Latin

Derdeser - 2

Total number of words is 3834
Total number of unique words is 2023
32.9 of words are in the 2000 most common words
44.9 of words are in the 5000 most common words
52.2 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
“Gurjakdan-da görmegeý” diýip, adamlar onuň
owadanlygyna baha keserdiler. “Tüweleme, göz
degmesin” diýmek hiç kesiň huşunda ýokdy. Olaryň
huşunda başga bir zat bardy: “Şuňa öýlenen-ä gönener,
bagtly bolar”.
Älhepus, owadan gyzdy.
Noýabr, 1992. Aşgabat.
GYZ JIGI
Hekaýa
1.
... Gyz sada jogap berdi:
- Ýok.
- Synanyşybam göreňokmy? – diýip, oglan çintgäp
sorady.
- Synanyşybam göremok.
Oglan geň galdy.
- O nämüçin?
- Näme diýeýin saňa?! Aý, höwes ýok-da.
- Beh!..
26
- Okuw bolsa, bolanok-da meňki. Birhili ýüregim
gysyberýä.
Oglan gyzyň ýüzüne seretmän:
- Göni ýöräbermelimi? – diýip sorady.
- Ýok – diýip, gyz barmagyny çommaldyp, saga
ümledi. – Şu köçeden şeýläk sowulmaly.
- Be-e, okuwa bolamok diýdiň-ow.
- Hawa, okuwa bolýan däldirin.
- Onda işleýänsiň-dä bir ýerde?
- Ýok-la, işlärinmi?!
- Beh, o nä?
- Aý, işläýin diýeňde nirä barjak şu wagt? Hany iş
barmy üýşüp ýatan? Okuwsyz bolsaň-a asylam...
- Iş diýeniň okuwsyz bolaňda-da tapdyrar-a.
- Tapdyrar. Tapdyrmaz diýjek däl. Ýöne maňa
borluk iş näbileýin-dä.
- Oňa nähili düşünmeli?
Gyz ýylgyrdy. Soň ýuwaşja gülüp:
- Nähili düşünseň, düşünibermeli – diýdi. –
Özümden-le bary. Höwes edýänje işim bolaýsa diýip,
şol...
- O nähili iş?
- Diýen bolaýýan. O-da üýtgeşik bir zat däl-le.
- Nähili?
Gyz ýene ýylgyrdy. Ýene ýuwaşja güldi. Soň şeý
diýdi:
- Aýtmaýyn. Aýtsam, üstümden gülersiň.
Oglan çynlakaý sypata girdi. Onuň gözlerinde
bilesigelijik ody tutaşýardy.
- Güljek däl. Aýt!
27
- Neme-dä – diýip, gyz aradan esli salymy geçirip
gepledi. – Restoranda-zatda diýýän-dä.
- Näm bolup?
- Hyzmat edýän diýen ýalyrak bir zat-da. Müň sany
iş ýokdur-a o taýda.
- Müň sany iş-ä ýokdur-la - diýip, oglan gaýtalady.
- Meň diýýän işim-ä, ana, şo.
Oglan bary-ýogy bir agyz:
Dogry – diýdi. Soň:
- O-da gowja iş – diýip, sözüniň üstüni ýetirdi.
Dymyp, biraz ýörediler.
Töwerekde güýz. Köçeleriň ýakasy, ganawlaryň içi,
aýaklaryň asty, bütin dünýe – ýaprak. Sary-sary
ýapraklar!
Günüň çogy tomusdaky ýaly däl. Öçügsilenipdir.
Ýöne ýitilik bar. Oglan jalbarynyň jübüsünden
elýaglygyny çykardy-da, maňlaýynyň, boýnunyň,
alkymynyň derini süpürdi. Ýüzüni ýelpedi.
- Adyňam-a bilemok men seň – diýip, ol soňrak
täze bir gürrüň tapdy. – Adyňy bir aýt maňa. Eşidip
goýaly.
Gyz gözlerini güldürdi.
- Çynymy aýdaýynmy ýa...
- Dagy nä aldaýjakmydyň?
Gyz birazajyk utanyp:
- Seýýara – diýdi. Dagy näderini bilmän, diňgögüne garady.
- Seýýara diýsene, Seýýara. Adyňam özüň ýaly
owadan eken-aý. Bäh!
Gyz hakykatdan-da görmegeýdi. Horluk, semizlik
babatda pylan diýer ýaly däldi. Ortamiýana. Boýam
28
şonuň ýaly, ne uzyn, ne gysga. Dodakalary birenaýy
neşelendirilipdir. Gözleri onçakly ýeser däl. Tersine,
öçügsi görünýär. Şonda-da ol gözlere köp wagtlap,
belki-de, ömrüňi ötürýänçäň seredip oturasyň gelýär.
Şu dünýäniň kän-kän ýagşu-ýaman işleri şunuň ýaly
gözlerden başlanýan bolsa-da, ahmal. Onuň maňlaýy
dar. Gaşlary selçeň. Burny kiçijegem bolsa, görküne
birjik-de zeper ýetirenok. Gaýtam aksowult ýüzüniň
görmegini artdyrýanam şu kiçijik burun ýaly bolup dur.
Bu gyzyň şeýle gözilginç owadanlygynyň başga
zatlardan bolmagy-da mümkin. O-da ujy gyradeň
gyrkylan gara saçlarynyň egniniň üstüne dökülip
ýatmagy. Ýa-da onuň seresap ädim urşunyň,
gaýkyldaman ýöreýşiniň görk-görmegine, syratyna
oňaýly täsir etmegi bolup biläýjek zat.
- Men-ä onda saňa Seýýara diýiberjek indiden
beýläk - diýip, oglan sözüniň üstüni ýetirýän äheňde
müňkürligini syzdyrdy.
- Diýiber.
Seýýara oglana-da çalaja eşdiläýer ýaly sesde ýoň
bolan toý aýdymyna hiňlendi:
Gaýgylanma, ýarym, gaýgylanma!
Oglan kesä bakyp, şeý diýdi:
- Entegem giç däl.
- Nämä?
- Okuwa diýýän. Henizem bir pille.
- Hä-ä. Hawwa.
- Synanyşyp bir görmeli-dä onda.
- Islemeýän adam nädip okasyn?!
29
- Isleg-beýleki diýeniň üýtgäp durýan zat. Onda-da
bi ýaşda. Näçe ýaşyňda şuwat?
- On dokuz. Öňümizdäki dekabrda ýigrimä gidýändä .
- Dekabryň näçesine?
Seýýara gözlerini süzüp, ýadyna saldy.
- On altysyna.
- On altysyna bolsaň, häzir, on altysy...
- Senem dekabrmy?
- Hawwa... Tä-äk, sen menden näçe ýaş kiçi bolýaň
diýsene, göni iki ýyl ýedi gün kiçi bolýan.
Seýýara ýene gözlerini süzdi.
- Ymm... Dekabryň dokuzynamy sen?
- Hawwa.
- Ýigrimi bir ýaşyňda bolýaň-da?
Oglan onuň soragyna pitiwa etmeýän sypatda
gürledi:
- Hawwa welin bar-a, on dokuz ýaşyňda bolsaň,
ylaýyk wagty-da şuwat. Taýynlan-da, indiki ýyl göni
gir.
- Aý, okuwsyz aç öläýesimiz ýok-la.
- Şonda-da okuw, okuw bolýandyr.
- Ol-a şeýle.
Dymyp, ýene biraz ýöränsoňlar, Seýýara:
- Sen öz adyňam-a aýtmadyň – diýdi.
- Allak meň adym, Allak.
Gyz diňe birki sekuntdan soň:
- Özüňden tapaňok dämi? – diýip sorady.
- Arman ýanymda hiç hili dokumentim ýok-da.
Görkezerdim welin...
- Gowy adyň-a bar ekeni, owadan adyň.
30
- Özüm ýaly, ä?
Ikisi-de bir wagtda ýuwaşdan deň güldüler.
Emma Allak o diýen bir görmegeý oglan däldi.
Boýy-syraty-ha hiç neneň dälem welin, şu boýnundan
ýokarsynda bir kemlik bar ýaly bolup dur. Sarymtyl,
buýra saçy bilen Güne ýanyp, garalan ýüzinden,
şagalaňly, gyýyk gözleri bilen juda güri gaşlaryndamy,
uzyn gulaklary bilen kiçijik dodaklaryndamy, garaz, bir
ýerinde-hä nähilidir birhili sazlaşyk ýok.
Allak ahyry penjeginiň gapdal jübsünden owadan
gaply çilim çykardy. Gutuda baty-ýogy ýekeje çilim
galypdyr. Ol çilimi ernine gysdyrdy-da, gutyny
tokgalap, suwsuz ganawa oklap goýberdi. Öňünden
çykan ilkinji pyýadadan otluçöp sorap, çilim otlandy.
- Sen näme, okaýaňmy ýa işleýäňmi bir ýerde? –
diýip, gyz sorady.
- Bil-dä özüň.
- Men nädip bileýin?
- Çak ur.
- Çak ursam, okaýansyň.
- Hawwa, bildiň.
- Nirede?
- Uniwersitetde.
Dymdylar. Ýörediler.
- Haýalrak ýöresene! – diýip, Allak gatyrganýan
adamyň äheňinde haýyş etdi. - Gaty ýöreýäň. Yzyňa
eýerip bilemok halys. Howlugýan ýeriň ýokdur-a?
- Ýok-la – diýip, gyz ädim urşuny haýallatdy.
- Okuwy gutaraňsoň nirede işlemekçi?
31
- Aý, entek göreris-dä. Bärde galsam gowy boljak
welin, oba gidermikäm öýdýän-dä. Oba gaty
öwrenişipdirin. Birhili ýüregim gysyberýär.
- Jigileň-zatlaň bardyr-a beýlede?
Allak çilimini ýogyn-ýogyn sorup:
- Hawwa – diýdi. – Üç jigim bar.
- Tüweleme! Seň bile dört bolýa. Senden uly näçesi
bar?
- Menden uly ýog-a.
- Wi-iý, şeýlemi? Iň ulularymy sen?
- Hawwa.
Seýýara sesini çykarman dört ädim ädensoň, ýalta
yzyna garap, şeý diýdi:
- Öýlenenmi?
Allak ýüzbe-ýüz duran duşmanyndan gypynç edýän
adamyň sypatyna girip:
- Öýlenen bolsam, seň yzyňa düşüp ýörmen-ä –
diýdi.
- Öýlenmedik bolsaň, basym öýärler-dä – diýip,
Seýýara öňdengörüjilik etdi.
Allak süzgüjine çenli çeken çilimini aýak astyna
alyp:
- Sen hemme zady ap-aňsat edip goýaýýaň – diýdi.
– Öýlenmek üçin öňünden oňatja nemetmeli bolýa.
- Nämetmeli bolýa?
- Öýlenjek gyzyňy tanamaly-da.
- Bolman nä? Kim tanama diýýä? Sora, ide, tana,
öýlen!
- Onsoňam öýlenäýer ýaly taýyn gyzam ýok.
- O nähili ýok? Kän-ä. Dünýede gyzdan kän zat
ýok.
32
Allak ýalandan güldi.
- Aý, ýok, sen hezil berjekgä. Şo-o tutan ugruňa
tutup otyrsyň.
Seýýara seňrigini ýygyrdy.
- Senem biriniň ulusymy ýa senden ulam bamy? –
diýip, Allagam öz gezeginde gyzyklandy.
Seýýara başyny ýaýkap:
- Ýok - diýdi.
Olar nobatdaky çatrykdan darajyk köçejige
sowuldylar.
- Şümi siziň köçäňiz? – diýip, Allak töwerege göz
aýlady.
Seýýara:
- Ýok, indiki – diýdi-de, barmagyny çommaldyp
düşündirdi. – Ho duran maşyny görýäňmi? Şoň
aňyrsyndan şeýleligine köçe geçýär. Şo köçäň ugrunda.
- Bäş-on ädim ýöränlerinden soň Allak gyza garap,
morta bir zady diýip goýberdi:
- Saňa öýlenen-ä gönener...
Seýýära birbada düşünmedi.
- Saňa öýlenenä bagtly bolar diýýän.
- Ony nämeden diýýäň? – diýip, gyz biparh
gülümsiredi.
Allak elini ýeňsesine ýetirip:
- Aý, biriniň ýeke gyzy bolsaň... – diýdi.
- Biriniň ýeke gyzyna öýlenen bagtly bolýamy?
- Diňe o-da däl.
Has-da darajyk köçä sowlanlaryndan soň Seýýara
Allaga bakyp, şeý diýdi:
- Sen indi gaýdyber.
Allak ony saklap:
33
- Dur entek! Ertir şuwatlar çykgyn. Garaşjakdyryn –
diýdi.
Allak gyz bilen wagtlaýynça hoşlaşdy-da, haýalýagal ädimläp, yzyna gaýtdy. Sag elini ýygy-ýygydan
ýeňsesine ýetirdi. Saçyny sypalaşdyrdy. Çep elini
bolsa, esasan jalbarynyň jübüsünden çykarmady. Agyr
ýüküň astynda galan ýaly ýegşerilip ýöredi.
Ehe-he-e-e-e-eý,
Gijeler ýatyrmaz näzi gyzlaryň-ň—
diýip, arasynda diňe özi eşidäýer ýaly sesde aýdyma-da
hiňlendi. Bogazyny arçap, gakylygyny gapdala
tüýkürdi.
2.
Günlerde bir gün Allagyň kakasy giçlik, ýatyljak
çagy öýüň içini ala-burugsy edip, çilim çekipdir.
- Senem indi çilimiňi goý! Dünýäň puly gidýä şo
artybyňa. Şü öýi halys eýikdirmeýän seň şo artyp
çilimiň. Hm...- diýip, Allagyň ejesi ärine igenipdir.
- Goýjakgä! Çekesim gelýä, çekjek! – diýip, kakasy
ters gürrüň tapypdyr.
- Çek! Tüssä boglup, ölýänçäň çek! Ýöne aýlygyňy
doly getirip berersiň. Eşitdiňmi? Çilime-de puly nirden
alsaň, şondan al! Işim ýok – diýip, ejesem beterinden
beterini tapypdyr.
- Şon-a şeýtmejek borus – diýipdir kakasam.
- Bökersiňem! – diýip, ejesi haýbat atypdyr.
34
- Goý, how, indi! Tüket! Nerwini oýnama! – diýip,
kakasy küldanda duran çilimini unudyp, täzesini
otlapdyr.
Başga bir gün bir saý-sebäp bilen Allagyň ejesi ärine
şamlyk nahar taýynlamandyr. Çaý demläp, gowurdakly
pitini orta alypdyr.
- Senem çaýçorba edinip, oňarsyň-da – diýibem,
maslahat beriji äheňde Allagyň kakasynyň ýüzüne
äňedipdir. O-da işden surnugyp gelen adam.
- Çaýçorba bilen-ä oňmajak borus – diýipdir.
Ejesi:
- Hä, näme oňman? – diýip, gözüni-gaşyny
çytypdyr.
- Oňasym gelenok, oňjakgä! – diýipdir kakasam.
- Ertir nahar atarjak. Şü gün şuň bilen nemedäý! –
diýip ejesi töwella edipdir.
- Nämetjekgä! Dawaý, naharyň ugruna çyk çaltrak!
– diýip, kakasy sesini gataldypdyr.
- Gyýw, gohuň näme?! – diýip ejesi gaty arkaýyn
oturypdyr.
- Meň saňa nämä diýdim? Iki gaýtalajak bolma!
Diýleni et! – diýip, kakasy bekine tutupdyr.
- Etjekgä! – diýip, ejesi çürt-kesik garşy gidipdir.
- Edersiň! – diýip, kakasy şo bir depen ýerini depip
durupdyr.
- Etmen! – diýip, ejesem pälinden gaýtmagy kyn
görüpdir.
Garaz, kakasy nahar bişirtjekden, ejesem
bişirmejekden bolup, ahyrsoňunda taraplaryň ikinjisi
diýenini gögerdipdir. Tarapalryň birinjisi bolsa, eline
agyr esger kemerini alyp, munuň üçin onuň çiginlerini,
35
ýagyrnysyny, gözüniň aşagyny we beýleki ýerlerini
gögerdipdir.
Laýyk kyrk günden soň başlar ýassyga goýlanda
Allagyň ejesi tersine düňderilip ýatan äriniň egninden
yralap:
- Gyýw, bäriňe öwrülsene! Gepleşip ýataly-la! –
diýipdir.
- Meň-ä ýaman erbet ukym gelýä. Ýatjak – diýip,
Allagyň kakasy şo bir ýatyşyny üýtgetmän jogap
beripdir.
Ejesi biraz dymyp ýatypdyr – da:
- Hm, bilýän, söýgüliň ýadyňa düşýändir seň. Şony
göresiň gelýändir. Hm... – diýipdir.
- Han-ow, adamlary ýatmaga goý! – diýip, kakasy
gaharynyň gelendigini gep uruş äheňiniň üsti bilen
syzdyrypdyr.
Ejesi bes etmändir. Tirsegi bilen äriniň böwrüne
hürsekläp:
- Bar, git-de, şo söýgüliň ýanynda ýat! – diýipdir.
- Men saňa näme diýdim? Ä?.. Nä ikilenç
gaýtalatjak bolýaň? Hä? – diýip, kakasy böküp
ýerinden turupdyr.
Ejesi:
- Herrelme! Sesiňi bat beren bolup, adam
gorkuzaryn öýtme! Men hakykaty aýdýan. Ýalanmy
eýse? – diýip, goýar ýerde goýmandyr.
Şeýle bolansoň, kakasy:
- Hakykaty men aýdyp bereýinmi saňa? – diýip,
eline agyr esger kemerini alypdyr.
Allak bilen onuň uýasy Senem aglaşypdyrlar.
36
Ertesi daň atandan ejesi bilen kakasy itiň içegesi
ýaly, täze bir uzyndan bulaşyk dawanyň hersi bir
ujundan
tutupdyrlar.
Tutupdyrlar-da,
onuňam
çözgüdini çagalaryň hem goşlaryň paýlaşygyndan
gözläpdirler. Üleşik olaryň hersini bir ýere zyňypdyr.
Senem ejesi bilen şäherde ýaşap başlapdyr. Allak bolsa
obada – kakasynyň ýanynda galypdyr.
Soň, bir sähetli gün kakasy Allaga ýüregi
sahawatdan hem mähirden eýlenen oňat eje tapyp
beripdir. O-da Allaga üç sany jigi dogrup beripdir.
Täze jigileriniň ikisi gyzjagaz bolup, olar Allaga
meňzäpdirler üçünjisi bolsa oglanjyk bolup, ol Allagyň
täze ejesine çekipdir. Şeýdip, ýagşy-ýaman işleriň
ençemesi Allagyň gözüniň alnynda bolup geçiberipdir.
Şonuň ýaly ýagşy-ýaman işleriň ençemesine
Senemem şaýat bolupdyr. Uzyn-uzyn günleriň birinde
ejesi oňa täze kaka tapyp bermekçi bolupdyr. Emma
kaka boljak tarap il içinde “Öňki ärinden galan çagasy”
diýen gepiň bardygyny, ýaman ýeri-de, şol gepiň kän
bir halanyp barylmaýandygyny, eger Senemjik
bolmadyk bolanlygynda onda bu meselede hiç hili
ikirjiňlenmäniň bolup bilmejekdigini aýdyp, närazylyk
bildiripdir. Senemiň ejesi bolsa, heniz başynyň
ýaşdygyny, görjeginiň öňdedigini, gül ömrüni dul
geçirip bilmejekdigini, şeýdäýmese, dagy başga
alajynyň ýokdugyny, onsoňam çaga diýlen zadyň täze
ärindenem bolmak mümkinçiliginiň bardygyny, şol
sebäpli-de, näçe eý görýänem bolsa, gyzjagazynyň bu
ýerde päsgelçiliginiň güýçlidigini kişiň ýanynda
aýtmasa-da, öz ýanyndan ýürejigi bilen boýun alypdyr.
37
Garasaý, kaka boljak tarapyň närazylygy Senemi
çagalar öýüne eltip taşlapdyr.
A Allagyň kakasy bu zatlary mahaly bilen
bilmändir. Wagtynda bilenligindemi? Onda onuň
Seneme hut özüiniň täzeden kaka çykjakdygyna kim
şübhe edip biler?! Seneme welin gaty basym eýe
tapylypdyr. Dünýeden zürýatsyz ötüp gitmeli bir bende
ony gyzlyga alypdyr. Şeýdibem Allagyň kakasy
hyrçyny dişläp galypdyr. Ynha, indi näçe ýyldyr, bu
töwereklerde henize-bu güne çenli Senemden habar
bilýän ýok. Galanynam wagt görkezer-ä diýýä adamlar.
Kim bilýä-dä?
O mahallar Allak dördüni dolduryp, ýaňy bäş ýaşyna
giden ekeni. Senemem onuň bilen basdaş. “Adyň
näme?” diýlen soraga “Şenem” diýip, jogap berip
bilipdir. Ýöne Allagyň özi-hä bu zatlary bilenok. Diňe
eşitmiş.
3.
Seýýara sözünde durdy.
- Gelmersiň öýtdüm welin, gelýädiň-aý – diýip,
Allak aňyrdan seýkin basyp, ýetip gelen gyza garap,
dylym-dylym etdi. Onsoň ýuwaşlyk bilen ýöräp
ugradylar. Nobatdaky çatrykdan saga sowlup, esli
ýöränlerinden soň Seýýara:
- Allak! – diýdi.
- Näme?
- Allak, saňa bir zat aýdaýynmy?
- Aýt!
- Gaty görmezmiň?
38
Allak geňirgenip:
- Nämäni? – diýdi.
- Aýtjak zadymy?
- Hm, hany, entek bir aýt, göreli. Gaty görüp,
näme...
Seýýara ýaýdandy.
- Aýt-da indi, adamlary serim-sal edip goýma-da –
diýip, Allak gyssady.
Seýýara aýdyp goýberdi:
- Düýn men seni aldadym.
- O nähili?
- Aldadym-da.
Allak böwrüne doňuz diňini saldy.
- Näme diýip?
- Düýn bar-a?
- Hawa?
- Men bar-a?
- Hawa?
- Biriniň ýeke gyzy diýdim – ä?
- Hawa?
- Şonda aldadym. Men detdomskiý.
Dünýäniň güýze gaplanandygy häzir diňe çyplaň
adama bildirjekdi. Allak çal penjegini gyzyň egnine
atdy. Ol şuş-şu wagt gyza sorag äheňinde näme-de
bolsa, bir zat diýmelidigine düşündi. Näme sorajagyny
welin bilip bilmedi.
- O ýere nedip düşenimi özümem bilemok – diýip,
Seýýara aýtdy.
- Nirä?
- Şo ýere, detdoma... nädip düşenimi bilemok. Gaty
kiçi ekenim. Detdomam kän bir göz öňüme gelenok. O
39
ýerden meni ýeke ýaşaýan bir aýal alypdyr. Hiç kimi
ýok ekeni. Hossarsyz bir zat. Özem ýaman baý. Puly
ýere-göge syganok. Ýöne gysyk. Puluny o dünýä alyp
gitjek ýaly, şo-ol aňyrsyna basyp ýatyr. Özem öň,
ynanmarsyň, iki gezek äre barypdyr. Ikisi bilenem kän
ýaşaşmandyr. Aýrylyşypdyr. Aýrylyşmandyram-da,
masgara bolup kowlupdyr. Oňam sebabi çagasy
bolanok ekeni. Hudaý uran heleý-dä. Özüň bilýäň-ä,
çagaň bolmasa...
Allagy ähli zatdan beter Seýýaranyň geçmişi
gyzyklandyrýardy.
- On ýedi ýaşaýançam şoň elinde boldum – diýip,
Seýýara Allagy gyzyklandyrýan gürrüňe geçdi. – Ýöne
o heleý ýaman erbet ekeni. Göwnüne ýakmaýan bir iş
etseň, bir urýa, bir urýa, Hudaý saklawersin. Ony-muny
almak üçin pul sorasaňam urýar. Özem bir dili hapa, iki
gulakly eşider ýaly däl. Maňa eje diýeňok diýibem
urýardy-da, ynansaň. Onsoň bir gün gaçdym.
- Kim bilen?
Seýýara gülüp:
- Şol aýalyň öýünden gaçdym diýýän – diýdi.
- Onsoň?
- Onsoň kwartirant bolup ýaşap başladym. Jaýyň
eýesi ýaş oglan ekeni. Aýaly, çagalary bar. Özem
maşynly-zatly. Onam aldadym. Uçilişede okaýan
diýdim. Özümem uzakly gün şäherde kaňkap
ýörýärdim.
- Puly nireden tapýardyň?
- Ol aýalyňkydan gaçyp gaýdamda ähli puluny alyp
gaýtdym-a.
- Onsoň?
40
- Onsoň şeýdip gezip ýördim. Bir günem pulum
gutardy. Aç ölmejek bolsaň bir zat etmeli-dä.
Gymmatbaha
köýneklem
bardy.
Hemmesini
satyşdyrdym. Ýene pulum gutardy. Onsoň köwüş
magazine girdim-de, gyzlaň gymmatbaha köwüşleriniň
birini ogurlap goýberdim. Bazara çykarybam satdym.
Ýöne sowup ýörseň, pul diýeniň derrew gutarýar-a.
Ýene şo magazine bardym. Ýene şo köwüşden birini
aldym. Magazinden çykyp barýarkamam tutuldym.
Magazinçi seredip duran ekeni-dä. Her zadam bolsa, şo
gezek magaziniň içinde kän adam ýokdy. Ýogsam
dagyn, masgara...
- Magazinçi hiç zadam diýmedimi onsoň?
- Diýmezmi?! Magazini içinden ýapdy-da, içki
jaýyna saldy. Menem bir gorkýan, bir gorkýan. “Jan
agam, näme etseň et, ýöne urma” diýip ýalbarýan. Hem
aglaýan. “Şu gezek zat degme, indi gaýtalaman”
diýýän. Ýaman doňýürek ekeni...
- Ýaş oglanmydy ol?
- Aý gaty bir ýaşam däl.
- Onsoň?
Gyz utanjyrady. Az salym dymansoň, ýarym
pyşyrdy bilen:
- Zorlady – diýdi. Şonda Seýýaranyň sojaýandygy
duýuldy. Ol başardygyndan özüni dürsäp, dowam etdi.
- Ogurlan köwşümem elime tutdyrdy-da,
çümmükläp, hapa-hapa sögdi. Soňam kowup goýberdi.
“Şu töwereklerde göräýsem hamyňy sypyryn” diýdi...
Allak gyzyň egninden tutup, gujaklady-da, ony
köşeşdirmek niýeti bilen:
- Ol aýal soň seni gözlemändirmi? – diýdi.
41
- Gözlemezmi? Gözläpdir. Milisýä aýdypdyr. Bir
gezek ýitenleň syraty asylýan tagtada öz suratymy
gözüm bilen gördüm. Boýumyň näçedigini özüm
bilemok welin, şolar bilýän ekeni. Suratymyň aşagynda
boýy 165 cm diýip ýazypdyrlar.
- Onsoň?
- Onsoň şeýdip ýaşap ýörün. Bir köpügem pulum
ýok. Oňa-muňa iş sorap bardym. Käsinde iş ýok. Iş
bolan ýerde-de dokument soraýarlar. Mekdepleň
birinde pol süpürijilik işi bar ekeni. Dokumentem
soranoklar. Ýöne direktory haramzada ekeni.
- Hä, näme diýýär?
- Dokumentsizem bolsaň, işe alaýyn diýýä. Ýöne
diýýä, men näme diýsem etmeli borsuň diýýä. Niýeti
gowy däl-dä. Aňyrrakda sür diýdim. Ýogsam, tekiz
pulum ýok.
- Jaý üçin pul tölemeli dälmidiň?
- Tölemeli. Ynha, berjek diýip, eýesini aldap ýörün.
Pulsyzlygymy bileli bäri oňam niýeti gowy däl. Özem
azar berýär sen oňly gyz däl diýip. Aý, bir oňatja
kwartira tapsam, o taýdanam gaýdaryn-la...
Häzir ýüzünde-gözünde gussa diýlen zadyň jinnek
ýaly-da
alamatlary
bolmadyk
Seýýaranyň
betbagytlygyna Allagyň agysy tutdy.
- Eger kwartira gerek bolsa men, ine, ertiriň özünde
tapyp beräýerin – diýip, ol ejiz adamyň gününe rehimi
inýän kişi hökmünde aýtdy. Aýtdy-da, tapyp beräý
diýen sözleri eşitmek umydy bilen Seýýaranyň
gözlerine seretdi. Elbetde, edil şol wagt Seýýara-da oňa
seredip durdy. Gyzyň gözlerinde Allagyň ilki gören
zady namutlyk boldy. Soň özüne meňzeşlik gördi.
42
Göwnüne bolmasa, onuň gözleri-de, burny-da
Allagyňka çalymdaşdy. Hut şo pursatdan başlabam bu
gyz Allagyň gözüne onuň mundan on ýedi ýyl çemesi
ozal ykbalyň emri bilen näbelli ýerlere düşmeli bolan
ganybir uýasy Senem bolup görnüp ugrady. Ykbal,
belki, Allak bilen Senemi şu gün şu ýerde ýüzbe-ýüz
bolmaga emr edendir. Hiç kes şuňa heňe gelmejek zat
diýip bilmez!
Allagyň içki howsalasy artdy. Ol ýere bakyp, ýaňky
aýdanlarynyň tersine gürledi:
- Aý, ýok, men-ä kwartira tapybilmen... Meň başgada işim kän-ä. Sen meni bagyşla! Özüň bilýäň, okuw
döwri hemme zada ýetmek kyn bolýar. Boş kwartira
kändir-le. Çynyňy edip bir günjük gözleseň tapdyrar...
Seýýaranyň ýüz keşbi üýtgedi. Ol Allagyň göni
bäbenegine bakdy-da, gatyrganyp:
- Bolşuň nähil-ä? – diýdi. – Kim saňa şu wagt
kwartira tapyp ber diýýä?
Şu sözleri diýip, gyz, megerem, nähek
ynjydylandygyny hereketlerinde-de mälim etmek
maksady bilen kesä bakdy.
Allak galpyldady.
- Sen maňa dogry düşün! Men okuw döwri dertalada köp diýjek bolýan. Mydama ýetişiksiz gara
günde... Häzirem bir ýere gitmeli-dä... Men gidäýeýin!
Bolýamy?
Gyz oňa adatdan daşary geňgalyjylyk bilen seretdi.
Allak jalbarynyň jübesine el urup, ondan esli ownuk
pul çykardy. Olary Seýýaranyň eline tutdyrdy-da, şeý
diýdi:
- Me, al şulary!
43
Seýýara äm-säm halda:
- Bi näme? – diýdi.
- Al! Ýygna! Gerek bor... Ýöne sen menden gaty
görme! Bolýamy? Men indi gelmen. Ýaňam aýtdym-a,
meň ýaman işim kän... Başga zat üçindir öýdäýme!
Işim kän. Ýetişibilemok... Gaty göreňok dämi? Men
onda gidäýjek.
- Düşünmedim? Nirä gitjek? Nämüçin gitjek? Ýa
men bir zat diýip, göwnüňe degdimmi? Hä?
Nämüçin?.. Düşündirip git! – diýip, gyz eňredi.
Howanyň çigrekligine garamazdan, Allak derledi.
Çyny bilen burçak-burçak derledi. Ol maňlaýynyň
derini eli bilen sylyp:
- Ýok, göwnüme degeňok. Oň üçin däl – diýdi.
- Onda nämüçin?
- Aýtdym-a işim kän diýip... Bolýa onda, sag bol!
Men gitdim. Menden gaty görme! Bolýa?
Jogaba derek gyz diňe baş atdy. Şundan soň Allak
sapandan sypan ýaly boldy. Çalt-çalt ýöräp,
gaýralygyna tutdyrdy. Hol aňryk baransoň, hyrra
öwrülip, yzyna seretdi-de, taýak atym daşlykda
henizem sarsman duran gyza tarap gaýtdy. Onçakly
golaýa-da gelmän:
- Meň penjegimi bersene! – diýip, boýnuny burdy.
Mart, 1992. Aşgabat.
44
DERDESER
Hekaýa
*
*
*
Suhanyň ejesiniň köne derdi gozgady!
Onuň birinji ärine Mämmet diýerler. Mämmet ýarag
ujundan öldi. Dul galan gelni Mämmediň inisi Nazarla
dakdylar. Nazarlydan basdaş iki gyz, bir ogul dünýä
indi. Ony alyp ýatan garahassa keseli boldy. Şeýdip,
Suhanyň ejesi ýigrimi dört ýaşlanryndaka ikinji gezek
dul galdy. Nazarlynyň belli günleri sowulýança ol güň
gezdi. Soňam däliredi. Däliredi diýiläýýä. Däliremedi.
Bir edeni, “Men äre çykjak. Maňa är tapyp beriň!”
diýip ile çykdy. Eltisi: “Kelläň bir ýerindemi, gyýw!
Bolşuň nähili? Utanç bor-a, goý” diýende, “Goýjakgä.
Maňa är gerek. Äriňi ber. Onsoň goýaýyn” diýip,
galmagal turuzdy. Aýaly ölüp, dul galan Öwezli bir
gün çola ýerde oňa söz aýtdy. “Senden är bolmaz.
Maňa sen ýaly är gerek däl. Maňa Almaz ýaly är
gerek” diýip, köçä çykyp, onam betnam etdi. Soňam:
“Sen maňa är bol. Men saňa äre çykjak. Görýäň-ä, men
ärsiz galdym-a” diýip, täze açylan mekdebiň ýeke-täk
mugallymy Almazyň başyndan musallat bolup indi. Bir
günem açyldy. Utandy. Edip ýören işleri üçin özünden
utandy. Göwnüne mojuk zatlary saldy. “Meň baran
ärim ölýär. Maňa är düşenok” diýdi. “Kysmatdyr bi.
Owalynda şeýle ýazylandyr” diýmedi. Özüni
adamlardan çetde saklady. “Bi gyrnag-a äre gelen
ganym eken” diýýändirler diýip hesrete basyrynyp
45
gezdi. Il diýeniňem näme, ähli işi diňe sen däl. Il bir
güň seniň gürrüňiňi eder-de, ikinji gün özüne täze gepgürrüň tapynar. Şeýlelikde, keremara ile goşuldy. Äre
turup gitmedi. Ärli gürrüňler unudyldy. Soň ýowuz
günler başlandy. Aýlar agyr, ýyllar uzyn, gijeler
sowuk. Adamlary tutup, äkidýärdiler. Äkidilen adamlar
yzyna dolanmaýardy. Onsoň uruş turdy. Munuň hiç
yzy gelmedi. Güýzler ýürekgysdyryjy. Gyş günleriniň
aldajy sowugy bardy. Aňyrdan joşup gelen ýazlar bolsa
göwnüňi gozgamaýardy. Açlykdy. Açlyk adamlaryň
çydamynyň çägini ölçeýärdi. Onsoň uruş gutardy.
Zamana barybir zabundy. Suhanyň iki ärini ajala
aldyran ejesi şonda ýaman mert durdy. Perzentlerine
pena boldy. Kolhoza gatnady. Orak ordy, pagta ýygdy.
Gündizlerine çil çekip, gijelerine suw tutdy.
Ýadamady, basylmady, gaýrat etdi. Ejizlän mahaly
aglap, aýdym aýtdy. Onsoň gyzlaryny äre berip, ogluny
oýerdi. Agtyk söýdi, çowluga ýüzi düşdi. Ynha, indem
aradan elli ýedi ýyly geçirip, şol köne dert ýene munuň
ynjalygyny elinden aldy.
Muny ilki aňşyran ogly Suhan boldy. Juma güni
gijara ol bir sebäp bilen garrynyň bolýan otagyna
girende ejesiniň terse bakyp, aga çalymdaş heň edip
oturanyny gördi.
Gam kalbyňy daglar, heý,
Göwnüňi pos baglar, heý,
Saç, ýaýyp, kim aglar, heý,
Äri ölmedik bolsa?!
46
Suhan gözlerini açalak-ýumalak etdi. Düşünjek
boldy. Bolmady. Gulaklaryny keýerdip, yzyna diň
saldy.
Gaýgy-gamyň bolarmy,
Güler ýüzüň solarmy,
Ajal golaý gelermi,
Ýanyňda äriň bolsa?!
Suhanyň haýýaty göçdi.
- Eje! - diýdi.
Garry hä bermedi. Dowam etdi.
Çözläp, saçlaryň ýaýsaň,
Döşüne başyň goýsaň,
Gijeler ýatman söýseň,
Äriň ýaňynda bolsa.
Suhan:
- Beh, beh, eje, eje! - diýip, ejesiniň egninden
yralady. Garry egniniň üstaşyry yzyna seretdi.
Suhanyň ejesiniň gözlerini üýtgäpdir! Olarda öňki
mysapyrlykdan, rahatlykdan, mylakatdan birjik-de
nyşan galmandyr. Oňa derek ol gözlere galagopluk,
rehimsizlik, gaýduwsyzlyk inipdir.
Suhan ejesiniň ýitelen gözlerini görüp, erbet
düýrükdi. Süňňi bir elhençligi syzdy. “Däliräpdit.
Akyly üýtgäpdir. Ahyr ýaşynda däliräpdir. Gözi aýdyp
dur” diýen pikir bada-bat beýnisinde at çapdy.
- Näm bolýa, eje? Ýaramajak bolýaňmy?
Garry terse bakdy. Sandyrawuk ses bilen:
47
- Ejeň ärsiz ötüp barýa, jan ogul, ärsiz! - diýip
eňredi.
Suhan ejesine düşündi. Ol ärsiz ötürilen elli ýedi
ýyllyk ömrüň ýasyny
tutýardy.
Garry gaýtadan eňräp başlady:
Etseň, hyzmatyn etseň,
Tapyp, göwnüne ýetseň,
Uzak ýollara gitseň,
Äriň ölmedik bolsa.
“Ine,saňa gerek bolsa! Indi nätmeli? Il-gün näme
diýer? Näme etmeli?” diýen sowallar Suhana
eýýämden ejir çekdirip ugrady.
-Eý, Hudaý, eý, Alla, eý, toba! Biabraýçylyk.
Masgaraçylyk. Barypýatan masgaraçylyk. Özem ahyr
ýaşynda. Eý, Hudaý!.. - diýip, ol ýarym pyşyrdy bilen
samyrdady. Soň:
-Eje, eje! - diýip çykyp gitdi.
*
*
*
Suhan ejesi barada aýaly Akgyza hiç zat aýtmady.
Entek hiç kim bilmänkä nähilidir bir gudrat bilen
ejesiniň akylynyň, esasan-da gözleriniň öňki durkuna
dolanmagyny isledi. Umyt etdi. Açylar diýdi.
Onuň öýde-de oturasy gelmedi. Başyny alyp, nirädir
gaçyp gidesi geldi. Gaçyp baran ýerem mellegiň
aýagujy boldy. Mallara seredişdirdi. Oturyp çilim
çekdi. Oýa batdy.
48
Birmahallar, heniz oglan döwürleri Seýitli bilen
eden sene-menesi ýadyna düşdi. Dawanyň nämäniň
üstünde turanlygy belli däl, ýöne Seýitliniň diýen
sözleri hakydasynda galypdyr:
- Eý, seň bar-a, kakaň ölende bar-a, ejeň däliräpdirä. Äre çykjak diýip, masgara bolupdyr-a.
Elbetde, şol gezek Suhan Seýitli bilen gyzyl
ýumruga girişendir. Soňam çola ýerde tenha özi
aglandyr. Ýöne bular ýadynda däl. Aldajy gyşlarda
enesini emýän guzujyk ýaly, oraçalarynyň ojagynyň
başynda ejesi bilen emişip ýatýandyklary huşunda…
Suhan bozuljak boldy.
- Gyýw! - diýip, aňyrdan alakjap gelýän aýalynyň
sesine ol ziňk edip gitdi.
- Gyýw, tur, gel bärik. Ejeň…
- Ýuwaş, how! Häk, seniň sesiň… - diýip, Suhan
hemleli gygyrdy. – Gohuň näme?
Suhanyň göwnüne bolmasa, ejesiniň akylynyň
üýtgänine Akgyz birhili begenýän ýaly bolup dur.
Äheňinde ýakymsyz dabara bar. Bi heleý tohumy şolar
ýaly zada heşelle kakýa, hezil edinýä. Bulara tomaşa
gerek. Betbagtlygy abraýdan ýeg görýärler.
- Näme, etek alty, ýeň ýedi, öň etegiňi dişläp, ylgap
ýörsüň… Begenýäňmi? - diýip, Suhan aýalynyň
mazaly badyny aldy.
- Begenerinmi, gyz?! Gürrüňiň nähili seň? Toba
etdim! – diýip, Akgyz ýakasyny tutdy.
Suhan aýalyny dem salym synlap:
- Bar, ondan-a köýnegiň goltugyny çat. Ebtiňi düzet
- diýdi.
49
*
*
*
Suhanyň, tüweleme, dört gyzy, üç ogly bar. Uly
ogluny öýerip, iki gyzyny durmuşa çykardy. Oglundan
agtyk gördi. Ikinjisine-de garaşyp ýörler. Ortanjy ogly
bir ýyl bäri gullukda. Beýleki çagalarynyň üçüsem
mekdep okuwçysy.
Agşama çenli Suhanyň öýünden örýänleriň ählisi
garrynyň ýolugan derdi barada eşitdiler. Ýöne hiç kim
onuň gürrüňini etmedi. Öýe sustluk aralaşdy.
Çagalaryň şagalaňy peseldi.
Nahardan soň Suhan:
- Ertir ir bilen motoryňy mün-de, Ogulkeýik ejeňlere
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Derdeser - 3
  • Parts
  • Derdeser - 1
    Total number of words is 3738
    Total number of unique words is 2080
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    43.3 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Derdeser - 2
    Total number of words is 3834
    Total number of unique words is 2023
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Derdeser - 3
    Total number of words is 3827
    Total number of unique words is 1892
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Derdeser - 4
    Total number of words is 3732
    Total number of unique words is 2128
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Derdeser - 5
    Total number of words is 3833
    Total number of unique words is 2047
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Derdeser - 6
    Total number of words is 3831
    Total number of unique words is 2121
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    43.4 of words are in the 5000 most common words
    50.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Derdeser - 7
    Total number of words is 3771
    Total number of unique words is 2083
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Derdeser - 8
    Total number of words is 3835
    Total number of unique words is 2144
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Derdeser - 9
    Total number of words is 2672
    Total number of unique words is 1628
    33.3 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.