Latin

Derdeser - 5

Total number of words is 3833
Total number of unique words is 2047
31.7 of words are in the 2000 most common words
43.6 of words are in the 5000 most common words
50.5 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
Bular şagal, ýaly uzak gije ýatman beýdişip ýörseler,
men bilmediksirän bolup gezsemem, bu gün bolmasa,
ertir üsti açylar. Daban ussanyň heleýi Miwe ýaly öň
etegini dişläp, gep gözläp ýöreniň biri görse-hä bar
onsoň, şo gijäň özünde ymmata bellentgi borsuň.
Şeýdibem ikarada men biabraý, masgara bolaryn.
Onsoň öňýetenem giçden soň it örüzip, köçe tarapky
95
äpişgäňi kakar durar. Aý, ýok, mundan-a mydar
bolmaz. Näme-de bolsa, bir zat etmeli!”
Öýünde dörän adatdan daşary ýagdaý, ynha, indi
telim gün bäri Gaýyba ynjalyk berenok. “Bulara al-hile
salyp, emel bilen kär edip bolmazmyka?” diýip, ol
pikirlenýärdi. Gaýybyň ýanynda ýalan söz gyt däl.
“Ejeň ýaranok diýdiler. Iki gün bäri ýüregini tutup
ýatyrmyş. Git-de, sorap gel” diýäge-de, Zylyhany
aldap, atasy öýüne iberäýmeli. Ýöne munuň soňy puç.
Zylyha irden gider-de, günortana yzyna geler. “Nä
oýnatgyň barmy, ýerçeken?” diýip, galmagal eder.
Onda Şirmyrada bir emel etmeli. Meselem, Şirmyrat
işde wagty göni aýalynyň ýanyna baryp, “Äriň gijesine
nirä gidýänini, näme edýänini bilýäňmi?” diýmeli.
“Pylanylarda üýşüp, kart oýnaýarlar” diýip, bir
kartkeşiň adyny tutaýmaly. “Ähli ýygnanjaňy bir gün
karta goýar. Jaýyňyzam utdyr” diýibem gorkuzmaly.
Ýa-da Şirmyrat her gün gije tirýek çekýä. Ynha, bir
gün tutulyp, işden kowular. Işden kowulany bilen
sypmaz. Çagalaryny döküp, türmä-de gider. Ahmal
bolma!” diýmeli.
Göwnüne güman gitmez ýaly
“Tirýekilerdir, kartkeşleri çemine garap, tutup, türmä
dykyp ýören birki sany tanşym bar. Ana, hol pylany
bilen pylanyny gümgidene ýollanam şolar. Eýýämden
ugruna çykyp, Şirmyrat dagynam gözastyna alypdyrlar.
Biziňk-ä bir duýdurmak” diýäýmeli. Onsoň Şirmyrat
kim aýtdy diýip aýalyny gyssar. Aýalam Gaýyp aýtdy
diýer. Onsoň Şirmyrat öňküsi ýaly penjireden gelmez.
Göni işikden girer. Gaýyba-da “Halypa, men-ä seň
heleýiň ýanyna geldim. Senem meň heleýimiň ýanyna
baryp, “Şirmyra-da meň heýelim bilen ýatyr” diý-de
96
aýdaý” diýer. “Kart oýnaýa, tirýek çekýä diýip töhmet
atypsyň. Meň günümi bulajak bolupsyň. Şuň üçin seni
türmede çüýrederin” diýip haýbat atar. Türmä
basdyrmakdanam gaýtmaz. Gaýyp pylança ýyl alyp,
türmä gidiberse, Şirmyrat üçinem kem bolmaz. Belki,
Zylyha-da şony isleýändir. Gaýyp öýde wagty ymmata
sygmajak wejeralyga baş goşup ýören Zylyha bilen
Şirmyratdan her zat çykar.
Gaýyp hopugyp, zöwwe ýerinden galdy.
Näme etmeli?
*
*
*
Agşam Gaýyp ýatmady. Köçe tarapky otagyň
gapysyna gulagyny goýup, Zylyha bilen Şirmyradyň
gürrüňini diňledi.
- Çaga galsa, aýyrtmaly borsuň - diýip, Şirmyrat
maslahat berýärdi.
- O nämüçin aýyrtmaly borun. Aýyrtmaryn - diýip,
Zylyha ters gürrüň edýärdi.
- Beh, beh, aýyrtman, nä, eýsem, şu ýaşdan soň
doguraýjakmy? - diýip, Şirmyrat geň galýardy.
Zylyha torsarylyp:
- Hawa dogurjak. Nämä şu ýaşdan soň diýen
bolup… Entek otuzam ýaşamok - diýýärdi.
- Men saňa neme diýjek bolamok, garrapsyň diýjek
bolamok. Ýöne şunça ýyl arli halyňa dogurman, indem
çagalap-beyleki edip ýörseň, birhili bolmazmy?.
- Nämesi birhili bolsun? Maňa nä çaga dogurmak
gadaganmy? Ýa gysyr sygyr ýaly, topugyma gan
97
degirmän, müjerret ötmelimi? Menem goltugyma çaga
alyp, perzent söýmeli ahyryn.
“Hudaýyň bermedik zadyny alyp bilmersiň” diýip,
gapy diňläp duran Gaýyp öz ýanyndan akyl satdy.
- Sen meni söý. Ine, men bar-a - diýip, Şirmyrat çyn
gatyşykly degişdi.
- Seň öz ýeriň bar, çagaň öz ýeri bar.
Onsoň birsellem ikisindenem ses çykmady.
- Beh, seň çynyňm-aý? - diýip, ahyry Şirmyrat
dillendi.
- Hä, saňa çaga dogurjak diýip, oýun etsem
gowumy?
- Aý, şu gürrüňi, how, oýun edibem aýtma. Birhili
çyna meňzäp barýa.
- Hm… Sen henizem maňa oýun edýändir
öýdýäňmi?
- Gepiň gysgasy, Zylyha, sen menden çaga
dogurmarsyň!
- Dogyraryn!
- Dogurmarsyň!
- Şirmyrat bular ýaly hökümli gepiňi git-de, öz
heleýiň ýanynda aýt.
“Hä-ä, häý, berekella! Sögüşäýbilsediler” diýip
Gaýyp begendi.
- Goýaly-la şu gürrüňi, Zylyha! - diýip, Şirmyrat
Zylyhany öz ugruna kowdy. - Men-ä seň, ýanyňa
ukudan galyp, dynç almaga gelýän. Sen bolsaň…
- Dogdu-da. Käşgä öz adyňa geçiren heleýiň bolan
bolsam…
- Men seni nädip öz adyma geçireýin? Men heleýim
bar.
98
- Men sana heleýiňi kowup, meni al diýemok.
- Onda näme?
- Şirmyrat, men çaga dogurjak!
- Bäh, nähili heleý eken-aý bi?!
- Sen diňe öz işiň biterini bilýäň.
- O-how, adam, sen boljak zadyň gürrüňini edeňoga.
- Bolar. Näme bolman?!
- Bolarmy, hä? Eýse, nädip bolsun? Şu wagt sen
çaga dogursaň, ilin näme diýjegini bilýäňmi?
- Ah, ildir-dä diýer-goýar. Asla il näme diýsin? Meň
ärim bar, zadym bar. Iliň nä işi?
- Il seň äriňi bilýän däldir-ow.
- Hawa, bilýän däldir. Çagasy bolman-bolman
bolýanam bar-a.
- A sen öz äriňi nämetjek?
- O nähili nämetjek?
- Sen häzir çaga dogursaň, Gaýyp biler-ä, o çagaň
özüniňki däldigini.
- Bilmez.
- Bilmezm-aý, bilmezmi? Heriňiz bir jaýda ýatyp, o
nähili bilmez?
- Men oň boýnuna goýaryn. Sen o tarapdan arkaýyn
bol.
“Men-ä boýnuma alman. Hany, etmedik zadymy
boýnuma goýubilşiňden goý-da, göreýin” diýip, öz
ýanyndan Gaýyp gaharlanjak boldy.
- Onsoň birden seň ol är diýip saklap ýören zadyň
boýnuna almasa nätjek? “Men seň bilen ýatamogam
welin, bi çaga nireden geldi? Kimden aldyň muny?”
diýäýse, näme jogap berjek?
99
“Geple, näme jogap berjek?” dýiip, Gaýyp öz
ýanyndan Şirmyrat bilen deň gopdy.
- Hm… Aý, ol oňňaly zady sorabam durasy ýok.
Onsoňam aş saýlap ugramda men oň ýanynda ýataryn.
Çaga galypdyr diýibem aýdaryn.
- Birden soraýsa nätjek? Kimden diýäýse näme
diýjek?
- Men oňa senden başga ärim barmy diýerin. Eňek
bermen. Ynandyraryn.
“A men ynanman. Şonda nädersiň? Hm…” edip,
Gaýyp içinden haýbat atdy.
- Haý, näbileýin-dä, Zylyha?!
- O zatlaň hasabyny özüm tarapyn - diýip Zylyha
arkaýyn gürledi.
Ýene birsalym dymansoňlar, Şirmyrat:
- Heý, Zylyha, şu pikiriňi taşla - diýdi. - Gaýyp öz
aýbyny bilýändir. Bolmajak zady edip, birden
nemedäýme…
- Nämedäýme?
- Bulaşaýma.
- Bulaşman.
- Ony öňünden bilip-bilmersiň.
- Bulaşsamam, saňa azarym ýetmez.
- Wah, şü maňa azaryň yetermikä diýip gorkýan-da.
Soň ikimizem birden masgara bolup…
- Masgara borusmy? Äre çykmadyk halyna ejesiniň
öýünde çaga dogrup ýörenler masgara bolsun.
- Onsoň birden o doguran zadyň maňa meňzäberse
nätjek? - diýip, Şirmyrat iňkisli sorag berdi.
- Meňzemez!
- Birden meňzedi-dä, nätjek?
100
- Diňe saňa meňzemez-ä. Maňa-da meňzemeli bor-a.
Onsoňam saňa meňzäýende-de, kim şüý-ä Şirmyradyň
dogmasy öýdýän diýip yzarlap ýörsün - diýip Zylyha
parahat jogap berdi.
- Aý, bor-da, gör özüň. Erteki gün meni nemetmeseň
bolýa - diýip, Şirmyrat ahyry ylalaşdy.
- Men ony saňa aýtmanam dogrubilýän. Şonda-da
edibiljek zadyň bolmaz. Ýöne seňem pikiriňi bileýin
diýip aýdaýan - diýip, Zylyha şondan soňam bu gürrüňi
goýmady. Onsoň Şirmyrat:
- Sen birhili soňky döwürde semreýäňmi, nämemi…
Hany, gel meň ýanyma - diýensoň, ikisindenem ses
çykmady. Birazdan Zylyha:
- Heleýiň ýanynda-da şular ýaly ölüp-öçüp
barýaňmy? - diýip sorady.
- Üstünde ölüp-öçüp barar ýaly heleýim bolsa, seň
ýanyňda nä körüm bar?! - diýip Şirmyrat jogap berdi.
“Bular-aý, walla, utananoklaram-aý. Şoňňaly
suwjaryşyp-süýjeşer ýaly näme barka?” diýip, Gaýyp
öz ýanyndan geň galdy. Pallady. Ýatmalydy. Ertir ir
bilen turup, işe gitmelidi.
Ýatyş düşegine geçse-de, mahaly bilen Gaýybyň
gözüne uky gelmedi.
*
*
*
Ertesi Gaýyp ir bilen işe diýip çykan-da bolsa,
şähere gitmedi.
Şirmyradyň duldegşir goňşusy Annaguly jalaýyň
öýüne bardy. Annaguly jalaýyň aýaly Aknabat ärini
101
işe, çagalaryny hem mekdebe ugradyp, ertirlik çaýyny
ýaňy öňüne alan eken. Gaýyp bärden baranda ol:
- Annaguly-ha şuwatjyk işe gitdi - diýip, heniz
soralmadyk zada jogap berdi.
Gaýyp tasdan “Wiý, şeýlemi? Aý, jany sag bolsa
bor-la. Birki günlükde “Annagulyň çep tarapyndan
paraliç urup, öýünde düşekli zatly ýatyrmyş” diýip
eşitdim-de, soramaga gaýdyberdim” diýipdi. Ýöne
aljyrady. Tas yzyna-da dönüpdi. Ony Aknabat saklady:
- Annaguly bolmasa, ynha, men bar-a. Aýdyber
näme habaryň bar bolsa!
- Habar bolup, üýtgeşik bir neme ýok-la. Ýöne özüni
göräýjekdim - diýip, Gaýyp anyk bir zat aýtmady.
- Keýpinemi özi?
- Keýpine adam soralýan döwürden oba göçdi,
ýeňňe.
- Onda nä?
- Aý, bir zerura düşdüm-de, birazrak karz pul
soraýjakdym.
- Karz pul? Heh-he, pul üçin-ä Annagulyny görüp
oturmagyň peýdasy ýok.
Aknabat Gaýybyň soragly garaýşyna anyk jogap
berdi:
- Ýok-da. Ýok zady Annaguly nädip bersin?! Öýde
hojaýyn bolmasamam şon-a bilýän. Huruşlyk et
almaga-da pul ýok. Unumyzam tükenip barýa. Bir
aýlyga dikginip otyrys. Oňam müň sany deşigi bar.
Haýsy birini ýapjak…
- Ýa-heý, at oýnatmasana, ýeňňe - diýip, Gaýyp
Aknabadyň ýatsa-tursa ömürylla ýadyna düşmejek
102
gürrüňini tapdy. – Hökümet mugt göçürip goýberesi
ýog-a. Berer-ä kömek pul diýdi, ýene gör diýdi.
- O nähili? Näme ol? Nämäň kömek puly?
- Göçýän adama hökümet kömek puly bermeli bora. Ýa indi bir daban ýer berip, wüşt, göçüň
diýäýýämikä?
- Kim göçmeli, nirä göçmeli, düşnükliräk geple! diýip, Aknabat aljyrap ugrady.
- Ýa entek size aýdanoklarammy? Wi-iý, siz
Şirmyratlar bilen gatnaşygy kesensiňiz-ow. Ýadyma-da
düşenok. Men birhili şum habar getiren ýalam bolýan.
Iki aý mundan öň Şirmyrat çilim çekýänligi üçin
mekdepde Aknabadyň oglunyň mazaly gulagyny
towlapdy. Şu sebäpli, aýalynyň ýel bermegi bilen
Annaguly jalaý çisip-çişip, bardy-da, Şirmyradyň
ýanynda ýaryldy. Oňa ite diýmezini diýdi. “Çaga
meňki. Gelip maňa aýt. Ol-a çilim eken, tirýek çeksede, çaga barmagyňy batyrmaga hakyň ýokdur. Şuny
ýaman gowy bilgin” diýip haýbat atdy. Şeýdibem
tersleşdiler.
… Aknabat ör-gökden geldi.
- Nämäni aýtmaly? Kim goçmeli? Nirä, nämüçin?
- Niräligin-ä bilemok. Aý, o “Doňuzbatanyň”
töwereklerinden
täze
mellek
bererler-dä.
Nämüçinliginem ertir ýa birigün hökümediň adamlary
mellegiňizi ölçeşdirip-zat edip, aýdarlar.
Aknabat birhowa doňup oturdy. Ol häzir Gaýybyň
gürrüňleriniň
çyndygyna
ýa-da
ýalandygyna
şühbelenmeýärdi, ony parahat oturan adama duýdansyz
abanan howpuň nämälim gorkusy basypdy.
103
- Şirmyradyň-a mellegini düýn ölçäpdirlerem diýip, Gaýyp mojukdan-mojuk gürrüň tapdy.
Aknabat aljyrap ugrady.
- Nämüçin ölçeýärler? Nämetjek bolýarlar?
Nämüçin ala-böle biz? Sen kimden eşitdiň şuny?
- Men-ä biljegem däldim, welin, düýn işden
gelýäkäm Şirmyratlardan üç-dört sany galstukly
adamyň çykyp barýanyny göräýdim. Bular kim diýdim.
Guýymyň suwuny barlan adamlar diýdi. Mellegimi
ölçäp gördüler diýdi. Gepiň gysgasy neme bolupdyr.
Şirmyradyň guýusy barmy?
Şirmyradyň melleginiň ortarasynda guýusy bardy.
Ol bu guýyny öňräk ýörite ussa tutup, mallaryny suwa
ýakmak üçin gazdyrypdy.
- Ana, şo guýyň suwy beýleki suwlardan üýtgeşik
diýýä. Pylan keseliň dermanymyş. Indi hökümediň
niýeti - Şirmyradyň, mellegini kurort etmek. Bu günerte ýokardan has güýçli alymlar geljekmiş. Şolaram
barlansoň, işe başlabermeli diýýä.
Aknabat gudrat görýän dek aňalyp oturyşyna:
- Onsoň? - diýdi.
- Onsoňy şol. Şirmyratlar bilen siz göçersiňiz. Biziň
şu duran ýerimizem, nesip bolsa, anyrsy bir aýdan
kurort bor - diýip, Gaýyp parahat gepledi.
Aknabat oturan ýerinden ot alyberdi.
- Kurord-a bolmaz şo. Hymm, hany bolubilse
bolsun. Ölini direldýänem bolsa şu taýdan-a kurort
etdirmeris. Oturan adamy göçüräýmek beýle aňsat
diýýä. Maslygymy göçüräýmeseler men-ä göçmen.
- Göçersiň! Näme göçmän?! Hökümediň kejine
gitme! Hökümet zordur.
104
Hökümediň zordugyna şühbesi bolmansoň, Aknabat
başga sowal berdi:
- O nämüçin diňe biz göçmeli?
- Sebäbi häzir siziňem mellegiňizi gazyp görseň,
şoňňaly üýtgeşik suw çykar.
Aknabadyň muňa ynanasy gelmedi.
- Çykmaz - diýdi. - Artyp galan ekin-ä bitenok şu
mellekde.
- Onçasyny biljek däl. Ýöne düýnki alymlar
Şirmyrada şu iki mellegi kurort etmeli diýipdirler.
Şirmyradyň öz aýdyşyndan ol-a eýýäm şu guruljak
kurortdan bir işem sorapdyr. Bor, boş goýmarys
diýipdirler. Sizem iň bolmanda garawulçylygyny bir
alyň. Kurort boljak bolsa gelim-gidimi köp bor.
“Doňuzbatanyň” oýunda, täze berlen mellekden
salnan jaýy göz öňüňe getirip gören bolsa gerek,
Aknabat gözüni süzüp, birhowa dymdy. Onsoň birden
dikeldi-de:
- Guýusy başyny iýmişiň guýusyny başyna
ýumraýaryn men. Birki bedre duz guýasam,
nädäýersiň, beýleki guýulaň pohuça-da bolmasa, hymm
- diýip, Gaýybyň hälinden bäri diýdirjek bolup duran
sözlerini aýdyp goýberdi. Özem muny Gaýyba bakyp
däl-de, göni Şirmyratlaryň işigine seredip, gaty-gaty
gygyryp aýtdy.
Onsoň Gaýyp:
- Aý, bi mellegiňden göçesiň gelmeýän bolsa,
bilmedim-dä, men näme diýeýin?! - diýip, haňk-huňk
etdi-de, maslahat berýän äheňde şuny diýdi. – Ýöne
näme etjek bolsaň, hiç kime görünmänjik edewer! Biri,
göräýse, sen hökümede zyýan eden adam borsuň.
105
- Men oňa zeýkeşiň suwuny guýmaga-da ýaltanman.
Onsoň alymlaň atasy gelende nä. Hökümet bize zyýan
etjek bolsa, bizem hökümede zyýan ederis, dek
ýatmarys.
Gaýyp gaýtmak bilen boldy.
- Gaharyňa maňa bir gargyş edäýme, ýeňňe. Men bir
gideýin.
- Gyýw, dur entek - diýip, Aknabat ony saklajak
boldy.
- Aý, barybir pul bolmajak bolsa, näme işim, bar?!
Men zerur pul tapmal-a. Gybat edip oturmaly däl-ä diýip, Gaýyp ol ýerden zut gitdi.
- Men ýene-de bir zad-a sorajakdym, gyz… Gyýw,
dur-a! Gitdi-dä kellejigi kesilen - diýip, Aknabat onuň
yzyndan gygyryp galdy.
*
*
*
Aknabadyň ýanyndan gaýdyşyna Gaýyp tamynyň
kölegesinde orak dişäp oturan Daban ussanyňka
sowuldy. Sowulmady-da, ony ussanyň özi çagyrdy.
- Ýer-ow, Akyň ogly! Käte bir gümür-ýamyra gel-ä diýip, ussa oňa oturara ýer görkezdi.
- Meň-ä, Daban aga, dogrusy, gümür-ýamyra-da
elim degenok. “Kel gyza är gaýgy” diýen ýaly biziňem
öz aladamyz. Şu wagt Şirmyratlara baryp gaýtdym.
Birki ýyllykda oňa biraz pul karz beripdim. Aydylýan
gürrüňler çyn bolup, aýagyny sallap gidiberse, kim
bilýä, soň ol haçan boşap geljek, haçan bergi berjek?! diýip, Gaýyp ur-tut ýalan sözläp başlady.
106
- Weý-weý, Akyň ogly, bi nähili gep boldy? Kim ol
aýagyny sallap gitmeli? Şirmyratmy? - diýip, Daban
ussa allaniçigsi boldy.
- Ýa,walla, Daban aga,senem, indi menden gep aljak
bolýaňmy?
- Öwlüýä kessin, habarym ýok.
- Goýsana, how, Daban aga, sen goňşusy bolup
bilmedik bolýaň. Biz ony obaň o çetinde oturyp
eşidýäs.
- Ant iç diýseň, ynha, nan iýyän sannalymdan ant
içeýin. Ynha, senden eşidip durşum.
- Eşitmedik bolsaň, indi eşitdigiň bor-da.
- A-how, ol öňňin öýlänem-ä şu seň oturan ýeriňde
oturyp, çaý içip gitdi.
- Şol wagt üns berdiňmi, saçy syrylgymydy?
- Hawa, syrylgydy. Hä, näme?
Şirmyrat bäş-alty günlükde “Ýaz çykdy. Kellämi
şemalladaýyn” diýip, dellege saçyny aldyrypdy.
- Saçy syrylan bolsa boldugy bor-da. Türmäň
serteraşy saçyňy syransoň, arkaýyn gezermiň?!
- Mundan çykd-ow bi. Asyl soňky gezek gelende
birhili keýpsiz gördüm-le şony.
- Keýpi bolmaz. Çagalaryny döküp, türmä gitjek
adamda keýp nireden bolsun?!
- Bäh, dogry şo… Türmä basylar ýaly näme iş etdikä
o işigaýdan?
- Kim bilýä? Şu wagt güýçli derňew-ä gidýämiş.
Entek üsti açylsa, sizem sorag etmekleri mümkin.
- Bizi sorag edip näme, biz oň eden işine şärik däl-ä
- diýip, Daban ussa öňünden gaçyp ugrady.
107
- Aý, indi şaýat hökmünde sorag etmekleri mümkindä.
- Biz-ä şaýat bolmarys. Biz oň näme goparanyny
näbileli. Öz eden günäsini özi çeker-le.
- Hawa-la, özi çeker-le.
- Baý, dek gezmegem ýaman kyn-ow. Ýeri, näme
etdikä bi basylar ýaly?
- Be-eý, Daban aga, algymy nädip alsamkam indi
ondan?
- Türmä şaýlanyp oturan adamdan algyňy hantama
bolýan bolsaň, inim, seňem kelläň gaty düzüw däl.
- Ozalynda karz bermeli däl ekenim. Ýeri, beýle
işleň boljagyny men doňuz bolup, düýşürgäp
bileýinmi?
- Güýçli derňew gidýän bolsa, tirýek satyp
bulaşandyr bi. Şeýledir, ine, gör-de duruber, meň
diýenim dogry çykar. Äl-aýt, goňşusy bolup, şu çaka
çenli zatdan habarsyz oturypdyrys… Öňküje günüňi
özüne köp görendir o. Ýaňy özüni tutup, mesirgäp
ugrapdy-da. Bulaň injigi mesligi götermeýä. Mesligi
goýun götärmiş, goýnuň garasy, garaň garrysy, garryň
hürrüsi diýýä - diýip. Daban ussa ýene birginden zatlar
samyrdady.
- Sen, how, Daban aga, birden Şirmyradyň ýanynda
şu zatlary aýdaýma. Bilmedik bol - diýip, Gaýyp ýene
bir emel etdi. - Meň aýdanymy aýdaýsaň, maňa ýaman
uly zyýan edersiň. Men bir sag-aman algymy alaýyn.
Onsoň näçe aýtsaň aýdyber.
-A-how, Akyň ogly, seň aýdan gepiňi baryp, oňa
ýelmär ýaly, meni nä heleýdir öýdýäňmi? - diýip, ussa
gatyrgandy.
108
Şondan soň Gaýyp Daban ussanyň ýanynda kän
eglenmedi. Ondan-mundan gürrüň edip, tiz öýüne
gaýtdy.
*
*
*
- Ýaňy şäherde ejeňi gördüm. Şähere çykan jigiň
bar, Aýsenemmi şol, ana şolara barýan eken. Şu gün
agşam bize-de geljek diýdi. Özem ýatymlyk. Gep
salgydan seň bilen bir gürrüňjigem bar ýaly şoň - diýip,
Gaýyp gelşine ýüzüniň ugruna Zylyhany-da aldady.
- Bize-de baýramçylyga diýip iki günlik rugsat
berdiler - diýibem sözüniň üstüni ýetirdi.
Nesip bolsa, bu gün Zylyha Şirmyrada garaşmaz,
ejesine garaşar. Şirmyrada-da gelmesin diýip, kimden
iberýänem bolsa habar iberer. Büý-ä şeýle. Şirmyradyň
guýusy bu wagta eýýäm zäk atylan ýaly bolandyr.
Daban ussanyň aýaly Miwe ärinden gep alyp bilse-hä
birki günläp Şirmyrada şo-da iş bor. Daban ussanyň
bolsa içinde hiç mahal gep ýatmaz.
Bu gün-ä, ynha, şeýdip geçer. Ertirem, garaz, bir
alaç tapylar. Meselem “Ejeň düýn gelibilen däldir.
Aýsenemlerde ýatandyr. Şu gün hökman geler” diýip,
Zylyhany-ha ertirem boş gürrüňe daňaýmaly.
Şirmyradyň, juda bolmasa, malynyň daşyna geçmeli
bor-da. Jumadurdy ýaly tüýs ogurlyk üçin dörän,
ömürboýy kişiň malyna göz dikip ýören zannyýaman
ogrularyň ýanynda Şirmyradyň agyl doly dowaryndan
söz açyp, ebeteýini tapaga-da, sepini bildirmän, gepgürrüň bilen bir emel edip bolsa… Ha-ha! Nädäýersiň
Şirmyradyň ýadyna Zylyha düşmän, ogry-jümrüler
109
bilen tut-da-bas bolup ýörse!.. Umuman söwesi şu
hörpde alyp gitseň bolmazmy?
Taňryň güni darydan köp bolsa, goý, bolubersin!
Esasy zat dek ýatmaly däl. Hereketde bolmaly. Soňun
saýan batyr bolmaz!
Gaýyp soňuny saýmaýardy.
Sentýabr, 1998. Mary.
ÇILIM
Hekaýa
Ynha, saňa uly bir şäher.
Ine-de, adam ýaly gi-iň köçe.
Daňyň alagaraňkysy guýrugyny görkezdi. Howa-da
sergin. Bu erde hiç bir zadyň, çilimiňem tüssesi ýok.
Ýaňky gi-iň diýýän köçäm edil häzir ýap-ýagty.
Ýokarda bir-birine pitjiň atýan gara-gara baglaryň
üstünden süýtreňk Aý äňediýämi, ýa agaç ýaraklarynyň
arasynda süýtşöhle çyralar bukulyp otyrmy, garaz, bir
zadyň ýalkymyny-ha görýä şu köçe.
Munuň üçin çen edip, çak urup oturmagyň geregi
hem ýok. Ony egni horoşoja penjekli, aýagy dyzlary
çykyşyp duran balakly hem uly, agyr, köne köwüşli,
başy sary giden gulakjynly, hortaň, o bolşuna-da
keltejik, küýki goja başyny ýokary göterse ýüzüniň
ugruna aýdyp biljek. Aýdyp biljek welin, eddil şu wagt
gojanynam gözüni ýerden sowmaga eli degenok. Eli
degäýende-de, gojanyň ony bilesi gelip baranok. Ol
häzir çilim gözleýär. Çilim diýip ulaldan bolaýýan,
110
çilimiň galyndysyny gözleýär ol. Süzgüjine adam erni
degmedik çilim tapybilse, goja heziller edinjek. Ýöne
munuň hyýalatdygyny, nega-da bir hakykata
öwrüläýmese, hyýalatlygyna galjakdygyny goja
senden-menden gowy bilýär. Häzir ol çekilen çilimiň
galyndysyny tapsa-da, oňjak. Tapmasyna-ha, dogrusy,
goja süzgüçli çilim galyndylarynyň dördüsini dagyn
tapypdy. Ýöne olaryň diňe ady çilim galyndysy.
Dördüsi-de süzgüjine çenli çekilipdir. Çilim
çekýänleriň husytlygyndan goja ýüregi bilen zeýrendi.
Günbatar tarapdan ok ýaly atylyp gelen badamjan
reňkli ýeňil maşyn “jy-ýy-yk” edip köçäniň aňry
ýüzünde saklandy.
Goja başyny galdyrdy.
Maşyndan erni çilimli, uzyn boýly bir gyz çykdy.
Maşyn gelşi ýaly, “jy-ýy-yk” edip, gündogara tarap
süýndi.
Gyz köçäniň ýakasyndaky baglaryň üstüne abanyp
oturan köp mertebeli jaýa ýöneldi. Ernindäki çilimden
yzly-yzyna iki gezek sordy. Ýöne içine dartmady. Ajy
tüssäni agzyndan bölüp-bölüp çykardy. Girelgä
ýetmänem ýaryragyna çenli çekilen çilimini belent
ökjeli, ýalpyldawuk, gara köwşüniň burny bilen ere
oýkap-oýkap mynjyratdy. Soň jaýa girip gitdi.
Goja boýnuny burup diýen ýaly, gyzyň yzyndan
garap galdy. Onsoň çilimiň mäjum edilen ýerine
seretdi. Onuň çöňňelen gözleri hiç zat saýgarmady.
Ýeri, ýaňky çilimi mynjyrytmaga, onda-da köwşiň
burny bilen ýere oýkap-oýkap mynjyratmaga näme
zerurlyk bar?! Ýa şeýtmeseň, şu çilimden dünýe ot
aljak bolup durmy?! Senden başga-da çilim çekýän
111
kän-ä. Çilimsiz janyna jaý tapman ýörenem bar.
Meselem, şu köne penjekli goja şo çilimi aljak, çekjek,
hezil edinjek. Rast, çekesiň gelmedimi, nämetjek
mynjyradyp, taşla-da, gidiber.
Onsoň gojanyň: “Çilimiň gytalandygyny heleýlerden
görýän men. Şular çekip başlaly bäri gytaldy şu.
Özlerem ýaman bisarpa tutýalar. Birki gezek sorup
öçürip göýberýärler nebir çilimi. Hakyky çilim zaýasy
şu heleýler. Çagalaram şeýle” diýip, kimdir biriniň
ýanynda derdinesi geldi. Ýöne bu derdinmelerden, bu
janykmalardan bir dartuw çilim bolmajakdygy
kellesine gelip, ol ýene-de gabagyny ýere berdi.
Köçäniň ýakasynda çilim galyndysy-ha däl, diş
synçgara-da çöp ýokdy.
Goja heňe gelmejek bir pikire ynanyp, içinden özözüne şeý diýdi: “Çilim deregine eneň bir zadyny
taparsyň. Ähli çilimi köçe süpürýän heleýler sen
turmankaň syryp-süpürip, äkidendirler”.
Gapdaldan, bir ýerden yraň atyp, iki sany ýigdekçe
çykdy.
Goja umyt etdi, göwnüne teselli berdi: “Bular
jomartdyr. Sebäp çilimiň gadyryny bilenoklar”.
Ýigdekçelerde çilimiň bardygy anyk. Olaryň
çepiksijesiniň elindäki otluçöpünden, onsoňam ap-ak
köýneginiň jübüsiniň dörtburçlak tümmerip durşundan
çen tutaýmaly. Oglanlar golaýrak gelip, gabadyndan
geçip gidiberjek bolanlarynda, goja bogazyny arçap,
naýynjar sypata-da girip, bir zarynjy äheňde:
- Köşekler, çilimiňiz ýokmudy? – diýip.
112
- Haýsy çilim? Nähiliräk? – diýip, çepiksiňe oglan
sesiniň burnuna salyp, myňňyldy bilen gojanyň özüne
sowal berdi.
Goja: “Tapawudy ýok. Nähili bolsa-da bolýar”
diýermen boldy. Diýjekdem. Ýöne ýigdekçeleriň
beýlekisi uzyn gägirip, ýoknasyz bir hapa sözi diýip
göýberdi. Gojanyň bütin durky, aýratynam eňegi
saňňyl-saňňyl edip başlady. Bäş deşigi bir ýere
ýygnandy. Gözlerem agyp-dönüp bir erbet boldy. Onuň
näme-de bolsa bir zat diýmelidigine akly çatdy. Ýöne
näme diýjegini bilmän kösendi.
Oglanlar gaty sesde wahahaýlaşyp, ýeriň ýarygyna
gülýärdiler.
- Nämä gülýäňiz?... Näm boldy?... Näm bar?... –
diýip, goja dişlerini şakyrdatdy. Soň bir elini köne
penjeginiň jübüsine sokup, daş-töweregine seredişdirdi.
Gowy görýän naýyş sözleriniň birini gözledi.
Çepiksizje ýigdekçe üç sany süzgüçli bitin çilimi
goja uzatdy:
- Geregiň çilim bolsun-daraý, ýaşuly! Beň
soramasaň bolýa-daraý şumat.
- O çilimleňňi äkit-de, gowuz ýeriňe dykaý! – Goja
oglanyň elindäki çilimlere ümläp, sesini sandyradyp,
gazap bilen şeý diýdi. Onsoň ýüzüni Günüň dogýan
tarapyna tutup ýöräberdi. Çepiksije oglanyň:
- E-eý, ýaşuly häzir özüňkä dykaýmaýyn-eý şu
çilimi – diýenini eşitse-de, hiç zat bolmadyk ýaly,
äwmän gidiberdi.
Yzdan çylkasyz oglan gülkileri durman gelýärdi.
“Ýeri, samsyklyga saly-yp, alaňda näm bolýa ýaňky
çilimleri?! Özüňem ýörite şoň üçin çykdyň köçä... Gez-
113
de, ýör indi şeýt-de. Häk, özem üç sany dagyn bardy.
Üçüsem otlanmadyk, bitin” diýip, goja gidip barşyna
özüni kötekledi.
Soň
ol
birdenkä
awtobus
duralgasynyň
golaýjygynda, bir ýerden iki sany – biri ýaryna çenli
çekilen, beýlekisi düýbünde çuňňur üç-dört dartuwlyk
galan-çilim galyndysyny tapdy. Ilki muňa monça
bolup, bu tapyndylaryny oturyp, tüssä öwürmek
hyýalyna-da bir mündi. Ýöne şol wagt bu eýýamlarda
suw garasyny görmedik ganawyň içinde bir süzgüçli,
aňyrrakda bolsa bir süzgüçsiz çilim galyndysynyň
ýatandygyny göräýdi. Olaram jübüsine salansoň,
ätiýaçdan hapadanyň içine-de garady. Garady-da,
gözlerini tegeledi. Tegelejek bolup tegelemedi, özi
şeýle boldy. Gözüň tegelenmezçe-de däl, ol ýerde
giden bir emläk ýatyrdy. Hapadanyň düýbi durşuna
diýen ýaly çilim galyndysy. “Döwletlije ýer ekeni”
diýip, goja bu duralganyň töwereklerine öz ýanyndan
baha kesdi. Soň: “Tapyls-a, tapylaýaram-aý” diýip
çilim
galyndylarynyň
derdine
ýaraýjaklaryny
penjeginiň jübüsine salyşdyryp ugrady. “Sizem
çilimleriňizi alyň-da, gowuz ýeriňize dykaýyň” diýip,
ýaňky ýigdekçelere gara çyny bilen gaýybana
haýbatam atdy.
Yzdan çelegi doly, uly, sary maşyn haýal ýöräp,
köçäni çyglap gelýärdi. Goja bilen arada kesek
atyşybermeli yzaklyk galanda maşynyň sürüjisi “düdü-üýt” etdirip, goh baryny turzup ugrady. Hapadanyň
içinde saýlap alara çilim galyndysy entek bardy.
Olar goja ýarym gün çekmäge ýetjekdi.
114
Goja hapadandan alty-ýedi ädim çemesi çete çekildide, maşyna seretmäge dyrdy.
Maşyn gojanyň gabadyna gelip saklandy. Ýaş sürüji
goja änedip:
- Näm-ow, sen, ýaşuly, daň bilen... – diýdi.
Goja-da oňa kineli bakyp:
- Saglyk-mow, geçiber-dä – diýdi.
Sürüji boýnuny süýndürip, gözleri bilen hapadanyň
içini dörjeledi:
– Bir zad-a etjek bolýaň özi sen. – Şeý diýip, ol ýene
goja seretdi. Goja-da oňa.
– Çilimjik gözleýän diýsene. – Sürüji sermenip,
maşynyň içinden täzeräk açylan owadan gaply,
süzgüçli çilim tapdy. – Daň bilen dagyn nädip
çekibilýäňiz-aý şuny. Öýkeniňize berekella siziň! –
Soň bir däne çilim sogrup aldy-da, ony gulagyna
gysdyryp goýdy. – Ätiýaçdan birini alyp goýaýyn.
Azarlan biri duşaýsa... Bu-da bir sogapmyka diýýän
men-ä. Me, gap!
Goja ony gapybilmedi. Çilim gojanyň iki ädim
öňüne düşdi.
Maşyn ýerinden gözgandy.
Gojanyň kellesine ilki gelen pikir şu boldy: “Özi
çekmeýänem ekeni peläkediň”.
...Soň goja otyrýerini betona berip, aýaklarynam
ganawa salyp, ýaňky sürüjiniň goýup giden çiliminden
birini ernine ysdyrdy. Birdenem hapadana gözi düşdide, çilimini yzyna saldy. Ýerinden turup, hapadanyň
ýanyna bardy. Çilim galyndylaryny ýekän-ýekän
saýlaşdyryp aldy. Olary penjeginiň jübisine atdy.
“Bilýän, soňrak bulara-da zat bolaryn. Şoň üçin... ”
115
diýip, içinden öz-özüne aýtdy. Onsoň gaýtadan ýaňky
ýere geçip oturdy. Penjeginiň goltuk jübülerine elini
sokup, otluçöp çykardy. Çilim otlandy. Tüssäni
çuňňur-çuňňur içine sorup: “piltirsiz bolsa hasam gowy
boldy” diýip oýlandy. “Tapyls-a tapylaýaram” diýip,
biraz wagt mundan öň özüne aýdan sözlerini ýene bir
gezek tassyklady...
Eddil häzir goja dünýäniň dokuzyny düzüw gördi.
Şuş-şu wagt Jahan mazaly ýagtylypdy. Ýöne Gün
dogmandy.
Entek ýumşak ýerde ýatyp, düýş görýän kändi.
Uklap ýatan-a baýaky.
18-nji oktýabr, 1993-nji ýyl. Aşgabat.
DEŇZIŇ KENARYNA BARDYLAR
Hekaýa
Kimde kim ykbalyň emrine boýun sunup, bu ýerlere
gelip gören bolsa bilýändir: çyrpynyp ýatan şu gök
deňziň ýakasyna ýygnanýan mähelle hiç bir zada pisint
etmeýär. Sen munda çyp-ýalaňaç bolaga-da, iki ýana at
sal-da göräý, pitiwa berjek adam ýokdur. Çünki ähli
beýleki plýažlardaky ýaly, bu ýerde-de her kim deňziň
haýsydyr bir nokadyna gözüni dikip, gör, nämäniňdir
pikirni edýär, melul bolýar, irkiljireýär. Şeýle
halatlarda adamlaryň nazaryna ilmek üçin has ulurak
hokgalary çykarmaly bolýar.
116
Benet plýaža ýeke gelmändi. Ýanynda Hati atly
zenan maşgala bardy. Olar ýüzlerini günbatara – adaja
ösýän şemala tutup, Günüň ýiti çoguna ýanyp ýatan
adamlaryň deňinden gözilginçsizlik bilen geçip
gaýdanlarynda günorta golaýlapdy. Şol ýöräp
baryşlaryna märekäniň o çetinde – her niçik-de bolsa,
plýažyň beýleki ýerlerine garanyňda birneme çolarak
ýerde sägindiler.
Plýaža degişli edilen çäklerde märekeli ýerlere
mahsus bolmadyk şowhunsyzlyk derdeseri hojaýynlyk
satýardy. Tolkunlarynyň güwwüldisi diýäýmeseň,
deňizde-de galmagal ýokdy. Göräýmäge içgysgynç
ýaly. Emma bu ýere gelenleriň ýüzüne-gözüne seredip,
özlerini alyp baryşlaryny synlanyňda dünýede
ýürekgysdyryjylyk diýen ýaly duýgularyň bardygyny
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Derdeser - 6
  • Parts
  • Derdeser - 1
    Total number of words is 3738
    Total number of unique words is 2080
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    43.3 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Derdeser - 2
    Total number of words is 3834
    Total number of unique words is 2023
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Derdeser - 3
    Total number of words is 3827
    Total number of unique words is 1892
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Derdeser - 4
    Total number of words is 3732
    Total number of unique words is 2128
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Derdeser - 5
    Total number of words is 3833
    Total number of unique words is 2047
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Derdeser - 6
    Total number of words is 3831
    Total number of unique words is 2121
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    43.4 of words are in the 5000 most common words
    50.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Derdeser - 7
    Total number of words is 3771
    Total number of unique words is 2083
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Derdeser - 8
    Total number of words is 3835
    Total number of unique words is 2144
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Derdeser - 9
    Total number of words is 2672
    Total number of unique words is 1628
    33.3 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.