Latin

Derdeser - 9

Total number of words is 2672
Total number of unique words is 1628
33.3 of words are in the 2000 most common words
46.4 of words are in the 5000 most common words
52.8 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
hem çyn. Horazlar örensoňam, belli, adamlara ýatuw
ýok.
Ir bilen Annam Şeker gelniň hüňürdisine oýandy.
- Iş-piş diýen bolup, şäherli heleýler bilen gezýäň
sen. Bilýän. Dek gezmeýäniň belli.
Annam ýatan ýerinden gözüni açman:
- Sen öňem kän aýtdyň-eý şuny – diýdi.
- Dogry zady aýdýandyryn men. Höwünem bir
heleýi mündüripsiň maşynyňa.
- Kimden eşitdiň? – diýip, Annam ýalpa gözüni
açdy.
- Kimden eşidemde näme?! Görenler ba.
- Kim görüpdir?
187
- Kim görende nä?!
- Meni heleý başyna ýapsyn-maý?!
- Onda näme?
- Hiç zat.
- Onda daň bilen goh etme. Ýüzüňem birazajyk aç.
Edil pata-töwire baranyň ýüzi ýaly...
- Adama at dakyp, akyl sat diýseň...
Şeker gelin tasanjyrap, çykyp gitdi.
“Şäherli heleý diýibem bir gürrüň tapdy. Kim bilýä,
nirden kellesine gelip ýör. Ýa biri gep içirräýýämikä?”
diýip, Annam pikir edäýmeli zady nämüçindir
daşyndan aýtdy. Soň gözlerini süzdi, pallady. Başyny
galdyryp, Jemşidiň başujynda duran, ýüz görülýän dik
aýnanyň öňündäki jaňly sagada seretdi. Ýediden işäp
dur. Diýmek, Günem dogandyr. Barybir Annama
ýatmaga entek salym bar. Ol başyny ýassyga goýdy.
Edil uklamazynyň öň ýany “Şü heleýlerem edil köne
maşyn ýaly bir zat öýdýän. Bir görseň-ä gül ýaly, dilizadam süýji. Nirede oturtjagyny bilmez. Bir görseňem
gepi-sözi üýtgäp, gygy ajap durandyr. Niresinden
barjagyňy biler ýaly däl. Iliň heleýem şeýlemikä? Ýa
gabanan bolşumyka şü?” diýip ünji gatyşykly oýa
batdy.
Şol wagt daşardan Şeker gelniň: “Küç, küç,
ýerýuwdan” diýen sesi eşidildi. Onuň yzýanyndan it
çyňsady. Soň bedre şakyrdady. “Sygyr sagjak
bolýandyr” diýip, Annam ýatan ýerinden çak urdy.
Derrewem uka gitdi.
1993. Aşgabat.
188
NOÝABR GIJESI
Hekaýa
Ýene on günden, gaty gitse on bir günden adamlar
noýabryň aýagyny görjekdiler. Howa diňe şoň üçin
sowaýardy. Ýagyşam diňe şoň üçin ýagýardy. Ümüriň
uzyn-uzyn gijeleň başyny alyp durmasy-da diňe şoň
üçindi. Ýene kän-kän zatlara, meselem, köne, posly
peçleriň gübür-gübür gyzarmasyna, şäheriň ileri
çetindäki göz-gülben külbelerden girip-çykyp ýören
aýal-ebtatyň dil birikdirip: “Gaz çekip beriň! Byl
adamlar nä gyşda sowuga daňlyp ölmelimi? Özüňiz
ýyly ýerden öreňizsoň bileňzok-da. Bir günjük şu taýda
ýaşap görüň! Hm-m...” edişip, köçä çykmasyna sebäp
bolanam şu. Başga hiç zadam däl.
Hekim işden giç öýlänler çykdy. Çykyşyna-da,
dükana-beýlekä sowulman, beýikli-pesli, egrembugram, darajyk, batgaly köçejiklerden seresaply
ýöräp, şäheriň dag eteginde ýerleşýän bir otagly, öňi
eýwanly öýüne /dogrusy, ol bu öýde kireýine
ýaşaýardy/ dolandy. Öýde bir ýyl gowrak wagt bäri
Hekim bilen bir ýassyga baş goýup ýören Näzik gelniň
bir özi.
- Geldiňmi?
- Geläýen ýaly özüm-ä.
- Öýde-de buz öwüsýä.
- Daşardan-a ýyly.
189
- Aralykdaky işigi açyp, gazy ýakaýsag-a, ýylaram
welin, ballonam tükenip barýa, gyran degen. Gaz
paýlaýanlaram gara berenok. Puldan doýan ýaly.
- Oň üçin ballony tükedip oturmarys, odun
döwäýeris.
- Häzir döwjekmi?
- Be-eý, bilmedim-ow şony.
- Ýa ilki nahar iýip, bir käse çaý içjekmi?
- Nahar getiribilseň-ä, iýmäň gürrüňi ýok. Çaýam...
- Eşikleňňi çalşyr onda... Balagyňam o taýyny ylaý
edipsiň. Hany, beýläňe öwrül!.. Bu-uw-w, görer ýaly
däl onyň-a.
- Maňa diýme, how, köwşe diý!
- Hiý, beýle-de bir ylaý etmek bomy?!
- Ertir çotgalap berersiň-dä.
Hekim öý geýmine girýänçä, Näzik gelin ýalpak
tabaga salyp, gowrulan kartoşka getirdi. Soň çaýyň
ugruna çykdy.
- Sen iýjekgäm-ow?
- Men ýaňy iýdim.
- Ýene iý!
- Hany entek sen bir iý!
Hekim taýýar nahary gaty basym sümürdi. Soň boş
okara ümläp:
- Mynyň-a eýýäm gutardy – diýdi.
- Ýene iýjekmi? – diýip, Näzik gelin başam
barmagyny dişledi.
- “Sorap berenden, urup ber” diýen nakyly
eşitdiňmi?
Näzik gelin ýaýdandy. Ärine ätiýaçly bakyp, şeý
diýdi:
190
- Wah, kartoşka-da gutardy-da. Birazyrak un-a ba.
Bolmasa şondan bir zat edäýeýin?
- Şeýlemi?... Aý, ýok-la. Oňaryn-la. Hany, çaýyňy
bir demle!
- Jürnüginiň çykaýan ýerinden moý açan, uly jäç
çäýnegi orta alyp, çaý içdiler.
Näzik gelin aladaly gözlerini gyrpyljyradyp,
Hekime gep gatdy:
- Hojaýyna geçen aýyň puluny berensiň-ä?
- Hawa.
- Byl aýyňkynam-a bermeli.
- Byl aýyňkynam bermeli – diýip, Hekim gaýtalady.
– Aýlygy alamsoň nämedirin-dä. Şun aýyň näçesi? On
dokuzymy? Tä-äk, aýlyga çenli ýene näçe gün ba? Byl
aýdan-a on bir, dekabrdanam üç. On dört gün
bolaýýamy? Iki hepde. Hm...
- Gyýw, seň ýazýan zatlaňňa pul berlenokmy?
- Berilmeli öz-ä.
- Haçan?
- Şon-a özümem bilemok.
- Idärler! Ýogsam, biri alar.
- Hiç kimem alybilmez.
- Şonda-da...
- Be-e, kartoşka-da gutardy diýsene! Hany, ertir
bazara çykyp göreýin men. Birki kilejik kartoşka
alaýmasak, myndan-a ýagdaý bolmaz.
- Ýagam gözüňde bolsun!
- Bor... Çöreg-ä badyr-la entek?
- Çörek ba welin, ertire ýetmeýä.
- Birki buhanka alaýmaly bor-da.
191
- Gyýw, alaýaryn diýip, otyrsyň welin puluň bir
ýetjekmi?
- Ýetmese-de, ýetirmeli bor-da.
- Olam-a şeýledir.
Gezegi dymyşlyga berip, esli oturdylar.
- Hany, onda odun döwmeli bolsa, men döweýin –
diýip, Hekim birdenkä laňňa ýerinden galdy.
Äpişgeden daşaryny synlady.
- Bah, garaňky düşüp gidipdir-ow.
Hekim daş çykdy.
- Ýene ýagjak bi-ýä – diýip, Näzik gelinem onuň
yzy bilen çykdy.
Howa has-da sowapdy. Günüň dogýan tarapyndan
çygly şemal öwüsýärdi. Gara-gara bulutlar ýere juda
golaý gelipdiler. Ýagyş ýagjak-ýagjagyň üstündedi.
- Daglaň nämüçin görünmeýändigini bilýämiň
şumat? – diýip, Hekim ilerligine seredip, Näzik gelne
sowal berdi.
- Hawwa.
- Nämüçin?
- Garaňky-da. Şondan.
- Ýok, bilmediň.
- Onda nämeden?
- Şuwat öňüne bulut çökdi. Şondan. Ýagyş ýagjak
bolýar.
- Bol onda, döwjek bolsaň, döw odunňy ýagyş
başlamaka!
- Sen, how, beýdip, digdenekläp durma-da, bar, öýe
gir! Özüm döwerin.
Näzik gelin öýe girdi.
192
Hekim öçügsi çyranyň aşagynda kütelişen palta
bilen ullakan erik töňňesini maýdalamaga durdy.
Ýagyş astynda galyp, bu töňňe mazaly çyg çekipdi.
Ony bölek-büçek edip taşlaýmak Hekime hupbat
baryny görkezdi. Ýarym sagada ýeter-ýetmez wagta
aýalaryny, esasanam, çep eliniň (Bu Hekimiň ruçka
tutýan eli) aýasyny gan-gabarçak edip taşlady.
Soň çoýun peçde ot ýakdylar. Çyg çeken erik
töňňesiniň bölekleri wagty bilen tutuşmady. Ýöne
Hekim tok kesilende gadyry gowy bilinýän onluk çyraň
nepýagyndan biraz damdyrdy welin, peç gübürdeýgübürdeý gyzmak bilen boldy. Hekim Näzik gelne,
Näzik gelinem Hekime seredip, ikisi bir wagtda,
birenäýy ýylgyryşdylar.
- Biziň pejimiziň bir zady oňat – diýip, Hekim
aýagyndan jorabyny çykardy.
- Nämesi?
- Çoýun-da. Bir gyzsa, aňsat sowanok.
- Hawa...
- Häk, şuwat kömrüň gerek ýeri-dä.
- Gymmatdyr, hazan almyş!
- Gymmadam bolsa, bahasyna degýä.
- Salýarka diýsene! Ana, gowy zat.
- Salýarka tapmak aňsatdyr öýdýämiň şuwagt?
- Aňsad-a däldir-le...
- Şo çäýnekde çaý galdymy?
- Hawwa. Häzir.
Hekim sowap ugran çaýdan bir käse içdi. Näzik
gelin:
- Oba-da gidip gelmeli – diýdi.
- Işden sypynsak nämederis-dä.
193
- Işden-ä sypma ýokdur.
- Aý, hany, biraz elimiz giňesin, onsoň göreris-dä.
Hekim gözlerini süzüp, agzyny giňden açyp,
pallady. Pejiň ýylysy meýmiredip, ony halys kese
ýykyp barýardy.
- Ýatmaly öýdýän.
- Gyýw, ir dämi entek? Dokuzam-a bolmandyr.
- Ir ýatsak kemem däl. Ertirem iş.
Näzik gelin burçda rejeli eplenip goýlan düşegi
ýazdy. Ýassyk oklady. Ýorgan atdy.
Hekim peje iki bölek odun saldy.
Soň çyra söndürildi.
- Bilim owum-döwüm bolup gelýä. Uzakly gün kir
ýuwaýdym-da – diýip, Näzik gelin ýorganyň içinde
gorsandy.
- Meňkem şeýle – diýip, Hekimem gorsandy. –
Ýogsam, kirem ýuwamok men-ä.
Ýene biraz gorsanyp, Näzik gelin şeý diýdi:
- Hekim! Şüýl gyş ir düşdi, hä?
Hekim:
- Hawa – diýip, gysgajyk jogap berdi.
Näzik gelin uka gitdi. Hekim onuň endigan dem
alşyny diňläp ýatyşyna, gözlerini berk ýumyp uklajak
boldy. Bolmady. Onsoň turup, çyrany ýakdy.
Aýaguçdaky saçakdan el ýaly çöregi bölüp aldy. Ony
sowan çaý bilen iýdi.
Soň Hekim bir ýerden kagyz, ýene bir ýerden ruçka
tapdy. Çepbekeýläp, kagyzyň ýüzüne iki setir goşgy
ýazdy:
194
“Bu zatlaryň bary maňa aýandyr.
Bary geçer, soň ýatlanar düýş ýaly”.
Ol üçünji setiri ýazjak bolup kän oturdy. Dördünji
setir üçin kapyýa tapyp goýdy: üýşýäni! “Üýşýäni...
Üýşýäni... Ýada düşer garynjalaň üýşýäni... Garynja
nireden geld-aý bu ýere?” Bolmady. Ýazybilmedi.
Öňündäki kagyzy mynçgalady, tokgalady, pejiň içine
atdy. Çyrany öçürip, ýerine geçdi.
Daşardan ýakasy gaýyşly dekabryň “ähem-ühem”
edip, ardynjyraýan sesi eşdilýärdi. Öýde, pejiň içinde
bolsa, çyg çeken erik töňňesiniň bölekleri şatyr-şatyr
edýärdi, ýanýardy, öýi ýyladýardy. Hekim ony duýup
ýatyrdy.
1993. Aşgabat.
GOWULYK
Hekaýa
Tomsuň güni köýnek-balagymy derden ýaňa ölmyžžyk edip, argyn halda zordan özümi öýe atdym.
- Dul galasyň gelmeýän bolsa, äriňe çaý ber tiziräk diýip, gelşime-de aýalymy gyssadym.
Olam bir hum çäýnegi öňümde goýup:
- Röwşen jan, bar, ballym, kakaňa bir käsejik getirip
ber - diýdi.
195
Şu ýyl birinji klasa gatnap başlamaly oglum düňkdüňk edip, aşhana ýumlukdy. Düňk-düňk edibem
yzyna gaýtdy. Gelýärkä-de tekiz ýerde büdüräp,
elindäki käseleriň ikisinem kül-pagyş etdi.
- E-eý, nädäýdiň nebir käseleri?! - diýip, men onuň
sag gulagynyň düýbüne bir şarpygy gondurdym.
- Men saňa iki käse alyp gel diýdimmi? - diýip, öz
gezeginde ejesem oglumyň sag gulagynyň düýbüni
tozatdy.
Obadan ýöriteläp gezmäge gelen ejem:
- Degmäň çaga! Döwülse, döwülipdir-dä. Jäç
döwülse, gowulyk bor gaýtyp... Tur, Röwşen jan,
ýeriňden, tur, guzym! - diýdi.
Ertesi aýalym bir jäç tarelka bilen aýna süýjüdany
göz-görtele çym-pytrak etdi-de:
- Jäç döwülse, gowy bor - diýip, ejemiň diýenlerini
gaýtalady.
Menem:
- Dogry aýdýaň, keýwany! Jäç döwülse, hökman
gowulyk bolaýmaly - diýdim-de, böwri gülli, ullakan
hum çäýnegi asylgy duran ete hyýal edýän pişikden
aýlap saldym.
Röwşen jan-a meniň içip boşadan çüýşelerimi
bireýýäm gyýçaga öwrüp taşlady. Ol indi tomatdan,
mürepbeden, kompotdan boşan bankalary nyşana alyp
ugrady. Ýagşydan-ýamandan sesini çykarmasa-da,
onuň ýüregini men bilip durun. Gowulyk isleýär!
Soň bir gün işden geldim welin, aýalym
gargynjyrap, çyralarymyzy döwüşdirip ýör:
- Barybir şu artyplar öçügsi. Bolanyndan bolmany
gowy.
196
Näçe gargyş etse-de, onuň päli düzüw. Gowulyk
küýseýär!
Onsoň menem "boş oturmaýyn-la" diýip, owadan jäç
küldanymy paltaň astyna aldym. Balyk konserwasynam
küldan edindim. Gowulyk tamakinçiligi bilen şeýtdim,
elbetde.
Başga bir gün oglum Röwşen jan ýanyma geldi-de:
- Agaç döwseňem gowulyk bolýamy, kaka, agaç
çemçeleri döwseň? - diýip sorady.
- Be-eý, bilmedim-ow, oglum şony - diýdim.
- Onda äpişgelerimiziň aýnalaryny döwäýjek men-ä
- diýdi olam.
- Döwseň, döwäý - diýdim.
Az salym geçensoň, bir eýlämden, bir beýlämden
pagşyldy gopup ugrady...
Ine, şeýdip, ýaşap ýörüs. Ejem-ä gara berenok.
Gowulyk bolsa, onuň geljegi belli. Gowulyk welin
ýok! Ýogsa, jäçden ýasalan zatlarymyz gutaryp barýar.
Şonda-da gezip ýörün. Garaşýan. Umyt edýän.
Meniň durmuşymda köp mahallap gowulyk
bolmandy.
1993. Aşgabat
197
MINIATÝURALAR
ÜMMÜLMEZ
Çagajyksyň. Köwşüň bagjygynam ejeň daňyp
berýändir. Şo bolşuňa-da hemme zady bilesiň gelip
durandyr. Stoluň üstünde duran sagat näme, şoňam
jukguldap işläp durşy saňa teý ynjalyk bermez.
Hökman elläp göresiň geler. Elläbem görersiň. Onsoň
ähli ýerine birlaý seredişdirip çykarsyň. Näçe seretseňde, sagadyň adam ömrüni sekuntlara, minutlara bölüp
ölçeýji bir abzaldygy barada dagy pikirem etmersiň.
Şoň üçinem eýlesini-beýlesini towlaşdyryp ugrarsyň.
Şeýdibem seň eliňe düşen sagadyň peýkamlary gyzar
ikindinlerem on ikini görkezip durandyr, ertir ir
bilenem. Munam ilki bilen ejeň biler. Bilerem-de:
— Sagady näme üçin oýnadyň? Seň oýunjagyňmy
şü? Ýumruk ýaly halyňa ähli zada burnuňy sokýaň —
diýip, şarpyk hakyňy berer.
Zörledip aglap ugrarsyň. Bir ýerdenem kakaň çykar:
— Goý, how, goý sesiňi, ullakan oglanam bir
aglarmy, goý.
Düşünmersiň eger-eger...
198
GÖWÜN
Dünýäniň galmagalyna galmaral goşup, horazsüýji
satan gelýär.
Daşyndan göräýmäge allanäme öýleriň birinden bir
oglanjyk ylgap köçä çykdy.
— Dur-eý, menem aljak häzir.
Ol gelşi ýaly ylgap, yzyna ýelk ýasady. Az salymdan
öýden oglanjyk däl-de, uly bir gykylyk çykdy. Yzy
bilenem ýaňagyndan goşa ýoda ýasap gaýdan
gözýaşyny süpürip, horazsüýjä derek şarpyk dadan
oglanjyk geldi.
Horazsüýji satan ýagdaýy bada-bat aňdy.
— Hiç aglamazlar, oglum muň üçin. Me, al, şaýy
kem bir apbasyň gitmeýän ýeri barmy, me!
Çelpekgöwün oglanjyk göwünjeňlik bilen özüne
uzadylan horazsüýjini aldy. Agysynam goýdy.
Horazsüýji satan hem hoşniýetli ýylgyryp ýoluna gitdi.
Şeýlelikde, jahanda ýene göwünleriň ikisine
bilniksiz tukatlyk aralaşdy.
KEMIS
Ejesi oglanjygyň bolşundan gorkýardy. Gorkmazça
däldi. Gepi-gürrüňi deň-duşlarynyňka meňzemeýärdi.
Häsiýetinde çaga mahsus zatlar azdy. Özüni alyp barşy
müçesine görä däldi. Çaganyň aklynyň kemis bolmagy
mümkin diýen karara gelip, ony lukmana görkezmegi
zerur hasapladylar.
199
Şäher keselhanasyna barýan ýoluň gyrasynda bir
goja kişi süýnüp ýatyrdy. Onuň daşynda mähelle gowur
berýärdi.
Ejesi kime gönükdirilendigi belli bolmadyk äheňde:
— Bir-ä ölüpdir öýdýän, toba-toba — diýdi.
Oglangjygam bir süýnüp ýatan goja kişä, birem
ejesiniň aladaly gözlerine seretdi-de:
— Hemme adamlaram ölmelimi — diýip, gepiň
gerdişine görä sorady.
Şundan soň oglanjyk sabryna suw sepip, hawa diýen
jogaba garaşdy. Çünki onuň ýene-de iki sany taýyn
sowaly bardy: “Onda menem ölmelimi? Haçan?”
Ejesi oňa diýýämiňem diýmedi.
MERDIWAN
Goja basym ölmelidi. Ol muny aňýardy. Şol sebäplide tama söýelgi köne agaç merdiwanyň aşakdan birinji
mertebesinde oturyp pikir edýärdi: Eýsem, indi
ölübermelimi? Tutuş barlygy taşlap gidibermelimi?
Eýýäm wagt bolaýdymyka?
— Ata — Bäş ýaşlaryndaky oglanjyk gojanyň ýazzy
maňlaynda durdy. — Öli ýüklenýän merdiwan bar-a...
— Öli ýüklenýän merdiwan? Sen ony haçan görüp
ýörsüň?
— Şo merdiwanam şuňňaly merdiwanmy?
Eý, toba! Ýeri, muňa näme diýjek? Gulagynyň
düýbüne bir şarpyk berjekmi?
Gojanyň jogaby nagtdy. "Bi merdiwan ýokaryk
çykmak üçin gerek. Oli ýüklenýän merdiwan bolsa,
200
aşak düşmek üçin gerek" diýäýmelidi. Başga söz gerek
däldi.
Goja sowaly jogapsyz galdyrmak üçin oglanjyga:
— Bar, aňyrrakda oýna, bar, bar! — diýdi.
Atasy ölenden soň ony şu merdiwana ýükläp
äkitmelimi ýa başga merdiwana ýüklenermi? Ine, bu-da
oglanjygyň jogap tapyp bilmeýän sowallarynyň biri.
JEZA
Ýeňiş güni uruş döwrüniň gaçgagy goja ýatlamasyz
ýatlamalaryň bilniksiz hasratyny çekýärdi.
— Ata, sende orden ýokmy?
— O nämäň ordeni?
— 0rden-dä. Urşuň ordeni.
— Ýeri, o nämüçin gerek boldy?
— Şu gün mekdebe Kemman aga dagy dakynyp
barypdyr weli...
— Wah, ýok-da, ogul, men urşa gatnaşmadym-da.
— Gatnaşmaly ýekenň-dä. Iller-ä gatnaşypdyr.
— Wah, meni urşa almadylar-da, ogul.
— O nämüçin? Iller-ä gatnaşypdyr.
— Men o döwürler keseldim.
— Kesel bolmadyk bolsaň urşa alardylar, ata, hä?
— Hawa-la, alardylar-la.
Oglanjyk, megerem, ilkinji gezek kesellere nälet
okaýardy. Onuň aglasam gelýärdi.
201
NÄTANYŞ
Bir gezek şähere gidenlerinde şeýle waka boldy.
Nätanyş bir adam oglanjygyň kakasynyň gabat öňüne
geçip durdy-da:
— Sen haramzada ekeniň-ow — diýdi. Kakasy onuň
üstüe süründi:
— Eý, diliňe bek bel!
— O nä pylan zady pylan etjek diýip aldadyň,
doňuz?
Ine, şunda kakasy nätanyşyň gulagynyň düýbüne
agyr bir ýumrugy gondurdy. Soňam aýak astyna aldy.
Depgiledi. Sögündi. Tüýkürindi. Oglanjygyň elinden
tutubam nirädir bir ýerlere ýöräp ugrady.
Nätanyş entirekläp ýerinden turdy. Ýerinden turdyda, üsti başynyň kirşenini-de kakman, eliniň tersi bilen
agzyny-burnuny süpürip, olaryň ters tarapyna keýtikläp
ugrady.
Oglanjyk ilki-hä kakasynyň ýüzüne seretdi.
Soňundanam gorka-gorka gaňrylyp, yzyna garady.
Ýegşerilip barýan nätanyşy görübem ýüregi awady.
Keseki-de bolsa, oňa nähilidir bir hoşamaýlyk edesi
geldi. Şol sebäpli nätanyş oglanjygyň ýadynda ömürlik
galdy.
Şol sebäpli oglanjygyň ýüreginde kakasy barada
ýakymly bolmadyk bilniksiz duýgy döredi.
202
ARAK
Bir gezek oba çüýşe ýygnaýançy geldi. Ol iki çüýşä
bir sakgyç çalyşýardy. Oglanjygyň bolsa bary-ýogy bir
çüýşesi bardy. Onuňam düýp sebäbi kakasy arak
içenokdy.
- Kaka, sen nämüçin arak içeňog-aý? – diýip,
oglanjyk kakasyndan sorabam gördi.
Şonda kakasy:
- Sebäp arak erbet zat-da, oglum. Senem ulalsaň,
men ýaly bolgun, içmegin! - diýip, oglanjygyň ejesine
tarap gözüniň gytagyny aýlady.
Ara esli dymyşlygy salyp oglanjyk:
- Arak içseň-ä oňat bordy, kaka! - diýdi.
– O nämüçin? – diýip, kakasy geň galdy.
- Arakdan boşan çüýşelere sakgyç alnardym - diýip
oglanjyk ýüregindäkijäni diline getirdi.
- Häk, sen-ä, han ogul! - diýip, şo gezek kakasy
käýinipdi.
Ejesi bolsa oglanjygyň gulagyny dözümli towlap:
-Nirden öwrenýäň şular ýaly bolgusyz zady –
diýipdi.
Oglanjyk kakasynyň arak içse oňat boljakdygyny
barybir öz-özüne aýtdy.
ÄÝNEK
Hemişeler oglanjygyň dyrnagyny ejesi alyp bererdi.
Bir gün atasy äýnegini dakynyp, öz dyrnagyny özi
aldy welin, oglanjygyňam äýnek dakynyp, dyrnagyny
özbaşdak alasy geldi. Ýöne, hany, äýnegi barmy onuň?
203
Oglanjyk atasynyň gaşynda boýnuny burdy:
— Ata, äýnegiňi bersene!
— Äýnegi natjek?
— Dyrnagymy aljak.
— Ä?
— Äýnegiňi dakynyp dyrnagymy aljak diýýän.
— Häý, sen-ä, peläket...
Barybir oglanjyk diýenini gögertdi. Süýrgünortanlar
atasynyň äýnegini wagtlaýynça ogurlady-da, işikdäki
tamkepbä tarap düňk ýasady. Onsoň bir emelini tapyp,
äýnegi dakyndy. Dakyndy welin, özünden başga zatlar
onuň daşynda döwre gurap aýlanmaga başlady. Gözleri
agyrdy. Ýaşardy. Şonda-da äýnegi gözünden
aýyrmady. Kinniwanja gaýçyny ebeteýsiz tutup,
barmaklarynyň
maýasyny
agyrdyp-agyrdyp,
dyrnaklaryny almaga oturdy. Şeýdip oturmakdan gaýry
ol hiç zat islemedi. Bolany.
KÜLDAN
Şol gün dükanda küldan satyldy.
Şol gün oglanjyk dükandan sakgyç almakçy boldy.
Görse, ine, tekjede ýaşylymtyl reňkli, owadan, jäç
küldan görkezilgi dur. Oglanjyk oňa seredip kän durdy.
Dükançy oňa:
-Täze, üýtgeşik kemput geldi. Aljakmy? – diýdi.
-Juk. Küldan aljak.
Soň elini jübüsine sokup, bir gysym ownuk pul
çykardy. Çykardy-da, ejesiniň gapjygyna girip,
kakasynyň kisesine sümülip, uly töwekgellige baş urup,
204
nijembir külpetleri başdan geçirip ýygnanja şol
pullaryny bir küldana çalyşdy.
Hiç kim oňa: “Küldany nämetjek?” diýmedi.
Diýseler, oglanjyk: “Kakama gerek” diýip jogap
berjekdi.
Oglanjygyň kakasy çilimi köp çekýärdi.
ARABA
Oglanjygyň özünden uly agasynyň aýaklaryny
ysmaz keseli halys göýdük edip taşlapdy. Günlerle bir
gün kakasy oglanjygyň maýyp agasyna el bilen
tigirlenýän araba getirip berdi. Arabada gezim edip
görmek höwesi oglanjygy bada-bat eýerläp mündi.
- Arabaňa münüp göräýeýin - diýip, ol agasynyň
öňünde boýnuny burdy.
- Münüp görme! – diýip, agasy kejirlik etdi. - Senem
özüňe araba aldyryber.
Oglanjyk kakasyna arz etdi:
- Maňa-da araba alyp ber!
Kakasy ogluna ýowuz garap:
- Nämäňe gerek oňňaly araba? Sen nä maýypmüjripmi? - diýdi.
Ine, şunda oglanjyk olar ýaly arabalaryň maýyp
çagalar üçin ýörite ýasalýanlygyna düşündi. Düşündide, ýürekden arzuw etdi: "Meňem aýagym agamyňky
ýaly... "
205
Mazmuny
Owadan gyzyň maňlaýy
Gyz jigi
Derdeser
Döreýiş
Adamyň ykbaly
Ar alyş
Çilim
Deňziň kenaryna bardylar
Garly hem gussaly ýekşenbe
Düşnüksiz adam
Iti atsaňam bor
Hajathana
Kakama gitme diýjek
Şahyryň ejesi
Kesekiniňkide kireýine
Sendliň aýdymy
Ýitigiň tapylyşy
Çydamyň çägi golaýda
Noýabr gijesi
Gowulyk
Miniatýuralar
You have read 1 text from Turkmen literature.
  • Parts
  • Derdeser - 1
    Total number of words is 3738
    Total number of unique words is 2080
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    43.3 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Derdeser - 2
    Total number of words is 3834
    Total number of unique words is 2023
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Derdeser - 3
    Total number of words is 3827
    Total number of unique words is 1892
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Derdeser - 4
    Total number of words is 3732
    Total number of unique words is 2128
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Derdeser - 5
    Total number of words is 3833
    Total number of unique words is 2047
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Derdeser - 6
    Total number of words is 3831
    Total number of unique words is 2121
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    43.4 of words are in the 5000 most common words
    50.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Derdeser - 7
    Total number of words is 3771
    Total number of unique words is 2083
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Derdeser - 8
    Total number of words is 3835
    Total number of unique words is 2144
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Derdeser - 9
    Total number of words is 2672
    Total number of unique words is 1628
    33.3 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.