Latin

Hazaryň yssy tomsy - 04

Total number of words is 3606
Total number of unique words is 2046
35.5 of words are in the 2000 most common words
48.7 of words are in the 5000 most common words
55.4 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
duýar ýaly edip hyrydar seretdi. Gowy görünmek üçin saçyna
ýag çalyp ýalpyldadyp, üst-başyna-da biraz üns berip, sakgalmurtuny gazap syryp, ýylmanyp gezdi. Köpçülikde töwereginde
Agageldi Allanazarow. Hazaryň yssy tomsy
49
aýlanyp, oňa ýakyn bolmaga çalyşdy. Barybir Dünýäniň göwni
imrinmändi, onuň hatyny-da almandy, ýogsam Annaw birki
sany sözi gelişdirip bilýän dostlary bilen söýgi hatyny goşgulap,
kitabynyň arasyndan tapyp okan mahaly gyzyň göwnüni awlar
diýen tama bilenem ýazypdy, gyzam öz gezeginde kitabynyň
arasyndan hat tapan mahaly içinden: «Sen eşekýassygy indi men
özüme ýar edinerinmi?» diýen hem bolsa, soňra sypaýyçylyk
edipdi:
— Annaw, hatyňy yzyna al, meniň öz halaşýan ýigidim
bar — diýipdi. Ondan ymykly dynanyna ynanypdy. Emma beýle
hem däl eken. Dünýäniň mekdebi gutarmagynyň öňüsyrasy
Annawyň ejesi oran tutup, olaryňka gudaçylyga gelipdi. Şonda
Dünýäniň ejesi: «Gyzymyz entek ýaş, dogan, onsoňam kakasy
ony okatjakdandyr, şeýle-de onuň özüniňem entek durmuşa
çykmak meýli ýok, ýaşap ýörsek görüberýäs» diýip, ony
sypaýyçylykly gaýtarmakçy bolanda Annawyň ejesi «Okaslary
gelse, öý-işik bolsunlar-da, Annaw jan bilen bile okabersinler»
diýip, ýene-de erjellik görkezipdi. Ýöne, barybir, Dünýäniň
ejesi özi razy bolanda hem adamsynyň öýüne Annawy giýew
edip getirmejegini bilensoň, onuň ejesine açyk ýüz bermändi.
Bu Annawyň şonda iň soňky hüjümi bolupdy. Soň Dünýä şol
ýyl kakasynyň tamamlan institutynda okamak üçin, Leningrada
uçup gidipdi. Annaw mekdebi tamamlan ýyly inistituta girip
bilmänsoň, inžener bolmak höwesini hasapçylyk hünärini almak
bilen çalşypdy. Gapdalyndanam ejesi bilen daşary ýurtlara gidip,
bazaryň gerekleýän harytlaryny getirip, ogryn-dogryn söwdasatyk edip ugrapdy.
Ol bir edarada buhgalteriň kömekçisi bolup işlän ýyllarynda
işiň gapdaly bilen gaýybana instituty hem gutarypdy. Polisiýanyň
kapitanynyň gyzyna öýlenensoň, onuň söwda-satyk işleri hasam
şowlapdy. Her gezek Annaw daşary ýurda gidip, alyp bilen
zadyny münderläp alyp gelende, aeroportuň polisiýasynda
işleýän gaýynatasy bolansoň, kimiň ýüki barlanylsa-da, onuň
ýüki barlanylmazdy. Annawyň aýaly özünden üç-dört ýaş
50
Agageldi Allanazarow. Hazaryň yssy tomsy
kiçiligine seretmezden, öz mertebesini gowy bilýän dogumly
görmegeý bir gyzdy, kakasynyň üsti bilen ol adamsyna, beýle
kişileriň «spekulýant» diýlip, tutulyp basylýanyna seretmän,
gypynçsyz işlemäge mümkinçilik döredýärdi.
Türkmenistan özbaşdak döwlet bolandaky wezipe
süýşüşiklerde adaty durmuş kadalaryna bap gelip-de barmaýan
göçümlerine düşen Annaw eýýäm obadaşy ministr ýigidiň
arkasyndan uly bir bazany eýeläp, Annaw Hasanowiç bolup,
derejelenip otyrdy. Başlygy bilen bir-birlerine düşünişip
işlemegi ýola goýupdy. Beýle diýildigi SSSR-den galyp, häzirki
hasap bulaşan dörwürde talaňa düşen emläkleri almadykdan
bolup, özüň almakdan, ony baýadyp alyp, ýolbaşçylar bilen
paýlaşyp, baýamakdan ybaratdy. Ony bolsa Annaw aňryýany
bilen başarýardy. Onsoňam pul hümmetini, zat gymmatyny,
ýurt hökmürowanlygyny ýitiren wagty, garma-gürmelikde näme
edeniňde bolanok?
Annaw her haryt gymmatlaşygynyň öňüsyrasynda, bahalar
arzan mahaly, alyp bilen harydyny alyp, skladlara basyp goýardy,
bahalar galansoňam, olary çykaryp satardy ýerine düşürip, üçdört bahasyna. Ine, saňa mala-pula öwrülip barýan bol baýlyk.
Şol günler Annaw özüniň obada gurduran iki gatly jaýynyň
görlüp-eşidilmedik gyzyl kerpiçlerini hem Orusýetden ýörite
uçar bilen getirip gurupdyr diýýärdiler. «Şeýlemi?» diýip
soralanda Annawyň özem: «Munuň ýaly owuk-uşak zatlar, bir
şapbada bitýär, olara satýan harydyň bahasyny peseldip, berlen
hat-petekde goýlan ýokary baha möhür basyp, gol goýup berseň
bolany. Onsoň olaram seniň gadyryňy bilýär, edeniň pula-zada
öwrülip, özüňe dolanyp gelip durandyr» diýipdi.
Obadaş ministr işden aýrylyp, onuň ýerine täze gelen ministr
bilen öňküsi ýaly, ýalap-ýaladyp onuň hukugyndan peýdalanyp,
işleşip bilmejegine gözi ýetensoň, Annaw ol ýerden: «Biraz oňamuňa gidip, saglygyma seretdirjek» bahanasy bilen halymsyrap,
ýeriň pesi bilen gaçmak bilen bolupdy.
Ýurtda bolsa hususy firmalaryň baýamak, her hili oýunlar
etmek mümkinçiligi barha artýardy. Annawam muny zandyndaky
Agageldi Allanazarow. Hazaryň yssy tomsy
51
söwda ýugrulan gany bilen duýup, wagtdan ezberlik bilen
peýdalanyp, ýurtda «soňrabaýan» begzadalaň biri bolupdy.
Dünýäniň öz atymynda täzeden peýda bolmagy bolsa
onda, hamala, ýitiren bir gowy zadyny tapan ýaly, buýsançly we
gönençli duýgy döredipdi.
* * *
Daşarda şäher depesine bürelip, garalyp duran goýry bulut
kimdir birini atymyna getirip, depäýmegi hyýallanyp, çytylyp
duran depek aty ýadyňa salýardy. Dünýä eýýäm taýynlan ertirlik
çaýyny hem içip-içmän, yzyndan maşyn gelen badyna, ýan
goşuny goltuklap, howlukmaç, turup öýden çykyp gidipdi. Hasar
işiň başlanmagyna ýene bir sagatdan gowrak wagtyň barlygyny
ýatlap, geýim-gejimleriň arasyndan harby lybaslaryny alyşdyryp,
kere-mara öz maýdalyna geýnip, ýola şaýlanyp durdy.
— Ýagyş ýagaýsa gerek — diýen pikir kellesine gelen
mahaly ol asaçda hemişe öz ornunda esgerlerçe taýyn bolup
duran plaşyny epläp, çep eliniň goşaryna atdy.
Yssy düşüp, ýazyň aýaklap barýanlygyna seretmezden,
asman bulutlarynyň käte şeýdip, duýdansyz depede peýda bolup,
tomsuň gyzyp ugran etegini öl aýagy bilen depeläp alaýma
häsiýeti öňem bardy.
Hasar iş ýerine gelip, haladyny egnine alyp-almanka, ony
içki telefondan gospitalyň başlygy: «Meniň ýanyma gelip-gidiň?»
diýen gysgajyk jümle bilen öz ýanyna çagyrdy. Kapitan Çaphanow
ýaňyrakdan bäri harby gospitala ýolbaşçylyk edip ugrapdy. Ol öň
harby adam bolmasa-da, Aşgabadyň hassahanalarynyň birinde
terapewt lukman bolup işläp ýören ýaş adamdy. Harbylyga hem
ol goşuna harby lukmanlar gözlenip gereklenen wagty, zapasdaky
uly leýtenant çini bilen geçip galypdy. Lukmançylyk ulgamynda
ol, esasan, Türkmenistanyň irki döwürlerinde, lukmançylykdan
kandidatlyk dissertasiýasyny gorap, adygan adamyň agtygy
hökmünde tanalýardy. Onuň atasy lukmançylykdan kütegrägem
52
Agageldi Allanazarow. Hazaryň yssy tomsy
bolsa, degişme şortany başarýan adam bolupdyr. Haçan-da ol
dissertasiýa gorap durka, berlen soraglara jogap tapman kösenen
mahaly ony «Türkmenistana alym lukman gerek» diýip, öňüne
salyp, Moskwa alyp baran Gaýgysyz Atabaýew ara düşüp, onuň
dadyna ýetişipdi. Ol ýagdaýyň bulaşyp barýanyny görüp:
— Hany, bulara bir şorta gaýryp ber! — diýipdir.
Şonuň üçinem onuň bilen bile işleşenler Çaphany
anekdot aýdyp, Atabaýewiň arkasyndan alym bolan hökmünde
tanaýardylar.
Şol döwürler başga milletleriň gelin-gyzlaryna öýlenmek,
gulluk edýän hökümetiňe wepalydygyňy aýan etmegiň bir ýoly
bolup, ol türkmen ýolbaşçylarynyň, özüni itelligent hasap edýän
adamlarynyň arasynda hem giňden ýaýran ýagdaý bolupdyr.
Çaphanam dissertasiýa gorap gelenden soň, döwür bilen aýakdaş
bolmak üçin, türkmen aýalyny kowup, ýokary Ýewropa eşikli
gyzlaryň birine öýlenipdi. Gospitalyň başlygy hem onuň şondan
bolan oglunyň ogly bolup, onuň adyndan peýdalanyp, medinstituty
tamamlap, hil bir atasy bolan ýaly, bu pudakda özüniň özgelerden
artyk hakynyň, hilesiniň barlygyna ynanyp, hondan bärsi bolup
ýören adamdy. Dogrusy, onuň öz mynasybetinden has ýokary
bu orny eýelemegine hem häzirki wagtda şol atasynyň gazanan
gatnaşyklary, baglanyşyklary sebäp bolupdy.
Ol Hasary başlyklarça düýrügibräk sorag bilen garşy aldy.
— Esger Akmämmedowyň meselesi bilen men sizi
çagyrdym. Ol operasiýa etmäge planlaşdyrylandan soň näme
üçin galdyryldy?
Gospital başlygynyň gep saluwynda: «Ony men
planlaşdyranymdan soň, kimiň haky bar, alyp, başgaça etmäge?»
diýen talap bardy.
Hasar hemişe-de öz wezipe borçlaryna oňly düşünmeýän,
üstesine-de, öz ugrundanam oňly düşünjesi bolmadyk adamlar
ýolbaşçy bolanda, olar bilen düşünişmegiň kyn bolşy ýaly,
işleşmegiň hem kyn bolýanlygyny bilýärdi.
Agageldi Allanazarow. Hazaryň yssy tomsy
53
Hasar gospital başlygynyň hondan bärsi bolup beren
soragyny halamanlygyny ýüzünde mälim edip, çytylybrak jogap
berdi:
— Bilýäňizmi näme, jenap gospital başlygy. Bu ýagdaý,
seýregrägem bolsa, biziň adam jany bilen iş salyşýanlygymyzy
ýatlap, ýedi ölçäp bir kesmeli bolýanlygymyz üçin, bolýan zat.
Esgeriň analiziniň netijelerine juda bir ynamymyz ýok,
galyberse-de, biraz kuwwatlanyp, özüni tutmasa, onuň süňňi
agyr operasiýany götererden ejiz.
— Ynamyňyz bolmasa, näme üçin wagtynda täze
analizleriň ugruna çykmadyňyz ýa-da siziň etmeli işiňizi indi
gospital başlygy etmelimi?
— Ýok, özümiz şonuň ugrunda.
— Öňräk etmeli eken-dä. Eýýäm operasiýa boljagyny
eşidip: «Näden nä bolarkan?» diýşip, onuň hossarlary hem
gelipdirler.
Gospital başlygynyň düşünäýmeli ýagdaýa düşünäýesiniň
gelmän durmagy Hasaryň çetine degdi. Şeýle-de bolsa, ol
köpügörenligini edip, onuň bilen parahat gürleşip, düşünişmäge
çalyşdy.
— Operasiýa etmek kyn däl, jenap gospital başlygy, ýöne
doly anyk bolmadyk keseli operasiýa edip, onuň yzynda durmak
kyn. Ýarym güne ýaryş ýok hem syrkaw biraz tabyny alar,
onýança-da analizler doly taýyn bolar.
— Siz näme, indi ony biziň ugra degişli syrkaw däl hem
diýjek bolýarmysyňyz?
— Onuň analizleri häzir köp babatda onuň inçekeseldigini
tassyklaýar... Elbetde, ony bizem operasiýa edip bileris, ýöne
bu kesel boýunça ýörite ylmy institut bar, muny şol ugurdan
akademik Çary Nazarowiç ýaly ugurdaş ussat adamlar etse, has
gowy bolardy.
Hasaryň diýenlerini halaman, gospital başlygy ýene-de
nägile dillendi:
— Jenap polkownik, siziň aýdýan zatlaryňyz asla öň
54
Agageldi Allanazarow. Hazaryň yssy tomsy
gospital başlygy bolan adamyň sözüne meňzänok. Indi biz öz
syrkawymyzy operasiýa etmegi başaramzok! «Şuny siz operasiýa
edip beriň» diýip, başgalara ýüz tutmalymy?
— Medisinada bu edilmeýän zatmy, eýsem?
Hasar gospital başlygynyň soragyna sorag bilen jogap
berdi.
— Men gospital başlygy bolup otyrkam, bu ýagdaý gaýdyp
gaýtalanmaz. Siz çekinip, kürtdürýän bolsaňyz, operasiýany
ýene biri eder. Ýöne şeýdip aýtmaly ekeniňiz-dä öňünden. Biz
operasiýany başga birine ynanardyk... Men size-de düşünýän...
ýaş hem indi öňki däldir, güýjem, size kyn bolýan bolmagyda mümkin. Ýöne bizde bu işi edip biljek ýaşlar bar ahyryn.
Operasiýany şolar eder.
— Bu meselede bölüm müdiri hökmünde siz biziňem-ä
pikirimizi hasaba almaly bolarsyňyz! — diýip, Hasar öz içki
howry bilen gyzyp barha göterilip, gepledigiçe-de reňki has
saralýan ýaly bolup barýan başlygyň ýüzüne dikanlap nygtap
aýtdy.
— Ony göreris — diýip, gospital başlygy ýüzugra, «Muny
senden sorabam durmarys» diýen manyda badyhowalyk bilen
gepledi.
Hasar şol duran ýerinde, pikirinde ony gospitalyň öňki
başlygy polkownik lukman Rozyýew bilen deňedi. Ol ýurda
gelende bile işleşeli diýip, ony gospitala çagyryp alan hem şol
polkownik Rozyýew bolupdy.
Hasar bilen polkownik Rozyýew ykbaldaşdy, ol hem
Hasar ýaly Soýuz döwründe ýurduň dürli ýerlerindäki harby
bölümlerde lukman bolup işläp gezen, özüne göwni ýetýän,
iş başarýan adamdy. Ony ýurduň şol wagtky ýolbaşçylary,
özlerine gerek şeýle başarjaň lukman-ýolbaşçynyň barlygyny
eşidip, alty-ýedi ýyllykda SSSR ýykyljak bolup çaýkanyp
ugran döwürleri işleýän ýerinden ýörite çagyryp alypdyrlar. Ol
az wagtyň içinde halka degerli hyzmat edip biljek, türkmeniň
milli harby lukmançylygyny döredipdi. Alty-ýedi aýlykda bolsa
Agageldi Allanazarow. Hazaryň yssy tomsy
55
ony, ýokarda kimdir bir ýolbaşçyň ýakyn adamsyna onuň ýeri
gerek bolup, tirseklenip, ugursyz bahana bilen işden aýrypdyrlar.
Harby derejesine dawa tutulanda ol: «Maňa bu derejäni siz beren
dälsiňiz, siz alybam bilmersiňiz» diýip, ýolbaşçylaryň ýüzüne
gelip, soňam entek Türkmenistandan etegini-synyny ýygnap
ýetişmedik orus goşunlarynyň bölümlerine goşulyp, ýene-de
yzyna — Orusýete — öz arzyly ýerine gidipdi.
Hasar birbada gospital başlygynyň näme üçin özüne
erjeşýänligine düşünip bilmedik hem bolsa, ýadyny dörünen
wagty, ýakynda-da onuň bilen gaýybanarak hem bolsa bir
hyňranyşyp alanlygy ýadyna düşdi we şundan soň, oňa bu sowuk
şemalyň ýene-de nireden ösýänligi düşnükli boldy
Bu-da bir Hasaryň özi-de bir çetinde bolup görüp, göwnüne
jaý edip bilmedik işi bilen bagly zatdy. Gospital başlygy şonda
sen-men ýok, komissiýa salyp, iki-üç aýlykda ýönekeý içagyry
bilen hassahana düşüp, häzirki wagtda edarada äkitmeligoýmaly hojalyk işlerine kömek berdirilip ýörlen esgeri goşun
gullugyndan boşatmakçy bolupdy.
Şonda, entek sagat adama, syrkaw diýmegi öwrenmedik
ýaşuly lukmanlaryň ikisi ol taýynlanan delil hata gol çekmekden
saklanypdylar. Şolaryň biri-de Hasardy.
Anyklaýyş toparyň başlygynyň, jogapkär kätibiniň,
«Şeýdäýeliň, ýokarynyň talaby şeýle, ýaşulular!» diýip,
jibrinmesine seretmezden, bu ýagdaý adaty zat bolansoň,
olar şonda oňa kän bir üns hem bermändiler. Diňe ol gospital
başlygynyň ýaňky ýigidi «komisowat edeýin» diýip, onuň
hossarlaryndan lomaýja para alanlygy eşidilensoň, nämäniňnämeligine düşünip galypdy.
— Häzir ýeriňize baryň-da, maňa bu barada düşündiriş
ýazyň! Edip bilmeýän bolsaňyz, edip bilemzok diýip, anyk
ýazyň. Biz operasiýa edip biljegi taparys — diýip, «Gidiberiň»
diýen äheňde talaply gepledi.
— Düşündirişmi? Ony ýazmaly bolsa ýazaýarys. Ýöne
men-ä entek keseli doly anyklaýançam, syrkawy operasion stola
almakçy däl.
56
Agageldi Allanazarow. Hazaryň yssy tomsy
Gospital başlygy Hasary nägile nazar bilen ugradyp
oturyşyna içiniň howruna çygjaran maňlaýynyň derini el
ýaglygynyň barlygyny hem unudyp, aýasy bilen syldy. Hasar
başlygyň kabinetinden çykyp barýarka, Rozyýewiň işden giden
döwürleri baş ştabyň başlygynyň orunbasary Serkäýewiň özüni
ýatlap: «Ol ýere mynasyp adam goýuljak bolsa, polkownik Hasar
Mämmethanow bar ahyryn, başga adam gerek däl» diýip, onuň
özüni öňe sürenligini ýatlady.
Polkownik Serkäýew Hasar Germaniýada gulluk edýän
döwri o-da şol ýerde gulluk edýän türkmen ýigitleriniň biri
bolupdy.
Eger-de ol şol gezek: «Biz indi gartaşdyk, gospitalyň bir
ýerinde işlesek bolýar, oňa ýaşlardan birini goýuň!» diýmedik
bolanlygynda, başlygynyň ýerinde başga biri däl-de, häzir onuň
özi oturaýmalydy.
Hasar başlygyň hondan bärsi bolup, özüne gezelip
durmagyny göwnüne jaý edip bilmän, ilkinji gezek şonda, «bol»
diýlende, gospital başlygy bolmakdan ýüz öwrenine ökündi.
Dikdüşdüräk başlygyň tanapyndan biraz çekäýer ýaly Serkäýew
bilen maslahatlaşaýaýyn diýse-de, olam ýakynda general
çini berlip, baş serkerde edilip, Guşgy harby garnizonyna işe
ugradylypdy. Gospital başlygy bilen tutma-tuturak ýakymsyz
gürrüňden soň, Hasar üýtgäp duran döwür-döwran bilen bagly,
döwrüň üýtgemegi bilen adamlara hem üýtgeme talap bolýanlygy,
birnäçe adamlaryň ýagdaýa tiz düşünip, oňa aňsatlyk bilen
goşulyşyp gidiberýänligi barada pikir öwürdi. Dünýäniň hem ol
şol aňyrdan dyzanyp at bolup gelýän täze durmuşyň gapdalyndan
çykyp, onuň jylawyndan çalyp tutana meňzeýänligini, indi oňa
biraz düşünip ugran ýaly pikiriň özünde hem döränligini aňyp,
ol çeşme suwunyň daşjagazlary öňüne salyp, togalap alyp gidişi
ýaly, haýsydyr bir güýjüň özüni-de şol tarapa alyp gidiberjek
ýaly, ýat duýgyny başdan geçirdi.
Agageldi Allanazarow. Hazaryň yssy tomsy
57
* * *
Annaw bilen Dünýä Stambulda bolup, öz ugruna çykan
işlerine ýardamçy meýlini gazanyp gelenlerine köp wagt
geçmänkä, Türkiýäniň belli «Akguýruk haňk-huňk tijret»
kompaniýasynyň başlygy Sorar Ýülük öz ofis hanumalarynyň
biri Gülöwser hanym bilen Aşgabada sapara geldi. Gülöwser
hanymyň Aşgabada ilkinji gelşi bolsa-da, Ýülük öňem üç-dört
ýyllykda bu ýere uly döwlet delegasiýasynyň arasynda gelipdi.
O-da şonda bu ýerde Türkmenistana doganlarça kömek bermäge
gelenleriň hasabynda bolmagy, öz işlerini ýaýbaňdyrmagy
isläpdi. Ýöne şol gezek onuň işi ugruna bolmandy, ýogsam
ol ýurduň Prezidentiniň taryh bilen gyzyklanýanlygyny, türk
halky bilen türkmen halkyny bir halk hasap edýänligini eşidip,
onuň göwnünden turar diýen tama bilen, oňa türki kowumlaryň
taryhynyň sünnälenip neşir edilen ýigrimi tomlugyny hem sowgat
edipdi. Şeýdibem Prezidentiň göwnüni awlap, Türkmenistanda
işlerimi aňsatlyk bilen ýaýbaňlandyraryn diýen tamasy bardy.
Annawyň bu tutan işine hem ol hut şonuň üçin ylygypdy.
Türkmenistan henizem ertekilerdäki ýaly ümür-dumanyň içinde
oturan hazynalar adasy bolup, onuň ünsüni çekýärdi.
Sorar Ýülük Aşgabada gelen gününiň ertesi umumy işiň
hat-petekleri bilen tanşansoň, özüniň goýum goýup şärik boljak
işini görüp, onuň çen-çakyny almak üçin, Annaw bilen Köýtene
gidermen boldy.
Annaw türküň ýanyndaky aýala ýoldaş bolsun diýdimi ýada mesele bişirilende, onuň pikirleriniň hem gerek boljagyny göz
öňüne tutdumy-nämemi, ol Dünýäni hem ýanyna aldy.
«Rudnik» atly dagyň dyrnagyna gonup, kibtini gysyp
oturan şäherçe tipli oba olar Çärjew şäherindenem Hemra
Kalendary alyp, ýolbelet hökmünde öňlerine salyp geldiler.
Häzirki döwrany geçen şäherçe bu ýerde uruş ýyllarynda peýda
bolupdy. Ondaky iki gatly jaýlaram şol döwür, bu ýerde işe
ýolbaşçylyk etjek inženerlerdir ýeneki ýolbaşçylar üçin gurulsa,
58
Agageldi Allanazarow. Hazaryň yssy tomsy
ondaky bölünip, maşgala ýaşaýyş jaýlaryna öwrülen ozalky
uzyn-uzyn, hanwar edilip gurlan baraklar bu ýerde işlemek üçin
getirilen bendilere niýetlenen ýaşaýyş ýerleri bolupdy. Bendiler
bu ýerden dagy ýaryp, ondan şol döwürlerde ýurda juda gerek
bolan uran magdanyny gazyp alýardylar. Ol özüniň «Rudnik»
adyny-da şol ýyllarda şu magdan käni bilen baglylykda alypdy.
Watan kuwwatyna kuwwat goşan mertebeli edaralaryň biri
bolupdy. «Rudnik» şäherçesi soňra has ösüp-örňäp, uly şähere
öwrülip gitmelidi. Ýöne urşuň yzysürelerinde başlanylyşy ýaly
hem «Rudnigiň» işi duýdansyz togtadylypdy.
Uran käniniň äpet gowak bolup duran agzyny bolsa ýene
bir wagt gerek bolanda dolanylar diýen niýet bilen, bir gat çäge,
bir gat gurşun erginini guýup, ýer üstüne uranyň zäherli demi
çykmaz ýaly edip, gat-gat edip ýapypdylar. Häzir şol döwürdöwranlardan bu ýerde şu şäherçe mysally obajyk bilen onuň
«Rudnik» diýen ady galypdy.
Hemra Kalendar myhmanlary «Rudnigiň» ýagdaýy,
onuň töweregi bilen aýlap, görkezip tanyşdyransoň, ol Hojapil
obasyndaky myhmansöýer tanşyny ýatlap, myhmanlaryny
şol obanyň ýokarsyndaky daşyň ýüzünde galan gadymy
dinozawrlaryň yzlaryny görkezip gaýtma niýeti bilen, gitdigiňçe
barha daralýan jülgäniň içi bilen ýol yzarlap, ýokarlygyna şol
oba gitdi.
Myhmanlar bir gije Hojapil obasynda bolup, onuň
arça ysy berlip mylgyradylyp bişirilýän tamdyrlamasy bilen
hezzetlenensoňlar, şol günüň ertesi dinozawrlaryň yzlaryny
görmäge gidermen boldular. Öý eýesi irden ýolbelet hökmünde
ýortmança ogluny olaryň öňüne salansoň, özem ol ýerde gerek
boljak zatlary jemleşdirip, ýene ýanynyňam bir ýoldaşy bilen
myhmanlaryň yzyna düşdi. Obanyň ileri başynda çeşme derýajygy
şogurdap, höwes edip, bir ýerden bir ýere jammyldaşyp barýan
şadyýan çagalary ýatladyp, öz-özünden hezil tapyp akyp ýatan
eken.
Agageldi Allanazarow. Hazaryň yssy tomsy
59
Myhmanlar derýajygy kesip geçip, ýapyýokary dag
belentligine göterilişip gitdiler. Öňden dag ýodasyny yzarlap,
inip-çykyp, käte bir başyny görkezip, ýolbelet oglanjyk ýeňil
gopup barýar. Onuň yzy bilen öz maýdalyna gürleşip gelýän
erkek adamlaryň toplumyndan bölünip gaýdan, topardaky
iki zenan özara gürleşip gelýärdiler. Olar oglanjygyň barýan
tarapyna seredişip, ýykylaýmazlyk üçin ädimlerini nygtap,
seresap basyşyp baryşlaryna, öz islegli ýerlerine ýetmek bilen
bagly höwesli bir duýgyny hem başdan geçirýärdiler.
Durmuşda erkek adamlaryň ýanyndan aýrylsaňam, hiç
wagt olardan daşlaşmaly däl diýen akyl bilen ýaşaýan aýallar
ara açyberse, mahal-mahal aýak çekişip, yzlaryna gözleşip
ýolbaşçylaryna garaşyp, aýaklarynyň demini berşip durýardylar.
Hemra Kalendaryň töwereginde gürrüňden hezil tapan
adamlar şol gelişlerine käte-käte aýak çekişip, hamala, nirä
barýanlaryny hem unudana meňzeşip, şüweleňli gürrüňe berlişip
durýardylar.
Günüň daglaryň aňyrsyndan bir ýerlerden sogrulyp çykan
ýaly bolup, göge göterilip ugramagy bilen, töwerek täze gelniň
ýüzüniň perdesi serpilendäki ýaly nurlanyp, bir geňsi bolup,
ýakymly duýgy döretdi.
Gün gije gelende ähli ýitiren zatlaryny özlerine gaýdyp,
olara ornuny, reňkini derejesini berip, dünýäniň keşbine aýdyňlyk
saldy.
Dünýä göwresi özünden biraz ýognas görünýän myhman
aýaldan has ýeňil gopýardy, onuň aýagyna ýöremäge çalyşýan
hem bolsa, wagtal-wagtal ol dagyň höwesine berlip, ondan
ozanyny hem duýman galýardy. Ötmesi kynrak ýerlere ýeten
mahaly ol myhman zenana goluny uzadyp, oňa hem öz ýanyna
göterilmäge kömek edýärdi.
Iki aýal öňlerinde bir ýerlerden togarlanyp gelene ýenede ol ýerdenem togarlanyp gidibererli bolup, köwelibräk öňe
eňňit atyp duran epet çal daşa howatyrlanybrak seredip, onuň
gapdalyndan oýtarlabrak aňyrlygyna geçip barýarkalar, bir
60
Agageldi Allanazarow. Hazaryň yssy tomsy
topbak guş olaryň ýedi-sekiz edim beýleräginden tebil tapyşyp,
asmana göterildiler. Käkilikmikän öýdülen guşlar çöl kepderileri
— gögerçin eken. Bölek-bölek ýerlerde ýaz hyjuwy bilen daş
ýaryşyp çykan çöl otlary özbaşlaryna adajyk bolşup, gök salşyp
otyrlar. Daşy ýaryp ösmek ösümlikleriň köpüsine başartmaýar.
Dag kemerlerine dyrmyşyp ösmegi arça, hoz, pisse ýaly juda
tutanýerli, durmuşa höwesli, barmak basyp sanaýmaly agaçlar
başarýar.
Töwerek bu mahal ululy-kiçili dag ulgamlarynyň haçanam
bolsa bir wagt äpet bir bitewilik bolup, soňra haýsydyr bir
güýçli äpet döw adam ony hoz döwen ýaly ýumruklap döwüp,
ownugyny-irisini garym-gatym edip, töwerege taşlaşdyrýan ýaly
duýgy döredýärdi.
Pikirlerde bolsa indi surat-şekilleri, telewizorda görlüp
haýygylan, bir-birlerinden äpet-mazardat dinozawrlar äpeňsäpeň basyşyp, pytraşyp, otlaşyp ýördüler.
Dünýä şol barşyna hol öňde agaryp ýatan repide ýaly
zady gören mahaly ony ak daşdyr öýtdi. Daşdyr öýdülen-de
bolsa, ýöne ol kömelekdi, onda-da şeýle ak repide ýaly, ýaz
aýlarynda öňünden çykanda, ony görüp, çagalykdaky kömelek
tapanyňda begenişiň ýaly begenmezmiň!? Alyp görseň içem
gelin kömelegiňki ýaly, birsydyrgyn melemtildir, ýakymly ysam
şoldur. Oňa bu öwrede guzuguýruk kömelek diýilýän eken.
Türkmenistanyň başga ýerlerinde beýle uly kömelek gabat
gelibem baranok.
Ol dagda süri otlap ýörkä, akja guzularyň biri bökjekläp
oýnap, ýatyp-turup gidende guýrujygyny galdyryp giden ýaly
duýgy döredýär. Özi-de repide ýaly kömelekden çen tutsaň-a
ol kiçi-girim guzy hem bolmaly däl, tokly bolmasa-da, şirbazy
çykan guz-a bolmaly. «Äriň ärden, ýeriň-ýerden parhy kän»
diýleni. Şeýle kömeleklerem Köýteniň dinozawrlaryň yzlary
ýaly, geň-taňlyklarynyň biri.
Ýokary dyrmyşmagyň barha kynlaşýanlygyna seretmezden,
howa barha tereňleşýärdi. Töwerek gelýänleriň dinozawr
Agageldi Allanazarow. Hazaryň yssy tomsy
61
yzlaryna ýetmek höwesini, öz nazary bilen bir makullabam
goýman, albaý bulap barha höweslendirýärdem. Türk gelniň
süňňünde der düwmeläp, maňlaýy ýaňyrak suw çalnana meňzäp,
saçynyň çaşan tarlary der bilen onuň ak boýnuna ýelmeşip, ony
has görmegeý zenana öwrüpdir. Onuň ýolda yssy görüp, çykaryp,
biline aýlap daňan žemperiniň etegi ýörände yzynda goýnuň
guýrugy ýaly ýelpildäp-ýelpildäp gidýär.
Dünýä ýene birsalym demleri dürsemek üçin aýak çekilen
mahaly elindäki suwly çüýşejigi myhman aýala uzadyp:
— Suw içesiň-ä gelen däldir? — diýdi.
— Kem-ä bolmazdy!
— Gowusy, agzyňy çaýkaýmalymykaň diýýän. Gyzyp suw
içme!
— Şeýtsem-de bolar.
Myhman gelin töweregi synlap, agzyny çaýkap, ýadapýorlanyny boýun alýan äheňde demini dürsäp durşuna:
— Ýoly ýakynam däl eken — diýdi.
Ýolbelet ýortmança ýigdekçe olaryň on-on bäş ädim
öňünde üstaşyr töwerege syn salyp durdy. Dag depeleriniň bolsa
golaýlaşdygyňça kükregi giňemek, başy beýgelmek bilendi.
Dünýä ýigdekçä ýüzlendi:
— Barmaly ýerimiz entek uzakmy?
— Indi golaýladyk. — Soňam ol aýallaryň göni ýüzüne
seretmegi ejap edip, gapdala bir ýerlere seredip, sözüni dowam
etdi — Şu dyrmyşyp gelýän depämizden aňyrlygyna geçen
ýerimizden biraz ýan berip egrelip gidýän iniş başlanýar, şonuň
gutaran ýerinde keserip duran dagam şol dinozawrlaryň gezen
dagy-da, baryp şonuň üstüne çyksak bolany.
Dünýä dagy gysgajyk dynç alyş säginmeden soň, täzeden
ýola düşensoňlar, olar ýolbelet ýigdekçä Köýteniň pasyllary,
janly-jandarlary bilen bagly soraglar berip, söhbetdeş edinip,
onuň bilen gapdallaşyp ýörediler.
Erkek adamlar bolsa, hamala, dinozawr yzlaryny görmek
isleglerini unudana meňzeşip, hol gara görnüm yzda, bir-birleriniň
62
Agageldi Allanazarow. Hazaryň yssy tomsy
töwereginde aýlanýan ýaly bolşup duruşlaryna henizem topbak
tutuşyp gürleşip durdular. Hatda aýallaryň wagtal-wagtal yzlaryna
gözleşip, olaryň özleri bilen deňleşmeklerini isleýänlerindenem
habarsyzdylar.
Dinozawrlaryň yzlary, haýsydyr bir güýçli zarba netijesinde
keseligine, ortam bilräginden jarba iki bölünen dagyň aşaky
ýapgytdan tekiz böleginiň üstünde eken. Bölünmezinden öň ol
hem töwerekdäki beýleki dag gerişleri bilen boý deňeşdirip,
depesine bulut gonduryp oturan daglaryň biri bolupdyr. Onuň
güýç görüp bölünip, aşak inen bölegi häzir şol süýşüp baran
ýerinde — bölünip gaýdan ýeriniň aşagynda aýaguja, depilen
ýorgana meňzäp üýşüp dur. Ol dag böleginiň in-ölçeginden
çen tutup, pikiriňde ony öňki ornunda goýup göreniňde, ol
ýene-de howalanyp oturan şol gadymky, syratly daga öwrülýär.
Dinozawrlar şol bölünip süýşen dagyň aşaky galan böleginiň tekiz
ýüzünde öz «gollaryny» galdyrypdyrlar. Alymlar bu dinozawr
yzlary barada pikir ýöredip, olaryň haýsydyr bir tewtoniki
sarsgynyň yzysüre, gyzyp gaýnan ýer şindi sowap ýetişmänkä,
maýyşgak wagty onuň üstünden geçendir diýip, çaklaýarlar.
Köýten degresi şol döwürde görlüp-eşidilmedik boý-in
alan ot-çöpleriň, tokaý agaçlarynyň mekany eken. Bu nyşanalamatlaram şol bolçulykda ýaşan, ýörände ýer godukladyp
gezen mahluklaryň yzy bolmaly.
Dinozawrlaryň tirkeşip, suwa inip barýan bolmaklary hem
ahmal, ol döwürler Hojapil obasynyň oturan jülgesi uly suwuň
çaýkanyp ýatan ýeri bolupdyr. Dinozawrlar ýapynyň aşak etegini
kesip, jülgä tarap geçipdirler. Olar ata-ene, çaga dinozawrlardan
ybarat bolup, üç sany ekenler. Ýokary ýüzden ýörän yzlaryň
häsiýeti boýunça ene dinozawra degişlidigi duýulýar, ol äpeňsäpeň howlukman, her ýerden bir basyp, ululara mahsus
goýazlyk bilen ýöräp gelşine, ýapyny ortalaberende, yzyndan
gelýän çagasyndan habar almak üçin aýak çekip, gaňrylyp yzyna
gözläpdir. Onuň burlan ýeri ýapynyň ýüzünde, özge yzlardan
çuňrak hem burlubrak durşy bilen tapawutlanýar.
Agageldi Allanazarow. Hazaryň yssy tomsy
63
Hersi bedräniň agzy ýaly yzlaryň gapdaly bilen, düýe
paşmagynyň yzlaryna çalymdaş çaga dinozawryň yzlary hem
hatar bolup, ýanaşyp gelýär. Iň aşaky, beýleki, yzlar bilen
gapdallaşyp gelýän ýene-de bir hatar uly yzlaryň ata dinozawra
degişli bolanlygy çak edilýär. Ol yzlaryň boý-ini ölçerip görlen
mahaly 70-75 sm, kä halatlarda 60-65 sm barabar geldi.
Şeýle dinozawlar çak bilen Türkmenistanyň bu daglyk
ýerlerinde 150-170 millon ýyl mundan ozal ýaşapdyrlar.
Gadymyýetiň yzlary bilen duşuşmak hemmeler üçin
ýakymly boldy. Adamlar dinozawr yzlarynyň töwereginde
aýlanyşyp, synçy bolup ýörüşlerine olaryň hersi bu yzlar barada
özleriçe pikir öwürdi.
Dünýä daş ýüzüniň tekizligini haly düşegine meňzetse,
onuň üstündäki dinozawr yzlaryny şol hala salnan täsin
göllerine meňzedip haýran galdy. Türk biznesmeni yzlary geň
galyp synlap ýörşüne şakyrdadyp-şakyrdadyp ýanyna göteren
fotoapparaty bilen olaryň suratlaryny alyşdyrdy. Gülöwser
hanym bilen Dünýäniň dinozawr yzlarynyň gapdalynda
aýaklaryny uzyn salşyp, synlap oturyşlaryny, soňra hemmeleri
goşubam telim gezek surata düşürdi. Annaw bu mahal aýlanyp,
ilki dinozawrlaryň yzlaryny ýekeme-ýeke syndan geçirdi.
Görünmän galany bolaýmasyn diýen pikir bilen, çen-çak eden
ýerlerini täzedenem aýlanyp, ünsli görüşdirdi.
Ýolbelet ýigdekçeden şeýle yzlaryň bu daglaryň ýene
niresinde bardygyny hem soraşdyryp, dinozawrlar bilen halys
gyzyklanmaga durdy. Dünýäniň göwnüne gadymyýetiň yzlary
Annawy alşykly-çalşykly dünýä barada, aň jemläp, çynlakaý
pikire batyran ýaly bolup duýuldy.
Annaw dinozawr yzlarynyň töwereginde ýene bir salym
küýlenip, köwlenip gezensoň, özüniň nämedir bir zat diýerlidigini
garaýşynda mälim edip, Ýülügiň gelinler bilen söhbede berlip,
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Hazaryň yssy tomsy - 05
  • Parts
  • Hazaryň yssy tomsy - 01
    Total number of words is 3625
    Total number of unique words is 1935
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    47.2 of words are in the 5000 most common words
    55.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 02
    Total number of words is 3633
    Total number of unique words is 1983
    34.3 of words are in the 2000 most common words
    47.4 of words are in the 5000 most common words
    56.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 03
    Total number of words is 3591
    Total number of unique words is 2035
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    46.5 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 04
    Total number of words is 3606
    Total number of unique words is 2046
    35.5 of words are in the 2000 most common words
    48.7 of words are in the 5000 most common words
    55.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 05
    Total number of words is 3634
    Total number of unique words is 2009
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    45.9 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 06
    Total number of words is 3624
    Total number of unique words is 1952
    33.7 of words are in the 2000 most common words
    48.0 of words are in the 5000 most common words
    55.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 07
    Total number of words is 3599
    Total number of unique words is 2003
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 08
    Total number of words is 3618
    Total number of unique words is 1999
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 09
    Total number of words is 3658
    Total number of unique words is 1961
    34.4 of words are in the 2000 most common words
    48.8 of words are in the 5000 most common words
    56.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 10
    Total number of words is 3692
    Total number of unique words is 1930
    34.7 of words are in the 2000 most common words
    47.3 of words are in the 5000 most common words
    55.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 11
    Total number of words is 3675
    Total number of unique words is 1996
    36.4 of words are in the 2000 most common words
    50.4 of words are in the 5000 most common words
    58.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 12
    Total number of words is 3627
    Total number of unique words is 1956
    33.5 of words are in the 2000 most common words
    48.0 of words are in the 5000 most common words
    57.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 13
    Total number of words is 3632
    Total number of unique words is 1978
    34.5 of words are in the 2000 most common words
    49.0 of words are in the 5000 most common words
    57.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 14
    Total number of words is 3680
    Total number of unique words is 2037
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    48.3 of words are in the 5000 most common words
    55.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 15
    Total number of words is 3690
    Total number of unique words is 2034
    34.2 of words are in the 2000 most common words
    48.1 of words are in the 5000 most common words
    56.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 16
    Total number of words is 3579
    Total number of unique words is 1995
    34.2 of words are in the 2000 most common words
    48.2 of words are in the 5000 most common words
    56.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 17
    Total number of words is 3625
    Total number of unique words is 2048
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    54.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 18
    Total number of words is 3683
    Total number of unique words is 2050
    33.5 of words are in the 2000 most common words
    47.8 of words are in the 5000 most common words
    55.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 19
    Total number of words is 3670
    Total number of unique words is 2045
    33.7 of words are in the 2000 most common words
    47.9 of words are in the 5000 most common words
    55.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 20
    Total number of words is 3637
    Total number of unique words is 2043
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    55.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 21
    Total number of words is 3608
    Total number of unique words is 2010
    33.1 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    54.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 22
    Total number of words is 3619
    Total number of unique words is 2112
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 23
    Total number of words is 3503
    Total number of unique words is 1983
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    54.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 24
    Total number of words is 3648
    Total number of unique words is 2034
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    46.6 of words are in the 5000 most common words
    55.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 25
    Total number of words is 3600
    Total number of unique words is 2017
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 26
    Total number of words is 3671
    Total number of unique words is 2017
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    55.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 27
    Total number of words is 3658
    Total number of unique words is 1984
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 28
    Total number of words is 3659
    Total number of unique words is 2046
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    46.5 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 29
    Total number of words is 3591
    Total number of unique words is 2030
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    55.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 30
    Total number of words is 3585
    Total number of unique words is 1978
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 31
    Total number of words is 3691
    Total number of unique words is 2076
    33.1 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    54.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 32
    Total number of words is 3678
    Total number of unique words is 2043
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    47.9 of words are in the 5000 most common words
    55.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 33
    Total number of words is 3714
    Total number of unique words is 2039
    33.7 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    55.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 34
    Total number of words is 3734
    Total number of unique words is 2099
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    48.1 of words are in the 5000 most common words
    55.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 35
    Total number of words is 3697
    Total number of unique words is 2045
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    47.7 of words are in the 5000 most common words
    56.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 36
    Total number of words is 3732
    Total number of unique words is 2151
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    46.5 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 37
    Total number of words is 1622
    Total number of unique words is 1047
    41.9 of words are in the 2000 most common words
    55.2 of words are in the 5000 most common words
    61.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.