Latin

Hazaryň yssy tomsy - 07

Total number of words is 3599
Total number of unique words is 2003
32.9 of words are in the 2000 most common words
46.4 of words are in the 5000 most common words
53.8 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Bu pikirler oturyp ýadadygyça, enäniň kalbyny ünji-syn
bolup ezdi. Häli-şindi intizar bolup operasiýa edilýän ýeriň
gapysy her gezek açylanda, oňa seredenini hem duýman galýardy.
Haçan-da gapynyň öňünde eli jam ýaly bir gaply, ak
halatly Hasar peýda bolup töweregine garanjaklap, nazary bilen
özüniňkileri gözlän mahaly, ene agyr göwre bilen bitakat bolup,
nähili ýerinden gopanyny hem duýman galdy.
Alada bilen bir Hasara, bir onuň elinde peýda bolan
düşnüksiz jamjagaza, onuňam dogany bilen baglydygyna çen
urup, nazary bilen onuň habaryny aldy. Hasaryň ýüzünde üýtgeşik
howsalaly alamat görmänsoň, ähli gorkusyny ýagşa ýorup, az
salymlygam bolsa arkaýynlaşdy.
Onýança-da Hasar ejesiniň ýanyna gelip, oňa elindäki
jamjagazyň içinde gara ört bolup ýatan demir tikesini, beýleki
elindäki jübtegi bilen togalap, süýşürip görkezdi.
— Näne, ine, daýymyň-a «nemisi» bilen hasaplaşyldy!
Agageldi Allanazarow. Hazaryň yssy tomsy
95
— Daýyň ýagdaýy nähili?
— Operasiýa erbet geçmedi, näne!
Juda tolgunan ene begenjine gözünden bir damjasynyň
paýrap gidenini hem duýman galdy. Gepläp bilmän, soňam
minnetdarlygyny mälim edip, oglunyň kükregine başyny goýup,
sessiz aglady.
Şundan soň ähli töwerekde duran garyndaşlaram ýüki
ýeňlän ýaly, ýeňillik bilen dem aldylar.
Arslan enesini maşynynda öýüne alyp barýarka, alada
hasratlaryň onuň ýüzünden bahar buludy ýaly syrylyp barýanyny
görüp, öz ýanyndan kanagat tapdy.
Ene bolsa indi bir-birinden naşyja mähriban çowluklaryny
ýatlap, olaryň ýanyna ýetmäge howlugyp, hoş hyýallara berlip
otyrdy.
Dünýäleriň öýi hem Aşgabatda bolan 1948-nji ýyldaky ýer
titremesinden soň dörän howlularyň birisidi. Aýnazar aga on bäşýigrimi ýyldan soň ony bir göçüp barýan kawkaz adamsyndan
satyn alypdy. Jaýyň durky howlynyň köçe tarapynda gurlan, üç
sany uly bolmadyk ýaşaýyş otagy bilen bir aşhanadan ybaratdy.
Aýnazar aga hem ol wagtlar mundan uly jaý geregem
däldi. Soňra ol otaglaryň birisini biraz ulalyp, eje-kakasynyň
gujagyndan saýlanan Dünýä eýeledi, otaglaryň uluragy bolsa
myhman-mediwana niýetlenip goýuldy.
Görlüp oturylsa, garaşylan esasy myhman ol hem uzakda
däl eken. Dünýä ýetişip, maşgala bolansoň, olar Hasary giç
giýew edindiler. Agtygy Arslan dünýä inensoň, Aýnazar aga öňki
jaýynyň gapdalyndan giňişräk oturmak üçin, ýene-de dört otagly
döwrebap jaýlar gurdurypdy. Şeýdibem, Arslanyň dogulmagy öňde aralary hiç neneňsi bolmadyk maşgala binýadyny ýüreklerden
gaýdyp gelibem öz kalbynda jemlenýän hileli-hakly sapajyklar
arkaly töwereginde hasam berkedipdi.
Arslanyň enesi bilen gaýdyp gelenlerini görüp, indi
bireýýämden bäri «Bularyň gidişi gidiş bolaýdy-la, eýgilik
bolsun-da hernä!» diýip, biynjalyk bolup oturan öýüň mamasy
96
Agageldi Allanazarow. Hazaryň yssy tomsy
boldumly göwresini süýräbräk habar sorap, gudasynyň öňünden
çykdy.
— Ýeri, guda, operasiýa geçdimi sag-aman?
— Şükür, geçdi. Ýöne uzagrak boldy. Garaşa-garaşa hal
bolduk.
— Garaşsaň, wagtam duşaklanan ýalydyr, geçäýmez wagty
bilen!
— Operasiýany kim, giýewiň özi etdimi?
— Özi içinde bolup ýörensoň, daýysynyň operasiýasyny
başga ýetirjekmi ol?
Enäniň gep saluwyndan buýsanç hem minnetdarlyk äheňi
duýuldy.
Şol arada enäniň ünsi howluda ýaňyrak doglan gününde
atasydyr enesinden sowgat alan jaňlyja welosipedini sürüp
ýören Arslanyň ogluna düşdi. Çowlugyny görenine ýüregi ersip,
begendi. Ene irden otludan düşüp gelende, onuň çowluklarynyň
ikisem heniz ukuda ýatyrdylar.
— Hany, gel, oglum, görüş-ä eneň bile!
Oglan enesini seýregräk görýäni üçin, birbada oňa ylygyp
bilmän, uýalyp, kürtdürip durdy. Onýança hem maşynyna tarap
barýan Arslan oglunyň enesinden ýadyrganyny görüp, oňa
talaply ýüzlendi.
— Eý, goç ýigit, indi sen öz eneňi tanaňokmy? Bar, görüş!
— diýdi.
Oglanjyk welosipedini goýup, uýalybrak geldi-de, enesiniň
gujagyna doldy.
Şol barmana-da onuň şol Krasnowoda baranlarynda, bile
oýnaýan dosty Sähediň mamasydygyny, bir gezek özleriniň
hersini bir gujagyna alyp, surat hem aldyryşy, ýene-de enesine
imrindiriji birnäçe zatlar onuň ýadyna düşüp ugrady. Bu
ýakynlygy, mähribanlygy duýmak üçin bolsa oňa bir enesiniň
gujagyna dolmak gerek eken.
Arslanyň uly ogly biraz ekabyrlygyny etdi-de, görenden
ylgap gelip, enesi bilen mähirli gujaklaşdy.
Agageldi Allanazarow. Hazaryň yssy tomsy
97
— Ene, irden biz ýatyrkak geldiň gerek?
— Hawa, balam, otly gara daň bilen gelýän eken.
— Men-ä duýmandyryn. Ol bu sözi: «Duýan bolsam, seniň
bilen şol wagt gelip görşerdim» diýen äheňde aýtdy.
Çowlugynyň çaga dili bilen aýdan bu gepi enäni diýseň
buýsandyrdy.
Ene çowluklary, gudasy bilen töwerekleşip mähirli
sözleşip içerik gelip girenine mähetdel, Arslanyň gelni ýaşmak
dişläp, owsunybrak durşuna, owadan goýun gözlerini mähirli
balkyldadyp, gaýynene mamasyny görenine begenýänligini
mälim edip, hormat bilen oňa eglip salam berdi. Soňam iki gaýyn
mamasyny, her gezek olar birigende ähli maşgalanyň bir ýere
üýşýändigini guwanç bilen ýatlap, olary uly myhman otagynda
ýörite taýynlan giňiş saçagynyň başyna çagyrdy. Dessine-de
olaryň öňüne ozaldan basyrylyp goýlan bir hum çäýnek çaý
getirdi.
Hasaryň ejesiniňem, Dünýäniň ejesiniňem mahal-mahal
duşanlarynda, şeýdip ikisi bir-birleri bilen guda-da-guda bolşup,
göz astyndan töwerekdäki agtyk-çowluklaryny synlaşyp, olara
öz ýanlaryndan guwanyşyp, buýsanyşyp, enelerçe Alladan
maşgala agzybirlik, rysgal-döwlet dileşip oturmak gowy görýän
zatlarydy.
Olar bir-birlerine bu barada diýmeseler-de, Hasaryň ejesiniň
Dünýä ýaly gyzy ösdürip, ony öz ogluna mynasyp maşgala
edip ýetişdireni üçin onuň ejesinden, Dünýäniň ejesi-de şeýle
mynasybetli ýigit ýetişdireni üçin, bir-birlerine öz ýanlaryndan
minnetdar bolşup ýaşaýardylar.
Öýüň içi höwes ederlik tertipli bolup, ol öz mynasybeti
bilen öý bikesi gelniň ygtyýarlygyny, onuň öýüne höwes bilen
hyzmat edýänligini görkezýärdi.
Penjirelere jaý diwarlarynyň reňkine laýyk gelýän, etegi
aşakda süýrenip duran hem-de öýe kaşaňlyk berýän tutular
tutulypdyr. Uly, goňur reňkli mebel ýalpyldap, jaýyň bir
diwaryny tutupdur. Öýüň törüne ullakan, owadan haly gerlip,
98
Agageldi Allanazarow. Hazaryň yssy tomsy
onuň ortarasynda Aýnazar aganyň ulaldylyp, çarçuwa salnan
suraty asylypdyr. Ol häzir oýurganybrak, içersini buýsançly
synlap otyr.
Bu suraty Arslan babasy ýogalansoň, onuň mähriban
nazaryny hemişe görüp durmak üçin ulaldyp, şu ýerden asypdy.
Henizem onuň maşgalada ýetmeýänligi açyk duýulýardy. Şonuň
üçinem ol öý üçin mähir-manydy. Her kim synlanda onuň
nazarynyň manysyny özüçe okaýardy. Has-da Dünýäniň ejesine
öz höwründen aýrylmak juda agyr degipdi. Ýöne Dünýädir Hasar,
Arslandyr gelni, agtyklary ýerli-ýerden mamasynyň daşyny
gallaşyp, ony hesret derýasyna gark bolmaga goýmandylar.
Öý enesi henizem ýekeräk galanda, adamsynyň suratyna
sygnyp, onuň bilen sessiz gürleşerdi.
— Sen gideňsoň, öläýjek ýalydym, gör, men henizem
ýaşap ýörün!
— Näme ýaşaman, ýaşabermelidir Hudaý gerekleýänçä.
Onsoňam gol doly maşgalany men saňa ynanyp gaýtdym-a!
Armanym ýokdur, gaýtarmam (Ol aýalyna gaýtarma diýip,
degnibräk gürlemäni gowy görerdi)... Dünýäme döneýin, ol
tamany ödedi. Bizi hem ogully, hem agtyk-çowlukly etdi.
Çowluk elinden suw içmek, bagt dälmi näme? Biz bolsa telim
çowluk elinden suw içdik, gaýtarmam!.. Çagalar meniň, seniň
gujagyňda ösdüler ahbetin, olara biziň mährimiz siňendir.
Aslynda Arslanym, Dünýäm, çowluklarym — biz-dä şolaram.
Biz indi seniň bilen şolarda dowam edýäris. Agzybir bolsaňyz,
bitin borsuňyz, bitin bolsaňyz, berk borsuňyz!..
— Hudaýa şükür, biz agzybir. — Muny öýüň mamasy,
hamala, adamsynyň ruhunyň öňünde oňa hasap berýän ýaly bir
hörpde aýtdy.
— Agzybir bolsaňyz, päliňiz azmasa, siz hor hem
bolmarsyňyz!..
Öý mamasy indi telim bir ýyldan bäri adamsy aýatda ýogam
bolsa, Aýnazaryň suratda öýüni synlap, bürgüt ýaly bolup öýüň
üstüne ganat gerip oturanyny görüp, her ýerde bolsa-da, onuň
Agageldi Allanazarow. Hazaryň yssy tomsy
99
ruhunyň maşgalany goraýanyna ynanyp, hemişe bar wagtyndaky
ýaly, oňa kaýyllyk bilen sygynýardy. Her ýagdaýda hem onuň
nazaryndan özüne many-maslahat tapýardy.
Häzir Aýnazar aganyň nazary içersini synlap oturyşyna aýalyna: «Hä, keýwany, gudaňam gelen ýaly-la!» diýip,
gönençlik duýgusy bilen ony mübärekleýärdi.
Arslanyň girip-çykyp hyzmatda bolup ýören gelni garrylar
birki käse çaý içip-içmänkäler, olaryň öňüne üsti bugaryp duran
ýakymly ysly nahar getirdi.
Myhman ene içerde mymyldap hyzmatda ýören
agtyk gelniniň zenan etini alnyp, doluşyp, öňküsindenem
görmegeýlenip, mynasybetlenendigini öz ýanyndan belläp,
şeýle syratly, görmegeý gelin bilen agtygynyň garylyp-gatylyp
ýaşaýanlygyna enelerçe öz ýanyndan guwandy. Olaryň hemişede şeýdip, bir-birlerine arzyly är-aýal bolşup, bu gowulyklaryny
çagalaryna-da geçirip ýaşamaklaryny öz ýanyndan dileg edip
oturdy. Arslanyň gelni onuň mamasynyň aýaldoganynyň
gyzynyň gyzydy. Mama ony: «Ejem jana meňzeýär» diýip,
halap hyrydar bolupdy. Emma, nämüçindir, mamasy näçe
islese-de, Arslan bilen gyz turuwbaşdan bir-birlerine ylygyşyp,
ysnyşyp gidibermändiler. Hatda olar şol ilkinji tanyşlykdan
soň birki gezek tirkeşip, kino hem gidipdiler. Arslan Orusýetde
okap ýörkä, oňa hat ýazmadygam bolsa, öýlerine gelensoň, ol
gyzyň ejesiniň, mamasynyň üsti bilen öýlerinden mahal-mahal
hyrydarlyk bilen habar alyp duranyny eşidensoň, ol ýene-de
Mähek bilen birki gezek duşuşypdy. Ýene-de bu duşuşuklara hem
Arslanyň mamasynyň özi sebäp bolupdy. Ol agtygynyň okuwdan
gelenine bir hepde bolup barýanyna seretmezden, onuň henizem
gelinliginiň ýanyna gitmeýänini görensoň, gyzy oňa ýene bir
gezek ýatladypdy. Ondan: «Oglum, Mähek janam gördüňmi,
ol-a häli-şindi jaň etdirip, beýleki edip, senden habar alyp durdy.
Ejeňem-ä hatynda «Öýlerine ýazmagy gelşiksiz görseň, oňa
ýazan hatyňy bize iberäý, özümiz elin gowşurarysam-a» diýip,
100
Agageldi Allanazarow. Hazaryň yssy tomsy
saňa ýazan bolmaly, senem gyzyň özüne-de hat ýazan dälsiň,
öýä-hä hatyň gelmedi?!»
Mamasynyň biraz igenibräk göwnügalyjylykly aýdan
gürrüňi Arslany şonda ýene-de Mähek barada oýlandyrypdy.
Gyz oňa şol öňki duşuşan gezekleri: «Duşuşsaň duşuşaly,
ýöne men entek ýaş, okuwa girmekçi, durmuş gurmanam soň
dagy göreris-dä» diýip, gyzlarça öz geregini artdyryp, näzirgäpdi.
Gyzyň göwünli-göwünsiz jogaby şonda özüne göwni ýetýän,
agyz uran ýerinden goparjagyna ynanýan Arslanyň çetine degipdi.
Ol: «Hä, şeýlemi? Oka, soňra zehiniň açylyşsa, aspirantura hem
gir!» diýip, özüniň haçan ol är höwes gelinlik bolarka diýip,
garaşyp ýörüp bilmejegini, halasa başga birine öýlenjekdigini
onuň gepine görä gep hökmünde aýdyp, jogabyny nagt edipdi.
Mamasy gelinlikli gürrüňi täzeden başlanda hem ilki onuň
ýadyna Mähek bilen bolan şol gürrüň düşüpdi.
— Babulýa, şol garyndaşyň görýän welin, maňa gerek
«daş» däl ýaly-la — diýdi. Mama birbada bu ýere daş sözüniň
nireden gelýänligine düşünmän üýşendi.
Soňundanam, hamala, agtygy gyzy kemsidip, oňa göwni
ýetmezçilik edýän ýaly duýlup, bu gep onuň çetine degdi.
Arzylanyp ýörlen gelinlik gyzyň alyp, sen-men ýok, daşa
deňelmegi şonda bir Arslanyň mamasy däl, hatda bu gürrüňüň
bir çetini eşiden onuň ejesi-de halamady.
— Sen näme iliň gül ýaly çagasyna daş-beýleki diýen
bolup, göwnüýetmezçilik edýäň? — diýip, şonda olaryň ikisi iki
ýerden ondan nägile bolupdylar.
Arslana gyzyň adynyň Mähek bolup, onuň il içinde sarpaly
Mähekdaşdan gelip çykanlygyny aýdyp, olara düşündirmegem
uly iş boldy.
Şu talaply, igençli gürrüňleriň täsiri boldumy nämemi,
Arslan şundan soňam Mähek bilen ýene birki gezek yzlyyzyna duşuşdy. Okuwyna ugrap, gitjek gününiň agşamsy bolsa
hoşlaşmaga baranda, Mähegi howlularynyň daş ýüzündäki tuduň
Agageldi Allanazarow. Hazaryň yssy tomsy
101
aşagynda ilkinji gezek ogşap, ol ýerden öýlerine söýgi humary
bilen, aýagy ýeňlän ýaly bolup geldi.
Arslan okuwyna gidensoň, uzak wagt geçmänkä, onuň gyz
jigisi ondan şeýle mazmunly, aýratyn tabşyrykly hat aldy.
Mähri!
Mähek, nämüçindir, meniň hatlaryma jogap ýazanok.
Men oňa öňki gaýdanymda aýdyşym ýaly, hatlarymy baş poçta
iberipdim. Almadyk bolsa, alsyn şolary!
Ýanyna git-de, meniň habarymy ýetir!
Arslan.
Şeýdibem, olaryň arasynda söýgi odunyň tutaşanlygy belli
bolupdy.
Çowluk görmegi arzuwlap ýören Aýnazar aga Arslan
tomus kanikulyna gelende, bähbit işi soňa goýmak islemän,
gudalarynyň «Gyzymyz ýaş, entek okuwam okamaly»
diýenlerinde, «Okuwam gapdalyndan okabersinler» diýip, olara
uly toý tutupdy. Şondan soň kursant Mämmethanow her gezek
uçar sürüp, asmana göterilende, her gezegem özüniň Mähegiň
ýanyna uçup barýanyna ynanardy.
Uçar uly tizlik bilen atylyp barýan hem bolsa, şu pursatda
oňa ol haýal uçýan ýaly bolup duýlardy. Şeýle pursatda ol hemişe
«Haýal uçýar samolýot» atly özi ýaly haýsydyr bir şeýle pursady
başdan geçiren şahyryň goşgusyny ýatlap hiňlenerdi:
Hol aşakda bulutlar
Açyp-ýumýar aýasyn,
Gyssan, gyssan, samolýot,
Gyssan biziň jaýa sen.
Görkez hany zoma-da,
Guş bolsaň öz guşlugyň.
Güwläp durma sandyrap,
Arasynda boşlugyň.
102
Agageldi Allanazarow. Hazaryň yssy tomsy
Sen-ä pyşdyl ekeniň,
Halys degdiň janyma.
Haýal uçýaň, samolýot,
Uçsaň ýaryň ýanyna.
...Garrylar «guda-guda» bolşup, arzuw-isleglerini agtyk
çowluklary bilen baglaşyp, keýpiçag bolşup otyrkalar, gelerine
bireýýämden bäri garaşylýanlaryň ýene biri — Dünýä gelip,
howlynyň açyk gapysynyň öňünde keseribräk duran gögüş-gara
«Mersedes» maşyndan towlanjyrap düşdi. Ol gele-gelmänede, öýde aýynenesiniň barlygyny ýatlap, göni ol ýere gelmän,
ýüzugra oglunyň jaýyna darap, gaýynenesine: «Bu nä, gyzsyrap,
başy açyk ýör!» diýdirmezlik üçin, onuň ýanyna başyna ýaglyk
atynyp, gelinsiräp geldi.
Ol garrylar bilen hal-ahwal soraşyp ýetişip ýetişmänkä,
kiçi agtygy görüp, ylgap gelip, onuň gujagyna doldy.
— Ene, düýn näme gelmediň?
— Işim köp boldy, oglum.
— Indi işiň köp dälmi? Onda atam haçan gelýär, onuňam
işi köpmi?
— Geler olam, balam!
Agtygynyň soňky soraglaryndan Dünýäni aňyrdan bir
okara özi üçin nahar salyp gelen gelni halas etdi. Ol: «Eneňi
naharyny iýmäge goý-a!» diýip, gaýynenesiniň arkasyny alýan
äheňde mylaýymlyk bilen ogluny tertibe çagyrdy.
Garrylaryň ikisi-de öz çowluklaryna mähirli ýylgyryşyp,
buýsanyşyp, onuň jedirdesini bilbiliň sesini diňleýän ýaly hezil
edişip diňleşip otyrdylar.
Ejesiniň talabyndan soň, olaryň töwereginden aýrylasy
gelmeýän oglanjyk enesiniň gapdalyndan, mamasynyň ýanyna
geçdi. Mamasy onuň egninden gujaklap oturyşyna, gyzy bilen
agtyk gelnine ýüzlenip, oglanjygyň arkasyny çaldy.
— Oglum bilen işiňiz bolmasyn! — diýdi. Onýança
oglanjyk ýene-de soragly jedirdedi:
Agageldi Allanazarow. Hazaryň yssy tomsy
103
— Atam haçan gelýär onda?
— Sagat üç bilen dördüň arasynda geler — diýip, öňüne
getirilen nahardan dokmädelik bilen iýenden bolup oturan
Dünýäniň özi ýene-de oňa jogap berdi.
Gaýynenesiniň göwnüne bolmasa, Dünýäniň kalbynda bir
galagopluk, ýene bir-de bolsa duýlar-duýulmaz sowuklygam
bar ýaly bolup duýuldy. Bu gezek gelende onuň söz urşam garra
öňküden üýtgeşik ýaly bolup duýuldy. Ol bu ýagdaýyň manysyny
tirende, «Bular henizem agtykly bolansoňlaram, mahal-mahal
gumrular ýaly, bir-birleri bilen pasyrdaşyp-çaknyşyp alýan
bolmaly» diýip, onuň ýakynda Hasar bilen öýkeleşip alanyny
pikir etdi. «Düýbi düz bolsun-da, hernä!» diýip, aladaly içini
gepletdi. Onuň şu pursatda bu birhililigiň sebäbini şol wagtalwagtal bolýan är-heleý hyňranyşmalardan başga bir zatdan
gözläsi-de gelmedi.
Turup gideni duýulmadyk, asla bir ýerde oturman, öýüň
içinde ondan oňa göç edip oýnap gezýän oglanjyk goňşy otagdan
çykan wagty ýene-de hemmeleriň ünsüni özüne çekdi. Bu gezek
onuň elinde üçekli öý görnüşli sagat bardy. Ol gele-gelmäne
«Ene, seret, sagat üç-dört, atamyň gelýän wagty bolupmy?»
diýip, ony Dünýä görkezdi. Onuň soragyndan hemmeler hezil
tapyşyp, mähirli ýylgyrjaklaşdylar.
Duýdansyz Dünýäniň el telefonyna düşen habar ýakymly
saz oýnamy bolup ýaňlanyp, töweregi biraz üýşendirdi. Onýança
Dünýä gapdalyna goýan sumkasyny öz golaýyna süýşürip, ondan
ýan telefonyny aldy-da, çytylybrak gulagyna tutdy.
— Diňleýän!
— Gyssagly başlyga jaň ediň!
— Nirede ol?
— Ofisde, öz ýerinde otyr.
Hasaryň
ejesi
gelniniň
görülmedik
telefonda,
hondanbärsiräbräk gepleşenini görüp, birbada ýakymsyz bir zady
gysymlan ýaly geň galyp üýşendi. Beýle telefony Türkmenistanda
104
Agageldi Allanazarow. Hazaryň yssy tomsy
häzir gaty seýrek, belli-belli adamlar, hökümet ýolbaşçylary,
soňrabaýanlar göterýärdiler. Ýönekeý adamlar üçin onuň özide, tölegi-de elýeterli däldi.
Dünýä nahardan bolanyny mälim etdi-de, okarany biraz
ýeňseräk süýşürensoň, öňünde duran ýarty çöregi alyp, ony
gapdalda duran melemtil düýe ýüňünden dokalan saçaga dolady.
Soňundanam gepleşmese ynjalyp bilmejegini bilip, giňişligini
almak üçin telefonyny alyp, goňşy otaga geçdi.
Iki guda ýapyk gapynyň aňyrsyndan onuň gürrüňiniň
basyksy hümürdisi eşidilýärdi.
Dünýäniň ömürboýy işlemän-işlemän, ýaňyrakdan bäri
işläp başlanyndan gaýynenesi hem habarlydy. Ilki ol bu habary
eşiden mahaly «Indi dagy agtyklaryna seredip, öýde oturyberende
bolmaýarmykan?» diýip, pikir eden hem bolsa, soňra rysgaly
kowalap almaly durmuşyň başlananlygyny ýatlap: «Belki, şeýle
etmek gerekdir-dä?..» diýip oýlanypdy.
Dünýä goňşy otaga geçip gürleşip gelensoň, ejesidir
gaýynenesine özüniň işde gözlenýänini aýdyp, olar bilen aýak
üstünden hoşlaşyp, gitmek bilen boldy.
Gelnini hemişe öý bikesi hökmünde tanap ýören ene onuň
bu işjeň halyny görüp, göwnüne jaý edip bilmedi. Dünýäniň
telefonyny ýan torbasyna salan bolup, gelinsiräp gidip barýarka,
ony yzyndan närazy nazar bilen synlap galdy.
Hasaryň ejesi iki gün agtyklarynyň, çowluklarynyň arasynda
bolup, olaryň didaryna bolan teşneligini biraz gandyransoň,
indi deňze düşülýän döwrüňem ýetip gelýänini ýatlap, olaryň
hemmesini öýüne — Krasnowodskä çagyryp, hassa doganynyň
hem indi bäri bakýanyny görüp, yzyna dolanmak bilen boldy.
Ejesini ugratmaga wokzala Hasaryň özi getirdi. Otlynyň
ugramagyna garaşylyp durka, Hasara ejesi özüne nämedir bir zat
diýmäge hyýallanýan ýaly bolup duýuldy. Ýöne ene garaýşy bilen
näme diýen hem bolsa, ogluna dogrulap hiç zat diýmedi. Hasar
bolsa ejesiniň nazaryndaky ünjini: «Ejem syrkawdan ynjalyp
bilýän däldir, şony maňa sargajak bolýandyr» diýip, oýlandy.
Agageldi Allanazarow. Hazaryň yssy tomsy
105
Enäniň häzirki ünjüsi, Hasaryň pikir edişi ýaly, öz dogany
däldi. Hasaryň daýysyndan onsuzam elinden gelen kömegi
gaýgyrmajagyny ol gowy bilýärdi. Onuň kalbyna howsala meňzeş
ýakymsyz bir duýgy salan ol däl-de, gelni Dünýädi. Onuň ýanyna
telefon göterip, işjeňsiräp boluberşi öňki görendäkisinden üýtgän
ýaly dartgynly görünmegi, nämüçindir, enä ýaramandy. Onuň
aňyrsynda bir howp-hatar bir ýaly. Öz ýanyndan: «Bä, muňa
näme bolýarka, janlarym, ýüzüňe-de dogry seredip bilenok,
başarsa, müýnli ýaly, nazaryny gizlejek bolup dur özem» diýip,
iňkise galyp oýlanypdy.
* * *
Kaşaň ymaratyň bir gapdalynda tegelendirilip gurlan
serhowzuň dury suwy çyra şöhleleriniň aşagynda altynlaç
öwsüp, bu iki gatly kiçiräk köşk Türkmenistanda işleýän işewür
türk kompaniýalaryň biri tarapyndan Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary, ýurduň Prezidentiniň hem ynamdar
adamlarynyň biri hasap edilýän, mertebeli Garabaşowa
niýetlenip, ýörite gurlup peşgeş berlen jaýdy. Işewürler ony
Stambulyň, Ankaranyň, ... janynyň gadyryny bilýän barjamly
adamlarynyň halap dynç alýan ýerlerine meňzedip, özlerine
edilýän hemaýatlar üçin minnetdarlyk hökmünde, köpüňem
gözünden çetiräk, şäheriň bir eteginde derejelendirip gurupdylar.
Soňra bu jaýyň hat-petegi döwletiň derejeli wekillerinden
biri Garabaşowyň aşa söýülýän jenany Gülendam gelniň adyna
geçirilip, şeýdibem ol Garabaşowyň mahal-mahal höwes edip
gelip, dünýäniň çolalygyny alyp, hanumasy bilen yhlas-höwese
çolanyp, dynç alyp gidýän pynhan ýerine öwrülipdi.
Ýap-ýaňyja, endamlaryndan suw sarkdyryşyp yzly-yzyna
gerinjireşip howuzdan çykan üç gelin, soňam boldan edilen ak
jowur polotenselere çolanyp örülen hallan atýan oturgyçlarda
ornaşdylar. Ak deňiz köpüginden boýunlaryny görkezişip
oturana meňzediler. Gelinler soňra suwuň endamlaryna eden
ýakymly täsirine berlişip, tenleriniň kem-kemden çalygyp
guraýşynyň mazasyny syzyşyp, bir-birleri bilen birsalym gep-
106
Agageldi Allanazarow. Hazaryň yssy tomsy
gürrüň-de alyşman diýen ýaly gözlerini süzüşip, hezillige berlişip
ýatyrdylar.
Aýallaryň özara şüweleňli gürrüňleri öý eýesi Gülendam
gelin gidip, gapdalda bir ýerde duran, üstüne içgiler goýlan
arabajygy tigirläp getirip, öz aralarynda goýansoň başlandy.
Biraz suwsalyp içilen piwo gelinleriň gürrüňlerine hasam
şüweleň berdi. Şu pursatda olar üç jora bolup, hamala, deňiz
boýunda oturan ýaly, ýakymly pursady başdan geçirdiler.
Dünýädir Gülendam başda bir-birleri bilen iş-aladalar
sebäpli duşuşan hem bolsalar, soňra olaryň arasynda joralarça
ýakymly gatnaşyklar başlanypdy.
Ýaşynyň bir çene baranyna seretmezden, belli bir derejede
henizem özüniň gelin tutumyny saklap, mynasybetli geýinmegi
oňarýan Dünýä Gülendamyň syny oturypdy. Ony öz ýanyndan
özüne köpi gören maslahatçy hasaplaýardy. Hatda Dünýäniň
maslahaty bilen ýakynda tikdiren täze biçüwli köýnegini geýende,
ol Garabaşowyň hem ünsüne düşüp: «Şu köýneg-ä saňa hasam
gelşipdir!» diýip taryplanypdy. Ownujagam bolsa şeýle zatlar
onuň Dünýä bolan ýakynlygyny barha pugtalaýardy. Häli-şindi
jaňlaşyp durýardylar, Gülendam ol-bi gidäýen ýerine hem indi
onuň bilen gidäýenini kem görmeýärdi.
Garabaşow bilen duşuşmak meselesi ýüze çykanda hem bu
ýeri Dünýä joralarça Gülendamyň özi teklip edipdi. Mundan öň
Garabaşow öz pynhan öýünde hiç wagt hiç kim bilen beýdip, iş
meselesi üçin duşuşmandy.
Zenanlar bu ýere agşamky boljak meýlisli maslahaty
gurnamak hemem Gulýa hanyň mynasybetli köşgünde öz-özleri
bolşup, dünýäniň çolalygyny alşyp, dem-dynç alyp terlenmek
üçin biraz irräkdenem gelipdiler.
Taraplaryň «Rudnigi» oljalamak bilen bagly telim bir wagta
çeken hat-petek, hasap-hesip taýynlyk işleri tamamlanypdy.
Rugsat almaga Ministrler Kabinetinde ylalaşyk üçin gerek
bolan resminamalar bu işe ýörite azy ýaran bilermenler çekilip,
birkemsiz syntgylanylypdy. Emma ony ol ýerden alyp geçirmek
Agageldi Allanazarow. Hazaryň yssy tomsy
107
üçin, bir bu-da ýeterlik däldi. Işiniň şowlamagyny isleýän ähli
daşary ýurt kompaniýalaryň edişi ýaly, gerek ýerinde tarapyňy
çalaýar ýaly arka hem hökmanydy. Eserdeň türk işewürleri ähli
kapitalistik ýurtlarda kadanyň şeýledigini aýdyp, özlerine kömek
edýän derejeli adamlary, edilýän hemaýat üçin ol işiň bahasynyň
belli bir böleginiň kömek edene berilýändigine ynandyrypdylar.
Şondan bärem bu ýagdaý indi ýurtda barha ýörgünli bolan
ýazylmadyk kada-kanuna öwrülip barýardy.
Ýokary wezipeli emeldarlaryň ençemesi eýýäm şu ýol
bilen depseň deprenmez baýlara öwrülipdirler.
Kömek edilen kompaniýalaryň başlyklary olaryň birnäçeleri
üçin Italiýanyň, Türkiýäniň güneşli deňiz kenarlaryndan willalar,
gatbar-gatbar jaýlar satyn alyp, peşgeş edip, öz işleriniň has
şowlamagyny gazanypdylar. Bu işleriň köpüsiniň iki tarapy hem
gelşige getirýän araçysy bolardy. Şeýle ortada durýan, ynama
giren adamlaryň birem, Gülendam hanymdy. Ol beglenipdi.
Onuň barjamlyk satyşy barada il arasynda: «Ol hatda
saçyna timar berdirende-zatda hem şu sähelçe hyzmat üçinem
maýdalap durman, müň dollar dagy oklabam gaýdyberýärmiş»
diýen gürrüňlerem bardy. Barly adamlara degişli bu hereketler
ýetmiş ýyldan gowrak Sowet jemgyýetinde ýaşan adamlara
geňlik bolup görünýärdi. Ol döwürde beýle hereketi raýon, oblast
ýolbaşçylarynyň hökmürowan keýwanylar-a däl, hatda döwlet
ministrleriniň barjamly keýwanylary hem edip bilmeýärdiler.
Sebäbi, ýokarda mahal-mahal bularyň maňlaýyna pitikläp duran,
ähli zady görüp, ähli zadyň hasabyny ýöredip oturan Kremliň
gyzyl ýumrugy bardy.
Sagat dokuzlar töweregi, ind-ä Garabaşowam tiz gelse
gerek diýen pikir bilen, Annawdyr türk Sorar Ýülük hem gelip
ýetdi.
Aýallar olaryň ýanynda bu ýere çagyrylan adamlaryň
arasynda ozal ady bolmadyk Hemra Kalendaryň hem barlygyny
gördüler.
108
Agageldi Allanazarow. Hazaryň yssy tomsy
Jadyly içgiler bar mahaly, birýanda janaparym paryň
bughanasynyň gyzyp, tereň howzuň garaşyp, owsunyp duran
mahaly ugra oturyp bolýarmy?!
Olaram Garabaşow gelýänçä biraz keýpihonlyk edenlerini
kem görmediler. Howuzda ýüzdüler. Garabaşowa garaşdylar.
Köp garaşylan Garabaşowyň ahyrsoňy jaýyň öňünde
maşynynyň gelip saklanandygy belli boldy. Oturanlar ör turşup,
ony garşylamak üçin hümerlenişip, gapynyň öňüne bardylar.
Garabaşow öz öňünden çykan, süpürgije çolanan biraz
keýpliräk adamlary görüp, ilki biraz geňirgenen hem bolsa,
bürgüt nazaryny bir töweregine aýlap alansoň, hal-ýagdaýa
dessine anyklady. Özüniň şeýle sarpaly garşylanmany hiç neneňsi
görmänligini mälim edip, soňam sähelçe ýylgyryp, gepine henek
gatyp gürledi:
— Ýarym ýalaňaçlar klubuna ýazylyşyk gutaran-a däldirdä?
— Ýok, sen wagtynda geldiň, ýene bir adam kabul etmäge
mümkinçiligimiz bardy — Gülendam hanym näzirgäp, onuň
özüne meňzäp, jogap gaýtardy.
Garabaşow köpçülikden saýlanyp, towlanjyrap näzde-kereşme bilen gujagyna dolarly bolup, öňünden çykan
Gülendamy ýakymly nazar bilen garşylap, soňam eýemsirenip,
onuň bir elini eline aldy.
Gülendam hanym gelenleriň köpüsini Garabaşowyň
öňdenem azda-kände tanaýanlygyna seretmezden, myhmanlaryň
her biriniň adyny tutup, olary täzeden tanyşdyrdy. Garabaşow
töweregine hoşgylaw, eserdeň nazar aýlap, olaryň her biri bilen
elleşip salamlaşdy. Diňe ol gelmeli adamlaryň arasynda ady
tutulmadyk Hemra Kalendar bilen görşende biraz çytyldy hem
ýüzün-de göze görner-görünmez bir gara örtük örten ýaly bolup
gitdi. Muny Hemranyň özünden başga duýan hem bolmady.
Garabaşowyň garaýşynyň ol özüne: «Sen bu ýerde näme işläp
ýörsüň?» diýildigi bolanlygyna düşündi. Hemra Garabaşowyň
nämüçin onuň özi bilen beýle sowuklaç salamlaşmasynyň
Agageldi Allanazarow. Hazaryň yssy tomsy
109
sebäbini bilýänligi üçin, muňa juda bir darygybam barmady. Ol
Garabaşowyň kömegi bilen, türkmen magdanlaryny eýelemäge
ilkinji rugsat alyp, täze türkmen baýlarynyň başyny başlan
adamlaryň biridi. Döwlet emlägini öz adyňa geçirmek, elbetde,
aňsat däldi. Emma Garabaşow ýüzünden geçip bilmejek adamsy
onuň üçin gelip ýüz tutansoň, bu kömegi etmän bilmändi. Ol
adam bolsa onuň doganoglan aýaldoganynyň adamsydy...
Garabaşow alysdaky obalaryň birinde ýetde-gütde
güzeranda ýaşan mahaly obadaşlarynyň biriniň köwşüni, ýene
biriniň köýnegini wagtlaýyn geýmäge diläp alyp, Aşgabada
gaýdanda onuň gelip, maňlaý dirän ýeri şol garyndaşynyň öýi
bolupdy. Ol uly okuwdan ýykylansoň, boş galma diýip, ony
amatly tehnikuma ýerleşdiren hem hut şol aýaldoganynyň adamsy
—giýew gardaşdy. Hatda oňa: «Aragyna, gelin-gyzlaryna seňrik
ýygyrsaň, orus halamaz, orus halamasa bolsa, ösmersiň, sen
bolsa ösmeli oglan, al!» diýip, oňa ilkinji arak içmänem öwreden
hut onuň şol jalataýrak giýew garyndaşy bolupdy.
Garabaşowam gadyr bilmez adam däldi. Wezipe
basgançagyndan göterilip barýan ýyllary içinde, ol bu aýlyga,
ýetde-gütderäk ýaşaýan doganynyň maşgalasyny hem gözden
salmandy.
Garyndaşlygam-a garyndaşdyr welin, ýöne munuň ýaly
zatda aňsat kireýsiz kilim kakylmaýar, onda-da şunuň ýaly uly
oljaly işde. Hemra-da muny gowy bilýärdi. Onuň soňky öýlenen on
sekiz ýaşly gyzy Garabaşowyň şol garyndaşynyň gyzydy. Hemra
ol gyza öýlenende hem meseläniň şu bähbitli tarapyny göz öňüne
tutupdy. Emma şol hyzmatyň «Taňryýalkasyny» welin berilmändi,
ýok, gaty bir beýle hem däldi, ol gaýynatasynyň üsti bilen ýol
kesensoň, Garabaşowa öz minnetdarlygyny hem şonuň üsti bilen
duýdurarman bolupdy. Ýöne onuň Garabaşowa niýetläp beren az
bolmadyk puluny ol içegenje gaýynatasynyň özüne sürtenligini
onuň bir gepinde Garabaşow kim bolsa-da, menden pul alyp
bilmez, ony ile goşan «özüm...» diýen mahaly bilip galypdy. Içine
zym gidipdi. Indi nädibem bolsa, edilen ýagşylygy her zat edip
110
Agageldi Allanazarow. Hazaryň yssy tomsy
ýanyşdyrmalydy. Hakyny bermeseň, onuň ýaly adamlaryň ol-a
giýewimişin, atasynam sylamaýanyny ol bilýärdi. Şonuň üçinem
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Hazaryň yssy tomsy - 08
  • Parts
  • Hazaryň yssy tomsy - 01
    Total number of words is 3625
    Total number of unique words is 1935
    33.8 of words are in the 2000 most common words
    47.2 of words are in the 5000 most common words
    55.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 02
    Total number of words is 3633
    Total number of unique words is 1983
    34.3 of words are in the 2000 most common words
    47.4 of words are in the 5000 most common words
    56.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 03
    Total number of words is 3591
    Total number of unique words is 2035
    32.8 of words are in the 2000 most common words
    46.5 of words are in the 5000 most common words
    54.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 04
    Total number of words is 3606
    Total number of unique words is 2046
    35.5 of words are in the 2000 most common words
    48.7 of words are in the 5000 most common words
    55.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 05
    Total number of words is 3634
    Total number of unique words is 2009
    32.4 of words are in the 2000 most common words
    45.9 of words are in the 5000 most common words
    54.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 06
    Total number of words is 3624
    Total number of unique words is 1952
    33.7 of words are in the 2000 most common words
    48.0 of words are in the 5000 most common words
    55.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 07
    Total number of words is 3599
    Total number of unique words is 2003
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    53.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 08
    Total number of words is 3618
    Total number of unique words is 1999
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    54.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 09
    Total number of words is 3658
    Total number of unique words is 1961
    34.4 of words are in the 2000 most common words
    48.8 of words are in the 5000 most common words
    56.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 10
    Total number of words is 3692
    Total number of unique words is 1930
    34.7 of words are in the 2000 most common words
    47.3 of words are in the 5000 most common words
    55.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 11
    Total number of words is 3675
    Total number of unique words is 1996
    36.4 of words are in the 2000 most common words
    50.4 of words are in the 5000 most common words
    58.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 12
    Total number of words is 3627
    Total number of unique words is 1956
    33.5 of words are in the 2000 most common words
    48.0 of words are in the 5000 most common words
    57.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 13
    Total number of words is 3632
    Total number of unique words is 1978
    34.5 of words are in the 2000 most common words
    49.0 of words are in the 5000 most common words
    57.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 14
    Total number of words is 3680
    Total number of unique words is 2037
    34.0 of words are in the 2000 most common words
    48.3 of words are in the 5000 most common words
    55.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 15
    Total number of words is 3690
    Total number of unique words is 2034
    34.2 of words are in the 2000 most common words
    48.1 of words are in the 5000 most common words
    56.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 16
    Total number of words is 3579
    Total number of unique words is 1995
    34.2 of words are in the 2000 most common words
    48.2 of words are in the 5000 most common words
    56.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 17
    Total number of words is 3625
    Total number of unique words is 2048
    33.2 of words are in the 2000 most common words
    47.1 of words are in the 5000 most common words
    54.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 18
    Total number of words is 3683
    Total number of unique words is 2050
    33.5 of words are in the 2000 most common words
    47.8 of words are in the 5000 most common words
    55.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 19
    Total number of words is 3670
    Total number of unique words is 2045
    33.7 of words are in the 2000 most common words
    47.9 of words are in the 5000 most common words
    55.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 20
    Total number of words is 3637
    Total number of unique words is 2043
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    47.5 of words are in the 5000 most common words
    55.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 21
    Total number of words is 3608
    Total number of unique words is 2010
    33.1 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    54.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 22
    Total number of words is 3619
    Total number of unique words is 2112
    32.2 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 23
    Total number of words is 3503
    Total number of unique words is 1983
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    46.0 of words are in the 5000 most common words
    54.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 24
    Total number of words is 3648
    Total number of unique words is 2034
    33.4 of words are in the 2000 most common words
    46.6 of words are in the 5000 most common words
    55.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 25
    Total number of words is 3600
    Total number of unique words is 2017
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 26
    Total number of words is 3671
    Total number of unique words is 2017
    32.3 of words are in the 2000 most common words
    46.2 of words are in the 5000 most common words
    55.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 27
    Total number of words is 3658
    Total number of unique words is 1984
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    45.4 of words are in the 5000 most common words
    53.7 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 28
    Total number of words is 3659
    Total number of unique words is 2046
    32.5 of words are in the 2000 most common words
    46.5 of words are in the 5000 most common words
    53.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 29
    Total number of words is 3591
    Total number of unique words is 2030
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    46.1 of words are in the 5000 most common words
    55.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 30
    Total number of words is 3585
    Total number of unique words is 1978
    32.0 of words are in the 2000 most common words
    45.0 of words are in the 5000 most common words
    53.6 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 31
    Total number of words is 3691
    Total number of unique words is 2076
    33.1 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    54.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 32
    Total number of words is 3678
    Total number of unique words is 2043
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    47.9 of words are in the 5000 most common words
    55.9 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 33
    Total number of words is 3714
    Total number of unique words is 2039
    33.7 of words are in the 2000 most common words
    47.0 of words are in the 5000 most common words
    55.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 34
    Total number of words is 3734
    Total number of unique words is 2099
    31.8 of words are in the 2000 most common words
    48.1 of words are in the 5000 most common words
    55.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 35
    Total number of words is 3697
    Total number of unique words is 2045
    33.0 of words are in the 2000 most common words
    47.7 of words are in the 5000 most common words
    56.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 36
    Total number of words is 3732
    Total number of unique words is 2151
    32.6 of words are in the 2000 most common words
    46.5 of words are in the 5000 most common words
    53.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Hazaryň yssy tomsy - 37
    Total number of words is 1622
    Total number of unique words is 1047
    41.9 of words are in the 2000 most common words
    55.2 of words are in the 5000 most common words
    61.1 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.