Latin

Hazaryň yssy tomsy - 18

Total number of words is 3683
Total number of unique words is 2050
33.5 of words are in the 2000 most common words
47.8 of words are in the 5000 most common words
55.8 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
eger gerek bolsam, işde bolaýyn-bolmaýyn, jaň ediberiň!» diýip,
telefon belgisini ýazan kagyzyny stol üstünde goýdy.
— Biziň özümiziň-de gyzymyz uly lukman, ballym, ökde
bolansoň, ony birtopar lukmanyňam başlygy edip goýupdyrlar,
onuň seniň ýaly, elinde işleýän onlap lukmany bar...
264
Agageldi Allanazarow. Hazaryň yssy tomsy
Aýalynyň gyzyny ýatlap, ýene-de baýrynyp ýokarky
perdeden tutup, Hasara indi siziň geregiňiz bolmaz diýen manyda,
öňki hörpünde gepläp ugramagy goja ýaramady.
Goja aýaly duýar ýaly edip, birki gezek ýatan ýerinden
talaply ardynjyrady. Soňundanam ol Hasaryň ýüzüne ötünçli
seretdi-de:
— Munuňky boljak däl-ow! — diýip, muňa juda bir gulakda gabartmaweriň diýen äheňde uýalybrak zordan ýylgyrdy.
Hasar baş atyp, ýaşuly bilen ýürekden düşünişdi.
Ol çakylykdan gaýdyp gelende eýýäm töwerek agaryp,
dünýä aýyl-saýyl bolup ugrapdy.
* * *
Hasar ýene bir gün nobatdaky çakylykdan dolanyp gelen
wagty, oňa ýaňyrak ejesiniň jaň edip soranlygyny, «Gelensoň bir
öýden habar alsyn» diýenini aýtdylar.
Ol onsuzam her gezek işe gelip, telefona ýetende öýleri
bilen jaňlaşyp, hal-ahwal soraşyp durardy ýa-da işden soň ýol
ugruna ol ýere darap geçerdi.
Hasar ilki bir gezek jaň edende, trubkany hiç kim
götermedi, ol öz ýanyndan inisi bilen gelni işde bolsa-da, ejem-ä
öýde bolmaly, inimiň okuwçy çagalaram-a bu mahala çenli
okuwlaryndan gaýdyp gelen bolmaly ýa olar ýakyndaky dükanabeýlekä diýip çykaýdylarmykan diýip, öýleriniň ýagdaýyna
çen urdy. «Bolmasa işden soň özüm darap ötäýerin-dä!» diýip,
gyssagly gerek bolsa, olaryň özi ýene jaň eder-le diýip oýlandy.
Ol ejesiniň näme üçin jaň edenini anyk bilmese-de, biraz
aňýardy. Arslanyň ýyl sadakasy geçeli bäri, indi enäniň Hasary
täzeden öý-işik edip, onuň durmuşyny adaty ynsan durmuşyna
sazlasy gelýärdi. «Öleniň yzynda ölüp bolmaz, balam! Arslan
janymyň ýasyny, ömrüň ötýänçä tutsaňam tükenmejegini-de
bilýän, ýöne, nätjek, ýaşajak bolsaň, onuň ugurragynda-da
bolmaly. Erkek adama-ha aýalsyz ýaşamak hasam kyn bolýar,
Agageldi Allanazarow. Hazaryň yssy tomsy
265
aýal-a, näme, aglar-äňrär, süýrär, süýegini dolar, gününi dolamak
erkege kyndyr. Aýdylmanmy näme «Ýekelik Hudaýa ýagşy»
diýlip? Şol diýleni hakdyr, oglum. Ugruňa çykaýyn, gaýraky
Akalaňda arada daýzaňlara baramda, maňa «Hasar ýegene
alsaň» diýip bir gelin görkezdiler, kyrka ýetip-de barýan, bilini
guşasa, entek dogrulygam bar maşgala eken. Äri ölüp, ýekeje
çagasy bilen atasy öýüni tutup otyrmyş. Ejesi: «Bir gowy ýer
bolsa, göwnümiz ýetse, adamsy boljak ýaşlyragam bolsa, berjek
gyzymyzy, gulagymyň dynan ýerine. Gyzjagazam asgynjak
boljak bolsa, onam öz ýanymda alyp galaýjak, onsuzam işlerime
kömekçi bolup ýör häzirem ol» diýýämiş.
Ejesi ýene bir gezekde Hasary özi bilen oba äkidip, şol
gelin bilen maýyna salyp, gepleşip-synlaşar ýaly amat bahana-da
peýläp ýördi.
Hasar, sallahlyk bilen indi diňe bir öwrenişibem däl,
höwrügişibem barýardy. Dünýä bilen bellisi edilen-de bolsa, ol
henizem öňküsi ýaly Hasaryň pikirinde onuň töweregindedi, özide giderli hem däldi.
Söýlüp-söýüp bile ýaşalan bagtly ýyllar, ogul-gyz, ýakyn
töwerek, bir-birleri bilen onlarça durmuş sapajyklary arkaly
baglanan ykbal ondan öz bölünişiň ýaly, kalbyňy bölüp aýraýmak,
elbetde, aňsadam däldi.
Hasar munuň hyýal torudygyny, özüniňem şol tora gowy
çolaşanlygyny bilse-de, ol ýer onuň gidesi gelýän ýeri hem däldi.
Ondan ol ymykly gidip bolýan diňe bir ýer bardy, o-da bu Dünýä
däl-de, o dünýädi, oňa-da nalaç bolanyňda.
Şonuň üçinem Hasar ejeň jaň etdi diýlende, şu pikirleň
arasy bilen «Ejem maňa ýene bir gelinlik tapan bolsa gerek?»
diýip, höwessiz oýlandy, soňam onuň «Pursady sypdyrma, öýlen,
başy bütin bol!» diýip, talaply boljagyny pikir etdi.
Şonda onuň Dünýä bilen öz düşen gününi ýatlap, pikirinde
ejesine: «Gelniňden öň almytyňy almadyňmy?» diýesi geldi.
Umumanam, ol şu aýallar häsiýeti meselesinde öz ünsüne
düşen bir ýagdaýa hemişe geň galardy. Ilk-ä eneler gowy ýerler,
266
Agageldi Allanazarow. Hazaryň yssy tomsy
gowy gyz diýip, ony ogullaryna gelin edip alarlar, onsoň ertesem
ol gelin tarapyndan tirseklenip, göwni galyp, «Gelin däl-de,
özüme duranja bir ýagy alan ekenim!» diýip, öz hörpünden aňry
düşen gelnine käýinip ýörenem ýene olaryň özleridir.
Ýöne enelere perzentlerini maşgalaly etmek öz borçlary,
höwesleri bolany üçin, şeýle etmek olara düýpgöter zerur zat
bolubam görünýärdi.
Hasar işden soň, göni öýlerinden habar almaga geldi. Bir
gije-gündiz aýak üstünde bolup işlemek indi ony belli bir derejede
ýadadýardy. Öýüne özüni atansoň, wagty bilen onuň düşekden
galasy gelmezdi. Şundanam ol indi özüniň öňki harbylarça
hemişe çapyljak at ýaly bolup gezen Hasar däldigini boýun alasy
gelmese-de, bu ýagdaý ýyldan-ýyla barha anyk, «Jahyllykda
ýeten ýeriň özüňki, gojalykda — ýatan ýeriň» diýleni bolup-da
barýanyny duýýardy.
Harbylykda dagy uly ýörişler bolanda, uklasaň gijegündiz içinde iki-ýeke sagat uklarsyň, beýleki wagt ýalazy
meýdanda çadyrlar gurup, goşunyň agsak-towsagyna eýe çykyp,
dertlisine derman edip, syr ylgawda hem bolubam ýörensiň.
Uruş döwründäki ýaly göçme gospitalda, operasiýa-da edýänsiň
welin, gezip ýörensiň, ýöne munuň ýaly ejir çekýän dälsiň,
ýaşlyk göterýändir-dä, «Elli — belli, altmyş — geçmiş» diýilenidä, diýibem oýlanýardy.
Hasar ejesiniň habaryny alyp, ýene-de tiz yzyna dolanmak
üçin, maşynyny-da howla salman, derwezäniň öňünde goýup,
içerik girdi.
Ol gelende ejesi oňly epilmeýän aýaklaryny öňüne uzyn
salyp, bir jama agşam bişiriljek palawyň käşirini dograp otyrdy.
Salam-heligiň yzysüre ejesi ondan:
— Dostuňa duşduňmy, oglum? — diýip sorady. Ejesi ol
ogly bilen duşandyr öýdüp, gürrüňi uç bermän, ortasyndan
başlansoň, Hasar birbada haýsy dosty barada gürrüňiň gidýänine
düşünip bilmedi.
Agageldi Allanazarow. Hazaryň yssy tomsy
267
— Ýok, kimkä ol? — diýip, egnini gysdy.
— Ol seniň iş ýeriň salgyny aldy telefonyňam. Ýanyňa
dagy baraýdymyka diýdim?
— Kim ol? — diýip, bilesigelijiligi artan Hasar, soragyny
ýene bir gezek gaýtalady.
— Öz-ä seniň ýaly, syratly bir harby komandir oglan,
senden-ä ýaşrak, saçynyň etegine ýaňy ak sepip ugrapdyr. Wah,
adynam-a: «Men —pylany» diýibem aýtdy welin, şu huşum
gursun, ýadyma düşenok... —Soňundanam ol başga-da bu gürrüň
bilen bagly zady ýadyna saljak bolup, salyp bilmän kösenip
durşuna, ýene özüne käýindi...
— Heý, maňa-da bir zat aýdarlarmy, ertirki iýen nanyny
bilýärmi, bu adamlar? — diýip janygdy. — Wiý, ýogsa-da —
diýip, ol şol barmana-da aýtjak zadyny ýadyna saldy. — «Men
üç ýyllyk gullugy tamamlap Germaniýadan dolanyp gelýärkäm,
ýol ugra siziňkä-de degip, Hasar Mämmethanowiçiň ugradan
sowgadyny gowşuryp geçipdim, öýüňiziň nireräkdedigi hem
şondan ýadymda galypdyr» diýibem aýtdy— diýdi.
— Generalmy?
— Men generalyňy nä bileýin, beýlekiňi nä bileýin. Öz-ä
bir atan-satan, düňňül topaza meňzäp duran maşynda geldi,
ýanynda-da iki adam bar eken.
Ýöne meniň bilen gepleşenem, telefon soranam şol boldy.
Telefonyňy aýdan mahalym, ony özi däl-de, şonuň yzynda
duranlaryň biri ýazyp aldy.
Ene soňky gürrüňi «Seni görmedik bolsa, şol beýleki
ýazyp alan, oňa şol telefon belgini beren bolsa-ha?» diýip, iňkise
gidenligini hem mälim edip aýtdy.
Hasar ejesiniň gep saluwyndan, gözläp gelen harbynyň,
özüniň birwagtky esgeri, soň komandir bolup, sowet goşunlary
bilen gazaply Owgan urşunyň içinden geçen, häzirki döwürde
welaýatlaryň birinde uly goşun birikmesine ýolbaşçylyk edip
ýören general Serkäýewdigini çen etdi.
268
Agageldi Allanazarow. Hazaryň yssy tomsy
«Ol bu ýerde näme işläp ýörkä, ministrlige dagy ýokary
wezipä çekilip, harby bölümlere aýlanyp, gözden geçirip
ýörmükän?» diýip, pikir ýüwürdi.
Hasar Türkmenistana geleni bäri Serkäýewiň uly
serkerdeleriň biri bolanyny eşitse-de, heniz onuň bilen
duşuşmandy.
Ol hatda indi ýadyndanam çykyşyberen esgeri bilen duşuşasy
gelendenmi-nämemi, oňa general iş wagtyň gutaranyny peýläp,
ýene-de özüni sorap, öýlerine geläýjek ýaly duýgyny başdan
geçirdi, Hasar şeýle pikir bilen oňa şu ýerde garaşaýanlygyny
kem görmedi.
* * *
Hasaryň bu gün işlemeýän, dynç günüdi. Ol iş gutaransoň
gelip, sowadyjydaky gury-guraksy zatlar bilen garbanyp, adaty
günlerdäkiden has ir, hatda endik bolan sagat 9-da berilýän
«Watan» habarlaryna hem garaşman, uklap galypdy.
Imisalalyga gark bolup oturan kenar, hamala,uklap demdynç aljaklar üçin, ýörite döredilen ýer ýaly amatlydy. Otagyň
hemişe diýen ýaly aram açyk goýlaýýan, çybyn-çirkeý girmez
ýaly öňüne tor tutulan, kiçijik aýna gözesinden deňiz demi terlik
bolup gelip durdy. Şeýle günlerde Hasar alynmadyk ukynyň
ýerini dolmak üçin, uzagrak ýatmaga çalşardy, ýöne ol köp ýyllara
çeken harby endigine görä, haçan ýatanlygyna seretmezden, şol
bir turýan wagty oýanyp, ýene ýatsa-da, şondan soň ýatardy.
Dünýälerde ýaşaýan günleri onuň hemişe, hemmelerden ir
turýar diýlip hasap edilýän ejesi turup, daş-iç girip-çykan wagty,
özünden has ir turan giýewsiniň howlynyň içinde maşk edenden
bolup, aýlanyp ýörenini görüp, oňa dözmän:
— Wah-eý, entek ýatybermeli eken-dä, janym! — diýerdi.
Ömrüň otuz ýylyny dagy biliňe esger kemerini guşap
ýaşasaň, bu-da halys endik bolýana meňzeş. Bu günem ol ýene-de
ertir irden şol oýanýan wagty oýandy, oýalygynyň arasyna salym
Agageldi Allanazarow. Hazaryň yssy tomsy
269
bermänem ýene-de düşegine geçip, ukyny dowam etdirmäge
çalyşdy. Töwerek ala-garaňkydy, gijäniň içinde bir ýerler-de
deňiz güwleýärdi. Ol düýnem gaýnaýana meňzäp, çaý-çanak
bolup, tolkunlaryny kenarda pytradyp, uzynly gün güwläpdi,
ýeriň süňňünde ýene-de hemişe deňiz çaýkananda döreýän,
süňňüni tutup bilmeýän ýaly ýuwaşja saňňyldy peýda bolupdy.
Şol barmana-da ýene-de onuň ýadyna hemişe aňynyň bir
ýanynda duran ogly Arslan düşdi. Arslanyň ör boýuna galan
keşbiniň aňyrsynda bolsa, üstüne ýagyş-ýagmyr syradyp, onuň
mazar tümmegi ýatyrdy...
Pikiri çözlenip ugransoň, hany, ýat-da onsoň, ýatyp bilýän
bolsaň!
Ogluny ýatlansoň, ol ýene bulam-bujar pikirlere ulaşyp,
özüniň ýatmakçydygyny hem unudyp, düşeginiň gyrasynda,
depesine taýak degip, gider ýoluny unudana meňzäp, bir ýerlere
seredip, sämäp oturdy. Ýogsam, boljak iş bolupdy, durmuş
tolkunlary Hasary boş çelek ýaly, zyňyp-gapyp, oýnap, getiribem
kenara taşlapdylar.
Maşgala harasadyna düşen adam soňra aňsat wagty bilen
özüne gelip bilmeýär. Onda-da Hasar ýaly aýalyna, çagalaryna
halys ýürekden berlip, olar bilen özüniň bir bütewliligine, şeýlede munuň hemişe şeýle boljagyna ynanyp ýaşaýan adam. Munuň
nädip beýle bolanyna henizem onuň akyly çatmaýardy.
Ýatyp bolmajagy düşnükli boldy. Onuň golaýynda deňiz
bardy. Deňiz bolsa umman-da, ol tolkunmagy, gerek bolsa, gelin
ýaly sülmüräp, seniň bilen göz-de-ýüz bolşup, ýürekden gürrüň
etmegi-de başarýardy. Hemişe-de ol Hasary yhlas bilen öz
huzuryna çagyrýardy. Dartgynly pikirler bir böwşeňlik berende,
Hasar ýene-de onuň boýunyň giňligini höwes edip, deňzi ýatlady.
Haçan-da ol kenara gelen wagty, tolkunlar ýygyn tutuşyp,
kowçum-kowçum bolşup, depelerinde damja çisňedip, döreden
çal jybar ýaglyklaryny bulaýlaşyp, aldajy goşun bölümlerine
öwrülişip, häli-şindi dyzanyşyp, kenar-gala hüjüm edýärdiler.
Howanyň biraz aýazly, çygly hoştap ysy bardy, kenarda
ommalyşyp ýatan daşlaryň, ortarakda biriniň üstünde, çarlaklar
270
Agageldi Allanazarow. Hazaryň yssy tomsy
toplum bolşup, sowuk suwa galtaşmaga ýaýdanýan deý, ýaňyrak
ezilip alanlaryny mälim edişip, eginlerini gysyşyp, gypdaklaşyp
otyrdylar.
Hasar birsalym gezim etmek niýeti bilen gelensoň, deňiz
tolkunlaryny oýtarlabrak kenar boýuny syryp ýöredi. Ol bu ýere
gelensoň, maşgala durmuşy bilen bagly pikirler birbada onuň
yzyndan galaýan ýaly bolan hem bolsalar, ýöne olar galman
ekenler. Ýene-de hamala,öz zenan synasyny güjeňleýän ýaly,
gülümsiräp, gyýa gözläp, Dünýäniň şekili onuň göz öňünde
peýda boldy. Ine-de, Arslan öz ogullarydyr gelni bilen ýaňyrak
gelip duran maşynyň içinden çykyşyp, öýe girişip gelýärler...
Agtyklary gördi öýdýän, olaryň ikisi-de öwrülişip,
Hasaryň duran tarapyna seredişdiler... Has-da ol ejesiniň
«biznese» urup üýtgänini halamadyk Arslanyň bürgüt nazaryny,
onuň çagalygyndaky bagtyýar, özüni söýýän ene-ataň arasynda
dänjiräp ýörenini, çagalaryny eý görşüni ýatlady...
Her gezegem şeýdip, ýeke kenarda ygyp syňsyrap ýörşüne,
maşgalasyny ýatlanda ol hamala,ýogy-baryny töweregine
üýşürip oturan ýaly, bir salymlygam bolsa, ýakymly duýgyny
başdan geçirerdi.
Öýde ýeke galanda welin bu duýgular, köplenç, onuň üstüni
gara basan ýaly hopukdyryp basardylar, şonda ol özüni haýsydyr
bir çuň içi tüm garaňky çukura gaçyp, indem dyrmyşyp, şondan
çykmagyň ýoluny tapmaýan deý kösenerdi.
Ýakyndan bärem ol şeýle ýagdaýa düşende, gazetleriň
birinde duşup, ünsüni çeken goşgyny ýatlamagy çykarypdy.
Şondan bärem, ol her gezek içki pikirlerine berlip, onuň
kalbyndaky şol goşgyny ýatlanda, hamala,ol gaçan çukuryndan
dyrmyşyp çykyp ugran ýaly, tamaly duýgulary başdan geçirip,
bu pursadyň uzagrak bolmagyny isläp, goşgy setirlerini sanap,
ondan özüne ýaranlyk tapardy:
Hasrat çekip ýörme, gama gap bolup,
Diýip, bu döwranyň gaýdypdyr işi!
Kynam bolsa, kynçylygyň öňünde
Ýaşamagy oňar dik tutup başy.
Agageldi Allanazarow. Hazaryň yssy tomsy
271
Tamaňy ýitirip, düşmegin ruhdan,
Derdiň pynhan sakla, ýakyn-ýadyňdan.
Bir alajy bolar ählije zadyň,
Ruhdan düşme, adam-a sen, adam sen!
Döwür-döwran, şol aýlanyp durandyr,
Kimsäň bagty ýatar, kimsäňki getir.
Diňe parasatly, sabyrly adam
Öz ýüküni islän menzilne ýetir.
Parhly bolup, umyt-da bol hemişe,
Ýürege-de agram salma gursakda.
Ýaşamagy başar ýalkap-ýalkanyp,
Her ýagdaýda, her döwürde, pursatda.
...Hasaryň her gezegem maşgala durmuşy bilen bagly
pikirleri, onuň soňra Aşgabatdan gaýdyp, öz dogduk kenaryna
gowuşmagy bilen gutarýardy.
* * *
Töwerek agşam ýatylanda adaty lybasynda gijäniň gujagyna
dolan hem bolsa, ertir gündizlige çykanda, ol egni boldan
tikilen ak possunly oýandy. Ozalagşam, üçekleri şytyrdadyp,
guş çokalaýan ýaly bolup, depeden ýagyp ugran iri-iri ýagşyň,
il ýatansoň, dünýäniň giňligini alyp, gara gyş gijeleriniň uzak
bolýanyndan peýdalanyp, onuň yzyny gara ýazdyryp, hezil edip
ýaganlygy belli boldy.
Hasar irden dünýäniň habaryny almak üçin, penjiräniň
öňüne gelen wagty, töwerekdäki daça jaýlarynyň ak gar basyrynyp
oturanlaryny gördi.
Içinde adam ýaşaýan jaýlaryň depesine tüsse göterilip, olar
kertläp duran gary süsňäp bir ýerlerden ýüzüp gelýän gämilere
272
Agageldi Allanazarow. Hazaryň yssy tomsy
öwrülipdirler. Telim aýlap, ýapragyny azdan-azdan düşürip,
güýze sanap berip çyp ýalaňaç galan baglar täzeden geýnene
meňzäp, agarypdyr.
Hasar görmese-de, häzir deňiz kenarynyň agaryp, has
owadan bolanlygyny oýlady.
Gar haçanam bolsa gijäniň bir wagty ýagyp-ýagyp hezil
edensoň, diňen bolmaly. Dünýä imisalalyk.
Hasar birsalym garly kenarda gezmek höwesi bilen geýnip
daş çykan mahaly, gar üsti bilen deňiz tarapyndan ösýän aýazly
ertir şemaly onuň ýüzüne urup, inini tikenekletdi. Dessine ol
egne geýen keltekçesiniň, syrma zynjyryny ýokary göterip
ýapdy. Barybir, gaýta ukudan açylmagyna kömek eden bolmasa,
kükrekden sähelçe itiberen sowuk şemalam onuň gar bilen
bagly höwesini kemip bilmedi. Ol elinde gar tokgalap oýnap
barşyna, aýak astynda ykyrdap ýatan garyň hol beýlede bugarypburugsap oturan deňiz ýakasyna ak gunduz dersi bolup tutulyp
has owadan bolanlygyny gördi. Ýeňsede bir ýerde garga özüniň
gatraw sesi bilen ardynan mahaly Hasara onuň sesi özüniň garyň
gowulygy baradaky pikirine garşy çykýan ýaly bolup eşidildi.
Ol öwrülip garga sesiniň gelen tarapyna sereden mahaly, olaryň
obanyň çetinde garrap, halys haldan galan garry agajyň üstünde
oturanlaryny gördi.
Gargalar garalyşyp-garalyşyp oturyşlaryna özara jedele
ala-goh bolşup, ýaňyrak başlapdylar.
— Gar, gar...
— Bar, bar, özümem görýän, bar!
— Kar, kar, ýatar telim günläp daş bolup doňup.
— Goý, ýagsyn, kar, kar.., Hemmeler agaranda menem bir
agarsam, bahana bilen.
— Kar, kar, biz asla agarmarys.
— Eger agaraýsak?
— Eger agaraýsagam, garalygymyzy bersegem,
gargalygymyzy hiç kime bermeris!
Agageldi Allanazarow. Hazaryň yssy tomsy
273
Hasar elinde tokgalan garyny gargalara atyp salanda, olar
«gak-da, gak» bolşup, pasyrdaşyp, asmana göterildiler.
Gargalaryň sesi şonda oňa: «Hä, degmediň, gar bilen bizi
urup bilmersiň!» diýip, gyjalatly eşidildi.
Üç-dört günlükde Hasaryň eýýäm baryp Aşgabatdan
çykandyr öýdüp ýören tanyş generaly Serkäýew telefon edip,
özüniň şu golaýdadygyny, görüşmek isleýänligini, harby
ministirligiň dynç alyş öýündeligini hem aýdypdy. Hasar şonda
onuň şol ýerde dynç alýanlygyny pikir edipdi.
Şol gürleşenleri bäri-de ol derejelenip, öz generallyga
ýeten esgerini görmegiň, onuň bilen duşuşyp, könäni ýatlaşyp
oturmagyň arzuwyndady. Häzir bu ýerden harbylaryň dynç alyş
öýüniň deňiz tarapyndaky bir bölegi dumanyň içinde sähelçe
salgym bolup görünýärdi. Ol salgym soňra şol ýerde dost göwnüň
barlygyny Hasaryň ýadyna salýardy.
Hasar deňiz boýundan gelip, ýuwnup-ardynyp aýnanyň
öňünde sakgal-murtuny alyp, özüne timar berip durka, general
bilen Germaniýada gulluk edip ýörkä, ýene bir gezek özüniň
ilkinji gezek oňa nähili duşanyny ýatlady.
... Şol gezek ol köriçege bolup, burlup ýatan ýigidi gyssagly
operasiýa etmeli bolupdy. Beýle operasiýalary, köplenç, ýaňyrak
bölüme gelen lukman kapitan Kostenko edýän-de bolsa, bu gezek
operasiýany Hasaryň özi edäýenini kem görmändi.
Tenine pyçak çekilen wagty, heniz urlan sanjymlaryň
täsirine doly berlip, süňňi tenbilmez bolmaga ýetişmedik
ýigit, gasygynyň ýokarsynda peýda bolan ýiti agyry bilen gan
syrykmasyny bir wagtda diýen ýaly duýup, «Ha, içigar...» diýip,
türkmençe gepläp goýberenini-de duýman galypdy. Hasar öň
seretmäge ýetişmedigem bolsa, soňra onuň hassa maglumatlary
ýazylýan depderçeden okap onuň özge iliň däl-de, öz iliniň
adamsydygyna anyk göz ýetiripdi.
Şol gün gijaralar, dertden dynan ildeş bilen ol hezil edip,
onuň ýanynda oturyp, halyndan habar alyp, türkmençe gürleşipdi.
274
Agageldi Allanazarow. Hazaryň yssy tomsy
— Gwardiýaçy, ýagdaýlaň neneň?
— Weý, ýoldaş harby lukman, siz türkmençe gepläp
ugradyňyzmy?
Ýigit şonda gaýry ilde özüne, onda-da deňli derejeli agahossar tapynanyna diýseň tolgunyp, gözüne ýaş aýlap:
— Siz öz agam ekeniňiz-ä! — diýip, juda begenipdi.
Esger ýigit soňra tä gullugy gutaryp gaýdýança, Hasar
bilen gatnaşykda bolupdy. Onuň mynasybetli harby komandir
bolmak arzuwyna, bir ýyl geçip geçmänkä-de, Hasaryň tagallasy
bilen Rýazanyň desantçy komandirleri taýynlaýan ýokary harby
mekdebine girmegine-de, onuň Hasar bilen şol tanyşlygy sebäp
bolupdy.
Kursant döwürleri ol ilkinji halypasy Hasaryň
baýramçylyklaryny gutlap ýazýan hatlarynda: «Hasar
Mämmethanowiç, men bu durmuşda näme gazanyp bilsem,
olaryň bary-da siz bilen baglydyr» diýip, minnetdarlyk bilen
ýazýardy.
Hasaryň indi köp ýyllardan bäri soňra hiç ýerde ýoly
kesişmedik esgeriň ýanyna görme-görşe gidesi gelse-de, ýöne
şol bir wagtda-da derejelenen esgerine özüniň oňly iş derejesi
bolmadyk, üstesine-de, iner ogly aldyran ýaraly gaplaň halyna,
onuň ogluny, «gelneje» diýip Dünýäni sorajagyny, şonda dile
alarlyk oňly ýagdaýynyň ýoklugyny, özüniň oňaýsyz ýagdaýa
düşjegini pikir edip, öz esgerine kiçelip görünmäge utanypdy.
Ähli goşunyny söweş meýdanynda ýitirip gelen general ýaly,
özüni oňaýsyz duýupdy.
Ýöne ahyrsoňy-da ýene-de onuň biri-birlerinden agyr
pikirlerinden general bilen duşuşmak höwesi üstün çykdy.
Üstesine-de, çakylyga howlukmalydygy-da, onuň bir hepde, on
gün, dynç alyp-almanka, yzyna çagyrylyp gidibermeginiň-de
mümkindigini özüne ýatlatdy.
Hasaryň bu gün dynç alýan günüdi. Keremara çaý-suwuny
taýynlap, ertirlik edindi. Haçan-da ol maşynyň üstündäki gar-
Agageldi Allanazarow. Hazaryň yssy tomsy
275
buzuny aýryp, geýnip ýola düşen mahaly, eýýäm Gün günortana
golaýlap barypdy.
Garly ýola keşde bolup maşyn yzy düşüpdir. Howa aýazlyda bolsa, Günüň asman-bulut gatlarynyň bir ýerlerinde barlygy,
duýulýanlygy üçin dünýäniň şähdi açykdy.
Hasar töweregiň agaryp bilse, has mynasybetli, has manyly
görünýänligini öz ýanynyndan belläp, maşynyny ýoluň amatly
ýerlerine gönüläp, gowy habar alyp barýan ýaly, ýol yzarlap,
ýeňil gopup gitdi.
* * *
Aňyrdan oý-pikirlere berlip gelýän Hasar «Harby dynç
alyş» mesgeniniň derwezesiniň öňüne nädip ýetenini hem
duýman galdy. Ol maşynyny saklap, öň ýanynda üşäp, boýnuny
şineliniň göterilen ýakasynyň içine ýygnap, bir aýagy bilen
beýleki aýagyna «tap-tap» kakyp duran esgere özüniň nirä, kimiň
ýanyna gelenligini mälim etdi.
Onuň gelenini görüp, habaryny almaga gapdaldaky jaýdan
çykan daýanykly seržant, derwezäň öňünde duran, geýen şineli
amanat ýaly görünýän esgere talaply buýurdy.
— Men polkownik bilen gepleşýänçäm, maşyny howla
goýberme! — diýip, dolanybam ýene yzyna jaýa girdi.
Hasar onuň öň berlen buýruknama laýyklykda özüni
generalyň ýanyna goýberip-goýbermezlik meselesini başlygy
bilen gepleşýändigini, jaň edilen komandirem «Siziň ýanyňyza
adam gelipdir, goýbermelimi?» diýip, baryp generaldan
soramalydygyny, munuň bolsa, bir giden wagty aljagyny
ýatlap, öňünden geljegini, telefon üsti bilen habar edip, dostuna
duýdurmanlygyny biraz gijegen pikirler bilen özüne igendi.
Ýöne onuň pikir edişi ýaly, bu zatlar uzaga çekmän, tizden
«Dynç alyş öýüniň» derwezesi giňden açyldy. Ol maşynyny
sürüp, derwezeden giren mahaly jaýlaryň öňünde birnäçe esger
elleri sübseli ýörite gar syrmak üçin ýasalan, oltaňy giň kürekli,
töweregi gardan arassalap ýördüler.
276
Agageldi Allanazarow. Hazaryň yssy tomsy
Dynç alyş öýüniň esasy bölegine öwrülýän köçäniň
eteginde iki sany harby komandir, çolanyp bilen zadyna çolanan,
bir geýnüwli aýaly ugradyp durdular.
Töwereginde görýän zatlary Hasara öz gulluk eden harby
durmuşyny ýatlatdy. Ol geçen pursady ýatlamak pikirinde bolsada, onuň üçin ýakymly boldy.
Hasar «Harby dynç alyş öýi» diýlip maňlaýy ýazgyly iki
gat jaýyň golaýyna gelip, maşyndan düşdi. Soňundanam ýörite
özüne gelmeli ýerini görkezmek üçin, öňünden iberilen esgeriň
yzyna düşüp, jaýyň ikinji gatyna göterildi.
Dosty Hasary «Dynç alyş öýüniň» başlygynyň gapysynyň
öňünde, general däl-de, polkownik çininde, biraz ünjüli ýylgyryp
mähirli garşylady.
Olar ata-ogullarça gujaklaşyp görüşdiler. Elbetde, heniz
hiç zatdan habarsyz Hasara birbada bu ýagdaý düşnüksiz bolup
göründi. Onuň bu ýagdaý «Gözüme görünýän bolaýmasyn?»
diýen ýaly pikir bilen geňläp, ümürli oýlanmagyna sebäp boldy.
Soňra ol Hasary «Dynç alyş öýüniň» başlygynyň kabinetine
alyp baryp, oturmaga ýer görkezip, özem onuň garşysynda
ornaşdy.
Hasar onuň biraz ynjalyksyzrak hem syrlyrak özüni alyp
barşyndan çen tutup, «Hä, men duýdansyz gelip, munuň keýpine
kuh berendirin-ow... Gelinjik getirip, öz otagynda şonuň bilen
güýmenip oturan bolmagy mümkin şunuň. Häzirem ol meniň
gelenimi eşidip, ony goýup çykandyr, şonuň üçinem meni öz
dynç alýan otagynda däl-de, bu ýerde kabul edýändir?» diýip
oýlandy.
Polkownik Serkäýew özüniň çal sepen, ýeňsä gaňtarylan
boldumly saçyny barmagy bilen biygtyýar daraklap, Hasaryň
ýüzüne «Siz bu soňky bolan ýagdaýlardan habarsyzmysyňyz?»
diýen manyda seredip, biraz uýalybrak ýylgyrybam goýberdi.
— Hasar Mämmethanowiç, görüşmänimize esli wagtam
geçäýen bolsa näme!
— Köp ýyllar geçendir — diýip, Hasar soňam oýurganyp,
bu geçen döwrüň hasabyny ýatlarly göründi.
Agageldi Allanazarow. Hazaryň yssy tomsy
277
— Ine, bizem şu ýere işe bellediler — diýip, Serkäýew
soňam ýene öňki hörpünde habaryny bermegini dowam ýetdirdi.
— Hojalyk işi dagyn entek saňa ir dälmi?
— «Adam bir zady göz öňüne tutýar, ýöne ykbal ony özüçe
çözýär» diýilmänmi näme?
Hasar diňe şundan soň, dostunyň ykbalynda bir zatlar
bolup, onuň özüni öňki pikir edişi ýaly, özge biriniň kabinetinde
däl-de, hut öz iş ýerinde — kabinetinde kabul edendigine göz
ýetirdi. Onuň general halyna özüni polkownik bolup kabul edip
oturmagynyň hem anyrsynda bir gepiň barlygy şundan soň oňa
hasam anyk boldy.
Dogrudanam, soňky döwürde öz ykbaly bilen başagaý bolan
Hasar, onuň Guşgy diwiziýasynda serkerdelik edip ýörenligini
eşiden hem bolsa, onuň gulluk merduwany bilen göterilip
barýanyny kalbyna ýakymly pikirler çaýyp guwananam bolsa,
onuň ýurduň goranmak ministriniň orunbasary bolup gelensoň,
başyna düşen soňky işlerden habarsyzdy. Ony geljekde ýurduň
goranmak ministri bolmaga mynasyp türkmen ýigitleriniň biri
hasap edip ýördi...
Podpolkownik Serkäýew hem Türkmenistana SSSR
dargansoň, Pribaltikanyň Alitus şäherinde gulluk edip ýören
ýerinden öz dogduk depesinde gullugyny dowam etdirmäge
gelen harbylaryň biridi.
Ol Alitus şäherinde polk komandiriniň birinji orunbasary
bolup, gulluk edip ýörkä, bu goşun bölüminiň uruş döwri
Türkmenistanda düzülenligini, soňra onuň häzirki öz gulluk
edýän 97-nji gwardiýa bölümine öwrülenligini bilmek oňa diýseň
ýakymly bolupdy.
Ähli harbylarda bolşy ýaly, her baýramçylykda bu bölümde
hem gahrymanlarynyň ady okalyp, ýörite ýatlanylýardy. Şonda
serkerdeleriň biri goşun sanynyň sanawyny okanda, olaryň
arasynda Sowet Soýuzynyň Gahrymyny Aýdogdy Tahyrowyň
adyny tutup, ýene bir esger oňa «Sowet Soýuzynyň Gahrymany,
türkmeniň edermen ogly Aýdogdy Tahyrow söweş meýdanynda,
278
Agageldi Allanazarow. Hazaryň yssy tomsy
Watan üçin wepat boldy...» diýip, jogap bererdi. Maýor Serkäýew
özüniň şeýle mertebeli ildeşi Aýdogdy Tahyrowyň gulluk eden
bölüminde gulluk edýänine öz ýanyndan buýsanýardy.
Polkownik Serkäýew dostuna täze iş otagynda bir käse kofe
berensoň, ony öz ýaşaýan otagyna alyp bardy. Bu ýer öý ýaly
edilip ýokary çinli adamlaryň maşgalasy bilen dynç almagyna
niýetlenen iki otagly, giňiş edilip gurnalan ýerdi. Daşary
sowugam bolsa, jaýyň içi ýylydy, onda giren wagtyň bir salym
duýulýan sabynyň ýa-da sakgal syrylanda çalynýan köpürjigiň
ysyna meňzeş ýeňiljek ys bardy. Bu ýerde eýýäm üstüne dürlidümen üýşürilen, myhmana niýetlenip stol hem taýynlanypdyr.
Polkownigiň myhmanyny bada-bat öýüne alyp gaýdybermän,
biraz kabinetinde eglenmeginiň sebäbi şundan soň belli boldy.
Ol şu zatlary taýynlatmak üçin, gaçara-kowara wagt aran eken.
Olar iki dost bolşup, üsti naz-nygmatly stoly öňlerine
alansoňlar, ilkinji tost duşuşyk üçin, indiki duşuşuklaryň
arasynyň beýle uzak bolmazlygy üçin içildi. Geçmiş ýatlanansoň,
gürrüň hasam gyzyşdy. Polkownik şol barmana dyzynyň üstünde
goýan polotensasy bilen, derçigen maňlaýyny, boýnunyň
ýüzüni süpürişdirip, hälden bäri halypasyna aýdasy gelip, ýöne
aýtmagynyň ebeteýini tapman oturan gürrüňüni ýatlady. Ol biraz
ýazyklyrak ýylgyryp gürrüňe başlady:
— Bir zat özi bolmazyna tutsa bolmaz eken.
Bu şowsuzlyk men Guşgy diwiziýasy goranmak ministriniň
orunbasary, uly goşun bölümleriniň biriniň serkerdesi bolup
işläp ugranyma birki aý geçensoň başlandy. Men ol wagt
Stambuldadym, doganlyk Türkiýäniň harby generaliteti bilen
duşuşyp, iki ýurduň harby gatnaşyklarynyň ugrunda gezip
ýördüm.
Şol ýerdenem gyssagly yzyma çagyrdylar. Balkan
polklarynyň birinde gopupdyr bir harasat.
Alty-ýedi sany serhoş esgerdir kiçi komandir ýaraglanyp,
bir harby myşyna-da münüp, Aşgabada ýöriş etse näme? Gürrüň
şu ýere ýetende, Serkäýew: «Sizem bu barada eşidensiňiz-ä?»
diýip, Hasara ýüzlendi.
Agageldi Allanazarow. Hazaryň yssy tomsy
279
Hasar anyk bilmese-de, şeýleräk bir zadyň öz gulagyna
hem ilenligini ýatlap, baş atdy.
...Ýolda-da olaryň maşynlary bozulyp, ýarag somlap, geçip
barýanlardan birini gorkuzyp, maşynlaryny elinden alypdyrlar.
Aşgabada habar ýetipdir. Ýolda olaryň öňüni kesipdirler...
Menem şol günüň ertesi uçup geldim. Boljak iş eýýäm
bolupdyr, ýeri, näme edersiň?
— Ýeri, olaryň maksady näme eken? — diýende,
Hasaryňam öz dostunyň derdine goşulyp ugranlygy belli boldy.
— Başbozarlaryň birki sanysynyň öz gutaran harby
institutlarynyň jogapkär ýolbaşçysy bilen algy-bergisi bar eken.
Jogapkär kişi olaryň birine institutda galmaga, beýleki birini
başga bir amatly ýere ýerleşmäge kömek etmäge söz beripdir.
Bilýäňiz-ä biziň belli-bellilerimiziň pul diýip, ölüp-öçüp
barýanlygyny. Elbetde, arada alym-berim bar...
...Içip bilenlerini içip, soňundanam kelleleri göçürip, köne
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Hazaryň yssy tomsy - 19
  • Parts
  • Hazaryň yssy tomsy - 01
    Total number of words is 3625
    Total number of unique words is 1935
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    47.2 of words are in the 5000 most common words
    55.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 02
    Total number of words is 3633
    Total number of unique words is 1983
    34.3 of words are in the 2000 most common words
    47.4 of words are in the 5000 most common words
    56.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 03
    Total number of words is 3591
    Total number of unique words is 2035
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    46.5 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 04
    Total number of words is 3606
    Total number of unique words is 2046
    35.5 of words are in the 2000 most common words
    48.7 of words are in the 5000 most common words
    55.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 05
    Total number of words is 3634
    Total number of unique words is 2009
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    45.9 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 06
    Total number of words is 3624
    Total number of unique words is 1952
    33.7 of words are in the 2000 most common words
    48.0 of words are in the 5000 most common words
    55.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 07
    Total number of words is 3599
    Total number of unique words is 2003
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 08
    Total number of words is 3618
    Total number of unique words is 1999
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 09
    Total number of words is 3658
    Total number of unique words is 1961
    34.4 of words are in the 2000 most common words
    48.8 of words are in the 5000 most common words
    56.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 10
    Total number of words is 3692
    Total number of unique words is 1930
    34.7 of words are in the 2000 most common words
    47.3 of words are in the 5000 most common words
    55.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 11
    Total number of words is 3675
    Total number of unique words is 1996
    36.4 of words are in the 2000 most common words
    50.4 of words are in the 5000 most common words
    58.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 12
    Total number of words is 3627
    Total number of unique words is 1956
    33.5 of words are in the 2000 most common words
    48.0 of words are in the 5000 most common words
    57.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 13
    Total number of words is 3632
    Total number of unique words is 1978
    34.5 of words are in the 2000 most common words
    49.0 of words are in the 5000 most common words
    57.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 14
    Total number of words is 3680
    Total number of unique words is 2037
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    48.3 of words are in the 5000 most common words
    55.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 15
    Total number of words is 3690
    Total number of unique words is 2034
    34.2 of words are in the 2000 most common words
    48.1 of words are in the 5000 most common words
    56.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 16
    Total number of words is 3579
    Total number of unique words is 1995
    34.2 of words are in the 2000 most common words
    48.2 of words are in the 5000 most common words
    56.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 17
    Total number of words is 3625
    Total number of unique words is 2048
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    54.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 18
    Total number of words is 3683
    Total number of unique words is 2050
    33.5 of words are in the 2000 most common words
    47.8 of words are in the 5000 most common words
    55.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 19
    Total number of words is 3670
    Total number of unique words is 2045
    33.7 of words are in the 2000 most common words
    47.9 of words are in the 5000 most common words
    55.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 20
    Total number of words is 3637
    Total number of unique words is 2043
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    55.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 21
    Total number of words is 3608
    Total number of unique words is 2010
    33.1 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    54.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 22
    Total number of words is 3619
    Total number of unique words is 2112
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 23
    Total number of words is 3503
    Total number of unique words is 1983
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    54.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 24
    Total number of words is 3648
    Total number of unique words is 2034
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    46.6 of words are in the 5000 most common words
    55.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 25
    Total number of words is 3600
    Total number of unique words is 2017
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 26
    Total number of words is 3671
    Total number of unique words is 2017
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    55.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 27
    Total number of words is 3658
    Total number of unique words is 1984
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 28
    Total number of words is 3659
    Total number of unique words is 2046
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    46.5 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 29
    Total number of words is 3591
    Total number of unique words is 2030
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    55.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 30
    Total number of words is 3585
    Total number of unique words is 1978
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 31
    Total number of words is 3691
    Total number of unique words is 2076
    33.1 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    54.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 32
    Total number of words is 3678
    Total number of unique words is 2043
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    47.9 of words are in the 5000 most common words
    55.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 33
    Total number of words is 3714
    Total number of unique words is 2039
    33.7 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    55.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 34
    Total number of words is 3734
    Total number of unique words is 2099
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    48.1 of words are in the 5000 most common words
    55.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 35
    Total number of words is 3697
    Total number of unique words is 2045
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    47.7 of words are in the 5000 most common words
    56.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 36
    Total number of words is 3732
    Total number of unique words is 2151
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    46.5 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 37
    Total number of words is 1622
    Total number of unique words is 1047
    41.9 of words are in the 2000 most common words
    55.2 of words are in the 5000 most common words
    61.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.