Latin

Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 5

Total number of words is 3813
Total number of unique words is 1685
27.9 of words are in the 2000 most common words
41.1 of words are in the 5000 most common words
47.0 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Şasenem-Garyp
Bakjadaky täze güle
Men seni bagban edeýin.
Seýr ederem bakjalary,
Aşykyň bolarmy ary?
Şasenemiň söwer ýary,
Men seni bagban edeýin.
Elkyssa, ondan soň Şasenem bilen Garyn aýşy-aşrata meşgul boldular.
Günlerde bir gün Şasenemiň köňlüne şeýle güman gitdi: «Akja bilen Garyp Şirwandan
gaýdyşlaryna, bi niçe gün ýoldaş boldular. Belki-de, bular bir özge hyýalda bolandyrlar?» diýip,
bularyň yzyndan aňtady57.
Bir gün bularyň her haýsyny bir ýerde goýup, özi bolsa bir gizlin jaýda oturdy?
Akja özüniň garyp biçäreliginden köýüp, köňlündeň gamyny sowmak üçin, bir gazal aýtdy:
Leýli bilen Mejnun ötdi dünýäden,
Olardan at galdy, menden galmady.
Şirin diýip, Perhat ötdi dünýäden,
Olardan at galdy, menden galmady.
Her kimsäniň yşkyn etdi zyýada,
Ýar-ýar diýip, näler gezdi dünýäde,
Ýusup hem Züleýha ýetdi myrada,
Olardan at galdy, menden galmady.
Keşt edip jahana, dünýäni gezpp,
Seýpelmelek girdi deňizde ýüzüp,
Medhalyň tapmady, umydyn üzüp,
Olardan at galdy, menden galmady.
Kimseler muhupbet şerabyn içdi,
Ýar üçin baş goýup, bir ýola düşdi,
Şirin diýip, Perhat dünýäden geçdi
Olardan at galdy, menden galmady.
Gül bilen Nowruz hem derýada akyp,
Hijr oduna jany-jismini ýakyp,
Ýetdiler myrada, derýadan çykyp,
Olardan at galdy, menden galmady.
Aňtamak=Biriniň yzyna adam salmak, gözastyna almak.
76
57
Türkmeni Öwreniş Merkez
Şasenem-Garyp
Bir niçe aşyklar ýar üçin öldi,
Bir niçeler köňül söýenin aldy,
Her kimiň özüne laýyk at galdy,
Hemmeden at galdy, menden galmady.
Sizler Garyp hem Şasenem bolar siz,
Bu, dünýäde at göterip galar siz,
Araňyzda Gülnahaly neýlär siz,
Sizlerden at galdy, menden galmady.
Garyp Akjanyň owazyny eşdip, onuň ýanyna bardy. Garybyň oňa rehmi gelip, onuň köňlüni
hoşlamak üçin, bir gazal aýtdy:
Sözle-sözle, saňa gurban bolaýyn,
Janym aldy şirin sözleriň seniň.
Saňa gelen derdi satyn alaýyn,
Janym aldy ala gözleriň seniň.
Aşyk bolan jandan umydyn üzer,
Gijeler dynmaýyn, nowhalar58 düzer,
Kölleriň içinde garkyldap ýüzer
Ýaşyl baş sonaly gazlaryň seniň.
Gözeller içinde sen-sen otaga,
Gel, ikimiz keşt edeli bu baga,
Dünýäniň mahbuby saňa sadaka,
Müň gyza degmezmi näzleriň seniň!
Gurban olam gaşlaryňa, gözüňe,
Dal gerdene, kamatyňa, ýüzüňe,
Sadka bolsun şirin janym sözüňe,
Janym aldy süýji sözleriň seniň.
Garyp aşgk, gül ýüzüniň zarydyr,
Gören aýdar bular kimiň ýarydyr?
Ýol ýörüseň, gözlerime däridir,
Gadamyňdan çykan tozlaryň seniň.
)‫ (شیعه دأبی‬.‫نوحه= محرم ده امام حسینه آیدیلیان آغی الر‬
77
58
Türkmeni Öwreniş Merkez
Şasenem-Garyp
Şasenem bu sözi eşidenden soň, Akja bilen Garybyň, bir-birlerine garaýyşlaryndan has hem
şübhelenip, bularyň ýanlaryna geldi. Garyp, Şaseneme bir käse meý hödür etdi. Şaseňem: «Seniň
ýaly namardyň golundan meý içip bolmaz» diýip, gaharlanyp, bir gazal aýtdy:
Niçe ýyllar gezdnm seni ýar diýip,
Başga ýaryň bar ekeniň bilmedim.
Munuň menden özge kimi bar diýip,
Başga ýaryň bar ekeniň bilmedim.
Bu sözleriň meni goýdy ölüme,
Bilbil uçdy, zaglar gondy gülüme,
Käkilim diýp, çyrmaşdyrdym bilime,
Adam çakan mar ekeniň bilmedim.
Bu gün awy goşduň meniň aşyma,
Rehmiň gelmez gözden akan ýaşyma,
Bir gül diýip sanjyp idim başyma,
Gury tiken — ha:r ekeniň bilmedim.
Köňül berdiň Akja perizadyňa,
Aýşy-aşratlaryň düşüp ýadyňa,
Ýar-ýar diýip, näler ýandym oduňa,
Kaknus köýen nar ekeniň bilmedim.
Şasenem diýr, habar almadyň menden,
Şirin janym çykdy jan bile tenden.
Bu gün, belli, üzdüm umydym senden,
Akja bilen ýar ekeniň bilmedim.
Şasenemiň bu sözüne Garybyň, gahary gelip:
Eý Senem, maňa her hili töhmet edip kowynçaň, açyk sözüňi aýt, bu ýurtdan özüm çykyp
gideýin — diýip, bir gazal aýtdy:
Maňa beýle ýowuz töhmet kylynçaň,
Kylyr bolsaň, belli, töhmet kyl, Senem!
Günde ýüz söz diýip, janym alynçaň,
Alyr bolsaň, belli, janym al, Senem!
Günde müň ýol dönderir sen ýüzüňi,
Her hyýala, her ýan taşlap özüňi,
Bolur bolsaň, meniň bile bol, Senem.
78
Maňa diýgil bu gün dogry sözüňi,
Türkmeni Öwreniş Merkez
Şasenem-Garyp
Sen gider sen günde ýüz müň gümana,
Meni kowmak üçin eýläp bahana.
Gider boldum bu gün Halap-Şirwana,
Galyr bolsaň, gaýry bile gal, Senem.
Garyp aşyk sözün diýdi bir para59,
Köňül geçdi günde saňa ýalbara,
Ýusup kimin özüm saldym bazara,
Hyrydar sen, meni satyn al, Senem!
Ondan soň Şasenem öz aýdan sözüne ökünip:
— Garyp jan, men seni synamak üçin bu sözi aýtdym. Sen arkaýyn bol, meniň köňlüm senden
tarapa aýnadan hem durudyr. Sen wepaňa örän berk ekeniň — diýip, bir gazal aýtdy, Garyp hem
oňa jogap berdi:
Şasenem:— Gel, Garyp, gaýt raýyňdan,
Ynandym, indi ynandym.
Kim kowdy seni jaýyňdan?
Ynandym, indi ynandym.
Garyp:— Seniň belli ykraryň ýok,
Ynanman, hergiz ynanman!
Bir sözüňde duraryň ýok,
Ynanman, hergiz ynanman!
Şasenem:— Ömrüm ahyr bolup ötdi,
Aýralykdan hyjyl60 ýetdi,
Koňlümiň gubary gitdi,
Ynandym, indi ynandym.
Garyp:— Sen meni ýene tutar sen,
Jenamy zaýyg61 eder sen,
Haýyr işimi şer eter sen,
Ynanman, hergiz ynanman!
Şasenem:— Gider bolsaň Halap-Şirwan,
Meni eder sen natywan,
59
79
.‫ بیر بادا بولسا گرک‬،‫بیر بارا‬
‫خجل= اوتانچ‬
61
‫ضایع‬
60
Türkmeni Öwreniş Merkez
Şasenem-Garyp
Sadka bolsun bu şirin jan
Ynandym, indi ynandym.
Garyp:— Seniň sözüň eda bolmaz,
Bu kine menden aýrylmaz,
Indi munda durmak bolmaz,
Ynanman, hergiz ynanman!
Şasenem:— Köňlüň zeňlerini62 açgyl,
Lebimniň şerbetin içgil,
Bu nobat günähim geçgil,
Ynandym, indi ynandym.
Garyp:— Ýene başlarsyň işiňi,
Getirip gazap gyşyňy,
Bozar sen köňül hoşuňy,
Ynanman, hergiz ynanman!
Şasenem:— Senem diýer, gutar ahdan,
Ýüz öwürme kyblagähden,
Bizar bolaýyn ylahdan,
Ynandym, indi ynandym.
Garyp:— Garyp diýr, Şah Apbas gyzy,
Beýle köýdürmegil bizi,
Indi diýmegil bu sözi,
Ynandym, men hem ynandym.
Bu sözden soň ikisi bir-birlerine ynanyşyp, köňüllerinden öýke hem kineleri howdular. Iki aşyk
aýşy-aşrata başladylar.
Bular aýşy-aşratda bolubersinler.
Indi habary Şah Apbasdan eşideliň. Şah Apbasyň ýanynda bir akylsyz gurrandazy bardy. Ol
her wagt, her wagt pa:l atyp, bir näçe zatlary patyşaga habar bererdi. Günlerde bir gün şol
gurrandaz gurra taşlap, patyşaga:
— Eý şahym, Şasenemiň köşgüne Garyp gelipdir — diýdi.
Şah Apbas gazap donuna girip, iki sany ýasawula Garyby tutup alyp gelmegi buýurdy. Ýasawullar
derrew atlanyp, köşge geldiler. Şunça agtarsalar hem, Garyby tapyp bilmediler. Olar yzlaryna
‫ حاپا‬،‫پوس‬
80
62
Türkmeni Öwreniş Merkez
Şasenem-Garyp
dolanyp baryp: — Eý patyşa, köşgi şunça agtardyk, emma Garyby tapyp bilmedik — diýip,
patyşaga habar berdýler.
Şah Apbasyň ýanynda öňki bolup geçen patyşadan galan köne weziri bardy. Ol hiç bir adama
bildirmezden, Garybyň ýanyna geldi, Garybyň bu şäherden tiz çykmaklygyny maslahat berdi.
Eger bu şäherdei tiz çykmasa, patyşanyň gazabyna duçar bolup, işiniň ýaman boljagyny aýtdy.
Mundan soň Garyp Bagdat şäherine gitmekçi boldy, Şasenem:
— Eý Garyp, niräk gitseň-de, meni hem özüň bilen alyp git! — dýýip ýalbardy.
Onda Garyp:
— Eý Şasenem jan, ýol uzakdyr, sen horlanarsyň, ýetip bilmersiň, maňa rugsat ber, ýeke özüm
gideýin — diýdi. Onda Şasenem:
— Her zat bolsa-da senden galmaryn — diýdi.
Heniz daň atmandy, ikisi ýola düşüp ugradylar. Diýarbekir şäheriniň ortasyndan geçýän suwly
uly ýap bardy. Daňdan şol ýaba bardylar. Garyp ýapdan geçdi, emma Şasenem geçmekçi bolup,
ýabyň ortasyna ýykyldy. Onuň bütin egin-eşigi öl boldy. Garyp yzyna dolanyp gelip, Şasenemiň
egin-eşigini sykdy, onuň Bagdada ýetip bilmejegini bilip, häzir hem bolsa, yzyna gaýtmagyny
isledi. Senem yzyna gaýtmaga razy boldy. Şol ýerde Garyp onuň bilen hoşlaşyp, bir gazal aýtdy.
Şasenem hem oňa jogap berdi:
Garyp:— Boýnuň burup, melul-melul bolar sen,
Agla, Senem, aýralygyň günüdir.
Indi bizi magşar güni görer sen,
Agla, Senem, aýralygyň günüdir.
Şasenem:— Mundan gider bolsaň Bagdat şährine,
Aýralyk yraga salma, Garybym,
Magşar güný diýip, janym alar sen,
Dag üstüne daglar goýma, Garybym.
Garyp:— Boýnuň burup, melul-melul bakyban,
Dal gerdene tylla heýkel dakyban,
Ak gollara gyzyl hine çekiban,
Agla, Senem, aýralygyň günüdir.
Şasenem:— Indi sensiz niçik owkadym öter?
Aýralyk söwdasy hemmeden beter,
Fyrakyň oduna köýenim ýeter,
Ýene otlar salma jana, Garybym.
81
Türkmeni Öwreniş Merkez
Şasenem-Garyp
Garyp:— Boýnuň burup, melul-melul ola sen,
Pelek saldy aýralygyň belasyn,
Çäre ýokdur, tapman derdiň dowasyn,
Agla, Senem, aýralygyň günüdir.
Şasenem:— Men neýleýin, takdyr özge gurmasa.
Senden gaýry ahwalymy sormasa,
Zalym atam meni saňa bermese,
Men naçary gözden salma, Garybym.
Garyp:— Syýa zülpüň perişana düzetme,
Ataňdan gorkmasaň, bizi uzatma63,
Garyp gelmedi diýp, ýollar gözetme,
Agla, Senem, aýralygyň günüdir.
Şasenem:— Ýoluňda goýup men bu eziz başym,
Ýüz öwürdi menden kowmy-gardaşym,
Gije-gündiz sen-sen meniň ýoldaşym,
Gözde ýaşym Jeýhun etme, Garybym.
Garyp:— Garyp aýdar, gitsem, ýollar dumandyr,
Jemalyň görmäge arzuwym kändir,
Bu gün aýralykdyr, ahyrzamandyr,
Agla, Senem, aýralygyn, günüdir.
Şasenem:— Şasenem diýr, bagrym para kylar men,
Bir gül erdim, açylmaýyn solar men,
Gül ýüzüň görmesem, imdi öler men,
Didar kyýamata goýma, Garybym!
Garyp, Şasenem bilen hoşlaşyp, zar-zar aglap, Bagdada64 ugrady. Şasenem köşgüne gaýdyp
geldi.
Garyp bir näçe gün ýol ýöräp, Bagdat şäherine bardy, Garyp Bagdatda bir ýigit bilen tanşyp, şol
ýerde boluberdi.
Bir näçe wagtdan soň Bagdat patyşasynyň ogly Garyp bilen tanyşdy hem ony patyşanyň ýanyna
alyp bardy.
Patyşa Garypdan bu şähere nireden gelenini, näme üçin gelenini sorady.
64 Zöhre-Tahyr dessanynda-da Tahyr, Bagdada gidýär.
82
63 Uzatmak=Ýola salmak, ugratmak.
Türkmeni Öwreniş Merkez
Şasenem-Garyp
Onda Garyp öz hal-ahwalyny patyşaga beýan edip, bir gazal aýtdy:
Synama ot saldy duşmanyň sözi,
Ýary menden, meni ýardan aýyrdy.
Oýulsyn, kör bolsun rakyplar gözi,
Senem atly zülpi tardan aýyrdy.
Indi ýardan uzak düşdi aralar,
Ýüregimde galdy ýüz müň ýaralar,
Jepa bilen zalym ýüzi garalar
Şasenem dek hoş reftardan aýyrdy.
Ýar söwdasy düşdi bu garyp başa,
Bir syrdaş tapmadym, gelsedi gaşa,
Pelek awy goşup içdigim aşa,
Täze bagly alma-nardan aýyrdy.
Syýa zülpün dal gerdene tozduryp,
Her säherler destanlary ýazdyryp,
Şum, rakyplar hanymanym bozduryp,
Uça durgan ganat-perden aýyrdy.
Pelek meni kyldy serkeşte-saýyl,
Emma köňlüm ýary görmäge maýyl,
Garyp aşyk indi ölmäge kaýyl,
Meni şeýle lälezardan aýyrdy.
Bagdat patyşasynyň goňşusynyň bir owadan gyzy bardy65. Günlerde bir gün patyşa ony Garyba
bermekçi bolup, toý etdi. Bu toýa iki sany gedaý geldi. Garyp ol gelen gedaýlardan Şasenemi
sorap, bir gazal aýtdy:
Keşt edip gezen gedalar,
Şasenemi gördüňizmi?
Dolup-daşyp akan çaýlar,
Senem jany gördüňizmi?
Gedalar geldi toý üste,
Senem gyz jana peýweste.
Garyp, sen gaýry ýurt iste,
Şasenemi gördüňizmi?
83
65 Zöhre-Tahyrdaky, Mahym gyzy ýadyňa salýar.
Türkmeni Öwreniş Merkez
Şasenem-Garyp
Säher turup, «hüw» diýenler,
Köne jindesin geýenler,
Hakyň senasyn diýenler,
Şasenemi gördüňizmi?
Kimdir meniň derdim bilen,
Zagferan dek reňgi solan,
A:bed66 bolup, şeýda bolan,
Şasenemi gördüňizmi?
Garyp diýer, ýandy janym,
Hem mülküm, hem hanymanym,
Gün-günden ýaman ahwalym,
Şasenemi gördüňizmi?
Mundan soň patyşa ol gyzy nikalap, Garyba berdim etdi. Bu iki aradan alty aý ötdi, emma Garyp
hiç wagt ol gyza garamady.
Bu söz bu ýerde dursun. Indi habary Şasensmden eşideliň. Şasenem Garyby Bagdada
ugradyp, köşgüne bardy. Bu iki aradan bir näçe wagt geçipdi. Günlerde bir gün Akja Garybyň
sagdygyny hem tiz wagtdan Diýrbekire geljekdigini düýşünde gördi. Bu düýşi Şasenem hem
görüpdi. Akja öz gören düýşüni Şaseneme gürrüň edip berdi. Şasenem bu sözi eşidenden soň,
Akja garap, bu, gazaly aýtdy:
Gijede-gündizde ýardyr armanym,
Myradym-maksadym — görsem Garybym!
Saňa pida bolsun bu şirin janym,
Myradym-maksadym — görsem Garybym!
Aýralyk derdinden bagrym paradyr,
Tenim deşik-deşik, süňňüm ýaradyr,
Yşk derdinden janym çykyp baradyr,
Myradym-maksadym — görsem Garybym!
Sadagaň bolaýyn, sözüňe bende,
Hiç takat galmady jigerde, tende,
Men ýarym hudadan diledim günde,
Myradym-maksadym — görsem Garybym!
‫عابد‬
84
66
Türkmeni Öwreniş Merkez
Şasenem-Garyp
Ýene bir görsem men Garybyň ýüzün,
Turup, towap etsem ýarymyň yzyn,
Ýogsa unutdymy Şah Apbas gyzyn?
Myradym-maksadym — görsem Garybym!
Mähnetim köp boldy, aýşym kem boldy,
Iýdigim-içdigim gaýgy-gam boldy,
Ýaryndan aýrylan Şasenem boldy,
Mmradym-maksadym — görsem Garybym!
Elkyssa, ondan soň Şasenem:
— Eý Akja, bu düýşüň, hokman haýyrlydyr. Sen Bagdada baryp, Garybyň barlygyny ýa ýoklugyny
bil, eger bar bolsa, ony alyp gel — diýip, Akjanyň Bagdada gidip gelmekligini isledi. Akja,
Garybyň yzyndan gitmäge razy boldy. Senem ýol üçin gerek bolan enjamlary häzirläp, Akjany
hoja sypatynda geýindirip, biline dester/şal baglap, goluna galamdan hem jöwer berip, Bagdada
ugratdy.
Akja bir näçe gün ýol ýöräp, Bagdad şäherine bardy. Bir näçe gün gezenden soň, Garyby tapdy.
Garyp ony myhmanhana alyp bardy, ondan Şasenemiň hal-ýagdaýyn sorady. Akja Şasenemiň
gören düýşüni beýan edip, bir gazal aýtdy:
Bir düýş gördi Senem özi,
Habaryň güman eýledi;
Getir diýp, iberdi bizi,
Gara bagryn gan eýledi.
Söz ýetip ýagşy-ýamandan,
El çekip ata-eneden,
Bir kişi Halap-Şirwandan
Sud işin zyýan eýledi.
Aýytgähde67 — baýram güni,
Bir kişi köýdürdi ony:
—Ra:smyş Garyp öleni —
Diýibän, haýran eýledi.
Eşidip, diwana bolup,
Bizi size ilçi kylyp,
Hanymanyn oda salyp,
‫عیدگاه‬
85
67
Türkmeni Öwreniş Merkez
Şasenem-Garyp
Senem köp efgan eýledi.
Gülnahal diýr, eý mähriban!
Şol gün boldy ahyrzaman,
Ýagşy günler boldy ýaman,
Gam ony talaň eýledi.
Garyp Akjadan bu sözi .eşidenden soň, Diýarbekire gaýtmakçy bolup:
— Eý Akja, siz şu ýerde maňa garaşyň. Men patyşadan rugsat alyp geleýin — diýip, çykyp gaýtdy.
Bagdat patyşasynyň ýanyna gelip, Diýarbekire gitmäge rugsat sorady. Patyşa:
— Eý Garyp, men bu ýerde saňa gyz alyp berdim, sen näme üçin oňa garamaýarsyň? Sen gitme,
bu ýerde gal— diýdi. Garybyň ýüregi gyýlyp, patyşa garap, bir gazal aýtdy:
Eý ýaranlar, halaýyklar,
Men bir zar üçin aglaryn.
Dil hemrahym, jan ýoldaşym,
Söwer ýar üçin aglaryn.
Gördüm, halk içre hulky hoş,
Dertli janym — dermany daş,
Ýürek-bagrym bolupdyr baş.
Senem jan üçin aglaryn.
Ozal dosty tutup bolmaz,
Bir tutansoň, untup bolmaz,
Gyzyl güli satyp bolmaz.
Hyrydar üçin aglaryn.
Maňa degdi hazan ýeli,
Meý içerler doly-doly,
Dost men diýen köpdür weli,
Wepadar üçin aglaryn.
Garyp diýer, eý-ä mewlam,
Ejiz etdi meni söwdaň!
Kem bolmasyn zowky dünýäň,
Şasenem üçin aglaryn.
Ondan soň patyşa Garyba rugsdt berdi. Garyp Akjanyň ýanyna bardy, olar Diýarbekir şäherine
86
ugradylar, Bagdatda bile gezen deň-duşlary Garybyň öňünden çykyp:
Türkmeni Öwreniş Merkez
Şasenem-Garyp
— Eý Garyp, sen gitme! Bu ýerde haýsy gyzy söýseň şony alyp bereli — diýip, onuň Bagdatda
galmagyny töwella etdiler. Onda Garyp, Şasenemi ýada salyp, bir gazal aýtdy:
Ýandyrdy janymy, ýakdy bagrymy,
Sürmeli şol gara gözleriň seniň.
Säherler yzlaýyp, ýollarda ýörsem,
Şekerden şirindir sözleriň seniň.
Yşkym zahyr boldy ulus-ilime,
Şum rakyplar düşdi meniň ýoluma,
Gözlerimden akan ganly sylyma:
Gark bolar guba gazlaryn, seniň.
Ýarymy, çagyrsam, bir bäri bakmaz,
Özgäniň ýagşysy köňlüme ýakmaz,
Wepaly ýar ýaryn beýle byrakmaz,
Daşdan gaty eken näzleriň seniň.
Köýüňde dolanyp, gähi oýana,
Yşkyňdai bolup men däli-diwana,
Garyp aşyk bolmuş näzli juwana,
Öwrülip gelmezmi ýazlaryň seniň.
Mundan soň Garyp, Diýarbekire gitmek üçin, deň-duş ýigitlerinden rugsat diläp, ýene bir gazal
aýtdy:
Hiç kim bilmez watanym bar, ilim bar,
Men garyp men, meni ýollaň ýoluma.
Aýralyk bar, jydalyk bar, ölüm bar,
Men garyp men, meni ýollaň ýoluma.
Garyp ülkelerde köňlüm synykdyr,
Bu jismim içinde janym gonakdyr,
Meniň aşyklygym halka anykdyr,
Men garyp men, meni ýollaň ýoluma.
Deň-duşlarym, beradarlar, galyňlar,
Hoşlaşyban meni ýola salyňlar,
Bizden agyrsaňyz, razy boluňlar,
Men garyp men, meni ýollaň ýoluma.
87
Türkmeni Öwreniş Merkez
Şasenem-Garyp
Biziň daglar siziň dagdan ötedir,
Kowum-gardaş bizden tama etedir,
Alys ýerde aşyk tutmak hatadyr,
Men garyp men, meni ýollaň ýoluma.
Garyp bu sözüni tamam edenden soň, ýigitler onuň gitmegine rugsat berdiler. Ondan soň Garyp
bilen Akja ýola düşüp, Diýarbekire ugradylar. Bir näçe gün ýol ýöräp, Diýarbekir şäherine
ýetişdiler.
Bu söz bu ýerde dursun. Bir-iki sözi Şasenemden eşideliň.
Akjany ugradandan soň, Şasenemiň gaýgy-gamy has hem artdy. Köp zamandan bäri Garypdan
hiç bir habar gelmänsoň, ýüregine howul düşüp, bir gazal aýtdy:
Her saba gülerdi, gül dek açylyp,
Ýa, reb, niçik olur, gelmez Garybym?
Toty dek agzyndan dürler saçylga,
Ýa, reb, niçik olur, gelmez Garybym?
Sensiz ýeten ömrüm derdi-dagmydyr,
Gezen ýeri jennetmidir, bagmydyr,
Bilmen, nedir, hassamydyr, sagmydyr,
Ýa, reb, niçik olur, gelmez Garybym?
Uzak ýolda, meýdanlarda galdymy?
Ýa hassa boldumy, ýa-da öldümi?
Ýoksa özge dilber köňlün aldymy?
Ýa, reb, niçik olur, gelmez Garybym?
Şasenem gyz diýrler meniň adyma,
Bir ah ursam, älem ýanar oduma,
Ýaradan züljelal, ýetiş dadyma,
Ýa, reb, yiçik olur, gelmez Garybym?
Bu sözi aýdandan soň, Şasenem uklady. Garyp şähere girende, öňürti Akjany Senemiň köşgüne
iberip, özi onuň yzyndan geldi. Akja, Garybyň gelenini Şaseneme aýda bilmän durka, Garyp gelip,
Şasenemi ukudan oýatmak üçin, bir gazal aýtdy:
Ýüzi gül, saçy sünbülim,
Habar al bilbilleriňden.
Özi bir şeýda bilbilim,
88
Sözle şirin tilleriňden.
Türkmeni Öwreniş Merkez
Şasenem-Garyp
Köňül kinesin açaly,
Jan bilen serden geçeli,
Senem jan, suw ber, içeli,
Doýur lebde ballaryňdan.
Men seni diledim hakdan,
Köp jepa çekdim uzakdan,
Bir posa ber al ýasakdan,
Eger gelse gollaryňdan.
Ýüzleri hurşydym-aýym,
Men Garyp, seň patyşaýym,
Miýesser etse hudaýym,
Guçsam inçe bnlleriňden.
Şasenem Garybyň owazyna oýandy. Garyby gerüp, ýerinden turdy. Gujaklaşyp, öpüşip, beýhuş
bolup ýykyldylar. Bir az wagtdan soň huşlaryna geldiler. Ondan soň Şasenem:
— Hoş gelipsiň, Garyp jan! — diýip, hormat-hezzet etmäge başlady. Bir näçe wagtlap aýşyaşratda boldular. Aşyklaryň bu döwrany alty aý dowam etdi.
Günlerde bir gün Şasenem:
— Eý Garyp jan bu Diýarbekirde, dost-duşmanyň arasynda biziň hakymyzda köp gürrüň edilýär.
Meni bir başga şähere alyp gitseňiz nähili bolar? Meniň bu pikirimi siz nähili maslahat
bilýärsiňiz?—diýip, bir gazal aýtdy:
Gel, Garybym, saňa bir sez diýeýin,
ýöne gül köňlüňe güman getirme.
Bu rehimsiz gahba pelek elinden,
Dözmeýin jebrine, bir ar getirme
Munda dursaň, goýmaz rakyplar seni,
Zaglar gelip, bozar täze gülşeni,
Bir ýat ülkelere alyp git meni,
Bu ýerde söhbete mydar getirme.
Alty aý bolupdyr munda ýataly,
Biziň oilen zowky-sapa tutaly,
Kişi duýmaz burun ýörgül, gideln,
Bu şirin janyma azar getirme.
Nobat ýetişmezden owal duşmana,
89
Gel indi gideli Halap-Şirwana,
Türkmeni Öwreniş Merkez
Şasenem-Garyp
Kişi duýmaz burun gitsek bir ýana,
Birehim rakşdan hazar getirme.
Şasenem diýr, gideli ýat illere,
Alla mysapyryň myradyn bere,
Her kim öz kysmatyn bagtyidan göre,
Gaýgy iýip, keňle gubar getirme.
Elkysea, ondan soň Garyp bilen Şasenem Halap-Şir wana gitmekçi boldular. Bularyň HalapŞirwana gitmek çi bolýandygyndan Akjanyň habary bardy. Akja:
— Men eşitermen, Ezber hoja Halap-Şirwanda ýaşa ýarmyş, siz oiy görseňiz, meiiň halýagdaýymdan oňa ha bar berersiňiz — diýip, bir gazal aýtdy:
Mundan gider bolsaň Halap-Şirwana,
Meniň ahwalymy beýan diýgeý siz.
Ezber hoja atly şol şirin jana,
Meniň bu sözümi aýan diýgeý siz.
Men munda ýekelik jebrin çekerem,
Gözlerimden ganly ýaşlar dökerem,
Bir ah ile bulut bagryn sökerem,
Tartdygymdyr ahy-pygan diýgeý siz.
Bu Diýarbekirde deňim-duşum ýok,
Gam ýetse, hemdemlik eder kişim ýok.
Çar tarapdan bakar köňül hoşum ýok,
Giň dünýä gözüme zynday diýgeý siz.
Ol baryp, Halapda tutupdyr watan,
Ýadyndan çykandyr ykrarlar eden,
Maňa onsuz munda içgenu-ýutan
Zähri gatyl, gözi girýan diýgeý siz.
Meniň üçin özi munda gelmese,
Garyp ülkelerde hemdem bolmasa,
Şikeste halymdan habar almasa,
Eden wadalary ýalan diýgeý siz.
Siz mundan gider siz gören menzile,
Hemnşe bolar siz Ezber jan bile,
90
Bagbanlyk kglmasa bu täze güle,
Türkmeni Öwreniş Merkez
Şasenem-Garyp
Gunçalykda urdy hazan diýgeý siz.
Gülnahal diýr, ajap derde galyp men,
Özüm öz başymy sewda salyp men,
Onuň jemalyna muştak olup men,
Eglenmesin, sagat-aman diýgeý siz.
Elkyssa, bu sözden soň Şasenem:
— Eý Akja, biziň gidenligimizi kyrk günläp hiç kim bilmez ýaly, bir çäre oýlap tap — diýip
tabşyrdy. Soňra Şasenem bilen Garyp Akja bilen hoşlaşyp, gijäniň bir wagty Halap-Şirwana
ugradylar.
Akja kenizlere Şasenem kyrk güne çenli aýşy-aşrat etjek, sizler hem öz işleriňiz bilen boluberiň
diýdi.
Garyp bilen Şasenem üç gije-gündiz ýol ýöräp, Diýarbekir deresi diýilýän ýere ýetdiler. Gije şol
ýerde ýatmakçy boldular. Garybyň iki sany dony bardy. Birini düşendiler, birini hem örtünje
edindiler. Başlarynyň astyna gumdan ýassyk edinip ýatdylar. Ertesi ir bilei Garyp oýandy,
Şasenemiň ýüzüne seretse, onuň saçyna gum siňip, çöp ýapyşypdyr. Garyp ony görüp, köňli
bozulyp, bir gazal aýtdy, Şasenem jogap berdi:
Garyp:— Gije-gündiz bu fyrakyň derdinden,
Meni diýip, sepýl bolduň, Senem jan!
Jyda düşdüň watanyňdan, ýurduňdan,
Meni diýip, sepil bolduň, Senem jan!
Şasenem: — Men bagty garaga sen hem ýar bolup,
Meni diýip, sepil bolduň, Garyp jan.
Gnje-gündiz melamata ýar bolup,
Meni diýip, sepil bolduň. Garyp jan.
Garyp:— Yşk oduga köýdi janym, pert olup,
Kähruba68 dek ruhsarymyz zert69 olup,
Syýa zülpüň topraklara gert olup,
Meni diýip, sepil bolduň, Senem jan.
Şasenem: — Garyplaryň işi şalardan bitmez,
Aşyk bolan magşugyny unutmaz,
Jepa tartmaý, aşyk magşuga ýetmez,
69
‫کهربا= مغناطیس‬
‫رخسار زرد‬
91
68
Türkmeni Öwreniş Merkez
Şasenem-Garyp
Meni diýip, sepil bolduň, Garyp jan.
Garyp: — Eziz başyň söwdalara sataşdy,
Ony görüp, meniň ýüregim joşdy,
Soltanlyk wagtlaryň ýadyma düşdi,
Meni diýip, sepil bolduň, Senem jan.
Şasenem: — Men naçaram, ne iş geler golumdan?
Başymy kesseler, gaýtman ýolumdan!
Meniň üçin jyda bolduň ilimden,
Meni diýip, sepil bolduň, Garyp jan.
Garyp: Şah Apbas zürýaty, sen geda bolduň,
Il -halk, gardaşdan sen jyda bolduň,
Öz ýurduňdan, köşk-eýwandan aýryldyň,
Meni diýip, sepil bolduň, Senem jan.
Şasenem: Men bilbilem, gonam bagyň gülüne,
Gurban olam seniň şirin tiliňe,
Meni alyp gitgin Şirwan iline,
Meni diýip, sepil bolduň, Garyp jan.
Garyp: — Garyp aýdar, muhupbetler arada,
Hak özi saklasyn daýym penada,
Ýola düşüp ýarym paýy-piýada.
Meni diýip, sepil bolduň, Senem jan.
Şasenem: — Şasenem gözünden ganly ýaş seçip,
Erenler golundan şerabyn içip,
Senem diýip, naçar eneňden geçip,
Meni diýip, sepil bolduň, Garyp jan.
Bu sözi gutarandaryndan soň, ikisi hem turup, ýola ugradylar. Bir näçe gün ýol ýöränlerinden
soň, Şasenemiň aýaklary gabardy, ondan aňry ýöremäge ýaramady. Ahyry Garyp, Şasenemi
arkasyna göterip, bir näçe menzil ýol ýöredi. Garyp hem soňa baka ýöräp bilmedi. Şasenemiň
Garyba rehmi gelip:
— Eý Garyp jan, menden geç-de, özüň gitmegiň gamyny iý— diýip, Garyba rugsat berip hoşlaşyp,
bir gazal aýtdy. Garyp hem oňa jogap berdi:
92
Şasenem:— Meniň üçin bagly bolup galmagyl,
Türkmeni Öwreniş Merkez
Şasenem-Garyp
Gidewergil Halap-Şirwan saryýa70.
Bu ülkede töhmet bile ölmegil,
Dolanawer menzil-mekan- saryýa.
Garyp: — Sensiz bu ömrümiz köýsün, kül bolsun,
Aýralyk mütdeti ýedi ýyl bolsun,
Ikimiziň ykrarymyz şol bolsun,
Unutmagyl ähdi-peýman saryýa.
Şasenem: — Hergiz gutulmadym bagty-garadan,
Bize beýle kysmat kyldy ýaradan.
Waý, eger ýedi ýyl geçse aradan,
Aýlanawer men natywan saryýa.
Garyp: — Gündizim gidipdir, goýup gijesin,
Bilelmedim bu panynyň nijesin,
Eger görseň Gülnahalyň Hojasyn,
Ony hem salawer hijran saryýa.
Şasenem: — Alajym ýok, galdym bendi baglyga,
Hiç bu gün düşmesin adam ogluga,
Atam berse meni bir baý ogluga,
Zerre gaýgyrmanam bu jan saryýa!
Garyp: — Görüstandyr derwüşleriň mesgeni,
Bilbil perýat eder, istep gülşeni,
Eşitseň özgäni aldy diýp meni,
Gitmegeý sen ýowuz güman saryýa!
Şasenem: — Gam iýmegil, pelek bizni ýakar diýp,
Sen gideňsoň, Senem gaýra bakar diýp,
Wehm eýleme, sözi iki çykar diýp,
Ant içer men azym kuran saryýa.
Bu sözden soň Şasenem bilen Garyp bir-birleriniň boýunlaryna gollaryny salşyp, hoşlaşmaga
dilleri barman, bir-birleriniň ýüzlerine seredişip oturdylar. Aýralykdan özge hiç bir alaç
tapmanlaryndan soň, ýedi ýyl wada edip, bir-birlerine rugsat berip, hoşlaşmaly boldular. Garyp
gitmeli, Şasenem hem galmaly boldy. Şol ýerde Şasenem bäş keleme söz aýtdy. Garyp hem oňa
jogap berdi:
93
70
Saryýa= tarapa, şoňa garşy
Türkmeni Öwreniş Merkez
Şasenem-Garyp
Şasenem: — Mundan gider bolsaň Halap-Şyrwana,
Bar, Garybym, saglyk bile gelgeý sen.
Seni tabşyrmyşam kadyr subhana,
Bar, Garybym, saglyk bile gelgeý sen.
Garyp: — Kadyr alla garyplyga salmasa,
Ýyglama, Senem gyz, gitsem, geler men.
Ajal ýetip, peýmanamyz dolmasa,
Ýyglama, Senem gyz, gitsem, geler men.
Şasenem: — Ýyglamaý neýläýin, bagrym daş degil,
Her namart başyna düşen iş degil,
Senden aýra düşsem, köňlüm hoş degil,
Bar, Garybym, saglyk bile gelgeý sen.
Garyp:— Meni gitdi diýip, çytma gaşyňny,
Humar ala gözden dökme ýaşyňny,
Allahym bitgerse meniň işimni,
Ýyglama, Senem jan, gitsem, geler men.
Şasenem: — Mundan gider bolsaň, daglar dumandyr,
Jemalyň görmäge arzuwym kändir,
Bu gün aýralykdyr, ahyrzamandyr,
Bar, Garybym, saglyk bile gelgeý sen.
Garyp: — Meni gitdi diýip, ýyglap oturma,
Gül ýüzün, sargardyp, reňňiň solturma,
Dost bilsin, duşmana syryň biltirme,
Ýyglama, Senem jan, gitsem, geler men.
Şasenem: — Mundan gider bolsaň, ýollar ägädir,
Üstümizde kadyr alla güwädir,
Kim bize zulm etse, gahry aňadyr,
Bar, Garybym, saglyk bile gelgeý sen.
Garyp:— Meni gitdi diýip, gamda galmagyl,
Gaýgy bilen ýüzüň ýere salmagyl,
Her ýeter-ýetmeze hemdem bolmagyl,
94
Ýyglama, Senem jan, gitsem, geler men.
Türkmeni Öwreniş Merkez
Şasenem-Garyp
Şasenem: — Mundan gider bolsaň, yzyň yzlaryn,
Kesip-kesip, gara bagrym duzlaryn,
Ýedi ýylyň wadasyny gözlärin,
Bar, Garybym, saglyk bile gelgeý sen.
Garyp: - Gaýgy-gamlar beýle başa üýşermi?
Jandan geçmeý, kişi yşka düşermi?
Munça köp aglamak heý ýaraşarmy?
Ýyglama, Senem jan, gitsem, geler men.
Şasenem: — Diýarbekirden göç eýledi ilimiz,
Sonasyn uçurdy, galdy kölümiz,
Ýar aýrylyp, uzak düşdi ýolumyz,
Bar, Garybym, saglyk bile gelgeý sen.
Garyp: — Meni gitdi diýip, munça aglama,
Humar ala gözde gubar baglama,
Ýoldaşym gitdi diýp, bagryň daglama,
Ýyglama, Senem jan, gitsem, geler men.
Şasenem: — Ýol bilen baradyr ýarymyň yzy,
Bal bilen şekerdir, şirindir sözi,
Yşkyňda gedadyr Şah Apbas gyzy,
Bar, Garybym, saglyk bilen gelgeý sen.
Garyp: — Öýden çykyp, dal gerdeniň galdyrma,
Ah uruban, reňgi-roýuň soldurma,
Garybyňny göz ýaş bilen öldürme,
Ýyglama, Senem jan, gitsem, geler men.
Şasenem: —Şasenem diýr, işim ahy-zar bolsun,
Rakyplara ýagty jahan dar bolsun,
Kanda barsaň, Şahymerdan ýar bolsun,
Bar, Garybym, saglyk bilen gelgeý sen.
Elkyssa, bu sözden soň Naýzahal depesine çykyp, bir az dynç aldylar. Ondan soň Garyp,
Şasenem bilen hoşlaşyp, öz ýoluna ugrady.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 6
  • Parts
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 1
    Total number of words is 3738
    Total number of unique words is 1949
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 2
    Total number of words is 3949
    Total number of unique words is 1733
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 3
    Total number of words is 3808
    Total number of unique words is 1777
    26.2 of words are in the 2000 most common words
    39.8 of words are in the 5000 most common words
    45.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 4
    Total number of words is 3840
    Total number of unique words is 1702
    27.3 of words are in the 2000 most common words
    40.1 of words are in the 5000 most common words
    47.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 5
    Total number of words is 3813
    Total number of unique words is 1685
    27.9 of words are in the 2000 most common words
    41.1 of words are in the 5000 most common words
    47.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 6
    Total number of words is 3809
    Total number of unique words is 1853
    25.6 of words are in the 2000 most common words
    38.5 of words are in the 5000 most common words
    44.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 7
    Total number of words is 3826
    Total number of unique words is 1710
    28.5 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    47.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 8
    Total number of words is 3872
    Total number of unique words is 1706
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    42.5 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 9
    Total number of words is 1221
    Total number of unique words is 721
    33.7 of words are in the 2000 most common words
    48.8 of words are in the 5000 most common words
    55.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.