Latin

Uruş döwrüniň oglany - 2

Total number of words is 3841
Total number of unique words is 2208
31.1 of words are in the 2000 most common words
45.2 of words are in the 5000 most common words
52.7 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
diýipdirler... Ejeme şu gün traktor berýärler...
Daňňyň ejesiniň traktor sürýänini görjek bolýan ýeke biz däl. Eýýäm o ýere baran
adam dygysyz köp eken. Barmaz ýalymy? Bu iňňän täsin ahyryn. Henize çenli
obamyzda ýekeje aýalyň-da traktora münenini gören ýokdy.
«Göwher gelin traktor sürýärmiş», «Göwher traktor öwrenipmiş» diýip, dumlyduşdan görmäge gelýän barha köpelýärdi. Sähel salymda kolhozyň kiçijik
ussahanasynyň öňündäki meýdança mähelle bary üýşdi.
Kolhozyň başlygy Agajan aga ozaldan taýýarlanyp goýlan traktoryň ýanyna bardy.
— Göwher, gel, gyzym, mün!..
Daňňyň ejesi ýaýdandy. Utanjak ýaly etdi. Utanmaz ýalam däl. Garry-ýaş, aýal,
oglan-uşak hemmäniň gözi şonda. Adamlar hem ýerli-ýerden «Utanma, mün-de
mün» boluşdylar.
Göwher gelnejem mündi. Başbogusynyň ujuny ýygnaşdyryp, ornaşykly oturdy.
Ozal çalaja tarlap, işläp duran traktor goýy tüsse çykardy-da, ýöräp ugrady. Garry
adamlar aňk boldy. Aýallar ýakasyny tutdy. Biz el çarpyp gygyryşdyk. Biribirimizi iteläp, gygyryşdyk. Biri-birimizi itekläp, yzyndan ylgap başladyk.
— Haý, berekella, sürüber, gyzym! Özüňem meniň yzymdan sür. Obanyň
ortasyndan sür! — diýip, Agajan aga donuny egnine atyp, traktoryň öňünden
hompuldap barýardy.
Başlyk pyýada öňünde, Göwher gelnejemem traktorly yzynda, obanyň içinden
okkessirme geçdiler. Bizem yzyndan galmadyk. Obanyň ähli oglany hem bize
goşulyp, barha-da köpelýärdik. Başlyk ony obanyň içine aýlap çykdy. Soň ýene
öňki ugran ýerine dolanyp geldiler. Agajan aga bir ýylgyrdy:
— Berekella, Göwher gelin, är işini bitirdiň. Siziň ýaly gelinlerimiz barka,
ýigitleriň ýokdugyny bildirmeris. Bu gün gaýt-da, dynjyňy al. Ertir ekişe çykarys.
Agajan agany obamyz sylaýardy. Şonuň üçinem ol kolhoz gurlaly bäri,
başlykmyşyn. Obanyň adamlary topar-topar bolup, fronta gidensoň, aýallara
traktor sürmäni öwretmeli diýenem ilki şo bolupdyr. Ýalbaryp-ýakaryp, on aýaly
okatdyryp başlaýar. Onuň bu wagt Göwher gelnejemi yzyna düşürip, obaň içinde
aýlap ýörmesiniň-de öz sebäbi bar eken.
«Agajan aga aljyrapdyr. Heleýlere traktor sürdürip, eňeginiň dynjagynydynmajagyny bilenokmyka?» diýen ýaly gürrüňler soňky günlerde has köpelipdir.
Başlyk şeýle diýýänlere göz edip şeýdýärdi. «Gör, biziň gelinlerimiz nämeleri
başarmaýar» diýýän şekilde Göwher gelnejemi traktora mündürip, oba-oba
aýlaýardy.
Göwher gelnejem ilki günler ýaşuly traktorçyň gözegçiliginde sürdi. Bir hepde
geçensoň özbaşdak sürdi. Gündizlerine-de sürdi. Gijelerine-de sürdi.
Daňňyň ejesiniň kolhozda işleýşine ozal hem hemme kişi beletdi. Bilini ýasy
guşak bilen mäkäm guşap, agyr gazylar gazardy. Erkek adam ýaly, aýagyna çepek
geýip, orak orardy. Desse çekerdi. Indem, ynha, Kelew han öýkeläp giden badyna,
özi bilen bile traktor öwrenmäge başlan aýallaryň arasynda ilkinji bolup, traktory
tarladyp ýör. Ýöne, arman...
Enem-ä: «Oňa göz degdi» diýýär. Men onçasyn-a bilemok. Sebäbi, heniz göz
degende nähili bolýandygyny görmändim. Ýöne gutulgysyz derde ulaşanyny
welin soň bildim.
Ol obadan açygrakda gije ýer sürüp ýör eken. Sürýän ýeri hem «eýe» bar, «jyn»
bar diýlip gürrüň edilýän köne galanyň içidi. «Pylany suw tutup ýörkä, ot
görüpdir», «Pylanyny «şaýly gelin» kowalapdyr»... diýen ýaly gürrüňleriň ählisi
şu ýer bilen baglydy. Daňňyň ejesi hem şu gürrüňleri göwnüne getirendir-dä. Ol
kartaň aňry çetine ýetiberende, gabat garşysynda ýylp-ýylp edip, bir ot görünýär.
Onsoň, birden iki bolýar. Soň ol otlar böküp, aýlanyp, bir gözden ýitip, bir ýanyp,
ahyram süýnüp, sönüp gidýär. Göwher gelnejem onda-da sürüp barýarmyş. Ine,
birden traktor kartaň aňry çetine çykyp, yzyna öwrülende, Göwher gelnejem
ýeňsesine garasa, çym-ak uzyn adam traktoryň plugyna dyrmaşyp gelýärmiş.
Başynda ak sellesi barmyş. Ýüzleri hem ak ýuwha ýalymyş. Daňňyň ejesi
gygyrypmy-gygyrmanmy, ony eşiden ýok. Diň arkan ýykylýar. Her zeýilli pluguň
öňüne gaçaýmandyr, hernä. Ýykylan ýerinde, traktoryň üstünde durupdyr.
Traktor bolsa, gelip-gelip, salma girensoň, özi ýatypdyr...
Gije öýlerine getirdiler: «Gorkandyr, okatmak gerek» diýip, Abdyl hojany
çagyrdylar. Ol geldi-de: «Hudaý bu gelne göz görkezipdir. Hergiz Allanyň
halamajak işlerine baş goşubermeli däldir» diýip, gitmek bilen boluberdi.
— Hojam aga, doga-tumar bir berip git ahyry — diýip, enem ýalbardy. Ol gidip
barýarka şeýle diýdi:
— Indi muňa doga-da kär etmez, tumarda. Kyrk güne ýetmän öler. Ýüregi
ýarylypdyr.
Agajan aga has-da elewredi:
— Wah, bu gelin ot-da görmändir, jyn-da. Bu bir päliýamana uçrapdyr. Arman, o
näkesiň kimdigini bilip bilemok. Şu gelniň allanäme traktor sürüp ýörenini görüp
bilmändirler...
Agajan aga ertesi ýörite özi şähere gidip, ony-muny görüp, harby gospitaldan
doktor getirdi. Ol hem eýleň-beýleň em salgy berdi. Bary peýdasyz boldy. Güngünden dert basmarlady. Derdi agyrlaşdygyça-da, azary Daňňy boldy:
— Ýekeje balam, sen indi ýetim galaýmaly bormukaň? Atasyz ýetim galanyň
azmydy... Ýok, ýok, men saňa ýetim diýdirmen. Men gutularyn...
Göwher gelnejem gutulmady. Obamyzyň bir topar adamsy gidip, ony
Apbasabatda jaýlap geldiler. Dogrudanam, Daňňy ozal ejesi barka, ýetim däl
ekeni, indi ýetim boldy. Daýylary äkitjek boldy, onda-da, göwnemedi. Olam indi
bizde ýaşaýardy. Gijesine Daňňy ikimiz olaryň tamynda ýatýardyk, enemem öz
öýümizde.
5-nji bap: «NÄME, AGAÇ AÝAKLY ADAM GÖRMÄNMIDIŇIZ?»
Bu gün şat habar bilen örledik. Enem geldi-de:
— Turuň, ogullam, agşam Belli ussa uruşdan gelipdir, baryň, salamlaşyň! – diýdi.
Daňňy ikimiz biri-birimizden öň barjak bolup ylgadyk. Enem yzymyzdan gygyrdy:
— Gyýw, baryp sömelişip durmaň. «Sag-aman gelipsiň, gözüň aýdyň» diýiň!
Barsak, Belli ussalaň öýlerine obaň adamlarynyň biri girip, biri çykýar. Bizem
çekinmän girdik:
— Salawmaleýkim, Belli aga. Gözüň aýdyň! – diýip, Daňňy ikimiz birden aýtdyk.
— Waleýkim, Daňňy han, waleýkim, Kössek jan. Tüweleme, goçak ýigit
bolaýypsyňyz-ow — diýip, ol taýaga ýapyşyp, laňňa galdy. Biz bilen elleşdi. Soň
dik duran ýerinde herimizi bir goltugyna gysdy. Biziň ikimiziňem gözümiz onuň
agaç aýagyndady. Ol ýylgyrdy-da:
— Näme, agaç aýakly adam görmänmidiňiz? — diýdi. Soň ak ýaglygyň üstüne
dökülgi duran dörtburç gantlardan herimize üç-dört düwür berdi. — Alyň, iýiň,
inerlerim. Geň galmaň, çep aýagymy faşistler alyp galdy...
Biz heniz agaç aýakly adam görmändik. Ony nädip seplediler-kä? Agaç aýak bilen
ýöräp bir bolýarmyka? Üsti-üstüne sorag ýagdyrasymyz geldi. Emma bir soragam
berip bilmedik.
— Baryň, göz hakyňyzy alan bolsaňyz, oýnaň — diýip, ortarada gomalyp oturan
Baýly sopy seslendi.
— Degme, otursynlar-la, sopy aga — diýip, Belli ussa biziň kowulmagymyzy
halamady. Ýüzüň alnansoň, durup bolýarmy. Daňňy ikimiz biri-birimiziň
ýüzümize seredişdik-de, çykmak bilen boluberdik.
Eýýäm daşaryň gurrul-çurruly köpelipdir. Illi aga bilen Muhat aga Ajapsoltan
gelnejemiň bakyp oturan öküzçesini soýjak bolup ýörler. Muhat aga:
— Hakyt, ine bolaýdy. Tüýs wagtynda geldiňiz. Tä özüm boldy diýýänçäm, daşaň
duruň! — diýip, dört küýzäni çatyp, eşegiň üstüne atdy-da, Daňňy ikimizi suwa
ugratdy.
— Sekiz gazan ataryljakdyr, gaty haýdaýmasaňyz ýetişmersiňiz! — diýip, Illi agada pugta sargady.
Biziň okuwy taşlamak hyýalymyz başa barmady. Iki gün barmadyk welin, üçünji
gün turmankak, Şeker mugallym gelip, ikimizi hem mekdebe alyp gitdi. Illi aga
şonda-da bize käýemedi.
— Indikile beýtmezler-le, şeýle dälmi, oglanlar? — diýdi-de, biziň jogabymyza-da
garaşman: — Baryň, okaberiň! — diýdi. Ýöne biz şondan soň Illi agaň gözüne
görünmäge utanýardyk. Bir ýerden gelýänini görsek, gizlenýärdik. Şu mahal hem
okuwdan gürrüň açmasa, gijesi bilen suw çek diýse-de, çekmäge kaýyldyk. Onsoň
hem bu gün Belli ussa geldi ahyry. Onuň ýaly gowy adam başga barmyka beri!..
Biz eşege syrtlaşyp, birki sapar suwa gatnaýançak, Illi aga dagy eýýäm semiz
öküzçäni läş edipdir. Et diýeniň küde bolup ýatyr. Ajapsoltan gelnejemiň ökjesi
ýere degenok. Iki ýana ylgaşlaýar. Biziň ýanymyzdanam ümsüm geçenok:
— Berekella, jan ogullar, haýdaň bakaly. — Soň göläň etini pudarlap duran Illi aga
gygyrýar: — A-ýu, Illi molla, aşyk ýalysyny hem goýaýyjy bolmagyn. Bary gazana
girsin. Nan bolmasa-da, obany etden bir doýruň!
Obada tamdyra barylmaýanyna ep-esli wagt bolupdy. Her kim tapanjasyny
ýarmadyr bulamak edinip iýýärdi. Belli ussa gelen badyna çorbany goýaldar ýaly
bäşje kilo ýarmalyk gözlemäge goňşy kolhoza iberilen adam boş geldi. Öküzçäň
etini gaýnadyp iýäýmekden başga çäre ýokdy. Birden palta bilen sazak owradyp
duran Mürti paltany taşlady-da ötägitdi. Salym geçmänkä hem arkasyna ýarty
çuwal bugdaý alyp geldi:
— Ajapsoltan, gelinlere paýla, un etsinler. Bugdaýdyr şu...
— Bugdaý... Ýarty çuwal bugdaý!...
Göz açyp-ýumasy salymda bu ses dilden-dile geçdi. Her kim edip duran işini
taşlap, Mürtiň getiren çuwalynyň ýanyna bardy. Dogrudan-da, sary erik ýaly,
ýarty çuwal bugdaý. Kim elläp görýär. Kim ysgap görýär:
— Ýeri, how, Mürti, sen muny nireden aldyň? — diýip, Muhat aga ojagyň başynda
aýlanyp ýören Mürtä gygyrdy.
— Siziň işiňiz bolmasyn, un ediň-de nan bişiriň. Soň aýdaryn.
Her niçigem bolsa, tä Mürti bu giden bugdaýy nireden alanyny aýdýança, hiç
kimiň oňa el degresi gelmedi.
Mürti kiçijik oglanjykka biziň obamyza düşen eýranlydy. Ýöne Mürtiň heniz eli
egrilik edenini gören ýok. Türkmeniň däp-dessuryny oňat bilýär. Jepakeşlikde
oňa obamyzda taý ýok. Kolhozda haýsy iş agyr bolsa, Mürtiň gerdeninde. Eli
hünärli. Boşrak wagtlary suwag edýär, edil ýag çalnan ýaly. Işiginiň odun-çöpüni
göreniňde, Mürti küre otlajakmyka diýäýmeli. Il ony gaýry milletden diýenok.
Oňa töründen orun berýär. Olam özüni gaýry saýanok. Ýöne her niçigem bolsa,
bu günler onuň öýünden ýarty çuwal bugdaýyň çykmagy adamlary geňirgendirdi.
Şeýle bugdaý Mürti däl, her kimiň öýünden çyksa-da geňdi.
Ahyr bolmajagyny bilip, Mürti düşündirdi:
— Düýn suw nobatym däldi. Meýdana çöp ýygmaga gitdim. Gyzgan ýygyp
ýördüm. Görsem, bir alakaň hininden garynjalar şeýle bir däne çekýä, hiý, goýaý.
Diýdim, gel, köwüp göreýin. Köwüberdim, köwüberdim. Hin gidip otyr. Agzy
däneli garynjalar bolsa barha köpelýär. Ine, ahyryn görsem, uly bir çukur
bugdaýdan doly. Eşegime içirgi eden köne çuwalyma salyberdim. Ynha, görýäňiz.
Ujundan bir okara aýryp, çagalardan Durdygylyç aga iberdim...
— Hany çagalaryňa?
— Adamlar, wagty gijikdirmeseňiz-le. Günortan işgärler gelerine ýetişdireliň —
diýip, Mürti gyssandy.
— Berekella, inim, Mürti! Seniň bu ýagşylygyňy Belli ussa-da unutmaz, oba-da —
diýip, Muhat aga çuwalyň agzyny çöwürdi. — Hany, gelinler, durmaň, getiriň
kersenleri. Derrew ikibir-ikibir degirmenleriň başyna çöküň.
— Bolmasa, ýarysyny alaýsak näderkä? Neressäň azaň edenje zadyndan çagalary
iýsindä — diýip, Ajapsoltan gelnejem ýaýdanjyrady.
— Bir gysymynam goýmaň, üwäň. Näme, Mürtiň çagasy iliňkiden artykmyşmy?
— diýip, Mürti gaharlanjak boldy. — Hudaý maňa ony şu toýa ýarasyn diýip beren
bolsa bildiňizmi?...
Gelinler, gyzlar şobada paýlaşyp, üwäp başladylar. Salymyny bermänem hamyr
etdiler. Işige ýazylan bäş-alty saçagyň üstüne tamdyr-tamdyr petir çörek gelip
başlady. Adamlar çörekleriň gatyny açyp, hem dograýardylar, hem «gözümizden
uçupdyr, gurbany boldugym» diýip, ýüzlerine sylýardylar.
Öküzçäň bişen etini tüýdüp-tüýdüp, soganly dograma gardylar. Muhat aga eti
alnan ýilikli süňkden doly çanagy depesine göterdi-de, gygyrdy:
— Hany, oglanlar, meniň yzyma düşüň!..
Bize gygyrmak nämä gerek. Haçan süňk paýlanarka diýip, gözümiz şondady
ahyryn. Onuň iýmesindenem beter, paýlanýarka maňa-da bolup, almasy hezil.
— Alyň, sizi bir hezil etdireýin! — diýip, Muhat aga hemmeden öň iki sany ýilikli
omaçany Daňňy ikimiziň elimize tutdurdy. — Ýöne, eşitmedim diýmäň, iýen
badyňyza obadan çanak ýygnamaga gitmelisiňiz!
Soň ol çep eliniň üstünde saklap duran çanagyndan eline ilen süňki alyp,
töweregindäki uzap duran ellere paýlap ugrady. Käbirleri iki aldy. Çary kel ilki
alan ullakan pilçesini bir eli bilen ýeňsesinde gizläp, ýene bir oňurga aldy.
Oljasy oňanyna begenip, soň olam biz bilen çanak ýygnamaga gidermen boldy.
Daňňy ikimiz eşege syrtlaşdyk. Çary kel aýagy ýalaňaç öňümizden haýdap barýar
hem süňk gemirýär. Ilerki oba ýetip barýardyk.
— Heý, oglanlar, duruň hany — diýip, eli sumkaly bir adam sygyr ýatagyň
ýeňsesinden öwrüldi. — Siz Muhat agalaryň öýüni bilýäňizmi?
— Hawa, bilýäs.
— Bilýän bolsaňyz, size bir hatjagaz bereýin welin, şony Muhat aga eltip beriň!
Oglanlar, haty jübiňizejik salyň-da, entek toý sowlansoň beräýiň, bolýamy? —
diýip, aňyrrak baransoň gygyrdy.
Biz toý sowlaryna garaşyp biljek däldik. Çary kel sygryň dili ýaly mämişi kagyzy
gysymyna gysdy-da, yzyna ýelk ýasaýdy.
Daňňy ikimiz ullakan horjunyň iki gözi dolýança çanak ýygnadyk. Ululy-kiçili
agaç çanakdan, mejimeden horjuna sygmadygyny öňümize alyp gaýtdyk...
Eý-waý, bu nä habar! Muhat agalaň işigi uly eňşeşik-le. Şeker mugallym saçy
buýr-bulaşyk, gamşy gujaklap aglaýar. Sesinden ýaňa durar ýaly däl. Adam bary
ylgaşyp gelýär. Gelen «Waý, dogan-eý» diýýär-de, ýüzin ýykylýar. Biz eşegimiziň
ýüküni hem düşürmän, aňalyp durus. Bir ýerden gözüni süpürip, Çary kel geldi.
— Çary, näme boldy, aýtsana?
— Baýram, ölüpdir...
Bizem irkilip duran eşegiň herimiz bir ýanyna ýaplanyp, aglap başladyk.
Eti, sogany garylan dogramalar üýşüp galdy. Gazanlaryň gaýnamy syndy. Belli
ussaň toýuna diýip, ýylgyryşyp gelýänler, gözlerini ýaşlap, Muhat agalara
sowulýardy.
Dürli eje:
— Wah, wah, nebir süýjülik bilen iýiljek dograma harama çykdy — diýip,
dogramany eli tut çybykly itden-pişikden gorap oturan ýerinden zeýrenýärdi.
Durdygylyç aga-da süýrenip gelipdir. Geleli bärem üýşmek dogramanyň başynda
çöküp, iýip gidip otyr.
— Durdygylyç, az-azdan iý, birden ýarylaýma — diýip, Dürli ejem telim aýtdy.
Onda gaýta:
— «Baý malyny bahyl gysganar» etmesene. Men garnymyň ölçegini bilýän —
diýýär.
Biz çanaklary düşürdik. Eşegi daňyp geldik. Üçümizem Belli ussalar bilen Muhat
agalaryň öýüniň arasyndaky ýarty kepbä duwlanyp, sortduryşyp durus.
— Bu toýy ýasa dönderen biz bolduk, bilýäňizmi şony, biz — diýip, Çary kel
aglamjyrady.
— O nähili biz bolýas?
— Häki mämişi kagyzy Şeker mugallyma berdim welin, ýüzüne seretdi-de, diň
arkan gaýdyberdi. Wah, şum habar getirýänini bilen bolsam, o kagyzy çeýnäpçeýnäp ýuwutmazmydym.
Men gepläp bilemok. Bokurdagym dolupdyr. Öz ýanymdan şo haty bize berip
giden şumroý adama käýinýärin. Gyssanýan diýip gidiberşindenem aňmandyrysda... Onam Çary keliň getirip, Şeker mugallyma beräýşini diýsene. Ol aýal ahyry.
Beýle zat eşitse, içine sygdyryp biljek gümany barmy...
Ýap-ýaňy süňk paýlaşdyryp, ylgap ýören Muhat aga özgerdi. Sähel wagtda-da
adam garrar eken. Biline taýak degen ýaly büküldi. Sakgal basdy. Egnindäki
çäkmeni holparyp, telpegi gözüne geldi. Ol Baýramyň urşa gitmeziniň öňinçäsi
salyp giden tamynyň gapysyna bardy. Çäkmeniniň syny bilen gözüni süpürdi:
— Ogulşeker, goý, oglum, goý! — diýip, içerde uly sesi bilen aglaýan gelnine
töwella etdi. — Daş ýeriň habarydyr, belki, ýalan bolaýady-da...
Ol birdenem ýeňsesine öwrüldi-de, işigiň agzyna oklanan keçäniň töwereginde
egele gurup, dymyşyp oturan adamlara gygyrdy:
— Hany, ýörüň adamlar, Belli ussaň toýuna baralyň...
Her kim öz ýanyndan Muhat aga görgüli aljyrap ýör öýdýän diýip çen etdi. Ýöne,
onuň gara çynydy.
Adamlar ýekeden-ikiden turuşdylar. Ýöne hiç kimiň toý ýere tarap aýagy
ädilmedi. Toýuň eýeleri Ajapsoltan gelnejem bilen Belli ussaň özem şu ýerdedi
ahbetin.
Muhat aga gapa ýazylgy keçäni düýrläp, gara öýüň gapdalyna oklap goýberdi. Özi
iliň öňüne düşüp, toý ýere geldi. Ýüzi gatap ugran dogramany täzeden gardylar.
Gazanlaryň aşagyna gaýtadan ot ýakdylar. Muhat aga iki ýeňini çermedi-de, uzyn
saply susagy eline aldy. Ol ýetişdiginden dograma ezýärdi. Mürti dagy toýa
gelenlere nahar çekýärdi.
Ýuwaş-ýuwaşdan märeke ýygnandy. Ýöne, hany öňki şüweleň, öňki şatlyk. Her
kim mele bugdaýyň nanyndan edilen süýji dogramadan iýen bolup otyr welin,
ýüzüni galdyryp bilenok.
«Belli ussa gelipdir» diýip, ýek-tük oba bagşylary hem gelipdir. Olar hem
dograma sowlup-sowulmanka, dutarlaryny çäkmenlerine dolap, zym-zyýat
boldular.
Gün gijigende, toý sowuldy. Galan dograma öýlere paýlandy. Muhat aga şunça
mertlik etse-de, ahyry ejizledi. Öýüne baryp, bagryny ýassyga berdi.
Her hal-da bolsa, Belli ussaň ýanyna giç agşam bäş-on adam gürrüňçilige geldi.
Soň olar dura-bara hasam köpeldi. Kiçiräk gara öýüň içi doldy. Olaryň arasynda
myhman-mediwanam bar. Belli ussaň dost-ýary-da, ýek-tük ýüzüni garaňka alyp,
ýöne gürrüňçilige gelende bar. Ondan-mundan gürrüň edilen bolýar. Ýöne şol
öňki susluk. Biri gatyrak gepläýse-de, Muhat aga eşidip, gaty göräýjek ýaly. Biri
çala ýylgyraýsa-da, goňşulary göräýjek ýalydy. Ýene gürrüňçilik gowy zat. Ýogsam
şu mahal Şeker mugallym bilen Geňlijemal ejäniň sesinden oturybam boljak däl.
Sähel gürrüňiň arasy ýolunsa, Baýramyň ejesiniň bozlaýan sesi gelip dur.
Wagtal-wagtal Muhat aganyň käýinýän sesi gelýärdi:
— Bes et, Geňlijemal, goý. «Il bilen gelen toýda – baýram» diýipdirler. Uruşda
galan ýeke biziň oglumyz däl ahyry. Mert bol!..
Sesler birbada kiparlan ýaly edýär. Birden-birden ýene örç alýar. Adamlar ikiden-
ýekeden dagamak bilen boldular. Belli ussa bilen Ajapsoltan gelnejem gidýänlere
«oturyň!» diýip, töwella hem etjek bolmady. Olaryň-da bu mahal öýlerinde adam
köpelmese gowy görýäni belli.
Birden daşarda Muhat aganyň sesi eşidildi:
— Ne beýle ir dagapsyňyz-la, oglanlar, otursaňyz bolmadymy?..
Ol uzak mahal geçmänkä, öýe girdi. Içerdäkiler ör turup, oňa orun berdiler.
Muhat aga aýagyndaky gowaldaň geýen köwşüni çykaryp, gap dulda ornaşdy. Ol
ähli gözleriň özüne garaýanyna ünsem bärmän, öz ugruna gürledi.
— Maňa bir dutarjyk tapylmazmyka, köşeklem!
Adamlar geňirgäp, bir-birine garadylar. Olaryň garaýşy: «Bu mahal dutar nirden
ýadyna düşýärkä». «Bagyr awusy gojany aljyradyp ýören-ä däldir-dä, hernä»
diýen ýaly göründi. — Ýa bütin oba bolup, dutarsyz galaýdykmykak indi...
Ara düşen dymyşlygy ahyr Illi aga bozdy, ol ekabyrrak oglanlaň iki sanysyna
buýurdy:
— Baryň, oglanlar, ýeňseki obada-da bolsa, bir dutar tapyp geliň!
Oglanlar köp garaşdyrman, dutar tapyp getirdiler. Muhat aga daşyny çaň basan
dutary çit gabyndan çykardy-da, çalaja saňňyldaýan elini goşa taryň üstünden
ýöredip goýberdi. Ençe ýyl bäri dymyp duran dutar ir üýtgeşik näzik ses etdi.
«Zaryň!».
Bu dutaryň sesi däl-de, agyr hasrat üstüne inen gojanyň ýaraly ýüreginiň sesi ýaly
eşidildi.
Muhat aga soňra haýsydyr bir heňi çalyp başlady. Ol öňlerem käte saz çalar ekeni.
Ir wagtlar-a hasam köp çalar eken. Öz deň-duşlarynyň arasynda «Muhat bagşy»
diýen lakamy hem bar eken. Ýöne, uruş başlanyp, onuň dutar çalanyny gören ýok.
Öýündäki eý görüp saklaýan dutaryny hem ýaňy bäş-üç heň çalmany öwrenen
ogly Baýram fronta gidende alyp gidendigini obaň ählisi bilýärdi.
Muhat aga bu wagt çalýardy. Özem gara çyny bilen çalýardy. Iki egnini titredip,
mahal-mahal ýokarky dişleri bilen aşaky dodagyny dişläp, örç edip çalýardy,
mukam yzyndan mukam suňşurýardy.
Biz Daňňy, Çary kel üçümiz iç işikde, bosagaň agzynda bir-birimize gyslyşypjyk
otyrdyk. Muhat aga näme çalýar, oňa-da düşünemzokdyk. Ýöne gabat öňümizde
aýbogdaşyny guruup, gabarylyp oturan, gulagynyň içi tüýli adamyň ýygy-ýygydan
uludan dem alyp, «wah, wah, wah» diýip, pyşyrdaýanyny eşidýärdik. Käte onuň
egniniň üstünden Muhat aga seredýärdik. Öýüň içi suw sepilen ýaly dymşykdy.
Muhat aga şol bir başyny galdyrman çalýardy. Ýüregi bilen, bütin göwresi bilen
çalýardy. Şonuň üçinem bu mahal onuň näme çalýanyna düşünmek kynam däldi.
Ol gaýgyly heň çalýardy, dutar zaryn-zaryn seslenýärdi. Muhat aga bolsa, ylla
goşa tara dil bitiräýjek ýaly, on barmagyny haýdadyp, dutaryň üstüne abanýardy.
Onuň ýüreginde nähili harasat gopýany bu mahal hemmä aýandy. Ine, birdenem,
garabaşyna gaý bolup çalyp oturan ýaşuly başyny ýaýkap, gözlerini ýumdy-da, bat
bilen arkan gaýşyp, içine sygdyryp bilmän, bat bilen zowladyp goýberdi...
«...Wah, guzynyň körpesi, goýnuň melesi,
Körpe guzy, goçkaryňdan-ow aý-ryldyň...»
Adamlar ýüzlerini öňküdenem beter aşak saldylar. Muhat aga näçe dutar çalsa-da,
henize çenli onuň hiňlenenini eşiden ýokdy. Bu mahal welin ol aýdýardy...
Ol kynlyk bilen aýdymy soňlady-da, dutary bir ýana goýdy. Çygjaran gözüni
dutaryň gaby bilen süpürdi-de, zordan ýerinden turdy:
— Besdir, adamlar, indi ýatar wagtam boldy. Ertirem işe gitmelidiris...
Ol bosagaň agzyna baranda, aýaklary diýen etmeýän şekilde entirekledi, göwresi
yraň atdy. Illi aga bada-bat goltugyna girip, söýget berdi:
— Mert boluň, Muhat aga!..
6-njy bap: URUŞDA NÄMELER BOLMAÝAR?!
Uly iliň gürrüňi uruş hakda. Her gün bir zat eşidilýär. Hemmesi aýylganç. Iki
adamyň başy çatylsa, gürrüňi uruş. Şol gürrüň edýänleriň hemmesem eşitmiş.
Uruş diýlen zady biziň obamyzda gözi bilen gören ýokdy. Diňe bir hepdelikde
dolanyp gelen Belli ussa bar. Geleli bärem ýanynyň gürrüňdeşi gün-günden
köpelmese, azalanok. Bu günem şeýle boldy. Abdyl hojamy yzyna tirkäp, Baýly
sopy ak öýländen Belli ussalara geldi.
— Ajapsoltan, ýygnap-ýygşyran gök çaýyň bolsa tapawergin. Biziň-ä halys yşgyn
iç, alma ýaprak iç, içimizem awy-zerzaw — diýip, Baýly sopy gele-gelmäne
dillendi.
— Size gerek bolsa tapaýmaly bor, sopy aga — diýip, Ajapsoltan gelnejem bir
ýerden kiçijik çaýhalta çykardy-da, içindäki çaýy üç bölüp atyp, daş-töweregi
reňkli çäýneklere demledi. Guşdyrnak gök çaýyň ysy burnuna uranyndan Abdyl
hojanyň keýpi göterildi.
— Haý, berekella! Gelin diýeniň Ajapsoltan ýaly bolaýsa. Munuň bilen siziň
gözüňiz öwrenişipdir. Şu wagt sandygyna elini ursa, Nekelaýyň mapyrkasy
diýseňem çykar.
Ajapsoltan gelnejem jogap gaýtarmady. Ýaşmagynyň ujuny çalaja dişläp, öz işi
bilen çykdy gidiberdi. Abdyl hojam ýene-de odur-budur gürrüň etdi. Ol jüýjelije
palaw, nohutlyja kişmiş diýen ýaly zatlary agzady. Ýene bir ýerden bu zatlary hem
çykaraýar öýtdi. Emma öňlerine gök çaýdan başga gelen zat bolmady.
Agşam düşdi. Ilki Mürti geldi, soň goňşy obadan ýene iki adam geldi. Olary
arkalap, bizem içerik girdik.
— Üm... Uruş başlanan mahaly süýji ukuda ýatyrdyk diýsene, Belli jan — diýip,
Abdyl hojamyň käsäň düýbüne ýyldyz ýaly çaý guýup, Belli ussa uzatmagy,
uruşdan gürrüň ber diýdigidi. — Bolsa-da, Hudaýyň bar eken, inim. Şol oduň
içinden ölmän çykaňsoň, bir aýaga dagy razy geläýgin.
— Hawa, hojam aga. Öläýmeli ýerler-ä köp boldy. Elbetde, ajalymyz ýeten däldirdä. Ýogsam men-ä ilki gün ölüp galaryň öýdüpdin.
— Ä-ä... gazap boldy diýsene — diýip, Baýly sopy has-da gözlerini ýylpyldatdy.
Belli ussa urşuň başlanyşyndan gürrüň bermäge oturdy.
— Tutuş hepdeläp meýdanda bolduk. Şenbe güni kazarmamyza gelip,
ädiklerimizi arassaladyk. Gopan iliklerimizi çatdyk. Her kim el ýaglygyna ýuwdy,
ýakasynyň akja matasyny täzeledi. Öýlerine hat ýazdy. Ertir dynç alyş güni.
Arkaýyn gezip, dynç alyp boljak. Hezil edip, irden ýatdyk. Gije-de ýarymdan
agyberen eken, süýji ukuda ýatyrdyk. Birden aýylganç bir zat gümmürdäp gitdi.
Kazarmaň penjireleri çym-pytrak boldy. Kimdir biri: «Ýer titreýä!» diýip gygyrdy.
Onýança ikinjisi, üçünjisi gümmerdedi.
— Ýer titremäň işi däl, gardaş. Muňa uruş diýerler — diýip, başga bir ýogyn ses
howsalaly jogap berdi. Her kim nämäň-nämedigine düşünmänkä, kazarmanyň
depesine-de snarýad düşdi. Potologyň suwaglary, owranan kerpiçler üstümize
döküldi. Men garaňkyň içinde elime ilen ädigi aýagyma sokup, daşaryk ylgadym.
Eýýäm däriň ysy dünýäni tutupdyr. Käýerde-käýerde jaýlar ýanýar, ýalyn asmana
galýar. Gykylyk, agy, ýarylýan snarýadlaryň ýalynlary... Men-ä ahyrzaman
gopaýdymyka öýdüpdim. Nirä gitjegimem bilemok, aňkaryp durun. Birden ylgap
gelýän komandiri gördüm. «Ýoldaş leýtenant!» diýip, gygyrdym. Ol «bärik»
diýen yşarat etdi-de, bir ganaty ýykylan jaýa sümüldi. Menem yzy bilen bardym.
Bu onuň öýüdi. Görsek, aýalynyň üstüne diwar ýykylypdyr. Başga bir krowatda
ýatan iki oguljygynyň ikisem gana boýalypdyr. Üstlerine kerpiç gaçypdyr. On
dört-on bäş ýaşly gyzy ortarada aglap dur.
Leýtenant gözlerini ýumdy-da, saçlaryny penjeläp, oguljyklarynyň üstüne ýykyldy.
Edil beýle ýanymyza ýene-de snarýad düşdi. Ýer çöwrülip, üstümize gum-kesek
ýagdy. Men burça gysyldym, leýtenant bolsa şol çagajyklaryny bagryna basyp,
gezekli-taýly solgun ýaňajyklaryndan ogşap ýatyrdy.
— Haý-aý, haý, görýämiň. Kapyram bolsa, ata-da — diýip, Baýly sopy çylkasyz
gepledi. Emma hiç kim hä bermansoň, ýene dymdy. Belli ussa dowam etdi.
— Top atylmasy birneme kiparlady. Ýöne çyksaň, duşmanyň nirededir gizlenip
oturan awtomatçylary tükgerdýärdi. Kazarmamyzyň töwereginde ölenler ölüp
ýatyr. Ölmediklerem hersi bir zada bukup otyr.
— Hemmäňiz naharhananyň ýerzeminine!.. — diýip, leýtenant oglunyň meýdini
göterip, ylgap barýarka gygyrdy. Bu uruş başlanansoň ilkinji komandady... Ine,
şeýtdik-de, uruşmaga başlaberdik. Ýerzeminde duşmany golaýymyza getirmän,
iki gün uruşdyk. Ýerzeminiň düýbünde üýşüp duran kartoşkalary iýip mydar
etdik. Üçünji gün ýaralylaryň «Suw, suw!» diýen sesleri köpelip ugrady. Ikidenüçden soldatlary oňa-muňa iberjek boldular. Çykyp, bäş ädim ätmänkä, ok degip,
serlip gidýär... — Belli ussa uludan bir demini alyp, töweregine gözüni aýlady.
Görse, biz otyrys. — Baryň, oglanlar, siz ýatyberiň — diýdi.
Biziň gidesimiz gelenokdy. Sesimizi çykarman, aşak bakdyk.
— Aý, degme otursynlar-la oglanlar — diýip, Mürtiň bize nebsi agyrdy. — Bularyň
indi akyly ýetýär ahyry.
Şeýle diýensoň, Belli ussa zat diýmedi. Baýly sopy üçin bu wagt bizi kowmaga
pilledi. Ýöne onuň derdi özüne ýetikdi. Edil Belli dagyň gizlenip oturan
ýerzeminine özi düşen ýaly sandyraýardy.
— Hawa, onsoň, leýtenant ýerzeminiň aşagyny gazmagy buýurdy. Gazyp başladyk.
O ýerlerde biziň bu ýerlerimiz ýaly on bäş gulaç ýaly gazmaly däl. Üç-dört
depikden suw çykýar. Olam zäk ýaly, şor eken.
Şol gije hem töwekgellik edip, ýerzeminden çykdyk. Başga alaç ýokdy. Ýa açsuwsuz ölmeli, ýa-da sypjak bolmaly. Duýdansyz ýerden duşmanyň
awtomatçylarynyň üstüne çozduk. Bizi üç tarapdan oka tutdular. Gyssanjymyza
derýa urduk... Beýleki kenara diňe bäş-alty sanymyz çykypdyrys. Galanlardan
derek ýok. Leýtenantyň ykbaly nähili boldy, beýlekiler nähili, onam bilemzok.
Soň tokaýyň içi bilen, özümiziňkilere ýetip gelýärkäk, dört ýerimden ýaraly
bolupdyryn. Gospitala getiripdirler. Bir görsem, çep aýagym ýok.
Belli ussa dymdy. Her kim pikire çümdi. Kimiň derýa gark bolan adamlar göz
öňüne gelýär, kimiň oguljygy ölen komandir.
— Äl, aýt, onuň diýýän-ä, ýaňky komandiriň ähli maşgalasy gyrylsa-da, urşup
ýörşüni. Adam şeýle zady görende däliräýjek ýaly welin... — diýip, biri seslendi.
Belli ussa jogap berdi:
— Şonuň üçinem komandir-dä. Ol aljyrasa, biz nädeli...
— Tüweleme, bu biziň jigitlerimizdenem-ä kemendirlige ýetişenleri barmyş
diýýäler öz-ä, Belli. Şeýlemikä? — diýip, Abdyl hojam öňe omzady.
— Weý, Hojam agaň aýdýanyny. Holha Hally hasabyň ogly Kerimi sen tanaýasyň
ahyryn. Ana şol ýöne-möne kemendirem dälmiş. Bolköýnek bolanmyş — diýip,
Baýly sopy hem bilimdarlyk satdy. Hawa, bolköýnek bolsa, bolany şo. Olardan
ýokarda kemendir ýok. Kemendirleriň kemendiri şol bolýar.
— Aý, o ýerde türkmeniň, orsuň ýok. Ähliň dogan ýaly. Ylaýta-da, urşa girjek
bolaňda, dogan bolýaň. Hemme halkyň içinde-de dogumlysam bar, batyram.
Ýigit görjek bolsaň, şo ýere baraýmaly. Dogry, türkmen oglanlaryndanam
komandir bardyr.
Belli ussa gürrüňine dyngy berdi. Birsellem dymşyk boldy. Ahyryn, Baýly sopy:
— Haý, haý, haý bu bolýan zatlary görýämiň, hojam aga — diýip, başyny ýaýkady.
— Göni adamdan çenäbem ataýýaňyzmy, inim, Belli jan? — diýip, Abdyl hojam
sorady.
— Aý, hawa, atmaly bolýa-da, Hojam aga. Atmasaň, özüňi atýar. Ol gaýgyranok.
Ýogsam adamdan çenemek kyn-a boljak eken. Ömür ýadymdan çykmaz: elimde
suw ýaly awtomat. Agaja bukulyp ýatyryn. Ine iki sany nemes soldaty göni bize
tarap gelýär. Şunça mäşäni gysjak bolýan welin, elim diýen edenok. Janly adama
tüpeň atmagyň kyndygyny şonda bildim. Hut şu wagt ýöräp gelýän diri adam sen
sebäpli ýekeje minutdan soň ölüp ýatybermeli. Ahyrsoňy, näme bolsa, şo bolsun
diýip, gözümi ýumup paýratdym. Soň baryp görsek, awtomat eleme deşik edipdir.
— Haý, haý, haý, ganhor bolduk diýsene, inim.
— Hawa, ganhor bolduk diýseňem boljak, hunhor bolduk diýseňem. Duşman
öldürmedik diýseg-ä ýalançy. Onsoňam biz-ä, uruş başlanyp, iki hepde söweşdik.
Başlanaly bäri uruşda ýörenler, gör, näçe gyrandyr.
7-nji bap: «DURDYGYLYÇ AGA, TURSANA, OTLY SOMSA GETIRDIM»
Mürtiň alakaň hininden ýarty çuwal bugdaý tapmagy obany ýaga saldy. Käbir
adamlar maşgalasy bilen hin köwlemäge gidýär.
Daňňy ikimiz iki sapar dagy yşgyn köwlenýän ýere gitdik. Ol biziň obamyzdan
gaty uzak hem däldi. Ýöne alakaň hinini köwmäge welin gidip göremzok. Ertir
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Uruş döwrüniň oglany - 3
  • Parts
  • Uruş döwrüniň oglany - 1
    Total number of words is 3784
    Total number of unique words is 2125
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    43.4 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uruş döwrüniň oglany - 2
    Total number of words is 3841
    Total number of unique words is 2208
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uruş döwrüniň oglany - 3
    Total number of words is 3881
    Total number of unique words is 2078
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uruş döwrüniň oglany - 4
    Total number of words is 3871
    Total number of unique words is 2203
    29.3 of words are in the 2000 most common words
    43.0 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uruş döwrüniň oglany - 5
    Total number of words is 3861
    Total number of unique words is 2187
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    42.4 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uruş döwrüniň oglany - 6
    Total number of words is 3862
    Total number of unique words is 2213
    28.9 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uruş döwrüniň oglany - 7
    Total number of words is 551
    Total number of unique words is 415
    46.8 of words are in the 2000 most common words
    58.9 of words are in the 5000 most common words
    62.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.