Latin

Derdeser - 1

Total number of words is 3738
Total number of unique words is 2080
30.5 of words are in the 2000 most common words
43.3 of words are in the 5000 most common words
50.0 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
KAKAMYRAT ATAÝEW
DERDESER
Hekaýalar
2013
1
©Ataýew Kakamyrat. Derdeser.
Türkmen dilinde. 2013 ý. 206 sah.
Kitaba Kakamyrat Ataýewiň dürli ýyllarda
ýazan hekaýalary girizildi. Olarda durmuş
hakykatynyň çeper beýany dürli gylyk-häsiýetli
adam obrazlarynyň üsti bilen açylyp görkezilmäge
ýykgyn edilýär. Hekaýalaryň tematikasy giň. Dili
ýeňil, şüwleňli. Şeýle hem kitaba kiçijik
miniatýuralar girizildi.
©Ataýew Kakamyrat. 2013
2
Hekaýalar.
3
OWADAN GYZYŇ MAŇLAÝY
Hekaýa
1.
Humaýy “satdylar”. Şäher içine.
Sähet bellenen güni ýeňňesi Nurtäç oňa pitjiň atdy:
- Şäherlä äre çykyp dişiň-ä ýyrşarmaz. Şon-a
öňünden aýdyp goýaýyn. Obaň gara işinden gaçan
bolýansyň welin, gör-de duruber. Ýene oba gowy
bolup çykar. Obaň oglanlaram gaýratlydyr. Gara
zähmeti gören-dä. Şäherlini är edinýänçäňem äňiň
ýazyp gider. Iş görmedik oglany nädip är edinjek?!
- Beý diým-ä, gelneje! Nä meň bagtymy baglajak
bolýaňmy?! “Maňlaýyň açyk bolsun” diýmel-ä sen.
Şeý diýip Humaý aglady. Ses edip aglady. Eginlerini
silkip-silkip aglady.
Nurtäç ýakasyny tutdy:
- Goýaweri, gyz! Kim seň bagtyňy baglajak bolýa?!
Ýamanlygymyz ýog-a saňa. Bagtyňy şäherden
tapybilseň biz sendenem beter begenjek. Men-ä ýöne
göwnümdäkini diýäýdim.
Humaý azgyryldy:
- Diýme şony!
- Bi nä ýöne heňkirip duran boldu-la, gyz. Biz-ä
muňa gowsuny etjek bolup... Bulara pylan zat
diýerligem ýog-eý, Hudaýym.
Ýeňňesi hababaýlap çykyp gitdi.
4
Aglap durka Humaý öz-özüne göwünlik berdi: “Meň
şäherli boljakdygyma gözi gidýä. Içini it ýyrtýandyr
şumat. Köp bilýä bi heleý”.
Toýdan soňky ilkinji gijäniň Humaýyň gyz bolup
ýaşan ömrüniň hakykatdan-da iň soňky günüdigine
Kyýas şaýatlyk etdi. Kyýas onuň äri. Indi onuň galan
ömri Kyýas bilen.
Bilip bolmaz, birden ikisiniň arasynda soňsuz dawa
tursa nä? Nika bozuşmaga çenli baryp ýetseler näme?
Kyýas kowsa nätmeli? Ataň öýüňe gitmelimi? Soňy
nähili bolar?
Humaý goşlaryň paýlaşygyny göz öňüne getirip
bilmedi.
Ilkinji gijäniň gyz bilen aýalyň aralygynda ýatan bir
ejizje paýapyldygyna, ol paýapyldan bolsa bir ömürde
bary-ýogy ýekeje gezek geçip bolýandygyna,
garamatynyňam indiden beýläk gapdalynda ýatan hol
kişiniň boýnundalygyna onuň akyly ýetmedi,
düşünmedi. Düşünen bolsa, şol gije gözlerini gyrpman,
bir burçda çugtduryp oturardy. Bir zatlaryň pikirini
ederdi. Ähtimal, aglardam. Humaý aglamady.
Humaý çaga dogurmaga howlukdy. Sallançakda
ýatan akja bäbegi ýanap emdirmäge höwes etdi. Eýse,
hiç kesden ejap etmedi. Gyz wagty şu zatalry oýuna
getirmäge-de utanardy, gyzarardy. Häzir dogurmak oňa
adaty bir hadysajyk bolup duýuldy. Çagany dünýä
indirmekde hiç hili agyry görmedi.
Humaý gijelerine ýatmady. Ärini söýdi, ezizledi.
Onuň üçin Kyýas iň ýakyn adama öwrüldi. Ýürekdeş
adama. Ol Kyýasy mähriban saýdy. Erkek adamy şeýle
söýüp bolýandygyna, ony şu wagta çenli aňşyrman
5
gelendigine oturyp-oturyp geň galdy. “Hakyky är
şunuň ýaly bolmalydyr, özüni söýdürmelidir. Şeýledir”
diýip pikir etdi.
Humaýyň atasy öýünde gaýtarma bolup gezesi-de
gelmedi. Ony welin gaýtardylar. “Gaýdyp gitjekmi”
diýip soramadylaram.
Baran güni Nurtäç:
- A gyz, sen-ä tanar ýaly bolmansyň – diýdi. – Näme
bilen bakdylar?
Bu sowal Humaýyň süňňüne ýakyn çaýdy. Ýüzüne
ýagty saçdy. Köňlündäki gussasyny gowzatdy.
Ýüregini gürsüldetdi. Ol içki dabarasyny daşyna
çykarmady. Uýat hasaplady.
- Göwnüňedir - diýdi.
Nurtäç gyjyt bermäge gepbaşy gözledi.
- Şäherlileň ýaşaýşy nähili eken, gyz? Obaça bamy
ýa şunça-da ýokmy?
- Obadan-a müň esse gowy.
- Hm... şeý diýýä. Gündeki iýjek nanyňyz-a
magazinden satyn alýansyňyz, şeýlemi?
Humaý ýeňňesine düşündi. Ýöne azm urmady.
Dişini gysdy. “Her zat-da bolsa gelnejemdir” diýdi.
Giňlige saldy.
- Goýup otyr, gyz! Satyn alarysmy? Daýzamyň gül
ýaljak tamdyry bar. Günaşadan nan ýapýa özi. Iliň
ýanynda bir agzaýma!
Nurtäç iki elini bykynyna urdy. Otagyň ortarasynda
abşarylyp durşuna-da, tumşugyny diň-göge tutup:
- Biz-ä tamdyr görmedik çagyrja baramyzda – diýdi.
– Beýle tamdyrlary bar eken-ow. Gizlejek bolýa-da
şonam. Bilmeýändir öýdýär.
6
Humaýyň çydamyna iňňe sanjyldy.
- Garagyň gapylandyr onda seň şony görmedik
bolsaň.
- Beterem tamdyryňyz ýok. Hakykaty aýtsaň, janyňa
batmaz, hä-ä.
- Garagym gapylarmy?! Magaziniň nanyny
iýýäniziň hakykat-da sebäbi. Geple ýalan bolsa!
Humaý dilini dişledi.
Nurtäç çylkasyz gülüp başlady. Gülküsi tutmasa-da,
güldi. Güle-güle çym-gyzyl boldy. Arasynda gözlerini
süpürişdirip:
- Daýzam günaşadan nan ýapýa diýip göz-görtele
edýä-de özem. Ýok tamdyrda nädip nan bişirilýänini
bize-de öwretsene, gyz – diýip ýene güldi.
Humaý ýuwaşdan aýgytly gepledi:
- Bir zar diýdirmejek bolsaň, git, indi, gelneje, şu
taýdan.
Nurtäç ýürekgysdyryjy ümsümlik bilen Humaýy
ýeke goýup çykyp gitdi.
Humaýyň içi gysdy. Kyýasy küýsedi. “Torsuk ýaly
oglanjyk dogursam” diýip arzuw etdi.
Humaý sabryna suw sepdi. Gaýtarma bolup gezilen
ýigrimi alty gün welin asyl wagty bilen ötmänjik
geçäýdi.
Ýüregi ýarylaýmanka ol Kyýasa gowuşdy.
Göwresinde çaga galmanlygyna-da kän bir gyýylyp
durmady. Onuň ýanynda Kyýas bolsa bolýar. Çagadyrda. Gyssap duran barmy nä?!
Humaý gaýynenesinden ýaşmagyny syrdy welin,
olaryň rysgyny aýrylamak bilen boldular. Gaýnatasy bu
7
işiň ugruna atly-ýaragly çykdy. Eýtdi-beýtdi, üçünji
gatdan iki otagly jaý alyp berdi.
Täze jaý Humaýa aýratyn ýarady. Bu ýerde
ýaşynmak aladaň ýok. Sopbaş özüň.
Her näçe ýüregi gyssa-da, ol gaýynlaryndan aýra
ýaşanlaryny kem görmedi. Bu ýürekgysdyryjy ýekelik
hemişe onuň başyny alyp durmaz. Basym çagalary
bolar. Onsoň oalryň diýeni geler.
Täze jaýda ýedi aý töweregi ýaşanlaryndan soň,
Humaýy ünji astynda alyp, göwrede bir düwünçejik
emele geldi. Çaga galdy. Ýöne munuň özi birdenkä
şeýle bolaýmady. Muňa çenli Humaýyň takaty agram
baryny çekdi. Ahyram ýegşerildi.
2.
Humaý Kyýasa sekiz aýlap çyn aýalyň hyzmatyny
etdi. Sekiz aý! Şunça wagtlap är-aýal bolup ýaşaňsoň,
çaga galmasa o nähili bor?! Galjak bolsa, galarça wagt
geçd-ä.
Humaýyň kellesine mojuk bir pikir geldi: “Erkegem
däldir şu häli görseň”.
Bu pikir onuň ýüregine wehim saldy. Indi çaga
dogurman ýaşamalymy? Ölen günüň tabydyňy egnine
alyp, ses edere-de biri gerekdir. Sallançakda ýatan ak
bäbegi ýanap emdirmek hakyndaky bolsadysy bitmese
Humaý-a şu dünýeden gidibilmez. Gidäýse-de, gözüni
açyp gider.
Humaý: “Göwnüme getirmäýin-le şuňňaly zady”
diýdi. Tersine boldy. Şol mojuk pikire assa-ýuwaş
ynamy artdy. Artyp-artyp, mizemez bir zada öwrüldi.
8
Humaý ýalňyşýan bolmaýyn diýmedi. Diýjekdi.
Ynamyna müňkürlik etmäge delil tapmady.
Humaý Kyýasy ýigrenip-de bilmedi. Aslyýetinde ol
ärini nämüçin ýigrenmeli? Onuň etmişi näme? Kyýasy
Hudaý näletländir. Zürýatsyz ötmegi oňa Hudaýyň özi
buýrandyr. Adama şundan çökder jeza berip nätjek?!
Başga birine äre barsa, Humaýyň çagasy bolar.
Hökman! Şuňa däl diýip biljek ýok. Kyýasdan welin
çaga önmez. Çaga erkek adamdan önýär-ä. Kyýas
erkek däl. Kyýas betbagt adam.
Humaýyň ärine nebsi agyrdy.
***
Belanyň başlangyjy şu: Bir oglanjyk oňa aşyk boldy.
Magazine baryp gelýärkä. Oglanjyk bolup, oglanjygam
däl, Kyýasdan uly bolmasa, kiçi däldigi göz-görtele.
Oglan Humaýyň çörekli sumkasyny ýük gördi.
“Getir göterşeýin” diýdi. Ýük görmedik bolsa beý
diýmezdi. Humaý ýüz bermedi. Öz-özüne: “Bi
ýerçeken nirden çykdy, gyz” diýdi. Dagy näderini
bilmän, haýsydyr bir düşnüksiz hiňlenmä maýyl boldy.
- Ýaman gowy sesiň bar, aýdymçy bolmaly ekeniň
sen.
Humaý dilini dişinden aňyrda saklady. Ýogsa, onuň
jogaby taýyndy. “Seň ejeň aýdymçy bolmaly ekeni”
diýýämelidi. Diýmedi. Haçana çenli onuň ýaly köçede
gezip ýören işsiz bilen darkaş gurup ýörjek?!
Ol öýüne ýetmäge howlukdy.
Ikinji gezek Humaý oglan bilen bir hepdeden soň
gabatlaşdy. Zibil döküp gelýärkä. Oglan hapa atylýan
9
bedräni ýük görmedi. Ýük gören bolsa, getir,
göterşeýin diýerdi. Diýmedi. Diýäýende-de Humaý oňa
bedre götertmezdi.
Oglan adyny aýtdy. “Mergen” diýdi.
- Kim seň adyňy soraýa şumat?!
Oglan sarsmadam.
- Men seň adyňam bilýän. Aýdaýynmy? ...Humaý.
Ýaman gowy adyň bar.
Humaý: “Meň adymy nirden bilip ýörkä bi
ýerçeken. Masgara janym, biriniň dulunda otyrkam bir
haýasyza sataşaýdym-da. Kyýas bilse öldir meni”
diýdi.
Ol oglanyň yhlasyny zor gördi.
Mergen Humaýy gürletmäge ilgezik boldy. Pylan
ugurdan okaýan, heniz öýlenemok, özüňiz ýaly
meniklije maşgala bolsa öýlenäýmek hyýalymam ýok
däl diýen ýaly Humaýyň teý gyzyklanmaýan zatlaryny
aýdyşdyrdy. Ol welin sesini çykarmady, ne ýagşydan,
ne ýamandan.
Ol Mergeni halamady.
Ertesi olar üçünji gezek duşuşdylar. Mergen olaryň
göni öýlerine geldi. Günortanlar. Gelşine-de gapyny
kakdy. Humaý gapyny sesini çykarman açdy. Kyýas
gelendir öýtdi. Mergeni görübem içini çekdi.
- Ertirden bäri daş çykmadyň-la bir gezegem.
Häliden bäri saňa garaşdym men. Içiň gysanokmy
öýde?
Humaý ýakasyny tutup, oňa git diýdi.
- Kowmasana, seni görmesem ýüregim gysyp, ölüp
barýan.
Humaý pyşyrdap gepledi:
10
- Utanaňokmy biriniň heleýiniň üstüne atalap
durmaga... Bar, git, şu ýerden abraýyň barka. Ärim
ýatyr öýde.
- Aldama! Ol-a işe gitdi häli. Öýlän bäşden bärde
gelmeýä. Bilýän-ä men.
Mergen gapyny iç ýüzünden ýapdy. Arkasyny
diwara ýaplady-da, Humaýa çiňerilip seretdi. Humaý
dagy nätjegini bilmedi. Ýüzüni kese sowdy. Şunuň
ýaly ýagdaý ýüze çykanda näme etmelidigi barada
öňünden pikir edip goýmandygyna ökündi. Iki
sekuntlyk dymyşlykdan soňam:
- Bar, çyk, gyýw, meni biabraý etmejek bolsaň. Ilgün näme diýer – diýdi. Kesä bakyp durşuna Mergeniň
birjik-de sarsmandygynam edil gözi bilen gören ýaly
duýdy.
- Ärim biläýse öldir seni.
Şeý diýibem göni oglanyň gözlerine seretdi. Ol
onçakly görmeksiz hem däl ekeni. Gözleri ýanyp dur.
Humaý onuň garaklarynda yşkyň açlykdan surnugan
keşbini gördi. Onuň didelerinden özüniň naýynjar
keşbini hem tapdy.
- Gitjek, häzir gitjek.
Mergen hatda gözlerini-de gyrpmady. Örän parahat
gepledi. Onuň ýüreginiň gürsüldisi Humaýyň
alkymynyň aşagyndan eşdilip ugrady.
Häzir Humaýyň bir-ä gözi gördi, birem gulagy
eşitdi. Galan zatlar togtady. Şu pursat ýüregi-de
urmasyny kesäýdi öýdýän. Burun-a öz wezipesini
unutdy. Aşhanadan gelýän köýen etiň ysyny alybilmese
öz wezipesini unutdygy bolýa-da. Başga näm bolsun?!
11
Soňky wakalara-da düşüner ýaly bolmady. Ýa-ha
Mergen ony gujagyna gysdy, ýa-da ol Mergeniň
gujagyna gysyldy. Bir zad-a belli, Humaýyň huşy
başyndan uçdy. Huşy bar bolsa, Mergeniň boýnundan
aslyşmazdy.
Humaý soňuny saýmady. Soňuny saýmaga wagtam
bolmady. Wagt bolaýanda-da ol akylly-başly pikir edip
biljek däldi. Beýnisi işlemeýän adam nädip pikir etsin?!
Onuň huşy beýnisini terk etdi.
Humaý öldi. Ýaňyja-da Mergene: “Bar, git, oglan,
iliň heleýi bilen nämeişiň ba” diýip duran Humaý onuň
gujagyna özüni oklady-da, öläýdi. Sojap-sojap dem
alyp ýatyşyna hakyt öldi oturyberdi. Gutardy...
...Humaý ýedi minutdan soň direldi. Gözüni açmady.
Ýöne direldi. Direlen badyna-da iňledi. Nämeleriň
näderejede nähili bolup geçendigini bilesi geldi. Bilip
bilmedi. “Nepesimi bir durlaýyn-la” diýdi. Süýndi.
Barybir anyk aňşyryp bilen zady bolmady. Kösendi.
Çak urdy.
Humaý göwresinde galan çaganyň Mergendendigine
şübhe etmedi.
3.
Göwrede çaga galany çyn. Humaý muny Kyýasa
ýorganyň aşagynda aýtdy. Gorka aýtdy:
- Kyýas!
- Hm?
- Çaga galypdyr...
- Ä? Näme diýdiň?
12
Gara-gara, ümmülmez pikirler Kyýasyň ynjalyksyz
beýnisinden bada-bat sypyrylaýyp bilmediler. Bilniksiz
terk etdiler. Onuň ini jümşüldedi. Begenjinden.
Görmese-de Humaý şuny duýdy.
Kyýas:
- Goýsan-aý, çynyňmy? – diýdi. – Çaga galypmy
hakyt? Bildirýämi? Hany menem göreýin... Bir gatyja
zat ba welin, şumy? Şudur. Bilýädim-ä
men.
Oglanjykmyka?
- Bilmedim men-ä.
- Oglandyr, men-ä oglan bolsa gowy görjek. Sen?
- Menem.
Kyýas Humaýy gujagyna gysdy. “Oglanjykdyr.
Öňünden bilýän-ä men. Çaga galjakdygynam öňünden
bildim. Mynam bilýän. Oglanjykdyr. Ine, gör-de
duruber, meň diýenim dogry bolar” diýip, düşnüksiz
hümürdi bilen aýtdy. Humaý oýkanjyrady:
- Gysmasana gaty. Demim gysýa.
Göwrede çaga galany hak. Sag-salamt ýaşalyp
ýörülse, ol Humaýa çeker. Humaýa çekse-de, oglan
bolar. Olaryň tohumynda gyz dogurýany seýrek.
Şujagaz pikir onuň kalbyna umyt saldy, beýnisine
ynjalyk berdi.
- Birden gyzjagaz bolaýsa.. Bu-uw, ejem bilen
kakamyň-a gözüne görnübilmen. Birhili görülýä-dä
birinji çagaň gyz bolsa. Utanylýamy, nämemi? Seň
üçinem şeýlemi?.. Zyýany ýok, gyz bolsa-da. Bir zat
bolup dursa boldu-da. Bu gezek gyz bolar, ikinji gezek
ogul. Dogry dämi?.. Senem ýöne-e gyz dogrup
ýörmersiň-ä. Arasynda... hany entek şuny bir göreli.
Belki, Hudaý, ogul bolaýady-da. Süýşsene bärik!
13
Humaý gyz dogranda-da, oglan dogranda-da
tapawudy ýok, onuň kakasy Mergen. Ýöne çaga dil
açansoň, Mergene kaka diýmez, Kyýasa diýer.
Ähtimal, ol Mergeni tanamazam.
Kyýas bu zatlary bilmez. Humaý bu barada hiç kime
hiç zat aýtmaz. Içinde saklar.
Bu syry günä göteren kimin göterip ýörmek oňa
biçak gymmat düşer. Ölýänçä ini müňk-müňkde bolar.
Bu syry diňe mähek daşy gizligin saklap biler.
Humaý özüni mähek daşyna deňemäge gaýrat tapmady.
Ýaýdandy.
Bir syry, ýekeje syry içine sygdyryp bilmese,
Humaýyň ojagy ýykylar. Maňlaýgara bolar. Oňa
gargarlar. Humaýa hiç kim düşünmez.
Humaý bu syry o dünýä alyp gider. Aýtsa-da, şo
taýda aýdar. Magşar gününde. Şondan bärde aýtmaz.
Ol äht etdi. “Aýdan günüm taklap janym çykaýsyn”
diýdi.
- Humaý!
- Hä?
- Oglan bolsa adyna näme dakarys?
- Waý, bilmedim men-ä. Pikirem etmändirin şony.
- Onda näme dakaly diýsene?! Neme dakaly. Şöhrat
dakaýaly, hä?
Gowy ad-a şo?!
- Hawa.
- Wiý, ýa-da Daýanç dakaly. Men-ä gowy görýän
şony. Erbet däl-ä. Sen nähili görýäň? Ejem dagam
gowy görer şol ady. Ýa bolanokmy?
- Bolýa-la...
14
- Wi-iý, Humaý, birden ekiz oglumyz bolaýsa, hä!
Hany elläp göreýin... Ep-eslije bar, how, şü. Ekiz
bolaýmasyn?! Bir aýlyk diýdiňmi? Bir aýda şuňňaly
bolsa, tüweleme, ganymat, bolubilýä.
Kyýas begenýär. Humaýyň garnyny gaýta-gaýta
sypaýar. Häzir onuň gözleri gülýär. Gözedürtme
garaňkylygam bolsa, onuň gözleriniň gülýändigini
Humaý bilipjik ýatyr. Kyýasyň begenji ýürekden. Ol şu
gije uklabam bilmez. Ol kesekiniň çagasyna guwanýar.
Özüniňkidir öýdýär. Ol özüni erkek sanyna goşýar.
Aýbyny bilmeýär.
Humaý ärini gözli kör saýdy. Onuň betbagtlygyna
agysy tutdy. Asyl agladam. Özem ses etmän aglady.
Aglan halatyň ses etmek hökmanmy diýsene?!
Ýassykdaşy aglar-da, Kyýas bilmezmi? Bildi.
Eginlerini silkip-silkip ýatyşyndan çen tutup bildi.
“Samsyjak” diýdi.
- Goý, how, aglabermeli bomy çagam bolýa diýip.
Gaýtam begenmeli sen. Men-ä begenip ýatyryn şumat.
Bi bolsa... Goý, how!
- Begenjimden aglaýan-da men.
Ol Kyýasy ogşady. Çem gelen erinden.
Maňlaýyndan, gözünden, ýaňagyndan, boýnundan.
4.
Bäş günden soň Nurtäç geldi. “Baldyzjygymyň içi
gysýandyr, bir göreýin-le diýip gaýdyberdim” diýdi.
Humaý begenmedem, gynanmadam.
- Gowy edipsiň – diýdi.
Nirtäç jibrinip gepledi:
15
- Nähile edenim-ä özüm gowy bilýän-le. Öň
bilmändirin. Bilen bolsam gaýtmazdym. Atam direlip
gelýänem bolsa gaýtmazdym.
- Näm boldy, gyz, beýle?
- Wah, bilmedik bolan bolýa-da. Öldüm-ä men seň
tünegiňi tapjak bolup. Hakyt masgara bolaýdym-da,
gyw. Görmedigim görde galandyr-la... Özüňiz bir
kösenmän tapýaňyzmy, gyz? Ýa daşarygam
çykaňzokmy? Çykýanam dälsiňiz siz. Ýaýdanyp
duransyňyz. Bir çyksaň münmek işdir. Münseňem
düşmek. Ýaňy özüm itiň günini gördüm-ä.
Humaý ýeňňesine çaý berdi. Nurtäç täzeden
tükezzibana tutduryp ugrady:
- Goňşularyňyzy bir tanaýaňyzmy, gyz? Tanaýan
dälsiňiz-le. Siz-ä tanaýan ýok ekeni şu töwerekde.
Ýaňy gelýäkäm öňümden çykandan soraýan. Soraýan
welin birem bilenok-da. “Kyýas bilen Humaýdyr.
Göçüp gelenlerine bir ýylam bolanok. Ýaş maşgaladyr”
diýip, näler düşündirip aýdýan welin, gyran degenleň
birem bilenok. “Göçüp gelen eriň gursun” diýip,
arasynda saňa-da gargynýan. “Aýnadan dagyň kellesini
çykarmazmyka” diýip, aýagaldygyna äpişgelere-de
seredişdirýän. Eger-eger...
Ýeňňesi Humaýyň ýüregine dagyn düşdi. Onuň içini
it ýyrtdy. Çydamady.
- Onsoň nätdiň – diýdi.
- Wiý, nätmekden Hudaýjanyň özi saklasyn.
Gapjygymda allanäme adres ba. Seň ýazyp beren
adresiň. Şo ýadyma düşäýdi. Bir gyzjagazyň eline
tutdyrdym welin, şart-murt, derrew getiräýdi. Men,
aňkasy aşan aýlanyp ýörüpdirin-dä şu jaýyň daşynda.
16
Biläýmändirin-dä... Ynansaň bar-a, gyz, şu kösenşime
tapmadyk bolsam, göni gaýtjakdym yzyma. Ikiňizem
ýüzüňizi Babaly görsün diýjekdim. Kyýasyňam,
seňem...
Nurtäç dymyp oturyp bilmäz. Obadan ýöriteläp
gelensoň, burny deşilen ýaly sesini çykarman otursa
niçik bor?! Onda gep kändir. Ol entek geplär.
Näçe ýokuş görse-de, ýeňňesini diňlemäge Humaý
boýun boldy. “Mugt gürrüň. Diňläýin oturaýyn” diýdi.
Kalba giňlik salmagyň iň arzan emeli şu.
- “Etaž jaýyň tuwaledem içinde bormuş” diýip kän
eşidipdim. Heýç ynanamokdym-da şonda. Ine, gözüm
bilenem görüp otyryn ind-ä. Bolsa-da, gyz,
mynyňyzdan ys-a gelenok. Ýa gireňzogammy?.. Aý,
ýok, tuwalede girmän-ä onuň bilmersiňiz, ä? Ýöne ys
gelmez ýaly bir zat edensiňiz siz...
Ýeňňesi gürrüňden gürrüň ýasaýar. Asyl sepinem
bildirenok. Bildirmezem. Nurtäjiň şondan başga işi
bamy nä?! Bar işi – gaýynlary bilen äriniň, onsoňam
çagalarynyň nanyny, naharyny bişirmek, kirini
ýuwmak. Galan işi – gybat. Gybat bolmasa dünýe onuň
gözüne türmeden enaýy görünmez. Ýanynda adam
bolmasa bi aýdyp oturan gürrüňleri onuň gursagyna
sygmaz, içini byjyklar. Nurtäç çydamaz, öler. Şu
gutulgysyz hakykat.
- Astyňyz-üstüňiz, dört tarapyňyz biton-la, gyz,
siziň. Ölmän nädip ýaşaýaňyz?! Sadagasy gitdigim,
adam pahyryň jany gaty berkden-ow. Hiý, gör, myny,
bitonyň içinde-de ýaşap ýör-dä, gyz, birenaýy bolup.
Nurtäç aladasyz aýal. Näme diýse-de ondan geň däl,
gelşip dur. Ondan kine saklamak aňy ýukalygyň
17
alamaty. Şuňa akly çatyp durka, Humaý ýeňňesinden
göwün etmez. Humaý aňynyň ýuka bolanyny islänok.
- Hakyt pilite-dä, gyz! Bir seret myňa... Hökümet
diýýän-ä, şuň dagyn alajyny tapyp bilenokmyka?!
Adamlara ýamanlyk diýib-ä edýän däldir ýogsa şuny.
Çig kerpiçden salmal-a şuňňaly jaýy dagyn. Ana,
obada gül ýaly jaýlary dikeldip ýörler-ä çig kerpiçden.
Ýa arzan düşýämikä şu hazan almyş beton-piliteler.
Aý, ýok, arzana düşmeli däl. Düýn dälmidi Magtym
çekimçiň: “Simunt gymmatlaýa, simunt” diýip, ulukjyn
alyp ýöreni. Simuntdan ýasalýandyr-da şu pilitelerem.
Gyran degen höküwmediňem ugry gaçyp ýör öýdýän.
Nurtäç biriniň körpe oglunyň keýwanysy. Äri
iýjegini-iýjegini getirip dur. Dört çagasy bar, dördüsem
ogul. Gaýynlary bilen agzyny alartman ýaşaşyp bilýär.
Äri bilen harçaňlaşyp duranyny gören ýok. Emma
ärinden nadylsyran bolýar. Oňam sebäbi belli. Ile
öýkünýär. Hemme erkekler şeýledir öýdýär. Onuň
gyzyl ýaly äri bar. Tapylgysyz. Humaý: “Dünýede
şundan mes ýaşaýan ýok – diýdi. – Kem zady ýok, bi
heleýiň”. Eýse, onuň ýeňňesi ýaly bolasy gelmedi.
Nurtäjiň gününi arzuw etmedi.
- Sagat näçe bolduka, gyz? Bir seret-le... Bu-uw,
eýýämmi? Turdum onda men-ä. Üçdäki awtobusa
ýetişjek bolaýyn. Salgy bir ber, gyz! Nirden nädip
gitmeli? Yzyňy tapmagam gara görgüdir, ýene
soraşdyryp ýörmelidir.
Humaý salgy berdi.
- Öýe aýtjak-goýjak zadyň bamy, gyz? Men-ä
gitdim.
18
- Salam aýtsaň bolany. Sag-aman bar, gyz, gitseň.
Özüňem gelip dur. Indiki gelende Röwşen janam alyp
gel.
Nurtäç yzyna öwrülip hekgerdi.
- Asyl geläýmen. Kim gelse şo gelsin. Men-ä
gelmen. Oba göçýänçäňiz Nurtäj-ä gapyňyzy açmajak
bolar. Şuny bek bilip goýaý.
Humaý ýeňňesiniň oýnudygyna-da, çynydygyna-da
düşünmedi. Düşünjegem bolmady. Näme etsin
düşünip?!
Çaky, ýeňňesiniň jaýa pisindi oturmandyr. Ol şuňa
düşündi. Ýeterlik dälmi şunuň özi?!
Humaý göwresinde çaga galandygyny Nurtäje
aýtmady. Aýtsa, kän
oturyp, kän ýaňrar öýtdi.
“Onsuzam az geplänok” diýdi.
5.
Ertesi günortanlar gapy kakyldy.
Kimkä bu?
Kyýas-a däldir. Şol-a belli. Nurtäjem düýn gelip
gitdi. Onuň-a indi “Humaý öýünden gyzyl paýlap otyr.
Gapysyny kakana bir penje berýämiş” diýiläýende-de
geljegine kepil geçip biljek ýok. Düýnki bolup oturyşy
şeý diýmäge doly esas berýär.
Onda kim bu?
Humaý çak urdy: “Mergendir”.
Humaý ýaýdandy: “Açmalymy, açmaly dä?..”
Gapy gaýtadan kakyldy: tyrk, tyrk, tyrk..
Bu tyrkyldylarda dözüm ýok. Olarda ümsümligi
bozmaga het edýän asudalyk bar. Humaý muňa üns
19
bermedi. Dözümli kakylsyn, dözümsiz kakylsyn,
tapawudy ýok, hemmesiniň soňy bir netijä syrygýar:
gapynyň aňyrsynda biri garaşyp dur. Humaý şuňa
pisint etdi.
Gapy üçünji gezek kakyldy:
- Kimsiň?
- Açsana, Humaý, men!
Şol! Humaý: “Aýtdym-a – diýdi. – Bildim-ä
şodugny”. Onuň süňňi düşnüksiz galpylda duwlandy.
Ol muňa pitiwa etmedikden boldy. Heşelle kakdy:
“Ýüregi gürsüldäp durandyr şumat. Agzyndan
çykaýsam-çykaýsam diýýändir”. Şeýdip galagoplygy
ýeňmegiň emelini tapandyryn öýtdi.
- Sen kim?
- Mergen – men. Eýýäm ýadyňdan çykaýdyňmy?
Açsana gapyny.
- Açjakgä! Nämüçin geldiň?
- Açaýsana! Bir zat aýtjak. Gorkma!
- Aýdyber näme aýtjak bolsaň. Şo taýdanam eşdilýä.
- By taýda beýdip durmak birhili-dä, Humaý!
- Bar, gyýw, git, ärim gelmeli häzir.
- Ol-a bäşden bärde gelenok. Bilýän-ä men.
- Gelmese-de açjakgä.
- Açaýsana, Humaý! Derrew gitjeg-ä... Gorkma...
Elimi degirsem bar-a, söz bereýinmi, elimi degirsem,
heleý boldugym.. Erkek adamyň sözüni berýän,
Humaý, ynanaý!
... Humaý ynandy.
Ine-de, Mergen! Humaýy öldüren Mergen! Kyýasyň
betbagtlygyny ölçeren Mergen! Ol öňküsinden
görmegeýleşen ýaly. Onuň görkünde kemlik ýok ýaly.
20
Humaýyň ýigreneni – jüýkburun. Mergen jüýkburun
däl. Humaýyň halamaýany – gür biten gaş. Mergeniň
gaşlary gür däl. Humaýyň ýek görýäni süýrikelle.
Mergeniň kellesi süýrem däl.
Ähtimal, şu tetelli zatlar onuň üçin Mergene
sataşanyndan soň şeýledir. Humaýyň muňa hä diýesi
gelmedi.
Mergen iki elini arkasyna tutyp, gapa söýendi.
Boýnuny burdy. Oýurgandy. Humaýyň gözlerine göni
garap:
- Meň gelmek niýetim ýokdy – diýdi.
Garşysynda
durup,
bedenindäki
üznüksiz
saňňyldyny bir ritme düzen Humaýyň: “Onda nämä
geldiň?” diýip, heniz bermedik sowalyna-da ugrybir
jogap berdi:
- Düýn palça gitdim. Neme diýdi, heniz öýlenmänsiň
diýdi, basym bir Aý ýaly gelne öýlenersiň diýdi. Göni
seň salgyňy berýä. Begenip gaýtdym...
Humaý: “Çypdyrýa – diýdi. – Çaklap urýa. Göwni
islänsoň diýen bolaýýa. Palçam ýokdur häli görseň,
beýlekem”.
- Men-ä entek oňňaly palçy görmändim. Eşidipdim,
ýöne görmändim. Meň beren pulum-a halallap aldy şo.
Palçy diýeniň şoňňaly bolaýsa...
- Halallap alanny näbilýäň?
- Wi-iý, bilmän näme?! Aýdýan zatlary hakykat.
- Waý, bar, git gyýw! Men seni tanamogam,
bilemogam.
- Dur, dur, häzir gitdim, ine, gitdim... Wi-iý, neme,
Humaý? ...
21
Humaý onuň gözlerinde nälaçlyk gördi. Ýöne nebsi
agyrmady. Asla nämüçin ol nebsini agyrtmaly?!
- Palçy heleý maňa ýene bir zat diýdi, aýdaýynmy?
Humaý: “Oňly zat aýtmaz bi” diýdi. Mergen onuň:
“Aýtma” diýerine garaşyp durmady:
- Näme diýdi, ikiňiz bir-biriňize mynasyp gaty
bagtly ýaşarsyňyz diýdi. Goç-goç ogluňyz bolar diýdi.
Humaý arzuw etdi: “Kyýas geläýbilsedir şumat”. Şol
bir wagtyň özünde-de: “Toba etdim, toba etdim,
gelmäwersin, gelmäwersin” diýdi. ‘Geläýesi ýok-la
entek” diýip, diwaryň ýüzünde arabaň tigirçegi kysmy
sallanyp duran sagada seretdi. Sagadyň peýkamlary
onuň göwnüne teselli berdi.
Mergen hut palçynyň özüne öwrüldi. Humaýyň
nämeleriň pikirini edýändigine çenli bilip duran boldy.
- Bäşden bärde gelmeýä ol. Sagat ýaňy on iki bold-a.
Mergen Kyýasa ol diýýär. Ony Humaýyň äri
saýmaýar. Onuňça Kyýas Humaýyň ýanynda ýaşap
ýören bir biweç keseki. Belki, Mergen özüni Humaýyň
äriniň ornunda goýandyr... Goýsa goýubersin. Onuň
islegi şol. Ýöne ol isleg bitmez. Haýsy bir islän zadyň
bolup dur?!
- Bar, gyýw, git, indi.
- Humaý, men ýene gelerin.
- Waý-eý, adamda utanç-haýa bolmasa...
- Gitdim, häzir gitdim, ine gitdim...
Mergen ynama kast etmedi. Gitdi.
6.
Kyýas düýş görüpdir.
22
Bir ýerlerde uly köl, kölüň orruk-ortasynda çaklaňja
adajyk, adajygyň üstünde-de aýakalryny suwa salyp
Kyýas otyr diýýä.
Kyýasyň elinde çeňňek bolup, ol balyk tutmakçy
bolýamyş. Çeňňege ilki bir balyk düşüpdir. Asyl ol
balygam däl diýýä. Balyk sypatyna giren adamyň hut
özümiş. Edil ertekidäki ýaly adam dilinde gürläp
ýatyrmyş. Onuň näme diýip gepleýändigi Kyýasyň
hakydasynda galmasa-da, adam dilinde sözleýändigi
çyn diýýä. Kyýas: “Ertekidäki tylla balygy tutdum”
diýip begenipdir.
Çeňňege ikinji balyk düşüpdir. O-da adam dilinde
gürleýär diýýä. Kyýas: “Onda bu näme?” diýip geň
galypdyr. Geňem galmandyrda, birhili gorkjak
bolupdyr. Soňam: “Hä-ä, bildim, bi tylla balygyň
dogany bolmaly” diýip, öz ýanyndan çak urupdyr,
rahatlanypdyr. Onsoň üçünji balygy tutypdyr. Olam
ýaňkylar ýaly adam dilinde gepläp başlapdyr welin,
Kyýas: “Bu-da bir dogany” diýipdir. Soň başga-başga
düýşler başlanypdyr...
Humaý düýşi gowulyga ýordy.
- Balyk gören bolsaň ogluň boljakdyr – diýdi.
- Men üç balyk dagyn gördüm, how. Göremogam,
asyl tutdum. Näçe balyk görseň. Şonça ogluň
bolýamyka ýa? Ä?
Kyýas muny howsala bilen aýtdy. Ýöne onuň
äheňinde ahmyr duýulmady.
Humaý:
- Şeýle bolaýmasa – diýdi.
- Mysal üçin, men on sany balyk tutsam, on sany
oglum bolarmy?.. Aý, ýok, oňňaly bolmaga haky ýok...
23
- Bilmedim onda men-ä.
- Be-eý, walla!.. Aý, ýok, bolýa...
Humaý: “Şu zatlar gowulyk bilen gutarmaz” diýdi.
Ol Mergeni halys ýürekden ýigrendi.
7.
Kyýas işe gitdi. Humaý penjiräniň öňünde söýenip
kän durdy. Näme etmeli? Oýlandy, ölçerdi-de, ol ahyry
öýüne gidermen boldy. Ýöne näme üçin? Näçe günlük?
Humaý öz-özüne jogap bermäge gyssanmady. Bu
şäherden – bu namutlykdan çykmaga howlukdy.
Ol girelgäniň agzynda Mergene sataşmady.
Sataşmandygyna-da begendi. Muny ajaldan gutulan
adamyň soňky ömrüne barabar gördi.
Ýoluň iki gyrasy durşuna bagdy. Tomsuna bu
baglaryň kölgesi örän goýry bolýardy. Howur ýerden
asmana göterilýärkä bu agaçlar gözüňe dürtüler
durardy. Häzir welin olarda gözilginçlik ýok.
Neşelendirilip geýdirilen mahmal donlar ütüm-ütüm
edilipdir. Şahalardaky apbasy ýapraklar selçeňleşipdir.
Ýalaňaç çybyklaram bar ýaly... Hawa, gyşam ýetip
gelýä-dä.
8.
Atasy öýünde ony ýeňňesi garşy aldy.
Nurtäç saglyk-amanlyk soraşmady.
- Hä-ä, gördüňmi? Bildim-ä men. Ol hazan almyş
bitonyň içinde içiň gysjagyny. Şo gün aýtmadymmy?
Dowzah-a siziň onyňyz barypýatan. Şäherde köşgüň
24
bolanda-da, ataň öýüňden enaýy däldir. Oba ýeri-dä.
Senem şeýdip geliberseň asyl gidesiňem gelmez. Geple
ýalanam bolsa!..
Humaýň ýeňňesine hä diýesi geldi. Diýmedi.
- Ejem dagy ýokmy – diýdi.
- Ejeň bilen kakaň-a Kemman agsaklaň
hudaýýolusyna gitdi. Soňurrak gelerler. Jigileňem
okuwda. Resulam işe gitdi. Oň-a bu gün isminidirem.
Ertir günortandan bäri...
Humaýyň ýüzi asyl-asyl. Gaşlary bürjeşip dur.
Gözleri öçügsi. Nurtäç welin muny duýarly däl.
Ýeňňesiniň kütekligine Humaý begenmedi, geň galdy.
...Humaýyň: “Şu zatlar oňlulyk bilen gutarmaz”
diýen pikiri ýene bir gezek tassyklasy geldi. Ýöne
gaýrat tapmady.
...Adamlar ýeriň aşagynda ýylan gäwşese-de
bilýärler. Kyýasam bu zatlary biler. Ir-u-giç biler.
Onsoň näm bolar?..
Humaý: “Hemmesi düz bor” diýdi. Umyt etdi.
Ýöne eýýämden ol ähli zada kaýyl gelipdi. Ol öz
günäsini bimöçber saýdy. Özüni ölüme rowa gördi.
Ol indi ölmäge-de taýyndy.
Sözsoňy ýerine
Ýöne birwagtlar-a Humaý çaksyz owadan gyzdy.
Gujak gerip duran ýyldyzly garaklarynda egsilmez
dogum bardy. Gözleriniň ýokarsynda garlawajyň
ganatlary allanäme ýazylyp ýatyrdy. Maňlaýyna çyzyk
çekmäge aýlar-a däl, ýyllaram milt edip bilmändi.
25
Humaýyň dodaklaram ýukady, ýumşakdy, ykjamdy,
bal ýalydy. Ýüzünde halka gurap, Aý ýalkym atardy.
Alkymynda, bileklerinde gögerçiniň höwesi bardy...
Ol şeýle gyzdy.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Derdeser - 2
  • Parts
  • Derdeser - 1
    Total number of words is 3738
    Total number of unique words is 2080
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    43.3 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Derdeser - 2
    Total number of words is 3834
    Total number of unique words is 2023
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Derdeser - 3
    Total number of words is 3827
    Total number of unique words is 1892
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Derdeser - 4
    Total number of words is 3732
    Total number of unique words is 2128
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Derdeser - 5
    Total number of words is 3833
    Total number of unique words is 2047
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Derdeser - 6
    Total number of words is 3831
    Total number of unique words is 2121
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    43.4 of words are in the 5000 most common words
    50.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Derdeser - 7
    Total number of words is 3771
    Total number of unique words is 2083
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Derdeser - 8
    Total number of words is 3835
    Total number of unique words is 2144
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Derdeser - 9
    Total number of words is 2672
    Total number of unique words is 1628
    33.3 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.