Latin

Hazaryň yssy tomsy - 05

Total number of words is 3634
Total number of unique words is 2009
32.4 of words are in the 2000 most common words
45.9 of words are in the 5000 most common words
54.0 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
dünýä synçysy bolup duran ýerine geldi. Gelşine-de: «Meniň
sizden bir zat sorasym gelýär?» diýip, gözlerini güldürip,
goltugyndan tutup, ony bir gyra çekdi.
64
Agageldi Allanazarow. Hazaryň yssy tomsy
— Şularyň birini kesip alyp sataýsaň, dünýä bazarynda ol
näçe pula durarkan?
Ýülük ilki onuň näme diýjek bolýanyna oňly düşünmedi,
ýerinde oňly durman häli-şindi burnunyň etegini gaňňalaýan
äýnegini süýşürip durşuna, geň galyp Annawyň ýüzüne soragly
seretdi. Dinozawr yzlaryny Annawyň hyrydar telekeçi nazary
bilen synlap, bir hyýala münenine göz ýetiren wagty bolsa
ol köpmanyly ýylgyryp, onuň ýüzüne has içgin seretdi. Geň
galanyny mälim edip:
— Alynsa, sen bularam sataýjag-ow, Annaw beý! — diýdi.
— Alynsamy?
— Ýewropa pul mesleriniň arasyndan taryh janköýerlerini
tapyp bolsa, onuň alnaýmagy-da mümkin.
— Meselem, ol näçeräk pul turzarka onsoň?
— Million dollar dagy gazanyp bolsa gerek.
«Atly dünýä belli muzeýleriň hem munuň ýaly zada
hyrydar bolmagy mümkin» diýip, ol hem Annawyň soragy
barada pikir ýöredip ugranyny mälim edip, sözüniň üstüni ýetirdi.
Soňundanam ol özüniň nämedir bir zatdan howp edenini mälim
edip, alada galdy, oýurgandy.
— Hany, kim saňa ony ýurtdan çykarmaga ygtyýar
berjekmişin? Biziň ýurdumyzda-ha gadymyýet zatlaryna el
gatanlary, olara ýardamçy bolanlary hem sylap goýmaýarlar.
Beýden adamlara Şlimana ýardam eden adamlaryň ykbaly
garaşýar...
Soňra ol Şliman barada bu aýdanyny onuň kimliginden
habarsyz Annawa düşnükli bolar ýaly, goltuklaşyp dinozawr
yzlarynyň töwereginde aýlanyşyp ýörüşlerine eşiden taryhyny
ýatlap, oňa gürrüň berdi.
...Şliman Gadymy Troýany açan belli arheolog (ol
Türkiýäniň çäginde). Ol ondan tapan altyn-baýlyklaryny türkiýeli
adamlaryň kömegi bilen gizlinlikde ýurtdan çykaryp äkiden
adam. Oňa ýardam eden adamlary soňra türk hökümeti tapyp,
olaryň hemmesine ölüm jezasyny beripdi.
Agageldi Allanazarow. Hazaryň yssy tomsy
65
Annaw bilen Ýülük soňra şol, ýüzüňe gözläp duran
gadymyýetli tekiz ýapynyň ýüzünde birsalym özleriniň nirä
gelenlerini hem unudyşyp, bakyýet humaryna berlişip oturdylar.
Yza gaýdylanda, Sorar Ýülük hanumasy bilen öz
gürrüňlerini gürleşip bileräk ýörediler. Annawam olaryň
yzragyndan Dünýä bilen tirkeşip ýöredi. Dinozawr yzlarynyň
myhmanlarda-da, özlerinde-de uly täsir galdyrandygyny
ýatlaşdylar. Dünýäň elinde töwerekden alan, ot-çöplerden
kiçijik çemen bardy. Ol häzirem şol ýöräp gelşine ýol ugrunda
duşan gözüne ýaran güljagazy durup, eglip alýardy. Annaw
ugursyzja bolsa-da, bu çemeniň Dünýäniň eline gelişýänligini,
oňa mynasybet berýänligini öz ýanyndan belleýärdi. Dünýä öz
gürrüňiniň Annawa-da kem ýaramajagyny pikir edip, soňra türk
aýaly bilen «Rudnik» baradaky eden öz gürrüňini, häli-häzire
hojaýynynyň belli bir zat diýmändigine seretmezden, onuň bu
iş barada: «Şeýle käniň bolsa, patyşa öýüňe salama geler» diýip,
göwünjeň makullandygyny, geçmişde şeýle magdan käniniň
eýesi bolan adamyň öýüne mertebeläp, hatda ýurt Soltanynyň
salama baranlygyny gürrüň edenini ýatlady.
Dinazawr yzlarynyň höwesine berlip gidenler gaýdyp gelen
mahaly dagyň at gaýtarym bolup, ýaýlyp duran ýazgyn kemerini
peýläp düşlän Hemra Kalendar eýýäm bu ýerde ot ýakdyryp,
kebap bişirip otyrdy. Çişe düzülip, közde tenip ýetişip duran
täzeje et dogramçalary gyzyl köze şiresini damdyryp, töwerege
ýakymly ys ýaýradyp, bişip durşuna, agzyňy suwardýardy.
Arassa dag howasy bu mahala çenli eýýäm ertirki iýlipiçilen zatlary siňdirip, içleri keçe bilen syrylan ýaly edipdi.
Myhmanlar höwes bilen saçak başyna geçdiler.
Gün öňküsinden aşaklan ýaly bolup duýulýan hem bolsa
(Ol iýlip-içilip, ugrandan soň hasam şeýle ýaly bolup duýuldy),
howa yssy däldi.
Myhmanlar çişlerden syryp-syryp, çişlik iýip, arak
içdiler. Dünýä myhman aýal bilen ýanaşyk bir polotensany
öňlerine ýapyp oturyşyna myhmana-da hödür edip, özem onuň
66
Agageldi Allanazarow. Hazaryň yssy tomsy
gapdalyndan iýip, özlerine guýlan konýaklara käte bir çünnek
degrişip, gönençlik duýşup, erkekleriň keýpi-sapasyna goşulyşyp
otyrdylar. Erkekler bolsa indi içdikleriçe ker bilen gepleşýän
ýaly, töweregi ýaňlandyryp, barha gaty-gaty gepleşýärdiler.
Otly içgileriň, lezzetli çişligiň täsiri, oturanlaryň kalbyndaky
hyjuw tolkunlaryna barha möwç berip ösdürýärdi. Üstesine-de,
dinozawrlaryň taryhyny-tarypyny hem dillerinden düşürmän,
şowhunly gürleşip, oturyşlaryna olar birdenem, şol gözleri
giden dinozawr yzlaryna talaň salmak üçin, göçüp-gonup
göterilip gidiberjege meňzeýärdiler. Joşgun al-asmana galýardy.
Oturanlar dinozawr yzlary, «Rudnik» bilen baglylykda täze bir
ykbal öwrülişigiň başlananlygyny göwün çaglama bilen pikir
edýärdiler.
Annawam, Sorar Ýülügem biraz sämän kelle bile şeýle
hezillik gurany üçin, Hemra Kalendara, öý eýesine häli-şindi
minnetdarlyk bildirýärdiler. Hemra Kalendaryň hersi bir
goltugyndan tutup, onuň bilen beýleräk gidip-gidibem gürleşip
gelýärdiler. Taraplar şindi tutulmadyk, ýöne atyma gelen «altyn
kekeç» guşuň söwdasyny edýärdiler. Beýle söwda bolsa, gör, näçe
ölçerip-dökmäni halaýardy. Üç güýjüň, üç puluň birikdiriljegine
seretmezden, beýle dagy talhan edäýmek, elbetde, aňsadam däldi.
Köýten öz syrly dünýäsi bilen Annawdyr Ýülük türki özüne
has imrindirendigi belli boldy.
Myhmanlar güni gijikdirip, Hemra Kalendaryň «JIP»
maşynynda yzlaryna — Çärjewe dolandylar. Hemra Kalendar
sürüjiniň gapdalynda, Annaw bilen Ýülük bolsa öz ofis
hanumalary bilen yzky orunlarda ýerleşdiler. Maşynyň üçe
niýetlenen yzky ýeri, dört üçin daryşganrakda bolsa göwün sygsa,
göwre sygar edildi. Onsoňam häzirki bu keýpihonlykda duýýan
barmy? Annawdyr Ýülük aýallary orta alşyp, hersi öz işgärine
eýemsirenişip, olary ýanabrak, ýeňsesine gol salşyp otyrdylar.
Maşyn ýoluň egrisini egri, dogrusyny dogry basyp, dag
etegini syryp, birde oňa dyrmaşýan, birde-de inip gelýän ýaly
bolup barýardy.
Agageldi Allanazarow. Hazaryň yssy tomsy
67
Amatly ýola düşüp, maşyn tizligini artdyran wagty ol
dinozawra duşup, indem ondan elheder alyp, gaçylyp barylýany
ýatlatdy. Ýülük beý agras göwresine biraz öwrüm berip, başyny
hanumasynyň boldan biten göwüsleriniň birine goýup, ýassyk
edinip, onuň üstüne sepinen atyr müşkleri bilen goşulyp,
bedenden kükeýän zenan müşküne berlip, özüni gül-gunçalaryň
arasynda duýup, meýmiräp ýatyrdy.
Içginiň humary bilen uka berlişip, bugaryşyp, ymyzganyşyp
oturan myhmanlar «Rudnigiň» gapdalyndan haçan geçenlerini
hem duýmadylar. Hemra Kalendaryň gijäň eteginden giren
maşyny bolsa barha onuň gaýry ýerine, jümmüşine aralaşyp,
barha öňe müňzemek bilendi.
* * *
Irden Dünýäniň çalak-çulak garbanyp howlugybrak işine
çykyp gidenine köp wagt geçmänkä, gapynyň jaňy yzly-yzyna
jyrlap, kimdir biriniň gelenligini habar berdi. Hasar Dünýäň
haýsydyr bir ýanyna göterýän zadyny ýadyndan çykaryp, yzyny
gelenligini pikir etdi.
Turup gapyny açmaga barýarka, onuň gyssanmaç gidenini
oýuna getirip, halamazlyk bilen oňa gaýybana käýindi.
— «Gyssansaň gysga kesersiň» diýilmänmi näme? —
diýip hüňürdedi.
Hasar gapyny açanda ol ýerde nätanyş bir ýigidiň özüne
soranjaň seredip duranyny gördi. Ýigit bir bakyşda onuň haýsydyr
bir gören adamsyna çalym berip giden ýalam bolsa, Hasar ony
birbada tanamady. Onýança-da ýigidiň özi dillendi.
— Siz Hasar däde-hä dälsiňiz-dä?
— Men şol.
Hasar ýigide sen kim diýmänkä, onuň özi gyssanybrak
habaryny berdi.
— Onda dogry gelipdirin. Men size myhman getirdim.
— Hany?
68
Agageldi Allanazarow. Hazaryň yssy tomsy
— Men ony häzir getireýin!
Ýigit şeý diýip, dessine yzyna öwrülip, basgançakdan
ylgap aşak düşüp gitdi. Onuň nätanyş bolup, birbada öz öýüni
anyklamaga gelenini bildi. Hasar ýigidiň yzysüre ýaşaýan
gatyndan aşak düşen mahaly, girelgäniň öňünde daýysynyň
keserip duran taksiden toplanyp-ýazylyp, emaý bilen çykyp
gelýänligini gördi.
— Daýy, siz nire, bu ýerler nire? — diýip, ol güler ýüz
bilen onuň öňünden çykdy. Daýysy:
— Bizem gelmeli bolduk-da — diýen mahaly onuň sözi,
agyryly-aladaly eşidildi. Soňundanam ol guş dilinde gepleýän
ýaly: «Nemes oýanyp ugrady...» — diýip, ýegenine gysgaça
aýak üstünde habaryny berdi. Hasar daýysynyň teninde
oskolka-tikesini göterip ýöreninden habarly bolansoň, dessine
oňa düşündi. Onsuzam onuň lukman nazary, daýysynyň dert
çekýänini ytygsan, solgun ýüzündenem aňypdy. Hasar daýysynyň
söweş ýolundan habarly bolansoň, onuň «nemes...» diýeni bilen
ýene-de juda bir ylalaşmaýanlygyny mälim edip ýylgyrdy. Onuň
1926-njy ýylda doglan daýysy, öz alan ýarasyna «nemesim»
diýse-de, onuň ýarasy nemesler bilen bagly ýara däldi. Ol
goşun gullugyna, Sowet goşunlary nemes bilen bellisini edip,
Ýaponiýanyň daşyna geçen mahaly uruşlara gatnaşyp, ýarany
hem şol uruşlaryň birinde alypdy. Şonuň üçinem daýysy her
gezek öz «nemesinden» söz açanda, onuň beýle diýmek bilen,
1941-1945-nji ýyllardaky uruş diýdigine düşünse-de, hamala,
nemesiň arkasyny alýana meňzäp, onuň «nemesini» «ýaponym»
diýip, derdi hak eýesine bererdi.
— Bu gezegem şol-da — diýip, daýysy her gezek özüne
ýegeniniň berýän şeýle düzedişini ýatlap, gamaşan ýaly duýlan
ýüzüni bir eli bilen sypalap goýberip, sähelçe ýylgyrdy.
Hasar daýysynyň goşuny elinde jemläp durşuna taksä tarap
öwrülip, oňa münüp barýan ýigide ýüzlendi.
— Hany, ýigit, bir käse çaý içip soň gidiber! — diýdi. Ýigit
yzyna öwrülip, minnetdar bolup ýylgyrdy.
Agageldi Allanazarow. Hazaryň yssy tomsy
69
— Hasar däde, ýene bir gezekde, men okuwyma ýetişmeli
— diýip, soňundanam ol howlukmaç taksä münüp, hoşlaşyp
gitdi.
Hasar daýysyny öýe getirip, onuň öňüne saçak ýazyp,
birbada içäýer ýaly öz içip oturan çaýyny öňüne süýşürip, soňra
özi daýysyna teýlije ertirlik taýynlamak üçin aşhana geçdi.
Çaýy öňüne alansoň, ol ýegeni bilen özüniň seýrek
duşuşýanyny ýatlap, aşhana aralygyna gatnap, özi bilen gürleşip
ýören ýegenine biraz igendi. «Ýurda geleňsoň welin, gaýta, biz-ä,
ýegen, seniň bilen daşary ýurtlarda işleýän wagtyňdakydanam
az duşuşýas» diýdi. Dogrudanam, öňler Hasar daşary ýurtda
işleýärkä, her gezek diýen ýaly öýlerine gelende, bir wagt tapyp,
daýysynyň ýanyna hem görme-görşe baryp, onuň halyny sorap
gaýdardy.
Watana göçüp gelenlerine iki-üç ýyl bolan hem bolsa Hasar
entek daýysy bilen duşuşmandy. Hasar bu günler özüni haýsydyr
bir uly harasada düşüp, goýun-guzy ýaly tozup-pyrlanyp
çaýkanyp ýören ýaly duýýardy. Düşnüksizligiň, köpelen ünjialadanyň derdinden ýakyn gardaşlar hem daş galan ýaly bolupdy.
Daýysy Hasary soňra özüni getirip giden ýigit bilen
gaýybana tanyşdyrdy.
— Soňky iki-üç hepde bär-ä «ýaponymyň» akarady hasam
artdy. Şu tyg çümýän ýaly bolup, ynjalygymy gaçyryp, agrap
dur. Gijelerine-de ýatuw ýok munuň derdinden. Daýzaň bilen ol
ýapyny, bu ýapyny ýapan bolýas, aý, bor ýaly däl... Üstesine,
oglanlaram häzir «ismen» diýşip, wyşka gitdiler. Onsoň «Ýegen
bardyr, şuny bir uzaklaşdyrman lukmanyna görkezeýin» diýip
gaýdyberdim... Ne mazaly wokzalda-da şol ýigit gabat geläýdi.
Men-ä tanajagam däl, özi tanap ýanyma geläýdi, tanyşlyk
berdi, ýükümi göterişip, otla mündürdi... Görüp otursam, ol
garrawylardan öz daýy ugrumyzdan Medet ussaň agtygy bolup
çykdy. Ussa bende bilen men nebitde kän işläpdim.
Tanyşlyk berensoň, seretsem, birhili Medet dädä çalymda berip dur. Gowy ýigit eken, çaý-suwuma seredip, tä seniň
70
Agageldi Allanazarow. Hazaryň yssy tomsy
ýanyňa getirýänçä, ugrumda boldy bally... Ýene bir öwrümde
daýy töweregine garanyp:
— Hany, bu gelin ýegen görnenok-la? — diýip sorady.
— O-da, daýy, ýaňyrak siz gelmeziňiziň öňüsyrasy işine
gitdi.
Goja «hm-m...» diýip, öň ömür boýy işlemän diýen ýaly
gezen zenanyň bu günki gün işläp ugramagyny birhiliräk görende bolsa, munuňam täze ýaşaýşyň talaplarynyň biriligi barada
oýlanansoň, soňra gelin ýegenli gürrüňiň yzyna düşmedi. Ýegeni
bilen bu meselede düşündirişsiz düşünişdi.
Çaý berensoň, Hasar daýysynyň hut öz syrkawydygyny
göz öňünde tutup, ony özi bilen öz işleýän gospitalyna äkidermen
boldy. Ýöne ugramazdan öň ol gospitala ýerleşmek üçin ol-bi
degişli hat-petegiň gerek boljagyny ýatlap:
— Daýy, urşa gatnaşanlygyň baradaky kitapçaň
ýanyňdadyr-a? — diýip, «Ýatdan çykaraýana dälsiň-dä» diýen
äheňde sorady.
—Pasport bilen ol kitapçany ýörite ýatlap alypdym.
Olar gospitala gelen mahaly eýýäm bu ýerde Hasara
garaşylýardy. Ol gyssagly operasiýa girmeli bolup, daýysyny
ýerleşdirmegi öz işdeş ýoldaşlarynyň birine tabşyrdy. O-da
gojany Hasaryň adyndan baryp, birbada gospitalyň umumy
bejeriş bölümine ýerleşdirdi.
* * *
Hasar bu gün uzakdaky goşun bölümleriniň birinden
gyssagly getirilen ýaraly esger ýigidi operasiýa edip, işinde
birneme eglenmeli boldy. Operasiýa erbet geçmändi. Ýöne
ýigit entek narkozdan soň özüne gelmändi. Hasar onuň huşuna
gelenini görüp, öýüne gaýdaýanyny kem görmeýärdi. Hemişe
ol şeýle ýagdaýlarda, ajygan mahaly ýürekse edinäýmek
üçin ýanynda saklaýan suharisidir ary balyny çykarynyp, çaý
demlenip garbandy. Garaşyp güýmendi. Haçan-da ýigidiň
aýňalyp, özüne gelip, tabynyň hiç neneňsi däldigine ýene
Agageldi Allanazarow. Hazaryň yssy tomsy
71
bir gezek göz ýetirensoň, nobatçy lukmana ýene-de kem-käs
goşmaça görkezmeler berişdirensoň, gijäni garradyp, öýüne
geldi. Dünýäniň özüne garaşyp-garaşyp uklap galanyny, häzir
onuň ýumşak düşekde dünýäden bihabar hezil edip, düýrlenip
ýatanyny göwünçaglamak bilen göz öňüne getirdi.
Ol gelip, gapyny öz açary bilen Dünýäni oýarmazlyk üçin
ýuwaşlyk bilen açan mahaly (eger ol ukuda bolan bolsa, birbada
onuň gelip girenini duýmaly däldi) dessine çilimiň ajy dymyksy
ysy bilen, kofäniň ýanyksy ysy goşulan agyr içgi ysy haplap, onuň
burnuna urdy. Bada-bat Dünýäniň diňe bir ýatmanlyg-a däl, onuň
öýde ýeke däldigi hem belli boldy. Dünýä çilim çekmezdi, içginide baýramçylykda-zatda oturanlaryň göwni üçin, bulguryny
çakyşdyryp, dodagyna degräýmese, agzyna almazdy, ýöne kofe
bar ýerinde Dünýä-de bolaýmalydyr, bu onuň komandir zenany
bolup, Ýewropany torç edip ýaşan ýyllary öwrenen aňrybaş
neşesidi...
Öýde myhman bar, kimkän ol? Göçgünliräk halda, ýylgyryp
öňünden çykan Dünýä Hasary myhman otagynyň gapysynda
garşy aldy.
— Bizde myhman bar!
— Kim ol?
— Stambully täze tanşymyz.
Hasar «Häzir barýan!» diýip, köwşüni çykaryp durka içgi
ysyny alyp, bu öýde şerabyň gaty seýrek ýaýraýanyny ýatlap,
kimem bolsa onuň juda gadyrly myhmandygyny pikir etdi. Ol
myhman otaga gelip giren wagty, ol ýerde Ýewropa biçüwindäki
geýimli, gyrkylan saçlarynyň ujy towlanybrak eginlerine
düşüp duran, kyrk-kyrk bäş ýaşlaryndaky bir boldumly aýalyň,
ýalpyldap oturanyny gördi. Şeýle aýallary görende erkekleriň
aňynda biygtyýar döreýýän hyrydar pikir şu pursatda Hasaryňam
aňyna sähelçe kaklyşyp geçdi.
«Hiç neneňsi mal-a däl eken!..» diýip, öz ýanyndan oýlandy.
Onýança Dünýä ony myhmany bilen höwesli tanyşdyrdy.
— Ine, bu meň adamym — Hasar!
72
Agageldi Allanazarow. Hazaryň yssy tomsy
— Gülöwser — diýip, myhman-da ýerinden turup, onuň
bilen salamlaşdy.
Dünýä adamsyny myhman bilen tanyşdyransoň, özi aşhana
gidip, ony naharlamagyň aladasy bilen boldy. Uzak eglenmänem
naharly jamlaryň birnäçesini ellerinde sereşläp gelensoň, olar üç
bolup saçak başyna täzeden geçdiler.
Hasar gelensoň, bu ýerdäki öňki özara aýal gürrüňleriň
indi başgaça bir öwrüm alanlygy belli boldy. Öň olaryň gürrüňi,
esasanam, bir-birlerine medetkär bolup, has baýamagyň,
kuwwatlanmagyň ugruna çykan firmalarynyň işleri, magdan
işler barada pikir alyşmalardan hersi öz bähbitlerini arap, birbirleriniň ýagdaýyny saldarlap görmekden ybarat bolupdy.
Hasara bolsa hilesiz adam hökmünde bu gürrüňleriň ne geregi
bardy, ne-de gyzygy. Şonuň üçinem ol aýallar ýanlarynda erkek
kişiniň barlygyny göz öňüne tutuşyp, has şowhunly oturmak üçin
aralyk mesawy gürrüňler tapmaga çalyşdylar.
Haçan-da gürrüň arasynda Stambul ýatlananda bu gürrüň
myhman aýalyň gulagyna has hoş ýakanlygy belli bolup, şu
pursatda onuň ýüzüne nur çaýylan ýaly bolup gitdi. Höwesli
gepledi. Türkiýäniň gaýduwsyz pälwan bolup, bu ajaýyp şäheri
töwereginiň deňiz tolkunlary bilen, gelin ýaly pasyrdadyp
gujagyna alyp, buýsanyp, söýüp, synlap oturanyny biraz
göçgünlilik bilen höwes-buýsanja berlip ýatlady. Soňra ony-da
az görýän ýaly, yza çekilip, onuň ýakymly taryhyny ýatlady.
Muhammet aleýhyssalam: «Stambul hökman eýelener,
ony eýelän serkerde gözel serkerdedir, ony eýelän goşun ajaýyp
goşundyr» diýip, hadysynda belläpdir, onuň alynjygyny öňünden
buşlapdyr.
Emma ony almak Seljuk soltanlaryna-da, olardan soňky
soltanlara-da miýesser etmändir. Ony almasa Türküň ynjalyp
bilmejegine göz ýetirensoň, Taňry Fatih soltan Muhammedi
döredipdir. Ondan öňki Stambulyň ugruna çykan soltanlar:
«Men ölemde meýidimi Stambula näçe ýakyn äkidip bilseňiz,
şol ýerde jaýlaň!» diýip, wesýet eden bolsa, Fatih soltan leşger
Agageldi Allanazarow. Hazaryň yssy tomsy
73
çekip, Stambulyň ugruna çykanda: «Meniň tuglarymy Stambulyň
gujagyndan gözläň!» diýipdir. Şeýdibem, ol sarsmaz şäheri
ahyrsoňy dyza çökeren Fatih soltan bolupdyr.
Hasar bir amady gelende, öz gürrüňine berlen myhmana:
— Ankara-da gözel şäher diýýäler! — diýende, myhman
aýal:
— Stambul ondan-da gözeldir! — diýip, öz gürrüňine
buýsanç bilen hasam dabara berdi.
Myhman aýalyň tanyşlyklarynyň ilkinji minutlaryndan
Hasar bilen sözi alyşdy. Göwün ýüwürdip, öz ýanyndan
«Ýigidiň mynasybyny saýlan eken» diýip, Dünýäniň bagtyna
gözi gidip küýlendi. Ol şol gürleşip oturyşyna, mahal-mahal
Hasaryň ýüzüne höwesli seredip hem goýberýärdi. Adamsyny
görüp, myhman aýalyň öz haly bilen bolup bilmeýänligi, olaryň
arasynda oturyp-turup, bişiren-düşüren nygmatlaryndan mürehet
edip, hyzmatda bolup ýören Dünýäniň hem synyndan sypmandy.
Ol muny öz ýanyndan içilen içginiň täsiri bilen baglap, içgi
dumany sowlandan soň, muny hem tüsse ýaly çaşyp gidýän
salgym hasap edýärdi.
Haçan-da Hasar bir alada bilen saçak başyndan turup, goňşy
jaýa geçen mahaly, myhman gelin Dünýäden Hasar baradaky
höwesli pikirini gizläbem durmady, bir zat diýermenligini mälim
edip:
— Gowy ýoldaşyň-a bar eken? — diýip, gözi gidijilikli
ony mübärekledi.
Dünýä myhman aýalyň bu gepini: «Annaw ýala imrinen
bolup, oňa on degýän ýigitden dynaýma?» diýýän äheň barlygyny
duýdy, aýdýanyna gowy düşündi.
— Haladyňmy? — diýip, Dünýä myhman aýalyň ýüzüne
syrly bir zat diýerlidigini mälim edip, gülümsiräp seretdi».
— Haladym!
— Isleseň, onda men ony saňa peşgeş beräýerin! Bizde
myhmandan hiç zady gaýgyrmaýarlar?
74
Agageldi Allanazarow. Hazaryň yssy tomsy
Dünýä myhman aýalyň, ýürekden aýdan gepine oýun
äheňini berip, ýeserlik bilen onuň töwereginde aýlanýanyny
mälim etdi.
Hasar gaýdyp gelende, aýallar eýýäm ýene-de öz telekeçilik
aladalarynyň keýpine berlişip, biraz meý güýjüne hem humar
bolanlaryny mälim edişip, kelle degrişip, gyzgalaňly gürrüň
edişip otyrdylar.
Eger-de Dünýä gijäniň süýji ukusyna erkini aldyryp, agzyny
giňden açyp, gözlerini ýaşardyp pallap ugramadyk bolanlygynda
gürrüňe gyzan myhman entegem otursa oturardy. Şundan soň
myhman sagadyna seretdi we wagtyň ýarygije bolup barýanyna
göz ýetirdi. Duz-çöregi üçin öý eýelerine minnetdarlyk bildirip,
olaryň: «Giç boldy, ýatyp gidiberiň, boş otag-da bar!» diýenlerine
hem seretmän, özüniň myhmanhanadaky boş düşegini ýatlap
gidermen boldy. Ýöne şu pursatda bir Hasaryň, bir Dünýäniň
ýüzüne seredip gürleýän aýal az wagtlygam bolsa pikirini
üýtgedip, «Dogrudanam, bolmasa, men galyp, ertir gidibererin»
diýerli göründi.
Myhman «Taksili giderin» diýse-de, Hasar biraz içgilidigine
seretmezden ony öz maşynynda elinje myhmanhana ertmese
ynjalyp bilmejegine gözüni ýetirdi. Düýnä-de muny göwünjeň
oňlady: «Gidiber hany çolarak köçelerden aýlanyp, ýol gözegçi
ýeneki-de ýatan bolsa gerek!»
Hasar onuň aladasyna myssa ýylgyrdy.
«It ýatar, GAI ýatmaz» diýip, sürüjiler arasyndaky ýörgünli
gepi ýatlady.
Hasar geýnip, maşynyny gapynyň öňüne getirmäge
gidensoň, Dünýä hem myhman aýal bilen bir-birleriniň billerine
gol aýlaşyp, gürleşip daş çykdylar.
Gijä ýakymly serginlik aralaşypdyr. Garaňkynyň
jaýlaryň arkasyna aýlanyp ýören ýaly bolup, yşyksyz ýerlerde
hümmürlenişip, dünýäni gabalap durşy, töwerekde ýagarman
gara bulutlar üýşüşip, galňap ugran ýaly, birdenem ýyldyrym
çakyp, gök gümürdäp ugraberjek ýaly duýgyny döredýärdi.
Hasar çykalganyň öňüne gelip, maşynyny keserden mahaly,
Agageldi Allanazarow. Hazaryň yssy tomsy
75
myhman aýal, hamala, uzak wagt görüşmejek ýaly, Dünýä bilen
şapba-şapba ogşaşyp gadyrly hoşlaşdy.
Maşyn biraz ýöränsoň, içilen içgileriň, burugsadylyp
çekilen çilimleriň, zenanyň üstüne sepinen atyr müşküniň ysy
bilen goşulyşyp kükän wagty maşynyň içinde howa ýetmeýän
ýaly bolup duýuldy.
Myhman zenan Hasaryň gapdalynda, arkasyny oturgyja
berip, aýaklaryny jüpläp öňe uzadyp, onsuz-da biraz ýeri akjaryp
ýumralanyşyp duran gelşikli göwüsleriniň ine-gana görülmegini
isleýän deý köýneginiň düwmeleriniň birkisini ýazdyryp,
çygjaryp, bugaryp oturdy.
Hasar şol barmana maşynyň içini ýel çaldyryp, myhman
aýaly ýelejiretmek üçin, sag elini uzadyp gelin tarapky aýnany
biraz pese düşürmekçi boldy.
Myhman aýal:
— Ýok, gerek däl. Derimi ýel çalmasa gowy — diýip, onuň
gapa tarap uzan elini, höwes bilen öz eline alyp, usul bilen ony
dyzynyň üstünde goýdy.
Hasar gelniň ýumşakdan gelen ýakymly eliniň gyzgynyny
duýdy.
Myhmanhana gelen wagty, Hasar maşyndan düşüp, gapyny
açyp berip, myhman zenana düşmäge kömek etdi. Onuň bilen
gürleşip girelge gapynyň öňüne çenli ugratdy. Diňe şundan soň,
ol Hasaryň ýaňy düşmek üçin özüne uzadan elinden elini aýyrdy.
Gapynyň öňünde köne tanyşlar ýaly, olar birek-birege mähirli
baş atyşyp hoşlaşdylar.
Ýöne myhman aýal aňyrlygyna iki-üç ädim ädip ätmänkä,
bir zat ýadyna düşen ýaly, ýene hyrra yzyna öwrüldi. Adyny
tutup, Hasary bir minutlyk ýanyna çagyrdy. Soňam goltugyndaky
kiçijik sumkasyndan wizitkasyny çykaryp, oňa uzatdy.
— Ine, meniň belligim. Belki, geregi deger?
Myhman gelin gözlerini mähirli güldürip, ýas-ýaňyrak
içilen şerabyň göçgüni astynda, başgaça wagtda aýallara juda bir
mahsus hem bolmadyk öte şelaýynlyk bilen öwrümli gürledi.
76
Agageldi Allanazarow. Hazaryň yssy tomsy
Hasar aýak çekip, onuň syňragynyň arasynda saklap uzadan
wizitkasyny ýylgyryp baş atyp minnetdarlyk bilen kabul etdi.
— Elbetde — diýip, soňam myhman göwni üçin, onuň bilen
deň gopmaga çalyşdy. Myhman gelin Hasar bilen, garaşylmadyk
halda-ýagdaýda onuň ýaňagyndan ogşap, alasarmyk hoşlaşdy.
Dessine-de ökjesinde aýlanýan ýaly pyrlandy-da, yzyna öwrüldi,
gönençli hem uýatly ýylgyryp, myhmanhana tarap, gaty-gaty
ýöräp gitdi. Hasar ogşalan ýerini sypalap, bereketli sagrysyny
bulaýlabrak özünden daşlaşyp barýan Gülöwseri nazary bilen
ugradyp durşuna gelniň bu joşgunly hereketleriniň içilen içgileriň
täsiri bilenligini, ertirki gün özüne duşanda bu halyny ýatlap,
onuň uýaljakdygyny hem pikir etdi.
Dünýä myhmanyny ataryp, gap-gaçlaryny aşhana daşap,
ýuwup-arassalap, tertibe salyp ýörşüne bu günki duýdansyz
myhmançylyk barada oýlandy.
Bir gezek Dünýä myhmanyna «Oglum, adamym bilenem
seni bir gün tanyşdyryn» diýipdi.
Şu gün olar iş bilen şäherde iki jora bolşup aýlanyşyp
ýörkäler Dünýä arkaýynlykda ýürek döküşip oturmak üçin, ony
öň ýene bir gezekde myhmançylyga çagyraryn diýenini ýatlap,
häzir muňa amatly pursadyň gelenligini pikir edip, ony öz bolýan
öýüne myhmançylyga çagyrypdy.
Dünýä ýygnaşdyrmaly zatlaryny ýygnaşdyrandan soň hem,
öz mundan biraz öň pikir edişi ýaly, çolalygyny aldygy uklap
galaýmady. Penjiräniň öňüne baryp, onuň tutusyny serpmän,
golaýlap gelýän tanyş maşyn sesini eşitmek isläp, töweregini
diňşirgendi. Onuň göwnüne Hasar eglenmelisinden has köp
eglenýän ýaly bolup duýuldy. Wagt geçdigiçe ol hemişeki
Hasaryň ýoluna seredip, ýürek ezip oturýan, özüniň hemişeki
ofiser gelni Dünýä öwrülip barýanlygyny duýdy. Ol Aşgabada
göçüp gelenleri bäri indi beýle duýgyny juda seýrek başdan
geçirýärdi.
Ol ýatyş giňiş, endama ýakymly haladyny geýip, düşegiň
gyrasynda Hasarsyz ol ýere geçmek islemän, ýene birsalym
saçlaryny çözläp, oňa garaşyp oturdy.
Agageldi Allanazarow. Hazaryň yssy tomsy
77
* * *
Iş wagty gutaryp, işgärler eýýäm gaýdyşypdylar. Ofisde
diňe Annaw bilen Dünýä ikisi galypdy. Olar ikiçäk galansoňlar,
ýene bir gezek janlaryny barlamak üçin, ýakynda Ministrler
Kabinetde serediljek, eýeçilige satyn alynjak «Rudnik» magdan
käniniň onuň jemgyýete peýdaly boljakdygyny, ulanyşa alýan
firmalaryň ony işletmäge mümkinçilikleriniň barlygynyň
anyk hasabyny görkezýän, ýörite taýynlanan resminamalary
arkaýynlykda ýene bir gezek seljerip, gözden geçirip otyrdylar.
Dünýä hatyň her sahypasyny aýratynlykda kompýuteriň
ýüzüne getirýärdi, soňra ony iki bolup üns bilen ýene bir gezek
gözden geçirýärdiler. Haty Dünýä özüniň ýumşaksy pessaý sesi
bilen okaýardy, Annaw öz süýşýän oturgyjy bilen süýşüp gelip,
onuň ýeňsesinde dykylyp oturan ýerinden diňleýärdi, hem her
jümläniň nähili ýerine düşenligine aň edýärdi.
Dogrusy, munuň özi bir tarapdan ýüregedüşgünç hysyrdyly
iş bolupdy. Taraplaryň ikisi-de bu resminamalary taýynlamak
işine daşyndan bilermenleri hem çekip yhlasly ýapyşypdylar.
Kombinatyň peýda-zyýany, oňa pul goýujylaryň mümkinçilikleri
bilen baglanylyp, kagyz ýüzünde daş üwäp, pul ýasap duran
kombinatyň hasaby peýda bolupdy.
Olar hatda işiň bähbidi üçin, şol uruş ýyllarynda «Rudnik»
käninde işlän inženerleriň hem birini gözläp tapyp, onuň hem
maslahatyny alypdylar. Goja inžener ilki şeýle döwlet ähmiýetli
käniň hususy eýeçilige berilýänini eşidip geň galypdy, soňam
indi ýurduň kapitalizm ülňülerine laýyklykda ýaşap ugranlygyny
ýatlap: «Aý, hawa-da, SSSR ölüp, onuň ähli zady terekä
salnansoň, bu ýagdaýam bolýan bolmaly» diýip, bu zatlar bilen
ylalaşyp, iş döwründe diňe özünden soralan zatlara jogap beripdi.
Bu uly oljanyň höwesine berlen adamlaryň maksatlaryna
ýetmek üçin hiç zatdan gaýtmajaklaryna hem ol öz maslahaty
üçin, olardan lomaýja pul alansoň, diýseň tiz düşünipdi.
78
Agageldi Allanazarow. Hazaryň yssy tomsy
Mundanam başga Sorar Ýülük ýörite Stambula gidibem,
öz tejribeli degerli adamlary bilen «Rudnik» känli meseläni
çig bolmasyn diýip, ýene bir gezek maslahatlaşypdy. Oňa
başlamagy, häzirki garma-gürmelikden peýdalanmagy, ýaş
ýurduň häzir juda bir näme ederini hem bilip barmaýan ämsämräk döwürdigini, özüni eline alsa, soň onuň hezil bermejegini
ýatlap, degerli maslahatlar beripdiler. Esasanam, oňa häzirki
döwürde Türkmenistanda para-peşgeşiň ýol alýanyny, şu ýol
bilen Türkiýede asla tanalmaýan birnäçe firmalaryň ýol alyp, uly
baýlyga eýe bolanyny mysal getirip, çözüji sesli ýokary wezipeli
emeldarlaryň köpüsiniň dollaryň öňünde durup bilmeýändiklerini,
şu ugurdan hereket etmegi maslahat beripdiler.
Annaw bu meselede özlerine ýardam berjek tanyş bar
diýse-de, onuň işi deňli-derejeli ýerine ýetirip biljegine ähli zatda
hatyrjem bolmaga çalyşýan türk işewüri oňa juda bir ynanman, bu
işiň ugruna özüniň hem çykaýanyny kem görmändi. Birinjiden-ä,
parany öz eliň bilen bermek, ony öz adyňdan berýäniňi nygtamak
bilen birlikde ol kişiniň ýanynda hemişe dili uzyn, aýratyn
hasapdaky adam bolmakdy. Ikinjidenem, bi ertirki iki taraplaýyn
ediljek işlerden öz hakyňy gazanmak binasynyň ilkinji kerpijini
goýmakdy.
Bu ýerde işlemegiň, baýnamagyň hökmany şerti häzirki
döwürde diňe şudy.
Meseläni çözmäge kömek berjek ygtybarly, derejeli
adamy hem öz ildeşleriniň üsti bilen türk tarapynyň özi tapdy.
Onuň üçin ýörite oturylyşyk gurap, beýleki ýoldaşlaryny hem
tanyşdyrdy. Ygtybarly adamyň tarapyndan gelen ol aýal biraz
gabaklary ýellenip duran, saçlaryny ýüzüne gelüwli edip bejeren,
bili towlanybrak duran, inçesagt Merýem atly otuz töweregi
ýaşap gelýän bir gelindi. Oturyşykda Merýem biraz özüni
hondanbärsiräk, biraz düşnüksizräk alyp baran-da bolsa, Dünýä
bilen gepleşip tirkeşensoň, olaryň sulhy alşypdy. Gidende-de
habarlaşyp durmagy wadalaşyp, Dünýä bilen aýratyn gadyrly
hoşlaşyp gidipdi.
Agageldi Allanazarow. Hazaryň yssy tomsy
79
Annawyň iş stolunyň üstündäki telefon jyrlan wagty, ol
işden ünsüni bölüp, oturgyjynda tigirlenip, telefona tarap süýşdi.
— Diňleýän!
— Men bu — diýip, telefondan tanyş aýal sesi eşidildi.
— Näme?
— Öýe gelmeýäňmi hany?
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Hazaryň yssy tomsy - 06
  • Parts
  • Hazaryň yssy tomsy - 01
    Total number of words is 3625
    Total number of unique words is 1935
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    47.2 of words are in the 5000 most common words
    55.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 02
    Total number of words is 3633
    Total number of unique words is 1983
    34.3 of words are in the 2000 most common words
    47.4 of words are in the 5000 most common words
    56.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 03
    Total number of words is 3591
    Total number of unique words is 2035
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    46.5 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 04
    Total number of words is 3606
    Total number of unique words is 2046
    35.5 of words are in the 2000 most common words
    48.7 of words are in the 5000 most common words
    55.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 05
    Total number of words is 3634
    Total number of unique words is 2009
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    45.9 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 06
    Total number of words is 3624
    Total number of unique words is 1952
    33.7 of words are in the 2000 most common words
    48.0 of words are in the 5000 most common words
    55.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 07
    Total number of words is 3599
    Total number of unique words is 2003
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 08
    Total number of words is 3618
    Total number of unique words is 1999
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 09
    Total number of words is 3658
    Total number of unique words is 1961
    34.4 of words are in the 2000 most common words
    48.8 of words are in the 5000 most common words
    56.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 10
    Total number of words is 3692
    Total number of unique words is 1930
    34.7 of words are in the 2000 most common words
    47.3 of words are in the 5000 most common words
    55.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 11
    Total number of words is 3675
    Total number of unique words is 1996
    36.4 of words are in the 2000 most common words
    50.4 of words are in the 5000 most common words
    58.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 12
    Total number of words is 3627
    Total number of unique words is 1956
    33.5 of words are in the 2000 most common words
    48.0 of words are in the 5000 most common words
    57.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 13
    Total number of words is 3632
    Total number of unique words is 1978
    34.5 of words are in the 2000 most common words
    49.0 of words are in the 5000 most common words
    57.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 14
    Total number of words is 3680
    Total number of unique words is 2037
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    48.3 of words are in the 5000 most common words
    55.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 15
    Total number of words is 3690
    Total number of unique words is 2034
    34.2 of words are in the 2000 most common words
    48.1 of words are in the 5000 most common words
    56.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 16
    Total number of words is 3579
    Total number of unique words is 1995
    34.2 of words are in the 2000 most common words
    48.2 of words are in the 5000 most common words
    56.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 17
    Total number of words is 3625
    Total number of unique words is 2048
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    54.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 18
    Total number of words is 3683
    Total number of unique words is 2050
    33.5 of words are in the 2000 most common words
    47.8 of words are in the 5000 most common words
    55.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 19
    Total number of words is 3670
    Total number of unique words is 2045
    33.7 of words are in the 2000 most common words
    47.9 of words are in the 5000 most common words
    55.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 20
    Total number of words is 3637
    Total number of unique words is 2043
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    55.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 21
    Total number of words is 3608
    Total number of unique words is 2010
    33.1 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    54.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 22
    Total number of words is 3619
    Total number of unique words is 2112
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 23
    Total number of words is 3503
    Total number of unique words is 1983
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    54.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 24
    Total number of words is 3648
    Total number of unique words is 2034
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    46.6 of words are in the 5000 most common words
    55.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 25
    Total number of words is 3600
    Total number of unique words is 2017
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 26
    Total number of words is 3671
    Total number of unique words is 2017
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    55.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 27
    Total number of words is 3658
    Total number of unique words is 1984
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 28
    Total number of words is 3659
    Total number of unique words is 2046
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    46.5 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 29
    Total number of words is 3591
    Total number of unique words is 2030
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    55.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 30
    Total number of words is 3585
    Total number of unique words is 1978
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 31
    Total number of words is 3691
    Total number of unique words is 2076
    33.1 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    54.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 32
    Total number of words is 3678
    Total number of unique words is 2043
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    47.9 of words are in the 5000 most common words
    55.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 33
    Total number of words is 3714
    Total number of unique words is 2039
    33.7 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    55.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 34
    Total number of words is 3734
    Total number of unique words is 2099
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    48.1 of words are in the 5000 most common words
    55.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 35
    Total number of words is 3697
    Total number of unique words is 2045
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    47.7 of words are in the 5000 most common words
    56.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 36
    Total number of words is 3732
    Total number of unique words is 2151
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    46.5 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 37
    Total number of words is 1622
    Total number of unique words is 1047
    41.9 of words are in the 2000 most common words
    55.2 of words are in the 5000 most common words
    61.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.