Latin

Uruş döwrüniň oglany - 7

Total number of words is 551
Total number of unique words is 415
46.8 of words are in the 2000 most common words
58.9 of words are in the 5000 most common words
62.9 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
ugratjak bolup hem tylymyzy berk saklajak bolup, uruş başlanaly bäri eden
aladalarymyzy sanap oturmaýyn. Ýogsam obamyzda hiç kimi aç öldürmejek
bolup, nähili hupbatlar gördük. Ýöne týtjak bolýanym, biz käp zatlary
görmändiris, kör bolupdyrys. «Il aglak bolsa, doňuz depä çykar» diýenleri ýaly,
biziň aljyraňňylygymyzdan peýdalanyp, birki sany adam oba bulagaýlyk baryny
salypdyr. Indi mende şeýle teklip bar: häzir kolhozymyzda gyssag iş ýok. Ertir
işlänimiz bilenem hiç zat bolasy ýok. Siz Abdyl hojamy hem getiriň. Menem
raýondan sud, prokuror çagyraýyn. Goý, bulara kolhozda açyk sud etsinler.
Häzirem bedroý sopyny äkidiň-de, boş sklada salyň. Agzyna-da goşa gulp uruň!
Ertesi gözümi açyp ylgadym. Öküzlerimem, goý, günjük dynç alsyn.
Bu gün ýygnak ýerdäki adam düýnküden iki esse köp. Baýly sopyň ýanynda
eýýäm iki milisiýa dik dur. Hany-ka, Abdyl hojam görnenok-la...
— Şeker, hany ol dili dogaly hoja nirede? — diýip, Agajan aga sorady.
— «Abdyl hojam-a iki aý dagy boldy. Eli-aýagy ysmaz bolup ýatyr. Täreti
aşagynda» diýdiler.
— Be, demi bar bolsa, getirmeli eken. Baýly sopy bilen ýüzleşdirer ýaly.
— Wah, alyp gaýdar ýaly däl. Bir agyz gepläbem bilenok. Men-ä aljak jezasyny
alypdyr diýdim...
— Onda Baýly sopyny bu ýerde sud edip oturmagyň geregi ýok. Düýn aýtjagyny
aýtdy. Äkitsinler, nähili jeza laýyk bolsa, çekdirsinler.
— Hawa-la, gözümiz bir görmesnn, jähennem etsinler! — diýip, oturanlar
gygyryşdylar.
— Ýene meniň bir aýtjak zadym: düýn ýoldaş Kadyrowyň Kelewiň ýadygärligini
oturtmak baradaky aýdanyny kolhoz prawleniýesi iki elläp goldaýar. Oňa sizem
garşy däl bolsaňyz gerek. Şu ýerde mende täze teklip bar. Ýeke Kelewiň däl,
ýanynda Göwheriňem býustyny goýalyň. Ol öz janyny gurban eden ilkinji
traktorçy gelnimiz ahyry. Bilseňiz, şu-da gahrymançylyk...
Men: «Ura!» diýip gygyranymam duýmandyryn. Hemmeler ýerinden turdy.
— Duruň, ýoldaşlar, entek hemmesi däl. Kolhoz prawleniýesi ýaňy maslahat etdi.
Kelewiň gahrymançylygynyň hormatyna şu gün kolhozda toý etmeli. Kolhoz on
goýun berýär. Nanam ýeterlik bolmaly...
Men özümi bilip, beýle şatlanmandym. Uzyn gün ylgap, toýda gezdim. Hyzmat
etdim. Iýdim-içdim. Häzir gijäň ýary. Daňňa hat ýazdym. Hemişe salam hat
ýazmagy gowy görmezdim. Sebäbi näme ýazjagyňy bilip bolanok. Bu gün welin üç
tagta kagyzy doldurdym. Henizem aýtmaly zat kän. Ýygnakda bolan gürrüňleri
jikme-jik ýazdym. «Seň kakaň günäsiz eken» diýib-ä gaýtalap-gaýtalap ýazdym.
Onuň deňsiz-taýsyz gahrymançylyk görkezeninem ýazdym. Ýöne onuň ölenini
nädip aýtjagymy bilmän, saňňyldap otyryn. Ahyry ýüregime daş bagladym.
Depderde şeýle ýazgy döredi:
«Uruş gutaran güni, kolhozyň täze posýologynyň ortasynda seň kakaň bilen ejeňe
ýadygärlik gurmaga başlanjak. Kakaň Berliniň eteginde...»
Meniň hatym barypdyr. Baran güni hem Daňňyň işleýän ýerinde ýygnak
edipdirler: «Biz gahrymanyň oglundan hiç zady gaýgyramzok» diýipdirler.
Ýanyna-da Çaryny goşup, mugt bilet alyp berip, samolýot bilen ugradypdyrlar.
Daňňy kakasynyň dokumentini bagryna basyp, şeýle bir aglamak aglady.
— Kaka jan, günämi öt, kaka jan!.. Men saňa gideňde sag bol hem diýmändim!..
21-nji bap: ÝEŇIŞ
Men ýeniş gününiň gürrüňini berip biljek däl. Sebäbi biziň obamyzda ozal beýle
toý bolmandy. O günüň şatlyk-şagalaňyňy, gülküsini, gözýaşyny men-ä men
welin, hiç kimem beýan edip biler öýdemok. Ýöne meniň bir aýtjak zadym, şo gün
Mişadan telegramma geldi: «Dostum, Kössek, seni, eneňi, obamyzyň ähli
adamyny ýeňiş bilen gutlaýaryn. Mişa!».
Hawa, başga-da bir aýtmaly zat, giç öýlänler Daňňy bilen Çary geldi. Olaryň
gidenlerine-de sähelçe gün geçipdi. Çary goňşy-golamlar bilen salamlaşmaga
gitdi. Daňňy kakasynyň ýaraly bolup gelende getiren ýyldyzly kemerini biline
guşandy-da, kakasy bilen ejesine dikiljek ýadygärlik üçin daş ýonmaga başlady.
Iň soňunda ýene bir aýtmaly zat: şo gün obamyzyň ähli kolhozçysyna medal
bermek üçin spisok düzdüler. Şol spisogyň soňunda kimleriň ady bardyr
öýdýärsiňiz? Ine olar:
Daňňy Kelewow,
Mişa Antonow,
Çary Mergenow,
Kössek Bazarow.
SOŇY.
You have read 1 text from Turkmen literature.
  • Parts
  • Uruş döwrüniň oglany - 1
    Total number of words is 3784
    Total number of unique words is 2125
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    43.4 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uruş döwrüniň oglany - 2
    Total number of words is 3841
    Total number of unique words is 2208
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uruş döwrüniň oglany - 3
    Total number of words is 3881
    Total number of unique words is 2078
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uruş döwrüniň oglany - 4
    Total number of words is 3871
    Total number of unique words is 2203
    29.3 of words are in the 2000 most common words
    43.0 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uruş döwrüniň oglany - 5
    Total number of words is 3861
    Total number of unique words is 2187
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    42.4 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uruş döwrüniň oglany - 6
    Total number of words is 3862
    Total number of unique words is 2213
    28.9 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uruş döwrüniň oglany - 7
    Total number of words is 551
    Total number of unique words is 415
    46.8 of words are in the 2000 most common words
    58.9 of words are in the 5000 most common words
    62.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.