Latin

Hazaryň yssy tomsy - 34

Total number of words is 3734
Total number of unique words is 2099
31.8 of words are in the 2000 most common words
48.1 of words are in the 5000 most common words
55.4 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
janyny öçürip, onuň ýaşamaly ömrüni meniň sanalgyma goşup
sanaýandyr şol» diýip oýlandy.
Agageldi Allanazarow. Hazaryň yssy tomsy
513
Ýöne ýere il-gün diýilmeýän eken. Il Amangül ejäni özüniň
şatlygyndan-gaýgysyndan çetde galdyrmady. «Aganazaryň enesi,
baryp bäbegimizi bir çileden çykaryp berseňiz!», «Aganazaryň
enesi, biz gelin edinmekçi, sähedimizi belläp beriň!». Şuňa meňzeş
aladalar bilen töweregiň aýallary häli-şindi gelip, onuň gapysyny
açardylar. Obada zenan maşgala ýogalanda, hemişe ony suwa
tutýan dört aýalyň birisi hem onuň özüdi.
Aganazary aldyraly bäri, onuň üçin ölümiň jinnek ýaly-da
manysy ýokdy.
Ol käte oturyp, öz ýagdaýyndan çen tutup: «Ýene-de iliň
hyzmatyna üç-dört ýyldan köp ýaramasam gerek. Onýança ýer
menem abraý bilen özüne alaýsady...» diýip oýlanardy.
Hemişe bolşy ýaly, ýene-de onuň çaky çykmady. Obada
maşyn köpeldi, motorly köpeldi. Gerekli adamlar onuň agramy
bardyram öýtmediler. Her aýda berilýän on iki manat pensiýa göz
dikip garaşmaly bolmady.
Ol segsenden geçen ömründe bary-ýogy bir gezek baryp
kolhoz başlygynyň gapysyny açdy. Oturan jaýyna ýagyş geçýänini
aýdyp, ondan şifer sorady. Ýöne şol gezek ýüzüni eline alyp, edara
jaýyna baranyna, ol soň ömri ötýänçä ökünip gezdi. Başlygyň sözi
şonda diýseň minnetli eşidildi.
— Näme, sen entegem ýaşajak ýörjekmi?
— Nädeýin, alanok...
Oglunyň hatyrasynyň depelenmegine sebäp bolanyna, ol
puşman ede-ede aňyrsyna çykyp bilmedi. Aganazaryň gözünde
galan nazary oňa närazy seretdi:
«Ene, sen şiferi nätjekdiň-ä? Ykbal şiferli jaýda ýaşatjak
bolsa, meni beýdip irgözinden ýygnarmydy nä? Ata-babamyz
gara öýde ýaşap geçipdir, ýaşaber!..» Bu ýagdaý ýada düşende,
Amangül eje käte oturyp, özüni kolhozyň edara jaýyna äkiden
aýaklaryna gargardy. Özüni göz öňünde tutup: «Erkekler saňa ýöne
ýere heleý» diýmeýän eken. Bir ýerde bolmasa, heleý bolaňsoň,
şeýdip bir ýerde heleýlemeli-dä. Ýeri, seniň kontorda nä görüň
bar...» diýip, öz-özünden ar alardy. Başlygyň sözi bilen işi deň
514
Agageldi Allanazarow. Hazaryň yssy tomsy
çykmady. Odun gerek wagty onuň iberen maşyny işigine münder
edip odun düşürip gitdi. Jaýyňam depesini bir gün başlygyň iberen
ussalary gelip, nem syzmaz ýaly edip gitdiler.
* * *
Amangül ejä hemişe: «Işiň ileri!» diýen il içinde kän
gaýtalanýan söz «Işigiň ileri» bolup eşidilerdi. Sebäbi onuň
ilersinde Ogulbibi eje ýaşaýardy. Her gün ol ir bilen oýanyp
bildigi Ogulbibi ejäni ýatlap, çoýun peje ot salmak bilen bolardy.
Onuň tüýnüginden tüssäniň göteril-megi goňşular üçin garrynyň
sag-salamat örendiginiň alamatydy.
Sähel bir gün ol bir sebäp bilen ot ýakmaga gijä galaýsa,
Ogulbibi eje gelip: «Aganazaryň enesi, turduňyzmy?» diýip, onuň
gapysyndan garardy.
Ogulbibi eje öz gara güzerany bilen gydyrdanyp ýören
zenandy. Onuňam öňünde urşuň uly müýni bardy, adamsy
Sähetdurdy fronta gidip, gelmedikleriň biridi.
Ýyllar, gara günler iki goňşyny has-da ysnyşdyrdy. Ogulbibi
ejäniň gyzy bilen ogly salyhatly-sarpaly, maşgalaçyl adamlar
bolup ýetişdiler, obada gowynyň gürrüňi edilse, hemişe ilki
ýatlanýanlaryň biri Ogulbibi ejäniň maşgalasydy.
Olara düşen gelnem alçak, süýji dilli, biş-düşi eliniň ujunda
oňarýan bolup çykdy. Ol käbir gelinlere meňzäp, iki garryny
köpürgenmedi. Gerek bolanda, olaryň çaýlaryny demläp, öňüne
goýmagy-da, olardan keçe gülläp, ýorgan köpemegi öwrenmegide özüne kemlik bilmedi.
Ine, şeýdip on ýyl geçdi, ýigrimi ýyl geçdi... Amangül eje
Aganazaryň oduna ýanyp ýaşamagy ýene-de dowam etdirdi.
Köp gezek garyndaşlar toýlarynda oňa ak hasa sowgat
etdiler. Amangül ejäniň ak hasa salynmak, bagtly bolmak arzuwy
är ömürden bäri gursakda baram bolsa, ol bu hasalaryň hiç birisini
salynmady. Beýtmek, onuň göwnüne, ýerliginde ýok bagty bar
edip görkezjek bolýana meňzeýärdi.
Agageldi Allanazarow. Hazaryň yssy tomsy
515
Ak hasa zenan maşgalanyň ogul-gyzlydygynyň, agtyk
görendiginiň, abraý bilen düýnüň dowamyny süňňünden geçirip,
ertire goşandynyň alamaty. Ak hasa — munuň özi bagt...
Ençeme ýyllaryň dowamynda berlen hasalar şeýle bir köpeldi
welin, onuň uruş döwri boşan sandygyny doldurdy. Ol özüne hasa
salýan öýleriň öz synyk göwnüne delalat edesi gelýänini bilýärdi.
Munuň öz saklap oturan ojagynyň hormatydygyna-da düşünýärdi.
Ýöne ak hasa salynsa, kimdir biriniň nazarynyň: «Sen nä günüňe
ak salyndyň?» diýip, ýaňsyly seredäýjek ýalydy...
Amangül eje gyşyň başky ýagyşly günleriniň birinde jan
berdi. Ir bilen Ogulbibi eje gelip gapyny açan mahaly onuň
agşamky «Kelläm agyrjak bolýar...» diýip, alyp gaýdan dermanyny
gysymyna gysyp, dem-düýtsüz ýatanyny gördi. Şonda Ogulbibi
ejäniň Amangül ejä: «Aganazaryň enesi!» diýip, ýüzleneniniň iň
sonky gezegi boldy.
Amangül ejäniň jaýlanan güni, obadaşlary ony ak salnyp
bilmän, armanly öten zenanlaryň hataryna goşup ýatladylar.
* * *
...Ak ýelkenlije gaýyk ýüzüp, ses ýetime gelen çagy men öz
ýanymdan ol kenara gelse gerek diýip oýlandym. Bir salymdan
onuň oýtarlap, saga — Günüň batar ýerine ýüzüp barýany belli
boldy. Ony golaýa getiren tolkunlar ýene-de ony kenardan
daşlaşdyryp äkitdiler. Gaýyk kem-kemden gözden ýitip, giňişlige
siňip gitdi. Men soňundan näçe garaşsam-da, ak ýelkenlije şol
gaýyk meni ýatlap, yzyna dolanyp gelmedi...
1985 ý.
516
Agageldi Allanazarow. Hazaryň yssy tomsy
BERDI JEDELIŇ ATY
Nyşan aga bilen men Kislowodskiniň Narzan galereýasynyň
öňünde tanyşdym. O-da bu ýere ýüreginiň aladasyny etmäge gelen
eken. Garaýagyzdan gelen dolmuş, başy könelişip ugran şlýapaly
togalak adama men onuň gürrüňlerini diňläp höwrügdim. Ilkiler
ýekeräk giden ýerlerime hem soňra onuň bilen bileräk gidäýenimi
kem görmedim.
Biz öz bolýan «Oržanikidze» sanatorimizden şäheriň
ortasyndaky Narzan galereýasyna her gün günorta naharyndan
soň biraz dynç alyp, pyýadalap gürleşip giderdik.
Yzymyza gaýdanymyzda bolsa duralgada garaşyp, ýörite
taksi bilen dolanyp gelerdik. Maňa galsa-ha, şeýle gowy gürrüň
bolsa ol ýerdenem pyýadalap gaýtjak-la, ýöne Nyşan aga:
«Pyýadalap ýapy ýokary ýerlere çykybersem, demim ýetenok»
diýensoň nalaçdym.
Şu gürrüňi aýdyp berende-de biz ýoldadyk. Biraz
ýöränimizden soň Nyşan aga öz-özünden «mys-mys» edip, başyny
ýaýkap güldi-de:
—...Hä, biziň türkmen aga-da, bi munuň her töwre adamlary
bolan... — diýip, meniň ýüzüme seretdi. — Sen eşiden dälsiň,
biz-ä oglanrakkak ol adamyň özünem görüpdik.
...Onuň bir gowy aty bar eken. Biz ony göremzok, ýöne
obada kakam deňi ýaşulular ol atyň gürrüňini köp ederdiler.
Görseň, gadamy gerimli, kellesi kiçiräk, balykbeden bir owadan,
ýöne sygyryp synlap oturmaly atmyşyn. Ol aty taýçanak wagty
Berdi jedeliň ogluna bir ýola ejesi bilen gezelenje mamalaryna
baranda babasy inji berenmişin.
Mamasy agtyjagynyň barmajygyny sorýanyny görüpdirde, ony adamsyna-da görkezipdir. O-da agtygyny synlap, oňa
soraýan zadyny, inji bermelidigini duýupdyr-da: «Şol taýçanak,
oglum, seniňki bolsun» diýip, öýüň töwereginde dabyrap çapyp
ýören taýçanagy görkezipdir. Birki aý geçip-geçmänkä ýaşulynyň
ogullary taýçanagy Berdi jedeliň öýüne getirip gidipdirler.
Agageldi Allanazarow. Hazaryň yssy tomsy
517
Şeýdibem, Berdi jedel oguljygynyň arkasyndan gapysy atly
bolupdyr. Taýçanak aňyrsy bir ýyldan aýagulag bolmaga ýarap
ugrapdyr. Soňundan ony onuň-munuň toýunda baýraga çapyp
ugrapdyrlar. Aňyrsy iki-üç ýyldan bolsa ol obada öňüne at
geçirmändir. Deň-duşlary: «Berdi, sen beýle gowy aty nädip
ýetişdirdiň?» diýse, ol: «Göroglynyňky ýaly ýerküme gazyp, Gün
görkezmän, kyrk gün sakladym» diýip, ili gülüşdirýärmiş. Ol at
üç-dört ýyl gazygynyň töweregini depelänsoň, pukararak ýaşaýan
Berdi jedeliň egnini galdyranmyş. Goňşy obalaryň toýlarynda hem
soňabakan onuň öňüne geçen at tapylmandyr. Ilki ugralan mahaly
beýleki atlar bilen deňräk çapýan-da bolsa, pellehana sesýetim
galanda, Berdi jedel bir ýapyrylan ýaly edermiş welin, ana, onsoň
at hemmeleri tozanyna garyp süýnüp gidibirmiş. Oňa soňra: «Biziň
obanyň aty» diýip, obadaşlary janköýerlik edişip ugrapdyrlar.
Berdi jedeliň atyna gözi gidip, ony satyn almakçy bolan
pully-mally adamlaram bolupdyr. Ýöne Berdi jedel atyny hiç
kime rowa görmändir. Elbetde ilçilik, onuň atynyň söbügini basyp
pellehana gelýän, onuň at-abraýyna bäsdeşlik edýän atlar obada
başga-da birdir-ikidir bolupdyr. Has-da Nurjuma atly bir ýigidiň
demir gyr aty onuň bilen irginsiz bäsleşipdir.
Oba adamlarynyň arasynda «Ýene birki ýyldan bu at jedeliň
atyny tozanyna garar» diýýänler-de bar eken. Berdi jedel bolsa
«Nurjumaň aty ýene birki ýyldan däl, on ýyldanam meniň atymyň
yzyndan ýetip bilmez» diýip, olar bilen eňekleşer eken.
Berdi jedeliň «jedel» lakamyny almagyna-da hut şu atly,
baýrakly gürrüňler sebäp bolupdyr. Ol gazy-haşar işlerine gidilen
wagty hem atyny ýanyndan goýmaz eken. Ony golaýynda örkläp,
otuna-suwuna seredip, şeýle gowy atynyň bardygyna öz ýanyndan
begenip gezer eken. Bir gezek Gara mirabyň: «Haý, oglanlar,
ýetişiň, at gidendir, how» diýen sesi gazyçylary ýabyň raýyşyna
çykarypdyr. Görseler Berdi jedeliň atyna gözi gidip, amat peýläp
gezen ogrularyň birisi ony münüp, jylawyny deňläp baýra bakan
tutduryp barýarmyşyn.
518
Agageldi Allanazarow. Hazaryň yssy tomsy
Haýal etmän atly adamlaryň birnäçesi onuň yzyndan kowgy
bolup gidipdirler. Berdi jedeliň özi-de biriniň atyny münüp, olaryň
birisi bolup gidipdir. At ogrusy bu ýerli däl bolarly. Ol ýol yzarlap,
onuň egrisini egri, dogrusyny dogry basdyryp gaçypdyr. Şonuň
üçinem gönüläp kowan ýola belet kowgular, ol bir düz meýdana
ýeten mahaly arany has ýygrypdyrlar. Has-da Nurjumanyň demir
gyr aty ony özge kowgulardan saýlanyp kowupdyr. Berdi jedele
soňabakan ol indi öz atyny kowup alarly bolup görnüpdir: «Ol
Nurjumanyň aty meniň atymy kowup ýetäýse, muny oba üýşüp
gürrüň eder» diýip, öz mertebesi hakynda şübhä gidip ugrapdyr.
Şol barmana-da, kimdir biri onuň ýüzüne: «Seniň şol öwgüli
atyňy, ine, häzir kowup ýetýäs» diýen manyda gyjalatly seredibem
goýberenmişin. Berdi jedel atynyň yzyndan ýetilse, özi bilen deňdeprenişip jedelleşýän adamlaryň soňun-dan: «Äý, sen goýsana,
atyňy öwme, seniň atyňy-ha kowup, yzyndan ýetse-de bolýar...»
diýip, şu wakany ýatladyşyp, özüne ýeň berilmejegini ýatlapdyr.
Bu bolsa onuň özündenem ileri görüp, apalap ýören
mertebesine howp salypdyr. Ol ýapyrylyp, at çapyp barşyna
birdenem: «Haý, zaluwat ogry, penjäň bilen kak atyň sag gerşine,
pellehana golaý gelnenini duýdur!» diýip, janköýerlik edip, aty has
tijenip çapmagyň wagty gelenini aýdyp, gygyryp goýberipdir. At
ogrusy onuň diýenini edipdir welin, şundan soň onuň alyp barýan
aty sapandan sypan ýaly bolupdyr-da, yzyndan ýetip gelýän gohgalmagally kowgulary tozanyna garyp gidipdir. Tizden indi onuň
yzyndan hiç bir kowgynyň ýetmejegi kowguçylara belli bolupdyr.
Kowguçylar at başyny çekipdirler. Berdi jedel garasuw bolan
atynyň üstünde oturan ýerinden: «Dogry-da, walla, Aty kowup
ýetmek hara gelişmez» diýip, aýtmadymmy näme? Meniň atym bu
atlaryň çaky däldir» diýip, göwnühoşluk bilen töweregine seredip
keýpihon ýylgyrypdyr.
1982 ý.
Agageldi Allanazarow. Hazaryň yssy tomsy
519
ÇÖL KANUNY
Gyzyl goşun otrýady düýn özüniň onlarça esgerini pida
berip, Garagumuň jümmüşinde bolan söweşden dolanyp gelipdi.
Şondan bärem gyzyl esgerler öz komandirleriniň biri Semýon
Platonowy at ýatagynyň gapdalyndaky garaňkyja jaýjagazda gulp
astynda saklaýardylar.
Ol söweş bolan ýerde, öň özüniň ýüzbe-ýüz durşup atyşan
duşmanlarynyň birini öz eli bilen hormat edip jaýlapdy. Ýoldaşlary
onuň gözlerinden togarlanan iki damja gyzgyn gözýaşyň çägäniň
üstüne damyp, gara nokat bolanyny hem görüpdiler. Hut şonuň
üçinem, komissar gele-gelmäne ony ýaragsyzlandyryp, duşmana
rehimdarlyk eden adam hökmünde tussag etdi.
Semýon Platonowyň tussaglygy tussag bolan güni dälde, şol günüň ertesi irden başlandy. Düýn ol ýadawdy, uzak ýol
süňňüni bogun-bogun söküpdi. Onuň hiç zat barada aladalanasyda gelenokdy, oýlanasy-da. Aýagyny uzadyp, bir ýerde ýatsa
razydy. Ol hütdüjek jaýyň burçundaky pahaly ädiginiň burny bilen
seçişdirensoň, pahal düşegiň üstünde gyşardy. Ir ertir, oýanan
mahaly ol ýene-de düýnki söweş meýdanynda bolan wakany
ýatlap, öz eden hereketlerini aňynda saldarlamaga oturdy...
* * *
Jüneýit hanyň goşunyndan bölünip gaýdan bir toparyň Tejen
etrabyna gelendigi baradaky habar Mara ýeten mahaly, Maryda
ýolbaşçy işgärleriň gyssagly maslahaty bolup geçdi.
Maslahat uzak çekeleşmän, «Merkeze sala salmaly hem-de
hüşgärligi artdyrmaly» diýip, gysgajyk netijä geldi. Bu ýagy ýönemöne ýagy däldi. General Galkin bilen bolan söweşden bäri at
üstünde «möjek ýaşaýyş» edip ýören, içinden ýalyn öten ýagydy.
Häzirki ondan bölünip gaýdan bu bölegiň maksady Marynyň üsti
bilen Pendi welaýatyna aşyp, ondanam aňyrlygyna Owganystana
520
Agageldi Allanazarow. Hazaryň yssy tomsy
— Balamurgap töwereginde jemlenen türkmenleriň arasyna özüni
atmakdy.
Jüneýit hanyň aýry-aýry toparlara bölünip, göze-başa
düşmezden, dürli ýollar bilen serhetden aşmak meýliniň barlygy,
ýol ugruna bolşewiklerden dowul alyp, çöle çykan adamlaryň
hasabyna hem öz sapyny berkitmegi göz öňünde tutýandygyny
Maryda bolan maslahat belläp geçdi.
Olaryň gonup-göçäýmegi mümkin hasap edilen guýularyň
töweregine gözegçilik etmek bellenildi. Ýörite ýanyna ýolbelet
goşulan toparlar döredildi.
Semýon öz topary bilen iki gün ýol ýöräp, «Kyrkgulan» guýa
ýeten mahaly, jokrama günortandy. Iňlär siňeksiz töwerek çolady.
Agyr ýol atlary horlapdy, has-da bili giden alaşalaryň eňkamy
agyp, gözleri çyl-pyklapdy.
Esgerler guýy suwundan gereklerini edinensoň, onuň üstüni
ýene-de öňküsi ýaly edip çöp-çalam bilen ýapdylar. Soňundanam
Semýonyň görkezen ýerine — alaňlaryň arasyna çekilip, ymykly
ornaşdylar. Bu ýeri guýyny dürbüde ýakynyňa getirip synlamak
üçin amatlydy. Ýolbelediň aýtmagyna görä, bu jelegaýda «Kyrk
gulandan» özge ýerde süýji suwly guýy bolmaly däldi. Şonuň
üçinem bosgun şu öwrä sekäýse, onuň ýoly «Kyrkgulandan» sowa
geçmeli däldir. Guýynyň töwerek-daşy tegelenip oturan tekizlikdi.
Tekizligiň gutaran ýerinden ýene-de beýikli-pesli adaty çöl görnüşi
özüni dowam etdirýärdi. Bir süri düýegeriş alaň bolup, guýynyň
töweregine ýaýraýardy.
Atlar durup biraz sowaşansoň, esgerler olary guýynyň
başyna getirip suwlardylar. Soňundanam syzadan ýasan sübseleri
bilen guýynyň töweregine düşen yzlary bozup, gelen ýollary bilen
yzlaryna dolandylar.
Semýon esgerleri bilen üç günläp, gündizlerine guýynyň
töweregini dürbüde synlap, üýtgeşik atlylaryň gara bererine
garaşyp oturdy. Gijelerine ýer diňläp, at toýnagynyň dükürdisini
gulaklady. Dördünji gün hem töwerekde düýnki görnen suratlardan
özge görnen del zat bolmady. Şol düýnki gyrgy bu günem guýynyň
Agageldi Allanazarow. Hazaryň yssy tomsy
521
depesinde ýaltalyk bilen uçup ýör. Ol düýn hem Semýonyň pikirini
özünde egläpdi. Töwerekde bir ölen malyň süňkleriniň pytrap,
çalam-çaş bolup ýatanyny hemmeler görüpdi.
Gyrgy şol pytrap ýatan çakyrap ugran süňklerden çylka etiň
ysyny alýan borly. Ol bu günem ürç edip öz aýlawyny dowam
etdirýärdi.
Ilkinji gijedäki şagal bilen bolan duşuşyk diýäýmeseň, dört
günüň dowamynda ýatda galarlyk waka bolmady.
Şagal ilki atlaryň töwereginde bir ýerde uwlady. Töwerekden
hiç hili garaw görmänsoň, ol gohuny has-da köpeltdi. Birnäçe
wagtdan ol şeýle bir ýakyna gelip uwlady welin, şagalyň beýle
batyrlyk etmegi esgerleri hem-ä geň galdyrdy, hemem olaryň
gaharyny getirdi.
Geň görmezçe hem däldi, şagal mundan ozal gabat gelýän
adam gördügi ot-çöpe siňip ýitmek bilen bolýan şagallara
düýbünden meňzemeýär diýen ýalydy. Ilki bilen Haýrulliniň
çydam käsesi çat açdy. Ol tüpeňine ok sürdi-de, sögünip şagaldan
çenedi:
— Possunyňa ot bermesem bolmady.
— Haýrullin, Haýrullin, bu nä boluş! — Komandiriň buýruk
äheňli dözümli sesini eşitmedik bolanlygynda, ol şagaly bir oka
tabşyrmakçydy. Bu ses nirede oturandygyny onuň ýadyna saldy.
Tüpeň atmak, onda-da gijesine, bu bir günlük ýola özüniň şu ýerde
bardygyny habar bermek ahyryn. Haýrullin tüpeňini gapdalynda
goýdy-da, iki eplenip güberilip oturdy. Taranenko sessiz hereket
etdi, ol goşhaltasyny sermenekläp, tut saply paltany alyp,
bükdekläp şagalyň söbügine mündi. Şagal diňe şundan soň rejäniň
geň däldigini aňdy-da, garaňka goşulyp, ýitmek bilen boldy.
Gündizlige çykylansoň, ker şagalyň agşamky gözsüz
batyrlygynyň sebäbi hemmelere mälim boldy. Esgerler gelip, şagal
küreniniň gapdalynda goş düşürendiklerini gördüler.
Ýeňsede bir ýerde pöwhüldäp tüpeň atylan mahaly, dört
günläp çölde şöwür çeken esgerler gaýtmak aladasy bilen
otyrdylar. Semýon Platonow gije salkynda ýol ýöremegiň topar
522
Agageldi Allanazarow. Hazaryň yssy tomsy
üçin amatly boljakdygyny göz öňünde tutupdy. Ol häzir çal-çul
bolup ugran töweregiň ýagşy garaňkyramagyna garaşyp otyrdy.
Ýol keýpi bolup oturan esgerler hem «atlanyň» diýip, onuň
agzyndan eşidiljek ilkinji talaply buýruga garaşýardylar. Atlar
bireýýämden bäri eýerlenip, ýola taýyn edilip goýlupdy. Tüpeň
sesiniň yzysüre bir atly, at segredip gözýetimdäki alaňa çykdy-da,
elindäki tüpeňini bulaýlap gygyrdy.
— E-eý-eý bolşewik, kelläňe bek bol!
Sonundanam göz açyp-ýumasy salym içinde ol ýene-de
atyny debsiläp gözden ýitdi. Atlynyň bu hereketleri özüne göwni
ýetýän — öz güýjüne masaýynýan duşmanyň edäýjek hereketleridi.
Esgerler ýerli-ýerden duşman bilen atyşyp ugradylar. Oklar ikarada
gaýmalaşyp sykylyk atdylar. Goňşy guýa habara gitmeli Haýrullin
emedekläp baryp, bir atyň üstüne towsup münse-de, ony ýüzin
salyp çapmaga ýetişmedi. Basmaçylaryň atan oky onuň öňüni
dolady. Ikinji gezek bu tabşyrygyň ugruna çykan Taranenkony
bolsa duşman oklary atlaryň ýanyna hem ýetirmedi, orta ýolda
saklady. Ähli tama ýele sowruldy. Duýdansyz başlanan uruş uzak
dowam etmedi, garaňka dulanyp bukdaklap gelen seleň telpek
basmaçynyň oky komandir Semýon Platonowyň süňňüne hem
sarsgyn berdi. Ol nili gyzan naganyny elinden gaçyryp, abat eli
bilen ok degen çignini tutup, ýapydan aşak togarlandy. Ruslaryň
row bolan sögünji bilen, kimdir biriniň ejesine ýetip sögündi. Bir
mahaldan soň ol esger Çaryýewiň özüni bir ýere yzy bilen üýräp
barýanyny gördi. Suw sorasy geldi, ýöne taplap kepän dili onuň
diýenini etmedi. Onuň eden ümüne bolsa gyssagarada Çaryýew
düşünmedi. Ol komandirini bir çukuryň gyrasyna getirensoň, özi
yza çekilibräk ony iterip goýberdi. Tapan çöp-çalamlaryny onuň
üstüne atyşdyrdy. Şondan soň ýene-de özi bir ýana çekildi-de,
duşman bilen atyşygy dowam etdirdi...
Semýon Platonow gözüni açan mahaly daş-töweregiň
imisalalykdygyny, Günüň özüne seredip lowurdap duranyny
gördi. Boljak iş bolup, apyla-sapyla sowlupdy, düýnki tanyş
gyrgy bu günem hemişeki adaty göterilýän belentligine göterilip
Agageldi Allanazarow. Hazaryň yssy tomsy
523
uçup ýördi. Ol aýak üstüne galan mahaly özüniň bir wagtlar
çopanlar tarapyndan guzu-jyklar üçin gazylýan körpeçleriň birinde
ýatandygyny gördi.
Şeýle körpeçleriň bu töwerekde başga-da birnäçesi bardy.
Sapançasynyň öz ýanynda bardygyny gören wagty ol, bir tötänligiň
özüni halas edendigini bildi. Ogry saly gowşak diýleni. Çaky,
basmaçylar bu ýerde uzak eglenmändirler. Olar atlary, olja düşen
ýaraglary alyşdyryp, gyssagly göterilen bolmaly. Onuň göreçleri
ilki ýarpy göwresini çägeden çykaryp, hinden çykyp gelýän
pyşbagany ýatladyp ýatan suwgabynda saklandy. Onda bary-ýogy
üç-dört owurt mylaýym suw bar eken. Semýon Platonow sägimläp,
daş-töweregine aýlanan mahaly, bir körpeje gaplanyp, üstlerine
çäge sürlen, öz wepat bolan esgerleriniň üstünden bardy. Olardan
kimdir birisiniň çukura sygmadyk ýalaňaç aýagy somalyp görnüp
durdy. Ol gum sürüp esgeriň aýagyny çägede gizlänsoň, birsalym
näderini bilmän, bolan-goýany ýatlap, gözüne ýaş aýlap oturdy.
Ol guýynyň başyna gelip, suwdan ganansoň, tä bu ýerde
uzak galmagyň özi üçin howpludygy baradaky pikir kellesine
gelýänçä, ýarasynyň derdini çekip, atylan bürgüde meňzäp, bir
gapdalda serlip ýatdy.
Goňşy guýularda goýuşdyryp gaýdan ýigitleri barada, Mary
hem ol ýerde galan gelni Polina barada üzlem-saplam oýlandy.
Semýon gün gijigýänçä guýudan sesýetim uzakda ýerleşen iki
alaňyň aralygyndaky jülgä çekilip, görer gözden gizlenip, eglenç
etdi.
Gün gijigip, garaňky gatlyşyp ugransoň bolsa, ol guýy bardyr
diýip çak eden tarapyny yzarlap ýola düşdi.
* * *
Üsti basyrykly gum depeleri Semýon Platonowyň daştöwereginde agyl bolup otyr. Şol birmeňzeş, türkmen öýüne
çalymdaş düýegeriş depeler. Üsti adaty çöl tukatlygy bilen örtülen
depeler.
524
Agageldi Allanazarow. Hazaryň yssy tomsy
— Heý, bu depeleriň yzy gelmezmikän? — diýip, Semýon
bir alaňyň üstünde dünýäň aýagujuna ýeten adama meňzäp,
aýaklaryny sallap oturyşyna oýlandy: — Indi men ýene-de näçe
wagt şu depeleriň arasynda pyşbaga bolup emedekläp ýörmeli
borkam? Öňümde-de, gapdalymda-da şu depeler. Ýöresemem
süri bolşup, yzyma düşüşip ýörler...
Şol gijeki nadara şagal ýadyna düşen mahaly, ol birden
hopukdy. Ony şol gezek esgerlerine ýok etdirmedigine ökündi.
Sebäbi häzir şol şagal Semýonyň hyýalynda özüniň meýdanda
galan läşine tumşugyny sokup, iç goşuny iýip durdy.
Ýokarda öwrüm edip ýören gyrgyny gören mahaly, ol ilki öz
töwereginde bir janly-jandaryň barlygyna, özüniňem dünýäde ýeke
däldigine begendi. Arkan düşüp ýatyşyna, gyrgynyň öwrümlerini
yzarlap sanady.
Hemişe çöle çykdygy, ol birki gezek, käte-de ondanam
köpräk zemzen bilen pete-pet gelerdi. Zemzeniň özi ýakynda atly
görse, ýat obanyň itine menzäp, hebs edip topulardy. Uzyn dili
bilen monjuk gözleriňiň töweregini ýalaşdyryp, guýrugyny gamçy
edinip, ýeri saýgylap, topalaň turzardy. Zemzeniň ojar şahalaryna
münüp, Güne çoýunyp-meýmiräp ýatanyny hem Semýon birnäçe
gezek görüpdi.
Ýaňy ýolda gelýärkä hem ol zemzeni birnäçe gezek ýatlapdy,
onuň bilen duşuşmagy — ýüregine düşen ýekeligi paýlaşmagy
arzuw edipdi.
Birsalymdan gyrgylaryň sany köpelip, ikä-üçe ýetdi.
Gykylyk-zenzele köpeldi. Olar kem-kemden pesleşip, ýere
ýakynlaşyp ugran mahaly, Semýona gyrgylaryň her ardynmasy
özüçe bir many bolup eşidildi.
— Gak - aşakda bir läş ýatyr.
— Gak - diri bolaýmasyn!
— Gak - sag gözi meniňki.
— Gak - çep gözi meniňki...
Agageldi Allanazarow. Hazaryň yssy tomsy
525
Semýon gara basan ýaly hopugyp, ýerinden turdy. Ol elini
somlap, özüniň diridigini, bet niýetliler bilen entekler gidişip
biljekdigini gyrgylaryň öňünde nygtady.
Şundan soň onuň bu ýerde uzak oturasy gelmedi. Bir salym
ýöräp-ýöremänkä hem ol özüniň nireden gelip, nirä barýanyny
unutdy. Haýsy tarapa ýöremek aňsat bolsa, aýaklary ony şol tarapa
äkitdi, şeýle-de bolsa, ol öz ýanyndan, öz niýet eden guýusyna,
şol ýerde goýup gaýdan esgerleriniň ýanyna barýanyna, olaryň
özüne garaşýandygyna ynandy.
Garry adam ýaly oturyp-turup barşyna ol ýarym gijä çenli
ýykylyp-sürşüp, ýol ýöredi. Halys tapdan düşüp, çägäniň üstüne
süýnen mahaly, asmandaky ýyldyzlaryň maslahaty has gyzyşypdy
— jöwheri ýitelipdi. Ol öz tanaýan ýyldyzy «Uly ýedigeni»
ýyldyzlaryň arasyndan gözläp tapdy. Onuň ikinji bir tanaýan
ýyldyzy, o-da Ömrüzaýady. Ömrüzaýanyň baryp bir wagtlar
batyp, ýyldyzlar mähellesini taşlap gideni ýadyna düşen borly.
Semýon ony gözläp, nazaryny ýyldyzlaryň arasynda gezdirip
azara galmady. Üsti gaýmaklap, sowap ugran çägäni sypalap,
biraz oturansoň, çiň-arkan düşüp uklady. Ol gijäniň bir wagty üşäp
oýandy. Töweregiň henizem gijäniň gysby agylynda oturanyny
gördi. Bolup bilse, daňlawuk bolmaly, häzir sag tarapda bir ýyldyz
gözüňi deşip barýan ýitilik bilen lowurdaýardy.
Bir ýerlerden mahal-mahal şemal bilen akyp gelýän it sesini
eşiden mahaly, Semýonyň pikiri durlandy. Ynamy artyp, ýüregi
tiz-tizden urmaga başlady. «Şu öwrede çopan goşy bardyr, bu
üýrýänem hut şonuň goýun itleriniň biridir. Ýa ol meniň ysymy
dagy alyp üýrýän bolmasyn? Hepbeli it del zady bir günlük ýoldan
bilermişin». Onuň ilki hakydasyna gelen pikir şu boldy.
Sesi yzarlap gelýän Semýon birmeýdan ýöränsoň, çäge
tümmekleriniň arasynda ýitip oturan bir obajygyň üstünden geldi.
Sesýetim gapdalda bir beýigiň üstünde ot ýakylýanyny hasap
etmeseň, oba heniz ukuda ýatyrdy. Oňa bu obada ilki eli kündükli
täret gylmaga çykan soky topbuly aýal gabat geldi. Ol aýal ilki
kimdir biriniň ikindiniň kölegesini ýatladyp, on-on bäş ädimlikde
526
Agageldi Allanazarow. Hazaryň yssy tomsy
özüne seredip duranyny gören wagty biraz eýmendi. Aýak çekip,
ýetişip bildiginden doga sanady.
Eger Semýon ýene-de iki-üç ädim öňe ýöräýen bolsa, onda
bu aýalyň jynssyz gygyryp, töwerege märeke üýşüräýmegi-de
mümkindi.
Semýon gozganmady.
Soky topbuly aýal yzyna dolanyp, öýüne girmäge howlukdy.
Onuň oturan ýerinde unudylan kündük somalyp galdy.
Iki-üç minut geçip-geçmänkä hem eli bäşatarly dörtgyraň
pyýada Semýonyň öňünde hatdara boldy:
— Kimsiň?
— Suw ber! — Semýon çalgyrt dili bilen bildiginden patdykputduk türkmençeledi. — Men adam, ýara bar, gaty agyrdy bar.
Dörtgyraň pyýada töwerege aýlanyp, nätanşyň ýekedigine
hem-de ondan hiç hili garaw bolmajakdygyna göz ýetirensoň
arkaýynlandy. Geýmäge howlugyp, aýagynyň burnuna sokup
çykan çokaýyny düzedişdirip, täzeden geýdi.
— Suw ber! — Semýon öz haýyşyny ikilenç ýene-de bir
ýola gaýtalady. Soňundanam başy aýlanyp ugrany üçin duran
ýerinde aşak oturdy.
Dörtgyraň pyýada gelip, elindäki bäşatarynyň gundagy bilen
Semýonyň bykynyna çalarak hütületdi:
— Tur ýeriňden! Haýýarlyk etjek bolma. Suw içesiň gelse,
iliň çölünde ne körüň bar. Öz ýurduň dar boldumy saňa?
Dözümli ses Semýonyň pikirini durlady. Ol indi ölüme
öz aýaklary bilen gelendigine ynandy. Onuň indiki etjek zalym
hereketlerine garaşdy.
— Oglum, o bende suw soradur, suw ber oňa! — Şol arada
gapdaldan bir ýerden pessaý zenan sesi eşidildi.
Dörtgyraň pyýada yzyna gözlän wagty özünden ynjalman
daş çykan enesiniň gapynyň öňünde duranyny gördi.
— Suw ber oňa, oglum, göni gelen keýigiň iki gözünden
özge günäsi bolmazmyşyn.
— Bu keýik däl, ene. Muňa guduz diýerler.
Agageldi Allanazarow. Hazaryň yssy tomsy
527
— Ol kimem bolsa, häzir delalat isläp, seniň gapyňdan gelen
adam. Ol seniň myhmanyň boldy, oglum, ejize ganym bolmaweri!
Myhman ynjydan ojakdan döwlet göterilermiş. Myhmanyň
gargyşyny almajak bol. Gargyş alsaň, muramarsyň. Myhmany
atasyndanam ileri görmek, türkmen agaň asyl däbidir, oglum. Özüň
bilorsyň-a, ýogsa-da sen onda ýaşrakdyňam, ýazda Sertahda mal
üstündedik. Orazgylyç agaň öz myhmany üçin, aýmaklar bilen
atyşyp ölmedimi näme?
Enesiniň gepi özüniň hem şol myhmansöýer, gerek bolsa
myhmanynyň üstünde janyny berýän ata-babalaryň dowamydygyny
dörtgyraň pyýadanyň ýadyna salan borly. Ol ýeňsesini tüňňerdip
yzyna dolandy-da, enesiniň ýanyna baryp, mahal-mahalam
Semýona seredip, pyşyrdap gürrüň etdi. Soňundanam bäşataryny
öýe söýäp gelip, Semýony egnine göterdi.
* * *
Semýonyň getirilen ýeri içi gözedürtme garaňky ýerkümedi.
Sähel ýöreseň, baryp haýsydyr bir zat bilen süsüşäýjegiň ýalydy.
Ýerkümäniň süňňüne ornan çölüň ysy bu ýerde goýun-guzynyň
saklananyndan habar berýärdi. Dörtgyraň pyýada Semýony
ýerkümäniň bir burçunda depe bolup duran guran oty pytradyp,
şonuň üstünde ýatyrdy. Garry aýal ilki gelende keçe getirdi, ikinji
gezekde iki sany ýassygy goltuklap geldi.
Garry aýalyň bir gyrasy döwük kersende getiren melhemi
Semýonyň ýarasyny üýşürdi. Jany aram tapyp, derçigip meýmiredi.
Ol ukudan oýanan wagty dörtgyraň pyýadanyň aýbogdaşyny
gurap, gapa golaý oturyp, mahal-mahalam eline tüýkürip, ýüp
işip oturanyny gördi. Onuň egninde gyrmyzy dony, ak mytgaldan
tikilen ezýaka köýnegi bardy. Başyndaky börügi haly bölegine
meňzeşdi. Semýon ony synlap ýatyşyna oýlandy.
Bu adamlardan indi maňa ýamanlyk bolmasa gerek,
bir gudrat aýny wagtynda meniň dadyma ýetişdi. Meniň diri
galmagyma iki sany sebäp bolsa, onda olaryň biri şu ak hasa atynan
528
Agageldi Allanazarow. Hazaryň yssy tomsy
soky topbuly aýaldyr. Dörtgyraň pyýadanyň öňki gylyg-a oňly
däldi. Şol garry aýal gapdaldan bizi synlamadyk bolaýanlygynda,
onda ol pyýadanyň meni alaňdan aşyryp ataýmagy-da mümkin
eken. Bu aýal dörtgyraň pyýadanyň enesidir. Hut şeýledir, ýogsam
türkmenler öz aýallaryna aňsat gulak gabartmaýarlar.
Dörtgyraň pyýada Semýonyň oýadygyny görüp, ýüp
işmesini goýdy.
Çykaryp, gapdalynda üýşüp duran kädileriň üstünde goýan
silkmesini alyp geýdi.
— Orus, sen türkä gowy düşünomyň?
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Hazaryň yssy tomsy - 35
  • Parts
  • Hazaryň yssy tomsy - 01
    Total number of words is 3625
    Total number of unique words is 1935
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    47.2 of words are in the 5000 most common words
    55.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 02
    Total number of words is 3633
    Total number of unique words is 1983
    34.3 of words are in the 2000 most common words
    47.4 of words are in the 5000 most common words
    56.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 03
    Total number of words is 3591
    Total number of unique words is 2035
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    46.5 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 04
    Total number of words is 3606
    Total number of unique words is 2046
    35.5 of words are in the 2000 most common words
    48.7 of words are in the 5000 most common words
    55.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 05
    Total number of words is 3634
    Total number of unique words is 2009
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    45.9 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 06
    Total number of words is 3624
    Total number of unique words is 1952
    33.7 of words are in the 2000 most common words
    48.0 of words are in the 5000 most common words
    55.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 07
    Total number of words is 3599
    Total number of unique words is 2003
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 08
    Total number of words is 3618
    Total number of unique words is 1999
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 09
    Total number of words is 3658
    Total number of unique words is 1961
    34.4 of words are in the 2000 most common words
    48.8 of words are in the 5000 most common words
    56.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 10
    Total number of words is 3692
    Total number of unique words is 1930
    34.7 of words are in the 2000 most common words
    47.3 of words are in the 5000 most common words
    55.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 11
    Total number of words is 3675
    Total number of unique words is 1996
    36.4 of words are in the 2000 most common words
    50.4 of words are in the 5000 most common words
    58.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 12
    Total number of words is 3627
    Total number of unique words is 1956
    33.5 of words are in the 2000 most common words
    48.0 of words are in the 5000 most common words
    57.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 13
    Total number of words is 3632
    Total number of unique words is 1978
    34.5 of words are in the 2000 most common words
    49.0 of words are in the 5000 most common words
    57.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 14
    Total number of words is 3680
    Total number of unique words is 2037
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    48.3 of words are in the 5000 most common words
    55.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 15
    Total number of words is 3690
    Total number of unique words is 2034
    34.2 of words are in the 2000 most common words
    48.1 of words are in the 5000 most common words
    56.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 16
    Total number of words is 3579
    Total number of unique words is 1995
    34.2 of words are in the 2000 most common words
    48.2 of words are in the 5000 most common words
    56.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 17
    Total number of words is 3625
    Total number of unique words is 2048
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    54.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 18
    Total number of words is 3683
    Total number of unique words is 2050
    33.5 of words are in the 2000 most common words
    47.8 of words are in the 5000 most common words
    55.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 19
    Total number of words is 3670
    Total number of unique words is 2045
    33.7 of words are in the 2000 most common words
    47.9 of words are in the 5000 most common words
    55.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 20
    Total number of words is 3637
    Total number of unique words is 2043
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    55.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 21
    Total number of words is 3608
    Total number of unique words is 2010
    33.1 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    54.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 22
    Total number of words is 3619
    Total number of unique words is 2112
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 23
    Total number of words is 3503
    Total number of unique words is 1983
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    54.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 24
    Total number of words is 3648
    Total number of unique words is 2034
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    46.6 of words are in the 5000 most common words
    55.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 25
    Total number of words is 3600
    Total number of unique words is 2017
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 26
    Total number of words is 3671
    Total number of unique words is 2017
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    55.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 27
    Total number of words is 3658
    Total number of unique words is 1984
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 28
    Total number of words is 3659
    Total number of unique words is 2046
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    46.5 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 29
    Total number of words is 3591
    Total number of unique words is 2030
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    55.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 30
    Total number of words is 3585
    Total number of unique words is 1978
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 31
    Total number of words is 3691
    Total number of unique words is 2076
    33.1 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    54.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 32
    Total number of words is 3678
    Total number of unique words is 2043
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    47.9 of words are in the 5000 most common words
    55.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 33
    Total number of words is 3714
    Total number of unique words is 2039
    33.7 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    55.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 34
    Total number of words is 3734
    Total number of unique words is 2099
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    48.1 of words are in the 5000 most common words
    55.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 35
    Total number of words is 3697
    Total number of unique words is 2045
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    47.7 of words are in the 5000 most common words
    56.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 36
    Total number of words is 3732
    Total number of unique words is 2151
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    46.5 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 37
    Total number of words is 1622
    Total number of unique words is 1047
    41.9 of words are in the 2000 most common words
    55.2 of words are in the 5000 most common words
    61.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.