Latin

Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 7

Total number of words is 3826
Total number of unique words is 1710
28.5 of words are in the 2000 most common words
41.0 of words are in the 5000 most common words
47.8 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Aşyk işi magşuk bilen ýaraşar,
Aýra düşen bir-birine gowuşar,
Neçin boýnuň burup, melul olur sen?
Maňa Akja diýrler, adym Gülnahal,
Pany dünýä paýany ýok, bikemal,
Oýnap-gülüp, sen Garybyň köňlün al,
Neçin boýnuň burup, melul olur sen?
Ondan soň Şasenem bilen Akja keňizleriň ýanyna gaýdyp geldiler. Şasenem gaýgylydy, hiç
sözlemezdi, Gyzlardan biri:
— Geliň, biz hem aşyklykdan sözleşeliň, belki, Şasenem hem biziň gürrüňnmize goşular!— diýdi.
Olaryň arasynda Aýjemal atly bir gyz bardy. Ol Alybeg atly bir ýigide aşyk bolup gezerdi. Ol
Şaseneme garap:
116
— Eý Senem, aşyklyk hakynda bizden hem bir söz eşit! — diýip, bir gazal aýtdy.
Türkmeni Öwreniş Merkez
Şasenem-Garyp
Eý Senem, mejruh olup, men ýardan aýrylgaly,
Bilbili-şuride83 men, gülzardan aýrylgaly,
Bir letafet gülben-e biçäreden aýrylgaly,
Agzy piste, lafzi hoş reftardan aýrylgaly,
Toti-ýe şirin suhan güftardan aýrylgaly.
Bolmagaý hiç iş hudadan bi-sebäp, eý dostlar,
Taňry kylmyş ruzygärige sebäp, eý dostlar,
Dynmanýyn gan ýyglasam, diýmäň aýyp, eý dostlar,
Hijir deştinde galyp men teşne leb, eý dostlar,
Howzy-köwser hem ýene saky-humardan aýrylgaly.
Mähnet eýýamynda dynmaý akadyr gözde ýaşym,
Duşmana kär eýlemez her günde kylgan gargyşym,
Titreder arzu-semany84 derdi-gamdan nalyşym,
Halymy şerh etmege ýokdur ýanymda bir kişim,
Ýene men bir wakypy-esrardan85 aýrylgaly.
Dynmaýyn gan aglaram, her ýan ýörüp, ýolga bakyp,
Aglaram her gijeler, bagrym erip, suw dek akyp,
Ol nigäriň hasratynda olmüşem, janym ýakyp,
Eý musulmanlar, meni ýardan aýyrdy şum rakyp,
Galmady takat maňa, dildardan aýrylgaly.
Bagtymy gördüm gara, her ýerde açdym hasby-hal,
Nowşiküfte güllerim urdy hazan, etmeý kemal,
Ýetmedi maksadyna, taňry oňa berdi zowal.
Neýlesin, öz halyna aldynda ýyglar Aýjemal,
Alybeg atly hoş suhan-güftardan aýrylgaly.
Ondan soň Şasenem bu kenizler bilen sözleşip, bir az açylyşandan soň, köşge gaýtdy.
Aradan bir näçe gün geçdi. Günlerde bir gün erti baýram güni diýlen gije Şasenem düýşünde
Garyby gördi.
Şasenem Akja:
— Eý Gülnahal, halkyň arasynda «Garyp ölüpdir» diýen bir gürrüň bar. Emma Garyby men
düýşümde gördüm. Eger ölen bolsa, onuň ýaly bolup, düýşüme girmezdi. Sen bir ýoluň ugruna
‫شوریده= سایرایان‬
‫ارض و سماء= یر و آسمان‬
85
‫واقف اسرار= حدای‬
84
117
83
Türkmeni Öwreniş Merkez
Şasenem-Garyp
çyk. Belki-de, Garypdan bir ýagşy habar bilersiň — diýip, Akjany ýol ugruna iberdi. Akja ýola
çykyp, o ýana-bu ýana garady. Görse, bir bölek kerwen gelip, ýoluň gyrasynda düşläpdir. Akja
gelip, Şaseneme habar berdi. Şasenem kerweniň ýanyna baryp, söwdagärlere ýüzlenip,
Garypdan habar sorap, bir gazal aktdy:
Ýedi ýyldyr, şunkar guşum uçurdym,
Gören barmy, bilen barmy, ýaranlar?
Gaýgy -hasrat bilen ömrüm geçirdim,
Gören barmy, bilen barmy, ýaranlar?
Kişiniň söwdügi beýle bolarmy?
Owal söýüp, soňra gözden salarmy?
Ýaryn şeýle agladyban galarmy?
Beýle jepa kylan barmy, ýaranlar?
Ýarymyň söwdasy düşdi başyma,
Bir syrdaş tapmadym gelse gaşyma,
Ezel günde ýazylypdyr başyma,
Aglamaýyn, gülen barmy, ýaranlar?
Gören, bilen deň-duşuny ýat eder,
Doga bilen erwahyny86 şat eder,
Gahba pelek adam oglun mat eder,
Gamgyn köňlüm alan barmy, ýaranlar?
Her bir aşyk beýan eder görenin,
Kim biler nalyşyn, söhbet guranyn,
Pirler wada edip, düýşde görenin
Özge kişi alan barmy, ýaranlar?
Bir mert bilen başyn goşup dünýäde,
Yşk oduna köýüp, bişip dünýäde,
Söwdügýnden aýra düşüp dünýäde,
Aglamaýyn, gülen barmy, ýaranlar?
Pelek bu gün meni talaň etmişdir,
Gaýgy, hijran dowzahyna tutmuşdyr,
Göz öňünden ýarym diri gitmişdir,
86
‫ارواح‬
118
Diri gidip, ölen barmy, ýaranlar?
Türkmeni Öwreniş Merkez
Şasenem-Garyp
Eýesiz galypdyr altyn, kümüşler,
Berbada düşendir dürli iýmişler,
Seniň ýaryň anda öldi diýmişler,
Ölenini gören barmy, ýaranlar?
Bir kişi sözlemez köňül hoşuma,
Gaýgy-mähnet düşdi meniň başyma,
Her gijeler ýarym girer düýşüme?
Ölenlerden gelen barmy, ýaranlar?
Bizi görüp, görmezlige salypdyr,
Eý ýaranlar, ajal nesip gaýypdyr,
Şasenem sewdügi aşyk Garypdyr,
Gören barmy, bilen barmy, ýaranlar?
Ýedi ýyldyr pelek jepa öwrülip,
Hijr oduna köýdüm, ýanyp sowrulyp,
Şasenem diýr, söwer ýardan aýrylyp,
Ýola bakyp galan barmy, ýaranlar?
Şasenem heniz sözüni gutaryp-gutarmanka, Tansuk atly bir keniz Şasenemin, ýanyna gelip:
— Garybyň ölenini meniň agam görüp geldi — diýip, habar berdi. Bu habary eşidensoň, Senemiň
janyna ot düşüp, Akja bilen bile Garybyň enesi Abadanyň ýanyna bardy.
Şasenem Garyp hakynda eşiden sözüni Abadana habar berip, bir gazal aýtdy:
Bady-hazan urup, gülleriň soldy,
Ter açylgan gülzaryňdan aýrşldyň.
Garybyň öleni tagaýýyn oldy,
Söwdügiňden, mydaryňdan aýryldyň.
Äşkäre bolupdyr dosta-duşmana,
Gulak sal sözlegen syrry-pinhana,
Ýagşylyk günlerim döndi ýamana
Hem gyzykly bazaryňdan aýryldyň.
Ýedi ýyl ol gezdi Halap-Şirwanda,
Meni goýdy gaýgy bilen hijranda,
Ýusup Kengan deýin olan zyndanda,
119
Müsür ilinde şuňkaryňdan aýryldyň.
Türkmeni Öwreniş Merkez
Şasenem-Garyp
Şasenem diýr, mende köp galdy arman,
Aýtsam, eda bolmaz bu dagy-hijran,
Ölenini beýan etdi bir kerwen,
Men ýarymdan, sen ogluňdan aýryldyň.
Ondan soň Garybyň enesi bularyň ahy-zaryna goşulyp, bir gazal aýtdy:
Mähnet eýýamyndan, pelek jebrinden,
Gara bagrym gana döndi, neýläýin?
Ykrary ýok Şah Apbasyň zulmundan,
Gülşenim hazana döndi, neýläýin?
Ömrüm wysalyndan umyt ederdim,
Hijran wysalyndan gaýga giderdim,
Ölmesin diýp, golum bilen gönderdim,
Sud işim zyýana döndi, neýleýin?
Hiç agyrym ýokdur, Şasenem, senden,
Çykar boldy şirin janym bu tenden,
Ýary-dostum ýüzün öwürdi menden,
Ýagşy gün ýamana döndi, neýläýin?
Owalda Şah Apbas wadalar etdi,
Wada eden weziri dünýäden ötdi,
Bu sözler oglumyň başyna ýetdi,
Mazary Şirwanda galdy, neýläýin?
Abadan diýr, aýtsam, tükenmez dagym,
Oglum ölen bolsa, söndi çyratym,
Gam ýeli guratdy salan çarbagym,
Ömrümiň çyrasy söndi, neýläýin?
«Garyp Şirwanda ölüpdir» diýen habar hemme ýere ýaýrady. Garybyň kowum-garyndaşlarynyň
hemmesi bir ýere ýygnanyp, ýas tutup, köp nala etdiler. Agladylar, eňredile. Şol wagtda Garybyň
Güljemal atly uýasy gelip, saçyn ýaýyp, ýüzüi ýyrtyp, zar-zar aglap, bir gazal aýtdy:
Ýedi ýyldyr şunkar guşum uçurdum,
Baryp düşmüş Halap-Şirwan iline.
Günde ýüz aglaýyp, ömrüm geçirdim,
120
Göz ýaşym goşuldy derýa siline.
Türkmeni Öwreniş Merkez
Şasenem-Garyp
Agam diýip, çar tarapa bakmadym,
Jygalar sanjyban, heýkel dakmadym,
Mejňun kibi başym alyp çykmadym,
Leýli soragyna, hijran çölüne.
Dost-duşmdn ýanynda meniň ýüzüm ýok,
Agam ýok, inim ýok, ötgür sözüm ýok,
Hijr odundan aglamakdan gözüm ýok,
Istäp çyksam Halap-Şirwan ýoluna.
Asly Bagdat imiş mesgenim-jaýym,
Mysapyr ýurtlara saldy hudaýym,
Şu gün janym çyksa, galar armanym,
Talaňlar düşüpdir ömrüm gülüne.
Göz-guwanjym gitdi, bagtym garadyr,
Synam üsti çapraz-çapraz ýaradyr,
Ah çekmekden gyzyl meňzim soladyr,
Indi düşdüm rakyplaryň tiline.
Gardaşym diýmişdim, Şasenem, seni,
Ýatdan ýakyn bolan ol Garyp kany?
Güljemal diýr, indi goýmasyn meni,
Şu gün nobat ýetse ajal goluia.
Şondan soň Akja bulara göwünlik berip, bir gazal aýtdy:
Ýalançy pany dünýäde
Hiç kişi aman galmady,
Ýagşy gezip nobatynda,
Ölmeýin, ýaman galmady.
Ölüm üçin iýmegil gam,
Ölmeýen galmaz hiç adam.
Şükürin bil, öter bu dem,
Sud ile zyýan galmady.
Özüni bazara salan,
Bir gyz gelip satyn alan,
121
Müsür ilinde patşa bolan
Türkmeni Öwreniş Merkez
Şasenem-Garyp
Ýusubi-Kengan galmady.
Dünýäni bir gözde gören
Adyl bolup, ýurt soran,
Döw-perige patyşa bolan
Şahy-Süleýman galmady.
Jemşit ajal meýin içdi,
Isgender dünýäden geçdi,
Ne şahbazlar mundan göçdi,
Rustem dessan galmady.
Niçe-niçe hikmet kylan,
Giýahlaryň dilini bilen,
Bu ölümge hile salan,
Hezreti Lukman galmady.
Gülnahal diýr, ýandy ýürek,
Ölmezlige barmy derek?
Barça adam ölse gerek,
Munda gelen jan galmady.
Ondan soň Şasenem:
— Garybyň ölenini öz gözüm bilei görüp, onuň gabrynyň başynda bir näçe gün galmasam
bolmaz—diýip, bir gazal aýtdy:
Indi men gider men Halap-Şirwana,
Ansyz bu ülkede karar etmenem.
Zerre gaýgyrmanam indi bu jana,
Ýarsyz bu ýerlerde mydar etmenem.
Baryp ýassanaýyn ýaryň mazaryn,
Doldurdy bazara yşkyň azaryn,
Taňry ýaksyn oda, Bekir diýaryn,
Bu ýerlere gaýdyp güzer etmenem.
Ýarym tutdy Halap-Şirwanda watan,
Dünýäde barmykan bizler dek öten?
Janym çykyp, toprak bolynça bu ten,
122
Özge bilen söhbet berar etmenem.
Türkmeni Öwreniş Merkez
Şasenem-Garyp
Zamana bolupdyr gün-günden beter,
Günde ýüz hyýallar başymdan öter,
Pyrakyň oduna ýangynym ýeter,
Indi zäher içsem, humar etmenem.
Senem aýdar, oda ýandym jahanda,
Zerre ygtymadym87 galmady janda
Ýarym ölen bolsa Halap-Şirwaida,
Men hem bu ýerlerde karar etmenem.
Şol Babahan şatyr atly söwdageri Şasenem özüniň ýakyn adamlaryndan hasaplaýardy. Şasenem
onuň ýanyna baryp:
— Eý Babahan, meni Halap-Şirwana alyp git — diýa ýip, bir gazal aýtdy:
Bir garyş oglandym bakdyň, bejerdiň,
Senden özge howandarym ýok meniň.
Enemiň ornunda gol süýdün berdiň,
Senden özge gamgusarym ýok meniň.
Munda dursam, zerre köňül hoşum ýok,
Munda golum tutar deňim-duşum ýok,
Senden özge syrym aýdar kişim ýok,
Aglamakdan özge kärim ýok meniň.
Gel, meni sen ýetir Halap-Şirwana,
Munda gözüm düşer ýagşy-ýamana,
Ömrüm gülün berdim bady-hazana,
Köňlüm istär dosty-ýarym ýok meniň.
Ýarymyň mazarna uçup ýeteýin,
Ýar-ýar diýip, bu dünpäden öteýin,
Ömri zaýa ýyldyz kimin bataýyn,
Bu ýerlerde hiç durarym ýok meniň.
Senem aýdar, Garyp saldy hijrana,
Indi ýol başlagyl Halap-Şirwapa.
Şu gün ölsem, rehmim gelmez bu jana,
Tirikligne ygtybarym ýok meniň.
‫اعتماد‬
123
87
Türkmeni Öwreniş Merkez
Şasenem-Garyp
Ondan soň Şasenem, Babahan şatyr bilen kyrk gün möhletli şikara çykmaga atasyndan rugsat
diläp, Akjany atasynyň ýanyna iberdi. Akja Şah Apbasyň ýanyna baryp, onuň Seneme kyrk gün
möhleti bilen şikara çykmagýa rugsat bermegini arz etdi.
Şah Apbas Senemiň, Babahan şatyr bilen gitmegine rugsat berdi. Akja öwrülip, Senemiň ýanyna
gelip: «Halap-Şirwana barsaň, meniň hal-ýagdaýymy Ezber hoja beýan et» diýip, Seneme garap,
bir gazal aýtdy:
Mundan barsaň, diýgil sözi ýalana,
Wadalar uzaga düşdi diýgeý sen.
Ygtykadym ýokdur pany jahana,
Aradan muhupbet geçdi diýgeý sen.
Mundan gidip, Halap-Şirwan barsaňyz,
Ezber hoja diýen ýary görseňiz,
Meniň arzy halym habar berseňiz,
Gaýgy-gussa başdan aşdy diýgeý sen.
Ygtykat galmady ýat ilde ýarda,
Meni munda goýdy gamda-azarda,
Özi anda gezer güli-gülzarda,
Kimler bilen başyn goşdy diýgeý sen.
Hoja diýp, baş goýdum başda gerdine,
Şah Apbasny diýdim atam ýerine,
Dokuz ýylyr, bu naçaryň serine
Şitdetli söwdalar düşdi diýgeý sen.
Her güküm ýetedir beterden-beter,
Çeken ahym haçan şol ýara ýeter,
Hemişe gan aglap owkadym öter,
Gözünden ukusy uçdy diýgeý seň.
Gülnahal diýr, pelek bize kast eder,
Bu aýralyk barça gulny sust88 eder,
Pyrakyň şerbeti meni mest eder,
Bal ornuga awy içdi diýgeý sen.
Bu sözden soň Şasenem ýol şaýyny tutdy. Ol Babahan şatyr bilen Halap-Şirwana ugramakçy
88
‫سست‬
124
bolan wagty, deň-duşlary hem kenizleri bilen hoşlaşyp, bir gazal aýtdy:
Türkmeni Öwreniş Merkez
Şasenem-Garyp
Gider men Halap-Şirwaka,
Deň-duşlarym, hoş gal indi!
Geler-gelmezim gümana,
Syrdaşlarym, hoş gal indi!
Biziň bilen hylwat tutan,
Awy, baly bile ýutan,
Akja diýip at göteren,
Gülnahalym, hoş gal indi!
Barçany bir gözde gören,
Il-halkynyň dadyn beren,
Müňkür-Nekir donun geýen,
Zalym atam, hoş gal indi!
Dokuz aý on gün göteren,
Bakyp, kemala ýetiren,
Külli mähnetden ötüren,
Janym enem, hoş gal indi!
Bu gün guraýyn magşary,
Ýarym giden günden bäri,
Kyrk kenizleriň serdary,
Legzan gülüm, hoş gal indi!
Indi ýara gider çagym,
Gozgalyp ataşym, dagym,
Mähnetli salan çarbagym,
Ymaratlar, hoş gal indi!
Bizi taňry beýle etdi,
Ýar öldi diýp, habar ýetdi,
Şasenem Şirwana gitdi,
Diýarbekir, hoş gal indi!
Ondan soň Şasenem Babahan şatyr bilen ýola ugrady. Bir niçe gün ýol ýöränlerinden soň,
Babahan şatyryň pikiri üýtgäp: «Men Şasenemi Şirwana alyp barman, başga bir ýurda alyp
baryp, muny özüm alaýyn» diýip oýlandy. Şu pikir bilen ol Şasenemi Gazak iline alyp gitdi.
125
Bir näçe gün ýol ýörenlerinden soň, uzakdan bir minara göründi. Şasenem:
Türkmeni Öwreniş Merkez
Şasenem-Garyp
— Ol görünýän minara niräniň minarasy?—diýip sorady.
Onda Babahan şatyr:
— Ol görünýän Şirwan welaýatydyr—diýdn. Onda Şasenem: «Garybyň bolýan mekanyna
geldim» diýip, bir gazal aýtdy:
Şükür indi, geldim Halap-Şirwana,
Ýarym mazar bolan ýere ýetişdim.
Diýaryň şährinde wada edişip,
Garyp dostum ölen ýere ýetişdim.
Ýedi ýyldyr, ýarym munda bolupdyr,
Meniň üçin arman bilen ölüpdir,
Özün yşkyň bazaryna salypdyr,
Ýarym toprak bolan ýere ýetişdim.
Ýedi ýyl goşuldym natywan bilen,
Görüşe bilmedim Garyp jan bilen,
Ýarym ülpet bolup harazban bilen,
Mysapyrlyk çeken ýere ýetişdim.
Meniň üçin özün saldy hijrana,
Mysapyrlar bilen bolup hemhana,
Näzli ýarym görsem diýip gaýbana,
Arman bilen ölen ýere ýetişdim.
Şasenem diýr, ýandym hijran otuna,
Kaýyl men Garybyň ygtykatyna,
«Ýar-ýar» diýip, münüp ajal atyna,
Jynazasyn okan ýere ýetişdim.
Ondan son, Babahan öz pikirini Şaseneme mälim edip — Eý Şasenem jan! «Öli arslandan diri
syçan ýagşy» diýýpdirler. Men seni Gazak iline alyp geldim. Sen meni kabul etseň — diýdi.
Bu sözden soň Şasenem öz-özüne bu gazaly aýtdy:
Köňlüm, indi geçgil pany dünýäden,
Bir mürşit goluny tutmasam bolmaz!
Indi el göterip howa-höwesden,
126
Baş alyp, bir ýana gitmesem bolmaz!
Türkmeni Öwreniş Merkez
Şasenem-Garyp
Ýarym görmek taňry takdyr etmese,
Jan barynda jeset ýara ýetmese,
Babahan şatyr hem sözüm tutmasa,
Göz ýumup, dünýäden ötmesem bolmaz!
Pelek goýmaz baryp, bile bolmaga,
Ýar ýanynda öz gabrymy salmaga,
Bu ýere getirmiş, meni almaga,
Men onuň başyna ýetmesem bolmaz!
Halap diýp, getirdi Gazak duşuna,
Meni almak üçin köňül hoşuna,
Men munuň ömrüniň uçar guşuna
Tor guruban, ony tutmasam bolmaz!
Şasenem diýr, şükür eýle bu deme,
Bu ýere geldim diýp, zerre gam iýme,
Indi maňa görmek ýokdur hiç diýme,
Bir ýat ülkelere gitmesem bolmaz!
Bu sözden soň, şähere ýetmän, bir howzuň başynda düşdüler. Şasenem Babahan şatyryň eline
kyrk teňňe berip:
— Eý Babahan, eger menn almakçy bolsaň, şähere kyrk ýola baryp gel. Her bir baranyňda, bir
hili tagam al. Ondan soň men saňa barmaga razy bolaýyn — diýdi.
Babahan şatyr kyrk ýola şähere baryp geldi, her sapar geleninde, bir hili nahar alyp geldi.
Mundan soň Şasenem Babahanyň köňlüni almak üçin, bir gazal aýtdy:
Gel indi, Babahan şatyr,
Bir, özge eýýama ýüzlen,
Muhupbet meýini getir,
Bu gün aýşy-käne ýüzlen.
Aşyk Perhat dek gozgalyp,
Gözel Şirine göz salyp,
Dolup-daşyp, Jeýhun bolup,
Bu gün elip-lama ýüzlen.
Pelek menden jepa alyp,
Gyzyl geýip, gülgün bolup,
Leýli diýp, kelama ýüzlen.
127
Bu gün aşyk Mejnun bolup,
Türkmeni Öwreniş Merkez
Şasenem-Garyp
Gutuldyk Diýardan gaçyp,
Ýyldyz kibi ýanyp-öçüp,
Muhupbet meýinden içip,
Gol, tutup, salama ýüzlen.
Şasenem diýr, gaýnap-joşup,
Muhupbeti bile goşup,
Iki nahal dek çyrmaşyp,
Bir özge heňňama ýüzlen.
Elkyssa, ondan soň Babahan Şaseneme meýil edip başlady. Şasenem:
Eý Babahan, indi bolmady. Sen bu howuzda bir ýuwnup çyk — diýdi. Babahan özüni
arassalamak üçin, howza girdi.
Şasenem gaýdanda, ähtiýäç üçin, öz ýany bilen zäher göteripdi. Babahan howza giren wagty,
Şasenem howza zäher dökdi. Babahan şatyryň şol bada bedeni gatap, jany çykdy.
Ondan soň Şasenem dünýäden şikaýat edip, bir gazal aýtdy:
Arz edeýin bu gün seniň eliňden,
Günde ýüz gowgaly pany dünýä sen.
Ne begler, ne hanlar geçdi eliňden,
Munda bir mysaly pany dünýä sen.
Her gün ençelere gözüň diker sen,
Degeniň hem ahyr öýün ýykar sen,
Jan tapan adamyň ganyn döker sen,
Sudy ýok, zyýanly pany dünýä sen.
Kimseler dünýäde köp mähnet iýer,
Kimseler murassag89 täjini geýer,
Ahyr öter, gözi toprakdan doýar,
Çyn sözsüz, ýalançy pany dünýä sen.
Seniň heý bir sözüň rasty bolarmy?
Ýykylan galarmy, aglan gülermi?
Saňa gelen adam ölmeý galarmy?
Kimlere wepaly pany dünýä sen?
Hiç kim bu zulmuňa takat etmedi,
‫مرضع= زرلی‬
128
89
Türkmeni Öwreniş Merkez
Şasenem-Garyp
Şasenemiň işi senden bitmedi,
Şatyr öldi, myradyna ýetmedi,
Biwepa, ýalançy, pany dünýä sen.
Ondan soň Şasenem erkek lybasyna girip, şol ýerden ugramakçy bolup, bir gazal aýtdy.
Gamy-dagym aýda geldim bu jaýa,
Indi bu jahanda bir gam yzlaýyn.
Mysapyr ýurtlara — düşdüm bu jaýa,
Özüme bir hemdem-ülpet yzlaýyn.
Garyp üçin gelip düşdüm bu ýurda,
Hemra boldum Babahan dek namarda,
Indi, köňlüm, bu külpete, bu derde
Bir geňeş berijn adam yzlaýyn.
Garyp üçin munda boldum zyndanda,
Pelek awy gatdy şekere-ganda,
Owkada şükür edip, bolaý hursanda90,
Mundan gaça-gaça, matam yzlaýyn.
Senem diýer, ýarsyz ne günüm geçer,
Gahba pelek günde ýüz donum biçer,
Birew tapyp, dosty-duşman söz açar,
Kişi görmez ýerde matam yzlaýyn.
Ondan soň Şasenem ol ýerden ugrady. Ol Garyby yzlap, gije-gündiz diýmän, şäherme-şäher
gezýärdi. Bir gün gijäyiň ýarlarynda bir şähere ýetişdi. Ol bir köçeden barýarka, şäher
sakçylaryna duş geldi. Şasenem olardan gorkup gaçdy-da, bir tamyň üstüne çykdy. Sakçylar ony
tutup, zyndana taşladylar. Şasenem zyndanda oturan ýerinden bir gazal aýtdy:
Garyp, dostum, seniň üçin,
Ýagşy günüm ýaman oldy,
Züleýha diýp Ýusup kimin,
Menzilgähim zyndan oldy.
Mysapyrlyk düşdi başa,
Zar oldum kowmy-gardaşa,
Duşmadym ýakyn syrdaşa,
‫خرسند‬
129
90
Türkmeni Öwreniş Merkez
Şasenem-Garyp
Bu zaman ne zaman oldy?
Gam pyrakynda galyp men,
Sargaryp, gül dek solup men,
Ýüz müň töhmete galyp men,
Sud işlerim zyýan oldy.
Pelek saldy ýüz müň derde,
Zar oldum her bir namarda,
Ýar istäp, düşdüm bu ýurda,
Gutulmagym güman oldy.
Senem aýdar, misgin başym,
Dynmaý akar gözde ýaşym,
Bu çah içinde ýoldaşym
Ýylan bilen yçýan oldy.
Zyndan sakçysy Şasenemiň zaryny eşidip, patyşaga baryp:
— Eý keremli patyşahym! Ýakyn günlerde bir adam zyndana düşüpdir. Onuň nalasyndan hiç kim
durup bilmeýär — diýdi. Onda patyşa:
— Şol aýdýan adamyňy zyndandan çykaryp, meniň ýanyma alyp gel— diýip, buýruk berdi.
Zyndan sakçylaryndan biri Şasenemi derrew patyşanyň ýanyna alyp geldi.
Patyşa Şaseneme garap:
— Eý ýigit, haýsy bagyň güli sen, haýsy çemeniň bilbili sen, nireden gelip, niräk barýarsyň?—
dýýdi.
Şasenem öz halyny patyşaga habar berip, bir gazad aýtdy:
Bir gözel ýaryň dagyndan,
Tükenmez hijrana düşdüm.
Mejnun kimin istäp Leýli,
Çölden çölüstana düşdüm.
Bolmady hiç kişi hemdem,
Işim boldy günde matam,
Ýagşylyk görmedim bir dem,
Gün-günden efgana düşdüm.
Ahyr ölür men bu gamdan,
Aýryldym atam-enemden,
130
Derdim artar dembe-demden,
Türkmeni Öwreniş Merkez
Şasenem-Garyp
Jebr ile bu ýana düşdüm.
Bir şatyr getirdi munda,
Men şah idim öz ýurdumda,
Mirşeb91 tutup, kyldy bende,
Töhmetden zyndana düşdüm.
Anda bolsam, azada men,
Bir perige dildada men,
Apbas ogly şazada men,
Gelip bagry gana düşdüm.
Ondan soň patyşa, Şasenemi özüňiň tagtyna çykaryp, ýanyndan jaý berdi, soňra bolsa göwünlik
berip:
— Eý şazada, är başyna köp işler düşüp biler. Onuň üçin gamgyn bolmaň. Bir niçe gün dynç alyň
— diýdi.
Şasenem şol ýerde bir niçe gün galdy. Bir niçe günden soň Şasenem öz ýurduna gitmek üçin,
patyşadan rugsat sorady. Onda patyşa özüniň Janfelsus şatyryny Şasenemiň ýanyna goşup, ony
öz ýurduna ugratdy.
Bir näçe gün ýol ýöränlerinden soň, Diýarbekire geldiler. Şasenem Janfelsus şatyra engamlar
berip, yzyna ugratdy.
Ondaň soň Şasenem özüniň başyndan geçenleri Akja beýan edip, bir gazal aýtdy:
Akja, başda dogmagaýdym eneden,
Bu dünýäge gelip, rahat görmedim.
Ah uramda, otlar çykar synamdan,
Gaýgy-gamdan özge nygmat görmedim.
Garyp jan gideli Halap-Şirwana,
Meni goýdy gaýgy bilen hijrana,
Derdim köpdür, ýete bilmen dermana,
Syrym aýdyşarga ülpet görmedim.
Babahan bolupdyr başdan sadaga,
Ol meni salandyr munça belaga,
Özi üçin alyp bardy Gazaga...
Hiç kimsede ýagşy niýet görmedim.
91
‫ قاروایل‬،‫میرشب= گزمه‬
131
Şatyry öldürdim, kyrk ýol ýügürtip,
Türkmeni Öwreniş Merkez
Şasenem-Garyp
Sowuk suwga saldym, perdesin ýyrtyp,
Özüm çahga92 düşdüm, nesibäm tartyp,
Ömrüm içre beýle mähnet görmedim.
Senem diýr, sözleşdim bagyban bilen,
Gadrymny biliji gadyrdan bilen,
Bu dünýäge gelip, Garyp jan bilen
Belli dowran, aýşy-aşrat görmedim.
Mundan soň aradan bir näçe wagt geçdi. Günlerde bir gün Akja gijäniň ýarynda düýş gördi.
Düýşünde Garybyň diriligi oňa aýan boldy. Akja gören düýşünden wagty hoş bolup, syçrap
ýerinden turdy, syçrap baryp Şaseneme: «Sagdyr, Garyp janyň ölen däldir» diýip, gören
ahwalyny bir-bir beýan etdi. Şasenem, Akjanyň bu habaryny eşidip, köňli şat boldy. Ol Akja
ýüzlenip:
— Eý Gülnahal jan, sen hemme ýerde meniň köňlümiň aramy sen. Synamda ýanan otlar seniň
şepagatly sözleriňden teselli tapdy. Sen meniň janym, ýakyn syrdaşym sen. Men seniň bu
ýagşylygyňy hiç wagt unutman. Hudaýym ikimizi-de maksat-myradymyza ýetirsin. Her. bende
öz arzylysy bilen wysal tapsyn—diýip, Akja bilen derdinişip oturdy.
Günlerde bir gün Şah Apbas Şasenemi, Şawelet diýen goşun serkerdesine bermegi ýüregine
düwdi. Ol «Gyzym Şaweledi özüne kabul etsin» diýip, Şaseýeme adam iberdi. Şah Apbasyň iberen
adamsy baryp, bu habary Şaseneme aýtdy. Şasenem:
— Eger-de men Şawelede gerek bolsam, ol ýedi aýlap, gije-gündiz toý etsin — diýdi.
Şasenemiň bu sözi aýtmakdan maksady — onuň köňlüne şeýle pikir geldi: «Garyp bilen eden
ýedi ýyl wadamdan ýene ýedi aý galypdyr. Ýedi aý ediljek toýuň dabarasy ýedi ýyllyk ýola baryp
ýeter. Eger Garyp diri bolsa, bu toýuň dabarasyny eşidip geler» diýdi.
Şawelet Şasenemiň bu teklibini kabul edip, ýedi aý toý bermäge razy boldy. Toý başlandy.
Diýarbekiriň uly-kiçi sazanda-bagşy jem bolup, Şasenemiň köşgüniň töwereginde goş basyp
ýatyberdi. Toý-tomaşa, saz-söhbet başlandy.
Günlerde bir gün daň halatynda Şasenem ukudan oýandy. Ol «Şawelet bir näçe aýdan bäri toý
tutup ýör, hany munuň möhleti dolmagyna näçe wagt galypdyr?» diýip, hasap edip gördi. Görse,
sanalgyja gün galypdyr. Şasenem muňa bitakat bolup, köşgüň üstüne çykdy. Töweregine seretdi.
Köşgüň hemme tarapymda adamlar ýatyr. Säher şemaly ösýärdi. Şasenem Garybyň ýoluna
garap, bir gazal aýtdy:
Ösüp ötüp giden säher şemaly,
Meniň arzym söwer ýara diýgeý sen.
‫چاه غا‬
132
92
Türkmeni Öwreniş Merkez
Şasenem-Garyp
Bark urup açylan täze gülzary,
Hazan urup, döndi hara diýgeý sen.
Daglaryň, başyny alypdyr duman,
Ýalançy dünýäde sag bolsa-aman,
Ýakasy düwmeli, ebrusy keman93,
Meniň aglaganym zara diýgeý sen.
Meniň ýarym parahatda ýatypdyr,
Yşkyň ody sönmeý, jandan ötüpdýar,
Ne tikendir, jigerime batypdyr,
Dolupdyr ýüregi gana diýgeý sen.
Itler gol uzatmyş bu gülüstana,
Gören adam haýran galar mestana,
Garyp aşyk-Şasenemi istäne
Barsaň, bir-bir söwer ýara diýgeý sen.
Mundan soň Akja ukudan oýandy. Görse, ýanynda Şasenem ýok. Töweregine diňşirgendi,
Şasenemiň owazy köşgüň üstünden eşidildi. Akja turup, Şasenemiň ýanyna baryp:
— Eý Şasenem, goýaweri, bu bolup ýörşüň aýypdyr, seniň bu bolup ýörşüňi nämähremler
eşider!—diýip, onuň golundan tutup, alyp gaýtmakçy boldy. Onda Şasenem:
— Eý Akja, bu maňa ýetişen aýralyk derdiniň nähili agyrdygyny sen bilmersen. Sebäbi bu derdi
çekýän men — diýip, Akja garap, bir gazal aýtdy:
Men saňa diýeýin, eý Gülnahal jan,
Derdim güýçli bolsa, aglamaýynmy?
Bagym hazan urup, gülüm solupdyr,
Derdim güýçli bolsa, aglamaýynmy?
Bu gün aýralygyň wagty ýetipdir,
Meniň ýürek-bagrym gana batypdyr,
Ýa bir biwepaga köňül bitipdir,
Derdim güýçli bolsa, aglamaýynmy?
Başymdadyr gam-gaýgynyň dumany,
Ýar saldy başymga ahyrzamany,
Bilmen bu gün, dostlar, ýagşy-ýamany,
93
‫ابروسی کمان= قاشی یای‬
133
Derdim güýçli bolsa, aglamaýynmy?
Türkmeni Öwreniş Merkez
Şasenem-Garyp
Men neýläýin, bagrym para bolupdyr,
Aýralygyň derdi ýara salypdyr,
Şasenem diýr, bagtym gara bolupdyr,
Derdim güýçli bolsa, aglamaýynmy?
Ondan soň Akja:
— Eý Şasenem, meniň ýarymdan aýrylganyma on ýyl bolupdyr. Emma onda hem dost-duşmana
bir keleme söz diýmedim. Köp bi-sabyr bolma, gel, köşge baraly. Sen ýaryňy düýşüňde görersiň
ýa men görerin. Eger sen görseň, Garyp, men görsem, Ezber geler — diýdi.
Ondan son, ikisi köşge gelip, düýş görmek niýeti bilen ýatdylar. Şasenem ýaryny düýşünde
görmedi, Akja weli öz ýaryny düýşünde gördi. Ezber ýelmaýany münüp, çin-çin, halka-halka
kemeri bilinde, tutagaly guş golunda, Şasenemiň köşgüniň öňüne gelipdir. Akja bu haly görüp,
ukudan oýandy. Görse, düýşi eken. Şasenem hem ukuwdan oýandy. Akja:
— Eý Şasenem, ýaryňy düýşüňde gördüňmi? — diýdi? Şasenem:
— Ýok, ýarymy düýşümde görmedim, sen gördüňmi? — diýdi. Akja:
— Hawa, men gördüm, ol gelipdir — diýdi. Şasenem:
— Eý Gülnahal jan, meniň köňlüm perişandyr, gören düýşüňi beýan et, eşideýin — diýdi.
— Ajap bolar! —diýip, Akja öz gören düýşüni bir-bir beýan etdi. Ondan soň Şasenem Akja
göwünlik berip, bir söz aýtdy:
Akja, saňa bir nesihat bereýin,
Sabr eýlegil, indi geler Ezberiň.
Bu düýşüň ýorgudyn bir-bir aýdaýyn,
Sabr eýlegil, indi geler Ezberiň.
Öýden çykyp, dal gerdeniň galdyrma,
Dost agladyp, duşmanlary güldürme,
Bu düýşüňi hiç kişige bildirme,
Sabr äýlegil, indi geler Ezberiň.
Tylla jyga sanjyp çykgyl başyňa
Näz ile garagyl degre-daşyňa,
Gurban bolaý seniň gören düýşüňe,
Sabr eýlegil, indi geler Ezberiň.
Şasenem diýr, bu gün kyldym mynajat,
Hudadan diledim bu zaman hajat,
134
Türkmeni Öwreniş Merkez
Şasenem-Garyp
Hudaýym biru-bar kazyýyl-hajat,94
Sabr äýlegil, indi geler Ezberiň.
Elkyssa, ondan soň Şasenem iki sany kenizine ýüzlenip:
— Köşgüň üstüne çykyp, Halap-Şirwan tarapa garap oturyň, ol tarapdan gelýän ýolagçy görseňiz,
gelip maňa habar ediň! —diýdi. Kenizler garap oturdylar.
Indi sezi Ezber hojadan eşideliň. Ezber hoja hyzmatkärlerini, mallaryny bir näçe gün
mundan öň Diýarbekire iberipdi. Ezber hojanyň bir ýelmaýasy bardy, ol altmyş günlük ýoly üç
günde alardy. Altmyş gün dolmaga üç gün galanda, Ezber hoja Halapdan çykdy, kerweniniň
yzyndan ýetdi. Diýarbekiriň ýanynda bir beýik gyr/ýaýla bardy. Şol gyryň üstünden aşyp, pese
düşdi. Kenizler öny görüp, gelip Şaseneme habar berdiler. Onynça Ezber hoja ýel ýaly bolup,
köşgüň ýanyna geldi. Görse, şadyýanlyk, adamlar ýygnanypdyr. Toý gidip dur. Ezber hoja: «Bu
toý Gülnahalyň toýudyr» diýip, güman etdi, Adamlar Ezber hojanyň ýelmaýasyna tomaşa edip
durdular. Şol wagtda Şasenem eşidip, Akja, kenizler bilen jem bolup, köşgüň üstüne çykdy. Ezber
hoja Şasenemi görüp, adamlara garap:
— Eý ýaranlar, haýp bu toýda meniň golumda sazym ýok, goluma taýak alyp, bir söz aýtsam
bolmazmy? — diýdi, Adamlar:
— Eý Hoja, onuň ýaly bolsa, köp ýagşy bolar, aýt! — diýdiler. Ezber hoja goluna bir taýak alyp,
Şasenemiň köşgüniň işiginde durup, bir gazal aýtdy:
Halapdan gelmişem bir ýar ýitirip,
Ýarymyň adyna Gülnahal diýrler.
Gaýgy-gussa bilen ömrüm ötürip,
Ýarymyň adyna Gülnahal diýrler.
Çaş mahal geldim Halapdan munda,
Altmyş günlük ýoly aldym üç günde,
Ýar soragyn tapdym Senem köşgünde,
Ýarymyň adyna Gülnahal diýrler.
Niçe ýyldyr, köýdüm ýaryň yşkyna,
Çaş mahal geldim Senem köşgüne,
Ruhum täze boddy anbar müşküne,
Ýarymyň adyna Gülnahal diýrler.
Altyndan bezemiş köşgüni Senem,
94
‫قاضی الحاجات‬
135
Arzy-hal aýdara ýok atam-enem,
Türkmeni Öwreniş Merkez
Şasenem-Garyp
Ýaryny ýitiren sergezdan menem,
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 8
  • Parts
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 1
    Total number of words is 3738
    Total number of unique words is 1949
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 2
    Total number of words is 3949
    Total number of unique words is 1733
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 3
    Total number of words is 3808
    Total number of unique words is 1777
    26.2 of words are in the 2000 most common words
    39.8 of words are in the 5000 most common words
    45.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 4
    Total number of words is 3840
    Total number of unique words is 1702
    27.3 of words are in the 2000 most common words
    40.1 of words are in the 5000 most common words
    47.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 5
    Total number of words is 3813
    Total number of unique words is 1685
    27.9 of words are in the 2000 most common words
    41.1 of words are in the 5000 most common words
    47.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 6
    Total number of words is 3809
    Total number of unique words is 1853
    25.6 of words are in the 2000 most common words
    38.5 of words are in the 5000 most common words
    44.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 7
    Total number of words is 3826
    Total number of unique words is 1710
    28.5 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    47.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 8
    Total number of words is 3872
    Total number of unique words is 1706
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    42.5 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 9
    Total number of words is 1221
    Total number of unique words is 721
    33.7 of words are in the 2000 most common words
    48.8 of words are in the 5000 most common words
    55.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.