Latin

Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 3

Total number of words is 3808
Total number of unique words is 1777
26.2 of words are in the 2000 most common words
39.8 of words are in the 5000 most common words
45.2 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Ýaryň güli geldi, özi gelmedi.
Syýa zülplerim para çekilmiş,
Synam üzre çapraz ýara çekilmiş,
Sebäp nedir, bagta gara çekilmiş,
Ýaryň güli geldi, özi gelmedi.
Syýa zülpüm para-para bolupdyr,
Tel -tel bolup, dara-dara bolupdyr
Sebäp nedir, bagtym gara bolupdyr,
Ýaryň güli geldi, özi gelmedi.
Meniň ýarym Hasan wezir ogludyr,
Muhupbeti bir ykrara baglydyr,
Atamyň elinden synam daglydyr,
Ýaryň güli geldi, özi gelmedi.
Gahba pelek meni kyldy bigana,
Özi gelmeý, güli geldi gaýbana,
Meniň üçin ýetim bolmuş bagbana,
Ýaryň güli geldi, özi gelmedi.
Aşyk bilen magşuk işi bir gerek,
33
Wadasy, wepasy, gowly bir gerek,
Türkmeni Öwreniş Merkez
Şasenem-Garyp
Hüýri-jennet, hulky, husny bir gerek,
Ýaryň güli geldi, özi gelmedi.
Şasenem gyz diýrler meniň adyma,
Bir ah ursam, älem ýanar oduma,
Ýaratgan züljelal, ýetiş dadyma,
Ýaryň güli geldi, özi gelmedi.
Elkyssa, bu sözden soň Şasenem bagbany çagyryp:
— Eý bagban, bagy arassa kylgyl, men erte ir bilen bag seýline gelermen — diýdi.
Bagban bagy arassalap, onuň etrapyny keseki adamlara gadagan etdi. Garyp bu işlere düşünip,
daňdan baga seýle geldi. Ol haýwanlary özüne hemdem bilip, olara garap, bir gazal aýtdy:
Bag eýesi bagyn etmiş gadagan,
Şasenem gyz bag seýline geledir.
Bilbiller, gonuňlar gülden-güllere,
Meniň ýarym bag seýline geledir.
Nerkes, gözüň ýumup, gyýa bakmagyl,
Göz ýaşym, sabr eýle, sil dek akmagyl,
Nala, hijran çekip, bagrym ýakmagyl,
Meniň ýarym bag seýline geledir.
Toty, sen özüňi söze çaglama,
Senuber, sen boýuň egip aglama,
Sünbül, sen saçyňy tar-tar baglama,
Meniň ýarym bag seýline geledir.
Benewşe, baş egip, durgul hyzmatda,
Bulut, tut aftaby sen bu hylwatda,
Şasenem diýp, başym galdy külpetde,
Meniň ýarym bag seýline geledir!
Garyp aşyk bu gün bagbanlyk kylyp,
Aýralyk derdine bagryny dilip,
Aşygynyň ýetim bolganyn bilip,
Şasemem gyz bag seýline geledir.
Garyp bu sözüni tamam edip, gül petdeleriniň arasynda gizlenip ýatdy.
34
Türkmeni Öwreniş Merkez
Şasenem-Garyp
Elkyssa, ertir irden Şasenem boýdaşlary hem kyrk kenizi bilen baga geldi. Gyzlary topar-topar
bölüp, güllere seýil etmäge iberdi. Özi hem bagny seýil etmege başlady. Birden bir gyz Garybyň
gizlenip ýatan gül petdesiniň ýanyna gelip, Garyby görüp gaçdy.
Bagyň ortasynda bir howuz bardy. Onuň degre-daşy gülşen lälezarlykdy. Garyp gül petdesinden
çykyp, özüni şol howza urdy. Şol wagtda Şasenem Garyby görüp, onuň ýakyna ugrady. Garyp:
— Bu gyzlaryň gözüniň öňünde, Şasenem bilen meniň aramda bolan syryň üsti açylsa, soňy
gowy bolup çykmaz — diýip, suwdan çykyp gaçdy. Şasenem yzyndan kowdy. Ýetebilmän, dide
girýan, syna birýan bolup, Şasenem bir gazal aýtdy:
Uçurdym şuňkar guşumny,
Hiç bir ýerde habary ýok;
Hasrat bilen göz ýaşymny
Dökmeýinçä, durary ýok.
Gaçdy bu döwletiň guşy,
Agtaryr men ýazu-gyşy,
Habaryn bilmez hiç kişi,
Bir menzilde durary ýok.
Men isterem, ýarym gelse,
Gelip gamly köňlüm alsa,
Şum rakyp habardar bolsa,
Ikimizi goýary ýok.
Bize barça älem ýagy,
Kime diýeýin bu dagy?
Hazan ursun bu çarbagy!
Bu söhbediň berary ýok.
Tutup muhupbetiň ýolun,
Tutsam men ýarymyň golun,
Gezerem Kerbela çölün,
Bu köňlümiň mydary ýok.
Ýarym gitdi, suwdan çykyp,
Senem ýar ýoluna bakyp,
Yşk oduna bagryn ýakyp,
Görmeýinçä, mydary ýok.
35
Türkmeni Öwreniş Merkez
Şasenem-Garyp
Elkyssa, Şasenem gyz yzyndan kowdy, Garyp gaçdy, ýetip bilmän, dolanyp, howzuň başyna
geldi. Akja, Şasenemiň ýanyna geldn. Görse, Şasenemiň gözünde ýaş, bagrynda baş. Akja:
— Eý Şasenem, neüçin beýle gamgyn görner sen, saňa näme boldy? — diýdi.- Şasenem gyzlardan
özüni çolarak çekip:
— Eý Akja, Garyby gördüm. Ol gaçdy, yzyndan kowdum, ýetip bilmedim. Indi saňa bir pinhan
sözüm bar! — diýip, bir gazal aýtdy:
Akja gelin, gamsyz başym,
Gamhana boldy, neýläýin?
Bir säw bile aşna ýarym,
Bigana boldy, neýläýin?
Men geldim ony soraglap,
Ýüregimni otga daglap,
Ol gaçdy, menden burgaklap,
Pinhany boldy, neýläýin?
Talha27 döndý agzym baly,
Ösdi aýralyk şemaly,
Bilmedim, nedir hyýaly,
Bigana boldy, neýläýin?
Ýandy, meniň bagrym ýandy,
Döwran rakyplara döndi,
Wysalyň çyragy söndi,
Hijrana döndi, neýläýin?
Indi durmanam bir sagat,
Köňlümde galmady ta:kat,
Muhupbet salgan ymarat
Weýrana döndi, neýläýin?
Gutulmady gamdan başym,
Awy boldy iýen aşym,
Ýar ýolunda gözde ýaşym
Rowana boldy, neýläýin?
Şasenem ýapyşdy pire,
Her kim öz bagtyndan göre,
‫ آجی‬-‫تلخ‬
36
27
Türkmeni Öwreniş Merkez
Şasenem-Garyp
Ýaryň köňli özge ýara...
Gümana boldy, neýläýin?
Şasenem bu gazalny aýdyp, Akja bilen bagy seýil edip ýörürdi. Garyp serwi agajyň syrtynda
bukuldy, Şasenem bilen Akja bagyň içi bilen Garybyň duşundan geçdiler. Garyp serwi agajyň
syrtynda durup, bir gazal aýdar boldy:
Sadaka bolam, galam gaşly dilberim,
Amanda bola sen, ýene gelinçä.
Kaddy tubi28, lebi şeker nigärim,
Bakaram ýoluňa, täki ölinçä.
Gamzaň oky degip, dökdi ganymy,
Şum rakyplar duýsa, bozar şanymy,
Alladan razy men, alsa janymy,
Sensiz ömrüm gaýry bilen bolynça.
Akja bilen seýl eýlediň bu zaman,
Kyrk keniz eliňde süredir döwran,
Gaýytgyl raýyňdan, janymdyr gurban,
Ölen ýagşy, sen dilberden galynça.
Gözlerim ganynça, görem ýüzüňni,
Ne beşer, ne peri diýrler özüňni,
Mejnun kibi çölde alsam yzyňny,
Ýansam gerek seni tapyp alynça.
Çyn aşyklar ýalbaradyr dostuna,
Şum rakyplar aýralygyň kastyna,
Garyp diýer, keten köýnek üstüne,
Hiç dynmanam, gözde ýaşym sylynça.
Garyp sözüni tamam etdi. Emma onuň bu nalasy Şaseneme eşidilmedi. Ondan soň Garyp
Şasenem bilen Akjanyň bagy agtaryp, o ýan-bu ýan gezýändiklerini görüp, ýene bir gazal aýtdy:
Bagyň içre bagban bolsam,
Tirsem täze gülleriňni.
Wysalyňyz nesip etse,
Guçsam inçe billeriňni.
‫طوبی=دیک بویون آغاچ‬
37
28
Türkmeni Öwreniş Merkez
Şasenem-Garyp
Meni görseň uşbu halda,
Özüm munda, gözüm ýolda,
Ak ýüzüňe çekme dalda
Ter hynaly gollaryňny.
Ýaňagyň misli läledir,
Bakyşyň janym aladyr,
Agzyň altyn piýaladyr,
Doýup içsem ballaryňny.
Irden turup, zülpüň dara,
Gül ýüzüňe ýaglyk ora,
Rakyp ýüzi bolsun gara,
Hoş sözletseň tilleriňni.
garyp, özüm pakyr,
Ýazygyma boldum mukyr29,
Tilim ýazyp, çeşmim okyr
Ak ýüzüňde hallaryňny.
Garyp aşyk bolgul pahyr,
Günähiňe bolma müňkür,
Razy bolar möwlam kadyr,
Şat eýleseň gullaryňny.
Garyp sözüni tamam edenden soň, bir meýdan oýlanyp, näderin bilmän, haýran bolup durdy.
Emma Şaseneme muşakgat ýetişenini duýup, oňa rehmi gelip, özüni mälnm etmek üçin, ýene bir
gazal aýtdy:
Boz dumanly daglar aşyp,
Ahu gözli maral geldi.
Yşkyň sawdasyna düşüp,
Ahu gözli maral geldi.
Tutar her kes öz däbini,
Awçylar awlar awuny,
Başda gelen serdaryny
Tutgul, awçy, maral geldi.
Mukyr=Boýyn bolmak
38
29
Türkmeni Öwreniş Merkez
Şasenem-Garyp
Awçylar awlar dagynda,
Bally-şeker dodagynda,
Günüň gün orta çagynda,
Gözel awçy, maral geldi.
Senem bilen Akja gelin,
Diliň, ýürejigim, diliň!
Şitde guşap inçe bilin,
Senem awçy, maral geldi.
Talandy, ömrüm talandy,
Çyg düşdi, bakja suwlandy,
Çarbagy üç-dört aýlandy,
Zalym awçy, maral geldi.
Ballar bar leblerinde,
Seni gören galar derde,
Dal dolanyp duran ýerde,
Senem awçy, maral geldi.
Egnine geýipdir ala,
Biri gülgün, biri läle,
Ak gollaryn sala-sala,
Senem awçy, maral geldi.
Gadamlary göz üstüne,
Gurbanam çeşmi — mestine,
Mürewwet eýläp dostuna,
Senem awçy, maral geldi.
Bize gaýgy boldy ýeten,
Haram boldy ata watan,
Ýar egninde bardyr keten,
Zalym awçy, maral geldi.
Garyp aşyk diýmez ýalan,
Ömrümize düşdi talaň,
Serwi agajyna dolan,
39
Senem awçy, maral geldi.
Türkmeni Öwreniş Merkez
Şasenem-Garyp
Şasenemiň täji başynda, ýüz muň şiwe-näz bilen, tawus guş kibi, aşykny köýdüriji, mestanmestan basga gelerdi. Akjanyň hem ýörip gelşi ondan kem däldi. Garyp biçäre bulary görüp,
akyl-huşyndan aýrylyp, bularyň ýörişine hoşwagt bolup, ýene bir gazal aýtdy:
Gördüm, iki peri gelir,
Ajap sallana-sallana.
Aşygynyň köňlün alyr,
Gelir, sallana-sallana.
On dördi gije aý kimin,
Tumagaly humaý kimin,
Uly döwletli baý kimin,
Gelir sallana-sallanň.
Iki peri hemdem bolup,
Bir-birinden nusga alyp,
Gyýa bakyp, golun salyp,
Gelir sallana-sallana.
Biri güldür, biri gunça,
Ol biri ýokdur Senemçe,
Tomaşa kylyňlar, barça,
Gelir sallana-sallana.
Garyp diýr, guluň adyna,
Hak ýetirsin myradyna,
Dözmän aýralyk oduna,
Gelir sallana-sallana.
Garyp sözüni tamam edip, agajyň syrtyndan çykdy. Garyp bilen Şasenem bir-birleriniň
gollaryny boýunlaryna salşyp, agzy-agza goýup, misli Leýli-Mejnun kimii çyrmaşdy. Şol ýerde
Garyp ýene bir gazal aýtdy:
Senmeni goýsalar bagyň içinde,
Seýran etsek seniň bile, söwdügim!
Şükür indi, bagyň ýetmiş kemala,
Bagban bolsam täze güle, söwdügim.
Gurban olam gaşlaryňa, gözüňe,
40
Dal boýuňa, kamatyňa, ýüzüňe,
Türkmeni Öwreniş Merkez
Şasenem-Garyp
Sadaka bolsun şirin janlar sözüňe,
Ga:ndyr lebiňdäki bala, söwdügim.
Jebriňe dözmenem, jepa eýleme,
Gaýry bilen ähdi-wepa eýleme,
Her ne gelse, zowky-sapa eýleme,
Söz ýaýylar ilden-ile, söwdügim.
Gaşyň mährabyna başym goýmuşam,
Mest bolup, billere gollar salmyşam,
Kaknus kibi yşk oduna köýmüşem,
Gel indi, rehm eýle gula, söwdügim.
Şum rakyplar goýmaz sapa sürmäge,
Gelmişem aldyňa, başym bermäge,
Lebleriňniň, şeker-balyn sormaga,
Muntazyram aýdan-ýyla, söwdügim.
Aşyk bolanlaryň ýanar ýüregi,
Aç goýnuňy, sal boýnuňa bilegi,
Mustajapdyr gyz-oglanyň dilegi
Dilegiňi hakdan dile, söwdügim.
Aşyk imes, ýar jebrini a:r eden,
Hak özüdir ýokdan bizni bar eden,
Garyp diýrler, bag içinde zar eden.
Dal dolansam gunça bile, söwdügim.
Ondan soň Şasenem tizlik bilen ýerinden turup, goluny Garybyň boýnuna salyp, bir gazal aýtdy:
Arzym eşit, meniň söýgüli ýarym,
Armansyz sür, döwran ötmezden burun,
Baga girip, tirgil täze gülümden,
Çyrmaşyp dur, duşman duýmazdan burun.
Sürme bolgul gözüm bile gaşyma,
Gurban bolgul beýle hulky-hoşuma,
Perwana dek aýlanyban daşyma,
Sürgün, ajal ýoluň tutmazdan burun.
41
Gollaryňny salgyl meniň boýnuma,
Türkmeni Öwreniş Merkez
Şasenem-Garyp
Dolanyban girgil indi goýnuma,
Pelek haýran bolup galsyn oýnuma,
Armansyz sür, döwran ötmezden burun.
Ka:mi diliň30 hasyl etgil özümden.
Ruhuyň täze bolar her bir sözümden.
Posa algyl gyzyl gül dek ýüzümden,
Bu görküm ýüzümden gitmezden burun.
Syrry-pinhan hiç galmasyn arada,
Rakyplaryň ýüzi bolsun garada,
Şasenem diýr, ýetgil maksat-myrada,
Tirgil gülüň, hazan urmazdan burun!
Akja gördi ki, Şasenem bilen Garyp ikisiniň gürrüňleri bir geldi. Aýralyk gaýgysy, Akjanyň hem
janyndan ötüp, özüniň ýaryny ýatlap, gözünden düwme-düwme ýaş döküp, bir gazal aýtdy:
Gahba pelegiň elinden
Ýüregimde daglar galdy.
Bilbil aýryldy gülünden,
Ter açylan baglar galdy.
Asan etgil bu müşgili,
Uzaga düşdi menzili.
Uçurdym şeýda bilbili,
Gülşen içre zaglar galdy.
Halapda galdy watanym,
Hiç ýokdur gelip-gidenim,
Ýar bilen söhbet tutanym,
Gadymkyja çaglar galdy.
Men bu aýralyk derdinde,
Ýüzüm musallat gerdinde,
Gardaşlar, Akja ýurdunda
Ser howuzly baglar galdy.
Gülnahal diýr, ýandy janym,
Pelek ýakdy istihanym,
‫کام دل‬
42
30
Türkmeni Öwreniş Merkez
Şasenem-Garyp
Ezber hoja, mähribanym,
Ýüregimde daglar galdy.
Gülnahal biçäre hem öz gara gününe aglap, sözüni tamam etdi. Şasenemiň Gülnahalyň halyna
rehmi gelip oňa göwünlik berdi.
Ondan soň Şasenem:
— Eý Garyp jan, gel bir zaman baga seýil edip, söhbet tutaly — diýip, Garyba garap, bir gazal
aýtdy:
Gel, Garybym, keşt edeli bu baga,
Bilbil görsün gülüň tomaşasyn.
Goý lebiň-lebime, dodak dodaga,
Güller görsün balyň tomaşasyny.
Allahym ýaratdy jenneti rezwan,
Bu dünýäde berdi bize müň wlwan
Ýar üçin näçe ýyl gezdi sergezdan,
Leýli görsün Mejnun tomaşasyny.
Yşk ýeli her kimi eýledi berbat,
Her kime duş gelse, eýleýir perýat,
Bisütün dagyny köp gazdy Perhat,
Şirin görsün Perhat tomaşasyny.
Allahym her kime saldy ýüz söwda,
Jahan bazaryna düşdi müň gowga,
On iki ýyl akdy derýada Uzra,
Wamyk görsün Uzra tomaşasyny.
Iki aşyk goşulsalar jem bolup,
Synalary dagly gözi kem bolup,
Sen aşyk Garyp sen, men Senem bolup,
Akja görsün bizler tomaşasyny.
Ondan soň Şasenem Akjanyň ýanyna baryp:
— Eý Akja, sen meniň syrdaşym sen. Meniň bu işimiň bir çäresini et! —diýdi.
Onda Akja:
43
Türkmeni Öwreniş Merkez
Şasenem-Garyp
— Eý Şasenem jan, onuň ýaly bolsa, ataňdan bagy diläp alana çenli, Garyby Ýasmak mama
tabşyraly31 — diýdi. Şasenem, Akjanyň bu sözüni makul görüp, Garyby alyp, Ýasmak mamanyň
öýüne bardy-da:
— Eý mama, men bagy atamdan diläp alynçam, Garyby saňa tabşyraýan. Men gelýänçäm, Garyby
ynjytma— diýip, mama garap, bir gazal aýtdy:
Men bu gün gider men atam ýanyna,
Wesiýetim — Garyp jany ynjytma.
Iki aşyknyň goşulmagnyň şanyna,
Wesiýetim — Garyp jany ynjytma.
Hiç kime bildirme, tä men gelinçä,
Men saňa tabşyrdym, erte bolynça,
Baryp Şah Apbasdan bagym alynça,
Wesiýetim — Garyp jany ynjytma.
Şum rakyplar iýdi nany-nemegim32,
Anda sud etmedi gaýgy iýmegim,
Köňlümiň kuwwaty, güýjüm, kömegim,
Wesiýetim — Garyp jany ynjytma.
Ne jepalar çekdi Garyp diýp Senem,
Yşkyň wadasynda sergezdan menem,
Akja — garyndaşym, sen garry enem,
Wesiýetim — Garyp jany ynjytma.
Bu sözi aýdyp, Garyby Ýasmak mama tabşyrdylar. Soň Şasenem bagy diletmek üçin Akjany
atasy Şah Apbasyň ýanyna iberdi. Akja baryp: «Çarbagy Şaseneme berseňiz!» diýip, şadan diledi.
Şah Apbas muňa razy boldy. Akja patyşanyň razyçylygyny Şaseneme habar berdi.
Şasenemiň ýüregine şeýle bir howsala düşdi. «Belki-de, bu işi kenizlerimiň biri bilip, atama
aýdar» diýip pikirlendi. Akja muňa düşünip:
— Eý Şasenem, «Güni etek bilen basyryp bolmaz». Bu işi kenizleriňe mälim et, goý, olar hem
bilsinler — diýdi.
Onda Şasenem: «Bu yşkyň derdine derman bolarmy?» diýip, kenizlerden delalat isläp, olara
ýüzlenip, bir gazal aýtdy:
Söwer ýaryndan aýrylyp,
31
44
Tahyry hem gizlemek üçin, Zöhre ony bir garry kinizine tabşyrýar. Ysmak ada bakylanda, “ŞasenemGaryp” dessanyň awtory Hywaly, Daşhowzly boljak ýaly?! (A.G)
32
‫نان و نمک‬
Türkmeni Öwreniş Merkez
Şasenem-Garyp
Ýörmeklik rowa bolarmy?
Gözel ýaryň fyrakynda
Gezmeklik rowa bolarmy?
Ýüzde melamat gerdiniň,
Sözi ýeter namardynyň,
Eý ýaranlar yşk derdiniň
Derdine dowa bolarmy?
Men isterem, ýarym gelse,
Gelip, gamly köňlüm alsa,
Bir gün muny atam bilse,
Kenizler güwä bolarmy?
Fyrak oduna köýeniň,
Synasyna daş goýanyň,
Her kime -syryn ýaýanyň,
Sözünde iba33 bolarmy?
Ýar ýolunda boýun goýmak,
Rahat berip, mähnet almak,
Şasenem diýr, aşyk bolmak,
Munda intiha bolarmy?
Elkyssa, Şasenem bu sözüni aýdandan soň, kenizler:
— Eý Şasenem, onuň ýaly bolsa, Garyp jany getir, biz hem göreli — diýdiler. Soň Şasenem:
— Eý Akja, baryp, Ýasmak mamadan Garyby alyp gel —diýdi. Akja Garybyň, ýanyna baryp:
— Men Şasenemiň ilçisi, meniň bilen Şasenemiň ýanyna ýör — diýip, bir gazal aýtdy:
Men Şasenemiň ilçisi,
Meniň bile ýörgül indi.
Açylmyş baglaryň güli,
Bagban bolup, tirgil indi.
Duşman ýüzi bolsun gara,
Otlar düşsün bu şähere,
Isleseň, ýetiş ol ýara,
Meniň bile ýörgül indi.
Ret etmek= Başdan sowmak.
45
33
Türkmeni Öwreniş Merkez
Şasenem-Garyp
Ölmesin dostlar, ölmesin,
Rakyp hiç ýerde gülmesin,
Syryňny hiç kim bilmesin
Bakma soldan saga indi.
Taňry eşitsin dadyňy,
Hak ýetirsin myradyňy,
Ýar bilsin ygtykadyňy,
Yhlas bile bargyl ikdi.
Beýle ýakma ýüregiňni,
Sal boýnuna bilegiňni
Gülnahal diýr, dilegiňni
Ýardan diläp algyl indi.
Elkyssa, Akja Garyby Şasenemiň köşgüne alyp geldi. Şasenem «Garybyň köňlüni alaýyn» diýip,
bir gazal aýtdy:
Hoş geldiň, Garybym sapa gelip sen,
Gutly bolsun menzil-mekan, Garybym.
Söhbet et, rakyplar duýmazdan burun,
Ganymatdyr hemin zaman34 Garybym.
Gorkunjym köp, şum rakyplar duýarlar,
Duýsa, seni gyrmyz gana boýarlar,
Seni öldürerler, meni goýarlar,
Bu zamanlar niçik zaman, Garybym.
Saňa peýwestedir jany-jahanym,
Sen-sen täji-serim, ruhy-rowanym
Saňa pida bolsun bu şirin janym,
Ýoluňda gurbandyr bu jan, Garybym.
Wehm etme, Şasenem gaýry bolar diýp,
Bir namardyň terhosyny alar diýp,
Sen öleňsoň, gaýry bilen bolar diýp,
Getirme köňlüňe güman, Garybym.
Şasenem diýr, dünýe barym seniňdir,
‫همین زمان= ادیل شو وقت‬
46
34
Türkmeni Öwreniş Merkez
Şasenem-Garyp
Ýowuz günüm, namys-arym seniňdir,
Göwsümdäki goşa narym seniňdir,
Synam saňa tagty rowan, Garybym.
Bu sözden soň Garyp:
— Eý Şasenem, men seniň bagbanyňa hyzmatçydym. Indi maňa rugsat ber. Men onuň mallaryny
özüne tabşyryp geleýin — diýip, Şasenemden rugsat alyp, ýola düşdi.
Bagdan çykyp barýarka, yzyna garady. Şasenemiň köşgüniň şöhlesi asmana ýalkym salyp dur.
Garyp muny görüp, köşge garap, bir gazal aýtdy:
Bir afytap talgaty35, husny mesyhy,
Bir şirin dilliniň dagy men, dagy;
Lebleriň şeker leb sözi fesihim,
Şol şirin zulalyň dagy men, dagy.
Jemalyň subhy-dem , ýüzüňde nykap,
Götergil ýüzüňden perdeýi-hejap,
Äleme bark urar misli afytap,
Senem gyz atlynyň dagy men, dagy.
Çemeni seýr eder husny-murguzar,
Ýüz elwan sypatly turpa nowbahar,
Ne hallar, ne hatlar, nagyşly nigär,
Tawus misilliniň dagy men, dagy.
Geler bir gün döwran, gelmezden galmaz,
Ne boldy, ykbalym çyragy ýanmaz,
Gara bagtym ukusyndan oýanmaz,
Bagt köwkebiniň dagy men, dagy.
Lebleriniň gandy talh urar ganda,
Takatym galmady jigerde, tende,
Garyp aşyk size gul bolsa, bende,
Men Senem atlynyň dagy men, dagy.
Elkyssa, Garyp bu gazalny aýdandan soň, baryp mallaryny bagbana tabşyrdy. Gaýdyp gelip, ýene
baga girip, Şasenem bilen aýşy-aşrata meşgul boldular.
‫نور آفتاب‬
47
35
Türkmeni Öwreniş Merkez
Şasenem-Garyp
Günlerde bir gün otyrdylar, nahar wagty boldy. Şasenemiň bir kenizi bardy. Onuň adyna Suwçy
keniz diýerdiler. Şasenem:
— Eý keniz, baryp Garybyň goluna suw akydyp ber!—diýdi. Keniz aftaba/kündük bilen desmaly
alyp geldi, Garyp golun ýuwmaga başlady. Şol wagtda Suwçy:
— Eý Garyp jan, men-de Şasenemden kem däldirin —diýip, Garypdan, bir posa aldy. Garybyň
muňa gahary gelip, keniziň, agzyna goly bilen bir şapbat urdy. Keniziň agzy gyzyl gan boldy.
Keniz:
— Sen meni bir urduň, men hem seni bir uraýyn — diýip, bagdan çykyp gitdi.
Bu söz bu ýerde galsyn. Indi sözi Garypdan eşideliň. Keniz gaharlanyp, bagdan çykyp
gidensoň, Garyp goluny ýuwup, reňki üýtgäp, Şasenemiň ýanyna geldi. Şasenem:
— Suwçy keniz hany?—diýip sorady. Garyp:
— Ony men urdum, ol bolsa gaharlanyp, çykyp gitdi — diýdi. Şasenem:
— Eý Garyp jan, bu işi atam bilse, seni-de, meni-de diri goýmaz. Bu işiň ýagşy bolmandyr —
diýip, bir gazal aýtdy:
Garyp, seniň şum bagtyňdan
Jahan boldy zyndan maňa;
Seniň bu kylgan işiňden
Ahyr bolar zyýan maňa.
Meni pyçaksyz öldürdiň,
Kä agladyp, kä güldürdiň,
Täze güllerim soldurdyň,
Ösdi bady-hazan maňa.
Meni eýlediň biçäre,
Ýüregime saldyň ýara,
Seniň üçin men awara,
Bu iş boldy zyýan maňa.
Keniz- barar atam ýanna,
Syryň aýdar däne-däne,
Duşmanlara bu bahana,
Eýlegeýler güman maňa.
Eden işiňde bar galat,
Geldi ýene uşbu külpet,
48
Garyp, indi ne maslahat
Türkmeni Öwreniş Merkez
Şasenem-Garyp
Boldy ahyrzaman maňa.
Senem aýdar, eý mähriban,
Gaýgy boldy bu şirin jan,
Kişi geler hemin zaman,
Zyndan boldy jahan maňa.
Şasenem bu sözi aýdandan soň, Garyp Şaseneme göwünlik berip, bir gazal aýtdy:
Atam biler diýip, gaýgy iýmegil,
Bize bir ýazylan bardyr, Senem jan!
Maňa beýle ajy sözler diýmegil,
Aşyklar hajaty bardyr, Senem jan.
Ataň bilse, bizi ahyr näderler?
Perman edip, tutup alyp giderler,
Seni goýup, meni gurban ederler,
Bir başa bir ölüm bardyr, Senem jan.
Bilbil pygan eýläp, aýrylmaz gülden,
Janym çykarmyşam başda köňülden,
Ýüz para kylsalar, dönmenem senden,
Aşyklara dönmek a:rdyr, Senem jan.
Men bir goç-guzyýam gurban ýerine,
Boýnum baglamyşam zülpüň taryna,
Müň ýola baş ursam ataň daryna,
Aşyklaryň işi zardyr, Senem jan.
Garyp aýdar, pelek bize buýrmasa,
Ölenleriň hatyrasyn görmese,
Ataň indi sizi bize bermese,
Öldürse öldürsin, zordur, Senem jan.
Häzir bularyň bu sözi bu ýerde dursun, indi sözi patyşa tarapdan eşideliň.
Keniz gaharlaiyp bardy-da:
— Eý patyşahym, gyzyň bir bigana, ýat ýigit bilen köşkde aýşy-aşrat edýär, indi galanyny siz
özüňiz bilersiňiz — diýdi. Patyşa der-gazap bolup:
— Eý keniz, eger-de bu sözüň ýalan bolsa, saňa heniz hiç kime edilmedik bir gazaby ederin!—
49
diýdi. Soň patyşa özüniň bir näçe ýasawulyny iberip:
Türkmeni Öwreniş Merkez
Şasenem-Garyp
— Şasenem bilen şol ýigidi alyp geliň. Olary dardan asaýyn. Görene göz, eşidene gulak bolsun!
—diýdi.
Bu söz bu ýerde galsyn.
Şasenem Suwçy gidenden soň, Garyp bilen sowal-jogap aýdyşyp, Akjanyň ýanyna bardy, bu işiň
çäresini etmegini isledi. Akja:
— Eý Şasenem, Ýasmak mamanyň ýanyna baraly. Ol bu işiň çäresini aýdar — diýdi.
Akja bilen Şasenem Ýasmak mamanyň ýanyna baryp, bu syrlaryny aýtdylar.
Mama gurra taşlady. «Tiz baryp, Garyby gizläň, olar gelýärler» diýdi. Derrew gelip, Garyby
sandyga salyp gulpladylar. Şol wagt şanyň ýasawullary at çapyşyp geldiler. Bagy boýdan-başa
agtardylar. Garyby tapmadylar. Olar Garyby tapman, yzlaryna gaýdyp baryp, patyşaga:
— Eý patyşahym, bagda ýat adam görmedik — diýdiler.
Patyşa müneçjimlere ýüz tutup:
— Eý müneçjimler, bu nähili waka boldy? — diýdi. Müneçjimler gurra atyp:
— Şu wagt Garyp sandygyň içinde, Şasenem bolsa onuň daşynda otyr — diýdiler.
Onda Şah Apbas:
— Eger bu söz ýalan bolsa, barçaňyzy öldürerin — diýdi.
Şa ikinji gezek öräň köp ýasawul iberdi. Ýasawullar Şasenemiň köşgüne tarap gidibersin.
Indi sözi Şasenemden eşideliň. Şasenem birinji barlagdan soň, Ýasmak mamanyň ýanyna
gelip:
— Indi näme etmeli? — diýip, maslahat sorady. Onda. Ýasmak mama:
—Howzuň aşagynda ätiýäç üçin salnan jaý bardyr. Indi şol jaýda gizlemek gerek—diýdi.
Şasenem Garyby eltip, şol howzuň aşagşdaky jaýda gizledi.
Onýança patyşa tarapyndan iberilen ýasawullar geldiler. Ýene-de agtaryp başladylar. Gelenler
köp agtardylar, emma Garyby tapmadylar. Ýene-de yzlaryna gaýdyp, patyşaga:
— Eý keremli patyşahymyz, köşgi şunça agtardyk, onuň ýaly adam tapmadyk — diýdiler.
Patyşa gazaba çykyp:
— Kenizi, müneçjimleri, gurra atyjylary öldüriň! — diýip, jellatlara buýurdy. Jellatlar derrew
olary gyrdylar.
Indi sözi Şasenemden eşideliň. Şasenem bularyň, öldürilendiklerini eşidip, köňli hoş bolup:
— Eý Akja, indi duşmanlardan gutuldyk. Garyp jany getir — diýip, bir gazal aýtdy:
Akja, bu gün tende janym
Çykmazdan, janany getir,
Müsür ilinde Ýusup kimin,
Şol bendi-zyndany getir.
50
Biziň bilen wada kylan,
Türkmeni Öwreniş Merkez
Şasenem-Garyp
Rahat berip, mähnet alan,
Jepa tygyn jana salan,
Gara bagry gany getir.
Hassa halyny soraýyn,
Bir niçe köňül bereýin,
Doýynçam, ýüzün göreýin,
Baryp, Garyp jany getir.
Ötdi meger ýar fyragy,
Gahba pelek goýdy dagy,
Bir agyz sözüň soragy!
Şol dagy-hijrany getir.
Şasenem diýr, gara bagtym,
Ýandy, kül boldy bu rahtym36
Ýakyn geldi öler wagtym,
Derdime darmany getir.
— Oýadan soň Akja baryp, Garyby çykaryp alyp geldi. Şasenem:
— Eý Garyp jan, meniň üçin zyndanda galdyň — diýip, Garybyň ýüzün-gözün sypalap, ýüzüniň
tozuny ýaglygy bilen süpürip, onuň köňlüni almak üçin bir gazal aýtdy:
Aşyk bolup, ýar jebrini çekmegen,
Onuň aşyklygna ygtybar olmaz,
Ýar ýolunda gözde ýaşyn dökmegen,
Onuň syrry ile äşikär olmaz.
Hoşwagt ömrüň köýüp-ýakyp ötürme,
Çaşyrma aklyňy, pähmiň ýitirme,
Gel, dostum, köňlüňe gaýgy getirme,
Zamanyň, hemişe beýle da:r olmaz.
Jyda boldum diýip, bolma hasratda,
Enşalla, sag men, bolma külpetde,
Götergil başyňy, bolgul söhbetde,
Bilbil gülüň degresinde har olmaz.
Perwana dek özün oda salmaýan,
‫ بزگ‬،‫ اسباب‬،‫ اشیک‬-‫رخت= اگین‬
51
36
Türkmeni Öwreniş Merkez
Şasenem-Garyp
Mansur deýin analhak37 diýp ölmeýen,
Ysmaýyl dek özün gurban kylmaýan,
Aşyk men diýgende, ygtybar olmaz.
Senem aýdar, iýme gaýgy-hijrany,
Yşk derdiniň bolmaz eken dermany,
Bir gün sowurarlar ajal harmany,
Bu dünýä hiç kime wepadar olmaz.
Şasenem sözüni tamam etdi. Bular entek bu ýerde galybersýn.
Indi sözi Şah Apbasdan eşideliň. Şah Apbas:
— Meniň gyzyma köp töhmetler edildi — diýip, Abdylla diýen wezirine kyrk atly berip:
— Baryň Şasenemiň köşgüniň töwereginde boluň—diýdi, Abdylla kyrk atlysy bilen bagyň
töweregine gelip düşdi. Günlerde bir gün Abdylla weziriň nökerlerinden birisi serhowzuň
başynda, serwi agajyň saýasynda Şasenem bilen bir ýigidiň oturanyny gördi. Bu syry baryp,
Abdylla wezire habar berdi. Abdylla wezir gelip görse, bu waka dogry eken.
Wezir Şasenemi çagyryp:
— Eý Şasenem, sen näme işler edip ýörýärsiň? Ataň kenizi, müneçjimleri, gurraçylary öldürip,
olaryň nahak ganyna galdy. Emma hakykatda olaryň sözi dogry eken! — diýdi. Şasenem:
— Bu ýigit meniň myhmanymdyr, muňa degme — diýip Abdylla wezire ýalbaryp, bir gazal
aýtdy:
Köp gyssama, ýarym aklyn çaşyrar,
Degmegil ýaryma, alla yşkyna!
Maňa duşan bu yşk barçaga duşar,
Degmegil ýaryma, alla yşkyka!
Atam ibermişdir seni permana,
Ne işiň bar ýagşy bilen ýamana!
Gulak sal, Abdylla, syrry-pinhana,
Degmegil ýaryma, alla yşkyna!
Men bir biçäre men, zarym dilimde,
Herne kylsaň, ygtyýaryň eliňde,
Giriftar etmegil duşman golunda,
Dsgmegil ýaryma, alla yşkyna!
‫ حقیقت من دیرین معنی سینده‬،‫عن الحق= حق‬
52
37
Türkmeni Öwreniş Merkez
Şasenem-Garyp
Bizi alyp barsaň atam ýanyna.
Atam galar aşyklaryň ganyna,
Sen galarsyň melamatyň känine,
Degmegil ýaryma, alla yşkyna!
Senem diýr, bereýin dünýä malyny,
Tükel38-hazynamyň herne baryny,
Äşgär etme aşyklaryň syryny,
Degmegil ýaryma, alla yşkyna!
Elkyssa, Şasenem, Abdyllaga hem onunyň nökerlerine kyrk galkan zer berdi. Abdylla muňa
hoşwagt bolup:
— Patyşaga baryp «beýle adam göremzok» diýip aýdarys, siz arkaýyn boluň — diýdi.
Abdylla özüniň bu ýerde bolmaly möhleti tamam bolandan soň, atlylar bilen gaýdyp gitdi. Baryp
patyşaga:
— Eý keremli soltanym, biz Şasenemiň köşgüniň töwereginde şunça gün bolduk, emma onuň
ýanynda hiç ýat ýigit görmedik — diýip, Şah Apbasa habar berdi.
Abdylla wezir gidenden soň, Şasenem Garyba:
— Eý Garyp jan, «Adam alasy içinde, haýwan alasy daşynda» diýenleridir. Kim bilýär, belkide, Abdylla baryp, bu syry patyşaga aýdar. Oňa göre-de bu gürrüňler bir az könelişinçä, sen
başga bir şähere gitseň, ýene bular unudylyşansoň, gaýdyp gelseň — diýip, Garyba garap, bir
gazal aýtdy:
Garyp, dostum, et gamyňny,
Duşman kär ätmezden burun.
Erte bilen seni, meni
Ýasawul iýtmezden burun.
Säher geler mahasyrlar39,
Çar tarapyň gurşap alar,
Seni ýowuz güne salar,
Gaçawer, tutmazdan burun.
Erte geler munda ýatan,
Seni meniň bile tutan,
Bir özge ýerde et watan,
Äşgär etmezden burun.
39 Mähessiller bolsa gerek= ‫حاصئل یئغنایان مأمور—بو یرده یاساول‬/‫ مالیات‬،‫محصل‬
53
38 Tükel=Barysy, hemmesi
Türkmeni Öwreniş Merkez
Şasenem-Garyp
Gutulawer mundan gaçyp,
Gözüň ýumup, menden geçip,
Bir aždarha agzyn açyp,
Wehm ile ýutmazdan burun.
Şasenem diýr, hijran ýeli
Çar tarapdan öwser weli,
Başga ýana ömrüm güli,
Talanyp gitmezden burun.
Şasenemiň bu sözni eşidenden soň, Garyp:
— Janyndan gorkup, magşugynyň ýanyndan gitmek aşyklar üçin a:rdyr. Men ölsem hem, seniň
ýanyňdan gitmerin — diýip, bir gazal aýtdy:
Maňa mundan gitmek bolmaz,
Ataň tutup almagynça.
Halyl kibi zulum çekip,
Hijr oduna salmagynça.
Jan bagly zülpüň taryna,
Baş goýup ataň daryna,
Guzy dek gurban ýerine,
Ataň tutup çalmagynça.
Sen gezer sen gülgün geýip,
Hal üstüne hallar goýup,
Kaknus kimin otga köýüp,
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 4
  • Parts
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 1
    Total number of words is 3738
    Total number of unique words is 1949
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 2
    Total number of words is 3949
    Total number of unique words is 1733
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 3
    Total number of words is 3808
    Total number of unique words is 1777
    26.2 of words are in the 2000 most common words
    39.8 of words are in the 5000 most common words
    45.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 4
    Total number of words is 3840
    Total number of unique words is 1702
    27.3 of words are in the 2000 most common words
    40.1 of words are in the 5000 most common words
    47.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 5
    Total number of words is 3813
    Total number of unique words is 1685
    27.9 of words are in the 2000 most common words
    41.1 of words are in the 5000 most common words
    47.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 6
    Total number of words is 3809
    Total number of unique words is 1853
    25.6 of words are in the 2000 most common words
    38.5 of words are in the 5000 most common words
    44.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 7
    Total number of words is 3826
    Total number of unique words is 1710
    28.5 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    47.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 8
    Total number of words is 3872
    Total number of unique words is 1706
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    42.5 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 9
    Total number of words is 1221
    Total number of unique words is 721
    33.7 of words are in the 2000 most common words
    48.8 of words are in the 5000 most common words
    55.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.