Latin

Derdeser - 6

Total number of words is 3831
Total number of unique words is 2121
30.6 of words are in the 2000 most common words
43.4 of words are in the 5000 most common words
50.4 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
hem kimdir biriniň nirededir bir ýerde şeýle
duýgulardan ezýet çekýändigini unudýarsyň. Çünki
birinjiden-ä, plýaža gelenler tebigatyň edil neşe ýaly
özüne bendi ediji bir jadysyna aldanýarlar, şonuň
gyzygy bilen dem alýarlar. Ikinjiden bolsa, seniň hut
özüňem şol güýjüň girdabyna düşýärsiňde, beýleki
ýarym-ýalaňaç adamlar ýaly, adaty kişileriň birine
öwrülip gidiberýärsiň. Onsoň dünýe, onuň gurluşy,
adamlar, dost-ýarlar, geçmiş... barada pikir edip
başlaýarsyň. Pikir bolsa ýumak kysmy bir zat. Seni kör
iden ýaly, yzyna düşürip, öz-özi çözlenip gidip barýar.
Pikir ýumagyny çözlemekden ýaňa adam lejigip
bilmez. Pikir dälilik kaddyna ýetirýär, ýadadýar, emma
irizmeýär.
117
- Seň hemişe-de şu bolşuňmy? – diýip, Hati elindäki
kiçeňräk sumkany ýerde dikeldip goýmak üçin egilip
durka sorady.
Benet biparhdy. Onuň elinde ýapraklary selçeň bir
agajyň entek gurap ýetişmedik tikenli çybygy bardy.
Bir metr çemesi uzynlykdaky bu öl çybygy Benet çep
elinde saklap durdy, ony birsyhly oýnadýardy. Özi-de,
hamana, deňziň o kenaryny görmekçi bolan ýaly, sag
elini bykynyna tutup, Hatiniň ters tarapyna bakyp
durdy.
Hati aýagyndaky ýeňiljek gaýyş köwşüni çykardyda, bökjekläp, Benetiň ýanyna geldi. Wawwasy bar
ýaly, elini onuň bilinden geçirdi-de, henizem heýkel
kimin sarsman duran erkek kişiniň egnine kellesini
goýdy. Soň assyrynlyk bilen Benetiň ýüzüne, esasan-da
gözlerine seredip, sowalyny gaýtalady.
Benetden ses-seda çykmady. Ýüzi tutukdy.
Dymmalyk onuň zandynda bardy. Çagaka-da beýle bir
geplemsek däldi. Has-da häsiýetli tarapy, onuň özüni
alyp barşynda şu güne çenli dymmalyk artmasa
kemelmedi. Şu dymmalygam ony wagtyndan ir
goýaltdy. Hatda bedenine dahylly hereketlere-de haýalýagallyk hem agraslyk aralaşdy. Aşa agraslyk köplenç
halatda ýowuzlyga alyp barýar. Aşa agraslyk diýmek –
ýowuzlyga gönezlik diýmek. Benet babatda-da
gürrüňsiz şeýledi. Eýsem, onuň otuz bäş ýaşly syratly
göwresine ýowuzlykdan başga näme gelşik berip
biler?! Ýowuzlyk iri süňkli, daýaw adamlary
salyhatlylyga ýakyn goýar.
Benet bilen Hatide bir pursat nazaryny eglän her bir
adam olary är-aýaldyr güman etjekdi. Çünki bu ýerlere
118
oýnaşlardyr ograşlar asla gelmeýärdiler diýen ýalydy.
Ýogsam, Hati heniz ýigrimi üç ýaşyny-da
doldurmandy. Ikisiniň arasyndaky ýaş tapawut tutuş bir
müçedi. Olar är-aýal däldiler. Olar düýbünden biribirine ýat adamlardylar. Biri-birini tanamag-a däl, düýn
agşama çenli, meger, görüşmändiler hem.
Hati ýyl ýarym mundan öň äre çykypdy. Maňlaýyna
oňa asylly är sataşdy. Ärine Gujer diýýärdiler. Ol
balykçynyň ogly bolup, ata kesbini ýöredýärdi.
Girdejisi-de az däldi. Ogluny öýerenden soň garry
balykçy Gujer bilen Hatiniň rysgyny aýrylady.
Aýrylady welin, biraz ýaşaşanlaryndan soň, belli
bolmadyk sebäbe görä bu ýaş maşgalada dawa turdy.
Gujer özüniň erkek jynsyna degişlidigini subut etmek
üçin, belki, beýle-de däldir. Hatiniň owurdyna çekip
goýberdi. Şunlukda Hatiniň gözüniň aşagy gögerdimi,
nätdimi, ol hut öz ärini kazyýete berdi oturyberdi.
Şeýdibem, Gujer ömrüniň on sekiz aýyny zyndanda
geçirmeli edildi. Hatä bolsa, eger islese, ärinden
aýrylmaga hem-de başga biri bilen durmuş gurmaga
ygtyýar berildi. Elbetde, Hati bu babatda berk
ikirjiňlenmän biljek däldi. Soňraky durmuş oňa göwün
diýen ärini wada bermeýärdi. Umytlaryň hem
töwekgelligiň seni nämeleriň üstünden eltjegi näbelli.
Öz täleýiňe özüňiň bilniksiz gapan gurmagyň tüýs bir
heňe geläýjek zat. Ine, ahyrda-da, niçiksi oýlanmalaryň
etdireni mälim däl, bu samsyjak zenan çyn ýürekden
Gujeri küýsäp ugrady. Soňabaka her edip-hesip edip,
ärini zyndandan çykarmagyň gamyny iýip başlady. Şuda ony, ynha, indi on ýyldyr prokuror bolup işläp ýören
Benetiň gaşynda dyzyna çökerdi.
119
Eýsem, Benet barada nämeleri aýtmak mümkin?
Onuň gyzykly okalýan kitaplardaky ýetim ösen
gahrymanlaryňky ýaly terjimehaly-ha ýok. Ejesi bilen
kakasy entek diri. Özi öýlenen. Iki ogly bar. Gurply
ýaşaýar. Ýöne bu onuň häzirki durmuşy. A ol
oglanlykdan garrady. Az-kem gallaçlyk, ejesiniň aşa
hapysalygy, kakasynyň bolsa başyňy aýlaýan
içgilerden çenden köp içip, sandan galmagy, pes
adamalaryň kemsitmeleri, mertebesizlik... ony oglanka
garratdy. Şeýle günlerde-de Benet birgiden gyzlary
söýmäge wagt tapdy. Gyzlar oňa ýüz bermeýärdiler.
Benet welin, şol wagtlar maksada okgunlydy,
gaýduwsyzdy. Soň günler, aýlar oňa yhlasyňy öňýetene
siňdirip ýörmeli däldigini, ýüregiňi bolsa mümkingadar
aman saklamalydygyny assa düşündirdi. Kişi
maşgalasyna höwes etmek duýgusy onuň zandynda
ýokdy. Şeýde-şeýde ol ösdi, ulaldy. Takdyram adama
hemişe gamly bakmaýar ekeni. Kähalatlarda şumluk
adamyň ykbalynda wagtlaýyn bolýar. Her hili ýagdaý
ýüze çykanda-da adam Hudaýdan nägile bolmaly
däldir. Şonda bagt onuň öz elinde bolar. Ine, şu
zatlaryň hemmesiniň bir ykbalda jemlenende döredýän
ýürekparalaýjylygyna düşünmek gerek!
Benet Hatini düýn örän sowuk garşylady. “Ärsiz kyn
bolýan ekenmi? Asla saňa är nämä gerek?” diýen ýaly
täsin sowallary berdi. Iň soňunda-da Gujeri zyndandan
çykarmak üçin özi bilen Hatiniň plýaža gitmeli
boljakdygyny aýtdy. Hati böwrüni diňlemedi. Asylam
ol ýaýdanç diýlen zada äsgermezçilikli seredýärdi.
Durmuş aladalary çözülende çalt karara gelýärdi.
Görnüşi ýaly dymmalyk uzaga çekdi.
120
- Nä, keýpiň ýok-la? – diýip, Hati ýasama çytyldy.
Benet töwereginde kejikdiriji duýgulary döredip
dymýardy.
- Ýa bir aladaň-zadyň barmy?
Ine, ol ahyry uludan demini aldy-da:
- Meň aladam bilen işiň bolmasyn! Bar çykaryn! –
diýip, buýruk berýän äheňde aýtdy. Ýöne durkuny
üýtgetmedi.
Nämüçinligi belli däl, Hati myssa ýylgyrdy. Soň az
salymlyk gaýra tesip, diňe içki geýimde Benetiň
ýanyna dolanyp geldi. Gelen dessine-de Benetiň
bilinden elini geçirip:
- Sen nä çykarynaňok? – diýdi.
Benet kemteresinden sesini-de çykarmady. Aslynda
özüne gönükdirilen sowallaryň uçdantutma ählisine
jogap bermezlik onuň ädehedidi.
- Ýa suwa düşjegem dälmi? – diýip, Hati, garaz,
anyklamak isledi.
Benet uzakdaky näbelli nokatdan nazaryny sowdy.
Çakdanaşa ulumsy garaýyş bilen Hätiniň içki
geýimlerine tiňkesini dikip, şeý diýdi:
- Bu zatlaryňam aýyr!
Utançdan Hatiniň ýüzi gyzardy.
- Nämüçin? – diýip, ol birhaýukdan soň sandyrawuk
ses bilen sorady.
- Aýyr
diýlensoň, gepiňi köpeltmän aýrarlar,
keýgim!
Hati ýene esli dymyp, dillendi:
- Utanýan.
- Kimden? Mendenmi?
- Benet!
121
- Şu zatlaryňy aýyr! – diýip Benet kesgitli gaýtalady.
Hati töwerege göz gezdirdi. Ho-ol, aňyrda, ap-ak
ürgün çägäniň üstünde arkanu-ýüzin ýatyp, Günüň ýiti
çoguna meýmireýän adamlara seretdi. Soň kükregini
dolduryp, uludan demini aldy-da, çete çekildi.
Nägilelik hem geňirgenme, utanç hem gorky onuň
soňraky hereketleridende adaty däl haýal-ýagallygy
göz-görtele etdi. Şonda ýeňsesini tüňňerdip, deňze
bakyp duran Benet oňa şu sözleri diýdi:
- Sen şu ýere meň sözüm üçin geldiňmi, meňem
diýenimi edersiň. Onsoňam äriň hakyndaky pikirlerden
özüňi daşlaşdyr. Ras, men söz berdimmi, sözümde
tapylaryn.
Soň çyp-ýalaňaç halda uýaljyrap duran Hatä seredip,
güňleç ses bilen:
- Meň golaýyma gel! – diýdi.
Hati aýdylandan çykmady.
- Bärde durmaly-la! Ýör beýläk!.. Senem çykaryn,
Benet!.. Men-ä suwa girjek - diýip, ol megerem
utanjynyň üstüni örtmek üçin aýtdy.
Ine, şu ýerde Benet elindäki ýapraklary selçeň bir
agajyň entek gurap ýetişmedik tikenli çybygy bilen
Hatiniň Güne lowurdap duran ýalaňaç ýagyrnysyny
saýgylap goýberdi. Şol bir wagtyň özünde-de:
- Ylga! Gaç! – diýen sözleri bilen Hatiniň eýýam
haçan “Waý-ý!” diýip gygyrmaga ýetişen çirkin sesini
basdy. A Hati ylgaman, gaçman biljek däldi. Ol,
hamana, Benetiň geýimlidigini unudan ýaly özüni suwa
uraýman, kenaryň boýy bilen günbatara garşy
aýagaldygyna ýüwürýärdi. Aşaky dodagyny dişläp,
Hatiniň ökjesini sydyrdyp barýan Benetiň elindäki
122
çybyk bolsa, kä daýym yzyna garap, ala-zenzele bolup
ylgaýan bu bedibagt zenanyň ýagyrnysyny hem başga
ýerlerini awy-zerzaw etmek üçin birsydyrgyn howada
şuwlaýardy. Ahyrynda-da bu görnüş çyrpynyp ýatan şu
gök deňziň iň bir parahat, iň bir ýuka ýerine düşýärdide, ony perişan hem gülkünç edip görkezýärdi.
Noýabr, 1994. Aşgabat
GARLY HEM GUSSALY ÝEKŞENBE
Hekaýa
Orta mekdebi gutaryp, şäherdäki hünär öwredýän
ýörite mekdepleriň birinde okaýan Baýsähet ir düşen
gyşyň nobatdaky aýazly hem garly ýekşenbesinde diňgögüne garap, kän ýatdy.
Öýlänler uly agasy Nursähet geldi.
- E-eý!
- Ho-ow!
- Bu nä boluş!
- Aý, hiç!
- Garamyratlara gidip geldiňmi?
- Hümm.
- Aýtdyňmy?
- Hawa.
- Näme diýdi?
- Hiç zat.
- Näm bolýar, how, saňa?
123
- ?!.
- Has atdyňmy?
- Juk.
- Agzyňda suw barmy?
- Juk.
- Onda näme?
- Hiç zat, how. Hiç zat.
- Beh-beh! – Nursähet dagy näme diýerini bilmedi.
Biraz oturyp:
- Aý, bolýa – diýip, çykyp gitdi.
Şol gün şamlyk nahardan soň Baýsähet uly
ýeňňesiniň bolýan otagyna bardy.
- Nursähet ýokmy, gelneje?
- Ýok. Gitdi.
- Nirä gitdikä?
- Garamyratlara diýäýdi öýdýän şol. Hä, näme?
- Aý, hiç
- Gel, otyp, çäýnekde çaý-a bar.
Baýsähet geçip oturdy.
El işine güýmenip oturan Arzy gelneje oňa çaý
guýup berdi.
- Bular näme eýýäm ýatypdyrlar, irgözin... – diýip,
Baýsähet Nursähediň gap dulda serlişip ýatan
çagalaryna ümledi.
- Äý, oýnap-oýnap, ýadandyrlar-da.
Baýsähet şirp-şirp edip çaý içdi.
Arzy gelneje:
- Baýsähet jan, aňyrky äpişgä seredip goýbersene! –
diýdi. – Sowuk gelýä welin, gowy ýapylmandyr
öýdýän. Hazan almyş...
Baýsähet seredip gördi.
124
- Aý, ýok, äpişgäňiz-ä oňat ýapylypdyr.
- Şeýlemi?
- Daşary sowuk. Şondan bolaýmasa.
- Şondandyr onda. Howa-da, gurbany gitdigim,
maýlar ýaly däl. Gün-günden bujurygy artýa gaýtam...
Şuwadam ýagýamy?
- Hawa.
- Ýagawersin!..
Baýsähet çaý şirpildedip, ene biraz oturansoň:
- Gelneje! – diýdi.
- Hä?
- Gelneje bir zat diýsem edermiň?
Arzy gelneje ýüzüni birhili edip:
- Näm ol? – diýdi. – Hany, aýt!
- Ilki söz ber, gelneje!
- Waý, nämä?
- Şo meň aýtjak zadymý etjek diýip söz ber.
- Men näbileýin seň näme aýtjagyňý, Baýsähet jan?
Ilki bir aýt ahyry!
- Kyn zat däl, how, gelneje!
- Ana, söz berdim, Baýsähet jan! Aýt indi!
Baýsähet ýaýdandy.
Ýeňňesi gylaw aldy.
- Aýt-da indi!
- Neme-däraý, gelneje!
- Näme?
- Ertir bar-a?
- Hawa ?
- Men bar-a?
- Hawa?
- Okuwa gidemsoň bar-a?
125
- Hawa?
- Ejeme bar-a?
- Hawa?
- Neme diýsene!..
- Näme diýeýin?
Baýsähet çaýly käsesine seredip ýaýdandy.
Ýeňňesiniň özüne öňkülerinden has dykgatly
seredýänini aňyb-a gyzardam.
Arzy gelneje gyssandy:
- Näme diýeýin. Baýsähet jan?
Baýsähet aýdyp göýberdi:
- Gudaçylyga gidiň diý!
- Hä?
Arzy gelnejäniň gözleri ýanyp gitdi.
Baýsähet iki egninden dem aldi.
- Çynyňmy, Baýsähet jan?
Ýüwürjisiniň asla henek etmeýändigini gözi bilen
görüp oturan Arzy gelnejäniň kebzesine kümüş
çaýyldy.
Baýsähet ýuwaş-ýuwaşdan başyny
galdyryp,
ýeňňesiniň ýüzüne seretdi. Arzy gelneje indi hut öliň
soragyny ýagdyryp ugrady.
- Kimlere barmaly, Baýsähet jan?
- Bu obadan däl ol.
- Onda nirden?
- Gökjeden.
- Gökjede kimlerden?
- Seýit milisýelerden.
- Ady näme?
- Adyny nämetjeg-aý?
126
- Waý, gudaçylyga gitmeli bolsa, adyny bilmeseň,
nähili bor, gyz, o?!.
- Bägül.
- Hm-m, Bägül, diýsene. Oňatja ad-a bar eken.
Onsoň nememi, gulmy, igmi, näm ol?
- Aý, men näbileýin-aý?!
- Soramaly ekeniň.
- Sorap bom-aý onam bir?!
- Suratyny getir, men tanap bereýin.
- Mende suraty ýok.
- Samsyk! Suratyny almaly ekeniň.
- Suratyny başyňa ýapjak-maý, gelneje?!
- Ejeň görjek diýse, näme etjek?
- Diýmez.
- Şonda-da bileje surata düşmeli ekeniňiz.
Baýsähet jabjyndy:
- Aý, näm bolanda nämaý?
- Dur entek, Baýsähet jan, nememi ol, kursdaşyň
zadyňmy?
- Hawa.
- Hä-ä, dogry-y. Onsoň ulymy ol senden, ýa kiçimi?
- O zatlary nämetjeg-aý, gelneje?
- Dursana, gyýw, bilmeli bor-a.
- Ýaşyt meň bilen.
- Ýaşyt diýsene!.. Dogry!.. Men-ä begenýän,
Baýsähet jan! Onsoň nememi o gyzyň özünden uly
çykmadyk ýa öýlenmedik dogany ýokdur-a?
Baýsähet gözüni tegeläp, ýeňňesine seretdi. Iki
sekuntdan soň gysgajyk:
- Ýok – diýdi.
Arzy gelneje dowam edip.
127
- Ýa iň ulusymy şo?
- Hawa.
- Hä-ä, onsoň, Baýsähet jan, sen oňa hat berdiňmi?
Ýa birine aýtdyrdyňmy? Nätdiň?
- Oýun etmesene, how, gelneje!
- Çynym, gyýw!
- Nädemde nä?
- Aý, ýok, sen hat-a bermeli däl. Sen göni baryp,
özüne aýdansyň. Seni halaýan diýensiň. Şeýlemi? Ä?
Baýsähet gyzardy.
- Oyun edýäň-aý, gelneje!
Arzy gelneje dymyp, birsalymdan:
- Häý, ejeň göwnemäýmese – diýdi.
Baýsähet özüni raslady.
- Göwnär. Oňaryp aýdybilseň, göwnär.
- Ol-a saňa Äşäni alyp berjek diýip ýör.
- Kim ol Äşe?
- Bilmedik bolan bolma. Müň sany Äşe bamy?!
Hany, o nemäň...
- Men-ä öýlenmen şoňa.
- Wiý, nämüçün?
- Bilemok, how, bilemok.
Arzy gelneje “hm-m” edip, esli oturansoň başga bir
gürrüň tapdy:
- Özleri gul bolsa, kän galyň-a diýmezler.
- Onçasyny biljek däl.
- Soramaly ekeniň.
- Nämäni?
- Şony? Galyňny?
- Men indi şoň galyňny sorarynm-aý?!
- Kakasam milisiýe bolsa...
128
- Hä, näme?
- Kakaň unamazmyka diýýän.
- Nämüçün ?
- Eşideňokmy, Hojaga günde on gezeg-ä sögý-ä, iliň
jübüsine gözüni dikip ýör diýip.
- Kakam ony Hojaga diýýär.
- Kakaň hemme milisýä-de diýýär. Milise bolup
işleýän bolsa, şo gyzyň kakasyna-da diýer.
- Diýmez.
- Diýer.
- Hemme milise Hojak ýaly däl, how.
- Ah-heý, özi milise bor-da, abat bormy?
- Bilmän bir zat diýme, gelneje!
- Baý–baý–baý! Ýigid-ä eýýämden gaýnatasynyň
ýüzüni ýuwup ugrad-ow.
- Oň üçin däl-ow.
“Jy-ýy-yk” edip, gapy açyldy. Baýsähediň kiçi
ýeňňesi Nabat geldi.
- Öw–he–eý, sowukdygyny. Üşäňzokmy, gyz?
Arzy gelneje onuň bu sözlerine pisint etmedi.
Gözlerini güldürip:
- Bir zat aýdaýynmy? – diýdi.
Baýsähet:
- Aýtma! – diýdi.
- Aýtjak. Nabat öýkeläýse nätjek birden!
- Näme, gyz, ol? – diýip, Baýsähediň kiçi ýeňňesi
gözlerini elek-çelek edip, bir hezillige garaşdy.
- Ynha, şudur-da, gyz! Öýlenesim gelýä, gudaçylyga
gidiň diýip, ertirden bäri dyzap otyr.
129
- Waý, illeňkiň enaýylydygyny! – diýip, Nabat
gelneje eltisine ugrybir bäş
sowal
berdi. – Nirä, kimlere, ady näme, okaýamy, işleýämi?
Arzy gelneje aýtdy.
Nabat gelneje ýüzüni ýüwürjisine öwürip:
- Şeýlemi? – diýdi.
Baýsähet gaşyny çytdy. Kesä bakdy.
Nabat gelneje ýene bir sowal berdi:
- Ýaşyň ýetýämi?
Baýsähet ilki düşünmedi.
- Nämä? – diýdi.
- Söýüşmäge ýaşyň ýetýämi diýýän.
Baýsähet saňňyl–saňňyl etdi.
- Halsähet ikiňiz söýşeňizde ýaşyňyz ýetýämidi?
Hä?
- Hawa.
- Meňkem ýetýä onda.
Baýsähet jübüsinden çilim çykardy. Otlandy.
- Gyýw, çilimem çekýäňmi? – diýip, Arzy gelneje
agzyny öweltdi.
- Söýüşip başlan bolsa, her zat çykar – diýip, Nabat
gelneje aýtdy.
Baýsähet sessiz ädim urup, gapa ýöneldi. Çykyp
barýarka-da, yzyna öwrülip, Arzy gelnejä azgyryldy:
- Aýtma diýdim-ä men saňa. Aýtma diýdim-ä.
Daşarda gyýalap, gar ýagýardy.
Baýsähet mellegi deň ikä bölýän darajyk çil bilen
ilerligine ýöredi. Baslygyp ýatan ak gar onuň
aýaklarynyň aşagynda gütürt-gütürt edip, ses edýärdi.
Kem-kemden güýjeýän aýaz ýüzüni-gözüni dalaýardy.
130
Gijelikdi. Ýöne ýerde ýatan gar tümlügi birsyhly
serpikdirip, gözýetimdäki adam garasyny mazaly
saýgarar ýaly ýagtylyk paýlaýardy.
Dekabr, 1993. Aşgabat.
DÜŞNÜKSIZ ADAM
Hekaýa
Annaly aýlyk alyp geldi. Ol öýe girip, heniz
köwşüniň bagjygyny çözmänkä aýaly Bosan ellerini
bykynyna tutup:
- Neme... Aýlygyňy alan bolsaň, öňümizdäki bazar
güni bazara çyk-da, bir goýun alyp gel. Soýup,
huruşlyk edineli. Kellebaşaýagynam dograma ederisde, ejeňe aýat okadarys - diýdi.
*
*
*
Daňyň alagaraňkysynda Annalyny ukudan oýaran
aýaly boldy.
131
- Gyýw, tur indi. Bazara gitmel-ä sen... Çaý içeriň
diýseň-ä demläp berjek. Bolmasa-da, çaltrak äw.
Ahyrbazara galarsyň.
Annaly turup, geýindi. Aýaly Bossan pully
düwünçegi alyp geldi.
Ony lükgeligi bilen äriniň öňüne oklap:
- Al, ana. Puluňy bir galdyryp gidäýme. Özüňem
häzirräk bol. Sähel nemetseň, ogurladarsyň. Bazar
jüwlüksiz bolmaz – diýdi.
Annaly daşarda köneje “Moskwiç” maşynyny otlap
bilmän gara başyna gaý bolup ýörkä aýaly oňa ýene
sargyt gatyşykly akyl öwretdi:
- Gyýw, goýun bir tanaýaňmy sen? Goç-soç dagyn
alaýyjy bolmagyn. Goçuň eti maňa bolýan däldir.
Arryk goýna-da ýapyşmagyn. Çakyr süňk bolup duran
zadyň nämesini huruş edinjek? Beý diýsemem,
semizinden semizini gözläp, heläk bolup ýörme...
Guýrugy elek ýaly, elli kilelik goýun äkelibilseň-ä, oňa
ýetesi zat ýok welin, arzan dälmikä diýýän-dä.
- Gymmatdyr – diýip, Annaly maşynyň kapotyny
ýapdy.
- Şo-da. Gymmatmyka diýýän-dä menem.
Nemedäýsene
bolmasa,
arrygyna-da
ýapyşma,
semizine-de. Soýup, huruş edinerlik mal tanarsyň -a.
Ortatabyrak bir zat. Bärräk-bärräk soraşdyr-da,
ylalaşyp, alyp gaýdyber. Wah, jellabyň birine duşsaň-a,
ýagyrnişligiňi tüteder welin... Belki, Hudaý... Gyýw,
araky telpek alşyň ýaly bolaýmasyn. Eşidýäňmi?
Emma Annaly ony eşitmedi. Ol eýýäm maşynyny
otlapdy. Maşynynyň bolsa gep-üýn alyşdyrmaýan erbet
sesi bardy.
132
- Bi bir söwda-da oňaranok iliňki ýaly – diýip,
Annaly ugransoň, aýaly Bossan zeýrenip, mellegiň
törüne ýöneldi. Ol ýerde sähel eglenip, öýe girdi-de,
ýorgangala sümüldi.
*
*
*
Annaly maşynyny bazaryň sesýetim golaýynda
goýdy-da, emelsizlik bilen salnan agyllaryň daşynda
köwejekledi. Aýlanyp-aýlanyp, ahyry daňdanyň
çigreginden ätiýäç edip: “Ýa, walla, alagaraňkyda-da
bir söwda bormy?” diýdi-de, hababaýlap, maşynyň
içine girdi. Girdi-de, urdy ukyny.
Bir zamanlar gözüni açyp görse, ýüzüni sakgalmurta basdyran bir kişi maşynyň aýnasyny kakyp dur.
- O-ow, ýaşşuly, waleýkimessalam, kireý edýäňmi?
- Sagat näçe bold-aý? – diýip, Annaly gözüni
owkalady.
- Sagad-a dokuzdan işleýä welin, bi Peşanala
taşlabilmezmiň? Birki sany goýun aldyk-da...
- E-eý, men goýun almal-a, goýun. Baý-bo-ow, il
eýýäm söwdasyny edip bolan ýaly-la.
Annaly alňasady. Pully düwünçegini goltugyna
gysdyrdy. Aljyrajak boldy. Ylgaşlap, mal bazarynyň
bir çetinden girdi. Giren dessine-de köşeşdi.
“Ýa-he-eý, bazar ýaňy başlanypdyr-a. Goýundan
kän zat ýok.”
Ol köw-söw edip uzak aýlanmady.
- Haý, janawar-eý. Gör, bulary. Mal dagyn däldir –
diýip, goýunly agylyň agzynda duran gaba telpekli
ýaşulynyň ýanynda aýak çekdi.
133
- Ýaşuly, goýun näden?
- Goýunmy? Goýun, inim, şu diýip belli birini
görkezmeseň, bahasyny aýdyp bolmaz.
Annaly balagyny çermäp, agyla girdi. “Ine, şü. Aýt
şuň bahasyny” diýip bir işşegi tutup görkezdi.
Ýaşuly goýnuň bahasyny aýtmaga howlukmady.
“Aý, inim, malyň-a gowsuny tutduň. Bolsa-da, tangyr
ekeniň. Meň mallaryma tangyrlyk nämä gerek? Besbellidir-le. Elin mal şeýle bolýa-da. Guzulygyndan
özüm idetdim muny...” diýen ýaly sözleri aýdyp,
Annalyny agylyň içinde birki minut saklady. Iň
soňunda-da goýnuň bahasyny aýdyp: “Al eliňi bärik,
inim! Armany galan däldir indi şu söwdaň” diýdi.
Annaly iň
bolmanda
söwdaň
hatyrasyna-da
çekeleşmezden-zat etmezden oňa elini berdi. Şeýdibem
söwda etdiler.
Puluny sanap alansoň, ýaşuly bir gulaç çemesi işilen
ýüp bilen goýny güýlüp berdi-de:
- Al, ana, göter, nesip etsin - diýdi.
Annaly goýny göterip, maşynyna ýöneldi. Ol guş
bazarynyň gabadyndan geçip barýarka täsin bir zada
nazary kaklyşdy. Adaty däl, kiçijik bir towuk bilen
horazy bazara çykarypdyrlar. Olaryň aşa owadanlygy
Annalynyň garagyny gapdy. Ol goýnuny elinden
düşürmän:
- Bi nähili towug-aý? – diýip sorady.
- Bimi? Aý, biýem towugyň bir görnüşi-dä. Impirtni
towuk. Hyýalyň bolsa gel – diýip, towugyň eýesi
aýtdy. Ol ýaş oglan eken.
- Näçe diýýäň?.. Bahasyny soran bolýan welin, şu
wagt-a arta-süýşe pulam ýok.
134
Towugyň eýesi ýeser eken.
- Eliňdäki goýny näçä aldyň? Juda alarman bolsaň,
şo goýnuň bilen çalşyp goýbäris - diýip, ol tüýs
Annalyň edäýjek söwdasyny teklip etdi.
- Horazy bilen bilemi?
- Hawa-la.
- Başa-başmy?
- Başa-baş!
- Bäh! – diýip, Annaly kürtdürdi.
Olaryň daşy eýýäm adamdan doludy.
- Ýaman oňat söwda boldy. Ur eli! – diýşip, olar
gygyryşdylar.
- Dawaý, ur eli! – diýip, Annaly hem süründi.
Ýaş oglan töwekgel eken.
-“Il oňlasa, atyňy soý” diýipdirler. Al, nesip etsin!
Annaly muňa az begenmedi. Söwdany şowly hasap
etdi. ”Be-eý, walla, bi towuklary alsam aldym welin,
bylara iými-zady nähili bermelikä? Nämejik çokýaka
bular? Ýaňy soramak kellä gelmändir” diýip, ol ýolda
gelýärkä iňkise gitdi. Soňam: “Özi towuk bolsa, dänepäne çokýandyr-da. Ýak, walla, menem...” diýip, özüne
teselli berdi.
Uzak bir ýerlerden Annalynyň maşynynyň sesi
eşdilende iki sany tokarja gyzjagaz ylgaşyp köçä
çykdy. Maşyny görenlerindenem:
- Kakam goýun getirýä. Kakga mäje etirýä – diýip,
aldygyna gygyryşdylar.
Bossan ärini ýylgyryp garşy aldy. Annaly maşyndan
düşen dessine:
135
- Bossan diýýän-ä, ýak, walla, bu gün-ä ýaman
birhili söwda bold-aý. Birhili-birhili boldy-da, men-ä
towuk aldym oturyberdim – diýdi.
- O nähili towuk?
- Towuk-da. Horazly towuk. Impirtni, kiçijik,
owadanja... Bolmasa goýny indiki aýlykda nemederisdä.
Annaly maşynynyň bagažnigini açyp, towukdyr
horazy aýalyna görkezdi...
Ondan
soňky bolan
zatlar
hemmelere-de
düşnüklidir. Annaly-ha gyzlaryny ýanyna alyp, agşama
çenli towugyna hem horazyna ketek ýasamak bilen
meşgul boldy. Aýaly Bossan bolsa uzakly gününi
hüňürdäp hem zeýrenip geçirdi.
Agşam ýatjak bolanlarynda Bossan ärini ýanyndan
kowdy.
- Bar şo towuklaň bilen ýatyber. Şolar heleý bolar
saňa. Tur, meň ýanymda bir ýatma – diýdi.
Annaly aýalynyň diýenini etmän-de biljekdi. Ýöne
ertire çenli iňirdi eşidip ýatmaly bolmagy mümkindi.
Ol hopugyp ýerinden turdy. “Bi indi uklaýmasa,
ýanyna gelip bolmaz” diýip oýlandy. Gapydan çykyp
barýarka aýaly Bossan oňa ýene bir zat diýdi:
- Hamana, meň ejeme aýat okatjak bolýansyň...
Utananogam.
Annaly towuk keteginiň ýanyna bardy-da,
çommalyp oturdy. Bu jelegaýlarda bular ýaly täsin
guşuň başga bir kişide ýokdugy ýadyna düşüp, bu
söwdasyndan kanagat tapdy. “Bularyň özi ýumruk
ýalyjak. Ýumurtgasy dagyn nähilikä? Jüýjejikler-ä
hasam kiçidir. Men munuň ýumurtgasyny ýygnaýyn-
136
da, jüýje çykardaýyn, köpeldeýin. Bossan-a göwnemez
welin, zeleli ýok” diýip ol pikir etdi. Daşky çyranyň
yşygyna çala saýgardýan bu delje towuga hem horaza
seredip, ýylgyrdy.
Aýaly Bossan mahaly bilen uklamady. Ol Annala
teý düşünip bilmeýärdi.
Fewral, 1996. Mary.
ITI ATSAŇAM BOR…
Hekaýa
- U-u-uww, o-u-uww...
Ana, ene uwlady. Özem bu gezekki öňki agşamkyň
dagyn çaky däl. Her gezekki uwwuldysyna obaň o
çetinde ýaşaýanlaryň ini tlkenekläp gidýändir. Ile
betnam etjek biý-ä.
- Wah, meýitjagaşy ýanmyş, meýitjagaşy ýanan.
Çagasyzlygymyzy az
görýämikä bi ýerýuwdan?
Uwwullyň başyňy iýsin seň!
Gargynjyrap ýatyşyna Amangül ärine ýüzlendi:
137
- Ikimiziň başymyza ýetjek şüdür, ine, görersiň...
Gyýw, saňa diýýän ukladyňmy eýýäm?... Ertir ataň
tüpeňine ok salyp ber, şu iti özümjik güm edeýin.
Aýalynyň ite tüpeň çenäp durşy göz öňüne geldimi,
nämemi, Çerkez pyňkyryp göýberdi.
- Näme gülýäň? Böwregiň bökýändir seň. Gülüber,
gülüber, gözüň nämäni görýär entek.
- Iti tüpeňläp, ile gülki boljak-da?
- Bir itiň hötdesinden gelip bilmän ýatyşyňa janym
ýanýa.
- O-u-uww...
Bu gezek Çerkez takat edip bilmedi. Äpişgäni açyp,
boýnuny uzatdy-da:
- Boýnak, Boýnak, häk seňem bir... - diýip sögünen
boldy.
Çerkez ýorgana sümülen badyna Boýnak ýene
uwlady. Bir gysym bolup ýatan Amangul gorsandy.
- Böýnek, Böýnek – diýibem äriniň agzyna öýkündi.
– Eneň pahyr dogry aýdýan ekeni-le, erkek adam ýok
indi. Hakyky erkekler geçen uruşda gyrlyp gutarypdyr.
Elgaraz, şol gijäniň ukysy harama döndi. Ertesi ir
bilen Çerkez Boýnagyň boýnuna ýüp salyp durka
Şammy kel geldi.
- Goňşy, salawma... Ony nätjek bolýaň? It urşa
äkitjekmi?
- Hawa-aýt, häzir guma äkidip, özüm uruşjak şuň
bilen. Bu töwerekde taý gelýän ýok şuňa.
- Ýo-o, dogrudanam, çynym bilen soraýan.
- It uruş bom-aý şumadam bir. Äkidip zyňyp geljek,
uwlaýa.
138
- Durag-eý sen. Uwlatmajak bolsaň, idi-yssywat
etmeli myňa. Seň işigiňde it bolsa, şir-peleňem uwlar.
Ýalagam-a ýok myň öz adyna.
- Aý, how, inim, seňki artykmaç degýä maňa.
Şoňňaly nebsiň agyrýan bolsa, alaý seň şuny. Zadyň
gerekgä özem, mugt berjek saňa.
- Aslynda eýgerjek bolsaň, saklamaly-da bi
janaweri. Nämetjek beýdip horlap.
- Al diýild-ä, how, saňa. Al, oňarýan bolsaň.
- Bolman näme, alarnam.
Şammy kel Boýnagy süýräp alyp gitdi. Eltibem
towuk keteginiň agzynda daňdy. Çagalarynyň
günortanky iýmeli naharyny bir jama guýup, öňüňde
goýdy. Boýnak mundanam ýüz öwürdi. Şammy kel
ýüzüni -gözüni gamaşdyrdy.
- Il çagasyna berenok myňňaly nahary... Äý,
ajygansoň-a iýersiň-dä - diýibem samyrdady.
Günortanlyk Şammy kel towuk keteginiň agzynda –
Boýnagy daňan ýerinde - ýaňy dil biten oglunyň ite
berilen nahary iýiň oturandygyny gördi. Gördem:
– Eý, Myrry, nämetýäň o taýda. Tur, görünme
gözüme – diýip gygyrdam.
- Çoýba iýýän...
- Hany Boýnak, Boýnak nirde?
- Hä-ä?
- Boýnak nirde diýýän saňa? Çerkeziň Boýnagy?
Biziň Boýnagymyz?
- Bilemok...
Şammy kel Çerkezlere baranda işikde Boýnagyň
ýatandygyny gördi.
- Çerkez, eý, Çerkez!
139
- How! - Çerkez äpişgeden kellesini çykardy. –
Ýene näme tapdyň?
- Itiňem özüň ýaly durag-eý, sen. “Mal eýesine
çekmese, şumluk” diýýä. Men-ä oňa gyzgynjak nahar
berýän, täzeje towuk çorba, olam gaçyp gaýdýa.
- Özüň getiren bolaýma, heleýiň bilen oňuşman.
- Hemme kişini özüň bilen deňeme, how.
Heleýinden gorkýan ýok bärde.
- Haý, näbileýin, seň o kel kelläňde pikir kän.
- Getirjek bolsam, ömür äkiderinmi?! Mugt bereýin
diýeniňdenem-ä bildim ibaly däldigini.
Çerkez sesini çykaryp bilmedi. Egnini gysdy.
Öýlänler Amangülüň iňirdisine çydamanam Boýnagy
yzyna düşürip alyp gitdi. Obadan ep-esli uzaklykda,
gumuň içinde taşlap gaýtdy. Öýüne gelip dyzyny epeni
hem şoldy welin:
- Gyýw, oglan bi ýerýuwdan-a, ine, yzýanyň bilen
geldi. Öldürmeseň dymmarsyň myndan – diýip,
daşardan Amangül gygyrdy.
Çerkez äpişgeden boýnuny uzatdy.
Dogrudanam gelipdir. Guýrugyny bulan bolup dur.
Amangül dogry aýdýa. Öldürmeli, ýogsa, mundan
dynma ýok.
Çerkez uzyn ýüp aldy-da, bir ujuny Boýnagyň
boýuna saldy, beýleki ujunam welosipediniň yzyna
berkitdi. Atasyndan galan köneje ýekenil tüpeňi
alybam iňrik mazaly garalansoň, ýeňsesini tüňňerdip
obadan çykyp gitdi. Asfalt ýol bilen ep-esli ýöränden
soň gumaksy ýola düşdi. Ýol bolup, ýolam däl, ýoda
meňzeş bir zat özi. Ýöredi, ýöredi. Kän ýöredi. Ahyry
ýoluň bir ýerinde saklandy. Welosipedini ýoluň
140
gyrasynda goýup, Boýnagy südenekledip ugrady.
Garşydaky alaňdan aşyp, iti daňar ýaly agaç-ugaç,
çerkez-çeti diýen ýaly bir zat gözledi. Gözüne degerli
zat ilmänsoň, ýene iki alaň dagyn aşdy. Pese düşen
ýerinde bir garry ak sazak bar ekeni. Boýnagyň
boýnundaky ýüpüni şol sazagyň bir goluna mäkäm
daňyp:
- Ýa, walla! Çilim galypdyr-a. Uruşdan öň bir
çilimlesek kem däldi-dä. Aý, bor-da – diýdi. Onsoň
tüpeňini eline alyp:
- Bir ok bilen aldyrmyka? Aldyrmasa, ýene bir ok
bererin, esasy zat, elim sandyramasa bolýa – diýip
hümürdedi. Ynha, indi tüpeňe ok sürüp, atybermeli.
Aý-a görnenok, it atmak üçin Aý hökman däl.
Boýnagyň suduy görünse bolýar.
- Eý, welsepit tapdym-eý, täzeje özem.
Ýol tarapdan eşidilen oglan sesi Çerkezi bir
sekundlyk doňňara daş edip goýdy. Ol tüpeňini taşladyda:
- Goý-eý, meň welsepidim ol, goý – diýip ylgady.
Oglanlar gelýä-de-gelýä bolşup, şakyrdyklaşyp
gaçdylar. Çerkez welosipedini goýan ýerine geldi. Ýok,
alyp gidipdirler. Ol oglanlaryň yzyndan ylgady.
-Goý-eý, welsepidimi. Degjekgä, goý-da gidiber şo
taýda... Eý-ý, size diýýän...
Ol köwşüni çykaryp gaýtadan bat aldy. Esli ylgady.
Oglanlaryň yzyndan ýetip bilmejegini bilibem:
-Ýeri, haýsy bir ýoldan tapan zadyňy alyp gitjek
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Derdeser - 7
  • Parts
  • Derdeser - 1
    Total number of words is 3738
    Total number of unique words is 2080
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    43.3 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Derdeser - 2
    Total number of words is 3834
    Total number of unique words is 2023
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Derdeser - 3
    Total number of words is 3827
    Total number of unique words is 1892
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Derdeser - 4
    Total number of words is 3732
    Total number of unique words is 2128
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Derdeser - 5
    Total number of words is 3833
    Total number of unique words is 2047
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Derdeser - 6
    Total number of words is 3831
    Total number of unique words is 2121
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    43.4 of words are in the 5000 most common words
    50.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Derdeser - 7
    Total number of words is 3771
    Total number of unique words is 2083
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Derdeser - 8
    Total number of words is 3835
    Total number of unique words is 2144
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Derdeser - 9
    Total number of words is 2672
    Total number of unique words is 1628
    33.3 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.