Latin

Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 2

Total number of words is 3949
Total number of unique words is 1733
30.6 of words are in the 2000 most common words
45.1 of words are in the 5000 most common words
52.8 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Şasenem: — Gulak salyp, eşit meniň arzymny,
Senden-menden döwran ötdi,
Garybym Alla saldy aýralygyň jebrini,
Duşman aýralyga tutdy, Garybym.
Garyp: — Jyda düşdüm diýban gamgyn bolmagyl,
Men-menligiň ahyr zowaly bardyr.
Aýralyk derdinden gül dek solmagyl,
Bu kemligiň ahyr kemaly bardyr.
Şasenem: — Kaýda ki kemaldyr, kaýda ki wysal,
Ýyglap ötsem gerek, niçe mahy-sal,
Gel gaçaly, özuň dürset, ýolga sal,
Duşman bize ýüzün çytdy, Garybym.
Garyp: — Bir tagna16 söz üçin munça gaçar sen.
Aşyk bolsaň, niçe ýanyp-öçer sen,
Öz aýbyňy özüň neçün açar sen?
Sabyr kylsaň, soňra wysaly bardyr.
16 ‫طعنه‬
16
15 Eşwe bolmaly (A.G)
Türkmeni Öwreniş Merkez
Şasenem-Garyp
Şasenem: — Sabyr eýlemek bile bitmez bu işiň,
Tedbirin17 edere ýokdur hiç kişiň,
Otursaň, gaýgydan gutulmaz başyň,
Gelen döwlet guşy gitdi, Garybym.
Garyp: — Aşyk olmaz, köp hunaba18 ýutmasa,
Magşuk olmaz, bagryn kebap etmese,
Gerek sizler bize ýalgan aýtmasa,
Bize başdan kylan ykbaly bardyr.
Şasenem: — Ikimizi ýetirmezler wysala,
Gitme, dostum, beýle bozuk hyýala,
Ýetmegiň kyn indi seniň kemala,
Pelek bizni oýnap utdy, Garybym.
Garyp:— Gaýgyny köp etme, mähnetiň artar,
Aýralygyň tygy bagryňny ýyrtar.
Ýalgandyr bu sözler, takdyra tartar,
Her kişiniň ýüz-müň hyýaly bardyr.
Şasenem: — Senem aýdar, diýen sözüm etmeseň,
Meni bir gijede alyp gitmeseň,
Özge ýerde baryp watan tutmasaň,
Pyçak istihana ýetdi, Garybym...
Garyp:— Garyp aýdar, gaýgy bilen oturma,
Reňkiňi sargardyp, özüň ýitirme,
Ah çekip, köňlüňe gubar getirme,
Ezelde bir kysmat kylany bardyr.
Ikisi bu sözi tamam edenlerinden soň, Şasenem:
— Eý Garyp jan, onuň ýaly bolsa, wada eden posamy menden al. Mundan uzak dursam, dostduşman duýup, atama habar berer. Tizräk atamyň, ýanyna baraýyn — diýdi. Garyp:
— Eý söwdügim, biziň yşkymyz owal ýöne bir mejazydy, indi bolsa hakyky yşka öwrüldi. Seni bu
ýerde öpmek ýagşy däl. Hudaý tagala myradymyza ýetirse, ondan soň döwran süreris — diýip,
oňa göwünlik berdi. Soň Şasenem bilen Garyp hoşlaşyp, her haýsy öz öýlerine gaýtdy.
18
Çäresin
‫خونابه‬
17
17
Türkmeni Öwreniş Merkez
Şasenem-Garyp
Şol günüň ertesi Garybyň enesi Şah Apbasyň wada edip, dilinden beren hatyny alyp, onuň
ýanyna baryp:
— Eý Şah Apbas, wezir bilen wada edipdiň. Şol wadaňda durmusyň, göreýin diýip geldim —
diýdi. Şa Apbas:
— Hä, nähili wada edenmişim?—diýdi. Garybyň enesi:
— Sen wezire şeýle wada edipsiň: «Eger meniň oglum, seniň gyzyň bolsa, sen gyzyňy meniň
ogluma ber, eger-de seniň ogluň, meniň gyzym bolsa, onda men gyzymy seniň ogluňa bereýin»
diýipsiň. Indi şol eden wadaňa wagt ýetdi — diýip, haty çykaryp, Şah Apbasa berdi.
Şah Apbas haty okap gördi. Görse, öz dilinden beren haty bilen öz basan möhri. Patyşa dergazap
bolup:
— Bu hat, weziriň özi tarapyndan ýazylandyr, ol bu haty meniň tarapymdan ýazyp, galp, möhür
basypdyr—diýip, gahar-gazaba doldy hem Garyby enesi bilen birlikde şäherden kowup
çykarmaklyga buýruk berdi...
Patyşanyň buýrugyna görä, Garyp bilen enesini şäherden kowup çykardylar.
Şäherden uzak çölde Hasan weziriň bir jaýy bar erdi. Garybyň enesi gyzyny hem Garyby alyp
baryp, şol jaýda ýerleşdi. Emma tiz wagtdan Garybyň ýakyn garyndaşlary gelip:
— Garyp bu ýerde dursa, Şah Apbas Garyby öldürer — diýip, gorkularyndan ony alyp gitdiler.
Garyby öz ýurtlaryna eltip, çopançylyga berdiler.
Garyp mal bakyp ýören ýerinde çopanlaryň biri bilen dost boldy. Günlerde bir gün Garyp
Şasenemden aýra düşüp, näçe wagtdan bäri mal bakýanyny hasaplady. Görse, Şasenemden aýra
düşeli bäş ýyl bolupdyr. Şasenemiň yşky ýüregine düşüp, zar aglap, öz ýakyn dosty çopanyň
ýanyna gelip:
— Eý dost, meniň yzymda ýarym galdy, bu çopanlykdan çykaýyn diýsem, mal eýesi
goýbermeýär, men munda bagly bolup galdym. Indi sen bu dertden gutulyp, ýaryma gowşar
ýaly, maňa bir maslahat ber — diýdi.
Onda çopan dosty:
— Eý Garyp, sen her gün oba baranyňda, bu mallaryň bir-iki sanysyny meýdanda/düzde taşlap
bar. Ondan soň bu mallaryň eýesi seni çopanlykdan kowar. Sen bolsaň bu işden gutulyp,
Şasenemiň ýanyna baryp bilersiň — diýdi.
Garyp bu maslahaty makul bilip, dostuna garap bir gazal aýtdy:
Bäş ýyl boldy, aýra düşdüm ýarymdan,
Alajym ýok, ýara bara bilmedim.
Hiç kim habar almaz meniň halymdan,
Alajym ýok, ýara bara bilmedim.
18
Ötenden, geçenden habar alaly,
Türkmeni Öwreniş Merkez
Şasenem-Garyp
Sözlegende, şirin dili senaly,
On barmagy bogun-bogun hynaly,
Alajym ýok, ýara bara bilmedim.
Bäş ýyl boldy, men gelmişem amana,
Senemjanyň bary-ýogy gümana,
Kişi ýardan aýra düşse ýamana,
Alajym ýok, ýara bara bilmedim.
Bäş ýyldyr, synamda köpdür armanym,
Çykar boldy indi tenimden janym,
Gije-gündiz pikrim — Senem soltanym,
Alajym ýok, ýara bara bilmedim.
Barçany ýaradan kadyr hudaýym,
Şasenem gyz diýrler, köňül hoşgähim,
Garyp aýdar, tilimdedir senahym,
Alajym ýok, ýara bara bilmedim.
Ondan soň Garyp her günde mallardan birden-ikiden meýdanda taşlap ugrady. Bir näçe günden
soň, mal eýesi görse, malyň ýarysy ýok bolupdyr.
Ondan soň mal eýesi: «Bu çopany kowup, başga bir çopan saklaýyn» diýip, Garyby kowdy.
Garyp çopanlykdan boşap, ýola düşdi, hudaýa ýalbaryp: «Sen meni ýara ýetir» diýip, bir gazal
aýtdy:
Owwal ýaradan hudaýym,
Özüň ýetir ýara meni.
Tilimde bardyr senahym,
Özüň ýetir ýara meni.
Hakyň ýolunda rähberler,
Hatyp19 olturgan münberler,
Sährada gezen çiltenler,
Özüň ýetir ýara meni.
Gözde ýaşym akar seýlan,
Bize kysmat beýle bolan,
Be-hak-gy hezreti pälwan,
Özüň ýetir ýara meni.
‫خطیب‬
19
19
Türkmeni Öwreniş Merkez
Şasenem-Garyp
Bu synamyz boldy ýara,
Beýan eýläýin bir para,
Şeýhi-Halyl, Weýsilkara,
Özüň ýetir ýara meni.
Garyp diýr, nedir günähim?
Tilimde ýardyr senahym.
Owwal-ahyr bir allahym,
Özüň ýetir ýara meni.
Garyp gözi girýan, bagry birýan, bir näçe menzil ýol ýöräp, Diýarbekire geldi. Şasenemi gözläp,
Diýarbekiriň mekdebine bardy. Ol ýerde Şasenemi tapmady. Soň mekdepde okaýan oglanlardan
sorady. Oglanlar:
— Şah Apbas Şawezir diýen ýerde bir köşk saldyryp, Şasenemi kyrk keniz bilen şol köşkde
goýupdyr — diýdiler.
Garyp Şasenemi yzlap, şol köşge barmakçy boldy. Ol köşge barmagyň çäresini agtardy.
Garyp bir adamdan: «Şasenemiň kyrk guly bardy. Olaryň biri ölüpdir. Ertir ir bilen «gul
bazaryna» gul almak üçin Şasenem geljekmiş» diýen habary eşitdi. Bu habary eşitgeç, Garyp bir
garry aýalyň öýüne bardy. Ol garry aýal bilen kyýamatlyk ene-ogul boldular. Garyp:
— Eý ene, ertir Şasenem gul almak üçin «gul bazaryna» geljekmiş, Ertir meni «gul bazaryna»
alyp çykyp satyň. Bahamy bolsa müň tylla diýersiňiz. Eger-de Şasenem «Bu kel guluň näme
hünäri bar?» diýip sorasa, «Bu kel gulum sazanda-aşykdyr/bagşy» diýersiňiz — diýdi.
Ene Garybyň sözi bilen razylaşdy. Ertesi ir bilen Garyp kellesine garyn geýdi, ýüzune gara sürtüp,
bir hebeşi gul sypatyna girdi. Ene Garyby «gul bazaryna» alyp gitdi.
Şasenem atlanyp geldi, aýlanyp, gullaryň bahasyny sorady. Soň enäniň gulunyň bahasyny sorady.
Ene:
— Gulumyň bahasy müň tylla — diýdi. Şasenem:
— Ýagşy gullaryň bahasy otuz-kyrk dinardyr, seniň kel guluň bahasy örän gymmat, munuň
sebäbi näme? — diýdň. Ene:
— Meniň gulum sazanda-aşykdyr — diýdi. Şasenem:
— Guluňa aýt, bir gazal aýdyp bersin — diýdi.
Bazarda gezip ýören bir adamyň golunda iki sany tamdyra bardy. Garyp onuň birini goluna alyp,
bir gazal aýtdy:
Gulak salyp, eşit meniň arzymy,
Alar bolsaň, gul jaýyna al, Senem.
Alar bolsaň, gul jaýyna al, Senem.
20
Kişi bilmez meniň asly-zatymy,
Türkmeni Öwreniş Merkez
Şasenem-Garyp
Bu bir günlük öter dünýäýi-pa:ny.
Köp bolar aşyka magşuknyň a:ly.
Göwherşynas bolsaň, göwheri tany,
Alar bolsaň, gul jaýyna al, Senem.
Jany alar ter hynaly gollary,
Aşygy köýdürir şirin dilleri,
Jepakeş bolarlar Bagdat gullary,
Alar bolýaň, gul jaýyňa al, Senem.
A:kyl bolsaň, bu magnyny pähm eýle,
Giriftary jemalyň men, rehm eýle,
Rakyplar elinden bu gün wehm eýle,
Alar bolsaň, gul jaýyna al, Senem.
Rakyplar elinden pinhan kyl meni,
Hyrydar sen, bu gün satyn al meni,
Garyp aýdar, hak aşyk men, bil meni,
Alar bolsaň, gul jaýyna al, Senem.
Ondan soň Şasenem:
— Eý ene, guluňa aýt, ýene bir bent aýtsyn — diýdi. Onda ene Garyba ýüzlenip:
— Eý kel, ýene bir bent aýt! — diýdi. Garyp ýene bir gazal aýtdy. Gör, bak, näme diýýär:
Güler ýüzli, serwi katly nigärim,
Bu sözüň pähmine ýetseň, ne boldy?
Barça mahluk bizge duşman, dildarym,
Rakyplardan heder etseň, ne boldy?
Jemalyň görmäge men intizar men,
Bu yşkyň derdinde men bikarar men,
Ölinçäm, Senem jan, men hyrydar men,
Sallanyp aldymga gelseň, ne boldy?
Her kişi hakykat sözüni diýer,
Munda maňa kylan mahşarda köýer,
Şah Apbas eşitse, derimi soýar,
Akylym bu söze ýetseň, ne boldy?
21
Her aşyk döwrüni sürer çagynda,
Türkmeni Öwreniş Merkez
Şasenem-Garyp
Bilbiller saýraşar çemen bagynda,
Men ýörir men aýralygyň dagynda,
Senem jan, merhemet kylsaň, ne boldy?
Garyp aşyk aýdar, pikrim ýetirdim,
Seni görüp, men özümi ýitirdim,
Azat başym bendi kylyp oturdym,
Hyrydar sen, satyn alsaň, ne boldy?
Garyp bu sözi aýdandan soň, Şasenem Garyby tanady. Onuň wysal yzlap, hebeşi sypatynda
özüni gul edip, gul bazarynda satdyrandygyny aňlap, enäge müň tylla berip, Garyby satyn aldy.
Şasenem ýaman gözden çekinip, Garyby şol gije gullarň arasynda goýdy.
Indi habary kimden al, Garypdan al. Garyp öz söwer ýaryndan bu işi gaty gördi. Ol: «Meni
gullaryň arasynda goýdy» diýip, Şaseneme gaharlanyp, çykyp gitdi.
Indi habary Şasenemden eşidiň. Şasenem:
— Men Garyby ilden çekinip, gullaryň arasynda goýdum. Garyp muny köňlüne getirip, birden
gaty göräýmese ýagşydyr — diýip, ertir ir bilen turup, gullaryň arasyna bardy. Görse, ol ýerde
Garyp ýok. Şasenem gullara ýüzlenip:
— Ol müň tylla berlip alnan hebeşi gul hany? — diýip sorady. Gullar:
— Onuň agşamky çykyp gidişi, şondan soň ol yzyna dolanyp gelmedi — diýip aýtdylar.
Şasenem öz içinden: «Garyby gullaryň arasynda goýmagym oňa agyr degendir» diýip, eden işine
puşman etdi. «Alla janym, bu niçik ahwal boldy?» diýip, pikir derýasyna gark bolup, yzyna
öwrüldi. Öýe baryp, bagtynyň garalygyndan zeýrenip, içini gepledip, ahmyr etdi. Şasenem «eý
bar hudaýa, indi meniň bagtym açylmazmy?» diýip, hudadan nalyş edip, gan aglap, gara geýip,
ýerinden galman, ýatyp galdy.
Garyp agşamky çykyp gidişine hiç ýerde eglenmän, öz öýlerine — enesiniň ýanyna barypdy.
Emma bu hem ertire galman, gullaryň arasyndan çykyp gaýtmagyna ökündi. «Şaseňem öňküden
hem beter gaýgy-gama ulaşsa gerek» diýip, hapa boldy. Oglunyň hapa bolanyny görüp, enesi
Abadan hem hapa boldy. Her niçik bolsa-da Garyby köşeşdirjek bolup, oňa göwünlik berdi:
— Eý oglum, sen beýdip, hapa bolup oturma, gaýgyňy alla aňsat etsin!..
Günlerde bir gün Garyp kenegini/aşyk oýnan bolup ýörkä, kenek bir garry aýalyň tarasyna20
degdi. Onuň tarasyny syndyrdy.21 Ol garry aýal:
— Eý Garyp, meniň bilen oýnynçaň, Şasenem bilen «oýna — diýdi.
Bu sözden soň Garybyň derdi öňküden-de artdy. Ol bir pa:lçy garry mamanyň ýanyna baryp:
21 Edil şu setirler “Zöhra-Tahyr”da hem bar. (A.G)
22
20 Tara=Ýüpek mata dokalýan desga.
Türkmeni Öwreniş Merkez
Şasenem-Garyp
— Mama, bir ýagşy pa:l atyp ber, men ahyrda Şaseneme gowşup bilýärinmi ýa-da gowşup
bilmeýärinmi? — diýip, palçy mama garap, bir gazal aýtdy:
Mama, men ýoldan azaşdym,
Gel meni bir ýola salgyl.
Leýli diýip, hetden aşdym,
Mejnun kibi çöle salgyl.
Ýar üçin dynmaý ýana men,
Gäh tutaşyp, gäh söne men,
Bir ýeke garyp sona men,
Murguzarly22 köle salgyl.
Saňa diýrem köňül dagyn,
Tagýin23 et ýoluň ýyragyn,
Görsetgil bilbiliň bagyn,
Ter açylgan güle salgyl.
Geňeş ber azaşgan gula,
Goşulgaýmyz ýarym bile?
Kerwenim göçüpdir çöle,
Meni bir menzile salgyl.
Garyp diýerler adymy,
Yzhar eýläýin dadymy,
Eşit meniň perýadymy,
Meni ýar ýoluna salgyl.
Garyp sözüni tamam etdi. Ondan soň garry mama pal atdy. Palda Garybyň maksady berjaý
göründi. Mama;
— Eý oglum, Garyp jan, sen baryp Şasenemiň çarbagyndaky bagbana ogul bolsaň, bagban bile
çemen baglasaň, ony hem Şaseneme iberseň, Şasenem çemeni tanap, çarbaga gelip, maksadyňy
berjaý etse gerek — diýdi.
Garry mamanyň bu sözi Garyba makul göründi. Ol Şasenemiň çarbagyna gitmekçi bolup,
enesinden rugsat diledi. Emma enesi rugsat bermedi. Garyp ýene rugsat diledi, enesi ýene razy
bolmady. Onda Garyp enesine garap, her niçik bolsa-da gitmekçidigini beýan edip, bir gazal
aýdar boldy:
23
‫ اؤلنگ‬،‫مرغزار= چمن‬
‫تعیین‬
23
22
Türkmeni Öwreniş Merkez
Şasenem-Garyp
Hoş gal indi, käbäm enem,
Men bu gün gitmeli boldum.
Şah Apbas hanyň, derdinden
Baş alyp gitmeli boldum.
Baş goýup pire-ustada,
Salyp men özümni oda,
Goşulyp aşyk Perhada,
Şirin diýp, ötmeli boldum.
Geze bilmen uşbu ýerde,
Senem saldy ýowuz derde,
Ýar-ýar diýip, ýat ýerlerde
Men mesgen tutmaly boldum.
Dözmen aýralyk zährine,
Giderem Bagdat şährine,
Göz ýumup, gamyň bährine,
Dür üçin batmaly boldum.
Garyp diýer, garyndaşym,
Köýer boldy içim-daşym,
Indi ýat illere başym
Alyban gitmeli boldum.
Elkyssa, Garybyň enesi Garypdan bu sözi eşidensoň, onuň ahy-zaryna döz gelmän, ogluna
rugsat berip, zar -aglap, bir gazal aýdar gerek:
Hasan wezir öldi, saňa söýendim,
Balam, seni bir allaga tabşyrdym.
Bir näçe gün boýuň görüp guwandym,
Balam, seni bir allaga tabşyrdym.
Bir ýar üçin hunabalar ýuwtar sen,
Indi meni, Güljemaly neter sen?
Ýar ýoluna başyň alyp gider sen,
Balam, seni bir allaga tabşyrdym.
Gözümin, rewşeni, nurum sen idiň,
24
Behişdim, ferdewsim, hüýrüm sen idiň,
Türkmeni Öwreniş Merkez
Şasenem-Garyp
Çyn bagtym, mydarym, barym sen idiň,
Balam, seni bir allaga tabşyrdym.
Indi sen gider sen uzak ýollara,
Mürewwet etmeýin gamly gullara,
Sorag salsam gerek ilden-illere,
Balam, seni bir allaga tabşyrdym.
Duşman ýüzi gara bolsun arada,
Bizi goýdy bir tükenmez belada,
Abadan diýr, ýete bilmen myrada,
Balam, seni bir allaga tabşyrdym.
Garybyň Güljemal atly bir uýasy bardy. Şol wagt ol hem Garybyň ýanyna gelip, saçyn ýaýyp,
ýüzün ýyrtyp, zar-zar aglap, bir gazal aýtdy:
Aradan bir söz geçmeýin,
Aga jan, kaýda baryr sen?
Müň gülden bir gül açmaýyn,
Aga jan, kaýda baryr sen?
Ýagşy-ýamanymdan bilmeý,
Kepen donumy rast kylmaý,
Eliň bile göre salmaý,
Aga jan, kaýda baryr sen?
Bagrym boldy para-para,
Ýüregime saldyň ýara,
Bizi eýlediň biçäre,
Aga jan, kaýda baryr sen?
Men geçdim indi bu jandan,
El çekdim sudy-zyýandan,
Şumudyr umydym senden,
Aga jan, kaýda baryr sei?
Bir garrynyň pendin alyp,
Gider bolduň başyň alyp,
Bizi ýanar oda salyp,
25
Aga jan, kaýda baryr sen?
Türkmeni Öwreniş Merkez
Şasenem-Garyp
Ýandy, ýürek-bagrym ýandy,
Ömrüm bakjasy ta:landy,
Diriklik seniň bilendi,
Aga jan, kaýda baryr sen?
Ýüregim oda dagladyp,
Bagtyma gara bagladyp,
Güljemaly gan agladyp,
Aga jan, kaýda baryr sen?
Elkyssa, ondan soň Garybyň enesi bilen uýasy zar-zar aglaşyp, ahyry çäresiz Garyba rugsat
berdiler. Garyp sähra tarap ýüzlenip gidiberdi. Ol gidibersin.
Indi bir-iki sözi Şa Apbasdan eşideliň.
Günlerde bir gün Şa Apbas goşuny bilen aw awlamaga çykdy. Şäheriň bir tarapynda bir baý bar
erdi, onuň adyna Mansur baý diýer erdiler. Onuň bir gyzy bar erdi. Adyna Gülnahal24 diýer
erdiler.
Patyşa şol gün, günorta wagtlary howany yssy görüp, baryp Mansur baýyň howzunyň başynda
düşdi. Şol wagtda Gülnahal kenizi bilen saraýyň bir penjiresinden garap durdy. Patyşanyň gözi
Gülnahala düşüp, mähri gidip, oňa aşyk boldy.
Ol bir adamdan:
— Bu kimiň gyzy?—diýip sorady. Ol:
— Mansur baýga, gyzy, adyna Gülnahal diýerler — diýip jogap berdi. Patyşa:
— Mansur baý gyzyny maňa bersin? — diýip, adam iberdi.
Mansur baý baran adama hormat edip:
— Hoş gelip siz, ýagşy gelip siz, Patyşa-patyşalardan, garyp-garyplardan, hoja-hojalardan gyz
alar. Biziň gyzymyz patyşaga mynasyp däldir — diýip, ony gaýtaryp goýberdi.
Patyşa tarapyndan iberilen wekil özüne aýdylan sözi patyşaga habar berdi. Patyşa bu sözi
eşidenden, gahary gelip, donuna sygman:
— Göreýin, gyzyny kim alýar!—dýýip, gaharlanyp, syýasat kylyp, bider25 gitdi. Baryp
haremhanasyna girdi.
Patyşanyn, giden gününiň ertesi Halapdan bir söwdigär gelip, Mansur baýyň serhowzunyň
başynda düşdi, Onuň adyna Ezber hoja diýerdiler. Bu adam bir näçe gün şol ýerde boldy.
Indi habary Gül-ziba’dan eşidin. Gülnahalyň, Gülziba diýen bir kenizi bar erdi. Günlerde bir
gün Gülnahal:
25
Başga ady Akja.
.‫بدر گیتدی= اؤته گیتدی‬
26
24
Türkmeni Öwreniş Merkez
Şasenem-Garyp
— Eý Ziba, baryp bir suw getirseň näder — diýdi. Gülziba:
— Hoş, bolgaý!—diýip, küýzä ýüp dakyp, ýola rowana boldy. Howzuň başyna baranda, suwuň
içinde bir şugla/‫ شعله‬göründi, ol ýana-bu ýana garady, tapmady. Soň bu şugla howzuň daşynda
göründi. Görse, Ezber hojanyň ýüzüniň şuglasy turur. Keniz küýzäni suwdan dolduryp gitmekçi
bolan wagty, onuň gözi Ezber hojaga düşdi. Keniz ygtyýarsyz ýykyldy. Küýze döwlüp, ýüpi
küýzäniň iki gulpunda galdy. Keniziň huşy başyndan uçup, Gülnahalyň ýanyna bardy. Gülnahal:
— Eý Gülziba, suw getirdiňmi? diýdi.
Gülziba suw diýip, eline garasa, ýüpde küýzeniň iki gulpy galypdyr. Gülnahal:
— Gülziba, näme boldy? Bu nämäniň alamaty?— diýip sorady. Gülziba:
— Ezber hojanyň jemalyn gördüm, bi-ygtyýar bolup ýykyldym, soň näme bolanyny bilmedim —
diýdi. Onda Gülnahal:
— Onuň ýaly bolsa, biz hem baryp göreýli — diýip, Gülziba bilen bile serhowzuň başyna ugrady.
Baryp görseler, bir sahypjemal, şeýle bir owadan adam. Gülnahal aşyky-bikarar boldy. Gaýdyp
öýlerine geldiler.
Sözüň gysgasy, bir näçeler Ezber hojanyň arzuwynda bolup:
— Şu ýerde bolmaly adam ekeni — diýdiler.
Elkyssa, uly-kiçi ýygnanyp, Mansur baýyň öýüne baryp:
— Gyzyňy Ezber hoja berseň, nähili bolar?—diýdiler. Onda Mansur baý:
— Baryp gyzymdan habar alyň, eger razy bolsa, men garşy däl — diýdi.
Baryp Gülnahaldan habar aldylar. Gülnahal öz razylygyny bildirdi. Sözüň gysgasy, Gülnahaly
Ezber hoja nikalap berdiler.
Ondan, soň bu söz Şah Apbasyň gulagyna degdi. Patyşanyň gahary geldi. Emma biriniň nikaly
aýalyny güýç bilen alaýyn diýse, ol özüni adalatly hasaplaýardy. Näme alaç ederin bilmedi. Şol
wagtda bir aýýar —hilegär bar erdi, adyna Taýmaz diýer erdiler. Ol:
— Eý patyşahym, onuň üçin gam çekmäň, ýedi günde huzuryňyza getirer men — diýdi.
Patyşadan rugsat diledi. Patyşa rugsat berdi. Soň aýýar eline bir taýak alyp, ýola düşdi.
Ezber hojanyň işigine baryp, bir gün durdy. Ezber hoja jogap bermedi. Ertesi ýene gelip durdy.
Ezber hoja:
— Sen nähili adam? —dýýip sorady. Aýýar:
— Men Halap adamydym, bir sebäp bilen bu şähere düşdüm. Sizi hem halply diýip eşitdim. Her
wagt gitseňiz, meni hem alyp gidiň — diýdi.
Onda Ezber hoja:
— Örän ýagşy, sen düýeleri bakyber — diýip tabşyrdy. On gün, on bäş gün bakdy. Bir daýhanyň
gawuny bardy. Taýmaz bir gün düýeleri şol gawuna salyp, özi hem depäniň üstünde oturdy. Bir
wagt gawun eýesi gelip, düýeleri kowdy. Taýmaz:
27
— Düýeler muny ýagşy iýýär, näme üçin kowýarsyň?— diýdi. Onda daýhan:
Türkmeni Öwreniş Merkez
Şasenem-Garyp
— Men muny seniň düýäň üçin ekmedim — diýip, golundaky taýagy bilen Taýmazy ýagşyja
urdy. Taýmazyň ýüzi-gözi gan boldy. Taýmaz dat edip, Ezber hojakyň ýanyna baryp:
— Eý hoja, hyzmat edeniň jezasy şunuň ýaly bolýarmy? — diýdi. Hoja:
— Näme boldy? — diýdi.
Taýmaz:
— Seyiň hoja bolanyň gurasyn, düýeleriňi ýoldan geçirmediler, seniň düýeleriň sebäpli, meni
urdular — diýdi.
Ezber hoja başyny aşak salyp:
— Meniň öz ýerim-gurdum bolsa, munuň ýaly etmezdiler, meni saýry/ýat görendirler. Her kimiň
öz üljesi ýagşy ekeni — diýdi. Ezber hoja ýurduna gaýtmak üçin Mansur baýdan rugsat diledi. Ol
hem rugsat berdi. Ezber hoja Taýmaza:
— Gel, indi Halaba gideli, taparmysyň? — diýdi. Taýmaz:
— Eý janym, Hojam! Halk gündiz tapsa, men gije taparyn — diýdi.
Ondan soň düýelerine ýüklerini ýükläp, Akjany (Gülnahaly) düýä mündürip, ýola ugradylar. Bir
gije tä daň atynça ýol ýörediler, daň atandan soň bir çarbaga ýetdiler. Ezber hoja:
— Halabyň ýolunda munuň ýaly çarbag görmezdim — diýdi. Onda Taýmaz:
— Janym, Hojam, ýoldan azaşypdyryn, indi siz şu ýerde duruň. Men bu ýerleriň nire ekenini bir
habar alaýyn — diýip, etegini biline gysdyryp, Şa Apbasyň ýanyna bardy-da:
— Eý patyşahym! Hyzmaty bitirdim. Gülnahaly pylan ýere getirdim — diýdi.
Patyşa özüniň bir näçe ýakyn adamlaryny atlandyryp iberdi. Olar naýzalaryny ýatyryp, Ezber
hojanyň üstüne at saldylar.
Ezber hoja bulary görüp gorkdy. Akjany taşlap, özi bir ýel maýa münüp gaçdy.
Bular hem Akjany alyp, Şah Apbasyň ýnyna getirdiler.
Akja Şah Apbasy göreninden:
Eý patyşahym, kyýamatlyk agam bolgul! — diýip aglady. Patyşa başyny aşak salyp, bir az wagt
oturdy.
Hudaý köňlüne rehim saldy. Akjanyň sözüný kabul edip:
— Owal gyzym birdi, indi iki boldy. Baryň, muny Şasenemiň ýanyna eltip goýuň — diýdi.
Akjany Şasenemiň ýanyna eltip goýdular.
Indi sözi Garypdan eşideliň.
Garyp sähra tarap ýüzlenip gidipdi. Bir näçe menzil ýol ýöräp, Şasenemiň çarbagyna ýetişdi.
Görse, uly çarbag. Garyp çarbagyň derwezesine arkasyny berip oturdy. Emma Şasenemiň
habaryny ala bilmedi. «Men nähili ýol bilen Şasenem jana arzy-halymy aýdaýyn? Men bir gülgün ýaglyk bolsamdym, Şasenem eline alardy. Ýa bir Kirmany şal bolsamdym, Şasenem başyna
28
orardy» diýip, Garyp bir gazal aýtdy:
Türkmeni Öwreniş Merkez
Şasenem-Garyp
Ala gözli Şasenemiň
Garyp düşdi illerine,
Biz misgini aldamyşlar,
Ýanyp-bişdik a:llaryna.
Men bir sonaly köl bolsam,
Ýa bir jerenli çöl bolsam,
Ýa bir şeýda bilbil bolsam,
Gonsam ýaryň güllerine.
Allahymdan saglyk alsam,
Gözel şadan beglik alsam,
Men bir gülgün ýaglyk bolsam,
Senem alsa ellerine.
Ýaryň katdyna dal26 bolsam,
Ýüzüne goşa hal bolsam,
Ýa bir Kirmany şal bolsam,
Senem çalsa billerine.
Aşyk Garyp mesgen eýlär,
Gözde ýaşyn tesgin eýlär,
Bizi munda misgin eýlär,
Senem gitse illerine.
Garyp bu sözi aýdyp, derwezäniň agzynda oturdy. Bagban çyksa, bir hossarsyz ýigidiň gaýgyly
oturanyny gördi. Ol Garybyň ýanyna gelip:
— Eý ýigit, haýsy bagyň güli sen, haýsy çemeniň bilbili sen, haýsy aşýandan perwaz eýläpl, bu
ýerlere gelip sen? Haýsy ýana baryr sen? —diýip sorady. Garyp:
— Men şeýleden gelýärin... Bu ýerlerde ogullyk saklajak adam ýokmuka? Men ogulsyza ogul
boljak— diýdi, Onda bagban:
— Eý oglum, beýle bolsa, sen maňa ogul bolaý —diýdi.
Bular ata-ogul boldular. Bagban Garyby öz öýüne alyp geldi.
Garyp, bagbana ogullyk bolup, obanyň sygyrlaryny bakardy.
Günlerde bir gün Garyp öýe geldi. Şol gün bagban öýde ýokdy. Garyp enesine garap:
— Eý ene, atam niräk gitdi?—diýip sorady. Enesi:
Dal= dalda, hemýat beriji, kuwat
29
26
Türkmeni Öwreniş Merkez
Şasenem-Garyp
— Oglum, indi bahar boldy, nowruz gülleri açylypdyr. Ataň, Şaseneme çemen baglap eltýär —
diýdi. Garyp:
— Atamyň ýanyna men-de barsam, maňa hem gül berse- di — diýdi. Onda eneligi:
— Oglum, ataň saňa-da gül berer — diýip, Garyby bagbanyň, ýanyna alyp bardy-da: «Garyba-da
gül beriň» diýdi. Bagban mamanyň sözüni kabul edip, Garyba hem gül berdi.
Ertir ir bilen Garyp ýene çarbaga bardy. Güller açylypdyr. Bir bölek gülüň arasynda oturyp,
güllerden alyp, bir çemeni zynat bilen/bezäp baglady. Ony şol ýerde goýup, özi bagdan çykkp
gaýtdy. Şol wagtda bagban gelip:
— Bu gün gaflat basyp, giç galdym — diýip, alňa- saklyk bilen çemen baglamaga meşgul boldy. Ol
Garybyň çemen baglan ýerine bardy. Bir wagt bagbanyň gözi Garybyň baglan çemenine düşdi.
Görse, özüniň baglan çemenlerinden hem owadan, oňat bir çemen eken. Bagban alňa-saklyk
bilen çemenlerini ýygnap ýörşüne, olaryň, arasy bilen Garybyň baglan çemenini hem goýup,
Şasenemiň huzuryna alyp bardy.
Şasenem bagbanyň elten çemenlerini bir-bir gözden geçirdi. Görse, bir sany çemen ören oňat
edilip baglanypdyr.
Şasenem:
— Eý bagban, dogryňy aýt, bu çemeni kim baglady? — diýip, Garybyň baglan çemenini eline
alyp, bagbana ýakynlaşyp, mylaýymlyk bilen sorady. Bagban:
— Eý jahan soltany, eşider bolsaň, men bir ýetim oglan saklap ýörün, ol çemen şonuň baglan
çemenidir — diýdi.
«Bagbanyň bir ýetim oglan saklap ýörün» diýen sözi Şaseneme ýarady. Ol bagbana has ýakynrak
süýşüp:
— Hemişe şunuň ýaly çemen baglagyl! — diýip, hoşamatly sözler bilen bagbanyň ýüzüne gülüp
bakdy.
Bagban özüne edilen hoşamada-ýalňyş düşünip: «Şasenem maňa aşyk bolan eken» diýen pikiri
köňlüne getirdi. Ol şeýle umyt bilen Şaseneme garap, bir gazal aýtdy:
Men söýmüşem ziba Senem adyňy,
Söýsem, öldürerler, söýmesem, ölem.
Ile meşhur bolan asyl zatyňy
Diýsem, öldürerler, diýmesem, ölem.
Gurban olam ýaryň kaddy-boýuna,
Hoşwagt olam onuň eýlän toýuna,
Her dem hylwat eýläp, barsam öýüne,
Barsam, öldürerler, barmasam, ölem.
30
Näzu-gamzaň ýanar humar gözüňden,
Türkmeni Öwreniş Merkez
Şasenem-Garyp
Gurban olam şähti-şeker sözüňden,
Gähi ýaňagyňdan, gähi ýüzüňden
Öpsem, ölürerler, öpmesem, ölem.
Men seni söwmüşem jan bilen dilden,
Sen meni söýmäge gorkar sen ilden,
Hytaýy barmakdan, hynaly goldan
Tutsam, öldürerler, tutmasam, ölem.
Bir hylwatda tutsam ýaryň goluny,
Gujaklasam anyň inçe bilini,
Agzyma salyban şirin dilini,
Sorsam, öldürerler, sormasam, ölem.
Men togap eder men aýak tozlaryň,
Tarypyn edermen şeýda gyzlaryň,
Gaýmak dodaklaryň, bal agyzlaryň
Emsem, öldürerler, emmesem, ölem.
Geliň, gulak salyň ýaryň oýnuna,
Tylla heýkel dakynypdyr boýnuna,
Goja bagban Şasenemiň goýnuna
Girsem, öldürerler, girmesem, öelem.
Şasenem bagbanyň bu sözleri eşidensoň gaharlanyp:
— Eý bagban, agzyňy ýygna, her kim öz hetdini bilse ýagşy!—diýip, gazap bilen garady. Bagban
turup öte gitdi. Gelip Garyba:
— Şasenem seniň, baglan çemeniňi gowy gördi. Eý Garyp, ýene çemen baglagyl!—diýdi.
Garyp bagban bilen ýene baga baryp, çemen baglap, onuň içine bir gazalny pinhan kylyp goýdy.
Bagban ony eltip, Şaseneme berdi. Şasenem gülnüň arasynda bir hat gördi, ol Garybyň düzen
gazalydy, ony alyp okady. Onda şeýle ýazylypdyr:
Gulak salyp, eşit meniň arzymny,
Günbe-günden beter boldum derdiňden,
Näler çekdim fyrakyňda hijriňni,
Ganlar ýyglap, öter boldum derdiňden.
Mähnetli bagbana hyzmat eder men,
Bilmen, maksadyma haçan ýeter men,
31
Bu dert ile başym alyp gider men,
Türkmeni Öwreniş Merkez
Şasenem-Garyp
Özge watan tutar boldum derdiňden.
Garyplykda sen gelmediň gaşyma,
Rehm etmediň gözden akan ýaşyma,
Ajal ýassygyny goýup başyma,
Ýar-ýar diýip, öter boldum derdiňden.
Çemen baglap, nama ýazyp gönderdim,
Sen diýip, özgeden ýüzüm dönderdim,
Döwlet çyragyny aglap söndürdim,
Bigänelik eder boldum derdiňden.
Garyp aýdar, «kel» goýup men adymy,
Bu watanda kişi bilmez zadymy,
Senden özge kime aýtaý dadymy,
Saňa dadym aýtar boldum derdiňden.
Bu sözden soň Şasenem bi-takat bolup, synasynyň bentlerini açyp, öz halyna ah çekip, gözünde
ýaş, köňlünde ýar dagy, golunda desmaly, göz ýaşyny süpürip, ýüregini para-para kylyp, ah urup,
zar-zar aglap, bir gazal aýtdy:
Bahar boldy, gül açyldy,
Meniň gülüm açylmazmy?
Bilbiliň gany saçyldy,
Meniň ganym saçylmazmy?
Habarym ýok, bahar oldy,
Çemenler lälezar oldy,
Garybymdan habar geldi,
Kerem ýollar açylmazmy?
Döwletliden döwlet gitdi,
Nobat rakyplara ýetdi,
Sa:ky ajal meýin tutdy,
Kepen donum biçilmezmi?
Şat ýörügen ýollar galdy,
Gül degresin zaglar aldy,
Aşyk ýarym gaýry boldy,
32
Ýene şerap içilmezmi?
Türkmeni Öwreniş Merkez
Şasenem-Garyp
Şasenem diýr, ömrüm güli,
Kesildi muhupbet ýoly,
Açyldy baglaryň güli,
Meniň gülüm açylmazmy?
Bu sözden soň Akja geldi. Görse, Şasenemiň gözünde ýaş, bagrynda baş, dat edip otyr. Akja:
— Eý Şasenem, saňa näme boldy, halyň niçik? — diýdi. Oňda Şasenem bi-karar bolup, ýene bir
gazal aýtdy:
Akja, saňa syrry-halym diýeýin,
Ýaryň güli geldi, özi gelmedi.
Başymdan geçenin beýan eýläýin,
Ýaryň güli geldi, özi gelmedi.
Şum rakyplar bizi ýardan aýyrmyş,
Pelek eşretimniň nahalyn gyrmyş,
Meniň ýarym, taňry kimge buýurmyş?
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 3
  • Parts
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 1
    Total number of words is 3738
    Total number of unique words is 1949
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 2
    Total number of words is 3949
    Total number of unique words is 1733
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 3
    Total number of words is 3808
    Total number of unique words is 1777
    26.2 of words are in the 2000 most common words
    39.8 of words are in the 5000 most common words
    45.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 4
    Total number of words is 3840
    Total number of unique words is 1702
    27.3 of words are in the 2000 most common words
    40.1 of words are in the 5000 most common words
    47.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 5
    Total number of words is 3813
    Total number of unique words is 1685
    27.9 of words are in the 2000 most common words
    41.1 of words are in the 5000 most common words
    47.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 6
    Total number of words is 3809
    Total number of unique words is 1853
    25.6 of words are in the 2000 most common words
    38.5 of words are in the 5000 most common words
    44.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 7
    Total number of words is 3826
    Total number of unique words is 1710
    28.5 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    47.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 8
    Total number of words is 3872
    Total number of unique words is 1706
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    42.5 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 9
    Total number of words is 1221
    Total number of unique words is 721
    33.7 of words are in the 2000 most common words
    48.8 of words are in the 5000 most common words
    55.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.