Latin

Uruş döwrüniň oglany - 4

Total number of words is 3871
Total number of unique words is 2203
29.3 of words are in the 2000 most common words
43.0 of words are in the 5000 most common words
50.0 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
selpäp barýan kakasynyň yzyndan süýem barmagyny agzyna salyp, seredip dur.
Gözünden monjuk-monjuk ýaş syrygýar.
— Daňňy! — diýenimi duýman galdym. Hiç zatdan habarsyz barýan Kelew yzyna
dolandy. Ikimizem agylyň agzyndan bardyk.
— Ýör, kakaňy ugratmaga gideli, Daňňy!
Ol lal-jim bolup dur. Iki gözündenem şabrap ýaş akýar. Kakasy baryp, başyny
sypady-da, bozuldy:
— «Sag bol» bir diý ahyryn, jan oglum!..
10-njy bap: «HÄÝ, NÄBILEÝIN-DÄ, INDI BU KELLÄ SAÇ ÇYKAÝARMYKA?»
Biziň bu ýylky tomus kanikulymyz birhili geçdi.
Kyrk gün diýeniň köpem däl ýaly welin, Çary kel gözümizden uçdy. Onuň
keselhanadan gelen güni ýanyndan turmadyk. Sebäbi, ozaly bilen-ä, bizde gürrüň
kän. Şu kyrk günüň içinde bolan zatlary biz oňa gürrüň bermelidik. Bu biziň
dostluk borjumyz. Galyberse-de, Çary kel indi öňki gören Çary keliň däl. Büsbütin başga oglan bolupdyr. Gapydan kim gelse geläýsin, öňünde şyrdaksyz otyr.
Bilýäňizmi, şunuň özi uly özgeriş. Hemişe säwlikde eşekden ýykylaýsa-da, ilki
şyrdagyna topulardy. Heniz ony şyrdaksyz gören ýokdy. Şyrdagynyň eteklerinden
gasňak baglap giden kesmekler görner durardy. Häzir olara derek kündügiň
boýny ýaly çym-gyzyl kelläni görýäris. Özem şeýle bir tekiz, ýylmanak welin,
daşrakdan seretseň, kümüş ýaly lowurdaýar. Dogrusy, oňa indi kel diýmäge diliň
barar ýalam däl. Ýöne halys öwreniläýipdir. Onsoňam indi özi aýdýar: «Näçe kel
diýesiňiz gelse, diýiberiň. Barybir, indi men kel däl» diýýär. Biz o gün her näçe
otursagam, aýdasymyz gelip, böwrümiz gijäp duran zatlaram aýdyp bilmedik.
Sebäbi, gelýän-gidýän kändi. Çary keliň ejesem, ýüz görmek gerek däl,
garasöýmez aýal. Sähel gülşüberseň, jabjynyp, ýüzüňi alaýmany hiç zatça-da
görenok. Şonuň üçinem günümiziň köpüsini Çary keliň kellesini taryplap geçirdik.
Esasy zatlary welin hökman şu gün agşam gürrüň bermeli.
Daňňy ikimiz Çary keli o gün agşam bizde ýatmaga göwnetdik. Wah, onuň öz-ä
her günem ýatjak welin, ejesinden ätiýaç edýär. Olam: «Ýatsa ýatybersin» diýdi.
Üç bolup, Daňňylaň öýüne geldik. Hanam özümiz, soltanam. Şoň ýaly bolanda
hezil bolýar. Içiň gyrylýança gül, gülme diýjek ýok.
— Çary, balnisaň içi gyzyklymy, dost jan? Hany indi bir oňat gürrüň bersene? —
diýip, Daňňy begenjinden ýyrş-ýyrş etdi.
Çary kel asla-da öwünjeňräk.
— Dogrymy aýtsam, hezil däl. Siz-ä zaluwatjyklar, ikiňizem baran günüňiz gaçyp
gaýdardyňyz. Onuň ýaly ýere ýene men çydaýan — diýip, gürrüňe başlanyndan
güpläp ugrady. Men:
— Gaçyp gaýdar ýaly, biziň o taýda näme işimiz bar, gitmerisem — diýdim.
— Ýok, men ýöne siziňem kelläňize baş çykaýsa diýýän...
— Hiç haçanam biziň kellämize baş çykmaz. Onuň üçinem gitmeris. Seň özüň
nätdiň, şony aýt?
— Ilki bilen-ä, o ýerde nany ölçegli berýäler. Biz bu ýerde tapsak, tä doýýançak
iýýäris. Tapmasagam aç gezip ýörüs. O ýerde beýle däl. Berlenhe paýyňy iý.
Oňsoň oň, oňmasaň doňaý. Oýnasyň gelen mahaly oýnadanoklar. Özleriniň
ýatyrýan, turuzýan mahallary bar... Wah, bu zatlar bilen oňuşsa-da boljak-la. Iň
ýamany, kelläňe ýod çalýarlar...
— Näme, ýod agyrdýamy?
— Daňňy, walla, senem ýody görmedik ýaly. Agyrdýamy diýen bolýaň. Hawa
agyrdýar. Kelläňi ýakýak ahyry. Ýogsam meniň kelläm ýaly çydamly kelle bolmaly
däl. Çigit ýagy çalyndy. Nebit ýagy çalyndy. Baý, şolam-a agyrdar-dow. Lap-lap
gyzdyrardy. Araba ýagy çalyndy. Çalynmadyk zat ýokdur. Käte-käte Mürti saçymy
syranda, kesmeklerini päki bilen gazap-gazap ganadardy-da, yzyna däri basardy.
Men şonda-da aglamazdym...
— Ýod çalnanda agladyňmy?
— Hawa, agladym. Murt çykan uly oglanlaram möňňürip aglaýar.
— Be, hany başdan-aýak gürrüň bersene. Başlaryňy nädip aýyrdylar?
— Başlaryňy diýip, sypaýyçylyk eden bolma-da, keliňi diýäýsene — diýip, Çary
keliň özem hezil edip güldi.
— Hawa-la, bu gün bize ýatyň diýjek ýok, aýtsana? — diýip, Daňňam gülüp otyrka
ýalbardy.
— Bolýar, men size hammama düşürişlerinden başlap aýdaýyn — diýip, ol mis
kellesini öwrendikli barmaklary bilen sypap goýberdi. — Baran günümiz
hammama düşürdiler. Geýim berdiler.
— Bä, geýimem berýälermi? — diýip, Daňňy geňirgendi.
— Geýim bermeseler, bolmaz ahyryn. Telpegiňi, tahýaňy baran badyňa üýşürip
otlaýarlar. Beýleki eşikleriňem sklada salyp ýygnaýarlar.
— Ýeri bolýar-la, aýt. Geýim jähenneme gitsin-le. Indi sorag berip, gürrüňi
bölmeli däl, eý Daňňy — diýip, men yzyny eşitmäge howlugýardym.
— Ertesi elektrige tutdylar. Wah, siz elektrigi näbilýäňiz. Stoluň üstünde ýüzin
düşüp ýatyrsyň. Kelläň iki barmak ýokarsynda-da aýna ýaly zat wyz-wyz edip dur.
Özem ep-esli bar. Kiçiräk jam ýaly. Ýanyňda nobatçylyk edip duran dugtor ilki
sag çekgäňe, onsoň, çepiňe ýatyrýar, rezin bilen ýüzüňi ýapyp, arkan ýatyrýar.
Bary-ýogy bir sagat çemesi welin, gara der bolýarsyň. Soň bir hepdeläp hiç hili em
edenoklar. Şonda öýlerine gidýänler hem bar.
— Senem gaýtsaň bolmaýamy?
— Meniň gaýdyp näme işim bar? Kellämiň başy aýrylmasa, gelmen diýip, şert
edip gitdim ahyryn.
— Ýok, gelmeli ekeniň. Onda senem hezilligi görerdiň — diýip, men zordan
gülmän saklandym.
— Näme hezillik boldy, aýtsana — diýip, indi Çary kel maňa ýalbaryp başlady.
— Baýly sopydan Daňňyň kakasy ýumajyk ýasady...
Men şeý diýip gülüp başladym. Şoň bolşy gözümiň öňüne gelip, şeýle bir gülküm
tutýar welin, yzyny aýdyp bilemok. Aýtjak bolýan, gülküm tutýar, aýtjak bolýan,
gülküm tutýar. Şo ýerdäki gülmedigimem şu wagt güldüm. Güle-güle içim
gyryldy.
— Hany, aýtsana, nätdi?
— Näder öýdýäň, ilki ýakasyndan tutagada, towuk bogan ýaly bogdy. Sopujyk
hyrk-hyrk edip, ölüp barýar. Soň batly itekläp goýberdi welin, Perreň ýabyň
raýyşyndan togalanyp gaýtdy. Ýumajygyň bar-da — diýip, ýene güldüm. — Hawa,
ketgen ýaly bolup, sary telpegem yzyndan togalanýar... Indä bilmedim welin,
Baýly sopy öwlüýäde görünmese gerek.
— Be, aýdyşyňdanam hezil bolupdyr-ow. Onsoň nätdi? — diýip, Çary keliň hasam
gözleri ýiteldi.
Şu ýerde ýene-de Daňňy ara düşdi.
— Ýeri, boldy-la, how. Gören ýeriňde aýdyp ýörsüň, besdir-dä — diýip, ol ilki
maňa igendi. Soň Çary kele ýalbardy.
— Gowusy, sen kelläňi bejerişlerini aýtsana, Çary jan!
Çary kel gürrüňini dowam etdi.
— Bir hepdeden soň, penje-penje bolup, saçyň düşýär. Eliňi degirseň, gopup gelip
dur...
«Seniň düşer ýaly, saçyň bamy?» diýesim geldi. Ýene saklandym. Onsoňam, belki,
Çary kel illeriňkiň düşýänini görüp aýdýandyr. Ol ýerdäki kelleriň-de
hemmesiniň deň däldigini, käsiniň jyrrun kel, käsiniň çala keldigini, ýekeje baş
üçin baranlaryňam bardygyny ol öýlerinde otyrkak gürrüň beripdi.
— Ine, onsoň palçyk ýaly bir zat bilen kelläňi suwap, mata bilen bir günläp sarap
goýýalar. Ertesem eline bir bölek sabyn alyp, iki sany aýal geçýär daşyňa.
Ýuwuberýär, ýuwuberýär. Kelläň ähli goňagy, kesmegi, saçy zady bary gopup,
legeniň içine düşýär. Kelläň ýeňlän ýaly bolaýýar...
— Bar bolanymy şu?..
— Ýok-la, erbedi öňde. Üç-dört bolup üstüňe münägede, çym gyzyl bolup duran
kelleňä çotga bilen ýod çalýalar. Men-ä kelläme ot basýandyrlar öýtdüm. Şeýle bir
gyzyp, lowlaýandyr welin, hiý, ýöne, goýaý. Sypdyransoňlaram awusyna çydaman,
howlyň içinde diriň-diriň böküp ýörsüň. Birki sagat geçýär. Birneme awusy
azalýar. Ýene çalýarlar...
— Dogrujaňy aýt, Çary. Gaty agladyňmy?
— Gaty agladym. Ýöne kän aglamadym. Üç-dört bolup, ýerli-ýerden agyzlary
ýetişdiginden üfläberdiler welin, birneme sowaşaýdy... Soň çykanja gyly ütüp,
yzyny üzmän ýod çalyp ýörler. Kelläňem öwrenişýär. Soňabaka ýod çalsalaram,
suw çalan ýaly. Oglanlar bolup, biri-birimiziňkä-de çalyp ýörüs. Ýöne şo ilkisi
welin...
— Çary, indi elmydama kelläň şunsy ýaly ýaldyrar durarmy? — diýip, Daňňy gara
çyny bilen sorady.
— Ýok, saç çykýarmyşyn...
Daňňy geplemedi. Men içimi gepletdim:
«Haý, näbileýin-dä, indi bu kellä saç çykaýarmyka?»
11-nji bap: IŞIMIZ «ASMANDAN INEN HATY» GÖÇÜRMEK
— Oglum, kakaňdanam-a hat arany açyp barýar — diýip, enem barha köp
gaýtalaýar. Men onuň gysylýanyny bilýän. Etjek alajym ýok. «Ýazmaga eli degýän
däldir» diýen bolýan. Burkaz obasynda bir palçy döräpmiş diýip, bir gün olar
topar tutup gitdiler. Aklyk berere zadymyz ýok diýip, enem ejem pahyrdan galan
dört sany saça dakylýan ýüzi ýolbarsly manatlygy äkitdi. Gün eňegini ýere
berende-de, olar dolanyp geldiler.
— Oglum, kakaňdan-a arkaýyn bolaý. Sag-aman gezip ýörmüş. Asyl ol aýnada
gören ýaly, ýüz keşbine çenli aýdyp otyr. Arman, aklygymyň ugry ýokdy. Ýogsam
nämäň bolsa berip gaýdyberseňem boljak. Obalary hem oňa: «Bu ýöne-möne
palçy däl. Bu aýala Alla nazar edipdir» diýýärler. «Garaşyberiň, duýman
otyrkaňyz özi geler» diýýär...
Enemiň begenjinden süňňi ýeňläýipdir. Menem begendim.
— Wiý, oglum, onsoň hem ýene bir zat. Derrewjik Daňňynam tap — diýip, enem
heýkeline ýapyşdy. Enemiň baglaryna çenli kümüşlenen heýkeli bardy. Ony
eneme-de enesi ýadygär goýupdyr. Heýkel diýseň heýkel. Görenler tarypyny
edýärdi. Ýöne uruş başlanan badyragyna goranmak fonduna kümüş şaý
ýygnadylar. Şonda ýüzüniň ähli kümüşini söküp, bir okara edip tabşyrypdyk. Indi
diňe teletin ýanjygy galypdy. Enem toýa-ýasa — bir ýere gidäýmese, kän dakynyp
ýörgüjem däldi. Bu gün welin dakynypdyr. Heýkeliň içinden depderiň ortasyndan
goparylan goşa kagyz çykardy. Kagyzyň ähli ýeri maýdaja hatdan doly. Özem syýa
bilen arassaja edilip ýazylypdyr.
— O hatyň näme, ene? — diýip, Daňňy gelensoň, ikimiz görjek bolduk.
— Ynha, bilersiňiz, kagyz-galam alyň-da, ikiňizem göçüriň. Bu hat keramatly hat.
Asmandan inipdir. Şonuň üçinem kimde-kim sogap gazanjak bolsa, özi bir gezek
göçürmeli. On adama hem göçürtmeli — diýip, enem arassaja, howlukman
göçürmegi sargap, aramyzda goýdy. Daňňy ikimiz bagrymyzy ýassyga berip,
göçürmäge başladyk. Giç ýassynlar zordan göçürip bolduk.
Ertir irden enem meniň göçürenimi epleşdirip, heýkeline saldy. Beýleden getiren
haty bilen Daňňynyň göçüreninem eline alyp, çykyp gitdi.
Biz bir gezek göçüremizde-de elimiz agyryp gidipdi. Ýene obamyzyň aýallary
üstümize dökülip ugrady. Kim bir gysym igde, kim gatap giden kak-sök getirip
«Maňa-da göçürip ber» diýip, ýalbaryp otyr. Enem biziň elimiziň agyrýanyny
bilenok. Gaýtam:
— Göçüriberiň, çagalam, eliňiziň-gözüňiziň haýrydyr — diýýär.
Daňňy ikimiz üç-dört günläp işimiz «asmandan inen» haty göçürmek boldy. Soň:
«Näme görünmediň-le?» diýsek, Çary kelem şonça günläp keramatly haty
göçüren eken. Ol hat mekdebe-de ýaýrady. Mugallym sapak geçýär welin, her kim
dyzynyň üstünde goýup, göçürip otyr. Şeker mugallym bir gün ählisiniň
kitaplarynyň içini barlap, hatlary ýyrtdy.
— Indiden beýläk şunuň ýaly bolgusyz zat bilen kim meşgullansa, gaty görmesin.
«Keramatly hat» diýen bolup, Keramat näme işlesin? Bu bir gutlaýtarryhyň (?)
toslap tapan samahyllamasy — diýip käýindi.
Şondan soň göçürýän zadymyzyň ugursyzdygyna bizem ynandyk. Soň hiç kime
göçüribem bermedik. Ýöne enem welin soň-soňlaram şol «keramatly haty»
heýkelinden aýyrmady. Ol hatyň yzysüre ýene bir hat ýaýrady: «Her anna güni
öwlüýä baryp, sadaka berseň, dilegiň kabul bolýarmyş».
Sanly günde öwlüýäň başy bazar ýaly boldy. Eşekli, eşek arabaly gelip, başynda
janly kesýärler. Baýly sopy jerçiligini goýdy. Indi ol öwlüýä baranlaryň
sadakasyny ýygnaýardy. Öwlüýäde soýulýan goýunlardan başga, ýylgynlygyň
içinde otlap ýören «öwlüýäň mallary» hem kiçiräk süri boldy...
— Abdyl hojam bu gün-erte köne okuw açjakmyş — diýibem gürrüň çykardylar.
Onuň-a soňy gelmedi. Raýondan biri gelip, mazalyja gysan bolara çemeli.
12-nji bap: «HIŇLEN BAKALY, SOPUJYK, GÖZÜŇ NÄME GÖRERKÄ!»
Günler geçip dur. Çary keliň kellesine eýýäm iki gezek saç çykdy. Iki gezek
syrdyrdy. Ilkis-ä saça-da meňzänok. Mekgejöweniň gulpagy ýaly mymyjak zat.
Ony syrdyrdy. Gararagy çykdy. Ýene bir syrdyraýsa, tanalmaz ýaly bolarmyka
diýýän. Şu doktorlara halal. Çary keliň kellesini bejererler diýseler, ynanar ýaly
däldi. Bejeräýipdirler. Indi ol buşluga berlen tahýasynam geýýär. Gelişýärem.
Çary kel kellesi şyrdaklyka bedroý ýalydy. Indi seretseň, görmeksiz oglanam däl.
Muny men diýemok, iller şeý diýýä. Ýöne biriniňki bolmajak bolsa, bolmaz eken.
Bir gün onuň ejesi Çaryny taşlap, zym uçan ýaly gidiberipdir. Biri gününi görüp
bilmän gidendir diýýä, başga biri äre gidendir diýýä. Gidişi-gidişi boldy.
— Obanyň oňan ýerinde aýratyn sen aç ölýämiň, otur-da Hudaý diý-de — diýip,
oňa hemmeden beter enem köp jibrindi. Çary kele hemme kişiň nebsi agyrdy.
«Gelneje, eliň degse, şu gün sygrymyzy sagyp bersene» diýip, görene ýalbaryp ýör.
«Sat, owarra et-de. Ýeke başyňa sygyr nämä gerek» diýselerem edenok. «Agam
dagy gelse, näme diýeýin» diýýär. Soň birine idederine berdi. Ozal obamyzda hiç
zatsyz ýetim diýilýän Daňňydy. Indi Çary kelem şonuň ýaly. Onça-da ýok. Daňňy
bizde bolup ýör. Enem seredýär. Çary keliň hiç kimi ýok. Neressäň öňki gülküsi,
degişgenligi ýok. Her gezek: «Çary keliň ejesi äre gidipdir» diýlende-de, ýüzi laplap gyzýar. Ýogsam heniz kakasynyň ölenem belli däl. Biri: «Patasyny alaýyň,
elim bilen jaýladym» diýenmişin, Çary keliň ejesi hem pata almaga derek başyny
alyp gidiberipdir.
Soňky günlerde Çary kel bilen Daňňyň hymy-symysy köpeldi. Bir gürrüňjikleri
bar. Onam menden gizleýärler. Bir günem geldiler-de:
— Biz ikimiz FZO (ФЗО) gidýäs — diýdiler. (ФЗО - Школа фабричнозаводского обучения)
— Çynyňyzmy? — diýip, men Daňňa çiňerildim.
— Çyn. Eýýäm dokumentlerimizem düzetdiler.
Garaşman duran habarym meni birhili etdi. Sesimi çykarman, pikire batdym.
Eýýäm ýekesiräp ugradym.
FZO gitmeklik geçen ýyl başlanypdy. Öz kolhozymyzdanam telim oglan gidipdi.
Olaň ýarpys-a şobada gaçyp geldi. Gaçmadyklary welin eýýäm hondanbarsi çişip,
pors atyşyp ýör. Iki gezek dagy gezmäge gelip gitdiler. Baýly sopyň agtygy Akga
lemmik näme. Oňa hiç kimiň göwni ýetmezdi. Babasy bilen oňuşman, FZO gitdi.
Indi äpişge, gabsa-da ýasan bolup ýör. FZO gowy okuw. Birden içimdäki pikirimi
daşyma çykardym:
— Ýeri, men nädeýin?..
— Senmi... sen... — diýip, Daňňy jogap tapmady.
Çary kel:
— Seň eneň bar ahbetin, Kössek — diýdi. Daňňy ikimiziň nämämiz bar?
Kakamyzam ýok, ejemizem.
— O näme üçin Daňňyň kakasy ýok? — diýip, men garşy çykdym. Onda-da Daňňy
laňňa ýerinden galyp, elini gaharly silkip goýberdi.
— Ýok, men ýetim...
Men dawalaşmadym. Bularyň kellesine şeýle gowy pikiriň gelşine haýran. Bu
taýda özüňden artyk bilmeýän gyzlaryň elinde okap, bilim aljak bolandan FZO-da
okanyň gowy. Hünär öwrenmeli. Wah, menem şular bilen gitsem...
Soň eşidip otursam, bu olaryň tapan pikiri däl eken. Ony-muny görüp, iki ýana
ylgap, ähli zady düzeden Şeker mugallym bolupdyr.
Ýene birki gün geçdi. Olar erte däl-de, birigün ugrajakdyklaryny aýtdylar. Indi
muny hemmelerem bilýärdi. Enem Daňňyň geýimlerini ýuwup, ýamap, taýýar
etdi-de:
— Daňňy jan, daýyňlara-da habar edäýsek nädýär? Soň aýtman iberipsiňiz
diýäýmesinler?
— Ýok, ene, habar etmäli. Aýtsak, olar goýbermezler. Men barar-da, olara özüm
hat ýazaryn...
Çary kelem FZO gürrüňi çykaly bäri biz bilen bile ýatýardy. Şol agşam gijäň bir
wagtyna çenli ýatmadyk. Men her edip-hesip edip, Baýly sopydan kakamyň
possunyny almalydym. Ony şular gitmänkä alyp bilmesem, ömür alyp
bilmejekdigime gözüm ýetýär. Meniň şony almasam, ynjalmajagymy Daňňy
ozalam bilýärdi. Çare kele-de aýtdyk. Ol:
— Päheý, bulaň muşakgat edýän zadyny. Ony almak itiň aňsady — diýdi
oturyberdi.
— Nädip?
— Ertir ikiňizem meniň yzyma düşüň, görersiňiz.
«Itiň işi gedaý bilen» diýen ýaly, Çary keliň işi Baýly sopy bilendi. Şoňa bir zat
edeli diýseň, gözi açylýar. Eýýäm keselhanadan geleli bäri, onuň daňylgy duran
eşeginiň çekisini kesip, gaňňasyny döwdüripdi. Eý görýän iti Gulaklysyny bolsa
nädipdir diýseňiz-le? Golaýyndan geçen bolupdyr. It hemişekisi ýaly zynjyryna
towsup, üýrüp ugrapdyr. Şonda ol görünmän baryp, Mürtiň äpet uly itini boşadyp
getiripdir-de, oňa küşgüripdir. Mürtiň iti Baýly sopyň guduz itini mazalyja
çeýnäpdir. Birki günlükde ýeňseki ýabyň içine eltip tüpeňläpdirler.
— Hiý, beýle-de, naýynsaplyk bormy, beýtmeli däl ekeniň — diýip, Daňňy ikimiz
käýinjek bolduk. Onda-da Çary kel balagyny dyzyna çenli çyzgap görkezdi:
— Serediň, bu ynsaplylykmy? Onuň baldyrynyň ýumrusynda Gulaklyň ýaran ýeri
henizem oýulyp, bir erbet bolup ýatyr. — Gedaý görgülini nädipdir?! Gijimanyň
aýalynyň bir elini çeýnemedimi? Wah, ol ite entegem az-la...
Ertesi köne ala çuwallaryny goltugyna gysdy-da, Çary kel öňümize düşüp ugrady.
— Siz arkaýynja bolaýyň.
Baýly sopy her gün sebetlerini ýükläp, obanyň golaýyndaky täze razözde üzüm
satmaga geçerdi. Onuň öz üzümi ýok. Ýeňseki kolhozda bagly adamlardan arzan
alýar. Otly bilen geçýän ýolagçylara hem gymmat satýar. Onuň geçer wagty
golaýlady. Daňňy ikimiz ýoluň gyrasyndaky ösgün gowaçanyň içinde bukup
ýatyrys. Çaram eýýäm tokurtgaň içine sümüldi.
Ana, Baýly sopy gelýär. Ol köne sebetlerini taýlap urupdyr. Hemişeki edişi ýaly,
üstündenem possunyny çöwre epläp ýazypdyr. Ýumşajyk ýerde, ýorgaja eşegiň
üstünde hiňlenen bolup gelýär.
Hiňlenseň hiňlen bakaly, sopujyk, gözüň näme görerkä?
Onuň eşegi köpriň üstüne aýagyny basandyram welin, bir ala zat zomp edip,
ýokaryk bökdi. Eşegiň diň arkan zyňanyny görüp galdyk. Eýýäm, hol owarradan
gaňňasyny garnyna alyp, gaçyp barýar. Daňňy ikimiz pursady elden bermedik.
Ylgap bardyk-da, possuny gowaçalygyň içine süýredik. Soň Baýly sopyň
nädýänini görjek bolup, köp ýatdyk. Asyl ol galar ýerde galanok. Şol guma
bulaşyp ýatyşy. Daňňyň «ol ölendir» diýmesi meni hasam howsala saldy. Ýöne
ölmän eken. Birsalymdan soň ýüzüniň gumuny süpürişdirip turaýdy. Onda-da
possun ýadyna düşenok. Haýdap guma garylyp ýatan üzüm hoşalaryny sebede
salyp başlady.
Soň näme etdi, bilmedik. Bize bilmegiň geregem ýok. Possuny süýräp, keşiň ugry
bilen emedekläp gaýtdyk. Kartaň o çetine çykyp, tutly salma girdik. Gelsek, Çary
ýylgyryp dur.
— Nätdim?..
Bu Çary keliň Baýly sopudan iň soňky ar alşydy. Ýöne Çary kel keselhana
gitmänkä-de, bir gezek ony masgara edipdi. Ol şeýle bolupdy:
Ýaz çykdygy besdir, Baýly sopyň sesi eşidiler:
— Sogan alan, sogan alan, gel. Bugdaýa deňe-deň, arpa, burç, bişen şugundyr...
Bu gün ol erik satmaga geldi. Iki sebedini hem saryja erikden doldurypdyr. Täzeje
çykan erikden bir penjesini iýäýseň, nähili hezil boljagyny özüňizem bilýänsiňiz.
Emma hany oňa bermäge bugdaý. Arpa bolsa berenok. Onda-da obaçylyk. Biri
kiçijik okara bilen bugdaý eltýär. Beýlekisi pul berip alýar. Garaz, alan tapylýar.
Çary kel geldi-de, gulagyma çawuş çakdy. Men ynanmadym. Eşegiň artlygyna
basyp, boýnumy uzadyp seretdim welin, kiçijik pyşbaga gözüni tegeläp, erikleň
üstünde ýatyr. Tas pyňkyrypdym. Baýly sopy bolsa, terezisi bilen gara başyna gaý.
«Baý, süýji erik eken-ow, sopy aga, ertirem gelermiň?» diýip, şapbyldadyp
çeýnäp duran Mürtiň aýalynyň ýanyna bardym-da:
— Ogulnyýaz gelneje, ýogsa-da, üstünde pyşbaga ýatan erik süýji bor-da —
diýdim.
— Günäň gapar, oglan, uçmadan çykan zada beý diýmäge, neneň diliň barýar —
diýip, ol maňa gygyryp ugrady.
Ol baryp ýatan galmagalçy aýaldy. Biziňem bu mahal galmagal gopduryp bilsek,
armanymyz ýok.
— Sen maňa gygyrma, gelneje. Ynanmasaň, bar-da, sebediň agzyndan boýnuňy
uzadaý — diýip, ony küşgürdim.
Ýöne indi agzyndan seredip görjek bolup oturmaly hem däldi. Pyşbagajyk men
bärde diýýän ýaly, sebediň deşiginden boýnuny çykaryp dur. Ogulnyýaz gelnejem
ony gördi-de, gygyryberdi:
— Waý, imansyzyň ütülmiş sopusy, bize haram iýdiripdir. A-ýuww, jan iller.
Döküň erigiňizi!..
Ol hem şeý diýip gygyrýar, hem okarasyndaky eriklerden penjeläp, Baýly sopyň
üstüne zyňýar. Soň beýlekilerem alan eriklerini seçip, ediberdi dawany.
Çary böwrüme dürtüp, gözüni gypdy-da:
— Indi boldy, ýör jyraly — diýdi.
Baýly sopy soň her kime bugdaýyny, puluny yzyna gaýtaryp beripdir.
13-nji bap: «BULARA BOSGUNLAR DIÝERLER, INIM!»
Daňňy dagyň FZO gidenine eýýäm on gün geçipdir. Şähere gidenleriň birinden
Daňňy bize sargyt edipdir: «Ertir ikimizi hem Krasnowodskä äkidýärler.
Kössegem, enemem Garybata çyksyn, göresim gelýär, ýüregim gysýar» diýipdir.
Enem ony eşidipdir-de, yzymdan mekdebe baryp, meni alyp gaýtdy. Ýolboýy hem
zeýrendi:
— Wah-waheý, neressejigim. Entek ýumruk ýaly çaga ahyryn. Ýaban ýatyp
görenoklar olar. Şeker mugallymyňam käbir edýän zady bolýa-da ýöne...
Mellegimizi orup, eşek bilen döwüpdik. Bir şemallyja gün agşam Mürti atyp
beripdi. Daňňy, enem üçimiz eläp alypdyk. Üç çuwal dagy guşuň gursagy ýaly
bugdaýymyz bardy. Enem: «Aýawlyja tutsak, gyş çykýança ýeter» diýýärdi.
Enem ur-tut bir tamdyr külçe bişirdi. Ep-eslije gowurga edip, halta guýdy. Iki
banka gowurdak saldy. Dört goşawuç igde, ep-eslije kak ýaly zatlaram saldy.
Irden enemi Mürtiň eşegine mündürdim-de, özümem öňüne düşüp gaýdyberdim.
Şeker mugallym hem Çary kemsinmesin diýip, öýlerinden bir banka gowurdak
bilen iki tegelek nan getirdi.
Garybata ýetdik. Men-ä agzymy açandyryn. Biziň bu kiçijik stansiýamyz şäher
bolaýdymyka diýipdim.
Hawa, bu wagt oňa hut şäher diýäýmelidi. Demir ýoluň iki boýam adam.
Stansiýanyň öňündäki kiçijik baglygyň içinden dagy bir ädimem ätlär ýaly däl.
Çemedanynyň üstünde pallaşyp oturanlar haýsy, goşlaryny ýassanyşyp ýatanlar
haýsy. Kileň özem aýal-oglan-uşak. Ýek-ýarym garry gojalar bar. Çagalaryň
eşikleri elem-ebtat, ýüzleri garagäz. Saçlary gözüne düşüp ýatyr, ösgün, buýrbulaşyk...
— Bular kimkän-äý? — diýip, çigit satýan köne tanşymdan soradym. Ol ýeke
gözüni maňa dikdi-de, ýuwaşja gepledi.
— Bulara bosgunlar diýerler, inim!
Men o märekä seredip: «Bosgun-bosgun» diýip, içimden gaýtaladym. Heniz
beýle söz eşitmändim.
— Bosgunlar diýýäniňiz, kimler-äý?
— Bulaň milleti rus. Özlerem Leningraddan gelipdirler.
— Wah-wah-eý, görgüliler... Bular indi niräk barýarkalar? — diýip, enem soraýar.
— Hiç ýere-de baranoklar. Ýeňse-de, ýoluň gyrasynda duran araba-furgonlary
gördüňizmi? Şolaryň hemmesi şular üçin gelen furgonlar, kolhozlara paýlaýarlar...
Soň ol ýaşuly üç-dört sany adamy yzyna düşürip, eli depderli aýlanyp ýören
daýaw pyýadany bize görkezdi.
— Ana, olam raýkom. Her kolhoza bäşden-ondan bölüp ýör.
Şol wagt hasam bir nebsagyrgyç zat boldy: bäş-alty ýaşlyja oglanjyk krandan suw
içmäge geldi. Stansiýada ýaşaýan işçileriň biriniň çagasy bolsa gerek. Elinde-de
nan bar. Bosgunlaryň arasynda oturan çypar saçly oglanjyk ony gördi-de, ylgady.
Ylganda men onuň özüne has uly bolýan ýyrtyk-ýyrtyk penjegiň-de, aýagyndan
gaçaýsam diýýän balagyň-da özüniňki däldigini bildim. Kakasynyň geýimleri
bolmaga çemeli. Özem biz bilen deň-duş. Ol ylgap gelşine, sen-men ýok, ýaňkyja
çagaň elindäki nany kakyp aldy. Uly-uly dişläp, iýmäge durdy. Nana agyz urşy
dagam birhili. Çeýnemän-çeýnemän ýuwdup dur. Nanyny aldyran çagajyk aňk
boldy. Güljeginem bilenok, aglajagynam. Şo barmana daýaw bir aýal: «Mişka!»
diýip, gygyryp gelip, ýaňky oglany ýençmäge başlady. Ol aýal çypar saçly
oglanjygyň ejesi bolarly. Men onuň kiçijik bir gyzjagazy hem ýanynda saklap
oturanyny gelen badyma görüpdim. Bir zatlar-bir zatlar diýip, barha gaty urýar.
Oglanjyk bolsa hem urulýan ýerini turýar, hem elindäki nana agyz urýar. Enem
durup bilmedi. Şeker mugallymyň Çara diýip salan nany horjunyň agzyndady.
Şony alyp, tegelegi bilen ýaňky aýala eltip berdi.
— Urma çagany, ol aç ahyry!..
Aýal enemiň sözüne düşünmedi. Ýöne nan hödürläp durşundan nebsi
agyrýanyna düşündi. Ol nany almajak bolýar. Enem aldyrjak bolýar. Ahyr aldy.
Birküç gezek bükülip, taňryýalkasyn aýdyp, başyny egip-egip gitdi. Baryp, epeslisini döwüp, ýaňky urulýan oglana berdi. Bir el ýalysynam ondan kiçiräk
gyzyna berdi. Galanyny hem töweregindäki çagalara gulak ýalydan paýlady.
Ala-zenzele edip, Daňňy dagyň otlusy geldi. Otludan düşýän haýsy, münýän
haýsy, bulam-bujarlyk. Men uzyn otlynyň gapdalynda öňünden yzyna çenli
ylgaýaryn. Olary gözleýärin, gygyrýaryn:
— Daňňy! Çary! Daňňy! Çary! Siz nirede-ä?! — Birem görnenok. Onsoňam, her
näçe gygyraňda-da eşider ýaly däl. Bosgunlar bilen ýolagçylaryň sesi bir ýandan,
goltugyny ýukajyk çörekden dolduryp, iki ýana alakjap gygyrýan Baýly sopyň sesi
bir ýandan. Bä, bu adamyny-aýt, däliredimikä? Beýle-de bir gygyrmak bolarmy?
— Çörek! Çörek! Kamu çörek? Woda, meleke, woda, meleke!..
Bu onuň «Çörek gerekli gel, çörek gerekli gel! Özem suwa däl-de, süýde ýugrulan
çörek» diýdigi eken. Men ony soň bildim. Ýolagçylar onuň näme diýýänine
düşünmeseler-de, çörek satýanyny bilýärdiler. Ylgaşyp gelýärler, ýöne hiç kim
alanok. Sebäbi gymmat, onça puly nireden aljak?
Kesesinden synlap, başyny ýaýkap duran raýkom ahyryn durup bilmedi. Baýly
sopyň yzyndan ýetdi-de, ýakasyndan tutup, ony beýläk çekdi.
— Häý, sakgalyň gursun, diýmäýin diýsem. Utanaňokmy?.. Atam ýaly adam
bolaýýarsyň. Ýogsam duran ýeriňde gazyk ederdim...
Onuň goltugyndaky çörekleri alyp, bosgunlara paýlady.
— Güm bol şu ýerden, gözüm görmesin... Ol ýerde-hä neresse çagajyklar aç
buruljaşyp ýatyr. Senem gözleriniň alnynda çörek satmalymy?
Men oňa seredemde: «Nädäýdiňkäň, sopujyk, indi-hä sypmasaň gerek»
diýýärdim. Begenip, diriň-diriň bökesim gelýärdi. Arman, ujyz sypdy. Daňňyň
kakasynyň edişi ýaly, raýkomam ony demir ýoluň raýyşyndan togalar öýtdüm
welin...
Men Baýly sopyň bäş horjunyny süýräp, eşegine tarap gaçyp barşyny synlap,
Daňňy dagyny ýadymdan çykaraýypdyryn. Hernä, özleri enemi tapaýypdyr.
Men gelip, Daňňyny ogşadym. Soň Çaryny gujakladym. Ikisine-de gara köýnek,
gara jalbar (balak) geýdiripdirler. Billeri hem guşakly. Biz gürleşibem bilmedik.
Otly ugrajak boldy. Enem elten zatlarymyzy horjundan çykaryp berdi-de:
— Ikiňiz bileje iýiň, Daňňy jan — diýdi.
— Ý’ak, ene, senem, bolmanda, Çary ikimiziň aýry zadymyz barmy?! — diýip,
Daňňy ýylgyrdy.
Otly «wassyk-wassyk» edip, günbatara ugrady. Men olaryň yzyndan gygyrdym.
— Heý, Daňňy, Çary, hat ýazyp duruň, heý-ý-ý!..
Maňa jogap edýän ýaly, olary alyp barýan otly uzyn-uzyn zoguldady.
...Ikindinler oba dolanyp geldik. Enemi düşürip, Mürtiň eşegini eltmäge barýan.
Ynha, görsem, hälki çypar saçly aç oglanjyk Çopanyň tamynyň işiginde otyr. Ejesi,
gyz jigisi ýanynda. Paýlaşykda olaryň biziň kolhozymyza düşäýşini diýsene.
Çopanyň tamynyň penjiresinden tozan çykýar.
Eşegi daňyp geldim... Görsem, Mürti tamyň suwagy gaçan ýerlerini suwaşdyryp
ýör. Illi aga içini aklap ýör. Şeker mugallym, ýene üç-dört gyz aýnalary ýuwup,
içerini syryp-süpürip ýör.
Kolhozyň skladyndan derrew iki sany boz keçe getirdiler. Agajan aga öýlerinden
bir ýorgan getirdi. Ogulnyýaz gelnejem bir tamdyr nan bilen bir azajyk ýag
getirdi... Garaňky düşýänçä, tamlary taýýar etdiler. Birine Mişalar girdi,
beýlekisine-de iki sany garryja är-heleý girdi. Galan bäş hojalygy hem mekdebiň
iki klasyny boşadyp, şoňa saldylar. Biziň kolhozymyz ýedi hojalygy alyp gaýdan
eken.
Men tä garaňky düşýänçä, olaň ýanyndan aýrylmadym. Ýanynda diýsemem, edil
ýanjagazynda däl, beýleräginde syn edip otyryn. Mişa, ejesi, jigisi üçüsi ýag bilen
elek ýaly iki tegelek nan dagy iýdiler. Men olar köp mahallap zat iýmän aç
gezdilermikä diýýän. Ýogsam, beýle köp iýip bolmaz ahyryn. Soň Mişaň ejesi elini
salgap, maňa bir zat diýdi. Men düşünmän, egnimi gysdym. Şol wagt agaç
aýagyny tyrkyldadyp, Belli ussa geldi. Ol rusçany frontda öwrenipdir. Köne tanyş
ýaly gürleşiberdi. Olar menden hammamyňyz nirede diýip soraýan eken.
Kolhozda hammam barmy diýsene?! Belki, bolsa bolaram. Ýöne bu wagt uruş
döwri ahyry. Hammam ýada düşýämi...
Daňňam ýok, Çaram. Men nirä baraýyn. Bar güýmenjäm şolar boldy. Ertir ýene
ýanlaryna bardym. Eýýäm düýnki oglanam, gyzam tanar ýaly däl. Ejesi olary
suwly ýaba äkidip, suwa düşüripdir, saçlaryny ýuwupdyr. Düýnki garagäz çagalar
ap-akja. Saçlarynyň etehi gyrkylypdyr. Oglanyň adynyň Mişadygyny Garybatada
eşidipdim. Gyz jigisine-de Tanýa diýýär ekenler. Ýöne geň zat, öýlän bardym
welin, olaram meniň adymy bilýär. Birinden sorandyrlar-da diýip, çen etdim.
Mişa meň bilen oýnajak bolup, dyrjaşyp ýatyr. Biri-biriň diline düşmeseňem,
oýnasa boljak eken. Biz ilki tirkeşip, suwly ýabyp boýuna gitdik. Ol guşjagazlara,
otlara üns berip seredýär. Soň öýümizden uzagraga-da gidip, oýnap başladyk. Bir
gün kolhozyň mal ýatagynyň agzyndan geçip barýarkak, kolhozyň öküzlerini
görüp, Mişa agzyny açdy. Haýran galdy. Mala şah, dik şah, ala, sakar, akguýruk
öküzler myşlaşyp dur. Mişa golaýyna barmaga gorkýar. Soň atlara seretdik. At
diýer ýaly kemally at ýok. Ozal biziň kolhozymyz atçylykda özüni tanadan eken.
Ýaryşda öňbaýrak biziňki eken. Emma ýekeje Aýly atly aty tohumlyk goýup,
galanyny goşuna beripdirler. Indiki duranlar garry-gurty, şikesli iş ýabylarydy.
Mişa soň gyz jigisini getirip, mallary görkezdi. Ertesi-birigüni hem oýnamaga
çyksak, şo ýere baraly diýip, aýagyny depip dur...
Şeýdip, men sähel wagtyň içinde täze dostum bilen kemsiz öwrenişdim. Onuň
gün-günden türkmençä ökdeleýşine oba geň galdy. Gyz jigisi gepini düşündirip
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Uruş döwrüniň oglany - 5
  • Parts
  • Uruş döwrüniň oglany - 1
    Total number of words is 3784
    Total number of unique words is 2125
    30.7 of words are in the 2000 most common words
    43.4 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uruş döwrüniň oglany - 2
    Total number of words is 3841
    Total number of unique words is 2208
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    45.2 of words are in the 5000 most common words
    52.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uruş döwrüniň oglany - 3
    Total number of words is 3881
    Total number of unique words is 2078
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    44.5 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uruş döwrüniň oglany - 4
    Total number of words is 3871
    Total number of unique words is 2203
    29.3 of words are in the 2000 most common words
    43.0 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uruş döwrüniň oglany - 5
    Total number of words is 3861
    Total number of unique words is 2187
    30.2 of words are in the 2000 most common words
    42.4 of words are in the 5000 most common words
    49.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uruş döwrüniň oglany - 6
    Total number of words is 3862
    Total number of unique words is 2213
    28.9 of words are in the 2000 most common words
    42.6 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Uruş döwrüniň oglany - 7
    Total number of words is 551
    Total number of unique words is 415
    46.8 of words are in the 2000 most common words
    58.9 of words are in the 5000 most common words
    62.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.