Latin

Uruş döwrüniň oglany - 1

Total number of words is 3784
Total number of unique words is 2125
30.7 of words are in the 2000 most common words
43.4 of words are in the 5000 most common words
50.5 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
ANNA PAÝTYK - URUŞ DÖWRÜNIŇ OGLANY (POWEST)
AWTORDAN
Bu powest meniň özüm hem öz deň-duşlarym hakynda.
Iňňän uzakda, Garagumuň eteginde, Murgap derýasynyň çägä siňip gidýän
ýerinde meniň eneden doglan obam ýerleşýär. Ol oba meniň şu eserimiň
gahrymanlarynyň ýaşaýan obasyna diýseň meňzeş. Üsti keçe-durluk bilen
basyrylan, ak gamyşly gara öýler, baryp-ha heniz men döremänkäm gurnalypdyr.
Ýöne olar şu wagtam iki boýy tally ýabyň ýeňsesinde uzyn hatar bolup otyrlar.
Sebäbi, nirede suw bolsa, şol ýerde-de ýaşaýyş bar. Özge ýerde bilemok, bizde-hä
şeýle.
Men döwletli hasap edilýän maşgalada dogulsam-da, gün-güzeranymyzyň weji
ýokdy. Sebäbi, 1934-nji ýylda, ýaňy dört ýaşym dolanda kakam ýogaldy. Ylaýta-da
uruş başlanansoň, günümiz kynaldy. Aýal doganlarym durmuşa çykyp, hersi bir
ýere düşdi. Özümden uly ýalňyz erkek doganym Juma bolsa, on dokuz ýaşyny
dolduryp-doldurmanka, fronta gitdi. Şeýdip, öz gahrymanym Kössegiň enesi
bilen galyşy ýaly, bizem bir goly şikesli ejem ikimiz galyberdik.
Men, meniň dostlarym — ählimiz uruş döwrüniň oglanlarydyk. Ähli oglanlar ýaly,
bizem oýnardyk, garagollygam ederdik. Ulular bilen işlärdik, gaýgy-gussany-da
deň paýlaşardyk.
Frontdan ýygy-ýygydan ajy habarlar gelerdi. Agam Juma hem obadan iňňän
uzakda, Wolhow frontunda söweşip ýören mahaly dereksiz ýitdi. Hat gelmesi
kesilensoň, ejem ikimiz köp garaşdyk, telim ýola ejem ökde mugallymlara hat
ýazdyryp, sorag-ideg etdirdi. Ählisine «ýitirdik» diýen jogap geldi.
Günler geçip durdy. Men on iki ýaşymda kolhozda işläp başladym. Okuwy bolsa
faşistleri ýeňenimizden soň dowam etdirmegi ýüregime düwdüm. Hakykatdanam,
men uruş gutaranyndan soň, Mary şäherindäki peduçilişşäni gutardym. Bir ýyl
mugallymçylyk etdim, soňra uniwersiteti gutardym.
Ýazmaga haçan başlanym ýadymda ýok, ýöne ugurly-ugursyz goşgularyň her
günde telimsini ýazardym. Sebäbi meniň ýaşymdakylaryň ählisi goşgy goşmagy
gowy görýär. Biziň halkymyza şahyrana halk diýilmesi hem şoň üçin bolsa gerek.
Diňe uniwersiteti gutaryp, žurnalistlik kärine başlanymdan soň, gara çynym bilen
ýazyp başladym. Respublikan radioda çagalar gepleşikleriniň redaktory bolup
işlemegim, soňra uzak ýyllap «Edebiýat we sungat» gazetinde işlemegim
döredijiligimiň kämilleşmegine ýardam etdi. Respublikamyzda baryp görmedik
künjegim, aýlanmadyk raýonym galmady. Köp ýerleri gördüm, köp adamlar bilen
tanyşdym.
Ilki-ilkiler hem ýazardym, hem terjime bilen gyzyklanardym. Ylaýta-da, çagalar
üçin ýazylan eserleri ürç edip, türkmençä geçirerdim. Nosowyň «Bilmezejigiň
başdan geçirenlerini», Anderseniň ertekilerini, Zahoderiň «Maýmynyň erteertesini», Žitkowyň, Žarikowyň hekaýalaryny we ýene köp gyzykly kitaplary
türkmençä geçirdim.
Kiçeňräk hekaýalarym, goşgularym çap bolup ugransoň, körpelere öz
çagalygymyz barada giňräk gürrüň beresim geldi. Şeýdibem, şu powestiň birinji
bölümi döredi. Ol «Uruş döwrüniň oglany» ady bilen 1966-njy ýylda özbaşdak
kitap bolup çykdy. Respublikan konkursda 3-nji baýragy aldy. Okyjylardan
gelýän hatlar kitaby halandyklaryny aýan etdi.
Eýsem-de bolsa meniň bu powestiň yzyny ýazma niýetim ýokdy. Dogrymy aýtsam,
2-nji kitap, 3-nji kitap diýip süýndirip otumagy özümem halamokdym. Emma bu
powestiň ilki Moskwada rus dilinde çykmagy, soňra ukrain, moldawan we ýene
birnäçe dillere terjime edilmegi bilen ýurdumyzyň ähli künjeklerinden hatlar
gelip ugrady. Ol hatlaryň aglabasynda powestdäki dört ýetimiň: Çary, Daňňy,
Kössek hem Mişa dagynyň uruşdan soňky ykballary soralýardy.
Elbetde, urşuň gutaraly bäri otuz ýyldan hem gowrak wagt geçdi. Meniň
gahrymanlarymyň her biri telim çaganyň atasy boldy. Dyzlaryna agtyjaklaryny
mündüler. Indi olar barada gürrüň berip otursam, sizi gyzyklandyrarmyka beri?
Men şu alasarmyk pikirlerde gezip ýörkäm, bir gezek öz çagalygymyň geçen
obasyna gezelenje baranymda, otuz bäş ýyldan soň Mişa-şokoladyň
Leningraddan (ol indi Mihail Antonowiç bolupdyr, uly zawodyň inženeri) uruş
döwri özüniň ýaşap giden obasyny görmäge gelenini, çagalary bilen bir hepdeläp
biziň obamyzda myhmançylykda bolanyny aýtdylar. Şol hem meniň täzeden
galama ýapyşmagyma, powestiň 2-nji bölüminiň döremegine sebäp boldy. Siziň
halajagyňyzy-halamajagyňyzy bilemok. Ýöne bu powest hem 1978-nji ýylda
geçirilen respublikan konkursda baýrak aldy.
Men powestiň ikinji bölegine «Arkadagym — agtyklar» diýip at goýdum. Gürrüň
bermek gezegini hem uruşda wepan bolan atalarynyň adyny göterýän agtyklaryna
berdim. Çünki atalaryň däbini ogullary, agtyklary ýöretmeli ahyry. Şeýle dälmi?
GIRIŞ
Siz biziň obamyza belet dälsiňiz. Şonuň üçinem gürrüňe başlamaga howlukmalyň.
Ozaly bilen, men sizi tanyşdyraýyn.
Biziň obamyz iki boýy tally ýabyň ýeňsesinde, aşak-ýokary oturan uzyn hatar.
Beýleki obalar eýýäm posýologa göçdi. Biziňkileriň öwrenişen ýerimiz diýip
göçesi gelenok. Göçmesine-hä, bular hem göçerdiler-le. Ýöne uruş turansoň,
göçmek ýada düşýärmi.
Aşak çetinden başlaýyn. Ilki ýekeje tamkepbe bardyr. Ol Durdygylyç agalaň öýi.
Bir özi ýaşaýar. Bir gözi şikesli ogly bardy. Ol hem işçiler batalýonyna gitdi.
Ondan bärde gapdaly eýwanly tamly bir gara öý otyr. Bu — Muhat agalar. Bu öýe
Muhat agaň özi, aýaly Geňlijemal eje, gelni Şeker girip çykýar. Bularyň hem
ýekeje ogullary bardy. Adyna Baýram diýerdiler. Ol mugallymdy. Baýram urşa
gidensoň ýerine onuň gelni Şekeri mugallyma etdiler. Üçünji Belli ussalaryň
öýleri. Ol obamyzyň arzyly adamydy. Eli hünärlidi. Kolhozda ussa bolup işleýärkä,
uruşdan hem ozal goşun gullugyna gitdi. Aýaly Ajapsoltan gelnejem ussadanam
gowy. Işiklerinden geçip barýansyň, ylgap çykar-da, etegiňe ýa tahýaňa bir zat
guýar. Ol künjüli gowurgadyr, patrakdyr, erik şäniginiň maňzydyr. Käte bagtyň
işlese, pampaza ýa kemput bolaýmagam ähtimal. Olar bilen goňşy bolup Mürtiler
otyr. Oňa özi ýok ýerinde köplenç Mürti gul diýýärler. Ýetginjek mahaly obamyza
düşüp galypdyr. Eýranly. Kyrk-kyrk bäş töweregi ýaşy bar. Bäş-alty ýyllykda
adamsy ýogalan Ogulnyýaz diýen aýala öýerdiler. Çülpeje çagalary-da bar. Mürti
urşa-da gitmedi, işçiler batalýonyna-da. Ondan bärde Çary kelleriň iki tamy bilen
gara öýleri otyr. Bular köplükdi. Iki uly agasy, kakasy fronta gidipdi. Iki gelnejesi
atasy öýünde gezip, şo ýerde işläp ýörler. Çary keliň ejesi bilen olaryň oňşuklary
bolmady. Bu jaýlarda Çary kel bilen ejesi ýaşaýar. Bulara duldegşir diýen ýaly
ýene bir kiçijik tam otyr. Ol Ýagşygözel gelnejemiňki. Adamsyny gowy tanamok.
Özi okuwly adam diýýärler. Fronta gidipdir. Ýagşygözel gelnejemleň bärsindäki
iki tamyň gapysy men özümi bilelim bäri gulply. Eýeleri iki sany sallahmyşyn. Bir
ýerden göçüp gelipdirler. Tam salan badyna, ikisem kolhozyň goýnuna
çopançylyga gidipdir. Olar hem häzir uruşda diýýärler. Öz öýümiz bilen Daňňylaň
öýi barada aýdyp oturjak däl. Ýokary çetde, obadan ep-esli üzňe, alaňyň üstünde
ýene bir ak öý bar. Gapdalynda-da meňzeşje-meňzeşje kiçijik üç tam. Bu öý Baýly
sopulaň öýi. Bu öý barada dolurak aýtmaly. Baýly sopy diýilýäniň alty gyzy bardy.
Dördüsini satdy. Iki sanysyny gelin bolup baran ýerinden aýrylyşdyryp getirip,
ikilenç satdy. Iň uly gyzy uruş başlanaly bäri şu ýerde ýaşaýar. Akga lemmik diýen
agtygy bar. Biz bilen bile okaýar. Iň kiçi gyzy harman ýaly bolup, öýünde gezip
ýör. «Ýolbars», «Gulakly» diýen iki iti bar. Biri ala, biri sary. Ol bu itleri hem
gyzlaryny gabanýany üçin saklaýarmyş. Özi öwlüýäň müjewüri hem jerçi. Baryşgeliş edýäni ilerki obadan Abdyl hojam.
Ine, biziň obamyz diýýänim. Indi gürrüňimize başlabersegem bolar.
1- nji bap: BULARA ÄJIT-MÄJIT DIÝERLER
Diýseler diýibersinler. Men indi ynanamok. Agşam ýataňda ukyň tutmasa,
ýüze barýança sanaýmalydyr diýen gürrüň ugursyz zat. Ynha, men
haçandan bäri uklap bilmän ýatyryn. Her näçe sanasamda, gözüme uky
gelenok. Adam bir zady ünji edinip ýatsa, uklap bilmez diýýärler. Mende
ünji näme işlesin. Garnym dok. Gün ýaşanyndan soňam bir çanak bulamak
içdim. Dogry, ony enem ikimiz içdik. Ýöne ol gaty haýal içýärdi. Men çaltçalt içýärdim. Çemçämem enemiňkiden uludy. Ol iň soňunda çanak
ýalamak gezegini maňa berýär. Hawa, garnym dok. «Garny doka bela ýok».
Mende ünji näme işlesin. Eýsem näme üçin uklap bilmeýärkäm? Kirpigim
çalyşdygy bes, şu günki mekdebimizde bolan waka gözümiň öňünde. Ýa
şony ünji edinýärmikäm. Aý, ýok-la. Bu ýerde meniň ýazygym ýok ahyryn.
Size gürrüň bereýin. Mende çigit ýalyjak-da günäň ýokdugyna siziňem
gözüňiz ýeter.
Iň soňky sapagyň öň ýanydy. Klasdaşlarymyň biri bilen myssyk pökgini
depip, kowalaşyp ýördüm. Kimdir biri gözüne urlan ýaly gygyrdy.
— Haý, Kössek, ýet! Daňňyny urýalar!..
Ylgap gelsem, oglan bary hümer. Çary kel Daňňyny bagyrdadyp basyp ýatyr.
Günälini, bigünäni saýgarjak bolup durmadym. Bökdüm üstüne Çary keliň.
Boýnuna golumy salyp, Daňňyň üstünden agdarjak bolýaryn. Edil
ýelmeşen ýaly. Aýagyndan çekip aýyrjak boldum, onda-da çüýlenen ýaly.
Geň zat: öz-ä basyp ýatyr, özem aglaýar. Biz-ä hemişe aşagyndaky
aglarmyka diýýärdik. Aljyrap, şyrdakly kellesine ýumruklap ugradym. Şol
barmana-da oglanlaň biri gygyrdy.
— Şyrdagyny zyň, şyrdagyny. Keliň şyrdagyny zyňsaň, jany bolmaz...
Penjäni urup, şyrdagyny aldym. Ýöne şyrdakdan ozal özüm allowarra
zyňlyp düşdüm. Ýagyrnyma urlan penje içimden geçäýdimik-ä diýdim.
Hasanaklap turdum. Daýaw adam bir eli bilen Çary keliň, bir eli bilen
Daňňyň ýakasyndan tutup silterleýär.
— Häk, haramzadalar, siziň ýadyňyza uruşmak düşýärmi!..
Mugallymlaryň ählisi üýşdi. Çary kelem aglaýardy, Daňňam. Oglanlar
agzynyň ýetişdiginden gepleýärdi. Biri Çary keliň tarapyny çalýar, beýlekisi
Daňňyň. Çary keliň gulagy gara gan. Ol Daňňyň köýneklerini hem agyn gan
edipdir. Mekdebiň gapdalyndaky üýşmek çägeden sepip, onuň gulagynyň
ganyny duruzjak bolýarlar. Men aňkaryp durun. Elimde-de Çary keliň
şyrdagy. Soň ony doktora äkitdiler. Daňňy ikimizi direktoryň kabinetine
dykdylar.
— Biz-ä çaga-da gördük welin, bular ýaly çaga-ha görmändik... Bulara çaga
diýmezler, äjit-mäjit diýerler — diýip, hemmeden beter Şeker mugallym
janygýar. — Haý-küş edilmese, biri-biriniň etini iýjekler...
— Owarra edip, türmä saldyrmak gerek.
— Eý, Alla jan, bu çagalary başaranyň başyna diýäýmelidir-le. Heder
etmese, bulaň etjek zady köpdür. Ýöne çaltrak öňki mugallymlary gelsin
diýiň, doganlar...
— Milisiýa habar etmek gerek. Ikisinem äkitsinler...
Duran gelin-gyzlaryň hersi bir zat diýip, Şeker mugallymyň aýdanynyň
üstüne goşýardy.
Mekdebimizde ýaşy altmyşa ser uran ýekeje erkek mugallym bardy. Oňa
Illi aga diýýärdiler. Direktoram şoldy. Öňňesi birki ýyllykda ýedinjini
gutaran gelin-u-gyzlardy. Olar bir-birinden jibrinýärdiler. Direktor üçin
welin hiç zat bolmadyk ýalydy. Öňündäki kagyzlary dörüp otyrdy. Ýüzünem
galdyranokdy.
Klasa girmäge jaň kakyldy.
— Bulara berk temmi bermek gerek — diýip, mugallymlar çykyp gitdiler.
Diňe Şeker mugallym galdy.
— Näme sesiňizi çykaraňzok, Illi aga. Men-ä şol klasa girjek däl. Ynha,
žurnalyňyz...
Ol elindäki žurnaly direktoryň öňüne oklap goýberdi. Içinden pahallary
çykyp duran köne diwanda oturyp, aglamaga başlady.
Direktor öňüne zyňlan žurnaly bir ýana süýşürdi-de, ýene sesini çykarman,
öz işine gümürdenip otyr. Şeker mugallymyň bolmajysy boldy. Ýöne
gahardan sesini çykaryp bilenok. Diňe gapynyň agzynda ýüzüni diwara
berip, Daňňy aglap dur. Içi-içine sygman sojaýar.
Illi aga ahyryn äýneginiň ýokarsyndan Şeker mugallyma seretdi.
— Iki sany çaga uruşdy diýip, žurnaly zyňyp durmak aýyp dälmidir, Şeker?!
— Illi aga, bu ýöne uruşmak däl ahyry. Hol, aňyrky ýigit Çary neressäň
gulagyny agzyna salypdyr-da, çeýnäp ýatyr. Bize dagy barmysyňam
diýenok. Ýoldan geçip barýan bir adam aýyrdy...
— Bilýän, bilýän. Eşitdim. Ol hakda bular bilen özüm gürleşerin. Ýöne
seniň beýdip durşuňy geň görýän. Sen okatma, men okatma, kim okatsyn
bulary. Munyň bolanok, keýigim. Bar, žurnalyňy al-da, klasa gir. Milisiýa
çagyrmalymy, gazamat etmelimi soň görübereris.
Şeker mugallym žurnalyny alyp, tasanjyrap çykyp gitdi. Illi aga ýerinden
turdy. Ilerik bakyp duran penjiräniň öňüne bardy. Ýeňsesini öwrüp
durşuna-da gepledi:
— Hawa, Daňatdy han, aýdyp dur. Näme boldy?
Daňňy içi-içine sygman, öňküsindenem batly sojap, aglap başlady.
— Ilki onuň özi basyp, Daňňyň garnyna münüpdir ahyryn — diýip, men
Daňňyň tarapyny çalyp jogap berdim.
— Men senden soramok, Kössek. Men Daňatdydan soraýan ahyryn...
Soň geplemedim. Öwran-öwran sorady. Daňňydan jogap bolmady. Elini
ýüzünden aýyrman, şol aglap dur.
— Bolýar-da, aýtmasaň aýtma — diýip, Illi aga gezmeläp başlady. Daňňy
birden:
— Men urşamok — diýdi.
— Eýsem, köýnegiňdäki ganlar nireden boldy?.. Paýlaşyp bilmeýän zadyňyz
näme?
Illi aga gaharlanjak ýaly etdi. Daňňyň üstüne abandy.
— Men urşamok. Meniň henize çenli biri bilen urşanymy gören ýokdur.
Maňa kim uruşdy diýse, ýalan aýdypdyr...
— Heýlemi? — diýip, direktor nämänidir pikir edip dymdy-da, ýerine geçip
oturdy.
Dogrudanam, Daňňyň urşanyny gören ýokdy. Ýogsam klasda nämeler
bolmaýar. Bir gün täzeje köýnegine biri syýa dökende-de uruşmandy.
Oglanlar gül ysgadan bolup, burnunyň içine temmäki dykanlarynda-da, ol
uruşmandy. Meniň welin beýle diýmäge hakym ýok. Bäş-alty günlükde-de
mekdepden gaýdyp gelýärkäk, Baýly sopyň agtygy Akga lemmik bilen
urşupdym. Özem bolgusyz zadyň üstünde-le. Uruş hakda gürrüň edişip
gelýärdik. Men: «Biziňkiler ýeňer» diýdim. Olam: «Faşistler ýeňäýmes-e»
diýdi. Men sakga durdum:
— O näme üçin faşistler ýeňmelimişin?.. Kim aýtdy saňa şony. Bar, senem
şolaň arkasyna hopba bolaý. Şonda-da ýeňmez...
— Sen hopba bolaý. Men näme faşistlep ýeňenine begenýändir öýdýämiň?
— Eýse näme «faşist ýeňäýmese» diýen bolýaň?
— Men diýemok, how, babam dagy şeý diýýä diýdim-ä saňa...
— Seň babaň ýalan aýdypdyr.
— Babam bilen işiň bolmasyn. Onuň adyny tutma.
— Tutaryn. Seň şo sopy babaň işi çypdyryp ýörmek...
— Tutma diýdim babamyň adyny.
— Tutaryn.
— Tutmarsyň.
— Tutaryn.
Biz ilki südenekleşdik. Soň ýumruklaşdyk. Ol maňa görä daýawrak. Ýöne
ýüki saman. Göreşip ýykanyny, urşup ýeňenini gören ýok. Şonuň üçinem
oňa Akga lemmik diýýärdiler. Men ýykyp, garnyna mündüm. Tä «jan aga»
diýýänçä goýbermedim...
Direktor şu mahal geplemän oturyşyna şony ýatlar öýdüp gorkdum. Ýöne
menden hiç zat soramady. Bir aýdany.
— Senem aralamaga derek özüň urşupsyň-da? — diýdi. Direktor soň hem
köp gaýtalady: — Näme üçin uruşdyň, Daňatdy? Bir zadyňy aldymy,
sögdümi?
Daňňyň şol lal-jimligi.
— Baryň, gidiň öýüňize. Ertir milisiýa çagyryp, gazamada äkitdirjek.
Ýüzümizi sallaşyp, çykyp gaýtdyk. Tä öýümize ýetýänçäk, bir agzam
gepleşmedik.
2- nji bap: BULARY GAZAMAT ETMEK GEREK
Näwagt uklap galanymy bilemok. Ertir kelläm agyryp turdum.
Şeker mugallymyň: «Bular çaga däl, äjit-mäjit» diýeni ýene ýadyma düşdi.
«Äjit-mäjit diýilýän nähili zat bolýar?» diýip, enemden soradym. Olam:
«Erbet zatdyr, oglum. Äjit-mäjit gelse, ahyrzaman bolarmyş» diýdi.
Ahyrzamanyň nämedigini soradym. Ol öňküdenem beter gorkuzdy.
Kitaplarymy alyp, öýden çykdym. Ýöne mekdebe tarap aýagym ädilmedi.
Daňňylara bardym. Koridorda durup, içerik boýnumy uzatdym. Yza
çekiljek boldum.
— Kössek, hany bärik gir! – diýip, Daňňyň ejesi ysgynsyz seslendi.
Girdim. Göwher gelnejem ep-esli wagt bäri syrkawdy. Ýöne beýle
horlanandyr öýtmeýärdim. Ýorganyň içinde otyr welin, elleri dagy çöp ýaly
bolup gidipdir.
— Düýn mekdepde Daňatdy kim bilen uruşdy?
Men iki egnimi ýygryp, Daňňa seretdim. Ol düýpde tüňňerilip otyr.
Ejesiniň käýýändigi belli.
— Men-ä bilmedim... Hiç kim bilenem urşan däl bolaýmasa...
— Heýlemi?.. Ikimiz dil birikdirdik diýseňiz-le, men onuň urşanynyuruşmanyny gelen badyna aňdym. Köýnekleri gara-gan. Uzyn gije-de
basyrganyp çykdy...
Men sesimi çykarman, gözüme tegeläp durun. Tutulaýdyk öýdýän diýip,
içimi gepledýän.
Göwher gelnejem Daňňa seretdi-de, şeý diýdi:
— Sen, oglan, eşitdim-eşitmedim diýme. Kim bilen urşan hem bolsaň, barda, ýaraşyp gel. Şony etmän öýe gelseň, hezil bermen. Eýýäm atasynyň
ýokdugyny bildirýä diýdirjek bolma. Eşidýämiň?
Daňňy zörledip aglady-da, ýüzüniň ugruna kitaplaryny alyp, daş çykdy.
Öýden ýagşy aramyzy açanymyzdan soň, men oňa töwella etdim.
— Goýsana-aýt, aglamasana! Eje bolan käýýärem, uraram. Hany aýt, indi
näderis. Çary kelden ötünç sorarysmy?
— Öläýsemem soraman...
— Soraman gelseňem-ä ejeň...
— Ursa uraýsyn. Çary kele «günämi öt» diýenimden, ejemden ýenjilenim
gowudyr.
Birsellem ol hem geplemedi, men hem.
— Daňňy, şu gün okuwa barmasak, näderkä, ä? — diýip, birden men ýol
boýy edip gelýän pikirimi daşyma çykardym.
Daňňy sakga durdy. Ýüzüme seretdi-de:
— Be, menem şeý diýjek bolup gelýärdim — diýdi. — Gel, şu gün barmaly.
— Onsoň hem düýn Şeker mugallymyň aýdanyny eşitdiň ahyry. Milisiýa
çagyryp, ikisinem eline berip goýbereli diýmedimi näme? — diýip, men
gyssandym.
— Direktoryň özem: «Gazamat ederis» diýdi...
Biz ol gün okuw gutarýan mahalyna çenli onda-munda kaňkap geçirdik.
Giç öýlänler ikimizem balagymyzy dyzymyza çenli çyzgap, ýata suwdan
balyk gözläp ýördük. Bir görsek, ala sygryny idip, Çary kel geçip barýa. Ol
bizi gördi-de, sygryny taşlap ylgady. Ol gelşine Daňňyny basa düşer
öýtdüm. Araçy bolmaga taýýarlandym. Bardy-geldi urşaýsalar-da, her zat
etmeli welin, indi Daňňydan Çary keliň gulagyny goramaly. Onuň yzynyň
galmagaly köp bolýar.
Men, haýp, howsala düşüpdirin. Çary kel heniz ýabyň raýşyna ýetmänkä:
— Näme okuwa baraňok, heý, Kössek? — diýip gygyrdy. Soň suwuň içinde
aňkaryp duran Daňňa gözi düşdi. — O-how, Daňňam bamy? Salam, eý,
Daňňy!
Daňňy sesini çykarmady. Çary kel onda-da göwnüne almady:
— Siz näme ikiňizem okuwa baraňzok? — diýip, ýene gaýtadan sorady.
— Sen barýan bolsaň, bolýa-da — diýip, men kineli jogap berdim.
— Mugallym sizi sorady. Öýüňize-de gaýtjak boldy. Onda-da mena
aldadym. «Daňňy ýaranok» diýdim. «Kössegi hem enesi bir ýerik
äkidipdir» diýdim. Bolupmy?
— Çynyňmy, eý, gaýtjak bolany? — diýip, Daňňy suwdan böküp çykdy.
— Duz jan ursun, gaýtjak boldy. Ýöne men şeý diýemsoň, gaýtmady.
Biz ikimizem Çary kele seretdik. Ol birhili gözümize gowy görnüp ugrady.
Onuň gulagyna iod çalyp, sap-sary edipdirler. Indi öňki ýaly ganjaryp
duranok-da, gatap, kesmekläp dur. Ol gulagyna seredýänimizi bildi öýdýän.
— Aý, zyýany ýok-laýt, gutular-da — diýdi. — Öten ýyl aýagymdan Baýly
sopyň iti ýaranda nähilidi. Şolam gutuldy ahyry. — Ol çümre şyrdagyny has
aşak basdy-da: — Dostjan, Daňňy, men seň göwnüňe degen bolsam,
bagyşla, zaluwat, ýaraşaly — diýdi. Elini uzatdy. Daňňy elleşmejek bolsa-da,
men ikisini elleşdirdim. Wah, «günämi öt» diýip, biriniň üstüne barmak
kyn. Üstüňe gelseler, onuň bilen elleşdirse bolýa-la.
— Çary dost, dogrujaňy aýt, bizi äkitmäge milisiýa geldimi? – diýip, men
gorkyma soradym.
— O nähili milisiýa?!
— Bilmedik bolmasana. Bizi gazamada saldyrjak diýdiler ahyryn — diýip,
Daňňy gözlerini tegeledi.
— Aý, Şeker mugallym sizi gorkuzjak bolup aýdýandyr-laýt — diýip, Çary
kel arkaýyn gürledi.
Men:
— Sen indi bizi okuwda görmersiň, Çary dost — diýdim.
— O näme üçin? — diýip, Çary kel ör-gökden geldi.
Daňňy:
— Balyk tutjak, yşgyn köwlejek, her zat etjek welin, okuwa barjak däl —
diýip, meňkiň üstüni ýetirdi.
— Barybir, mekdepde-de onçakly öwrenýän zadymyz ýok — diýip, men oň
üstüne goşdum.
— Ol aýdýanyňyz-a dogry-la. Mugallymalarymyzyň özlerem ýedinji klasy
gutarmadylarmy näme — diýip, Çary kelem biziň bilen ylalaşdy. — Ýöne
men-ä ýedinjini gutarýançam gatnajak...
— Ol öz işiň. Ýöne biziň barmajagymyzy hiç kime aýdaýmagyn.
Ol biziň okuwy taşlajak bolýanymyza gynandy. Soň ýene:
— Arkaýyn boluň. Gaýtam, bäş-on gün mugallymlary aldab-a gezerin. Soň
bolsa gözlemezlerem — diýip, gara görnümden nogtasyny süýräp barýan
sygrynyň yzyndan şapadaňlap gitdi.
Biz tutunja balyklarymyzy konserwa gapyrjagyna salyp, Daňňylara gaýtdyk.
Balyklar azam däldi. Ýöne iň ulusy barmakça bolansoň, konserwa
gapyrjagy zordan ýarsyndan etdik. Daňňylara gaýtmagymyzyň sebäbi bar.
Birinjiden-ä, Çary kel bilen ýaraşdyk. Kim ötünç soranda näme, ýaraşsak
bolýa-da. Ikinjidenem, balyklarymyzy şolarda bişirip, ýarysyny Göwher
gelnejeme bermeli. Balyk çorbasy dermanmyşyn.
Biz gelen badymyza, «Nätdiň, urşanyňdan ötünç soradyňmy?» diýip,
Göwher gelnejem sorar öýtdük. Ol biz bilen däl. Süýnüp ýatyr. Daňňy
ikimiz balyjaklarymyzy kastrýula saldyk. Üstüne-de birki kürüşge suw
guýup, gaýnatmaga başladyk. Suw gaýnap-gaýnap azaldy. Içine azajyk duz
atdyk-da, dadyp gördük. Şorja, süýjüje çorba bolupdyr. Ýöne azajyk. Bir
käse-de barly-ýokly. Ýarty käsesini alyp, Daňňyň ejesiniň baş ujunda
goýduk.
— Turansoň içer-dä. Balyk çorbasy derman bolarmyş...
Men Çary kel bilen ýaraşanymyza çensiz begenýärdim. Mugallym bize
gaýtjak bolanda, onuň aldaýşy ýadyma düşende bolsa, begenjimden
saklanyp bilmedim:
— Sen Çary kel bilen nähak uruşdyň. O gowy-laý — diýdim.
Daňňy agzynda sorup oturan balyjagyny taşlap, ilki gahar bilen maňa
seretdi. Soň sarsman ýatan ejesine seretdi:
— Kim aýtdy saňa nähak diýip?
— Meň özüm bilýän. Çary kel gowy oglan ahyry.
— Şonuň ýaly gowy bolman geçsin... Erbet.
— Gowy. Erbet bolsa, saňa ýaraşaly diýip gelmezdi. Hany aýt, erbet bolsa,
näme diýip uruşdyň?
— Aýtjak däl. Gaýdyp sen şony menden sorama. Gördüň-ä direktora
aýtmadym.
— Direktora aýtmasaň hem maňa aýtmalysyň. Ýa meniň bilen dostlugyň
ýalanmy?
— Kössek jan, dost, gel, muny sorama. Näme diýseň edeýin. Ýöne, şony aýt
diýme.
Ol şeý diýensoň, meniň has-da bilesim geldi:
— Aý, aýtmasaň, meni dost hasap etmedigiň bolýar.
Daňňyň damagy doldy:
— Ol maňa «Ýetim» diýdi.
Men sesimi çykarmadym. Daňňy gözüni süpürip, ejesine seretdi.
— Bilýämiň, ony ejem eşidäýse, dälirär. Ol: «Gözüm açykka, saňa ýetim
diýdirmen» diýýär.
3-nji bap: EJEM-Ä «KAKAŇ ÖLDI» DIÝÝÄR
Daňňy ýetim däl. Oň näme-de bolsa ejesi bar. Tüýs ýetim mendim. Meniň ejem ir
ölüpdir. Onuň ýüz keşbini bilemok. Kakamyň soňky alan aýalyny bilýän.
Garaýagyz, daýawdy. Geplände-de sesi erkek adamlaryňky ýalydy. Men ony erbet
göremokdym. Köýnek-balagymy ýuwardy. Arassaja saklardy. Käte täzesini
geýdirerdi. Ertirine, her gün turmankam, süýt ýyladyp: «Tur, köpük ýalajak
bolsaň» diýerdi. Enemiň aýdyşyndan olar kakam bilen oňuşmandyr. «Ogluma
oňat seredeňok, öňki aýalym gowudy» diýipdir. Soň ol hem çykyp gidiberipdir.
Men onuň gidenini soň eşitdim. Ýogsam goýbermezdim. Soň köp mahallap
kakam öýlenmedi. «Oglum, senem özüňe başyboguly bolýamy, gyz bolýamy bir
zat al. Ýogsam, içeriň keşigini çekmek maňa agyr bolýar» diýip, enem günde
iňirdärdi. Onda-da kakamyň öz aýdany, «Kössek jan ulalýança, öýe del aýal
getirjek däl» diýýär. Eneme kyn düşýänini bilýän. Çaý-nahara-da özi ylgap ýör.
Ahyrsoňy bu durmuşdan özem ýadandyr-da, «Oglum, saňa gowy eje tapdym.
Azajyk howlukma, getirjek» diýdi. Men begendim. Ýöne ýene maňa eje bolmady.
Uruş turdy. Ilki başda urşa gidenleň birem kakam boldy. Enem iliň-günüň işini
edişip, ikimiziň iýjegimizi gazanýar. Ýüň saýýar, keçe basyşýar, gamyş çykaşýar.
Ýekelliräkleriň ýanlygyny ýaýyp berýär. Käýarym kolhozam ýetim haky diýip azowlak emleýär.
Men ýetim galamda, Daňňy ýetimligiň nämediginem bilenokdy. Ejesem, kakasam
bardy. Hiç zada hor-zaram däldiler. Kakasyna Kelew han diýerdiler. Brigadirdi.
Ol meniň kakama görä birki ýaş kiçidi. Uzyndy. Ol kakam bilen dostdy. Gyşyna
gar ýagdygy bes. Ikisi gözüniň öňüne gara çalyp, tüpeňli awa giderdiler. Towşan,
towuk getirerdiler. Daňňy ikimiziňem gidesimiz gelerdi. Ýöne ýekeje gezegem
äkitmezdiler. Keýkiriň tazysyny welin ýanlaryndan goýanoklar.
Kakam urşa gidensoňam uly baralgam şolardy. Daňňyň ejesem, kakasam meni
gowy görerdi. «Mamur ýeňňe, näme kemçilik?» diýip, günde bir sapar kakasy
gapymyzdan garardy. Ol kakamy ugratmaga gidemizde-de: «Yzyňdan arkaýyn
bol» diýipdi. Hat ýazanda-da şeý diýýär. Nahar iýenlerinde, Daňňy ikimize bileje
berýärler. Köýnek-balagymyzy ýuwmaly bolanda, enemiň özi itek-çomak ederdi.
Ýöne tikin-çatynymyz Daňňyň ejesi Göwher gelnejemiň boýnunady.
Ine, bir gün Daňňyň kakasy bilen Ýagşygözel gelnejem barada oba ýaramaz
gürrüň doldy duruberdi. Ol uzyn, owadan dul gelindi. Olary «Baýly sopy çaýyrly
ýapdan ot ýygyp ýörkä, gözi bilen görenmiş».
Biri ýalandyr diýýär, biri çynmyş diýýär. Her kim ýakasyny tutdy:
— Hiý, oba arasynda-da beýle masgaralyk bolarmy?
Göwher gelnejem, ilki bu gürrüňlere ynanmady. Soň onuňam ýüregini çişirdiler.
Gün-günden Daňňylaň öýleriniň agzybirligi azaldy. Onuň kakasy bilen ejesiniň
sene-mene edişip oturanlarynyň üstüne köp bardym. Beýle bolanda eglenmezdim.
Daňňyny çagyryp, yzyma çykybererdim. Daňňyňam şo gün okuw bilen weji
bolmazdy. Oýna-da goşulmazdy. Tukatlanyp gününi geçirerdi. Käte-käte
öýlerindenem çykmazdy. Men ýeke oýnamaly bolýardym. Bir günem şeýdip
oýnap geldim. Enemiň saçakda goýan ýartyja otly somsasyny iýdim-de, ýene
çykyp gitmekçi boldum.
— Oglum, nirä gitjek bolýaň? — diýip, enem egnimden ýapyşdy.
— Daňňylara.
Men bu gün ertirden bäri olara barmandym.
— Sen olara gitme, balam, bu gün...
— O näme üçin? — diýip, geň galdym. Heniz enemiň Daňňylara gitme diýenini
eşitmändim. Ol kellämi sypalady. Ýakamy düzedişdirdi. — Näme diýip barmaly
däl, ene? — diýip, ýene soradym.
— Daňňyň kakasy gaçypdyr...
Men düşünmedim. Heý, kaka-da bir öýden gaçar eken-ow?! Men onuň kimden
gaçandygyny, nirä gaçandygyny, göz öňüme getirjek boldum. Hiç bolmady.
— Kelew han tüýs kelewligini edipdir. Iller-ä nalajy, urşa gidende maşgalasyndan
aýrylýar. Bu welin... «Päl azman, bela gelmez» diýleni-dä.
Men sesimi çykarman, daş işige bardym. Enem ýene yzymdan gygyrdy:
— Jan oglum, barmagyn. Çarylar diý, Ýazlylar diý ötägit. Oýnara oglan kän
ahyry...
Men «bor» diýsemem, Daňňyny görmän oňup biljek däldim. Nähili baranymy-da
bilemok. Işiklerinden seretsem, Göwher gelnejem işe-de gitmändir, aglap otyr.
Daňňam ýüzüni sallap, beýleki burçda otyr. Meni gördi-de, onuň ýüzi ýagtylan
ýaly boldy. Ylgap daş çykdy. «Azajyk garaş, Kössek» diýibem, ýene yzyna girdi.
— Eje, Kössek bilen azajyk oýnamaga gidäýeýin?..
— Gidäý, oglum, gidäý.
Biz obanyň ýeňsesindäki şaglawuk tarazyň ýanyna bardyk. Ol ýer Daňňy ikimiziň
baralgamyzdy. Aňyrdan lummurdap, uly nobur ýap gelýärdi. Taraza gelibem,
bäşe bölünýärdi. Iki gyrasy tagta bilen rejeli berkidilen tarazyň germawly tagta
köprüsi bardy. Şol köprüň üstünde oturyp, gatlanyň aşagyndan suwuň seslenip
geçişine syn edýärdik. Bu hezildi. Näçe otursaňam ýadaňok. Yssylajak gümanyň
ýok. Uzyn tallar al howada saýa salyp dur. Daňňy bu günem, öňküleri ýaly,
aýagyny suwa degrip oturdy-da:
— Kössek, indi meniňem kakam ýok-da — diýdi.
Men bilsemem, bilmedik boldum:
— Nirä gitdi?!
— Öldi...
— Aý, goýsana, hany «öwlüýä kessin» diý!..
— Ejem: «Sorana şeý diýip aýt» diýdi.
Ol soňra şol gürrüň çykanyndan soň ejesi bilen kakasynyň her gün
sögüşendiklerini gürrüň berdi. «Ejem: «Ile çykarlygymyz galmady» diýip, kakam
öýe gelse, iňirdäp otyr. Kakam: «Ýalandyr, ynanma» diýip, şunça aýdýar welin,
ejem goýanok. Ahyrsoňy, kakam: «Indi gelmen» diýip, çykyp gitdi. Men yzyndan
ylgadym: «Kaka, niräk gitjek?» diýip gygyrdym. Onda ol gaharly: «Ýagşygözeliň
ýanyna!» diýip jogap berdi...
Men sesimi çykarman, ep-esli oturdym. Daňňy kakasyndan aýrylyşyna gynanyp,
aglajak-aglajak bolýardy.
— Kakaň bolmanda-da, hiç zat bolasy ýok. Sen mert bol — diýip, men oňa
göwünlik berdim. Ýogsam, Daňňy menden tegelek bir ýaş diýen ýaly uludy
ahyryn. Daňňy:
— Ýok-la, aglajak däl-le — diýdi-de, ýene aglap başlady. — Men ejeme gynanýan...
4-nji bap: «BEREKELLA, GÖWHER GELIN, ÄR IŞINI BITIRDIŇ!»
«Aýallara traktor sürdürjekmişler» diýen gürrüň öňräk ýaýrapdy. Göwher
gelnejemem ilkinji bolup, oňa ýazylanlaryň biridi. Daňňy ejesiniň traktorçy
boljagyny häli-şindi gaýtalardy. Ýöne Daňňy näçe janygyp aýtsa-da, men-ä
aýallaryň traktor sürjegine ynanmaýardym. Sebäbi, obamyzda aýal traktorçy
göremok. Şonuň üçinem Göwher gelnejemiň traktoryň üstünde gyňajyny ykjadyp
oturjagyny göz öňüne getirip bilemok. Bolsa-da, bu gürrüňi gün-günden köp
eşidýärdim. Eşitdigimçe-de, ýöräp barýan traktoryň üstünde ejesiniň egnine
ýapyşyp duran Daňňy göz öňüme gelýär. Oňa gözüm gidýär. Sebäbi, ol: «Men
şeýdip duraryn. Siz seredersiňiz. Men elimi bularyn» diýýärdi. Her gezek şeýle
gürrüň edişemizde, men kemsinýärdim:
«Meniňem ejem bolsa bolmaýamydy. Ol hem traktor sürerdi. Menem egnine
ýapyşyp durardym...»
Daňňyň agzyny suwardyp garaşýan güni geldi. Ol irden öýümize kürsäp girdi:
— Kössek, ýör, ejem şu gün traktor sürýär!
— O nä basymlaýt, eýýäm öwrenäýdimikä?
Biz Göwher gelnejemiň yzyndan ýetjek bolup, ylgaşyp barýarys hem gürleýäris:
— Basymam bolsa, öwrenipdir. Ejeme sen hemme aýaldan gowy sürýärsiň
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Uruş döwrüniň oglany - 2
  • Parts
  • Uruş döwrüniň oglany - 1
    Total number of words is 3784
    Total number of unique words is 2125
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    43.4 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uruş döwrüniň oglany - 2
    Total number of words is 3841
    Total number of unique words is 2208
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uruş döwrüniň oglany - 3
    Total number of words is 3881
    Total number of unique words is 2078
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uruş döwrüniň oglany - 4
    Total number of words is 3871
    Total number of unique words is 2203
    29.3 of words are in the 2000 most common words
    43.0 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uruş döwrüniň oglany - 5
    Total number of words is 3861
    Total number of unique words is 2187
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    42.4 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uruş döwrüniň oglany - 6
    Total number of words is 3862
    Total number of unique words is 2213
    28.9 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uruş döwrüniň oglany - 7
    Total number of words is 551
    Total number of unique words is 415
    46.8 of words are in the 2000 most common words
    58.9 of words are in the 5000 most common words
    62.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.