Latin

Hazaryň yssy tomsy - 21

Total number of words is 3608
Total number of unique words is 2010
33.1 of words are in the 2000 most common words
47.0 of words are in the 5000 most common words
54.9 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
gidýänlerini okuwyna ugradan ene, daşynyň çolalygyny alyp,
heniz ortadan ýygnalmadyk saçagyň başynda ýeke galyp, indi
juda bir diýenine gelip, epilip-de barmaýan aýaklaryny öňüne
uzyn salyp, çaý içip otyrdy...
Ene Hasaryň salamyny alyp, gysgaça saglyk-amanlyk
soraşansoň, oňa öz içip oturan çaýyndan, bir käse guýup uzatdy.
— Al, bir käse çaý iç!
— Çaý işdäm ýok, nene!
— Onda geç, saçak başyna, belki, bir zatlar garbanarsyň!
Ene töweregine seredip, aşhana gidip, ýene-de nämedir bir zatlar
getirerli bolup gozganjyrady.
— Azara galmaň, näne, men ertirlik edindim!
Enäniň uzadan çaýyny, ikilenç hödürläp, onuň gadyryny
gaçyrasy gelmedi.
— Içmeseň özüm içäýerin, bala! — diýip, onam öz
golaýynda, nobatyna goýdy. Ol soňam, ýüzüne syran çaňtozandan sabajak bolýan ýaly, aýasy bilen biraz derçigen ýüzüni
sypalap goýberdi-de: «Ýeri, oglum, meniň tapan gelinligimi
Agageldi Allanazarow. Hazaryň yssy tomsy
311
nähili gördüň?» diýip, öz janyny barlaýandan bolup, Hasara
täzeden ýüzlendi.
Hasar aňyrdan eşiderin diýip gelýän gepini eşiden mahaly
jogap ýerine «Indi şeýle ýaş maşgalany nädip maňa rowa
görjek?!» diýen manyda ejesiniň ýüzüne gözläp, geplemän
ýylgyrdy.
Ene oglunyň näme diýjek bolýanyna ýüzüne seredip
düşündi, soňam, hamala, onuň pikirini özüniň-de belli bir
derejede goldaýanlygyny mälim edip gepledi.
— Seniň göwnüň ýeten däldir, köpeý ogly, ol gelne... Dädeň
bende ýaly, siziň hele-hüle heleýe göwnüňiz ýetermi? — Hasar
ilki ejesiniň bu sözüniň aňyrsynda: «Dünýä ýaly maýa gelinden
soň...» diýen manyny pikir etse-de, soňra gep arasynda nygtalyp
kakasynyň ady hem tutulansoň, ejesiniň haýsydyr bir hut özüne
ýakymly bolan durmuşdaky bir zady ýatlanlygy belli boldy.
...Bu ýatlama onuň kakasynyň ýaňy demir ýol işine ulaşyp
ugran döwürleri bilen baglydy. Kakasynyň ýigit döwürleri ejesikakasy ony obada «Dogumly gyz» diýip, ýeňňelerini basyp
urup ýören, görk görmegi-de hiç neneňsi bolmadyk bir gyza
öýlendirmekçi bolupdylar. Ol şonda: «Maňa beýle heleýiň geregi
ýok, obada heleý uruşdyryp at gazanmak niýetim-de. Alyp
berseňiz-ä Ballan baýyň gyzy ýaly, bir syratly-sagryly birini alyp
beriň, ýogsam-da şäherden orusdan, tatardan alnymdan çykan
bir halan gyzyma öýlenäýerin!» diýip, atyma gelen gudaçylygy
boldurmandy.
Şol döwürde gepli-gürrüňli, baý-kulak diýlip, saýrykdyrylyp
ýörlen Ballan baýyň gyzyny bolsa eje-kakasynyň, oňa alyp
beresi gelmändi. Şol günleriň birinde, bu gürrüň Ballan baýyň
hem gyzynyň gulagyna ýetip, ozal aralarynda gep-sözleri ýogam
bolsa, ýigidiň özüne hyrydarlygyny eşidip, täze tiken tahýasyny
bir aýalyň üsti bilen oňa ýetirip, özüniňem göwnüniň barlygyny
mälim edipdi.
Gürrüňli adamyň gyzyny gelin edinmäge öýleri çekinsede, ýigit çekinmändi. Ol «Gazanyň garasy ýoksa-da, ýagly
312
Agageldi Allanazarow. Hazaryň yssy tomsy
gazanyňky ýoksun» edip, ýene bir gezek öýlerine gelende,
gyzam alyp, bir gije öz işleýän ýeri Gazanjyga tarap göterilipdi.
Demir ýol guramasynyň öz ýaş işgärini goldamagy netijesinde
soňra olar täzeçeläp, nikadan hem geçipdiler. Ýaş çatynjalara
umumy ýaşaýyş jaýdan ýaşara ýeke otaglyja kiçijik jaýjagaz
hem berlipdi. Ýeri, iki sany bir-birege hyrydar adama şundan
başga ýene näme gerekdi, şol mahal, eýsem?!
Köne ýatlanandansoň, ol ýatlama ata-ene ykbalynyň
bir bölegi onuň çagasynyň durmuşynda hem ýene bir gezek
gaýtalanan ýaly ýakymly duýgy döretdi. Eneli-ogul şundan soň
bir-birleri bilen öz pikir edişlerindenem has gowy düşünişdiler.
Hasary ýola salan mahaly, ejesi oňa:
— Hasar jan, meniň tapan gelinligim hoşuňa ýakmadyk
bolsa, indi ony özüň tapmaly bolarsyň. Aňrybaş göwün islän
maşgalaňy tapaýmak aňsatdyram öýtme. — Hasar adyny tutmasada, ejesiniň «Öňki Dünýäň ýaly» diýip, ony ýatlanyna düşündi.
«Wagty bilen durmuşyňy sazlamasaň, soň ýene-de özüm onuň
ugruna çykmaly bolaryn!» diýip, hem ýatlatdy.
Hasar ejesiniň sözi ýer almadyk hökmünde özünden gaty
görmedigine begendi.
* * *
Krasnowodsk ýaz günleri özüniň deňiz ýaka şäherdigini
ýatladyp, köplenç, umman üstünden göterilen ümür-dumana
bürenip, çygjaryp, derçigip oturýar.
Ýazyň özüne tap höwesli-heserli şähere öwrülýär. Bu
döwürde, asmanyň günem üýtgeşik bolýar, dünýä özgerende, ähli
zat özgermeli bolsa gerek, o-da bu günlerde, hamala, Aý bilen
çakyşdyrylyp alnan ýaly öňki parlak Güne asla meňzemeýär,
onsoň onuň täsirem ýene şonuň ýaly, ne-hä göwnejaý çoýmany,
ne-de asmanda göwünlere giňlik berip durmany oňarýar, özem
sähel çemini tapsa bulutlaryň ýeňsesine geçip, algydaryny gören
ýaly, ýüzüne bulut çekip, gizlenmek bilendir.
Agageldi Allanazarow. Hazaryň yssy tomsy
313
Hasar hepde içinde, öňdäki dynç güni özüniň Gasan
Alyýewiç bilen Totulara myhmançylyga çagyrylanyny telim bir
gezek ýatlady.
Toty dört-bäş günlükde ýörite gelip, olaryň ikisini-de öz
öýlerine: «Dädem öz halasgärleri bilen duşuşmak isleýär» diýen
bolup, özüniň hem göwnünde Hasar bilen ýakynlaşmak isleginiň
barlygy üçin, bahana bilen olary öýlerine myhmançylyga çagyryp
gidipdi. Onuň şonda öňünden «Tiz kömegiň» başlygy Gasan
Alyýewe şelaýynlyk bilen jaň etmegi, «Hasar Mämmethanowiçem
işde bardyr-da?» diýip, onuň hem barlygyny anyklansoň bolsa,
«Ýeriňizde bolsaňyz, men bir baryp gaýtjak!» diýipdi, Totynyň
kakasynyň şol gijeki çakylygy bilen bagly närazy gep-gürrüňiň
bir tarapyny eşiden Gasan Alyýewiç ilki Toty şu mesele bilen,
özüne we Hasara nägilelik bildirmek üçin gelýändir öýdüp, alada
galdy.
Edarada hemişe ähli zatdan habarly Fatimat Gasanowna
Hasar baranda ol ýerde oňa nägilelik bolanyny gürrüň beripdi.
— Gasan Alyýewiç, şonuň üçinem telefon gürrüňinde
Hasaryň hem ady tutulansoň Totynyň gelip: ...Garry adamlar
bilen dagy mylaýymrak, parhlyrak bolaýsaňyz bolmaýarmy! —
diýip, raý satyp, kärdeş hökmünde onuň özlerine igenip gitmäge
gelýändigini pikir etdi. Munuň şeýle bolsa, buz üstünde, tozap
aramak bolýanlygyny halamazlyk bilen ýatlady.
...Totynyň tanyş maşyny gelip, «Tiz kömegiň» jaýynyň
öňünde saklanan wagty «näden-nä bolarka?» diýip, ala gargany
ahmal görüp, ýaşaýan goja ony öňünden çykyp, gadyrly garşy
alypdy. Kabinete girip oturup-oturmanka-da gapyda oturan kätip
gelne aýdyp, bölümden Hasary hem öz ýanyna çagyrdyp alypdy.
Hasar gapydan giren wagty Toty mylaýym ýylgyryp,
ýerinden turup: «Salam, ýoldaş mugallym!» diýip, onuň ýüzüne
biraz uýalyrak gözläp, goluny berip, gadyrly salamlaşypdy.
Edara ýolbaşçysy hökmünde Hasaryň şol gezekdäki gazanan
nägileliginiň belli bir bölegini özüniňki hasap edip, ünjüli oturan
Gasan Alyýewiç öz myhmanynyň okuwça, işgäriniň mertebeli
314
Agageldi Allanazarow. Hazaryň yssy tomsy
mugallyma öwrülenini görensoň, ol bu ýerde ýagdaýyň öz pikir
edişi ýaly däldigini görüp, göwni galkynyp, kanagatlanma tapdy.
Dessine-de gülümsiräp, Hasardyr Totynyň nädip bir-birlerine
mugallym-da-okuwçy bolýanlygy bilen gyzyklandy. Ýylgyryp,
Hasaryň ýüzüne soragly seretdi:
— Aý, gadyrdan Hasar Mämmethanowiç bu nähili bolýar,
Toty gelin size «Ýoldaş mugallym!» diýäýdi welin, gulagymyza
dagy eşidiläýen-ä däldir-dä, biz siziň Orusýetde, Germaniýada
işleýäniňizi eşidipdik, ýöne mugallymçylyk edeniňizden bolsa
habarymyz ýokdy, haçan mugallym bolup, haçan okudyp
ýörsüňiz siz? — diýdi.
— Şeýle-de bir döwür bolupdy, Gasan Alyýewiç — diýip,
Hasar şol günleri ýada salýan ýaly biraz oýurganyp gepledi
— Men gaýybana aspiranturada okan döwrüm, Aşgabadyň
lukmançylyk institutynda okadypdym birki ýyl! — diýip ýatlady.
Hasar gürlän mahaly Toty pikirinde eli desse gülli Hasaryň
geçer ýolunda intizar dalmynyp, tolgunyp, onuň doglan gününi
gutlamak üçin sabry suw garaşyp durdy...
Hasardyr Toty soňam Gasan Alyýewiçiň gyzgyn kofesiniň
başynda, mugallymdyr okuwçy bolşup, käbir ýatdan çykan
zatlary bir-birlerine ýatladyşyp oturdylar.
Toty turmakçy bolan wagty eserdeňlik bilen, ýene bir
aýtjak zadynyň barlygyny mälim edip, bir Hasaryň, bir Gasan
Alyýewiçiň ýüzüne seredip ýylgyrdy:
— Halypalar, size bir maslahat bar. Meniň size öýümde öz
elim bilen bir käse çaý bermek islegim bar! Maslahatlaşyp bir
wagt belläp berseňiz? Dädem-de: «Lukmanlary çagyrsaň, olar
bilen giňişlikde-de bir sataşsak» diýip, beter göwün-de edip otyr!
Gasan Alyýewiç bu gepi diňläp, hasam mes boldy. Hasaryň
ýüzüne seredip goýberensoň, oňa bu meselede soňra oňly sala
salybam durman, göwünjeň gopup, Totynyň jogabyny oturan
ýerinde nagt etdi.
Agageldi Allanazarow. Hazaryň yssy tomsy
315
— Toty Taganowna, siz çaý bermekçi bolsaňyz, onam öz
eliňiz bilenem demlemekçi bolsaňyz, onda ony içmeli bor —
diýip, bu çakylygyň özüne ýaranlygyny mälim edip, her sözüni
nygtap-nygtap gepledi.
Toty kakasynyň bahanasy bilen, Hasary öýüne çagyryp,
onuň bilen ýakyndan tanyşmagyň öňräkden bäri höwesindedi.
Ýöne Hasaryň ogly Arslanyň hasratly sadakalary ara düşüp,
beýle wagtda şatlykly oturylyşygyň ýasda gülen ýaly, gelşiksiz
boljagyny oý edip, ol şol wagt bu pikiriniň kükreginden itip, ony
soňa goýupdy.
Toty bellenilen gün, bellenilen wagtda, öz gadyr edip
çagyran adamlarynyň gelip, öýüniň alkymynda maşyndan
düşüşip duranlaryny penjireden görensoň, biline baglan öňlügini
aýyrdy-da, myhmanlaryny garşy almaga howlukdy.
Şol barmana-da ol gapydan çykmanka, özüniň hiç neneňsi
keýwany däldigini ýene bir gezek görmek üçin, gapdalda adam
bilen boý deňläp duran ýüz görülýän aýnanyň öňünde badyny
gaýtaryp, bir pursat säginip, aýak çekdi.
Üns bilen onuň ýüzündäki mynasybetini synlady. Çagyran
myhmanlaryna mynasybetli gelin bolup görünmek meýilli Toty
egnine geýen Ýewropa biçüwli köýneginiň serpilen ýakasyny,
güberilişip duran döşüniň üsti bilen ýene bir gezek sag golunyň
aýasy bilen, çenini alýan ýaly edip sypalap goýberdi. Soňam
gapyny açyp myhmanlaryny garşylamaga howlukdy.
Aşhanada ejesiniň biş-düşlerine kömekleşip ýören Totynyň
kiçi gyzy, ejesiniň myhmanlary görüp, boluberşini geňräk görüp,
onuň yzyndan syrly ýylgyryp seredip galdy.
Ol adamsy hem iki-üç aýlyk oguljygy bilen birki günlükde
atasy öýüne myhmançylyga gelipdi.
Içerde gadyrly myhman gelende, aýallaryň ezberlik
görkezişip, bäsleşip bişirýän naharlarynyň, hemişe onuň ýany
bilen alnyp, berilýän gök önümlerden taýynlanan işdaçarlaryň,
dürli otlaryň goşulyp, bark urýan ysy bardy.
316
Agageldi Allanazarow. Hazaryň yssy tomsy
Toty myhmanlaryny yzyna düşürip, olar bilen şelaýyn
gürleşip, aňyrdan gelen wagty, bu ýerde üsti naz-nygmatly stoluň
beýleräginde oturan goja ör turup, olar bilen gol berşip, gadyrly
salamlaşmaga durdy.
Hasar şu pursatda lukman hökmünde öz öňünde duran
öňki syrkawynyň lukmanlarça nazary bilen habaryny aldy. Onuň
saglyk ýagdaýynyň hiç neneňsi däldigi duýulýar, ýüzüniň üstüne
abanybrak duran, ýalaňaç maňlaýyň aşagyndaky ala gözler
otlukly ýyldyraşýardylar.
Goja myhmanlaryna mertebeli görünmek üçin, egnine
gelişýän çal köýnek, onuň üstündenem döşi orden-medally, biraz
özüne holpugrak görünýän penjek geýipdi.
Toty soň myhmanlyryny: «Ine, bu ýigidem biziň kiçi
köreken!» diýip, biraz uýalybrak elini owkalap gapdalda duran
inçesagat uzyn boýly, hortap ýigit bilen tanyşdyrdy. Hasara
bir pursat bu giýew ýigidi bir ýerde görenine meňzetdi. Ýöne,
birbada ony nirede görenini welin, ýadyna düşürip bilmedi.
Toty gysgaça tanyşlykdan soň, myhmanlar bilen bilelikde,
öýdäki beýleki oturanlardan hem nahar stolunyň töweregini
eýelemegi haýyş etdi.
Şol arada gapdaldaky otaglaryň birinden, çaga agysydyr
gyryljak aýal hüňürdisi eşidilensoň, ol tarapdan yranybrak çykyp
gelýän Totynyň ejesi göründi. Toty ony hem: «Ejem!» diýip,
myhmanlara tanatdy.
Ýüzi ümürli aýal, sähelçe baş atyp, myhmanlaryň salamyny
aldy. Soňundanam, kimdir birini gözleýän ýaly bolup, töweregine
göz aýlap durşuna Tota ýüzlendi:
— Çagyr gyzy, çarbaý bäbek oýandy, ymmasyny almasa,
höre-köşä ederli däl bezzat... — diýip, söýünç bilen dillendi.
Onýança-da naharhana tarapdan Totynyň bir kyýama özüne
meňzäp duran, yrym üçin diýen ýaly kiçijek ýaglyk bilen
gelinlerçe başyny bogan gyzy bäbegiň sesini eşidenligini mälim
edip, aşhanadan çykdy-da, oturanlara sähelçe baş atyp, salam
Agageldi Allanazarow. Hazaryň yssy tomsy
317
berip, olaryň gapdalyndan geçip, çyrlap öz hakyny talap edýän
çagajygyň ýanyna ýetmäge howlugdy.
Stol başynda heniz gaýyn öýüne oňly öwrenişmedik
ýigidiň gyzaryp-bozaryp, özüni nähili alyp barjagyny bilmänräk,
ynjalyksyz oturyşy Hasara özüniň giýew ogul bolup, gaýyn
öýünde ýaşan döwürlerini ýatlatdy. Ýewropalylarda giýewiň
gaýyn öýüne baryp ýaşamagy adaty zat hem bolsa, türkmençilikde,
onuň tersine, bu bir giýew tarapyndan hem kyn görülýän zatdy.
Şeýle bolanda, giýewe özüni öz öýünde duýmak kyn düşerdi.
Hasaram bu ýagdaýa kynlyk bilen, köp babatda bolsa gaýynatasy
Aýnazar aganyň tapbilenliginiň kömegi bilen, onda-da kemkemden, öýde agtyk bolup, çagalar örňänsoň öwrenişipdi.
Gyzynyň ýerine aşhana geçip, hyzmata duran Toty az
wagtyň içinde özüniň myhmanlary hezzetlemek üçin, bişiripdüşürip oturan nahar-şorlarynyň köpüsini stoluň üstüne äbermäge
ýetişdi.
Özi-de soňunden gelip, Hasardyr kakasy aralygyndaky
goýlan boş orunda ornaşdy.
Birki gezek söz aýdylyp, bada göterilensoň, saçak başynyň
şüweleňi artdy, maňlaýlar derçigdi. Hasaryň gapdalynda oturan,
miskelle gojanyň, hamala, ýas-ýaňyja ýagşyň aşagyndan gaýdyp
gelen ýaly, maňlaýynda, boýnunyň ýüzünde der düwmeleri
buldurady.
Oturylyşygyň beýemçiligini dilewar Gasan Alyýewiç
höwes bilen öz üstüne alypdy, indem bolsa, ol oňa-muňa söz
bersede-de berýärdi welin, ýöne, köplenç, onuň özi gürleýärdi.
Kawkazlarça çak-çene o diýen bir üns beribem durman, sözüne
degişme, ýomak gatyp, şowhun bilen gürleýärdi.
Ol gürrüňleriň köpüsem şeýle bolmaly diýip, tamadanyň
öz hasap edişi ýaly, Totudyr onuň maşgalasynyň töweregindedi.
Köpi gören adam hökmünde ol ilkinji tostlaryň yzysüre Totyny
mamasy öýüne ilkinji gezek görme-görşe gelen agtyjagy bilen
gutlady. Elbetde, ol diňe bir öý eýelerine däl, özleri üçinem
ýakymly bolan bäbejik bilen bagly gönençli duşuşygyň
318
Agageldi Allanazarow. Hazaryň yssy tomsy
töwereginden geçip biljek däldi. Saçak başynda oturan beýleki
adamlar hem bu meselede ýerli-ýerden, ony goldadylar çagajyga
bir-birinden hoş niýetli arzuwlar etdiler. Onuň geljekde ataenesiniň, mama-babasynyň göwün şady bolmak bilen, gerek
bolanda, öz halkynyň öňüne düşüp, ýol kesip bilýän är kişi
bolmagy hem tama edildi. Toty Gasan Alyýewiçiň ýakymly
sözlerini höwes bilen diňläp oturyşyna töweregindäki adamlaryň
ýüzlerine göz aýlap, minnetdar bolup ýylgyrýardy. Agtyjygynyň
şanyna, aýdylan arzuwlarynyň hemmesiniň, soňra aňry ýany
bilen hasyl boljagyna göwün çaýyp ynanýardy.
Öz bala-çagasyny özünden eý görýän, türkmen eýse näme
etsin?
Haçan-da Gasan Alyýewiç öz gürrüňlerini ezberlik
bilen aýlap-dolap, Totynyň ýolbaşçy hökmünde alyp barýan
mynasybetli işleri hakynda aýdanda, bu gepiň onuň häliden bäri
bir ýanrakda geplemän diýen ýaly, oturan ejesine-de täsirini
ýetirenligi belli boldy. Ol oturan ýerinden nähili gepe goşulanyny
hem duýmanam galdy.
— Totym çagaka-da dogumlyjady! Uly oglanlar jigisine
degseler, gidip urşup, şonuňam aryny alyp beriberäýdi ol diýdi.
Toty ejesiniň sadalygyna, elini maňlaýyna ýetirip, aşak
seredip: «Ejem-dä bi, ähli diýlen zatlara şeýledir öýdüp, gönümel
düşünäýýä-dä bi!» diýip, içini gepledip, uýatly ýylgyrdy.
Hasar gürrüň arasynda, bir böwşeňlik bolup çilime
çykylanda, özüne birhili tanyş ýaly bolup görnen giýew ýigit
bilen täzeden gyzyklandy. Ol eýýäm giňiş eýwana geçip, çilimini
otlap, kükedip oturan gojanyň ýanyna gelende, giýew ýigit, bu
ýerde gaýyn babasy bilen, gysgaça sorag-jogap alşyp, gürleşip
durdy.
Ýigit Hasaryň hem çilim otlanýanyny görüp, penjiräniň
öňünden birýan gapdala sowlup, oňa orun berdi. Hasar:
— Sen, çekeňokmy? — diýip, ýigide gepbaşy hökmünde,
çilim hödürledi.
— Ýok, çekemok, sag boluň, ýoldaş harby lukman!
Agageldi Allanazarow. Hazaryň yssy tomsy
319
— Näme üçin, gelniň tüssä bolanokmy?edemzok. Ýöne
özüm çekemok-da...
— Talyba meňzeýäň özüň-ä!
— Hawa. Gelnim-de, özüm-de talyp.
— Nirede okaýaňyz?
— Ikimizem sungat inistitutynda. Men-ä dutarçylyk
bölüminde...
— Sazam çalýarmyň?
— Çalan-a bolýan azda-kände.
Soň ol biraz geňirgenýänligini mälim edip, myssa ýylgyryp,
Hasaryň özüne ýüzlendi.
— Ýoldaş harby lukman, siz meni tanamadyňyz öýdýän?
Iki-üç ýyl mundan öň, gospitalda operasiýa etmekçi bolan
oglanyňyz-da men diýip, özüniň şol, operasiýa edilmän, bejergä
ugradylan ýigitligini aýdyp, oňa tanyşlyk berdi.
Hasar: «Gör-ä, bu bolýan zatlary, tanyşlyk, asyl, mundan
gelip çykyp ýör diýsene»?!
Şundan soň ol giýew ýigit bilen könäni ýatlap, hasam
içgin gyzyklandy, ondan nirede, nähili bejergi alşy, özüni häzirki
wagtda nähili duýşy barada lukmanlarça, onuň her jogabyndan
many tirmek bilen soraşdyryp, ýagdaýy degşirip anyklap oturdy.
Has-da ol ýigidiň häzirki ýagdaýyny görüp, ony operasiýasyz
bejerip bolýan halyna gospital başlygynyň talap bildirmegine
seretmezden, biderek parçalaman, dogry edenligine öz gepiniň
hakykat bolup çykanlygyna begendi.
Bir öwrümde giýewisiniň Hasar bilen ylygyşyp, gürleşip
duranyny görüp, Toty hem olaryň ýanyna geldi.
— Tanyşdyňyzmy onsoň? — diýip, ol Hasara tarap
ýylgyryp baş atdy.
— Biz öňden tanyş? — diýip, Hasar Totyny biraz
geňirgendirdi.
— Ümmüldeşdiňiz özün-ä — diýende, onuň gözleri
begençli hem bilesigelijilikli balkyldady. Toty gyzyklanyp,
olaryň nirede öň tanşyp ýörendiklerini soraýmaly ýaly hem
320
Agageldi Allanazarow. Hazaryň yssy tomsy
bolsa, soramady, gürrüňi özüni gyzyklandyrýan tarapa öwürdi.
Giýewsidir gyzynyň indi, hä diýmän ýerlere, uzak wagtlyk
tejribe okuwyna ugradyljakdyklaryny, özüniňem olary öz ýanyna
— Krasnowodskä çagyrýanlygyny, bu ýerde bolsalar, gyzydyr
giýewisiniň gözüniň alnynda bolup, özüne-de biraz gyzlygiýewli, has-da agtyk söýmegiň ýakymly boljagyny, soňundan
olaryň şu ýerde işe hem galmaklaryny isleýänini aýdyp, bu
barada gyzydyr giýewsi bilen häzir öz aralarynda belli bir
derejede düşünişmezligiň barlygyny ýatlady. Olar praktikadan
gürrüň bolanda: «Häzir-ä iberilen ýere gitmeli bolar, belki,
Aşgabadyň medeni ojaklarynyň birinde goýarlar!» diýip, belli
gep aýtmandylar. Toty şeýle bolsa, öýüniň gowulyga öwrüljegine
ynanýardy. Şeýle bolmagyny-da diýseň isleýärdi.
Agtyjygynyň her gün bir oýun çykaryp, özüni
begendirmegini, tukat gijelerine dagy hasam tukat bolýan öýüni
onuň bazara öwürmegini isleýärdi.
Aýallar hemişe durmuşy öz isleýşleri ýaly gurnamagy
gowy görýärler. Olar, esasanam, öz bähbitlerini gowy bilýärler,
başga hili ýagdaýlar bilen ylalaşsalar-da göwünli-göwünsiz
ylalaşýarlar.
Toty hem şol günden bäri giýewisidir gyzynyň bu gepini
göwnüne jaý edip bilmän, içini gepledip gezýärdi. Şonuň
üçinem Hasardyr giýewsiniň içgin gürrüňdeşligi onuň ýene-de
bir gezek meselä gaýdyp gelmegine sebäp boldy. Täze gudalara:
«Şeýdäýsek nähili bolar?» diýip, aýtsam, olar-a: «Siz giýewiňiziň
adyna üns berdiňizmi, onuň ady Töre, biziň töwereklerimizde
bu at maşgalanyň dördünji ogluna dakylýan atdyr. Geregiňiz
şol dördüň biri bolsa, alyp git, nirede gezse, sag gezsinler, käte
agtyjygymyzy görkezmäge gelip dursalar bolýar!» diýişdiler
diýip, hoş bolup, şol barmana-da gudalaryny-da ýatlady.
Elbetde, bu ýekeligiň ejirini çekýän adamyň aýdaýjak
gepleridi. Giýew ýigitdenem beter, muňa Hasar gowy düşünýärdi.
Agageldi Allanazarow. Hazaryň yssy tomsy
321
Gürrüňçiligiň toparlara bölünmegini miskelle gojanyň
halamanlygy belli boldy, ol bir zat diýmekçi bolýanyny mälim
edip, töweregine eserdeň gözläp gepledi.
— Hany ýoldaşlar, öňde-de biriniň: «Geliň, dostlar,
malgoşdy edip, kolhoz bolalyň!» diýşi ýaly bizem täzeden saçak
başyna geçip, agzybirlik edeliň, sowaşmalyň, gyzymyzyň etjek
hödür-kereminiň bu entek başy! — diýip, ýene-de göwnühoşluk
bilen töweregini stol başyna çagyrdy. — Guý, azeri gardaş! —
diýip, soňam ol stol başyna geçip, öz öňündäki bulguryny, oňa
tarap höwesli uzatdy.
Adamsynyň ýene içmäge döwtalapdygyny gören Totynyň
ejesi: «Azrak iç, saňa ýaranog-a köp alsaň!» diýip, alada bilen,
adamsynyň alkymyndan alarly göründi.
Emma biraz başy sämän, keýpi göterilen goja keýwanysynyň
gepine gulak gabardyp, ony alga alybam durmady.
Ol göçgünini kemmän, aýalyna baş atyp, gepine henek
gatyp, gürledi:
— Ýürege degiberse, sen häzir nämäniň gaýgysyny edýäň,
birtopar ökde lukman ýanyňda barkan?
Aýala bir adamsynyň, bir Hasardyr Gasan Alyýewiçiň
ýüzüne gözläp, dymaýmakdan başga alaç galmady.
— Şeýle dälmi näme? — diýip, goja soňra Hasardyr Gasan
Alyýewiçiň, ýaňyrak aşhana geçen gyzy Totynyň hem yzyndan
seredip gürledi. Hasardyr Gasan Alyýeweçe goja köpmanyly
ýylgyrjaklaşyp, «hä!» beräýmekden başga alaç galmady.
Nobatdaky bada göterilensoň, goja gürleşmekçidigini
mälim edip, Hasara tarap egildi:
— Seniň, bally, başyňa köp söwdalar düşenligine-de
seretmezden, öz şäherimize dolanyp gelmegiň gowy zat, ähli
ýagdaýlar assa-ýuwaş, öz-özünden, kada-karar-da tapyp-da
barýandyr görseň! — Ikinjidenem, diýip, goja biraz sözüne
dyngy berip, Hasaryň öz sözüne imrinýänini görüp, ýene-de
gürrüňi öňki hörpünde janköýerlik bilen dowam etdirdi. —
Bally, seniňem biz ýaly onda-da goňşuçylykda daça obajygynda
322
Agageldi Allanazarow. Hazaryň yssy tomsy
ýaşaýanyň beter gowy. Gyssanan wagtymyz: «Ha, bally, ýetiş»
diýäýer ýaly — goja gürrüňine oýnam gatýanyny mälim edip, bu
sözleri diýende, sähelçe ýylgyrybam goýberdi.
Aşhana tarapdan buglanan palawyň ýakymly ysy gelýärdi
hem mahal-mahal Totynyň ýas-ýaňyja bäbejigini gujagyna
alyp, aşhana geçen gyzy bilen edýän özara gysgajyk hümürdisi
eşidilýardi. Belki, ol gyzyna amat tapyp, bir zatlar garbanmagy
maslahat berýändir, belki-de, gyzynyň kükregine ýaplap, başyny
söýgi bilen sypalap emdirip, oturan oguljygyna:
— Emmäňi emesiň geldimi seň, balam? — diýip, iş
arasynda söýünç bilen lak atýandyr?
Ol ýerde näme gep-gürrüň bolýan-da bolsa, içerde
oturanlara ol şeýle ýa-da muňa meňzeş bir mylakatlar bolýan
ýaly bolup duýulýardy.
Goja bolsa indi: «Seniň maşinist kakaňa men belet, şol
parawozy bilen ýakalaşyp ötdi bende» diýip, indi onuň kakasy
baradaky gürrüňlere berlip otyrdy. Kakasy hakda gapdaldan ony
tanaýan adamyň ýatlamasyny eşitmek Hasar üçin ýakymly bolşy
ýaly hem oňa öz begenjine begenişjek, gynanjyna gynanjak ýene
bir, ozal bilmeýän janköýeriň barlygyny bilmegem onda diýseň
ýakymly duýgular döretdi.
Hasar goja bilen bir şäheriň adamsy bolsa-da, ony gowy
tanamaýardy. Toýda-ýasda, belki, duşulan-da bolmagy mümkin.
Kakasyndan, ýeneden ol barada gürrüň arasynda bir söz, ýarym
söz eşidäýen bolmagy-da mümkin, ýöne gönüden-göni özüň
dahylly bolmadyk, tötänleýin gürrüňler hemişe ýatda galyp
barýarmy, eýsem?
Muňa seretmezden, goja şäherde tanalýan adamdy, dynç
alşa çykmazyndan öň-ä deň-duşlaryň, bile işleşen adamlaryň
ýeterlik bolan wagty ony tanaýanlar häzirkiden hasam köpdi.
Goja ýurda janköýer bolşy ýaly, ol Türkmenistanyň zähmet
üstünliklerine guwanmany: «Men kiçi adam, ýokarda sesim
eşidilmez!» diýip, endişe edip durman, şäheriň, iliň bähbidi
üçin, ýokary derejeli ýolbaşçylar bilenem adyl dawa salyp, iliň
Agageldi Allanazarow. Hazaryň yssy tomsy
323
arkasyny alyp bilýän, gerek bolanda dogry durup gidişip bilýän
özdiýenli gojady. Şonuň üçin bolsa gerek, oňa işlän döwründe
partorglukdan ýokary wezipe berilmändi. Ýöne, hemişe onuň
bilen işlän ýolbaşçylar çäkden çykyp, gaty gidibermäge, halamasa
onuň özüne garşy çykmakdan çekinmejekliginden çekinişip,
şol bar ýerinde gep-sözlerini örän ölçäp-çenäp geplemäge
çalşardylar. Has-da mundan otuz bäş-kyrk ýyl ozal sowet
döwründe balyk ministrligi bilen bolan waka gojany bu öwrede
tutanýerli, özdiýenli, gaýduwsyz adam hökmünde tanadypdy.
Haçanda Moskwanyň ministrlikleri tebigaty goramak
bahanasy bilen, Hazaryň türkmen kenarlarynda külke balyklardan
başga ähli balygy tutmaga ýörite gadaganlyk girizende,
respublikada balyk hojalyklary doly tozupdy. Muňa seretmezden,
Bakuda, Astrahanda, Dagystanda deňiz balyklaryny tutmak
köpelmese, azalmandy.
Tebigatyň ýazan Hazar atly saçagyna türkmen el uzadanda
bolsa, hökmürowanlyk bilen, on dokuzynjy asyryň başlarynda
deňze eýemsirenip, «Mellekçä ýer berseň, ýer eýesini ýerden
çykar» edip, ugran syýasat türkmeniň eline kakypdy.
Rus baýarlarynyň öz hem-de beýleki özlerini gönendirip,
para-peşgeş beren daşary ýurt täjirleriniň arkasyny alyp,
türkmenlere gezek gelende balyk tutmagy gadagan edenligi
baradaky maglumatlar taryhda öňem ýeke-iki däldi. Türkmeniň
başyna wagtal-wagtal, diýdimzor goňşular tarapyndan öňem
şeýdilip zorluk salnyp alynýardy.
Bu gezek şeýle gadaganlyk girizilende, oňa başyny
etegine salyp, il arkasyny çalyp, ýazmaly ýerlere hat ataryp,
närazylyk bildiren ilki şu goja bolupdy. Şonda ol: «Näme üçin
başga ýerler deňizden islän möçberinde, islän balygyny tutup
ýörkän, olar tutanda deňiz ekologiýasyna hiç hili agram düşmän,
türkmenleriň ujypsyzja tutup alýan balygy üçin ekologiýa
bozulýamyş, oňa agram düşýärmiş? Beýle ekologiýa janköýer
bolýan bolsaňyz, beýlekilere-de Türkmenistana girizişiňiz ýaly,
giriziň gadaganlygyňyzy, ýogsam-da bolsa, bize-de öz ýerimizde
balyk tutmaga ygtyýar beriň! Ekologiýa beýle janköýer bolýan
324
Agageldi Allanazarow. Hazaryň yssy tomsy
bolsaňyz, bir mysal — Wolganyň arassalygyna serediň, oňa
siziň ýüzlerçe zawod-fabrikleriňiz, awy-zäherlerini eňterip,
guýup ýatyr. Bu zatlaryň şeýledigini Astrahandan Kazana
gämili gidenimde, öz gözlerim bilen gördüm!» diýip, adalatyň
saklanmagyna, halkyň adyndan ministrliklere hat ýazyp, talap
bildirýärdi.
Goja hatlarynda köp halatda soňuny saýman, özi barada:
«Beýik Watançylyk urşunyň weterany» diýip, siziň ýurduňyzy,
biz soňra halkymyzy şeýdip kemsitdirmek üçin, jandan geçip
gorapmydyk?» diýen äheňde ýazýardy. Halk üçin ýaman atly
bolmakdan çekinmeýärdi.
Gojanyň bu hatlary barada şonda köpler bilmese-de,
bilmezdem welin, ýöne bir gezek oblast derejesinde geçýän
partiýa işgärleriniň Krasnowodskide bolan ýygnagynda obkomyň
ýaňyrak goýlan başlygy Dmitrin gojany tanamazdan — şäherde
Moskwa ters dawa tutup, Kremliň ähli tarapyny ölçäp-döküp,
ýurt bähbitli çykaran kararyna garşy bolýan arzaçylar bar!» diýip,
soňam «Öz meseläňi ýeriňde çöz!» diýlen belgili Moskwanyň
yzyna iberen gojanyň bu hatyny zalda oturanlara görkezip, nägile
bolup, ony ýazan adamy gazap astyna alypdy.
Şonda uly zawodyň abraýly partiýa toparynyň ýolbaşçysy
hökmünde goja hem ol ýygnaga gatnaşýardy. Täze gelen obkom
başlygy bu zatlardan entek habarsyzdy. Özüne Moskwadan
ugradylan haty heniz töweregi bilen öwrenmäge ýetişmändi.
Galyberse-de, ol ýazanyň özüne ynanylan oblastda ýaşaýanyny
bilse-de, onuň uly zawodyň partiýa guramasyna ýolbaşçylyk
edýäninden habarsyzdy.
Şeýdibem, onuň ýatan itiň guýrugyny basanlygy belli
bolupdy. Goja-da şol uly ýygnakda, öz kärhanalarynyň
kommunistleriň adyndan çykyş etmelileriň biridi. Nobaty
ýetende, ýygnagy alyp baryjy oňa-da söz berdi.
Ol öz çykyşynda Nebiti gaýtadan işleýän zawodyň işde
gazanýan üstünlikleri, bu üstünliklerde zawod kommunistleriniň
mynasybetli işleri barada aýdansoň, mümberde elindäki ýazyp
Agageldi Allanazarow. Hazaryň yssy tomsy
325
gelen ýazgyly hatyny epläp, jübüsine salarly bolup durşuna,
ol ýerden düşüp gidibermäge howlukmandy. Soňam duran
ýerinden öwrülip, obkomyň başlygy Dmitrini nazar astyna alyp,
oňa ýüzlenipdi:
— Ýoldaş sekretar obkom! Siziň ýaňky ýatlan hatyňyzy
ýazan mendirin. Yzynda işleýän ýerim ýok bolsa-da, adym,
familiýam, öý belgilerim telefonyma çenli anyk bardyr. Arzaçam
bolsam, goluny gizläp ýazýanlardan däldirin. Özüm-de bolsa
partiýa biletini hem men öz döwrümiň ähli mertebeli ogullaryň
alşy ýaly, ony söweş meýdanynda alan türkmen gerçegidirin men.
Aýdyň maňa, hatyň haýsy ýerinde ýalan gürrüň ýa maglumat bar
bolsa, gowsy okaň ony, goý, ilem diňläp, pikirini aýtsyn!
Zal bu pursatda, täze gelen obkomyň sekretarynyň
ýagdaýdan nähili baş alyp çykjagy barada, bilesigeliji pikirleri
başdan geçirip dymdy.
Köpçüligiň
soragyna
düşen
Dmitrin
özüniň
tejribesizligendenmi ýa öz ýanyndan özüni hemişe adalatyň
tarapyny çalýan adam hökmünde görkezjek boldumy nämemi
zalyň o ýerinden bu ýerindenem gorka eşidilen «Goý, okasyn!»
diýen sözleri halk islegi hökmünde kabul etdi-de, ol haty
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Hazaryň yssy tomsy - 22
  • Parts
  • Hazaryň yssy tomsy - 01
    Total number of words is 3625
    Total number of unique words is 1935
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    47.2 of words are in the 5000 most common words
    55.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 02
    Total number of words is 3633
    Total number of unique words is 1983
    34.3 of words are in the 2000 most common words
    47.4 of words are in the 5000 most common words
    56.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 03
    Total number of words is 3591
    Total number of unique words is 2035
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    46.5 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 04
    Total number of words is 3606
    Total number of unique words is 2046
    35.5 of words are in the 2000 most common words
    48.7 of words are in the 5000 most common words
    55.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 05
    Total number of words is 3634
    Total number of unique words is 2009
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    45.9 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 06
    Total number of words is 3624
    Total number of unique words is 1952
    33.7 of words are in the 2000 most common words
    48.0 of words are in the 5000 most common words
    55.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 07
    Total number of words is 3599
    Total number of unique words is 2003
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 08
    Total number of words is 3618
    Total number of unique words is 1999
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 09
    Total number of words is 3658
    Total number of unique words is 1961
    34.4 of words are in the 2000 most common words
    48.8 of words are in the 5000 most common words
    56.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 10
    Total number of words is 3692
    Total number of unique words is 1930
    34.7 of words are in the 2000 most common words
    47.3 of words are in the 5000 most common words
    55.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 11
    Total number of words is 3675
    Total number of unique words is 1996
    36.4 of words are in the 2000 most common words
    50.4 of words are in the 5000 most common words
    58.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 12
    Total number of words is 3627
    Total number of unique words is 1956
    33.5 of words are in the 2000 most common words
    48.0 of words are in the 5000 most common words
    57.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 13
    Total number of words is 3632
    Total number of unique words is 1978
    34.5 of words are in the 2000 most common words
    49.0 of words are in the 5000 most common words
    57.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 14
    Total number of words is 3680
    Total number of unique words is 2037
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    48.3 of words are in the 5000 most common words
    55.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 15
    Total number of words is 3690
    Total number of unique words is 2034
    34.2 of words are in the 2000 most common words
    48.1 of words are in the 5000 most common words
    56.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 16
    Total number of words is 3579
    Total number of unique words is 1995
    34.2 of words are in the 2000 most common words
    48.2 of words are in the 5000 most common words
    56.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 17
    Total number of words is 3625
    Total number of unique words is 2048
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    54.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 18
    Total number of words is 3683
    Total number of unique words is 2050
    33.5 of words are in the 2000 most common words
    47.8 of words are in the 5000 most common words
    55.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 19
    Total number of words is 3670
    Total number of unique words is 2045
    33.7 of words are in the 2000 most common words
    47.9 of words are in the 5000 most common words
    55.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 20
    Total number of words is 3637
    Total number of unique words is 2043
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    55.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 21
    Total number of words is 3608
    Total number of unique words is 2010
    33.1 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    54.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 22
    Total number of words is 3619
    Total number of unique words is 2112
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 23
    Total number of words is 3503
    Total number of unique words is 1983
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    54.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 24
    Total number of words is 3648
    Total number of unique words is 2034
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    46.6 of words are in the 5000 most common words
    55.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 25
    Total number of words is 3600
    Total number of unique words is 2017
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 26
    Total number of words is 3671
    Total number of unique words is 2017
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    55.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 27
    Total number of words is 3658
    Total number of unique words is 1984
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 28
    Total number of words is 3659
    Total number of unique words is 2046
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    46.5 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 29
    Total number of words is 3591
    Total number of unique words is 2030
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    55.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 30
    Total number of words is 3585
    Total number of unique words is 1978
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 31
    Total number of words is 3691
    Total number of unique words is 2076
    33.1 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    54.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 32
    Total number of words is 3678
    Total number of unique words is 2043
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    47.9 of words are in the 5000 most common words
    55.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 33
    Total number of words is 3714
    Total number of unique words is 2039
    33.7 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    55.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 34
    Total number of words is 3734
    Total number of unique words is 2099
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    48.1 of words are in the 5000 most common words
    55.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 35
    Total number of words is 3697
    Total number of unique words is 2045
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    47.7 of words are in the 5000 most common words
    56.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 36
    Total number of words is 3732
    Total number of unique words is 2151
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    46.5 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 37
    Total number of words is 1622
    Total number of unique words is 1047
    41.9 of words are in the 2000 most common words
    55.2 of words are in the 5000 most common words
    61.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.