Latin

Hazaryň yssy tomsy - 01

Total number of words is 3625
Total number of unique words is 1935
33.8 of words are in the 2000 most common words
47.2 of words are in the 5000 most common words
55.2 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Agageldi allanazarow
Inim Babageldä bagyşlanýar
hazaryň yssy tomsy
(Roman we nowellalar)
Aşgabat
TDKP - 2006
UOK 894.361
A.48
A. Allanazarow. Hazaryň yssy tomsy

(Roman we nowellalar). - TDKP, 2006
Tanymal ýazyjy Agageldi Allanazarowyň «Hazaryň yssy tomsy»
romany hem türkmen topragy öz beýik Garaşsyzlygyny alandan soň
dörän uly göwrümli eserleriň biri boldy.
Roman taryhy eser däl, emma ol ondan şeýle bir uzakda hem däl.
Ýazyjy eseriň gahrymany Mämmethanowlaryň maşgalasynyň mysalynda uzak geşmiş bolmadyk bu döwri dartgynly taryhy wakalaryň
üsti bilen beýan edýär.
Şeýle-de bu kitaba ýazyjynyň dürli ýyllarda çap edilip, okyjylar
tarapyndan gyzgyn garşylanan nowellalarynyňam birnäçesi girizildi.
TDKP №65
KBK 84.Tür 1
© Allanazarow, 2006
Agageldi Allanazarow. Hazaryň yssy tomsy
5
SERI DUMANLY DAGLAR
Adam ogly özün bilmeý,
Gedem-gedem ädejek sen.
Magtymguly
Gül degresin zag aldy-ow, zag aldy
Saýyly
Tereňligi halaýan ýazyň öýländen soňam Aşgabady ýene
bir gezek ýagşyna garyp, köçelerinde şapadaňlap, çygyna dolap
alaýyn diýenligi belli boldy. Öňem paýrap-paýrap, ýaňyrak
şäheriň üstünden çabga geçipdi. Köpetdag tarapdan hümerlenişip,
burugsaşyp, süri gara öküz bolşup, dyzanyşyp gelýän goýry
bulutlar eýmendirijidiler, olar hamala ýene-de kyrk gije-gündiz
ýagyn ýagdyryp, Nuh atanyň gämisinden başga ähli zady ýuwupýalmap gark edýänçä, köşeşmejege meňzeýärdiler. Emma ýaz
bulutlary tap bilen bolýarlar. Olar ýene-de, bu gezegem özleriniň
haçan nirede, haýsy pasylda gezip ýörendiklerini tiz ýada saldylar.
Ertirden bäri şäher depesinde gernişip, bürenişip, topar
tutuşyp ýören ol bulutlar birsalym ýagyp, daş-töwerekde
çapawullaşyp, gezişip ýagşy keýpden çykansoňlar, ýene-de
ýeňse-ýan berşip tesişip, gyssanmaç, öz gelen ýerlerine —
alysdan belent gerişleri lemmerlenişip görünýän Köpetdag tarapa
çekilişmek bilen boldular.
Bulutlar öz göterip düşüren sallam-sajak, dagynyk goşgolamlaryndan eteklerini oňly saýlap-saýlamankalar, ýene-de
asmanda Gün göründi. Dünýä täzeden ýalpy-ýazlyga öwrüldi.
Indi tereň töwerek haýsydyr bir tolgundyryjy arzuwly gürrüňi
aýdasy gelip, uýalyp, onam aýdyp bilmän tolgunyp duran kalby
heserli gelne meňzäp, syrlydan uz göründi.
Mundan birnäçe sagat ozal Stambuldan ugran uçar indi
hä diýmän, aňyrsy iki sagada galyp-galmanam gelip, Aşgabat
aeroportuna gonmalydy.
6
Agageldi Allanazarow. Hazaryň yssy tomsy
Iki hepde mundan öň Hasaryň aýaly Dünýä aladaň bilen şu
ýerden «Niredesiň, Stambul?» diýip, asmana göterilip gidipdi.
Hasar aýalyny garşylamaga aeroporta gelende, uçaryň
gelip gonaryna entek ep-esli wagt bardy. Ir gelipdi.
Hasar uçaryň gelip düşerine henizem şol ýigitlik
döwründäkisi ýaly, onda Dünýäniň gaýdyp gelýänligini pikir
edip, onuň gelerine howlugýardy. Dünýä Stambuldan «Pylan
gün barýas» diýip, habar edeli bäri Hasar ony eýýäm hyýalynda,
öňünden çykyp, telim bir gezek garşylapdy. Ol uçary garşylamaga
gaýdanda, onuň gelerine entek arsyz wagtyň barlygyny hem
bilýärdi.
Esger ykbally Hasar öňem öz Dünýäsini ençeme ýurtlaryň
aeroportlarynda köp garşylapdy. Bu gezegem «Barýan» habary
gelenden ony özüniň öňküleri ýaly, öňünden çykyp, garşylap,
öýüne getiräýmese, aňsat ynjalyp bilmejegine bada-bat düşünipdi.
Bu oňa ömür ýolunda endik bolan häsiýetleriň birisidi.
Dünýä ýaňyrakdan bäri ýurtda adygyp ugran «Hasan»
firmasynda dilmaç-kömekçi bolup işläp başlapdy. Onuň ýaşlykda
höwes edip öwrenen, öňler durmuşda juda bir hökmanlygy-da
bolmadyk iňlis diliniň ahyrsoňy nobaty gelipdi. Ondan başga-da
Dünýä harby maşgalasy bolup, on bäş ýyldanam gowrak Berliniň
eteginde ýaşansoň, ol nemes dilini-de gowy bilýärdi.
Ýakyndan bäri onuň işleýän firmasynyň başlygy kuwwatly
türk kompaniýalaryň birini arka tutunyp, şonuň bilen bilelikde
paýdar bolup, Türkmenistanda has uly, ikitaraplaýyn ähmiýetli
işleri ýaýbaňlandyrmagyň ugruna çykyp ýördi.
Hasar ýaňy maşynyny çabgadan soň, şalpy-şaraň bolup
oturan şäher köçeleri bilen aýlap-öwrüp sürüp gelýärkä özüniň
aeroporta irrägem barýanlygyny ýatlap, biraz wagt geçirmek
üçin, ýolugra oglunyň öýüne sowlup, agtyjaklaryna hem
eneleriniň gelýänligini aýdyp begendirmegi, taýyn çaý bolsa,
onda ondanam bir käse, ýarym käse içip geçäýmegiň hem bir
pikirini edipdi. Ýöne bir baransoň, agtyjaklary bilen oýna
gyzygyp, gijä galaýmagynyň hem ahmaldygyny, her gezek olaryň
ýanynda bolanda, özüniň wagtynyň nähili geçýänligini bilmän
Agageldi Allanazarow. Hazaryň yssy tomsy
7
galýanlygyny ýatlap, hiç ýere sowulman, göni gidiberenini kem
görmändi. Onsoňam agtyklaryň ýanyna olaryň sapardan gelýän
mähriban enelerini hem özüň bilen maşyny dolduryp alyp barmak
has ýakymly boljakdy. Hasar Dünýäniňem indi soňky wagtda
has-da, birhili, öz çagalaryndanam süýji ýaly bolup görünýän
agtyklaryny, telim günüň aýralygyndan soň, şol ýerlerde-de
ýatlap, juda göresiniň gelendigini, duşandan olary özünden ilki:
«Meniň mähribanlarym, pişijeklerim» diýip, bagryna basyşyny
göz öňüne getirip, kalbyna gönençlik çaýyp oýlanýardy.
Dünýäni Hasaryň öňküleri ýaly, uçardan düşüp gelýärkä
nazary bilen asmandan gapyp alan ýaly edip, garşy alasy
gelýärdi. Ýogsam ol özüniň barýanlygyny aýdyp jan edende:
«Sen işliräk bolsaň, arkaýyn bolaý, öňümizden firmanyň maşyny
çykar, menem şonuň bilen öýe bararyn» hem diýipdi. Ýöne
Hasar şonda-da bada-bat onuň sypaýyçylygyny unamandy. Ol:
«Ýok, gelin baý, seni özüm garşylamasam bolmaz, çagalaryň
ýanyna ýetirmänkäm, ýolda öýümize sowlup, seni bir çola ýanap
alaýmak niýetim-de ýok däl...» diýip, oňa ýarym degişme bilen
özüniň aeroportda garşylanjaklygyny anyk edipdi.
Geçen iki hepdäniň içinde Hasar gelni gaýtarma giden,
ýaňy öýlenen ýigit ýaly, sabyrsyzlyk bilen ýola garap, onuň
höwesinde bolupdy. Indi otuz ýyla golaý wagtdan bäri bile biten
ýaly bolup ýaşap ýören Dünýäsinden ol soňky ýyllarda, munça
wagtlap aýra düşüp görmändi. Umumanam, Hasar ýekelige
bolýan adamam däldi.
Dünýä Stambula iş saparyna gidende, ol bir hepdeden
özüniň gaýdyp gelmekçidigini aýdyp, wagt belläp giden hem
bolsa, gaýdyp gelmeli günlerine bir gün galanda Hasara ýörite
jaň edip, özleriniň bu ýerdäki duşmaly adamlarynyň häzir başga
bir ýurtda iş bilen gezip ýörenligini aýdyp, öz saparlarynyň
möhletini ýene-de bir hepde uzaltmaly bolandyklaryny habar
beripdi.
Hasar şonda öz ýanyndan: «Görülmeli adam bilen ilki
gidilmänkä telefon bilen habarlaşyp, onuň ýerinde boljak
8
Agageldi Allanazarow. Hazaryň yssy tomsy
wagty gidibereniňizde bolmadymy?» diýip, ýene bir hepdäniň
aýralygyny kyn görüp, nägile bolup, käýinen hem bolsa, wagtyň
geçmegi, Dünýäniň gaýdyp gelmeli gününiň ýakynlamagy
bilen, onuň öňki pikirler könelişip: «Ýumşa giden biraz eglense,
kem bolmaz» diýip, ony işleriniň, ýola düşüp ugranlygy bilen
bagly pikirleri başda öwrüp, işiň bitmegi bilen belli bir derejede
öz maşgalasynyň hem bähbidini göz öňünde tutup, ony gowy
günler bilen baglap, ilkinji dartgynly pikirlerinden daşlaşyp,
biraz arkaýynlandy.
Dünýäniň iş bähbidi bilen ýene bir hepde Stambulda
galmagy bilen gaýybana ylalaşypdy. Ony tizräk öýe dolap
getirmek islegini bolsa ol özüniň juda zenan mährini küýsäp,
hyruçlanandygy bilen baglady.
Hasar aeroporta gelip, maşynyny ýörite ulag goýulýan ýerde
goýup, wokzal jaýyna giren mahaly giňiş zalyň boşlagdygyny
gördi. Onuň garaşýan uçarynyň gelip gonaryna bolsa entek ýenede ep-esli wagtam bar. Hasar uçaryň geler wagtyna çenli birki
käse kofe içip, şol ýerde güýmenip garaşmak üçin aeroportuň
ikinji gatyndaky garbanyşhana göterildi. Ol ýerden dünýä synçy
bolup oturmagyň hiç neneňsi bolmajagyny pikir edip, aýna
diwaryň gapdalyndaky boş oturgyçlaryň birini saýlap aldy.
Oturjak oturgyjyny biraz ýeňsä çekip ornaşansoň, ýakasynyň
iliklerini ýazdyryşdyryp, howlukman, öz arkaýynçylygyny aldy.
Stol hatarlaryň arasynda aýlanyp, özüniň uzyndan gelen
gelşikli aýaklaryny güjeňleýän ýaly, bir-birine süýkeşläp,
hyzmatda bolup ýören gysga ýubkaly, mele saçly gyz birazdan
eli depderçedir ruçkaly, özüniň hyzmata taýyndygyny mälim
edip, onuň ýanyna geldi.
— Buýruň!
— Bir gyzgynja kofe getiräýseňiz!
— Bizde sowuk kofe berilmeýär. Ýene näme getirmeli
bolsa aýdyň! — diýip, mele gulpak gyz ýene-de Hasaryň ýüzüne
dikanlap, onuň özüne iýmek üçinem bir zatlar buýraryna garaşdy.
— Häzir bir kofe beriň, soňunam soň görüberýäs.
Agageldi Allanazarow. Hazaryň yssy tomsy
9
Hasaryň sargydyny az gördümi-nämemi, hyzmata gelen gyz
öwrülip gidip barşyna dodagynyň çeti bilen sähelçe tumaklyja
ýylgyrybam goýberdi.
Aýalyny şeýdip, öňünden çykyp garşylamak Hasara
onuň bilen ýaşan döwürlerinde endik bolan zatlaryň biridi. Bu
pursatlar, esasanam, onuň harby lukman bolup gulluk eden
ýerleri — Orusýetiň şäherleridir, soňra SSSR-iň Germaniýadaky
goşun bölüminde gulluk eden döwürleri bilen baglydy.
Hasar özüniň Dünýäni öňünden çykyp, aeroportda garşylan
döwürleri bilen bagly pikirlerine ulaşan mahaly, kalbyna ýene-de
hoş hyýallar çaýylyp, ol günleriň bolsa özüne golaý gelen ýaly
bolanlygyny duýdy.
...Ol häzir pikirinde özüniň Berliniň aeroportunda uçara
garaşyp, hamala, ony gördügi ýüwrüp öňünden çykaýjaga, gonuş
meýdançasyny synlap, hoş hyýala berlip, Dünýäni garşy alýan
pursadyny göz öňüne getirýärdi.
Hasar her ýyl tomus zähmet rugsadyna çykyp, Watana
gidilende çagalary bilen bile gidýän hem bolsa zähmet rugsadynyň
wagty dolup, gulluk edýän bölümine gaýdyp barmaly bolanda
ol Dünýädir çagalarynyň mamalarynyň, dogan-garyndaşlarynyň
arasynda ýene birsalym bolmak isleýändikleri üçin, yzyna
bölümine, köplenç, bir özi gaýdyp gelmeli bolýardy. Onuň
çagalary her ýyl diýen ýaly ýene-de öz ýakynlarynyň arasynda
bir aý, ýarym aý bolşup, okuw başlanmazdan bir hepde, on gün
öň kakalaryny küýseşip gaýdyp gelerdiler.
...Ýap-ýaňyja Moskwadan gelip, Berlin aeroportunda gonan
uçardan adamlar düşüşip durandyr. Garşy alýanlaryň hümeriniň
arasynda boýurganyp duran Hasaryňam nazary eýýäm haçan şol
ýerdedir. Şonda bir pursadam bolsa, oňa adamlar uçardan däl-de,
asmandyr zemin aralygyna gerňelen basgançaklardan düşüşip,
hut asmanyň öz garnyndan çykyşyp gelýänlere meňzeýärdiler.
Uzakdan uçardan çykyp gelýän Dünýä basgançakda peýda
bolan mahaly onuň uzyn ýaşyl köýnegi pasyrdap, baýdaga
meňzäp görnüp gider, Ine-de, ol ýene-de bir görseň, her eli
10
Agageldi Allanazarow. Hazaryň yssy tomsy
bilen çagalarynyň biriniň golundan tutup, adamlaryň arasy bilen
töweregine garanjaklap, garşy alýanlaryň biri bolup duranlygyny
bilýän öz Hasaryny gözläp, howlugybrak ýöräp gelýärkä,
keýerjekläp töweregine hyrydar gözlär. Gördügem görenini
mälim edip, begenip myssa ýylgyrar-da, soňundanam «Biz,
ynha, bärde!» diýýän ýaly elini ýokarsyna göterip salgar. Dünýä
soňra Hasary görenini höwes bilen ýanyndaky çagalaryna buşlar,
olaram şonda begenişip, ejeleriniň sereden tarapyna seredişip,
kakalaryny görmäge howlugyşarlar. Hemmeleriň kalby bolsa
eýýäm şatlykdan doludyr.
Hasar hyzmatkär gyzyň getiren kofesine güýmenip, aýna
diwardan arkada görünýän, gözýetimden-gözýetime ýaýrap
oturan çyg çeken dünýäni synlap, özüne ýakymly geçmiş bilen
bagly şeýle oýlara oýurganyp oturdy. Hasaryň sag tarapynda
«Boing» uçarlarynyň birnäçesi aeroportuň öňünde söýgi bilen
arkalary sypalanan dal bedewleri ýatladyşyp, hatarlanyşyp
durdular. Mahal-mahal gözýetimde bir ýerlerde gonan uçaryň
aňyrdan barha badyny kemip, ýatagyna golaýlanyny duýan gyrat
ýaly hokranyp, düwdenekläp, ýetip gelýäni görünýär.
Hasaryň pikirleri özüni küýsäp, Stambuldan uçup gelýän
Dünýäniň mähir-muhabbeti bilen bagly bolany üçin, ýakymly
hem imrindirijidi.
Şol barmana-da Hasaryň, Dünýä bilen är-aýal bolşup bir
ýere gidermen bolşup, şaýlanyşyp durkalar, Dünýäniň saçlarydyr
üst-başyna timar berip, göwnüne geregindenem artyk eglenç
edip, aýnaň öňünde beslenip duran şekili peýda boldy.
Hasar bolsa eýýäm-haçan, maşynyny ýola häzirläp,
daşarda oňa garaşyp, sagadyna seredip: «Bu nä gelibermedi?»
diýip, alada galyp, biraz howlugyp garaşyp durandyr. Geler
ýerde gelmänsoň, ahyram onuň özi maşynyny öçürip, yzyndan
sorag salyp geler. Dünýä bolsa henizem aýnanyň öňünde, eýläk
bir öwrülip, beýläk bir öwrülip, haýsy köýnegini geýip, haýsy
ýaglygyny atynanda özüne has gelişjekdigini pikir edip sypanyp
durandyr. Onýança Hasar: «Näme, aýna-ha ýelmeşip galaýan-a
Agageldi Allanazarow. Hazaryň yssy tomsy
11
dälsiň, henizem durmuň sallanan bolup, ýör-dä, gitjek bolsaň!»
diýip, aňyrdan geler. Dünýä ýoldan saklaýanyň özüdigini
ýatlap, günäsini duýup, onuň ýüzüne ötünçli seredip ýylgyrar,
soňundanam, aňyrdan owsunyp, bir gowy bolup gelşine: «Ine,
barýan-la, oglan!» diýip, minneti çekilýän arzyly zenanlygyny
ýatladyp näzirgär. Hasaryň höwesindäki mähir-muhabbetden
myňňyldap duran gelne öwrüler.
Şeýle bolanda Hasar käte göwni gidip, kalby joşup, duran
ýerine ony kakyp alan ýaly edip, öz gujagyna götererdi-de,
nirä, näme üçin barýanyny hem unudyp, duran ýerinden yzyna
öwrülip, Dünýäniň garşylygyna, hyk-çokuna seretmän, ony
göterip yzyna dolanardy...
Dünýäniň soňra bulaşan düşege çolanyp, gyssagarada
ýüzugra çykarylyp, eliň tersi bilen gapdala atylan geýimgejimleriniň hersini bir ýerden tapyp, söýünç bilen nägile
bolandan bolup, käýinip oturyşy onuň gözünde galan iň gowy
pursatlardy.
— Şu erkeklerde asla durum bolmaz eken. Heleýleri
bezeniberdimi, onsoň bular öz haly bilen bolmaýarlar...
Täzeden geýnip, söýünçli käýinip duran Dünýäniň sesem
şu pursatda onuň gulagyna diýseň ýakymly eşidilerdi.
Hasar şol oýurganyp oturyşyna birsalymdan ýeňseden
kimdir biriniň nazaryny syzdy. Ýalňyşman eken. Haçan-da
ol hyzmatdaky gyzy töwerekden gözländen we oňa bir zat
diýermenden bolup, oturan ýerinden biraz gobsunyp, ýeňsesine
öwrülen mahaly özünden iki stol beýlede gözüň kaklyşandan
ünsüňi özüne çekýän bezemen bir, kyrk-kyrk bäş ýaşlaryndaky
aýalyň, on iki-on üç ýaşly, gözleri höwesli gyzjagaz bilen bir
stoly ara alşyp, ýapyrylyşyp, ýaşyryn bir zadyň gürrüňini edýäne
meňzeşip, töweregi syrly synlaşyp oturandyklaryny gördi.
Hasaryň ýeňsesine öwrülen mahaly aýal, oňa däl-de, onuň
egniniň üstaşyry äpişgä seredip, ol diwaryň aňyrsyndan görünýän
uçarlary synlaýandan bolan bolmaga çalyşdy.
12
Agageldi Allanazarow. Hazaryň yssy tomsy
Barybir Hasar onuň özüne dikilen ogrynça nazaryny sep
bermän, yzyna ýygnajak bolup, biraz gyzaryp-bozaryp azara
galanyny, gyzjagaz bilen onuň arasynda näme gep bolandygyny
bilmese-de, ýöne özi bilen bagly haýsydyr bir gürrüňiň-ä
bolanlygyny aňdy. Şonuň üçinem Hasar bulary ilki haýsydyr
bir gatnaşylyp ýörlen maşgalarynyň adamlarydyr öýtdi. Bir
pursadam bolsa aýaly tanarmandan bolup, ony siňňin synlady.
Ýöne barybir ol bezemen aýaly-da, onuň ýanynda oturan
gyzjagazy-da öň nirede görenligini ýadyna salyp bilmedi. Aýalyň
onuň öň duşan maşgalasy bolmazlygy hem gaty mümkin. Eger
şeýle bolsa olar ýylgyryşyp ýa-da baş atyşyp, hökman özleriniň
bir-birlerini tanaýandyklaryny, adaty şeýle ýagdaýda edilişi
ýaly, bir nyşan beräýmeli hem ýalydy. Şonuň üçinem ol soňra
özüniň syna düşmeginiň sebäbiniň özünden däl-de, egnindäki
harby geýimindendigini pikir etdi. Birsydyrgyn gögüş-garamtyl
düşümli matadan tikilen harby geýim Hasara hemişe-de gelşerdi,
ony syrdam, sagdyn, öz ýaşyndan has ýaş, şol bir wagtda bolsa
agrasdan gelen salyhatly edip görkezerdi. Ol ozalam mahal-mahal
ünsli zenan gözleriniň özüni ogrynlyk bilen göz astyndan höwes
bilen synlap goýberýändiklerini duýýardy. Has-da, öz ýanlaryndan
komandir bolmagy arzuw edişip, göwün ýüwürdişip ýören çagalar
oňa duşanlarynda hezil ederdiler. Ejeleriniň golundan tutup geçip
baryşlaryna: «Eje, menem ulalsam, şol daýy ýaly komandir boljak!»
diýşip, ony ejelerine guwanç bilen görkezerdiler. Bu, köplenç,
çagadyr ejäniň, Hasar bilen bilelikde bir-birege düşünişmek bilen
buýsançly, ýylgyryşyp seredişýän ýakymly pursady bolardy.
Hasara ol aýal özüne gelişýän geýimleri bilip, olary wagtymöwsümi bilen geýmegi oňarýan ygtyýar maşgala bolup göründi:
Ol ýeňsede toplap jemlän saçlaryny, maýdaja gülli syýa reňk ýaglyk
bilen bogupdyr. Ýakasy ýörite serpilen gara gaýyş keltekçäniň
aňyrsyndan onuň geýen, boldan keşdelenen goňras gyzyl köýnegiň
bir bölegi görünýär. Biraz eglibräk gürrüň edenden bolýany üçin,
onuň boldumly zenan göwüsleri stol üstüne sähelçe labyr atyp dur.
Nämüçinligini bilmese-de, Hasara şol bir wagtyň özünde aýalyň
Agageldi Allanazarow. Hazaryň yssy tomsy
13
garaýşynda hyrydarlyk alamatynyň bar bolşy ýaly, onda syrly ýaňsy
hem bar ýaly bolup duýuldy.
Dogumly, nätanyş aýalyň bir bakyşda, suwa atylan çeňňejigiň
ol ýerden balygy ýalpyldadyp çekip alşy ýaly, Hasaryň pikirlerini
çekip alanlygy belli boldy. Hasar ilki, ol barada: «Göz — derýa»
diýleni, nirä seredende bolmaýar» diýibem bir pikir etdi. Ýöne
ýene-de ol özüniň bu pikiri bilen uzak ylalaşmady. Muňa-da aýalyň
nazaryndaky ünjümi, ýaňsymy ýene-de bir zatlar bar ýaly bolup
duýulmagy boldy. Soňra bu barada pikir ýöredip ugranyny özi hem
duýman galdy.
Hasar aýalyň döwrebap geýnişinden, barmaklarynda altyn
ýüzükleri goşa-goşadan ýalpyldadyp, boýnuna altyn zynjyr
çolaýşyndan çen tutup, onuň kimem bolsa, soňrabaýan türkmen
baýlarynyň biriniň tosunja keýwanysydygyny pikir etdi.
Özi-de şol gezek seredenden soň, bezemen zenan
kemteresinden Hasaryň oturan tarapyna öwrülip seredäýeýinem
diýmedi. Öňüne getirilen kofeden dokmädelik bilen, göwünligöwünsiz owurtlan bolup oturyşyna, wagtal-wagtal garşysyndaky
gyzjagaz bilen birki oýnam gep alşandan boldy.
Her hili pikirler göwnüne gelse-de, Hasar tanyş ýaly bolup
görnen gelni soňam nirede görenini wagty bilen ýadyna salyp
bilmedi. Soňundan bolsa, hemişe bolşy ýaly, onuň nätanyş aýal
hakyndaky pikirleri ýene-de öz Dünýäsi baradaky isleg, höwesli
pikirlere öwrülip gitdi.
Stambuldan uçan uçaryňam indi gelmeli wagty golaýlabam
ýördi. Her gezek Aşgabat aeroportuna bir ýerlerden gelip, ýaňy
gonan uçar aňyrdan howalanyp gelýäni görnen wagty Hasar,
hamala, ondan Dünýä gelip düşäýjek ýaly mylaýym ýakymly
duýgyny başdan geçirýärdi. Ol baradaky oý-hyýallaryň yzyna
düşenligini özi hem duýman galýardy...
Hasar Dünýä bilen Aşgabadyň lukmançylyk institutynyň
üçünji kursuny tamamlap, Leningradyň lukmançylyk institutynda
okuwyny dowam etdirmäge baran ýyly tanşypdy. Şol döwürlerde
türkmenistanly lukmançylyk institutynda okaýanlaryň has
14
Agageldi Allanazarow. Hazaryň yssy tomsy
tapawutlanýanlarynyň on-on bäş sanysyny her ýyl şeýdip,
lukmançylygyň has kämilleşen ýerinde okuwlaryny dowam
etdirmek üçin, ondan-oňa geçirmek däbi bardy. Hasaram şol
ýyl Aşgabatdan Leningrada okuwyny dowam etdirmäge gelen
talyplaryň biri bolupdy. Ol ýaşaýyş jaýynda özünden iki ýyl öň
gelen Kakaw atly ýigit bilen ýaşaýardy. Şol günleriň birinde
Kakaw indiki dynç güni özüniň ýigrimi bäş ýaşyny belläýmek
niýetiniň barlygyny maslahat hökmünde aýdanda Hasar: «Başga
ýaşy bellemeseňem, ýigrimi bäşi hökman bellemeli hemem
Jahan ýaly öz gyzlarymyzyň birine palaw bişirdäýsegem kem
bolmazdy» diýip, ony bada-bat göwünjeň goldapdy. Hasaryň
Jahan diýmesi hem ýöne ýerden däldi. Ol gyz Kakawyň kursdaşy
bolup, olar okuwlaryny tamamladyklary ýazylyşyp, toý tutmagy
arzuwlaşyp ýördüler. Ildeşlerçe ýanlaryna gelip-gidip ýören bu
gyzyň özleri üçin bişiren palawyny Hasar öňem birki gezek iýip
gören adamdy. Kakaw soňundanam şu ýyl bu ýere okamaga
gelen, özüniň ýegen ugurlaryndanam bir gyzyň barlygyny,
«Göz-gulak bolup duraweri!» diýip, ata-enesiniň garyndaşlarça
ony özüne sargap goýberendiklerini hem ýatlady. Ýakynda bolsa
ol Jahan bilen gidip, garyndaş gyzyň bolýan ýerinden habar alyp
hem gaýdypdy. Ol gyz Dünýädi.
Şonda ol hem daýysynyň ýaş toýna öz otagdaş
boýdaşlarynyň ikisi bilen geldi. Hasar Dünýäni gören badyna ol
barada öz ýanyndan pikir ýöredip ugranyny hem duýman galdy.
Ol ilki gyzyň heniz talyplyk menziliniň adamlaryndan
biraz ýaş görünýänligini, şäherli gyzlarça egne düşürilip
gyrkylyp, timar berlen saçlaryň oňa birkyýama rus gyzlarynyň
keşmerini berýänligini, toýa geýen ýakasy keşdeli, pasyrdap
duran ýaşyl kepder reňkli türkmen köýnegiň töweregi özüne
hyrydar seretdirip, onuň türkmen gyzydygyny nygtaýanlygyny
öz ýanyndan belledi. Dünýä gele-gelmäne ýoldaşlaryny oturanlar
bilen tanyşdyransoň: «Hany, näme edilmeli iş bolsa, menem size
kömek bereýin» diýip, otag bilen beýleräkdäki aşhana aralygyny
Agageldi Allanazarow. Hazaryň yssy tomsy
15
gatnap, Jahana onuň getir diýen zadyny getirip, äkit diýenini
äkidip, kömek edip ýören palaw bişirýänçileriň arasyna goşuldy.
Bir gezegem Hasar işdaçar üçin taýynlanan zatlara gaýmak
goşup, garyp duran Dünýäniň göz astyndan özüne ogryn nazar
aýlap, soňam dessine-de ony ýene-de yzyna dolap alyp, birhili
uýatly gyzaryp-bozaranyny gördi. Dünýä soňam syr bilmezlik
üçin, hiç zatdan bihabar, palawy agdaryp duran Jahana tarap
ýarym göwre öwrülip, öz heser galtan nazaryny gizlemek bilen
boldy.
Şonda Hasar bu pursatda gyzyň näme hakynda pikir edenini
anyk bilmese-de, ýöne onuň adaty bolmadyk pikir edenligini,
ol pikiriňem bir ýanynda özüniň hem bardygyny welin aňdy.
Dabara Hasardyr Kakawyň bile bolýan uly bolmadyk otagynda
gurnalypdy, ýöne zenan maslahaty duýulýanlygy, her zat öz
ýerini eýelänligini üçin, ol indi biraz giňeýän ýaly hem bolup
görünýärdi. Erkek adamlar gyzlaryň: «Hany, geliň, saçak başyna
geçiň!» diýerlerine garaşyşyp, hamala, işleri elinden alynsa,
olaryň muny zenan mynasybeti elinden alnan ýaly görjeklerini
aňýan ýaly bolşup, penjiräniň öňünde çilimleşip, özara şüweleňli
gürrüňçilige öwrülişip durdular.
Garaşylan soňky myhmanlaryň gelenine köp wagt
geçmänkä, höwesli öý bikesi bolup ýören Jahan depesi bugaryp
duran towukly palawy getirip orta goýansoň, mylakat bilen
myhmanlary toý saçagynyň başyna çagyrdy. Hemmeleri
oturdansoň, özem nahar taýynlan mahaly dakynan öňlügini
aýryp gelip, Kakawyň gapdalynda özüne goýlan orunda oturdy.
Dünýä-de Jahanyň gapdalynda ýerleşdi. Onuň garşysynda,
daýysy Kakawyň gapdalynda bolsa Hasar otyrdy. Olam Kakaw
ýaly, üst-başyna timar berip bezenipdir, saçyny ýalpyldadyp,
ýeňsä gaňryp darapdyr.
Saçak başynyň dabarasy barha beleň aldy. Hemmeler
adatdan daşary täsin we şadyýandylar. Dünýä ýerinden turup,
dalbynyp, joralarydyr öz adyndan kagyza dolangy sowgadyny
daýysyny gutlap gowşuranda, daraklygyna galyp, soňundanam
16
Agageldi Allanazarow. Hazaryň yssy tomsy
onuň ýaňagyndan mähirli ogşady. Şampanly bulgury göterip
gürlän wagty onuň biraz tolgunýanyny, uýalýanyny mälim edip,
ýene-de ýüzüne sähelçe al reňk çaýyldy.
— Daýymyň-a ýaşynyň uzak bolmagyny, janynyň sag
bolup, sag-aman okuwyny tamamlap, öz halaýan gyzy bilen
durmuş gurup — Dünýä sözüniň şu ýerine ýetende daýysynyň
gapdalynda, bir gowy bolup, sözüň özüne degişli ýerlerini
ýylgyryp, minnetdarlyk bilen kabul edip oturan Jahana tarap
guwançly nazaryny aýlap goýberdi — bize-de sag-aman siz ýaly
bolup, bilim alyp, maksadymyza ýetmek, ilimize abraý bilen
dolanyp barmak nesip etsin! — diýdi.
Onuň zenanlarça biraz näzirgäbräk aýdan gutlagy töweregi
galkyndyrdy. Hasar ogşalan goňşusyna gözügidijilik bilen
seretdi.
Öz ýigrimi bäş ýaşan dostuna niýetläp, sowgat alan
galstugyny Kakawyň boýnuna dakan wagty bolsa ol:
— Goý, gelneje şu boýun bagyňdan tutup, hemişe seni
yzyna düşürip: «Öz çoçam» diýip, itsin ýörsün — diýip degişdi.
Hasar şol toýdan soňky iki-üç günde nätanyş gyzyň bir
bakyşda özüniň ýüregini ýerinden gozganlygyna düşündi. Indi
Dünýäniň keşbi onuň gözüniň öňünden gitmeýärdi. Birde onuň
ýaş toýda heserlenip, töweregi bilen gürrüňleşip oturyşy göz
öňüne gelse, ýene birde gyz oňa dalbynyp, höwesli seredýärdi.
Şonda ol onuň babyr bileginden çalyp tutaýýan ýaly alasarmyk,
tolgundyryjy bir ýakymly duýgyny başdan geçirýärdi.
Özündäki bu ýagdaýy Kakawa hem duýduraýasy, onuň
maslahatyny alaýasy gelýärdi. Ýöne Kakawyň ony entek çaga
hasaplap ýörenligini bilýänligi üçin onuň: «Ol entek çaga
ahyryn» diýen ýaly asla islenilmedik bir gürrüň tapyp, ýagdaýy
bulaşdyraýmagyndan hem howatyr etmän durmaýardy. Ýöne
joşgun berip, dyňzap gelen duýgy ony indi öz erkine goýmaýardy.
Hasaryň Dünýäni bolmanda göz gytagy bilenem bolsa göresi
gelip, ýüregi özelenip durardy. Dynç günleriniň birinde ahyr ol
Dünýäni görüp bolmazmyka diýen pikir bilen öýden çykdy. Hasar
Dünýäniň bolýan ýaşaýyş jaýynyň alkymyna gelip, tramwaýdan
Agageldi Allanazarow. Hazaryň yssy tomsy
17
düşende, Gün eýýäm al asmana göterilip, günortana ýakynlap
ýördi.
Dünýä şol gün öz otagdaş gyzlary bilen, adaty
günlerdäkiden has köp ýatyp, ukularyny gowy alşyp, ýaňyrak
kere-mara düşekden turşup, günortanlyk edinmäge oturypdylar.
Düýn otagdaş gyzlar giçlik bile otyrkalar, Dünýäniň daýysynyň
şagalaňly geçen doglan gün toýuny ýene bir gezek ýakymly
pursat hökmünde ýatlanlarynda, gürrüň arasynda Hasaryňam
ady hem birnäçe gezek agzalypdy. Walentina atly dolmuşja gyz
bolsa, Dünýä ýesersi seredip: «Saňa aşyk boldy ol» diýip, ony
jorasynyň dünýäsine gatylyp barýan, şol her bir gyzyň «Alelwan ýelkenli gämide» yzyndan gelerine garaşýan ýigidi diýen
manyda ýatlady. Dünýä: «Seniň göwnüňedir!» diýip, jorasynyň
arzuwly degişmesini ilki çytylyp, halamadykdan bolan hem
bolsa, soňra ýeke galanda, Hasaryň adynyň kem-kemden
özüniň göwün telwasyna öwrülip barýanlygyny duýupdy. Gyza
şu pursatdan başlabam öz dünýäsinde, mundan biraz öňem
hökmanlygy duýlup-da barmaýan adamyň peýda bolanlygy belli
boldy. Hasaryň syrdam, syratly şekili gyzyň gözüniň öňünde
peýda bolup, ol şekiliň öňünde durdugyça, durmuşynyň özözünden öwrüm alyp, onuň özüni hem dolap alyp barýanlygyny
syzdy. Bu ýakymly pursady soňra dolulygyna duýmak üçin, ol
ýeke galan mahaly ellerini kükreginiň üstüne goýup, gözlerini
ýumanyny hem duýman galýardy.
Gapy kakylan wagty gyzlaryň üçüsi üç ýerden: «Geliberiňde, giriberiň, gapy açykdyr!» diýşip, oturan ýerlerinden göwünjeň
dillendiler. Haýsydyr bir ýoldaşlarynyň, talyp durmuşynda hälişindi birek-birekden soralýan, duzdur, kükürt, jamdyr pyçak
ýaly biş-düşe gerek zatlaryň birini sorap gelendigini pikir etdiler.
Gapyda haçan-da biraz uýalybrak duran bir eli gülli, ýene bir eli
tortly Hasar görnen wagty, jaýdaky rus gyzlaryň ikisi iki ýerden
gözlerini uçganakladyşyp, «Biziň diýenimiz dogrudyr, görseň!»
diýen manyda Dünýäniň ýüzüne gözügidijilik bilen, höwesli
seredişdiler.
18
Agageldi Allanazarow. Hazaryň yssy tomsy
Soňundanam nämäniň nämeligine dessine düşünen kursdaş
gyzlar yglaşlaşyp, gapynyň öňünde duran Hasary garşylap,
ony getiribem, hyýalynyň nädip hakykata öwrülenine haýran
bolup, haladynyň ýakasyny iki eli bilen ebşitläp tutup, mylaýym
ýylgyryp, gyzaryp-bozaryp duran Dünýäniň ýanynada höwes
bilen oňa oturmaga ýer görkezdiler. Dünýä Hasaryň pikirini
edýän hem bolsa öz arzuwynyň beýle nagt bolaýjagyny welin asla
pikir etmändi. Dünýäniň joralary güli suwly waza salyp, stoluň
üstünde goýup, ýaraşyk edensoňlar, Hasaryň getiren tortundanam
olaryň göwni üçin bir bölek dadansoňlar, hyrydarlary birbirleri bilen ikiçäk galdyrmagyň kem bolmajagyny pikir edişip:
«Meniň o işim bar, meniň bu aladam bar» diýşişip, howlugyşyp
geýnişip, olaryň ýanyndan gitmek bilen boldular. Dünýä soňra
özüniň Hasar bilen otagda ikiçäk galanynda, oňaýsyz ýagdaýa
düşjeginden howatyrlanyp, boýdaşlaryna «Otursaňyzlaň!» diýip,
olary ýanynda alyp galmaga synanyşan hem bolsa, ýöne beýlebeýle zatlaryň näme bilen gutarýanyna belet gyzlary ýolundan
saklap bolmady. Olary ikiçäk galdyryp, wagtlaryny gowy
geçirmegi arzuwlaşyp, özleri gidenden soňky bu ýerde boljak
hezilligi göz öňüne getirişip, böwreklerini bökdürişip gitdiler.
Dünýäniň süňňünde henizem maýdaja saňňyldy bardy.
Ol ýaňy Hasar duýdansyz düýşde görlen ýaly bolup, gapynyň
agzynda peýda bolan wagty döräpdi. Olaryň ikisiniňem kalbyny
şol bada biraz galagoplyrak täsin duýgy eýeläpdi. Häzir
olar bir pursatlygam bolsa bir-birleriniň pikirlerine berlişip,
dünýäni unudandyklary üçin, öz duýgularynyň joşgun alyp,
bir-birleri bilen garylyşyp-gatylyşyp, täze dünýä gümra bolup
barýandyklaryndanam entek habarsyzdylar.
Dünýä özüniň öz jaýlarynda oturanlygyny, Hasaryň
bolsa gelen myhmanlygyny, eger ýüz bermese, onuň soňra
ömrylla yzyna dolanmajagyny, munuň bolsa şeýle bolmagyny
islemeýänligini, zenanlarça häzirki pursatda özüni sypaýyçylykly
alyp barmalydygyny ýatlansoň, biraz ekezlendi. Özüni ele aldy.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Hazaryň yssy tomsy - 02
  • Parts
  • Hazaryň yssy tomsy - 01
    Total number of words is 3625
    Total number of unique words is 1935
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    47.2 of words are in the 5000 most common words
    55.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 02
    Total number of words is 3633
    Total number of unique words is 1983
    34.3 of words are in the 2000 most common words
    47.4 of words are in the 5000 most common words
    56.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 03
    Total number of words is 3591
    Total number of unique words is 2035
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    46.5 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 04
    Total number of words is 3606
    Total number of unique words is 2046
    35.5 of words are in the 2000 most common words
    48.7 of words are in the 5000 most common words
    55.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 05
    Total number of words is 3634
    Total number of unique words is 2009
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    45.9 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 06
    Total number of words is 3624
    Total number of unique words is 1952
    33.7 of words are in the 2000 most common words
    48.0 of words are in the 5000 most common words
    55.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 07
    Total number of words is 3599
    Total number of unique words is 2003
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 08
    Total number of words is 3618
    Total number of unique words is 1999
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 09
    Total number of words is 3658
    Total number of unique words is 1961
    34.4 of words are in the 2000 most common words
    48.8 of words are in the 5000 most common words
    56.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 10
    Total number of words is 3692
    Total number of unique words is 1930
    34.7 of words are in the 2000 most common words
    47.3 of words are in the 5000 most common words
    55.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 11
    Total number of words is 3675
    Total number of unique words is 1996
    36.4 of words are in the 2000 most common words
    50.4 of words are in the 5000 most common words
    58.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 12
    Total number of words is 3627
    Total number of unique words is 1956
    33.5 of words are in the 2000 most common words
    48.0 of words are in the 5000 most common words
    57.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 13
    Total number of words is 3632
    Total number of unique words is 1978
    34.5 of words are in the 2000 most common words
    49.0 of words are in the 5000 most common words
    57.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 14
    Total number of words is 3680
    Total number of unique words is 2037
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    48.3 of words are in the 5000 most common words
    55.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 15
    Total number of words is 3690
    Total number of unique words is 2034
    34.2 of words are in the 2000 most common words
    48.1 of words are in the 5000 most common words
    56.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 16
    Total number of words is 3579
    Total number of unique words is 1995
    34.2 of words are in the 2000 most common words
    48.2 of words are in the 5000 most common words
    56.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 17
    Total number of words is 3625
    Total number of unique words is 2048
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    54.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 18
    Total number of words is 3683
    Total number of unique words is 2050
    33.5 of words are in the 2000 most common words
    47.8 of words are in the 5000 most common words
    55.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 19
    Total number of words is 3670
    Total number of unique words is 2045
    33.7 of words are in the 2000 most common words
    47.9 of words are in the 5000 most common words
    55.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 20
    Total number of words is 3637
    Total number of unique words is 2043
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    55.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 21
    Total number of words is 3608
    Total number of unique words is 2010
    33.1 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    54.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 22
    Total number of words is 3619
    Total number of unique words is 2112
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 23
    Total number of words is 3503
    Total number of unique words is 1983
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    54.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 24
    Total number of words is 3648
    Total number of unique words is 2034
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    46.6 of words are in the 5000 most common words
    55.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 25
    Total number of words is 3600
    Total number of unique words is 2017
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 26
    Total number of words is 3671
    Total number of unique words is 2017
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    55.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 27
    Total number of words is 3658
    Total number of unique words is 1984
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 28
    Total number of words is 3659
    Total number of unique words is 2046
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    46.5 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 29
    Total number of words is 3591
    Total number of unique words is 2030
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    55.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 30
    Total number of words is 3585
    Total number of unique words is 1978
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 31
    Total number of words is 3691
    Total number of unique words is 2076
    33.1 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    54.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 32
    Total number of words is 3678
    Total number of unique words is 2043
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    47.9 of words are in the 5000 most common words
    55.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 33
    Total number of words is 3714
    Total number of unique words is 2039
    33.7 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    55.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 34
    Total number of words is 3734
    Total number of unique words is 2099
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    48.1 of words are in the 5000 most common words
    55.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 35
    Total number of words is 3697
    Total number of unique words is 2045
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    47.7 of words are in the 5000 most common words
    56.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 36
    Total number of words is 3732
    Total number of unique words is 2151
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    46.5 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 37
    Total number of words is 1622
    Total number of unique words is 1047
    41.9 of words are in the 2000 most common words
    55.2 of words are in the 5000 most common words
    61.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.