Latin

Derdeser - 3

Total number of words is 3827
Total number of unique words is 1892
31.5 of words are in the 2000 most common words
45.1 of words are in the 5000 most common words
51.8 of words are in the 8000 most common words
Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
dep. Ogulkeýik ejeňi alyp gaýt, enem ýaranok diý.
Gaýdyşynyňam ýüzugra Ogulbolly ejeňlere sowlup
geç. Onam alyp gaýt - diýip, uly ogly Atagylyja
tabşyryk berdi.
*
*
*
Garrynyň işdäsi görnetin peseldi. Akgyzyň getirip
giden unaşyndan göwünli-göwünsiz içdi.
Akgyz:
- Enesi, bi nä zat iýmänsiň-le? - diýip sorady.
- Ha-aý, jan gelin! - diýip, ol sesini endiredip aýtdy.
– Ärsiz heleýiň nahar bilen kän bir mazasy bolmaz.
Asyl bolmaz. Suhan jan ýanyňdaka sen ony bilýänem
dälsiň.
Akgyz sesini çykarmady. Unaşly tabagy alyp, çykyp
gitdi.
50
Suhan irgözinden ýatyş düşegine geçdi. Uklamady.
Böwrüne diň saldy. Onuň pikiriçe, ejesi basym
ölmelidi. Ýaşaýan zatlaryň ählisine ölmek üçin bahana
gerek. Garry segsen bir ýaşady. Henize çenli onuň
saglygyndan nalan ýeri ýok. Akylynyň üýtgemegi,
ähtimal, onuň ölümine bahana bolar. Suhan Hudaýdan
gaty nägile boldy. “Öňi-soňy ýygnajak bolsa dümewsümew diýen ýaly bir keseljik bilen ýygnaýmaly
dälmidir? Alýanyň şol amanat zadyň. Onam ile
masgara edip aljak. Ýa bi ýumruk ýaly görgüsiýamyň
çöderräk günäsi-dagy barmyka?... Toba etdim” diýip
içini gepletdi.
Akgyzyň mahaly bilen gözüne uky inmedi.
- Gyýw - diýip, ol ýatan ýerinden Suhana habar
gatdy. – Nememikä bi, wagtlaýynça bir zatmyka ýa
nemedýänçä…
Suhan janyýangynly gepledi:
- Men näbileýin-aý, men näbileýin? Men nä
palçymy, gurrandazmy, öňümi görüp geldimmi?
Akgyz göwni bir ýaly başga sowal berdi:
- Otörgünem-ä geçdi. Nämedenkä onda?
Suhandan jogap bolmady. Onuň diňe haşşyldap,
uludan demini alýan sesi eşidildi.
- Gyýw, nemedäýsek nädýä, ertir dogtora-zada
görkezäýsek, ä? - diýip, Akgyz dowam etdi.
- Hä-ä, indi şyhypanylyga ýetip barýaкka keselhana
salybam görgi baryny görkez oňa.
- Dogtorlar nä diňe keselhana diýer durar öýdýäňmi?
- Dogtora galsa, dälihana-da dykar.
- Toba etdim-eý, daş edewersin!.. Be-e, onda
nätsekkäk?
51
“Aý, başa gelenini görmeli bor-da” diýip, Suhan
içinden jogap berdi. Ýorgany serpip, aňyrsyna öwrüldi.
Akgyz gaýdyp geplemedi.
*
*
*
Goňşy otagda ýatan Hatyja gelin kän salymlap
dymansoň:
- Atagylyç! - diýip, äriniň böwrüne dürtdi.
- How.
- Ukladyňmy?
- Ýok.
- Atagylyç! Eneň öňem şeýle bolýamydy?
- Ýok.
- Nämedenkä ol?
- Bilmedim men-ä.
Sesini çykarman ýene biraz ýatansoň, Hatyja
gaýtadan:
- Atagylyç! - diýdi.
- Näme?
- Men-ä gorkýan.
- Kimden? Nämeden?
- Eneňden. Şu gije düýşüme-de girer şo.
- Gorkma, ýaňynda, ine, men bar-a - diýip, Atagylyç
Hatyjany gujagyny gysdy.
Eýsem, Hatyja düýşýnde näme görer? Atagylyjyň
pikiriçe, ol düýşünde garryny görmeli. Hatyjanyň
düýşünde garry märekäniň öňüne çykyp: “Gyýw,
oýnatgylar! Siz meni dälirändir öýdýäňizmi? Siz onda
barypýatan oýnatgy. Ha-ha-ha! Men-ä dälirämogam.
Men-ä ýöne oýun etdim. Siz nädýäkäňiz diýdim.
52
Bilgeşleinden dälirän boldum” diýer. Adamlar muňa
birhili bolarlar. Hiç kimiň ynanasy gelmez. Ýöne
garrynyň däliremändigini gepinden-sözünden aňyp, her
kim onuň dälirese oňat boljakdygyny öz ýanyndan
tassyklar. Atagylyjyň enesem adamlaryň pikirini,
islegini bilen ýaly çyndan dälirär. Onsoň saçlaryny
penjeläp, böker, gygyrar, adamlary kowalar. Adamlar,
elbetde, öz islegleriniň bitenine begenişerler, hezil
edinerler. Garrynyň halyna hiç kim gyýylmaz. Adamlar
Atagylyjyň enesiniň betbagtlygyna heşelle kakarlar.
Şol adamlaryň içinde, elbetde, Hatyja-da bolar…
Onsoň bu düýşi nädip ýormaly? Atagylyç muny
Hatyjadan sorady. Hatyja:
-Samsyk - diýdi. – Muň ýadyna düşüp ýören zatlary.
*
*
*
Köne dert garryny ukudanam kesdi. Suhan giçden
soň iki gezek gelip, habar tutdy. Ikisinde-de garry oňa:
- Özüni bilýän heleý ärsiz wagty ne gije, ne gündiz,
ýatybilmez. Ýatsa, ukusy haram bor - diýip, jogap
berdi.
Suhan ýüzüni sallap, çykyp gitdi. Soň gelmedi.
Garra hiç kim düşünenok. Onuň adamlardan ullakan
zat hantamaçylygy ýok. Bitmez ýaly isleg däl. Bir
ärjagaz
bolaýsa…
Boýuna-syratyna
guwanyp,
barmaklary bilen saçlaryny daraklar ýaly. Boýnundan
aslyşyp, jemalyna aşyk bolar ýaly. Gözlerine bakyp,
doýmaz ýaly. Garaz, söýer ýaly bir ärjagaz bolaýsa.
Ine, onuň bar islegi şü. Ol, ine, şu arzuwyň aýdymyny
aýdýar.
53
Gijäniň birmahallary garry ýadap, oturan ýerinde
uka gitdi.
*
*
*
Ilki ukudan oýanan Suhan boldy. Ol turşuna ylgap,
ejesiniň bolýan otagyna bardy. Ejesini görüp, ölendir
öýtdi. Ölen bolsa, haýal etmän “Waý, ejem-le” diýip
ses etmelidigi ýadyna düşdi. Diwara ýaplanyp oturan
ejesine seredip, aljyrady. Bir sekuntdan ol garrynyň
dem alýandygyny eşitdi. Ynjaldy. Onsoň öýdäkileriň
hemmesine degişli edip:
- Turuň-haw, Gün dogdy - diýip gygyrdy-da, daş
çykdy.
Atagylyç birki käse çaý içdi-de, motoryny otlap,
gitdi. Birsalymdanam garrynyň kiçi gyzy Ogulkeýigi
alyp geldi.
- Ogulbboly ejem ýok eken. Daň bilen bazara
gidipdir. Öýlerine aýdyp gaytdym. Öýlän gelmegi
mümkin - diýip, ol motordan düşüp-düşmän habar
berdi.
Suhan Ogulkeýigi çete çekip, ejesiniň ýagdaýyny
aýtdy.
- Beterinden saklawersin-eý! - diýip, Ogulkeýik içini
çekdi. - Haçandan bäri?
- Dek düýnem oňatdy - diýip Suhan aýtdy.
Öýden Akgyz bilen Hatyja çykdy. Olar myhman
bilen gysgajyk saglyk-amanlyk soraşdylar. Akgyz
Ogulkeýigi öňüne düşürip, öýe girdi. Hatyja çaý-nahar
aladasy bilen aşhana ýumlukdy.
54
- Eje, ine, gyzyň-a geldi - diýip, Suhan ejesiniň
bolýan otagynyň işiginden ätledi.
Ogulkeýik içeri girip:
- Gurgunmyň, eje? - diýdi.
- Ogulkeýik gyzym gelipdir-ä, Ogulkeýik janym
gelipdir-ä - diýip, garry ileri-ileri omzady.
Ogulkeýik hal-ahwal soraşdy.
- Oňat otyrmyň, eje?
- Äý, gyzym, ärsiz heleýiň gününe näbeletmiň?
- Şeý diýä.
Ogulkeýik dagy näme diýerini bilmedi.
- Ärsiz bolsaň ýarpy göwräň ýok ýaly bolýar,
gyzym. Siz ony bilýän dälsiňiz. Siziň äriňiz bar. Meň
ärim ýok welin, hemmesini bilip otyryn.
- Gaýrat et, eje!
- Gaýrat-a edilendir, gyzym. Gaty edilendir. Hm…
Gaýrat edilme kemi-hä galmady. Gaýratyň bizden
göwni synyk däldir, hm, onam aýdaýyn.
Hatyja çaý getirdi.
- Siz, hany, gümür-ýamyryň gapdaly bilen birki käse
çaý içiň. Menem mallara seredişdereýin - diýip, Suhan
turup gitdi.
- Men arkaýyn otyryn welin, bi Hatyja näme name
nahar atarýarka? - diýip, onuň yzýany bilen Akgyzam
çykdy.
Ogulkeýik ejesi bilen ikiçäk galdy.
- Al, bir käse çaý owurtla.
- Ärsiz heleýiň içen çaýam suwsan ýerine barmaz
eken. Hiç barmaz eken. Guýyň düýbünden alnan ýaly diýip, garry çaýly gürrüňi-de öz heniňe baglap goýdy.
- Janyň sag bolsa bor,eje.
55
- Sen, gyzym, gürrüňi alyp gaçma. Maňa hä diý.
Suhan-a aýdamok. Aýtjagam däl. Etmez. Kejirdir. Seň
delalatyň degäýmese, bilýänsiň, Suhandan maňa bir
apbasylyk nowa ýok. Şoň üçin saňa aýdýan. Sen maňa
hä diý!.. Görýäň-ä ine, meň bütin ömrüm ärsiz geçip
barýa. Menem özüň ýaly heleý. Maňa-da är gerek.
Ärsiz ýaşan ömrüň gury nan iýen ýaly…
Ogulkeýigiň gözünden boýur-boýur ýaş döküldi. Ol
keçäniň gülüni dyrmalap oturyşyna burnuny çekdi. Bir
zatlar diýjek boldy. Diýibilmedi.
- Sen nämä aglaýaň? Aglasam, ine, men aglamaly.
Sen meni diňle. - Garry pyşyrdy bilen gürledi. - Gaýrat
edip, maňa bir är tapyp ber. Ölmänkäm är hözirini
göreýin diýýän. Oň munsy beýle, muň onsy eýle, bi
ejeme ýaramaz-ow diýip dagyn göwnüňe getirme. Är
dannaman. Äri bol tapýan dannaýandyr. Hm… Erkegiň
asyl dannar ýaly zady ýokdyr. Hemmesem birdir.
Eşidýäňmi?
Ogulkeýik eşidýärdi. Ol sesini çykarman başyny
ýaýkap otyrdy.
Garry köne heňine tutrdyrdy.
Bir äre göwün berseň,
Är bilen döwran sürseň,
Dünýäň hözirini görseň,
Ýanyňda äriň bolsa.
Ogulkeýik käsesindäki çaýyny içdi-de, çykyp gitdi.
Garry ýene ýeke galdy.”Erkeg-ä erkek bolýar. Ol
seň derdiňi bilmez. Heý, aýal dagyn aýala düşünäýmeli
dälmidir” diýip, garry pikir edýärdi. “Akgyz-a, näme,
56
kim bolanda-da keseki bolýar. Ýeri, bi Ogulkeýige
näme diýjek. Bir garysyna galyp, gaýrat etse, meň
ýumşumy bitirjeg-ä. Men oň ejesi bolup otyryn-a. Ölen
günüm-ä bilerler. Äý, onda-da bilmän geçsinler. Ýa
bulaň ýüregi daşdanmyka?”
Ogulkeýik näme diýsin! Onsuzam onuň öz derdi
özüne ýetik ahyryn. Kiçi ogly dört aý bäri ysmaz
keseline duçar bolup, galybilmän ýatyr. Ýetişen gyzy
ýüzüne gara çekip, gaçyp gitdi. Üstesine, arakkeş äri-de
egninden basmasa, goltugyndan göterenok. Onsoň
Ogulkeýik näme diýsin!
Ol Suhanyň ýanynda-da oturyp, kän aglady. “Men
näme diýeyin, jan dogan! Aýagyny gore salyp otyrka
men ony öýüme äkideýinmi? Onsuz meň derdim
azmy? Siz indi herzeýilli bir neme… Gaýrat ediň.
Ýazgytdyr bi. Owalynda maňlaýyna ýazylandyr.
Nätjek?!” diýdi. Ejesiniň “Är tapyp ber” diýen
gürrüňini ol Suhana aýtmady.
Günortanlar Atagylyç Ogulkeýigi öýlerine eltip
gaýtdy.
Garrynyň uly gyzy Ogulbolly öýlänler geldi.
- Daň bilen gidişime ýaňy geldim bazardan. Gelsem,
habar geldi, ýaranok diýýä diýdiler. Onsoň çaýam
içmän göni gaýtdym pyýadalap. Çaý bir beriň, gyz!
Şehit öldüm - diýip, ol ejesiniň bolýan otagyna girdi.
- Gurgun otyrmyň, eje? Tanadyňmy?
- Kim, gyz bi? Ogulbolly? Senmi?
- Hawa, eje, men. Tanadyň.
- Waý, Ogulbollym gelipdir-ä, guzym gelipdir-ä. Hä,
ejemi göreýin diýip gaýdyberdiňmi? Halyndan habar
tutaýyn diýdiňmi?
57
- Ýaranok diýdiler…
- Häli Ogulkeýik gelip gitdi. Oňa-ha aýtdym. Indem
saňa aýtjak.
- Näme aýtjak, eje?
Garry diňe Ogulbolly eşidäýer ýaly pyşyrdap
gepledi.
- Maňa bir är tapyp beriň.
- Hä?
- Maňa bir är tapyp beriň. – Ogulbollynyň birdenka
ýüzüni sallanyny gören garry ýalbaryjy äheňe geçdi. –
Görýäň-ä, bütin ömrümi dul geçirdim. Meňem
göwnüm bar-a. Maňa-da är hözirini görkeziň-ä. Men-ä
şu wagta çenli şol umyt bilen ýaşadym.
Ejesiniň çynydygyna, gara çynydygyna, asla henek
etmeýändigine gözi ýetensoň, Ogulbolly: “Ýaranok
diýýärler welin, bi işigaýdan ýeldirgäpdir-ä” diýip içini
gepletdi.
- Häli Ogulkeýige-de aýtdym. Siziň göwnüňiz bir
ýaly diýdim. Men bärde ärsizlikden ýanyp otyryn
diýdim, ýaman horlanýan diýdim. Gaýrat et-de, maňa
bir är tapyp ber diýdim. Ýaş-garry diýip, är dannaman
diýdim.
- O näme diýdi onsoň? - diýip, Ogulbolly gara çyny
bilen gyzyklandy.
- Näme diýer, Ogulkeýikdir-dä. Hiç zadam diýenok.
Göwni bir ýaly otyr. Gaýtam aglaýa. Menem aglama
diýdim. Ejeň ärsizligine gynanyp aglamaýanyňy bilýän
diýdim. Aglajak bolsaň, hol ölen wagtym aglaber
diýdim. Häzir şumjarma-da, maňa är tapyp ber diýdim.
Oturdy-oturdy-da, sesini çykarman gitdi. Ah,
Ogulkeýikden maňa är tapyp beren bolasy ýok-la.
58
Özüň nemedäýmeseň, direnere gaýry adam galan
däldir. Hä, Ogulbollym?
Ogulbolly näme diýse oňat boljagyny bilip bilmedi.
Ýaýdandy.
- Wah, men pylan diýsem, ýalançy-da, eje.
- Beý diýme, guzym. Başy boş är kändir. Taparsyň.
Tapyp beräýerin diý.
- Näbileýin-dä…
- Sora, ide. Soraşyp Käbanem tapypmyşlar. Senem
taparsyň. Heleýsiz erkekleň ählisine gyran degäýen
däldir. Häli görseň, men ýalyny gözläp ýörenem
kändir… Ogulkeýigiň-ä ýüzüne köz degsin. Suhanam
ondan idili doňuz däl. Ýaman kejeňek.
Ogulbolly mazaly derçigýänçä ejesiniň ýanynda çaý
içip oturdy. Diňe şondan soň Suhan bilen Akgyzyň
oturan tamyna bardy.
- Gyýw, ýeldirgäpdir-ä ol.
- Şeýle ýaly öz-ä - diýip Suhan agras dillendi.
- Äre çykjak diýip masgara etdi.
Suhan ýalandan geňirgendi:
- Aý, goý-a!... Beh!
- Hawa, maňa är tapyp beriň diýýä. Ömrümi ärsiz
öturdim diýip otyr.
- Toba, toba! Daş edewersin! Hudaý saklawersin!
Tüf, tüf - edip, Akgyz ýakasyna tüýkürdi.
Suhan aýalyna alarylyp bakdy-da:
- Baý, seňem ýaman pis häsiýetiň bar-ow. Edil ýöne
ýöne bolşundanam beter edäýýäň - diýdi.
- Aý, jany sagat-la - diýip, Ogulbolly aýtdy. - Ine,
hä diýmän birki günden açylar. Öňem bir gezek
şuňňaly bolupdy. Ho-o, biz ýumruk ýaly gyzkak. Sen-ä
59
ony bilýän dälsiň. Ogulkeýik bilse, bilýändir. Aý, ýok,
olam bilýän däldir. Meňem çalaja ýadyma düsýär-ä.
Kakam ölende ýeldirgedi-dä. Ilk-ä esli wagtlap
geplemän gezdi. Soňam birden akyly üýtgäýdi.
- Soň nädip açyldy? - diýip Akgyz sorady.
- O zatlar ýadyma düşenog-a. Ýne, ine edil şu oturan
ýerimizde çagşanja oraçamyz bardy. Senem şo wagt Ogulbolly Suhana barmagyny çomaltdy - näçe
aýlykdygyňy bilemok, özüň-ä emýädiň. Şonda sen-ä
oraçamyzyň içinde aglap ýatyrdyň, ejemem işikde
aýdym aýdyp otyrdy. Onsoň o Bibinabat gelnejem
geldi. Bi nemäň ejesi…
- Jepbaryň ejesi - diýip Suhan ýatlatdy.
- Hawa, şo Jepbaryň ejesi gelip, ejeme bar, gyýw, aç
öldürmejek bolsaň, çagaňy emdir diýipdi. Ana, şo
zatlar-a bilýän. Şo, çaky, ýeldirgäp ýören uçurlary
bolmaly.
- Onsoň emdirmi? - diýip Akgyz gyzyklandy.
- Kim bilýä? Emdirendir-le. O zatlar yadyma
düşenok… Ýo-o, gorkup oturasy zat ýok-la. Derrew
ýöne nemedip, açylar ötäýder. Zäk ýakyp görüň.
Ýüzärlik tütediň. Göz degen bolmagy mümkin.
- Men-ä ýaman gorkdum gyz. Dogtora-zada bir
görkezeliň diýdim - diýip Akgyz aýtdy.
- Ýo-o, dogtor nämä gerek?! Wagtlaýynça bir neme
ol. Ine, nädip açylanyny bilmänjik galarsyňyz.
“Gözem düzelermikä?” diýip, Suhan içinden sorady.
“Akly düzelse, gözem hökman düzeler” diýibem
içinden özüne jogap berdi. Daşyndan bolsa:
- Belki, agzyňdan Hudaý eşitsin! - diýdi.
60
- Töwerek-daşyňyz bilenok dämi entek? Bildirmejek
boluň. Äý, gowy däl-dä. Pylanyň ejesi däliräpdir
diýseler abraýmy? Ýanyna del adam eltmäň.
Çagalaram goýbermaň - diýip, Ogulbolly sargyt etdi.
Ikindinler ol gaýdarman boldy. Atagylyç motoryna
mündürip, ony öýlerine eltip gaýtdy.
*
*
*
Şamlyk nahary garra Hatyja eltip berdi.
- Otur, gyzym, şujagaz yerde - diýip, garry ony
saklady. Hatyja oturdy.
- Sen, gyzym, menden zat gizleme, dogryňy aýtr.
Ynha, men telim ýyl bäri är tamamkinçiligi bilen
otyryn welin, bi sawçylyga gelýän ýok-la? Men ýaly
ärsiz heleý dünýede başga-da barmyka?
Hatyja bilemok diýen terzde eginlerini gysdy. Ol
garrydan ýaşynýardy.
- Hm, bilemok diýsene… Gyzym, meň ýerimde sen
bolan bolsaň näme ederdiň? Ärsiz galan bolsaň?
Hatyja ýakasyny tutup, çykyp gitdi.
Garry kime gönükdirilenligi näbelli äheňde sowal
yzyna sowa ýagdyryp ugrady.
- Bu dünýäň erkekleriniň içinde ýekeje artykmajy
ýokmy indi? Bütin erkek ähliniň içinde indi maňa är
boljagy ýokmy? Ýa meň bir ýerim kemmi? Niräm
kem? Owadanlygymmy? Haýsy heleý menden
owadan? Nämüçin heleýleň hemmesiniň äri bar-da,
meňki ýok? Nämüçin?
Garryny hiç kim eşitmeýärdi. Hatyja gapyny ýapyp
gidipdi.
61
*
*
*
“Ejemiň aklynyn üýtgänine, ynha, indi ikinji günüň
içi - diýip, Suhan pikir edýärdi. - Düýn bize kim geldi?
Düýn-ä hiç kim gelmedi öýdýän. Bu gün kim geldi?
Irden Ogulkeýik geldi. Ol hasap däl. Soň kim geldi?
Soň… Soň Ogulbolly geldi. Olam hasap däl. Başga
kim? Bi gaýraky goňşyň gyzy. O-da öýe girmän,
habaryny daşardan aýdyp gitdi. Diýmek, olam hasap
däl. Soň? Soň bi goňsulaň kiçi gelni süýt alyp gitdi. Oda hasap däl. Ondan soňam hiç kim gelmedi. Hä-ä, aý,
bolýa-da…”
Öňler Suhan öýüniň gelim-gidimli ýer bolmagyny
islärdi. Dost-ýarlar bilen öýünde meýlis gurap,
oturmagy, şagalaň etmegi küýseýärdi. Ýöne ol diýeni
hiç bolmazdy. Ýaman ýeri, munuň sebäbini Suhanyň
özi-de bilmeýärdi. Mahal-mahal kellesini tutup, gaýga
giderdi. “Nämüçin meň öýüm sowuk? - diýip ol
oýlanardy. - Nämüçin meň öýümde meýlisler
gurlanok? Arak içmeýänligim üçinmi? Meň özüm arak
içmesem-de, öýümde meýlis gurlup, degşilip-gülşülse
arak berjeg-ä. Seň öýüňde adamlar şatlyk-şowhun edip
otursalar, heý-de, olardan zat gysganyp bolarmy? Ýa
meni
garasöýmeziräk,
gysygrak,
syrnyhyrak
göryälermikä?” Niçezar kelle dowse-de, Suhan munuň
sebäbini bilim bilmezdi. Häzir welin öýüniň
sowuklygyna, gelim-gidimli ýer däldigine oturyp,
şükür etdi. Eger-de öýi gelim-gidimli ýer bolan bolsa,
onda ol häzir beýdip arkaýyn ýatmazdy. Il içinde
biabraý bolardy.
62
Ähtimal, adamlar Suhany kemis hasaplardylar. Ejesi
ýeldirgän-de bolsa, oglunyň aklynyň üýtgemänligine
aňsat ynanmazlar. Suhana şübheli bakarlar.
- Eý! - diýip, ol birdenkä aýalyna ýüzlendi. - Ejemiň
başyna janly aýdan dälsiň?
- Ýok.
- Aýt. Derdini dep et diý-de, aýt! Beladan-beterden,
howpdan-hatardan gora diý! Ýoluňa bir janly diý! Gara
janly aýt, gara! Eşidýäňmi?
- Bor. Eşidýän.
Suhan ynjaldy.
Akgyz gaýnenesiniň ýeldirgänini gaty geň gördi.
Onuň pikiriçe, akyly üýtgejek adamyň ilki bilen gepisözi üýtgemeli. Soň ýuwaş-ýuwaşdan akyl-huşy dagap
başlamalydy. Emma Suhanyň ejesiniň akyly welin
birden üýtgedi. Akgyz, ine, şuny geň gördi. Dek düýn
günortanlaram garrynyň akyl-huşy ýerindedi ahyry.
Toba, Toba! Ýeri, äre çykmak nireden kellesine
geldikä? Ogulkeýik bilen Ogulbolla-da “Men äre
çykjak. Maňa är tapyp beriň” diýipdir! Bu ýaşdan soň
äri nätjekkä? Şony özi ýaly segsenden geçen bir garry
adama äre berip goýberseň, näderkä? Ömrüni sallah
ötüren, sakgally-sarmykly adama berseň? Özüni
boýnuna zyňaýarmyka?... Akgyz gaýnenesiniň nätanyş
bir gojanyň boýnundan aslyşyp duran görnüşini göz
öňüne getirdi-de:
“Toba etdim, toba etdim!” diýip, ýakasyna tüýkürdi.
Suhanyň:
- Hä, näme boldy? - diýen soragyna-da:
- Hiç zat - diýip jogap berdi.
63
*
*
*
Ýatyljak bolnanda Hatyja Atagylyja şeý diýdi:
- Gyýw, häli bar-a, eneňe nahar eltdim-ä?
- Hawa?
- Şonda maňa näme diýenini bilýäňmi?
- Ýok. Näme diýdi?
- Aýdaýynmy?
- Hany, aýt!
- Neme diýdi, senden bir zat sorajak welin, dogryňy
aýt diýdi. Menem bor diýdim. Onsoň aýtdy, dünýäde
diýdi, menden başga-da ärsiz heleý barmyka diýdi.
Menem bilemok diýdim. Onsoň neme diýdi, meň
ýerimde sen bolsaň näderdiň diýdi, ärsiz galan bolsaň
diýdi…
- Sen näme diýdiň?
- Sesimem çykarmadym. Turdum-da, gaýdyberdim.
- Onsoň?
- Bolany şo.
- Näme geň gördüňmi?
- Ýo-ok-la.
- Ýeldirgän adamdyr-da. Ýataly…
Hatyjanyň: “Gyýw, ýogsa-da, birden sen ölüp, men
dul galaýsam nätmeli bolaryn?” diýip sorasy geldi.
Ýöne çekindi. Atagylyç bolsa ol hakynda eýýäm pikir
edip ýatyrdy. Dogrundan-da, Atagylyç ölüp, Hatyja dul
galas, nätmeli bolar?
*
*
*
64
Giçden soň Suhan ejesinden habar tutdy. Garry
ýatmandyr.
- Eje, henizem ýataňokmy? Çyrany öçüräýeýin?
- Çyra bilen işiň bolmasyn. Hany, gel, meň ýanymda
otur entek.
- Oturdym, eje, aýdyber.
- Aýtsam, köşek, häli Ogulbolly bilen Ogulkeýigede aýtdym. Olaň-a etmejegini bilipjik durun. Ýöne sen
edersiň. Ederiňe tutsaň, edäýmeli sen.
- Näme ol, eje?
- Men bir ömrüni ärsiz ötüren heleý. Ölüm pilläm
tutmanka, är ysyndan ganar ýaly birini tapyp ber maňa,
ogul!
- Utanaňok-maý, eje! Ýa indi bar bolubulşiňmi şü?
- Tapyp ber, ogul! Häli Ogulbolly bilen Ogulkeýigede aýtdym. Olardan maňa nowa ýok, ogul. Sen gaýrat
et!
- Il görse, eşitse, näme diýer, eje? Seň gürrüňiň
nähili? Sen utanman, şeý diýip otursaň, men ile nädip
çykaýyn? Maňa nä abraý gerek dälmi? Men ýene iki
ogul öýermeli. Iki gyz göçürmeli. Sen bu zatlary
bileňokmy?
Garrynyň äheňi üýtgedi.
- Hä-ä, gyzlaryňa är tapmaly-da, maňa tapmaly däl?
Şeýlemi?
- Saňa gep düşündirip bolmaýa, eje! - diýip, Suhan
uludan dem aldy.
Haýbat atany bilenem bolmajagyny bilip, garry
ýalbarmaga başlady:
65
- Suhan jan, gyzlaryňa är gözläňde maňa-da gözläý
birini. Iki gyrnaga är tapan, üçünjinem aril eder-ä. Seň
üçin men keseki däl-ä. Ejeň-ä men…
Ogullaryň garran ene-atasyny arkasyna alyp, dagyň
aňyrsyndaky
gowaga
taşlap
gaýdýandyklary
hakyndaky erteki Suhanyň ýadyna düşdi. Ol
ýumrugyny düňküldedip, taýly gezek ýere urdy-da,
atylyp çykyp gitdi.
Garry sesini endiredip, öňki heňine başlady:
Ärsiz günüň ötmez hiç,
Sabry-kararyň ýetmez hiç,
Dünýe seni utmaz hiç,
Ýanyňda äriň bolsa.
Tylla günüň batarmy,
Ýürekde gam ýatarmy,
Ajal ýakaňdan tutarmy,
Ýanyňda äriň bolsa?
“Çyndanam ärsiräpdir” diýip, Akgyz oýlanýardy.
Suhan bolsa ejesiniň sesini eşitmezlik uçin başyna
ýorgany büräp ýatyrdy.
Tüweleme, garry dokuzynjy onlugyň içinde.
Töwerekde onuň deň-duşy gaty seýrek. Umuman-a, bi
çaklarda o ýaşlara ýetýänem ýok. Garaz, garry bir çene
baryberipdir. Indi Hudaýyň beren amanadyny abraý
bilenjik yzyna tabşyraýsa-da kem boljak däl. Dünýäniň
azap-eşretinden bir ömre ýeterlik gördi. Başga näme
gerek?
66
Suhan başga zat gerek däl diýdi. Ýüreginiň
garşysyna gitmäge onda erk ýokdy. Adamyň özüni
dünýä getiren ejesiniň ölümini isleýän halaty-da bar
eken.
*
*
*
Suhanyň kiçi ogly Nurgylyç ýaňy ymyzganan ejesini
oýaryp, şeý diýdi:
- Eje, meýdan etjek!..
Ol ejesi bilen daşaryk çykdy. Daşarda esli eglenip,
öýe girenlerinde Nurgylyç enesiniň ýanynda ýatarman
boldy.
- Öňki ýatýan ýeriňe nä suw çykdymy? - diýip,
Akgyz onuň al-petinden aldy.
- Enemiň jaýynyň çyrasy ýanyp dur. Ýagty.
- A çyrasy ýanyp duran bolsa nädip ýatjak? Çyra
gözüňe düşüp, ýatybilmersiň-dä.
- Ýataryn.
- Ýatyber şu taýda.
- Çyrany ýak onda.
- Haý, keçje ýerýuwdan!
- Goýber, enesiniň ýanynda ýatsyn - diýip, Suhan
aýtdy.
Nurgylyç enesiniň otagyna düňk ýasady. Ol ýerde
eneli-ogul şeýleräk gürrüň etdiler:
- Nurgylyç jan, sen maňa är bolaý!
- Hä?
- Sen maňa är bolaý!
- O nähili?
- Men-ä seň gelniň bolaýyn, senem meň ärim!
67
- Aý, sen garrapsyň-a, ene.
- Hm, garramda näme?! Men saňa hyzmat ederin.
Aýdym aýdyp bererin. Men saňa tahýa-da tikip berjek.
- Tahýa näm bolýa?
- Tahýamy? Tahýany, ine, men tikip bolaýyn. Onsoň
görkezäýerin. Bolýamy?
- Haçan tikjek ony?
- Ine, häzir. Men tahýa tikmäge ýaman ökdedirin.
Gaýma gaýamakda, keşde çekmekde, nagyş salmakda
öňüme bir heleý düşmez.
Nurgylyç başyny enesiniň dyzyna goýup ýatdy.
Derrewem uklady. Garry pessaýdan sandyrawuk ses
bilen aýdym aýtdy:
Gam-gussany syndyrar,
Müň gaýgydan dyndyrar.
Yşk-ataşdan gandyrar,
Ýanyňda äriň bolsa.
Garry Nurgylyjyň üstüne donuny çekdi.
Üşese don ýaparsyň,
Gözlerinden öpersiň,
Şatlygňy kim aparsyn,
Ýanyňda äriň bolsa!
Onuň ýadyna tahýaly gürrüň düşdi.
- Akgyz, aýu, Akgyz!
Akgyz bilen Suhan ylgaşyp, garrynyň ýanyna
geldiler.
68
- Siziň tapyp beren äriňiz derkaryma däl. Ine, gül
ýaljak ärim bar. Özüm tapdym… Hälki diýenlerimem
yzyna gaýdyp alýan - diýip, garry gujagynda derläp
ýatan Nurgylyjy görkezdi.
Suhanam birmahallar, ho-ol tirsek boýly oglanjykka
şeýdip, enesini emýän guzujyk ýaly, ejesi bilen
gyslyşypjyk ýatardy…
- Hä-ä, bolubilýä - diýip, Akgyz yzyna döndi.
- Nirä barýaň, gyýw? - diýip, garry Akgyzy saklady.
- Dur entek.
- Hä, näme?
- Sen maňa tahýalyk keteni bilen keşde çekilýän
iňňe tapyp ber. Iňňäňem sapyp getir. Eýesiz galmyş,
gözlem halys çöňňeläýipdir. Elimem sandyrajak bolýa.
Hemişeler dagyn sapagymyzy iňňäň gözünden
seretmänem geçirerdik-le.
- O zatlary nämetjek? - diýip, sadylla bolup duran
Suhan sorady.
- Näme edilýändir? - diýip, garry ilki-hä ör-gökden
geldi. Soňam ýylgyryp: – Ärime tahýa tikjek… Men
entek muňa dolagam dokap berjek – diýdi.
Akgyz el ýaly keteni bilen iňňe sapyp getirdi.
- Iňňä bir häzir bol. Bir ýeriňe çümdürip oturyberme
- diýibem tabşyrdy.
Suhanyň ejesi keşde çekmäge başlady.
Aprel, 1996ý. Mary
69
DÖREÝIŞ
Hekaýa
...Aglap bilmeýän adam betbagtdyr...
...Gözýaş dökmeýän adamyň ömri-de gysga bolýar...
/Kitaplardan/
***
Oglanjygy ýene-de urdular. Ýene-de aglatmakçy
boldular. Ol welin gözýaş dökmäge döwtalap däldi.
Şuňa göz ýetirdikleri
saýy beter
urdular.
Ýumrukladylar, taýakladylar, depgilediler. Eger-eger...
Nädäýersiň hamsygaýsa. Asyl aglamaga milt etmese
nä. Günde urlup ýörendenem bolsa, ahmal, kim bilýä?!
***
Oglanjygyň bir oturgyjy bar. Oturgyjyň üsti örän
ýumşak bolup, ol näçe otursaň-da, otyrýeriňi
agyrtmaýar. Bu hili oturgyç üçünji klaslylaryň içinde
diňe oglanjykda bar. Başga hiç kimde ýok. Dogry,
Senem mugallymanyň oturgyjy hem biraz täzeräk
diýäýmeseň, edil şunuň ýaly. Ýöne ol hasap däl. Ol
mugallymyň oturgyjy. Mugallym ýumşak oturgyçda
oturmaly. Oňa gaty oturgyçda oturmak bolmaýar. Gaty
oturgyçlarda, goý, okuwçylar otursyn! Elbetde, edeýin
diýseň, hemme okuwçyny-da ýumşak oturgyçly edip
70
bolýar. Ýöne ol nämä gerek?! Mugallym bilen
okuwçynyň oturgyjy tapawutly bolsa ýagşy!
Aslyýetinde bu ýumşak oturgyç goňşy klasyň
mugallymynyň oturgyjy. Oglanjyk munuň yşgynda köp
gezdi. Azyndan bäş gezek dagy düýşüne-de girdi.
Mekdepdäki seýrek zatlaryň hatarynda goýaýmaly bu
ýumşak oturgyç düýşe-beýlekä girmänem bilerdi. Onuň
üçin Senem mugallymanyň oturgyjyny alaýmalydy.
Ýöne beýtmek göz-görtele boljakdy. Onsoňam
töwerek-daşyň ýaranjaňdan doly. Baryp, Senem
mugallyma şugullaýsalar dat günüňe. Garaz,
ogurlamak üçin goňşy klasyň mugallymynyň
oturgyjyndan amatlysy ýok. Oglanjyk ahyr bagta
töwekgellik etdi. Emelini tapagetdin, bir gün şol
oturgyjy ogurlap goýberdi. Ogurlap goýberdi-de, bir
zada düşündi: bu oturgyç gideňde äkidip, geleňde
getirip, ýanyňdan goýman göterip ýöreniňe degýär.
Degmesine degýär welin, arman ony göterip ýörüp
bolanok-da.
Ine, hemmesi-de şu oturgyçly wakadan soň
başlandy.
Oglanjyk säher bilen gelşine klasa girdi. Görse,
oturgyjy ýok. Ýerinde köne, gaty oturgyç goýupdyrlar.
Ol dergazap bolup gygyrdy:
- Hany meň oturgyjym?
- Begjik aldy, berjekgä diýýä indi – diýip, oňa jogap
berdiler.
Bu jogap buşluk äheňinde ýaňlandy. Emma
okuwçylaryň oglanjykdan söýünji hantamalygy ýok.
Olar oglanjygyň Begjik bilen garpyşmagyny isleýärler,
71
tomaşa küýseýärler. Garpyşyk söýünjiniň ornuny
tutýan bolsa bildiňmi?
Begjik oturgyjy çyny bilen alana meňzeýär. Ini
welin müňk-müňkde. Üstünde oýkanjyrap oturşyndan
belli. Özem öler ýaly gorkýar. Gorkmaýan oglan heniz
özüne ýagşydan-ýamandan habar gatylmanka:
- Berjekgä. Diňe sen oturmalymy ýumşak oturgyçda
– diýmez-ä. Garaz, Begjigiň gep urşundaky gowşaklyk
oglanjygyň dogumyny artdyrdy:
- Getir meň oturgyjymy – diýip, ol süründi.
- Berjekgä...
- Bermeseň bar-a, men bar-a...
- Berjekgä. Menem oturyp göreýin bir gün.
Garpyşdylar. Garpyşyk gutaraýmanka golaýdan bir
ýerden Senem mugallymanyň çakyr sesi eşidildi. Çaky,
klasa girmäge jaň bolupdyr.
- Salam oturyň!.. Tä-äk, hany, matematika
kitaplaryňyzy çykaryň. Bir ýüz... Bir ýüz on dördünji
sahy... Gyýw, size näm boldy? Geç tagta... Ikiňem
geç... Näm boldy?
Oglanjyk ýumruklaryny düwdi. Ykjamlandy.
Mugallymanyň gözlerine göni seredibem:
- Meň oturgyjymy alypdyr – diýdi.
Begjik sesini çykarmady, burnuny çekdi. Senem
mugallyma gözlerini çerreldip oglanjyga bakdy:
- Onsoň?
- Onsoň oturgyjymy alypdyr-da, üstünde otyr.
Menem getir bärik diýdim. Biýem berjekgä diýdi.
Menem berersiň diýdim. Biýem bermen diýdi.
Menem...
Mugallyma Begjige tiňkesini dikdi:
72
- Şeýlemi?
- Ýo-ok, men-ä myň oturgyjynam alamok. Ýöne
oturyp göreýin-le diýdim. Biýem özüniňkini bermedi.
Mollumyňkyny alaý diýdi. Şoňkam ýumşak diýdi.
Senem mugallyma oturgyjyna seretdi. Geň galyp,
seňrigini ýygyrdy.
- Onsoň?
- Onsoň menem aljakgä diýdim. Biýem meni urdy.
Şoň üçin. Aljakgä diýenim üçin. Molluma aýdarnam
diýdim. Aýtsaň aýdyp geç diýýä. Mollumdan gorkýan
ýok diýýä.
Oglanjyk tasdanam gaty sesi bilen: “Aldaýa” diýip
gygyrypdy. Agzyny açan bolsa gygyrardym. Ýöne
agzyny açmaga ýetişmedi. Mugallymynyň gurşun ýaly
agyr elleri ony birhowa saňsar edip goýdy.
- Gorkaňokmy?.. Gorkaňok-da onda?.. Ine,
gorkmasaň!.. Me, gorkmaýan bolsaň!..
Senem mugallymanyň haýbatdan ýasalan sözleri
ebeteýsiz, gödek ýumruklar bilen bilelikde oglanjygyň
ozaldanam gyzyp duran gulaklaryny gazalamaga
başlady. Oglanjyk yhlas bilen olary sanamaga durdy:
bir, iki, üç, dört, bäş, alty.. Hasap bulaşdy. Indi
mugallyma iki eli urýardy.
- Gorkmaýan ekeniň-dä onda sen... Şondan
jikjerýänsiň sen... Ine, jikjerseň... Ine, gorkmasaň...
Wah, bir jikjersene ýene-de...
Senem mugallyma ýalbartjak bolýar, gorkýan
diýdirjek bolýar. Şeý diýdirip, okuwçylaryň öňünde
oglanjygyň adynyň yzyna gorkak lakamyny ýelmejek
bolýar. Häzir gözüňi ýaşdan dolduraga-da, boýnuňy
burup: “Gorkýan, mollum! Bagyşla, mollum!
73
Bilmändirin! Ýalňyşypdyryn! Indi gaýtalaman
mollum!” diýäýseň, mugallyma urmasyny goýar.
You have read 1 text from Turkmen literature.
Next - Derdeser - 4
  • Parts
  • Derdeser - 1
    Total number of words is 3738
    Total number of unique words is 2080
    30.5 of words are in the 2000 most common words
    43.3 of words are in the 5000 most common words
    50.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Derdeser - 2
    Total number of words is 3834
    Total number of unique words is 2023
    32.9 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    52.2 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Derdeser - 3
    Total number of words is 3827
    Total number of unique words is 1892
    31.5 of words are in the 2000 most common words
    45.1 of words are in the 5000 most common words
    51.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Derdeser - 4
    Total number of words is 3732
    Total number of unique words is 2128
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    44.9 of words are in the 5000 most common words
    52.0 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Derdeser - 5
    Total number of words is 3833
    Total number of unique words is 2047
    31.7 of words are in the 2000 most common words
    43.6 of words are in the 5000 most common words
    50.5 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Derdeser - 6
    Total number of words is 3831
    Total number of unique words is 2121
    30.6 of words are in the 2000 most common words
    43.4 of words are in the 5000 most common words
    50.4 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Derdeser - 7
    Total number of words is 3771
    Total number of unique words is 2083
    31.3 of words are in the 2000 most common words
    45.3 of words are in the 5000 most common words
    52.3 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Derdeser - 8
    Total number of words is 3835
    Total number of unique words is 2144
    31.1 of words are in the 2000 most common words
    44.4 of words are in the 5000 most common words
    50.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.
  • Derdeser - 9
    Total number of words is 2672
    Total number of unique words is 1628
    33.3 of words are in the 2000 most common words
    46.4 of words are in the 5000 most common words
    52.8 of words are in the 8000 most common words
    Each bar represents the percentage of words per 1000 most common words.