Latin

Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 8

Total number of words is 3872
Total number of unique words is 1706
30.5 of words are in the 2000 most common words
42.5 of words are in the 5000 most common words
48.9 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Ýarymyň adyna Gülnahal diýrler.
Şah Apbas ýaryma gyzym diýmişdir,
Senemiň köşgüne gönderenmişdir,
Akja gelin diýmek ne ýaman işdir,
Ýarymyň adyna Gülnahal diýrler.
Ezber hoja diýer, bezirgen idim,
Ömrüm hoş geçirgen bir kerwen idim,
Bir ýaryň yşkynda sergezdan idim,
Meniň hem adyma Ezber jan diýrler.
Şasenem, Ezber hojadan bu sözi eşiden badyna köşkden düşüp, Garyby sorap, bir gazal aýtdy,
Ezber hoja hem jogap berdi:
Şasenem:— Bezirgenler başy, gül ýüzli Hojam,
Görseň, bilseň, Garybymdan habar ber!
Rastyňy sözlegil, çyn sözli Hojam,
Görseň, bilseň, Garybymdan habar ber!
Ezber:— Sadagaň bolaýyn, gül ýüzli Senem!
Sabr edewer, sagdyr, geler Garybyň.
Köp ýeri seýr edip gelmişem menem,
Sabr edewer, sagdyr, geler Garybyň.
Şasenem:— Sözle, Hojam, özüň kaýdan gelir sen?
Çar tarapdan niçik habar bilir sen?
Çyn sözlegil, Hojam, ýogsa ölür sen!
Görseň, bilseň, Garybymdan habar ber!
Ezber:— Kylmyşym ne boldy, nedir günäýim?
Mesgenim uzakdyr, Halapdyr jaýym,
Dadyňa ýetişsin kadyr hudaýym,
Sabr edewer, sagdyr, geler Garybyň.
Şasenem:— Kişiniň söwdügi şeýle bolarmy?
Owal söýüp, soňra gözden salarmy?
Ýaryn şeýle agladyban galarmy?
136
Görseň, bilseň, Garybymdan habar ber!
Türkmeni Öwreniş Merkez
Şasenem-Garyp
Ezber:— Ýedi ýyldyr, hergiz oýpnap gülen ýok,
Menden özge kişi syrdaş bolan ýok,
Senem jan, gam çekme, Garyp ölen ýok,
Sabr edewer, sagdyr, geler Gargoyň.
Şasenem:— Uzyn-uzyn, belent daglar aşdymy?
Hijranyň oduna köýüp-bişdimi?
Ýa ki pelek urup, bende düşdümi?
Görseň, bilseň, Garybymdan habar ber!
Ezber:— Senem, siziň bile gardaş bolaly,
Garybyň yzyndan sorag salaly,
Ýaryňy gowşuryp, ýarym alaly,
Sabr edewer, sagdyr, geler Garybyň.
Şasenem:— Kabul etseň, Hojam, bolaly gardaş,
Gözlerimden akan ganly doly ýaş,
Halap-Şirwan gitseň, bolaly ýoldaş,
Görseň, bilseň, Garybymdan habar ber!
Ezber:— Biziň bilen gitseň, ataňyz biler,
Hökm eder beglere, gutarmaz, alar,
Bize şum ölümiň ysnady galar,
Sabr edewer, sagdyr, geler Garybyň.
Şasenem:— Meniň sabr edere ýokdur kararym,
Söýmüşem bir ýary, ýok namys-arym
Ýaradan biribar bolsun penahym, ,
Görseň, bilseň, Garybymdan habar ber!
Ezber:— Mesgenim Halapdyr, adymyz Ezber,
Ol turur Muhammet jahana serwer
Garyp üçin Akja gelni nezir ber,
Sabr edewer, sagdyr, geler Garybyň.
Şasenem:— Hoja, rehmiň gelsin, Şasenem gyza,
Täk galyp, Akjany bermenem size.
Akja diýseň, getir Garybym bize!
137
Görseň, bilseň, Garybşdan habar ber!
Türkmeni Öwreniş Merkez
Şasenem-Garyp
Mundan soň Şasenem, Ezber hojany köşgüne alyp bardy. Gülnahal bilen Şasenem Ezber hojaga
dürli naharlar taýýarlap, bir näçe gün oňa yzzat-hormat etdiler. Soň Ezber hoja Şasenemden
Akjany bermegini sorady. Şasenem Ezber hojanyň owal Garyby getirip berip, soň Akjany alyp
gitmegini isledi. Ezber hoja hem Garyby tapyp, getirip bermäge razy boldy.
Mundan soň Şasenem, Ezber hoja köp zer berip:
— Eý Hoja, mundan Halap-Şirwana bar, uly toý ber, hemme bagşy-sazandalary ýygna, Garyby
tapmagyň alamaty şol bolar. Toýda hemme şadyýan bolar. Garyp, belki-de, hiç oýnamaz, gülmez
— diýdi. Garybyň bir pyçagy hem desmaly ýadygärlik galypdy. Şasenemde ony Ezber hoja berdi.
Ýene özüniň bir ýüzügini bellik üçin berdi. Mundan soň Ezber hoja Halap-Şirwana ugramakçy
boldy. Garybyň tiz gelmegýni isläp, Şasenem oňa garap, bir gazal aýtdy:
Mundan gider bolsaň Halap-Şirwana,
Barsaň, salam diýgil, gelsin Garybym!
Hasratyndan boldum däli-diwana,
Barsaň, salam diýgil, gelsin Garybym!
Bezirgen Hojasy, Mekge hajysy,
Agzymy talh etdi pyrkat aldysy,
Aglamakdan kör bolupdyr bajysy,
Barsaň, salam diýgil, gelsin Garybym!
Ýaşylbaşy uçdy, galdy sonasy,
Hijran çekip, yşk oduna ýanasy,
Aglamakdan kör bolupdyr enesi,
Barsaň, salam diýgil, gelsin Garybym!
Bezirgen Hojasy ýükün baglady,
Senem roýmal95 alyp, girýan aglady,
Kesip gara bagryn, oda daglady.
Barsaň, salam diýgil, gelsin Garybym!
Bu gün Şawelediň toýun tutdular,
At oýnadyp, altyngabak atdylar,
Şasenemi Şawelede çatdylar,
Barsaň, salam diýgil, gelsin Garybym!
Hoja, barsaň ýalançynyň ýanyna,
Ýanar otlar salgyn onuň janyna,
‫ یاغلئق‬،‫روی مال= دستمال‬
138
95
Türkmeni Öwreniş Merkez
Şasenem-Garyp
Otuz iki gün galdy toýuň şanyna,
Barsaň, salam diýgil, gelsin Garybym!
Atam enem kowdylar, gitmedim,
Ak ýüzüme perdelerim tutmadym,
Şaweledi hergiz kabu l etmedim,
Barsaň, salam diýgil, gelsin Garybym!
Ýedi ýyldan sanalgy gün galypdyr,
Şawelet tilimden wada alypdyr,
Gül ýüzüm sargaryp, reňgim solupdyr.
Barsaň, salam diýgil, gelsin Garybym!
Ýörese, biliner aşygyň yzy,
Kör bolsun, ýumulsyn rakybyň gözi!
Alym Şasenemdir, Şsapbas gyzy,
Barsaň, salam diýgil, gelsin Garybym!
Şasenem bu sözi tamam edenden soň, Ezber hoja Halap-Şirwana ugrady. Az ýöräp-köp ýöräp,
Halap- Şirwaň şäherine baryp, öýüne düşdi.
Ezber hoja, Garyby tapmak üçin, toý edip başlady, bagşy-sazanda baryny ýygnady.
Adamlar öz zowky-sapasy, şatlyklary bilen bolubersinler.
Indi sezi Garypdap eşidelkň. Garyp garaňky düşende bir ýerden şol özüniň eneliginiň öýüne
bardy, ah çekip, zar-zar aglap oturdy. Eneligi:
— Eý oglum, saňa näme boldy, hemişe ah çekip, aglap ýörürsen? Seniň asla gülüp-oýnap geleniňi
görmedim — diýdi.
Garyp oňa jogap bermedi. Onda ene:
— Eý oglum, Garyp jan, Ezber hoja diýen adam bir uly toý edýärmiş. Hemme adam şoňa gidýär.
Sen hem toýa barsaň, köňlüň açylar — diýdi.
Ol gije ötdi. Ertesi Garyp, Ezber hojanyň toýuna bardy. Görse, bir uly toý, her kim öz wagty
hoşlugy bilen meşgul. Garyp märekäniň bir ýan çetinde oturdy. Hiç kim bilen onuň işi ýok.
Bir wagtdan Ezber hojanyň Garyba gözi düşüp:
—Eý ýigit, toýda oýnarlar, gülerler. Seniň hiç zat bilen işiň ýok, gel bolmas-a, et dogramaga
kömekleş — diýdi.
Onda Garyp:
— Et dogramaga kömekleşerdim weli, ýanymda pyçagym ýok - diýdi. Onda Ezber hoja:
ýanynda goýdy. Garyp özüniň pyçagy blen desmalyny tanady. Emma «munuň soňy nähili bolup
139
— Men pyçak bereýin — diýip, Şasenemiň beren pyçagyny hem desmalyny çykaryp, Garybyň
Türkmeni Öwreniş Merkez
Şasenem-Garyp
çykar, göreli» dýen pikir bilen, bilmezlige salyp, desmaly biline gyssyryp, et dogramaga oturdy.
Ondan soň Ezber hoja bir käsä şerap guýup, oňa Şasenemiň ýüzugini salyp, käsäni ýokary
göterip:
— Şasenemi söýen adam bu şeraby içsin!—diýip, belent ses bilen iki, üç ýola gygyrdy. Hiç
kimden ses çykmady. Dördülenji gygyranda, Garyp barypp şeraby içdi, ýüzük Garkbyň agzyna
geldi. Garyp ýüzügi hem tanady.
Garyp: «Şasenem ölüpdir, ony bildirmek üçiň, bu ýüzügi, pyçagy hem desmaly Akja maňa
iberendir. Wadaryga! Şasenem öldümikä?» diýip aglady:
Goý men, zar-zar aglaýyn,
Akyl hyýalym aldyrdym.
Patyşadan ýetdi zulum.
Täze nahalym aldyrdym.
Ýaryň goly bahar-ýazly,
Daýyma sohbetli, sazly.
Gül ýüzli, toty agyzly,
Gunça dahanym aldyrdym.
Zebun boldy meniň halym,
Senem üçin çykar janym,
Bu derde ýokdur dermanym,
Gaşy helalym aldyrdym.
Bolmazdyr indi amanym,
Serimden geçdi hyýalym,
Aýrylyp ruhy-rowanym,
Gaşy kemanym aldyrdym.
Garyp aýdar, Senem ýarym,
Hazanlar urdy gülzarym,
Ýürekde galdy armanym,
Arietimni96 aldyrdym.
Ezber hoja Garyby nalyşyndan tanap:
— Eý Garyp, aglama, Şasenem sagdyr—dýidi. Onda Garyp, Ezber hojadan Şasenemi sorap, bir
gazal aýtdy, Ezber hoja hem oňa jogap berdi:
96
.‫عاریت بولسا گرک = عوضینه آلنان بیر زات‬
140
Garyp: — Gurbanyň bolaýyn, gul ýüzli Hojam!
Türkmeni Öwreniş Merkez
Şasenem-Garyp
Sen meniň, ýarymy sen niçik gördüň?
Her günüm bir ýyldyr, gündüzim-gijäm,
Sen meniň ýarymy sen niçik gördüň?
Ezber: — Senem jan diýerler, Şah Apbas gyzy,
Men seniň ýaryňy şundaýyn gördüm,
«Garybym» diýp, mydam girýandyr gözi,
Men seniň ýaryňy şundaýyn gördüm!
Garyp: — Hijrinde kylyr men pygany-zary,
Men hastadan ýokmy anyň habary.
Sözle, hojam, gitsin köňül gubary,
Sen meniň ýarymy sen niçik gördüň?
Ezber: Şasenem gyz aglar, söwer ýarym diýp,
Bir pyçak gönderdi, ýadygärim diýp,
Şaweletden gizlin, sizni ýarym dýýp,
Men seniň ýaryňy şundaýyn gärdüm.
Garyp: — Şasenem ýekemi, barmy ýoldaşy?
Syryňy bildimi onuň syrdaşy?
Ýoksa gyryldymy kowmy-gardaşy?
Sen meniň ýarymy sen niçik gördüň?
Ezber:— Şasenemiň sen-sen dagy hijrany,
Arzuwly çarbagy, köňül armany,
Sen-sen söwer ýary, ýagty jahany,
Men seniň ýaryňy şundaýyn gördüm.
Garyp: — Senem ak geýipmi, ýogsa garalar?
Hanjar alyp ýürek bagrym paralar,
Indi maňa haram boldy aralar,
Sen meniň ýarymy sen niçik gördüň?
Ezber: — Seneme degipdir yşkyň söwdasy,
Ýardan akra duşüp, tutupdyr ýasy,
Geýgeni al degil, misgin lybasy,
Men seniň ýaryňy şundaýyn gördüm.
141
Garyp: — Çykar idim eýwanyna, köşgüne,
Türkmeni Öwreniş Merkez
Şasenem-Garyp
Batar idim anbaryna, müşküne.
Seni, meni ýaradanyň yşkyna,
Sen meniň ýarymy sen niçik gördüň?
Ezber: — Hiç hederi ýokdur anyň gülünden,
Şeraby-gam, içer pyrkat elinden,
Üç güni galypdyr ýedi ýylykdan,
Men seniň ýaryňy şundaýyn gördüm.
Garyp: — Senemiň ýoldaşy ol bajym, enem,
Garyp, Şasenem diýp örtenip ýanam.
Hojam ýagşy danyş, sözüňden ganam,
Sen meniň ýarşy sen niçik gördüň?
Ezber: — «Ezber, kyýamatlyk agam bol!» diýdi,
Garybyň yzyndan sorag sal!» diýdi,
«Ýarymy getirip, ýaryň al!» diýdi,
Men seniň ýaryňy şundanyn gördüm.
Ikisi bu sözi tamam etdiler. Ezber hoja:
Eý Garyp, men seni eltip öz golum bilen gowşurmagy Şaseneme wada etdim. Şasenemi Şawelede
bermekçi bolupdyrlar. Şasenem ýedi aý möhlet alypdyr. Ol möhletden ýene üç güni galdy. Eger
şol möhlet içinde ýetişmesek, Şasenem seniň goluňdan gidýär — diýip, gören-eşidenlerini beýan
etdi-de, Garyby alyp, ýola ugrayakçy boldy. Onda Garyp:
— Eý Hojam, men bu şäherde ýedi ýyldan bäri ýaşaýarym. Bir näçe tanyş-bilişlerim bar. Men
bolýan öýüm, deň-duşlarym bilen hoşlaşyp geleýin, siz baryp, Soltan Töwrüze zyýarat edip
oturyň — diýip, çykyp gitdi.
Garyp garry enäniň öýüne baryp, eneligi hem deň-duşlary bilen hoşlaşyp, bir gazal aýtdy:
Men gider men, Diýarbekir iline,
Gider boldum, jan mama jan, hoş galyň!
Bilbilem, gonar men ýaryň gülüne,
Gider boldum, jan mama jan, hoş galyň!
Bahar bolsa, ýene geler ýazlary,
Kölünden suw içer guba gazlary,
Biziň iliň karkaradar gyzlary,
Gider boldum, jan mama jan, hoş galyň!
142
Bize munda oturdaşlyk kylanlar,
Türkmeni Öwreniş Merkez
Şasenem-Garyp
Perişan halyma nazar salanlar,
Kowum-gardaş, ilim-gunüm bolanlar,
Gider boldum, ýary-ýaran, hoş galyň!
Garyp aýdar, rugsat beriň, gideýin,
Perwaz edip, ýar ýanyna ýeteýin,
Ýarym bilen zowky-sapa tutaýyn,
Gider boldum, jan mama jan, hoş galyň!
Garyp bu sözüni tamam edenden soň, garry ene oňa gitmäge rugsat berdi. Garyp garrynyň
öýünden ugramakçy bolup durka, Garyba köpden bäri aşyk bolup ýören nanbaýyň97 gyzy gelip:
— Eý Garyp, meni hem özüň bilen bile alyp git — diýip ýalbardy. Garyp ol gyza garap, bir gazal
aýtdy:
Men saňa diýeýin, gül ýüzli nigar,
Saňa köňül bersem, onda ýar aglar.98
Alyp sen sabrymy, ýokdur kararym,
Saňa köňül bersem, onda ýar aglar.
Yşk riştesi bilen bilim baglagan,
Hasrat ody bilei bagrym daglagan,
Ýedi ýyldyr, ýola garap aglagan,
Saňa köňül bersem, onda ýar aglar.
Boýnuň burup, bizni melul kylmagyl,
Gözdäki ýaşyňy Jekhun kylmagyl,
Özüň Leýli, bizi Mejnun kylmagyl,
Saňa köňül bersem, onda ýar aglar.
Gara zülpli, meni perişan kylma,
Yşk hanjary bilen bagrymy dilme,
Gelgil, ýarym, çeşmi-giriýan olma,
Saňa köňül bersem, onda ýar aglar.
Garyp diýrler, çyn aşygyň özüdir,
Janym algan şum rakybyň sözüdir,
Meniň ýarym Şah Apbasyň gyzydyr,
Saňa köňül bersem, onda ýar aglar.
.‫نانوا= چؤرکچی بولسا گرک‬
98 Zöhre-Tahyr dessanynda hem iki ýar (Zöhra bilen Mahym) gürrüňi bar.
143
97
Türkmeni Öwreniş Merkez
Şasenem-Garyp
Bu sözdsn soň Garyp olar bilen hoşlaşyp, Diýarbekire ugrady.
Biraz ýol ýöräninden soň, onuň yzyndan bir gyr atly ýetip:
— Eý ýigit, niräk barýarsyň? — diýdi. Garyp:
— Diýarbekire — diýip, jogap berdin. Onda ol atly:
— Eý ýigit, gel, ata min!—diýdi.
Garyp ata mindi. Ol atly Garyby alyp gitdi. Baryp Töwriz şäherine ýetdiler. Ol atly atdan düşüp,
öýle namazyny okamaga durdy. Garyp oňa garaşman, şähere tarap ýüzlenip gitdi.
Şol wagt Töwriziň patyşasy bir gyzdy. Garyp köçäniň ugry bilen barýarka, patyşanyň gözi Garyba
düşdi-de, ony tutup alyp gelmegi buýruk etdi. Garyby tutup, patyşanyň ýanyna alyp geldiler.
Patyşa:
— Eý ýigit, nireden gelip, nirä baryrsen? Kim sen, näme käriň bar? —diýip sorady. Garyp:
— Men aşyk99, adyma Garyp diýerler. Men Şasenem atly bir gyza aşykdyryn — diýdi.
Patyşa:
Aşyk bolan adamyň müň tümenlik aty gerek. Seniň başyň kel, bolşuň şu, sen şu sypatyň bilen
nähili aşyk bolar sen? —diýip, Garybyň üstünden güldi. Onda Garyp:
— Men özgelere ýaman sypatda bolsam-da, Şasenem meni söýýär — diýdi.
Onda patyşa gyz:
— Men saňa bir ýagşy gyz alyp bereýin, sen şu ýerde gal — diýdi.
Onda Garyp:
— Men Şasenemi söýdüm, şondan başga gyzy almaryn — diýdi.
Patyşa gyz:
— Meni-de almazmyň? — diýdi.
Garyp:
— Seni-de almaryn — diýdi.
Patyşa gyz:
— Eger Şasenem şeýle gözel bolsa, ony bir ta:ryp edip ber, biz hem eşideli—diýdi. Garybyň
ýüregi joşup, Şasenemi taryp edip, bir gazal aýtdy:
Işigi eýwanly, bakjaly, bagly,
Hoş ajap jaýlary bardyr Senemiň;
Ajap tomaşaly hem ak otagly,
Bostanly seýrany bardyr Senemiň.
Bu natywan çeşmim yşkynda zary,
Gamzasy jan alar, şirin güftary,
99 Aşyk=Ozan, bagşy
144
Köňlüme hoş ýakar ajap reftary,
Türkmeni Öwreniş Merkez
Şasenem-Garyp
Tylladan şanasy100 bardyr Senemiň.
Senemiň gaýgysyn weýran etmäge,
Bagy bar, sallanyp seýran etmäge,
Kirpigi jesedim haýran etmäge,
Başynda jygasy bardyr Senemiň.
Özi hoş gylykly, goly sazlydyr,
Algyr laçyn guşly, tugun, bazlydyr
Bagly, ser-howuzly, guba gazlydyr,
Kölünde sonasy bardyr Senemiň.
Ýedi ýyldyr, men ýarymdan jyda men
Başym gurban, ýolunda ha:ki-pa: men,
Ýedi ýyldan bäri köýüp, eda men,
Ýüregimde dagy bardyr Senemiň.
Gözelden gözeliň köp bolar parhy,
Ýetişmez olara huplaryň nyrhy,
Atasydyr göýä, pelegiň çarhy,
Perizat enesi bardyr Senemiň.
Gelipdir aşyklar jandan geçmäge,
Aşyklaryň batyl ýolun açmaga,
Gülgün käsä guýup, şerap içmäge,
Tylladan binasy101 bardyr Senemiň.
Mahy-ta:ban içre misli mahydyr,
Aý-ýyllar çekdigim şonuň ahydyr,
Garyp Şasenemiň kyblagähidir,
Dilinde senasy bardyr Senemiň.
Şu sözden soň patyşa gyz:
— Onuň ýaly ýary bolan adam özge gyzy söýmez! Eý Garyp, bar-da Şasenemiňe gowuş. Ýöne gel,
men seni adam sypatly ýagşy geýindirip ibereýin — diýip, Garyba ýagşy geýimler geýindirip,
ýagşy at hem ýarag berdi. Soňra bolsa:
— Indi Şaseneme mynasyp bolduň! — diýip, ony ýola saldy.
101
‫شانه= داراق‬
‫؟‬
145
100
Türkmeni Öwreniş Merkez
Şasenem-Garyp
Garyp şäherden çykansoň, bar zadyny mätäçlere paýlap, ýene-de owalkysy ýaly köne egineşikde ýola ugrady.
Biraz ýol ýöränsoň, häki gyr atly yzyndan ýetip:
— Ata min! — diýdi. Garyp ata mindi.
— Gözüňi ýum!— diýdi. Garyp gözüni ýumdy.
— Gozüňi aç! — diýdi. Garyp gözüni açdy.
— Atdan düş! —diýdi. Garyp atdan düşdi.
Ol:
— Eý Garyp, bilgil, men Şahymerdan bolur men. Ýedi ýyldan bäri eneň hem uýaň aglaý-aglaý,
gözleri kör bolandyr. Bu düldüliň/at aýak astyndan toprak al, soň ony eneň hem uýaň gözlerine
sürtseň, enşalla, gözleri açylar — diýdi.
Garyp ol toprakdan alyp, töweregine seretse, hiç kim ýok.
Garyp ýene ýola ugrady, öňünden bir göç çykdy. Göçüň öňünden bir ýaş gelin gelirdi. Garyp ol
gelni Şaseneme meňzedip, oňa garap, bir gazal aýtdy:
Dilber, mestana ýörişiň,
Ýörişiň ýaryma meňzär.
Gabak ýumup, gaş kakyşyň,
Kakyşyň ýaryma meňzär!
Bilbilem, gonam baglara,
Döze bilmen bu daglara,
O daglardan bu daglara
Çykyşyň ýaryma meňzär.
Zülpüň her ýana döküşiň.
Jeren dek oýnap-böküşiň,
Müşki-anbar dek kokunşň,
Kokuşyň ýaryma meňzär.
Gamzany jana salyşyň,
Tenden janymy alyşyň,
Kah-kah urup, ýar, gülüşiň,
Gülüşiň ýaryma meňzär.
Garyby oda ýakyşyň,
Tylladan heýkel dakyşyň,
Bakyşyň ýaryma meňzär.
146
Her ýan-her ýana bakyşyň,
Türkmeni Öwreniş Merkez
Şasenem-Garyp
Garyp sözüni tamam edip, ýoluna rowana boldy. Garyp agşam ara enesiniň öýüne bardy. Görse,
enesi bilen uýasynyň aglamakdan iki gözi kör bolupdyr. Garyp işikden baryp:
— Essalawmaleýkim, eý mama, myhman alarmysyň? — diýdi.
Mama salamyn alyp:
— Eý balam, biziň ikimiz hem kör, onuň üstüne-de birimiz dul aýal, birimiz ýetim gyz, biziň iýere
içere zadymyz ýok. Emma bu ýerde myhman bolmak üçin baý adamlar bar — diýdi.
Onda Garyp:
— Eý mama, maňa seniň aş-nanyň gerek däl, maňa diňe öýüňde ýatara jaý berseň bolar —diýdi.
Onda Garybyň uýasy:
— Eý ene, meniň agam Garyp hem bir ýerlerde şunuň ýaly bolup ýörendir, goý ýatsa ýatsyn,
muňa degme — diýdi.
Enesi razy boldy. Garyp bu gije ýatdy. Bir az wagtdan gulagyna toý şowhuny eşidilip başlady.
Garybyň ukusy gaçdy. Mama ýigidiň ukusynyň gelmeýänligini duýup:
— Eý ýigit, näme üçin ýatmaýarsyňyz? — diýdi.
Onda Garyp:
— Eý mama, bu şowhun näme? — diýip sorady. Onda mama:
— Eý balam, sen meniň derdimi gozgama. Şah Apbasyň gyzy Şasenemi Şawelede bermekçi
bolupdyrlar. Şasenem ýedi aý möhlet alyp, ýedi aýdan soň Şawelede baraýyn diýipdir. Bu gün
onuň iň soňky güni, ýedi aý bäri gije-gündiz toý etdiler. Bu şowhun şol toýuň şowhunydyr —
diýip, aglamaga başlady.
Onda Garyp:
— Onuň ýaly bolsa, men hem şol toýa barsam, nähili bolarka? — diýip sorady,
Mama:
— Özüň bil, oglum, gidesiň gelse, gidip gör — diýdi.
Onda Garyp:
— Mama! Meniň dutarym ýok, sen maňa bir tamdyra tapyp berip bilmezmiň? — diýdi.
Onda mama:
— Eý oglum, meniň Garyp atly ýalňyz bir oglum bardy, ol gideli bäri, şol tamdyrany bagrymy
basyp, ýanan ýüregimi sowudar men. Ony sen alyp gitseň — diýip, heniz sözüni gutarmanka,
Garybyň uýasy asylgy duran tamdyrany alyp, Garyba uzatdy. Garyp oňa täze kiriş dakyp,
çalmaga başlady. Şol wagt Garybyň enesi tamdyranyň çalynyşyny ogly Garybyň çalşyna
meňzedip, zar-zar aglap, bir gazal aýtdy:
Halap-Şirwandan ýol aşyp,
Ser perdeden mukam kesip,
147
Gelişiň ogluma meňzär.
Türkmeni Öwreniş Merkez
Şasenem-Garyp
Çalyşyň ogluma meňzär.
Üç ýüz altmyş elli gaýyp,
Bu garyp jan ýandy köýüp,
Her säherler Senem diýip,
Nalyşyň ogluma meňzär.
Halap-Şirwana baryban,
Jebri-jepalar görüban,
Zagpyran dek sargaryban,
Soluşyň, ogluma meňzär.
Gözüm ýok, ýüzüň görmäge,
Mejalym galmaz sormaga,
Kararym gitdi durmaga,
Boluşyň ogluma meňzär.
Abadan diýr, janym köýer,
Gan aglasam, rakyp duýar,
Sözleriňi janym söýer,
Ýanyşyň ogluma meňzer.
Soňra Abadan Garyba ýüzlenip:
— Köşegim gawy saz çalyp biler sen, indi bir-iki agyz söz hem aýdyp ber — diýdi.
Garyp ýaňy söze başlanynda, Abadan onuň sözleýşini ogly Garyba meňzedip, ýene bir gazal
aýtdy.
Hak özi ýetirgen eziz myhmanym!
Janyma meňzedi nalyşyň seniň;
Tiz habaryň bergil, çykmazdan janym,
Janyma meňzedi sözleşiň seniň.
Bir balam gidipdir, halym gidipdir,
Döwletim gidipdir, malym gidipdir,
Garyp atly meniň oglum gidipdir,
Ogluma meňzedi towuşyň seniň.
Owal başda meniň ýazym gidipdir,
Kölümden ördegim, gazym gidipdir,
Guzyma meňzedi mäleşiň seniň.
148
Goýnumdan aýrylyp, guzym gidipdir,
Türkmeni Öwreniş Merkez
Şasenem-Garyp
Baglarym gidipdir, barym gidipdir,
Behişdim, ferdewsim, hüýrüm gidipdir,
Hatardan aýrylyp, nerim gidipdir,
Nerime meňzedi bozlaşyň seniň.
Garyp baran jaýa sen hem baryp sen,
Onuň bilen sazy-söhbet gurup sen,
Ýa garyp sen, ýa Garyby görüp sen,
Ogluma meňzedi nalyşyň, seniň.
Garyp gitdi, soltan başym har oldy,
Garyby görmäge gözüm zar oldy,
Aglamakdan iki gözüm kör oldy.
Guzyma meňzedi sözleşiň seniň.
Abadan diýr, tende örtendi janym,
Jesedim içinde bu istihanym,
Garyp oglum diýer — takyk gümanym,
Ogluma meňzedi ýanyşyň seniň.
Abadan sözüni tamam edenden soň, Garyp:
— Eger birdenkä men Garypdyryn diýsem, Garyp ekenligimi oňa aýtsam, ýüregi ýarylyp öler,
nähili bosa-da, söz bilen başlaýyn — diýip, bir gazal aýtdy:
Halapdan munda gelmişem,
Ene, men garybam, garyp.
Terki watan eýlemişem,
Ene, men garybam, garyp.
Men çekdim köp ahy-zary,
Janym aldy derdi-dagy,
Garyp ussat, men şägirdi,
Ene, men garybam, garyp.
Rakyplara kaýyl bolma,
Garyp diýsem, maýyl bolma,
Onuň üçin saýyl bolma,
149
Ene, men garybam, garyp.
Türkmeni Öwreniş Merkez
Şasenem-Garyp
Tili baglyýem dünýäde,
Söwer ýarym gitdi ýada,
Şahymerdan ýetip dada,
Ene, men garybam, garyp.
Biz hem çekdik jebri-jepa,
Hiç kimden görmedik wepa,
Gözleriňe berem şypa,
Ene, men garybam, garga.
Al çeçek geýinmiş daglar,
Şüküfte — açylmyş baglar,
Tilim saýrar, didäm aglar,
Ene, men garybam, garyp.
Garyp gara dagdan aşyp,
Synasyna çoh dert goşup,
Gül ýüzüne perde düşüp,
Ene, men garybam, garyp.
Garyp aşyk, içip jamy,
Gezdi Halap, Rumy, Şamy,
Geldi — alar Şasnemi,
Ene, men garybam, garyp.
Bu sözden soň, Garybyň uýasy Güljemal zar aglap, bir gazal aýtdy:
Enejan, ýatyrdym bir ahwal gördüm,
Erenler geldiler gaşyma meniň.
Helaldan bir jyga alyp geldiler,
Perlerin sançdylar başyma meniň.
Munça ýyllar çekdim ah bilen zary,
Ýedi ýyldyr, gitdi, bolmaz habary,
Janym aldy agamyzyň nisary,
Ezizler- geldiler gaşyma meniň.
Alypdyr gözlerim, sabrym, kararym,
Niçe ýyl agama ýetmedi zarym,
150
Şasenem diýp agam-hyşym, pederim,
Türkmeni Öwreniş Merkez
Şasenem-Garyp
Söwdalar salypdyr başyma meniň.
Kadyr alla enaýatyn kylmasa,
Pigamberler şepagatyn kylmasa,
Güljemal diýr, ene, agam bolmasa,
Ne sebepden geler gaşyma meniň.
Bu sözden soň Garyp tamdyrany alyp gitmekçi boldy enesi onuň synyndan berk ýapyşyp:
— Sen Garypdan başga hiç kim bolmarsyň, gitme saklan! — diýip, alyp galmakçy boldy.
Garyp:
— Eý mama, sen däli bolduňmy? Her kimi görseň, Garyp diýip, synyndan asylyp ýörsüň, meni
goýber ahyry — diýip, dutaryny alyp, Şasenemiň toýuna ugrady. Barýarka, ýolda Garybyň tanyş
ýigitlerinden biri duş geldi. Ol ýigit Garyby tanap:
— Eý Garyp, Şah Apbas gyzyny Şawelede berdi. Sen ol ýere barma. Eger barsaň, belki-de, saňa
bir zyýan ýetirerler — diýdi. Onda Garyp:
— «Balygyň diriligi suw bilendir». Men Şasenemden galanymdan soň, näme bolanymda-da
bary bir. Näme etseler-de, baryp göreýin—diýip, ýene ugraberdi. Şasenemiň köşgüniň ýanynda
bir hüjrede ölügsije çyra ýanýardy. Garyp ol hüjrä bardy. Görse, bir galandar otyr. Garyp oňa
salam berdi, galandar onuň salamyny aldy, ikisi görüşdiler. Garyp oturyp, galandardan:
— Eý galandar, siz kaýsy ýurtdan bolarsyňyz? — diýdi. Onda galandar:
— Men Bagdat şährinden bolar men — diýip, Garyba şu wakany aýtdy:
«Bir wagtlar bir garry adam bolupdyr. Ol örän garypmyş, arkasy bilen odun daşap satarmyş. Ol
bir gün çölde odun köwläp ýörke, bir uly omçanyň düýbünden ýedi hum gyzyl çykan. Garry: «Bu
humlaryň ýeke biri meniň bütin ömrüm ötinçä iýmege bolar. Bularyň hemmesini alyp näme
edeýin!» diýip, oýlanyp durka, iki sany atlynyň gelýänini görüp, olary çagyranmyş. Atlylar gelip,
humlary görüp, garryny öldürmegi ýüreklerine düwüp, bir-birleriniň ýüzlerine seredişipdirler.
Garry bularyň päliniň pozuklygyny aňlap: «Siz meni öldürseňiz öldüriň, ýöne meniň bir
wesiýetim bar, şony aýalyma gowşuryň!» diýenmiş. Onda olar: «Hany wesiýetiňi bir eşideli. Eger
bize zyýansyz bolsa gowşurarys!» diýenler. Garry: «Gala derwezesine ýakyn bir harabada meniň
aýalym ýaşaýandyr. Ol göwrelidir. Oňa aýdyň: «Bir perzendim bolsa, adyna Dat, iki perzendim
bolsa, birine Dat, birine Bidat at goýsun» diýenmiş. Ol adamlar: «Bolýar, gowşuraly» diýip,
garryny öldürenmişler, humlary alyp, garryny çukura gömenmişler.
Günlerde bir gün bu adamlaryň ýoly garrynyň aýalynyň üstünden düşende: «Seniň adamyň
pylan ýerde ölüm halatynda ýatyrka, şeýle wesiýet edipdi» diýip, garrynyň wesiýetini
aýdanmyşlar.
Dat, ogluna hem Bidat at goýanmyş.
151
Günlerde bir gün ol aýalyň ekiz çagasy: bir ogul, bir gyzy bolupdyr, äriniň wesýeti bilen gyzyna
Türkmeni Öwreniş Merkez
Şasenem-Garyp
Aýdan-aý geçip, bu çagalar dört-bäş ýaşlaryna ýeten. Bir gün şol ülkäniň patyşasy goşun çekip,
bir ýana barýarka, ol çagalar gala derwezesiniň ýanynda oýnap ýören eken. Çagalaryň enesi
bolsa goşunyň gelýänini görüp: «Çagalarym at aýagynyň astynda galaýmasyn» diýen gorky bilen:
«Dad-u!.. Bidat!..» diýip, olary çagyranmyş. Patyşa muny eşidip: «Meniň adalatlyk bilen höküm
sürýän döwrümde, «dadu-bidat» edip gygyrýan kim? Baryp ol aýaly alyp geliň!» diýenmiş. Aýaly
tutup, patyşanyň huzuryna alyp eltenmişler. Patyşa ol aýala: «Bu dat-bidat edip gygyrmagyň
näme?» diýen. Onda ol aýal: «Patyşahym, ol meniň çagalarymyň atlarydyr. Meniň adamym pylan
ýerde öljek bolup ýatyrka, şony wesýet ädip ölenmiş» diýen. Patyşa: «Ol wesýeti saňa gowşuran
adamy görseň tanarmyň?» diýende, aýal: «Patyşahym, bu wesýeti gowşuranlaryň biri weziriň,
biri hem wekiliň ogludy» diýen.
Patyşa olary ýanyna çagyryp: «Eý wezir-wekilzadalar, bolan wakany dogry beýan ediň! Bolmasa,
ikiňiziň hem gözüňizi çekerin! Siz ol garry adamy nirede gördüňiz?» diýip, olary gyssan
wagtynda, olar: «Patyşahym, kyblaýe älem! Bir çemçe ganymyzy bagyşlasaňyz, işiň bolşuny
beýan edeli» diýenler. Patyşa: «Ganyňyzy bagyşlaýaş, aýdyň!» diýen. Olar wakany bolşy ýaly
beýan edenler.
Patyşa olara üç gün möhlet içinde ýedi hum gyzrtly tapyp, dul aýalyň çagalaryna gowşurmagy
höküm eden. Olar her edip-hesip edip, ýedi hum gyzyly jemläp, ol çagalara eltip berenmişler. Soň
bir gün patyşa ol dul ýaly ýanyna çagyryp: «Seniň gyzyň ady Datlygyna galsa galsyn welin, ogluň
ady Bagdat bolsun» diýen.
Dat äre baran. Bagdat bolsa ýetişip, töwereginde deň-duş, ýaranlary köpelen. Günlerde bir gün
bir şugulçy adam Patyşanyň huzuryna baryp: «Eý patyşahym, bu ülkede Bagdat diýen bir ýigit
döräp, ol seniň bilen şalyk dawasyny etmäge baş göterjekmiş» diýip şugullanmyş. Patyşa muňa
hum ýaly çişip: «Ajaly ýeten tilki hinine bakgp uwlar» diýenleridir. Meniň adyllygymyň
saýasynda şeýle derejä ýeten düýnki gedaý bu gün meniň şalygyma garşy baş göterýän bolsa,
oňa bu güne çenli hiç bir adama edilmedik bir gazaby görkezerin» diýen.
Patyşanyň bu sözüni ol şugulçy baryp, Bagdada beýan edenmiş. Bagdat: «Meniň şalyk dawasy
bilen işim ýok, bu işlerden hem habarym ýok» diýip, bar goş-golamyny alyp, bir gijede ülkesini
taşlap, çykyp gidenmiş. Ol az ýöräp, köp ýöräp Diýarbekir ülkesine baranmyş. Ol ülkäniň
patyşasyna Şah Apbas diýerlermiş.
Bagdat ol ülkä baryp, şäherden çetde çala mydar öý ödinensoň, ol ülkeniň patyşasyna görnüşe
baryp, özi bilen oňa gymmat baha sylaglar eltenmiş, özüniň başyndan geçen işleri birin-birin
beýan edenmiş.
Patyşa ony oňat görüp, özüne wezir edinip, adyna bolsa Hasan wezir at goýup, ýanynda
saklanmyş. Hasan wezir patyşanyň maslahaty bilen öýlenip, şäherde jaý edinenmiş. Patyşa bilen
çykarmyşlar.
152
bu weziriň bir-birine mähri- bançylygy barha artyp, hemişe bile gezerlermiş, bile aw awlamaga
Türkmeni Öwreniş Merkez
Şasenem-Garyp
Günlerde bir gün bular aw awlamaga çykanlarynda hersi bir tarapa aw gözlemäge gidenler.
Hasan weziriň öňünden bir bogazja towşan çykan. Ol: «Meniň aýalym hem göwrelidir, bu
janawere degmäýin» diýip, ony awlamaga dözmändir. Ol aýlanyp-aýlanyp, başga aw tapman soň,
patyşanyň ýanyna gelenmiş. Patyşa: «Eý Hasan wezir, aw tapmadyňmy?» diýip soranda, Hasan
wezir özüne bogazja towşanyň duşanyny hem aýalynyň göwrelidigi ýadyna düşüp, ony
awlamaga dözmänligiyi gürrüň edip berenmiş.
Onda patyşa: «Ol bogaz towşan maňa-da duşdy, emma men hem öz aýalymyň göwrelidigi
ýadyma düşüp, oňa dözmedim, ikimiz ýürekdeş ekenik. Onuň ýaly bolsa, gel ikimiz äht edeli:
«Eger meniň oglum, seniň gyzyň bolsa, gyzyňy meniň ogluma ber; eger-de seniň ogluň, meňiň
gyzym bolsa, seniň ogluňa bereýin» diýip, äht edenmişler. Patyşa bu hakda dilinden ähtnama
ýazyp, wezire berenmiş. Günlerde bir gün patyşanyň gyzy, weziriň hem ogly bolan. Patyşa
gyzyna Şasenem diýip at goýan, wezir ogluna Garyp diýip at goýanmyş. Bu çagalar heniz kemala
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 9
  • Parts
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 1
    Total number of words is 3738
    Total number of unique words is 1949
    30.8 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 2
    Total number of words is 3949
    Total number of unique words is 1733
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 3
    Total number of words is 3808
    Total number of unique words is 1777
    26.2 of words are in the 2000 most common words
    39.8 of words are in the 5000 most common words
    45.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 4
    Total number of words is 3840
    Total number of unique words is 1702
    27.3 of words are in the 2000 most common words
    40.1 of words are in the 5000 most common words
    47.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 5
    Total number of words is 3813
    Total number of unique words is 1685
    27.9 of words are in the 2000 most common words
    41.1 of words are in the 5000 most common words
    47.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 6
    Total number of words is 3809
    Total number of unique words is 1853
    25.6 of words are in the 2000 most common words
    38.5 of words are in the 5000 most common words
    44.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 7
    Total number of words is 3826
    Total number of unique words is 1710
    28.5 of words are in the 2000 most common words
    41.0 of words are in the 5000 most common words
    47.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 8
    Total number of words is 3872
    Total number of unique words is 1706
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    42.5 of words are in the 5000 most common words
    48.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Türkmen döwlet neşirýat gullugy - 9
    Total number of words is 1221
    Total number of unique words is 721
    33.7 of words are in the 2000 most common words
    48.8 of words are in the 5000 most common words
    55.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.