Latin

Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 9

Total number of words is 1221
Total number of unique words is 721
33.7 of words are in the 2000 most common words
48.8 of words are in the 5000 most common words
55.1 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
gelmänkä, Hasan wezir aradan çykanmyş. Patyşa bolsa, özüniň eden ähtinden dänip, Garyby
enesi hem uýasy bilen bile şäherden kowup çykaranmyş. Garyp Şa Apbasyň zulmundan
şäherme-şäher entäp, ahyrda Halap- -Şirwana gidenmiş.
Ondan soň Şah Apbas Şasenemi Şawelede bermekçi bolup, ýedi aýdan bäri toý edýärmiş. Şony
eşidip, bu şähere geldim. Gündizlerine şäherde gedaýçylyk edip, gijelerine şu ýerde bolýaryn.
Belki-de, Garyby şu ýerlerden tapyp, onuň bilen bir gürrüňdeş bolsam diýen maksadym bar —
diýdi.
Onda Garyp:
— Şol Garyp diýeniňiz men bolaryn — diýdi. Bu sözden soň ikisi turup gujaklaşyp, gaýtadan
görüşdiler. Olar derdinişip, bir az oturanlaryndan soň, Şasenemiň toýuna bardylar. Garyp özüniň
gelenini Şaseneme beýan etmek üçin, bir gazal aýtdy:
Kadyr alla, ýarym bilen
ýördügim ýerlere geldim.
Hasratynda ganlar aglap,
Durdugym ýerlere geldim.
Tiken agladyp bilbilin,
Gül ýüzli, saçy sünbülin,
Söwer ýarymyň gül ýüzün
Gördügim ýerlere geldim.
Bilbil gidipdir bu baga,
Owazyn ýetir yraga,
Girdigim ýerlere geldim.
153
Ýarym bilen ak otaga
Türkmeni Öwreniş Merkez
Şasenem-Garyp
Ýarym bilen sapa tutup,
Myrat-maksadyma ýetip,
Ak golun boýnuma atyp,
Turdugym ýerlere geldim.
Garyp aşyk, haýran bolup,
Yşk oduna birýan bolup.
Ýar goýnunda girýan bolup,
Gördügim ýerlere geldim.
Bu gazaly üçin Garyba bir don hem müň teňňe berdiler. Şasenem tagtyň üstünde ýedi gat
perdäniň içinde otyrdy. Ol her sazanda, bagşy gelse, pikir berip diňleýärdi. Şasenem: «Belki-de,
bu Garypdyr» diýip pikir etdi. Turup, özüni Garybyň üstüne taşlamakçy boldy. Onýança Akja
gelip, Şasenemi saklady: «Belki-de, bu gelen Garyp däldir. Garyp bolsa ne ýagşy. Eger-de Garyp
bolman, başga biri bolup çyksa, masgara bolarsyň. Goý ol ýene bir gazal aýtsyn. Ýene müň teňňe
bilen bir don tut» diýdi. Garyba ýene müň teňňe bilen bir don tutdular. Garyp özüniň gelenini
Şaseneme beýan edip, ýene bir gazal aýtdy:
Agalar, düýn gije Halap şährinden.
Muhupbet şerabyn içdim-de geldim!
Aýyp eýlemäň, begler, munda geldi diýp,
Bir ýar söwdasyna düşdüm-de geldim!
Halapdan çykmyşam namazy-erte,
Kerbela çölünden geçdim günorta,
Belentde ýügürip, pes ýerde ýorta,
Köp beýik daglardan aşdym-da geldim.
Günortanlar geldim guýuly düze,
Öýle wagty geldim soltan Töwrize,
Agşam şam berdiler Diýarda bize,
Beýik-beýik daglar aşdym-da geldim.
Elimi bermişem merdan eline,
Syçraýyp münmüşem düldül biline,
Arasyň möwç uran daşgyn sylyna,
Hyzyr nejat berdi, uçdum-da geldim.
154
Agşam çagy geldim Bendi-hanyma,
Türkmeni Öwreniş Merkez
Şasenem-Garyp
Syrymy bermedim bajym, eneme,
Yşkyň hanjaryny çekip synama,
Başymdan, janymdan geçdim-de geldim.
Ýüzüňi ogşatdym Baýram aýyna,
Gaşyňy meňzetdim keman ýaýyna,
Batyp erdim melamatyň laýyna,
Derýa kibi dolup-daşdym-da geldim.
Atymy bagladym nar agajyna,
Bir kement taşladym dar agajyna,
Gurban bolsun başym ýar agajyna,
Töhmet belasyndan gaçdym-da geldim.
Egilsin, bükülsin rakybyň bili!
Dünýäde kör bolsun, görmesin gözi!
Gara bolsun iki dünýäde ýüzi!
Yşkyň belasyndan uaşdym-da geldim.
Gurban olam ýaryň kaddy-boýuna,
Sazymy alyban girdim öýüne,
Garyp aşyk Şasenemiň toýuna,—
Möwlam ganat berdi, uçdum-da geldim.
Garyp bu sözüni tamam edenden soň, Şasenemiň huşy başyndan gidip, ürken guş dek bolup, zarzar aglap, bir gazal aýtdy:
Garyp jan, eşitgil meniň zarymy,
Seniň geldigiňi bile bilmedim,
Terk eýledim namys bile arymy,
Seniň geldigiňi bile bilmedim.
Atam-enem kowladylar, gitmedim,
Gül ýüzüme perdeleri tutmadym,
Şaweledi hergiz kabul etmedim,
Ýar, seniň geldigiň bile bilmedim.
Kimi gülgün geýen, kimi läleler,
Diýermişler meni senden alalar,
155
Maňa gelsin saňa gelen belalar,
Türkmeni Öwreniş Merkez
Şasenem-Garyp
Ýar, seniň geldigiň bile bilmedim.
Seniň üçin men bereýin janymy,
Men geýeýin kepen biçip donumy,
Zyýada aglatma Senem janyňy,
Ýar, seniň geldigiň bile bilmedim.
Aýralyk derdinden aglap öldüňmi?
Ýa bir ýat ülkede saýyl bolduňmy?
O şol gidişiňden ýaňy geldiňmi?
Ýar, seniň geldigiň bile bilmedim.
Şasenem diýr Şah Apbasyň gyzyna,
Gan agladyp, ýaş doldurdyň gözüme,
Kararym ýok, aglar erdim özüme,
Ýar, seniň geldigiň bile bilmedim.
Elkyssa, bu sözden soň Şasenem Garyby tanydy. Huşy başyndan gidip:
— Eý Garyp, tut meni! —diýip, tagtyň üstünden özüni Garybyň üstüne taşlady. Garyp hem
gujagyny açyp tutdy, ikisi gujaklaşyp, huşsuz ýykyldylar.
Toýda oturanlardan bir näçesi dumly-duşa gaçga gitdi. Galandar Garybyň ýanyna baryp, iki
dony, iki müň tyllany hem düldüliň aýak astyndan alnan topragy alyp, Garybyň enesiniň öýüne
bardy. Düldüliň aýak astyndan alnan topragy Garybyň enesiniň hem uýasynyň gözlerine sürtdi.
Olaryň gözleri açyldy. Iki dony hem iki müň tyllany Garybyň enesine berdi-de:
— Garyp geldi! Gözüňiz aýdyň, toýuňyz mübärek bolsun!—diýip gutlady.
Bularda köpden-köp şatlyk peýda boldy.
Indi habary toýdan eşideliň. Şol toýda oturanlardan birisi Şasenem bilen Garybyň bu
wakasyny baryp Şawelede habar berdi. Şawelet gazaba çykyp:
— Derhal baryp, Garyby öldüriň! — diýip, iki sany jellada buýruk etdi.
Jellatlar gelip, Garyby öldürmekçi boldular. Adamlar Garybyň hak aşyklygyny aýdyp, onuň
öldürilmegine ýol bermän, galmagal turuzdylar.
Mundan soň jellatlar Garyby öldürip bilmän baryp, bu wakany Şawelede habar berdiler.
Şawelet gazaba çykyp, köşge geldi. Şol halatda. Ezber hoja hem gelip ýetişdi. Şawelet gylyjyny
syryp, Garyba topuldy. Ezber hoja onuň üstüne toprak seçiberdi. Oturan adamlar Garybyň
öldürilmegine garşy çykyp, galmagal etdiler, Garybyň hak aşykdygyny aýtdy. Mundan soň
Şawelet boýnuny burup galdy.
Ondan soň bu wakamyň üstüne Şah Apbas geldi:
156
Bir az salymdan soň Garyp bilen Şasenem huşlaryna geldiler.
Türkmeni Öwreniş Merkez
Şasenem-Garyp
Eý Garyp, ýedi aýdan bäri toý berdim, sen meniň bu toýumy ýasa dönderdiň! Bu işi etmäge
meniň gazabymdan gorkmadyňmy? Seni dara çeksem, otlara köýdürsem nädersiň? — diýip
gazaplandy. Onda adamlar ýerli-ýerden:
— Eý şa! Şawelet Şasenemi Garyba bagyş etdi — diýdi. Şol halatda Şasenem atasyna ýalbaryp,
bir gazal aýtdy:
Ata jan, döwletiň bolsun zyýada,
Goýberiň Garyby, öldüriň meni!
Garyp jany höküm eýlemäň jellada,
Goýberiň Garyby, öldüriň meni.
Jan atam, eşidiň meniň sözümi,
Halk içinde gara kylmaň ýüzümi,
Özüňe gurban et men keniziňi,
Goýberiň Garyby, öldüriň meni.
Gamda galan, ösüp giden ýel meniň,
Bakjalarda biten täze gül meniň,
Kyýamat gün ýaka seniň, el meniň,
Goýberiň Garyby, öldüriň meni.
Atamjan, özüňi salmagyl oda,
Hijran ýakyp, külüm sowurma bada,
Dawagär bolup men ýöwmül-jezada102,
Goýberiň Garyby, öldüriň meni.
Şasenem Welede baryr oýlama,
Garyp ölse, meni galyr oýlama,
Atam, şu gün ahyrzaman eýleme,
Goýberiň Garyby, öldüriň meni.
Soň Garyp, Şah Apbasa ýüzlenip, bir gazal aýtdy:
Şum rakyplar bizi ýaman boldurdy,
Ölmegimden başga kär maňa neýlär?
Begler, men geçmişem külli barymdan,
Indi namys bilen ar maňa neýlär?
Nemek deýin her gazanda gaýnadym,
102
‫یوم الجزا= قیامت گونی‬
157
Düşüp yşkyň derýasyny boýladym,
Türkmeni Öwreniş Merkez
Şasenem-Garyp
Şa:mar kibi genç üstünde oýnadym?,
Özüm owsunjyýam, mar maňa neýlär?
Algyr bazy bardyr şanyň golunda,
Ürküp-ürküp gonar solu-sagynda,
Mansur kibi, «Anal-hakyň» ýolunda,
Asylsam zülpünden, dar maňa neýlär?
Goç ýigidiň bolmaz zerre armany,
Muhannesiň bolmaz ähti-peýmany,
Bilbiliň destinde gülüň dermany,
Gülşende ýatmyşam, har maňa neýlär?
Gijeler gan aglap, gündiz galmyşam,
Içip, yşkyň şerabyna ganmyşam,
Garyp aýdar, yşk oduna ýanmyşam,
Syratda, dowzahda mar maňa neýlär?
— Elkyssa, ondan soň Şah Apbas nalaç galdy. Şasenemi Garyba nika kylyp berdiler. Ýedi gijegündiz gaýtadan toý-tomaşa başlandy.
— Garyp bilen Şasenem köşgüň üstüne çykyp, köňülleri aram tapdy, aýşy-aşrata meşgul
boldular.
— Bir zamandan soň, Ezber hoja köşgüň işigini kakyp: — Eý Şasenem! Siz myradyňyza ýetdiňiz,
indi Akjany maňa beriň — diýip, bir gazal aýtdy:
Şasenem jan, eşit arzy-halymy,
Her kime özüniň ýary gerekdir.
Maňa bagyş eýlegil Akja ýarymy,
Her kime özüniň ýary gerekdir.
Kyýamatlyk saňa men aga idim,
Ýarym getir, ýaryň bereýin diýdiň,
Hudanyň hakyny ortaga goýduň,
Her kime özüniň ýary gerekdir.
Garyp jana habaryňy ýetirdim,
Reinji-mähnet çekip, ýaryň getirdim,
Ezber aýdar, hyzmatyňy bitirdim,
Her kime özüniň ýary gerekdir!
158
Türkmeni Öwreniş Merkez
Şasenem-Garyp
Elkyssa, Şasenem üç gije-gündiz toý-tomaşa edip, Akjany Ezber hoja berdi. Olar hem myratmaksatlaryna ýetdiler.
159
Türkmeni Öwreniş Merkez
Şasenem-Garyp
ŞASENEM i GARIB
Turkmenskiý narodwyý destan
Na turkmenskom ýazyke
Turkmongos-izdat
Redaktor G. Gurbamsähedow Teh-redaktor N, I. Zubowa Suratçy A. Wlýawlo Surat redaktory M.
Fedura Korrektor K. Halymow
Ýygwamaga berildi 15/111-57 ý. Çap ätmäge rugsat adildi 10/ÜS-57 ý. TDN № 2665. Zakaýe №
132. Tiražy 60000. Fnýa.çap lnstn 5.25. format w^HÝUZ1/»! Çap listn 8,6. Uçet ««şir listi 8,4.
Bahasy 4 m. 05 k I—0403.
Türkmendöwnlitnişir. Aşgabat. Gogol, 43. Aşgabat. No1. ngrsfkombiiat. Sopetskaýa 20,
160
You have read 1 text from Turkmen literature.
  • Parts
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 1
    Total number of words is 3738
    Total number of unique words is 1949
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 2
    Total number of words is 3949
    Total number of unique words is 1733
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 3
    Total number of words is 3808
    Total number of unique words is 1777
    26.2 of words are in the 2000 most common words
    39.8 of words are in the 5000 most common words
    45.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 4
    Total number of words is 3840
    Total number of unique words is 1702
    27.3 of words are in the 2000 most common words
    40.1 of words are in the 5000 most common words
    47.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 5
    Total number of words is 3813
    Total number of unique words is 1685
    27.9 of words are in the 2000 most common words
    41.1 of words are in the 5000 most common words
    47.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 6
    Total number of words is 3809
    Total number of unique words is 1853
    25.6 of words are in the 2000 most common words
    38.5 of words are in the 5000 most common words
    44.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 7
    Total number of words is 3826
    Total number of unique words is 1710
    28.5 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    47.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 8
    Total number of words is 3872
    Total number of unique words is 1706
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    42.5 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 9
    Total number of words is 1221
    Total number of unique words is 721
    33.7 of words are in the 2000 most common words
    48.8 of words are in the 5000 most common words
    55.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.