Latin

Uruş döwrüniň oglany - 5

Total number of words is 3861
Total number of unique words is 2187
30.2 of words are in the 2000 most common words
42.4 of words are in the 5000 most common words
49.4 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
bilenok. Mişa bolsa oňat gepleýär. Soňky ýylyň tomsuna çenli ol, azajyk dili
çalgyrdrak diýäýmeseň, türkmen dilini kemsiz öwrendi.
14-nji bap: PETÝA ŞOKOLAD
Belli ussa frontdan gelip, ýekeje hepde dynç aldy. Onda-da özüne özi täze aýak
ýasandy. Öňki aýagymyň ynjalygy ýok diýýär. Täze öz ýasan aýagyny dyzyna
geýdirýär welin, men-ä ylgaşsa-da galjak dälmikä diýýän.
Ol ýene gadymkyja ussahanasynyň gapysyny açdy. Gideli bäri bu jaýa telim ussa
gelip gidipdi. Ilki bir lezgi ussa işledi. Onuň-a döwük bedrä düýp salmak bilen
käse-çäýnek çeňklemekden özge oňaran zady bolmady. Bir gyş işledi-de gitdi. Soň
ogly bilen bir rus adamy geldi. Olaram diňe eşek araba ýasady. Ussa ekenler.
Tutlaryň hem soňuna çykdylar welin, ähli hojalygy eşek arabaly hem etdiler. Soň
Magmyra diýýän bir ýaşuly ussa işledi. Onda hünär bar eken. Agaç bolsun, demir
bolsun, başarmaýan zady ýok. Adamlar «Magmyra tüpeň ýasar diýseňem
ynanaýmalydyr» diýip, onuň tarypyny edýärdiler.
Belli ussa ilki bilen harap bolan körügini ýamady. Gurallaryny bejerdi. Ýoklaryny
ýasady. Täze tapdy, ýerbe-ýer etdi. Soň ýanyna-da iki adam diläp, çöle gitdi.
Telim gün meýdanda bolup, gandym ýakyp, kömür ýasapdyr. Kolhozyň bir hatar
erkegine ýükläp, ganar-ganar edip çekdiler.
«Belli ussa dükanyny açjakmyş» diýen habar ýaýran gününden ussahananyň
işigine azal, seýalka, borona ýaly zatlar üýşüp başlady. Ozal ählisi meýdanda, ekin
ýerleriň gyrasynda dagar ýatardy. Kätmen taplatjak, pil saplatjak, orak dişetjek...
oba adamlary ýagyp dur. Näçe işlese, Belli ussa iş bar.
Belli ussaň dükanynyň işigi bejeriljek gurallaryň mekany boldy. Içi hem
gürrüňçiligiň öýjügi. Meniňem baralgam şo ýer. Belli ussa diýeniň ýumşak adam.
Ula-kiçä deň. Onsoň hem men bu ýerdäki ýaly gürrüňleri hiç ýerden eşidip
bilmejegimi bilýärin. Oýnaýyn diýsemem, oýnara boş gezip ýören oglan ýok.
Bir oýnaýanym Mişady. Onuň ejesinem kolhoza doňuz çopan etdiler
oturyberdiler. Mişa-da indi şoňa kömekleşýär. Käte-käte jojuklary öňüne salyp,
bakmaga äkidýär. Menem birki ýola gidip gördüm. Doňuz çopan bolmagam kyn
iş. Ondan ussaň ýylyjak körüginiň ýanynda oturyp, gürrüň diňläniň gowy. Illi aga
dagy ýalylar üýşende has-da ýygy-ýygydan uruş hakda agzaýarlar. Dogrusy, men
ol gürrüňleriň köpüsine düşünemokdym. Ýöne düşünmeseňem, olaryň jedelini
diňlemek gyzyklydy.
Bu gün ýene geldim. Mişa-da ýanymda. Näme üçindir, Belli ussaň ýanynda bir
adam hem ýok. Tukatlygy ol hem halanok.
— Hä, gurgunjamysyň, Kössek! Bu gunler görneňok-la. Näme pişe edýärsiň? —
diýip, baranymdan içime-daşyma geçip barýar. Ýogsam, görnüp-görünmän, baryýogy ýekeje gün barmandym ahyry.
— Aý, hiç-le... — diýdim.
— Hijiň-ä bolanok. Men saňa bir ýerde işleýänsiň öýdüp ýörün. Okuwyňdan soň
sölpüldäp gezip ýörmüň?
Men hawa diýen yşarat edip, başymy atýaryn.
— Baý-bo-w, Petka-da işlänokmy?
Ol Mişanyň adyny Petka diýip tutýar. Onuň ady Petka däl, Mişa diýip, telim sapar
aýdýanam welin, ýene Petka diýýär. Uly adama zol-zol öwredip durmagyňam
gelşigi ýok.
— Hawa, Petka-da işlänok — diýdim.
— Men ejeme doňuz bakyşýan — diýip, Mişaň özi aýtdy.
— Görýärmiň, sen bolsa işlänok diýýäň. Petka işleýän ekeni — diýdi-de, Mişaň
ýüzüne seredip ýylgyrdy. — Leningrady göresiň gelýärmi?
— Göresim gelende nädeýin?..
— Howlukma, ynha, gidersiň. Biziňkiler kowup ugrapdyrdar. Leningradyň
gabawy uzaga çekmez. — Ol şeý diýdi-de, haltadaky kömürden iki susak alyp,
ojaga oklady. — Bas bakaly, Kössek jan!
Meniň häliden bäri garaşýanym şody. Uzyn sapyna ýapyşyp, körügi çekmäge
durdum. Wassyk-wassyk edip, ody körelip ugrady. Belli ussa çym gyzyl bolan bir
bölek togalak demri gysaç bilen tutup, otdan çykardy.
— Hany, Petka şokolad, senem şuňa ur!
Mişa ýekedaban bilen ýaňky demri ýasylap ugrady.
— Belli aga, sen näme «Petka» diýýäň, «Petka şokolad» diýýäň, dogry adyny
tutaňok. Munuň ady Mişa diýip, ozal aýtdym ahyryn — diýdim.
Onda-da:
— Aýtsaň aýdyber, munuň ady Mişa däldir. Bu, Petýa bolmaly — diýýär.
— O näme üçin Petýa bolmaly?
— Ynha, şu demri pluga oturdalyň. Onsoň, men size näme üçin Petýa
bolandygyny aýdaryn.
Ol derrew demri ýasylady. Iki ýerinden deşdi. Suwa oklap, sowatdy-da, pluga
oturtdy.
— Ine, bu-da taýýar...
Ol agaç töňňäň üstünde oturyp, çilim dolandy, otlady, birki gezek sordy. Gapdaly
çyzykly burnunyň iki deşigindenem zogdurylyp tüsse çykdy.
— Mişa, sen näçe ýaşyňda?
— On bir.
— Be, Petka-da on birdi öýdýän. Ýa on bir, ýa on ikidi. Sen asyl şonuň özi
bolaýma, how? Sary saçyňam meňzeş. Gök gözüňem. Bolşuňam edil şol.
Biz onuň Mişany kime meňzedýänini bilmedik. Ol ýene üç-dört ýola çilim sordyda:
— Biziň polkumyzda Petýa atly bir oglanjyk bardy. Oňa ozallar polkuň ogly
diýerdik. Ýöne ol gyjak çalmaga şeýle bir ökdeledi welin, hemme kişi onuň adyny
Petýa gyjakçy diýip tutup başlady. Duşman duýdansyz çozup, daşymyzy gabanda,
ýerzeminiň içinde galanlaryň arasynda Petýa gyjakçy hem bardy. Duşman şeýdip
bizi ýesir aljak bolýardy. Emma biziň diri ýesir düşjek gümanymyz barmy. Biz
Watanymyzy iň soňky damja ganymyza çenli goramalydyk. Biz şeýle etmäge
kasam edipdik.
Gije ýerzeminiň penjiresiniň öňünde nobatçylyk çekip durdum. Aňyrrakda tamyň
düýbünde bir gara zat gymyldan ýaly boldy. Ýaragymy ykjamlap, seredip otyryn.
Ýene gymyldady. Men ony duşmandyr öýdýän. Golaýa gelensoň atjak. Bir görsem,
ol duşmana meňzänok. Özem bir zat süýräp, bagry bilen süýşüp gelýär. Golaýjyga
geldi welin, gygyrdym.
— Kimsiň, galdyr eliňi?..
— Men, men... Petýa gyjakçy...
Ol şeý diýdi-de: «Al, şu simi çek» diýip, ýatan ýerinden simiň ujuny uzatdy.
Zordan çekip, penjiräň öňüne getirdim. Görsem, uly bir ýaşşik. Biline sim dakyp,
süýräp getiripdir. Men ýaşşik agyr bolansoň, onuň içindäki okdur öýtdum.
Ýaşşigi içerik çekip aldym welin, Petka-da içerik bökdi. Komandire habar berdik.
Ol: «Birugsat bir adam hem bir ädim ätmeli däl» diýipdi. «Kimem bolsa, jezasyny
alar» diýip, käýinip geldi. Ýaşşigi açyp görsek, içi doly şokolad. Petýa ony bomba
düşüp ýykylan skladyň içinden tapypdyr. Ertir irden komandir adam başyna iki
şokoladdan paýlady. Iki günüň açlygy, hezil edip iýdik.
Şondan soň biz onuň adyna Petýa şokolad dakdyk...
— Oň öz-ä ilki iýip-iýip, doýup gelendir — diýip, men agzymy suwardyp soradym.
— Ýok, ýekejesini iýipdir. Haýran galdyk. Aç, ýöne iýmändir. Oňa-da komandir,
edil beýlekilere berşi ýaly, iki şokolad berdi. Petka birini yzyna uzatdy-da: «Men
ýaşşigi açyp göremde, birjigini iýipdim diýdi. — «Zyýany ýok, tapanyň üçin bu
saňa sylag bolaýsyn» — diýip, komandir arkasyna kakdy: — «Ýöne indi, birugsat
gidäýseň welin, eşitmedim diýme?..» — «Bor, ýoldaş komandir...»
— Ine, meniň Petka şokolad diýýänim şol oglan. Seniň şu dostuňda-da şonuň
syny bar. Uruş gutaransoňam Mişkany goýbermegin. Kolhozda galybersin.
Biz gaýtjak bolanymyzda, Belli ussa ýene sargady:
— Seniňem indi beýdip ýörmegiň bolanok, işlemegiň gerek...
Meniň özümem ygyp ýörmeden ýadadym. Hemme adam işleýär, men gezip ýörün.
Ýöne näme işläýin. Sesimi çykarman, şeýle sorag bilen ýüzüne seretdim.
— Eger iş tapmaýan bolsaň, gel, men saňa iş tapyp bereýin.
Men begenip gitdim. Öz ýanyna körük çekýän edip alar öýtdum.
Ertesi gel diýen wagtyndan hem has ir geldim. Belli ussa elime ýalaw ýaly palta
berdi-de, kürreli eşegine mündürdi.
— Bar, şolar bilen git. Näme iş edýän bolsalar, senem ediber...
Men nätanyş adamlaryň yzyna düşüp gidip otyryn. Olar uzak gitdiler. Ahyram bir
ýylgynlyk ýerde düşdüler.
— Ynha, han ogul, şu ýylgynlardan çap-da, takyrjak ýerde pürüni bir ýana,
düýbüni bir ýana et-de goýuber...
— Onsoň?
— Onsoňy ýok, bolany şol.
Men ýylgyn çapmaga başladym. Gujak-gujak edip üýşürýärin. Ýöne onuň nämä
gerekdigini welin bilmeýärin. Soramaga-da ejap edýärin. Biz ýygyp, üýşürdiküýşürdik-de, gaýdyberdik.
— Ýeri nätdiň, ýygyp bildiňmi? — diýip, Belli ussa öňümden çykdy.
— Hawa, ýygdym, ýygman näme.
— Aý, tüweleme, ol bizden köp ýygdy — diýip, bile gidenleň biri meni öwdi.
Ertesem gidip, täzesini ýygdyk. Öňki ýyganlarymyzyň bolsa pürüni çuwala salyp,
alyp gaýtdyk. Ýylgynpür ýygmak şeýle bir kynam däl. Iki günde ussat bolup
bolýar. Şu gün ýygyp-ýygyp, takyrjak ýere üýşürmeli. Ertirem baryp, çybygyndan
tutup kakaýmaly. Ähli püri gurap dökülýär. Onsoň, çuwalyňa dyk-da gaýdyber.
Getiren bir çuwal ýylgyn pürümi göterip, Belli ussa magazine eltdi. Magazinçi
çekip aldy-da, iki tokga çaý bilen, ei-esli pampasa berdi. Belli ussa:
— Bar, çaýyňam, süýjiňem eneňe eltip ber. Indiki getireniňe-de, ýag alarys —
diýdi. Begenjimden ýaňa ökjäm ýere degmedi. Meňem ýene gidip, şu günki
ýyganlarymyň-da pürüni äkelesim geldi. Ýöne eýýäm giçdi. Her niçigem bolsa,
men Belli ussadan soramasam ynjalmadym.
— Ýylgynpüri näme edýärkäler, Belli aga?
Ol gulagyma agzyny ýetirdi-de, ýuwaşja aýtdy.
— Fronta gerekmiş...
15-nji bap: «URŞA GITMEK ÜÇIN TUWAKTAGAN JAN ÝALY BOLMALY»
Meniň häsiýetim şeýle. Bir zada geň galsam, düýşümde şony görýän. Gezip
ýörkämem ýadyma düşýär. Belli ussaň Petka şokolad barada aýdany ýadyňa
düşmez ýalymy eýsem. Petka şokolad, gör, nähili batyr oglan eken. Özgeleriň
çykyp bilmeýän ýerzemininden duýdurman çykypdyr. Bir topar aç adama şokolad
tapyp beripdir. Onsoň, heý, ony tanamazlarmy! Wah, menem şonuň ýaly bolup
bilsemdim. Mişa ikimizem telim gün bäri ýylynpür ýygýas. Dogry, bu-da fronta
kömek. Ýöne kömek edeňde, Petýaňky ýaly edäýseň. Ýylgynpür ýygmagy kim
başarmaýar. Petka şokolad Mişaňam ýadyna düşýärmikä?..
Men doňuz ýataga tarap gitdim. Ýanyna baranymdan soň:
— Mişa, seňem düýşüne Petýa girýärmi? — diýdim.
— Haýsy Petýa? — diýip, onuň perwaýyna-da däl. Kiçijik jojugy gujagyna alyp,
sypalap otyr.
— Ýitirsen-äýt, haram jojugyňy, nämedir öýdýäň — diýip, men jojugyň böwrüne
dürtüp goýberdim.
— Heý-heý, içini sanjyladarsyň — diýip, Mişa gaharlandy. Jojuk «hork» edip,
Mişaň elinden sypyp, gaçyp gitdi. Şo mahal enemiň: «Oglum, Mişalara barsaňam,
doňuz elläýmegin» diýeni ýadyma düşdi. Wah, arman, haram zady elläýdim diýip,
ellerimi kakyşdyrdym-da, Mişaň üstüne herreldim.
— Haýsy Petýa bor öýdýän, Petka şokolad!
— A-a... — diýip, Mişa ýylgyrdy. — O Bellk ussaň aýdýany diýsene. Aý, ol...
— Näme, göwnüň ýetenokmy?..
— Ýetýä-le. Ýöne, bilýämiň, uruşda ondan beterräk gahrymançylyklaram
bolýandyr...
Meniň gaharym geldi. Ol köp bilen kişi bolýar. Urşuň ýanyndan gaýdypdyr.
Görkezen gahrymançylygy ýok. «Men onuň ýerine bolan bolsam, ondan hem köp
gahrymançylyk ederdim» diýip, ýene öwünýär. Onsoň men durup bilmedim.
— Sen doňuz bakmadan başga hiç zady-da onaraňok.
— Menmi? Men bir-ä donuz bakamok. Ony ejem bakýar. Onsoň hem göräýeris...
— Ýör, görjek bolsaň, näme otyrsyň?
— Nirä?
— Nirä bor. Fronta, urşa...
— Heý, akmak kelle. Bäri-bärde front barmy?
— Bolmanda näme. Otla münseň elter. Ýöne sen gorkýan diýsene?!
— Sensiň ol gorkak. Men gorkýan däldirin. Men...
— Ýok, sen gorkak.
— Sen gorkak...
— Gel, gorkmaýan bolsaň, Akja tama baraly-da, otla münup gideli. Arada gyzyl
wagonlary görkezip: «Şular fronta barýar» diýen özüň dälmidiň? Hany, aýt, şeý
diýdiň gerek?
— Diýemde näme?..
Mişa pikire çumdi. Sesini çykarman oturdy-oturdy-da:
— Be, gidäýsek, faşistlerden arymyz-a alardyk. Özümiziňkilere kömegimiz-ä
degerdi — diýdi.
— Ýogsam näme faşistlerdenem, Gitlerdenem, frislerdenem, hemmejesinden
arymyzy alarys.
— Ýolda Leningrada-da bararysmy? Meniň öýümizi göresim gelýär.
— Bolýar. Ilki Leningrada baraly. Soň uruş nirede bolsa taparys. Bize-de ok-ýarag
bererler. Bermeselerem näme...
— Ýarag hiç-le. Kinodakylar ýaly, bizem ölen nemesiň tüpeňini alaýarys. Wah, şu
wagt mennň elimde tüpeňim bolsady. Ho ýerdenem frisler geçip barýan bolsa.
Onda şu doňuz ahyra tirsegimi dirägede: tatyr-tatyr... Dost jan, meniň olary
ýigrenäýşimi sen bir bilsediň. Olar seň kakaňy öldürdi. Men kakamy öldürdi.
Öýümizi bombaladylar...
Ine, indi Mişa-da kakaň öldi diýýär. Haýsy birine aglap, enemiň ýanyna gideýin.
Ýok, indi mert bolmak gerek. Kakam gözümiň öňüne geldi. Çary keliň agalary
ýadyma düşdi. Ylaýta-da Aşyr diýsene. Ol bize nähili gowuja gurşunly kenekler
guýup bererdi. Birdenem Belli ussaň frontda goýup gaýdan aýagy ýadyma düşdi...
Batyrlanan ýaly boldum.
— Ýör, halypa, gideli. Biziň obada işimiz ýok...
Mişa ylalaşdy.
— Gideli. Ýöne bu gün däl. Köp ýöremelidir, ýol şaýymyzy tutaly. Sen bir haltajyk
taparmyň, içine gaty nan salar ýaly?
— Bizde halta näme işlesin. Bir haltamyz bardy, ony hem söküp, enem maňa
balak tikdi. Görýäň-ä, ýeke balakda gezip ýörün. Munuň hem dyzy ýamaly.
— Zyýany ýok. Haltaň bir alajyny taparys.
Iki gün iki bolup, gaty-guty nan ýygnadyk. Kiçiräk çuwala saldyk. Men köp
mahaldan bäri törümizde ildirilgi duran suw meşigi aldym. Suwa atyp goýduk
weli, ertire çenli ýumşapdyr. Suwdan doldurdyk. Mişalar ýaňyrak baýrak berlen
doňzuny soýupdyr. Ony ejesine doňuzlary oňat idedeni üçin sylag beripdirler.
Ondan hem ep-eslije ýagy Mişa kagyza dolap getirdi. Daňňyň kakasynyň bagana
possunyny hem aldyk. Ol bize hem düşek boljakdy, hem ýorgan. Ýöne ony ýene
taşlamaly bolduk. Agyr eken. Agşam garaňky düşdi. Ähli zadymyzy obadan
çykaryp, gizläp geldik. Ertir irden akja tama ugrabermeli. Goşsuz gitseň, kim
güman etjek. Biz täze salnan otly duralgasyna bolmanda-da az gidemzok ahyryn.
Ertir irden turdum. Nämedenkä, galpyldaýan. Ýüzüm lap-lap gyzýar. Şu wagt
enem maňa seretse, gürrüňsiz aňar. Ol seredenok. Sebäbi, ertir namazyny okap
otyr. Gaýtam, men oňa seredýärin. Enemi gaty gowy görýärin. Indi aýrylyşmaly.
Kim bilýär näçe wagtlyk? Hökman hoşlaşmaly: «Indi görüşsek-görüşmesek, hoş,
sag bol, ene» diýýärin. Fronta gidýänleriň hemmesem şeý diýýar ahyryn. Ýöne
olar daşyndan diýýär. Men içimden diýdim. Eger şu wagt daşymdan aýdaýsam,
onuň namazyny bozup, «Gitmersiň?» diýip, ýapyşjagy hak. Şonuň üçinem
içimden hoşlaşdym.
Biz gün öýle bolýança ýylgynyň düýbünde ýatyp, otla garaşdyk. Biziň münjek
gyzyl otlymyz gelenok. Adamlar ertirden bäri razýezdde duran bäş-alty sany üsti
açyk wagona bede ýükleýärler. Meniň kelläme bir pikir geldi. Ony Mişa aýtdym:
— Meniň çakym çak bolsa, şu bede fronta iberilýändir.
— Näbilýäň?..
— Bilýän. Kakam dagy atly goşundady. Bu şolaň atyna gerekdir.
— Be, şeýle bolaýmagam ähtimal, Kössek. Ýör, onda müneli.
Razýezdiň stansiýaly taýy adamlydy. Beýleki taýy çöl. Sazakdyr ýylgynlar bag ýaly
bolup otyr. Mişanyň arkasyna içi nanly çuwal daňylgydy. Meniň bolsa elim suwly
meşiklidi. Biz üsti bedeli wagona dyrmaşdyk. Bedäň üsti erbedem däl. Hem
ýumşak hem ýylyjak. Köwüp-köwüp, ikimiz sygar ýaly öý etdik. Indi haçan gitse,
gitsin. Hawa, şu ýerde ýene bir zady aýdaýyn. Mişa ikimiz dawalaşyp, otla
münmänkäk, tas öýkeleşip gaýdypdyk. Ol gündogara gidýän otla münmeli diýýär,
men bolsam — günbatara. Ahyram eňek bermejegini bilip, men aýtdym:
— Mişa, dost, şu gezejik meniň diýenimi et. Krasnowodskä baraly. O ýerde Çary
kel bilen Daňňynam alarys. Onsoň sen arkaýynja bolaý. Baý-bow, sen Çary keliň
şu zeýilli ýerde ugurtapyjylygyny, hiý, goýaý.
— Be, şeýtsekmikäk?! — diýip, Mişa gowşady oturyberdi. Ynha, indi ikimizem
otlyň üstünde otyrys.
Köp garaşmaly bolmady. Gijara gündogardan haşlap, bir otly geldi. Içi doly mal.
Käsinde sygyrlar gözlerini mölerdip dur. Käsinde goýun-geçi gözenekden
kellesini çykaryp görünýär. Biziň bede ýüklenen wagonlarymyzy hem şoňa
tirkediler. Otly dartyp ugrady. Kä durup, kä ýöräp, gidip barýarys. Heniz
görmedik ýeriňi açyk wagonyň üstünde synlap barmak hezil. O gün ýöredik,
gijesem ýöredik. Ikinji gun, nirededigin-ä bilemok, otly gaty köp durdy. Şonda
başga bir otly hem yzymyzdan ýetdi-de, ýanaşyk duruberdi. Onuň welin urşa
barýany ikuçsuzdy. Üstünde brezent ýapylan uly tanklar, toplar agzy saralgy
nillerini uzadyşyp dur. Mişa bededen kellesini çykaryp, töweregine seredişdirdi.
Hiç kim ýok.
— Kössek, tur, ol otla geçeli, Ol has tiz barar...
Ikimizem bökdük. Derrew üsti ýapylgy tankyň aşagyna sümüldik. Bagtymyz
getirdi... Iki wagonyň arasynda duran eli ýaragly soldatam bizi görmedi. Ýöne
boýnuma alýaryn. Şol otla geçip, ýalňyşypdyrys. Muny soň bildik.
Otly çalt gidýärdi. Kä ýerde bir säginip, ertesi gunortana galman, Krasnowodskä
geldi. Men öýümize ýeten ýaly begendim. Daňňy bilen Çary hem şu ýerdedir. Men
olary görjek bolup, zol brezentiň etegini galdyryp yşlaýaryn. Mişa ýapýar, men
açýan. Göwnüme bolmasa, «Häý, zaluwatjyklar!» diýip, Çary kel bir ýerlerden
çykaýjak ýaly.
Daňňy nire, Çary nire... Gaýtam, wagonymyzyň töwereginde hümürdi köpelip
ugrady. Platformalara soldatlar towsup mündüler. Daňlan ýüplerini çözüp,
brezentleri sypyryp başladylar. Alajyň näme, tankyň tigrine bukulyp, gözümizi
ýyldyradyp otyrys. Bir soldatyň bizi görüp, tas zähresi ýarylypdy. Elindäki ýüpi
taşlady-da, naganyna ýapyşdy:
— Eliňi galdyr!
Naganyň agzyny özem göni maňa çeneýär. Men endamymdan eýýäm telim ok
geçdimikä diýdim. Sandyr-sandyr edýän. Mişaň sakawlap: «Biz özümiziňki, biz
özümiziňki» diýýäni çala gulagyma ilýär.
Soldat elini salgady. Ýene bäş-alty soldat bilen bir ofiser ylgap, platforma mündi.
Bizi otludan düşurip, alyp gitdiler.
Otlyň gelerine mähetdel, parohod garaşyp duran eken. Tanklary ýeke-ýekeden
derrew parohoda mündürip ugradylar...
Mişa ikimiz gazamatda ýatyrys. Bu düýşüm däl, hakykat. Düýşüňde-de kä mahal
şoň ýaly ýere düşýäň. Ýöne onda derrew çykaýýarsyň. Häzir welin otur gözüňi
garalt-da. Bolsa-da, gazamat öňki aýdylyşy ýaly, şeýle gorkunç däl eken. Nanymyz
bar. Suwumyz azalypdy. Ýöne entek gutaranok. Onsoňam gutarsa, garawuldan
haýyş etsegem tetirip berer-le. Olaram adam ahyry. Gazamatdalygyndanam bolsa
bilemok, Mişaň doňuz ýagyndan dadyp gördüm welin, ol-a süýji eken. Haýp,
otlyň üstünde şunça iý diýse-de, haram diýen bolup iýmändirin.
Iki gün sakladylar. Üçünji güi gazamatdan çykaryp, ýene wokzala eltdiler.
— Daýy, bizi nirä ugradýarsyňyz? — diýip, Mişa beýlerekde mahorka dolap
oturan pezzik murtly, gazak sypat garry milisionerden sorady.
— Nirä bor öýdýäňiz? Öýünize bor-da...
Ikimiz birden seslendik.
— Biz fronta gitjek ahyry.
Garry milisioner kinaýa bilen seretdi.
— Fronta gitjek... Entek burnuňyzyň sümügini oňaryň. Ikiňiziňem o ýerde eneňiz
dälirejek bolýarmyş. Siz bolsa bu ýerde... Düýn neçelligimiz tilpunda gepleşdi.
Oba şuraňyz ikiňizi hem yzyna dolaň diýipdir. Ýogsam sizi şu ýerde FZO
ýerleşdirjekdiler.
— Şeýdäýseňiz-le, daýy. Bizi fronta ibermeseňiz, FZO iberäýiň-dä — diýip, men
ýalbardym.
— Bolmaz, bolmaz. Aýdýan-a size ejeňiz garaşýa diýip.
Ýaşuly milisioner ep-esli dymyp oturdy. Bizem sesimizi çykaramzok. Ol gezmelän
boldy. Ýene ýanymyza geldi.
— E-e-eý, oglanlar, oglanlar... Siz fronta gitjek diýýärsiňiz. Fronta gitmek üçin,
bilýäňizmi, Tuwaktagan jan ýaly bolmaly.
Ol şeýle diýdi-de, kiteliniň goltugyndan bir bukja çykardy. Bukjaň içindenem egni
ýyldyzly pogonly bir surat aldy. Mişa ikimiz seretdik. Ol suratyň ýaşulynyň
ogludygy soramasaňam belli.
— Ine, meniň Tuwaktagan jan diýýänim şu. Oglum. Dogumyň öýüdir görseňiz.
Sizçe ýokka-da, Hazaryň içinden ýekeje özi balyk köküni tutup gelerdi. Gaýyk
sürmäge dagy diýseň ezberdi.
Ol gürrüňiniň arasyny kesip, oturýar-oturýar-da, ýene başlaberýär:
— Meniň Tuwaktaganym maladisdir-le. Uruş turdam welin, woýenkomada baryp:
«Menem alyň» diýdi, «Men fronta gitjek» diýdi. Woýenkomlaram adam bakýar.
Gözüni göreninden dogumly oglany tanap durlar. «Seni alman, kimi alaly, tut
şaýyňy» diýdiler. Fronta baran badyna-da kemendir edipdirler. Öňregem bir hat
geldi: «Nurjan aga, seň ogluň Tuwaktagana batyrlygy üçin orden berildi» diýip
ýazypdyrlar. Soň iki medal aldym diýip, özi hem hat ýazdy. Gelýençä, döşünä-hä
apbasy dakylan ýaly etjek, tüweleme!..
Otly gelip durdy. Ol bizi öňüne salyp, birinji wagona tarap äkitdi. Wagonyň
agzynda duran hyrsyz milisioner elimizden tutup mündürdi-de, wagonyň içine
ýeňsämizden itip goýberdi.
— Heý, göni ejeňiziň ýanyna baryň! Gaýdyp, şunuň ýaly bezzatlyk edäýiji bolmaň.
Elime düşseňiz, ýaman ederin... Bu sapar size dözmezçilik etdim! Indi çyn
gazamatda saklaryn... — diýip, häki milisioner oglunyň suraty salnan bukjany
eline alyp, aňryk gitdi. Biz iňkise gitdik. Gazamadyňam çyny-ýalany barmyka?..
Wagondan çykarman, alyp gaýdyşlaryna, ikimizem Garybatada düşürdiler.
Görsem, enem, Mürti, Mişaniň ejesi, jigisi, ýene bir milisioner... bize garaşyp dur.
Ylgap baryp enemi gujakladym.
— Wah, balam, dirimisiň? — diýip, ol gäzümden-ýüzümden ogşaýar hem aglaýar.
Menem agladym. Mişa bolsa ejesi agzyndan gelenini diýip käýinýär.
Mürti ikimiz bir eşekde, enemem birinde öýümize gaýtdyk. Tä gelinçäk,
öňümizden çykanlar enemi gutlady:
— Gözüň aýdyň. Mamur eje, agtygyň tapylypdyr!..
Bularyň her biri şeýle diýende utanyp, meniň ýüzüm gyzýar. Tapylyp-tapylman,
biz ýitemzok ahyry. «Mamur eje, gözüň aýdyň, Kössek frontdan gelipdir» diýip,
birjigi aýtsa-da boljak welin, arman, hiç kim aýdanok.
16-njy bap: KÖSSEK BAZAROW BILEN MIŞA ANTONOWDAN SOWGAT
Ýyllar geçip dur. Uruş gidip dur. Goranmak fonduna yzly-yzyna zat ýygnalýar.
Biri: «Gyzyl-kümüş şaýlarymyzy bereliň, gizräk ýeňip gelerler ýaly» diýip çakylyk
ýaýradýar. Her kim bir-birinden kem oturjak däl. Egme, bilezik, apbasy, bukaw...
üýşýär. Birnäçe gün geçýär. Ýene ellik-jorap ýygnalýar. Öňki gezek enem barja
ýüňümizi darap, egrip, akja jorap örüpdi. Içine hatjagaz hem salypdyk. Hatyň
mazmuny şeýledi. Bulary enem aýdyp berdi. Men ýazdym: «Eý, soldat, ýigit!
Saňa şu joraby iberen Bazar Atajan oglunyň ejesi. Geýmek nesip etsin. Şu jorap
ýyrtylmanka ýeňdik diýip dolanyp gel. Senden etjek bir haýyşym. Meniň
oglumdan hat gelenok. Eger görseň, Bazar jana salam aýt! Eneňem, ogluň
Kössegem sag-gurgun diý. Ol hat ýazsyn. Biziň ýüregimiz gysýar!..».
Hatyň gowşanyny, gowuşmanyny bilemok. Kakamdanam hat gelmedi, jorap
iberenimizdenem.
Ine ýene-de iller zat eltip başladylar. Pagtaly jalbar, bagana gulakjyn, içmek... Her
kim bir zat berýär. Biziň içerimizde berere zat ýok. Enemiň gynanýany belli:
— Häk, şu wagt, kakaň possuny bolsa bolaýjak eken welin... Onam Baýly sopa
beräýdik — diýýär.
Men tasdan «Possuna-ha Baýly sopudan alnandyr» diýipdim. Dilimi dişläp
saklandym. Ony aýtsaň, boljak däl. Ozalam iliň gürrüňi ýaňy ýatyşdy: «Baýly
sopy üzüm satmaga barýarka, gündiziň güni eşegini urküzip, ýykyp, garakçylar
talapdyrlar. Tas boýny oňurlan eken. Henizem boýnuny towlap bilenok...»
Bu gürrüňleri eşidip, meniň güle-güle içim gyrylýardy. «Gatyrak ýykylan
bolaýbilseýdir» diýen bolardym. Enemiň gahary gelerdi. «Bir bende-hä şeýle
jebir çeker, senem gülýäsiň. Utanaňokmy, aýypdyr» diýerdi. Ýeri, onsoň, nädip
aýtjak. Aýtsaň iş pyrryk. Ýogsam possunyň samana gömülgi duranja ýeri gözümiň
öňünde. Enemiň şo possuny goranmak fonduna berseň, derek tutjakdygyny
ýatladany gowy boldy. Ýogsam nätjegimizi bilmezdik. Ýa çüýrärdi, ýa güýe iýerdi.
Bir ýola men gatyja syrkawlapdyryn. Şonda enem Baýly sopa doga getirtdiripdirde, aklyk diýip, possuny berip goýberipdir. Baýly sopy ony doga ýazan molla-da
bermän, özi alaýypdyr. Utananogam. Ony gaty sowuk bolsa geýerdi, bolmasa-da,
mydama eşeginiň üstünde eplengi durardy. Nämesindendigini bilemok, possuny
her göremde nebsim agyrýardy, Ahyry aldyk. Ynjaldym. Ýok, ol possuny hökman
goranmak fonduna bermeli. Ýöne nädip? Eltseň: «Kössek Bazar ogly possun
berdi» diýip ýazarlar. Ony hem biri görer-de: «Bü-ýä Baýly sopyň possuny» diýer.
Aslynyň kakamyňkydygyny kim bilýär. Kakam ony geýenokdy ahyryn. Soň
eneme-de eşitdirerler. Ile ýaýrar. Baýly sopyny talan garakçy hem men bolaryn...
Bu çolaşyk işden başym çykmady. Mişa aýtdym. Olam çolaşyk iş diýýär. Wah,
Çary keliň gerek ýeri. Gürrüňsiz bir alaç tapardy.
Nätjegimizi bilmän, Mişa bilen fonda zat ýygnalýan jaýa bardyk. Momman aga
possunlary bir ýana, nagtaly güpbüleri bir ýana, pagtaly balaklary eýläk,
gulakjynlary beýläk üýşürip dur. Kakyp-silkip, ugratmaga taýýarlaýar. Özem
halys ýadapdyr. Mişa ikimiz birsalym kömekleşdik. «Goranmak fonduna zat
alýaňyzmy?» diýip, getirýänler köp. Biz öýlänem kömekleşmäge geljegimizi
aýdyp gaýtdyk.
Enem öýde ýokdy. Biz possuny saman jaýdan derrew öýümize getirdik, samanyny,
çöpüni aýryşdyrdyk. Soňra «Kössek Bazarow bilen Mişa Antonowdan» diýip, bir
kagyzjyga hat ýazdyk-da, onam içine çatdyk. Işimiz şowly boldy. Mişa ilki girip,
Momman aga haltalaryň agzyny açyşan kişi boldy, ony gürrüňe güýmedi. Men şol
wagt possuny eltip, beýlekileriň arasyna goşdum. Şo günem daşyny sarap,
furgona basdylar-da, şähere äkitdiler.
— Be, o possuny kim geýerkä? — diýip, Mişa öýe ýetip gelýärkäk ýatlady.
— Kim geýse, şol geýsin. Baýly sopy geýmese bolýar. Kim bilýär, belki, kakama
gowşar...
17-nji bap: OGULJEMAL HARMAN
Urşa diýip, obaň galanja adamlaram günde-günaşa gidip dur. Gidenleriň
käsinden hat gelýär. Käsindeňem mämişi kagyz... Eýýäm Baýramyň patasy alnaly
bäri, Illi agaň inisi Akmyratdan, Çary keliň iki agasyndan şol kagyz gelipdi.
Obamyzdaky boş duran iki tamyň biriniň eýesi Çopandanam şeýle habar gelipdir.
Ýöne yzynda gowşurara adam bolmansoň, gelen haty goýaýypdyrlar. «Şeker
mugallym bilýärmiş, başga-da bir topar adamdan şo ýigrenji kagyz gelenmiş»
diýip gürrüň edýärler. Enem soňky günlerde üýtgedi. Was-wasa düşen ýaly boldy.
Biri işikden gatyrak ýöräp geçse-de, laňňa ýerinden galýar. Mürti käýarym
oturmaga gelse-de, Muhat aga gapydan boýnuny uzadyp: «Sag-aman
oturanmysyň, Mamur?» diýip geçse-de, yzyndan: «Şular biziň töweregimizde
aýlanýar. Bir zat eşiden bolaýmasynlar» diýýär. Men enemi köşeşdirýärin.
Ondan-mundan eşidenje gürrüňlerimi aýdyp berýärin. «Kakam bardyr, hat
geler» diýen bolýaryn. Men şeý diýýärin. Ýöne gun geçdigiçe, tamam azalýar.
Bir günem ýaýbaň güzerde suwa düşüp ýördük. Baýly sopyň gyzy Oguljemal
arkasy mis küýzeli suwa geldi. Ona Oguljemal harman diýerdiler. Harman diýseň,
harman. Daýaw gyzdy. Oňa Göwher gelnejemiň: «Oguljemal menden ýekeje ýaş
kiçidir» diýýäni ýadymda. Ol bize:
— Çykyň, beýlede düşüň. Men suw aljak — diýdi. Oglanlaram hötjet, edäýýälermi
näme. Oguljemal ählimiziň köýnek-balaklarymyzy suwa oklap goýberdi.
Meniňem gaharym geldi. Eşiklerimi suwdan alyp, ýabyň aňry boýunda guradyp
durkam, dilime gelenem şu boldy:
Oguljemal harman,
Harmana barman,
Aýagy kätmen
— Häý, ýetim, ýer çeken! — diýip, ol ilki meni kesekledi. Görse, degenok, soň
gargynyp başlady:
— Ondan-a kakan patasyny alyň...
Men öl-myžžyk eşiklerimi goltuklap, aglap geldim.
— Aý, balam, il eşitmese, bir zat aýtmaz... — diýdi-de, enem elimden tutup,
bagyryp, Şeker mugallymyň üstüne gidiberdi. Men aýdanyma puşman etdim.
Däliräp barýa görguli.
— Sen, gyzym... dogrujaňy aýt. Biz boýun alyk!.. Nähili hat bar, aýt!..
Şeker mugallym:
— Ýok, Mamur eje. Bazardan beýle habar ýok — diýýär. Özem aglaýar. Ýene
yzymyza dolandyk. Enem soň başlygyň üstüne, onsoň Illi agaň ýanyna gidip geldi.
Olaram «biz-ä habar eşidemzok» diýipdir. «Diline sinňil çyimyş» diýip, enem
Baýly sopyň ötmezek gyzyna gargynyp başlady...
Obamyza käte bir kino gelýär. Olaryň hem birini kolhozyň başlygy alsa, ikisini
alman gaýtarýar.
Başlyk bu saparky kinony alypdyr diýip eşitsek, nandan, çaýdan bizar ylgaýarys.
Kino gelse, başga ýere düşjek gümany bolmaz. Göni mekdebiň işigine duşer.
Sebäbi, başga ak jaýam ýok. Ak bolmasa-da kinonyň görünmeýäni belli.
Düňküldeşip barýarys.
— Eý, kinoçy, aýtsana, uruşlymy, eý?
— Uruşly! — diýäýse-hä, bar onsoň. Mekdebiň beýlesindäki takyr meýdana çykyp,
elimizi agzymyza tutup, gygyryp başlaýas.
— Haý, uruşly kino gelipdir, ho-ow!
Biz gygyrmajagam bolsak, kinoçy «Baryň, gygyryň» diýýär. «Adam üýşmese,
görkezmen» diýýär. Kino başlanýar. Köplenç sessiz kino gelýär. Kinodaky
adamlar bir zat diýenlerinde ýöne agyzlaryny açaýýarlar. Şonda-da hezil.
Käýarym kinoçydan: «Şular biziňkimi?» diýip soraýas. Ol «Bular biziňkiler»,
«olar aklar», ýa-da «duşmanlar» diýip düşündirýär. Biz her gezek duşman atdan
agdarylanda ýa-da pulemýot bilen palaç ýaly ýatyrylanda, el çarpyşýarys.
Men uruşly kinoň ýekeje ýerini hem sypdyrmajak bolup seredýärin. Ylaýta-da,
«biziňki» diýseler, her bir adama seretjek bolup azara galýan. Birden şolaň
arasynda kakamy göräýjek ýaly bolup durun. Emma görüp bilemok.
18-nji bap: URUŞ DÖWRÜNIŇ OGLANY
Meniň adyma zähmet güni ýazylýar. Men işleýärin. Brigadiriň iki eplenen
depderinde Kössek Bazar diýip meniň adym dur. Buhgalterde-de, skladçyda-da
meniň adym bar. Men işleýärin. Her bäş günden bugdaý paýlanýar. Meniň adym
tutulýar. Enem indi öňki ýaly, «ýetim paýyny» alyp gaýdanok. Ol ýyrş-ýyrş edip,
zähmetime ýeten paýymy alyp gaýdýar. Öz adyňa zähmet güni ýazdyrmak gyzykly.
Ol ähli zatdan gyzykly diýsemem ýalan däl. Adamlar hem görenlerinde indi seniň
bilen başgaça gepleşýärler.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Uruş döwrüniň oglany - 6
  • Parts
  • Uruş döwrüniň oglany - 1
    Total number of words is 3784
    Total number of unique words is 2125
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    43.4 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uruş döwrüniň oglany - 2
    Total number of words is 3841
    Total number of unique words is 2208
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uruş döwrüniň oglany - 3
    Total number of words is 3881
    Total number of unique words is 2078
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uruş döwrüniň oglany - 4
    Total number of words is 3871
    Total number of unique words is 2203
    29.3 of words are in the 2000 most common words
    43.0 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uruş döwrüniň oglany - 5
    Total number of words is 3861
    Total number of unique words is 2187
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    42.4 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uruş döwrüniň oglany - 6
    Total number of words is 3862
    Total number of unique words is 2213
    28.9 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uruş döwrüniň oglany - 7
    Total number of words is 551
    Total number of unique words is 415
    46.8 of words are in the 2000 most common words
    58.9 of words are in the 5000 most common words
    62.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.