňňy ikimiz begendik. Derrew possuny düşürip, aşagyna girdik.
Ýarty çuwal bugdaý baradaky pikir wagty bilen meniň ukumy tutdurmady:
— Daňňy, Daňňy — diýip, ýaňy uklap barýarka, onam oýardym.
— Nämeläýt-näme?
— Ertir ýarty çuwal bugdaý getiräýsek, näderis-ä...
— Näderis?! Hezil edip iýeris.
— Bilmediň, eneme tamdyra petir çörek ýapdyrarys.
— Hawa, bolupdyr seňkem — diýip, Daňňy tirsegine galdy. — Il ota garmaga
tapanok, seň ýadyňa petir çörek düşýä.
— Onda hamyrly nan bişirdäýeris.
— Hamyrlam bolmazm petirem. Sen tamdyrly gürrüňiňi goý...
— Ýekeje gezek bişirdeniň bilen näme bolýar. Bişirdäýeli-dä, Daňňy — diýip, men
özelenip goýmadym.
— Men saňa aýtdym ahyryn, bolmaz diýip. Ýartyja gezegem bişirmeris. Gaýtam
«Bäş-alty bulamaklyk Durdygylyç aga eltip bereli» diý. Sen görýän dälsiň, o
pahyryn ýüzüne çiş ýöräp ugrapdyr...
Her niçik hem bolsa, men öz diýenimi etdirdim. Daňňy tamdyr ýekeje gezek petir
çörek bişirtmäge razy boldy. Ýöne olam bir şert goýdy: biz ertir ýarty çuwal
bugdaý tapmalydyk. Tapman näme. Biz Mürti bilen gidýäs ahyry.
Ertir gün dogan badyna Mürti ile belli, boýny monjukly çal eşegini idip geldi-de,
üstüne boş çuwallary atdy. Daňňy ikimizi syrtlaşdyrdy. Üç pili öňümize basdy.
Yzyna düşürip, haýdap ugrady. Mürti iňňän gaty ýöreýärdi. Çokaýynyň seçekleri
her ädende şyrk-şyrk ses edýärdi. Biziň göwnümize, onuň özi däl-de, çokaýy
ýöreýän ýalydy. Bir meýdan ýöredik. Öten ýylky bugdaý ekilen ýerleriň bir
çetinden bardyk. Mürti ýene bir oýdan ötdi. Soň bugdaý ýeriň ortasyndaky alaňyň
üstünde saklandy. Mürti birneme aňyrrak ýöräp, bir hiniň agzynda oturdy. Soň
başga birinde, üçünjisinde... oturdy. Daňňy ikimiz gazyp başlamaga, tizräk iki
çuwalymyzam ýarsyndan etmäge howlugýardyk. Bugdaýy irräk eltsek, eneme şu
gün çörek bişirtjekdik. Men:
— Näme etjek aýlanyp ýörüp. Hemmesem bir hindir-dä, gazybereli-le — diýdim.
— Ýok, hemmesi bir hin däl. Ynha, görýäňizmi, hany bärik geliň — diýip, Mürti
başga bir kiçäňräk hiniň ýanynda saklandy. — Görýäňizmi, garynjalaň agzynda
däne bar. Şu hini gazsaň, çykaýsa-da ähtimal.
Ol bize nähili gazmalydygyny öwretdi. Özi hem eşegini duşaklap, donuny,
telpegini çykaryp, beýleräkde bir hini gazmaga başlady.
Daňňy ikimiz gazyp barýarys, gazyp barýarys. Hin bolsa şol egrem-bugram bolup,
uzap gidip otyr. Gazyp-gazyp, halys usurgadyk. Daňňyň elleriniň içi çym-gyzyl
bolup gabardam. Heniz-ä beýle ýanymyzda eplenişip ýatan çuwallarymyza bir
gysym hem bugdaý girenok. Arasynda Mürtiň ýanyna baryp gaýdýas. O-la
birinem däl, birküç hini agdaryp çykypdyr. Ählisem boş. Ahyryn halys ýüregine
düşdi öýdýän. Donuny egnine atdy-da:
— Ýörüň, oglanlar, gaýdalyň. Bu gün nesibämiz ýokdur-da. Ertir meniň suw
nobatym. Birigün ýene-de bir gaýdyp göreliň. Özem bu ýerik däl-de, meniň öňki
tapan ýerime gideliň! — diýdi.
... Soňky sapar Mürti bilen ýeke özüm gitmeli boldum. Daňňyny daýysy alyp
gidipdi. Ony ozalam iki gezek alyp gidipdiler. Hersinde birki gün bolup, gaçyp
gelipdi. Olar äkidýäler, Daňňy gaçyp gelýä. «Nätjek beýdip, oglany saňsar etdiňiz.
Biziň oňan zadymyz bilen Daňatdam oňar» diýip, soňky sapar enem bermejegem
boldy. Onda-da: «Hor bolýa, şu saparam göreli» diýdiler.
Men ýene-de bir hini gazmaga başladym. Ýöne bu gezek öňkimiz ýaly etmedim.
Öňümden baş-on sany däne çyksa-da, gumy bilen alyp, elegiň içine okladym. Soň
eläp, gumuny, çöpüni saýlap, çuwalyň üstüne dökýärin...
Mürti gazyp-gazyp, halys bolup, ýene boş geldi.
— Adamyň yrysgaly alakaň hinine galsa, aç öläýmeli boljak öýdýän. Ýör, ogul,
gideli — diýdi. Soň meniň ýekeje däneden diýen ýaly çöpläp, çuwalyň üstüne
üýşüren ýarym kilo çemesi bugdaýymy gördi-de, — tüweleme, sen-ä birki
ýarmalyk tapaýypsyň — diýdi.
Ol, öýe ýetip barýarkak, gaýdyp özüniň hin köwlemäge gaýtmajakdygyny aýtdy.
Ertesi getirenje bugdaýymy enem degirmende üwedi. Kiçijik okaraň dolujasy un
bolupdyr. Özem kolhozyň emleýän arpa uny ýa jöwen uny ýaly däl. Bugdaý uny.
Bedrämi elime alyp, uly ýabyň boýuna selme ýygmaga gitdim. Meniň öz selmelik
ýerim bardy. Ýöne çöplükdi. Guran syrkanlary, ýandaklary aýagyň bilen
depişdirip aýyrýarsyň welin, ýapragynyň aşagy gyzyl-gyzyl bag selmeler
paşyrdaşyp oturandyr. Men çynymy edip, derrew bedrämi doldurdym. Ýüzümiň
ugruna suwly ýabyň boýundan bir gysym narpyzam ýygdym. Selmäň içine narpyz
garsaň, süýji bolýar ahyryn. Gelen dessime enem ikimiz düýbedik. Soň enem
selmeleriň içine narpyzam gardydany, kerçgäp-kerçgäp bişirdi. Ep-eslije ak ýag
atybam jazlady. Düýnki getiren bugdaýymyň unundan hamyr edipdir. «Süýgeşip
ýatyr. Üzübem bolanok, özli» diýip, enem hasam öwýär. Oty ýaňky hamyryň içine
salyp, gapagyň üstüni dolduryp duran gömme somsa bişirdik. Enem ätişgir bilen
ojakdan çykaryp, ýeňlik bilen külüni kakyşdyrdy. Küli kakylansoň, gömme somsa
hasam owadan göründi. Pyçak bilen deň dört bölek edip kesdi.
— Al, oglum, şu somsany ýylyjagy bilen Durdygylyç aga eltip ber. Selmeli somsa
gowy bolar. Ýogsam görgüliň birki gün bäri işdäsi zat alanok diýýärler. Özüň
geldejik arkaýyn iýäý!
Men somsaň bir bölegini elim gyzmasyn diýip, ýeňligiň üstünde goýdum-da, ýelk
ýasaýdym.
— Durdygylyç aga, tur! Ynha, saňa somsa getirdim...
Durdygylyç aga gozganmady. Ýene-de gygyrdym:
— Durdygylyç aga, tursana! Özem selmeden bişirdik. Öňler selmeli somsany
gowy görýärdiň ahyry... Enem ýylyjagy bilen iýsin diýdi...
Ýene gozganmady. Ylgap baryp, ýüzüni açdym. Tas ýüregim ýarylypdy. Asyl
ozalky Durdygylyç aga däl. Demim içime sygman, ylgap geldim.
— Ene, Durdygylyç aga ölüpdir...
Ol meniň bilen iýjek bolup oturan somsasyny öňüme süýşürdi-de turuberdi. Öz
paýymy iýip, menem olara bardym. Eýýäm garry-gurty baş-on adam
ýygnanypdyr. Oglundan ýaramaz habar geleli bäri, işe baryp-gelip, başga ýere
çykman, öýünde gurt bolup ýatan Muhat aga-da şol ýerde eken. Mürtini suw
tutup ýören ýerinden çagyrmak üçin adam iberdiler. Jaý gazmaga gidenlerden
başga, göterip öwlüýä äkidere-de adam ýokdy. Mürti ikimizi «çagyryp geliň»
diýip, Baýly sopulara iberdiler.
Mürti ýaýdana-ýaýdana gitdi.
— Barsagam, şo sopy gelmez — diýip, öňünden bilen ýaly aýtdy. Aýdyşy ýalam
boldy.
— Men-ä baryp biljek däl. Soganlarym süllerip barýar — diýdi-de, sebetlerini
eşegine ýükläp, sogan satmaga ötägitdi.
Boýnumyzy sallaşyp geldik. Bolşy ýalam aýtdyk. Ýerli-ýerden igendiler:
— Biziňem-ä sopy diýip, sylan bolup ýören adamymyz bolýa-da...
— Wah, siz ony sopy diýip, öňe salyp ýörsüňiz. Maňa galsa, ony gapydanam
getirjek däl welin — diýip, Mürti zeýrenip, bir zatlar aýtjak boldy. Emma bu wagt
beýle gürrüňiň ýeri däldi. Durdygylyç agany jaýlamalydy.
Öýlänler Muhat aga meni ýene Baýly sopylara iberdi:
— Bar, şolaň töwereginde bol, sopyň gelenini göräýseň, gel-de, maňa aýt.
Men sopyň geçäýjek ýolunyň ugrunda tallaň aşagynda güýmenen bolup ýörün.
Honha, bir görsem, Baýly sopy hiňlenen bolup gelýär. Sebedini boşadypdyr. Gör,
näçe adamy çürkändir.
Ylgap gelip, Muhat aga aýtdym. Ol gidiberdi. Baryp, näme diýenini-hä bilemok
welin, salym geçmänkä, Baýly sopyny öňüne salyp geldi:
— Ozal özüňizden gerek. Ýumruk ýaly oglan bilen, dili başga bulujy iberýäňiz.
Akylly-başly adam şeýle-şeýle diýip düşündirip aýtsa, men haýyr-sogap üçinem
geljek ahbetin — diýip, çök düşüp, bir zatlar okamaga oturdy. Mürti başlyklaýyn
oňa gözlerini alardyp, ýigrenç bilen garadylar. Ýöne hiç kim zat diýmedi.
Adamlar araba ýükläp, Durdygylyç agany äkitmek bilen boldular.
8-nji bap: «GARA ÝORGAŇ GERŞINE TEBLE BILEN ÇALAJA BASAÝMALY»
Çary keliň sesi nirede bolsa belli. Mekdepde-de ähli oglandan saýlanýar.
Göwresine görä däl. Wagyr-wagyr edip, ýogyn gepleýär. Ynha, gör-de duruber. Şu
wagt hem daşarda wagyrdap ýören şondan başga hiç kim däldir.
— Hi, bu wagt bolubam ýatma bormy. Turuň, ýatmaň diýerler olara, Mamur eje...
Aýdyşym ýaly-da, edil özi. Gelşine-de bat bilen gapyny açdy. Görse, ikimizem dik
durus:
— Oh, turupdyrlar-la, zaluwatjyklar...
Men:
— Häli turduk — diýdim. Ýogsam ikimiziňem possunyň aşagyndan sogrulyp
durşumyz-la.
— Muny görýäňizmi? Özem el ketenisinden.
— Be, onuň elinde täzeje tahýa bar-la.
Daňňy gyssandy.
— Ony nireden aldyň?
— «Nireden aldyň?» diýip, ogra aýdarlar. Ynha, pulum hem bar.
— Hany, görkez? – diýip, ikimiz hem alkymyna bardyk. Onuň aýagynda
kakasynyň galife jalbaryndan kiçeldilip tikilen iki gapdaly çömmerilip duran
ýamaly gök balagy bar. Elini tirsegine çenli sokdy-da, jübüsiniň düýbünden iki
sany täzeje ellilik çykardy. Men haýran galdym:
— Heý, sen bulary nireden tapdyň, aýtsana?..
— Nireden tapdyň?.. Siz ýatyberiň bakaly, men şu gün ýene bir tahýa bilen ýüz
manat äkelerin — diýip, ol döşüni gaýşartdy. Men ýene öwran-öwran soradym.
Daňňy sorady. Ol gaýtam ýene öwünmäge başlady:
— Herki zady başarmak gerek.
Daňňyň gahary geldi. Possuny epläp, ýaşşigiň üstüne galdyrjak bolup durka
hüňürdedi:
— Aý, ogurlyk edendirdä-raýt.
— Heý-eý... Öýümiziň içi diýip, çişen bolma. Ogurlyk edýän sensiň ol.
— Näme üçin menmişim? Hany aýt, Baýly sopyň almasyndan etegiňi dolduryp
gaýdan kim eýse?
— Baýly sopy hiç. Men onuň itinden gorkaýýan, ýogsam almadan başga zadynam
ogurlajak. Onuň özi ogry ahyryn. «Ogrudan ogurlamak halal»...
— Ýeri, bolýa-la. Biderek dawaňyzy goýsaňyz-la. Hany, aýt, bu zatlary nireden
aldyň? — diýip, men ikisine-de töwella etdim. Çary kel bilen Daňňyň urşuna men
belet ahyryn. Birden ýene öňki ýaly, uly dawa galsaň galaýmaly. Şu zatlar ýadyma
düşüp, ýalbaryp, iki elimi Çary keliň eginlerine goýdum.
— Men, şu günler okuw bolmansoň, Garybata gidýärin — diýip, ol elindäki
pullaryny jübüsine saljak bolup egildi.
— O nähili şu günler Garybata gidýärmişiň?! Öňňin yşgyn köwlemäge bile
gitmedikmi? — diýip, men ýalan sözletmedim.
— Aý, jypdyrýa-laýt — diýip, Daňňy hem kündükden ýüzüni ýuwup durka
seslendi.
— Düşünäýseňiz-le, walla. Günde gitmesemem, düýnä-hä gitdim. Duzjan ursun,
ýalan sözlesem... — diýip, Çary kel janykdy. Ol duzdan şert edensoň,
ynanmasaňam bolanok.
— Ýeri, bolýa. Bar gidenem ekeniň-dä. Onsoň?..
— Bardym welin, biri woýenniden geldi. Men ol düşen badyna ylgap bardym-da:
«Meň kakamy görmediňmi?» diýip soradym. Ol ullakan gara çemedanyny
otludan beýleräk süýşürdi-de: «Ýok, han ogul, seň kakaň-a görmedim. Ýöne
garaşyber, ol hökman geler» diýdi. Özüňiz bilýärsiňiz, kakasyz nähili kyn bolýar.
Şeýle dälmi? Indi bäş aý bilen sekiz gün boldy, meň kakamdanam hat gelmäli
bäri...
— Onda hiç-le, meň kakama iki ýyl bolup barýar — diýip, men kakamyň ýüz
keşbini göz öňüme getirjek boldum.
Daňňy kakalarymyz hakda gürrüň etmesek gowy görýärdi. Öz kakasynyň
masgara bolup, gaçyp gidenine kemsinýärdi:
— Bolýa-da, how, kakam-kakam diýip, ýürege düşdüňiz-le. Hany, aýt, ýaňky
pullary şol adam berdimi? — diýip, ahyry ol durup bilmedi.
— Kim adam?
— Kim adam bor? Şol uly çemedanly adam, woýenniden gelýän?...
— A... men kakamy ýatlap, yzyny aýtmagy ýadymdan çykaraýypdyryň — diýip,
Çary kel çyny bilen gürrüň bermäge başlady. — Hawa, onsoň menden: «Sen
«Mukamol» kolhozyny bilýämiň?» diýip sorady. «Bilmän näme, hawa bilýän»
diýdim. «Onda sen meni şo kolhoza äkidip bilmezmiň? Ýogsam men ýöräp
gitmäge-hä ýarajak däl» diýdi. «Äkitmän näme, hek ederin» diýdim. Derrew
eşegimi getirägede, üzeňňä ýapyşdym-da, «mün» diýdim. Soň özümem artlygyna
basaga-da, syrtyna joňkardym. Çemedanam öňümize aldyk. Gara ýorganam
özüňiz bilýäňiz. Gerşine tebläň ujy bilen çalaja dürtersiň. Jotdaja guýrugyny
buladygy bes. Çaý içim salymda «Mukamola» eltdi.
Çaý içim salymda Garybatadan «Mukamola» baryp bolmaýanyny Daňňam oňat
bilýärdi, menem. Guş bolup uçaýaňda-da, onça ýere ýetjek umydyň ýok. Çary kel
ýalan sözleýär. Ýöne gürrüňiň yzyny diňlejek bolup, sesimizi çykarmadyk. Ol
dowam etdi:
— Öýlerine golaý baramyzda, ýaňky adam eşekden düşdi. Çemedanyny çep eline
aldy. Onuň sag eliniň ysgyny ýok ekeni. Syrtynda otyrkam gördüm. Boýnunyň sag
ýüzünde-de uly oýuk bar. «Ylga, hol, çetki tama bar-da, buşla, Kakamyrat
woýenniden gelýä diý!»
Meniňem gözlegim şol. Gara ýorgany debsiledim. Baryp, eşekden düşmän
buşladym. Gelni derrew şu tahýany çykaryp berdi. Ejesem iki sany ellilik berdi.
Saryja erigiň kişdesindenem etegimi doldurdylar. Tä gelýänçäm iýip tükedip
bilmedim. Ejeme-de bir penje getirip berdim.
Çary keliň gürrüňine biziň agzymyz suwardy:
— Sen indi haçan Garybata gitjek? — diýip, howlugyp soradym.
— Haçany bormy, ynha, şu gidip barşym-da. Giderin diýseňiz, düşüň yzyma...
Biz aýak ýalaňaç yzynda, Çary kelem eşekli öňümizde, gara der bolup, ine geldik,
Garybata. Çary kel eşegini daňyp geldi-de, edil, hamala diýersiň, sagatly ýaly:
— Entek otlyň gelerine sagat ýarym bar. Ýörüň agajyň kölegesinde oturalyň —
diýdi. Kölegä baran badymyza ol ýene-de çep jübüsinden tahýasyny çykardy.
Keşdelerine seretmäge başlady.
Men oňa:
— Çary dost, sen bu tahýany maňa ýa Daňňa beräý. Ikibaşdan hem geýesiň ýok.
Kelläň başy bar — diýdim. Oňa kel diýseň, öler ýaly gahary gelýärdi. Biz oňa
düşüş. Şonuň üçin öz ýanynda kelläňde baş bar diýmelidi.
— Ba-ha... Tapdyň aldajak adymyňy. Kellämiň başy bolsa, gutulansoň geýäýjek.
— Seň o kelläň başlary haçan aýrylar öýdýäň? — diýip, Daňňam gürrüňe goşuldy.
— Haçan aýrylsa, şonda aýrylsyn. Ejem Aşyr akgaň geldigi balnysa iberjek diýýä.
Bir göwnüm-ä oňa-da garaşman, özüň gidiberem diýýä.
— Sen balnysa gitjek bolsaň, öten ýyl kel ýygnaýan gelende näme gaçyp gelip,
biziň dölämizde gizlendiň? — diýip, men ony gyssadym.
— Aý, o wagt akmaklyk edipdirin-dä...
Birden ol hasyrdap sag jübüsini sermedi.
— Näme, puluňy ýitiripmisiň?..
— Arkaýynja bolaýyň. Jübimiň deşik ýerini kendir bilen ykjam bogandyryn.
Agzyna-da ynha — diýip, ildirilgi duran ýoňsuz iňňebagjygy görkezdi. — Hi, gaçar
öýdýäňizmi?
Dogrudan-da, beýle köp pul eline düşer-de, heý ony hem ýitirip bolarmy.
Boýnuma alaýyn, meniň elim-ä henize çenli beýle köp pul düşenok. Kä ýarym bir
manatlyjak düşýär. Ony hem Baýly sopa uzadyp: «Halwa ber» diýseň, «Munyň-a
halwa düşenok» diýip, eliňe dört sany ajy sogany tutdurýar. Ýeri, men sogany
başyma ýapaýynmy diýsene. Daňňy beýle däl. Oňa käte-käte daýysy tutuş gyzyl
otuzlygam beräýýär. Emma Daňňy puluň gadyryny bilenok. Çary kel ýaly
güjeňlemänem oňaranok. Getirýä-de, eneme beräýýär.
O gün näçe garaşsagam, otludan düşen bolmady. Ýogsam uzyn-uzyn otlularyň
telimsi geçip gitdi. Käsi durýar, käsi duranok. Gün ýaşmaga az galanda, ýene bir
otly gelip durdy. Tegelek howzuň gyrasynda günebakar çigidini satyp oturan
ýaşuly:
— Be, bu-da şol ýaramaz otly-how. Birki gün bäri munuň geçäýşi ne bela — diýip,
öz-özi hümürdedi.
Ol otly köp durdy. Ýalňyşyp-ýazyp, suw almaga düşenem bolmady. Kä wagonyň
gapysyndan egni ak ýektaýly gyzlar boýnuny uzadýar-da, ýene ýapýar. Gözi
äýnekli ýaşuly adamlaryň wagondan-wagona gyssanmaç geçýäni görünýär. Olar
hem ak geýimli.
Biz häli düşer, şindi düşer diýip, köp garaşdyk. Çigit satýan ýaşuly haltasynyň
gumuny kakyşdyrdy-da, gaýtmakçy boldy.
— Aý, jigiler, arkaýyn gaýdyberiň. Bu siziň garaşýan otlyňyz däl.
— O näme üçin?
— Holha, göreňzokmy? Magunlaň gapdalynda gyzyl haç dur ahyry.
— Duranda näme?
— Bu dogtor otlusy. Ýaraly çekýär. Içini görseň, zybrym ýaralydyr.
Bary düşnükli boldy.
Garaňky gatlyşanda öýümize dolanyp geldik...
— Bu gün-ä hiç kim düşmedi welin, ertir hökman düşer — diýip, eneme niräk
gidenimizi aýtdym. Daňňy hem Çary keliň düýn buşlap alan zatlaryny eneme
gürrüň berdi. Enem:
— Gitseňiz, gidiň welin, balalam, ýöne Çara-da aýdyň. Buşlap alanja puluny
ejesine bersin. Ýogsam ýitirer — diýdi.
Biz şo günüň ertesi hem köp garaşdyk. Çary kel gelmedi. Ol bize aýtman gidendir.
Ýene ýeke özi buşlap aljakdyr diýip ylgadyk, Garybata. Çary kel bu ýerde-de ýok
eken. Gün ýaşýança garaşdyk. Ýene hiç kim düşmedi. Çary kelem gara bermedi.
Üçünji gün irden Daňňy:
— «Üçden soň puç» diýipdirler. Şu günem bir gidip göreli, onsoň bolmasa
gitmerisem — diýdi.
— Bolýar, gitsek gideli. Ýöne ýüzümiziň ugruna Çary kelem alyp gideli — diýdim.
Öýlerine baryp, Çaryny soradyk.
— Bow, siz piliň gulagynda uklaýaňyz. Çary jan düýn irdenjik kel balnysa gitdi —
diýip, ejesi köje döwüp oturan ýerinden jogap berdi.
— Kim äkitdi? Nämeli gitdi?.. — diýip, Daňňy ikimiz üsti-üstüne soradyk.
— Gidende-hä künjara çekýän öküz furgona münüp gitdi. «Özüň taparmyň?»
diýsem, «Kel balnys nirede diýip sorabirin» diýdi.
— Puluny nätdi? — diýip, Daňňy ýene-de sorady.
— O nähili pul?..
Çary keliň ejesi elindäki soky daşy taşlap, ýerinden turdy. Onuň buşlap, ýüz
manat alanyny ejesine aýtmanyny biz nä bileli.
— Aý, ol... buşlap, ýüz manat pul alypdyr, şoňa diýýä-le — diýip, men
ýuwmarlajak boldum.
— Wah, heýlemi? Oň ýaly bolsa jähennemle. Sizden her haýsy çykar. Näbileýin
birini jüwlündiräýdiňizmikäňiz diýip, gara janym galmady... Men oňa ertir ojukbujuk alnyp iýer ýaly, birazajyk pul iberjekdim. Oň ýaly puly bar bolsa, iberjegem
däl...
Yzymyza dolananymyzdan soň-a ýalňyşanymyzy bildigem welin, peýdasyz-da.
Geläýse, siz meni ejeme ýamanlapsyňyz-a diýer. Diýse diýibersin. Kellesini
bejerdip gelse bolýar. Ýogsam gyşy-ýazy telpekli görgi ýamanyny görýär. Suwa
düşse-de gizlenip düşmeli. Düýn çynyny aýdan eken. Biz nähak ynanmandyrys.
Biz şondan göni Garybata gitdik. Ýene boş dolanyp geldik. Çary kel bolmansoň,
soňky iki gün hasam gyzyksyz geçdi.
9-njy bap: ««SAG BOL» BIR DIÝ AHYRY, JAN OGUL!»
— Ertirem Allaň özi öldürmejek bolsa ýetirer-dä — diýip, enem kendirigimizi
kakyp-kakyp, bir gysym un aldy-da, bulamak bişirdi.
Biz bulamagyň içine ýumruk ýaly bişirilen ot atyp, iýip ýatdyk. Uzynly gün aýak
üstünde ýadapdyk. Ikimizem şobada uklap galypdyrys. Men gijäň näwagtdygyny
bilemok, işigiň jygyldysyna oýandym. Ýalpa gözümi açdym. Gapynyň agzynda
söm bolup biri dur. Gözüme görünýärmikä ýa düýşümmikä? Ýok, ol hakyt soldat.
Biziň üç gün bäri ýoluna çykyp, garaşýan soldatymyz. Özem komandir. Ýöne kim
ol? Nirä, kime buşlamaly? Näme üçin biziň yzymyzdan gelipdir? Men ýorganyň
içinde tirsegime galyp, gözümi aýyrman, seredip ýatyryn. Soldat hem ne bir agyz
gepleýär, ne-de içerik girýär. Gapyň agzynda doňan ýaly bolup dur. Ýüzi hor.
Başynda ýumşajyk tüýli, çal gulakjyny bar. Egninde şineli. Bosaganyň aňyrsynda
bolansoň, aýakgaby görnenok. Birden ýognas sesi bilen gepledi.
— Kössekmyrat!..
— Wiý... ol Daňňyň kakasy ahbetin. Maňa obamyzda şondan başga Kössekmyrat
diýýän bamy? Men uklap ýatan Daňňyny yraladym:
— Heý, tur-tur. Kakaň geldi, Daňňy...
— Ä?.. — diýip, Daňňy dikelip oturdy. Onuň gözlerine ynanmaýany bellidi. Soldat
özünden öňürti tarkyldadyp, ujy demirli taýagyny içerik saldy. Soň özi girdi,
düýbe geçip, üstümize abandy. Elini uzatdy:
— Salam, Daňatdym!
Daňňy ellerini arkasyna gizledi. Maňa gysmyljyrady. Gözleri öňküdenem beter
tegelendi.
— Elleşsene, gorkma, kakaň-laý, Daňňy.
Daňňy doňan ýaly bolup otyr. Dodaklary tirp-tirp edýär.
— Elleşjekgäl, ýitir eliňi...
Ol gujaklajak boldy. Daňňy şobada possundan towsup çykdy. Eýýäm beýlede
taýzaryp dur.
— Men sen diýip geldim ahyry, oglum! — diýip, kakasy ýalbarmaga başlady. —
Ejeň pahyram...
Daňňy dogumlandy:
— Näme, jögülik eden bolýaň. Ejemi sen öldürmediňmi? Git, maňa sen gerek däl...
— Daňatdy jan, beý diýme, oglum.
— Men seniň ogluň däl. Git öýümizden. Soldat geýmini geýeniň bilen senden
soldat bolasy ýok.
Daňňy gapyny şarkyldadyp, çykyp gitdi. Men henizem haýran galyp, şo öňki
oturan ýerimde otyryn. Daňňy gidensoň, menem gorkup ugradym. Sandyraýan.
Turup çykyp ötägitjek welin, ol edil gapyň agzynda. Ýeňsesini tüňňerdip,
maňlaýyny tutup otyr. Maňa bir zat diýer öýdýän. Garaşýan. Şol aňyrsyny bakyp,
tüňňerip otyr. Arkasyndaky haltasynam aýranok. Ahyr bolmady. Ylgap çykdym.
Baryp eneme aýdym geldim. Enem gelip:
— Amanlykmy, Kelew! — diýdi.
Ol sesini çykarmady. Enem yşgyn atyp, çaý demläp getirdi-de:
— Şineliňi zadyňy çykar-da, ornaşykly oturyber — diýdi. — Iýmäge-hä zadymyz
ýok. Soňrak kolhoz ýarma paýjagazymyzy berer, getirerin. Oglanlar bilen
paýlaşypjyk iýersiňiz.
Kelew uludan demini aldy:
— Göwher pahyram... Şeýle bolaýypdyr. Imany hemra bolsun...
— Hawa — diýip, enem göwünsiz jogap gaýtardy.
Ýene-de ümsümlik aralaşdy. Içeri tukat, ýürekgysgynç boldy. Ahyryn ýene Kelew
dil ýardy.
— Daňatdy jan diýip gelipdim. Büýem-ä git diýýär, Mamur eje...
— Aý, näme, indi on bir-on iki ýaşapdyr, tüweleme. Bar zada akyly ýetýär-dä...
— Şo-da, akyly ýetýär. Men onuň ejesini agyrtdym...
Kelew hamsygdy. Gözüne ýaş aýlandy. Enem gürrüňi başga ýana sowjak boldy.
— Senem ol ganyma giden owyşýaň-ow, Kelew?
— Hawa-la, şu ýerden gidemde, şoňa gitdim ahyry.
— Ýalan sözläp oturmasaň bolmaýamy? Seň şu ýerden niräk gideniňi il-gün gowy
bilýär ahyry. Ýagşygözeliň yzyndan gitmediňmi näme?.. Sen Göwher pahyry
taşlap gitdiň. Daňatdy jany ýetim goýduň... Bolýa-da, şu edip ýören işiň öz
göwnüňe jaý bolsa. Göreňokmy, işigiňden adam sekenok. Goňşy obadan biri
woýenniden gelse-de, görmäge gidilýär ahyry...
— Bolýa, Mamur eje, bolýa. Barybir häzir siz meňkä düşünmersiňiz. Men öýden
çykyp urşa gitdim diýsem, siz ynanaňzok. Il neneň ynansyn. Men şu ýerden göni
urşa gitdim. Barybam ýaralandym. Bakuda gospitalda boldum. Aýagymyň ýarasy
bitdi. Ýene urşa barýan. Oguljygymy göreýin diýip, bir gün rugsat bilen düşüp
galdym. Göwher pahyryn ýogalanyny hem Garybatada aýtdylar...
Barybir enemiň ynanmaýany belli: — Heýlemi? — diýdi-de goýaýdy.
Ol arkasyndan goş haltasyny çözdi. Içinden bir bölek gaty nan çykardy-da, üstüne
baş-alty bölek gant goýup, maňa uzatdy. Garbap aldym. Gandyň bir bölegini
agzyma saldym.
— Oglum, Daňatda-da ýaryny goý — diýip, enem elini uzatdy.
— Iýiber-iýiber. Daňatda-da bar — diýip, ol bäş-alty bölek gaty nan bilen bir
goşawuç gandy ýaglygyň üstüne döküp, eneme uzatdy. Kagyza dolangy ýene bir
tegelek zat çykardy:
— Mamur eje, munam Daňatdy jana beriň. Bu onuň ýetip bilmeýän bäşburç
ýyldyzly kemeri.
Ol haltasynyň agzyny daňyp, arkasyna aldy-da, gitmäge hyýallandy.
— Bu wagt nirä gitjek? Hany, töre geç. Dem-dynjyňy al. Ertir oglanlar eşeklije
eltip gelerler.
— A oglum!.. Ol öýden gaçyp ýörse...
— Ogluňa döwem çalasy ýok. Soňra öz-özi dolanyp geler...
Kelew geýimlerini çykaryp oturdy. Ýöne Daňňy agşam hem gelmedi. Men bir
topar ýere aýlanyp, tapman geldim. Gije enemem, Daňňyň kakasam, hemmämiz
Daňňylaň tamynda ýatdyk. Oňly gürrüňem bolmady, gepem. Ertir turup, onuň
gatadylan nanynyň bir bölegi bilen bir düwür gant iýdim. Daňňyň kakasy-ha
geleli bäri duzam dadanok. Ýekeje käse çaý içdi. Ol:
— Kössekmyrat jan, sen Göwher gelnejeň jaýlanan ýerini taparmyň? — diýdi.
Men ony görüpdim. Onda-da birbada näme diýjegimi bilmedim.
— Göwher gelnejemiň mazarynymy? — diýip, enemiň ýüzüne seretdim. Enem:
— Tapar-la, tapman näme. Bar, oglum, görkezip gel, zyýarat etsin, öýlänem
Garybata äkitmelisiň... — diýdi.
Men Daňňyň kakasynyň öňüne düşüp ugradym. Gidip otyrys, gidip otyrys.
Obadan ep-esli saýlandyk. Birden men yzyma seretdim. Hol, uzakdan biri
gyrmyldap gelýän ýaly. Öwran-öwran seretdim. Soň Daňňyň kakasam seretdim.
— Näme zol-zol yzyňa seredýäň, Kössekmyrat, kim ol gelýän?
Men ýene seretdim. Uzakdan bolansoň saýgardanagam. Öz-ä Daňňa meňzeýär.
— Ol Daňňymyka diýýän...
— Daňňy? — diýip, ol sakga durdy.
Ol Daňňydy. Ýöne gara görnüm geldi-de, biziň duranymyzy görüp, olam durdy.
Soň hem biz ýöresek ýöreýä, dursak durýa. Elimi bulap, gygyrýan. Gelenok.
Kakasy:
— Men ýabyň aňyrsynda garaşaýyn, bar sen git-de ýalbar-ýakar, alyp geljek bol —
diýdi.
Men yzyma dolandym. Eýdip-beýdip Daňňyny bile gitmäge razy etdim.
Kelew öňümizde, bizem yzynda öwlüýäniň gümmezini nazarlap barýarys.
Harsaň-harsaň kesekli şüdügäriň içi bilen ýolsuz-ýodasyz gidip otyrys. Hiç kim
geplänok. Boýnuma alaýyn, bu ýer gorkuly. Günortanyň günem ýeke özüm-ä o
ýerden geçmäge milt edip biljek däl. Bir gapdalyň giden mazarlyk. Toraňňy ýaly
bolup giden topbak-topbak ýylgynlaryň arasynda ajdarha çykan gulpakly ýylan
barmyş diýibem gürrüň edýärler. Baýly sopyň edil owlak ýaly çekreýän äýnekli
ýylan hakda eden gürrüňi ýadyma düşýär. Ýeke olam däl. Sag tarapyňam uzyn
köne gala. Oňa «Gulakly gala» diýýärler. Galanyň adynyň nämeden galany belli
bolmasa-da, bu galada ençeme adamlaryň gurban bolandygy belli. Öten ýyl Mürti
dagy galadan alyp, dökün etmek üçin furgona gum atýar ekenler. Şonda birden
galaň aşagyndan adamyň kelle süňki çykaýypdyr. Töweregi bilen gazyberseler,
ýene bir kelle bilen bir topar adam süňkleri çykypdyr. Mürti «Donumyň arasyna
salyp, ol süňkleri eltip, öwlüýäde gömdüm» diýýär. Bu galadan gyzyl pul
tapanlaram bolupdyr.
Göwher gelnejemiň gorkan ýerem şu galanyň içi ahyryn. Ýöne muny ýeke men
bilýärdim. Daňňam bilenokdy, kakasam. Maňa-da ony enem gürrüň beripdi.
Ahyry ýetdik. Ynha, bir tümmek gum. Şunuň içinde Göwher gelnejem ýatyr
diýseň, ynanar ýaly däl. Daňňyň ejesi daýaw, görmegeý aýaldy. Obamyzda iň
owadan gelin şo diýýärdiler.
Daňňy ejesiniň mazaryna barsa, hemişe aglaýar. Bu gezegem aglady. Kakasy iki
dyzyny ýere urup, mazardan bir gysym gum alyp, seretmäge başlady. Men bir
onuň kakasyna seredýärdim, birem Daňňa. Kakasy doňan ýaly bolup, köp oturdy.
Göwheriň guburyndan alan bir gysym gumy henizem elinde. Dem saljak ýaly, şol
seredip otyr. Ahyryn ony ýene guburyň üstüne oklap goýberdi-de, pyşyrdady.
— Razy bol, Göwher!..
Üç tirkeşik bolup ýene gaýtdyk. Daňňy iň yzda aglap gelýärdi. Hyşaly ýaba ýetdik
welin, şu ýerde bir waka boldy. Edil paýapylyň agzynda Baýly sopy pete-pet
geläýdi. Daňňyň kakasy leňkidik-leňkidik etdi-de, baryp öňünde gaýşaryp durdy.
Gözlerini Baýly sopyň görejine dikdi. Sopy rejäň geň däldigini aňdy:
— Hä, Kelew jan, gurgunjamysyň? Sag-amanja gezip ýörenmisiň? Tüweleme,
tüweleme, maşgalaňa gowşupsyň, gözüň...
— Tüket!..
Kelew şeý diýip, taýagyny göterdi welin, men-ä Baýly sopyň işi gaýtdy diýdim.
Hut beýnisini çym-pytrak etmez öýtmedim. Daňňyň kakasynyň gözleri iňňän
aýylgançdy. Sesinde näçe gahar-gazap bar bolsa-da, urmady:
— Haýýar sopy, seniň bolaýjagyňy bilýän welin, arman wagty däl...
Baýly sopy ne öňe ýöräp bilýär, ne yza. Ýöne titräp dur. Dili basylypdyr.
— Hany aýt, beýläk nirä barýaň?
— Ö-ö... öwlüýä...
— Öwlüýä diýsene... — Ol şeý diýip, Baýly sopyň ýakasyndan tutup, ýekeje eli
bilen siltedi welin, men-ä onuň gözi gögeriberdimikä diýdim. — Şu günden şeýläk,
şu öwlüýäň içine aýagyňy sekäýseň, diriligiňe gabra sokaryn... Bilýärmiň, o ýerde
kim ýatyr? Meniň aýalym ýatyr... Ho duran ýetim çaganyň ejesi ýatyr... Göwher
ýatyr...
Ol şeý diýip, ony itekläp goýberdi. Çalaja iteklän ýalydy. Bir görsem, Baýly sopy
ýabyň raýyşyndan ýumak ýaly togalanyp barýar. Telpegem yzyndan togalanýar.
Sypsa kaýyl eken. Telpeginden, galoşyndan bizar, turup göterdi ökjäni. Men bir
minutyň içinde bolup geçen bu waka haýran galyp, tä oba golaýlaýançak gepläp
bilmedim. Öýümize ýetip gelýärkäk:
— Nätdäý?! — diýip, ýylgyryp, Daňňa seretdim. Ol sesini çykarmady-da, tamyň
ýeňsesine aýlanaýdy. — Wah, şu wagt Çary keliň gerek ýeri. Elini çarpyp gülerdi.
«He, sopujyk, nätdiň, özüňden ökdä uçradyňmy?» diýerdi. Şo mahal bütin oba
buşlap çykardy...
Kelew öwlüýäden geldi, gitmek bilen boldy. Enem Çary keliň ejesinden «Gara
ýorgany» diläp geldi. Men onuň şinelini gaňňaň üstüne atyp, eşege mündüm. Goş
haltajygymam öňüme aldym.
— Daňatdy jana sag bol diýäýjekdim — diýip, kakasy tamyň ýeňsesine, oňa-muňa
seredýär welin, ýene Daňňy tapylanok. Edil ýere giren ýaly. Enemem gözleýär.
— Daňatdy, Daňatdy jan, gel, oglum, kakaň gidýä, «Sag bol» diý!..
Zym uçan ýaly bolupdyr.
— Ýeri, bolýar-da, sag oturyň, Mamur eje. Bir wagt sag-salamat dolanyp gelsem,
ýagşylygyňyzy unutman.
Ol öňe düşüp ugrady. Egni şinellikä beýle syratlydyr öýtmändim. Ol uzyn gelşikli
adam ekeni. Bilindäki ýasy guşagy, aýagyndaky gara ädigi, ýap-ýasy eginlerindäki
ýyldyzly pogonlary diýseň gelişýärdi. Seretdigimçe, gözüm gidýär. «Şunuň ýaly
kakasy bolubam, öýkeläp, gepleşmän, gaçyp ýör» diýip, öz ýanymdan Daňňa
käýinýärin.
— Wah, meň kakamam bir gelsedi. Ýekeje günlük gelse-de boljak...
Biz Mürtileň deňine ýetdik. Birden eşek agylyň içinden bir kelle görnen ýaly
boldy. Üzeňňä galaga-da, boýnumy süýndirip seretdim. Görsem, Daňňy. Çalaja
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Uruş döwrüniň oglany - 4
  • Parts
  • Uruş döwrüniň oglany - 1
    Total number of words is 3784
    Total number of unique words is 2125
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    43.4 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uruş döwrüniň oglany - 2
    Total number of words is 3841
    Total number of unique words is 2208
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uruş döwrüniň oglany - 3
    Total number of words is 3881
    Total number of unique words is 2078
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uruş döwrüniň oglany - 4
    Total number of words is 3871
    Total number of unique words is 2203
    29.3 of words are in the 2000 most common words
    43.0 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uruş döwrüniň oglany - 5
    Total number of words is 3861
    Total number of unique words is 2187
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    42.4 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uruş döwrüniň oglany - 6
    Total number of words is 3862
    Total number of unique words is 2213
    28.9 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uruş döwrüniň oglany - 7
    Total number of words is 551
    Total number of unique words is 415
    46.8 of words are in the 2000 most common words
    58.9 of words are in the 5000 most common words
    62.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.